Latin

Saýrak Guşy - 21

Total number of words is 3842
Total number of unique words is 2077
33.5 of words are in the 2000 most common words
46.6 of words are in the 5000 most common words
53.4 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Ähli küýüm-köçäm mekdepde bolansoň, ilkibada muňa üns bermedim. Ýöne bu gün şäher durşy bilen
başagaýlyk: uruş yglan edilipdir.
***
Guşadasy, 15-nji dekabr. Urşuň başlananyna ýarym aý boldy. Her gün ýerli hassahana ýaralylary
getirýärler. Mekdebim ýas tutýar. Okuwçylarymyň hersiniň diýen ýaly bir hossary: ýa kakasy, ýa-da
dogany goşunda. Biçäre çagalar bolup geçýän zatlaryň elhençliklerine, elbetde, düşünenok, ýöne edil
uliliňki ýaly, olaryňam ýüzi salyk, gam-gussaly.
***
Guşadasy, 16-njy dekabr. Eý, toba, beýle-de bir erbetlik bolar ekeni! Şu gün serkerdeleriň
buýrugy bilen mekdebimizi wagtlaýyn harby hassahana öwürdiler. Nätseler, şeýtsinler. Maňa parhy
ýok. Ýöne mekdep açylýança, täzeden işläp başlaýançam näme etmeli? Wagtymy nädip geçirmeli?
***
Guşadasy, 24-nji dekabr. Şu gün mekdebe kitap almaga bardym. Ol ýer şeýlebir bulambujarlykdy welin, kitab-a däl, adam ýitse-de, tapjak gümanyň ýokdy. Ähli zady näme bolsa, şol
bolsuna urmaly boldum. Şepagat uýalarynyň biri: — Geliň, baş lukmandan sorap göreliň. Ol birnäçe
kitaby ýygnatdy öýdýän — diýip, gapylaryň birini açdy. Otag çüýşelerden, sargylardan, derman
gutularyndan doludy. Baş lukman penjegini çykaryp, ýeňini çermäp, otagy tertibe salýardy. Ol bize
tarap arkasyny öwrüp durdy; diňe onuň boýny hem çal saçy görünýärdi. Şu pursatda kitaplar barada
soramagam gelşiksizdi. Şepagat uýasynyň ýeňinden çekip:
— Gerek däl — diýdim. Emma ol maňa üns bermedi:
— Beý ependi, siz fransuzça suratly kitaplary tapypdyňyz. Olar niredekä? Goja lukman
birdenkä gaharlandy. Ol, hatda oňa tarap öwrülmedem, ýöne gödek sögündi welin, ýüzümi ýapyp,
gaçyp gitjek boldum. Onýança lukman yzyna gaňrylyp:
— Wiý, körpeje, ýene senmi? — diýip seslendi. Oňa gözüm düşüp, menem saklanybilmän:
— Lukman beý, siz Zeýnilere-de barypdyňyz-a?.. — diýip gygyrdym. Dogrudanam, men
gygyrypdym. Lukman çüýşeleri ýykyşdyryp ýanyma geldi, elimden tutup, kellämi özüne dartdy-da
çarşabymyň üstünden saçymy öpdi. Biz bary-ýogy bir gün, hatda ondan hem az, birnäçe sagat
görşüpdik. Emma nähilidir içki mähir bizi birek-birek bilen baglanyşdyrýardy. Ynha, iki ýyldan soň
bolsa biz edil ýegre dostlar, has dogrusy, ataly-gyz ýaly, bir-birimize okduryldyk. Nätjek? Ynsan
kalby — düşünerden zyýat bir närse-dä!.. Haýrullah beý, edil Zeýnilerde bolşy ýaly, menden:
— Hany, aýt, garagol, saňa bu ýerde näme gerek? — diýip sorady. Onuň çaganyňky ýaly mawy,
dury gözleri ak kirpikleriniň astynda täsin ýalpyldaýardy. Zeýnilerdäkim ýaly ýüzüne gülümsiräp
bakdym-da:
— Siz mugallymadygymy bilýäňiz ahyryn, lukman beý. Ýurdy söküp ýörendirin. Ynha, indem
şu ýere bellediler — diýdim.
Ol bütin durmuşymy, ýüregimde gopýan ähli harasatlary bilýän ýaly:
— Balam, henizem hiç hili habar alaňokmy? — diýip sorady. Ýüzüme sowuk suw serpilen
ýaly, tisginip gitdim, geň galýan kişi bolup, gözümi gyrpyldatdym:
— Kimden, lukman beý? Lukman gaşlaryny çytyp, barmaklaryny çommaltdy:
— Näme üçin maňa ýalan sözleýäň, köşegim? Seniň dodaklaryň ýalan sözlemäni öwrenipdir.
Ýöne gözleriň, ýüzüň-ä galplygy bilýäne meňzänok. Kimiň gürrüňini edýän? Seni bir ýerden başga
bir ile gitmäge mejbur edýän adam hakda diýýärin... Egnimi ýygryp güldüm.
— Ýagny bilim ministrligi diýjek bolýarsyňyzmy? Mugallyma diýeniň öz ýurdunyň çagalaryna
hyzmat etmelidigini siz bilýäňiz ahyryn. Lukman edil Zeýnilerdäki ýaly, ýene sözlerimiň hakdygyna
şübhelendi. Onuň delilleri meni diýseň gynandyrdy, olary sözme-söz diýen ýaly ýat tutdum.
— Şu ýaşdamy?.. Şeýle görküň bilenmi?.. Goý, şeýle bolsun, köşegim, goý, şeýle bolsun! Diňe
gödek bolmasaň bolýa... Lukman öz dermanlaryny, menem öz kitaplarymy unutdyk. Biz gürrüňimizi
dowam etdik:
— Diýmek, sen bu mekdepde mugallymçylyk edýäňdä? Şeýlemi?
