Latin

Saýrak Guşy - 05

Total number of words is 3802
Total number of unique words is 2077
32.2 of words are in the 2000 most common words
45.0 of words are in the 5000 most common words
52.6 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
mesirgän ýabyýaly, ylgaşlap ýörmek on bäş ýaşly uly gyza aýypdy. Muny özümem gowy bilýärdim,
ýöne akyl-paýhasa eýermäge özümi hiç mejbur edip bilemokdym.
Müjgäniň ýeke galan pursadyny peýläp, onuň eline ýapyşdym.
― Sen edil ermeni gelni ýaly, ejap eden bolup, bu hanymlardan näme lezzet alýarsyň? Ýör,
biziň bilen oýna. Ol der-gazap boldy:
― Sen maňa gijagşamdan tä ertire çenli ezýet baryny çekdirdiň! Sen, dogrudanam, geň adamaý! Saňa nägehan diýseňem boljak. Sen gije nähili ýagdaýda bolanyňy bir bilýärmiň? Turanyňa iki
sagadam-a bolanok welin, argyn adama meňzäňok-la. Ýüzüň lowurdap, gözleriň ýaldyrap dur. Meni
bolsa, gör, ne hala saldyň? Müjgän görgüliniň, dogrudanam, haly harapdy. Gijeki ukusyzlyk sebäpli,
onuň ýüzi-gözi mum ýaly sarydy. Men:
― Gijeki bolan zatlardan habarym ýok ― diýdimde, ýene-de ökjäni göterdim.
***
Agşamara öýe pyýadalap gaýtdyk, biziň paýtunymyz nirededir bir ýerde eglenen bolara çemeli.
Meniň üçin-ä bu has ýakymly boldy, onsoňam biziň mülkümizem uzakda däldi. Aýşa daýza bilen
onuň ýaşlaryndaky iki sany goňşy aýal yzdan mytdyldaşyp gelýärdi. Birneme özüne gelen Müjgän
ikimiz bolsa has öňdedik. Ýoluň bir tarapy baglykdy, onuň daşyna çybykdan örülen aýmança aýlangydy, käte-käte baglygyň içinde köne jaýlaryň galyndy diwarlary görünýärdi. Ýoluň beýleki tarapynda bolsa, sussupes halda deňiz ýaýylyp ýatyrdy.
Häzir güýz hökümini ýöredip ugrapdy. Aýmançalardyr haýatlaryň daşyny jähekläp oturan otlar
solşupdy. Setanda-seýranda saralyşyp giden meýdan gülleri göze ilýärdi. Biri-birinden esli aralykda
duran gyrymsy agaçlaryň solgun kölegeleri gumak ýoluň üstüne düşüp durdy. Agaçlardan ilkinji ýapraklar gaýyşyp ýere düşýärdi.
Uzakda — ugruna seredilmeýän baglaryň jümmüşinde böwürslen jeňňelligi gyzaryşyp otyrdy.
Biribaryň bu ir-iýmişleri atdaşlarym bolan çalyguşlaryň iýip hezil edinmekleri üçin döredenine şekşübhe ýokdy. Şonuň üçinem tutuksy deňze ýeňsämi öwrüp, Müjgäniň golundan tutdum-da, böwürslenlige tarap ugradym.
Ýoldaşlarymyz eýýäm yzymyzdan ýetipdi, ýöne olar pyşdyl ýörişini edip, burça ýetinçäler, biz
böwürslenlige ýüz gezek dagy özümizi atyp biljekdik.
Müjgän şeýlebir nalajedeýin, şeýlebir gowuşgynsyzdy welin, ol diňe men ýaly sabyrsyzy däl,
eýsem, çem gelen adamynyňam akylyny çaşyryp biljekdi. Meýdanyň içi bilen barýandyrys, birden
köwşüniň ökjesi gaňrylaýsa, ol aýaklaryny saman gylçyklary ýaralar öýdüp gorkýardy, öňünden insizje ganaw çykdygy dagy, üstünden böküp bilmän iki jahan owarrasy bolup durandyr.
Oslaman durkak, ýanymyzda bir güjüjek peýda boldy. Ol Müjgäniň el torbasyna-da ýerljek kiçijik gürjüdi welin, ablam eýýäm aman diläp, ökjäni götermäge taýyn bolup durdy. Mundan başgada, ol böwürslen iýmekden-de gorkýardy.
Ol elimden böwürslenleri kakyp alyp:
― Hassalarsyň, içiň agyrar! ― diýip gygyrdy.
Onuň bilen birneme harçaňlaşmaly boldum. Biziň çekeleşmelerimizden ýaňa böwürslenler
mynjyrap, ýüzümize syçrady, giň ýakasyna iki sany kümüş labyryň şekili çekilen ak köýnegim durşuna tegmilden doldy.
Men ulular burça ýetinçä, böwürslenden doýup ýetişeris diýip oýlanypdym, emma olar eýýäm
ýetip gelýärdi, biz bolsa bir gysym böwürsleniň üstünde dawa turuzýardyk.
Olar biynjalyk bolýan bolarly, sebäbi zol-zol bize tarap seredýärdiler. Ýanlarynda bolsa bir erkek kişi bardy.
― Görsene, ol kimkä? ― diýip, Müjgän menden sorady.
― Kim bolar öýdýäň? Geçip barýan bir ötegçidir ýada daýhandyr-da...
― Aý, ýok, beýle däl ýaly...
― Çynymy aýtsam, menem şeýle pikir edýän...
Iňrik garalyp ugrapdy, üstesine-de, ýoluň boýunda ösüp oturan agaçlaryň kölegesinden ýaňa
nätanşyň ýüzüni saýgarmak kyndy.
