Latin

Elif Şafak-Yşk - 23

Total number of words is 3664
Total number of unique words is 2120
32.3 of words are in the 2000 most common words
45.4 of words are in the 5000 most common words
53.0 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
oklady. Hemmeler oňa alymlary halamaýandyr öýdýär,
ýöne sanaýmalyja adamdan başga hiç kim onuň özüniňem
ajaýyp tefsir ukybynyň bardygyny bilmeýär. Şems
alhimiýada, ýyldyz ylmynda, synçylykda, ylahyýetde,
pelsepede we mantykda çuňňur bilimlere eýedir, ýöne kör
gözlerden gabanyp ylmyny gizleýär. Özi-de din
kanunlaryny biliji — fakyh, şonuň üçin hem özüni örän
pespäl alyp barýar.
Şems tobakäre öwrülen bozuk zenana gapymyzy açdy.
Çöregimizi onuň bilen deň paýlaşmaga bizi mejbur etdi.
Myş-myşlara gulak asmazlygy, ýaman söze ýaman söz
bilen gaýtargy bermezligi öwretdi. Meni meýhana iberip,

serhoşlar bilen hemsöhbet etdi. Bir gezek wagyz berýän
metjidimiň öňünde gedaýçylyk etmegimi isledi. Ömrümde
ilkinji gezek özümi heýwere keselli adamyň ornunda
goýup gördüm. Onsoň şu geldi-geçer dünýä şonuň gözi
bilen garadym. Gedaýyň seredýän ornundan özümiň
nähili görünýändigime düşündim. Şems meni
muşdaklarymdan we özüm bilmezden daşymy gurşap alan
ýalynjaňlardan, hatda meni goldaýan hökmürowan
synpdan aýra saldy; jemgyýetiň iň aşaky gatlaklary bilen
duşurdy. Şonuň arkasyndan başgaça usulda tanap
bilmejek adamlarym bilen tanyşdym. Ol bendesi bilen
Rebbiň arasynda buta öwrülen zatlaryň baryny, goý, ol
şan-şöhrat, goý, pul-baýlyk, goý, dereje-makam bolsun,
hatda aşa dindarlyk, daşa dönen, yşkdan uzaklaşan näme
bar bolsa, ählisini goparyp taşlamaly diýip pikir ederdi.
Aňlardaky çäklilikleri, ýüreklerdäki öňýazgaryşlary —
öňden bar bolan ters pikirleri, jemgyýetdäki galyp bolan
kadalary, mezhepleriň we dünýägaraýyşlaryň arasyndaky
tapawutlylyklary sarsdyrmagyň tarapdarydy. Ol
hemmämiziň ýeketäkdigimize, bir bitewüdigimize we
deňdigimize düşünmek üçin şeýdýärdi. Goý, soňa diňe
Ylahy yşk galsyn. YŞK!
Hut şonuň hatyrasyna ençeme synaglardan geçdim,
belentliklerden peslige indim, bir haldan beýleki bir hala

düşdüm. Iň wepadar müritlerimiň öňünde hem abraýyna
gara sürtülen adama, alasamsyga öwrüldim. Şonuň
kömegi bilen ýalňyzlygyň, çäresizligiň, ýalňyş
düşünilmegiň, çetleşdirilmegiň, kemsidilmegiň we
ahyrynda bolsa, aýralyk ajysynyň tagamyny dadyp
gördüm.
Dünýäniň saňa sypaýyçylyk bilen bakmasy, ýalynjaňlygy
tagamly lukmadyr, ýöne sen ondan az iý.
Çünki ataşdan lukmadyr ol!
...Öwülmek süýjüdir; ýazgarylmak ajy bolany üçin ol
erbet görner.
(Ýöne) ýazgarylmakdan uluglyk peýda bolýandyr, synada
göräý!
Alla her gün, her demde: «Sizi bu dünýä ýollamazdan öň
eden ähdimizi ýatlaýarmysyňyz? Bilinmeýän hazynadym.
Bilnerimi isledim. Bu şertleşikde özüňize düşen paýyň
uludygyny, gözeldigini görmeýärmisiňiz?» diýip soraýar.
Biz köplenç jogap bermäge taýýar däl. Bu soraglar bizi
gorkuzýar, birahat edýär. Ýöne Alla sabyrlydyr. Sorar,
garaşar, ýene-de gaýtalap sorar, ýene garaşar. Eger şu
ýürek ýarasy synagyň bir parçasy bolsa, ýeketäk dilegim
şudur: şu gaýgy-gussa ötüginiň ahyrynda hasrat gutarsyn
we men Şemse gowuşaýyn. Kitaplarym, wagyzlarym,

ogullarym, aýalym, tutuş barlygym ýa-da şan-şöhratym...
Men ählisini terk etmäge taýýar, birje gezek onuň nur
jemalyndan röwşen tapsam bolýar.
Düýn Kerra meniň barha şahyra öwrülip barýanymy
aýtdy. Haýran galaýmaly! Men ömürboýy şahyrlara bil
baglaman ýören adam ahyry. Ýöne şol wagt sesimi
çykarmadym. Başga wagt bolanlygynda aýdanlaryna
garşy çykardym, ýöne indi bu mümkin däl!
Dilimden katra-katra bolup setirler dökülýär, onda-da
durary-sägineri ýok, eşidenler maňa şahyr bolupdyr
diýmegi ahmal, hawa. Söz Ýurdunyň Soltany! Ýöne
aslynda welin, bu şygyrlar maňa degişli däl. Men diňe
harplara sebäpkär. Sözleri buýrulyşy ýaly ýazýan
syýadan, döwet, galam mysaly bir zat; üflenýän sazy
ýaňlandyran naý ýaly; men diňe araçy. Diňe özüme
düşýän borjy berjaý edýärin. Men sözleriň soltany däl,
diňe göwünjeň, meýletin kätip. Köňlüme näme
pyşyrdasalar, şony-da ýazýaryn. Emma pyşyrdaýan men
däl...
Ýaşaýşymyň şuglasy, ejirlerimiň maksady! Gel!
Töwriziň aňk edýän Güni! Sen, eýse, nirede?!

