Latin

Elif Şafak-Yşk - 17

Total number of words is 3590
Total number of unique words is 2167
31.2 of words are in the 2000 most common words
44.7 of words are in the 5000 most common words
51.2 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
adamlara düşnüksiz görnüp, aslynda, çuňňur ylymlara
düşnükli bolan dostluk gatnaşyklary bolýar. Şemsiň
kakamyň durmuşyndaky orny-da, ynha, şeýle.
Ýöne adamlaryň men ýaly pikir etmeýändiklerini bilýän,
ynha, şonuň üçinem şu zatlara janym ýanýar.
Gynansagam, ody Şemsiň özi hem ölçerýär. Özgelere
gowy görünjek bolup, sähelçe-de alada etmeýäni-hä
etmeýäni, üstesine, degmesizlere degýän halatlaram ýok
däl. Kä günler ýol urup ýören garakçylar ýaly, kakamyň
işiginde oturyp, gelen-gidene gözegçilik edýär.
Adamlaryň haýsydyr biri kakamy görmekçi bolsa,
garşysyna geçip bir topar sowal berýär:
― Beýik Möwlanany näme üçin görmekçi bolýaň? ―
diýip soraýar-da, garşysyndaky näme jogap berse-de,
halanok. Oňa:
― Eýse, näme sowgat getirdiň? –– diýip haýbat atýar.

Gelen görgüliler bolsa, näme diýjeklerini bilmän
peltekleşip durlar. Şems hem olary yzlaryna it salyp
kowýar.
Şol zyýaratçylaryň käbiri birküç günden soň ýene gelýär,
özi-de bu gezek goltugy gymmatbaha sowgatly. Üzüm
kişdesi, atlaz ýapynjalar, ýüpek halylar, ýany tokluly
gelýänem bar... Ýöne bu zatlary görüp, Şems hasam
beterine tutýar.
Bir gün kakamy görmek isläp, gapydaky Şemsden geçip
bilmedik bir adam gahar bilen gygyrdy:
― Indi besdir! Möwlananyň gapysyna geleni kowup
durarça, sen kim bolupsyň?! Näme getirdiň diýip,
öňýetenden sorap dursuň! Eýse, özüň näme?! Tagsyr
Möwlana üçin özüň näme getirdiň?!
― Meniň sowgadym ― özümdirin ― diýip, Şems parahat
durşuna dillendi. ― Men onuň ýolunda baş goýdum.
Bu sözi eşidip, ol adamyň ýüzi üýtgäp gitdi. Näme
diýjegini bilmän, öwelip galdy.
Soňam sesini çykarmady-da, ötä
gitmek bilen boldy. *** Şol gün
Şemsiň ýanyna bardym.

― Şunça köp adamyň özüňe ýalňyş düşünmegi seni
gynandyranokmy? Özüňe duşmançylykly garamalaryna,
hakykatdanam, ähmiýet bereňokmy? ― diýip soradym.
Aýdanyma aň etmeýän ýaly, Şems maňa manysyz seretdi.
― Meniň hiç hili duşmanym ýok ― diýip, ol sözüme
üýtgeşik ähmiýet bermedi. ― Bizi ýazgaranlar tapylar,
garşydaşymyz hem bolar, bizi halamaýanam az bolmaz.
Ýöne Alla aşyklarynyň duşmany bolýan däldir. Biz
özümizde ýigrenç saklamaýarys, ogul.
Ýigrimi ýedinji kada: bu dünýä bir dag mysalydyr, sen
oňa nähili seslenseň, ol hem seniň sesiňi şolar ýaly edip
ýaňlandyrar. Agzyňdan haýyrly söz çyksa, ol haýyrly
ýaňy gaýtarar. Şer çyksa, ol hem saňa şer gaýtargy berer.
Şeýlelikde, kim sen hakynda ýaman gürrüň etse, sen ol
adam barada kyrk gün, kyrk gije diňe ýagşy gürrüň et.
Kyrk günden soň, ähli zadyň özgerendigini görersiň.
Seniň köňlüň özgerse, dünýä-de özgerer.
― Ýöne seniň adamlar bilen çekeleşýän, hatda
dawalaşýan mahalyň hem bolýar ― diýdim.
Şems ýylgyrdy:
― Men olaryň özleri bilen däl-de, nebisleri bilen
çekeleşýärin.

― Şeýledir-le welin, soň olar sen barada bolgusyz gep
ýaýradýarlar. Hatda iki erkek adam beýle ýakyn dost
bolup bilmez; beýle dostlugyň gapdalynda diliňe alyp
bolmajak bir zatlaram hökman bardyr diýýänlerem
tapylýar. Olaryň şeýle betpygyl, bozukdygyna gaty
gaharym gelýär...
Şems muny eşidip, ýuwaşja ah çekdi, soňra bolsa, maňa
bir hekaýaty gürrüň berdi.
Iki sany syýahatçy bir şäherden beýleki bir şähere
barýarmyş. Ynha, birden öňlerinden joşup akýan derýa
çykýar duruberýär. Olar hut suwdan geçeli diýip
durkalar, birneme aňyrrakda gorkudan ýaňa titir-titir
edip, ýeke özi duran ýaş zenana gözleri düşüpdir.
Syýahatçylaryň biri dessine ol aýala kömege ylgapdyr.
Ony arkasyna alypdyr-da, suwdan geçiberipdir. Soňra ol
aýaly derýanyň aňyrsynda arkasyndan düşürip, onuň
bilen sagbollaşypdyr. Şeýdibem ýollaryna rowana
bolupdyrlar.
Ýöne ýoluň galan böleginde beýleki syýahatçy sesiniüýnüni çykarmandyr. Ol gaty keýpsiz görnüpdir. Onuň
barha ýüzi ajaýarmyş. Ençeme sagatlap şeýdip ýüzüni
sallap gelşine ol ahyry dil açypdyr: «Näme üçin sen ol
aýala kömek etdiň? Onsoňam oňa teniň hem degdi.
Birden ol seni azdyraýsa nä bilýäň? Gözüňi-başyňy
aýlamagam mümkin! Erkek bilen aýalyň biri-birine beýle