Birden ol adam bize elini salgady-da, zenanlaryň arasyndan sogrulyp, bärligine tarap ýöneldi.
Biz howsala düşdük.
― Geň zat... Ol biziň tanyşlarymyzyň biri bolaýmasa ― diýip, Müjgän seslendi. Şol bada-da
aljyraňňy halda:
― Wiý, Feride, ol Kamran ýaly-la... ― diýdi. ― Bolup bilmez. Onuň bu ýerlerde näme işi bar?
― Walla, çynym, bu şol!
Müjgän oňa tarap ylgap gitdi. Men bolsa demim demime ýetmeýänligi, aýaklarym diýen etmeýänligi sebäpli, ýuwaşja ýöräp ugradym.
Men olara ýetmän saklandym. Aýagymy ullakan daşyň üstünde goýdum-da, köwşümiň bagjyklaryny çözüşdirdim we ýene-de olary haýaljakdan daňdym.
Kamran bilen pete-pet gelenimde bolsa, özümi arkaýyn alyp barmaga çalyşdym, hatda ýaňsa
alybrak:
― Geň zat! Siz nire, bu ýerleri nire?.. Siz beýle uzak ýola çykmaga neneňsi ýürek edip bildiňiz?
― diýdim.
Ol jogap bermedi, diňe keseki bir adamyň öňünde duran ýaly, çekinjeňlik bilen ýylgyryp, ýüzüme seretdi durdy. Soňam maňa elini uzatdy. Men derrew elimi çekip, arkamda gizledim.
― Biz, Müjgän abla bilen böwürslen toýuny etdik. Şonuň üçinem ellerim şire bolup dur, üstesine-de, olara tozanam ýokupdyr... Hawa, daýzalarymyň haly niçik? Nejmiýe gurgunmydyr?
― Olar saňa köp-köp salam aýtdy, Feride.
― Mersi.( sag boluň.)
― Ýüzüň garalyp, menek-menek bolupdyr, Feride.
― Günden-dä... Şol aralykda Müjgän gürrüňe goşuldy-da:
― Senem şonuň ýaly, Kamran! ― diýdi. Men özümi saklap bilmän:
― Kim bilýär, belki, ol Aý yşygynda saýawansyz gezendir... ― diýdim.
Biz gyzyl-gyran gülşüp, ýöräp ugradyk.
Az salym geçmänkä, Aýşa daýzam bilen Müjgän çykanymyň goltugyndan tutup ýöräp ugrady.
Goňşularymyz ýaşy kyrkdan geçenem bolsa, özlerini gelin, Kamranam erkek kişi saýyp, birneme
çeträkden ýörediler.
Men çagalar bilen öňden ýöräp barýardym, emma gulagym yzdady. Çykanym daýzama we
Müjgäne bu ýere düşmesiniň sebäbini gürrüň berýärdi. Ol:
― Bu tomus Stambulda bolanymda şeýlebir ýüregim gysdy welin, ony söz bilen beýan etmek
mümkin däl ― diýdi.
Men aýagym bilen ýeri batly depdim-de, öz ýanymdan: «Elbetde, ýüregiň gysar... Hoşwagt duluňy del ýurda iberseň, dagy nähili bolsun?» diýip içimi gepletdim. Kamran bolsa sözüni dowam etdi:
― Iki gün mundan ozal, ýagny aýyň on bäşi güni, biz birtopar bolup Älemdaga çykdyk. Gije
diýseň gözeldi. Ýöne, biler bolsaňyz, men ýüregedüşgünç güýmenjeleri halamok-da. Hawa, onsoň
daňdanlar hiç kime bildirmän, ýeke özüm şähere gaýtdym. Gepiň keltesi, ýaman ýüregim gysansoň
birnäçe günlük Stambuldan çykyp, nirädir bir ýere gitmegi ýüregime düwdüm. Emma nirä gitjek?
Ýalowamy? Ýöne ol ýerde entek möwsüm däl. Bursada häzir ot bilen ýalyndyr. Birdenem Tekirdag
ýadyma düşdi. Onsoňam sizi örän göresim geldi ― diýdi.
***
Şol agşam daýzam bilen adamsy bagda bolup, Kamrany ýanlaryndan aýyrmady. Ýadawlykdan
ýaňa aýak üstünde durmaga mejaly galmadyk Müjgänem olaryň ýanyndan aýrylmady.
Men bolsam hemişe olardan çetde durmaga çalyşýardym, kä öýe girsem, kä bagyň jümmüşine
gidýärdim.
Näme üçindigini bilemok, ýöne bir sebäp bilen olaryň ýanyna barmaly boldum. Şonda Kamran
gatyrganyp:
― Görýän welin, bu öýde myhmana ýüz bermek islemeýänem bar ― diýdi.
Gülüp, eginlerimi gysdym-da:
― «Myhman myhmany gysganar» diýip, aýtmanmydyrlar näme — diýdim.
Müjgän gitmegimden ätiýaç edýän ýaly, elimden, köýnegimiň eteginden ýapyşdy. Emma, barybir, onuň elinden sypdym-da, ukym tutýar bahanasy bilen öýe tarap ugradym.
Ýarygije Müjgän otagymyza geleninde, entek ýatmandym. Ol düşeginiň gyrasynda oturdy-da,
ýüzüme seretdi. Gülkim tutaýmasyn diýip, beýläme öwrüldimde hor çeken kişi boldum. Müjgän: ―
Jögülik eden bolmasana! ― diýip, meni turmaga mejbur etdi.
