Latin

Elif Şafak-Yşk - 22

Total number of words is 3656
Total number of unique words is 2209
32.0 of words are in the 2000 most common words
45.0 of words are in the 5000 most common words
52.8 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
şägirdine ammardan bir çüýşe bal alyp gelmegi
tabşyrýar. Şägirt ammardan eli boş dolanyp gelipdir.
«Ussa aga, ol ýerde iki çüýşe bal bar. Haýsyny alyp
gaýtjagymy bilmedim» diýip zeýrenipdir.
Ussa öz
şägirdiniň ýagdaýyna belet bolansoň:
— Sen şol çüýşe gaplaryň birini döw-de, beýlekisini alyp
gaýt — diýipdir.
Haýp ýeri, şägirt bu sözdäki hikmete düşünerden kütek
eken. Ol şo barşyna çüýşe gaplaryň birini kül-uşak
edipdir. Ýöne näme bolandyr öýdýäň, beýleki çüýşe-de
birinji çüýşe ýaly kül-uşakdyr-da?!»
— Näme diýjek bolýaň? — diýip, kinaýaly dillendim.
Şemsiň öňünde gaharlanyp, ejiz görünmek islemeýärdim,
ýöne özüme erk edip bilmedim. — Şu boş hekaýatlaryň

bilen senem bir! Ýekeje gezek gepi aýlawsyz aýdyp
bileňokmy?!
— Ýöne näme diýmekçi bolýanym düşnükli ahyry. Senem
gözi çaşy şägirt ýaly, sereden zadyň gözüňe goşa bolup
görünýär — diýip, Şems dillendi. — Kakaň ikimiz bir
zatdyrys. Meniň göwnüme degseň, onuň hem göwnüni
ýykdygyň bolar. Şoňa düşüneňokmy, Alaetdin?!

Kakam ikiňiziň hiç hili meňzeş tarapyňyz ýok. Onsoň men
ikinji çüýşe gaby döwmek bilen, ilkinjini hem bendilikden
gutardygym bolar.
Ýüregim ýigrençden pürepür bolansoň, agzymdan çykýan
sözleriň neneňsi ýaralar döredýändigi barada oýlanybam
durmadym.
Şems Konýa, 1246-njy ýylyň iýuny
Dinde ýok zatmyş, soň goşulanmyş, bidgatmyş... «Saz
çalmak küpür işdir» diýýärler. Beýtmäň, jenaplar! Yşk
bilen berjaý edilen sungat nädip küpür iş bolýarmyşyn?!
Olaryň diýmeli zady, Alla bize sazy beripdir, onda-da
diňe agyzda ýa-da saz guraly bilen ýerine ýetirilýän saz
hakda gürrüň edemok, tutuş älemi gurşap alýan şirin
owazlary beripdir, soňam alaga-da olary diňlemegi
gadagan edipdir, şeýlemi? Tutuş tebigatyň her demde we
hemme ýerde ony zikir edýänini görmeýärlermikä? Şu

älemdäki zatlaryň ählisi şol bir düýp sazlaşyk içinde
hereket edýär: ýüregimiziň urgusy, asmandaky guşuň
ganat kakyşy, harasatly gijede gapyny ýumruklaýan el,
dag çeşmesiniň çaglap akyşy, demirçiniň demri ýenjişi,
heniz dünýä inmedik bäbegiň ene rähminde diňleýän
sesleri... Ähli zat, onda-da ähli zat ajaýyp we ýeke-täk
nagma bilen owazdaş. Derwüşleriň pyrlanmak bilen
eşidýän sazy hem şol ylahy zynjyryň bir halkasydyr. Her
bir suw damjasy özünde ummanlary saklaýandyr, biziň
semagymyz hem özünde älemiň syrlaryny saklaýar.
Dabaradan öň Rumy bilen bilelikde oý-hyýallary
boýlamak üçin ümsümlik bilen bir otaga çekildik. Agşam
semag raksyny etmeli alty derwüş hem bize goşuldy. Bile
täret kylyp, doga-dilegde bolduk. Soňra tennurelerimize
çolanyp, elip guşaklarymyzy guşandyk. Sary reňkli sikge
mazardaşlarymyzdy, uzyndan ap-ak tennure nebsimize
biçen kepenimizdi, hyrka bolsa ölmezden öň öleniň
mazarydy.
«Olar aýak üstünde mahaly-da, otyrka hem, ýanyn
ýatyrkalar-da Allany zikir ederler; gökleriň we ýeriň
ýaradylyşy barada pikir ederler...» diýmeýärmi?!.
Haktagalla biz hal adamlarydyrys, kalp adamlarydyrys,
yşk adamlarydyrys. Biz sirkul ýalydyrys. Bir aýagymyz

şerigatyň üstünde mäkäm dursa, beýleki aýagymyz bilen
ýetmiş iki milleti aýlaýandyrys.
Semaghana barmazymyzdan ozal, Rumynyň dilinden
şeýle setirler joşdy:
Bäri gel, gel bäri, ýene gel bäri,
Nirä çen bu goh hem jeň bilen däri?
Sen — mensiň, menem — sen, bu ahwaly gör...
Nä aýak direýäň, gel, eliňi ber!
Ählimiz jemlenip biz ýeke-täk dür, Serimiz-de birdir,
aklymyzda bir.
Biz taýýardyk. Başda naýyň zaryn sesi eşidildi. Soňra
Rumy raks etmeli derwüşleriň — semagzenleriň
baştutany hökmünde orta çykdy. Derwüşler bir-bir
meýdana girende, olaryň başy pespällik bilen egilýärdi.
Iň ahyrynda orta çykmaly şeýhdi. Hernäçe garşylyk
görkezsem-de, Rumy şu wezipäni maňa bermek üçin aýak
diredi durdy.
Naý bilen rubabyň adamyň içki dünýäsine aralaşýan
owazyna kudümiň gümmürdisi hem goşuldy.

