Latin

Elif Şafak-Yşk - 04

Total number of words is 3621
Total number of unique words is 2271
31.0 of words are in the 2000 most common words
44.3 of words are in the 5000 most common words
50.6 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
diýip heder etdi. Bagyş edere uç-gyraksyz söýgüsi baram
bolsa, ondan söýgä garaşýan ýokdy.
Küýi-köçesi «Yşk şerigatyna» gitdi. Ünsi Şems-i
Töwriziniň keşbinde eglendi.
«Käşgä, ýakynymda şeýle adam bolsady ― diýip,
oýunlyga salyp öz ýanyndan pyşyrdady. ― Onuň
durmuşyma reňk çaýjag-a belli!»
Hyýalynda
näme
üçindir
gaýyş
jalbarly,
motosikletsöýerleriň geýýän keltekçesi ýaly keltekçeli,
uzyn boýly, gara saçly, gara gözli, görmegeý bir adam
peýda boldy. Onsoňam, ol adamyň eginlerine düşüp duran
saçlary bolup, özi-de destinden dürli reňkdäki lentalar
seçelenip duran, ýalkym saçýan gyzyl «Harleý
Dewidsony» sürýän bolaýsa..., söz bilen beýan etmek kyn.
Ella hyýalyndaky keşbe ýylgyrman durup bilmedi. Çola

giň şaýolda ýokary tizlikde barýan görmegeý,
özüneçekiji, gelşikli motosikletçi sopy! Häzir ýola çykyp,
elini galdyrsa, şeýle adam hem ony yzky oturgyjyna
mündürip äkitse, nähili ajaýyp bolardy?
«Onsoň Töwrizli Şems aýama garap pal atyp berse,
geçmişimden näme görerdikä?» diýip oýlandy.
Eýse, şeýdip, bütinleý duýdansyz pursatlarda akylynyň
we menliginiň gap-gara alada bulutlarynyň basmary
astynda näme üçin galandygyny ol
düşündirip bilermidikä? Şular ýaly uly maşga lalyzatly
halyna, näme üçin özüni beýle ýalňyz hem hossarsyz
duýýandygyny aýdyp bilermidi? Onuň ýene bir zadyda
bilesi geldi, eýse, Ellanyň töwereginde-de ýalkym saçýan
halka barmyka? Bar bolsa, nähili reňklerden emele
geldikä? Reňkleri ýalkym saçýarmyka ýa solgunmyka?
Dogrusy, soňky döwürde durmuşynda ýalkym saçýan
näme boldy? Aslynda boldumyka beri şeýle zat?
Ynha, şol pursat şu ýerjagazda, ojakdan ýaýraýan öçügsi
yşyklaryň ýagtysynda, aşhananyň stolunyň başynda ýeke
özi oturan, üç çaganyň enesi Ella Rubinşteýn bir zada göz
ýetirdi: her näçe aýak diräp, inkär etse-de, garşysyna her
näçe o-bu sözleri aýtsada, özüniň hol aşakda, çuňda bir ýerlerde
haçaneýýamlardan bäri yşga mätäçdigini, yşga
intizardygyny boýun aldy.

Şems
Samarkandyň golaýlaryndaky
biri, 1242-nji ýylyň marty
kerwensaraýlaryň
Kerwensaraýyň ikinji
gatyndaky otag ýolagçydan doludy. Olaryň ähliside
ýadaw, ýalňyzlygyň ýüküni degirmendaşy ýaly edip
boýnundan asyp ýören, şonuň üçinem öz düýşlerine
gaçyp atan adamlardy. Şolaryň arasyndan tozanyň,
deriň hem zeňiň ysy kükäp duran bir boş düşek
tapdym. Şol ýerde arkan düşüp ýatyşyma, gündiz
bolup geçen wakalary birin-birin serimden geçirdim,
ölçerip dökdüm.
Eýse, aýasyna garanymda gözüme ilenem bolsa,
gyssanmaçlykdan ýa-da bihabarlygymdan gadyryny
bilmedik, üns bermekde ahmalyna galan ylahy
yşaratym boldumyka? Geçen güni başdan aýaga şu
nukdaýnazardan gözden geçirdim. Uzak wagtlap Haka
şükür etdim.

Çagalygymdan bäri gaýyp älemine sapar kylyp, syýahat
edip gelýärin, gaýypdan sesler eşidýärin.
Rebbim bilen gürleşýärin. Ol hem maňa jogap berýär.
Düşündirýär, beýan edýär. Kä günler göýä ýelek kimin
ýeňläp, Arşyň ýedinji gatyna göterilýärin. Soňra agramym
artyp, ýeriň iň çuňňur gatlaklaryna inýärin, meşe, kaştan,
gaýyň agaçlarynyň astyndaky ýere sümlüp girýärin. Kä
görseň gökde men, kä görseň hem ýerde. Mahal-mahal
işdäm bütinleý kesilýär, näçe günläp ýeke lukma dadyp
bilemok. Gürlemegi ýadymdan çykarýan. Sözler
huşumdan ýitirim bolýar. Soňra olar göçegçi guşlar ýaly,
bir pursatda yzyna dolanyp gelýärler. Bu zatlaryň hiç biri
meni gorkuzanok. Ýöne adamlaryň geň-taň görýänlerini
bilýärin. Wagtyň geçmegi bilen bir zada göz ýetirdim, oda wejd hallary barada özgelere kän gürrüň bermeli däl
eken. Adam ogly düşünmedik zadyna ýaman göz bilen
bakmaga meýilli bolýar. Bu hatasyz kadany öz tejribämde
nijema öwra başdan geçirdim.
Gaýyp
älemine
gidip
gelmegimi
unamaýan,
syýahatlarymdan ätiýaç edýän we maňa şu meselede
ýazgaryjy garaýyş bilen çemeleşen ilkinji adam öz kakam
bolupdy. On ýaşlarymdadym. Şol wagtlar penakär
perişdämi günde-günaşa görýärdim. Meniň görýänimi
hemmeler hem görýändir diýip pikir eder derejede
türkanadym. Kakam bolsa meniň özi ýaly agaç ussasy

