Latin

Elif Şafak-Yşk - 21

Total number of words is 3642
Total number of unique words is 2121
31.9 of words are in the 2000 most common words
45.6 of words are in the 5000 most common words
52.9 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
çekişme Alla täsir etmeýär.
Şems-i Töwrizi şu sözleri aýtdy-da, elini ýüreginiň üstüne
goýup ählimize, hatda bir gyrada söm duran şeýh Ýasine
hem hoşlaşyk salamy hökmünde baş egdi. Soňra gapyny
açyp, yzynda çuňňur dymyşlyk galdyryp çykyp gitdi.
Yrşadyň dürteklemesi bilen özüme geldim.
— Näme bolýar-ow, görýän welin, ol seni jadylady
öýdýän?! — diýip, ol ýaňsa alyp gürledi. — Diýmek,
sende sopy ýüregi bar eken-dä!
Jogap bermegi hökman däl hasap etdim. Dymdym.
Beýlekileri biljek däl welin, özüm-ä şu gün Töwrizli Şems
bilen tanşanyma begenýärdim.
Wagşyýana Baýbars Konýa, 1246-njy ýylyň
marty
Dowulçy! Binamys! Ahlaksyz! Bu adam edep diýlen zady
bilenok!
Töwrizli Şemsiň medresede duýdansyz peýda bolup,
talyplaryň gözüniň alnynda dädemi jedele çagyranyny
eşidip, gulaklaryma ynanyp bilmedim. Käşgä, menem şol
ýerde bolsadym. Awuly dilini çykarmaga ýetişmänkä,
ýeňsesinden tutagada, ony daşaryk ideneklederdim.

Gynansagam, dädem ony şeýdip bilmändir. Olaryň
arasynda nähili çekişme bolan bolsa, talyplar peşeçe gepi
pile dönderip, onda-munda ýaňraşyp ýörler. Olaryň
aýdýanlarynyň köpüsem barypýatan jypdyrma. Ol
hepbesiz derwüşe aşa ýokary baha berýärler.
Şu gije keýpim ýok. Baryna-da şol bozuk zenan günäkär.
Şol haýasyz heleý hiç ýadymdan çykanok. Çöl Güli
gymmatbaha zatlar goýulýan guty ýaly gizlin çekmelije
bir zat. Özüme degişlidir, elimde saklaýandyryn öýden
mahalyň hem ol syrlydyr we şol syr hem seniň üçin
gulpludyr.
Janyma batan ýeri-de onuň bar zada kaýyllygy boldy.
Men şapbat çalanymda ol näme üçin garşylyk
görkezmedikä? Näme üçin ýumruklaryma gaýtargy
berjek bolmadyka? Aýagymyň aşagynda aýaguja oklanan
keçe ýaly, hiç hili gaýtawul bereýin-beýleki edeýin
diýmän ýatyşy asla göz öňümden gidenok. Maňa el
gaýtaran bolsa, gygyryp, ah-wah diýen bolsa, dessine
saklanardym.
Ýerde gymyldy-hereketsiz ýatyr; inderýän urgularyma
döz gelip ýatyşyna, sesini çykaraýyn hem diýenok.
Hamala, onuň üçin öldem bir, ýaşadygam bir ýaly.

Indi näçe gündür şol hakda pikir edýärin. Ahyry durup
bilmän, ýene bozukhana gitdim. Ýolda öz ýanymdan:
«Çöl Güli meni görse, näderkä?» diýýän. Üstümden arz
etse ýa-da meni görmegem islemese, hünsa hojaýynyň
eline bäş-üç şaýy tutduraryn diýýärdim. Men bularyň
baryna taýýardym. Taýýarlyksyz ýeke zadym onuň şol
ýerde ýoklugydy. Görüp otursam, Çöl Güli gaçan eken.
— Çöl Güli bärde ýok diýmäňiz näme — diýip, örgökden
geldim. — Onda nirde?
Bozukhananyň eýesi hünsa agzyna bir bölek lukma
oklady-da, gahar bilen çeýnemäge durdy.
— Şol kemçiniň adyny tutma — diýip, ol agzyny
şapbyldatdy. — Saňa beýleki gyzlarymyzy görkezeýin,
Baýbars jan, bolmaýarmy?
— Seniň gara şaýa geçmejek gyzlaryňy başyma
ýapaýynmy?! Maňa Çöl Güli gerek, onda-da tizräk.
Hünsa içiňden geçip barýan nazaryny ýüzüme dikse-de,
sesini çykarmady. Aýtjak bolýan zady özüne hem ýarap
durmaýan ýaly, gyryljyk sesde üzlem-saplam jogap berdi:
— Çöl Güli bärde däl. Gidipdir. Hemmeler uklap ýatyrka
gaçypdyr, kemçin.
Onuň sözleri şeýlebir biderek boş gürrüňdi welin, gülkim
tutdy.