ýakynlaşmasy boljak işmidir? Aýyp bolar how! Beýle zat
bolmaz, bize gelişjek iş däl!»
Aýaly arkasynda göteren syýahatçy sabyr bilen
ýylgyrypdyr-da: «Aýdýanyň dogry, dostum, men ol aýaly
derýadan geçirip, şol ýerde-de goýup gaýtdym; ýöne sen
näme üçin ony häzirem göterip gelýäň?» diýipdir.
― Käbir adamlar şeýle bolýar ― diýip, Şems dowam
etdi. ― Öz howatyr edýän zatlaryny, ters pikirle

rini özgelere ýöňkeýär we şeýle zatlary şolarda
görýändirin öýdýär. Ynha, hakyky ýük şodur. Kä kişi
serini şübheden doldurar-da, soňam şonça agramyň
astynda maýrylyp galar. Kakaň ikimiziň aramyzdaky
baglanyşygyň näderejede çuňdugyna düşünmeýänlere
aýt, ilki öz beýnisindäki hapa-hupadan päklensinler!
Ella Boston, 2008-nji ýylyň 15-nji iýuny
«Ýakyndaky ýazan hatyňda «Romanyňy iki gezek okap
çykdym, Şems bile araňyzdameňzeşligiň köpdügini
görenimden soň, meni seniň geçmişiň gyzyklandyryp
ugrady. Nähili sopudygyň barada maňa gürrüň
bersene!» diýip ýazypsyň.
Geçmiş barada gürrüň etmegi halamok, Ella. Şeýle-de
bolsa, saňa gürrüň bereýin...
Şwesiýada, Kinloçberwiýe atly balykçylar obasynda
dünýä indim. Hossarlarym maňa Kreig Riçardson diýip
at goýupdyr. Çagalygymdan berk ýadymda galan zatlar
barada aýtsam, balykçylaryň ululy-kiçili gaýyklary,
uzyn-uzyn torlaryň arasynda ýaşyl ýylanlar ýaly, zolakzolak bolup, sallanyşyp duran suwotulary, alyslara uzap
ýatan deňiz kenaryndan gurçuk gözläp pelasaň urýan
kenar guşlary, deňziň ýiti hem şor ysy, ýapýaşyl reňke
çolanyp oturan daglar hem-de Ikinji Jahan urşundan

soňky Ýewropada höküm sürýän asudalyk... Ynha, men
şu zatlaryň içinde önüp-ösdüm.
Soňra duýdansyz ýerden bütin dünýä 1960-njy ýyllaryň
tupanynyň astynda galdy. Talyplar hereketleri, uçar
alyp gaçmalar, rewolýusion başlangyçlar... Men
bolsam, özümiň asuda künjegimde, bu zatlaryň
ählisinden uzakda, deň-duşlarymy gurşap alan
özgerişlik tolkunlaryndan habarsyz ýaşaýardym.
Kakamyň köne kitaplar satylýan dükany bardy, ejem
bolsa, ýüňi gymmat geçýän goýunlary ösdürip
ýetişdirýärdi. Şeýlelikde, çagalyk döwrümde çopanyň
terkidünýäleriňkä
mahsus
ahwallaryndanam,
kitapçynyň öz dünýesine gümra bolup ýörmesindenem
maňa bir zatlar ýokan bolsa gerek. Köplenç beýik
agaçlaryň birine çykyp, töweregi synlamakdan lezzet
alardym, tutuş ömrümi şol ýerde geçirmek barada
göwün ýüwürderdim. Käteler serime obadan çykyp
gidip, her hili başdangeçirmeleriň goýnuna özümi
oklamak hyýaly gelse-de, Kinloçberwiýäni gaty gowy
görýärdim. Durmuşymdan hoşaldym. Şol ýerde dünýä
geldim, şol ýerde-de ölerin öýdýärdim. Ýöne Taňrynyň
meniň maňlaýyma ýazan ýazgydy bütinleý başgaça
bolup çykdy.
Ýigrimi ýaşymda tutuş durmuşymy
düýpgöter özgertjek iki zat bilen ýüzbe-ýüz boldum.
Birinjisi, hünärli suratçylaryň göterýän fotoapparatydy.