Gulak as, bu naýy gör, nähili zarynlaýar, aýralygy beýan
edişini gör:
«Meni gamyşlykdan kesip alanlary bäri, perýadymdan
ýaňa erkeg-u-aýal diýmän, hemmeler ahy-nala çekdi».
Ilkinji derwüş semag raksyna başlady, tennuresiniň etegi
kem-kemden tegelenip aýlanyp ugranda ol tomaşaçylaryň
gözüniň alnynda bu älemden uzaklara gitdi. Şol wagt
hemmämiz semag raksyna goşuldyk. Wahdetde —
birlikden gaýry ähli zat ýok bolýança pyrlandyk durduk.
Asmandan näme alan bolsak topraga,
Hakdan näme alan bolsak, halka! Her birimiz Aşyk bilen
Magşugyň arasyndaky baglanyşyga-peýwende öwrüldik.
Saz ahyrlansoň, älemiň agalyk ediji unsurlaryna: oda,
ýele, topraga, suwa we bäşinji unsur — boşluga hormat
bilen salama durduk. ***
Dabaradan soňra Keýhüsrew bilen aramyzda bolup
geçen zatlara puşman edemok. Diňe Rumyny kyn
ýagdaýda goýanyma gynanýan. Ýöne bu-da zerurdy.
Möwlana hemişe apalanyp gelipdir, dolandyryjy gatlak
tarapyndan goralyp-goldanyp durupdyr. Ol häzir halkyň
içindäki adaty adamlara örän tanyş bolan bir duýgynyň
tagamyny ilkinji gezek dadyp gördi. Ol hökmi rowaç
saýlantgylaryň öňündäki ejizlik duýgusydy.

Mahrumyýetiň, çäresizligiň, çetleşdirilmekligiň neneňsi
zatdygyna düşünmän, Möwlana nädip hemmeleri gurşap
alýan şahyr bolup bilsin?!
Ynha, şunlukda, indi Konýada bolmaly müddetim dolup
ýör hasap edýärin. Gidere çen boldy. Her bir hakyky yşk
garaşylmadyk özgerişliklere ýol açýar. Yşk diýmek
gaýtadan dünýä inmek, gaýtadan dogulmak diýmekdir.
Eger «yşkdan öň» hem «yşkdan soň» şol bir
adamlygymyzda galyp bilýän bolsak, onda ýeterlik
derejede söýen däldiris diýmekdir. Birini söýýän bolsaň,
onuň üçin edip biljek iň ähmiýetli işiň — özgermekdir!
Şeýlebir özgermeli welin, sen özüň bolmakdan çykmaly.
Şygyr, saz, raks... esriklik-ekstaz, çeýelik, akaganlyk...
Rumynyň özgerişligi herhal doly tamamlandy. Şygry
halamaýan pugta alymlykdan, öz sesiniň akymynda barha
ilerleýän wagyzçy-hatyplykdan indi ähli dymýanlaryň
duýgularyna terjimeçi, dilmaç bolup biljek derejede oňat
şahyr bolmak ýoluna düşdi. Özüm barada aýdylanda,
menem özgerdim we özgerýärin. Barlykdan ýokluga
barýan. Bir pasyldan beýlekisine, bir mertebeden
indikisine, ömürden ölüme tarap typyp barýaryn. Baba
Zamanyň öz wagtynda aýdanlaryny ýadyma salýan.
Ýüpegiň pileden sag-aman çykmagy üçin ýüpek
gurçugynyň öz-özünden ýüz öwürmegi lazym. Rumy bilen

dostlugymyz we ruhdaşlygymyz Allahyň lutfy-keremidi,
deňsiz-taýsyz peşgeşidi. Ýaran bolduk, beýgeldik, şat
bolduk, şine atdyk, gül-çiçek açan ýaly, söz açdyk,
kämilligiň tagamyny datdyk. Hiç kimiň ýeke özi
gögelelikden kämillige ýetip bilmez. Sen guş kibi, bir
makamdan indiki makama uçup, özüňe ýoldaş agtarmaly.
Tapansoň hem özüňi däl-de, ony ulug tutmaly.
Semag agşamy hemmeler dargaşyp, ahyry ümsümlik
aralaşansoň, semaghanada ýeke özüm oturdym. Rumy
bilen bu dünýädäki bile geçirmeli möhletimiziň ahyryna
golaýlap
ýördüm.
Dostlugymyz
döwründe
görlüpeşidilmedik gözelligi paýlaşdyk; hemişe biri-birini
görkezip duran iki aýna mysaly, biri-birimizde
tükeniksizligi, soňsuzlygy synladyk. Ýöne öňi-soňy halka
dönüp, döwür tamamlanýar, aýnanyň syrçasy örtülýär.
Her kimiň bir bahary, her baharyň hem ahyry bolýar. Şu
sözler hem ganatly sözlere öwrülmäge laýykdyr: yşkyň
bar ýerinde iru-giç aýralyk hem bardyr. Ella Boston,
2008-nji ýylyň 15-nji iýuly
«Garaşylmadyk gabatgelmeler diňe olary garşylamaga
taýýar wagtymyz başymyzdan inýändir» diýip, Aziz
ýazgylarynyň birinde belläpdi.
Eger şeýle bolýan bolsa, şu hepdede başyna düşen işlere
Ellany bellibir derejede taýýar hasap etseň bolmalydy.

