Latin

Saýrak Guşy - 10

Total number of words is 3829
Total number of unique words is 2285
30.9 of words are in the 2000 most common words
44.7 of words are in the 5000 most common words
52.1 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
bagryna basdy.
Her gezek Stambul barada gürrüň edilende, Newrik hanymyň gözlerine ýaş aýlanýardy, uly
göwsi agyr dem almalardan ýaňa, ussanyň körügi ýaly çişip gidýärdi.
Hajy kalfanyň iki çagasy bardy. Olaryň biri on iki ýaşly ogly Miratdy, beýlekisi bolsa on dört
ýaşly gyzy Haýganuşdy. Haýganuş ýasy gaşly, mama dişän ýaly iri-iri düwürtikli, şugundyr ýaly gypgyzyl ýaňakly, utanjaň, äwmezek ermeni gyzydy.
Mirat bolsa etli-ganly, bajysynyň tersine, kiçijik, bigörk, çapak ýaly horja oglanjykdy.
Hajy kalfa sowatsyzdy, ýöne ylma sarpa goýýardy we onuň gadyryny bilýärdi. Ol her bir adam
ähli zady bilmelidir, hatda jübi kesýän ogrynyň käriniň hem irde-giçde gerek bolmagy mümkindir
diýýärdi. Mirat iki ýyllap ermeni mekdebinde okap, iki ýyldan bärem osman mekdebinde bilim alýardy. Hajy kalfanyň niýetine görä, ogly her iki ýyldan okaýan mekdebini çalyşmalydy we ýigrimi
ýaşaýança fransuz, nemes, iňlis we italýan dillerini birkemsiz bilýän «hakyky adam» bolup ýetişmelidi (elbetde, bu tapsyz çaga şol döwre çenli bilimleriň agyr ýükünden ýegşerilip, ýan bermese şeýle
bolmalydy).
Bir gün ogly barada gürrüň berip oturyşyna, Hajy kalfa menden:
— Sen Miradyň adyna üns berdiňmi? Parasatly at gerek? Men ony tapýançam, tutuş bir hepde
azap baryny çekdim. Iki dile-de gabat gelýär. Ermeniçe-hä Mirat bolýar, osmança bolsa Myrat bolýar!
— Hajy kalfa maňa gözüni gypyp goýberdi, bu bolsa onuň häzir adatdan daşary bir gülkünç zat
aýtjakdygynyň alamatydy. Mirat bir bolgusyzlyk edip gaharymy getirse, men: «Sen Mirat hem däl,
Myrat hem. Sen — meret(Meret — türk dilinde «tentek» diýmegi aňladýan gödek söz) diýýärdim — diýip, ol sözüni dowam etdirdi. Bir gezek gojanyň şeýle gaharynyň gelen pursadynyň şaýady boldum. Tomaşa edäýmeli
bir zatdy! Miradyň bar günäsi ejesiniň bişiren naharynyň biriniň oňa ýaramanlygydy.
— Görseňizläň bu kelesaňy! — diýip, Hajy kalfa gygyryp başlady.
— Boýy bir garyş welin, şondada näz edýär-ä! Öňde biri gedaýa hyýar beripmiş, olam halaman,
munyňyz egri diýip ganawa zyňyp goýberipdir. Eşek şiräni nebilsin? Maslahatymy gowuja diňle-de,
bek belle: nesihat almaýanyň paýy taýakdyr. Taňry nanyna we iýmitine at dakar ýaly, sen kim bolupsyň?
Sen seni bil, sen seni
Sen özüňi bilmediň,
Gyzdyrarlar ýeňsäňi.
Gyz maşgala bolsa-da, Haýganuşyň bilimli bolmagyna hem köp üns berilýärdi. Haýganuş ermeni katolik mekdebine gatnaýardy.
Günlerde bir gün Hajy kalfa goňşulary — ysmaza uçran bir goja hemem giň gara jalbarly gartaşan ermeni aýalyň ýanynda gyzyny berk synagdan geçirjek boldy.
Şundan gülkünç waka gözleseň-de tapylmaz. Hajy kalfa Haýganuşyň kitaplaryny we depderlerini zor bilen elime gysdyryp, gyzyna hemle urdy.
— Hany, göreli, Haýganuş, eger sen meni mugallymanyň öňünde ýüňsakgal etseň, iýdiren çöregim burnuňdan gelsin.
Gyzdan köpeltmek-bölmek boýunça iki-üç sany mysaly soranymdan soň, çak bilen «Pygamberler taryhy» atly suratly kitaby açdym. Isa we çokundyrmak baradaky parça gabat geldi. Çokundyrma barada gürrüň berende, Haýganuş agzyna gelen warsakyny otardy. Baryp mekdepde okaýarkam, bu zatlar barada köp eşidemsoň, gyzyň säwliklerini düzedip, çokundyrma barada birnäçe ýönekeý zatlary mysal getirdim.
Hajy kalfa meni diňläp oturyşyna, gözlerini petretdi. Gojanyň başynda saçy ýokdy, ýöne gaşlary
welin, syh-syh boldy. Hristian dini barada bilýänlerim ol görgülä täsin bir gudrat bolup göründi.
Ol: «Bu nä ahwalatdyr! Bir musulman gyzy meniň dinimi keşişlerden gowy bilýär!.. Düşünýäňmi?.. Men saňa ýönekeý, sada mugallymsyň öýdüpdim, görüp otursam, sen ellerini togap etmeli
alym ekeniň-ä! — diýip çokundy.
Hajy kalfa ýerinden gozganmasy ýük gämisiniň duralgadan saýlanmagyndan hem kynrak aýalynyň ýakasyndan tutup, ýanyma alyp geldi-de:
— Meniň adymdan bu çaganyň edil maňlaýyndan öp. Düşündiňmi? — diýdi.