Fotosuratçylyk okuwyna ýazyldym. Başda ýönekeý pişe
hökmünde baş goşan bu işimiň ömürboýy dowam etjek
höwese öwrüljegini nireden bileýin?! Ikinjisi, bir zenan
bilen tanyşdym. Ol ýoldaşlary bilen Ýewropa aýlanyp
ýören we «tötänden» obamyza gelen gollandiýaly bir
aýaldy. Onuň ady Margotdy.
Ol menden sekiz ýaş dagy uludy; diýseň owadandy, uzyn
boýludy, mähirlidi, özboluşly häsiýetli zenandy. Belli bir
mekany bolmadyk, idealist, radikal, intellektual, çepçi,
özgerişliksöýer, ýaşyl-anarhist, dürli medeniýetliligiň
tarapdary, azlyk halklaryň we ynsan hukuklarynyň
goragçysy, ykdysatçy... Margotyň aýdyp berýän
düşünjeleriniň köpüsiniň manysyna-da düşünemokdym.
Ýöne bir zady welin berk bilýärdim. Ol häsiýet taýdan
keýpine we höwesine görä üýtgäp duran gülhöwes
zenandy
Ol, bir görseň, diýseň bagtyýar hem kakabaş, seri
ýaşaýşa bolan söýgüden ýaňa agdardüňder pikirden
doly, taslama baryny düzüp ýörendir. Bir görseňem,
eginlerini sallap, gözleriniň şuglasy öçügsilenendir.
Onuň keýpiniň nähili boljagyny öňünden kesgitlemek
mümkin däldi. Ýek ýigrenýäni «buržuaz kaşaňlygynyň
ikiýüzlüligi» atlandyrýan hökmürowan ýaşaýyş terzidi.
Ähli zady owunjak aýratynlyklaryna çenli änigineşänigine çenli soraşdyryp, tankyt etmekden çekinip

durmazdy. Özüm ýaly parahat we ätiýaçly adamyň nädip
Margot ýaly hyýalbent zenandan dowla düşüp gaçyp
gitmändigine haýran galaýmaly. Muňa häli-häzirem
düşünip bilemok. Ýöne gaçyb-a gitmedim. Oňa derek
ýaýdanyp durman, özümi Margotyň hyjuwly dünýesiniň
girdabyna okladym... Oňa aşyk boldum.
Margotyň haýran galaýmaly jadysy bardy. Ol özgerdiji
hem döredijilikli pikirlerden pürepürdi; dogumlydy,
erkanady hem gedemdi. Ýöne şol bir wagtda sap owadan
gül ýaly näzikdi. Bir görseň, ýerliksiz söz üçin ýüzüni
sallap oturandyr, öýkelidir. Onsoň men ony daşky
dünýäniň gödeňsi täsirlerindenem, öz içindäki ýykypýumrup barýan joşgunly tebigatyndanam penalamagy
öz-özüme söz berdim. Eýse, meniň ony söýşüm ýaly, ol
hem meni söýdümikä? Beýledir öýdemok, Ella. Maňa
wepaly bolandyr hem diýip biljek däl. Ýöne bir zady-da
bilýärin, ol hiç kimi söýmedigem bolsa, meni welin, özi
haýran galar derejede ýürekden söýdi. Özüçe,
başaryşyça, elinden gelşiçe...
Şeýdip, Margotyň yzyna düşüp, Amsterdama bardym.
Şol ýerde nikalaşdyk. Margot bu ýerde biraz sägindi;
özüni syýasy ýa-da ykdysady sebäpler zerarly,
Ýewropadan gaçybatalga gözläp gelenlere kömek
etmäge bagyşlady. Bosgunlara ýardam edýän raýat
jemgyýeti guramalarynyň birinde işläp, dünýäniň iň

gyzgyn
nokatlaryndan
gaçyp,
Gollandiýadan
gaçybatalga gözläp gelen maşgalalara ýolbeletlik etdi.
Olaryň penakär perişdesine öwrüldi. Şeýlelikde,
Indoneziýadan, Somaliden, Argentinadan, Palestinadan
gelen maşgalalaryň ençemesi öz gyzlaryna onuň adyny
dakdylar.
Men bolsam şular ýaly idealistik jenjeller bilen
gyzyklanmajak
derejede
«işlidim»
hemde
materialistdim-maddyýetçidim. Önümçilik ugrundan
hünärli uçurym bolan hyjuwly ýaş adam hökmünde men
wezipe basgançaklaryna dyrmyşýardym. Halkara
şereketleriniň birinde işläp başladym. Margot meniň
jemgyýetde tutýan ornum bilenem, aýlykgünlügim
bilenem gyzyklanmaýardy. Ýöne oňa derek özüm bu
zatlara barha ähmiýet berip başladym. Güýçli bolasym,
hem güýçli, hem baý bolasym gelýärdi...
Tutuş ýaşaýşymyzy ownuk-uşak jikme-jikliklerine çenli
meýilleşdirdim. Iki ýylyň dowamynda çaga edinmelidik.
Hyýalymdaky bagtly maşgalanyň suratynda iki sany gyz
çagamyz bardy. Bize röwşen gelejegiň garaşýandygyna
ynanýardym. Sebäbi biz bozuk suw enjamy ýaly,
Ýewropa bosgun baryny döküp duran bulam-bujar
ýurtlaryň birinde däl-de, dünýäniň iň howpsuz
ýerleriniň birinde ýaşaýardyk ahyry. Ýaşdyk, janymyz

