Latin

Saýrak Guşy - 14

Total number of words is 3806
Total number of unique words is 2226
31.9 of words are in the 2000 most common words
46.2 of words are in the 5000 most common words
53.0 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
— Hanym ependi, Ýewropada ajap bir däp bar; her bir adam öz adynyň ýanyna atasynyň adyny
hem goşýar. Onsoň has düşnükli, has at at bolýar. Siz, mugallymlar, bu täzeligi ulanmalysyňyz. Mysal
üçin, synpyň žurnalynda okuwçyňyzyň adyny ýazanyňyzda:
«Melahat kakasy Alyhoja» diýip ýazman, «Melahat Aly» diýip ýazarsyňyz. Ine, bar bolany.
Düşnüklimi, hanym ependi? Onsoň siziň kakaňyzyň ady näme?
— Nyzamettin.
— Hanym ependi, biz indi siziň adyňyzy Feride Nyzamettin diýip tutarys. Bu birbada size geň
görner, ýöne soň öwrenişersiňiz. Siz niräni gutardyňyz? Öz mekdebimiň adyny aýtmaga utandym:
inžener Mumtaz beý meniň fransuzça bilýänimi bilip, özüniň öte geçendigini aňar. Şonuň üçin hem
şeýle jogap berdim.
— Ependim, ýörite bilimim bar.
— Ýaňky aýdyşym ýaly, B.-a bardygyňyz, şobada ýanyma geliň. Biz size amatly ýer gözläris.
Ýör, Mumtaz, biz meýilnamamyz boýunça, ýene iki oba barmaly. Inžener inçejik uzyn aýaklaryny
hallanladyp, partanyň üstünde otyrdy. Ol şol «gül ýaly» fransuz dilinde:
— Bu bir ýaglyja omaça eken. Meni goý-da, özüň gidiber. Hökman bir tärini tapyp, onuň ýüzüni
açdyraryn — diýdi. Bilim bölüminiň müdiri ýene howsala düşdi. Ähtimal, bir bolgusyz iş etjek bolmaklaryny güman ederimden gorkup, türkçe şeýle diýdi.
— Biziň entek wagtymyz bar. Siz öz hasabatyňyzy soň ýazarsyňyz. Şonuň üçin ýörüň, ýola
düşeliň — diýdi-de, ol çykalga tarap ýöneldi. Inžener daş işige tarap ýöneldi, jaýyň ýokarsyny, äpişgelerini synlaýan kişi boldy, çykaryma garaşdy. Men bolsam, oňa ýeňsämi öwrüp, dälizde bilgeşleýin
saklandym. Bagyň içi bilen geçip barşyna, biçäre telim gezek yzyna öwrüldi, derwezeden çykyp, agaç
haýatyň gapdaly bilen ýöräp gitdi, daraklygyna galyp, howlynyň içine seretdi. Täzelik göz açyp-ýumasy salymyň içinde oba ýaýrady. Juma günüdigine garamazdan, çagalaram, eneatalaram ylgaşyp
geldiler. Mekdebiň ýapylýanlygyna olar juda hapa boldular. Menem gynandym. Öňler mekdebe, maňa göwünli-göwünsiz garan gyzlaram aglaşyp, elimi öpmäge durdular. Hatyja hanym başyna ägirt
uly ýaglyk atyp, öz otagyna gitdi. Maňa täze kynçylyklar garaşýardy, emma, dogrymy aýtsam, bu
bagtygaranyň ýagdaýy özümiňkiden hem köp ýaramazdy. Agşamaralar arçynyň aýaly bilen abahanym ýanyma geldi. Aýallaryň ikisi hem ünjülidi, aýratyn hem abahanym şeýledi. Ol maňa köpmanyly
seredip, uludan demini aldy-da: — Niýetim-ä başgady welin, ýöne Allanyň emri şeýledir-dä — diýdi.
Muňa ýüzümi aşak salyp: — Nätjek-dä, abahanym? Täleý şeýledir-dä — diýmekden başga alaç galmady. Gepiň keltesi, ýekegöz äýnekli kiçijik jenap ýalňyz sözi bilen bütin obany aýaga galdyrdy.
Daýhanlar öte gynandylar. Zeýnilerden ýaramaz ýeri tapmagyň kynlygyny bilsem-de, olaryň sussupesligi maňa-da geçdi. Diňe Munise begenýärdi. O bezzatjyk begenjinden uçaýjak bolýardy. — Abajygym, indi biz haçan gideris. Iki günden giderismi? — diýip, ol bizar edýärdi.
***
Zeýniler, 3-nji mart.
Ertir ýola düşmeli.
Başda Munise biziň gidýänligimize begenýän ýalydy welin, dek düýnüň özünde ony geň gamgussa gurşap aldy. Ol gözlerini bir nokada dikip, zol oýa batýardy, sowallaryma başly-barat jogap
berýärdi.
— Munise, belki, meniň bilen gidesiň gelýän däldir? Beýle bolsa, galaý — diýip, oňa ýüzlendim.
— Hudaý saklawersin, abajygym... — diýip, gyzjagaz ör-gökden geldi.
— Galanymdan, özümi guýa taşlanymy gowy görerin.
— Jigileriň bilen aýrylyşmaga ýüregiň awanokmy?
— Awanok, abajygym.
— Ýöne sen kakaňy göresiň gelip, ýüregiň gysar ahyryn...
Kakama nebsim agyrýar. Ýöne ony onçakly gowy göremok, abajygym...
— Bolýar, onda nä derdiň bar?
Munise ýüzüni aşak salyp, geplemän durdy. Gepletjek boldum, emma gyzjagaz ýalandan gülüp,
boýnumdan ýapyşdy. Bu ýasama şatlyga ynanmaýardym. Bujagaz gyzyň hakyky şatlygy bilen ýasama şatlygynyň tapawudyny, gel-gel, men bilmenmi?!