Hajy kalfa özüni erkek kişi saýýardy, şonuň üçin hem ogşamak däbini ol aýalynyň üstüne ýükledi. Şol günden başlap, garry hyzmatçy öňünden çykana meni öwüp, ylymlylygymy al- asmana çykardy. Myhmanhananyň kofehanasynda oturan bikärler hem burnuny aýna sokaýjak bolşup maňa
bakýardylar. Men dergazap bolup:
— Hajy kalfa, Allanyň haky üçin beýtmesene... Meni öte öwmek nämä gerek? — diýdim. Ýöne
Hajy kalfa per bermedi:
— Men muny bilgeşleýin edýän. Goý, başlyklar eşitsin. Goý, olar saňa biperwaý garaýyşlary
üçin utansynlar!
Hajy kalfanyň maşgalasy bilen ysnyşmaklyk maňa beýleki bir tarapdan hem bähbitlidi. Newrik
hanym Samatýede doglupdy, şonuň üçinem ol mürepbäni juda gowy gaýnadardy, miweleri şekere
ýatyryp üýtgeşik nygmatlar ederdi. Şol sebäplem meniň üçin «Pygamberler taryhyny» bilmegimden
ol has haýyrlydy. Men mürepbe gaýnatmagyň tärlerini aňsat hem mugt öwrenýärdim, garry çerkes
aýaly Gülmisalyň öwreden naharlarynyň bişiriliş usullary ýazylan depderçäme olary jikme-jik ýazyp
alýardym. Indi süýjüçil Çalyguşyň aladasyny özüm etmelidim.
Enşalla, meniňem işim oňuna bolup, dynç alar ýaly kiçijik tünegim bolar. Men, ilki bilen, mürepbe gaýnadar ýaly garbanyşhana edinerin. Edil Hajy kalfa ýaly, onuň tekjelerine haşamly kagyzlar
ýelmeşdirip çykaryn, lagly-merjen, zümerret reňkli gapjagazlar goýuşdyraryn. Islän wagtyň hiç kimden soraman mürepbe iýmekden gowam zat bolarmy?! Onsoňam «garbanyşhana daramagyňam» geregi bolmaz. Eger Alla halasa, hatda içimem agyrmaz.
Ýöne saryja, gülgüne, ak gaply mürepbäniň arasynda ýaşyl gaplysy bolmaz. Indi ýadyma-soruma düşmeýän Kamranyň ýigrenji gözleri meni ýaşyl reňki ýigrenmäge mejbur etdi.
Wah, Kamran, bar zat ýadymda-la! Entek kalbymda, häzirkim ýaly, ýigrenjiň ýok wagty hem
seniň gözleriňi halamokdym. Şol ýigrenç heniz on ikimem doldurmankam döräpdi. Elbetde, o zatlar
seniňem ýadyňdadyr-la. Aýamy gumdan dolduryp, ýüzüňe köp sepipdim. Sen bu zatlary çaga bezzatlygy hasap ederdiň. Ýok, ýok, bu seniň suw otlarynyň arasyndan görünýän Gün şöhleleri ýaly,
hileli gözleriňe yza salmak üçin edilýän zatdy.
***
Ýene-de ünsümi başga zada sowaýypdyryn. Ýogsa maksadym diňe häzirki bolup geçýän zatlar
hakda ýazmakdy. Nämede durdum-a? Hawa-da... Hajy kalfa çaga şatlygyma düýpden başgaça baha
beripdi, ol şatlygyň sebäbem telim gün görünmän, ahyr peýda bolan güneşli Gündi. Hajy kalfanyň
göwnüne bolmasa, bir ýerden hoş habar alan ýalydym, şonuň üçin hem ol sorag üstüne sorag ýagdyryp ugrady. Eýsem, özüme dahylly habary ondan öň eşitmegim boljak zatmydyr? Megerem, bahym
naharlanmaly ýa ýatmaly wagtymy hem myhmanhananyň bu täsin hyzmatkärinden soramaly bolarmykam diýýärin.
— Hany, hötjetlik etmän, aýtsana. Ýöne ýerden beýle begenýän dälsiň? Belki, hoş habar bardyr?
— diýip, Hajy kalfa talap etdi.
Şeýle pursatda ondan köp bilýänden bolasym geldi. Köpmanyly ýylgyryp, agras keşbe girip
gözümi gypdym-da:
— Kim bilýär, belki, bu aýtmasyz bir syrdyr.
Güneş diýseň ajapdy! Men azaşmazlyk üçin ýoly ýatda saklajak bolýardym, myhmanhananyň
ýeňse ýüzündäki köprüjigiň deňinden geçip, otagymyň aýnasyndan köpden bäri höwes edip ýören
kert gaýama çykdym. Soňra çemenlikden aşyp, tokaýjygyň gapdaly bilen ikinji köprüden geçdim.
Entegem gezjekdim, ýöne onýança, azaşmak howpundanam hatarly bir zat ýüze çykdy.
Egnim agras örtükli we çadyraly bolsam-da, şübheli kişiler yzyma düşüp ugradylar, olar hatda
lak hem atýardylar. Hajy kalfanyň nesihaty ýadyma düşüp, yzyma gaýtdym. Bilim bölüminiň bili
guşakly kätibiniň: «Uýajygym, Stambuldan-a entek hiç hili habar ýok» diýip garşy aljakdygyny bilýärdim. Köçä çykdygym hökman onuň ýanyna sowlup geçmegi endik edipdirin. Basgançakda müdiriň hyzmatkärine sataşdym.
— Hojanym, geleniň gowy bolaýdy. Beý seni gözläp ýör. Men yzyňdan myhmanhana gideýin
diýip durdum.
