Latin

Saýrak Guşy - 12

Total number of words is 3858
Total number of unique words is 2216
31.1 of words are in the 2000 most common words
45.6 of words are in the 5000 most common words
52.9 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Garry kempiriň pikiriçe, ähli jetweller şu maksada gönükdirlendi. Mysal üçin, daýhan
fermasynyň suraty çekilen ündewsuraty görkezip, ol:
— Bu goýunlary ýaratmak bilen, Alla: «Goý, meniň bendelerim et iýip, maňa ybadat
etsinler...» diýermiş. Biz bu goýunlary garnymyza dykýarys. Ýöne Taňrynyň öňündäki borjumyzy berjaý edýärismi? Ýok, etme nirede! Ýöne erte topraga dulanyp, ýanymyzda eli ýalaw
ýaly serdesseli Müňkür bilen Nekir(Müňkür we Nekir — o dünýede adamlardan ýerdäki etmişleri
hakynda sorag soraýan perişdeler.) peýda bolanynda, biz näme diýeris?.. — Şeýle diýip, Hatyja
hanym ýene-de ölüm hakyndaky irginsiz gürrüňe başlaýardy.
Hatyja hanym ýylanyň şekili çekilen ündewsuraty bejeriş maksatlary üçin ulanýardy.
Ol, hamala, Şahmeran(Şahmeran — ýylanlar şasy.) suratdaky ýylanyň garnynda nähoşlaryň adyny ýazanmyş diýýärdi.
Görgüli çagalaryň göwünlerini göterjek, olary güldürjek bolup, etmedik zadym galmady. Emma bar azabym puç bolýardy. Mekdepde arakesmeleri hökmany etdim, her ýarym ýa-da
bir sagatdan çagalary baga alyp çykdym. Olara gyzykly, şadyýan oýunlary öwretjek bolup jan
etdim. Emma, näme üçindir, çagalar ol oýunlara gyzygmadylar. Şondan soň olary öz erkine
goýberdim.
Jebri-jepalary gören uly adamlaryňky ýaly argyn ýüzli, gözleri öçügsi kiçijik gyzjagazlaryň güýmenjeleri bir çüňke ýygnanyşyp, «ajal», «tabyt», «teneşir(Teneşir — öliniň ýuwulýan
stoly.) » , «Zebani(Zebani — günä edenlere jeza berýän perişde.)» , «gabyr» diýen ýaly sözlerden
doly gussaly aýdymlary aýdýan ekenler. Aýdymlaryň biri aýratyn-da gorkunçdy. Ony eşidenimde depe saçym üýşdi:
Garakçylar kimin soýarlar seni,
Bir boş tabyda goýarlar seni,
Zalym ölüm, saňa tapylmaz çäre.
Olar sesini sandyradyp uwlaýardylar welin, göz öňümde gölegçiler peýda bolardy.
Okuwçylarymyň köplenç oýnaýan oýunlarynyň biri depin etmekdi. Ony, esasan, nahara
çykylýan ýaly arakesmelerde oýnardylar. Ol teatrlaşdyrylan sahna meňzeýärdi. Esasy artistler
hem Nafyz Nury bilen arap Jafar agady.
Ozal aýdyşym ýaly, bu obada adama hemişe ajalyň ysy gelip duran kysmydy, aýratyn
hem her sagadyň juda ýüregedüşgünç haýal geçýän wagty — gijelerine şeýledi. Şol gijelerine
garabasmalara çydaýmak juda çetindi.
Bir gije dagda şagallar uwlaşdy. Men gorkup, aşak, Hatyja hanymyň ýanyna gaçyp bardym. Emma onuň heň ysy aňkap duran, ýerzemine meňzeş otagynyň bosagasyndan ätlän badyma, şagallaryň uwlamasyndan ýüz esse gorkunç zada gözüm düşdi. Garry kempir boýdan-başa
ak geýnip, iki ýana yranyp, uzyn tesbilerini sanaýardy, huşsuz ýaly, boguk sesi bilen bir zatlar
hümürdeýärdi.
***
Zeýnilerde göwnümden turýan üç zat bardy.
Olaryň birinjisi äpişgämiň aşagyndan akyp geçýän çeşmejikdi, ol üznüksiz şildirdisi bilen ýürekgysgynç ýekeligimi unutdyrýardy.
Ikinjisi kiçijik Wehbidi, Hatyja hanymyň hökmürowanlygy döwründe synp otagynda jezasyny
sandygyň içinde oturyp geçiren oglanjykdy. Deňduşlarynyň birine-de meňzemeýän şol bezzady halys
gowy görýärdim. Ol gülkünç peltekleýärdi, ýöne erkin, şadyýan çaga dilinde gürleýärdi. Bir gün
Wehbi ýylpyldap duran gözlerini süzüp maňa siňe-siňe seretdi.
— Näme seredýäň, Wehbi? — diýip soradym.
Wehbi asla çekinmän:
— Seniň owadandygyňy! Gel, seni agama alaly, gelnimiz bolarsyň. Agam saňa köwüş, köýnek,
darak alyp berer — diýip jogap berdi.
Wehbiniň ähli hereketleri gowudy, olaryň baaryny unaýardym, ýöne ol kes-kelläm maňa boýun
bolanokdy. Hatda gaharlanyp gulagyndan ýuwaşja çekip goýbersemem oňa parh etmezdi. Belki, ony
gowy görýänligim hem şonuň üçindir.
Wehbiden beýle ýerliksiz sözleri eşidenimde, gaşlarym çytylyp gitdi.
— Heý, öz mugallymyňa-da beýle zat diýmek bolarmy? Ulular eşidäýse, suwuňa degerler!