Onuň mylaýym gözleri gamgyndy. Ony hernäçe gepletjek bolsam-da, netije bolmady. Ýöne bir
ahwalat maňa çaga ýürejiginiň syryny bilmäge kömek etdi. Özüniň maňa gerekligini bilip dursa-da
(biz ýol şaýymyzy doly tutup gutarmandyk), Munise agşamaralar duýdansyz gürüm-jürüm boldy.
Telim ýola gygyrsam-da, jogap bolmady. Ähtimal, gyzjagaz baga çykandyr. Äpişgäni açyp:
— Munise! — diýip gygyrdym.
Uzakdan bir ýerden, Zeýni babanyň gubury tarapdan:
— Men bärde... Barýan!.. — diýen inçejik ses eşidildi.
Munise öýe geleninde onuň ýeke özüniň mazarystanlykda näme işleýändigini soradym.
Gyzjagaz aljyrady, bimany bahanalar agtaryp, aldajak boldy. Onuň gözlerine dikanlap bakdym,
gözleri gyzyldy, saralyp-solan ýaňaklarynda gurap başlan gözýaşlaryň yzy görnüp durdy. Biynjalyk
bolup başladym. Munisäniň elinden tutdum-da, onuň mazaryň ýanynda näme işlänligini, näme üçin
aglanlygyny irginsiz sorap ugradym. Gyzjagaz yzyna gaňrylyp, ýüzüni tutdy, onuň dodaklary birsyhly kemşerip durdy.
Her etmeli, hesip etmeli, Munisäni çynyny aýtmaga mejbur etmelidi, şonuň üçinem näme bolanyny gizlejek-durjak bolsa, ony Zeýnilerde goýup gitjekdigimi aýtdym. Şobada gyzjagaz durup bilmän, uly bir günä eden ýaly, başyny aşak saldy-da ýaýdanjyrap:
— Ejem meni görmäge gelipdir... Başga bir ýere gidýänligimi eşidipdir... Gaty görme, abajygym... — diýip hümürdedi.
Onuň ýüzlerine düşüp duran saçlaryny düzedişdirdim, duluklaryny emaý bilen sypaladym-da,
mylaýymlykdyr ýuwaşlyk bilen:
— Sen nämeden gorkduň? Näme üçin agladyň? Ol öz ejeň ahyryn. Elbetde, onuň bilen hoşlaşmalydyň... — diýdim.
Görgülijik öz gulaklaryna-da ynanmady. Ol maňa gorka-gorka seretdi-de, uly iliň näletleýän,
ýigrenýän bu aýalyny gowy görmeýänligini ynandyrjak bolýan ýaly, gülkünç, çaga bahanalaryny tapdy. Men onuň ejesini jany-dili bilen gowy görýändigini görüp durdym!..
— Guzym, öz ejeňi gowy görmeýän bolsaň, bu seniň üçin örän aýypdyr. Heý, adamam bir öz
ejesini gowy görmezmi? Bar, ylga, yzyna gaýtar. Sen oňa: «Abam seni hökman görmekçi bolýar»
diýip aýt. Häzir mazaryň ýanyna baraýyn.
Munise dyzymyň üstüne eglip, köýnegimiň eteklerini öpdi-de, baga tarap okduryldy. Özümiň
seresapsyzlyk edenimi bilýärdim. Egerde obadakylar bu aýal bilen duşuşanymy eşidäýseler, hatda
näletlejekdilerem. Ýöne, goý, näme etseler, şony etsinler... Zeýni babanyň mazarynyň ýanynda köp
garaşmaly boldum. Bagtygara ene esli ýere gitmäge ýetişipdir. Ony yzyna gaýtarjak bolup, gyzjagaz
gür gamyşlygyň içi bilen gönüläp ylgamaly bolupdyr. Ahyrsoňy eneli gyzy gördüm... Eý, Hudaý, bu
nähili gözgyny, gussaly görnüş!.. Olar bir-birinden çekinýän, utanýan ýaly, aýry-aýry ýöräp gelýärdiler, palçyga batyp barýan ýaly, bilgeşleýin haýal ýöreýärdiler. Bu aýala söýgüdir mähirden doly
birnäçe ýakymly söz aýtmaga häzirlendim. Emma pete-pet gelenimizde bolsa, biz bir-birimize aýtmaga söz tapmadyk. Ol uzyn boýly, syratly aýal ekeni. Egninde ýamaly, köne örtügi, ýüzünde çadra
ýerine melewşe ýaglygy, aýagynda aşagy gopan ýyrtyk köwşi bardy. Onuň birinden çekinýän ýaly
titreýändigini aňdym.
Tolgunmajak bolup, başardygymça ýuwaşja gürledim:
— Ýüzüňizi açaýyň!
Birsalym ikirjiňläninden soň, aýal ýaglygyny serpdi. Ol sary saçly, göräýmäge otuz-otuz bäş
ýaşly juwan zenan ekeni. Ýöne ýüzi welin, aşa ýadaw, ysgynsyz görünýärdi.
Şeýle aýallar ýüzlerini örän köp reňkleýär diýip pikir ederdim. Ýöne onuň ýüzünde reňkiň yzy
hem ýokdy. Meni has haýran galdyran zat — eneli-gyzyň meňzeşligidi. Bir pursatlykça ol maňa birden ulalyp, epeý aýala öwrülen Munisäniň özi ýaly bolup göründi. Soň... Soň bolsa... Gyzjagazyň
egninden ýapyşyp, ony bagryma basdym. Tolgunmadan ýaňa kükregim galyp, gözlerime ýaş aýlandy.