Ol «beý» diýip, bilim bölüminiň müdirini atlandyrýardy. Geň zat...
Müdir üstüne gyzyl mawut ýazylan stoluň başynda hemişekisi ýaly ýadaw, gözi ýarym ukuly
pikire batyp otyrdy. Elleri sallanyp dur, köýneginiň ýakasy açykdy. Meni görüp, ol uludan palladyda gerindi, soň ýuwaşjadan gürläp başlady:
— Gyzym, biz entek ministrlikden hiç hili jogap alamzok. Olaryň näme edip-näme goýjaklaryny bilip biljek däl, ýöne köp işlän mugallym hökmünde Huriýe hanymy ileri tutarlarmyka diýýärin.
Eger gelen jogap sizi kanagatlandyrmasa, kyn güne düşersiňiz. Kelläme bir pikir geldi. Şu ýerden biriki sagatlyk uzaklykda Zeýniler diýen bir obajyk bar. Ol ýeriň suwy, howasy diýseň ajap, tebigaty
uçursyz gözel, adamlaram halal, päkýürekli. Garaz, ajaýyp ýer, obada wakuf(Wakuflar — musulmanlaryň haýyrsahawat işleri üçin bagyş eden emlägi.) mekdebi bar. Geçen ýyl biz uly çykdajy edip, abatlaýyş işlerini geçirdik,
ony täzeden dikeltdik diýseňem boljak: mekdep üçin köp zat aldyk. Ýanynda mugallym üçin amatly
jaý hem bar. Indi bize ýaş, gujurly, işine berlen mugallym, siz ýaly akýürekli gyz gerek. Çynymy
aýdýaryn, o taýy gaty gowy ýer. Şeýle-de ýurdumyza bahasyna ýetip bolmajak hyzmat etdigiňiz bolar. Dogrusy, aýlygy bärdäkiden pesräk, ýöne süýt, et, ýumurtgadyr beýleki önümler bu taýyňkydan
has arzan. Barsaňyz birneme pulam toplap bilersiňiz. Elbetde, ýagdaýy boldugy aýlygyňyzam köpelderin, onsoň şu ýerdäki ýaly aýlyk alarsyňyz. Işiňiz bu ýeriň mekdep müdiriniň wezipesinden-de
bähbitli bolar.
Bu teklibe näme jogap berjegimi bilmän dymdym.
Müdir sözüni dowam etdi:
— Ol ýerdäki mekdebiň ýolbaşçysy bir gartaşan aýal, hem mugallym, hem bar işi bir özi alyp
barýar. Ol kiçigöwünli, hudaýhon kempir. Ýöne okatmagyň täze usullaryndan başy çykanok. Egerde Zeýniler göwnüňizden turmasa, onda maňa hatjagaz iberseňiz, derrew sizi şu ýerde amatly bir işe
bellärin. Ýogsam-da ol ýeri görüp yzyňyza gaýtmak islemejekdigiňizi, merkezden iş berilse-de, ýüz
dönderjekdigiňizi anyk bilýärin.
Howasy gowy, tebigaty gözel, ilaty edepli, iýmit arzan... Şweýsariýanyň obalary ýaly ýer-dä.
Adama başga näme gerek?
Güneşli ýollar, Gün geçmeýän baglar, derýajyk, tokaý göz öňüme geldi. Ýüregim gürsüldäp
başlady, emma, barybir, bada-bat «bolýar» diýmäge bognum ysmady. Ol ýeri nähili hem bolsa, ilki,
iň bolmanda, Hajy kalfa bilen maslahatlaşasym geldi.
— Ependim, siz maňa iki sagatdan jogap bermäge rugsat ediň.
Müdir birden tisginip gitdi:
— Goýaweriň, gyzym, iş örän gyssagly! Oňa başga dalaşgärlerem bar. Ol ýeri ýitirdigiňiz,
özüňizden görüň.
— Onda, iň bolmanda, bir sagat puryja beriň, beý-ependi...
Müdiriň iş otagyndan çykanymda bäsdeşim Huriýe hanyma pete-pet gabat geldim. Ýakynda
Hajy kalfa B. diýen ýerde bizi hut şeýle diýip, ýagny «bäsdeşler» diýip atlandyrýandyklaryny gürrüň
beripdi. Huriýe hanym ozal meni gaty gorkuzypdy, şonuň üçinem oňa dälizde duşanymda ýene
ýöwselledim, ýanyndan çalt geçjek boldum. Ýöne ol ýolumy bekledi, göýä, hetden aşan gedaý ýaly,
örtügimiň çetinden ebşitläp tutdy.
— Hanym ependi gyzym — diýip, ol hamsygyp, söze başlady.
— Birki günlükde size örän gödek söz aýdypdyryn. Taňrynyň haky üçin, bagyşlaň. Bularyň
bary gyzmalykdan. Şonda şeýlebir aljyradym welin, heý, goýaý. Wah, gyzym, eger siz görmedigimiň
görde galandygyny bir bilsediňiz, onda maňa haýpyňyz gelerdi. Gyzmalyk edenim üçin bagyşlaweriň.
— Aýby ýok, hanym ependi — diýip hümürdedim-de, ýene duşundan geçmekçi boldum.
Emma Huriýe hanym meni goýbererli däldi. Ol öz ýagdaýynyň agyrlygyndan, eklenjindäki bäş
kişä sergezdançylygyň, gedaýlygyň howp salýandygyndan zeýrenip başlady. Huriýe hanym gitdigiçe
gazaplanyp, sesi kem-kemden çirkin çykdy, ahyrsoňy bolsa çökder gykylyga ýazdy.