Wehbi meniň sadalygymyň üstünden gülýän ýaly:
— Näme bolupdyr, eýsem, başga birine şeý diýip bilerinmi? — diýip jogap berdi.
Eý, toba! Bu barmak ýaly çaganyň köpbilmişdigini!
Wehbi bolsa şol erkinligi bilen sözüni dowam etdi:
— Saňa «Stambully gelnejem diýerin...» Saňa kaştan getirerin. Agam boýnuňa altyn monjuk
dakar...
— Eýsem, şu çaka çenli ýeňňeň ýokmy?
— Bar. Ýöne ol gara gyz-da. Biz ony Hasan çopana bereris.
— Seniň agaň näme kär edýär?
— Žandarm.
— Onsoň žandarmlar näme işleýär? Wehbi oýlandy-da, kellesini gaşap:
— Kapyrlary öldürýär — diýdi.
Men Wehbiniň buýsançlylygyny, kesirligini, özbaşdaklygyny halaýan. Ol, edil uly adam ýaly,
başyny dik tutup gezýär. Sapak wagty bolşunyň gelşiksizdigini ýatladýan welin, Wehbi utanýar,
gaharlanýar, ýöne kes-kelläm, düzelesi gelenok. Eger diýenimi gögertjek bolsam, oglan ýüzüme ýigrenç bilen seredýär-de:
— Sen zenan ahyryn... Bu zatlara akylyň çatmaz... — diýýärdi.
Sulhum alýanlarymyň ýene biri kiçijik ýetim gyzdy.
Okuwyň bäşinji günüdi öýdýärin. Synpa göz aýladym welin, birden ýüregim ýarsyp gitdi. Iň
soňky partada ýüzi owadandan solgun, saçy aga golaý sarymtyl bir gyzjagaz otyrdy. Ol hünji kimin
dişlerini ýylpyldadyp gülümsiräp maňa seredýärdi.
Bu gyzjagaz kimkä? Ol nireden peýda bolduka? Barmagym bilen yşarat edip:
— Hany, bärik gel! — diýdim. Gyzjagaz guş ýaly ýeňil gopup, mekdep döwri bolşum ýaly,
bökjekläp ýanyma geldi.
Onuň eşigi örän pukarady. Aýagy ýalaňaçdy, saçlary hüwjükdi, solgun çit köýneginiň ýyrtyklaryndan näzijek ak teni görnüp durdy.
Onuň näzijek ellerini elime alyp:
— Eýjejik gyzjagaz, hany, bäriňe bak! — diýdim.
Gyzjagaz çekinjeňlik bilen başyny galdyrdy, şonda uzyn gür kirpikleriniň astyndan ýyldyrap
duran gök gözler maňa gezeldi.
Zeýnilerde başyma düşen hupbatlar, agyr durmuş meni agladyp bilmändi, emma şol pursat
özümi ele almadyk bolsam möňňürmegim ahmaldy — ýarym-ýalaňaç gyzjagazyň nurana gözleri, iki
hatar hünji dişleridir gyrmyzy dodaklarynyň ýylgyryşy meni şeýle tolgundyrypdy.
Gyzjagazyň ýaňaklaryny sypalap:
— Eýjejigim, seniň adyň Zöhremi ýa Äşe? — diýip soradym.
— Adym Munise, hojanym — diýip, gyzjagaz arassa Stambul şiwesinde mylaýym jogap berdi.
— Sen şu mekdepde okaýarmyň?
— Hawa, hojanym.
— Näme üçin şunça wagtlap okuwa gelmediň?
— Abam(Aba — «abla» sözüni çaga nädogry aýdýar. Ol bajy diýen many berýär.) goýbermedi, hojanym. Işimiz çykdy. Indi her gün gelerin.
— Ejeň barmy?
— Abam bar, hojanym.
— Ejeň nirede?
Gyzjagaz jogap bermedi-de, ýüzüni aşak saldy. Özümi oslagsyz ýerden çaganyň ýaraly ýüregine ot basan ýaly duýdum, şonuň üçinem soragymy gaýtalap durman, gürrüňimi başga ýana sowdum:
— Munise, düýn agşamara aýdym aýdan senmi?
Düýn agşam goňşy bagda çaga sesli kimdir biri aýdym aýdýardy. Ses şeýlebir mylaýymdy welin, şu çaka çenli Zeýnilerde beýle ses eşidenim ýadyma düşenokdy, äpişgeden boýnumy uzadyp seretdim, gözlerimi ýumup diň saldym, esli wagt özümi düýpden başga bir ýerde, nätanyş, jadyly bir
ýurtda ýaly duýdum.
Hiç kimiň bu aýdymy ýanymdaky gyzjagaz ýaly aýdyp bilmejekdigine indi göz ýetirdim.
— Hawa, mendim, hojanym!
Oňa ýerine geçmäge rugsat berip sapaga girişdim. Näme üçindir, kalbym täzelenip, köňlüme
şatlyk, ýüregime baharyň ýakymly howasy aralaşan ýaly boldy. Gyzjagazyň gözleri garda üşäp oturan
guş çagajyklaryny Gün şöhlesiniň çoýuşy ýaly, kalbymy ýyladýardy. Sowuk, amatsyz höwürtgede
kellesini ganatlarynyň astyna sokup, titräp oturan nähoş Çalyguşa kem-kemden jan girdi, ozalky
şähdaçyklygy gaýdyp geldi. Hereketlerim janlanyp, özüme ynamym artdy, hatda birneme alçagrak
boldy. Sesim mähirli, şadyýan çykyp ugrady.
Sapak wagty Munisä tarap biygtyýar öwrülýärdim. Olam menden gözüni aýyrmazdy. Onuň dür
dişlerini, ýakymly ýylgyryşyny, ogşaýasym gelýän gök gözlerini synlap oturyşyma, ömrümde ilkinji
gezek ýüregimde ene söýgüsiniň şatlygyny duýdum.