bolmagymy isleýärdi. Bir gün maňa sedir (kedr)
agajyndan sandyk ýasamagy öwredip otyrka, dilimi
saklap bilmän, oňa penakär perişdäm barada gürrüň
berdim.
― Gulak as, sen öte hyýalkeş bolupsyň ― diýip, kakam
gatyrgandy. ― Bu bolgusyz gürrüňleriňi hiç kime
aýtmasaň gowy bolar. Onsoň bir gün iliň gepine
galaýmaly birden.
Birküç gün ozal birnäçe goňşymyz gelip, meniň üstümden
ejem-kakama arz edipdirler. Geň-taň hereketlerim bilen
çagalary gorkuzýarmyşym.
― Gulak as, oglum! Alma agajyndan daş düşýän däldir.
Her bir çaga öz ene-atasyna görä bolýandyr, düşündiňmi?
Senem şeýlesiň ― diýip, kakam seslendi. ― Biz ýaly
adaty adamdygyňy näme üçin asla boýun alasyň gelenok?
Şol pursat ejem bilen kakamy her näçe gowy görýän,
hatda özümi olaryň mährine teşne hem mätäç hasaplaýanda bolsam, muňa garamazdan, olaryň ikisiniň hem maňa
kesekidigine düşündim.
― Kaka jan, bilip goý, şu ogluň doganlaryndan üýtgeşik
ýumurtgadan çykandyr. Isleseň, meni towuklaryň
ösdürip-ulaldan ördek çagasy hasaplap bilersiň. Şu
ömrümi towuk keteginde geçirer öýtme, ondan arkaýyn
bol. Siziň öleris öýdüp, içine girmäge heder edýän
suwuňyzdan men dirilik tapýaryn. Sebäbi siziň tersiňize,

men ýüzüp bilýärin. Meniň mesgenim ummanlar. Meniň
bilen bile bolsaňyz, sizem ummany boýlaň. Ýok,
bolmasaňyz, işime goşulmaň, öz ketegiňizde galyň.
Kakamyň gözleri ilki pal daşy ýaly ulaldy; soňra kiçeldide, doňup galdy.
― Kakaň bilen şu gün şeýle gürleşýän bolsaň ― diýip, ol
gazaply ses bilen dillendi. ― Kim bilýär, ulalaňsoň
duşmanlaryň bilen nähili gürleşerkäň?!
Ene-atamyň garaşyşynyň tersine ösüp-ulaldygymça,
gaýyp älemine bolýan syýahatym ýitip gidibermedi.
Gaýta hasam ýygjamlaşdy, özüneçekiji boldy. Eneatamyň
gahar edýänlerini bilýärdim. Olary gynandyrýandygym
üçin özümi günäkär duýýardym. Emma gaýyp älemine
edýän syýahatlarymy nädip bes etjegimi bilmeýärdim.
Aslyýetinde, biläýenimde-de, duruzmak islegim ýokdy.
Köp wagt geçmänkä, öýden çykyp gaýtdym. Gaýdybam
dolanyp barmadym. Hezreti Lutuň aýaly aýak çekip,
çykyp gaýdan şäherine gaňrylyp garany üçin duzdan
heýkele öwrülipdi. Men bolsam, gaýdyp bir gezegem
garamadym Töwrize. Şodur-da şudur, dogduk
mekanymyň ady ýüregimde turşuja söz ýaly bolup dur;
şeýle nepis, şeýle duýgusal, edil gyraw dänejigi kimin
aýdyp-aýtmankam, dilimde eräp gidýär. Heran-haçan
Töwriziň adyny ýadyma salsam, üç sany hoşboý ys meni
gurşap alýar: ýonuşganyň, ýüzüne haşhaşyň däneleri

sepilen ýasy çöregiň hemde täze ýagan ýumşajyk garyň
ysy.
Ynha, şondan bärem men gezende abdal. Ýer ýüzünde
ebedi sürgünde. Bir gezek ýassyk edinen daşyma ikinji
gaýta baş goýmadym, şo bir gapdan yzly-yzyna ikinji ýola
nahar iýmedim. Ýapynjamyň aşagyndan her gün üýtgeşik
manzarlara syn etdim. Aç galanymda düýş ýorup, bäş-üç
şaýy gazanyp, gazananymy-da mätäçlere paýlaýan,
şeýdibem, gündogardan günbatara, demirgazykdan
günorta, ýedi yklymy gezip, dagdadüzde, Hak üçin Haky
gözleýän. Ýaşanyňa degýän ýaşaýşyň ugrunda; hemem
bileniňe degýän bilimiň yzynda ýersiz-ýurtsuz men.
Özümi oňa başbitin bagyş edenim, ölmezden öň ölelim
bäri başlangyjymam ýok, ahyrym hem. Tijegsizem däl
men, betbagtam, birine mätäçligimem ýok, hiç kime
höküm hem ýöredemok. Ýöne meni diňe şemala ykjap
ýören gury ýaprakdyr hem öýtmäň. Men agzy bar, dili ýok
derwüşlerden däl. Men islän ýerine assadan öwüsýän gara
ýeldirin.
Syýahatlarymda her dürli ýowuz ýollardan geçdim: bütin
dünýä mälim söwda geçitlerinden hem ýöredim, ynsajynsa mälim bolmadyk, ady-sory unudylan ýodalardan
hem. Gara deňziň kenarlaryndan Ajam diýarlaryna,
Arabystanyň ulgam-ulgam gum depelerinden palta
degmedik tokaýlara, çemenzarlyklardan sähra-düzlüklere