Kelebujyny ýitirip, näme etjegimi, näme diýjegimi bilmän durdum. Iň ýaman ýerem bu tomaşa
adam bary üýşýärdi. Diwanhana gullukçylarynyň, kätipleriň, kofedir şerbet getirýän oglanlaryň giden
bir topary ýygnandy. Ýaňaklarym lowlaýardy. Utanjyma ýer ýarylanokdy, menem giremokdym.
— Hojanym, haýyş edýän, ýuwaşrak gürläň! Adam bary bize seredip dur — diýip özelendim.
Emma Huriýe hanym, içiňi ýakaýyn diýýän ýaly, öňküsinden hem beter haýkyrdy. Ol möňňürýärdi,
saçlaryny ýoluşdyryp, döşüni ýumruklaýardy weli, ilikleri paýrap gidýärdi, ellerimden, dyzlarymdan
ogşajak bolýardy. Töwerekde jemendäniň barha artyşyna haýýatym göçdi. Stambulyň köçelerinde
ökjedäki ýarany ýa-da gabarçaklary bejerýär diýip şübheli serişdeleri satýan nadara söwdagäriň ýada entäp ýören diş tebibiniň daşyna hem şeýle üýşýärdiler. Gulagyma: «Görgülä haýpyň gelsin...»,
«Keçmaňlaýy aglatmaweri, gyz!» diýen sesler gelýärdi. Birden gapdalymyzda ak sakgally, ýaşyl selleli uzynak mugallym peýda boldy. Ol maňa:
— Gyzym, diniň parzy hem adamkärçilik ýaşy uly adama hormat-sarpa bilendir. Sen bu garry
zenanyň ýoluny baglap, ony bir döwüm çöreginden aýyrma. Oňa eglişik edäý,şeýtseň,Alla-da, Pygamber-de senden razy bolar. Perwerdigär hemmeleriň rysgyny berendir. Elbetde, Ol saňa-da öz keramatly hazynasynyň başga gapysyny açar — diýdi. Örtügimiň astynda titräp durdum, meni sowuk
der basdy. Şol wagt kofe satýançylaryň biri elindäki atagzyny şyrkyldadyp:
— Dogry! Dogry!.. Sen Allanyň keremi bilen nirede-de bolsaň, iýjek çöregiňi taparsyň! — diýip
gygyrdy. Märekäniň arasynda gülki eşidildi. Niredendir bir ýerden gyzyl guşakly kätip peýda bolup,
söwdagäriň ýakasyndan ebşitläp tutdy-da, ony basgançagyň ýanyna süýräp eltdi.
— Hä, bihaýa! Häzir dişiňi owradaryn — diýip hemle urdy. Olar näme üçin güldülerkä? Sebäbi
kofeçiniň diýeni mugallymyň aýdanlaryndan birjik-de tapawutlanmaýardy ahyryn. Huriýe hanym şol
bagyryp durdy. Goh barha güýçlenýärdi welin, ýagdaýy düzetmek üçin şirin janymdan-da geçmäge
taýýardym. — Ýagşy, ýagşy! Goý, siziň diýeniňiz bolsun! Ýöne meni, Taňrynyň haky üçin, goýberiň.
Huriýe hanym dyzymy ogşajak bolýardy, ony zordan çekip aýyrdym-da yzyma, müdiriň iş otagyna
tarap haýdadym. Dessine maňa öz islegim boýunça merkezi ruşdiýede okatmakdan ýüz dönderýärin,
Zeýniler mekdebinde mugallymçylyk etmäge isleg bildirýärin diýlip ýazylan kagyzy gol çekmäge
berdiler. Bir sagada ýetip-ýetmän, ähli gerekli resminamalar düzedildi, göwnüňe bolmasa, hiç zat
ýerinden galmaga mejbur edip bilmejek bölüm müdiri öz paýtunynda buýruga gol çekdirmek üçin
waliniň(Wali — welaýatyň häkimi) kabulhanasyna gitdi.
Başga bir wagt telim aýlap ondan oňa zyňylýan işler, gör, nähili çalt çözülýär eken.
***
Myhmanhana gaýdyp gelenimde Hajy kalfa meni bosagada garşy aldy. Ol hem igençli hem-de
şadyýan terzde: — Menden gizlän bolduňmy?.. Bilýän däldirin öýtdüňmi? Hudaýa şükür, bilýän! —
diýdi.
— Nämäni bilýäň?
— Gyzym, saňa buýruk gelipdir!
— O nähili buýruk, Hajy kalfa?
— Seni merkezi ruşdiýede galdyrýarlar. Huriýe hanyma bolsa eýýäm pasportyny beripdirler.
— Ýalňyşýaň, Hajy kalfa. Men edil şu wagt müdiriň ýanyndan gelýän. Beýle gürrüň-ä bolmady.
Goja maňa ynamsyz garap:
— Saňa buýruk düýn agşam geldi diýip aýdylýar ahyryn. Muny ynamdar adamlardan eşitdim.
Ähtimal, müdir muny senden gizländir. Bu ýerde bir hile bar bolaýmasyn? Nähili pikir edýäň? —
diýdi.
Hajy kalfanyň müňkürliginiň hem-de nadanlygynyň üstünden gülüp, şu gün bolan wakalaryň
baryny bir demde gürrüň berdim, özümiň Zeýnilere iberilýändigim baradaky buýrugy ýantorbamdan
çykaryp, ony galgatdym.
— Bar zat ugruna, Hajy kalfa! Men hakyky Şweýsariýa gitmeli!
Hajy kalfa meni diňleýärdi, onuň ullakan burny horazyň kekeji ýaly dym-gyzyl boldy. Ahyrsoňy ol gaharlanyp, elini beýleki aýasyna urup gazaplanyp:
— Wah, samsyjak çaga diýsänim! Eden işiň bar bol-a. Ahyrsoňy seni duzaga düşüripdirler-dä.