Üstüme alýan wezipäm uludy, juda uludy. Ýöne Munisäni hökman asylly maşgala edip ýetişdirerin,
bu-da ömrümde iň uly göwünhoşum bolar.
Şu pursatda edil özüm ýaly pikirlenýändigine gözüm ýetik ýaly, ol aýala:
— Gadyrdan hanym, bu gyzy terbiýelemek siziň kysmatyňyzda ýok ekeni. Nätjek-dä. Durmuşda bi. Gaty arkaýyn boluň. Munisäni ýanyma alyp, öz gyzym ýaly terbiýelärin, Munise üçin zadymy
gaýgyrmaryn — diýdim.
Göwnüme bolmasa, aýdanlarym aýalyň göwnüni göterene meňzedi. Ol:
— Eziz hanym, baryny bilýän. Munise gürrüň berdi... Käte bu ýerden ýolum düşeninde, ony
görmäge gelerdim... Alla ömrüňizi uzak etsin!
— Diýmek, siz Munise bilen görüşýän ekeniňiz-dä?
Munisäniň bilimi gujaklap duran elleriniň titreýändigini duýdum. Ýene-de onuň sepi açyldy.
Diýmek, gyz ile bildirmän ejesi bilen duşuşýan ekeni. Bu ýagdaýyň iň gynançly ýeri başgady — bu
duşuşyklary menden gizleýändigini ejesine aýtmandygyna Munise utanýardy.
Men oňa:
— Eger-de biz bu ýerde galan bolsak, siz Munise bilen hemişe duşuşyp bilerdiňiz. Ýöne biz
ertir B.-a gidýäris. Ol ýerden bolsa nirä ugrajagymyz belli däl. Gadyrly hanym, howsala düşmäň,
siziň ornuňyzy tutaryn-a diýip biljek däl, sebäbi enäniň ornuny tutup biljek adam ýok — ýöne oňa
mähirli dogan bolmaga welin çalşaryn — diýdim.
Aşakda kimdir biri gamyşlygyň içi bilen gidip barýardy. Megerem, ol okuwçymyň kakasy Jafar
agady. Ol bu batgalyga ýabany ördekleri awlamak üçin ýygy-ýygydan giderdi.
Aýal birden howsala düşdi:
— Gadyrly hanym, gideýin. Meni siziň ýanyňyzda görmesinler... Bu sözler onuň mylakatlylygyny ýene bir gezek subut etdi. Onuň daş keşbi, özüni alyp barşy hem şondan habar berýärdi. Görkgörmegi-de, salyhatlylygyda Munisä betbagt ejesinden geçen ekeni. Aýal biçäre meni gep-gürrüňlerden goramaga çalyşdy, emma bu çetime degdi. Özüm hakynda onuň ýüreginde mähirli duýgynyň
saklanyp galmagyny isleýärdim.
Gep-gürrüňlere ähmiýet bermeýänimi görkezjek bolup, oňa:
— Nirä howlugýarsyňyz? Ýene birneme egleniňdä — diýdim.
Ene biçäre çuňňur hoşallyk bilen ýüzüme seretdi. Onuň elimi öpjek bolýandygyny, ýöne maňa
el degirmäge ýürek etmeýändigini aňdym.
Biz soňky tupanyň agdaran derek agajynyň üstüne çökdük, Munisäni hem aramyzda oturtdyk.
Aýal biçäre gürrüňe başlady. Tolgunýardy, alňasaýardy, durmuşy barada gürrüň berse, derdi ýeňläýjek ýalydy. Ol Stambul şiwesinde dürs gepleýärdi.
Ýönekeý, emma juda gamgyn durmuşyny eşitdim. Ol Stambulda, Rumelikawagynda(Rumelikawagy
— Stambulyň bir etraby.) , ownuk emeldaryň maşgalasynda doglupdyr. Ilki kakasy, soňam ejesi ýogalypdyr.
Gyzjagazy bakyrköýli bir baý maşgala gyzlyga alypdyr. Ony beýleki çagalar bilen bile terbiýeläpdirler, oňa lälik gyz kimin garapdyrlar. On bäş — on alty ýaşlaryna ýeteninde, oňa barly maşgalalardan
gudaçylyga gelip ugrapdyrlar. Emma gyz dürli bahanalar bilen geleni yzyna gaýtarypdyr. Sebäbi
onuň ýüregi başga birine maýyl ekeni. Ol özüni hossarlyga alan maşgalanyň murty taban körpe ogluny halapdyr. Ýigit «Harbiýe» atly harby mekdepde okaýan eken. Gyz ol öýde özüniň bary-ýogy,
hossarlyga alnan çagadygyna düşünensoň, oňa durmuşa çykmaga umydy ýok. Ýöne, iň bolmanda,
hepdede bir gezek ýigidiň didaryny görmegi, sesini eşitmegi özüne uly bagt saýypdyr.
Birdenkä garaşylmadyk ýerden maşgala başyny B.-a, defterdar(Defterdar — welaýatyň maliýa bölüminiň
müdiri) wezipesine geçiripdirler. Şunlukda, olar harby mekdepde okaýan ogullaryny Stambulda goýup,
o ýere göçmeli bolupdyrlar.
Söýgülisini görmedik dört aýy oňa dört ýylyň aýralygy bolup görnüpdir. Ol gaýgy-hasratdan
ýaňa tas dälirän ekeni. Ahyrsoňy, ýigit tomus dynç alyşlykda B.-a gelipdir. Şol ýerde-de barynyň üsti
açylypdyr. Beý ependi, hanym ependi, olaryň gyzlary — barysy jemlenip, ýetim gyzyň üstüne dökülipdirler, ony öz jaýlarynda saklamak islemän, çetdäki oba, bir aýalyň ýanyna iberipdirler. Şol ýerdede Munisäniň dört ýaşynda hörezekden ölen uly dogany doglan ekeni. Eli çagaly aýala kim öýlensin?