tut ýaly sagatdy. Ähli zadyň bolmalysy ýaly ugrugyp
gitmegi üçin, elimden gelenini edýärdim. Häzir, şu
setirleri ýazýan mahalym, şol zatlaryň bolanyna
ynanmak maňa kyn düşýär. Indi men elli dört ýaşymda,
Margot bolsa dünýesini täzeledi.
Ýöne has berk bedenli we jedelsiz owadan ýürekli men
däldim-de, Margotdy. Aslynda, ýaşamaga şol
mynasypdy. Diňe sagdyn iýmitlerden iýerdi, yzygiderli
maşk edýärdi, her hili ýaramaz endiklerden daşda
durardy. Hemişe inçemikligini saklady, syratlydy.
Ýaşynyň uludygyna garamazdan, menden has ýaş
görünýärdi.
Ol garaşylmadyk ýagdaýda aradan çykdy. Bir gije
gaçybatalga sorap gelen rus galamgärini görmäge
gidipdi. Gaýdyp gelýärkä, uly ýoluň ortarasynda ulagy
kemläpdir. Onsoň hemişe ýol kadalaryny berk berjaý
edýän, bu barada meniň hem gulagyma guýup ýören
Margot gyrpýan duýduryjy çyralaryny ýakyp
garaşmagyň deregine, näme üçindir, ulagyndan düşüp
ýakyndaky oba pyýada gidermen bolupdyr. Onuň
egninde goýy goňur reňkli ýagynda geýilýän ýapynjasy,
goýy reňkli jalbary bar eken. Garaňkylykda saýgartjak
reňkler däl... Ýüz metr ýöräp-ýöremänkä, ýokary tizlikde
gelýän ulagyň aşagyna düşüpdir. Ony süsen ýugoslaw

belgili awtofurgon
görmändir.
eken.
Sürüji
ony
garaňkyda
Söýýän zenanymy ýitirenimden soň, düýpli öwrülişigi
başdan geçirdim. Indi men şol balykçylar obasynda
ýaşaýan sada ýigidem, wezipede bir basgançakdan
indiki basgançaga dyzaýan telekeçem däldim... Içimdäki
depesinden basylyp saklanylýan we gapana gapjadylan
wagşyýana baş göterdi.
Gaty tiz özgerdim, bozuldym we ahyrynda bolsa,
gutaran adama öwrüldim. 1970-nji ýyllaryň başlarydy.
Ömrümiň bu döwrüne sopy sözüniň «s» harpy bilen
tanşan döwrüm diýýärin.
Ynha, şeýle. Muny okap içiň gysan däldir diýip umyt
edýärin, Ella. Görseň, eslije ýaşandyryn.
Saňa söýgi bilen Aziz».
Çöl Güli Konýa, 1246-njy ýylyň ýanwary
Başymy bela sokanym üçin temmi bellediler. Hünsa
hojaýyn indi maňa hiç ýere gitmäge rugsat berenok.
Ýöne muňa gynanyp durmadym. Has dogrusy, begenç
bolsun, gynanç bolsun, indi esli wagt bäri olar ýaly çuň
duýgulary başymdan geçirip göremok. Günler öz
akymyna akyp gidýärdi. Her gün säher bilen aýnada
görýän ýüzüm öňkülerden azkem solgunrak, birneme-de

parahat. Ne saçymy daranymda bezenýän, ne-de
birneme gülgüne öwüssin diýip, ýaňaklarymy
çümmükleýärin. Beýleki gyzlar daşky görnüşimden
şikaýat edýärler; müşderileri gaçyrýarmyşym. Belki,
dogry aýdýandyrlar, ýöne men onsuzam özümi kimdir
biriniň gowy görmegini küýsäp baramok. Erkeklere
gowy görünjek bolmakdan ýadadym, bizar boldum. Hiç
kim meni owadan hasap etmese, menem bir künjekde
çüýräp galsam...
Şu zatlary serimde aýlap ýörkäm, öňňin agşam bir
müşderiniň meni görmek isläp, dyzap durandygyny
eşidenimde haýran galdym. Baryp gören mahalym
haýran galyjylygymyň ornuny gorky eýeledi. Müşderi
diýýänleri Baýbars bolsa nätjek! Men öňde, ol yzda,
ýokarky gatdaky depesi pessejik otaglaryň birine
bardyk. Ýeke galan badymyza saklanyp bilmän:
― Sen ýasawulçylyk edeňokmy? — diýip soradym. —
Wezipäň jemgyýetçilik tertibini hem ahlagyny goramak
dälmi? Bozukhanada näme işiň bar?
― Munuň diýip duran zadyna seretsene! ― diýip,
Baýbars kinaýa bilen aýtdy. ― Onda özüň ýaly ýoldan
çykan bozuk heleýiň şol gün metjitde nä köri bardy?!
Seniň edeniň üýtgeşik iş däl-de, meniňki geňmi?

― Meniň ýanymda şol güni agzama. Sen zerarly
tasdanam ýenjilipdim. Adamlaryň baryny maňa garşy
öjükdirdiň. Seniň özüňem şu bozukhananyň ýakasy
gaýyşly müşderisi dälmi? Sen nire, metjide barmak nire?
― diýdim. Ýene-de sözümi dowam etdim.
― Häzir diri gezip ýörenim üçin Şemse sag bol aýtmaly.
Alla onuň ömrüni zyýat etsin! ― Bäriňe gara, meniň
ýanymda şol tüýsübozugyň adyny tutma. Ol barypýatan
dinsiziň biri!
Baýbars ýaly diýdimzor bilen ýaňkalaşmaly däldigini
bilsemem, diýjegimi gysganyp durmadym:
― Men Töwrizli Şemsiň seniň pikir edişiň ýaly erbet
adam däldigine kepil geçibem biljek. Ol ençeme gezek
meni görmäge geldi.
― Oýnaşyň kepil geçýän adamynyň kime nepi degerkä?
― diýip, Baýbars pis syrtardy. ― Günüňe ýa naýyn!
Diýmek, şeýle-dä?! Derwüş bozukhana gelipdir! Näme
üçin geň galaňok?!
― Seniň bar küýüň-köçäň bozuklykda bolansoň,
hemmeleri özüň ýalydyr öýdýäň! Ýöne ol seniň çak
edişiň ýaly däl ― diýdim. ― Şems maňa goldaw berýär.
Şu ýoly taşlamagym üçin elimden çekýär. Ol aýdýar,
ýekeje ynsanyň betbagt bolmagy, ynjamagy tutuş şähere
täsir edermiş. Ilkinji gezek kimdir biri meni ynsan