Sen häziriň özünde müdiriň ýanyna git-de, onuň bokurdagyndan al! — diýdi.
Men eginlerimi silkdim.
— Köşeşeweri, gadyrdan Hajy kalfam. Gyýylma, ýogsam ýene nähoşlarsyň... Onsoň biz näderis?
Emma görüp otursak, garrynyň maňa haýpy gelip, örtenip-ýanmagynyň jany bar ekeni. Agşamara bolan zadyň baryna düşündim, baryny anyk bildim.
Bölüm müdiri Huriýe hanymyň tarapynda ekeni. Ministrligiň adyna iberen towakganamasynda
ol meniň başga bir ýere geçirilmegimi talap edipdir, ony Huriýe hanymyň has tejribeli mugallymdygy
bilen delillendiripdir. Emma ýokardakylar, näme üçindir, meni B. diýen ýerde goýmagy, bäsdeşimi
bolsa täze wezipe açyljak başga bir ýere geçirmegi zerur hasap edipdirler. Öten agşam buýruk gelenden soň, bölüm müdiri, ruşdiýäniň müdiri hemem, megerem, Huriýe hanymyň ildeşi, asly rumeliýaly
maliýe bölüminiň başlygy üýşüp maslahat edip, giden bir pirim oýlap tapypdyrlar. Olar meni çetgyrakdaky bir obajyga ýollap, ýerime-de Huriýe hanymy almaly edipdirler. Hatda Huriýe hanym ikimiziň dälizde duşuşmagymyza çenli hemmesini deslapdan taýýarlapdyrlar, mugallymy hem ýörite
getiripdirler. Müdiriň öwüp, kaşaň Ýewropa obasy diýýän ýerem dag içinde, hatda guşlaryň hem
barmaýan pukaraja ýer ekeni. Bir ýyl bäri ol taýdaky mekdepde mugallym ýok ekeni, hatda ýer urup,
ýurtda galan mugallymlar hem bu oba gitmäge ýürek etmeýän eken. Men haýran galdym. Şeýle ýaşuly, agras emeldaryň beýle bihaýa kezzaplyga baş urmagyna, otursam-tursam akylym çatmady. Hajy
kalfa başyny ýaýkap, gaharly gürledi:
— Wah, sen ol ukuçyl ýylany entegem tanaňok. Olar ýaly ýylan ýatýar-da, birdenem çakýar
welin, özüňe geljek gümanyň ýok. Düşündiňmi, hanym ependi?
— Bolýar-da, aýby ýok... Ýakyn hossarlaryndan çakylan adama kesekiler gorkuly däl — diýip,
oňa jogap berdim. Men Zeýnilerde-de hoşwagt bolup bilerin. Goý, hemmeler rahat bolsun.
***
Zeýniler, 28-nji oktýabr.
Şu gün gije bir araba bilen Zeýnilere geldim. Bilim bölüminiň müdiri aralygy otlynyň gatnaýşyna görä hasaplan borly. «Iki sagatlyk» syýahat ir sagat ondan gijäniň ýaryna çekdi. Ýogsa-da bu
ýerde ol kelesaňyň günäsi ýok. Günä kä dag gerşinden ýokary galýan, käte-de gurap giden derýanyň
hanasyna tarap aşak gaýdýan ýoldan Zeýnilere çenli demir ýol çekmedik adamlarda.
Hajy kalfa maşgalasy bilen meni şäherden ýarym sagatlyk aralykdaky çeşmä çenli ugratmakçy
boldy. Ugradýanlar toýa, has dogrusy, ýasa barýan ýaly geýnipdiler.
Hajy kalfa arabanyň taýyndygyny aýtmaga geleninde ony tanar ýaly däldi. Ol ak öňlügini hemde daş düşelen howluda, işikde, myhmanhananyň basgançaklarynda gezende juda şalpyldap ses edýän şypbygyny çykarypdy. Häzir onuň egninde solak mawutdan tikilen uzyn penjegi bardy, onuň
ilikleriniň ählisi ildirilgidi, aýagynda ymamlaryň geýýän galoşy bardy. Ullakan gyzyl tahýa onuň takyr kellesini gulagyna çenli ýapyp durdy.
Newrik hanymyň, Haýganuşyň we Miradyň geýimleri-de öý eýesiniň eşiklerinden peslär ýaly
däldi.
Onda hernäçe ajy pursatlary geçirenem bolsam, kiçijik otagymdan aýra düşmek maňa juda agyr
degdi. Günlerde bir gün mekdepde bize: «Adam öz ýaşaýan ýerindäki adamlar bilen göze görünmeýän sapaklar arkaly bagly bolýar. Aýralyk pursady gelende şol sapaklar dartylyp, gyjagyň tary ýaly,
naýynjar ses edip üzülýär. Her gezek ýürekden ýol salan sapaklar üzülende bolsa, ynsan agyr ejir
çekýär» diýen goşgyny ýat tutdurypdylar.
Şu setirleri ýazan şahyr müň keren mamla ekeni!
***
Geň zat! Şol günmonastirli goňşymhemB...-den gaýdan ekeni. Ýöne onuň ýagdaýymeniňkidenemagyrdy.
Öten agşam goşlarymy daňyp, ýatmak üçin ýerime geçdim. Gije ukynyň arasynda kimdir biriniň
gödeňsi sesini eşitdim, ýöne hiç ukudan açylyp bilmedim.
Birden bir elhenç güpürdi ýerimden syçrap turmaga mejbur etdi. Dälizde uruşýardylar. Çaga
agysy, goh-galmagal, boguk gykylyk, urgudyr şapbat sesleri eşidilýärdi. Ukudan idili açylmamsoň,
kelläme ýangyn dörändir diýen pikir geldi. Ýöne ýangynda adamlaryň uruşmasy näme?..
