Latin

Saýrak Guşy - 03

Total number of words is 3787
Total number of unique words is 2025
32.1 of words are in the 2000 most common words
45.5 of words are in the 5000 most common words
53.1 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Neriman atly ýaş, dul aýal aýratyn saýlanýardy, ol bize setanda-seýranda gelerdi. Onuň gelmegi biziň
maşgalamyz üçin hemişe uly wakady. Dünýäde özlerinden başga hiç kimi halamaýan daýzalarymdan
başlap, tä kemakyl hyzmatkärlerimize çenli bu hatyny öwüp, ýerde-gökde goýmazdylar.
Nerimanyň adamsy bir ýyl mundan öň dünýäden ötüpdi (aýtmaklaryna görä, ol ony örän söýýän
eken). Şonuň üçin hem dul aýal hemişe gara lybaslydy. Ýöne, näme üçindir, gara reňk onuň sary saçly
kellesine gelişmeýän ýalydy hem-de ýas günleri bireýýäm tamamlanyp, bu gara lybaslar hem zibile
taşlanaýmaly ýalydy.
Neriman meniň bilen edil itdir pişik ýaly, oýun edýärdi. Ýöne ony onçakly sulhum almansoň,
onuň bilen sowuk-sala gürleşerdim, maňa edýän aladalaryny göwünli-göwünsiz kabul ederdim.
Gatnaşygymyzyň heniz-henizlerem şol durşudy, şeýle-de bolsa, Nerimanyň örän owadandygyny boýun almaga mejbur bolýardym. Ýöne meni has azara goýýan zat onuň näz-kereşmeli hereketleridi. Ol diňe aýallaryň ýanynda az-kem parahatdy. Ýöne erkeklerden biri peýda boldugy, onuň ýüzgözi, sesi, gülküsi, garaýşy, umuman, hemme bolşy üýtgäp gidýärdi. Gepiň keltesi, saman astyndan
suw goýberen joralarym onuň ýanynda juda ejizdi.
Adamsy barada gürrüň gozgalanynda bu aýal: «Wah, meniň üçin indi durmuşyň manysy ýok!»
diýip, ýalandan nadaralyk ederdi. Ol her gezek bu oýnuna başlanynda gahar-gazapdan ýaňa huşum
başymdan uçardy, onsoň: «Hany, göreli bakaly, seniňem birini sulhuň alyp başlar, şonda özüňi nähili
alyp barýandygyňy göräýeris...» diýip içimi geplederdim.
Öýümizde Nerimanyň deň-duşy ýokdy. Lälijek Nejmiýe oňa taý däldi. Daýzalarymyň bolsa
bireýýäm saçyndan ak giripdi, olar diňe tanyş-bilişleriniň gybatyny edäýmeseler, başga edere gürrüňleri ýokdy.
Eger ýagdaýlar şeýle bolsa!..
Jaýymyzyň Nerimana näme üçin ýaraýandygyny aňaýdym öýdýän. Ähtimal, ol ýeňilkelle çykanymy öz pidasy etmek üçin, göz astyna alýan bolmaly. Oňa durmuşa çykmak üçinmikä? Men-ä beýledir öýdemok. Otuz ýaşy arka atyp barýan zenan ýigrimi ýaşly gögele oglana äre çykmak barada
pikir edip bilermi? Beýle hyýal masgaraçylygyň aňry derejesi ahyryn. Ýogsa-da ol muňa milt edäýende-de, meniň mekirje daýzalarym ojagaz çaganyň bu pelesaň kakýan gyrgynyň penjesine düşmegine ýol beräýerlermikä?
Eger ýagdaýlar şeýle bolsa!.. Onda işler-ä pyrryk! Ýyldyza toýnak salýan dul aýal bagty çüwüp,
diliniň aýdanyny edip duran äre duşýança, çykanym bilen göwnüni açmagy ýüregine düwen bolmalyda.
Kamrana ýeňilkelle diýdim, ýöne muny gaharyma aýdypdyryn. Aslynda, ol hilegär sary içýandy, üstesine-de, bildirmän gelip, awuly neşderini sokýanlaryň hilindendi. Neriman bilen gürleşende,
ol hemişe bir zady aýtman goýýan ýalydy, bu ýagdaý bolsa gözümden sypmaýardy.
Çagalar bilen tirkeşsemem, ýüpbökdi oýnap ýörsemem, ýüzin ýatyp kart oýnasamam, hemişe
olardan gözümi aýramokdym.
Çykanymyň ol aýalyň penjesine düşmegine az galypdy. Käte-käte hiç zat bilmeýän kişi bolup,
ýanlaryndan geçenimde, olar derrew seslerini kesýärdi ýa-da gürrüňleriniň hörpüni başga ýana sowýardylar. «Goý, islän zatlaryny etsinler, saňa näme?» diýip soramagyňyz mümkin. Kamran duşmanym bolsa-da, ol meniň çykanymdy... Onsoň niredendir bir ýerden peýda bolan bu aýalyň onuň başyny aýlaýşyna biperwaý garap bilmerin ahyryn.
Men näme hakynda gürrüň berip otyrdym-a?.. Hawa, awgustyň aý-aýdyň gijeleriniň biridi.
Myhmanlar ullakan nepýag çyranyň şöhlesi düşüp duran eýwanda gürleşip otyrdy, gepiň gerdişine
görä aýtsam, olara çyra şöhlesi geregem däldi, gülüşýärdiler, degişýärdiler. Nerimanyň çasly gülküsi
ýüregime-bagryma düşýärdi, şonuň üçin bagyň aýagujyna — agaçlaryň kölegesine tarap gitdim.