Ýöne ol elini-aýagyny ýitirip, gapyllykda üstüni basdyrdy.
Çünki şu hepde gökden düşen ýaly bolup, Aziz Z. Zahara
ony görmek üçin Bostona geldi.
Dynç gününiň agşamydy. Rubinşteýnleriň maşgalasy hut
şamlyk edinmäge oturan mahaly Ellanyň el telefonyna bir
göndergi ýazgy gelip gowuşdy. Füzýon nahar bişiriş
jemgyýetinden biri iberendir öýdüp, Ella ony okajak hem
bolmady. Başga işlere güýmendi, odur-budur işlerini etdi.
Naharlary saçaga äberişdirdi. Gyzardylan bally ördek,
ýeralmasyna bişirilen tagam, üsti naz-nygmatlar bilen
bezelen pisseli ýasemin palawy. Howurpeçde bişen ördek
diýseň haýbatly görünýärdi, Ella ony saçaga äberende
hemmeleriň gaşy ýokary göterildi. Hut şu gün irden
Skotty täzeden bäri halaşyp ýören gyzy bilen görüp,
eldenaýakdan çykan Janetiň hem işdäsi açylana
meňzeýärdi.
Ýöne ol adaty agşamlyk naharydy. Hemişeki
degşipgülüşmeler bilen täçlenen agşamlykdy. Ella saçak
başyndaky gürrüňlere diňe çalak-çulak goşulyp oňdy.
Adamsynyň howlynyň aýmançasyny gök reňk bilen
reňklemek baradaky aýdanlaryna sesini çykarmady,
Janet bilen uniwersitetdäki sapaklarynyň agyrlygy
barada pikir alyşdy, ekizleri bilen «Karib deňziniň
garakçylary» filmi barada gürrüň etdi. Hemmeleriň we

ähli zadyň ugrundan gopýan-da bolsa, oturanlaryň
hemmesi bilen ähli babatda ara saklaýardy. Küýi-köçesi
Azizdedi. Ol iberen hatyny aldymyka? Alan bolsa näme pi
kir etdikä? Näme üçin henize çenli jogap bermeýärkä?
Çyrşakly tabaklary gapgaç ýuwulýana ýerleşdirip, ak
şokoladly kreme bruleý goýuşdyrýarka, küýi-köçesi şoňa
gidipdi,
telefonyna
seretmek
ýadyna-oýuna-da
düşenokdy. Ýöne haçanda telefonyndaky gönderilen
ýazgylary okanynda... doňup galdy.
«Men Bostonda! Smithsonian muzeýi üçin fotosurata
düşürmäge geldim. Ýöne esasy seni görmek üçin. «Onux»
myhmanhanasynda bolýan, meni görmäge gelip
bilmezmiň... Aziz».
Ellanyň ýaňaklaryna gyzgylt öwüşgin çaýyldy, ýüregi çalt
urup başlady. Sandyraklaýan elleri bilen telefonyny
öçürip, ýantorbasyna saldy. Töweregindäkileri diňleýän
ýaly görünmäge çalyşýan mahaly çala başy aýlanýardy.
Ýöne bu ýagdaý Dewidiň gözünden sypmandy.
— Näme bir zat boldumy? Göndergi ýazgy gelipmidir? —
Ol tabagyndan başyny galdyryp sorady.
— Ah,.. hawa, Mişel habar iberipdir — diýip, Ella
oýlanyp durman jogap berdi.

Är-aýal bir pursatlyk biri-birinden nazaryny sowjak hem
bolman seredişdiler. Nazarlar biri-birine dikildi, doňup
galdy. Olaryň arasynda aýdylmadyk onlarça söz at saldy
durdy. Uzak dowam eden maşgala durmuşlarynyň şeýle
peýdaly
taraplary
bardy.
Indi
ýeke
söz
aýdyşmandiýişmän, hakyt garaýyşlary bilen gohlaşyp
bilýärdiler. Çagalar hiç zat aňmaýana çalym edýärdi.
Şeýlelikde, Ella bilen Dewid täsin oýnuň içine düşdiler.
Biri beýlekiniň ýalan sözleýänini bilýärdi, beýleki-de
onuň käbir zatlary bilýänini aňýardy.
Ahyry Dewid agyr oýlar bilen katdyny dikledi, kagyz
elsüpürgiji gös-göni inedördül emele getirýän şekilde
ünsli epleşdirdi. Hereketleri haýallady.
— Hä, Mişel ýazgy iberipdir diýsene — diýip hüňürdedi.
Ella adamsynyň özüne jinnek ýalyjak hem ynanmaýanyna
düşünse-de,
toslap
tapan
ertekisini
dowam
etdirmelidigini duýdy. Onuň şu pursat esasy niýeti
adamsyny ynandyrmagam, çagalaryny aldamagam däl
bolmagy ahmaldy. Ýalan sözlemek häzir onuň hut özi üçin
zerurdy. Öýünden çykyp, Aziziň bolýan myhmanhanasyna
gitmek, ahyry onuň ýüzüni görmek isleýärdi. Onda-da
nähili! Ömründe hiç bir zady şular ýaly küýsemändi...
Şonuň üçinem her sözüni basyp aýdyp, gürrüňini dowam