Aýakýalaňaç, başaçyk halda ylgap dälize çykamda elhenç bir wakanyň şaýady boldum. Pälwansypat uzyn murtly bir serkerde goňşym görgülini süýräp, gamçysy bilen saýgylaýardy, ullakan ädikleri bilen depýärdi.
Çagalar:
— Eje jan!.. Kakam ejemi öldürýär! — diýşip çirkin gygyryşýardylar.
Her gezekki depilmeden, her gezekki ýylan ýaly towlanyp, şarpyldaýan gamçydan soň betbagt
aýal iňňildäp ýere ýazylýardy, ýöne biraz wagtdan bar güýjüni jemläp, serkerdäniň dyzyndan ýapyşýardy.
— Gyrnagyň, gurbanyň bolaýyn, ependim! Meni öldür, ýöne taşlama, aýrylyşma — diýip, ol
zarynlaýardy.
Ýeňil geýnilgidim, şonuň üçin hem ýene otagyma dolanyp bardym. Dagy nädeýin?
Birinji gatyň ýaşaýjylary eýýäm oýanypdylar. Aşakda aýak sesi, düşnüksiz hümürdiler eşidilýärdi. Däliziň ýokarsynda kölegeler oýnaşýardy. Basgançagyň arasyndan Hajy kalfanyň takyr kellesi
göründi. Gojany gürpüldi oýaran bolara çemeli, ol nepýag çyrasyny alyp, içki geýimi bilen ýokarlygyna ylgady.
— Utanaňzokmy? Nähili masgaraçylyg-a! Eýsem, myhmanhanada-da bir şeýle biedeplik bolarmy?! — diýip, ol gygyrdy-da, serkerdäni çekip aýyrjak boldy.
Emma serkerde bu batyrgaýyň garnyna güýjünde baryny edip depdi! Hajy kalfa görgüli ullakan
futbol pökgüsi ýaly bolup zyňlyp gitdi, ýalaňaç aýaklaryny kelemenledip açyk gapydan otagyma gütläp düşdi. Bagtyma, wagtynda ýerimden turup, oňa tekge bolmaga ýetişäýdim, ýogsam görgüliniň
takyr kellesi düşektagta degip, ullakan kädi ýaly, darka ýarylardy.
Bozulan ukym, gorky, geň galmak, ahyrsoňy hem goja hyzmatkäriň ýagdaýyna ýüregim awady,
bu zatlara döz gelip bilmedim.
— Eý, Hudaý! Eý, Hudaý!.. Wah, seni bir ýerler çekse bolmaýarmy, gödegiň biri gödek! —
diýip, goja kynlyk bilen aýak üstüne galdy.
Soňra düşegime geçdim, nädip diri galanymam bilemok. Demligim daraldy, çirkin gülýärdim,
ýorganymy düýrüm-düýrüm edýärdim. Indi dälizde turan topalaňa elim degenokdy.
Özüme gelenimde, gapynyň ýeňsesindäki gohgalmagal ýatyşypdyr, myhmanhana ýene ümsümlik aralaşypdyr.
Soň näme bolanyny maňa aýtdylar. Monastirli hanymyň ýüregedüşgünç söýgüsi ahyrsoňy serkerdäniň bogazyna tegek bolupdyr, onsoň ol aýalyny her edip, hesip edip, çagalary bilen bile atasy
öýüne ibermegi ýüregine düwüpdir. Şol gije ol ýol peteginiň alnandygyny, ertir ir bilen gitmäge taýýar bolup oturmagy aýtmaga gelen ekeni. Ýöne aýal pahyra adamsy bilen aýrylyşmak ýeňil düşendir
öýdýäňizmi? Elbetde, ol adamsyna ýapyşyp, oňa ýalbarmaga, özelenmäge durupdyr. Beýle elhenç
tutluşykdan öň nämeleriň bolandygyny, nämeleriň aýdylandygyny kim bilýär?
Iki sagat töweregi geçeninden soň, ýatjak bolup durkam, Hajy kalfa gapyny ýuwaşja kakdy.
— Hojanym, maňa gulak goý. Senden başga myhmanhanada bir aýalam ýok, biçäre goňşyň
özüni bilmän ýatyr. Ýöne gülme... Onuň ýanyna bar-da, halyndan habar al. Men bir erkek kişi, gelşiksiz bor. Hudaý gorasyn, o pahyr ölmäwersin. Öläýse, başymyzda ahyrzaman gopar. Ýöne gapydan
Hajy kalfanyň ýüzi görnen badyna ýene-de gülkim tutdy. «Geçdigi bolsun!» diýmekçi boldum, ýöne
bir sözem diýip bilmedim. Hajy kalfa ýüzüme hyrsyz seretdi-de, başyny ýaýkady:
— Gülen bolýarmyň? Ah, bisyrat diýsänim!.. Görüň-ä muny!..
Ol «gülen bolýarmyň» diýen sözleri anadolylylaryň şiwesinde aýtdy welin, saklanybilmän ýene
güldüm.
Betbagt goňşyma bir sagat gowrak seretmeli boldum. Onuň endam-jany gök-alady. Ol gözlerini
alardyp ýatyrdy, dişini gysýardy we zol-zol çaşýardy. Beýle «hassa» ilkinji gezek seredýärdim, şonuň
üçinem özümi gowşak duýýardym. Ýogsa-da adam pahyr näsagyň ýanynda oturmaly bolsa, ol isleseislemese, derrew yhlas edip ugraýar.
