Latin

Elif Şafak-Yşk - 01

Total number of words is 3608
Total number of unique words is 2185
32.1 of words are in the 2000 most common words
46.4 of words are in the 5000 most common words
53.8 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
ELIF ŞAFAK -Yşk(Roman)
KITAP ,, DÜNÝÄ EDEBIÝATY ― ŽURNALYŇ 20112012 – NJI SANLARYNDAN ÇYKAN SANLARYNDAN
ÝYGNALYNDY
Terjimeçiden
XIX asyryň ikinji ýarymynda ýüzüni Ýewropa öwren
türk edebiýaty şondan soň, örän uly özgerişligi başdan
geçirdi. Türkiýäniň we Ýewropa ýurtlarynyň ýokary
okuw mekdeplerinde okap ýetişen türk ýazyjyşahyrlary öz
halkynyň
durmuşyny,
dünýägaraýşyny,
türk
medeniýetiniň
ruhy
gymmatlyklaryny,
gelejegi
nazarlaýan arzuw-islegini bütinleý täzeçe, täze eýýamyň
talabyna görä beýan etmäge çalyşdylar.
XX asyryň başlarynda alty ýüz ýyllap dowam eden
Osmanly soltanlygysynyp, Türkiýe Respublikasy
(1923ý.) yglan edildi. Bu ägirt özgerişlik türk
edebiýatyna-da uly täsir etdi. Türk ýazyjy-şahyrlary
döwür bilen aýakdaş gopmagy başardylar, türk edebiýaty
dünýä halklary tarapyndan söýlüp okalýan edebiýata
öwrüldi. Ömer Seýfetdin, Ahmet Hamdy Tanpynar, Eziz
Nesin, Kemal Tahyr... ýaly görnükli türk ýazyjylary,
Mehmet Akif Ersoý, Nazym Hikmet, Nejip Fazyl
Kysakürek, Arif Nihat Asýa... ýaly şahyrlar ýetişdi. 2006-

njy ýylda türk ýazyjysy Orhan Pamuk edebiýat ugry
boýunça Nobel baýragyna mynasyp boldy.
Häzirki döwürde ýyldyzy parlaýan türk ýazyjylarynyň
biri-de, Elif Şafakdyr. Bu ýazyjynyň 2009-njy ýylda neşir
etdiren «Yşk» romany iň gysga wagtda iň köp satylan
kitap hökmünde türk edebiýatynyň taryhyna girdi.
«Yşk» romany Amerikanyň Boston şäherinde ýaşaýan Ella
Rubinşteýniň durmuşyndan söz açyp başlaýan hem bolsa,
ol Gündogaryň beýik akyldary Jelaletdin Rumy hem onuň
jan ýoldaşy, halypasy Töwrizli Şems baradadyr. Özünden
soňa ägirt uly edebi miras goýan, eserleri Ystambuldan
Deli aralykda iri ylym-bilim ojaklarynda öwrenilen
Jelaletdin Rumy bilen Töwrizli Şemsiň dostlugyny soňky
asyrlarda ýaşap geçen alymlar «iki ummanyň
duşuşygyna» meňzedipdirler. Elif Şafagyň iňlis hem türk
dilli okyjylar tarapyndan gyzgyn garşylanan «Yşk» romany
türkmen çeper edebiýat muşdaklarynyň hem
göwnünden turar diýip umyt edýäris.
Türk dilinden terjime eden
Meretmämmet HANMÄMMEDOW.

1971-nji ýylda Fransiýanyň Strasburg şäherinde dünýä
inen Elif Şafagyň çagalyk hem ýaşlyk ýyllary Ankarada,
Madridde, Ammanda, Kölnde, Ystambulda, Bostonda,
Miçiganda we Arizonada geçdi. Ol ýokary bilimi Ýakyn
Gündogar Türk uniwersitetiniň halkara gatnaşyklar
bölüminde aldy, ylmy işlerini-de şol uniwersitetde
gorady. Elifiň ilkinji romany bolan ―Pynhan‖ 1998-nji
ýylda Jelaletdin Rumynyň adyny göterýän Uly baýraga
mynasyp boldy. Bu eserinden soň, ol ―Şäheriň aýnalary‖
we Türkiýäniň Ýazyjylar Birleşiginiň baýragyna mynasyp
bolan ―Mährem‖ (2000 ý.) atly eserlerini ýazdy. Soňra
ýazyjy iň köp satylan eserleriň sanawynda ilkinji orny
eýelän ―Bit palas‖ (2002ý.) we iňlis dilinde ýazan
―Araf‖ (2004ý.) eserlerini neşir etdirdi. Elif Şafak

―Gaýtgyn‖ (2005ý.) eserinde aýallar, medeni bölünişik,
dil we edebiýat barada ýazan eserlerini jemledi. Ol 2006njy ýylda, ýylyň iň köp okalan eseri bolan ―Çöpdüýbi we
onuň kakasy‖ romanyny okyjylara ýetirdi. Mundan soňra
bolsa ençeme aýlap, iň köp satylan kitaplaryň sanawynda
ilkinji orny eýelemegi başaran ―Gara süýt‖ atly
terjimehal kitabyny ýazdy.
Eserleri iňlis, nemes, italýan, polýak dilleri ýaly
ýigrimiden-de köp dile terjime edilen Elif Şafagyň
romanlary ―Farrar‖, ―Straus and Giroux‖, ―Wiking‖ we
―Penguin‖ ýaly dünýäniň iň abraýly neşirýatlary
tarapyndan neşir edilýär.
Elif Şafak eserlerini türk, iňlis dillerinde ýazýar.