Şems
Şam, 1247-nji ýylyň apreli Soltan Welet meni tapdy.
Şama baranyma on aý bolupdy. Dup-dury, göm-gök
asmanyň astynda Fransis atly hristian keşişi bilen
sadranç oýnap otyrdym. Fransis içki sazlaşygy
aňsataňsat bozulmaýan, kaýyllyk arkaly gelýän
rahatlygyň nämedigini bilýän, ähli janly barlyga deň göz
bilen garamagy başarýan adamdy. Meniň pikirimçe, ol
özüne musulmandyryn diýip, yslamyň näme manysynyň
bardygyny bilmeýän we bilmelidir hem öýtmeýän onlarça
adamdan has musulmandy.
Otuz dördünji kada: Hakyň edenine kaýyl bolmaklyk
ejizligem, nalajedeýinligem däldir. Gaýta, şeýle kaýyllyk
aňrybaş derejede güýçli bolmagy talap edýär. Kaýyl
adam çaýkanyp ýatan girdaply suwlarda ýersiz-ýere
urunmagy goýar-da, ygtybarly mekanda ýaşar.
Sadranç tagtasynda birnäçe çöpümiz galypdy. Fransisiň
şasyny kyn ýagdaýa salmak üçin wezirimi göçdüm. Ol
hem batyrgaý göçüm bilen ruhuny öňe sürdi. Şol wagt
ýüregim: sen bu oýunda utulaýmasaň ýagşydyr diýýän
ýalydy. Aňymda şeýle pikir geçip duran pursady başymy
galdyranymda Soltan Welet bilen nazarymyz çaknyşdy.
— Seni dünýä gözi bilen görmek nähili oňat — diýdim. —

Diýmek, ahyry meni çynyň bilen gözlemegi ýüregiňe
düwüpsiň-dä?!
Ýüzünde utanýandygyny görkezýän ýylgyryş peýda boldy,
soňra özüni dürsedi. Ol içki dünýäsindäki aýgytsyzlykdan
habarlydygyma aljyrapdy. Ýöne namysjaň hem sözüne bil
baglap bolýan ýaş adam bolany üçin hakykaty inkär edip
durmady.
— Hawa, seni gözlemäge derek, esli wagtlap
ondamunda gezdim. Kakamy aldatmakçydym, ýöne soň
gaýtmyşym etdim, kakama ýalan sözläp biljek däldim.
Ahyrsoňy Şama geldim. Barmadyk gapym, barlamadyk
öýüm galmady. Näme üçin menden gizlendiň?
— Sen dogruçyl, ýüregi ýuka, ahlagy gözel adam, örän
gowy perzent, sen wagty gelende kakaňa oňat ýoldaş
bolarsyň.
Soltan Welet başyny gynanç bilen aşak egdi.
— Oňa gerek ýeke-täk ýoldaş özüň, Şems. Ikimiz Konýa
gideli. Kakam seni gaty küýseýär.
Bu çakylygy eşidip, aňymdan müň bir pikir geçdi. Ençeme
wagt bäri içimde uklap ýatan nebis birden aýaga galdy,
islenmeýän ýerime gitmeli däldigimi duýdurdy:

«Welede asla gulak asma. Seniň ol ýerde işiň ýok, borjuňy
bitirdiň. Konýa gaýdyp barmak hökmany şert däl. Baba
Zamanyň diýen zatlaryny ýadyňdan çykarma.
Ýoluň mundan beýläkki bölegi howply. Gitseň gaýdyp
gelip bilmersiň...»
Nebis ýaşamak isleýär. Hemişe her bir zadyň has köp
bolmagyny isleýär. Meniň nebsim hem dünýä aýlanmagy
dowam etmek, täze-täze adamlar bilen tanyşmak, täze
şäherleri görmek isleýärdi. Üstesine, Şamy-da haladym,
indiki gyşa çenli şu ýerde arkaýyn ýaşap biljekdim. Heniz
bir ýere öwrenişip-öwrenişmänkä, täzeden ýola düşmek
ynsan ruhunda gorkunç ýalňyzlyk duýgusyny oýarýar.
Ýüregimiň Konýada galandygyny gaty gowy bilýärdim.
Rumyny şeýlebir göresim gelýärdi welin, ady tutulsa-da
içim ot alyberýär. Şol ýanymda bolmasa, haýsy şäherde
bolanymda parhy näme?! Ol nirede bolsa, meniň kyblam
hem şol tarapdady.
Sadranç tagtasyna dolandym, şahymy göçdüm. Fransisiň
gözleri pal daşy ýaly tegelendi. Sebäbi göre-bile özümi
ýeňlişe itekleýänime ol göz ýetiripdi.
Ýaşaýyş hem edil sadranç ýaly. Käbir göçümi utmak üçin
göçýärsiň, käbir göçümi bolsa hut oýnuň barşynda zerur

