Latin

Saýrak Guşy - 06

Total number of words is 3837
Total number of unique words is 2001
32.5 of words are in the 2000 most common words
46.0 of words are in the 5000 most common words
53.2 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Daýzam meniň üçin Stambulda gymmat bahaly gyzyl gaşly nika ýüzügini ýasatdy, ýöne ýaraly
barmagym oňa sygmady. Sargyt taýýar bolup, öýe getirileninde daýzam ýakymly sowgat etmek üçin
meni äpişgäniň ýanyna çagyrdy. Ýüzük hä diýmän bag agaçlarynyň aňyrsynda ýaşjak-ýaşjak bolup
duran Günüň şöhlesine ýylpyldap, gözüňi deşip gelýärdi. Men bir pursatlykça gözlerimi süzüp, yza
çekildim. Ellerimi arkamda tutup, ýüzümiň gyzarýanyny bildirmejek bolup, tutynyň aňyrsynda
gizlendim. Daýzam meniň bolşuma düşünmedi, meniň begenmekden ýaňa boýnuna bökmändigime
haýran galyp:
— Belki, sen muny halan dälsiň, Feride? — diýip sorady.
— Örän owadan, mersi, daýza — diýip, men sowuk-sala jogap berdim. Göwnüme bolmasa,
meniň bolşum daýzama ýaramadyk bolarly. Emma ol ýene-de ýylgyryp:
— Hany, eliňi bäri ber, dakyp göreli. Men ony seniň köne ýüzügiň biçüwinde buýrupdym.
Enşalla, ol saňa kiçi bolmaz — diýdi. Göýä, daýzam ýüzügi barmagyma zor bilen dakmakçy bolýan
ýaly, men ellerimi arkamda tutup, barmaklarymy biri-biriniň içinden geçirdim.
— Häzir däl, daýza, soň bir gezek deňäp göräýeris...
— Oglanlyk etme, Feride! Men kesirlik bilen başymy salyp, köwşümiň burnuny synlap
başladym.
— Birnäçe günden soň golaý-goltumlarymyzy çagyryp, kiçeňräk toý ederis, sizi adaglarys...
Ýüregim elhenç gürsüldäp ugrady.
— Ýok, gerek däl. Eger bu juda zerur diýip hasap edýän bolsaňyz, ony men mekdebe
gidenimden soň guraýyň... Maňa ýagşyja daralsa gowy bordy. Ol öz diýenini gögertmek islemeýärdi.
Daýzam ýylgyrdy, hyrçyny dişläp, kinaýaly gürlemäge durdy.
— O nähili? Belki, nikalaşma dabarasynda saňa derek başga birini oturtsa-da bolardy. Nika
gyýlanynda şeýtse bolar, ýöne ýüzük gowşurylanda, gyzym, beýtmek adaty ýokdur. Muňa jogap
tapmamsoň, ýene ýüzümi sallap durmaly boldum. Berjek pentleriniň yzasyny ýumşatmak üçin
daýzam meni bagryna basyp, ýüz-gözümden sypalady.
— Feride, oglanlygy bes etmäge çen boldumyka diýýän. Indi men saňa diňe bir daýza däl,
eýsem, eje-de. Meniň muňa aşa şatdygymy hetjikläp oturmagyň hajaty ýok. Şeýle dälmi? Kamrana
senden gowy gelinlik tapylar öýdemok. Seň ýeriňe başga bir ýat gyz bolan bolsa näderdik. Ne
häsiýetini bilerdik, ne-de aslyny... Diňe... Sen birneme ýeňles. Çagalykda bolsa bu ýene ýagşy. Emma
indi sen gün geldikçe uly gyz bolup barýaň. Elbetde, wagty gelende, sen agraslanarsyňam,
akyllanarsyňam. Mekdebi gutarynçaň, ýagny öýli-işikli bolýançaňyz ýene dört ýyl dagy bar. Bu az
wagt däl. Indi sen eýýäm adaglanan gyz. Sen meniň näme diýjek bolýanyma düşünýäňmi — ýok,
bilmedim. Sen indi agraslanyp, akylly-paýhasly bolmalysyň. Bar garagolluklaryňy, bälçikligiňi,
kesirligiňi bes etmäge wagt ýetdi. Sen Kamranyň nähili salykatlydygyny, nähili ýumşakdygyny
bilýärsiň ahyryn.
Kalbyma sözme-söz diýen ýaly ornaşan bu nesihatyň aýyp ýa-da gödek bir zat bolanynybolmanyny häzir biljek däl, ýöne birden daýzam meni özüniň eý görýän ogluna onçakly mynasyp
hasap etmeýän ýaly göründi...
Öz nesihatynyň maňa nähili täsir edenligine göz ýetirjek bolýan ýaly, ol:
— Biz düşünişdik gerek, Feride? Şeýle dälmi? — diýip sorady. Adaglama şamlygyny diňe
garyndaşlarymyz we dost-ýarlarymyz bilen bile geçireris.
Men özümi güllerdir şemdanlar bilen bezelen stoluň başynda, häzire çenli geýip görmedik
lybasymda, täzeden timar berlen saçly, üýtgeşik keşpli Kamranyň ýanynda oturyşymy we
hemmeleriň gözleriniň maňa dikanlap seredişini hakydama getirdim... Men birden galpyldap
ugradym.
— Ýok, daýza, beýdibiljek däl!