Giriş
bir daş derýa gaçaýanda-da täsiri o diýen bildirip durmaz.
Sähel oýjuklanar-da, suwuň ýüzi çala tolkun atar. «Jülp»
eden ýaly ses çyksa-da, şol ses akymyň güwwüldisinde
onçakly eşidilip hem durmaz. Bar bolaýjagy, ana, şudur.
Ýöne ýaňky daş kölçä gaçybam bir görsün... Onuň täsiri
has uzak saklanar hemem güýçli bolar. Ol daş, hut şol daş
asuda suwy bulandyryp taşlar. Daşyň suwa düşen ýerinde
birbada bir halkajyk peýda bolar, ol halka-da pyntyga
dönüp, kem-kemden gül açar, pajarlar, halka-halka bolar
barar. Göz açyp-ýumasy salymyň içinde kiçijik daş, gör,
nähili işler aparar. Onuň täsiri tutuş suwuň ýüzüni tutar.
Bir görseň, ol ähli ýeri gurşap alandyr, halkadan halka
döräp, tä iň soňky aýlawy kenara urlup ýitip gidýänçä, ol
şeýdip, ýaýrar barar.
Derýa
welin,
bulanyp,
dolup-daşyp
akmaga
öwrendeklidir. Ýogsa-da, ol çyrpynyp akmak üçin bahana
araýar ahyry. Ol okgunly ýaşar, tizem joşar. Özüne
oklanan daşy goýnuna salar-da, ony özüniňki däldir
öýtmez, «ýuwdar» goýberiberer, aňsatlyk bilenem
ýadyndan çykarar. Herhal, şeýle bulambujarlyk onuň
tebigatynda bardyr. Bir zat artdy nä, kemeldi nä onuň
üçin?!
Kölçeli gürrüňe dolanyp gelsek, ol beýle duýdansyz
tolkun atmalara taýýar däldir. Çaýkanyp, düýpteýkary

bilen bulanmagy üçin oňa ýekeje daş ýeterlik. Kölçä daş
düşdümi, onsoň ol hiç haçan öňki durkuna gaýdyp
gelmez, geleýin diýse-de başarmaz.
Özüni bileli bäri Ella Rubinşteýniň ýaşaýşy hem edil
asuda kölçe ýalydy. Kyrk ýaşynyň bosagasynda durdy.
Näme üçindir onuň endiklerinde, zerurlyklarydyr
isleglerinde üýtgeýän zat ýokdy. Günleriniň gelipgeçip
durşy üýtgewsizdi, juda birsydyrgyndy, tertiplidi hem
adatydy. Ylaýta-da, soňky ýigrimi ýylda durmuşyna
degişli zatlaryň ählisini maşgala ýagdaýyna görä
laýyklapdy. Aňyndan geçen her bir isleg, tutunan her bir
täze jorasy, hatda ähmiýeti bolmadyk etsempessemleri-de
şonuň bilen baglydy. Durmuşda ýol görkezýän ýeketäk
çelgisi ― öýi hem maşgalasydy. Ýanýoldaşy Dewid
tanymal diş lukmanydy. Ol işine ökdedi hem-de köp
girdeji gazanmagy başarýan adamdy. Ýöne är-aýalyň
arasyndaky baglany şyk o diýen mäkäm däldi. Ella bu
ýagdaýdan habarlydy, dogrusy, maşgala bolmaklarynda
(ylaýtada, olaryňky ýaly uzaga çeken maşgala
durmuşynda) ileri tutulýan ýörelgeleriň üýtgeşik
bolýandygyna ynanýardy. Maşgalada söýgüden hem
hyjuwdan has möhüm zatlarda bolmalydy: ikitaraplaýyn
hoşniýetlilik, mähribanlyk, düşünişmek, hormatsylagdyr
sabyrlylyk ýaly... Onsoňam, elbetde, her bir maşgala üçin
örän zerur bolan başga bir aýratynlyk hem gerekdi:
bagyşlap bilmek! Eger eliňizden gelýän bolsa, hökman

geläýmelem, ýanýoldaşyňyz hata iş etdimi, edibem biler,
her zat ediň welin, bagyşlaň!
Söýgi-pöýgi diýýäňizmi, owarrasyna! Nämesine
derkarmyş? Söýgi, yşk diýýänleri Ellanyň öňe tutýan
ýörelgeleriniň arasynda bireýýämden bäri soňky
orunlarda durýar. Diňe filmlerde bolardy söýgi. Ýa-da
hyýalbentligiň döreden romanlarynda. Diňe şolar ýaly
ýerlerde baş gahrymanlar bolan gyz bilen ýigit
biribirlerini ertekilerden alnan rowaýaty hyjuw bilen
jandilden söýüp biler. Ýöne durmuş, hakyky durmuş
welin, filmem däldi, romanam!
Ellanyň ileri tutýan zatlarynyň sanawynda çagalary ilkinji
orundady. Owadan diýseň bärden gaýdýan gyzlary
Janetuniwersitetde okaýardy, biri gyz, biri oglan ekizleri
(gyzjagaz Orly, oglanjyk bolsa Ewi) ulalyp, ýetginjeklik
ýaşyna ýetipdiler. Şeýle hem olaryň Kölege atly on iki
ýaşly tohum aw itleri bardy. Bu öýe getirilende ol kiçijik
güjüjekdi. Şodur-da şudur, ol Ella gezelenje çykdygy
ýanyndan aýrylmaýan wepadar dostuna, ýoldaşyna
öwrüldi. Dogrusy, häzir ol garrapdyr, ýarsypdyr;
Gözdengulakdan galaňkyrlan
Kölegäniň ahyry golaýlap ýördi. Ýöne itiniň günlerde bir
gün öljekdigi hakda oýlanmaga welin, Ellanyň bogny
ysmaýardy. Her näme-de bolsa, Ella şeýle adamdy, her bir
zadyň ahyrynyň bardygyny hiç haçan boýun alasy