― Walla, çynym, ýatyrdym ― diýip, oňa gözlerimi mölerdip seretdim. Ikimiz hem saklanyp
bilmän gülüşdik. Müjgän ýaňagyma çalaja kakyp:
― Çakym dogry bolup çykdy ― diýdi. Men tarsa ýerimden turup, ýatalganyň üstünde ornaşyp
oturdym welin, ýatalga muňa döz gelmän jygyldap ses etdi. ― Sen näme diýjek bolýaň? Müjgän
allaniçigsi boldy. Ol:
― Hiç zat, hiç zat ― diýip ýylgyrdy. Soňundan bolsa:
― Taňrynyň haky üçin, meni bogaýma. Ýadawlykdan ýaňa, ölüp barýan ― diýdi. Ol çyrany
öçürdi-de, ýerine geçip ýatdy.
Az wagt geçeninden soň, onuň ýanyna bardym-da gujakladym, emma ol biçäre eýýäm uka giden
eken. Ol gözlerini süzüp:
― Ýatmaga goýsana, Feride! ― diýip ýalbardy. ― Bolýar. Ýöne sen bir zady bilip goý. Aýtjak
zadymy aýdaýmasam, barybir, gözüme uky gelmez ― diýdim.
Otagyň içiniň garaňkylygyna, Müjgäniň gözleriniň ýumuklygyna garamazdan, dodagymy onuň
gulagyna golaýlatdym-da, pyşyrdadym:
― Seniň kelläňde biderek pikirler at salýar. Men oňa düşünýän... Ýöne sen oýun edibem oňa
bir zatlary aýdaýsaň, seni tutaryn-da, özüm bilen bilelikde deňze oklaryn.
― Bolýar... bolýar... ― diýip, Müjgän hümürdedi-de:
― Seniň özüň näme isleýäň? ― diýip sorady.
Ol şeý diýdi-de, yralaýandygyma garamazdan, ýene uka gitdi.
Kamranyň gelmegi, dogrudanam, keýpimi bozdy. Men oňa gahardyr ýigrenç duýgulary bilen
garaýardym. Bu duýgular bolsa, gün-günden möwjeýärdi. Çykan ikimiz ikiçäk galan wagtymyz, sebäpsiz ýerden onuň ýüzüni alardym hemde çaltrak ýanyndan gaçanymy kem görmezdim.
Bagtyma, daýzamyň adamsy Aziz daýym myhmanyň azaryny hiç kime ýetirmedi. Ol her gün
diýen ýaly, dost-ýarlaryny öýe çagyryp, Kamran bilen tanyşdyrýardy, günüň-gününe ony paýtuna
mündürip, irginsiz gezelençlere ýa-da ýerli baýlaryň birine myhmançylyga äkiderdi.
Bir gün ir bilen çykanyma basgançakda gabat geldim. Kamran ýene-de bir ýere myhmançylyga
gitmäge hyýallanýan eken. Ol meniň ýolumy kesip, hiç kimiň eşitmeýändigine göz ýetirmek üçin,
töweregine garanjaklady-da:
― Feride, men beýle myhmansöýerlikden ölsem gerek ― diýip pyşyrdady.
Oňa golaý barman, basgançakdan düşüp bilmejegimi bildim-de:
― Eýsem. Bu erbetmi, näme? Sizi her gün gezdirýärler, wagtyňyzy hoş geçirýärsiňiz ― diýdim.
Kamran ýaňsyly gülümsiredi-de, gözlerini asmana dikip:
― «Myhman myhmany gysganar» diýsene. Ýöne sen gadymdan gelýän kada-kanunam unutma:
myhman myhmanyň gybatynam etgiçdir. Meniň hem bir zatlar aýdaýmagym ahmal ― diýdi.
Kamran, näme üçindir, gelen agşamy «Myhman myhmany gysganar» diýip aýdan sözlerime
gaharlanýardy. Özi-de çetime degmäge jan edip, muny birsyhly ýatladýardy.
― Ýagşy. Emma meniň üçin-ä size zeýrenere bahana ýok. Sizi her gün täze ýerlere, täze
adamlar bilen tanyşdyrmaga äkidýärler...
Kamran ýene-de ýüzüni bürüşdirdi. Ol:
― Eýsem, tanyşýan adamlarym meniň göwnümden turýandyr öýdýärmiň? — diýdi.
Men saklanyp bilmän:
― Wah, biçäre garyndaşlarym saňa ýaraýan adamyny nireden gözläp tapsyn? ― diýdim.
Meniň kimi göz öňünde tutýandygyma Kamran derrew düşündi. Ol bir ädim öňe ätdi-de, ellerini
maňa uzadyp we howsalaly halda:
― Feride!.. ― diýdi.
Emma onuň uzadan elleri boş galdy. Men onuň bilen basgançak gözeneginiň arasyndaky darajyk ýere çykdym-da her gezek iki basgançaga böküp, haýsydyr bir aýdyma hiňlenip, baga tarap gaçdym.
Barybir, Müjgän meniň syrymy açdy oturyberdi.
***
Günlerde bir gün irden biz deňziň kenaryndaky gaýada gezmeläp ýördük. Gije ýagyş ýagypdy,
güýzüň ýakymly sergin şemaly jana şypa berýärdi. Ümre ýa-da tüssä meňzäp gaýmalaşyp ýören
bulutlar Günüň öňüni tutupdy, deňziň ýüzünde ýiti şöhlejikler oýnaklaşýardy. Uzakda kölege ýaly
gymyldaman duran ýelkenleri salparan birnäçe balykçy gaýyklary görünýärdi. Birden Kamranyň
köçeden geçip barýanyny gördüm. Bu gün ol, näme üçindir, hiç ýaňa gitmän ekeni. Ullakan töňňäniň
üstünde oturan Müjgäniň ýüzi kenara sary bolany üçin çykanymy görmändir, menem görmedik kişi
bolup, ýüzümi deňze tarap sowdum. Bedenimde bolgusyzja bir galpyldy peýda boldy.