Wah, meniň hem şular ýaly kiçijik çagam bolsa bolmaýarmy! Indi ýalňyzlykda ýaşamalydym
ahyryn. Haýp, bu maňa nesip etjek zat däldi.
Munise barada Hatyja hanym onçakly köp zat aýtmady. Gyzjagazyň aba diýýäni öweý enesi
bolup çykdy. Munisäniň kakasy ozal tokaý hojalygynyň emeldary ekeni. Ikinji aýaly Zeýnilerden
bolansoň, ol nepaga çykyp, şu ýerde galyberipdir. Onuň aýalynyň jaýy, bir bölek ýeri bardy: üstesinede, olar her aýda on kuruşa golaý nepaga puluny alýan eken.
Hatyja hanyma:
— Seniň gürrüňiňden çen tutsaň, olaryň maşgalasy onçakly garyp bolmaly däl. Onda näme üçin
gyza seretmeýärler? — diýdim. Garry kempir gaşyny çytdy:
— Şo seredişlerine-de sag bolsun aýtmaly. Başga bir aýal bolanlygynda bu gyzy köçä zyňyp
goýbärdi.
— Näme üçin?
— Gyzym, onuň ejesi ýaramaz aýal. Doly ýadyma düşenok welin, bäş ýyl töweregi mundan öň,
ol žandarm serkerdesi bilen gaçyp gitdi. Şol wagtlar Munise bäbejikdi. Soň serkerde ony taşlap, başga
bir ýere gitdi. Gyzyň ejesi barada ýakymsyz gürrüňler ýaýrap ugrady, ýaş ýigitler ony daga äkidip,
şol ýerde keýp edipdirler. Gepiň keltesi, ol bozuldy ötägitdi.
— Goý, şeýle eken-dä, Hatyja hanym, ýöne bu gyzyň ýazygy näme? Garry kempir başyny ýaýkady. Onuň ýüzi elhenç hyrsyzlandy.
— Dagy nätsinler? Bozuk heleýiň gyzyna ýüpek geýdirsinlermi?
Munise mekdebe her gün gelip bilmeýärdi. Ondan «näme üçin gelmediň?» diýip sorasam:
«Abam, kir ýuwdurdy...», «Abam, daga odun çöplemäge iberdi...» diýip jogap bererdi. Beýleki okuwçylar Munisäni halamazdylar, ondan daş durardylar, çemini tapsalar, onuň göwnüne degip, agladardylar. Munda meniň hem az-owlak günäm bardy, çünki bujagaz gyzy gowy görýänimi gizläp bilmeýärdim. Çagalar onuň bilen aýratyn mähirli gürleşýänligimi, bagda ony ýanyma çagyrýanlygymy görýärdiler. Şu-da olary gazaplandyrýardy. Bir gezek arakesmede bagdan Munisäniň aglaýan sesi eşidildi. Onuň:
— Men size näme ýamanlyk etdim? Beýtmäň! — diýip, kimdir birine ýalbarýandygyny eşitdim.
Äpişgeden seretsem, gyzlar çeşmeden owurtlaryna suw alyp, Munisäni kowalaýardylar, yzyndan ýetibem, üstüne pürkýärdiler. Görgülijik ýarymýaş bolup, bagda iki ýana urunýardy, elleri bilen
ýüzüni, boýnuny ýapjak bolýardy. Dymma, çekinjeň, tutuk gözli okuwçy gyzlar birden ýaraly jereni
yzarlaýan aw itlerine öwrülipdiler. Olar edil gargalaryň awunyň üstünde gagyldaýşy ýaly, gaty gygyryp bökjekleşýärdiler, Munisäniň daşynda pyrlanýardylar, pahyrjygymy kä haýata gysyp, käte-de ýere ýykýardylar, agzyny suwdan dolduryp, onuň ýüzüne, açyk döşüne pürkýärdiler.
Gaharym depäme çykdy. Akylymdan azaşan ýaly bolup, otagdan atylyp çykdym-da, aşak ylgadym. Öte howlugamsoň merduwanyň çüýrän basgançagyny döwüpdirin, ol taýdan wagty bilen
aýagymy çykaryp bilmedim. Baga atylyp girenimde başga zada gözüm düşdi. Munisä özi ýaly kiçijik
bolsa-da, gujurlydan çakgan hossar tapylypdyr. Ol şol garagol Wehbidi.
Bu dogumly oglanjyk hiç ýadymdan çykmaz. Wehbi çeşme suwunyň akýan hapa çukuryna
girip, ördek kimin pažžyldap, Munisäniň göwnüne degýän gyzlaryň üstüne hapa palçyk zyňýardy.
Özi hem durşy bilen palçyk bolupdyr weli, sypaty şeýtanjyga meňzeýärdi. Onuň çopan tüýdüginiň
sesine meňzeş çirkin sesi gyzlaryňkydan rüstemdi:
— Häýt, gäwürden önenler!.. Munisä degmäň!.. Ýogsam baryňyzy gyraryn!..
Şeýle hüjümden soň, gyzlar yza çekilmäge mejbur boldular. Tapdan düşen Munisäni gujagyma
alyp, ony öz otagyma eltdim.
Bujagaz owadanja çagany gujaklap durşuma, başdan geçiren duýgularymy beýan etmek çetin...
Kalbymyň töründe gyzgyn çeşme atylyp çykan ýaly, ýüregim tolgundyryjy mähirden doldy. Ol
süňňüme ornap, meni ýakymly bir gowşaklyk gurşap aldy, gözüme ýaş aýlanyp, demligim gysyldy.