— Bir bozuk aýal gahbahanadan gaçypdyr diýseler, kim
ynanar? — diýdim. — Ol heleýi dessine tapyň!
Şonda hünsa hamala meni ilkinji gezek görýän ýaly,
ýüzüme çiňerilip seretdi.
— Maňa buýruk bererçe, sen kim bolupsyň?! — diýdi.
Onuň gyýyk, kiçijik gözleri gahardan ýaňa alawlaýardy.
— Men kim diýýäňmi?! Dädesi ýokary wezipede işleýän
jemgyýetçilik işgäri! Islesem, şu bozukhanaňy ýapdyryp,
ähliňizi köçä zyňdyraryn — diýdim. Soňam hünsanyň
öňündäki tabakdan bir lukma aldym-da, agzyma oklap
goýberdim. Barmaklarymy bozukhananyň hojaýynynyň
egnindäki geýimine süpürdim. Gazap bilen seretse-de,
onuň meniň bilen dikleşmäge gaýraty çatmady.
— Meniň näme günäm bar? — diýip, hünsa biçäresiredi.
— Bar günä şol derwüşde. Çöl Gülüniň aňyny üýtgeden
şol. Toba edip, şu ýoldan el götermegi şol hepbesiz salgy
berdi.
Başda kim barada gürrüň edýänini aňşyrmadym, ýöne
birden ýadyma düşäýdi. Bozukhananyň hojaýynynyň
gürrüňini edýän adamy Şems-i Töwriziden başga kişi
däldi!

Haý, binamys! Sen ilki-hä talyplarynyň gözüniň alnynda
dädemi ýeriň teýine sok, soňra-da bozukhanadan ile belli
kemçiniň gaçmasyna sebäp bol! Indi besdir. Indi ol
haramzada hetdini tanatmaga çen boldy. Ella Boston,
2008-nji ýylyň 26-njy iýuny Ýeketägim, Azizim.
Bu gezek saňa elektron hat däl-de, öňler edilişi ýaly,
syýaly, kagyz-bukjaly, markaly nusgawy görnüşdäki
hakyky hat ýazasym gelýär. Özi-de, ýazan dessime haty
hat gapyrjagyna oklamaly bolaryn. Eger sähel
haýalýagallyk etsem, ýazan zatlaryma ökünip, ibermäge
derek, hatymy jyrym-jyrym ýyrtmagym ahmal.
Şeýlebir adam bilen tanşarsyň, ol töweregiňdäki gözüň
öwrenişen adamlaryň hilinden däldir, üp-üýtgeşikdir.
Şonuň üçinem ol ähli zady bütinleý başgaça görýändir we
seniňem dünýägaraýşyňy özgertmegiňe sebäp bolar. Sen
içki dünýäňe-de, daşky dünýä-de şonuň gözi bilen seredip
başlarsyň. Täsirine düşersiň. Täsirine düşme dagy näme,
jadysyna bendiwan bolarsyň. Şonda-da ilkibadalar onuň
bilen ara saklaryn, ýüregimiň ygtyýaryny bermerin
öýdersiň. Ýöne şemaldyr öýdeniň tupan bolup çykar.
Kenardyr sanan ýeriň aňyrsy ummana sapyp gidýän
müňküldäp ýatan batgalykdyr.

Bir görseň, özüňem bilmezden, deňiz giňişligine
çykansyň, kenardan uzaklaşansyň. Ummanyň jümmüşine
aralaşansyň.
Aziz, seniň sözleriňe haçan beýle bendi bolup galanymy
bilemok. Bir bilýän zadym ― alyşýan hatlarymyzyň meni
özgerdendigi. Onda-da hut başdan başlap. Belki, saňa bu
zatlary boýun alýanyma ökünerin. Belki, öz-özümi
tanaýan hem däldirin. Ýöne şunça ömrümi özümi
tanaman geçiripdirin, indi bolmanda bir gezekligem
bolsa, çygrymdan çykyp göresim gelýär. Eger muny
gaýratlylyk atlandyryp bolýan bolsa, onda öz
gaýratlylygyma oturyp-oturyp özüm haýran galýaryn...
Ilki ýazan romanyňy okadym. Seniň sözleriň bilen uka
gidip, seniň sözleriň bilen hem oýandym. Soňra hat alşyp
ugradyk we bilesigelijiligim ýazgydan onuň ýazaryna
gönükdi. Oýananymda senden hat gelen bolsa, şol güne
höwes bilen başlaýaryn, gelmedik bolsa, özümi bir zadym
kem ýaly duýýan. Görýän welin, men başda seniň
gürrüňleriňi haladym öýdýän. Seniň hyýalbentligiňe,
kalbyňa, kalbyňda döreýän sözlere, harplara... Ahyrynda
bolsa, indi haçandan bäri dadyp görmedik, hatda
unudandyryn öýdüp ýören bu tolgunmamyň geldi-geçer
höwes däldigine göz ýetirdim.

Bilýärmiň, uzakly gün öz-özüm bilen gürleşýän ýaly,
seniň bilen gürleşip geçirýän. Şol gün bolup geçýän işler
barada seniň bilen jedel edýärin. Heran-haçan täze bir
zat görsem ýa bir zat göwnüme ýarasa, «Aziz şu ýerde
bolan bolsa, muňa näme diýerdikä?» diýýän. Gowy zat
görsem, ony saňa-da ýetiresim gelýär.
Düýn oglum:
— Eje, sende bir üýtgeşiklig-ä bar, saçyňa bir zat
etdiňmi? — diýip sorady.
Saçym hemişeki ýaly-da bolsa, üýtgeşik görünýänimi
bilýärdim. Joralarymdan hem şoňa meňzeş zatlar
eşidýärin.
— Ýüzüň ýagtylypdyr — diýýärler. — Ýörite bejergi
etdirýäňmi?
Ýöne sen hakda pikirlenmekden başga hiç zadam edemok.
Heran-haçan sen hakynda oýlara berilsem, bir zady-da
ýatlaýan: biz heniz ýüzbe-ýüz görşemzogam-a. Ynha, diňe
şonda hakykata dolanyp gelýän. Boýun almaly hakykatym
şu: seni heniz görmänkäm söýýärin...
«Yşk şerigatyny» okap gutardym, hasabatnamamy ýazyp
tabşyrdym (hawa, roman hakynda
neşir