— Näme boldy, birden sustlandyň oturyberdiň? — diýip, Müjgän sorady. Ol maňa tarap
öwrüldi. Bizden birnäçe ädim aňyrda Kamran durdy. Biziň gürrüňçilikden gaçyp bilmejegimiz
düşnüklidi. Çykanym bälçiräp, Müjgäne ýüzlendi:
— Siz bu günem saýawanyňyzy ýatdan çykarmansyňyz-ow?
— Hawa, bu gün hem ýagyş ýagmagy ahmal — diýip, Müjgän güldi. Kamran özüniň tutuk we
ýaýdanjaň häsiýetine muwapyk şeýle howanyň özüne diýseň ýaraýandygyny aýtdy. Müjgän ony
diňläp oturyşyna saýawanyny açyp-ýapmak bilen gümra boldy. Ol:
— Howa-ha gowy welin, ýöne ýüregiňe gubar inderýär — diýip, oňa garşy çykdy.
— Ýylyň bu wagtlary ähli günler şeýle. Soňam gyş düşer. Bu ýerde gyşyň nähili ýürekgysgynç
bolýanlygyny siz bilýänem dälsiňiz! Atam, munuň tersine, bu taýa şeýlebir öwrenişipdir welin, ol
başga ýere göçürilmeginden gorkýar.
— Bu ülkäni beýle bir ýamanlabermäň! Belki, ýerli baýlaryň birine durmuşa çykmagyňyz
mümkin — diýip, Kamran degişdi. Müjgän muňa çyny bilen ynanyp, başyny silkdi:
— Hudaý saklasyn. Şol wagt aýakýalaňaç bir balykçy ýanymyzdan geçip gitdi, onuň kellesine
gyzyl ýaglyk daňylgydy. Bu şol gezek adym Marika diýip tanşan gojamyň özüdi. Ol:
— Esli wagtdan bäri görneňzok-la, Marika — diýdi. Men:
— Ynha, siziň bilen balyk tutmaga taýynlanýan — diýdim. Goja bilen gürleşip biz gaýa tarap
ugradyk. Bahym yzyma gaýdyp gelenimde, Müjgän Marika adynyň taryhyny çykanyma gürrüň berip
oturan ekeni. Ol gürrüňiniň soňunda elimden ýapyşyp:
— Belki, meni däl-de, Feridäni hemişelik Tekirdagda goýup gideris! Onuň kysmaty şeýle. Oňa
balykçynyň Isa-kapitan lakamly ogly sawçylyga gelýär. Siz oňa balykçy diýmäň. Ol örän baý adam
— diýdi. Kamran gülümsiredi.
— Millioner-de bolsa, biz o derejede demokrat bolup bilmeris. Şeýle dälmi, Feride? Çykanyň
hökmünde men muňa kes-kelläm garşy.
Asly akylly we salykatly Müjgäne bu gün ne döw çaldyka? Bu barada Müjgän Kamrana näme
diýdi diýseňizläň?
— Entek bu-da bary däl. Feridäniň bagtynyň hasda çüwmegi ahmal. Meselem, atly bir serkerde
Gün ýaly ýaldyrap, her gün agşamaralar öýümiziň ýanyna gelýär-de, Feridä görünjek bolup, at
üstünde dürli oýunlar edýär. Kamran hezil edip güldi. Ýöne bu gülküde onuň adaty gülküsine
meňzemeýän bir ýasamalyk, birhili ynjy bardy.
— Men muňa garşy bolup bilmen. Onuň islän ýigidini saýlamaga haky bar. Men assyrynlyk
bilen «duruber häli» diýýän äheňde Müjgäne haýbatly yşarat etdim-de:
— Sen halys hetden aşýarsyň. Beýle gepleri halamaýanymy bilmeýärmiň, näme? — diýdim.
Müjgän ätiýaç üçin Kamranyň arkasyna dulanyp, maňa gözüni gypdy:
— Emma ikiçäk bolanymyzda, biz beýle gürleşmeýäris.
— Ýalançy! Töhmetçi! — diýip, köşeşer ýerde köşeşmedim. Bu gezek Kamran: — Müjgän,
sen baryny maňa gürrüň ber. Men keseki däl ahyryn — diýip dillendi. Men ýer depip: — Wah, şeý
diýseňizläň! Ýok, siz bilen sögüşmän gürleşip bolanog-a. Hoş wagtyňyz! — diýdim-de, gaharlanyp,
deňze baka ugradym.
***
Men gidip barýardym. Ýöne başlanan gürrüňiň munuň bilen tamamlanmajagyny aňýardym.
Gaýanyň gyrasyna baryp gaharyma deňze daş zyňmaga başladym, mahal-mahal ýere eglip, göz
astyndan yzyma seredýärdim. Görýän zadym ýüregime jaý däldi. Müjgän meni ýene-de ryswa etmäge
taýyndy. Ýöne nädip oňa böwet bolaýyn?
Olar ilkibaşda gülşüp gürleşdiler, soň bolsa birden agraslanyp, terzlerini üýtgetdiler. Müjgän
diýjek sözüni tapmaýan ýaly saýawany bilen ýerde nämedir bir zatlary çyzyşdyrýardy. Kamran
gapdalda, agaç ýuwdan ýaly gymyldaman durdy. Soňra men onuň maňa seredýändigini gördüm —
eý, toba! — olar bärik ugradylar.
Indi bar zada düşündim. Göz açyp-ýumasy salymda gaýanyň dik depesinden aşak, gumaklyga
togalanyp gaýtdym! Şonda aýaklarymy döwdürmän, endam-janymy ýaralaman sypanyma oturypoturyp, haýranlar galýaryn.