Beýle geň duýgyny öňem başdan geçiren ýaly boldum. Ýöne haçan?.. Nirede?..
Häzir, şu setirleri ýazyp otyrkam hem, ýüregim ýene atygsap başlady. Geçmişe siňňin göz aýlap,
içimi gepledýärin: «Nirede?.. Haçan?..» Megerem, ol bir wagtlar görüp, ýatdan çykyşan köne düýşümiň ýatlamasydyr, çünki bu geň hem düşnüksiz duýguda aň ýeterip bilmeýän bir zadym bardy. Howada gaýyp ýören ýalydym. Gapdalymdan ýapraklar akyp durdy, olar şygyrdap ýüzüme, saçyma degip
geçýärdi... Bu duýga nirede duşdumkam? Ýok, ýok, bularyň bary ýöne bir hyýal, durmuşymda hiç
haçan beýle zat bolmandy. Beýle duýga ilkinji gezek duçar boldum.
***
Şol gün okuwçylarymy unudyp, diňe Munise bilen boldum: gyzlaryň beren güzaby zerarly jepa
çeken ak gül ýaly eýjejik endamyny ýuwdum, ýüpek ýaly saryja saçyny daradym.
Biçäre esli wagt köşeşip bilmedi, dynman aglady. Wah, şol gözýaşlar, göwnüme bolmasa, gyzyň ýaňaklaryndan däl-de, meniň ýaraly ýüregimden syrygýan ýalydy.
Ony kem-kemden köşeşdirdim. Howul-hara köne köýneklerimiň birini gysgaldyp, oňa bolar
ýaly etdim. Munise bolsa işe güýmenýärkäm, pişik çagasy ýaly, maňa gysmyljyrap, oýnaklap duran
gözleri bilen ýüzüme dikanlap bakýardy.
Durmuş kynçylyklaryna hem adalatsyzlyklaryna juda ir duşan çagalarda bolşy ýaly, Munisede
hem uly adamyňka meňzeş häsiýetler bardy. Ol baryýogy birnäçe aý mundan ozal düşünip ugran
zatlarymy bireýýäm bilýän ekeni. Üç jigisiniň bar aladasy onuň başyna düşüpdir. Şonda-da öweý
enäniň göwnünden turan barmy? Munise görgüli her gün telim gezek taýak iýýär eken.
Bir hepde mundan ozal olaryň bagyna goňşularyň sygry giripdir. Munise ony kowýança, iň
körpeje jigisi sallançakdan gaçypdyr. Munuň üçin öweý enesi gyzjagazy gowy ýenjipdir, dölä salyp,
daşyndan gulplapdyr, üç günläp gaty çörek gyňagyndan başga zat bermändir.
Munise şirmaýy dek ak bedeninde urgulardan galan sypjyryklary, gök-ala tegmilleri görkezdi.
Saklanybilmän:
— Munise, eýsem, kakaň saňa ýüregi awamaýarmy? — diýip soradym. Gyzjagaz sadalygyma
geň galýan ýaly, ýüzüme dikanlap seretdi-de, ýylgyryp:
— Onuňam maňa ýüregi awaýar, meniňem oňa ýüregim awaýar... Ýöne ikimiziňem hiç zadymyz ýog-a.. — diýdi.
Ol şeý diýdi-de, uludan demini aldy, ýagdaýynyň çykgynsyzlygyny nygtajak bolýan ýaly, kiçijik ellerini ýaýdy.. Meniň ýüregim awap gitdi. Munisäni geýindirmekden, gör, nähili lezzet aldym
diýsene! Hamala, gurjak oýnaýan ýalydym. Gyzjagaza çaklaňja el aýnasynda özüni görkezdim. Ol
begenjine çym-gyzyl boldy. Onuň gözlerinde gorky bardygyny aňdym. Başgaça bolubam biljek däldi
— gök ýüň matadan tikilen kelte köýnek, uzyn gara jorap, iki örüm goýberilen saçyndaky gülgün
saçbagy— bularyň bary onuň üçin del zatlardy.
Munisäniň eşiginiň ençeme günläp Zeýnilerde dürli gybata sebäp bolanlygyny soň bilip galdym.
Käbiri meniň aladamy halapdyr, ýöne juda köp kişi nägile bolupdyr. Olaryň pikiriçe, ejesi dagda keýp
çekýän «ýylan çagasyna» dözmezlik etmeli dälmişim. Beýdip geýinmek günä diýenler hem tapylypdyr, başgalary «beýle bezeg diňe gyzy zaýalar, ol hem ejesiniň ýoluna düşer» diýipdirler. Munise
biçärä gülgün saçbagynyň, owadanja gök köýneginiň hözirini görmek uzak miýesser etmedi. Onuň
öweý enesi, gör, nämeleri göwnüne getirip, eşigini sandyga salyp goýdy. Iki günden gyzjagaz mekdebe ýene öňki letdesini geýip geldi. Munise mekdebe juda seýrek gelýärdi. Indi üç gün bäri ýene
görnenok. Oňa näme bolduka? Ertir kiçijik Wehbiden soraryn.
***
Zeýniler, 30-njy noýabr.
Mekdebe gün-günden öwrenişýärdim. Bir wagtlar ugruna seredilmedik synp otagy arassa we
päkize keşbe girdi. Maňa ony birneme bezemek hem başartdy.
Ilki-ilkiler maňa wagşyýana hem ýat görnen çagalar indi mährem we ýakyn boldular. Bilmedim,
ýa men olara öwrenişipdirin, ýa-da olar ýadawsyz tagallam bilen kem-kemden düzelip ugrapdyrlar.
Meniň pikirimçe, bularyň ikisi-de bolmagy mümkin.