etdi: — Ertir irden neşirýatda ýygnak bolýar diýýär.
Geljekki möwsümiň kitap sanawy kesgitlenjekmiş. Şony
ýazypdyr. Meniňem gatnaşmagymy isleýär.
— Onda beýle möhüm ýygnaga hökman gatnaşmaly
bolarsyň — diýip, gözlerine düşnüksiz ýalpyldy çaýylan
Dewid dillendi. — Isleseň, irden özüm düşüräýerin, hem
bile gitdigimiz bolar. Birki duşuşygymy soňa goýsam
bolany.
Ella adamsyna aňkarylyp galdy. Näme etjek bolýarka?!
Hakykatdanam, Bostona bile gidesi gelýärmikä? Ýa
çagalarynyň gözüniň alnynda gygyryşyp, gelşiksiz
ýagdaý döretmek niýeti barmyka? Mejbury ýylgyrdy.
— Gaty gowy bolardy welin, ertir irden sagat 7-denem öň
gitmeli boljak. Mişel meniň bilen ýygnakdan öň aýratyn
gürleşäýsek diýdi.
Hiç zatdan habarsyz Orly ýylgyryp gürrüňe goşuldy. —
O-ho-o, onda kakama azar beribem durma. Ol ömürem
beýle ir turup bilmez. Kakamy beýle ir diňe göteriji kran
bilen dik duruzaýmasaň.
Dewid hiç wagt ir turup bilmezdi. Çagalary-da, aýaly-da
onuň bu häsiýetine beletdi.

Ella bilen Dewidiň nazarlary çaknyşdy. Ikisi-de garaşyp,
ýagdaýy ölçerip görýärdi. Ilkinji göçümi kim göçerkä?
Bu oýny oýnamagy haçana çenli dowam ederkäler?
Şol wagt Dewid kinaýaly ýylgyryş bilen yza çekildi.
— Orly dogry aýdýar. Beýle irgözinden turup bilmen, iň
gowusy, özüň gidiber onda — diýdi.
— Näme üçin häzirden gideňok, eje — diýip, Janet hiç
zatdan habarsyz dillendi. — Şäherdäki öýümizde bolaý.
Ol onsuzam hiç kimiň derdine ýaranok. Ir bilen gowy
dynjyňy alyp, ýygnaga bararsyň.
— Ol hem bolýar... — diýip, ýaňaklarynyň gyzarýanyny
duýan Ella tassyklady.
Ertir irden Bostona gidip, Aziz bilen guşluk çaýyny
edinjekdigi hakynda pikir edende ýüregi çalt-çaltdan
urýan halyna, häzirden ýola çykmak oňa, birhili, telbelik
bolup göründi. Beýleki bir tarapdan bolsa, ertire garaşyp
durman, Aziz bilen bahymrak didarlaşasy gelýärdi. Heniz
daň atmagyna wagt gaty uzakdy. Hamala tutuş ömre
barabar ýalydy. Häzir ugraberse, has gowy bolmazmy?
Öýden ulag bilen Bostona iki sagatda barar. Ýöne ol hiç.
Aziz baryp, Amsterdamdan gelipdir-ä. Iki sagat ulagyň
destinde oturmagyň gürrüňi näme?

— Häzir ugrabersem, sagat ona çenli Bostona bararyn.
Ertirem ir bilen neşirýata gidip, Mişel bilen duşuşaryn —
diýip, Ella gaýtalady.
Dewidiň ýüzi saralyp gitdi. Agzyny açyp oturyşyna, ýeke
sözem diýmedi. Gözlerinde aýalynyň başga biri bilen
duşuşmagynyň öňüne böwet bolup bilmejegini boýun alan
adamyň owarraçyllygy bardy.
— Esli wagt bäri öýi syryp-süpüremzogam. Ikibaşdan
gördügim bolar — diýip, Ella delillendirdi. Ol bu ahyrky
jümläni bilgeşleýin ýanjap aýtdy. Şeýtmek bilen,
adamsyna Aziz bilen diňe bir zatlar içip oňjakdygyny,
ondan soň öýüne gidip, ýeke özi ýatyp dynjyny
aljakdygyny aýtmaga çalyşýardy.
Dewid eline şeraply badany alyp ýerinden turdy. Onuň
ýüzünde düşünip bolmaýan özüne ynamlylyk bardy.
— Gowy pikir, bolýar, ezizim, häzir git — diýdi.
Duýduryş berdigimikä? Ýa-da bu bolýan işlere
ähmiýet bermeýändigini ýaňzytdygymyka? Ella
adamsynyň näme pikir edýänini ýüzünden okap bilmedi.
— Eje, ýöne matematikadan öý işime kömekleşjek
diýipdiň-ä — diýip, Ewi iňirdedi.