hasabatnamasyny taýýarlaýardym.
Garaýyşlarym
barada seniň bilen pikir alyşmagy näler isledim. Hiç
bolmanda, neşirýata iberen hasabatnamam bilen
birlikde iberen hatymy görkezeýin diýdim. Ýöne beýtmek
dogry bolmajakdy. Ýene bir zady-da aýdaýyn: romanyňy
haladym, onda-da örän haladym. Ol meni öz durmuşym
bilen baglanyşygy bolmadyk wakalaryň jümmüşine
atardy. Ýöne okap gutaranymdan soň, aslynda, ähli
zadyň ähli zat bilen baglanyşygynyň bardygyna göz
ýetirdim...).
Ýöne, herhal, bu haty ýazmagymyň «Yşk şerigaty» bilen
hiç hili dahyly ýok. Meni hat ýazmaga mejbur eden zat
aramyzdaky adyny agzap bilmedik gatnaşygymyz.
Ilkibadalar ýönekeý hat alyşma hasap eden bu
başdangeçirmäm çak edişimden has çynlakaý ýagdaýa
baryp ýetdi. Başda gürrüň beren hekaýatlaryňa imrindim,
soňra-da, bir görsem, seniň özüňi söýüpdirin...
Aýtdym-a şu haty dessine ugratmasam bolmaz diýip,
ýogsa ýyrtyp taşlamagym ahmal... Kerra
Konýa, 1246-njy ýylyň marty
Şu gün ir bilen öýümize bir töwra zenan geldi. Şems-i
Töwrizini sorady. Bärde däl, soň geläý diýdim. Ýöne
gidere ýeri ýok eken.

— Howluda garaşsam bolmazmyka? — diýip, ol
çekinjeňlik bilen, howsala gatyşykly sorady. Ynha, şol
wagt ýüregime bir şübhe aralaşdy.
— Kimiň nämesi bolarsyň? Nireden geldiň? — diýip, agyz
ulňuny aňjak boldum. Ýanjap duranymdan soň, ahyry dil
ýardy. Onuň ýüzünde ýara bardy, ýaňaklarynda,
boýnunda urgy yzlary, çiş görünýärdi. Zulum görüp,
taýak iýeni görnüp durdy. Ýöne ol şondada örän
owadandy. Gözüne ýaş aýlap, elimden ýapyşdy, içini
dökdi. Howsala düşmesi ýöne ýere däl eken,
bozukhanadan gaçan eken.
— Şol batgalygy belli-külli taşlandyryn — diýip, ol
aýgytly aýtdy. — Gaçanymdan soň, hammama baryp,
näçe taslar suw bilen kyrk gezek ýuwundym. Mundan
beýlä ahyrky demime çenli erkek jynsyndan uzakda
bolaryn diýip ýüregime berk düwdüm. Galan ömrümi
Allanyň ýoluna bagyşlajak.
Näme diýjegimi bilmedim. Ol diýseň juwandy hem
näzikdi. Nädip, beýle işe gaýraty çatdyka? Öwrenişen
düzgünini alaga-da taşlap goýbermäge özünde nädip
güýç tapanyna haýran galýan. Onuň halyna ýüregim
awady. Gyzyň badam gözleri maňa Merýem enäniň
gözlerini ýatlatdy. Ýöne, başga bir tarapdan, öýümde

ýaman ýola baş goşan aýaly saklasym gelmeýärdi.
Şondada ony kowmaga bognum ysmady. Goý, howluda
garaşsyn diýdim. Elimden bar geleni şol boldy. Haýatyň
düýbünde oturdy. Hasrat bilen ýonulan mermer heýkel
ýaly, gözlerini alyslara dikip garaşyp başlady.
Bir sagat çemesi soňra Şems bilen Rumy gezelençden
gaýdyp geldi. Ylgap diýen ýaly ýanlaryna bardym,
ýagdaýy gürrüň berdim.
— Howluda bir bozuk zenan bar diýdiňmi? — diýip,
Möwlana haýran galmak bilen sorady.
— Hawa, Hakyň hatyrasyna gahbahanany taşlap
gaýtdym diýýär. Ol ýa-ha akylyndan azaşan bolmaly,
ýada gaty türkana bolmaly, görgülijik. Kimdigini,
nämedigini bilemok.
— Ony men bilýän. Ol Çöl Gülüdir — diýip, Şems begenç
gatyşykly aýgytly ses bilen dillendi. — Oň bolsun!
Diýmek, ahyrsoňy hötdesinden gelipdir-dä. Ol görgülini
näme üçin daşarda garaşdyrýaň, öýe sal ahyry!
— Öýümize bir bozuk aýaly salsak, goňşy-golam näme
diýer? — diýip garşylyk görkezdim. — Onsuzam sähel