Men köp işleýärin. Özem köplenç olar üçin dälde, özüm üçin. Işsizlikdir ýalňyzlygyň döredýän
birsyhly gussasyndan gaçyp gutulmak üçin güýjümde baryny edip işleýärin. Şowsuzlyklara uçranymda, ruhdan düşüp duramok. Doňup duran tutuk gözli, çökgün göwünli bu çagalarda durmuşa söýgi,
oýlanmaga isleg döredip bilýänligimi duýsam, hezil edip begenýärin.
Käte obadaşlardan kimdir biri myhmançylyga gelip gidýär. Ol adamlar geplemäni juda halamaýarlar we gülmäni düýpden bilenoklar. Belki, olar menden utanýandyrlar ýa-da gaça durýandyrlar.
Elbetde, ilkinji günler hernäçe sada geýinmäge çalyşsam-da, olar, barybir, meni juda bezemen hasap
edýärdiler we geýnişimi unamaýardylar. Muhtaryň aýaly maňa birnäçe gezek göwne degerlikli duýduryşlar hem etdi.
Men güýjümde baryny edip, daýhanlaryň göwnünden turjak, olara ýaranjak bolýardym. Käbirlerine hat ýazmaga, köýnek tikmäge kömekleşýärdim. Häzir özüm baradaky pikirleriň ep-esli üýtgeýändigini duýýaryn.
Öňňin obanyň arçynynyň aýaly ýene ýanyma gelip gitdi we adamsyndan salam gowşurdy.
Muhtar ependi maňa şu zatlary aýtmagy haýyş edipdir: «Men mugallym gyzy ilkinji gezek görenimde, onçakly sulhum almady. Ýöne, Alla şaýatdyr, ol gowy gyz ekeni. Mekdebe örän oňat seredýär.
Eger bir müşgil işi çyksa, derrew habar bersin».
Elbetde, men arçynyň aýalyna beýle garaşylmadyk alada we merhemet üçin hoşallyk bildirdim.
Bu ýerde meni sulhy alýan we ýygy-ýygydan ýanyma gelip gidýän ýene bir hatyraly şahsyýet
bardy, olam obanyň göbegenesi Näzife Mollady. Ady Zöhre-de, Äşe-de bolmansoň, ony başga ýerlimikä diýýärin, onuň juda geplemsekligi hem muny tassyklap dur.
Men hiç kimden hiç zady soramazlyga çalyşýardym. Çünki özümi gybat gözläp ýören hasap
etmeklerinden çekinýärdim. Ýöne obada bolup geçýän täsin we gyzykly zatlaryň baryny maňa ebehanymyň(Ebe — göbegene.) özi gürrüň berýärdi. Ol özboluşly ugurtapyjylykdan we sypaýyçylykdan
mahrum däldi. Bir gezek ol maňa Munisäniň ejesi barada örän geçirimlilik, hatda gynanç bilen gürrüň
berdi. Ol gürrüňimizi biri eşider öýdüp ýaýdanýan ýaly, pyşyrdap gürleýärdi, ýogsam otagda ikimizden başga hiç kim ýokdy. Sözüniň ahyrynda bolsa ol başyny ýaýkap, şeýle diýdi:
— Günä onuň bihepbe adamsynda. Aýalynyň ýazygy üçin günäni äriniň özi çekmeli. Ýöne,
gyzym, meniň aýdanlarymy hiç kime gürrüň beräýmegin. Munuň üçin bu ýerde adamy daşlamakdanam gaýdýan däldirler.
Nazife hanymyň Hafyz(Hafyz — Gurhany boýdan-başa ýat bilýän adam.) adyny alan bir ogly bar.
Häzir ol B. diýen ýere oraza aýynda pitre ýygnamaga gidipmiş. Işi ugruna bolara çemeli, çünki ol
häzire çenli-hä gaýdyp gelenok. Nazife hanym, Alla ýol berse, şu ýyl öz dogmasyny öýermekçi bolup
ýören eken. Pursat boldugy, ol maňa köp manyly we umydygär gözlerini gypyp, Hafyzy öwýärdi.
Beýle diýildigi, käbir şertleri berjaý edip bilsem, meniň Hafyz ependiniň ýanýoldaşy bolmak hormatyna mynasyp bolaýmagym hem ahmal diýildigidi.
Bir söz bilen aýtsam, Nafize Molla içimi gysdyranokdy.
Ynha, şu günem ir bilen gelipdir-de, menden möwlud okap bilýänimi-bilmeýänimi sorady.
Görüp otursam, ýakynda obada toý boljakmyş-da, Zeýnilerde saz deregine möwlud okaýar ekenler.
Men gülmän saklanjak bolup, hyrçymy dişledim we:
— Okamasyna-ha okaýan welin, ebe hanym, meniň sesimiň ugry ýok — diýdim.
Nazife hanym gynanan kişi boldy we öňki mugallymalaryň biriniň möwludy juda gowy okap,
pul baryny gazanandygyny aýtdy.
Emma ebe hanymyň şu günki gelmeginiň esasy maksady başgady. Durmuşa çykarylýan gyz
örän garyp ekeni. Goňşulary sahawatly bir iş etmek üçin oňa birnäçe gap-çanak bilen ýorgan-düşekden ybarat şaý-seplik ýygnamagy ýüreklerine düwüpdirler. Daýhanlar menden toý bezegi hökmünde
köne köýnek almakçy bolýan ekenler. Görüp otursam, o gyz meniň üçin ýat gyz däl ekeni, ol meniň
okuwçylarymyň biri ekeni. Bu habar meni aňk-taňk etdi.
— Ýöne meniň okuwçylarymyň arasynda gelinlik gyz ýok ahyryn, ebe hanym. Olaryň iň ulusy
ýaňy on iki ýaşynda ahyryn.