gelmeýärdi, isle döwür bolsun, isle könelişen adat, halada, birmahal arasy üzülen gatnaşyk... Ol ölümi ykrar
etmekden ejizdi. Görmezlige salýan şol «ahyrlary»
alkymynyň aşagynda duran hem bolsa, olar bilen ýüzbeýüz bolmaga ýürek edip bilmeýärdi.
Rubinşteýnleriň maşgalasy Amerikanyň Norzemton diýen
ýerinde, Wiktoriýa döwrüne degişli goňras reňkli kaşaň
jaýda ýaşaýardy. Birneme bejerilip, täzelenmegine
mätäçdigi görnüp duran-da bolsa, bu jaý henizem
haýbatlydy. Tutuş bäş sany ýatyş otagy, üç ulaglyk
awtogoýalgasy, iri-iri parketleri we fransuz usulynda
ýasalan gapylary bardy. Üstesine, howlusynda üýtgeşik
owadan howuzçasy hem bardy. Maşgala agzalarynyň
başdan-aýak
ählisi
ätiýaçlandyrylandy.
Durmuş
ätiýaçlandyryşy, awtoulag ätiýaçlandyryşy, ogry-jümrülik
boýunça ätiýaçlandyrma, ýangyn hem saglyk
ätiýaçlandyrmasy, nepaga hasaplary, çagalaryň ýokary
bilimi üçin süýşürintgileridir umumy bank hasaplary...
Ýaşaýan jaýlaryndan başga-da, biri Bostonda, beýlekisi
Rowd adasynda ýerleşýän iki sany aňrybaş oňaýly öýleri
hem bardy. Bu zatlaryň ählisini edinmek üçin Ella-da,
Dewid hem eslije der döküpdiler. Her gatynda çagalar
hezil edip, ylgap-ýüwrüp oýnap biljek, howurpeçden
zenjefilli-dalçynly külçeleriň ysy kükäp duran ullakan jaý
edinmek käbir kişiler üçin lenç edilen arzuw bolup
görünse-de, olaryň gözüne durmuşyň aňrybaş matlabydy.

Olar maşgala durmuşlaryny şu umumy maksadyň üstünde
gurupdylar we kem-kemden arzuwlarynyň ählisini
bolmasa-da, birentegini durmuşa geçiripdiler.
Geçen ýyl Söýgüliler gününde ýanýoldaşy Ella ýürek
şekilli almaz tokaly monjugy sowgat edipdi. Onuň
ýanyna-da aýyjyk, şarjagaz hemem bir hatjagaz goşupdyr:
«Eziz Ellam!
Ümsüm, mylaýym, eli açyk hem-de welilere mahsus
sabyrly zenan...
Meni bolşum ýaly kabul edýäniň hem-de aýalym bolanyň
üçin senden hoşaldyryn.
Seni müdimilik söýgi bilen gurşajak ýanýoldaşyň
Dewid».
Ella hiç kimiň, onda-da äriniň ýanynda boýun almadygam
bolsa, dogrusy, şu setirleri okan mahaly özüniň ölüm
permanyny okan ýaly bolupdy. «Men ölenimde yzymdan
şeýle sözler aýtjak ekenler» diýip, içini gürledipdi. Ýöne
eger olar çyndanam dogrusyny aýtmaly bolsa, şulary-da
üstüne goşmaly bolardylar:
«Ella janymyz ömürboýy ärinden hem çagalaryndan
başga zady bilmedi. Takdyryň her jüre hupbaty bilen ýeke
özi dikleşer ýaly, onuň bilýän zady-da, tejribeside ýokdy.
Hiç wagt töwekgellige baş uran aýal däldir ol. Hemişe

ätiýaçlydy. Içýän kofesini üýtgetjek bolsada, uzak
wagtlap kelle döwerdi. Ol örän çekinjeň, şeýle ýuwaş,
ýygra maşgalady. Eger ýüz görmän aýtmaly bolsa, ol
barypýatan gorkakdy».
Ynha, şu ýagdaýdan habarly bolandyklary sebäpli hiç
kim, şol sanda onuň özi hem bir zada asla düşünip
bilmedi. Tegelek ýigrimi ýyl maşgala bolup ýaşaşandan
soň, Ella Rubinşteýn nähili boldy-da, bir gün irden ärine
aýrylyşmak üçin kaza ýüz tutandygyny we özüni maşgala
jogapkärçiliginden azat edip, ýeke özi soňy näbelli
syýahata çykýandygyny... ***
Ýöne, elbetde, sebäbi-de bardy: Yşk!
Ella oslagsyz ýerden peýda bolan bir kişä göwün berdi.
Olar bir şäherde-de ýaşamaýardylar, bir yklymda-da.
Arada ýatan uzak-uzak menziller barada aýt manyňdada,
olaryň häsiýetleri hem bolmanda, gije bilen gündiz ýaly
parhlydy. Ýaşaýyşlaram büs-bütin başgaçady. Giden bir
uçut ýatyrdy aralarynda. Adaty şertler bolanlygynda biribirine tagapyl etmesi hyllalla boljak hallaryna, olaryň
özüni yşkyň oduna atmagy garaşylmadyk waka boldy.
Ýöne boljak işe çäre ýok. Onda-da ähli zat şeýle bir tiz
bolup geçdi welin, Ella başyna nä söwdalaryň düşenini
aňyp, özüni goramagada ýetişmedi. Ynsanyň özüni
yşkdan gorap saklamagy mümkinbolsa, elbetde!