Ahyrsoňy, ol ýalbarmalara boýun sunup, tokaý hojalygynyň emeldaryna durmuşa çykmaga razy
bolupdyr. Başda o takdyra ten berip, kysmatyndakyny görmäge çalşypdyr. Ýöne adamsyny Zeýniler
obasyna geçirenlerinde, tükeniksiz gaýgy-gussa ony gurşap alypdyr. Ol garaňky otagda sabyr-takatdan düşüp, gün-günden saralypdyr. Bu zatlary gürrüň berip oturyşyna, biçäre henizem özüni şol elhenç gorpuň düýbünde duýdy. Ýüzünde ýadawlyk alamaty bardy, eginleri sallandy, bütin göwresi
gara dere batdy. Aýal gürrüňini dowam etdi. Edil şol wagt talaňçylary yzarlap ýören žandarmlar to-
pary oba gelipdir. Esgerler gamyşlygyň golaýynda çadyr gurapdyrlar. Toparyň serkerdesi ýaş serkerde bir aýlap onuň yzyna düşüpdir, özüni halatjak bolupdyr. Ahyrsoňy, şeýtan aldawyna düşüp, adamsyny, çagasyny taşlap, serkerde bilen gaçyp gidipdir. Näme üçindigini bilemok welin, bu ýönekeýje
hekaýat meni örän tolgundyrdy.
Garaňky gatlyşdy. Ýerimden turdum-da, ejesini gyzy bilen bile goýup, mekdebe tarap ugradym.
Indi olaryň hiç haçan duşuşmazlygy mümkin, bu iki adamyň aýralyk pursadynda bir-birine aýtmaly
zadynyň barlygy jedelsizdi. Ýanymda olar arkaýyn gujaklaşyp, aglaşyp biljek däldi. Aýdylmadyk
sözlerden, syzdyrylmadyk duýgulardan ýaňa olaryň ýüreklerinde ýatdan çykmajak yza galjakdy. Mazar daşlarynyň üstlerinden ätläp, mekdebe barýarkam, çuňňur oýlanýardym. Munise, seni ýalňyz galanyň üçin gowy görýärdim, saňa hemişe ýüregim awaýardy, ýöne häzir welin gabanýan. Ejeňden
gabanýan. Ol bagtygara, ýoldan çykan aýaldy, ýöne her näme diýseňem ejeňdir. Dogduk ülkäňden
aýrylanyňda, sen öz ýüregiňde ene nazarynyň hatyrasyny, dodaklaryňda bolsa eneň gözýaşlarynyň
ajy lezzetini hem alyp gidýärdiň.
***
Şu gün irden, heniz Munise süýji ukuda ýatyrka, ýantorbamy Zeýnilerden alyp gaýdan kagyzlarymdan dolduryp, bilim bölümine tarap ýola düşdüm. Wagt irdi, edaranyň gapysy ýaňy açylypdy,
otaglarda birnäçe emeldar humarly gözlerini süzüşip otyrdy. Olar göwünli-göwünsiz kofe içip, suw
çilim çekýärdi. Birwagtlar gyzyl guşakly baş kätibiň gomparyp oturan stolunyň başynda gara buýra
sakgally, ýakasy garagäz, hortaň bir ependä gözüm düşdi. Bir emeldardan onuň kimdigini soradym,
o maňa bölümiň müdiri bilen birlikde baş kätibiň hem çalşandygyny düşündirdi. Diýmek, hut şu sakgallak ependä ýüz tutmalydym.
Onuň ýanyna baryp salamlaşdym, özümiň kimdigimi aýtdym hem bilim bölüminiň täze müdiriniň buýrugy boýunça ýapylan Zeýniler mekdebiniň resminamalaryny tabşyrmalydygymy
ýaňzytdym:
Baş kätip biraz oýlandy-da;
— Hawa, hawa, dogry ... Ýagşy... Siz dälizde biraz garaşyň. Häzir ependi müdir geler — diýdi.
Pessejik petikli tutuk dälizde göni üç sagatlap garaşmaly boldum. Gapdalymdan geçip barýanlar
gyýa-gyýa seredişýärdiler, käbiri bolsa lak hem atýardy. Penjiräniň öňünde döwük merduwan durdy.
Onuň üstünde oturyp, garaşmaga başladym. Äpişge medresäniň haraba dönen howlusyna bakyp durdy. Gök jalbarly bir sopy bolsa gollaryny çermäp, howzuň zeňini ýuwýardy. Pudaklary ýanyndaky
äpişgäniň içine tarap uzap gidýän gojaman çynaryň üstünde serçeler sürüsi oýnaşýardy. Men tirseklerimi dyzyma, ellerimi eňegime diräp otyrdym.
Düýn şu wagtlar biz Zeýnilerdedik. Okuwçylarymyň uludan kiçisine çenli bary meni gaýalaryň
üstünde uzalyp ýatan ýola çenli ugratdylar. Ýüregimiň samsykdygyny! Töweregimdäki ynsanlar bilen derrew ysnyşyp gidýän. Biz Tekirdagda ýaşaýarkak, Äşe daýzamyň adamsy, Eziz daýym käteler
elimden tutup:
— Baý, seniň ýüregedüşgünçdigiňi! Ilki-hä adamlardan gaça durýarsyň, soňam edil şepbik ýaly,
mäkäm ýelmeşýärsiň — diýerdi.