Nazife hanym hezil edip güldi.
— Eý, Allam, gyzym, eýsem, on iki ýaş azmydyr? Durmuşa çykaranlarynda on bäş ýaşymda
ekenim, şonuň üçin meni garry gyz saýypdyrlar. Dogry, häzir köne adatlar ýatyryldy, ýöne ýetim
görgüliniň hossary bolmasa nätjek? Köçede galan pahyr diýse-de boljak. Bizde Mehmet çopan diýen
bir kişi bar. Ol gyzy şoňa berýäris. Her näme diýseňem, ol gyz iýjek bir döwüm çöregini tapar.
— Onsoň, ol gyz kim bolmaly, ebe hanym?
— Zöhre...
Meniň synpymda Zöhre atly alty ýa ýedi gyz bardy. Şonuň üçin bu jogapdan hiç zada düşünmedim. Ýöne Nafize Molla Mehmet çopana çykýanyň haýsy Zöhredigini düşündireninde, duran ýerimde doňup galdym. Gyzjagaz kemakyldy, üstesine, örän bedroýdy. Düýşüňe girse, ýüregiň ýaryljakdy. Ol hyna urlana meňzeýän hüwjük saçlydy, bal mumy dek reňksiz ýüzi menekden doludy, pessejik maňlaýynyň astyndan görünýän gözleri möledi. Onuň bilen ilkinji gezek tanyşanymda, akylynyň ýerinde däldigini aňypdym. Ol synpda düýpden gürlemeýärdi, diňe bir zat sorajak ýa-da sapagyny okajak bolanynda, birden ýüregiňi endirediji çirkin sesini edip, gygyrmaga durardy.
Bir düşünip bilmeýän zadym, hasap sapagy boýunça-da, bir zady ýat beklemeli bolsa-da, Zöhre
mekdepde ilkinji okuwçydy. Synpda-da, bagda-da ol özüni çetde tutardy we tabytdyr teneşirler baradaky «şadyýan» dini aýdym aýdyşlyklara we şoňa meňzeşlere gatnaşmazdy. Zöhräniň juda gowy
görýän, meni bolsa galan okuwçylarymyň ählisiniň oýunlaryndan has beter eýmendirýän öz oýny
bardy. Ol bagyň ortarasynda aýak çekerdi we göwnüňe bolmasa, asmandan gelýän sese gulak salardy,
soňra gözlerini mölerdip, edil semawaryň pyşşyldaýşy ýaly pyşşyldap, geň we ýakymsyz ses çykarardy. Soňra ol däli-perişan bolup ugraýardy. Mor saçlary syh-syh galýardy, dodaklarynda ak köpürjik peýda bolýardy. Bujagaz gyz uly gykylyk turzup, bir duran ýerinde pyrlanyp başlaýardy.
Munuň oýundygy şübhesizdi. Näme üçindigini bilemok welin, onuň elhenç bökjeklemesine syn
edenimde, meni galpyldy gurşap alýardy. Indi bolsa ebe hanym Zöhräniň çopanyň aýaly bolmalydygyny gürrüň berýär we men: «Eý, toba, ol bu oýny nika gyýylýan gün adamsyna-da görkezmekçi
bolaýsa, nähili bolarka? Onda Mehmet çopanyň dat gününe!» diýip, içimi gepledýärdim. Nazife Molla çykyp gideninde, men ýene bir köýnegimi ýyrtyp, Zöhre üçin toý lybasyny tikmäge girişdim. Dagy
nädeýin? Mehmet çopanyň ilkinji gije başyny alyp gaçyp gitmezligi üçin, bagtygara gyzjagazy iň
bolmanda azajyk bezän bolmalydy.
Zeýniler, 1-nji dekabr.
Öten agşam arçynlaryň öýünde toý tutdular. Zöhre Mehmet çopana durmuşa çykdy. Mehmediň
göwnüni açmak üçin meýdançada surnaýlar çalnyp, deprekler kakyldy, pälwanlar göreş tutdular. Gelin-gyzlar hem möwlud okalan ýerde hyna gijesini(Hyna gijesi — zenanlaryň toý wagty ýa-da köplenç
toýdan iki gün öň guraýan dabaraly agşamy.) guradylar.
Gelne peşgeş beren toý köýnegimi gojalar «juda Ýewropa kysmy tikilen geýim» gördüler. Ondanmundan gulagyma: «... ertir o dünýäde», «Müňkür... Nekir...», «... otly serdesse...» diýen ýaly
gepler gelip ugrady. Emma oba gelinleriniň welin, gözi gidýärdi. Olaryň arasynda gelniň ornunda
bolasy gelýänler-de bar ýalydy.
Agşam biraz dynç aldym. Arçynyň aýaly ajaýyp hezzet taýýarlapdyr. «Meýlis» wagty edilen
gürrüňden çen tutsaň, bu çykdajylar diňe bir Zöhre üçin däl-de, eýsem, «stambully mugallym gyzyň»
gözüni gapmak üçin edilipdir.
Gelni Mehmet çopana tabşyrmazdan ozal gülkünç bir dabara — el öpme dessury boldy. Utanjaň
oba oglanynyň gözüni ýumup öpýän elleriniň arasynda meniňkem bardy. Munuň sebäbem, mugallymlygym üçin däl-de, meni gyzyň ejesi ýaly saýýandyklary üçindi.
Dabara wagty gülkünç bir waka boldy, oňa hiç kim üns bermedigem bolsa, men ony ömrülla
ýadymdan çykarman. Ýaşy bir çene baran aýallaryň bäş-altysy, arçynyň aýaly, Nazife Molla hem
uzyn düşekçede ýanaşyk otyrdylar. Men entek olaryňky ýaly oturybilemokdym, şonuň üçinem pejiň
gapdalyndaky içi geýim-gejimli sandykda otyrdym.