Yşk Ellanyň ömrüniň şol asuda kölçesine gaýypdan inen
daş mysaly, şaglap indi-de, ony elendirip sarsdyrdy,
siltedi, duw-dagyn etdi.
Ella
Boston, 2008-nji ýylyň 17-nji maýy
Bahar paslydy. Bu täsin waka mylaýym howaly asuda bir
günde başlandy. Ençeme wagtdan soň, Ella yzyna
gaňrylyp bakan mahaly, şol başlangyç pursady aňynda
şeýle bir tekrarlar welin, ol göýä geçmişde bolup geçen
waka baradaky ýatlama däl-de, oňa ähli zat hälihäzirem
älemiň bir künjeginde dowam edýän teatr sahnasy ýaly
bolup görner.
Wagty: maý aýynyň şenbe günleriniň biri, öýleden soň.
Ýeri: öýleriniň aşhanasy.
Maşgala bolup üýşüşip, naharlanyp otyrdylar. Äri iň gowy
görýän nahary bolan gyzardylan towuk butlaryny
tabagyna atyp otyrdy. Ekizleriň biri – Ewi pyçakdyr
çarşagyny çakyşdyryp, hyýalynda deprek çalýan ýaly ses
edýärdi, ekiz taýy gyz Orly bolsa, günde diňe 650
kilokaloriýalyk iýmitlenmäge ygtyýar berýän täze
berhizine eýermek üçin jemi näçe lukma iýmelidigini
hasaplap otyrdy. Uly gyzy Janetoýhyýallara gark bolup

oturyşyna, eline alan bir bölek çöregine peýnir erginini
çalýardy.
Maşgala bilen birlikde stoluň başynda Ester daýza-da
bardy. Taýýarlan kakaoly tortuny goýup gitmek üçin
gelenem bolsa, ol ýanjalyp durlansoň, göwünlerini
ýykmazlyk üçin nahara galypdy. Nahar iýlip bolnan
dessine bitirmeli bir topar işiň garaşyp durandygyna
garamazdan, Ellanyň saçagyň başyndan
turasy gelenokdy. Soňky wagtlarda, şeýdip, maşgala
bolup, göwnejaý jemlenişip oturybam bilmeýärdiler.
Şeýle pursatda her kim birek-birege mähir paýlar diýip
umyt edýärdi.
― Ester daýza, Ella saňa täzelig-ä buşlan däldir-dä? ―
diýip, Dewid birden dillendi. ― Aýalym üýtgeşik bir iş
tapyndy. Bilýäňmi nämedigini, onda-da şunça ýyldan soň.
Ella uniwersitetde iňlis dili we edebiýaty bölüminde
okapdy. Edebiýaty her näçe gowy görýän hem bolsa,
uçurym bolanlaryndan soň, belli bir işiň başyny tutup
bilmändi. Diňe aýallar žurnallarynyň birnäçesine ownukuşak ýazgydyr makalaiberipdi, kitapsöýerler
jemgyýetleriniň käbirlerine gatnapdy, käteýerli
gazetlerde kitaplara syn ýazypdy. Bar bolany şudy.
Birmahallar abraýly tankytçy bolmaga hyýal
ýüwürden hem bolsa, indi o günler birçak yzda galypdy.

Ol indi ýaşaýyş şemalynyň özüni bütinleý başga
başdangeçirmelere ykdyryp äkidendigi baradaky
hakykaty boýun alýardy. Görnükli edebiýat tankytçysy
bolmag-a beýlede dursun, indi ol soňy görünmeýän
hojalyk işleridir maşgala borçlaryny gerdeninde
göterýän, üstesine-de, üç çaganyň aladasy bilen ýanypbişýän yhlasly hojalykçy aýala öwrülipdi.
Dogrusy, şu durmuşyndan hem beýle bir nadyl däldi. Ene,
ýanýoldaş bolmak, itiňi idetmek, öýüň otur-tury, aşhana,
howly, gündelik gerek-ýarak zatlary satyn almak, egineşikleri ýuwmak, ütük... Onsuzam durmuşynyň hysyrdysy
ýeterlikdi. Şular ýaly aladalaryň bar mahaly elýetmez şaha
eliňi uzatjak bolup durmagyň nä hajaty bar?
Feministlerden ýaňa hyň berýän Smit uniwersitetinde bile
okan synpdaş joralarynyň hiç biri Ellanyň saýlap tutan
ýoluny unamasalar-da, ol muňa pitiwa etmändi. Öýüniň
ody bilen girip, küli bilen çykýan ene, ýanýoldaş hem öý
bikesi bolmakdan uzak ýyllaryň dowamynda özünde
sähelçe-de
ynjalyksyzlanma
duýmandy.
Maddy
ýagdaýlarynyň guratlygy, elbetde, işlemek zerurýetini
duýmazlygyny ýeňilleşdiripdi. Şonuň üçinem Ella
durmuşyndan hoşaldy. Edebiýata bolan gyzyklanmasyny
eýdip-beýdip öýde-de dowam etdirip bilerdi. Onsoňam
okamaga bolan höwesi ölmändi ahyry, ol häzirem