bardym. Müňlerçe kerwensaraýda, müňlerçe düşelgede
düşledim. Kitaphanalarda alymlar bilen hemsöhbet
boldum, aryflardan soradym, diwanalar bilen gürrüň
etdim. Berip bilmedik jogaplaryny olaryň dymyşlaryndan
tapdym.
Ybadathanalarda,
kümmetlerde,
gonamçylyklarda, harabalyklarda aýlandym. Gowaklarda
özüni ejire tutan terkidünýäler bilen pikir derýasyny
boýladym. Derwüşler bilen, şeýhler bilen ziki çekdim.
Dolan Aýyň aýdyňlygynda şaman-porhanlar bilen heşelle
kakdym. Rawylardan her jüre hekaýatlar diňledim. Her
dürli ynançdan bolan, her dürli kysymdaky adamlar bilen
tanyşdym. Hiç kimi hiç kimden üstün tutmadym.
Ýaradylany Ýaradan üçin söýdüm. Dert çekip ýörenleride gördüm, derman eçilip ýörenleri-de. Keramaty hem
bilýändirin, mugjyzany-da. Ýoksullyk zerarly ýykylan
obalary, ýanyp gara köýük bolan ekinzarlyklary, suw
deregine gan akan derýalary, ýedi ýaşdan uly ýeke erkek
göbekli galmaz ýaly edilip talanan hem weýran edilen
şäherçeleri gördüm. Adamzadyň amal eden iň beýik
işlerine-de, iň bet işlerine-de şaýat boldum. Niçe wagtdan
bäri meni hiç bir zat geň galdyryp bilmeýär. Eşitdim hem
boýun sundum.
Gören her jüre kynçylyklarymdan hem gazanan
tejribelerimden soň, hiç bir kitapda ýazylmadyk, diňe jan
depderine nagyş edilen ýörelgeleriň üstüne ýene birini
goşdum. Olara şeýle at berdim: Sopuçylyk akymlaryna

eýerýän köňli giň we ruhy sergezdan kişileriň kyrk
kadasy.Bu kadalar meniň üçin tebigat kanunlary
derejesinde ählumumy, şolar ýaly düýplüdir.
Kadalaryň birbada kyrkysyny ýazyp tamamlamak uzak
ýyllarymy aldy. Ençemesini bozup taşlap, gaýtadan
ýazdym. Indi üstüne goşara ýekeje otur hem galmady,
nokat-da, harp hem galmady, täze bir sözem. Kyrk
kadanyň hem tamam bolanyndan çen tutsaň, ömür
ýolumyň ahyrky bölegini ýaşaýan bolmalydym. Ençeme
wagt bäri görýän ylahy alamatlarym hem şundan habar
berýärdi. Ýöne meniň içimi gysdyrýan ölüm däldi, sebäbi
ölümi ähli zadyň soňy hasaplamaýardym. Onsoňam her
kimiň ölüminiň öz reňkiniň bolýandygyna ynanýardym.
Meni oýlandyrýan esasy zat mirassyz ötmekdi. Indi
munça söz synama syganok. Içimde ençeme hekaýatlar,
tymsallar gürrüň berlerine garaşyp dur. Tutuş ylmymy,
bilen-öwrenen ähli zadymy hünji dänesi ýaly, owujymda
göterip, bir kişä gowşurmak meniň bar arzuwym.
Müridem, mürşidem agtaramok men. Meniň gözleýänim
ruhumyň aýnasy. Janyma deňeýänim. Gamdaşym!
Ruhdaşym!
Ikinji kada: Hak ýolunda ileri gitmek ýürek işidir, akyl işi
däldir. Ýolbelediň eginleriň üstündäki kelläň dälde,
hemişe ýüregiň bolsun. Nebsiňi tana, onuň yzyna
düşýänlerden bolma!

«Ýa, Reb ― diýip, çygly garaňky otagda ýatyşyma
pyşyrdadym. ― Ömrüm şu äleme aýlanyp, Seniň aýak
yzlaryňy yzarlamak bilen geçdi. Gabat gelen her bir
adamy Seniň ýer ýüzünde oruntutaryň bolmaga mynasyp
açyk duran kitap, dil biten Gurhan hasap etdim.
Ylymdarlaryň köpçülikden üzňeleşen mesgenlerinde
alymlara, medreselerde şeýhlere, makamynda şyhlara,
tagtynda soltanlara däl-de, gaýry dinden çykarylanlara,
göwnüne deglenlere, ýanalanlara ýaran boldum. Saňa
hamd bolsun ki, şeýdip, kemkemden şeýtanymy
musulman etdim. Şindi bolsa küpürsäp joşdum. Möwç
urmagyma az galdy. Lütfikeremiň bilen nesip etdiren
ylmyňy dürs bir adama gowşurmak isleýän. Ejaza ber,
şony tapaýyn. Soňra men barada niçik höküm çykarsaň
çykaryber, bilseň, ol höküme razydyryn. Sebäbi men tutuş
barlygym, bar bolşum bilen Senden razydyryn!»
Şol pursat otagyň içine mylaýym suw ýaly solgun bir yşyk
ýaýrady. Onuň düşeklerde ýatan ýolagçylaryň ýüzlerini
mawy reňke boýandygyna öz gözüm bilen şaýat boldum.
Indi otagda ter-tämizligiň hoşboý ysy bark urýardy, oňa
dirilik çaýylypdy. Hamala, ähli penjireler ahyryna çenli
açylyp, içerik duýdansyz dolan şemal uzakdaky baglardan
leglek gülleriniň (siren), ýaseminleriň, erguwanlaryň
ysyny getiren ýalydy. Gulagyma ylahy owaz bolup bir
nagma eşidildi, ol nagma baldan datly, ýelekdenem
ýeňildi. Bir ses: «Töwrizli Şems, buşluk! Dogalaryň kabul