Ýerden başyny galdyrybilmeýän Mehmet çopan ilki meni görmedi. Onýança ebe hanym eli bilen görkezip, oňa:
— Mehmet, oglum, mugallymyň hem elini öp — diýdi.
Çopan ýaýdanjyrap ýanyma geldi. Agras sypata girip elimi uzatdym. Emma neresse barmaklaryma eli degen dessine elini aýyrdy, olaryň ynsanyňkydygyna ynanmaýan ýaly, gözlerini samsyklaç
mölertdi! Gülmän zordan saklandym-da:
— Öpüber, oglum... — diýdim.
Neresse ýene-de elimden ýapyşdy-da, utanjam unudyp, başyny galdyrdy. Gözi gözüme kaklyşdy. Içiňi ýakaýyn diýen ýaly, şol pursatda pejiň ody tutaşyp, ýüzümi ýagtyldyp gitdi. Çopan gülýänligimi gördi. Beýle gülkünç, beýle aljyraňňy keşbi ömrümde görmändim! El öpmek dabarasy sowlandan soň, öýlenýän ýigidi gelniň oturan otagyna alyp gitdiler. Zöhre täze köýnek geýnip, öz elim
bilen saçyna timar beremsoň, biraz owadanlaşan ýaly bolupdyr. Emma bu ýeriň adatyna görä, oňa
duwak(Duwak — perde, gelniň atynýan, öýlenýän ýigidiň nika gijesi aýyrýan başatgyjy) atmadylarda, ýaşyl atlas halta ýaly zada saldylar. Onuň Mehmet çopana nähili täsir edendigini görübilmän galdym.
Zeýniler, 15-nji dekabr.
Bu gün ir bilen oýananymda bir üýtgeşiklik duýdum, nämedir bir zat ýetmeýän ýalydy. Pikirlenip, oýlanyp ugradym, ahyry hem bildim... Bagda gijelerine gamgyn hüwdi aýdýan kibi, äpişgäniň
aşagyndan şildiräp akýan çeşmäniň sesi gelenokdy.
Ýerimden turdum-da, äpişgäniň gapylaryny açjak boldum, ýöne başarmadym. Güýjümde baryny edip silterledim. Yşlardan ak zat dökülip başlady...
Gije gar ýagan ekeni. Zeýniler obasy tanar ýaly bolmandyr.
Hatyja hanym bu ýerde gar ýagsa, eremän aprele çenli ýatýanlygyny aýdypdy. Gowudygyny!
Baglaryň ýapraklary-da garamtyl görünýän içgysgynç, tukat bu ýerde bahar gyşda gelýän eken-ä.
Gary gaty gowy görýärin — ol bahar aýlary açylýan badam güllerini ýada salýar. Çaga wagtym hiç
hili baýramçylyk şagalaňlary meniň üçin bagda päkize, akja ýumşak garda togalanmakdan öňe geçmeýärdi. Onsoňam... Ýigrenýänleriňden ar almaga, gör, näçe pursat bolýar! Mekdebimizde bir gyz
okardy, biz onuň bilen tersdik. Ol gardan öler ýaly gorkýardy. Oňa duýdansyz topulyp, örme keltekçe
inçejik näzik boýnuny berk gysyp duran ýakasyndan bir penje gar goýbererdim. Onuň aýazdan ýaňa
gömgök bolan dodaklary titreýärdi, ýüzi üýtgäp gidýärdi, menem heşelle kakardym.
Zeýniler, 17-nji dekabr.
Garyň şol ýagyp durşudy. Zeýnileri gar basyp, ýollar kesildi. Okuwçylarymyň birentegi mekdebe aşyp bilmeýärler.
Bu gün durmuşymda iň ajy, iň gamly gün boldy. Ir bilen gyzlar ýowuz bir habar getirdiler. Ir
agşam Munise nämedir bir zat edip, abasynyň gaharyny getiripdir. Öweý ene ýanyp duran töňňe alyp,
onuň üstüne topulypdyr, onsoň gyzjagaz äpişgeden böküpdir. Ata-enesi gyz gije beýle syrgynda köp
durup bilmez, bahym geler, ötünç sorar diýip, pikir edipdirler. Esli wagt geçse-de, gyz gelmändir.
Goňşulara habar beripdirler. Oba oglanlary elleri çöp çyraly köçelere aýlanyp çykypdyrlar, emma
gyzy tapmandyrlar.
Munise pahyrjyga ony halamaýan gyzlaryň hem ýüregi awaýardy. Şu gün agşama deňiç obanyň
ähli künjekleri agtaryldy. Muhtar ependi Munisäni gowy görýänligimi bilip, gözlegiň netije bermänligini habar bermek üçin günüň dowamynda Wehbijigi telim gezek ýanyma ibererdi.
Bu gün Wehbi uly adam ýaly lapykeç hem agras göründi. Ol sowukdan ýaňa göm-gök bolan
aýasyny görkezip, ellerini gerdi-de:
— Biçäre ýitendir. Ony möjekler iýen bolaýmasa — diýdi.
Agşama çenli Wehbiniň şübhesi ululara-da geçdi. Daýhanlar: «Bu howada çaga başga oba gidip
bilmez. Ol ýa garyň astynda doňup galandyr ýa-da möjeklere şam bolandyr» diýýärdiler.