Barybir, töwekgelçilikli biweçligim meni olardan halas etmedi. Yzyma gaňrylyp seretsem, olar
hem gaýadan, ýöne beýleki, has oňaýly ýerden düşüp gelýärler.
Elbetde, ökje göteren bolsam, ol näzijek bendeler atly bolsalar-da yzymdan ýetip bilmezdiler.
Ýöne men gaçaýsam ähli zady aňýanlygymy, iň bolmanda, bir zady güman edýänligimi bilerler diýip
oýlanýardym. Şonuň üçinem kenarýakadan gaty-gaty ýöräp barýardym, käte bir aýak çekip, hiç
zatdan ätiýaç etmeýänligimi bildirjek bolýan ýaly, deňze daş zyňýardym. Men öňde görünýän
burunjykdan geçdigim yzymdan gelýän kowgudan halas bolaryn diýip tama edýärdim, olar suwuň içi
bilen kowalap gelmezler öýdýärdim. Emma içiňi ýakaýyn diýen ýaly, ir bilen gaýtgyn bolupdyr-da,
gerişleriň arasy gurap, ýoda döräp gidipdir.
Pikirimi birneme üýtgetdim. Ýene çägesöw kenary ýakalap gitmegi, soňam insizje ýoda bilen
ýene gaýa galmagy ýüregime düwdüm. Onuň bu ýeri juda kert bolansoň, hatda geçiler hem ol ýere
kynlyk bilen çykýardylar. Şeýlelikde, yzymdan gelýänler meni gözden salarlar we kowgyny bes
ederler diýip umyt edýärdim.
Emma burundan aýlanyp geçmäge ýetişmänkäm, gözümiň alnynda bolan gülkünç, has dogrusy,
hasratly waka maňa ähli zady unutdyrdy. Häliräk ýanymyzdan geçip giden goja balykçy eline kürek
alyp, eýesiz gara iti kowalaýardy. Haýwan çyňkyryp dar köçede iki ýana urunýardy. Goja onuň
yzyndan ýetip, janawaryň çem gelen ýerine saýgylap başlady.
Birbada it guduzlandyr öýdüp, ýaýdanyp, aýak çekdim. Emma birhaýukdan soň görsem,
guduzlan ol däl-de, kenarda jynssyz ses edip, öz pidasyny kowalap barýan goja balykçy ekeni.
Gojanyň golaýyna barmaga çekinip:
— Eý, sen bu janawary nätjek bolýarsyň? — diýip gygyrdym.
Goja iti öz ugruna goýberdi, küregine söýenip, uludan dem aldy-da, aglamjyrap jogap berdi:
— O nähili nätjek bolýarmyşym?.. Myrtar köpek içi garaýagly gazanjygy agdarypdyr. Şeýdip,
ol otuz kuruşyma(Kuruş ― türk pul birligi.) zyýan etdi. Ýöne sen gorkma, ony seniň töweregiňe goýbermen...
Gojanyň näme üçin dergazap bolany belli boldy. It şol ýerde ýanyp duran oduň üstündäki
garaýagly gazanjygy agdaran bolsa nätjek! Elbetde, bu gowy zat däl. Ýöne her hili bolanda-da, bu ol
janawaryň kürek bilen öldürilmegine sebäp boljak ullakan günä däldi.
It gaýalaryň arasyndaky jaýryga, öz ketegine garanyňda howpsuz saýan ýerine girip gizlendi,
eli kürekli duşmany ikinji gezek hüjüm edäýse nätjegini, öz aýagy bilen düşen bu ýagdaýyndan nädip
gutuljagyny bilmän, zaryn-zaryn uwlady. Elbetde, ol janyny halas etmek üçin deňziň boýy bilen
gaçyp gitse ýa-da meniň sulhum alan ýodam bilen gaýa dyrmaşsa, has gowy bolaýjak ýalydy.
Wagtym bolan bolsa, biçäre jandary beladan gutarmak üçin bir çäre tapardym, emma öz derdim
hem başymdan agdykdy. Meni hem, edil bu it ýaly yzarlaýardylar. Müjgän bilen çykanymyň hä
diýmän, burnuň aňyrsyndan çykjakdygy ýadyma düşdi.
Kenar bilen ýene telim ädim aralygy çalt-çalt ýöräp geçenimden soň, gaýa dyrmaşyp ugradym.
Ýöne, dogrymy aýtsam, Müjgän bilen çykanymdan gaçyp gidesim gelenokdy. Men ýygy-ýygydan
aýak çekip, yzyma, has dogrusy, aşak garanjaklaýardym.
Oduň ýanynda bolan waka yzymdan gelýänleriň hem ünsüni özüne çeken bolmaga çemeli, olar
agdarylyp ýatan gazanjygyň ýanynda aýak çekdiler we ellerini kelemenledip, goja bir zatlar
diýişdirdiler. Soňra balykça Kamranyň gapjygyndan çykaryp pul berýänligini gördüm. Onýança geň
bir hadysa boldy. Keýpi göterilen balykçy şobada elindäki küregi çägäniň üstüne taşlady, gaýa tarap
öwrüldi, öz ýanlaryna çagyrýan ýaly, maňa elini salgady.
Bu ne gowulyk! It janawar halas boldy duruberdi! Çakylyga baş galdyrman, men öýe tarap
tutduryp ugradym. Müjgäniň etmişi hakydamdan çykmady. Onuň ygrarsyzlygy ýadyma düşeninde
inim dygyrdaberýär. Men ýumruklarymy gaharly düwüp: «Ryswa bolaýdyň gerek! Ryswa bolaýdyň
gerek! Aýby ýok, Müjgän, men senden arymy alaryn!» diýip içimi gepletdim.