— Mekdebimizi almagyňyz-a gowy däl, lukman beý!
— Başga zadyň pikirini edýän. Saňa şepagat uýasy hünärini öwreden obamyň adyna näme
diýýändirler? Ýadyňdamy? Indem maňa kömekleşersiňmi? Aslynda seretseň, bu ýerde uly bir
tapawudam ýok: seňkiler-ä kiçijik maýmynjyklar, meňkiler bolsa eziz aýyjyklar, diýmek, bularyň
ikisiniň-de ruhy bir-birlerine örän meňzeş. Olar açyk göwünli, sada, päk ýürekli. Döwre görä! Uruş.
Aýyjyklaryma delalat etmek asylly işdir, köşegim... Ol oslagsyz ýylgyryp goýberdi weli, şatlykdan
ýaňa ýüküm ýeňlän ýaly boldy. Hawa, hawa, goý, güýjümi, söýgimi bagyşlap biljek işim bolsa
bolýar...
— Men razy, lukman beý. Haçan diýseňiz, men taýýar.
— Edil häziriň özünde başlaber. Sered-ä bu ýeri nädipdirler? Eli bilen däl-de, hamala... Lukman
ýene paýyş sözleri agzyna aldy. Men utanyp:
— Lukman beý, men razy, ýöne bir şert bilen, siz ýanymda dikdüşdi serkerde ýaly, paýyş
sögünmäň.
— Sögünmejek borun, gyzjagazym, jan ederin — diýip, lukman gülümsiredi.
— Ýöne birden agzymdan sypaýsa, bagyşlarsyň-da... Lukman ikimiz agşama çenli hassahanany
tertibe saldyk, bize habar berişlerine görä, ertir gelmeli ýaralylary kabul etmäge taýynlandyk.
***
Guşadasy, 26-njy dekabr. Bir aý bäri Haýrullah beýiň ýanynda şepagat uýasy bolup işleýärin. Uruş
gidip dur. Hassahana ýaralylar, yzy üzülmän getirilýär. Iş aşa köp bolansoň käte öýe ýatmaga-da
gaýdyp bilemok. Düýn uzynly gije ýaşy bir çene baran ýaraly ýüzbaşa seretmeli boldum. Daň atyp
barýarka, ýadawlykdan dermanhana otagynda oturgyçda oturan ýerimde uklap galypdyryn. Ukynyň
arasynda biriniň eliniň egnime degýänligini duýdum. Gözümi açsam — lukman Haýrullah beý. Ol
üşemezim ýaly emaý bilen üstüme ýeňiljek ýorgan atdy. Lukmanyň mawy gözleri mähirli
ýylgyrýardy. Ýöne Aýyň yşygyna onuň ýüzi öçügsiden argyn görünýärdi.
— Ýat, gyzym, arkaýyn ýat... Bu sözler maňa hoş ýakýardy. Bir zatlar diýip jogap beresim,
lukmana hoşallygymy bildiresim geldi, emma ýadawlykdyr uky bürüp barýardy. Diňe
gülümsiredimde, gözlerimi ýene ýumdum. Goja lukmany iki uly kemçiliginiň bardygyna
garamazdan, örän gowy görýärdim. Olaryň biri: goja paýyş sözleri ulanýardy. Dogry, onuň
töweregindäkiler muňa mynasypdylaram, ýöne ol bisyýak sözleri aýtmaga tutarykmyka? Käte onuň
dilinden çykýan sözleri eşidenimde ýanyndan gaçýaryn, telim günläp onuň ýüzüne-de bakmazdym.
Aýybyny lukmanyň özi hem bilýär.
— Üns berme, köşegim! Esger durmuşy-da bu — diýýär. Haýrullah beý sadaja puşmanlykdyr
utanjaňlygy üçin günäsi geçilýän çaga ýalydy. Onuň beýleki kemi, meniňçe, birinjisinden-de
elhençdi. Bu gödek kişiniň içiňe-bagryňa girip bilşine haýranlar galaýmalydy. Ol adamlaryň özözünden gizleýän syrlaryny hem aýtdyrmaga ökdedi. Hiç kime syrymy açmasam-da, ol başdan
geçiren zatlarymyň köpüsini bilýär. Oňa ähli zady gürrüň berenimem bilmändirin. Ol käte menden
ony-muny soranda köplenç örän gysgadan gurak jogap bererdim. Lukman şeýdip, her sözden many
alyp, ähli zadyň aňyrsyna ýetipdir. Haýrullah beý ýekedi. Ol ýigrimi bäş ýyl mundan ozal öýlenen
ekeni. Bir ýyl geçip-geçmänkä-de, aýaly garahassadan ýogalypdyr. Şondan bäri Haýrullah beý ýeke
ýaşaýar. Lukman Rodosda doglupdyr. Guşadasynda onuň çaklaňja mülki bar. Gepiň keltesi, bu adam
polkownik aýlygyna mätäç däl. Ol öz hasabyna näsaglara has köp pul harçlaýar. Mysal üçin, düýn
ýaraly esgeriň öýünden gelen haty okap berdim. Garry ene açlyk-mätäçlik zerarly çagalaryň
gedaýçylyk edýänligini ýazypdyr. Esger bulary eşidenden uludan agyr demini aldy. Haýrullah beý
gapdalda bir ýarala seredip durdy. Birdenem ol yzyna gaňrylyp:
— Bolaýypdyr! Gedaýlary köpeltjekdigiňiz barada oýlanmadyňyzmy? — diýdi. Lukmanyň
awuly degişmesi ýüregime ok bolup sanjyldy. Eger bu hassalaryň ýanynda bolmadyk bolsa,
lukmanyň almytyny hökman bererdim. Birsalymdan hat hakynda onuň özi dil açaýdy:
— Köşek, şol aýyjygyň ejesiniň öý salgysyny bil. Bäş-on lira ibereli. Çak edişime görä, lukman
goşunda wezipedir pul üçin gulluk etmeýärdi. Onuň bar derdi-aladasy, «meniň gadyrly aýyjyklarym»
diýip, dilinden düşürmeýän garyp, biçäre esgerleridi. Ýöne onuň, göýä, bir aýyp iş edýän ýaly,
esgerleri gowy görýändigini näme üçin gizlejek bolýandygyna welin, hiç düşünemokdym.