bolandygy sebäpli, dogrusynyň şoldugy zerarly göçüp,
utulýarsyň.
— Haýyş edýän, meniň bilen bile gideli — diýip, Soltan
Welet özelendi.— Gep-gürrüň edip, saňa bihormat
çemeleşenler hem juda ökünýärler. Söz berýän, bu gezek
ähli zat gowy bolar.
«Ah, ogul, beýle anyk söz berseň ýalňyşarsyň — diýesim
geldi. — Hiç kim beýle borjy boýnuna alyp bilmez!» Ýöne
dilimi dişledim. Usullylyk bilen başymy atdym.
— Ýene bir gezek Şamda Günüň ýaşyşyny synlaýyn. Ertir
daňdanlar ýola düşeris.
Soltan Welet jany rahatlanan ýaly ýylgyrdy.
— Ynha, munyň bolýar! Sag bol, kakamyň nähili
begenjegini bir görsediň.
Fransise tarap öwrüldim. Ol hem sabyrlylyk bilen oýna
täzeden göz aýlaryma garaşýardy. Ünsümi özüne
gönükdirenime göz ýetirensoň, gaşlaryny galdyrdy: —
Ägä bol, dostum — diýip, ýeňen adamyň dabarasy bilen
seslendi. — Şah mat!

Kimýa Konýa, 1247-nji ýylyň maýy
Bütinleý başga adama öwrüläýipdir. Gör, nähili
özgeripdir. Saçy ösüp, gözüne düşeýin diýýär, bedeni şam
güneşiniň astynda ýanyp, ony has ýaş görkezýär, ol
gelşigine gelipdir. Onda başga bir üýtgeşme hem bar;
ýöne onuň nämedigini doly saýgaryp bilemok. Gara
gözleri hemişeki ýaly ýalp-ýalp edip, kir-kimirsiz
ýalpyldaýar, ýöne gözleriniň çuňluklarynda üýtgeşik
uçgun görünýär. Onuň gözleri görjegini görüp, ununy
eläp, elegini diwardan asan, göreşmekden el göterip, bu
dünýäniň ähli höwesinden saplanan adamyň gözleridi...
Şems özgeripdir. Ýöne esasy özgerişligi Möwlana
başyndan geçiren bolsa gerek. Şems gelensoň ähli
dertlerinden, alada-gaýgysyndan saplanar, ýüzi güler
öýdüpdim. O diýenim bolmady. Şems gelende Rumy ony
şäheriň derwezesiniň öňünde, eli çopantelpek gülli
garşylady. Yzysüre-de gaýtadan gaýgy-gussa hem alada
çukuryna gapgaryldy. Häzir ol öňkülerden has biynjalyk,
hatda has bagtsyz hem garasöýmez bolupdyr. Onuň hem
sebäbine düşünýän öýdýän. Şemsi bir gezek elinden
giderensoň, ýene ýitirerin öýdüp gorkýar. Aýralyk
ajysyny bir gezek dadyp görensoň, indi hemişe biynjalyk.
Başga hiç kim duýmasa-da, ony men ýürekden duýýaryn.

Sebäbi edil Rumy ýaly, menem Şemsi elden gidermekden
gorkýaryn.
Ýeke-täk syrdaşym — Göwher hatyn. Rumynyň merhum
aýaly ýygy-ýygydan meni görmäge gelýär. Oňa göze
görünme — hyýalat diýip biljek däl. Ol tanaýan beýleki
göze görünmelerimden bütinleý üýtgeşik. Düýşde gezýän
ýaly bolup, bu älemde aýlanyp ýör. Onda edenli
zenanlara mahsus aýgytlylyk bar. Asuda akýan çeşme
ýaly, ol etegimde aýlanýar. Onuň bilen ähli zat barada
gürrüň edýäris, ýöne soňky döwürlerde bar gürrüňimiz
Şems boldy!
Şu gün Göwher hatyna:
— Tagsyr Möwlana aladaly görünýär, oňa kömegim
degse bolmaýarmy — diýdim.
K ömegiň deger — diýip, syrly ýylgyrdy. — Möwlana
öňden bäri bir zat hakynda oýlanyp ýör, ýöne heniz
pikirini hiç kime duýduranok.
— O nähili pikir?
— Rumynyň pikiriçe, eger Şems öýlenip, öý-işik bolup
bilse, Konýanyň halky ony has gowy kabul eder we öz
arasyna goşar. Gep-gürrüňler, aýyplamalar azalar.
Şemsiň başyny çatyp bilse, aýagynyň hem duşaldygy

bolar. Onsoň bu ýerlerden gaýdyp gitmegine zerurlyk
bolmaz.
Ýüregim tasdanam togtapdy. Şems öýlenmeli-dä! Ýöne
kime?!
Göwher gözüniň gytagy bilen meni synlady.
— Möwlana kakaň bilesi gelýär, Kimýa jan, sen Şems
bilen durmuş gurmaga razymyň?
Aljyrap özümi ýitirdim. Dogrudan hem, durmuşa çykmak
pikiri aňymdan ilkinji gezek geçenokdy. On alty ýaşyma
gadam basypdym, durmuş gurmak çagyndadym. Ýöne şu
güne çenli durmuşa çykan gyzlaryň çürt-kesik
özgerýänini görüpdim. Olaryň gözlerinde başga bir bakyş
peýda bolýardy, hereketleri, özlerini alyp barşy,
gürleýişleri dagy hem özgerýärdi. Beýleki adamlaryň
olara bolan gatnaşygy üýtgeýärdi. Çülpe çagalar hem
durmuşa çykan ýaş zenan bilen boý gyzy dessine saýgaryp
bilýärdiler.
Göwher hatyn köpügören aýala mahsus ýylgyrdy, Elif
elimden tutdy. Ol bir zada — meni Şemse durmuşa
çykmagyň
däl-de,
maşgala
gaýgylandyrýandygyna göz ýetirdi. ***
bolmagyň