ornunda görýär. Görküm-görmegim üçin, menden
peýdalanmak üçin däl-de, mendäki Haky görýändigi
üçin Şems maňa elini uzadýar.
― Sende Hak näme işlesin? ― diýip, Baýbars
sögünjiredi. ― Agşamyň şu asuda çagynda maňa
biderek gepler aýtdyrjak bolma. Meni günä galmaly
edýäň.
― Senden idili gürrüň eşidip göremok ― diýip, menem
hüňürdedim.
Bu zatlar barada öň hiç kime gürrüň bermändim we
häzir Baýbarsa näme üçin aýdyp duranymy-da, dogrusy,
bilemokdym. Ýöne Şems geçen aýlarda her hepdede
diýen ýaly, meni görmäge gelerdi. Beýlekilere
görünmän, esasan hem, hünsa hojaýyna tutdurman,
nädip içerik girip bilşine akylym çatmaýardy. Ýöne
şeýtmegiň hötdesinden gelýäni welin çyndy. Aýtsam,
gürrüňsiz, «jadygöýlikden başga zat däl» diýjekler. Ýöne
munuň jadytilsim bilen baglanyşygynyň ýokdugyna
gözüm ýetýärdi. Şemsde Alla tarapyn berlen adatdan
daşary başarnyklar bardy. Diwarlaryň, gapylaryň
aňyrsyndaky zatlary-da görmegi başarýardy, islese göze
görünmez bolup bilýändiginden-de habarym bardy. Ol
maňa «Taýýar bolanyňda yzyňa garaman, şu
bozukhanany taşlap gitgin» diýýärdi. Şu durmuşda diňe

ejem bilen Şems ikisi maňa adamyň adamy hiç hili
hantamaçylyksyz, ýagşylygynyň gaýtargysyna garaşman
we bähbit araman söýüp bilýändigini görkezipdiler.
Men hut şunuň üçinem oňa minnetdardym.
Ol maňa başyňa nähili iş düşse-de, ruhdan düşmezligi
öwredipdi. «Garamsal bolmagyn, Çöl Güli, özüňi
tasawwufa bagyşlamak isleýän bolsaň, şony ýüregiňe
berk düwen bolsaň, biziň ýolumyzda göwnüçökgünlige
orun ýokdur... Özüňi çäresiz duýmagyn. Hakyň
sypatlarynyň arasynda ejizligem ýokdur, garamsallyk
hem...» Tukat otyrkam, ýazgydymyň şeýle bolanyndan,
elimden zat gelmeýäninden zeýrenenimde kyrk kadanyň
birini ýatlady. Ýigrimi sekizinji kada: geçmiş diýilýän
zat aňymyzy gaplap alan ümürdumandyr. Gelejek bolsa,
özboluşly hyýal perdesidir. Biz gelejegimizi bilip hem,
geçmişimizi özgerdip hem bilmeris. Sopy hemişe şu
pursadyň hakykaty bilen ýaşaýandyr.
Şu zatlary gürrüň berip otyrkam, Baýbars meniň her bir
hereketimi, ýüz-gözümiň hereketlerini synlaýardy. Sag
gözi, içimden geçip gelýän gypyk gözi, ýeňsämdäki bir
nokada dikilipdi. Hamala, otagda meniň görüp bilmeýän
bir zadymy nazaryndan sypdyrmajak bolýan ýalydy. Bu
adam meni gorkuzýardy. Baýbarsyň Şemsi ýigrenýänine
düşündim. Gürrüňi başga ýana sowmaga synanyşdym.

Bir käse meý getirdim, şobada başyna çekdi. Ikinji hem
üçünji badalary-da dessine göterdi. Dördünji badadan
soň, dil açyp ugrady.
― Hany, aýt bakaly, seniň eliňden näme gelýär? ―
diýip, Baýbars äwmezlik bilen sokduryp gürledi. ― Şu
bozukhanadaky her näzeniniň üýtgeşik näzi bar
diýýärler. Sen näme başarýaň? Raks oýnap bilýäňmi?
Ýa düşekde üýtgeşik näz-kereşmä ökdemi?
― Meniň hiç hili hünärim ýok ― diýdim. — Eger
bolasyň gelse, başga gyzlaryň ýanyna git; menden saňa
haýyr ýokdur.
Hatda näbelli bir ýokanç kesel bilen keselledim diýip,
ýalan hem sözledim. Bir müşderä şeýle bolgusyz zatlary
aýdanymy bilse, hünsa şobada edil boýnumy
sograýardy. Baýbarsyň başymdan sowlup gitmegi üçin,
şol wagt ýadyma düşen zatlaryň baryny bahana etdim.
Ol şonda-da gitmedi. Diýenime-aýdanyma bakmady.
Piňine-de däldigini aýtdy. Birden goltugyndan ýörite
haşamlanan haltajyk çykardy; ondan gyzylymtyl-goňur
reňkli ot döküp, owujyny doldurdy-da agzyna atdy. Ony
hezil edip çeýnedi.
― Senem çeýnejekmi? ― diýdi.