kitaplaryň ölemen muşdagydy ýa-da özüniň şeýledigine
ynanasy gelýärdi.
Ýöne wagty ýetip, çagalar ese-boýa galyp, adam çykdy.
Has beterem, olar ejeleriniň häli-şindi üstlerini alyp,
kökenek bolup ýörmesini halamaýandyklaryny açyk
mälim etdiler. Geregiçe boş wagtynyň bardygyny görüp,
Ella ahyrynda bir iş tapynsa kem bolmajakdygy barada
oýlanyp
başlady.
Äriniň
ony
ýürekden
höweslendirýändigine, hemişe öz aralarynda bu mesele
barada gürleşip, amatly pursada garaşyp ýörendiklerine
garamazdan, Ella üçin iş tapmak beýle bir aňsat düşjek
däldi. Ýüz tutan ýerlerindäki iş berijilere bolsa, ýa-ha ýaş
adam gerekdi, ýa-da olar has tejribeli birini agtarýardylar.
Yzyna gaýtarylagaýtaryla göwni çöken Ella indi köpden
bäri iş hem gözlänokdy. Meseläni goýbolsun edipdi.
Her hal, 2008-nji ýylyň maý aýynda şunça ýyllap iş
tapmagyna päsgel beren böwetleriň ählisi garaşylmadyk
ýagdaýda aradan aýryldy duruberdi. Kyrk ýaşyna gadam
basmagyna birnäçe hepde galanda
Bostondaky neşirýatlaryň birinden amatly tekle geldi.
Aslynda işi äri tapyp beripdi. Müşderileriniň biri sebäp
bolupdyr, belki-de, söýgülileriniň biridir...
― Bolýa-la, ulaldyp ýörer ýaly işmi, näme, bi ― diýip,
Ella muňa uly bir ähmiýet bermezlige çalyşdy. ―

Bolmalym bary-ýogy bir neşirýatyň redaktorynyň
kömekçisiniň kömekçisi. Ýagny, çorbaň çorbasynyň
çorbasy!
Ýöne Dewid aýalynyň täze işine göwnüýetmezçilik
etmegine ýol berjege meňzänokdy.

― Ezizim, näme üçin beý diýýäň? – diýip, ol gaýtargy
bermek bilen boldy. ― Özüň bilýäň-ä onuň nähili abraýly
neşirýatdygyny.
Dewid tirsegi bilen Ellany çalaja kakyp goýberdi, ýöne
ondan ses çykmansoň, öz aýdanlaryny özi ilgezik baş atyp
oňlady.
― Ol örän belli hem abraýly neşirýat, Ester daýza.
Ýurtdaiň gowularyň biri! Beýleki kömekçileri bir görseň.
Ählisi ýaş! Hemmesem iň abraýly uniwersitetleriň
uçurymy! Olaryň arasynda Ella ýaly şunça ýyllap öý
bikesi bolup, indi işe durýan ýeke adamam ýok. Gör, bu
aýalyň dänjirän bolşuny?!
Ella çala gozganjyrap, eginlerini gobsundyrdy,
dodaklarynda mejbury, ýasama ýylgyryş peýda boldy. Bir
tarapdanam onda eýse äri näme üçin beýle ýanjap
goýmaýarka diýen gyzyklanma döredi. Şunça ýyllap ony
kär eýesi bolmakdan mahrum edip, indem şu ýitirilen
ýyllaryň öwezini birbada doljak bolýarmyka? Ýa-da
biwepalyk edenine puşman edip, şeýdip, arany ýumşatjak
bolýarmyka? Eýse, bularyň haýsy birikä? Ýadyna başga
hili pikir gelenokdy, dogrusy. Dewidiň şunça janygyp,
süýjedip gürlemeginiň başgaça düşündirişi ýokdy.
― Gaýratly zenan diýibem şuňa diýäýseň. Hemmämiz
Ella jana buýsanýarys ― diýip, Dewid gürrüňini
dabaralandyrdy.

Ester daýza mylaýym gürläp söhbete goşuldy.
― Hawwa, Ella jan ýaly boljak ýokdur, hemişe-de
şeýledi.
Hamala, ol Ella stoluň başyndan turup, ahyrky ýoluna
ugraýany üçin ony çuň hasrat bilen ýatlaýan ýalydy.
Stol başyndakylaryň ählisi Ella mähir bilen seredişdiler.
Ewi kakdyryp gürlemesini bes etdi, Orly bolsa şonda
ilkinji gezek daşky keşpden başga-da bir zada ünsüni
gönükdirmegi başardy.
Ella bu söýgüden doly pursadyň keýpini görmäge çalyşsada, başarmady. Ol özüni birhili oňaýsyz, bitakat
duýýardy. Sebäbini-de bilenokdy. Käşgä, şu oňaýsyz
gürrüňi biri üýtgedäýsedi. Ol özi hakynda gürrüň
edilmegini halamaýardy.
Ynha, şol pursat uly gyzy Janet bu ümsüm dilegi eşiden
ýaly, birden gürrüňe goşuldy:
― Meniň size aýtmaly zadym bar. Buşlugymy
taýynlaberiň!
Hemmeler Janete tarap öwrüldi. Gyzyklanma bilen,
gulaga öwrülip, gürrüňiň yzyna garaşdylar. ― Skot
ikimiz durmuş gurmagy ýüregimize düwdük! ― diýip,
Janet habaryny morta orta atdy oturyberdi.
― Bolýa-la, häzir näme diýjegiňizi bilýän: «Heniz
okuwyňyzy tamamlaňzok, beýtmäň, näme beýle