Ella jogap bermäge ýetişmänkä, Orly doganynyň
alpetinden aldy:
— Wah, ejem ogly! Otur-da, öz öý işiňi özüň et. Ullakan
adam bolupsyň!
Ella çagalary saçak başynda çekeleşýärkäler, öz aladasy
bilen boldy-da, haýdap ýokarky gata çykdy. Ýatyş
otagynyň gapysyny ýapan badyna, el telefonyndan Azize
jogap ýazdy.
«Nähili garaşylmadyk pursat! Haýran galdym. Ýene iki
sagatdan «Onuxda» bolaryn».
«Ugrat» diýen düwmejigine basdy. Gözlerini bir nokada
dikip, göndergi ýazgysynyň gidişine seredip durdy. Onuň
edýän zady näme? Bu ýoluň ahyry nirä elterkä? Dogrusy,
onuň bu zatlara oýlanyşyp durara wagty ýokdy. Eger şu
agşam eden hereketlerine puşman etmeli bolsa, şeýtmelide bolsa gerek, munuň üçin has soňrak öküner. Häzir
welin, nämäni başyndan geçirmeli bolsa, şony-da eder.
Biraz alňasamalydy. Ýigrimi minutyň içinde duşa girip
çykdy, ýelüflär bilen saçyny guratdy. Dişlerini
arassalady, bir geýip, bir çykaryp, özüne laýyk lybas
saýlady. Biri bolmasa, beýlekisini deňäp gördi, o
bolmansoň, başga birini saýlady, saçlaryny darady,
azkem ýüzüne timar berdi, enesiniň sowgat beren enaýy

ýaşma gulakhalkasyny dakyndy, aýnada özüni synlady,
synlady-synlady-da halaman, başga bir köýnegini geýdi.
Uludan demini alyp, üstüne az-kem hoşboý müşk sepindi,
«Eternit-Calvin Klein» atyryny. Ol çüýşe hammamçanyň
sandykçasynda ençeme ýylyny geçiripdi. Dewid asla
hoşboý yslary halamazdy. «Aýal wanil ýa başga ysy
dälde, aýal ysyny bermeli» diýip, ol hemişe gaýtalardy.
Ýöne ýewropaly erkek kişi bu babatda başgaça düşünýän
bolmagy ahmal. Ýewropada atyr halanýan zat dälmidir?!
Näme üçin Aziz geljegini öňünden habar bermedikä?
Bilen bolsa, şoňa görä taýýarlanardy. Dellekhana gidip,
manikýur etdirip, ýüzüni bejerderdi, hatda, kim bilýär,
belki, saçynyň bejergisini üýtgederdi. Ellanyň aňyndan
bir topar sowal-jogaplar gelip geçýärdi. Birden Aziz meni
halamasa?! Ýa jynymyz jyňkyryşmasa, şondan şuňa —
Bostona nireden geläýipdirin diýip, gelenine puşman
etse?! Hat alyşmak has mistikidi hem aňsatdy. Duşuşmak
bolsa gaty kyn. Näme üçin geldikä? Men çagyrdym... Şol
haty ýazmak bilen, bärik gelmegine men sebäp boldum...
Ol oý-hyýallaryndan saplandy. Özüni dürsedi. Näme üçin
daş görnüşini özgertmäge çalyşýarka? Jynlary alyşsa
nähili bolarka, alyşmasa nähili bolar? Bar niýeti bu adam
bilen diňe birje bulgur kofe içmekdi. Bolany şol. Ondan
aňryk geçmek niýeti ýokdy. Geçibem bilmez. Sebäbi

Zahara bilen başyndan geçirjek her bir wakasy diňe
ýatlama bolup galmaga höküm edilendi, wagtlaýyndy.
Onuň maşgalasy bar. Düzgünli güni bar. Geçmişi-de şu
ýerde, gelejegi-de. Ol şu ýaşynda bolmajak arzuwlary
besleýäni üçin, öz-özüne gahar etdi. Pikir etmezlige,
oýlanmazlyga, arzuw etmezlige, hiç bir zada isleg
bildirmezlige çalyşdy.
Sekize çärýek sagat galanda Ella çagalaryny öpüp,
hemmelere «Gijäňiz rahat!» diýdi, öýden çykdy. Dawid iş
otagyna geçipdi. Biri-birlerini görmediler.
Bostondaky öýleriniň açarlaryny alyp ulagyna tarap
barşyna, aňy gurşan ýaly bolup dursa-da, ýüregi
gürsüldäp çarp urýardy.
Bäşinji bölüm Boşluk Bize ýaşaýyşda barlygy
bilen däl-de, ýoklugy bilen täsir edýän zatlar
Soltan Welet Konýa, 1246-njy ýylyň iýuly
Şu hepdäniň anna güni ir bilen kakam meniň bolýan
otagyma geldi. Onuň teň halyny görüp, gözüme ynanyp
bilmedim. Gözleriniň aşagy halka atyp durdy, seredişi
bütinleý özgeripdir, uzakly gije çirim etmän geçirene
çalym edýärdi. Ýöne meni hasam beter onuň sakgaly
haýran galdyrdy; bir gijäniň içinde duw ak bolaýypdyr!
— Welet, oglum, hany, gaýrat et-de, maňa tekge ber. —

Onuň ynjyly hem zaryn çykan sesini eşidip ýüregim jigläp
gitdi.
Ylgap baryp goltugyna girdim.
— Aýdyber, kaka jan, näme islegiň bolsa aýtsaň bolýar.
Esli wagtlap sesini çykarman durdy, ol göýä aýtjak
zatlarynyň labyry astynda galan ýalydy.
— Şems gidipdir, bizi taşlap gidipdir.
Näme diýjegimi bilmedim. Aljyradym, gynandym ýöne,
dogrusy, şeýle bolmagy hemmeler üçin has haýyrlydyr
diýip oýlanman hem durup bilmedim. Indi ýaşaýyş
öňkülerden aňsatlaşmazmy? Kakam soňky döwürde gaty
köp duşman gazanypdy, hemmesine-de Şems sebäpkärdi.
Öňler ol şu şäheriň iň abraýly adamydy. Häzir bolsa ony
halamaýanlar, ýazgarýanlar köpelipdi. Çekinýärdim,
hemme zadyň ozalkysy ýaly bolmagyny isleýärdim. Belki,
Alaetdiniň aýdýany hakdyr: Şems durmuşymyzy terk etse,
öňki rahat günlerimiz gaýdyp geler? Kakam aňymdan
geçen pikirleri okan ýaly, çekinjeňlik bilen ýüzüme
seretdi:
— Onuň meniň gadyrdanymdygyny ýadyňdan çykarma —
diýdi. — Şems ikimiz aýry-aýry adamlar däldiris; biz,
aslynda, birdiris. Aýyň bir-ä aýdyň tarapy bardyr, birem