— Şeý diýdim-de, otagdan çykdym. Şol günler Müjgän meniň üçin bajymdan-da zyýatdy, hatda
ejemiň ornuny tutýardy diýseňem boljakdy. Gijelerine otagda ikiçäk galanymyzda, men çyrany
öçürip, onuň juda täsin horja göwresini bagryma basýardym (häzire çenli, gör, nähili ejir çekipdir),
sesini çykarmasyn diýip, elim bilen agzyny tutýardym-da:
— Olara ýalbar, hiç kim maňa adagly gyz diýmesin! Adagly gyzlar diýilýänleri meniň
elmydama üstlerinden gülüp ýören, hemişe haýpym gelýän gyzlardy. Ynha, menem entek kiçijik gyz
ahyryn. Öňde ýene dört ýyl bar. Oňa çenli men ulalaryn, öwrenişer giderin. Emma häzir welin, hiç
kim maňa adagly gyz hökmünde garamasyn — diýip özelenerdim.
Ahyrsoňy geplemäge maý tapan Müjgän:
— Bolýar, ýöne bir şert, has dogrusy, iki şert bilen. Birinjiden-ä, sen meň bilen garpyşmaňy,
meni bogmaňy goýmaly bolarsyň. Ikinjidenem, sen ony juda söýýänligiňi maňa, diňe maňa ýene bir
gezek gaýtalarsyň — diýdi.
Men ýüzümi Müjgäniň döşünde goýup, «Hawa, hawa, hawa» diýen terzde başymy atdym...
***
Müjgän wadasynda tapyldy. Öýdäkiler hem, tanyşlarym hem adaglylyk hakynda gaýdyp
ýanymda gürrüň gozgamadylar. Kimdir biri säwlik bilen maňa degjek bolsa, ol şobada dilewarlygy
üçin almytyny alýardy we sem bolýardy. Emma bir adam welin, menden mazaly şapbat datmaly
boldy, bagtyma, ol meniň garyndaşymdy, çykanymyň hut özüdi. Göwnüme bolmasa, şapbat
ýerliklidi. Ýöne muny Besime daýzam bir eşitmäbilseýdir. Eşidäýse, işim gaýdýardy...
Dogrusyndan gelsem, köşkde maňa rahatlyk ýokdy. Adaglylygym üçin bir gün meni öýüň iň
gowy otagyna göçürip, tutulary, ýatalgany, geýimasary çalyşdylar. Elbetde, men özüme edilýän beýle
hezzetleriň sebäbini sorap bilmedim.
Bir gezek biz paýtunly Merdiwenköýe toýa gitmeli bolduk. Paýtunyň içi hyryn-dykyndy, şonda
men:
— Paýtunçynyň ýanyna münjek! — diýdim.
Muňa hemmeler gülüşdiler. Men çym-gyzyl bolup, paýtuna münmeli boldum. Käte men,
öňkülerim ýaly, aşhana girip, bir gysym erik kişdesini ýa başga bir miwe alýardym, şonda ýigrenji
aşpez:
— Islän zadyňyzy alyň-da iýiberiň, kiçijik hanym. Indi size ogurlyk etmek ýaraşanok — diýip
degşen bolýardy.
Maňa hiç kim hiç zat diýmese-de, çagalary öýe çagyryp bilemokdym. Setanda-seýranda agaja
çykmak üçin adamlardan gizlenip, garaňky düşýänçä garaşmaly bolýardym. Emma bularyň iň
çydamsyzy, elbetde, Kamrandy. Köşkde bolýan soňky günlerim biz gizlenpeçek oýnaýana
meňzeýärdik. Çykanym maňa ýekelikde duşmaga pursat aňtaýardy. Men bolsam, onuň bu hyýalyny
başa bardyrmazlyk üçin ähli mekirliklerimi ulanýardym. Onuň paýtunly gezelenç etmek baradaky
tekliplerinden birsyhly ýüz dönderýärdim. Eger ol halys ýürege düşüp dursa, onda Müjgänden başgada ýene birini ýanyma alýardym-da, ýolboýy şonuň bilen gürrüňleşip gidýärdim. Müjgänden başga
biri diýýänim — ol ýa biderek bir gürrüňe tutduryp ugrajakdy ýa-da Kamran ikimizi ýeke goýup
gaçyp gitjekdi. Bir gezek Kamran maňa:
— Feride, sen meniň bagtymy ýatyrýanlygyňy bilýärmiň? — diýip sorady.
Men saklanyp bilmän:
— Eýýämdenmi? — diýip soradym. Sowal şeýlebir gülkünç äheňde çykdy welin, ikimiz hem
gülüşip goýberipdiris.
— Men Müjgäniň aýdanlaryny, iň bolmanda, birje gezek bir özüňden eşidäýsem diýýärin. Muňa
meniň hakym barmyka öýdýärin. Müjgäniň näme diýenini bilmediksirän kişi bolup, gözlerimi
petretdim, oýlandym-oýlandym-da;
— Düşnükli. Ýöne Müjgän uly gyz ahyryn.. Onsoňam, ýalňyşmaýan bolsam, ol siziň sadyk
guluňyz. Biziň onuň bilen edýän gürrüňlerimizi öňýetene aýdyp ýörüp bolmaz-a.
— Eýsem, men öňýetenmidirin?..
— Ýalňyş düşünmäň... Zenan kysmy bolsaňyz-da, siz her hal erkek kişisiňiz! Joraňa aýdýan
zatlaryňy erkek kişä aýdyp bolmaz ahyryn!
— Eýsem, men seniň adaglyň dälmidirin?
— Adaglylygy bozmaly bolarmyka diýýärin. Meniň bu sözi ýigrenýändigimi siz bilýäňiz
ahyryn!
— Ynha, görýäňizmi, bagtymy ýatyrýaň diýenimde mamla ekenim. Mundan artyk gürlemägede het edip biljek däl, ýene-de bir şapbat iýerin öýdüp gorkýan. Ýöne meniň kalbymda senden başga
niýetläp bilmejek duýgym ýatyr ahyryn...