― Ýok, gerek däl ― diýip başymy ýaýkadym. Onuň
näme çeýneýänini-de, şeýle oty çeýneýänleriň wagtyň
geçmegi bilen nä güne düşýändiklerini-de bilýärdim...
Baýbars köpbilmişlik bilen ýylgyrdy.
― Näme bolýar, gyzjagaz? Görýän welin, sen gaty
edeplenen ýaly-la. Sen munuň nämedigini bilýäňmi? Bu
adamy ganatlandyrýandyr, ganatlandyrýar!
Ol düşege geçip arkan düşüp, serlip ýatdy. Esli wagtlap
doňup duran nazaryny otagyň petigindäki sallanyşyp
duran möý kereplerine dikdi. Birdenem haýaljakdan,
parahat görnüşde gorkunç zatlary gürrüň bermäge
başlady. Şu güne çenli söweş meýdanlarynda gören
zatlaryny agzady.
― Çingiz han öldi, süňkleri gara ýere garylyp gitse-de,
onuň ruhy häzirem mongol ordasyny penalap ýör ―
diýip, ol gyryljyk sesde aýtdy. Çingiz hanyň ruhy
gylawlandyrýan mongol ordasynyň kerwenleri talap,
obalary çapawullaýandygyny, aýal-erkek diýmän,
öňünden çykany paýhynlaýandygyny gürrüň berdi. ―
Ýöne mongollar bolmasa-da, başga bir zat bolardy.
Sebäbi adam bar ýerinde uruş hem bar.
Soňra bolsa ol:

― Bilýäňmi, sowuk gyş gijeleriniň birinde ýüzlerçe
kişiniň ölümi, ýaralymy ýatan söweş meýdanynda kim
amanadyny tabşyryp, kim düşen tyg ýarasyna şypa
tamakin bolup iňläp ýatyrka, töwerege täsin ýumşaklyk
aralaşýar. Dumly-duşda akylyňahyýalyňa gelmejek
rahatlyk höküm sürýär.
Inim düýrügip gitdi. Men nireden bileýin?! Jogap berip
bilmedim.
― Haçan bir ýerde uly apat bolup geçse we birbada köp
adam jan berse, şonuň yzysüre şol ýere agyr ümsümlik
çökýär. Ynha, şol ümsümlik hem, aslynda, dünýäniň iň
kämil sesidir ― diýip, Baýbars sözüni dowam etdi. Ol
içgä garanyňda, gürrüň berýän zatlaryndan has beter
serhoş bolana meňzeýärdi.
― Nähili gynançly ― diýip, zordan dillendim.
Baýbars güldi.
― Gynançly diýýäňmi? Gynançly zat ýok bärde,
gyzjagaz! Dünýäniň gurluşy şeýle. Ýuwudýar! Iri balyk
ownuk balygy, zalym mazlumy ýuwudýar! Diri
galmagyň ýeke-täk ýoly bar: uruşmak ― diýip, Baýbars
aýtdy. ― Diýmek, näme eken? Ownuk balyk bolmaly
däl. Özüň ýaly aýallar üçin munuň ýeke-täk ýoly: bir

güýçli bihepbe oýnaşyň garamatyna girmeli. Şonda
erkek kişi saňa pena bolar.
Näme diýýänine düşünmedim. Ýagşydan-ýamandan
sesimi çykarmadym. Gürleşere başga söz galmandy.
Golumdan tutdy, meni ýere ýatyryp, köýnegimi çykardy.
Onuň bolşy gödeňsidi, ämertdi hem açgözdi.
Hereketleriniň öňüne geçmäge çalyşsam hem, ol
neşäniňdir meýiň täsiri bilen başbermez ýagdaýa
ýetipdi. Gözleri gandan doludy, sesi hyrryldap çykýardy.
Demine neşe, der hem küpür yslary garyşypdy...
...Bir gyrada gyssanmaç geýnip durkam, ol agzyna ýene
biraz neşe atyp, meni synlamaga durdy.
― Ymykly karara gelendirin, indiden beýlä sen başga
erkeklere hyzmat etmersiň. Seni özüme oýnaş tutunjak
― diýdi.
Müşderileriň käte şeýle bolar-bolmaz hyýal ýüwürdip,
bozuk zenanlary eklenjine almak islemeleri seýrek
bolýan zat däldi. Şolar ýaly ynjyk meselelerde hilegärlik
bilen baş alyp çykmagy, «siz örän üýtgeşik, begim,
höwes bilen diňe saňa hyzmat ederin» diýip, işini
görmegi, «ýöne maňa aňrybaş egin-eşik alyp berip, köp
pul harçlamaly bolarsyň, aýratyn hem, hünsa hojaýyny
razy etmeli bolarsyň» diýip, çeňňegime ildirmegi

başarýardym. Ýöne häzir ýalan sözlemek, aldatmak
islemeýärdim. Beýle oýunlardan doýgundym.
― Bolmaz ― diýdim. ― Menden saňa oýnaş bolmaz.
Onsoňam men bahym bu ýoly büsbütin taşlajak.
Bozukhanany terk etjek. Özümi ybadata bagyş etjek.
Baýbars uludan hahahaýlap güldi. Ol ömründe mundan
gülkünç zat eşidip görmedik ýalydy. Şeýlebir köp güldi
welin, gözleri ýaşaryp gitdi.
― Ybadat bilen meşgullanjakmyş, waý, günüňe ýanaýyn
― diýip, ol gülkiň arasynda zordan dillendi. ― Nirä
barýaň, gyzjagaz. Otur-a biraz ýene.
Baýbars bilen ýaňkalaşmagyň netijesizdigini bilsemem,
özüme erk edip bilmedim.
― Öz ýanyňdan meni peseldýändirin öýdýäň welin,
ikimiz beýle tapawutly hem däldiris ― diýdim. ― Ikimiz
hem geçmişimize, eden etmişlerimize puşman edýäris.
Ýöne sen, dädeň jany sag bolsun, ýasawul bolupsyň.
Meniň bolsa arkamy tutjak hossarym ýok. Şol zerarlam
men bärde.
Baýbarsyň keşbi erbet üýtgedi, ýüzi ýowuzlaşdy. Şol
pursada çenli sowuk hem biparh seredýän gözlerini
ýigrenç eýeledi. Birden ol tarsa turdy-da, saçymdan
tutdy.