Ol her gezek bäş minut töweregi özünden gidýärdi. Biçäräniň ellerini owkalaşdyrýardym. Gyzynyň getirýän jürdeginden näsagyň ýüzüne suw sepýärdik. Onuň maňlaýy, ýaňaklary, dodaklary sypjyrylypdyr. Sürmedir gülgüne reňk bilen garyşan gan garalypdyr-da, inçejik ýol ýasap, eňeginiň üstünden döşüne syrygýardy. Eý, Taňrym, onuň ýüzi durşuna reňkdi. Jürdegiň suwy boşaňkyrlady, emma gülgün reňk bilen sürme entegem aýrylmandy.
Ertesi oýananymda garşymdaky otag boşdy. Serkerde irden birinji aýalyny çagalary bilen paýtuna mündürip alyp gidipdir. Gitmezinden ozal, goňşym meniň bilen hoşlaşjak bolupdyr, ýöne oýarmaga ýürek etmändir, çünki özi zerarly uzynly gije ýatmanlygymy bilýärdi. Ol ukuda ýatyrkam gözlerimden öpüp, Hajy kalfadan maňa salam aýtmagyny haýyş edipdir.
***
Araba çaýkanyp barýardy. Gözüm Hajy kalfanyň ýüzüne düşende ýene gülüp başladym. Goja
ýerliksiz gülkiniň sebäbine düşünýärdi, jogap hökmünde özi hem utançly ýylgyrýardy we başyny
ýaýkap hümürdeýärdi:
— Gülkiň tutýarmy! Henizem begenýärmiň?!
Onsoň öten agşam alan depgisi ýadyna düşüp, sözüni dowam etdi:
— Näletsiňen serkerdejik! Ol meni şeýlebir depdi welin, iç goşumyň bary bulaşdy. Mirat, saňa
ata pendi bolsun: sen hiç haçan är-aýaly aralaýjy bolmagyn. «Är-aýal ýüpekdir, ara düşen köpekdir»
diýipdirler.
Ahyrsoňy çeşmä ýetdik. Bu ýerde hoşlaşmalydyk. Hajy kalfa ýola alan iki çüýşe suwumy döküp, olary täzeden doldurdy, goja arabakeşe her hili maslahat berip başlady.
Newrik hanym horkuldap durşuna ugramazymyzdan ozal ýörite meniň üçin bişiren çöreklerini
sebedime saldy.
Maňa biparh bolup görnen Haýganuş birden bir ýeri agyran ýaly aglamaga durdy. Onda-da ne
aglamak! Gulagymdaky dür ysyrgalarymy alyp, gyzyň gulaklaryna dakdym. Jomartlygym Hajy kalfany uýaldyrdy:
—Ýok, hojanym! Sowgat diýeniň pul bilen ölçelmeýär. Olar gymmat dür ahyryn — diýip, ol
hüňürdedi.
Ýylgyrdym. Gyzynyň meniň üçin gözlerinden döken dür däneleriniň ýanynda bu ysyrgalaryň
hiç hili gymmatynyň ýokdugyny sap ýürekli bu adamlara nähili düşündireýin? Hajy kalfa meni araba
mündirdi, soňam uludan dem aldy, ýumrugy bilen döşüne urup:
— Ant içýärin, maňa bu aýralyk düýnki serkerdeden alan depgimden has agyr gelýär — diýdi.
Bu sözler ýene-de gijeki gopguny ýatlatdy, men ýene-de güldüm. Araba ýöräp ugrady. Hajy kalfa:
— Gülýärmiň, bisyrat, gülýärmiň? — diýip, yzymdan barmagyny çommaldyp galdy.
Wah, gadyrdan, mährem Hajy kalfa, aramyz barha uzaklaşmasady, şonda gözlerimi gören bolsaň, belki, beýle diýmezdiň.
***
Biz gitdigiçe dag içine aralaşýardyk, beýiklipesli, kötel ýola düşdük. Ýol kä derýalaryň gurap
giden hanalarynyň üstünden, käte boş meýdanlaryňdyr taşlanan üzümçilikleriň gapdalyndan geçýärdi.
Setanda-seýranda öňümizden ýeke barýan daýhan çykýardy, ýadawlykdan iňleýän ýaly bolup
görünýän araba ýa-da arkasy bir daňy odunly aýakýalaň aýal ondan hem seýrek gabat gelýärdi.
Üzümçiligiň içi bilen geçýän insizje ýodada biz iki sany uzyn murtly žandarma gabat geldik,
olaryň eşigi şeýlebir geňdi welin, garakçylara meňzeşdi. Duşuna gelemizde:
— Salawmaleýkim! — diýşip, arabaçy bilen salamlaşdylar.
Hoşlaşanymyzda Hajy kalfa maňa: «Hudaýa şükür, ýol ygtybarlydyr, ýöne ätiýaçdan ýüzüňi
çadyraň bilen ýapaý. Ýüzüň hemişe açyk saklanýan ýüzlerden däldir. Düşnüklimi, gyzym?» diýip
sargapdy. Indi uzakdan birini gördügim, şobada Hajy kalfanyň nesihatyny ýatlap, ýüzümi ýapýardym.
Wagt geçip durdy. Ýolda yns-jyns ýokdy, tukatlykdy. Arabamyz naýynjar jygyldaýardy. Ony
kim oýlap tapdyka? Dagyň gerişlerindedir derelerinde onuň tigirleriniň daşa degip döredýän jygyldysy gulagyňa teselli bolup eşidilýän ýaň döredýärdi. Biz gaýalaryň arasy bilen gidip barýarkak, göwnüme bolmasa, ýanyk görünýän gara daşlaryň aňyrsynda göze görünmeýän bir ýodajyk uzalyp, ondan
bir aýal horkuldap, naýynjar sesi bilen bir zatlar samrap, ylgap barýana meňzedi.