Şol wagt men köpden bäri ökdelik bilen gaça duran gapanyma düşüp barýanlygymy syzdym.
Gürrüňi mundan artyk uzaltsam, sesim sandyrap çykjakdy ýa başga bir bolgusyzlyga ýüz urjakdym.
Kamranyň sözüni gutararyna garaşman, köçä tarap okduryldym.
Men ol yzymdan kowalar öýtdüm. Emma kowgy bolmady. Men ädimimi haýalladyp, yzyma
gaňryldym. Kamran yzymdan ylgamady, ol agajyň astyndaky örme diwanjygyň üstünde otyrdy. Men:
«Edýänim telek ýaly-la...» diýip, içimi gepledip ugradym. Eger şol pursat maňa tarap sereden bolsa,
ol meniň ökünýänligime düşünerdi we yzymdan kowup ýeterdi, şondan soň bolsa men ondan gaçyp
gutulyp bilmezdim.
Çykanym diwanjykda, hakykatdan hem, betbagt kişi ýaly bolup otyrdy. Men öz-özüme teselli
bermek üçin: «Melgun, sary içýan! Seniň bu bagyň içinde hoşwagt duluň yzynda ser-sepil bolup
ýörşüňi men heniz hem ýadymdan çykaran däldirin. Men hemmesini örän oýlanyşykly edýändirin»
diýdim. Dynç alyşlygyň soňky günlerinde başyma düşen bir towky barada hem gürrüň etmän biljek
däl. Köşgüň ýaşaýjylary bir gün sag elimiň bir barmagynyň ýasy sargy bilen saralandygyny
görüpdirler. Men soranlara:
— Bolan zat ýok! Az-kem sypjyrdypdyryn. Zyýany ýok, gutular — diýip jogap berdim. Emma
daýzam meniň ony görkezesimiň gelmeýänligini aňan bolara çemeli.
— Seniň bir zat edenligiň görnüp dur. Eger görkezmeýän bolsaň, düýpli bir zadyň barlygy
düşnükli. Gel, lukmana görkezeli. Hudaý saklasyn, birden beterläýse...
Aslynda bolsa şeýle bolupdy. Bir gezek daýzam geýimasardan ýaglyk alyp gel diýip, meni öz
ýatýan otagyna iberdi. Sandyklaryň biri jebis ýapylman ekeni. Şonuň üçin daşy mawy mahmal bilen
saralgy owadan gutujyk gözüme ildi. Onda meniň adaglylyk ýüzügim ýatan ekeni. Ony bir
pursatlykça barmagyma dakyp görmek meýlinden saklanyp bilmedim. Emma bu islegim maňa juda
gymmat düşdi. Ýüzük, daýzamyň aýdyşy ýaly, juda kiçi ýasalypdyr. Şonuň üçin hem ony
barmagymdan çykaryp bilemokdym. Ony dişlerim bilen çykarjak boldum. Bolmady! Men hernäçe
jan etsemde, bolmady, barmagym çişip, ýüzük elime gitdigiçe beter girdi.
Eger men wagtynda boýnuma alan bolsam, garyndaşlarymyň barmagymdan ýüzügi çykarmagyda mümkindi. Ýöne men adaglylyk ýüzügi bilen hiç kimiň gözüne görnesim gelenokdy. Bu meniň
mertebäme degildigi boljakdy. Ana, barmagymy daňmak pikiri hem kelläme şonda geldi. Iki günläp
maý boldugy, men öz otagymdan çykman, barmagymyň sargysyny çözüp, telim sagatlap ýüzügi
çykarjak bolup dyrjaşdym. Üçünji gün men utanjyma ýere girip bilmän, daýzama bar zatlary gürrüň
bereýin diýip durkam, ýüzügiň öz-özi barmagymdan çykdy duruberdi. Näme üçin? Ähtimal, men bu
iki günde gaýgydyr tolgunmadan ýaňa juda horlanan bolara çemelim. Dynç alyşlygyň soňky güni
men ýol şaýymy tutmaga başladym. Kamran:
— Feride, howlukmak nämä gerek? Sen ýene birnäçe gün bolaýmaly ekeniň-dä — diýip nägile
boldy. Ýöne men, yhlasly okuwçysyran bolup, göwnemedim, çaga ýaly biderek sebäpleri oýlap
tapdym:
— Enekeler hökman okuwyň ilkinji güni gelmegimi tabşyrdylar. Bu ýyl gatnaşyk meselesine
gaty berk seretjekmişler.
Bu bahanam Kamrany ýene lapykeç etdi. Ertesi mekdebe ugradyp barýarka, ol meniň bilen
gürleşmedi, diňe hoşlaşjak bolanymyzda:
— Seniň menden şeýle çalt gaçjak bolýanlygyňa oturyp-turup ynanybilemok, Feride — diýip
igendi.
***
Aslynda bolsa, men beýle yhlasly, beýle paýhasly okuwçy däldim. Üstesine, soňky aýlarda
bolup geçen wakalar meniň gözümi-başymy aýlapdy. Birinji çärýekdäki bahalarym juda erbetdi.
Meniň tijenip, yhlas edäýmesem, ikinji ýyla galjagym köre hasady. Şol günüň agşamy ýetişik
belliknamasyny aldyk, Aleksi bajy meni bir gyra çekip:
— Feride, bahalaryňy nähili görýäň? — diýip sorady.
Men lapykeç halda başymy ýaýkap:
— Bahalaryň ugry ýok — diýdim.