boldy! Taýýarlan, Bagdada gitmeli» diýdi. Ony tanadym.
Ol – – çagalygymyň penakär perişdesi.
― Maňa Bagdatda näme garaşýar? ― diýip soradym.
― «Ruhuma taý biri bolsa» diýip doga etdiň ahyry, saňa
bir ýoldaş berler. Bagdada baranyňda seni dogry ugra
ýöneltjek adama duşarsyň. Onuň ýanynda özüňi dürsäp,
ýola düşmeli wagtyňa garaşarsyň, sabyr etmeli bolarsyň.
Gözlerime şükranalyk ýaşlary doldy. Indi gaýyp älemine
syýahat eden mahalym gören şol adamymyň
ruhdaşymdan başga biri däldigini bilýärdim.
Nesibämizde ir-u giç duşuşmak bardy. Ony tapan
mahalym şol alyslary nazarlaýan ala gözleriň maňa näme
üçin beýle gussaly garandygyny bilerin, onsoňam hazan
möwsüminde bir gün gijäniň ýary nähili öldüriljegimi...
Ella
Boston, 2008-nji ýylyň 19-njy maýy
Bir gün soňra öýle çaglary Ella ýeten ýerine bellik edip,
―Yşk şerigatyny‖ bir gyra süýşürdi. Ol romandan okan
ýerlerini halapdy, eseriň wakalary onuň göwnünden
turdy, ýöne ol ýazyjynyň özi barada bilesi geldi.
Internete baglandy, ―Google‖ gözleg şahamçasyna
―A.Z.Zahara‖ diýip ýazdy. Her näçe bilesi gelýänem
bolsa, ýazyjynyň özi hakynda suwytly zat taparyn

öýtmeýärdi. Belki, iň gowusy, jaň edip Mişelden
soramakdy.
Ýöne asla garaşman durka, Zaharanyň öz şahsy websaýty
çykdy duruberdi. Tutuş sahypa pöwrize we melewşe
reňkde bezelendi. Ýokarsynda bir ada myň saldam bilen
aýlanyp duran, aýlandykça-da ak syýlary tegelek halkany
emele getirýän şekili bardy. Henize çenli asman tansyny
edýän semazen diýilýän adam görmedik Ella oňa uzak
wagtlap seredip oturdy.
Bu sahypanyň ady ―Jan ýumurtgasy‖ eken, ol ýerde şol
at bilen bir goşgy hem ýerleşdirilipdir.
Bir täsin guş mysalydyr
Jan ýumurtgasy bir persiz. Gorkma-da döw
gabygyňy,
Bolmasa uçup bilmersiň.
Salamata uçarsyň sen!
Alys ýollar geçersiň sen.
Internet sahypasy dünýäniň çar künjeginde ýerleşýän
şäherlerden, sebitlerden gelen hatlardan doludy. Her hatyň
aşagynda şol ýer bilen bagly synlar bardy. Olary okan
mahaly üç zat Ellanyň dykgatyny özüne çekdi: birinjisi,

A. Z. Zahara diýildigi A. Aziz diýildigidi; ikinjisi, Aziz
käri fotosuratçylyk bolan sopudy; üçünjisi-de, häzir ol
Gwatemalada bir ýerlerde syýahat edip ýördi. Ahyrky
gezek ol özüniň web-saýtynda düýn-öňňinlikde şol
ýerlerden düşürilen bir surat, birem ýazgy ýerleşdiripdir.
Sahypadaky bir düwmejige ―basan‖ mahaly Aziziň
düşüren fotosuratlaryna gabat geldi. Olaryň köpüsi her
dürli reňke, ýaşa, medeniýete we gatlaga degişli
adamlaryň portretleri eken. Bu adamlaryň ählisi
aralarynda çuňňur tapawutlaryň bardygyna garamazdan,
nähilidir bir tarapy bilen biri-birine meňzeýärdiler.
Suratdaky adamlaryň hökman nähilidir bir kem tarapy
bardy. Käbiriniň kemçiligi ýönekeýdi: ýa bir
gulakhalkasy, ýa aýakgaplarynyň biriniň ökjesi, ýa-da bir
iligi ýokdy. Beýlekileriniňki has mojukdy: kimsiniň
barmagy ýokdy, kimsiniň bolsa aýagy ýa-da goly…
Olaryň her birindäki nähilidir bir kemçilik bada-bat
ünsüňi çekýärdi. Ellanyň bir zady bilesi geldi. Aziz näme
üçin bu adamlary surata düşürýärkä? Ol gözleýän
jogabyny fotosuratlaryň aşagyndaky ýazgylardan tapdy.
―Kim bolsagam, dünýäniň haýsy künjeginde ýaşasak
hem, ählimiz hol aşakda, çuňluklarda bir ýerlerde
özümizde nähilidir ýetmezçiligiň bardygy baradaky duýgy
bilen ýaşaýarys. Hamala, esasy bir zadymyzy ýitirip, ony