Agşam düşüp gelýärdi. Gün ýuwaşjadan dag gerişleriniň aňyrsyna siňip barýardy. Dereler garaňkylyga gaplanyp ugrady. Ýoluňam öňi-ardy görnenokdy. Töwerekde ne oba bardy, ne-de bag.
Ýüregime howsala aralaşyp ugrady: eger biz gijä çenli Zeýnilere barmasak näme ederis? Birden
bu daglaryň arasynda ýatmaly bolaýsak!
Mahal-mahal arabakeş arabasyny saklap, atlaryna dynç berýärdi, şonda olar bilen edil adam
ýaly gürleşýärdi.
Ahyrsoňy biz ýene-de gaýalaryň arasynda aýak çekenimizde, saklanybilmän:
— Ýene köp ýöremelimi? — diýip soradym. Arabaçy ýuwaşjadan başyny ýaýkap:
— Geldik... — diýdi. Ol ýaşuly bolmadyk bolsa üstümden gülýändir öýderdim.
— O nähili geldik? — diýip geňirgendim.
— Töwerekde iňlär siňek ýog-a... Hiç ýerde oba-da görnenok... Goja goşlarymy arabadan düşürdi.
— Ynha, şu ýodajyk bilen aşak düşmeli. Zeýniler bu ýerden bäş minutlyk ýol. Bu ýerden arabaly geçip bolanok.
Biz minaranyň basgançaklary ýaly kötel ýodajykdan aşak düşüp başladyk. Bahym agşamyň
alagaraňkysynda aşakda daşy aýmançaly gözgyny bolup oturan bagyň arasynda serwi agaçlarynyňdyr
agaç jaýlaryň birnäçesiniň tutuk suduryny saýgardym.
Birbada göräýmäge, Zeýniler obasy ýokarsynyň kä ýerinde tütün zolajyklary göterilip duran
äpet ýangyny ýada salýardy.
Adatça, «oba» diýlende gök mahmala bürenip oturan, Bosfordaky köne jaýlaryň ýaraşykly
kepderi ketekleri ýaly şadyýan, päkize jaýjagazlary göz öňüne getirýärdim. Bu külbeler bolsa ýykyljak bolup duran tutuk, ýürekgysgynç harabaçylyga meňzeýärdi.
Ýanyny ýere beren harazyň ýanynda bize egni ýapynjaly, başy selleli bir goja duş geldi. Ol,
hamala, gapyrgalary hamyndanam daşyna çykyp duran ýaly hor sygryň ýüpünden tutup gelýärdi, ony
jan edip ýataga saljak bolýardy.
Goja bizi görüp, aýak çekdi-de, içgin synlady. Goja Zeýnileriň muhtary(Muhtar — arçyn.) ekeni. Arabakeş ony tanaýan eken. Ol birki agyz sözde oňa kimligimi düşündirdi.
Sadaja gara örtügiň we syk çadyranyň astynda näçe ýaşymdadygymy aňmak kyndy. Muňa garamazdan, muhtar ependi maňa geň galyp seretdi, ähtimal, juda bezemen gören bolara çemeli. Sygryny aýakýalaň bir oglanjyga tabşyryp, yzyna düşmegimizi haýyş etdi.
Biz obanyň dar köçelerine girdik. Indi jaýlar gowy saýgardýardy. Bosforda Kawak obajygynyň
sebitinde balykçylaryň çagşap giden külbejikleri bardy, olaryň öňünde bolsa torlar ýatardy. Külbeler
deňiz şemalynyň zoruna gyşaryp, ýagyş-ýagmyryň astynda çüýräp, garalyp gidendir. Zeýnileriň jaýjagazlary şol külbeleri ýatlatdy. Aşakda dört sütünde gurlan sygyr dölesi, onuň üstünde-de birnäçe
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Saýrak Guşy - 11
  • Parts
  • Saýrak Guşy - 01
    Total number of words is 3784
    Total number of unique words is 2250
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 02
    Total number of words is 3808
    Total number of unique words is 2198
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 03
    Total number of words is 3787
    Total number of unique words is 2025
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 04
    Total number of words is 3782
    Total number of unique words is 2070
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 05
    Total number of words is 3802
    Total number of unique words is 2077
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 06
    Total number of words is 3837
    Total number of unique words is 2001
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 07
    Total number of words is 3898
    Total number of unique words is 2059
    34.9 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 08
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 2086
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 09
    Total number of words is 3861
    Total number of unique words is 2201
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 10
    Total number of words is 3829
    Total number of unique words is 2285
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 11
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 2257
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 12
    Total number of words is 3858
    Total number of unique words is 2216
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 13
    Total number of words is 3806
    Total number of unique words is 2181
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 14
    Total number of words is 3806
    Total number of unique words is 2226
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 15
    Total number of words is 3808
    Total number of unique words is 2118
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 16
    Total number of words is 3767
    Total number of unique words is 2191
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 17
    Total number of words is 3904
    Total number of unique words is 2184
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 18
    Total number of words is 3850
    Total number of unique words is 2095
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 19
    Total number of words is 3859
    Total number of unique words is 2162
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 20
    Total number of words is 3923
    Total number of unique words is 2151
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 21
    Total number of words is 3842
    Total number of unique words is 2077
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 22
    Total number of words is 3808
    Total number of unique words is 2200
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 23
    Total number of words is 3877
    Total number of unique words is 2106
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 24
    Total number of words is 3826
    Total number of unique words is 2035
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    48.4 of words are in the 5000 most common words
    56.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 25
    Total number of words is 3888
    Total number of unique words is 2094
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    49.8 of words are in the 5000 most common words
    56.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 26
    Total number of words is 2059
    Total number of unique words is 1269
    37.2 of words are in the 2000 most common words
    51.6 of words are in the 5000 most common words
    58.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.