Adam saýgartmaýan gar syrgynynyň üstüne gije gara duman bolup ineninde ýüregime umytsyzlykdyr lapykeçlik aralaşdy. Durmuş zalymlykdyr adalatsyzlykdan doly diýýän adamlar bilen ilkinji gezek ylalaşdym, ilkinji gezek ondan naladym. Ýüregim awap, demligim gysylypdy, ýüzüm
laplap gyzýardy. Irgözünden ýerime geçdim. Yşyga gözüm agyransoň çyrany öçürdim.
Äpişgäniň aňyrsynda tupan barha güýçlenýärdi. Onuň batly zarbalaryndan äpişgeleriň gapylary
yrgyldaýardy.
Biçäre gyzjagazym bu wagt nirede ýatyrka?.. Haýsy tümlükde ýykylyp galanyny bilýän barmy?
Onuň ýüpek saçy göz öňüme geldi, ol sowuk şemala, ýapraga düşýän Aý yşygy ýaly, ykjap durdy.
***
Näçe wagt geçenligini bilemok. Şeýle pursatlarda adam wagtyň nähili geçenini bilmeýän eken.
Birden göwnüme biri aşakdan — mazarlyk tarapdan gapyny dyrnaçaklaýan ýaly boldy. Bu nämekä?
Şemalmy? Ýok, şemal-a meňzänok. Tirsegime galyp, diňşirgendim. Gijäniň tümlüginde gulagyma
güňleç bir ses gelen ýaly boldy. Düşegimden syçrap turdum-da, egnime ýaglygymy atynyp, aşak Hatyja hanymyňka düşdüm. Kempir hem iňňildini eşidipdir-de, eli şemli dälize çykan ekeni. Biz derwezäniň sokmasyny süýşürmäge ýürek etmedik. Üstesine, gapynyň aňyrsy imisalalykdy. Hatyja hanym
gödeňsi sesi bilen:
— Kimsiň? — diýip gygyrdy. Jogap beren bolmady. Garry kempir ýene bir gezek gygyrdy.
Onýança, biz şemalyň uwwuldysynyň arasyndan ýene ysgynsyz iňňildini eşitdik.
— Kimsiň? — diýip, Hatyja hanym ýene haýkyrdy. Ýöne eýýäm ol sesi tanapdym.
— Munise! — diýip gygyrdym-da, derrew demir sokmany açdym.
Gapy açylan badyna garly sowuk şemal içerik doldy. Hatyja hanymyň şemi öçdi. Garaňkylykda
buz ýaly sowuk göwrejik göni elime ýykyldy. Hatyja hanym şemi ýakýança, Munisäni bagryma basyp, ses edip agladym. Gyzjagaz elimde özüni bilmän ýatyrdy. Ysgynmydarsyzdy. Ýüzi gök-dalakdy,
saçy buýr-bulaşykdy, köýnegi durşuna gardy... Munisäniň egin-eşiklerini çykaryp, öz düşegimde ýatyrdym.
Hatyja hanymyň mangalynda gyzdyran bir bölek pamazy mata bilen gyzyň bedenini süpürip
ugradym.
Gyzjagazyň gözüni açyp, ilkinji diýen sözi:
— Bir döwümjik nan...—boldy.
Bagtymyza, azajyk süýdümiz bar ekeni. Biz ony gyzdyryp, çagany çemçe bilen naharladyk.
Kem-kemden Munisäniň ýüzüne gan inip, gözleri nurlanyp ugrady. Ol yzyny üzmän sojaýardy, gözlerinden boýur-boýur ýaş dökýärdi. Biçäre çaganyň gözlerindäki hoşallygy diýsene! Dünýäde adamlara dynnym ýaly ýagşylyk edeniňi duýmak ýaly ajap duýgy ýok bolsa gerek!
Garaňky otagjygym tupanyň zarbasyna heläkçilige uçran gämi kimin çaýkanyp durdy. Emma
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Saýrak Guşy - 13
  • Parts
  • Saýrak Guşy - 01
    Total number of words is 3784
    Total number of unique words is 2250
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 02
    Total number of words is 3808
    Total number of unique words is 2198
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 03
    Total number of words is 3787
    Total number of unique words is 2025
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 04
    Total number of words is 3782
    Total number of unique words is 2070
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 05
    Total number of words is 3802
    Total number of unique words is 2077
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 06
    Total number of words is 3837
    Total number of unique words is 2001
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 07
    Total number of words is 3898
    Total number of unique words is 2059
    34.9 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 08
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 2086
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 09
    Total number of words is 3861
    Total number of unique words is 2201
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 10
    Total number of words is 3829
    Total number of unique words is 2285
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 11
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 2257
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 12
    Total number of words is 3858
    Total number of unique words is 2216
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 13
    Total number of words is 3806
    Total number of unique words is 2181
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 14
    Total number of words is 3806
    Total number of unique words is 2226
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 15
    Total number of words is 3808
    Total number of unique words is 2118
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 16
    Total number of words is 3767
    Total number of unique words is 2191
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 17
    Total number of words is 3904
    Total number of unique words is 2184
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 18
    Total number of words is 3850
    Total number of unique words is 2095
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 19
    Total number of words is 3859
    Total number of unique words is 2162
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 20
    Total number of words is 3923
    Total number of unique words is 2151
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 21
    Total number of words is 3842
    Total number of unique words is 2077
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 22
    Total number of words is 3808
    Total number of unique words is 2200
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 23
    Total number of words is 3877
    Total number of unique words is 2106
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 24
    Total number of words is 3826
    Total number of unique words is 2035
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    48.4 of words are in the 5000 most common words
    56.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 25
    Total number of words is 3888
    Total number of unique words is 2094
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    49.8 of words are in the 5000 most common words
    56.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 26
    Total number of words is 2059
    Total number of unique words is 1269
    37.2 of words are in the 2000 most common words
    51.6 of words are in the 5000 most common words
    58.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.