Bagyň aňrybaşynda — goňşular bilen aralykda çynar agajy ösüp otyrdy. Daragt miwe bermeýänem bolsa, ony kaşaň görnüşi üçin diýseň gowy görýärdim, ýygy-ýygydan onuň üstüne çykyp,
berdaşly şahalaryna münerdim — ol ýerde edil diwanda oturan ýaly otursa bolýardy ýa-da ätiýaç
etmän gezmelese bolýardy.
Şol agşam juda ýokaryk dyrmaşyp, şahada ornaşyp oturdym. Birden gulagyma adaja aýak sesi,
soňam güňleç gülki eşidildi. Çiňerilip seretdim... Onsoň näme görendirin öýdýärsiňiz?.. Çykanym
dul galan bagtyýar Neriman bilen bile göni çynara tarap ýöräp gelýär...
Çeňňegine balygyň ýakynlaşýandygyny gören balykçy ýaly bada-bat üşerildim. Onsoň oturan
şahamyň şatyrdap ses ederinden gorkdum. Emma nahak gorkan ekenim! Ýaş juwanlar biri-biri bilen
şeýlebir gümrady welin, agajyň ýokarsynda deprek kaksaň-da, olar ony piňlerine aljak däldi.
Neriman öňden ýöräp gelýärdi. Kamran bolsa, edil bendiwan arap ýaly, onuň dört ädim yzyndady. Olar ýollaryny dowam etmek üçin haýatdan böküp biljek däldi, şol sebäpli hem, oturan agajymyň astynda aýak çekdiler.
Geliberiň, ezizlerim, geliberiň! Sizi ýanyma hut Allatagalanyň özi ýollady. Biz siz bilen gaty
bahym duşuşarys. Bu ajaýyp Aýly agşam ömürboýy ýadyňyzdan çykmaz ýaly, elimde barymy etjek
bolaryn!
Birdenem bir çyrlawuk möjejik golaýjagymda çyrçyr edip, çykanymyň hoşwagt dula aýdýan
sözleriniň üstüni basdy. Lapykeç bolup tas akylymdan azaşypdym. «Haramzada nämeden gorkýarsyň?.. Bu ýerde adam ogly ýok!.. Gatyrak gürle!..» diýip gygyryberesim geldi.
Onsoň Kamranyň: «Neriman... Gülüm... Melegim...» diýen birnäçe sözüni eşidip galdym. Men
galpyldap başladym. Özümiň saklanyp bilmän gürläýmegimden, olaryň ýapraklaryň çygşyldysyny
eşidäýmeklerinden juda gorkýardym.
Mahal-mahal Neriman hanymyň: «Haýyş edýän, Kamran beý...» diýen sözleri hem gulagyma
degýärdi.
Ahyrsoňy sesler ýatyşdy. Neriman seresaplyk bilen haýada golaý bardy, daraklygyna galdy,
özlerini hiç kimiň görmeýänligine göz ýetirjek bolýan ýaly, goňşularyň bagyna ser saldy, soňra özüni
nähili alyp barmalydygyny bilmeýän Kamrana tarap öwrüldi.
Birdenkä çykanymyň elini galdyryp, oňa tarap ýöräp ugrandygyny gördüm. Ýüregim öňküsinden hem çalt urup başlady... «Kamrana ahyrsoňy akyl geldi... Häzir ol bu nejis aýala şapbat çalar»
diýip içimi gepletdim. Wah, Kamran şeýdäýse, belki, gözüme ýaş aýlap, agaçdan böküp düşerdim we
onuň bilen ömürlik ýaraşardym. Emma ol peläket Nerimany uraýyn diýenokdy. Onuň gyzlaryňky
ýaly inçejik ak gollary garaşylmadyk güýç bilen ol aýalyň çiginlerini, bileklerini sermeläp ugrady.
Soňra gysgajyk çekeleşme, gujaklaşma başlandy... Çynaryň gür ýapraklarynyň arasyndan düşýän Aý
yşygynda olaryň saçlarynyň bir-birine garyşyp gidendigini gördüm.
Eý, Hudaý, bu nä ahwalat, bu näme boldugy!.. Biraz mundan öň, olaryň başyna gowy bir oýun
saljak bolup durdum, häzir bolsa bütin göwräme galpyldy aralaşyp, meni sowuk der basypdy. Olaryň
özümi görerlerinden gorkup ugradym... Şol pursatda guş bolup göge galmagy we Aý şöhlesine siňip
gitmegi hem-de gaýdyp bu dünýäniň adamlaryna sataşmazlygy isledim!
Hernäçe agzymy tutsam-da, bokurdagymdan bir sesiň zogdurylyp çykandygyny aňdym. Megerem, ol dady-perýat bolsa gerek! Emma sesimiň ýaş juwanlara eden täsirini gören badyma gülkim
tutdy. Bu utançsyz bendeleriň gorkup, aljyraňňylyga düşüşlerini siz bir görsediňiz!..
Biraz mundan öň, bu hoşwagt dul aýal bärik gelýärkä, Aý yşygynyň astynda aýagy ýere degenokdy. Ynha, häzir bolsa, ol ýol-ýodany saýgarman, agaçlara büdräp, bu ýerden şeýlebir gaçýardy
welin, söz bilen beýan eder ýaly däldi.
Meniň çykanym hem onuň göreldesine eýerip, gaçyp ugrady, ýöne birnäçe ädim ädeninden soň,
birden aýak çekdi we utana-utana yzyna öwrüldi.
Näderimi bilmän, jak-jaklap gülmegimi dowam etdim. Kamran edil «Garga we tilki» atly belli
basnýanyň hilegär gahrymany ýaly, agajyň aşagynda gezim edýärdi.