— Diňe bir ugursyz däl, olar asla pes baha... Siziň haçandyr bir wagt şeýle yza galanlygyňyz
ýadyma düşýän däldir. Üstesine, siz bu ýyl düýpden başgaça okarsyňyz diýip umyt edýärdim. — Siz
mamla. Sebäbi men geçen ýyldakydan bir ýaş ulaldym ahyryn...
— Eýsem, bar bela şondamy?.. Geň zat, Aleksi bajy ýaňagymdan sypap, köpmanyly ýylgyrdy.
Men aljyrap, beýläme sereden kişi boldum. Wah, bu enekeler diýsänim! Olar dünýädäki ähli zatdan
bihabarmyşlar, aslynda bolsa, töwerekde bolup geçýän zatlar, hatda iň biderek gürrüňler hem olara
aýan bolsa nätjek! Olar bu zatlary kimden, nähili eşitdilerkä? Olaryň arasynda on ýyllap diýen ýaly
ýaşaýan bolsamam, muňa hiç haçan düşünip biljek däl, ýogsam özümi onçakly samsyk gyz hem
saýamokdym ahyryn. Men öz mertebämi gorajak bolup bir zat-bir zatlar toslaşdyranymda, Aleksi
bajy öňküsindenem beter açyk gürleşmäge durdy.
— Göwnüme bolmasa, siz ýetişik belliknamasyny ile görkezmäge çekinýän bolmaly... Şeýle
dälmi?
— Şondan soň ol meniň bakjama ýene bir ullakan daş oklady:
— Eger siz indiki synpa geçmeseňiz, onda siz mekdepde ýene bir ýyl galmak howpuna
uçraýarsyňyz — diýdi...
Men özüm hüjüme geçäýmesem, Aleksi bajydan sypyp bilmejegime göz ýetirdim.
Çäresizlikden utanmany taşlap, men mönsürän kişi boldum:
— Howp?! Ol nähili howpmuş? — diýip soradym.
Ýöne Aleksi bajy onsuz hem juda açyk gürläpdi. Mundan aňry geçmek ýuwnuksyzlyk etmek
boljakdy. Ol aýny bir görnüşe girip, öz ýeňlenligini boýun alýan ýaly, eda bilen dulugyma çalyp
goýberdi-de:
— Muňa seniň özüň düşünmelisiň — diýdi. Ol şeý diýdi-de, öz ugruna gitdi.
***
Bu ýyl mekdepde Mişelem ýokdy, ýogsam hökman meni boýun almaga yryp, ýüregimdäki
perişanlygy uly ile jar etjekdi.
Bir ýyl mundan ozal joralaryma ýok zatlary gürrüň berenimde, men özümi arkaýyn we şähdaçyk
duýupdym. Häzir bolsa adagly gyz ýagdaýyna düşüp, juda gorkak bolupdyryn. Meni gutlaýan
gyzjagazlardan göwünli-göwünsiz minnetdarlyk bilen sypýardym, özüme gysmyljyraýan gyzlara
bolsa ýüz beremokdym. Men diňe bir jorama, kozýadagly ermeni lukmanynyň gyzyna ynanýardym
we oňa garaýşym gowudy.
Boş günlerimi men mekdepde geçirýärdim. Şeýlelikde, üç aýyň dowamynda öýde iki ýa üç
gezek boldum. Bu kesirligiň sebäbine özümem idili düşünemokdym, ýöne ol Besime daýzamy we
Nejmiýäni diýseň gatyrgandyrýardy. Kamran bolsa näme edip, näme goýjagyny-da bilmän, elewräp
ýördi.
Ilkinji aýlar ol hepde yrman mekdebe gelip-gidýärdi. Enekeler onuň gelmegine aç-açan garşy
bolmasalar-da, öýlenjek ýigidiň okuwçy gyz bilen şeýdip duşuşyp durmagyny gelşiksiz hasap
edýärdiler we her gezek çykanymyň girelgede maňa garaşýandygyny habar berenlerinde ýüzlerini
kürşerdýärdiler.
Adatça, men gapylary bilgeşleýin açyk goýup, bosagada aýak çekýärdim we mekdep
köýnegimiň gaýyş kemerinden ellerimi geçirip, Kamran bilen bäş minutlap dik durup gürleşýärdim.
Çykanym ilki-ilkiler maňa hat alyşmagy teklip edip başlady. Men enekeleriň beýle hatlary türk dilini
bilýän birine barlamaga berip, soňam ýok etmek endiklerine salgylanyp, kes-kelläm garşy çykdym.
Şeýle saparlaryň birinde aramyzda onçakly ýakymly bolmadyk bir gürrüň boldy. Kamran meniň
özünden ep-esli aralykda durýanlygyma gatyrganyp, gapyny güýç bilen ýapmakçy boldy. Ýöne ol
golaý ýanyma gelende, men otagdan çykyp gaçmaga häzirlenip, ýuwaşja:
— Kamran... Haýyş edýärin.. Bilip goýuň, otagda göze görünýän-u-görünmeýän näçe deşik
bolsa, olaryň hemmesinden bizi synlap durlar — diýdim. Kamran sakga saklandy.
— Bu nähili beýle bolýar, Feride? Biz adagly ahyryn... Men eginlerimi gysdym.
— Gepem şonda-da. Päsgel berýänem şol-da. Ýa siziň bir gün: «Siziň gelip-gitdileriňiz halys
ýygjamlady... Bagyşlaň, ýöne siz bu ýeriň mekdepdigini hem bilip goýuň» diýen sözleri eşidesiňiz
gelýärmi?