***
Guşadasy, 28-nji ýanwar. Şu gün ir bilen hassahana gelenimde dört sany ýaraly serkerdäniň
getirilendigini aýtdylar. Şepagat uýalary meni Haýrullah beý gözledi diýdiler. Her gezek çylşyrymly
operasiýa edilende lukman hemişe diňe meni kömekçi alardy. Ol:
— Köşegim, elbetde, beýle elhenç zatlary saňa gözkezmek gelşiklem däl welin, senden
ygtybarlysy bolmasa nätjek! Beýlekiler gaharymy getirýär, onsoň olara gygyrmaly bolýan, şondan
soň edenim bolanok — diýýärdi. Derrew çarşabymy aýryp, ýektaýymy geýdim. Ýöne gijä galan
ekenim: operasiýa tamamlanyp, ýaralyny zemmere salyp, ýokarky otaga alyp gitdiler. Lukman:
— Köşek, biz bu ýerde sensiz tikin etdik (ol operasiýany, adatça, şeýle atlandyrýardy). Ýaşajyk
müňbaşy... El partlaýjysy ýarylyp, onuň sag goluna, ýüzüne beter zeper ýetiripdir. Ol häzir meniň
otagymda ýatyr. Sen oňa seretmeli bolarsyň. Biçärä kömek, ideg etmeli — diýdi. Biz lukmanyň
otagyna girdik. Ýatalgada kellesidir goly saralgy ýaraly gymyldysyz ýatyrdy. Diňe sag ýaňagy bilen
eňegi saralgy däldi. Onuň ýüzi tanyş göründi, ýöne sargydan ýaňa ony tanamak kyndy. Haýrullah beý
ýaralynyň çep elini eline aldy-da, damar urşuny barlady, soňam oňa tarap eglip:
— Yhsan beý... Yhsan beý... — diýdi. Meni şol bada ýyldyrym uran ýaly boldy: Ol Ç.-de
Abdyrahym paşanyň öýünde tanşan ýüzbaşym ahyryn. Bir ädim yza çekildim, otagdan çykyp gidesim
geldi, indi meni bu adamyň ýanyna ugratmazlygyny lukmandan haýyş etmekçi boldum. Onýança
hassa gözüni açdy, maňa seredenden tanady. Göwnüme bolmasa, ol gözlerine ynanmaýan ýalydy.
Ýaralalandan bäri, gör, ol näçe gezek huşundan gidendir, sandyrap ýa bihuş çagy, gör, näçe gezek
elhenç düýşleri gördükä? Hawa, onuň ümezläp duran nazaryndan öňünde duranyň mendigime ynanyp
bilmeýändigini aňdym. Ol gany gaçan dodaklaryny kemşerdip, çalaja ýylgyrdy-da, ýene gözlerini
ýumdy. Yhsan beý! Birnäçe aý mundan ozal käbir adamlar meni goraýjak kakamyň-da, doganymyňda ýokdugyndan peýdalanyp, gije keýp çekilýän ýere eltdiler. Ç.-den gaýdanymda, ýüzümi ýapyp,
sürgüne iberilýän adaty bozuk aýal ýaly boýun sunup, kemsidilmä ýanyp-bişipdim. Dünýä birehim
jepalardan doly ýalydy, özümem şol birehim ykbala, täleýime kaýyl bolmaly ýalydym. Şonda siz
maňa arka durup, asyllydygyňyzy görkezdiňiz, gulluk wezipäňizi, geljegiňizi, hatda ömrüňizi hem
orta goýup, meni goradyňyz. Ynha, indem hasratly ýagdaý bizi ýene duşurdy. Men gaçmaryn-da,
şeýle agyr günde edil uýaňyz ýaly bolup, size ideg ederin... *** Guşadasy, 7-nji fewral. Yhsan beýiň
ýarasy onçakly howply däl. Bir aýdan aýak üstüne galar. Ýöne ýüzünde welin, sag gaşyndan başlap,
tä eňegine çenli bütin ýüzüni kesip geçýän elhenç yz galar. Haýrullah beý ýaralynyň sargysyny
çalşyranynda ýanyny alyp duramokdym. Ol ýüregimiň dözmezliginden däl-de (her gün mundan has
beter ýaralary-da görmeli bolýardy), bakyşymyň onuň derdini tyg urlandan-da beter artdyrýanlygyny
bilýärdim. Biçäre hassahanadan nähili bedroý ýagdaýda çykjakdygyny bilýärdi. Ol muny aç-açan
aýtmasa-da, onuň ejir çekýän bolmagy mümkin. Lukman:
— Ýaş ýigit, azajyk tagapyl ediň. Ýene ýigrimi günden sen tut ýaly sagalarsyň — diýip, teselli
berýärdi, emma bu sözler Yhsan beýi has-da ruhdan düşürýärdi. Ýarala ýürek mähirimi siňdirýärdim,
diňe onuň derdi ýeňlese bolýar diýýärdim. Oňa kitap okaýardym, käte bolsa, hatda erteki hem aýdyp
berýärdim. Hawa, biçäre dymýardy, ýöne onuň ejir çekýänligini, mydama bedroý ýüzi barada pikir
edýändigini aňýardym. Käte ony köşeşdirjek bolup, mekirlige ýüz urýardym, gürrüňi düýpden başga
zatlara sowýardym, söz arasynda, ýüzüň owadanlygy ýaly bimany, hatda zyýanly zadyň ýokdugy
barada, hakyky owadanlygy adamyň kalbyndan, ýüreginden gözlemelidigi barada gep açýardym.