alňasaýaňyz, heniz başyňyz ýaş ahyry, ýeneýeneler.....»
Ýöne düşüniň, haýyş edýän, ikimizem indi bu uly ädimi
ätmäge taýýar.
Aşhana geň bir ümsümlik aralaşdy. Ýaňyja, bir minut
ozalam hemmeleri gurşap duran ýakymlylyk hem
ýakynlyk bugaryp uçup gidene döndi. Orly bilen Ewi biribirine bimany seredişdiler. Ester daýza elinde bir bulgur
alma şerbedini saklap durşuna dälişge heýkeltaraşyň
çeken gülkünç, çişik heýkeline meňzäp doňup galdy.
Işdäsi kesilen bolsa gerek, Dewid çarşakdyr pyçagyny
gyra süýşürdi-de, gözüni süzüp, Janete seretdi. Onuň açyk
goňur gözlerinde birhili dartgynlylyk, ynjalyksyzlyk
duýulýardy. Keşbinde bir çüýşe sirke suwuny içmäge
mejbur bolanyňky ýaly turşulyk alamaty bardy...
Ýagdaýyň öwerlik däldigine düşünen Janet zeýrenmäge
başlady:
― Owf, ýeri, başlaň hany! Men-ä hossarlarym
begenjinden uçaýjak bolar öýdüp garaşdym, ýöne hany?!
Öz bolşuňyza bir serediň-ä? Ýüz-gözüňizden gar ýagýar.
Biri göräýse dagy size erbet habar aýdandyryn öýder.
― Gyzym, ýaňyja durmuş gurjakdygyňy aýtdyň ― diýip,
Dewid hamala näme aýdanyny bilmeýäni üçin Janet ony
birinden hökman eşitmeli ýaly dillendi.

― Kaka jan, biraz duýdansyz bolanyny bilýän, ýöne düýn
agşamlyk edinenimizde Skot: «Maňa durmuşa
çykarmyň?» diýdi. Menem: «Bolýa» diýäýdim.
― Ýagşy-la welin, näme üçin?
Bu sowaly orta oklan Ellady. Söz agzyndan çykan dessine
gyzynyň özüne seredişinden beýle soraga onuň geň
galýandygyna düşündi. «Ýagşy-la welin, haçan?» diýip
soran bolsa ýa-da «Ýagşy-la welin, nähili?» diýen bolsa,
onda hiç hili mesele ýüze çykjak däldi. Soraglaryň ikiside Janeti bagtyýar hem hoşal etjekdi. «Ýeri, onda, toý
taýýarlygyna başlabermelidä» diýen äheňde boljakdy.
Ýöne «Ýagşy-la welin, näme üçin?» diýen sorag
garaşylmadyk sowaldy. Oňa jogap bermäge Janetiň özem
taýýar däldi.
― «Ýagşy-la welin, näme üçin» diýmäň näme? Skoty
söýýänim üçin bolaýmasa... başga näme sebäbi bolsun,
eje, hä?
Ella sözleri ýekän-ýekän
düşündirmäge çalyşdy.
saýlap
alyp,
aýdanyny
― Balam, diýmekçi bolan zadym... Nämä alňasaýaňyz?
Ýa hamyla dagy bolduňmy?
Ester daýza oturan ýerinde birhili gozganjyrady,
ýygryldy, yzly-yzyna ardynjyrady, alma şerbedini goýup,

jübüsinden iýmit siňdiriji dermanyny çykardyda, agzyna
atdy. Ewi bolsa, kikirdäp gülüp başlady.
― Weý, şu ýaşymda daýy boljak-da men onda!
Ella Janetiň elinden tutup, özüne tarap çekdi-de, ony
çalaja gysdy.
― Hakyky ýagdaý nähili bolanda-da, çekinmän bize
aýtgynyň, bolýarmy, gyzym? Her näme bolsa-da,
hossarlaryň hökmünde biz hemişe seniň arkaňdadyrys.
Janetelini batly çekip aldy-da ýaryldy:
― Eje, goý şu gürrüňi, haýyş edýän. Men hamyla-da däl,
zadam. Meni utandyrýaň.
― Saňa ýagşylyk üçin aýtdym ― diýip, Ella özüni rahat
hem durnukly tutmaga çalşyp pyşyrdady. Dogrusy,
dymmalygyny, durnuklylygyny saklamak oňa soňky
wagtlarda iň agyr düşýän zatlardy. ― Meniň göwnüme
degip ýagşylyk etjek bolýaň-da, şeýlemi, eje? Seniň üçin
söýýän ýigidim bilen durmuş gurmak islemegimiň ýeketäk düşündirişi ― ol hem tötänden hamyla galmagym!
Näme, sen meni şeýle sadadyr öýdýäňmi? Diňe Skoty
ýürekden söýýänim üçin onuň bilen durmuş gurmak
islemegimiň mümkindigi hakda oýlanmadyňmy? Biziň
duşuşyp ýörenimize tutuş sekiz aý boldy.

