Latin

Saýrak Guşy - 23

Total number of words is 3877
Total number of unique words is 2106
32.2 of words are in the 2000 most common words
45.5 of words are in the 5000 most common words
52.9 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
— Bilýänsiň... Iň bolmanda, bir muşakgatlygyň bardygyny aňýan bolmaly. Menden sorajak
zadyň barmy? Howsala düşüp, lapykeçlik bilen jogap berdim:
— Ýok, lukman beý, bilýän zadym ýok. Ýöne siziň bir zada hapa bolup, azara galýanyňyzy
aňýan. Siz bir bela sataşypsyňyz. Siz meniň howandarymsyňyz, hatda kakamsyňyz. Diýmek, siziň
derdiňiz meniňem derdimdir. Size näme boldy?
— Feride, gyzym, sen özüňiň ýeterlik gurbatyň barlygyny duýýarmysyň? Bilesigelijiligim
gorkymdan rüstem çykdy. Parahatlygymy saklajak bolup:
— Lukman beý, siz merdanalygyma telim gezek göz ýetirdiňiz ahyryn. Aýdyberiň!
— Feride, sen galam al-da, diýjek zatlarymyň baryny ýaz! Garry gardaşyňa bil bagla... Haýrullah
beý sakyna-sakyna, diýjek zatlaryny ýene bir gezek ölçäp görýän ýaly, şu zatlary aýdyp ugrady:
«Guşadasynyň bilim geňeşiniň çuňňur hormatlanylýan müdiriýetine. Meniň saglyk ýagdaýym
mugallymçylygy dowam etdirmäge mümkinçilik berenok. Şonuň üçin meni Guşadasy şäheriniň
zenanlar ruşdiýesiniň müdiri wezipesinden boşatmagyňyzy haýyş edýärin».
— Indi bolsa, gyzym, hiç zat barada pikir etmän, hiç zat barada soraman, arzaň aşagyna goluňy
çek-de, ony maňa ber. Feride, näme, eliň titreýärmi? Ýüzüme bakmaga çekinýäňmi? Ol-a has gowy,
has gowy... Eger sen päk gözleriň bilen maňa seredäýseň, onda men utanaryn. Bir üýtgeşik zat
bolupdyr. Nämedigini bileňokmy? Beýle bolsa, Feride, maňa gulak as. Ýöne tolgunsaň ýa-da hapa
bolsaň, gürrüňimi bes etmeli bolaryn. Sen bar zady bilmelisiň. Sen üç ýylyň dowamynda adamlara
birkemsiz belet bolandyryn öýdýärmiň? Ýalňyşýarsyň. Ynha, men bu dünýäde tas altmyş ýyl bäri
ýaşap gelýän, şonda-da adamlary tanap bilemok. Ýaşan ömrümde, gör, näçe nejislikleri gördüm, ýöne
häzirki ýagdaý weli, akyl ýetirerden çökder. Dünýäde ikimiziň dostlugymyzdan ajap, päk zat
barmyka? Edil öz gyzym ýaly, gör, näçe wagt saňa seretdim. Biz hakda näme pikir edip, näme
samahyllaýandyklaryny bilýärmiň? Ýok, sen bu zatlary göz öňüne hem getirip bilmersiň! Men seniň
aşnaň diýip gybat edýärler. Eliň bilen ýüzüňi ýapma. Başyňy belentde tut! Gözüme göni seret! Ýüzüni
diňe wyždanlary hapa adamlar ýapýandyr. Eýsem, biziň aramyzda utanar ýaly zat barmydyr? Feride,
gulak as, ahyryna çenli diňle. Bu nejis töhmet siziň mekdebiňizde döräpdir. Ony kärdeşmugallymalaryň ýaýradýarlar. Sebäbem düşnükli: näme üçin müdirlige olary däl-de, haýsydyr bir
Feridäni bellemeli? Ýarym ýyl mundan öň men saňa hiç zat aýtmazdan, seni ösdürmeklerini haýyş
edip, Izmirdäki depderdar dostuma hat iberdim, şeýdibem saňa kiçijik bir ýagşylyk etmek isledim.
Ýöne bu tagallam oduň üstüne ýag guýan ýaly bolaýdy. Töhmet, köz ýaly barha köräp, ençeme aýlap,
lowlap ýandy. Gürrüň bilim geňeşine kaýmakamyň(Kaýmakam — etrap baştutany.) hut özüniň gulagyna
ýetipdir. Diwanhanada uly-uly resmi kagyzlar doldurylyp, derňew geçiripdirler. Welaýatyň bilim
bölüminiň ýolbaşçylary seniň terjimehalyňy öwrenmäge başlapdyrlar, onda birtopar gara tegmilleriň
üstünden barypdyr. Seniň Stambuldan, soňra bolsa işden çykan ýeriň bolan B.-niň merkezi
ruşdiýesinden gaýtmagyňy olar şübheli ýagdaý saýypdyrlar. Iki ýarym ýyl mundan ozal näbelli bir
adam saňa kömek edipmiş. Sen gulluk boýunça Bilim ministrliginde görlüp-eşidilmedik tizlikde ösüp
başlapsyň hemem oba mugallymalygyndan zenanlaryň mugallymçylyk mekdebiniň mugallymlygyna
çenli ulalypsyň. Soň ýene-de şübheli ýagdaýda işden çykypsyň. Sen başga bir şähere gidipsiň, emma
ol ýerde saňa uzak wagtlap saklanmak miýesser etmändir. Onsoň Ç.- niň bilim geňeşliginden
sorapdyrlar. Beren jogaplaryny okanymda edil awy ýuwudan ýaly boldum. Sen bir bilseňdiň, Feride!..