hem yzyna alyp bilmeris öýdüp gorkýan ýaly. Özümize
nämäniň ýetmeýänine göz ýetirenimiz welin gaty az‖.
Ella web-sahypany aşakdan ýokarylygyna, ýokardan
aşaklygyna ençeme gaýta nazary bilen ―darady‖;
hatlaryň her biriniň üstüne ―basyp‖, Aziziň olara beren
düşündirişlerini okady. Sahypanyň ahyrynda onuň
salgysynyň üstünden bardy. azizZzahara@gmail.com. Bu
salgyny bir zada belläp aldy. Web-saýtyň aşak eteginde
bir bent goşgy ýerleşdirilipdir. Monça sen, özüňi deňäp
ummana,
Bihabar sen, mazar saňa bedeniň, Nebsiň
tanymaz sen, bilmez ederiň,
Nebsiň bolsa, taýýar seni gömmäge.
Bu şygry okan mahaly Ella sähel salymlygam bolsa,
birhili geňsi duýga berildi. Hamala, Aziz Z. Zaharanyň
şahsy blogundaky her bir zat, şu fotosuratlaram,
düşündirişlerem, alyndylardyr goşgular-da… mahlasy, bu
zatlaryň ählisi diňe özi üçin taýýarlanan ýalydy. Okan
hem gören zatlarynyň ählisini ol özüne çekdi.
Adamy tisgindirýän, belki, belli bir derejede ulumsylyga
eltýänem bolsa, ol şeýle duýgyny başdan geçirmän durup
bilmedi. ***

Agşamaralar ýadaw, argyn halda penjiräniň öňüne geçip
oturdy. Ýaşyp barýan Günüň şöhlesi arkasyna düşen
mahaly howurpeçde bişen şokaladly kökäniň ysy otaga
ýaýrapdy. Öňünde açyk duran ―Yşk şerigaty‖ okalaryna
garaşýan hem bolsa, pikiriniň öte garmagarjaşyklygy üçin
romany eline almaga ýaýdandy. Serinden, gör, näçe zatlar
geçýärdi. Hemişe ertirki gün, hepde, ýyl barada oýlanyp,
meýilnamalar, maksatnamalar düzmekden, ýelimli
reňkdar kagyzlara bellikler edişdirip, ondan-mundan
asmakdan ýaňa özüni asla şu mahal ýaşaýan pursadyna
berip bilmeýärdi. Ol: ―Belki, menem öz kadalarymy
jemläp, bir kagyza geçirmelidirin‖ diýip pyşyrdady. Dört
diwaryň arasynda galyp, durmuşyndan bez bolan
maşgalaly aýallar üçin kyrk kada.
―Birinji kada ― diýip, gyryljyk ses bilen dillendi. ―
Hemişe özüň bol, söýgi gözleme! Durmuşda yşkdan,
söýgüdenem has möhüm zatlar bardyr‖.
Ýöne onuň degişme diýip aýdan sözleri şähdini açmaga
derek, öňküdenem beter keýpiniň gaçmagyna sebäp
boldy. Telefony eline aldy. Biraz ýaýdanyp duranyndan
soň, ahyry ertirden bäri beýnisini gorjalaýan uly gyzyna
jaň etmek hyýalyny amala aşyrmagy ýüregine düwdi. Jaň
etdi. Telefony telekätip aldy.

―Janet, mähribanym, bu men ― ejeň. Skota jaň etmek
bilen ýalňyşandygymy bilýän. Emma maňa ynanaý, erbet
niýetim ýokdy. Men diňe…‖
Sözler bokurdagyna tegek boldy. Käşgä, diýjek sözlerini
öňünden oýlanyşyp goýan bolsady. Telekätibiň aýdylany
ýazyp, aýlanyp durşuna şygyrdap ses edýänini eşidýärdi.
Ýa-da öz ýanyndan şeýle çak etdi. Her sekunt geçende
telekätibiň wagtynyň azalýandygy barada oýlanyp, barha
gahary geldi. Ahyry bir jümle bilen sözüni jemledi.
―Janet, bolan işlere gynanýan, ýöne bilseň, men şeýle…
şeýle bir bagtsyz welin…‖ «Çat!» Ýazgy bes edildi. Ol
aýdan sözlerine özi-de ynanyp bilmän aňalyp galdy.
Birdenkä, ýok ýerden oňa näme bolduka?
Dogrudanam, bagtsyzmydy? Öň-ä ol beýle hasap
etmeýärdi. Eýse adam özi-de bilmezden, bagtsyz durmuşy
başyndan geçirip bilýärmikä?
Bu ýönekeý boýun alma bolsa, onda ol muny diline çolany
üçin birahat bolup durmaýardy. Içki dünýäsi daşyndan has
beterdi. Onda näçe wagtdyr ýagşydanýamandan hiç hili
üýtgeşme ýokdy.
Biraz soňra Aziz Z. Zaharanyň elektron poçta salgysyny
ýazan kagyz bölejigine gözi düşdi. Salgy ýönekeýjedi,
bezegsizdi, özüneçekijidi. Köp pikirlenip oturmady-da,
duýdansyz dörän höwes bilen oňa hat ýazmaga oturdy.
«Gadyrly Aziz Z. Zahara,