Ahyrsoňy utanyp-uýalyp durmagyndan açylyşyp, maňa ýüzlendi:
― Feride, ezizim, aşak düşsene... Men gülmegimi bes edip:
― O näme üçin? ― diýip soradym.
― Aý, hiç... Seniň bilen gürleşäýjekdim.
― Biziň hiç hili gürrüňimiz bolup bilmez! Maňa päsgel bermäň...
― Feride, oýun etmäňi goýsana!
― Oýun? O nähili oýunmyş?..
― Munyň-a has çökder bolýar! Eger sen aşak düşesiň gelmese, men ýokaryk çykaýaryn.
Men öte eşidýän däldirin-dä? Ol ýolunda bir kiçijik batgalyk duşanda aljyraňňylyga düşüp, geçmezden ozal bir köwşüne, bir-de suwa seredip, on gezek dagy ölçerip-dökerdi. Oturmazdan öň bolsa,
barmajyklary bilen balagynyň gonçlaryny ýokary-ýokary çekerdi. Onuň şu hili näzijek adamdygyny
bilibem, lälik çykanymyň agaja çykmaga hyýallanýandygyny eşidip, neneň gülmäýin?!
Emma şol agşam Kamran, hakykatdan hem, bolmajyny boldy. Ol aşaky şahadan ýapyşyp, agaja
dyrmaşyp ugrady we ýokaryk çykmaga hyýallandy.
Agajyň üstünde oturyp, onuň bilen ýüzbe-ýüz boljagymy sähelçe salym göz öňüme getirenimde, tas däliräpdim. Bu bir gabahat iş boljakdy! Onuň ýylanyňky ýaly ýaşyl gözlerini golaýdan göräýdigim edil ýyrtyjy guş ýaly tutluşyp, şahalaryň arasynda boguşjakdym. Gözlerini dyrçanak-dyrçanak
edip, özüni ýere zyňjakdym ýa-da özümi ýere oklajakdym. Emma az salymdan beýtmeli däldigime
düşündim. Men dikelip:
― Duruň!.. Butnamaň!.. ― diýip gygyrdym. Kamran meniň sözlerime pitiwa etmedi, hatda
jogap bereýin hem diýmedi. Ol şahanyň üstüne atlanyp, ýokarsyna seretmäge durdy.
― Duruň diýýän, ýogsa erbet bolar. Siz meniň Çalyguşudygymy bilýäňiz ahyryn. Agaçlar meniň ýaýlagymdyr. Bu ýerlere özümden başga biri aýak bassa, çydam edip bilmerin.
― Bu nä geň gürrüň, Feride?..
Dogrudan hem gürrüň örän geňdi.
Men biygtyýar degişme äheňine geçmeli boldum. Kamran aýak çekmese, has-da ýokaryk çykmaga häzirlenip:
― Sizi nähili hormatlaýanymy bilýäňiz ahyryn! Şonuň üçinem sizi agaçdan ýere oklaýsam,
gelşiksiz bolar. Az salym mundan öň, söýgi goşgujygyny aýdýan ýigit, birdenkä çirkin sesini
edip:«Kömege ýetişiň, kömege ýetişiň!» diýip gygyryp dursa, bu juda gözgyny bolmazmy?! ―
diýdim.
«Kömege ýetişiň!» diýen sözleri men batly gülüp we Kamrana öýkünip aýtdym. Ol meniň haýbatyma bakman, şahalaryň arasy bilen ýokaryk dyrmaşmasyny dowam edýärdi.
― Biz häzir duşuşarys! ― diýip, Kamran gygyrdy. Gorky oňa dogum berip, hereketlerini çalasynlandyrypdy.
Biz agajyň üstünde tutdum-gaçdym oýnaýana meňzeýärdik. Kamran golaýlaşdygyça, ýokaryk
dyrmaşýardym, şahalar bolsa gitdigiçe inçelýärdi... Birdenkä haýadyň üstüne böküp, gaçyp gitme
pikiri hem kelläme geldi. Ýöne şeýtsem, elimi ýa aýagymy döwdüräýmegim mümkindi. Şonda çykanym däl-de, men aglap-eňremeli boljakdym.
Her näme-de bolsa, Kamran bilen agajyň üstünde birjik-de duşuşasym gelenokdy. Onsoň mekirlige ýüz urmaly boldum.
― Siziň näme üçin meniň bilen duşuşasyňyzyň gelýändiginiň sebäbini bilip bolmazmyka? ―
diýip, ondan soradym. Meniňki şowuna boldy. Kamran birden aýak çekip, agras gürlemäge başlady:
― Biz oýun eden bolýas, Feride, mesele bolsa örän düýpli. Men senden çekinýän...
― Şeý diýsene? Sen nämeden çekinýärmişiň?
― Ýaňrarmykaň öýdüp gorkýan.
― Eýsem, bu meniň her günki edýän işim dälmi näme?
― Ýöne bu gezekki ýaňramaň düýbünden başga zatlar barada bolarmyka diýip ýaýdanýan...
― Bu gün agşam, näme, bolmasy iş bolupmy?
Kamran ýadap, ysgyndan gaçypdy. Ol ütüklenen jalbaryny mundan beýläk aýaýyn diýmedi
öýdýän, şahanyň üstüne çökdi. Ol juda tutuk, ünjüli görünýärdi, emma şonda-da ol wäşilige salmakçy
boldy!
Meniň Kamrana haýpym gelenokdy, gaýtam ondan bahymrak dynyp, ýeke özüm galasym gelýärdi. Şonuň üçin:
―Närahat bolma. Maňa ynanaý, gorkup oturasy iş ýok. Bahymrak myhmanlaryň ýanyna bar.
Gelşiksiz bolar ― diýdim.
― Söz berýäňmi, Feride, ant içermiň?