― Çagalygyňy etme ― diýip, Ella dillendi. ― Bir ýigidiň
hüý-häsiýetine belet bolmak üçin sekiz aý ýeterlikdir
öýdýäňmi? Kakaň bilen ýigrimi ýyllap ýaşaşyp ýörüs,
şonda-da biri-birimiz hakynda ähli zady bilýändiris diýip
bilmeris. Muň ýaly iş üçin sekiz aý dagy nämejik?
Deňizde damja ýaly zat!
Ewi içýakgyç gülüp gürrüňe goşuldy:
― Özüňiz bolsaňyz, Taňry tutuş dünýäni alty günde
ýaradypdyr diýýäňiz! O-o-o, sekiz aýda, gör, nämeler
bolmaýar.
Saçak başyndakylar alarylyşyp seredişensoň, Ewi agzyny
ýumup, lal-jim oturdy.
Şol wagt gaşyny çytyp, oýlanyp oturan Dewid
dartgynlylygyň güýjändigini duýan dessine ara goşuldy:
― Mähribanym, gulak as, ejeň neme diýjek boldy, bir
ýigit bilen duşuşmak bir zat, durmuş gurmak bütinleý
başga zat. ― Ýöne, kaka jan, ölýänçäň söýşüp ýörmelimi
onda? – diýip, Janetdillendi.
Ella uludan dem aldy-da, ýene tutluşyga girdi:
― Gowusy, gepi köpeldip oturman, bir gezekde aýdyp
dynjak. Menem, kakaňam has mynasyp ýigit taparsyň
öýdýärdik. Onsoňam ony çynlakaý gatnaşyk hasaplap
bolmaz. Beýle zatlar üçin heniz seniň başyň ýaş.
Janet gyryljyk, düşnüksiz, ugur-utgusyz ses bilen dillendi:

― Näme hakda oýlanýanymy bilýäňmi, eje? Öz
wagtynda sen nämeden gorkan bolsaň, meniň başymada
şol geler öýdýäň. Ýöne sen ýaş durmuşa çykyp, meň
ýaşymdakaň çaga dogrupsyň diýip, menem şol bir
ýalňyşlygy gaýtalasym gelenok!
Ýüzüne şarpyk çalnana dönen Ella çym gyzyl boldy.
Hakydasynyň bir ýerlerinde hyýalyna geti-resi
gelmeýän ýatlamalar janlandy: ilkinji çagasy Janete
hamyla wagtyndaky ýagdaýy, çykgynsyz pursatlary, hälişindi döken gözýaşlary, elewremeleri, başdan geçiren
ruhy sarsgynlary... Ilkinji göwrelilik mahaly kynçylyk
baryny çekipdi, saglyk bilen bagly meseleleri, ruhy
sarsgynlary
başdan
geçiripdi, üstesine, çagany
wagtyndan öň dünýä indirmeli bolupdy. Ýedi aýlykka
doglan uly gyzy bäbek wagtam, çagalygynda-da onuň ähli
güýjüni sorup alypdy. Şonuň üçinem hut şu zerarly Ella
ýene çaga edinmek üçin tutuş on ýyl garaşmaly bolupdy.
Şol arada Dewid başgaça ýoly synap görmegi ýüregine
düwene meňzeýärdi, ol örän seresap görnüşde gürrüňe
goşuldy.
― Gyzym, Skot bilen duşuşyp başlan mahalyňyz, eneataň
hökmünde bizem begenipdik. Edepli oglan ol, elbetde...
Juda salykatly görünýär. Şu döwürde şolar ýaly ýigidi
tapmak aňsadam däl. Ýöne gyssanmajy ýok ahyry. Hany,
entek okuwyňyzy bir tamamlaň, soň näme niýetlenjegiňiz

belli däl. Ynha, görseňiz, oňa çenli hyýalyňyz üýtgär
gider.
Janet«mümkin» diýýän äheňde baş atdy. Ýöne bir zat
bellidi, onuň kakasynyň aýdýanlaryny doly unamaýany
mese-mälim aňdyryp durdy. Soňra ol garaşylmadyk
sowaly orta oklady:
― Ýa bu aýak diräp durmaňyz Skotyň jöhit däldigi
üçinmi?
Dewid gyzynyň gepi kesä çekmegine ynanmaýan ýaly,
gözlerini tegeledi. Her hal, ol hemişe özüne «men açyk
dünýägaraýyşly, medeniýetli, döwrebap, liberal,
demokrat maşgalabaşydyryn» diýip buýsanýardy.
Dogrusy, hut şonuň üçinem öýlerinde jynsparazlyk, din,
aýal-erkeklik, sosial gatlak meseleleri barada gürrüň
etmekden gaça durardy.
Gürrüňi Janete syrykdyrsak, ol hötjetdi, ünsüni
kakasyndan sowup, hasap soraýan terzdäki nazaryny
ejesine gönükdirdi:
― Eje, hany, göniňden gel, eger söýýän ýigidimiň ady
Skot däl-de, Aron Pylankeşteýn bolanda onuň bilen
durmuş gurmagyma-da şeýle garşylyk görkezermidiň?
Janetiň sesi üzlem-saplam hem igençli çykdy. Ellanyň
ýüregi gysdy. Eýse gyzy oňa şeýle gaharly hem teýeneli

garaýarmyka? Ondan ara saklap, kinaýa hem şübhe bilen
bakýarmyka?
― Mähribanym, gulak as, men seniň ejeň bolýan bolsam,
ýarasa-da, ýaramasa-da, saňa käbir zatla ry aýtmaga
borçly. Ýaşlyk, aşyk-magşuk bolmak, durmuş gurmak
üçin edilýän teklip ― bularyň juda gowy zatlardygyny
menem bilýän... Ýaşlyk seriň şemally döwri bolýar... şu
zatlar meňem başymdan geçdi. Ýöne durmuş gurmak
agzalan ýerde ýagşy oýlanyşmak gerek! Özüňden bütinleý
saýry adam bilen durmuş gurmak diýmek, gös-göni
humarly oýna baş urmak diýmekdir. Biz ene-ataň
hökmünde, elbetde, seniň iň dogrusyny saýlap almagyň
tarapdary.
― Ýagşy, eýse, siziň iň dogrusy diýýäniňiz meniň üçin
düýpden ýalňyş bolsa näme?
Beýle sowala garaşmaýan Ella howsalaly halda demini
uludan alyp, maňlaýyny owkalady. Eger häzir çakyzasy
tutan bolsa-da, kellesi beýle agyrmazdy.
― Men ol oglana aşyk boldum, eje. Düşünýäňmi? Heý,
bir ýerden eşidipmidiň şu sözi? Yşk! Ýüregiň gürs-gürs
urup, onsuz oňup bilmez güne düşersiň-ä! Ella biygtyýar
ha-ha-haýlap gülüp goýberdi. Ýöne, elbetde, gyzynyň
üstünden gülmek niýeti ýokdy. Birden gülüp goýberipdi.
Gaty ýaňsyly çykdy gülküsi. Düşnüksiz halda tolgunyp,
gahary gelipdi. Emma uly gyzy bilen ozal hem onlarça,