***
Guşadasy, 25-nji fewral. Yhsan beý çaklaýşymyzdan has ir sagaldy. Şu gün ir bilen onuň otagyna
süýtli çaý eltip berenimde ol geýnüwli eken. Abdyrahym paşanyň bagynda gören görmegeý merdemsi
ýüzbaşyny ýatlanymy duýman galdym. Häzir bolsa alnymda halys tapdan düşen, hassa adam durdy.
Onuň inçejik boýny, göwnüňe bolmasa, müňbaşy köýneginiň giň ýakasyndan sallanyp duran ýalydy.
Ol aýyp bir iş bolan dek, ýüzündäki çapyk yzyndan utanýardy. Bu şol syratly serkerdemikä?..
Megerem, gyýylmamy gizläp bilen däldirin, şonuň üçin muny başga bir zada syrykdyryp,
gaharlanýan kişi boldum.
— Oglanlyk etmäňiz näme, Yhsan beý? Siz entek gutulaňzok ahyryn! Näme üçin geýindiňiz?
Serkerde ýüzüni sallap:
— Ýatmak adamy beter näsag edýär — diýip jogap berdi. Dymyşlyk aralaşdy. Soň Yhsan beý
gaharyny basmarlamakçy bolýan ýaly:
— Men gaýtmakçy. Ýagdaýym gowulaşdy. Sagaldym — diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.
Gyýylmadan ýaňa ýüregime iňňe sanjylan ýaly boldy. Gürrüňi degişmä ýazdyrmakçy boldum:
— Yhsan beý, görýän welin, maňa gulak asasyňyz gelenok öýdýän. Sizde esger hötjetligiňiz
oýanan bolara çemeli. Ýöne bilip goýuň, men muňa garşy, onsoňam baryny lukmanyňyza aýdaryn.
Goý, ol birneme suwuňyza degsin! Siz şond-a bilerdiňiz... Mejimäni taşladym-da, çykyp gitdim.
Ýöne lukmany çagyrmaga gitmändim.
***
25-nji fewral (agşamara). Lukman bilen harçaňlaşdym. Ýöne bu gulluk wagty däldi. Ol halys
çenden çykýardy: ol beýlekileriň işine juda köp gatyşýardy. Biz ýap-ýaňy Yhsan beý barada
gürleşipdik. Men ýaş müňbaşynyň persala bolan ýüzüniň juda gynandyrýandygyny aýtdym.
Haýrullah beý dodaklaryny gyşardyp:
— Ol mamla. Özüm onuň ýerine bolsam, deňze gark bolardym. Onuň mysalasy diňe balyklara
şam bolmaga ýaraýmasa, başga zada ýarajak däl — diýip jogap berdi. Ýüzüm gyzyp gitdi.
— Lukman beý, siz barada men düýpden başgaça pikirdedim. Kalbyň gözelliginiň ýanynda
ýüzüň owadanlygy dagy nämedir! Haýrullah beý loh-loh güldi-de, maňa degip başlady:
— Köşegim, bularyň bary gury söz. Şeýle mysalaly adamyň töweregine baran tapylmaz.
Aýratyn-da seniň ýaşyňdaky gyzlar... Şeýle diýdi-de, lukman öz mamladygyna gözüniň ýetikdigini
nygtamakçy bolýan ýaly, eginlerini gysdy. Men garşy çykdym:
— Siz syrlarymy zor bilen diýen ýaly aýtdyrdyňyz, indem durmuşyma azda-kände belet
bolduňyz. Görmegeý, onda-da juda görmegeý adaglym bardy. Ol meni aldady, şonuň üçinem ony
ýüregimden aýryp taşladym. Indem ony ýigrenýärin. Haýrullah beý ýene-de loh-loh edip güldi. Onuň
ak kirpikli, gülümsireýän mawy gözleri kalbymyň törüne aralaşmakçy bolýan ýaly, maňa tarap
gezeldi.
— Köşegim, gulak goý! Bu düýpden beýle däl. Hany, gözüme seret! Hany, indem ony söýemok
diý!
— Men ony ýigrenýärin. Lukman alkymymdan aldy-da, gözlerime dikanlap seretmesini dowam
etdirip:
— Wah, görgülije köşegim! Indi ençe ýyl bäri ol diýip ýanyp-bişýäň, edil şem ýaly ýanypbişýäň. Ol haýwan hem seniň bilen bile ýanyp-bişýär. Beýle söýgä ol hiç ýerde sataşyp bilmez —
diýdi. Gaharyma ýarylara geldim.
— Beýle-de, bir elhenç töhmet bolar ekeni! Siz bu zatlary nireden bilýärsiňiz?
— Ýadyňa saljak bol... Muňa baryp Zeýnilerde duş gelen günüm düşündim. Gizlejek bolup
oturmaň haýry ýok. Söýgi diýilýän zat çaga gözleriňden ýaş kimin paýrap akýar. Gözlerimiň öňi
ümezläp, gulaklarym şaňlap gitdi, lukman bolsa şol gürläp otyrdy:
— Sen hemmelerden üýtgeşik. Sen hemmelere, bar zada keseki! Ýylgyryşyň hem gamly, ajy,
şeýdip, diňe ukuda ýatan adam ýylgyrýar. Muny göremde, köşegim, ýüregim para-para bolup gidýär.