― Sözem bereýin, ant hem içeýin... Näme diýseň edeýin.
― Saňa ynanyp bilerinmi?
― Ynanmalymykaň-a diýýän. Men indi çaga däl ahyryn.
― Feride...
― Onsoňam, men seniň nämeden gorkýanyňy nireden bileýin? Men nämäni ýaňramalymyşym?
Men agajyň üstünde ýeke özüm otyryn ahyryn.
― Bilmedim, ýöne, näme üçindir, ynanamok!..
― Men indi çaga däl-de uly adam diýip saňa aýtdym ahyryn. Diýmek, ynanmaly bolarsyň. Bar,
gadyrdan çykanym, närahat bolma... Dünýäde çagalaryň görüp, uly gyzlaryň üns bermeýän zatlary
hem bolýar. Bar arkaýyn bol...
Göwnüme bolmasa, Kamranyň gorkusy ýuwaş-ýuwaşdan geň galmaklyga öwrüldi, onuň meni
göresi gelýänligi bildirýärdi, şonuň üçin hem hötjetlik bilen ýokaryk ümzük atýardy. Ol:
― Seniň gepiň-gürrüňiň düýbünden üýtgäpdir, Feride... ― diýdi.
Gürrüňiň wagty bilen gutarmajagyndan çekinip, gaharlanan kişi boldum-da:
― Ýeri, besdir... Gepiňi uzaltsaň, sözümi yzyna alaryn. Galanyny hem özüň bil ― diýdim.
Meniň haýbatym Kamrana täsir eden bolarly. Ol ynamsyz ýagdaýda ýuwaşjadan aýagy bilen
agajyň şahalaryny gözläp, bagdan düşmek bilen boldy. Nerimanyň giden ugruna gitmekden utanyp,
aşaklygyna tarap ýöneldi.
***
Şu wakadan soň, hoşwagt dul aýalymyz öýümize gelmesini bes etdi. Kamran barada aýdylanynda bolsa, onuň özümden çekinýändigini aňdym. Ol her gezek Stambuldan gaýdyp geleninde maňa
sowgat getirýärdi: bir gezek gülli ýapon saýawanyny getirse, beýleki gezek ýüpek jorap getirýärdi,
ýene bir gezek ýürek şekilli aýna getirse, beýleki gezek owadan torba getirýärdi... bu zatlaryň bary
garagol çaga däl-de — uly gyza niýetlenendi.
Ýöne bu sowgatlaryň aňyrsynda näme ýatyrka? Megerem, ol Çalyguşynyň göwnüni göterip,
onuň hiç kime hiç zat aýtmazlygyny, diline berk bolmagyny isleýändir.
Eýýäm kimdir biriniň özüm barada alada edip, ýatlaýandygyhem-de meni unutmaýandygy baradaky pikiriň lezzet berýän döwürlerine ýetipdim. Onsoňam owadan zatlary juda gowy görýärdim.
Ýöne bu sowgatlaryň özüm üçin ähmiýetiniň bardygyny Kamranyň hem, beýlekileriň hem bilerini islämokdym. Ýüzüne bambukdan edilen jaýlaryň, badam gözli ýapon gyzlarynyň şekilleri çekilen saýawanym guma gaçan pursady, ony almaga howlukmazdym, şonda daýzalarymyň biri:
― Wah, Feride, sen özüňe berlen sowgatlara, gör, nähili garaýaň! ― diýip igenerdi.
Kamranyň sowgatlarynyň arasynda ýumşajyk, ýaldyrawuk gönden tikilen torbajyk bardy. Ony
sypalamagyň maňa nähili lezzet berýändigini söz bilen beýan edip biljek däl, ýöne günlerde bir gün
ony şireli miwelerden doldurmakçy bolan boldum. Hana, siz şonda daýzalarymyň bolşuny gören bolsadyňyz...
Azajyk mekirräk bolan bolsam, Kamrany gorkuzyp, entek-enteklerem peýdalanardym we ondan dürli zatlary ýonardym.
Onuň sowgat beren zatlaryny diýseň gowy görýärdim, emma käte olary jyrym-jyrym edip ýyrtasym, aýak astyna taşlap, irginsiz depeläsim gelýärdi. Çykanyma bolan gahar-gazabym köşeşerli
däldi.
Öňler mekdebe gitmeli wagtymyz golaýlaşdygyça, meni gaýgy-gam basmarlardy, indi bolsa,
tersine, garyndaşlarym bilen hoşlaşjak wagtyma sabyrsyzlyk bilen garaşardym.
***
Sapaklar başlanansoň, ilkinji ýekşenbe güni bizi Kagythana(Kagythana ― Stambulyň etegindäki derýanyň we
etrabyň ady.) gezelenje äkitdiler. Enekeler köçede kän gezenimizi halamaýardy, emma bu gezek welin,
şol ýerde garaňky gatlyşýança galdyk.
Men iň yzdan mytdyldap gelýärdim. Bir görsem, töweregimde iňlär siňek ýok. Beýle yza galanyma, hiç kimiň hem muňa ähmiýet bermändigine haýranlar galdym. Megerem, enekeler meni hemişekileri ýaly, öňden barýandyr öýdendir. Oslaman durkam, ýanymda kimdir biriniň kölegesi peýda
boldy. Siňe seretsem, Mişel eken.
― Çalyguşy, bu senmi? Näme üçin haýaljak ýöreýäň? Seniň ýeke özüňmi? ― diýip, ol haýran
galdy. Ýaglyk bilen saralan sag topugymy görkezdim.
― Sen, näme, bileňokmy? Oýnap ýörkäm ýykylyp, aýagymy agyrtdym.