Men şeýlebir çalt ýöräp gitdim welin, bir sagatda Stambula hem ýetäýjek ýalydym. Öýüň
derwezesiniň ýanynda maňa Aziz daýym duşdy:
— A gyz, ýüzüň-gözüň dagy näteňet? Şugundyr ýaly gyzarypsyň. Näme, yzyňdan ýagy
gelýärmi?
Men janagyryly güldüm:
— Aziz daýy, näme üçin beý diýdiňiz? Men şeýle diýdim-de, çagalaryň sesi gelýän baga tarap
eňdim.
Jaýyň aňyrsyndaky bagda, ägirt uly gürgen (grab) agajynyň ýogyn şahalarynda hiňňildik asylgy
durdy. Käte men goňşularymyzyň çagalaryny ýygnap, bagy baýramçylyk meýdanyna öwürýärdim.
Bu gün bolsa meniň körpeje dostlarym bu ýere çakylyksyz-zatsyz gelip, hiňňildigiň ýanynda
hümerlenişip durdular.
Bu gowy bolaýdy. Otagyma geçip, içinden kilitläýin diýip durdum. Müjgän bilen çykanymyň
hökman otagyma geljekdigi, gapyny açmaga synanyşjakdygy, uly ili örüzjekdigi görnüp durdy. Indi
bolsa men çagalaryň arasynda gizlenip, ýa bolmasa kowgy golaýlaşmaga milt etmez ýaly, olar bilen
oýun oýnan kişi bolup biljekdim.
Goh-galmagal başlandy. Çagalaryň hersiniň hiňňildige beýlekilerden öňürti münesi gelýärdi.
Dawa özüm goşulmaly boldum. Men çagalary köşeşdirdim-de:
— Iki tarapda hatara duruň. Sizi nobatma-nobat özüm üwrejek — diýdim.
Men hiňňildige mündüm, öňümde bir oglanjygy goýup, uçmaga başladym. Onýança kowgy
hem gelip ýetipdi. Müjgän demini sojap alýardy we birsyhly eli bilen ýüregini tutýardy. Kamran ony
birneme ylgadan bolara çemeli.
Olar çagalaryň aňyrsynda aýak çekdiler.
Men: «Saňa geregi hem şol, dönük!» diýip içimi gepletdim we öňkimden-de batly uçmaga
başladym.
Öz uçmak nobatlaryna garaşyp duran çagalar ýerli-ýerden:
— Besdir... Bizem münjek!.. Bizem! — diýşip, darygyp ugradylar.
Men barha çalt uçup oturyşyma olara gulak hem gabartmadym. Gürgen agajynyň ýapraklary
ygşyldaýardy.
Garaşmadan ýaňa lapykeç bolup ugran çagalar hiňňildige dyzaýardylar. Indi olary meniň ýerde
çyzan çyzygym saklap bilenokdy. Müjgän bilen çykanym olaryň gollaryndan tutup, hiňňildik bir
ýerine degmez ýaly, çete çekdiler. Şol wagt meniň bilen uçýan çagada ýöwselläp başlady. Ol ulili
bilen gygyransoň, men çaga ýüpleri goýberip ýykylar-da, heläk bolar öýdüp gorkdum.
Men, islesem-islemesem, hiňňildigi duruzmaly boldum. Oglanyň üstüne gygyryp, ony
köteklemäge başladym, beýle çala üwrelende gorkýan çaganyň hiňňildigiň ýanynda näme işi bar,
beýle çagalar öz öýlerindäki jigileriniň sallançagynda uçsalar gowy bolardy diýip igendim. Men
başga-da bir topar zat diýdim. Bu igençler-iňirdiler Kamranyň meniň bilen gepleşmegine ýol
bermezlik üçindi. Bagtyma, beýleki çagalar hem sesinde baryny edip gygyrýardylar. Gepiň keltesi,
bagyň içi dowzaha dönen ýaly boldy.
— Feride daýza, meni-de! Meni-de! Meni-de!..
— Ýok, hiç kimi mündürjek däl, gorkýaňyz...
— Gorkamzok, Feride daýza! Gorkamzok!.. Gorkamzok!..
Onýança äpişgeden daýzamyň:
— Feride janym, olary hem az-owlak uçur — diýen sesi geldi. Men jaýa tarap gaňrylyp
seretdim, şol bada-da uly jedel turdy:
— Daýza, häzir siz uçur diýýäňiz welin, birden biri ýykylyp, kellesini ýaraýsa, men jogap
bermeli bolaryn...
— Gyzym, çagalar ýykylyp, kellelerini agyrdar ýaly gaty uçmak nämä gerek? Çalaja uçaýyň...
— Daýza, düşünmeýän zadyňyzy aýtmasaňyzlaň! Eýsem, siz Çalyguşyny tanaňzokmy näme?
Eýsem, maňa bil baglamak bolarmy? Men hemişe seresaplylyk bilen ýuwaşja üwräp başlaýaryn,
hiňňildik bat alyp ugraýaram welin, şeýtan böwrüme dürtüp goýanok. «Hany gatyrak üwresene!..»
«Has gatyrak üwresene!» diýýär. Menem oňa: «Goýsana, gerek däl..., ýanymdakylar çaga ahyryn!»
diýip jogap berýärin. Emma şeýtan per berenok. «Has gatyrak üwresene!..» «Hiç zat bolasy ýok-la...»
diýýär. Agaçlaryň şahalary, ýapraklary hem şeýtana gop berip: «Batlandyrsana, Feride,
batlandyrsana!..» diýýärler. Özüňiz pikir edip görüň, şondan soň Çalyguşy biçäre beýle meçewlere
nädip döz gelsin?