Ertesi gün öýleden soň Rumyny görmäge gitdim. Ol
«Tahafut al-Tahafut» atly kitaby okap, pikire çümüp
oturan eken.
— Kimýa jan, akyllyja gyzym — diýip, ol begençli gepledi.
— Menden saňa näme hemaýat gerek?
— Ençeme ýyl mundan ozal öz kakam «eti siziňki, süňki
biziňki» diýip, meni tabşyryp gideninde siz: «Gyzlar
oglanlar ýaly gowy talyp bolup bilmez, sebäbi durmuşa
çykyp, çaga öndürip-ösdürmeli bolýar» diýipdiňiz.
Ýadyňyza düşýärmi?
— Elbetde, ýadyma düşýär — diýip, Möwlana aýtdy.
Onuň nurana gözleri bilesigelijilik bilen ýalpyldady.
— Ana, şol gün öz-özüme hiç haçan durmuşa çykmaryn
diýip söz berdim. Şeýtmek bilen, hemişe talybyňyz bolup
galmakçydym — diýdim. — Ýöne, belki, hem durmuşa
çykyp, hem öýüňizde galyp bilerin. Ýagny, diýmekçi
bolýan zadym, şu maşgalanyň bir agzasy bilen durmuş
gursam...
— Ýa Alaetdine durmuşa çykmak isleýäňmi? — diýip,
Rumy sorady.

— Alaetdin diýdiňizmi? — Akylym başymdan uçupdy.
Alaetdin bilen durmuş gurmak gürrüňini nire den
tapdyka?! Ol meniň doganym saýylýar ahyry.
Rumy aljyraňňylygymy
çintgemäge durdy:
duýan bolarly,
gürrüňi
— Arada bir gün ir bilen Alaetdin ýanyma geldi. Eger
göwnese, Kimýa öýlenjek diýdi.
Agzymy açyp aňk bolup galypdyryn. Bir ýaş gyzyň şular
ýaly meselelerde bisabyrlyk etmegi oňyn garşylanjak zat
däldi. Şeýle-de bolsa, soraman durup bilmedim:
— Siz näme diýdiňiz, tagsyr?
— Ilki Kimýanyň özünden soramaly bolar diýdim.
— Neme... — diýenimde sesim gyryljyk çykdy,
maňlaýymda monjuk-monjuk der peýda boldy. — Bärik
Şems bilen durmuş gurmak isleýändigimi aýtmaga
gelipdim.
Rumy gulaklaryna ynanmaýan ýaly, geň galyp seretdi. —
Gyzym, çynyňmy?
— Çynym, onda-da bu nikanyň örän bähbitli bolmagy
ahmal — diýdim. — Şeýlelikde, Şems maşgalanyň bir

agzasyna öwrüler, onsoň gaýdyp bu ýerden gitmeli bolup
durmaz.
Şol mahal Möwlana ýüzüme tiňkesini dikdi.
— Sen maňa kömek etmek üçin Şems bilen durmuş
gurmak isleýäňmi? Bärde galsyn diýýäňmi? Şeýlemi?
— Ýok, neme, hawa, ýöne diňe onuň üçin däl... —
Ýuwdundym. — Göwnüme bolmasa, Şems meniň
takdyryma ýazylan ýaly. Ol meniň nesibämdir. Ýa-ha
şonuň bilen durmuş guraryn, ýa-da hiç haçan durmuşa
çykman. Şems-i Töwrize bolan söýgimi ynha, diňe şeýdip
boýun aldym. ***
Durmuşa çykmagym bilen bagly habary ilki eşiden Kerra
boldy. Dessine ýüwrüp ýanyma geldi. Gussaly ýylgyryş
bilen gapdalyma geçip oturyp, ahyret soragy kimin,
yzyardy gelmeýän soraga başlady.
— Dogrudanam, ýüregiňe berk düwdüňmi, gyzym,
hakykatdanam, Şems bilen durmuş gurmak isleýäniň
çynyňmy? Oňatja oýlan. Maşgala bolmak başga zatdyr.
Heniz ýaşyň gaty kiçi dälmi? Onsoňam Şems ikiňiziň ýaş
tapawudyňyzam gaty uly. Ol özi duşdaş birine öýlense,
has gowy bolmazmy?

— Yşk ähli aratapawutlary aradan aýyrýandyr diýip,
Şemsiň özi aýdýar ahyry — diýdim. — Aramyzdaky ýaş
tapawudynyň bärde näme ähmiýeti bar?!
Şol gezek Kerra meniň neneňsi söýgä uçrandygyma
düşündi öýdýän. Uludan dem aldy. Wagtyndan öň
çalaran saçlaryny gyňajynyň içine gysdyrdy.
— Gyzym, Şems gaharjaň derwüşdir, pitneçi ýasawly
adamdyr. Onuň ýaly erkek kişiler aňsat-aňsat maşgala
durmuşyna öwrenişýän däldir. Kesekiligine galar. Şeýle
adamlary daşyndan halap oňanyň gowudyr. Beýle
adamlar oňat maşgalabaşy bolup bilmeýärler. Soň
göwnüň geçer.
— Çözülmejek mesele däl-le, Şems kem-kemden özgerer.
Ony ýürekden söýüp, bagtyýar ederin welin, ol özgerer.
Oňat ýanýoldaş, oňat ata bolmagy öwrener — diýip,
ynamly gürledim.
Kerra aýdanyma garşy çykyp durmady. Şeýlelik bilen,
gürrüňimiz başlanan dessine-de tamamlandy.
Şol gije begenip düşegime geçdim. Ýüregim edil telbelän
ýaly, gürs-gürs edip urýardy. Şol pursat aýal diýilýän
jynsyň ezelden goýberip gelýän iň uly ýalňyşlygyny
gaýtalandygymy men şonda nireden bileýin?! Söýýän
kişisini öz söýgüsiniň kömegi bilen özgerdip bilerin