Mişel gowy gyzdy. Onuň maňa ýüregi awady, şonuň üçinem:
― Kömek gerek bolsa edeýin ― diýdi.
― Näme, arkaňa alaýsam diýýärmiň?
― Aý, ýok-la... Bu mümkin däl... Ýöne goltugyňa girip, saňa söýget berip biljek. Neneň görýäň? Ýok, ýok, beýle däl... Eliňi egnime at. Berk ýapyş, özüm biliňden tutaryn. Şeýtseň halyň birneme
ýeňilleşer. Ýeri, nähili? Agyrysy azaldymy?
Mişeliň diýeni bilen boldum, ýöremäm has ýeňilleşipdi.
― Mişel, taňryýalkasyn. Ýoldaş diýibem saňa aýdaýsaň ― diýip ýylgyrdym.
Biraz ýöränimizden soň, Mişel:
― Feride, şeýdip barşymyzy göräýseler, gyzlar näme diýer öýdýäň? ― diýdi.
― Näme diýerler?..
― Olar: «Feride-de birine maýyl bolandyr, indi bolsa derdini Mişele gürrüň berýär» diýşerler.
Aýak çekdim.
― Seniň çynyňmy?
― Hawa-la...
― Beýle bolsa, goýber. Häziriň özünde goýber! Men muny buýruk berýän serkerdäniň äheňinde
aýtdym.
Mişel elini bilimden aýyrman:
― Haý, ulalyp oňalmadyk samsyjak diýsänim! Eýsem, degişýändigime-de düşüneňokmy? ―
diýip güldi.
― Maňa näme üçin samsyjak diýýäň?
― Näme, gyzlar seni tanamaýandyr öýdýäňmi?
― Sen näme diýjek bolýaň?
― Seniň hiç kim bilen baş goşmajakdygyňy uly il bilýär. Bu görlüp-eşidilen zat däl ahyryn.
― O näme üçin? Sen meni görmeksiz hasap edýärmiň?
― Ýok-la, näme üçin görmeksiz hasap edeýin? Sen örän owadan gyz. Ýöne birneme kelesaň,
üstesine-de, juda sada.
― Men hakynda, hakykatdanam, şeýle pikir edýäňmi?
― Diňe men däl, hemmeler şeýle pikirde. Gyzlar: «Söýgä gezek gelende Çalyguşy barypýatan
«gourde»...» diýýärler.
Men türk diline onçakly ökde däl, ýöne fransuzça bu söz suw gaby, küýze we şuňa meňzeş
zatlar diýmekdi, bir söz bilen aýdanyňda, bu söz haýsy manyda gelsede, bolgusyz bir zat diýmekdi.
Onsoňam boýum gysga, göwräm dolmuş bolansoň, maňa bu gaplaryň hiç birine meňzänok diýip aýdyp boljak däldi. Elhepus, Çalyguşy lakamynyň üstüne «gourde» lakamyny hem alaýsam, bar onsoň!
Her etmelidi welin, öz at-abraýyňy goramalydy. Şobada Mişeliň egnine başymy goýdum ― bu meniň
joralarymdan öwrenen usulymdy ― soň oňa köpmanyly bakyp, tukat ýylgyrdym:
― Aý, bolýar-da, şeýle pikir edýän bolsaňyz, ediberiň... Mişel aýak çekdi-de, maňa geň galyp
seretdi.
― Feride, diýýäniň näme?
― Hawa, gynansam-da, şeýle ― diýip, men sözüme ynanary ýaly, başymy atdym-da, uludan
demimi aldym.
Indi Mişel geň galmadan ýaňa çokunyp ugrady.
― Gaty gowy-da, Feride, örän gowy, emma, gynansagam, ynanyp biljek däl.
Mişel görgüli söýgi bilen baglanyşykly wakalaryň ölemen muşdagydy. Ol başga biriniň söýüşýändigini eşideninde, ondan tükeniksiz lezzet alardy. Emma oňa idili gürrüň aýtmaýanlygym sebäpli,
maňa ynanyp, öz şatlygyny aç-açan bildirmäge ýüregi etmedi.
Dogrusyny aýtsam, ýalan sözläp, juda öte geçen ekenim, indi bolsa muny dowam etdirmesem,
ryswa boljakdym. Oňa:
― Hawa, Mişel, menem aşyk boldum ― diýdim.
― Diňe sen aşyk bolduňmy, Çalyguşy?
― Elbetde, ol hem meni söýýär, «grand gourde».
Şeýle diýmek bilen, Mişeliň birneme öňräk maňa beren «gourde» lakamyny özüne gaýdyp beripdim, üstesine-de, bu lakamy has mahabatlandyryp aýdypdym, emma «seniň özüň gourde. Bu seniň
lakamyň» diýip, ol gatyrganyp durmady.
Ýalan sözler bilen söhbetdeşiňi has-da özüňe imrindirse bolýardy. Gör, munuň hezildigini! Mişel indi meniň goltugyma giräýjek bolýardy.
―Aýt, Feride, aýt... Bu nähili boldy? Diýmek,senem söýüşýäň-dä, hä? Söýüşmek, ajaýyp zat,
şeýle dälmi?
― Elbetde, gowy zat...
― Onsoň ol kim? Seniň söýýän ol oglanyň owadanmy?
― Örän owadan...
― Sen oňa nirede duşduň? Nähili tanyşdyňyz? Men jogap bermedim.
― Ýeri, ýeri, gizlejek bolma!..
Men gizlemejek bolup, heläk boldum. «Wah, näme toslasamkam? Näme diýsemkäm?» Emma
kelläme gelýän zat ýokdy. Maňa joralarymyň baryny heýjana saljak hakyky aşyk gerekdi. Emma iň
bolmanda hyýaly bir aşygy toslap tapmagam kyndy, juda kyndy.