Şu ýerde meniň dilewarlygyma suw sepilen ýaly boldy. Men yzyma garanjaklamokdym, ýöne
yzymda Kamranyň duranlygyny we gürlemämi goýdugym onuň gepläp ugrajakdygyny duýýardym.
Nätsemkäm? Onuň bilen çaknyşmaklykdan nädip gaça dursamkam?
Birden görsem, kimdir biriniň eljagazy etegimden çekýär. Ol meniň myhmanlarymyň iň
körpejesi — ýedi ýaşly tokarja çagady. Men onuň goltugyndan göterip, ýokary galdyrdym-da:
— Gatyrganma, edip biljek zadym ýok. Ýykylarsyň, onsoň bu posalak ýaňaklar hem ganar... —
diýdim.
Çaganyň arkasynda kimiňdir biriniň kölegesi peýda boldy... Bu Kamrandy. Çagany ýerde
goýdugym, onuň bilen ýüzbe-ýüz bolaýmalydy.
Nätjek, gutulma ýok. Gorkan kişi bolup gaçmaga bognum ysjak däldi. Şonuň üçin çagany ýerde
goýdum-da, yzyma öwrülip, çykanymyň ýüzüne dikanlap seretdim.
— Bar, jigim, agaň Kamranyň ýanyna bar. Ol hanym ýaly näzik, nepis oglandyr. Ol seni eneke
kimin adaja üwrär. Ýöne hiňňildikde dek oturgyn, ýogsam onuň ysgynsyzja eljagazlary seni saklap
bilmez, onsoň ikiňiz hem ýere gütläp düşersiňiz. Men ýekme-ýek söweşe döz gelip bilmän, ýeňse
berip gaçar öýdüp, Kamranyň bäbenegine dikanlap seretdim. Haýp! Edil: «Nähak azara galýarsyň,
men baryny bilýärin ahyry» diýjek bolýan ýaly, ol hem meniň gözlerime dikanlap seretdi. Men şobada
oýunda utulanymy bildim. Ýüzümi aşak salladym-da, ýaglygym bilen hapa ellerimi süpürmäge
başladym.
Birden Kamran maňa:
— Oýun eden bolýaňmy, garagol? Hany göreli... Ikimiz bileje uçmaly bolaýmasak! — diýip
ýüzlendi. Ol çalasynlyk bilen penjegini Müjgäne tarap oklap goýberdi.
— Aýu, Kamran! — diýip, äpişgeden daýzamyň sesi eşidildi.
— Oglan bolma! Sen ony başarmarsyň, bir ýeriňi agyrdarsyň!
Oglanjyklar bir zadyň gopjagyny aňdylar-da yza çekildiler. Hiňňildigiň ýanynda täk ikimiz
galdyk.
— Hany, Feride, nämä garaşýarsyň? Ýa gorkýaňmy? — diýip, çykanym gülümsiredi. Men:
— O näme diýdigiň bolýar? — diýsemem, onuň ýüzüne bakmaga ýürek etmedim we baryp
hiňňildige mündüm.
Ýüpler dartylyp jygyldaşdylar, hiňňildik emaý bilen ýerinden gozgandy.
Men seresaplylygy elden bermejek bolup jan edýärdim, bat alanymda diňe dyzlarymy epýärdim,
meniň çaklaýşym ýaly, bu ýaryş maňa ýeňil düşjek däldi, şonuň üçinem güýjümi aýamaga
çalyşýardym.
Hiňňildik gitdigiçe bat alýardy. Agaç yranyp, ýapraklar titreşip gidýärler. Bizi ýekeje söz
güýçkuwwatdan mahrum edäýjek ýaly, dişlerimizi gysyp dymýardyk.
Men hiňňildigiň badyndan lezzet alyp, kelläm göçen we beýhuş bolan ýaly boldum. Kamranyň
kellesi gürgen agajynyň gür şahalarynyň arasynda gözden ýitdi. Onuň uzyn saçlary seçelenip, ýüzüni
ýapdy. Men:
— Ýeri, onsoň siz puşman edip başlamadyňyzmy? — diýip, ondan kinaýaly soradym.
— Hany, göreli, kim puşman etmeli bolaýarka? — diýip, Kamran hem ýaňsyly jogap berdi.
Onuň bulaşyk saçlarynyň arasyndaky bakyşy meniň kalbymda ýigrenç, hatda gazap duýgusyny
oýarýardy. Men bar güýjümi jemläp dyzadym welin, hiňňildik öňküsinden-de batlandy. Indi her
gezek ýokaryk çykanymyzda, kellelerimiz ýapraklaryň arasynda gözden ýitýärdi. Daýzamyň:
— Besdir!.. Besdir!.. — diýip, gygyrýan sesi düýşdäki ýaly eşidilip gitdi. Kamran hem:
— Besmi, Feride? — diýip gaýtalady.
— Ony sizden soramaly — diýip jogap berdim.
— Meniň üçin-ä bes däl! Müjgänden eşiden ajaýyp habarymdan soň, men hiç haçan ýadaman.
Birden dyzlarymyň gurby gowşan ýaly boldy we ýüpüň elimden sypmagyndan gorkup başladym.
— Beýle tama edemokdym, Feride. Men bu ýere sen diýip geldim ahyryn — diýip, Kamran
sözüni dowam etdirdi. Men indi bat alamokdym, emma hiňňildik, öňküleri ýaly, aýylganç tizlik bilen
hereket edýärdi. Men gollarymy ýüpüň daşyndan aýlap, ellerimiň aýasyny gaýym gysdym-da:
— Besdir!.. Düşeliň... Men ýykylýan... — diýip gygyrdym. Kamran meniň ýagdaýymyň gowy
däldigine ynanmady.