garaňky tarapy. Şems meniň boýunegmezek tarapymdyr.
Ol meniň topalaňçy ýüzümdir. Hiç kim görmese-de, onuň
her bir pitnesinde men bardyryn.
Başymy atdym, kakamyň ýagdaýyna kejebäm darykdy.
Esli wagtlap gürläp bilmedim.
— Ýalbarýan, Şemsi tapyp ber, elbetde, özi tapylmak
isleýän bolsa. Git-de getir ony, oglum. Onuň ýoklugyna
nähili gynanandygymy düşündir — Kakamyň sözleriniň
soňy pyşyrda ýazdy. — Oňa ýoklugynyň meni heläk
edýändigini aýt.
Kakama söz berdim. Nirä gidenem bolsa, Şemsi tapyp
getirmekçidim. Kakam elimi tutdy-da, minnetdarlyk bilen
gysdy. Ondan nazarymy gizledim. Gözlerimdäki
howsalany kakamyň görmegini islemeýärdim. ***
Tutuş hepdäniň dowamynda Konýanyň köçelerini
dabanma-daban aýlanyp çykdym. Şemsiň aýak yzlaryny
yzarlamaga çalyşdym. Şol wagta çenli şäher ilatynyň
ählisi Şemsiň ýitirim bolandygyny eşidipdi. Onuň nirä
gidip biljegi barada her kim bir zat diýýärdi. Agzyna
gelenini uguralla diýip goýberýärdiler. Bir ýola heýwere
keselli gedaýa gabat geldim. Şemsiň janköýeri eken.
Aldyda, meni özi ýaly haly harap` sergezdan hem

hossarsyz adamlar bilen tanyşdyrdy. Olary birleşdirýän
zat geçmişde Şemsiň özlerine hemaýat edendigidi.
Haýran galdym. Diýmek, Töwrizli Şemsiň dadyna ýetişen
şunça adamy bar eken, ondan habarsyz galypdyryn.
Şunça wagtlap diňe ony halamaýanlara gulak gabardyp,
Şemsi gowy görýänleriň hem köpdügini bilmändiris.
Bir agşam öýe halys ýadaw halda geldim. Kerra maňa
dessine bir tabak süýtlaş getirdi. Nahardan süýjiniň, gül
suwunyň we tarçynyň ysy gelýärdi. Geçip ýanymda
oturdy, nahar iýýärkäm, ene mähri bilen ýylgyryp meni
synlady. Onuň ýüzündäki aladany saýgarmazlyk mümkin
däldi. Bir ýylyň içinde ol nähili garrapdyr.
— Şemsi gözleýämişiň diýýärler, şeýlemi? — diýip, Kerra
birazdan dillendi.
Başymy atdym.
— Onuň nirä gidenini bilýärmiň?
— Ýok, çak edýän ýerim hem ýok. Her kim bir zat diýýär.
Şama giden bolaýmasa diýýärler. Ýöne Yspyhana, Kaire,
hatda dünýä inen şäheri Töwrize giden bolmagy-da
ahmal diýýänler hem bar. Ähli ýeri barlap görmeli. Men
ertir Şama gitmek üçin ýola düşjek. Şol bir wagtda
kakamyň üç şägirdi beýleki üç şähere giderler.

Kerranyň keşbi wajyp görnüşe
pikirlenýän ýaly hüňürdedi.
girdi.
Daşyndan
— Kakaň gürlese diňe şygyr okaýan ýaly, samrap
gürleýäninden habaryň barmy? — diýip, howsalaly
ýylgyrdy. — Uzakly gün dymýar. Gürlese-de diňe goşgy
okaýar.
Ol gözlerini ýere ýazylan eýran halysynyň seçeklerine
dikdi. Kirpikleriniň ujy çala çygjarypdy. Uludan dem
alanyndan soň, bir demde şu goşgyny okady. Gördüm gül
didarly Hökmürowany Ýüz-gözi jennetiň Güni, mälimdir.
Bar barlyga paýlap sansyz dowany,
Ruhlara ruh berýän ruhdur Älemde.
Nämeleriň bolup geçýäninden habarym bardy. Kerra
wyždanynyň penjesinde gysylyp-gowrulýardy. Şemsiň
gitmesine iň köp begenen hem, meger, şol bolsa gerek.
Bolmanda, göwrümi giňäpdi. Beýleki bir tarapdan bolsa,
kakamyň wagtyhoşlugynyň hatyrasyna ähli zada kaýyldy.
Onsoň ol bir zady gaty gowy bilýärdi, kakamyň
bagtyýarlygy Şemsiň barlygyna baglydy. Şemsiň gaýdyp
gelmegi bolsa, kakam Kerrany we bizi ýene gözden salar
diýildigidi. Şeýlelikde, Kerra bir aýalyň başyndan geçirip
biljek iň çoçgarly meselede iki zadyň haýsy-da bolsa
birini saýlamaly bolupdy: ýanýoldaşy bagtsyz hem bolsa,