Meniň adym Ella. RBT neşirýatynda edebiýat boýunça
redaktoryň kömekçisiniň kömekçisi hökmünde Siziň ―Yşk
şerigaty‖ romanyňyzy okaýaryn. Aslynda täzeräk
başladym diýseňem boljak, ýöne ony okamagyörän uly
höwes bilen dowam etdirýärin. Elbetde, bu pikir meniň
diňe şahsy garaýşym. Ýazan zatlarymyň redaktorlaryň
garaýyşlaryny görkezmeýändigini başdan belläýin.
Romanyňyzy
halap-halamazlygymyň
eseriň
çap
edilmegine täsiri onçakly köp bolar öýdemok.
Yşkyň
ýaşaýşyň
özeni
bolup
durýandygyna
ynanýandygyňyz görünýär. Siz üçin ondan möhüm zat ýok
ýaly. Ýöne peýdasyz jedele girmek niýetimiň ýokdugyny
bellemek bilen, özümiň beýle pikirde däldigimi aýdaýyn.
Size ýazmak zerurlygyny duýdum, sebäbi romanyňyzyň
elime düşmegi juda geň pursada gabat geldi. Men häzirki
wagtda uly gyzymy gögele halyna durmuş gurjak bolmak
pikirinden dändirmäge çalyşýan. Öňňin halaşýan ýigidine
jaň edip, olaryň bu pikiri goýbolsun etmelidiklerini
aýtdym. Häzir gyzym meni ýigrenýär. Ejesinden öýkeli,
gürleşenok. Meger, siz gyzym bilen maňa görä has gowy
düşünişerdiňiz, sebäbi ikiňiziňem yşka, söýgä garaýşyňyz
deň gelýär.
Şahsy meselelerimi, şeýdip, morta orta oklanym üçin
bagyşlaweriň. Beýtmek niýetim ýokdy. Bloguňyzdaky (epoçta salgyňyzy şol ýerden aldym) ýazyşyňyzdan çen

tutsaň, siz häzir Gwatemalada bolmaly. Dünýäni gezmek
örän hezil bolsa gerek. Günlerde bir gün Bostona
gelermen bolsaňyz, elin tanşyp, bir bulgur kofäniň
başynda gürrüňdeş bolsak oňat bolardy.
Iň gowy arzuwlar bilen Ella».
Ol söze mätäçdi. Diňe bir äri bilen däl, tutuş maşgalasy
bilen gatnaşygy gowşan şu döwürde Ella ýyly sözüň
zarydy. Rast, töwereginde gürleşere, içgin söhbet edere
adam bolmasa, e-poçta usuly bilen hat alşara adam tapmak
hernä ýokdan gowudy. Sözüň azalan ýerinde hat-ýazuwa
ýüz tutmaly bolýar. Ellanyň Azize ýazan şu ilkinji haty
aslyýetinde bile köfe içmäge edilen ýönekeý teklipden
beter, ümsüm nalady, janserek elewremäniň sessiz
çagyryşydy. Dogrusy, ol aşhanasynda güň ýaly bolup
oturyp, asla tanamaýan, hatda şu günem, ertirem tanşaryn
öýtmeýän, ady-sory bilinmeýän ýazyja hat ýazan mahaly
özüniň şeýle möhüm çagyryş edýändigini hem
bilmeýärdi.
Näme edýänini bilen bolsa, onuň bu işe gaýraty
çatarmydyka? Pir
Bagdat, 1242-nji ýylyň apreli
Bagdatdaky horaşaja tekgehanamyza Şems-i Töwriziniň
gadam basan gününi hiç haçan ýadymdan çykarmaryn.
Şol gün öýleden soňra derejeli adamlary myhman

alypdyk. Kazylar başy ýanhemralary bilen birlikde
pahyrhanamyza gelipdi. Çak edişime görä, bu
garaşylmadyk sapar diňe hormat-sylag üçin edilen
çakylyga jogap däldi. Tasawwuf ählini halamaýany
hemmelere mälim bolan kazy sebitdäki beýleki sopular
babatda edişi ýaly, bizi-de ýakyndan görmek, synlamak
isleýärdi. Onuň bizi nazaryndan sypdyrmaýanyny
bildirmäge geldigidi.
Kazylar kazysy aslynda harsydünýä adamdy. Ýüzi
agyrdy, ýasy hem gäbe garny sallanyp durdy. Keltejik
barmaklarynyň her birine gymmat bahaly ýüzük dakyp
gezýärdi. Beýle köp iýmese, saglygy üçin peýdaly
boljakdy welin, hiç kim, hatda hekimleriňem oňa bu
barada dil ýarmaga gaýraty çatmaýan bolarlydy.
Atababalary öňden gelýän din alymlary bolany, onsoňam
atly hem täsirli maşgaladan gelip çykany üçin şu sebitde
sözi iň ýörgünli adamdy. Onuň agzyndan çykan ýeke söz
üçin adamlar dar agajynda hallan atýardy. Ýene ýeke sözide iň ýowuz jenaýatkäri hem azat etdirip, garaňky
zyndanlardan çekip çykaryp bilýärdi. Haçan görseň,
sütükli donlar, gymmatbaha egin-eşikler geýýän kazy
abraýynyň uludygyna sähelçe-de şübhe etmeýän
adamlaryň tekepbirligi bilen öz göwresine haýbat bererdi.
Nebsiniň näderejede öňüne düşenini bilýänim üçin
tekgehananyň we derwüşlerimiň salamatlygynyň