Seň ýaradylyşyň hem illeriňkiden üýtgeşik. Il içinde jadyly posadan dünýä inip, jadyly posalar
bilenem ösdürilip ýetişdirilen periler barada gürrüň bardyr. Özi hem ol toslama däldir. Beýle janlyjandar durmuşda-da bardyr. Sen hem şolaryň birisiň, Feride jan. Sen söýmek-söýülmek üçin
doglansyň. Ah, dälije gyzjagaz! Sen nähak edipsiň. Sen ol kemakyl ýigidi hiç taşlamaly däl ekeniň.
Şonda seň bagtyň hökman açylardy. Men ýarym-ýaş bolup, aýaklarymy tapyrdadyp:
— Siz bu zatlary näme üçin aýdýarsyňyz? Menden size näme gerek? — diýdim. Şondan soň
lukman aýňalyp, meni köşeşdirmäge durdy.
— Dogry aýdýaň, köşegim, sen mamla. Bu zatlary saňa aýtmaly däldim. Ýöne samsyklyk
ediläýýär-dä. Günämi öt, köşegim! Emma men gahar-gazapdan ýaňa näme edip — näme
goýýanlygymy hem bilemokdym, şonuň üçin lukmana tarap seretmedimem.
— Ynha, görersiňiz! Ony söýmeýänligimi size subut ederin — diýdim-de, gapyny jarkyldadyp
çykyp gitdim.
***
Ýene 25-nji fewral, gije. Yhsan beýe çyra getirip berenimde, ol entek harby lybasdady, äpişgäniň
öňünde Günüň deňziň üstünde ýaşyşyna syn edip duran ekeni. Men dymyşlygy bozmajak bolup
ýuwaşja:
— Ähtimal, siz harby geýimiňize suwsan borly, ependim? — diýip soradym. Otagyň içi eýýäm
alagaraňkylykdy. Bu alagaraňkylyk bolsa Yhsan beýi birneme ekezlendiripdi. Ol başyny ýaýkap,
gamly ýylgyrdy-da, ilkinji gezek öz derdi barada aç-açan gürrüň etdi:
— Hanym ependi, siz harby geýim diýdiňizmi? Hawa, indi bar umyt şonda. Ol ýüzümi şunuň
ýaly betnyşan etdi, indem betbagtlykdan meni diňe şol halas edip biler... Onuň aýdanlarynyň
manysyna onçakly düşünip bilmämsoň, Yhsan beýe geňirgenip seretdim. Ol uludan demini aldy-da,
gürrüňini dowam etdi:
— Feride hanym, bu ýerde düşünmez ýaly zat ýok. Hereket edýän goşuna gaýdyp bararyn, goý,
el partlaýjynyň başlan işini uruş ahyryna çenli alyp gitsin... Menem nemeden dynaryn... Ýaş
müňbaşynyň juda ejir çekýänligi görnüp durdy. Onuň açyklygy çaga ýalydy. Oňa ýeňsämi öwürdimde, çyrany ýakdym, emma şol sözlerden soň bildirmän otluçöpi üfedim-de, peltäni düzedýän kişi
bolup, çyranyň üstüne egildim.
— Yhsan beý, beýle diýmäň. Siz isleseňiz, bagtyýar bolubilersiňiz... Gowy gyza öýlenersiňiz.
Maşgala bolarsyňyz, çaga öner, şeýdibem ähli zat ýatdan çykar gider. Oňa ýeňsämi öwrüp durdum,
emma onuň, öňküsi ýaly, maňa tarap seretmän, agşamky deňze syn edýändigini duýýardym.
— Feride hanym, eger ýüregiňiziň şeýle päkdigini bilmeýän bolsadym, siz üstümden
gülýänsiňiz öýderdim. Beýle ýüz bilen men kime gerek? Üstümden gülünmän seredip bolunýan
günlerim bir gyzyň göwnüni awlap bilmändim. Indi bolsa bedroý adam... Yhsan beý gürrüňi mundan
artyk dowam etdirmek islemedi, birdem sesini çykarman durdy-da, özüni ele almakçy bolýan ýaly,
sözüniň üstüni ýetirdi:
— Feride hanym, bularyň bary boş gürrüň. Bagyşlaň welin, çyrany ýakaýsaňyz näderkä? Ýene
otluçöpi çakdym, emma elim wagty bilen peltä ýetmedi. Otluçöpüň ýylpyldysyna aňkaryp, onuň
sönerine iňkisli garaşdym. Otagy ýene garaňkylyk gaplap aldy. Ýuwaşja gürläp:
— Yhsan beý, siz ozal namysjaň, özüne ynamly kişidiňiz. Başdan geçiren şowsuzlyklaryňyz
hem, ýitirilen umytlaryňyz hem ýüregiňizi häzirkisi ýaly eserdeň edip bilmändi. Siz wezipäňizi,
belkem, ömrüňizi hem orta goýup, ýaşajyk gyzy, başlangyç mekdebiň mugallymasyny gorapdyňyz.