öýtmek biz zenanlara mahsus iň gadymy ýalňyşlyk bolsa
gerek. Kerra
Konýa, 1247-nji ýylyň maýy
Başga zat soramadym. Ynananym üçin däl-de, Kimýanyň
ýürekden aşyk bolanyna göz ýetirenim üçin şeýtdim. Şu
durmuşa çykmak meselesinde ideg-sorag etmämi
goýdum. Durmuşda haýran galaýmaly ýalňyşlyklar
bolýar welin, gözüň alnynda bolup durka-da, ara düşüp
ony saklap bilmeýärsiň.
Bu ýyl oraza aýy ir geldi. Öýde işimiz başymyzdan
agdykdy. Basa oturyp bukja taýýarladyk. Baýram tiz
geçdi. Dört günden soňra Kimýa bilen Şemsiň durmuş
toýuny tutduk.
Toý güni taýýarlyk işleriniň aladasy bilen başagaýkam,
geň bir ýagdaýyň şaýady boldum. Ýeke özüm
aşhanadadym. Üsti unly agaç gapak, elimde-de oklaw,
myhmanlara çapady bişirip otyrdym. Birden näme
edýänimi oýlanyp durman, owujymy dolduryp hamyr
aldym-da, Merýem enäniň kiçijik, ýumşajyk şekilini
ýasamaga durdum. Pyçagyň kömegi bilen hamyry gerek
şekiline getirdim. Heýkeljigiň ýüzüne alçak, mähirli keşp
berdim. Edip oturan işime gaty berlipdirin welin,

ýeňsämde biriniň
galypdyryn.
durandygyny
hem
aňşyrman
— Näme edýäň, Kerra?
Ýüregim agzyma geldi, yzyma öwrülenimde Şemsiň
gapynyň öňünde durandygyny gördüm. Heýkeli gizläýin
diýsem-de, indi giçdi. Şems gapagyň ýanyna geldi, ýasan
şekilime seretdi.
— Hezreti Merýemiň şekilimi? — diýip sorady. Men
jogap bermänimden soň ýylgyrdy. — Gowy ýasapsyň.
Merýemi küýsediňmi?
— Hiç kimi küýsämok — diýip, göz-görtele ýalan
sözledim. — Häzirki dinimi saýlap alanyma köp wagt
geçdi. Men indi musulman zenan.
Şems aýdýanlarymy eşitmeýän ýaly, sözüni dowam etdi.
— Belki, «Näme üçin yslamda Merýem ene ýaly zenan
şahsyýet ýokka?» diýip pikir edensiň. Hezreti Äşe bar,
elbetde, hökmany suratda, Patma enemiz hem bar, ýöne
mümkin, seniň gözüňe olar hezreti Merýem bilen deň
däldir.
Biynjalyk boldum, näme diýjegimi bilmedim.

— Rugsat etseň, saňa bir zady gürrüň bereýin — diýip,
Şems seslendi. Onsoň, ynha, şu hekaýaty aýdyp berdi.
Öz döwründe biri pars, biri arap, biri türk, biri rumly —
dört sany ýoldaş bar eken. Ellerine düşen pula näme
ederini bilmändirler. Pars aýdypdyr: «Hany, engur
alalyň»; arap: «O diýýäniň näm-aý, geregi ýok, gowusy,
ineb alalyň» diýipdir; türk bolsa: «Üzüm, üzüm» diýip,
tükezzibana tutduryp otyr diýýär. Ony diýseň, rumly hem
ýer depip durmuş: «Goýuň o diýýänleriňizi, ingabilden
gowusy bolmaz, şony alalyň» diýýärmiş. Köp wagt
geçmänkä, olar gohlaşyp, ýakalaşyp başlapdyrlar. Ahyry
olar dördüsiniň hem şol bir zat isleýändiklerine
düşünipdirler. Ýöne indi olaryň arasynda täze bir
çekeleşik döräpdir. Her kim öz üzümini halaýarmyş. Biri
gara, biri ýaşyl, biri sary, biri goňras üzüm salkymyny
tutýarmyş. Her kim öz üzümini ýerde-gökde goýmandyr.
Hernä şol ýerden köňülleriň dilmajy bir sopy geçip
barýar eken. Olaryň gohlaşyp duranyny görüp, dört
satyjynyň hersinden bir salkym üzüm alypdyr-da bir gaba
salyp, üzümleri mynjyradypdyr. Üzümiň suwuny sykyp
alypdyrda, gabygyny aýryp taşlapdyr. Sebäbi esasy zat
miwäniň gabygy däl-de, asly-özeni bolmaly.
Hekaýat tamamlanandan soň, Şems labyzly gürledi.