hatyrasyna
çatanokdy.
bu
adam
bilen
dikleşmäge
gaýratym
― Dünýäniň iň şahana şäherinde ýaşaýarys ― diýip, kazy
agzyna bir injir salyp oturyşyna aýtdy. ― Bu gün
Bagdat mongol leşgerinden gaçyp gelen bosgunlardan
ýaňa dolup-daşýar. Biçäreler üçin sygnara gaçybatalga
bolduk. Ýene bolarys, elbet.
Sebäbi bu ýer dünýäniň merkezidir. Bu barada sen näme
diýersiň, Baba Zaman?
― Şäherimiziň gymmatbaha göwherdaşy ýalydygyna söz
ýok ― diýip, ätiýaçly gürledim. ― Ýöne bir zadyda
ýatdan çykarmaly däl, şäherlerem ynsanlara meňzeş
bolýar. Dünýä inýär, ösüp-ulalýar; başda çaga bolsa, soňra
kämil çykýar, soňra gojalýar, ahyrynda bolsa ölýär. Häzir
Bagdat kämillik ýaşyny doldurdy. Biz häzir halyf Harun
ar-Reşit zamanyndaky ýaly bolelin ýaşamzok. Dogrusy,
häzirem bu ýer, köp şükür, söwdanyň, senetkärçiligiň,
şygryň merkezi. Ýöne ýene müň ýyldan soň, kim bilýär,
bu şäher nämä meňzärkä?
Şol wagt ähli zadyň bütinleý başgaça bolmagy hem ahmal.
― Bu nähili garamsallyk! ― Kazylar kazysy şeý diýşine
tabaga elini uzadyp ýene bir injiri aldy. ― Apbasy
hökümdarlygy
müdimilikdir;
şu giňişliklerdäki
hökmürowanlygymyz, abadançylygymyz artar. Elbetde,
aramyzdaky käbir gadyrbilmezler imisalalygymyzy

bozmasa. Özüni musulman atlandyrsa-da, tewsirleri
kapyrlaryňkydan hem howply adamlar-da ýok däl
aramyzda.
Dymanymy kem görmedim. Kazylarbaşynyň yslama
batyny tewsir bilen çemeleşýän mutasawwuflara baş
duşman hökmünde seredýändigi gizlin zat däldi. Bizi
şerigata geregiçe eýermezlikde, ylaýta-da, ýokary
derejeli emeldarlara, ýagny özi ýaly adamlara hormat
goýmazlykda günertleýärdi. Oňa galsa, sopularyň baryny
birmahal Bagdatdan çykaryp kowjakdy.
― Ýalňyş düşünme welin, siziň tekgäňiz bilen
oňuşmaýan zadym ýok, Baba Zaman. Ýöne seniň
pikiriňçe-de şu sopy halky jemgyýetçilik düzgünini
bozmaýarmy? –– diýip, kazy sakgalyny sypap durşuna
sorady.
Näme diýjegimi bilmedim. Ýöne şol wagt çalaja gapy
kakyldy. Gyzyl saçly şägirt rugsat sorap, otaga girdi.
Girişi ýaly-da, göni maňa tarap gaýtdy; gulagyma
pyşyrdap, garaşylmadyk bir myhmanyň gelendigini habar
berdi. Howluda bir abdal garaşyp durmuş. Diňe meniň
bilen duşuşmakçydygyny aýdyp, beýlekiler bilen
gürleşmekden boýun gaçyrýarmyş.
Başga bir wagt bolanlygynda şägirde ugruny tapyp, şol
Taňry myhmanynyň otaglaryň birine eltilmegini, öňüne
gyzgyn nahar äberilip, kazydyr ýanhemralary gidýänçä,

onuň şol ýerde garaşmalydygyny tabşyrardym. Ýöne
häzir baş kazynyň gürrüňlerinden haýygyp ugrapdym.
Gelen gezendäniň bärik getirilmegini buýursak, bize
uzakdaky diýarlardan hekaýatlar aýdyp berer, şeýdibem,
otagdaky dartgynlylyk gowşar diýip oýlandym. Şonuň
üçinem şägirde ―git-de, bärik çagyr, hany, ol derwüşi‖
diýdim.
Birsalymdan gapy açylyp, depesinden dabanyna çenli
gara geýnen, sagdyn hem dim-dik, ýaşyny kesgitlemek
aňsat düşmeýän bir adam içerik girdi. Ol uzyn boýly,
inçemik ýasawly, maňlaýy giň, hereketleri çalasyn
adamdy, burny gönüdi, gözleri gap-garady. Saçlary
ösgündi. Tel-tel bolup dökülen alyn saçlary gözlerine
düşüp durdy. Egninde giň hem uzyn ýapynja, ýüň çäkmen
bardy, aýagy öküziň derisinden tikilen ädiklidi.
Boýnundan birnäçe tumar asylgydy. Elinde bolsa agaç
okara bardy. Ol dünýe malyndan uzakda bolmak üçin
dilegçilik edip gezýän galandarlar ýa-da dünýewi
atderejeleri eliniň tersi bilen itip goýberýän melamylar
ýaly, jemgyýetiň däp bolan gurşawlaryna tagapyl etmeýän
adam bolmalydy.
Bu garaşylmadyk myhmany gören badyma üýtgeşik bir
adam bilen ýüzbe-ýüz bolandygymy aňdym. Garaýşy,
hereketleri, göwresini tutuşy onuň bu görülýän
adamlaryň hilinden däldigini apaçyk görkezip durdy.