Hamana, sen ol ýerde... Ýok, ýok, gaýtalamaga dilim baranok. Şol terbiýeli, sowatly, medeniýetli
adamlaryň galamlarynyň astyndan şeýle bihaýalyk bilen çykan sözleri aýtmaga biedep esger dilim
eger-eger aýlananok. Meni tanaýansyň, men gödek, gyzma adam, hiç hili harçaňlaşmadan
gaýdamok... Gepiň keltesi, Feride, bu gürrüňleriň hemmesi maňa ýaraly keýigiň yzyna düşen tazylary
ýatlatdy. Ynha, olar seni hem, şeýdip, şu güne saldylar... Seniň iň ýazyksyz etmişleriňe
teswirnamalardadyr derňew kagyzlarynda çişirilip, elhenç bir zat hökmünde baha berlipdir. Okuwçy
gyzlaryň biri nähoşlasa, meni mekdebe çagyrýardyň. Biziň eýjejigimiz ýogalanda sen biçäre
kellejigiňi egnimde goýupsyň. Soň seniň özüň näsagladyň, telim sagatlap başujuňda turman oturdym.
Olar bularyň baryny jenaýat hasaplaýarlar. Olar bizi bihaýalykda aýyplap, bizi bu ülkäniň urpadatlaryny, däp-dessurlaryny, ar-namysyny basgylan saýýarlar, biz özümizi gurşap alan adamlary
adam hasabynda görmeýärmişik. Biz, hamana, saňa ýaranok diýip, özümiz bolsa el-ele berip, ekin
meýdanlarynda seýil edýärmişik, döwek döwýän maşyna münüp, gezelenç edenmişik. Sen mekdebi
okuwa taýýarlamaga derek meniň bagymda atymy gezdirýärmişiň diýip, çişýärler. Ýene-de «munuň
üstesine, olar şäher etegindäki mülkde bile bolýarlar...» diýip şyltak atýarlar. Feride, balam, saňa
baryny bolşy-bolşy ýaly gürrüň berýärin. Seni ýene birneme güýmäp, umytlaryňy ýekeýekeden ýoga
çykaryp bilerdim. Emma beýtmeýärin. Kärim, geçen durmuşym awyny dessine içmelidigini öwretdi,
şonda adam ýa ölýär, ýa-da diri galýar. Ony süýjüli suwa garyp kem-kemden owurtlap içmekden
nejis, erbet zat ýok. Onsoň ýakymsyz zat barada aýlabrak kem-kemden aýtmak adamy byçgy bilen
kesene meňzeýär... Hawa, Feride, sen durmuşyň awuly urgusyny datmaly bolduň. Eger ýeke bolan
bolsaň, ol seni öldürerdi. Munça adam guş ýaly ejizje gyzyň üstüne dökülýär-ä? Men ýaly köçä zyňlan
gojanyň alnyňdan çykanyna şükür et. Ömür sagadym hä diýmän on ikini urar. Zeleli ýok. Saňa kömek
etmek üçin köp wagt gerek däl. Saňa hyzmat etmek üçin maý bolsa, bolany... Men bu manysyz bulambujarlykda ýitirilen günlerime birjik-de gynanamok. Feride, gam çekme, bu-da geçer. Sen entek ýaş.
Ruhdan düşme. Sen entek ýagşy günleri görersiň. Seniň işden çykmak baradaky arzaňy özüm
eltmekçidim, indi pikirimi üýtgetdim! Seni bu ýagdaýda ýeke goýup bolmaz. Çagalaryň durmuşyna
käte ujypsyzja zat hem agyr täsir edýär. Hany, Feride, arassa howa çykaly, goýunlardyr sygyrlara
seredeli. Ynanaý, haýwanlar edilen ýagşylygyň gadyryny ynsanlardan has gowy bilýär. Goja lukman
meniň işden çykmak baradaky arzamy bukja salyp, onbaşa berdi. Bujagaz kagyzda diňe bir
durmuşymyň bir bölejigi däl, eýsem, görgüli Çalyguşynyň iň soňky tesellisi hem bardy. Eý, Alla! Bu
nä ýürekgysgynçlyk! Arzuwlarymy towugyň jüýjeleri gyrgydan goraýşy ýaly goraýardym. Bar
umydym puja çykyp, göwün berip söýenim öläýýär-le. Üç ýyl mundan ozal güýz gijesi Çalyguşynyň
gyz düýşleri, şolar bilen birlikde hem hyýalymda besledigim körpeler hakyndaky arzuwym ölüp-ýitip
gitdi. Soňra Munisäni, okuwçy gyzlarymy ýitirdim: Olar meniň ýalňyz ýüregime teselli bolarlar diýip
arzuw edýärdim... Şeýdip, güýzde ýapraklar ýeke-ýekeden solup, ýere gaçýarlar. Entek ýigrimi üç
ýaşyma gadam basamok, ýüz keşbimden, bedenimden çagalyk gitmedigem bolsa, ýüregim joşanok,
olam ezizlerimiň ölşi ýaly, söndi gitdi.