Kamranyň ýüzi ak tam boldy. Şondan bäri ol gaýdyp mekdepde görünmedi. Men oňa gazaply
daraşan ekenim, ýöne başga çykalga-da ýokdy. Kamran bilen duşuşykdan soň, synpa gaýdyp gelmek,
ähli kişiň özüňe tarap gaňrylyp seredýänini görmek duranja bir güzapdy.
Men size nämäni gürrüň berjek boldum-a? Hä. Bir gezek şol ermeni lukmanyň gyzy bazar
gününiň ertesi mekdebe gaýdyp gelip, menden:
— Kamran beý Ýewropa gidýär diýýärler-le. Bu dogrumy? — diýip sorady. Men howsala
düşdüm.
— Sen nireden eşitdiň?
— Kakam aýtdy. Seniň çykanyňy Madridde işleýän daýyň çagyrypmyş... «Bilemok» diýmäni
özüme kiçilik bildim:
— Hawa-da... Şeýle bir çaklama bar... Kiçijik bir syýahat boljak eken-dä...
— Düýpden kiçijik syýahat däl. Ol ilçihananyň kätibi bolup işlemelimiş...
— Ol şol ýerde köp eglenmez...
Şondan soň gürrüň tamamlandy. Joramyň kakasy biziň öýümize ýygy-ýygydan gelerdi we
maşgala lukmany hasaplanýardy. Şonuň üçin bu habara ynanaýmalydy. Ýöne näme üçin maňa hiç
kim hiç zat aýtmadyka? Men hasaplap görsem, ýigrimi günden bäri öýden hiç hili habar-hatyr ýok
ekeni. Şol gije esli salym uklap bilmedim. Men Kamrandan hemişe gaça duranyma örän utandym,
ýöne şeýle möhüm waka barada onuň hiç zat aýtmanlygyna öz ýanymdan gatyrganman hem
durmadym. Çünki, her näme diýseňem, biz biri-birimiz bilen baglanyşyklydyk ahyryn. Ertesi
hepdäniň penşenbe günüdi. Howa açykdy. Günorta naharyndan soň gezelenç etmelidik. Bir ýerde
durup bilemokdym. Ýene bir gijäni pikirlerime gümra bolup geçirmeklik ýaýdandyrýardy. Daýzamyň
nähoşlandygyny bahanalap, müdiriň ýanyna bardym we öýe goýbermegini haýyş etdim. Bagtyma,
enekeleriň biri şol gün Gartala gidýän ekeni. Müdir hanym ylalaşdy, ýöne Erenköý demir ýol
menziline çenli bile gitmek şerti bilen. Elime kiçijik ýantorbamy alyp köşgümize ýetenimde eýýäm
iňrik garalypdy. Derwezäniň ýanynda meni köşgüň garry köpegi garşy aldy. Ol mekir we ýalynjaňdy.
Ýantorbajygymda hemişe garbanar ýaly bir zadyň bolýandygyny bilýärdi. It aýagymyň astynda
togalanyp, ýöremäge maý bermeýärdi, yzyna-yzyna tesip, yzky aýaklaryna galýardy, kellesini
döşüme ýetirjek bolýardy. Agaçlaryň aňrysynda Kamran peýda boldy. Ol bize tarap ýöräp ugrady.
Muny görüp, men çommaldym-da köpegiň üsti-başymy hapalamagyndan gorkup, onuň öň
aýaklaryny elime aldym. It ýylgyrýan ýaly, ullakan agzyny açdy, dilini çykardy. Men onuň burnundan
ýapyşdym.
Gepiň keltesi, biz başardygymyzça oýnap, hezil edindik. Kamran has golaýyma gelende, men
açyş edýän ýaly bolup:
— Görseňizläň, munuň güläýşini! Munuň agzynyň uludygyny! Eýsem, ol krokodile
meňzänokmy näme? — diýdim. Kamran ajymtyk ýylgyryp, maňa seretdi. Ýerimden turdum, üstibaşymy kakyşdyrdym, bir elimi ýaglygym bilen süpürip, sag elimi çykanyma uzatdym.
— Bonžur, Kamran. Daýzamyň hal-ahwaly niçik? Enşalla, ol beýle kesel däldir-le...
Kamran ör-gökden geldi:
— Sen ejemi soraýarmyň? Ejeme bolan zat ýok. Saňa ol nähoş diýip aýtdylarmy?
— Hawa, ol näsaglapdyr diýip eşitdim, örän howsala düşüp, bazar gününe-de sabyr edip
bilmedim. Ine, şeýdibem gelşim boldy.
— Kimden eşitdiň? Ýene bir ýalany toslap tapmaga wagt bolmansoň:
— Lukmanyň gyzyndan — diýdim.
— Saňa şol aýtdymy?
— Hawa, men onuň bilen gürrüňdeş boldum, şonda ol: «Kakamy size çagyrypdyrlar. Megerem,
daýzaň nähoşlandyr» diýdi. Kamran aňk-taňk boldy.
— Ol, ähtimal, ýalňyşan bolmaly. Soňky günler lukman bize düýpden gelenok. Ejemi görmägede, başga birini görmäge-de gelenok...
Bu ynjyk meseläni çişirmejek bolup:
— Gaty gowy-da... Ýogsam juda howsala düşüpdim! Biziňkileriň hemmesi öýdemi? — diýip
soradym. Ýerde duran ýantorbamy alyp, öýe tarap ýöräp ugradym, emma Kamran elimden ýapyşyp:
— Näme beýle howlugýaň-la, Feride? Görýän welin, sen menden gaça durýan ýaly — diýdi.
— Beýle pikir nireden kelläňize geldi? Diňe köwşüm aýagyma degýär. Onsoňam öýe ikimiz
bile gidemizokmy, näme?