— Ýok, Feride, ýa-ha biz bile ýykylyp, bile heläk bolarys, ýa-da maňa durmuşa çykmaga
razylygyňy öz diliňden eşitmeli bolaryn — diýdi.
Kamranyň dodaklary meniň saçlaryma, gözlerime degip durdy, şonuň üçin dyzlarym epilip
barýana döndi. Men ellerimi açmadym, ýöne olar ýüpden aşaklygyna typyp başlady. Şol pursat
Kamran gujaklamadyk bolsa, men hökman ýykylýardym. Ýöne onuň meni saklamaga güýji çatmady,
hiňňildigiň ýüpi çolaşdy. Biz deňagramlygymyzy ýitirip, ýere zyňlyp gitdik.
Gözlerimi açsam, men eýýäm daýzamyň gujagynda ýatyryn. Ol çekgelerime öl ýaglyk goýup
oturyşyna:
— Gyzym, bir ýeriň agyrýarmy? — diýip sorady.
— Ýok, daýza...
— Onda näme üçin aglaýarsyň?
— Eýsem, men aglaýanmy? — Seniň gözleriňde ýaş görünýä.
Men daýzamyň döşüne gysmyljyrap:
— Megerem, men ýykylmankam aglandyryn — diýip jogap berdim.
***
Üç günden soň biziň hemmämiz (Aýşa daýzam bilen Müjgän hem bize goşuldy) Stambula
gaýdyp barýardyk. Besime daýzam bu habary oglunyň iberen hatyndan okap, Galat duralgasyna ylgap
gaýdypdyr we Nejmiýe bilen bile bizi garşylamaga çykypdyr. Adaglanmadan soňky günler men bar
kişiden, ozaly bilen-de, Kamrandan gaça durdum. Ol bolsa birsyhly meň bilen ikiçäk galjak, seýil
etjek, gürleşjek bolup janserekdi. Men öýlenýän ýigitleriň bary ýaly, onuň hem muňa haky bar diýip
pikir edýärdim. Emma men dünýädäki iň emelsiz, iň tereň gyz bolsam nädeýin? Kamranyň özüme
tarap ýöräp gelýänini görsem, sarç mal ýaly, şobada ökjäni göterýärdim. Men Müjgäniň üsti bilen
oňa şertli talap iberdim: Kamran meň bilen duşuşanda, maňa gelnine ýüzlenýän ýaly ýüzlenmek
gadagan edilýär. Eger ol sözüme pitiwa etmese, men nikamyzy bozjakdygyma ant içýärin diýdim.
Käte Müjgän, Tekirdagdakysy ýaly, ýerime geçenimden sowal berip, ýüregime düşýärdi:
— Feride, sen näme üçin bu telbeligiňi goýaňok? Men seniň Kamrany söýüp, ölüp barýanyňy
bilýärin ahyryn. Bu siziň iň ajap döwrüňiz-ä. Onuň ýüreginde nähili ajap sözleri besleýänligini kim
bilýär?
Mahal-mahal Müjgän munuň bilen hem oňanok, ol meniň saçlarymy näzijek elleri bilen
sypalap, Kamranyň ýollan namalaryny gowşurýardy.
Men düşekde ýygrylyp ýatyşyma:
— Islämok, gorkýan, utanýan... — diýip, nadaralyk baryny edýärdim.
Geň zat, dogry dälmi? Men Müjgänden sypjak bolup, zarynlap-zarynlap görýärdim, ol juda
bizar ediberse bolsa, aglamaga başlaýardym. Emma Müjgän ýanymdan turup ýatmaga gideninde,
men öz içimden Kamranyň sözlerini gaýtalaýardym, olaryň hüwdüsine uka gidýärdim.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Saýrak Guşy - 06
  • Parts
  • Saýrak Guşy - 01
    Total number of words is 3784
    Total number of unique words is 2250
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 02
    Total number of words is 3808
    Total number of unique words is 2198
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 03
    Total number of words is 3787
    Total number of unique words is 2025
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 04
    Total number of words is 3782
    Total number of unique words is 2070
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 05
    Total number of words is 3802
    Total number of unique words is 2077
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 06
    Total number of words is 3837
    Total number of unique words is 2001
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 07
    Total number of words is 3898
    Total number of unique words is 2059
    34.9 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 08
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 2086
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 09
    Total number of words is 3861
    Total number of unique words is 2201
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 10
    Total number of words is 3829
    Total number of unique words is 2285
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 11
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 2257
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 12
    Total number of words is 3858
    Total number of unique words is 2216
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 13
    Total number of words is 3806
    Total number of unique words is 2181
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 14
    Total number of words is 3806
    Total number of unique words is 2226
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 15
    Total number of words is 3808
    Total number of unique words is 2118
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 16
    Total number of words is 3767
    Total number of unique words is 2191
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 17
    Total number of words is 3904
    Total number of unique words is 2184
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 18
    Total number of words is 3850
    Total number of unique words is 2095
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 19
    Total number of words is 3859
    Total number of unique words is 2162
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 20
    Total number of words is 3923
    Total number of unique words is 2151
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 21
    Total number of words is 3842
    Total number of unique words is 2077
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 22
    Total number of words is 3808
    Total number of unique words is 2200
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 23
    Total number of words is 3877
    Total number of unique words is 2106
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 24
    Total number of words is 3826
    Total number of unique words is 2035
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    48.4 of words are in the 5000 most common words
    56.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 25
    Total number of words is 3888
    Total number of unique words is 2094
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    49.8 of words are in the 5000 most common words
    56.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Saýrak Guşy - 26
    Total number of words is 2059
    Total number of unique words is 1269
    37.2 of words are in the 2000 most common words
    51.6 of words are in the 5000 most common words
    58.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.