belki, ýüzlerçe gezek gygyryşyp görüpdi. Hiç bir gezek
şular ýaly tikeniň üstünde oturan kimin bolmandy. Bu gün
bolsa, hamala öz perzendi bilen däl-de, iňňän hilegär hem
çylşyrymly duşman bilen tutluşýana döndi.
― Eje, nämä gülýäň, sen asla aşyk bolup görmediňmi? –
– diýip, Janetgepi kesä çekdi.
― Owf-f, bes et, halys bez boldum indi. Özüňe gel,
guzym, haýyş edýän! Beýle sadalyk bolmaz ahyry, beýlede bir... ― Şo dem dili çolaşyp, Ella gözleýän sözüni
tapmak üçin töweregine garandy. Ahyry sözüniň üstüni
ýetirdi. ― Beýle-de bir romantiklik bor oguşýa!

Romantikligiň
nämesi
erbetmiş?

diýip,
Janetöýkeli sorady.
Dogrudanam, romantik bolmagyň nämesi nädogrumyş?
Ella oýa batdy. Ol öňler-ä beýle däldi. Ozallar ärini
geregiçe romantik däldigi üçin tankyt eder derejede bu
söze hossar çykardy. Eýse, haçandan bäri «romantik»
adamlary halaman başladyka? Jogap tapmady. Ýene-de
şol bir pert hem ýazgaryjy äheňde gürlemesini
çaltlandyrdy.
― Balam, haýsy asyrda ýaşap ýöreniňi bilýäňmi? Bir
zady berk belle, zenan söýýän erkek kişisi bilen durmuş
gurýan däldir. Gördi-bakdy, iş jygba-jyga gelip, gelejegi
üçin birini saýlap tutmaly boldumy, zenan diýeniň oňat

maşgalabaşy, adamkärçilikli är bolar öýdýän adamyny
saýlar, arka diräp biljek kişisini tutar. Düşündiňmi? Seniň
yşk-pyşk diýýäniň geldi-geçer, ýaldyr-ýuldur duýgudyr.
Ella sözüni tamamlan badyna äriniň gözüne gözi düşdi.
Dewid ellerini gowşuryp, gymyldaman, demini alman,
oňa hereketsiz gözleri bilen seredip otyrdy. Ella onuň
öňler beýle seredenini görmändi. Ýüregi jigläp gitdi.
― Maňa näme üçin azar berýäniňi bilýän, eje –– diýip,
Janet duýdansyz dillendi. ― Sen meniň bagtymy görüp
bileňok. Ýaşlygyma görübilmezçilik edýäň. Meniň hem
edil özüň ýaly, göwnüçökgün, nalajedeýin, dünýeden
doýgun öý bikesi bolarymy isleýäň!
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Elif Şafak-Yşk - 02
  • Parts
  • Elif Şafak-Yşk - 01
    Total number of words is 3608
    Total number of unique words is 2185
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 02
    Total number of words is 3616
    Total number of unique words is 2228
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 03
    Total number of words is 3610
    Total number of unique words is 2211
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 04
    Total number of words is 3621
    Total number of unique words is 2271
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 05
    Total number of words is 3686
    Total number of unique words is 2230
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 06
    Total number of words is 3613
    Total number of unique words is 2257
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 07
    Total number of words is 3722
    Total number of unique words is 2226
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 08
    Total number of words is 3656
    Total number of unique words is 2262
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 09
    Total number of words is 3579
    Total number of unique words is 2310
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 10
    Total number of words is 3666
    Total number of unique words is 2164
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 11
    Total number of words is 3591
    Total number of unique words is 2225
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 12
    Total number of words is 3623
    Total number of unique words is 2233
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 13
    Total number of words is 3652
    Total number of unique words is 2154
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 14
    Total number of words is 3670
    Total number of unique words is 2111
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 15
    Total number of words is 3637
    Total number of unique words is 2160
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 16
    Total number of words is 3591
    Total number of unique words is 2182
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    54.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 17
    Total number of words is 3590
    Total number of unique words is 2167
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 18
    Total number of words is 3586
    Total number of unique words is 2219
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 19
    Total number of words is 3651
    Total number of unique words is 2179
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 20
    Total number of words is 3632
    Total number of unique words is 2034
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 21
    Total number of words is 3642
    Total number of unique words is 2121
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 22
    Total number of words is 3656
    Total number of unique words is 2209
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 23
    Total number of words is 3664
    Total number of unique words is 2120
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 24
    Total number of words is 3674
    Total number of unique words is 2117
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 25
    Total number of words is 3603
    Total number of unique words is 2124
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 26
    Total number of words is 3670
    Total number of unique words is 2220
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 27
    Total number of words is 483
    Total number of unique words is 391
    49.5 of words are in the 2000 most common words
    60.1 of words are in the 5000 most common words
    65.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.