— Hawa-la, ýöne biz öýde hemmeleriň ýanynda gürleşmeli bolarys. Meň bolsa seň bilen ikiçäk
gürleşesim gelýär.
Tolgunýanymy bildirmejek bolup, gülküliräk äheňde:
— Keýpiňiz kelläňizde — diýdim.
— Mersi. Onda, isleseň, hiç kime görünmäli-de, azowlak bagda gezim edeli.
Men gaçyp gidäýjek ýaly, Kamran barmaklarymy berk gysyp durdy. Beýleki eline bolsa
ýantorbamy aldy. Adaglananymyz bäri biz ilkinji gezek ýanaşyk ýöräp gitdik. Meniň ýürejigim ýapýaňy tutulan guşuňky ýaly gürsüldeýärdi. Emma, göwnüme bolmasa, ol meni beýle berk tutup
durmanda-da, barybir, gaçyp gidere mejalym ýokdy.
Biz sesimizi çykarman, bagyň o çetine çykdyk. Kamran meniň çak edişimden-de beter keýpsiz
we aladaly göründi. Soňky üç aýyň içinde biziň gatnaşygymyzda nämäniň bolup geçenligine,
nämäniň üýtgänligine düşünemok welin, edil şu pursatda oňa soňky wagtlarda gödek daranym üçin,
özümi diýseň ýazykly duýdum. Agşam diýseň ümsüm, diýseň gözeldi, hatda gyşyň ortalarydygyna
hem ynanasyň gelenok. Töwerekdäki daglaryň ýalaňaç gerişleri merjen kimin gyzyl öw süp durdy.
Kamranyň öňündäki günämi öz ýanymdan beýle aňsat boýun almagymda, belki, tebigatyň hem
ýazygy bolsa bardyr. Men häzir Kamrana göwnüni göterip biläýjek bir hoş söz aýtmalydym. Emma
kelläme hiç zat gelenokdy.
Ahyrsoňy yza gaýtmakdan başga zat galmansoň, Kamran:
— Belki, az-kem dyz eperis, Feride? — diýdi. Men hem:
— Keýpiň kelläňde — diýip jogap berdim. Adaglananymyz bäri oňa ilkinji gezek «sen» diýip
ýüzlendim. Kamran jalbarynyň hapalanjagyna parh etmän, ullakan daşyň üstünde oturdy. Men şobada
onuň eline ýapyşyp, ony ýerinden turuzdym:
— Sen näzijek ahyryn. Ýalaňaç daşyň üstünde oturmaň näme? Men şeý diýdim-de, gök
içmegimi çykaryp, ýere ýazdym. Kamran gözlerine ynanman:
— Edýäniň näme, Feride? — diýdi.
— Seniň kesellemezligiň hakda aladalanmak indi meniň borjummyka diýýärin. Bu gezek
çykanym gulagynyň eşidenine ynanmady. Ol:
— Men, gör, nämeler eşidýän, Feride? Bu seniň sözleriňmidir? Adaglananymyz bäri senden
eşidýän iň şirin sözüm-ä ol — diýip seslendi. Men başymy aşak salyp, geplemän oturdym... Kamran
daşyň üstündäki içmegimi galdyryp, onuň ýeňlerini, ýakasyny, iliklerini emaý bilen sypalaşdyrdy.
— Feride, men saňa igenjek bolup otyrdym. Emma indi hemmesini unutdym. Men başymy
galdyrman:
— Meniň saňa eden zadym ýok — diýdim. Kamran meniň ýene-de kesirligimden gorkýan ýaly,
golaýyma gelmäge het etmedi.
— Edensiň, Feride, edensiň, hatda artykmajy bilen edensiň. Eýsem adagly ýigidiňden beýle
gaça durmak bolarmy? Men hatda Müjgän ýalňyşan bolaýmasyn hem diýip pikir etdim... Men
biygtyýar güldüm. Kamran geň galyp, onuň sebäbini sorady. Ilkibada muňa jogap beresim gelmedi,
ýöne Kamran birsyhly haýyş etdi durdy.
— Eger Müjgän ýalňyşan bolaýanda-da, beýle bolmazdy — diýip, ýüzümi kesä sowdum.
— O nähili beýle? Näme, sen meniň adaglym bolmazmydyň? Men gözlerimi ýumup, iki gezek
başymy atdym.
— Feridäm!..
Bu ses, has dogrusy, perýat heniz-henizlerem gulagymda ýaňlanyp dur... Men başymy
galdyrdym we onuň peträp duran gözlerinde iki düwme ýaş gördüm.
— Sen göz açyp-ýumasy salymyň içinde bagtymy açyp, meni şeýlebir begendirdiň welin, men
ölüm ýassygyndakam hem, bu pursady ýatlap, gözlerime ýaş aýlaryn. Sen ýüzüme beýle bakma. Sen
entek çaga. Sen entek muňa düşünmersiň... Men eýýäm bar zady unutdym!..
Kamran ellerime ýapyşdy. Men ellerimi çekmän «hork-hork» edip aglamaga durdum. Şeýlebir
agladym welin, Kamran gorkuberdi. Biz yzymyza şol giden ýolumyz bilen gaýtdyk. Men birsyhly
sojap, agladym bardym, şondan soň Kamran maňa elini degirmäge-de çekindi. Emma onuň ýüreginiň
ýerine gelendigine düşünýärdim, şonuň üçin hem keýpim gowudy.
Öýüň ýanynda men oňa:
— Sen öňden git. Men howuzda el-ýüzümi ýuwaýyn, ýogsa bu sypatda görünsem, il maňa näme
diýer! — diýdim.