***
Haýrullah beý üç günläp ýanymdan bir ädim-de daşlaşmady. Ol täze hasrata döz gelen
arkaýynçylygyma hem-de çydamlylygyma ynanmaýardy. Ol, hatda gijelerine hem otagymyň işigine
gelip:
— Feride, gerek zadyň barmy? — diýip soraýardy. Üçülenji gün örän ir turdum. Howa
mylaýym, tämizdi. Göwnüňe bolmasa, maý aýy gelen ýalydy. Haýrullah beý üçin süýt sagdym,
ertirlik taýýarladym. Elim mejimeli şadyýan, bagtyýar diýen ýaly ýylgyryp, otagyna girenimde,
lukmanyň şähdi açylyp:
— Berekella, Feride! Örän şat! Göwnüňe alma. Eýsem, bu dünýäniň adalatsyzlygy üçin seniň
ýeke özüň kösenmelimi näme? — diýdi. Penjiräni açdym-da, otaga serenjam berdim, mülk barada,
goýunlarymyz, çopanlarymyz barada gürrüňe başladym. Ýüzüm ýylgyryp durdy, birwagtlar
mekdepde edişim ýaly, mahal-mahal sygyrýardym. Haýrullah beýiň şatlygyny ýazyp beýan eder ýaly
däldi. Onuň göwnüniň hoşdugyny, gitdigiçe açylýandygyny görýärdim. Ahyrsoňy pursadyň
gelenligini aňyp, lukmanyň kürsüsini penjirä tarap süýşürdim, dyzlaryny ýapynja bilen örtdüm, özüm
bolsa tekjä çykyp:
— Lukman, siz bilen gürrüňim bar — diýdim. Haýrullah beý elleri bilen ýüzüni tutup:
— Aýdyber, ýöne aşak düş. Bolmasa, Hudaý görkezmesin, ýykylaýmagyň ahmal — diýip jogap
berdi.

Biynjalyk bolmaň, bütin çagalygymy agaçlaryň üstünde geçirdim. Görýäňizmi
arkaýyndygymy?.. Öten agşam örän möhüm bir karara geldim. Ony siz unasaňyz gerek.
— O nähili karar?
— Ýaşamak!
— Bu näme diýdigiň bolýar?
— Ýöp-ýönekeýje zat. Men öz-özüme kast etmekçi däl... Telim gün mundan ozal bu barada
oýlanypdym, özem ykjam oýlanypdym. Bu sözleri aýdanymda bälçireýän çaga ýaly, şadyýan,
arkaýyn gürledim. Goja lukman howsala düşdi.
— Bu bolgusyz gürrüňleriň näme? Bu näme boldugy? Eger häzir seniň oturan ýeriňde oturan
bolsam, haýran galmakdan ýaňa ýere gaçyp, tike-tike bolardym. Ýöne sen, barybir, aşak düş. Allanyň
hatyrasy üçin aşak düş... Näme boljagyny kim bilýär... Men gülüp jogap berdim:
— Lukman beý, ýaşamaly diýen karara gelemsoň, men penjireden gaçar diýip gorkmak, eýsem,
manysyz bir zat dälmidir? Näme üçin şeýle karara geldim diýseňizläň? Häzir düşündireýin. Munuň
birentek sebäbi bar. Birinjiden, özümi heläk etmäge bognum ysjak däl. Käte ölüm barada gürrüň
edýänligime bakmaň. Hernäçe diýseňem, ölüm örän gorkunç zat. Häzir başga çykalgam ýogam bolsa,
lukman beý, muňa ýürek edip biljek däl... Bulary başymy galdyrman, arkaýynlyk bilen aýtdym.
Haýrullah beý tolgunyp, ellerime ýapyşdy, penjiräniň tekjesinden zor bilen düşürip, kiçijik oturgyjyň
üstünde oturtdy.
— Baý, Feride, seniň düşnüksiz jemendedigiňi. Göräýmäge, sen garyş boýluja gurjajyk ýaly
welin, pikir edişiň örän çuňňur, geň-geň taraplaryň, görlüp-eşidilmedik merdanalygyň bar. Bolýar,
Feride, aýdyber, diňleýän.
— Siz meniň ýeke-täk ýoldaşym, howandarym, atam! Ölmäge bognumyň ysmaýanlygyna göz
ýetirenimden soň, men diňe ýaşamak isleýärin. Ýöne nädip? Ýol salgy beriň! Eger siz bir çykalga
tapyp beräýseňiz, muňa ýetesi zat bolmazdy. Haýrullah beý böwrüni diňledi, gaşyny çytdy, soň ýene
gürrüňe başlady.
— Feride, bu hakda menem oýlandym, ýöne gürrüňimizi birneme soňa goýasym geldi. Indi
özüňi dürsäniňi görüp durun. Ilki bilen, mugallymçylyk etmek pikirinden mydamalyk el çekmegiň
gerek. Bu gün saňa käbir zatlary anyk aýdyp biljek. On gün mundan ozal welaýatdan bir gözegçi
geldi. Hyrsyz, alyn dişleri moržuňky ýaly agzyndan aňalyp çykyp dur. Onuň baştutanlygynda derňew
topary döredildi. Işden boşatmazlaryndan öň, olar seni soraga çagyrmakçy boldular. Onbaşynyň şol
agşam getiren haty çakylyga meňzeş bir zatdy. Ol toparyň öňünde özüňi nähili duýardyň, Feride?
Kimden çykýany näbelli elhenç aýyplamalara nähili jogap bererdiň? Diňe şu barada pikir edenimde,
tas akylym başymdan uçupdy. Toparyň oturýan otagyny göz öňüne getirdim, egniň çarşably başyňy
aşak salyp oturyşyňy, duw ak bolup giden biçäre ýüzüňi, soňam gözegçiniň «Möjek we guzy» atly
ertekidäki haýwan ýaly, ýyrtyjy dişleri bilen seni parçalamakçy bolýanlygyny aňymda aýladym, ol
musallatyň biderek bahana agtaryp, özi ýaly, ýürekbulanç töhmetini gaýtalaýanlygyny göz öňüne
getirdim. Akylyndan azaşan esgeriň ýönekeýjelerine sögünç hem çym gyzyl bolýan mähirli çaga
ýüzjagazyňy, ör-gökden gelýän çal gözleriňi bu morž bilen ýüzbe-ýüz goýup bormy. Haýrullah beýiň
naýynjar gözlerinde uçgun peýda boldy, öň hiç wagt beýle zat görmändim. Onuň ýüzi gyşaryp, dişleri
berk gysyldy, ol gürlemesini bes edip, kimedir birine ýumrugyny gezedi-de:
— Ine, onsoň çydap bilmän, birgeňsi agzymy açyp, ol moržuň mazaly suwuna degdim, şol wagt
ony atsaň-da, ondan bir damja gan çykjak däldi. Öňňin üstümden kazyýete arz edendiklerini eşitdim.