Daýym häsiýetimiň bu tarapyny dogry kesgitläpdir. Zeýnilerden gaýdanymda çagalara ýüregim
awady. Sebäbi olar meniň üçin hem iň owadan, hem iň bedroý, hem iň garyp çagalardy. Eger her
gezek gaýtmaly ýerimde ýüregimiň bir bölegini goýup gaýtsam, munuň soňy niräk baryp deger? Ýoluň boýunda neresse çagalar yzly-yzyna ýanyma gelip, elimi ogşaýardylar. Mehmet çopan bilen Zöh-
re maňa entek gözleri-de açylmadyk ýaňy dogan owlajygy iberipdirler. Ony Munisäniň gujagyna berdim. Çopanyň sowgady şeýlebir tolgundyrdy welin, gözlerimden boýur-boýur ýaş akdy. Ahyrsoňy,
jaňjagazlar naýynjar jyňňyrdaşyp, araba iňlär siňeksiz ýol bilen tigirlenip ugrady, Zeýniler obasyny
bolsa yzda goýdy. Çagalaryň kelleleri tä gara gaýalaryň arasynda gözden ýitinçä, Munise ikimiz olara
elimizi galgatdyk.
Arabamyz myhmanhananyň öňünde saklanan dessine gülkünç bir wakanyň şaýady bolduk. Garry Hajy kalfa agzy bir bölek bagyrly gapydan zyrmyrlyp çykan ägirt uly pişigi kowalap ýördi. Suw
çiliminiň turbasyny gamçy ýaly kelemenledip, arabanyň duşundan gygyryp geçdi.
— Duruber bakaly, näletsiňmiş pişik! Hamyňy sypyraýmazmykam!
Men:
— Hajy kalfa! — diýip gygyrdym.
Goja aýak çekdi, ýöne özüne kimiň gygyrýandygyny bada-bat aňşyrmady. Şobada gözümiz gözümize kaklyşdy. Hajy kalfa ellerini ýokary galdyrdy-da, köçäniň ortarasynda sesinde baryny edip:
— Wah, gadyrly mugallymam! — diýip gygyrdy. Goja hyzmatkäriň şatlygyny bir görsediňiz:
Ol çagşan saraýyň diwaryna dyrmaşmaga synanyşan agzy oljaly pişigiň yzyndan şadyýan gygyryp
galdy:
— Äkit-de, arkaýyn ýuwut, nesip etsin! Soňam maňa tarap topuldy.
Hajy kalfa meniň bilen duşuşanyna şeýlebir şatdy welin, yzymdan gujagy owlajykly gelýän
Munisä diňe myhmanhananyň ikinji gatyna ýetenimizde gözi düşdi.
— Wiý, hojanym, bu kim? Ol nireden çykdy?
— Bu meniň gyzym, Hajy kalfa. Näme,sen bileňogammy? Zeýnilerde durmuşa çykdym, ynha,
indem gyzym boldy.
Hajy kalfa Munisäniň ýaňagyny sypalady.
— Gürleýäne bakma, gürledýäne bak diýipdirler. Alla halasa, o-da bolar. Gowuja,sagdyn,syratlyja gyz.
Bagtyma, köneje otagyma hiç kim göçüp gelmändir. Baý, begendim-ä!
Agşam Hajy kalfa agşamlyk nahara öýüne alyp gitdi. Ýadawlygymy bahanalap, hezzetden ýüz
dönderjek boldum. Emma gojanyň diňläsi hem gelmedi.
— Görseňizläň muny! Ýadapmyş!.. Baryp alty aýlap pyýada ýol ýöreseňem, seniň ýüzüň nury
tükenmez! Hudaý bar!
***
Ähli zat gowy, gülala-güllük! Emma bir zat welin, ugruma goýanokdy... Öten agşam, ýatmazymdan öň ýanymdaky serişdelerimi hasaplap gördüm. Hasabatym diýseň erbet boldy welin, oňa
ynanasymam gelmedi. Ikinji gezek barmak basyp sanadym — ýalňyş ýok, hasabym dogry. Ýagdaý
gözgynydy, şonda-da zordan gülmän saklandym. Şu çaka zähmetim bilen gazanylan pula ýaşap ýörendirin öýtdüm. Emma görüp otursam, azajyk gorumy harçlap ýören ekenim.
Gülmysal kalfa pahyr ýeterlik pulsuz ýat ýerlere gitmegiň örän töwekgelçilikdigini telim gezek
ýatladypdy. Ol ejemden galan göwheri satyp, puluny haltajyga salyp maňa, beripdi.
Şu çaka çenli çykdajym köp bolupdy. Sebäbi köp wagtlap işsiz oturdym. Göçüp-gonmaga-da
köp pul gitdi. Onsoňam ujypsyzja aýlykly oba mugallymasy bolup işlärin öýdüp, ýatsam-tursam oýuma gelmeýärdi. Töweregimdäkiler aç-ýalaňaç çagalardy, olarada elimden gelen kömegi bermeli bolýardym. Ýöne adamlar köplenç biynsap-da... Ýüzümiň açyklygy garyplary dogumlandyran bolara
çemeli, soňky wagtlarda kömek diýip uzalýan eller ep-esli artdy. Elbetde, aýlygym ähli hajatlaryma
ýetenokdy (onuň näçedigini şu çaka çenli hem bilemok). Iki aýdan bäri-hä maňa kör köpük tölemediler. Diýmek, çykdajylar az däldi, onsoň her gezek pul mätäçligi dörände arzyly haltajygyma elimi
sokardym. Ýöne häzir haltajyk şeýlebir ýeňledi welin, onuň içindäkileri sanamaga-da ýürek edip bilemok. Görüp otursam, ähli hupbatlara, jebirlere garamazdan, soňky bäş aýda diňe ene-atamdan galan
serişdeleriň hasabyna ýaşapdyryn. Dälizde, merduwanyň germewiniň üstünde içimi gepledip, çynaryň äpişgeden girip duran ýaprajyklaryny oýnap otyrdym. Bu gamgyn oýlanmalardan ýaňa hem agym
tutýardy, hemem gülkim. Ýene-de özüme teselli bermäge başladym: «Gaýgy etme, Çalyguşy! Dogry,
eden gazanjyň ýok. Ýöne durmuşyň nämedigine göz ýetirip, nähili ýaşamalydygyny, kynçylyklara
nähili döz gelmelidigini öwrendiň ahyryn. Eýsem, bu az zatmy? Indi oglanlygy taşlap, akylly-başly
zenan bolarsyň...»