Ýöne şol wagt häzirkiňiz ýaly betbagt däldiňiz, muny gizläp oturmak nämä gerek? Derdiňize
düşünýän!.. Näme üçin şol başlangyç mekdebiň biçäre mugallymasy bu gün öz ömrüni siziň
bagtyýarlygyňyza bagyşlamaly dälmişin? — diýdim. Ýaraly müňbaşy naýynjar sesi bilen:
— Feride hanym! Näme üçin siz meni hasyl bolmajak arzuwlara atarýarsyňyz? Meni beýle
betbagt etmäň ahyryn! — diýip jogap berdi. Men oňa tarap aýgytly öwrülip, ýüzümi salladym-da:
— Yhsan beý, haýyş edýän, siz maňa öýleniň! Meni kabul ediň. Siz meniň özüňizi bagtly
edýändigimi görersiňiz. Ikimiz bagtly bolarys — diýdim. Gözlerimiň owalary ýaşdan doldy. Men
garaňkynyň içinde müňbaşynyň ýüzüni aňşyryp bilmedim. Yhsan beý meniň elimi alyp, dodaklaryna
ýetirdi, çekine-çekine barmaklarymyň ujundan öpdi. Bolany. Indi maňa ony söýýäň diýip aýtmaga
hiç kesiň bogny ysmaz.
***
Guşadasy, 26-njy fewral. Kamran, şol günden bäri sen meniň üçin kesekä, diňe näkese öwrüldiň.
Men seniň bilen hiç haçan ýüzbe-ýüz bolup duşuşmajakdygymyzy, bu dünýäde hiç haçan bir-birimize
sataşmajakdygymyzy, bir-birimiziň sesimizi eşitmejekdigimizi bilýärdim. Emma, barybir, seniň
gelinligiňdigimi ýüregimden sogrup taşlap bilemokdym. Näme edip, näme goýsam-da, näme diýsemde, özümi saňa degişli bir zat hasap edýärdim. Öz-özüme buýrup bilemokdym. Onsoňam näme üçin
ýalan sözlemelimiş? Ýigrenýänligime, gahar-gazaba münýänligime, garşylygyma, ähli çeken
hupbatlaryma garamazdan, barybir, az-owlak seniňkidim. Muny ilkinji gezek şu gün irden, başga
biriniň gelinligi hökmünde oýananymda duýup galdym. Näçe ýyllap seniň gelinligiň hökmünde gafat
ukusynda ýatyp, bir günem başga biriniň gelinligi bolup oýanmak!.. Kamran, diňe şu gün irden seň
bilen aýrylyşdym. Onsoňam nähili aýrylyşdym... Edil ýakymly ýatlamalary alyp gitmäge, taşlap
gidýän zadyna iň soňky gezek gaňrylyp seretmäge hukugy bolmadyk betbagt bosgun ýaly
aýrylyşdym!..
***
Meniň şeýleräk bir islegim bardy: ir bilen Yhsan beýi alyp, lukmanyň iş otagyna barmaly-da,
oňa biziň nikalaşýandygymyzy habar bermeli. Göwnüme bolmasa, beýle waka üçin şepagat uýasynyň
hemişeki geýinýän ýektaýy juda sadady, onuň durmuşa çykjak bolýan ýigidiniň lapyny keç etmegi
mümkindi. Bagda inçejik çyrmaşyk ösüp otyrdy. Ondan çemenjik bogup, döşüme dakdym. Şol gün
ir bilen Yhsan beýe ýene geýnen halda sataşdym. Ol meni görüp, çaga ýaly müýnli ýylgyrdy. Ony şu
günden başlap bagtyýar etmegiň meniň borjumdygy barada oýlanyp başladym. Şähdaçyk görünjek
bolup, oňa ellerimi uzatdym.
— Bonžur, Yhsan beý — diýdim-de, çemenjigimden birnäçe şahajygy ýolup aldym-da, olary
onuň harby geýimine gysdyrdym.
— Şu gije rahat ýatansyňyz diýip tama edýärin?
— Örän rahat ýatdym. Eýse, siz?
— Edil ýaňy bolan çaga ýaly, şadyýan hem-de rahat ýatdym.
— Beýle bolsa, näme üçin ýüzüňiz solgun-la?
— Bagtyýarlyk hem adamyň ýüzüni soluk görkezip biler. Biz dymyşdyk. Yhsan beýiň
dodaklary esgi ýaly akdy. Biraz dymyşlykdan soň, ol sakyna-sakyna, sesiniň sandyraýanyny
bildirmejek bolup, çekinjeňlik bilen gürrüňe başlady:
— Feride hanym, ömrylla size minnetdardyryn. Siz meniň üçin bu gijäni şeýlebir ýakymly gijä
öwürdiňiz welin, bagtyýar zamanlarymda-da beýle bolmandy. Ýap-ýaňyja size ýalan sözledim. Bu
gün daň atynça ýatman çykdym. Siziň: «Haýyş edýän. Siz maňa öýleniň...» diýen sözleriňiz şol
gulagyma geldi durdy. Meniň çirimem etmedigimiň sebäbi, öýlenýän ýigit hökmünde beýle ýeke-täk
bagtyýar gijäniň bir minutyny dagysyny hem ýitirmeli däldi. Sag boluň. Muny ölinçäm ýadymdan
çykarmaryn. Yhsan beýiň ýüzüne seretdim-de:
— Men sizi baky bagtyýar ederin — diýdim. Ýaş ýigit tolgundy. Ol ellerimi elleriniň arasyna
almakçy boldy, emma ýürek etmedi. Ol edil nähoş çaga ýüzlenýän ýaly, näzijek, ýakymly sesi bilen:
— Ýok, Feride hanym, şu günki gijäniň «ertesiniň» bolmajagyna düşünýärin. Diýseň hoşwagt
boldum. Ýöne, barybir, sanlyja sagatdan giderin, siz bilen hoşlaşaryn — diýdi.