Şol güne sabyrsyzlyk bilen garaşýandyryn. Kaza olaryň gurýan oýunlaryny birin-birin gürrüň berjek.
Goja lukman dymdy. Onuň gözlerindäki ýowuz ýylpyldy öçüp, ýüzüniň reňk-peti gaçdy, ol diňe
şondan soň mähirli ýylgyryp, adaty sesi bilen gürrüňe başlady.
— Bu arada näme bolsa, saňa boldy. Bu arada sen derde ulaşdyň. Seniň geljekde özüň barada
erbet pikirde bolanyňy islämok, çünki işden çykmaga seni zor bilen mejbur etdim. Ýöne sen geçmişiňi
terk etmeli. Biribar seniň gözleriňi, dodaklaryňy elhenç moržuň öňünde dady-perýat etmek üçin dälde, gaýtam gülmek, töweregiňdäkileriň baryny bagtyýar etmek üçin ýaratdy ahyryn. Feride, saňa ýene
käbir zatlary aýtmakçy. Indi seniň öňüňdäki jogapkärçiligim iki esse artýar: seniň ähli
betbagtçylyklaryň sebäpkäri men. Şonuň üçinem ähli zady düzetmäge borçly. Ýene gaýtalap
aýdýaryn: sen iş baradaky pikirleriňi terk etmeli. Eger biz bu gün başymyzy alyp çykaýanymyzdada, ertir ýene bir töhmet atyp, seni ýerden alyp, ýere sokarlar. Belki, oňa çenli meniň ölüp-ýitip
gitmegim hem mümkindir. Gel, bileje oýlanaly... Belki, sen öýüňize, öz maşgalaňa gaýdyp
bararsyň?.. Men ýüzümi çytyp:
— Ýok, lukman beý, olar meniň üçin bireýýäm ýok hasabynda — diýdim.
— Onda başga bir ýol... Sen gowy bir ýigide durmuşa çykyp biljek dälmi?
— Ýok, lukman beý, asla garry gyzlyga galmagy ýüregime düwdüm...
— Durmuşa çykanyňda alnyň açyljakdygyna menem ynanamok, Feride. Şol näletsiňmiş ýigit
seniň köňlüňi şeýlebir eýeläpdir welin, ony ol ýerden hiç hili güýç çykaryp taşlap bilenok.
— Lukman beý, näme barada gürläsiňiz gelse gürläň welin, bu meseläni...
— Bolýar, balam, bolýar.
— Sag boluň! Haýrullah beý murtunyň ujuny dişläp, esli içini gepletdi.
— Onda biz nätmeli? Mätäçlik howp-a ýok. Mundan gorkma. Pukara baýlygym ikimize-de
ýeter. Pulumy nirä sowarkam diýip pikir edip ýördüm. Olary seniň bagtyňdan gowy nämä sarp
edeýin! Jogabymyň lukmanyň degnasyna degjekdigini bilip durdum. Ýöne etjek alajyň barmy, näme?
Onuň dyzyny çekinjeňlik bilen sypalap:
— Ýöne pikir edip görüň, lukman, kim hökmünde sizden pul kömegini almaly? Şondan soň
özümi adam hasap edip bilerinmi? — diýdim. Haýrullah beý gatyrganmady, diňe maňa gaýgyly,
hatda naýynjar bakyp:
— Utançdyr, Feride, utançdyr! Beýle sözleri aýtmak utançdyr. Biz bir-birimiz bilen şeýle
ysnyşdyk. Emma etjek alajyň ýok. Sen diňe göräýmäge erkana, garaşsyz, dogumlyja gyz ýaly,
aslynda weli, lälijek gyzyň sadalygy, doňýürekliligi bar sende. Halk arasynda «hynaly guzy» diýilýän
gyzlardansyň-da... Sen betbagtlyga uçradyň... Ýöne şeýle gyz, halalhon gojadan hem bolgusyzja
kömegi almak islemeýän gyz ýeke ýaşap bilermi? Aýratyn hem şeýle ahwalatdan, şeýle töhmetlerden
soň. Feride durmuşa çyksaň gowy bolardy diýen netijä hem men şonuň üçin geldim. Sen hiç kimden
kömek almak isläňok. Işlesem diýýärsiň, ýöne bu mümkin däl. Eger men bile ýaşamakdan ýüz
dönderme diýip teklip etsem, munuň bilen hem ylalaşarsyň öýdemok, şeýle dälmi? Ýüzüňi
sallaýarmyň? Jogap bermäge çekinýärmiň? Dogrymy aýtsam, muny özümem çykalgadyr öýdemok.