Birden garaňky dälizde bir topalaň turdy. Goja hyzmatçy bir eline paltosyny, beýleki eline hem
hasasyny alyp, bölüm müdiriniň iş otagyna okduryldy.
Birnäçe minutdan soň, keltejik müdiriň özi hem peýda boldy. Ol belent başyny dik tutup, ýekegöz äýnegini ýylpyldadyp, iş otagyna geçip gitdi. Onuň yzy bilen otaga girmekçi boldum, emma ýapýaňy Reşit Nazymyň paltosy bilen hasasyny göterip geçen sakgallak hyzmatkär öňümi kesdi:
— Dur, hanym, howlukma. Goý, beý ependi demdynjyny alsyn. Niräk howlugýarsyň? Dokuz
aý ejeň garnynda nädip çydap oturanyňa haýran galýaryn — diýip, ol maňa hemle urdy.
Beýle zatlara öwrenişip gidipdim, şonuň üçin hem gatyrganmag-a beýlede dursun, gaýtam mylakatlylyk bilen:
—Atam jan, beý ependi kofesini içeninden soň sen oňa: «Garaşýan mugallymaň-a geldi» diýip
aýt — diýdim.
Elbetde, bilim bölüminiň müdiri maňa garaşmaýardy. Emma şeý diýsem, hyzmatkär, belki, akylyna aýlanar — diýip pikir etdim. Nätsemkäm? Mekirlige ýüz urmaly boldy.
Bäş minut geçeninden soň, goja hyzmatkär ýenede gapyda peýda boldy. Egnimde gara örtügim
bolany üçin ol bada-bat görmedi:
— Hany, ol aýal? Eý, Hudaý! Özi-hä iki aýagyňy bir gonja dykýar, soňam gaçyp gidýär —
diýip hüňürdedi.
— Atam, gatyrganma, men bärde. Giribermelimi?
— Gir, gir, ugruna bolsun!
Reşit Nazym stoluň başynda kelleýalaňaç otyrdy. Ol ernindäki ägirt uly çilimi agzyndan aýyrman, oturgyçda abşaryp oturan ýaşy bir çene baran adam bilen gürleşýärdi... Müdiriň ulumsy, badyhowa sesi kiçijik göwresine muwapyk däldi.
— Ependim, bu ýurt nähil-ä! Jalaýlyk edip, çykdajy baryna galýandyrlar welin, özlerine tanatgyç edineýin diýmezler! Her gün ýüzlerçe adam hyzmatkäriň üsti bilen görmekçidigini duýdurýar.
Ýogsam, hyzmatkär olaryň atlaryny hem dogry aýdyp bilenok... Ine, onsoň, bolýar bir bulam-bujarlyk! Men edaralarda Däli Pýotr(Däli Pýotr — Türkiýede rus patyşasy Pýotr Birinji şeýle atlandyrylypdyr.) düzgünini ulanmagyň tarapdary. Emeldarlary diňe bir işde däl, eýsem, şahsy durmuşda-da gözden salmaly däl. Olaryň
näme iýip, näme içýänine, nirede oturyp, nirede gezýänine, nähili geýinýänine çenli birsyhly gözegçilik etmeli! Olaryň durmuşyna yzygiderli gatyşyp durmaly. Işe gelen badyma, ilkinji nobatda, mekdeplere perman iberdim. Ol ýerde bolsa, iň azyndan iki günden bir gezek sakgal-murtuny syrmadyk,
ütüklenmedik jalbar, ýakasyz köýnek geýen mugallymlary işden boşatjakdyryn diýip duýdurdym.
Düýn bir mekdepde barlag geçirdim. Gapynyň öňünde bir mugallym gabat geldi. Ony tanamadyk kişi
bolup: «Bar, mugallymyňa bilim bölüminiň müdiri gelipdir» diýip aýt diýdim. Ol: «Ependim, mugallym-a siziň sadyk guluňyzdyr» diýip jogap berdi. Oňa: «Ýok, sen, megerem, şu mekdebiň garawulysyň. Mugallym beýle letde geýinmez. Şeýle geýnen mugallyma duşsam, onuň ýakasyndan alyp, köçä
zyňyp goýbererdim» diýdim. Sölite mugallym daş ýaly doňup galdy, menem onuň ýüzüne bakman,
jaýa girip gitdim. Ertir ýene şol mekdebe barmakçy, eger mugallymy şol eginbaşly görsem, şobada
işden çykararyn.
Arzymy aýtmak üçin müdiriň gürrüňiniň gutarmagyna garaşdym. Emma ol saklanybilmän, gaýtam, gitdigiçe gyzdy:
— Hawa, ependim. Golaýda mekdeplere şeýle buýruk ýolladym: «Mugallymlar hem mugallymalar hökman tanytgyç edinmelidir. Onsuz edaradan edilýän haýyş kabul ediljek däldir». Emma saňa
düşünýän barmy? Şol ýeriň özünde-de maňa tarap gaňrylyp, gaharly:
— Jedel etmelem bolsa edibiljek: hanym mugallyma-da buýrugymy alandyr. Emma muňa garamazdan, ol maňa tanytgyçsyz ýüz tutýar. Ynha, hyzmatkärem köne heňine tutduryp dur: «Siz bir
hanymy çagyran ekeniňiz. Ol gelipdir...» Haýsy hanym? O nähili hanym? Sary ädikli Mehmet
agamy? — diýip hüňňürdedi.