― Hany, Feride, aýtsana, uzaga çekmesene. Ýogsam gyzlara seniň oýun edendigiňi aýdaryn.
Birden aljyraňňylyga düşdüm. O nähili oýunmyş? Hudaý saklasyn! Muny gyzlar eşidäýse adymy diňe bir «Suw gaby» ýa-da «küýze» diýip tutmak bilen oňaýmazlar. Derrew Mişeli aňk edäýjek
söýgi bilen baglanyşykly bir wakany toslap tapmagy ýüregime düwdüm.
Siz «aşyk ýigidim» diýip kimiň adyny tutandyryn öýdýäňiz? Elbetde, Kamranyň adyny! Men:
― Biz çykanym bilen halaşýarys ― diýdim.
― Meniň bir ýyl mundan ozal daşky jaýda gören sary saçly ýigidim bilenmi?
― Hawa-la...
― Ol örän owadan ýigit!
Mişeliň söýgi bilen baglanyşykly wakalaryň ölemen aşygydygyny eýýäm aýdypdym. Bütin ömrüme Kamran mekdebe — ýanyma bary-ýogy iki gezek gelipdi. Görnüşine görä, pişigiň et ysyny alşy
ýaly, Mişel hem ýaş ýigidiň mekdebe gelendigini aňyp, daşky jaýda gürleşip durkak, ogrynça bizi
synlan bolmaly. Gör-ä, bu bolýan zatlary?
Asmanda ýyldyzlar peýda boldy. Güýz aýy bolsa-da, howa maýyldy; howadan orulmadyk otuň
ysy gelýärdi.
Men bütin labyrymy Mişeliň üstüne atdym. Ýaňaklarym onuň ýaňaklaryna degip durdy. Oňa
ýok söýgimiň taryhyny gürrüň bermäge durdum.
― Ol gije bu günküden hem ajapdy. Biz öýdäki myhmanlarymyzdan saýlanyp, arany ep-esli
açypdyk. Men öňden barýardym, çykanym bolsa yzdan... Ol maňa ýakymly-ýakymly bir zatlar aýdýardy. Olary häzir gaýtalap biljek däl, çünki olary gaýtalasym gelenok... Teneçirleriň sesinden gulagym kamata gelýärdi. Biz şol gidip barýardyk... Biziň ýöräp barýan ýodamyza Aý şöhlesi düşüp durdy. Soň biz agaçlaryň kölegesine, soňam ýene Aý yşygynyň düşýän ýerine çykdyk. Birsalymdan soň
bolsa, tümlüge siňip gitdik...
― Eý, Hudaý, bagyňyz, gör, nähili uly eken, Feride? ― diýip, Mişel durup bilmän gürledi.
«Aýdýan zatlarym ynandyryjy däl bolaýmasyn!» diýip azara galdym.
― Ýok-la, onçakly uly däl-le, biz ýöne alňasamyzokdyk — diýip, men dowam etdim. — Biz
ahyrsoňy bagyň aňry başyndaky goňşular bilen araçäkde ýerleşýän ägirt çynaryň ösüp oturan ýerinde
peýda bolduk. Ine, şol ýere ýetibem aýak çekdik. Men ökjämi galdyryp, haýadyň aňyrsyna sereden
boldum. Çykanym bolsa bir zatlar etjek bolup, oňa-da bogny ysman, alasarmyk ýagdaýda ellerini
owkalady durdy...
― Sen goňşularyň bagyna seredip dursuň ahyryn! Onsoň o zatlary nireden görýärmişiň?
― Çykanymyň kölegesi haýada düşensoň, ähli zat görnüp durdy. Oýnaýan keşbime gowy giren
bolara çemelim: çünki göwräm galpyldap, sesim sandyraýardy, gözlerime bolsa ýaş aýlanypdy.
― Ýeri, Feride, soň näme boldy, yzyny aýtsana?..
― Birden çykanym elimden ýapyşdy...
― Gowudygyny, onsoň...
― Onsoňmy?.. Men nireden bileýin...
― Eý, toba, sen gürrüňiň iň gyzykly ýerinden kesýäň-dä!
― Soňra agajyň üstünde oturan bir ýigrenji, nejis guş çirkin sesini etdi... Biz allaniçigsi boldukda, ökjäni göterdik.
Gözýaşymy saklap bilmän, kellämi Mişeliň döşüne atdym-da, möňňürmäge durdum.
Meniň ýene näçe wagt aglajagym belli däldi, ýöne ýoklugymyzy aňyp, gyzlar bizi gözleýän
bolara çemeli, olaryň sesleri eşidilip ugrady. Mişel:
― Barýas, barýas... Biz çalt ýöräp bilemzok... Çalyguşynyň aýagy agyrýar ― diýip jogap berdi.
Men:
― Sen dogry aýtdyň, Mişel... Menem hut şonuň üçin aglaýanda. Indi biz tizräk gitjek bolarys
— diýdim. Şol gije, ähli gyzlar uka gideninde, düşegimde horkuldap agladym. Ýöne oýnumy dowam
etmek üçin gözýaş dökemokdymda, özüme gahar edip aglaýardym. Joralaryma özümiň «gourde»
däldigimi subut etmekçi bolup, aldawa ýüz uranam ekenim, näme, ýeriň ýüzünde şondan başga at
gytmy diýsene? Näme üçin men itden beter ýigrenýän çykanym Kamranyň adyny tutdumkam? Irden
turdugym, Mişeliň elinden tutup, bir gyra çykarmagy we söýgim hakyndaky gürrüňleriň barynyň toslamadygyny aýtmagy ýüregime düwdüm.