Bu pursatda biz aç-açan gürrüň edeli. Syrgynymyzda ýaşaýan adamlar kaýmakamyň üstüne adam
iberip, meniň öýümde maşgalama hiç hili dahyly bolmadyk ýaşajyk bir del gyz ýaşaýar diýip
aýdypdyrlar. Olar muny bikanun, ahlaksyzlyk hasap edip, hatda seni nirädir bir uzak ýere sürgün
etmegi talap edipdirler. Sen meniň gönümel, aç-açan adamdygyma, diýjek zadymy her kimiň ýüzüne
diýýänligime belet ahyryn: şonuň üçin hem meni halamaýarlar. Şeýle pursatda olar meni aýarlar
öýdýäňmi, şeýle dälmi? Feride, gepiň gysgasy, seniň meniň bilen-de, ýeke-de ýaşamaga
mümkinçiligiň ýok. Nirä gitseň-de, sebäpsiz şübhelere sezewar bolup, ol şübheler bar ýerde aşyňa
awy gatar. Seniň geçmişde eden her bir gümürtik etmişiňe öňýeten kezzap, öňýeten üfis üstüňden
gülýär. Feride, indi biz nätmeli? Nähili hereket etmeli? Seni nädip goramaly? Lukmanyň ýüzüne
ölüme sezewar edileniň bakyşy ýaly, naýynjar bakdym, ýylgyrmaga synanyşdym. Ýüregim bolsa
gyýym-gyýym bolup durdy.
— Siz ahyrsoňy meniň ajal barada pikir etmäge hakymyň bardygyny ykrar etdiňiz. Lukman
beý, siz şu güne, şu agaçlara, alysdaky şu deňze bir serediň... Men ýaly bir derde uçramadyk adam,
heý, beýle ajap dünýä bilen aýrylyşyp bilermi? Haýrullah beý eli bilen agzymy tutup:
— Besdir, Feride! Besdir! Sen häzir ömrümde baş goşmadyk galat bir işimi etdirersiň. Meni
zar-zar agladarsyň. Ol şeý diýdi-de, lukman agaçlaryň gurap giden ýalaňaç şahalarynyň arasyndan
nur saçýan güýz Gününe tarap elini uzatdy:
— Indi garrapdyryn. Ömrümde köp-köp ynsan hasratlaryna, açlyk-ýalaňaçlyklaryna gabat
geldim. Şu ellerim bilen, gör, näçe gözleri ýumdurdym. Ýöne bezzatja dodaklary gülmäge bahana
gözleýän ýaly, titräp duran ajaýyp çaga ölmüň zerurlygy barada arkaýyn gürläp dursa, bu, eýsem,
elhenç ýagdaý dälmidir. Seni beýle ýagdaýda hiç haçan görmändim — diýdi.
Haýrullah beý dyzlarynyň üstünde ýatan ýapynjany serpip goýberdi-de, esli salymlap otagda
gezmeledi. Ahyrsoňy ol öňümde aýak çekip:
— Beýle ýagdaýda biz iň soňky çärä ýykgyn etmeli. Seni şerigatyň kanunyna görä, öz öýümde
saklajakdyryn hemem daşyňy gorajakdyryn! Taýýarlanyber, Feride. Ol indiki juma agşamy amala
aşyryljakdyr — diýdi.
***
Biz bir hepdeden bäri Guşadasynda bolýarys. Men ertir gelin bolýaryn. Bir gün mundan öň
Haýrullah beý bir iş bilen, şeýle hem öýe gerek-ýarak zatlary satyn almak üçin Izmire gitdi. Şu gün
ol telegramma iberip, özüniň agşam gaýdyp geljekdigini habar berdi. Men lukmana çykdajy edip
ýörmegiň düýpden gerek däldigini syzdyrdym. Ol geň-geň deliller getirip, aýdanyma garşy çykdy.
— Ýok, ezizim, hiç zat satyn almazlyk — munuň özi meniň juda garrandygymy boýun almak
ýaly bir zat bolýar. Hawa-da, aramyza kyrk ýyllyk çäk salyp, tebigat ýalňyşlyk edipdir. Ýöne munuň
hiç hili ähmiýeti ýok. Hakyky ýaşlyk-kalp ýaşlygydyr. Sen ýaşyma seretme. Ýigrimi ýaşly
ýigdekçeden hem gujurlydyryn. Üstesine-de, seni owadan hem bezemen gelin ýaly göresim gelýär.
Men diýenimi ederin: saňa Izmirden görlüp-eşidilmedik toý lybasyny getirerin. Öňe seredip
oturyşyma bir söz hem diýmedim. Haýrullah beý sözüni dowam etdi:
— Munuň daşyndan saňa toý sowgadyny hem etmekçi... Özem ol görlüp-eşidilmedik sowgat
bolar. Hany, biljek bol: ol ysyrga bolarmy ýa ýüzük, dür, almaz?.. Ýok, ýok, ýene-de bir gezek ýok.
Sen biljek bolup nähak azara galyp oturma, barybir, bilmersiň. Men saňa bir ýetimler öýüni
bagyşlajak. Haýrullah beýiň ýüzüne geň galyjylyk bilen seretdim. Onuň ýüzi şadyýan ýylgyryp,
ýagtylyp gitdi.
— Görýäňmi, göwnüňden turaýjak bir zat tapypdyryn. Biz Alajagaýadaky mülkümizi kyrk çaga
bolar ýaly ýetimler öýüne öwreris. Biz ol ýere töwerekdäki obalaryň ýetimlerini ýygnarys. Men-ä
lukmançylyk ederin, senem mugallyma, eneke bolarsyň. Bu setirleri keselden sagalyp ýören
pursatlarym bolan otagdaky penjiräniň öňünde ýazýaryn. Bagda gury ýapraklar agaç pudaklaryndan
ýagyş ýaly dökülýär. Şahalaryň ýarysy diýen ýaly ýalaňaçlanypdy. Ýel güýjäp, gury ýapraklary
penjiräniň öňüne sürüp getirýärdi, soň olar depderimiň saralyşan sahypalaryna gelip düşýärdi. Goja
lukman dostumyň solak mawy gözlerindäki mylaýymlyk, mähir, çyn ýürekden çykýan tämiz atalyk
söýgüsi kalbymy heýjana getirýärdi. Munuň özi ýapraklary saban agajyň iň soňky ýaşyl ýapragydy.