Duran ýerimde doňup galdym. Diýmek, bu sözleriň, bu gahar-gazaplaryň bary tanytgyçsyz girmäge milt edenim üçin maňa aýdylan ekeni! — diýip hüňňürdedi. — Buýrugyňyz maňa gelenok —
diýip, onuň jogabyny berdim.
— O näme üçin? Siz nirede mugallymçylyk edýärsiňiz?
— Zeýniler obasynda. Siz geçen hepdede bize baryp gaýdypdyňyz... Olşolsiziň ýapmaly diýip
buýruk berip gaýdan mekdebiňiz bolmaly.
Müdir bir gaşyny ýokary gerdi-de, oýlanan bolup oturdy, soňam:
— Hä, ýadyma düşdi, nätdiňiz, işleri tamamladyňyzmy? — diýdi.
— Hemme zat siziň buýruşyňyz ýaly edildi, ependim. Soralan kagyzlary getirdim.
— Bolýar. Olary baş kätibe beriň, goý, seredişdirsin...
Garagäz ýakaly baş kätip menden tutuş iki sagatlap sorag etdi. Ol şol bir resminamalary iki ýola
okap çykdy, düýpden düşünmeýän zatlarymy soraşdyrdy, ownuk zatlar üçin çykarylan çykdajylar
barada dilhat, pul alanym üçin dilhatlary, hasapnamany, arzalaryň göçürmelerini, şuňa meňzeş zatlary
talap etdi. Ahyrsoňy, ol ýaşulularyň oba geňeşiniň Zeýnilerden alyp gelen teswirnamalaryny hakyky
däl hasap edýändigini aýtdy. Soraglara jogap berip oturyşyma, birsyhly aljyradym. Baş kätip «Sendenem bir mugallyma bolarmy!» diýjek bolýan ýaly, dodaklaryny äsgermezçilik bilen gyşartdy. Ol
nädogry ýelmenen sene markasy zerarly meni tas agladypdy. Ol iň maýdaja zatlar üçin hem igendi.
Bilmedim, näçe ýyl mundan ozal Zeýnileriň bir mugallymasyna jaýyň ýokarsyny abatlamak üçin iki
ýüz elli kuruş pul beripdirler. Ine, şol puluň alnandygy baradaky dilhat tapylmady.
Baş kätip:
— Hany, abatlaýyş işine çykarylan çykdajyny tassyklaýan hasabat? Hany dilhat? Tapmasaň,
kazynyň öňünde jogap okamaly bolarsyň... — diýip haýkyrdy.
Men:
— Beý ependi, aýdýanyňyz näme? Ol ýerde ýarym ýylam işlämok ahyryn — diýdim. Tas aglapdym, emma baş kätibe gep düşündirjek gümanyň ýokdy. Ahyrsoňy, ol:
— Besdir, hanym ependi. Beýle bulam-bujarlyga ýol berip bilmen. Wagtym ýok, siziň işleriňizden baş çykarjak bolsaň, däliräýmeli! — diýip gygyrdy-da, kagyzlary alyp, müdiriň otagyna tarap
okduryldy.
Otagda ýene iki sany kätip otyrdy. Olaryň biri selleli, beýlekisi hem ýaňy murty taban ýaş ýigitdi. Baş kätip bilen gürrüňdeş bolup otyrkam, olar, göwnüňe bolmasa, bütin durky bilen iş bilen
gümra bolup oturan, bize hiç hili üns bermeýän ýalydy. Emma baş kätip diwanhanadan çykyp-çykmanka, emeldarlaryň ikisi hem öz ýerlerinden syçraşyp turup, müdiriň gapysyna egildiler-de, diň salyp başladylar. Emma kätipleriň yhlasy reýgan boldy: iki minut geçip-geçmänkä, Reşit Nazym şeýlebir haýkyrdy welin, sesi diňe goňşy otagda däl, eýsem, köçede-de eşidildi.
Selleli kätip begenjine ýaş kätibiň arkasyna kakdy-da:
— Taňrym ýalkasyn, müdir beý, o binamysyň birneme suwuna deg! Goý, dinsiziň hötdesinden
imansyz gelsin! — diýdi.
Müdir baş kätibe ykjam darady:
— Inim, senden irdim, halys irdim! Bu geleňsizligiň nämedir? Sen heňlän emeldara öwrülipsiň.
Ol aýal mamla. Saňa gadym eýýam üçin dilhat dogrup bilmez ahyryn. Eger hiç zada düşünmeýän
bolsaň, gümüňi çek. Bar, nirä gitseň, şoňa git. Özüň gitmeseň, özüm aýraryn. Çalt bol! «Işden çykaryň» diýip, derrew arza ýaz. Ýazmasaň, erkek dälsiň!
Özümi diýseň gowuşgynsyz duýdum.
— Jenaplar, meni diňläýiň — diýip, emeldarlara ýüzlendim. — Ýakymsyz işlere sebäpkär bolaýdym öýdýän. Belki, gowusy, gitmelidirin?.. Ýogsam çetine deglen baş kätip maňa agzyndan gelenini aýdaýmasyn?..
Başy selleli kätip begenjine tans etmäge taýýardy. Ol:
— Ýok, uýam. Muňa çigit ýaly hem üns berme. Şol binamysa geregem şol! Eger käte-käte
özünden hem bihaýa bir kişi eden etmişi üçin onuň suwuna degäýmese, utançsyz köpek depäňe çykjak. Seni Taňry ýalkasyn! Şeýle kötekden soň, ol birnäçe gün ýuwaşaýar. Özem dynç alýar, bizem...