― Sen näme diýjek bolýaň? Adam ýaly gürleşiljek
bolunýa welin, hetdiňi bileňok öýdýän ― diýdi. ―
Haram tula. Özüňi meň bilen deňeşdirer ýaly, sen kim
bolupsyň?
Şol pursat bir zat diýmekçi boldum, ýöne duýdansyz inen
urgy zerarly sesimem, demimem kesildi. Ýüzüme uran
ýumrugynyň agyrysyny heniz doly duýup ýetişmänkäm,
ol meni duýdansyz ýerden diwara pylçap urdy. Zarbanyň
badyna özümden gidipdirin, ýöne şol pursadam, soňam
sesimi çykarmadym. Urgulara garşylyk görkezmedim.
Hernä bu ilkinji gezek däldi. Öňlerem müşderileriň
taýagyny-da, zulmuny-da, zorlamasyny-da
kän
görüpdim. ***
Baýbars garnyma, gapyrgalaryma biri-birinden güýçli
urgular urdy. Ýerde süýnüp ýatyrdym. Şol pursat hut şol
ýerde haýran galaýmaly bir zat bolup geçdi. Beýan
etmek kyn hem bolsa synanyşyp göreýin, ruhum
bedenimden aýrylan ýaly boldy. Ozallar aýtsalar hem
ynanmazdym. Ruh diýilýän batbörek ýaly zat eken.
Guýruklyja, dürli reňkdäki enaýyja batbörek... Ol
agyrlykdan halas bolup, howa göteriliberdi. Erkanalyk
nähili gowy zat eken, haýran galaýmaly! Nähili ýeňiljek,
nepis, uç-gyraksyz... Bir ýere, bir mekana, bir bedene
bendi bolup galmazlyk nähili keremlilik eken...

Howada gaýyp ugradym. Hala demirgazyga –– güzeý
tarapa gideýin, hala günorta ― güneý tarapa, parhy
ýok, erkana boşlugyň içinde ýüzýärdim, daýanypdirenmäge-de, bat alyp dyzanmaga-da sebäp ýok. Ýöne
okdurylyp barýan. Hiç hili güýç sarp etmeli däl.
Hamala, men tükeniksizligi içime sorup, özüm şoňa
öwrülen ýalydym. Batbörek penjireden çykyp, belentlere
göterilip başlady. Onsoň oty küde-küde edilip üýşürilen
birgiden ekin meýdanlarynyň üstünden geçdim, oba
gyzlarynyň aýdyma hiňlenýän sesini eşitdim, gündiz gijä
ornuny berende perileriň ýalkymy ýaly, gijelerine
ýanypöçýän ot tomzajyklaryna ýylgyryp bakdym. Bir
ýerlere iňňän ýokary tizlik bilen gaýyp barýardym, ýöne
aşak tarapa däl-de, ýokarylygyna, düýpsüz asman
jümmüşine. Ölüm diýýänleri şu bolsa, gorkara zat ýok
eken. Egnimden dert-alada, gaýgy-gam diýmän, bary
aýryldy. Häzir men zeminiň arş bilen sepleşýän täsin
nokadyndadym; meni hiç zat üýşendirenokdy. Onsoň
birden bir hakykaty bilip galdym. Men şunça wagtlap,
hut hünsa hojaýyndan ýa-da ýarym adam, ýarym wagşy
Şagalkelleden heder edýänim üçin şol bozukhanany terk
etmändim. Gaçaýsam meni taparlar; tutup urarlar,
ýenjerler ýada öldürerler diýen gorky bilen ýyllar boýy
köle ýaly bolup, bedenimi satyp, şolaryň elinde işläpdim.
Häzir bolsa, Hak maňa ruhumyň edil batbörek ýaly

gaýyp gidip biljekdigini görkezip, gorkmazlygy
öwredýärdi. Bir Baýbarsy gönderip, müň Baýbarsa
hötde gelmäni görkezýärdi.
Çekinip heder etmäniň, bukulyp ýaýaplap gün görjek
bolmagyň, uzyn ömrüňi towşan ýaly süreniňde busup
geçirmegiň we ony «nädeýin-dä, ýazgytdyr-da» diýip
ýuwmarlajak bolmagyň manysy ýokdy. Men, Çöl Güli,
eger sag-aman galyp bilsem, bu ýerleri taşlap
gitmekçidim. Onda-da yzyma garaman... Hawa,
Töwrizli Şems mamlady. Nejislikmi, hapaçylykmy, hyzharamlyk ýa poh-yrryhmy... nähili atlandyrsaň atlandyr,
ol diňe içde bolýandyr. Öz içimizde. Galan zatlaryň
ählisini suw bilen ýuwup arassalap, aýryp bolýar.
Gözlerimi ýumdum. Başga bir, beýleki bir Meni
hyýalymda gördüm. Ol Men päkdi, röwşendi, tobakärdi,
ökünjinde durnuklydy; ol Men menden has ýaşdy,
gaýratlydy we owadandy. Ol Men bozukhanadan çykyp,
täze durmuşa başlanda ýagtymsal –– optimistdi we
çynlakaýdy, batyrgaýdy we paýhaslydy. Ol terdi,
nuranady, ynançdan hem umytdan doludy. Bu görnüş
şeýlebir ynandyryjydy, hatda ol hyýalam bolsa, diýseň
şirindi. Şonuň üçin ýylgyrman durup bilmedim.
― Nä ýüzüňe syrtaran bolýaň, hä?!