Ýöne oňa adamym hökmünde bakmaga mejbur bolan günümden bäri ol hem saralyp-solup gitdi.
Nätjekdä? Durmuşyň özi şeýle. Onsoň muňa hem boýun bolmaly bolýar.
***
Garynja yzlaryna meňzäp duran kiçijik harplar bilen doldurylan bu gündeligimiň iň soňky
sahypasyna ýetdim. Gören azaplarym bilen birlikde depderim hem tamamlandy. Onuň beýle gabat
geläýşini! Indi hiç haçan täze gündelik ýöretmen, hiç haçan täze durmuşymy beýan etmen. Maňa
başga gürrüň berere zat ýok. Ertir Haýrullah beýiň aýaly bolaryn, şondan soň özge durmuş hakynda
gürrüň bermäge hukugym hem bolmaz, bognum hem ysmaz. Birigün ir bilen goja lukmanyň otagynda
oýanjak aýal bilen bütin ömri sadaja aýdymdan hem birnäçe damja gözýaşdan başga Çalyguşynyň
arasynda nähili umumylyk bolup biler. Bu gün Çalyguşy gözýaşlaryna ezilen gündeliginiň
sahypalaryna gaçan güýz ýapraklarynyň astynda hemişelik jan berer.
***
Aýralygyň soňky sagadynda hakykaty gizläp oturmak nämä gerek? Kamran, saňa hiç haçan
okamak miýesser etmejek bu gündeligi seniň üçin ýöretdim. Hawa, bu ýerde aýdan zatlarymyň
baryny, ýazanlarymyň hemmesi diňe seniň üçindi. Bu gün ahyrsoňy özümiň düzedip bolmajak hata
edenligimi boýun almaga wagt ýetdi. Hawa, hiç zada garamazdan, men söýülýärdim, saňa barsam,
alnymyň açyljakdygyny hem bilýärdim. Emma bu maňa az bolup göründi. Men özümiň söýşüm ýaly
bolmasa (bu mümkin hem däl), örän, örän, örän söýülmegimi küýseýärdim, iň bolmanda, şeýleräk
söýülmegimi isleýärdim. Meniň şeýle söýgä hakym barmydy, eýsem? Bardyr öýdemok, Kamran!
Men kiçijik, nadan gyzjagaz. Söýmegiň, söýülmegiň hem öz ýoly bar, şeýle dälmi, Kamran? Men
bolsam muňa düşünmändirin. Seniň «saryja güljagazyň» nähili mylaýym aýal bolandygyny kim
bilýär! Kamran, muny saňa gyjalat bermek üçin aýdamok. Maňa ynanaý. Eger ol seniň bagtyňy açan
bolsa, hyýalymda onuň bilen ýaraşmaga taýyndyryn. Onuň saňa nähili ýakymly sözleri aýdanlygyny,
onuň nähili ajap hatlary ýazmagy oňarýanlygyny kim bilýär! Men bolsam... Men seniň çagalaryň,
biziň çagalarymyz üçin gowy ene bolup bilerdim... Diňe şony başarardym. Kamran, seni söýýänligimi
diňe aýrylyşanymyzdan soň bilip galdym. Gep meniň durmuşa düşünenligimde ýa-da başga birlerini
söýenligimde däl. Ýok. Men muňa seniň kalbymdaky keşbiňi söýmegimi dowam edenligim üçin
düşünýän. Zeýnilerde garaňky gonamçylykda, daýhan arabalarynyň gamgyn jaňjagazlarynyň
jyňňyrdaýan uçsuz-gyraksyz çöllüginde, şalyň mylaýym, ýakymly ysyndan doly Söwüt jeňňelliginde
şuwlap, uzynly gije eňrän halatlarynda hemişe seni ýanymda ýaly görüp, hemişe seniň gujagyňda
ýaşadym.
Aýaly boljak biçäre gojam meni bigünä gyzjagaz, akja guş saýýar. Ol juda ýalňyşýar! Saňa bolan
söýgim kalbymy-da, bedenimi-de guradyp taşlady, ejir baryny görkezdi. Kamran, biz diňe şu gün,
birek-birekden aýra düşýäris! Hawa, diňe şu gün dul bolup galýaryn... Bolup geçen zatlara
garamazdan, barybir, sen hemişe az-owlak meniňkidiň, men bolsam bütin durkum bilen seniňkidim...
(Feridäniň gündeliginiň soňy).
Bäşinji bölüm
I
— Kamran, saňa ýoldaş bolmagyň özi, walla, güzab-a. Iki sagadyň içinde, megerem, ýüz sowal
dagy berendirin, ýöne «hawadyr» «ýokdan» başga eşiden jogabym ýok. Oglum, akylyňa aýlan-a!
Paýtun çarkandak ýol bilen çaýkanyp barýardy. Iňrik garalyp ugrapdy. Şemal öwüsýärdi. Kamran
paltosynyň ýakasyny galdyryp, burça gysylyp otyryşyna oý-pikire batyp, Mermer deňzini synlaýardy.
Ahyrsoňy ol deňizden nazaryny sowup, ýylgyrdy-da:
— Daýy, iki sagadyň içinde iki ýüz sowala «hawa», «ýok» diýen iki ýüz jogap almak-da,
onçakly az zat däl — diýdi.
— Bolýar, oglum, ýöne sen sowallara oýlanmazdan, dilujundan jogap berdiň-dä:
— Daýy, siziň şypahanalardaky näsaglary ajap bejeriş usulyňyz bar! Göwnüme bolmasa,
oýlanmaga mejbur etmek bilen, siz meni ýörite surnukdyrmak isleýän ýaly.