Bilmeýän adam üçin meşe (dub) agajynyň gabygy
göräýmäge ýönekeýje hem näzijek
ýalydyr. Ýöne ol gelejekde berdaşly hem äpet bir zada
öwrüljek meşe agajynyň tohumyny özünde gizleýändir,
şonuň buşlukçysydyr. Elbetde, görýän göz üçin şeýle ol!
Myhman başyny egip, ýuwaşlyk bilen salam berdi.
― Tekgämize hoş geldiň ― diýdim-de, garşymdaky
körpeçäniň üstüne geçmegini yşarat etdim.
Derwüş otagdakylaryň her birine ýekänme-ýekän salam
berip, görkezilen ýere geçip ümsüm oturdy. Ol owunjak
zatlaram gözden salmazlyga çalşyp, töweregini bir laý
nazaryndan geçirdi. Ahyrynda onuň nazary kazylar
kazysynda eglendi. Bu ikisi agyzlaryndan ýeke söz
çykmasa-da, biri-birine uzak wagtlap seredip durdular.
Bütinleý gapma-garşy görünýän bu iki adamyň biri-biri
barada nämeler pikir edendiklerini bilesim geldi.
Gezende derwüşe
ýyljajyk
geçi
süýdüni,
injir balynydyr hurma hödür etsegem, sypaýyçylyk bilen
ählisini yzyna gaýtardy. Adyny soradym.
― Töwrizli Şemsetdin ― diýdi, Allahy gözläp,
dagdadüzde gezip ýören abdaldygyny aýtdy.
― Agtarýanyňy tapyp bildiňmi onsoň? ― diýdim.

Derwüş özünden arkaýyn halda başyny atdy; gara
gözlerinde kakabaş, kümüşsöw uçgunlar ýalpyldap
görnüp gitdi:
― Hawa, tapdym, asyl ol hemişe meniň ýanymda ekeni.
Bu sözleri eşiden kazy gizlejegem bolup durmaýan
gaharyny ganygyzgynlyk bilen daşyna pürkdi:
― A-how, siz derwüşler nähil-äý, durmuşy näme üçin
kynlaşdyrýanyňyza asla düşünip bilemok. Rast, Alla
ozaldan seniň bilen bile bolsa, onda näme üçin Ony tapjak
bolup, çar tarapa gidip, dagy-daşy aýlanyp ýörsüň, hä?
Şems başyny aşak egdi. Onuň ýüzi üýtgäp gitdi, esli
wagtlap sesini çykarman oturdy. Gaýtadan söze başlan
mahaly welin, ol rahatdy hem arkaýyndy, howlukman
gürledi:
― Möwlany gözläp tapyp bolýan däldir diýýäniňiz dogry,
ýöne Ony diňe gözlänler tapýarlar.
― Bolgusyz gürrüň! ― diýip, baş kazy dodagyny
çommaltdy. ― Ýagny, sen bize ömri billah şol bir duran
ýeriňizde dursaňyz, Allahy tapyp bilmersiňiz diýjek
bolýaňmy? Toba, toba! Allany tapmak üçin hemme kişi
sen ýaly, gara esgä çolanyp ýola düşmelidä onda? Şeýle
bolsa, jemgyýet diýen zadam bolmazdy, medeniýetem!

You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Elif Şafak-Yşk - 05
  • Parts
  • Elif Şafak-Yşk - 01
    Total number of words is 3608
    Total number of unique words is 2185
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 02
    Total number of words is 3616
    Total number of unique words is 2228
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 03
    Total number of words is 3610
    Total number of unique words is 2211
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 04
    Total number of words is 3621
    Total number of unique words is 2271
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 05
    Total number of words is 3686
    Total number of unique words is 2230
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 06
    Total number of words is 3613
    Total number of unique words is 2257
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 07
    Total number of words is 3722
    Total number of unique words is 2226
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 08
    Total number of words is 3656
    Total number of unique words is 2262
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 09
    Total number of words is 3579
    Total number of unique words is 2310
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 10
    Total number of words is 3666
    Total number of unique words is 2164
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 11
    Total number of words is 3591
    Total number of unique words is 2225
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 12
    Total number of words is 3623
    Total number of unique words is 2233
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 13
    Total number of words is 3652
    Total number of unique words is 2154
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 14
    Total number of words is 3670
    Total number of unique words is 2111
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 15
    Total number of words is 3637
    Total number of unique words is 2160
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 16
    Total number of words is 3591
    Total number of unique words is 2182
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    54.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 17
    Total number of words is 3590
    Total number of unique words is 2167
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 18
    Total number of words is 3586
    Total number of unique words is 2219
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 19
    Total number of words is 3651
    Total number of unique words is 2179
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 20
    Total number of words is 3632
    Total number of unique words is 2034
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 21
    Total number of words is 3642
    Total number of unique words is 2121
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 22
    Total number of words is 3656
    Total number of unique words is 2209
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 23
    Total number of words is 3664
    Total number of unique words is 2120
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 24
    Total number of words is 3674
    Total number of unique words is 2117
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 25
    Total number of words is 3603
    Total number of unique words is 2124
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 26
    Total number of words is 3670
    Total number of unique words is 2220
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 27
    Total number of words is 483
    Total number of unique words is 391
    49.5 of words are in the 2000 most common words
    60.1 of words are in the 5000 most common words
    65.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.