onuň öz ýanynda galmagyny, gözüniň alnynda bolmagyny
isleýärmi ýa-da özi betbagt hem bolsa, ýanýoldaşynyň
erkin hem garaşsyz bolmagyny?
— Şemsi tapyp bilmesem näme? — diýip, Kerra
ýüzlendim. Dilimden çykan söz özümi aljyradanam bolsa,
eýýäm giçdi.
— Onda eliňden näme gelýär. Etjek alajyň ýok. Ol
gelmänkä nähili bolsak, ýene şeýle ýaşabereris — diýende
Kerranyň gözlerinde umyt uçgunlary ýylpyldady.
Nämä kakdyrýanyna düşündim. Şems-i Töwrizini
gözlemek üçin ýola çykyp, baryp Şama gitmek hökman
däldi. Islesem, ertir Konýadan çykyp, esli wagt
ondamunda güýmener ýaly rahat hem arassaja öý
taparyn, birnäçe hepdeden soňam geler-de: «Şemsi
gözläp, aýagyma garasuw inip gitdi, ýöne, gynansam
hem, ony tapyp bilmedim» diýer oňaryn. Kakam
aýdanyma ynanar. Şeýdibem, bu mesele öz-özünden ýatar
galar. Onsoňam şeýle bolsa, diňe Kerra bilen Alaetdin
üçin däl, kakamyň talyplary, müritleri üçin-de, hatda
özümede peýdaly bolardy.
— Kerra — diýip, ýumşaklyk bilen soradym. — Seniň
pikiriňçe, men näme etsem gowy bolar?

Onsoň köp ýyllar mundan öň dinini üytgedip musulman
bolan, ilkinji adamsyny ýitireninden soň, dul galyp,
kakama durmuşa çykan, maňa hem inime ençeme ýyllap
diýseň mähirlilik bilen enelik eden, adamsynyň başgalar
üçin ýazan şygyrlaryny ýatdan bilmek derejesine çenli
ony örän-örän söýen, ömürboýy hemişe elaçyklyk eden,
hemişe hemaýatkärlik goluny uzadan bu aýalyň agzyndan
ýeke sözem çykmady. Bir pursadyň içinde onda aýdara
ýeke söz hem galmandy.
Ana, şonda men bir zada göz ýetirdim: bu sowala jogap
bermek meniň paýyma düşýärdi. Rumy
Konýa, 1246-njy ýylyň awgusty
Şemsiň ýoklugynda bu dünýä dowzahyň çukury ýaly bir
zat. Şol gideli bäri ruhum şor ýerde biten güle döndi,
günüme Gün düşenok. Gije gözüme uky gelenok,
gündizlerine-de öýde kararym ýetenok. Meniň göwnüm ne
duran ýerimde, ne-de başga bir ýerde. Men indi
köpçüligiň içindäki ruh — hyýalat ýaly bir zat.
Hemmelerden öýkeli, hemmelerden göwnügeçgin, il bilen
däl. Nädip hiç zat bolmadyk ýaly ýaşap ýörüp
bilýärkäler? Şems-i Töwrizisiz ýaşaýşy ýaşaýyş hasaplap
bolarmy?

Gün batanyndan tä daňdana çenli her gün ýeke başyma
kitaphanada oturýan, dymyp geçirýän. Elmydama Şems
barada pikir edýärin. Beýle diýmek, özüm üçin Şems ähli
zadyň we hemmeleriň jemi bolany sebäpli, aslynda, men
tutuş älem hakynda oýlanýaryn diýmek. Onuň maňa
aýdan sözleri hiç ýadymdan çykanok: «Günleriň bir güni
saňa iň gowy yşky şygyrlary ýazan gündogarly diýerler.
Adyň bütin dünýä äşgär bolar».
Ýöne şu günler bar işim dymmak. Öz-özüme: «Hamuş» —
Dymma diýýärin. Men hernäçe dymaýaýyn, sözler meniň
garşylygyma bakman, synamy daraw-daraw edip,
bedenimden daşyna çogup çykýarlar. Şemsiň ilkibaşdan
isleýäni şol dälmidi? Menden şahyr döretmekdi! Ýöne şol
maksada ýetmek üçin onuň özümi taşlap gitjegi
oýumaküýüme gelmändir.
Ýaşaýyş diýilýän elmydama aýlanyp duran çarh. Hala
äpet uly möçberlerde bolsun, hala-da bir dirhem
agyrlygynda,
başymyzdan
geçiren
her
bir
kynçylygymyzyň, çeken her bir ejirimiziň ykbalymyzda öz
orny, öz berjaý edýän wezipesi bolýar. Göreşmek — adam
bolmak üçin zerurlyk. Hak Alla öz kitabynda: «Biziň
ugrumyzda jihat edenler bardyr-a, Biz olary hökman öz
ýollarymyza salarys» diýmeýärmi? Sen nebsiňden üstün
çykmak, hemmeleri deň we bir bitewi görmek, Ýaradan