gymyldasak, biz olaryň gözünde, gep-gürrüňleri ýatanok.
Ile belli bozuk zenan bilen bir üçegiň astynda ýaşap,
borbolgusyza gep ýassygy bolmalymy?
Şems başyny
galdyryp, asmana seretdi.
— Ol-a şeýledir welin, Kerra, onsuzam biziň ählimiz bir
üçegiň astynda ýaşamzokmy? Baý hem, gedaý hem, dul
hem, bozuk zenan hem, alym-da, nadan hem... Ählimiziň
mesgenimiz, ynha, şu ýer ahyry! Şol bir asmanyň asty!
Şems bilen çekeleşmek mümkin däldi. Men oňa näme
diýeýin? Her näme diýäý, ol baryna jaýdar jogap tapýar.
Islesem-de, islemesem-de, ol aýaly öýe goýbermeli
boldum. Bir tarapdanam, goňşular görmäwersin diýip
diledim. Çöl Güli içerik giren badyna, Şemsi görüp, onuň
elini öpmäge alňasady.
Şemsiň erni bir ýere gelenok, köne dosty bilen gürleşýän
ýaly:
— Hoş geldiň! Sapa getirdiň! — diýdi. — Gaýdyp, şol
harabalyga dolanyp barmaly bolmarsyň. Indi ömrüň şol
tapgyrynyň tamamlandygydyr. Inşallah, indi Hak seni
ädimme-ädim Özüne ýakynlaşdyrar!
Çöl Güli gözýaşa boguldy.

— Hünsa hojaýyn muny ýöne goýmaz. Şagalkelläni
bireýýäm yzyma salandyr. Siz bileňzok, şol gözi ganly
zalym...
Şems ýaş zenanyň sözüni böldi:
— O zatlara kelläňi agyrtma. Sen göwnüňi giň tut. Alla
seni şol batgalykdan çykardy, munuň hötdesinden
gelmäge güýç-gaýrat berdi, ýagty dünýä çykmagyň üçin
ýol açdy, elbetde, bir ýol hem salgy berer. Otuz üçünji
kada: bu dünýäde her kim nämedir bir zat bolmaga
çalyşýan mahaly sen HIÇ bolgun. Menziliň ýokluk bolsun.
Ynsanyň toýun golçadan parhy bolmaly däldir. Golçany
saklaýan zat daşky görnüşi däl-de, içindäki boşlukdyr,
edil şonuň ýaly, ynsany saklaýan hem «menlik» şübhesi
däl-de, hiçlik düşünjesidir. ***
Garaňky gatlyşansoň, Çöl Gülüne ýatar ýaly ýer
görkezdim. Görgüli gaty ýadaw eken, başyny ýassyga
goýan badyna uka gitdi. Ýene otaga dolanyp baranymda
Rumy bilen Şemsiň gyzygyp söhbet edip oturandyklaryny
gördüm.
Şems gelenimi görüp ýylgyrdy:
— Kerra, seni dabaramyza çagyrýarys.
— Nämäniň dabarasymyş? — diýdim.

— Ruhana, manawyýat bilen bagly raks dabarasyny
gurajak bolýarys. Öň hiç haçan görmedik dabaraň
bolmaly bi. Onda saz, raks hem doga bolmaly.
Hemmämiz yşk bilen Rebbimizi zikir ederis.
Howsala bilen adamyma seretdim. Nämäniň sazyka?
Nämäniň raksy? Nämäniň gürrüňini edýär?
— Möwlana, sen bir abraýly alym, sen aýal lybasyny
geýýän erkegem, sazanda-da däl! Adamlar muňa näme
diýer?! Abraýyňy saklajak bolaňokmy? Özüň barada
oýlanmaýan bolsaň, maşgalaň hakynda pikir et... —
Ýüzümiň gahardan ýaňa gyzaranyny duýdum.
— Sen gaýgy etme, Kerra — diýip, Möwlana dillendi. —
Şems bilen bu mesele barada köp wagt bäri oýlanyşyp
ýördük. Döwre gurap pyrlanýan derwüşleriň raksyny
ýerine ýetireris. Onuň ady semag bolmaly. Ylahy yşky
arzuw edýänleriň hemmesini oňa çagyrýarys. Taýýarlyk
işlerine başlaýarys. Şu günden beýläk her gün taýýarlyk
göreris.
Çekgäm lorsuldap agyryp başlady. — Adamlar oňlamasa
näme? Birden halamasalar? Raksy hiç kim halanok, beýle
zada pisint etmezler — diýip, Şemse ýüzlendim. —
Bolmanda, häzir bir beýtmäň. Birneme soňa goýuň, nähili
bolýar? Birneme wagt geçsin.

Şems ähmiýet bermedi.
— Allaha-da hemmeler ynanyp baranok. Oňa iman
getirmäni-de soňa goýmalymy? Pygamber Serwerimizide
hemmeler halap baranok. Ony ýatlamagy-da soň bir güne
süýşürmelimi? Yşka hem hemmeler hormat goýup
durmaýar. Aşyklyk işimizi-de gaýra goýalyňmy?
Uludan dem aldym. Men bu adama näme diýip bilerin?
Şunlukda, çekişmämiz tamamlandy. Diýere söz
galmandy.
Soltan Welet Konýa, 1246-njy ýylyň iýuny
— Içi boş selläň geregi ýok — diýip, Şems dillendi. —
Dabaramyza hiç kim gelmez diýip gaýgy edýän bolsaň,
biderek alada galýaň. Şäher halkynyň meni halamaýan
bolmagy ahmal, hatda kakaňa öňküler ýaly hormat hem
goýmazlyklary mümkin, ýöne biziň guraýan bu
dabaramyza gelmän bilmezler. Bizi ýepbeklemek üçin
hem bolsa, hökman gelerler. Görersiň, hemmeler näme
bolarka diýip gyzyklanýandyr.
Hut aýdyşy ýaly boldy. Dabara geçiriljek agşamy görsem,
meýdan daş-töweregi bilen hümer mähelle. Täjirler,
gönçüler, demirçiler, halyçylar, daş ussalary,
boýagçylar, däri-derman ýasap satýan attarlar, palçylar,
ýazgyçykätipler,
külalçylar,
nanbaýlar,