Ýöne, arman, ertesi ir bilen oýansam, öýke-kinämden, gahar-gazabymdan nam-nyşan galmandyr.
Şeýdip, hakykaty aýtmaga ýürek edip bilmedim. Indi Mişel maňa düýbünden başga göz bilen
garaýardy hem-de meni näsag çaga ýaly görýärdi.
Kem-kemden bu toslamam hemmelere aýan boldy. Dogry, Mişel bu syry berk saklamagy olara
tabşyran bolmaly, çünki hiç kim ýüzüme zat diýmedi. Ýöne gyzlaryň bakyşyndan, gülküsinden näme
aýtjak bolýandyklaryna düşünýärdim. Bu ýagdaý ýüregimi guwançdan doldurdy. Hatda ýaňramalarymy, garagolluklarymy hem goýmaly boldum. Indi joralarymyň alnynda çykanymy söýýän magşuk
gyz ýaly bolan bolup ýördüm. Bu ýagdaýda maňa garagolluk etmek, guduz açmaklyk birjik-de gelşenokdy... Emma gan bilen giren jan bilen çykar diýleni. Agşamlaryna, soňky arakesme mahaly, Mişeliň goltugyndan tutup, oňa täze-täze toslamalarymy pyşyrdaýarkam, käwagtlar öňki katdyma gaýdyp gelýärdim.
***
Günlerde bir gün ýene-de biz gezelençden gaýdyp gelýärdik.
Mişel ol gün, näme üçündir, aramyzda ýokdy. Ol meni derwezäniň öňünde garşy aldy, elimden
tutup, howlukmaçlyk bilen bagyň jümmüşine çekdi. Ol:
― Size aýtmaly täzeligim bar. Siz oňa hem-ä begenersiňiz, hemem gynanarsyňyz ― diýdi.
Ýüzüm boz-ýaz boldy.
― Bu gün mekdebimize seniň saryýagyz çykanyň gelip gitdi.
Aňk-taňk boldum.
― Ol, elbetde, seniň bilen duşuşmaga gelendir. Wah, sen galan bolsaň bolmaýarmy!..
Ynanmadym. Eýsem, düýpli bir sebäp bolmadyk ýagdaýynda, heý-de, Kamran mekdebe gelermi?! Megerem, Mişel ýalňyşan bolsa gerek!
Emma Mişele öz şübhelerimi aýtmadym we ynanan kişi bolup:
― Ýaş ýigidiň söýýän gyzyny görmäge gelmegi tebigy zat ahyryn ― diýdim.
― Ýöne ol seniň bolmanlygyňa gynanandyr, şeýle dälmi?
― Elbetde.
Mişel duluklarymy sypalady.
― Eger ol söýýän bolsa, ýene-de geler...
― Hökman.
Şol agşam Matilda bajy ýanyna çagyrdy-da, daşy dolangy iki sany süýjili gutyny uzadyp:
― Muny saňa çykanyň getirip gitdi ― diýdi.
Matilda bajyny sulhum alanokdy, ýöne şu gezek welin, onuň boýnuna böküp, ýaňaklaryndan
taýly gezek ogşamakdan zordan saklandym.
Diýmek, Mişel ýalňyşmandyr. Kamran, hakykatdanam, mekdebe gelip giden eken. Eger-de şu
çaka çenli enekelerimiň arasynda-da, toslamalarymyň dogrudygyna ýa nädogrudygyna şübhelenýäni
bar bolsa, onda bu iki gap süýjini görüp, olar öz pikirlerini üýtgetmeli bolar. Bä, şuýa gowy bolaýdy!
Gutularyň birinde içi likýorly dürli reňkli süýjüler, beýlekisinde bolsa daşyna zer kagyz çolanan
şokolad bardy. Bu bir ýyl mundan ozal bolup geçen bolsa, bu süýjüleri iň ýakyn joralarymdanam
gizlärdim. Emma häzir, agşamky sapaklarymyza taýynlanyp oturan pursadymyz gutularym elden-ele
geçdi.
Gyzlaryň hersi ynsaplaryna görä, ikiden ýa üçden süýji alýardy. Gyzlaryň käbiri maňa uzak
aralykdan manyly yşaratlar edýärdi. Menem utanan kişi bolup, beýläme öwrülýärdim-de, ýylgyran
bolýardym. Nähili ajaýyp!..
Eýýäm düýbi görnüp ugran, altyn çaýylan gutulary yzyna gaýtaran Mişel pyşyrdady:
― Feride, muny öýleniş toýuňa berlen süýjüler diýip hasap et.
Toslamalarym maňa diýseň gymmat düşüpdi. Ýöne nädeýin-dä?!
Aradan üç gün geçdi.
Geografiýa sapagydy. Synaglar üçin reňkli kartany taýýarlamak bilen gümradym. Reňkli surat
çekmek maňa hemişe-de kyn düşýärdi; ebeteýsizligimi edip, reňkleri biri-birine garym-gatym ederdim-de, ellerimi, dodaklarymy görer ýaly etmezdim.
Ynha, şeýdip, reňklere bulaşyp otyrkam, hyzmatkär aýalyň gyzy geldi-de, daş işikde çykanymyň oturandygyny, meni görmekçi bolýandygyny aýtdy. Aljyrap, töweregime garanjakladym hemde näme etjegimi bilmän, enekäme tarap öwrüldim. Ol:
― Feride, nämä ýaýdanyp dursuň, kartany ýerinde goý-da, myhmanyň bilen bol ― diýdi.
Kartany goýmak kyn däl-le. Ýöne Kamranyň ýanyna nädip barsamkam?