***
Men edil şu wagt ýadyma düşen ýaly bolup Kamrandan:
— Sen Ýewropa gitmekçi bolýan ýaly-la? Bu çynmy? — diýip soradym.
— Şeýle gürrüň-ä bar, ýöne, dogrusy, ol meniň öz islegim däl-de, Madridde işleýän daýymyň
teklibi.
Muny sen nireden bilýäň? Biraz aljyraňňylykdan soň men:
—Lukmanyň gyzyndan — diýip jogap berdim.
— Lukmanyň gyzy saňa, gör, nähili köp täzelik aýdýar eken, Feride!
Men hiç hili jogap bermedim. Kamran ýüzüme dikanlap seretdi. Men çym-gyzyl bolup, beýläme
öwrüldim.
— Onsoň ejemiň nähoşlanlygyny kimden eşitdiň?.. Ýa sen muny toslap tapdyňmy? Men ýenede dymdym.
— Feride, çynyňy aýt, sen bu ýere şol sebäpli geldiňmi?
Kamran golaýyma geldi, ol kellämi sypamak isledi, emma ýene-de meniň hötjetlik edip,
aramyzyň bozulmagyndan heder etdi. Men bolsam eýýäm oňa öwrenişip ugrapdym.
— Meniň çakym dogrumy, Feride? — diýip, Kamran sowalyny gaýtalady. Men onuň göwnüni
göterip biljegimi duýýardym, şonuň üçinem «hawa» diýen manyda başymy atdym.
— Ne ajap jogap!.. Düýnden bäri meniň bagtym çüwüp ugrady!
Kamran meniň oturan kürsimiň arkasyna ýapyşyp, üstüme abandy. Şeýle ýagdaýda men özümi
ähli tarap dan gabalan ýaly duýdum. Mekir tär!.. Ol maňa elini degirmezden golaýjygyma geldi. Men
oturan ýerimde kirpi kimin çugutdyryp, kürsiniň arkasyna gysmyljyradym, egnimi ýygyrdym.
Kamranyň ýüzüne seredibilmän, elýaglygymy elimde berk gysdym.
— Onsoň seň daýyň näme teklip edýär?
— Akylyma sygjak iş däl. Ol meni öz ýanyna ilçihananyň kätibi edip aljak bolýar. Onuň
pikiriçe, erkek adamyň belli bir hünäri, belli bir wezipesi bolmasa, uly kemçilikmiş. Men, elbetde,
onuň sözlerini gaýtalaýaryn. Ol: «Ilçiniň ýanýoldaşy bolup Ýewropa gitmäge, belki, Feride-da
begener...» diýýär. Şular ýaly, aýdýan zatlary köp...
Biziň gürrüňimiz düýpli ýagdaýa geçip ugransoň, Kamran ellerini kürsiniň arkasyndan aýyrdyda dikeldi, menem şol salymda oturan ýerimden böküp düşdüm.
Gürrüňimiz dowam etdi. Men:
— Sen näme üçin ol teklibi akyla sygjak iş däl hasap edýäň? — diýip soradym.
— Eýsem, Ýewropa gitmek seni gyzyklandyrmaýarmy näme?
— Men bu barada aýdamok... Indi men edenimi edip ýörer ýaly erkana adam däl. Meniň
durmuşyma degişli ähli zatlary biz indi bilelikde çözmeli. Şeýle dälmi?
— Şeýle bolsa, sen gidip bilersiň.
— Diýmek, sen meniň Stambuldan gitmegime razy-da?
— Eger erkek adama haýsydyr bir hünär gerek bolsa...
— Meniň ýerimde sen bolsaň, gidermidiň?
— Ähtimal, giderdim. Men senem şeýtmelimikäň diýýärin...
Dogrusyny aýtsam, bu sözleri diňe dilim aýdýardy, ýüregim bolsa başga-başga zatlary
küýseýärdi. Şeýle jogap bermäge meniň doly hakym bardy. «Men seni taşlap, gidibersem
bolarmyka?» diýip duran adama başgaça nähili jogap berjek?
Aýralyga aňsatlyk bilen ylalaşýanlygym Kamranyň lapyny keç etdi. Maňa tarap seretmezden,
ol otagda birnäçe ädim ätdi, soňra gaňrylyp, sowalyny gaýtalady:
— Diýmek, sen daýymyň teklibini kabul etmeli diýip hasap edýärmiň?
— Hawa... Kamran uludan dem aldy.
— Onda biz oýlanaly. Gutarnykly pikir aýtmaga entek wagtymyz bar.
Ýüregim gürsüldäp gitdi. Eýsem, «oýlanaly» diýmek mesele eýýäm çözüldi diýmek dälmi
näme?
Maňa uly adam ýaly agras bolmaly diýip tabşyryşlary ýaly, men agras gürledim:
— Bu işde uzak oýlanyp oturar ýaly zat göremok. Seniň daýyň teklibi, dogrudanam, gowy
teklip. Gysga syýahat ýaman zat däldir.
— Sen bu sapar uzaga çekmez öýdýärmiň?
— Ýöne gaty uzak hem bolar öýdemok. Bir ýyl, iki, üç, goý, dört ýyl diýeli. Wagt diýeniň göz
açypýumasy salymyň içinde geçýär. Elbetde, käýarym gelersiň-ä...
Men barmaklarymy büküp: bir, iki, üç, dört diýip, aňsatja sanap çykdym.
***
Bir aý geçip-geçmänkä, biz Kamrany ugratdyk. Gämi Galata duralgasyndan çykyp ugrady.