—Hristian, ýahudy, musulman... bu üç dine ynanýanlar
ýaňky dört ýoldaş ýalydyr. Daşky görnüş babatda
düşünişip bilmeseler-de, ýollary mazmun taýdan
meňzeşdir, birdir. Sopy daşky gabyk bilen gyzyklanýan
däldir. Ol özendäki jöwheriň ugrundadyr.
Üns bilen diňledim.
— Diýjek bolýan zadym, Merýem enäni küýsemek hökman
däl. Sebäbi ondan ýüz öwürmegiň geregi ýok. Eger
aýallardan pygamber çykmaly bolsa, gürrüňsiz, ol
pygamber bolardy. Seni Alla bilen baglaýan, Oňa
çagyrýan Merýem bolsa, Oňa tarap bilýän ýoluň bilen git.
Musulman zenan hem Merýem enäni haýyrda, dogada
ýatlap biler.
— Ýöne bu dogry bolmaz — diýip, sakawlap aýtdym.
— Näme üçin bolmaýarmyş? Dinleriň ählisi şol bir deňze
tarap akýan derýalardyr. Merýem ene diýmek, seniň
pikiriňçe, rehimdarlyk, merhemet, penalanmak, tejribe,
hemaýatsöýerlik diýmek bolsa, ony musulman zenan
bolup hem söýüp bilersiň. Hatda, isleseň, gyzyňa Merýem
adyny hem dakyp bilersiň.
— Meniň gyzym ýok ahyry — diýdim.

— Enşalla, bolar — diýip, Şems dillendi.
— Sen nireden bilýäň? — diýip, haýran galyp soradym.
— Bilýän-dä.
Biygtyýar ýylgyrdym. Şu öýe geleli bäri ilkinji gezek
Töwrizli Şems bilen içgin gürleşip, syrdaş bolup gördüm.
Biz gapdallaşyp durup, ikimiz hem şol bir meňzeş garaýyş
bilen hamyrdan ýasan Merýem enäme seretdik. Ol hem
hemişeki mähirliligi bilen agaç gapakda durşuna
ýylgyrdy. Onsoň, ynha, şol wagt ilkinji gezek Şemsiň giň
hem ajaýyp ýürekli adamdygyna we adamymyň onuň
bilen dostlugyna näme üçin beýle ähmiýet berýänine göz
ýetirdim.
Goý, ol şu öýde galsyn. Hiç ýere gitmesin. Ýöne şondada Şemsiň Kimýa oňat ýanýoldaş boljagyna
şübhelenýärdim. Ella
Boston, 2008-nji ýylyň 15-nji iýuly
Ol göýä diýersiň, aňyny ýitiren ýalydy. Myhmanhana
baranynda esli wagtlap daşarda ýaýdanyp durdy. Ahyry
ýüregini bire baglap, myhmanhananyň eýwanyna gadam
basanda, ol ýer adamdan ýaňa hyň berýärdi. Bu ýere
ýapon jahankeşdeleriniň uly topary gelen eken;
saçlarynyň bejerilişi we egin-eşikleri biri-birine meňzeş

topar agzalary ýaşululardan ybaratdy. Ella hiç kim bilen
ýüzbe-ýüz bolmazlyk, tanyş birine gabat gelmezlik üçin
ähli ünsüni diwardaky bildiriş ýazgylaryna, tekjelerdäki
kitapçalara berdi. Ýöne az wagtdan soňra tolgunmasy
özünden üstün çykdy. Başyny galdyryp, töweregine garan
badyna şonça adamyň içinde häh diýen ýaly, Aziz
Zaharany gördi. Ol bir çetde ýylgyryp, özüne seredip
durdy.
Aziz goňrasrak ýaşyl reňkli köýnekli, küti zygyr
süýüminden edilen jalbarlydy. Tolkun-tolkun melemtil
saçlary ýaşyl reňkli gözlerine düşüp durdy; bu oňa hem
garagollyk, hem özüne göwnüýetijilik sypatyny berýärdi.
Ol inçemik bolsa-da, çiginlekdi. Ellany dowla düşürip
biljek derejede gelşiklidi, görmegeýdi. Onuň daş keşbinde
sähel äsgermezlik, pugtalyk we gedemlik bardy.
Onuň şu gün irden sakgalyny syrmandygy görnüp durdy,
bu ony hasam kakabaş we gözegelüwli görkezýärdi. Ol
hemişe ussat biçimçileriň elinden çykan gymmatbaha,
taýdaş egin-eşikleri geýip ýören Dewid Rubinşteýnden
bütinleý üýtgeşikdi. Ol çyny bilen ýylgyrdy.
— Geleniňe örän begendim — diýdi. Onuň şwed labzy
bildirip duran gürleýşi özüne çekijidi. Ella: «Bular ýaly
adam bilen birje bulgur kofe içäýeniňde-de, hiç kime

zyýan gelmez — diýip içini gepletdi. — Bary-ýogy birje
bulgur...»
Emma bir ýarym sagatdan soň, içilen birnäçe bulgur bir
bulgura dönüpdi. Gürrüň diýseň mähirli hem tiz
geçensoň, Ellanyň sagada seretmek ýadyna-da düşmedi.
Gije sagat on ikiniň ýarydy. Onsoň üç çaganyň ejesi Ella
Rubinşteýn bir aýlyk hat alyşmadan, birnäçe gezek
telefonda gürleşmeden we ýazan taryhy romanyndan
başga ol barada asla hiç bir zat bilmeýän adamy bilen
myhmanhananyň eýwanynda ikiçäk otyrdy.
— Diýmek, «Smitsonian» žurnaly üçin gelipsiň-dä? —
diýip, Ella dillendi.
—Aslynda, seni görmäge geldim — diýip, Aziz jogap
berdi. — Hatyňy okanymdan soň, seniň bilen ýüzbe-ýüz
gürleşesim geldi.
Ella täze dünýäniň alkymynda durdy. Şu pursada çenli
hemme zat uzakdan näzirgeşmeden ybarat ýaly hereket
etmek mümkindi, ýöne häzir ol bu serhetden geçmegiň
öňüsyrasyndady.
— Ella, meniň bilen bolýan otagyma gidermiň? — diýip,
Aziz sorady.
Ella näme diýjegini bilmän dymdy. Bu şeýlebir soragdy
welin, ol aralaryndaky bolan-goýan zatlary «sanly