Baýbars ýene bir ýumruk indirdi. Agyrydan ýaňa
düýrüldim, ýöne şonda-da ýylgyrýardym.
― A-how, kelläň bir ýerindemi, heleý! Nämä ýyrşarýaň
diýilýär? Ýa meniň üstümden gülýäňmi? ― diýip,
Baýbars yzly-yzyna sorag ýagdyryp, agzyna gelenini
gaýgyrmady.
― Saňa gülemok ― diýip, zordan pyşyrdadym. ― Meni
ölümden gorkmakdan halas etdiň. Seniň arkaňdan ahyry
bir gün şu bozukhanadan halas bolaryn. Taňry
ýalkasyn...
Ynha, şol pursat Baýbars peträp,
hanasyndan çykaýsam diýýän gözleri bilen maňa
seretdi. Ol bir pursatlyk şol durşuna doňup galdy.
Birdenem: ― Aňkasy aşan heleý... ― diýip hüňürdedide, erbet bir zat gören ýaly, yza-yza süýşdi.
Sandyraýan elleri bilen gapyny açyp, meni şol ýerde
galdyryp, neşe çybygyny hem, haltajygyny hem, egineşiklerini-de ýadyndan çykaryp, gaçyp barýan ýaly,
basgançaklardan
ylgap
düşüp,
bozukhanadan
uzaklaşdy.
Kimýa Konýa, 1246-njy ýylyň ýanwary
Bir sebäp tapylyp, ençeme günläp, hepdeläp garaşmaly
boldum. Şemsi görmek, onuň bilen ýüzbe-ýüz gürleşmek

üçin amatly pursat araýardym. Şobir üçegiň astynda
ýaşasak hem, hemişe öýüň haremhana böleginde
bolýanym üçin, Şems bilen hiç gabatlaşyp bilmeýärdim.
Ýöne şu gün irden, howluda gury ýapraklary syryp
ýörkäm, Şemsiň özi ýanymda duýdansyz peýda bolaýdy.
Onuň ýeke özüdi.
― Işler niçik, mähriban Kimýa? ― diýip, ol şadyýan
äheňde sorady.
― Ýagşy ― diýip, baş örtgimi düzedip, utanjaňlyk bilen
ýylgyrdym.
Görsem, Şemsiň gözleri ukudan ýaňy açylanyňky ýaly
ümezläp dur. Ol ýa-ha, hakykatdan hem, ukudan ýaňy
oýanypdyr, ýa-da ýene bu dünýäden gaýyp älemine
syýahat edip gelen bolmalydy. Onuň soňky döwürlerde
ýygy-ýygydan gaýyp älemine gidip gelýäninden
habarym bardy. Haçan dünýewi ölçeglerden uzaklaşsa,
yzyna gaýdyp geleninde, onda käbir yşaratlar peýda
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Elif Şafak-Yşk - 18
  • Parts
  • Elif Şafak-Yşk - 01
    Total number of words is 3608
    Total number of unique words is 2185
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 02
    Total number of words is 3616
    Total number of unique words is 2228
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 03
    Total number of words is 3610
    Total number of unique words is 2211
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 04
    Total number of words is 3621
    Total number of unique words is 2271
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 05
    Total number of words is 3686
    Total number of unique words is 2230
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 06
    Total number of words is 3613
    Total number of unique words is 2257
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 07
    Total number of words is 3722
    Total number of unique words is 2226
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 08
    Total number of words is 3656
    Total number of unique words is 2262
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 09
    Total number of words is 3579
    Total number of unique words is 2310
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 10
    Total number of words is 3666
    Total number of unique words is 2164
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 11
    Total number of words is 3591
    Total number of unique words is 2225
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 12
    Total number of words is 3623
    Total number of unique words is 2233
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 13
    Total number of words is 3652
    Total number of unique words is 2154
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 14
    Total number of words is 3670
    Total number of unique words is 2111
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 15
    Total number of words is 3637
    Total number of unique words is 2160
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 16
    Total number of words is 3591
    Total number of unique words is 2182
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    54.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 17
    Total number of words is 3590
    Total number of unique words is 2167
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 18
    Total number of words is 3586
    Total number of unique words is 2219
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 19
    Total number of words is 3651
    Total number of unique words is 2179
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 20
    Total number of words is 3632
    Total number of unique words is 2034
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 21
    Total number of words is 3642
    Total number of unique words is 2121
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 22
    Total number of words is 3656
    Total number of unique words is 2209
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 23
    Total number of words is 3664
    Total number of unique words is 2120
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 24
    Total number of words is 3674
    Total number of unique words is 2117
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 25
    Total number of words is 3603
    Total number of unique words is 2124
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 26
    Total number of words is 3670
    Total number of unique words is 2220
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 27
    Total number of words is 483
    Total number of unique words is 391
    49.5 of words are in the 2000 most common words
    60.1 of words are in the 5000 most common words
    65.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.