— Näme üçin, Yhsan beý? Siz menden ýüz öwürýäňizmi? Munyňyz-a gelşikli däl. Umydygär
edibem gidibermek bolarmy? Bu, heý, bolýan zatmydyr? Serkerde arkasyny diwara söýäp, gözlerini
ýumdy-da uludan demini aldy:
— Wah, bu sesi diýsene... — diýip, ol tisginip gitdi, agraslyk bilen:
— Ýene bir az tagapyl etseňiz, maňa bildiren merhemetiňiz, hakykatdan-da, sizi meni
söýýänsiňiz diýip pikir etmäge mejbur eder — diýdi.
— Ýogsam näme, Yhsan beý? Eger siz bilen ýazylyşjak bolýan bolsam, diýmek, munuň öz
sebäbi bolmaly. Yhsan beý muňa ajymtyk kinaýa bilen jogap berdi:
— Hawa-da, eger siz maňa durmuşa çykmakçy bolýan bolsaňyz, diýmek, siz meni söýýän
bolmaly. Ýöne men siziň beýdip söýeriňizi islämok... Feride hanym, siz biziň nikalaşmagymyzyň
bolup biljek zatdygyna, hakykatdan-da, ynanýarmysyňyz? — ............
— Feride hanym, siz, dogrudan hem, sadaka kabul eder ýaly, meni juda pes adam diýip pikir
edýärsiňizmi? Çünki siziň maňa garaýşyňyzda betbagt maýyba gynanmakdan başga hiç zat ýok
ahyryn... Bimöçber gussa düşüp, başymy aşak saldym.
— Siz mamla. Biziň ikimizem betbagt adam. Iki derdi goşsaň, bagt emele geler diýip pikir
edipdim... Bu ýalňyş ekeni.
— Şeýle diýdim-de, diwarda asylgy duran gylyjy görkezip, sözümi dowam etdim:
— Her näme diýseňem, size teselli berýän zat bar, olam urşa gaýdyp barmak. Men zenan
maşgala. Size görä, men has betbagt...
***
Gyşyň sowuk säherleriniň biridi. Öýlenjek ýigit bilen durmuşa çykjak gyz bir-biriniň garşysynda
durdy. Olaryň hersiniň döşünde sary çyrmaşygyň inçejik şahalaryndan ýasalan çemenjik,
dodaklarynda bolsa ýasama ýylgyryş, edil şu iglije ösümlik ýaly, ýasama ýylgyryş bardy. Ine, şeýdip,
olar on minutdan soň gözi ýaşly betbagt agasy we ýalňyz galan uýasy ýaly bolup hoşlaşdylar.
***
Guşadasy, 2-nji aprel. Üç gün mundan ozal bize mekdebi gaýtaryp berdiler. Bäş aýa çeken
arakesmeden soň, sapaklar başlandy. Ýöne indi nämä gerek? Eýýäm ýyl tamamlanyp barýar. Bahar.
Günüň ýiti şöhleleri synp otaglaryna düşüp, diwarlarda egrem-bugram ýaşyl zolajyklar
gaýmalaşýardy, olar Ortaýer deňziniň aýna ýaly tekiz suwuna düşýän ýylpyldylardy. Çagalaryň hem,
ulularyň hem iş höwesi ýokdy. Uly mugallymanyň, kes-kelläm, Guşadasynda galasy gelenokdy. Bir
aý mundan ozal ony başga bir şähere geçiripdiler. Onuň ýerine bolsa meni belläpdiler. Uly
mugallymanyň ozalky wezipesini ýatyryp, oňa deregem müdir wezipesini girizdiler. Ýöne muňa
begenip duramok, kärdeş mugallymalarym maňa eýýäm gyýa bakyp ugrapdylar. Olar örän
medeniýetli, sowatly adamlar-a däldi, ýöne her näme bolsa-da, olaryň ýaşyna sarpa goýmalydy:
olaryň her biriniň gerdeninde, Magaryf ministrliginiň emeldarlarynyň dili bilen aýdanyňda, on bäşýigrimi ýyllyk iş tejribesi bardy. Bir gün gyzym ýaly bir kiçijik gyzjagazy üstümden hojaýyn edip
goýsalar, meger, menem gatyrgansam gatyrganardym. Martyň başlarynda Haýrullah beýi nepaga
ugratdylar. Ol barly adam bolansoň, aýlyga mätäç däldi. Ýöne bu ony birneme gynandyrdy.
— Ine, şu ellerim bilen men, gör, näçe gezek, aýyjyklaryň gözlerini ýumdurypdym. Olaryň hem
gözlerimi ýumduryp, olaryň hem iň soňky ýoluma ugratmaklaryny arzuw edýärdim. Bolmady...
Haýrullah beý ýaşlygyny ylma bagyşlapdyr, ol dürli bilimleriň giden bir hazynasydy. Dünýäde
kitapdan başga peýdasyz zat ýok, kitap ýazýanlaram, olary okaýanlaram durmuşda hiç zada
düşünmeýän paňkelle adamlardyr diýip, hernäçe hetjiklese-de, onuň öýünde ägirt uly kitaphanasy
bardy. Düýn ony ynandyryjy bir delil bilen haýran galdyrmak üçin:
— Ýagşy, onda näme üçin özüňiz hem şeýle köp okaýarsyňyz, meni hem şu ýola itekleýärsiňiz?
— diýdim. Şeýle saldamly delil islendik adamy özüne getirip bilmelidi. Emma Haýrullah beý birjikde aljyramady, gaýtam, üstesine, loh-loh edip güldi-de:
— Köşegim, sen juda jaýdar aýtdyň. Emma seni maňa ynanmaga mejbur edýän adam barmy
näme? — diýdi. Bu goja lukmana düşünýän däldirin. Ol eziz görýän zatlarynyň baryna garşy çykýar.