dünýädäki oýun» bolmakdan çykaryp, aňry ýany bilen
hakykata öwrüpdi. Işleriň bujurygy artypdy. Häzir göýä
örtügi syrylyp aýrylan hakykat bilen, onda-da ilkibaşdan
bäri örtügiň aşagynda öz nobatyna garaşyp ýatan
ýalaňaç hakykat bilen ýüzleşmäge mejbur bolan ýalydy.
Ella aşgazanynyň jigläp gidenini duýsa-da, Aziziň raýyny
ýykyp bilmedi. Ömründe gelen iň gyssanmaç, iň telbe, iň
samsyklaç aýgydy bolmagy mümkin hem bolsa, muňa
bireýýäm taýyndy.
Özüni-de, ýüregini-de akymyň ugruna oklady. «Giderin»
diýdi. ***
608 belgili otag, gögümtik-çal görnüşde, örän kaşaň
edilip bezelipdir. Bu ýer erkanady, giňişlikdi. Ella iň
soňky gezek myhmanhanada haçan bolup görendigi
barada oýlandy. Adamsydyr çagalary bilen ençeme ýyl
mundan ozal Montreala gidenlerinde bolsa gerek.
Şondan soň dynç alyşlarynyň ählisini Roud adasyndaky
ýazlag öýlerinde geçirendikleri üçin, örtgüleri her gün
täzelenýän, arassaçylyk işleri başgalar tarapyndan
ýerine ýetirilýän ýerde bolmanyna köp wagt geçendir.
Ella özüni başga ýurda baran ýaly duýdy.
Ýöne otaga gadam basan badyna ony alada gaplap aldy.
Otag isleýşi ýaly göze ýakymly, bezegi isleýşi ýaly
göwnemakul bolsa-da, ol otagyň ortarasyndaky ýatyş

diwanyndan biynjalyklyk duýdy. Ol bu ýere söýüşmek
üçin gelmändi. Onda näme üçin gelipdi? Keseki erkek
kişiniň myhmanhanadaky otagyndan ol näme
gözleýärdi?! Eger Aziz oňa el gatjak bolaýsa, nädip
garşylyk görkezerkä?! Eger onuň bilen bile bolmaly
bolsa, nädip adamsynyň, çagalarynyň gözüne seredip
bilsin?! Dogry, Dewidiň şunça ýyllap başga aýallar bilen
gatnaşyk saklap, Ellanyň ýüzüne hiç hili müýnürgemän
bakyp bilşi başga mesele. Duýdansyz ýerden onuň serine
başga ünjüler-de geldi. Birden Aziz ony halamasa näme?!
Ella özüni syratly hasap edenokdy. Ol hiç haçanam öz
syratynyň gelşikliliginden göwnühoş bolmandy. Onuň
pikirleri ýene çagalaryna gaýdyp bardy. Ukladylarmyka
ýa-da henizem
«şeýtan gapyrjaga» aňalyşyp otyrlarmyka? Ejeleriniň şu
mahal nirededigini bilseler, ony bagyşlarlarmyka?!
Aziz Ellanyň birahat bolýanyny duýan ýaly, onuň elinden
tutup, böwürdäki kürsüde, diwandan uzakda oturtdy.
— Çüş, çüş!.. — diýip pyşyrdady. — Aňyň bulam-bujar.
Ala-goh bolup dur ýöne...
Ella başyny öňüne egdi.
— Käşgä, seni has öň tanan bolsadym — diýdi. — Bar zat
başgaça bolmagy ahmal eken.

— Her zat öz wagtynda bolýar — diýip, Aziz dillendi.
— Şeýledigine çynyň bilen ynanýaňmy?
Aziz gülüp duran gözleri bilen seretdi; maňlaýyna
dökülen saçlaryny arkan serpdi. Soňra ýol torbasyny
açdy, Gwatemaladan alan kilimini çykardy. Ýanynda-da
kiçijik bukja bardy. Ony açan mahaly Ellanyň
gymmatbaha zynjyra gözi düşdi. Ortasynda-da kümüşden
ýasalan semagzen asylgydy.
Aziz zynjyry boýnundan asýan wagty Ellanyň ýüregi
gürsüldäp gursagyny ýaraýjak boldy. Bu adamda düşünip
bolmaýan jady bardy.
— Meni söýmegi başararmyň? — diýip, Ella sorady. —
Seni onsuzam söýýän ahyry — Aziz ýylgyryp jogap berdi.
— Ýöne heniz meni tanaňogam-a...
— Tanaýan. — Aziz ynamly sesi bilen tekrarlady.
— Men barada bilmeýän zatlaryň gaty köpdür...
— Seni tanamagym üçin köp zat bilmek hökman däl. Seniň
kalbyň düýp-teýkaryny görüp durun — diýip, Aziz aýtdy.
Onsoň Ella bu jümlä bir ýerde gabat gelenini ýatlady.
Göýä diýersiň, «Geň göreniň alnyna» diýen ýaly, birçak
dilinden sypan sözler garaşmaýan halaty yzyna gaýdyp