üçin ýaradylany söýmek babatda kiçijik bir ädim ätseň,
hökman gaýtargysyny görersiň. Ylahy nyzamyň
bardygyna ynanýan bolsak, bir zady bilmelidiris, onda
tötänlige orun ýokdur. Şekerçiniň myhmansaraýynyň
ýakynynda biri-birimize gabat gelelimiz bäri, iki ýyl
geçdi. Gidişi tötänlik bolar ýaly, Şemsiň meniň ýanyma
gelşi hem tötänlik däldi.
«Seniň durmuşyňdan ýel ykdyran ýaly, çykyp gidiberere,
meni ýel sürekläp getirmedi» diýip, Şems aýdypdy.
Soňra bolsa bir hekaýaty gürrüň beripdi:
Bir zamanlar bir pir bar eken. Onuň keramaty diýseň
zormuş, ol Isa pygambere bagyş edilen nepesiň eýesi
eken. Bu sopynyň ýeke-täk şägirdi bolupdyr. Pir öz
gününden hoşal eken. Onda şägirdim, müridim köp
bolsun diýen isleg bolmandyr. Ýöne onuň ýeke-täk şägirdi
welin, başgaça pikirde eken. Ol öz halypasynyň
mertebesiniň we güýjüniň öňünde hemmeleriň aňk
bolmagyny isläpdir. Şonuň üçinem ýalbaryp-ýakaryp,
pirinden tarykat gurmagyny we örän köp mürit
edinmegini isläpdir.
— Bolýar — diýip, ahyry pir boýun bolupdyr.— Eger
beýle özelenýän bolsaň, hany, gurup göreli.

Şol gün olar bazara gidipdirler. Tekjeleriň birinde guş
şekilinde doňdurylan şeker satylyp duran eken. Pir demi
bilen üfläpdir welin, ýel öwsen ýaly bolupdyr-da şekerden
ýasalan guşlaryň hemmesine jan girip, ganatlanyp uçup
gidiberipdirler. Şäher halky aňk bolup, şobada piriň
daşyny gurşap alypdyr. Hemmeler oňa mürit bolmak üçin
nobata durupdyr. Wagtyň geçmegi bilen öte köp muşdak
ýygnanyp, köne şägirt halypasyny idili görüp hem
bilmändir.
— Tagsyr — diýip, şägirdi bir gün pirine ýüzlenipdir. —
Gaty köpelip gitdik. Töweregiňiz hümer boldy. Ozallar
ähli zat ugrunady. Bir alajyny ediň. Baryny yzyna
ugradyň, gaýrat ediň.
— Bolýar-da — diýipdir pir. — Eger beýle özelenip duran
bolsaň, hany, şeýdibem bir göreli.
Ertesi güni pir wagyz berip durka, artbujagyndan
seslendirip ýel çykarypdyr. Talyplary muny gaty geň
görüpdirler. Dessine-de ondan uzaklaşma bilen
bolupdyrlar. Onuň ýanynda diňe köne şägirdi galypdyr.
Halypasy şonda:
— Oglum, sen näme üçin beýlekiler bilen gitmediň? —
diýip ondan sorapdyr.

Müridi:
— Tagsyr, soňky ýel bilen gider ýaly, men ilki ýel bilen
gelenlerden däl ahyry — diýipdir. ***
Şems şu wagta çenli näme eden bolsa, meni
kämilleşdirmek üçin etdi. Adamlaryň düşünip bilmedik
zady-da, ynha, şu. Ol göre-bile myş-myşlaryň oduny
körükläp, kejirligine tutup, basmasyz perdä basdy.
Göräýmäge gulaga küpür söz bolup eşidilýän sözleri
ulandy; özüni eý görýän adamlaryň-da garaýşyny
bulaşdyrdy, lapyny keç etdi. Meniň akyl mantygy bilen
ýeten we hazyna saýýan bilim dürdänelerimiň baryny bir
gyra aýryp taşlarym ýaly, ol ähli kitaplarymy suwa
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Elif Şafak-Yşk - 23
  • Parts
  • Elif Şafak-Yşk - 01
    Total number of words is 3608
    Total number of unique words is 2185
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 02
    Total number of words is 3616
    Total number of unique words is 2228
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 03
    Total number of words is 3610
    Total number of unique words is 2211
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 04
    Total number of words is 3621
    Total number of unique words is 2271
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 05
    Total number of words is 3686
    Total number of unique words is 2230
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 06
    Total number of words is 3613
    Total number of unique words is 2257
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 07
    Total number of words is 3722
    Total number of unique words is 2226
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 08
    Total number of words is 3656
    Total number of unique words is 2262
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 09
    Total number of words is 3579
    Total number of unique words is 2310
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 10
    Total number of words is 3666
    Total number of unique words is 2164
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 11
    Total number of words is 3591
    Total number of unique words is 2225
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 12
    Total number of words is 3623
    Total number of unique words is 2233
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 13
    Total number of words is 3652
    Total number of unique words is 2154
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 14
    Total number of words is 3670
    Total number of unique words is 2111
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 15
    Total number of words is 3637
    Total number of unique words is 2160
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 16
    Total number of words is 3591
    Total number of unique words is 2182
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    54.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 17
    Total number of words is 3590
    Total number of unique words is 2167
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 18
    Total number of words is 3586
    Total number of unique words is 2219
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 19
    Total number of words is 3651
    Total number of unique words is 2179
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 20
    Total number of words is 3632
    Total number of unique words is 2034
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 21
    Total number of words is 3642
    Total number of unique words is 2121
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 22
    Total number of words is 3656
    Total number of unique words is 2209
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 23
    Total number of words is 3664
    Total number of unique words is 2120
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 24
    Total number of words is 3674
    Total number of unique words is 2117
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 25
    Total number of words is 3603
    Total number of unique words is 2124
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 26
    Total number of words is 3670
    Total number of unique words is 2220
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 27
    Total number of words is 483
    Total number of unique words is 391
    49.5 of words are in the 2000 most common words
    60.1 of words are in the 5000 most common words
    65.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.