Ol maňa käýinse-de, meni ozalkysyndan has gowy görýänligini duýýaryn. Haýrullah beý gullukdan
gideninden soň, uzynly gününi öýünde kitap okap geçirýär. Käte bolsa goşundan ýadygär galan äpet
ädigini geýip, žandarm ýaly, egninden tüpeňini asyp, Düldüline (bu onuň iň gowy görýän dor
ýabysydy) atlanyp, obalara daýhanlaryň derdine em etmäge çykýar. Öýde onuň segsen ýaşly enekesi
bilen onbaşy diýip atlandyrýan garry bagbany galýar. Üç gün mundan ozal lukman Munise ikimizi
myhmançylyga çagyrdy. Onuň şähdi açykdy. Onuň kitaplaryny dörüp ugradym, ol bolsa Munise bilen
oýnap başlady, agraslyk bilen oňa dürli buýruklar berdi. Olara seredip oturyşyma, gülüp-gülüp, içim
gyryldy.
— Indi bolsa ikimiz gizlenpeçek oýnaly — diýip, lukman seslendi.
— Diňe, bilip goý, geçmesi kyn ýerde gizleniji bolma! Barmak boýly göwräň bilen bir ýere
girersiň welin, onsoň uzynly gün gözläp ýörmeli bolar. Eger birden sen meni uzak wagtlap gözlemeli
bolsaň, sen geň-taň görüp oturmagyn, diýmek, bir gizlençek ýerde uklap galandyryn... Ýene birnäçe
günden Munisä çarşab geýdirerin. Ol on dördüni doldurýar. Onuň boýy eýýäm meniňkiçe bar.
Eýjejigim, edil bägül ýaly, ösüp gelýär. Onuň saçlary saman reňk sary, ýüzi ap-akja, gözleri gömgök, özem ýagta görä birsyhly üýtgäp dur — ir bilen bir hili bolsa, öýlänler başga hili. Munise
ýylgyranda ýaňaklarynda bägül açylýan, aglanynda gözlerinden dür seçilýän perä çalym edýär.
Haýrullah beý çarşaba, kes-kelläm, garşy. Gyzjagazyň entek kiçijikdigini özümem bilýän welin,
nätjek? Gorkmanam duramok. Tanyşlarymyň käbiri: «Feride, saňa Munisäni erkek kişilerden gizläre
wagt boldy, ýogsam seň wagtyndan öň gaýynene bolaýmagyň ahmal» diýişýärler. Ýüregim
ynjalanok. Men hem begenýän, hem gynanýan. Gaýyneneler yzgytsyz bolýarlar diýip, ýöne ýere
aýdanoklar. Düýn biz mekdepden gaýdyp gelýärkäk, köçäniň beýleki tarapyndan gelýän on alty-on
ýedi ýaşly görmegeý okuwça gözüm düşdi. Ýigidiň bize tarap seredişi maňa geň göründi. Bildirmän
Munisäni synladym. Bir görsem, bisyrat sary içýan gözastyndan ýaş ýigide ýylgyryp gelýän bolsa
nätjek. Şeýlebir haýran bolupdyryn welin, tas köçäniň ugrunda özümden giden ekenim. Bezzatjygyň
elinden silterledim-de, oňa igenip başladym. Munise hiç zady boýun almady, emma oňa çigit ýalyjakda ynanmaýandygyma göz ýetirip, aglan kişi boldy. Mekirje diýsänim! Ol meniň gözýaşlaryna döz
gelip bilmejekdigimi, meniňem möňňürip ugraýmagymyň mümkindigini bilip durdy.
— Saňa nähili temmi bermelidigini bilýän! Bazardan ýaşyl ýüpek satyn alyp, saňa çarşab tikip
ýörün — diýdim. Şu gün irden Munise ikimiz ýene gülýagynyň üstünde gygyryşdyk. Birnäçe aý
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Saýrak Guşy - 22
  • Parts
  • Saýrak Guşy - 01
    Total number of words is 3784
    Total number of unique words is 2250
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 02
    Total number of words is 3808
    Total number of unique words is 2198
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 03
    Total number of words is 3787
    Total number of unique words is 2025
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 04
    Total number of words is 3782
    Total number of unique words is 2070
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 05
    Total number of words is 3802
    Total number of unique words is 2077
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 06
    Total number of words is 3837
    Total number of unique words is 2001
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 07
    Total number of words is 3898
    Total number of unique words is 2059
    34.9 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 08
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 2086
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 09
    Total number of words is 3861
    Total number of unique words is 2201
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 10
    Total number of words is 3829
    Total number of unique words is 2285
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 11
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 2257
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 12
    Total number of words is 3858
    Total number of unique words is 2216
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 13
    Total number of words is 3806
    Total number of unique words is 2181
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 14
    Total number of words is 3806
    Total number of unique words is 2226
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 15
    Total number of words is 3808
    Total number of unique words is 2118
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 16
    Total number of words is 3767
    Total number of unique words is 2191
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 17
    Total number of words is 3904
    Total number of unique words is 2184
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 18
    Total number of words is 3850
    Total number of unique words is 2095
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 19
    Total number of words is 3859
    Total number of unique words is 2162
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 20
    Total number of words is 3923
    Total number of unique words is 2151
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 21
    Total number of words is 3842
    Total number of unique words is 2077
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 22
    Total number of words is 3808
    Total number of unique words is 2200
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 23
    Total number of words is 3877
    Total number of unique words is 2106
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 24
    Total number of words is 3826
    Total number of unique words is 2035
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    48.4 of words are in the 5000 most common words
    56.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 25
    Total number of words is 3888
    Total number of unique words is 2094
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    49.8 of words are in the 5000 most common words
    56.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 26
    Total number of words is 2059
    Total number of unique words is 1269
    37.2 of words are in the 2000 most common words
    51.6 of words are in the 5000 most common words
    58.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.