— Ah, gadyrbilmez diýsänim! Seniň göwnüňden turjak gümanyň ýok. Hawa, dogrudan hem,
seni oýlanmaga mejbur etjek bolýaryn. Ýöne maksadym seni surnukdyrmak däl-de, başga zatlar
barada oýlanmaga päsgel bermek. Bizar boldum! Seni gafat ukusyndan oýarmak mümkin däl. Ynha,
biz üç gün mundan öň obadaky toýa gidip geldik. Dürli adamlary gördük. Tebil, surnaý diňledik,
ýigitleriň tansyny, pälwanlaryň göreşini gördük. Men-ä hezil edindim, sen — ýok! Inkärem edip
oturma. Meniňem gözüm bar, görüp otyryn.
— Daýy, size nähili düşündirsemkäm?.. Diýmek, gurluşym başgarakdyr.
— Ýok, oglum, sen özüňi ýaman güne goýýaň. Iň bolmanda, menden görelde al. Bahym altmyş
ýaşaýan, ýöne gün geldigiçe-de juwanlaşýan.
— Muny Äşe daýzam bir eşitmäwersin...
— Goý, eşitsin, maňa näme? Bu ýere gelenimde has garry görünýärdim. Kamran ýylgyrdy.
— Soňky gezek Tekirdagda on ýyl töwerekleri mundan öň bolupdym. Häzire çenli ýatlap
ýörün... Edil häzirki ýaly, awgust agşamydy... Eziz beý elini çarpdy.
— Görsene, wagtyň geçäýşini!.. Çünki seniň ogluň bahym dört ýaşaýar, bäş ýyl mundan ozal
bolsa sen Feridäniň adaglysydyň. Wah, Kamran, seniň oňa rehimsiz daraýşyňa heniz-henizlerem
düşünip bilýän däldirin!.. Çalyguşynyň bilbil ýaly sesini, gül kimin ýüzüni ýatlanymda häzire çenli
ýüregim gyýlyp dur. On ýyl geçenem bolsa, öýümiziň ýeňsesindäki baga gözüm düşeninde ýüregim
awaýar. Ölüp-ýitip gidäýsem hem, seni bagyşlap bilmen, Kamran.
— Daýy, dynç almaga özüňiziň çagyran hassaňyza beýle sözleri diýmek bolarmy?..
— Sen mamla. Ýöne seniň derdiň sözlerime hiç hili dahyly ýok. Sen söýen aýalyňa öýlendiň,
ýöne bir ýylam äbe-de-jüýbe bolup ýaşap bilmediň. Münewwer nähoşlady. Sen üç ýyllap onuň
başujunda oturdyň. Seniň ony äkitmedik ýeriň galmady... Prins adalaryna, Şweýsariýa äkitdiň...
Emma kysmatdan gaçyp gutuljak gümanyň ýok. Ol geçen gyşda dünýäden ötdi, sen bolsaň bu
ýitgiden özüňe gelip bileňok, ýüzüň-gözüň edil hassanyňky ýaly. Ýöne munuň Feridä hiç hili dahyly
ýok. Sen başga birini söýüpdiň... Kamran ajymtyk ýylgyrdy:
— Ýok, daýy, gepime ynanýan ýok, sizem ynanmarsyňyz, muny geň-taň bir zat hasap edersiňiz.
Men dürli gyzlara göwün beripdim, hatda çynlakaý halanlarym hem bardy. Ýöne siz ynanaýyň,
dünýäde hiç kimi Feridäni söýşüm ýaly söýmändim. Eziz beý dişleriniň arasyndan syzdyryp:
— Düşünýän, bu ýaman söwda, ýaman söýgi bolupdyr — diýdi.
— Daýy, sizem ynanmarsyňyz diýdim-ä. Hiç kim ynananok. Müjgän telim ýyldan bäri menden
gaty görüp ýör, Feridäniň adyny hem tutduranok. Ol birsyhly: «Seniň Feride barada dil ýarmaga-da
hakyň ýok» diýýär. Ejemem, daýzamam, hemmesi şeýle. Men diňe Nermin bilen Feride hakda gürrüň
edip bilýän. Häzir Nermin on ýedisinde. Feride geleninde Nermin ýaňy ýedi ýaşyndady. Feride onuň
ýadyna çala düşýär, ol o barada: «Meni hiňňildikde uçuran gyzyl köýnekli doganjygym...» diýip
ýatlaýar. Ony gyzyl köýnekli doganjygy hakda gürletjek bolup, men, gör, ne azaplar çekdim.
— Kamran, sen örän geň adam. Ýagşy, onsoň, ol, beýleki zenan näme?
— Ol näsag aýaldy. Onuň men zerarly ölmegi ahmaldy. Feridäni almak umydymy doly ýitirip,
oňa nebsim agyransoň Münewwere öýlendim. Ine, bar bolany.
— Muňa düşüner ýaly däl. Sen bir düşnüksiz adam, Kamran!
— Dogry aýdýaň, daýy. Näme edip, näme goýýanymy özümem hiç bilemok. Diňe bir zady
anyk bilýän, olam meniň Feridä bolan söýgim. Ol ýüregimde öçmejek yz galdyrypdyr. Göwnüme
bolmasa, demimi sanap ýatyrkam hem, ony ýatlap aglarmykam diýýän... Lukmanlar maňa howaňy
üýtgetmeli, dynç almaly diýenlerinde, ilkinji nobatda, Tekirdag barada oýlandym. Ynha, onsoň siz
meni öz çakylygyňyz bilen gelendir, oba toýlarynda hezil edip wagtyny geçirmekçidir diýip, pikir
edýänsiňiz... Gaty görmäň, bu ýere puja çykan arzuwymyň galyndylaryny çöplemäge geldim.