müneçjimbilgiçler, syçan awlaýjylar, ýagçylar... hatda
bir topar talyby bilen şeýh Ýasin hem şol ýerdedi.
Iň ahyrynda hökümdar Keýhüsrew bilen geňeşdarlaryny
görüp, janym rahatlyk tapdy. Şeýle ýokary derejedäki
adamyň şu agşam bu ýere gelmegi kakama nähili gadyr
goýulýandygyny äşgär görkezýärdi. Hökümdaryň dabara
gelmegi kakam barada gep-gürrüň edýän borbolgusyzyň
agzyny ýumdurar diýip umyt edýärdim.
Hemmeleriň ýerli-ýerine geçip oturmasy eslije wagt aldy.
Şems hakynda gelşiksiz gürrüň edýänlerden uzagrakda
bolmak üçin ýanynda oturara idili adam gözledim. Ahyry
Süleýman serhoşyň gapdalyna geçdim. Onuň agzyndan
şerabyň ysy aňkap duranam bolsa, dili awuly däldi.
Howanyň salkyndygyna garamazdan, derim gaýdanokdy.
Şu agşam boljak dabaranyň gowy geçmegi kakamyň
abraýy jähetden örän möhümdi. Işleriň ugruna bolmagy
üçin dileg etdim, ýöne anyk näme isleýänimi bilmänim
üçin dilegim umumy häsiýete eýe boldy.
Şol pursat çala eşidilýän saz sesi ýaňlandy; ol başda
uzaklardan eşidilýän ýaň sesine çalym edýärdi; soňra
barha batlandy-da, ünsleri özüne dartyp aldy. Adama
özüni unutdyrýan, jana tenekar bu sesi diňleýän mahaly
tomaşaçylar
gymyldylaryny-da,
pyşyrdylaryny-da

kesdiler. Hemmeler demini alman gulaga öwrüldi.
Süleýman serhoş aňk bolup oturyşyna, geň galýandygy
bildirip duran ses bilen:
— Bu nähili saz bolýar, aňşyryp bilmedim-le — diýdi.
Şol pursat Şems bilen kakamyň arasynda bolan bir gürrüň
ýadyma düşdi.
— Bu guralyň ady nämekä? — diýdim. — Beýleki saz
gurallaryna meňzänok-la. Owazynda aňyrdan gaýdýan
zarynlyk bar. Söýdüginden aýra düşeniň zarynlaýşy
ýaly...
Naýyň sesi pessaýlansoň, meýdanda kakam peýda boldy.
Usullyk bilen ünsli ädim ädip ýakyna geldi; çala eglip,
gelenlere salam berdi. Onuň yzy bilen kakamyň öňki
müritleri bolan alty sany derwüş göründi; başy sikgeli,
tennureler, destegüller1 geýip-guşanypdyrlar. Ellerini
döşlerinde gowşuryp, rugsat almak üçin kakamyň öňünde
baş egdiler. Üç gezek meýdanda aýlandylar. Gaýtadan
beýgelen saz sesi bilen derwüşleriň her biri özbaşdak
pyrlanyp başlady. Başda olaryň hereketi haýaldy. Ýöne
kem-kemden çalt pyrlanyp başladylar. Hereketleri
tizleşdigiçe-de küýzegül güli ýaly, uzynbiçüw köýnekleriň
etegi açyldy bardy.

Nähili täsin! Buýsanç bilen ýylgyrdym. Gözümiň gytagy
bilen sagyma-soluma seredip, semag raksynyň
tomaşaçylarda döredýän täsirini synlamagy-da ahmal
etmedim. Hiç zady halamaýandygy bilen tanalýan
adamlar hem semag rakslaryny ünsli synlap otyrdylar.
Derwüşler ortada dört gezek salam berip aýlandylar.
Pyrlanmak hamala tükenmejek ýaly dowam etdi. Soňra
saz güýçlendi; perdäniň aňyrsynda çalynýan rubabyň
owazy kudümiň sesine, kudümiň sesi naýyň zaryna
goşuldy. Ynha, hut şol pursat joşgunly suw ýaly akyp
Şems-i Töwrizi meýdana çykdy. Beýlekilere garanyňda
has goýy reňkdäki tennure geýipdir. Boýy
hemişekilerden uzyn, bedeni has inçe görünýärdi.
Gollaryny iki ýana açypdyr, sag eliniň aýasy ýokaryk,
sol eliniň aýasy aşak bakýan görnüşdedi.
Şems göze görünmeýän girdaba ýakynlaşýan ýaly,
özünden geçip pyrlanýan mahaly, müritleriň oňa haýallyk
bilen hemralyk edýän wagty, kakam çynar ýaly dim-dik
bolup durdy. Doga okap durşuna onuň dodaklary
müňküldeýärdi. Olaryň arasynda ajaýyp sazlaşyk bardy.
Töwerekdäki adamlaryň haýran galmakdan ýaňa lal-jim
bolandyklaryny duýdum. Şems-i Töwrizini ýigrenýänler
hem bu jadyly görnüşlere örklenene meňzeýärdi.