Ýanymda oturan gyzjagaz güldi-de, kiçijik aýnajygy uzatdy. Ýüzüm, has beteri dodaklarym
görer ýaly däldi. Ýazuwda mydama syýagalamymy agzyma salardym, ynha, häzirem surat çekip oturyşyma, çotgajygy öllejek bolup, ýüz-gözümi çyr-çyrşak edipdirin, şol zerarly dodaklarym durşy bilen saryly-gyzylly, hatda melewşe reňkli tegmil bolup durdy. Nätsemkäm? Ýaglyk bilen süpürinseň
has hem beter boljakdy, sabynlanyp ýuwunmak bolsa mümkin däldi, sebäbi reňkleri öňküden hem
beter çyrşaşdyryp goýbermegim ahmaldy.
Gep, elbetde Kamranda däldi. Onuň ýanyna her hili görnüşde-de baryp biljekdim. Emma kimiň
gelenligini aňyp, eýýäm misginsokarlyk bilen ýylgyryşýan joralarymyň ýanynda söýüşýän gyz, hatda
gelinlik bolan bolmalydym. Wah, bu toslamalarym jähenneme gitse bolmaýarmy!
Dälizden geçip barşyma, aýna seretdim. Eý, toba, nätsemkäm? Eger häzir daş işikde ýeke özüm
bolan bolsam, ol ýere girmäge hiç haçan het etmezdim. Ýöne, arman, ol ýerde hereketlerime tersine
düşünjek ýat adamlar otyrdy.
Şeýlelikde, başga alaç ýokdy. Men gapyny batly itekledim-de, daşky jaýa girdim. Kamran penjiräniň öňünde durdy. Göni ýanyna baraýsammykam? Ýöne beýtsem, onuň bilen elleşip görüşmeli
boljakdym hemde çykanymyň arassaja, näzijek ellerini hapalajakdym.
Gözüm ýene-de stoluň üstünde duran daşy daňylgy iki sany guta düşdi. Olaryň maňa niýetlenip
getirilendigini aňmak kyn däldi. Men üst-başymyň hapalygyny oýunlyga saldym-da, çaga kelesaňlygynyň üstüne atdym. Soňra gara öňlügimiň etegini ýokaryk galdyrdymda, gutularyň öňünde owadan
hem näzli tagzym etdim. Soňra bolsa barmaklarymy köýnegimiň etegine süpürip, elim bilen gutulara
birnäçe posa ýolladym, şeýtmek bilen, dodaklarymdaky reňki az-kem azaltdym.
Kamran ýylgyrjaklap, ýanyma geldi. Oňa minnetdarlyk bildirip ugradym:
― Beýle uly alada galmasaňyzam bolardy, Kamran beg... Şokoladdyr likýorly süýjüler bellibir
derejede dymmaklygymyň haky bolýan bolsa-da, meni indi, näme üçindir, ynsabym horlaýar... Näme
bolýar?.. Birnäçe gün mundan ozal hem siz maňa süýji getiren ekeniňiz? Görýän welin, bu gaplardada şeýle süýjüler bar ýaly. Dogrymy aýtsam, bu süýjüleriň tarypyny etmäge söz ýok! Ýöne olaryň
agzymda eräp gidişi ýaly, ýüregimem ýumşarmyka diýýän.
Kamran:
― Bu gezek siz has arzyly zady görersiňiz, Feride ― diýdi.
Ýasama tolgunma we sabyrsyzlyk bilen Kamranyň uzadan gutusyny çözdüm. Ol ýerde täze ýyl
baýramynda çagalara sowgat edilýän suratly ertekiler ýaly, zer çaýylan iki sany kitap bar ekeni. Belki,
çykanym düşnüksiz sebäbe görä üstümden gülmekçi bolandyr. Eger-de ol bu ýere diňe şu sebäpli
gelen bolsa, onda gowulyg-a bolmaz.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Saýrak Guşy - 04
  • Parts
  • Saýrak Guşy - 01
    Total number of words is 3784
    Total number of unique words is 2250
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 02
    Total number of words is 3808
    Total number of unique words is 2198
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 03
    Total number of words is 3787
    Total number of unique words is 2025
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 04
    Total number of words is 3782
    Total number of unique words is 2070
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 05
    Total number of words is 3802
    Total number of unique words is 2077
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 06
    Total number of words is 3837
    Total number of unique words is 2001
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 07
    Total number of words is 3898
    Total number of unique words is 2059
    34.9 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 08
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 2086
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 09
    Total number of words is 3861
    Total number of unique words is 2201
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 10
    Total number of words is 3829
    Total number of unique words is 2285
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 11
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 2257
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 12
    Total number of words is 3858
    Total number of unique words is 2216
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 13
    Total number of words is 3806
    Total number of unique words is 2181
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 14
    Total number of words is 3806
    Total number of unique words is 2226
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 15
    Total number of words is 3808
    Total number of unique words is 2118
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 16
    Total number of words is 3767
    Total number of unique words is 2191
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 17
    Total number of words is 3904
    Total number of unique words is 2184
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 18
    Total number of words is 3850
    Total number of unique words is 2095
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 19
    Total number of words is 3859
    Total number of unique words is 2162
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 20
    Total number of words is 3923
    Total number of unique words is 2151
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 21
    Total number of words is 3842
    Total number of unique words is 2077
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 22
    Total number of words is 3808
    Total number of unique words is 2200
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 23
    Total number of words is 3877
    Total number of unique words is 2106
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 24
    Total number of words is 3826
    Total number of unique words is 2035
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    48.4 of words are in the 5000 most common words
    56.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 25
    Total number of words is 3888
    Total number of unique words is 2094
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    49.8 of words are in the 5000 most common words
    56.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 26
    Total number of words is 2059
    Total number of unique words is 1269
    37.2 of words are in the 2000 most common words
    51.6 of words are in the 5000 most common words
    58.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.