— Ýagşy, sen bir samsyklyk edipsiň diýeli, ýöne ony düzetmäge hiç hili ýol ýokmudy, näme?
— Daýy, hata goýberdim, haýynlyk etdim. Feride bizden öte gaharly gitdi. Sorap-idäp onuň
nirededigini bilsem-de, duşuşmakdan birden çekindim duruberdim. Feridäniň diňe bir ýüregine ýara
salynman, mertebesi hem kemsidildi. Ýat illere çykmagyň oňa nähili kyn bolandygyny özüň biliber.
Meni ýarym ýyl hem geçipgeçmänkä göräýse, onuň gahar-gazaba münüp, birtopar kelesaňlyk etmegi
mümkindi. Men zordan ýazyň çykaryna garaşyp, ýol şaýymy tutup ýördüm, ony işleýän ýerindäki
oba mekdebinden taparyn öýdýärdim, onýança, nägehan kesel meni bürdi-de taşlaýdy, üç aýlap
ýorgandüşekli ýatmaly boldum. Men B.-e Çalyguşynyň yzyndan gidenimde eýýäm gijä galan ekenim.
Maňa ol näsag kompozitora aşyk boldy diýdiler; onuň şaglawugyň ýanynda oňa deprek
çaldyrandygyny, biwepa başyny söýgülisiniň dyzyna goýup onuň gözlerine bakýandygyny aýtdylar.
Daýy jan, özüňiz pikir edip görüň, şol gözlere näçe ýyl intizar boldum, olary diňe özümiňki, diňe
özümiňki saýýardym, ine, onsoň bir gün... Kamran sözüne dyngy berdi, kellesini deňiz tarapdan
öwüsýän şemaldan gorajak bolýan ýaly, paltosynyň ýakasynda gizledi, soňra ýene-de balykçylaryň
ýakýan otlarynyň alawlaýan çägesöw kenaryna dikanlap seretdi. Eziz beýiň hem keýpi gaçdy.
— Kamran, oglum — diýip, ol söze başlady.
— Şonda sen ikinji gezek ýalňyşdyňmykaň diýip gorkýan. Eger-de Çalyguşy beýle etmişlere
baş goşýan, ähli zady çalt ýatdan çykaryp, kellesiniň ugruna gidýän gyzlardan bolan bolsa, ol
bireýýäm bagtly bolardy. Hemme zat başgaçamyka diýýärin. Kamran ýene-de ajymtyk ýylgyryp,
başyny ýaýkady:
— O jähetden arkaýyn boluň, daýy! Feride eýýäm iki ýyldan bäri örän bagtly zenan. Maňa ony
gören, oňa belet adamlar gürrüň berdiler. Onuň adamsy, goja lukman örän baý adammyş. Feridäniň
joralarynyň biri — raýat emeldarlaryny taýýarlaýan mekdepleriň gözegçisi bolup işleýän dostumyň
aýaly oňa bir gezek Guşadasynda gabat gelipdir. Çalyguşy üýtgemändir, öňküsi ýaly, köp gepläp,
gülüp, degişýär diýdi. Feride jorasyna şäherden birnäçe sagatlyk uzaklykda ýerleşýän mülkde
ýaşaýan ýetimleri terbiýeleýändigini, ol ýerde ýigrimi töweregi çaga bardygyny gürrüň beripdir.
«Men örän hoşbagt» diýipdir. Ol adamsyndan ýarym sagatlap hem aýrylyşyp bilmeýärmiş. Jorasy
Stambul hakda, dogan-garyndaşlary barada söz açmakçy bolupdyr. Emma Feride oňa gulak hem
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Saýrak Guşy - 24
  • Parts
  • Saýrak Guşy - 01
    Total number of words is 3784
    Total number of unique words is 2250
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 02
    Total number of words is 3808
    Total number of unique words is 2198
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 03
    Total number of words is 3787
    Total number of unique words is 2025
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 04
    Total number of words is 3782
    Total number of unique words is 2070
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 05
    Total number of words is 3802
    Total number of unique words is 2077
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 06
    Total number of words is 3837
    Total number of unique words is 2001
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 07
    Total number of words is 3898
    Total number of unique words is 2059
    34.9 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 08
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 2086
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 09
    Total number of words is 3861
    Total number of unique words is 2201
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 10
    Total number of words is 3829
    Total number of unique words is 2285
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 11
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 2257
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 12
    Total number of words is 3858
    Total number of unique words is 2216
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 13
    Total number of words is 3806
    Total number of unique words is 2181
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 14
    Total number of words is 3806
    Total number of unique words is 2226
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 15
    Total number of words is 3808
    Total number of unique words is 2118
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 16
    Total number of words is 3767
    Total number of unique words is 2191
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 17
    Total number of words is 3904
    Total number of unique words is 2184
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 18
    Total number of words is 3850
    Total number of unique words is 2095
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 19
    Total number of words is 3859
    Total number of unique words is 2162
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 20
    Total number of words is 3923
    Total number of unique words is 2151
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 21
    Total number of words is 3842
    Total number of unique words is 2077
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 22
    Total number of words is 3808
    Total number of unique words is 2200
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 23
    Total number of words is 3877
    Total number of unique words is 2106
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 24
    Total number of words is 3826
    Total number of unique words is 2035
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    48.4 of words are in the 5000 most common words
    56.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 25
    Total number of words is 3888
    Total number of unique words is 2094
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    49.8 of words are in the 5000 most common words
    56.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 26
    Total number of words is 2059
    Total number of unique words is 1269
    37.2 of words are in the 2000 most common words
    51.6 of words are in the 5000 most common words
    58.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.