Garyndaşlarymyň bary meni gutladylar, çünki ony Ýewropa gitmäge men yrypdym. Mundan diňe
Müjgäniň göwni hoş däldi. Tekirdagdan maňa iberen hatynda şeýle ýazypdyr: «Oňarmansyň, Feride,
sen oňa garşy bolmaly ekeniň. Iň gowy ýyllaryňyzy aýralykda geçirmegiň ne manysy bar? Dört ýyl
diýýäniň oýun işmidir?»
Emma dört ýyl Müjgäniň garaşyşyndan has çalt geçdi.
Kamran meniň mekdebi gutaranyma bir aý geçenden soň işden aýrylyp, daýysy bilen Stambula
bile gaýdyp geldi. Mekdebi tamamlamak! Okaýarkam, bu tutuksy jaýy «kepderi ketegi» diýip
atlandyrýardym. «Elim şahadatnamaly erkinlige gaýdyp gelen günüm meniň üçin azatlyk baýramy
bolar diýip hasap edýärin» diýýärdim. Ýöne «kepderi ketegiň» gapylary açylan gün egnim boýumy
uzyn görkezýän köýnekli, aýagym uzyn ökjeli köwüşli köçede näme bolandygyna düşünibilmeýän
ýaly aljyradym. Üstesine, Besime daýzam hem derrew toýa taýýarlanyp başlady. Bu bolsa meni
ymykly lapykeç hala saldy. Biziň öýümiz gijäniň bir mahalyna çenli adamdan ýaňa hyň berýärdi,
olaryň arasynda reňkleýjiler-de, agaç ussalary-da, tikinçiler-de, garyndaşlarymyz-da bardy. Her kim
öz işi bilen gümrady. Olaryň biri eýýäm toý çakylygyny ýazyp oturan bolsa, beýlekileri bazarlara,
dükanlara aýlanýardy, ýene biri tikin işleri bilen meşguldy.
Men halys aljyraňňy bolamsoň, ähli zady başymdan aýlap taşladym. Beýlekilere kömek
bermekden-ä geçen, gaýtam, samsyklyk edip, olara päsgel berdim. Meniň däliligim ýene-de möwç
alyp başlady. Öňkülerim ýaly, öýümizde myhman bolýan çagalary ýanyma alyp, içerini agdar-düňder
edýärdim. Aşhanada abatlaýyş işleri geçirilýärdi. Täze aşpez ähli goş-golamlaryny öýüň ýeňsesindäki
bagda goýlan çadyra çekýärdi we naharyny daşarda bişirýärdi.
Bir gezek men onuň öz çadyrynyň ýanynda gümra bolup, köke bişirip ýörendigini gördüm. Şol
wagtyň özünde-de kelläme elhenç bir pikir geldi.
— Çagalar, şu towuk keteginiň arkasynda gizleniňde, sesiňizi çykarman oturyň. Men aşpeziň
bişiren kökelerini ogurlap, size getirip bereýin — diýdim.
Bir minut geçip-geçmänkä, bir mejimäni kökeden dolduryp gaýdyp geldim. Şobada oljany
ýaşajyk dostlaryma paýlap, olary bagyň dürli künjüne ibermelidim, mejimäni bolsa towuk keteginde
gizlemelidim. Aşpeziň ýitgini aňyp, gözlege çykjagyny men näbileýin?! Bir salymdan aşhana
çadyrynda uly bir gopgun turup, aşpez:
— Walla, muny edeni tapaýsam, süňklerini owradyp çykaryn — diýip, bogazyna sygdygyndan
gygyrdy. Gorky aralaşan çagalar meniň diýýänlerime gulak asman, ýerli-ýerden gaçmaga başladylar.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Saýrak Guşy - 07
  • Parts
  • Saýrak Guşy - 01
    Total number of words is 3784
    Total number of unique words is 2250
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 02
    Total number of words is 3808
    Total number of unique words is 2198
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 03
    Total number of words is 3787
    Total number of unique words is 2025
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 04
    Total number of words is 3782
    Total number of unique words is 2070
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 05
    Total number of words is 3802
    Total number of unique words is 2077
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 06
    Total number of words is 3837
    Total number of unique words is 2001
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 07
    Total number of words is 3898
    Total number of unique words is 2059
    34.9 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 08
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 2086
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 09
    Total number of words is 3861
    Total number of unique words is 2201
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 10
    Total number of words is 3829
    Total number of unique words is 2285
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 11
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 2257
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 12
    Total number of words is 3858
    Total number of unique words is 2216
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 13
    Total number of words is 3806
    Total number of unique words is 2181
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 14
    Total number of words is 3806
    Total number of unique words is 2226
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 15
    Total number of words is 3808
    Total number of unique words is 2118
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 16
    Total number of words is 3767
    Total number of unique words is 2191
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 17
    Total number of words is 3904
    Total number of unique words is 2184
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 18
    Total number of words is 3850
    Total number of unique words is 2095
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 19
    Total number of words is 3859
    Total number of unique words is 2162
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 20
    Total number of words is 3923
    Total number of unique words is 2151
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 21
    Total number of words is 3842
    Total number of unique words is 2077
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 22
    Total number of words is 3808
    Total number of unique words is 2200
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 23
    Total number of words is 3877
    Total number of unique words is 2106
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 24
    Total number of words is 3826
    Total number of unique words is 2035
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    48.4 of words are in the 5000 most common words
    56.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 25
    Total number of words is 3888
    Total number of unique words is 2094
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    49.8 of words are in the 5000 most common words
    56.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 26
    Total number of words is 2059
    Total number of unique words is 1269
    37.2 of words are in the 2000 most common words
    51.6 of words are in the 5000 most common words
    58.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.