Şeýle ýagdaýyň näçeräk dowam edenini bilemok. Ahyry
saz kem-kemden haýallady. Derwüşler ýekän-ýekän
pyrlanmasyny goýup, ýygrylyp örtündiler. Nepis
hereketler edip, ellerini biri-biriniň üstünde goýup, gol
gowşurmak bilen, meýdandakylaryň hemmesine salam
berdiler. Dym-dyrslyk boldy. Hiç kim näme etjegini
bilenokdy. Hiç kim öň beýle tomaşa şaýat bolup
görmändi.
Ümsümligi kakam bozdy.
— Dostlar, şu gören dabaraňyzyň ady semagdyr. Şu
günden başlap, ähli asyrlarda derwüşler semag ederler.
Bir elleri göge açylsa, beýleki elleri ýere bakar, bu
Hakdan alan her bir yşk zerrejigini halk bilen paýlaşalyň
diýmegi aňladýar.
Tomaşaçylaryň arasyndan başyny egýänler, duýga berlip
tolgunanlar boldy. Töweregi mylaýym howa gurşap aldy.
Gözlerime minnetdarlyk gözýaşy çaýyldy. Ahyrynda
kakam hem, Şems-de öz mynasyp hormatsylagyny görüp
ugrapdylar.
Bu agşamyň şeýle şirin duýgular bilen tamamlanmagy
ahmaldy. Onsoň men öýe bagtyýar, buýsanjaň adam
hökmünde dolanyp baryp biljekdim, eger bu zatlaryň
yzysüresindäki wakalar bolmadyk bolsa.

Haýp, Şems baryny biderek etdi...
Süleýman serhoş Konýa, 1246-njy ýylyň iýuny
Şu gije gözüm bilen gören zatlarymy unutmak mümkin
däl. Aýratyn hem semag dabarasyndan soň bolan zatlary.
Dabara tamamlanandan soň, Keýhüsrew ýerinden turdy,
örän saldamly edähet bilen, kiçiräk daglary men
döredendirin diýýän terzde daş-töweregine birlaý göz
aýlady. Özüniň güýç-kuwwatynyň neneňsidigini bilýän
we ýalynjaňlar tarapyndan goldanylmaga öwrendekli
öňbaşçylara mahsus edähet bilen meýdana ýakynlaşdy.
— Ähliňizi gutlaýaryn! Bize ajaýyp agşama tomaşa
etmäge mümkinçilik döretdiňiz. Dabaraňyz maňa gaty
täsir etdi.
Rumy sypaýyçylyk bilen minnetdarlyk bildirdi, beýleki
derwüşler hem oňa eýerdi. Sazandalar aýaga galkyp, bir
ýere üýşdüler we hökümdara hormat bilen salam
berdiler.
Keýhüsrewiň keýpi göterilip ýüzi açyldy. Janpenalarynyň
birine yşarat eden dessine oňa goňur reňkli mahmal
haltajyk uzatdylar. Keýhüsrew haltajykda näçeräk
tyllanyň bardygyny hemmämize görkezmek üçin oklap
gapdy-da, soňra ony sahna oklap goýberdi.

Tomaşaçylar hoşallyk hem minnetdarlyk bilen el
çarpyşdylar. Hökümdarymyz, gör, nähili jomart!
Eden işinden monça bolan özüne ynamly Keýhüsrew
yzyna öwrülip, ýanhemralary bilen gidermen bolup
durdy. Ýöne heniz birnäçe ädim ädip-ätmänkä, ýaňyja
sahna oklanan haltajyk, edil öňküsi ýaly howada uçup,
onuň aýagynyň aşagyna patlap düşdi. Ähli zat diýseň çalt
bolup geçdi welin, biz doňup galdyk, ýerimizdenem
gymyldap bilmedik. Ýöne, gürrüňsiz, hemmelerden beter
Hökümdaryň özi aljyrady. Bu mesaňa açyk-aýdyň we
bilgeşleýin edilen kemsitmedi, beýle işiň bagyşlanmagy
mümkin däldi. Ol gözlerine ynanmasa-da, egnaşyry yzyna
seretdi. Özüne tarap pully haltany zyňanyň kimdigine göz
ýetirmäge çalyşdy.
Elbetde, ol Şemsdi! Başga kim bolsun?! Haý, däli derwüş!
Şobada hemmeler oňa tarap öwrüldi. Ol meýdanyň
ortarasynda bykynyna elini diräp durdy. Onuň ýanyp
duran şar gara gözleri Keýhüsrewe dikilipdi.
— Biz pul üçin semag edemzok — diýip, ol ýakymly sesi
bilen dillendi. — Semag ruhy, asmany raksdyr; ol diňe we
diňe yşk üçin edilýändir. Şonuň üçinem al puluňy! Seniň
bu altynlaryň biziň huzurymyzda derde ýaranok!
Ählimizi howpurgadyjy ümsümlik gurşap aldy. Rumynyň
uly ogly soltan Welet ýanymda oturyşyna, ýaprak ýaly

titir-titir edýärdi. Hiç kimden ses-selem çykmady. Şeýle
dartgynlylygyň bolaryna garaşyp duran ýaly, şol wagt
ýagyş ýagyp başlasa nädersiň?! Bulutsyz asmandan
inýän damjalar biziň bu ýerden gaçyp gitmek islegimizi
goşalandyrdy.
Keýhüsrew Şemse jogap berip durmady-da, ynjysyny
özünde saklap, adamlaryna tarap öwrüldi:
— Hany, ugralyň!
Bar keýpi zym uçan ýaly bolan hökümdar çykalga
ýöneldide, ýerde ýatan tyllaly haltajygy ädigi bilen basyp
geçdi. Köpsanly janpenalary bolsa, dessine onuň yzyna
düşdüler. Ýöne olar haltajyga basmaga dözmän,
üstünden böküp geçýärdiler.
Keýhüsrewdir ýanhemralary giden badyna, tomaşaçylar
dil açyp ugrady:
— Bu hepbesiz dälimi-nämemi?! Başymyza bela bolar! —
diýdiler.
— Şems diýilýän özüni kimdirin öýdýärkä?! — diýip,
hüňürdeşenler hem boldy.
— Nä akyly bilen hökümdarymyzy kemsidýärkä ol? —
diýip, beýleki bir topary hem närazylygyny bildirdi. —