— diýdi.
Gapynyň aňrysynda müdir sesini çykarman otyrdy. Emeldarlar derrew ýerli-ýerlerine geçdiler.
Başy selleli kätip gaty pyşyrdap:
— «Goý, dinsiziň hötdesinden imansyz gelsin» diýen nakyl ýerlikli söz — diýdi.
Baş kätip diwanhana girdi. Onuň dyzlary, sakgaly titräp durdy. Kellesini öwürmän, gözüniň
gytagy bilen kärdeşlerine tarap seretdi. Olar bolsa burunlary deşilen ýaly, yhlasly işläp otyrdy, onsoň
ýap-ýaňyja kötek iýen emeldar ynjaldy, bir zatlar hümürdäp, ýerine geçdi. Ýöne ol esli wagt özüne
gelmedi, esli salym hyk-çok edeninden soň, ýuwaşjadan gürlemäge başlady:
— Binamysyň elli ýaşy dolsa-da, uly-uly wezipelerde işlese-de, olardan baş çykaryşy garawulymyzyňkyça-da ýok! Özi ertire çykdygymyz jähennem bolup gider, bela biziň başymyza iner. Şeýlede bolar. Bir barlagçy geler-de, kagyzlarymyzy dörüp başlarda: «Päheý, pekgeler, goýun kelleler!
Näme üçin bu iki ýüz elli kuruşyň dilhaty ýok. Siz nädip beýle gözçykgynçlyklara ýol berdiňiz?»
diýip sorar. Eger biziň barymyzy kazynyň öňünde dikeltse, ol mamla bolar. Döwletiň hazynasy hakyndaky kanun bilen oýun edip bolmaz. Walla, barymyz gyrlyp gitsek-de, bu pullary ýüz ýyldan soň
agtyk-çowluklarymyzyň burunlaryny sykyp alarlar!
Kätipler edara kitaplaryndan kellelerini galdyryp, parasatly sözlerini hormatdyr dykgat bilen
diňleýän kişi boldular.
Baş kätip ýagdaýy amatly hasap edip:
— Eşitdiňizmi o kesiň samramalaryny? — diýip sorady.
Başy selleli kätip ör-gökden gelen kişi boldy.
— Näme diýdi? Bir ses-ä eşitdik... Ýöne ol size diýilýän sözlermidi?
— Kä diýýänleri maňa degişlidi... Boş warsakylar...
— Göwnüňize getirmäň. Ol iş ýöretmäni nireden bilýär? Eger bu ýerde siz bolmadyk bolsaňyz,
üç gün geçip-geçmänkä, ähli zat bulam-bujar bolardy...
Bu sözleri diýýän başy selleli kätipdi, ýap-ýaňyjada uly kärdeşiniň üstüne ýagýan, näletlere çaga
ýaly begenýän adamdy! Toba, neneň geň adamlar-a! Ýöne başy selleli kätibiň çaklamalary dogry
çykdy. Baş kätip almytyny alanyndan soň, ep-esli ýumşady, ynjaldy, ol çilimini çekip, tütünini sagasola sowrup durşuna:
— Wah, döwlete jany bilen gulluk edýän adamyň ahyrsoňy alýan minnetdarlygy şumudyr? —
diýdi.
Baş kätip gaýdyp hiç zatdan bahana agtarmady, göz açyp-ýumasy salymyň içinde işleri kabul
etdi.
Bir minut geçeninden soň, ýene müdiriň iş otagyna girenimde, ýadawlykdan ýaňa aýaklarym
çolaşyp, gözlerim garaňkyrap gitdi.
Reşit Nazym eýýäm başga bir iş bilen gümrady. Ol hyzmatkärlere otagyň tozanyny süpürdýärdi.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Saýrak Guşy - 15
  • Parts
  • Saýrak Guşy - 01
    Total number of words is 3784
    Total number of unique words is 2250
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 02
    Total number of words is 3808
    Total number of unique words is 2198
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 03
    Total number of words is 3787
    Total number of unique words is 2025
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 04
    Total number of words is 3782
    Total number of unique words is 2070
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 05
    Total number of words is 3802
    Total number of unique words is 2077
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 06
    Total number of words is 3837
    Total number of unique words is 2001
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 07
    Total number of words is 3898
    Total number of unique words is 2059
    34.9 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 08
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 2086
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 09
    Total number of words is 3861
    Total number of unique words is 2201
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 10
    Total number of words is 3829
    Total number of unique words is 2285
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 11
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 2257
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 12
    Total number of words is 3858
    Total number of unique words is 2216
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 13
    Total number of words is 3806
    Total number of unique words is 2181
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 14
    Total number of words is 3806
    Total number of unique words is 2226
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 15
    Total number of words is 3808
    Total number of unique words is 2118
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 16
    Total number of words is 3767
    Total number of unique words is 2191
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 17
    Total number of words is 3904
    Total number of unique words is 2184
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 18
    Total number of words is 3850
    Total number of unique words is 2095
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 19
    Total number of words is 3859
    Total number of unique words is 2162
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 20
    Total number of words is 3923
    Total number of unique words is 2151
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 21
    Total number of words is 3842
    Total number of unique words is 2077
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 22
    Total number of words is 3808
    Total number of unique words is 2200
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 23
    Total number of words is 3877
    Total number of unique words is 2106
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 24
    Total number of words is 3826
    Total number of unique words is 2035
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    48.4 of words are in the 5000 most common words
    56.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 25
    Total number of words is 3888
    Total number of unique words is 2094
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    49.8 of words are in the 5000 most common words
    56.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 26
    Total number of words is 2059
    Total number of unique words is 1269
    37.2 of words are in the 2000 most common words
    51.6 of words are in the 5000 most common words
    58.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.