gelýän ýalydy. Ýaşaýyş çarh kimin bir zatdy. Näme
berseň, şony-da yzyna gaýtarýardy. Bu telbelikdi,
barypýatan hyýalbentlikdi. Näme diýjegini bilmedi. Aziz
ellerini uzadyp, Ellanyň başynda toplan saçyny saklap
duran iňňebagjygy sogurdy-da, soňam ony ýumşak
diwana çümdürdi. Şeýdip, arkan süýnüp ýatmaga
mümkinçilik döretdi. Ella duýdansyz «Yşk şerigatyny»
ýatlady. Ýöne bir zatlar diýmäge mümkinçilik bolmady,
Aziz elleri bilen Ellanyň bedeninde gitdigiçe giňeýän
halka çyzyp başlady. Aşakdan ýokaryk, injiklerinden
ýüregine tarap barha ulalýan halkalar... Barmaklarynyň
ujy gyzgynjakdy. Eli degen ýere täsin güýç ýaýrap
gidýärdi. Barmaklary şem ýaly ýanýan adam...
Şol wagt Aziziň gözleri ýumukdy, dodaklary çalaja
gymyldaýardy. Onuň çala mydyrdaýan sözleri başda Ella
syrly bir dil bolup eşidildi. Emma soňra haýran galyp, bir
zada düşündi, Aziz doga okaýardy. Näme diýýänine
düşünmese-de, özi üçin doga okaýanyna göz ýetirdi. Şol
demde Ellanyň owuçlary, tirsekleri, eginleri we tutuş
bedeni galyň energiýa bulutlaryna gaplanyp başlady.
Göýä, ýylyjak howuzda suwuň ýüzünde gymyldysyz
durşuna, bedeniniň agramyny göterip bilmeýän ýalydy.
Serhetler aradan aýrylypdy, «Meniň» nireden başlap,
nirede tamamlanýandygyny anyklap bilmeýärdi. Yşk
derýasynda ýüzüp ýören ýalydy. Bu ömründe başyndan

geçiren iň ruhana pursadydy. Haýran galaýmaly
görnüşde onuň içinde jynsy isleg bir görseň, bar ýalydy,
bir görseňem, ýokdy.
Aziziň barmaklary garnyndan ýokaryk süýşende Ella
göwüsleriniň has janly, has dik däldigine jany ýandy. Üç
çagadan we şunça ýyldan soň göwüsleri terligini
ýitiripdi. Ýa-da onuň özüne şeýle görünýärdi. Ýöne şol
gaýgysy gelşi ýaly-da geçip gitdi. Gözlerini ýumup, hiç
bir zada päsgel berjek bolman, özüni Aziziň ygtyýaryna
goýdy. Häzir ol joşgunly derýanyň goýnundady,
şaglapşaglap akýardy. Suwuň bir ujy şaglawuga
barmagy-da ahmaldy welin, şonda-da aýak çekesi
gelmeýärdi. Onsoň şol pursat bir zada göz ýetirdi, onuň
şu adamy söýüp bilmegi ahmaldy. Onda-da nähili
söýmek...
Şol duýgy bilen gollaryny Aziziň boýnuna salyp, ony
özüne tarap çekdi. Ýöne Aziz howsalaly ýagdaýda giden
ýerinden yzyna gaýtmakda kynçylyk çekýän ýaly,
gözlerini gyrpyldatdy. Soňra Ellanyň burnunyň ujundan
öpdi-de yza çekildi.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Elif Şafak-Yşk - 24
  • Parts
  • Elif Şafak-Yşk - 01
    Total number of words is 3608
    Total number of unique words is 2185
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 02
    Total number of words is 3616
    Total number of unique words is 2228
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 03
    Total number of words is 3610
    Total number of unique words is 2211
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 04
    Total number of words is 3621
    Total number of unique words is 2271
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 05
    Total number of words is 3686
    Total number of unique words is 2230
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 06
    Total number of words is 3613
    Total number of unique words is 2257
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 07
    Total number of words is 3722
    Total number of unique words is 2226
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 08
    Total number of words is 3656
    Total number of unique words is 2262
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 09
    Total number of words is 3579
    Total number of unique words is 2310
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 10
    Total number of words is 3666
    Total number of unique words is 2164
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 11
    Total number of words is 3591
    Total number of unique words is 2225
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 12
    Total number of words is 3623
    Total number of unique words is 2233
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 13
    Total number of words is 3652
    Total number of unique words is 2154
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 14
    Total number of words is 3670
    Total number of unique words is 2111
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 15
    Total number of words is 3637
    Total number of unique words is 2160
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 16
    Total number of words is 3591
    Total number of unique words is 2182
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    54.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 17
    Total number of words is 3590
    Total number of unique words is 2167
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 18
    Total number of words is 3586
    Total number of unique words is 2219
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 19
    Total number of words is 3651
    Total number of unique words is 2179
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 20
    Total number of words is 3632
    Total number of unique words is 2034
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 21
    Total number of words is 3642
    Total number of unique words is 2121
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 22
    Total number of words is 3656
    Total number of unique words is 2209
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 23
    Total number of words is 3664
    Total number of unique words is 2120
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 24
    Total number of words is 3674
    Total number of unique words is 2117
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 25
    Total number of words is 3603
    Total number of unique words is 2124
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 26
    Total number of words is 3670
    Total number of unique words is 2220
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 27
    Total number of words is 483
    Total number of unique words is 391
    49.5 of words are in the 2000 most common words
    60.1 of words are in the 5000 most common words
    65.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.