Birden Keýhüsrew gaharyny tutuş şäherden çykaraýsa
nätjek?!
Şemse närazylyk bilen erbet-erbet seredişdiler. Bolan işi
ýazgarýanlaryň başyny şeýh Ýasindyr talyplary çekýärdi.
Ählisi-de örän epeýsiräp, ile göz edip aýak üstünde
duruşlaryna, Şemsi ýazgarýandyklaryny açyk äşgär
edýärdiler. Haýran galaýmaly tarapy-da, gahar bilen
çykyp giden bu toparyň içinde Rumynyň iň köne
talyplarynyň ikisi we ogly Alaetdin hem bardy. Alaetdin
Konýa, 1246-njy ýylyň iýuny
Şeýle utanan ýerim bolan däldir. Kakamyň ençeme aý
bäri hudaýsyz biri bilen ham-çamdygyny görüp, ýere
girip bilmän ýörenim az ýaly, indem sazdyr raks diýip bir
zat tapdylar! Ullakan şäheriň halkynyň öňünde kakam
nädip özüni beýle pes derejelere düşürip bilýärkä?!
Üstesine, tomaşaçylaryň aýallar böleginiň içinde
bozukhanada işlän belli bozuk zenanyň bardygy baradada hemmeler gürrüň edýär. Ol aýala Şemsiň oýnaşymyş
diýýärler. Bu nähili adam bolýar?! Ömrümiziň galan
bölegini onuň bize ýetiren zyýanyny ýuwmak bilen
geçirmeli boljak öýdýän. Şu agşam şular barada oýlanyp
otyrkam, başga bir maşgalada dünýä inen bolsam gowy
bolardy diýen pikir aňyma geldi. Öň men kakamyň

ogludygyma buýsanýardym, häzir bolsa, başga biriniň
perzendi bolmanyma ýanyp-bişýän.
Meniň pikirimçe, bu dabara kakam ýaly uly ulama
gelişmeýän, gaty pes derejedäki tans tomaşasyndan
başga zat däl. Ýöne semagdan soň bolan wakany görüp,
saçlarym syh-syh boldy. Şol binamys Şemsiň döwletiň
ulug hökümdaryny äsgermezçilik etmäge nädip bogny
ysýarka?! Goý, ol otursyn-tursun-da, Keýhüsrewiň özüni
dar agajyna ýollamanyna şükür etsin.
Keýhüsrewden soň, şeýh Ýasin bilen talyplarynyň şol
ýerden gaýdanyny görüp, menem şolara goşuldym. Şäher
ilaty meni-de Şemsiň tarapdarydyr öýtmesin diýdim.
Agamyň tersine, meniň kakamyň oýnatgy gurjagy
däldigimi, goý, hemmeler bilsin!
Şol gije öýe barmadym. Ýoldaşlarymyň birnäçesi bilen
Yrşadyň ýanynda bolduk. Daňa çenli oturyp, bolan işler
barada joşgun bilen çekeleşdik. Aýratyn hem Yrşat has
gaharly:
— Şol haramzada kakaňa gaty erbet täsir edýär. Esli wagt
bäri öýüňizde ýaşyrynlykda bir bozuk aýaly saklaýarmyş.
Sen hem bize ol barada hiç zat aýtmadyň. Bu nähili iş
bolýar, Alaetdin? Tegmil düşen abraýyňy hökman
dikeltmeli bolarsyň — diýdi.
Aýdylanlary diňläp,

utanjymdan dym gyzyl boldum. Ýagdaý Aý dogan ýaly
äşgärdi: Şems maşgalamyza betbagtçylyk getirdi. Şol gije
umumy bir karara geldik: Töwrizli Şems ýa-ha eşejigini
ýola salar, ýa-da şu töwerekden garasyny saýlamaly
bolar.
Ýa öz meýline gider, ýa-da zor bilen gidireris...
***
Ertesi gün Şems bilen erkeklerçe gürleşmek üçin öýümize
gaýtdym. Ýüregime berk düwüpdim. Ony howluda ýeke
özi otyrka tapdym. Ol başyny dik tutup, gözlerini ýumup
naý çalyp otyrdy. Aňyrsyna bakyp, durky bilen saza berlip
oturyşyna, ol meniň gelenimi-de aňşyrmady. Pişik
basyşyny edip, oňa arka tarapyndan ýakynlaşdym. Bu
ýagdaýy amatly mümkinçilik bilip, duşmanymy ýagşy
tanamaga çalyşdym.
Az wagtdan soň, saz tamamlandy. Şems başyny galdyrdy.
Öz-özi bilen gürleşýän ýaly:
— Salam, Alaetdin, meni idäp geldiňmi? — diýdi.
Sesimi çykarmadym. Ýapyk gapylaryň aňyrsyndaky zady
görmäge ukybynyň bardygyny bilýänim üçin, ýeňsesinde
gözüniň bardygy-da meni geň galdyrmady.
Şems bärsini garap:

— Düýnki dabarany nähili gördüň? Haladyňmy? —
diýip, örän takatlylyk bilen sorady.
— Halaryn-maý. Barypýatan masgaraçylyk — diýdim. —
Oýny goýaly, bolýarmy? Asla seniň özüňi halamok.
Kakamyň abraýyny mundan beýlä ýere çalmaga ýol
bermen.
Şems naýyny emaý bilen bir gyra goýdy.
— Hä, şeý diýsene? Eger kakaň gara şaýylyk abraýy
bolmasa, adamlar saňa hormatly alymyň ogly hökmünde
seretmezler, halkyň içindäki aýratyn ornuňy elden giderer
öýdýänsiň. Şonuň gaýgysyny edýäňmi? Iliň nähili pikir
edýäniniň näme ähmiýeti bar?
Wawwaly ýerime basmaga rugsat bermezlik üçin aýdýan
agyr sözlerini eşitmedik boldum. Şonda-da esli wagtlap
köşeşip bilmedim.
— Git indi bärlerden. Git-de bizi dyndyr, arkaýyn ýaşaly.
Sen gelmeziňden öň nähili gowudy — diýdim. —
Kakam sarpasy tutulýan dindardy, maşgalabaşydy.
Ikiňiziň hiç hili meňzeş tarapyňyz ýok.
Şemsiň gaşlary çytyldy. Uludan demini aldy. Birden ol
gözüme näzijek zat ýaly bolup göründi. Alaga-da oňa bir

ýumruk salsam ýa-da depesinden bir daş indersem, duran
ýerinde janyndan jyda düşürip biljekdim. Onuň janyny
jähenneme ibermek islegi ýüregimi gazap bilen gaplady
welin, ýüzüne seredip bilmedim, na zarymy gizlemäge
mejbur boldum.
Gaýtadan gabaklarymy galdyranymda, Şemsiň pikirimi
okaýan ýaly, özümi synlap durandygyny gördüm. Ýa
aňymdakyny okap durmuka? Birden tüýlerim syh-syh
boldy, özümi göýä bir demde müňlerçe iňňe endamyma
çümen ýaly duýdum. Dyzlarymyň ysgyny gaçyp,
dyzçanagym sökülýän ýaly, olar meni götermekde
ejizleýäne çalym edýärdi. Ol, gürrüňsiz, jadygöý bolmaly!
Şemsiň jadygöýdigini ýadymdan çykarypdyryn. Oňa
zyýan ýetirjek bolsam, birden ol meni öldüräýse?! —
Menden gaty gorkýaň-la, Alaetdin — diýip, Şems
duýdansyz aýtdy. — Haýp, maňa kimi ýatladýanyňy
bilýäňmi?! Çaşy gözli şägirdi!
— Sen nämäniň gürrüňini edýäň? — diýdim.
— Bir hekaýat barada aýdýaryn. Hekaýat diňlemegi
halaýaňmy?
— Beýle bolgusyz zatlara sarp eder ýaly, artykmaç
wagtym ýok.

Şems dodagyny çöwürdi.
— Hekaýatlara wagt tapmaýan adamyň äleme
düşünmäge-de wagty ýokdur — diýdi. — Iň gowy
hekaýatlary Taňrynyň ýazýandygyndan habaryň ýokmy?
Onsoň ol jogaba garaşyp durman, şu hekaýaty aýdyp
berdi:
«Öz döwründe bir ussanyň ýüzüni sallap ýören şägirdi
bar eken. Üstesine, ol şägirdiň gözi-de çaşy eken. Şägirt
ähli zady goşa görýär eken. Günlerde bir gün ussa
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Elif Şafak-Yşk - 22
  • Parts
  • Elif Şafak-Yşk - 01
    Total number of words is 3608
    Total number of unique words is 2185
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 02
    Total number of words is 3616
    Total number of unique words is 2228
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 03
    Total number of words is 3610
    Total number of unique words is 2211
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 04
    Total number of words is 3621
    Total number of unique words is 2271
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 05
    Total number of words is 3686
    Total number of unique words is 2230
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 06
    Total number of words is 3613
    Total number of unique words is 2257
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 07
    Total number of words is 3722
    Total number of unique words is 2226
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 08
    Total number of words is 3656
    Total number of unique words is 2262
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 09
    Total number of words is 3579
    Total number of unique words is 2310
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 10
    Total number of words is 3666
    Total number of unique words is 2164
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 11
    Total number of words is 3591
    Total number of unique words is 2225
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 12
    Total number of words is 3623
    Total number of unique words is 2233
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 13
    Total number of words is 3652
    Total number of unique words is 2154
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 14
    Total number of words is 3670
    Total number of unique words is 2111
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 15
    Total number of words is 3637
    Total number of unique words is 2160
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 16
    Total number of words is 3591
    Total number of unique words is 2182
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    54.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 17
    Total number of words is 3590
    Total number of unique words is 2167
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 18
    Total number of words is 3586
    Total number of unique words is 2219
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 19
    Total number of words is 3651
    Total number of unique words is 2179
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 20
    Total number of words is 3632
    Total number of unique words is 2034
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 21
    Total number of words is 3642
    Total number of unique words is 2121
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 22
    Total number of words is 3656
    Total number of unique words is 2209
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 23
    Total number of words is 3664
    Total number of unique words is 2120
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 24
    Total number of words is 3674
    Total number of unique words is 2117
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 25
    Total number of words is 3603
    Total number of unique words is 2124
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 26
    Total number of words is 3670
    Total number of unique words is 2220
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 27
    Total number of words is 483
    Total number of unique words is 391
    49.5 of words are in the 2000 most common words
    60.1 of words are in the 5000 most common words
    65.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.