Latin

Elif Şafak-Yşk - 07

Total number of words is 3722
Total number of unique words is 2226
30.7 of words are in the 2000 most common words
45.1 of words are in the 5000 most common words
52.6 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
şobada aşak ýatdy.
Baba Zaman maňa tarap ýüzüni öwrüp, gözlerimiň içine
garady. Nazarlarymyz çaknyşanda bir zada göz ýetirdim;
ol ilkibaşdan ýeke-täk göwünjeňiň özüm boljakdygymy
bilýän eken.
− Töwrizli Şems... – diýip pyşyrdady. Hamala, adymy
aýtmak oňa kyn düşen ýalydy. – Maksadyňa ýetmekde
tutanýerlidigiňi bilýärin. Ýüregiňi berk bire baglamagyň
bolsa, öwgä mynasyp, ýöne seni bu tekgehananyň agzasy
hasap edip bolmaz. Sen – myhman.
− Näme parhy bar, pirim? Bu näme üçin böwet bolmaly?
– diýip, men öz diýenime tutdum.
Pirimiz uzak dymdy. Soňra birden garaşylman durka,
aýak üstüne galdy-da, mejlisi jemledi.

− Häzirlikçe bu meseläni goýbolsun edýäris.
Howlukmaçlyk etmegiň hajaty ýok. Soňra ýene bir
maslahat ederis.
Dünýäm daraldy, öz ýanymdan nägile boldum. Bagdada
ruhdaşymy tapmak üçin gelendigimi gaty gowy bilýän
halyna, Baba Zaman näme üçin takdyrymyň tejelli
etmeginden meni mahrum etdikä? − Pirim, näme üçin
dessine ýola düşmeli däl-de, garaşmaly? Halysalla çynym,
aýdyň. Haýsy şäherdekä, kimkä ol alym? Aýdyň, häziriň
özünde ugraýyn. Ýöne mürşit özüne mahsus bolmadyk
çürt-kesik hem sowuklaç äheňde soňky sözini aýtdy:
− Çekeleşer ýaly zat ýok. Söhbet tamam boldy! ***
Bu ýyl soňy görünmeýän, agyr gyş boldy. Baglar doňup,
daşa döndi. Soňky üç aýda hiç kim bilen gürleşmedim.
Her gün pyntyk ýaran agaç görmek umydy bilen uzak
wagtlap garda ýöredim. Ýöne gyş ýowuzdy. Bahar hiç
haçan beýle kynlyk bilen gelmändi. Ýöne görenler meni
garamsal hasap etselerde, kalbymda hemişe umyt hem
şükranalyk bardy. Çünki başga bir kadany hiç ýadymdan
çykarmaýardym:
Sekizinji kada: Başyňa nä iş düşse-de, göwnüçökgünlige
berilme, ruhdan düşme. Ähli gapylar ýapylsa-da,
ahyrynda Ol saňa hiç kimiň bilmeýän gizlin ýodasyny
görkezer. Sen häzir görüp bilmeýän hem bolsaň, dar

geçelgeleriň aňyrsynda nijema jennet baglary bardyr.
Şükür et! Arzyly islegiňe gowşanyňdan soň, şükür etmek
aňsatdyr. Çyn sopy dilegi duş bolmadyk halatynda-da,
şükür etmegi başarýan adamdyr.
Ahyry bir gün irden görsem, garyň içinde gözüňi
gamaşdyryp barýan gyrmyzy reňk peýda bolupdyr.
Ýukajyk, edil şygyr ýaly nepis gardeşen güli... Kalbym
ylhamlanyp, şatlykdan pürepür boldy. Haýdaşlap
tekgehana tarap barýarkam, ýolda gyzyl saçly şägirde
gabat geldim. Keýpihonlyk bilen elimi galdyrdym.
Ýetginjek meni ençeme aýlap keýpsiz, ýüzi salyk halda
görmäge öwrenişen bolmaga çemeli, keýpiçaglygymy
görüp, aňkarylyp galdy.
− Ýylgyr-a, ogul! –– diýip seslendim. – Ýere ýyly giripdir,
ýaz gelýär, göreňokmy?
Şol günden soň, tebigat tiz özgerdi. Ahyrky garlar hem
eredi, agaçlar pyntyklady. Göçegçi guşlar topartopar
bolup gaýdyp gelseler, serçeler şahalarda hoşowaz
nagmalary bilen jürküldeşýärdiler. Ajaýyp hoşboý ys ähli
ýeri gaplap alypdy.
Onsoň säherleriň birinde ýene mis jaň kakyldy. Bu gezek
ilkinji bolup özüm bardym ol ýere. Ýene ählimiz piriň
töwereginde halka tutup oturdyk. Baba Zaman şol uzak
bolmadyk şäherde ýaşaýan alym barada gürrüň berip:

− Şu mejlisde onuň kalbynyň gapysyny açmaga meýilli
adam barmy? – diýip ýüzlendi. Pir ol ýere gideniň yza
gaýdyp gelmezliginiň ahmaldygyny-da aýdyp, sözleriniň
üstüni ýetirdi. Ýene, diňe men göwünjeň boldum.
− Diýmek, bu syýahata höwesek diňe Töwrizli Şemsdä.
Düşünýän. Emma belli bir karara gelmezden öň, güýze
çenli garaşmaly bolar.
Aňk bolup galdym. Üç aý gaýra süýşürenden soň, ýola
düşmäge doly taýýar hem bolsam, goja pir ýene alty aý
garaşmagymy isleýär. Ýüregim gursagymdan atylyp
çykdymyka öýdüpdirin. Tutanýerlilik bilen Baba
Zamanyň dodaklaryndan şol alymyň adyny eşitmäge
çalyşdym. Emma netije bolmady. Ýüzüme seredeýin hem
diýmän, turmak bilen boldy-da, gürrüňe nokat goýdy.
Ýöne bu gezek garaşmagyň has aňsat düşjegini bilýärdim.
Gyşdan ýaza çenli gaýrat etdim ahyry, ýazdan güýze çenli
hem garaşaryn, näme garaşman. Baba Zamanyň ýene
badymy gaýtarmagy ruhumyň ataşyny söndürmäge derek,
gaýta hasam alawlandyrdy.
Dokuzynjy kada: sabyr etmek –– ýöne durup garaşmak
däldir, öňdebaryjy garaýyşly bolmak diýmekdir. Sabyr
näme? Tikene seredip güli, gijä bakyp gündizi hyýalyňda
janlandyryp bilmekdir. Allaaşyk bolanlar sabry bägül
mürepbesi ýaly hezil edip sorar-da, özüne siňdirer.

Onsoňam olar asmandaky täze dogan Aýyň tegelenmegi
üçin, wagt gerekdigine düşünerler.
Ahyrsoňy güýz paslynyň säherleriniň birinde mis jaň
üçünji gezek kakyldy. Bu gezek ölüp-öçüp, ilden öň
barjak bolup durman, rahat hem özümden arkaýyn halda
şol ýere bardym. Sabryň soňunyň salamatlyk boljagyna,
işleriň ugrugyp gitjegine ynanýardym. Mürşidimiz
öňkülerden has tutuksy hem sust görünýärdi, göwresinde
sähelçe-de gurbat galmadyk ýalydy. Hemişeki
gürrüňinden soň, ýene diňe meniň elimi galdyranymy
görüp, ýüzünem sowmady, gürrüňinem üýtgetmedi. Oňa
derek parahat görnüşde başyny atdy.
− Ýagşy, Şems, görýän welin, ýola düşmeli adam sen
bolmaly. Muňa şübhe edere ýer galmady. Ertir daň atanda
tekgehanamyzdan ugrarsyň.
Baryp mürşidiň elini öpdüm. Ahyrynda gözleýän jan
ýoldaşyma duşjakdym, ömrümiň bir bölegini jemlejekdim
we ähtimal, bu dünýädäki ýaşaýşymyň ahyrky paslynyň
bir çetinden girjekdim.
Baba Zaman mähir hem alada doly gözleri bilen ogluny
jeňe ugradýan ata ýaly gussaly, ýöne şeýle bir guwançly
kaýyllyk bilen ýüzüme seretdi. Soňra jüpbesinden
möhürli bukjany çykardy-da, maňa berip, otagdan çykyp
gitdi. Derwüşler ýekän-ýekän onuň yzy bilen turup
gitdiler. Ol ýerde bir özüm galanymdan soň, bukjadaky

mum möhüri aýyrdym. Hatda ussat hatdat tarapyndan
ýazylan iki sany gymmatly maglumat –– gitmeli
şäherimiň hem sataşmaly adamymyň ady bardy.
Görnüşine görä, Konýa şäherine gidip, ady belent
Möwlana Jelaletdin Rumyny tapmalydym.
Bu ady öň hiç haçan eşitmändim. Meşhur adam bolmagy
ahmal, ýöne ol meniň üçin büs-bütin nätanyşdy. Onsoň
onuň adyny bogunlara bölüşdirip gördüm, harp-harp edip
ýüregime ýazdym: gudratly, wepaly, dim-dik duran,
özüne ynamly «R» harpy; mahmal ýaly ýumşaksy,
mylakatly we merhemetli «U» harpy; öndümli, işjeň hem
gorky-ürküsiz «M» we heniz matal bolup duran,
çözülmegine garaşýan sowal ýaly syrly «Y» harpy.
Bu ady tä «suw» ýaly, «çörek» ýaly, «süýt» ýa-da «bal»
ýaly, «Hak» ýa-da «Huw» kibi, dilim ram edýänçä, gaýtagaýta tekrarladym... Ella Boston, 2008-nji ýylyň 22-nji
maýy
Ella penşenbe güni irden bokurdagy gurap oýandy. Ol
özüni argyn duýýardy. Birnäçe gün bäri öwrenişmedik
depgininde gijäniň bir wagtyna çenli oturany üçin endamjany agyrýardy. Şeýle-de bolsa ertirlik naharyny öz
wagtynda taýýar etdi hem-de maşgalasy bilen bile saçak
başyna geçdi. Ekizler mekdepde iň gowy awtoulagyň
haýsy okuwçynyňkydygy barada öz aralarynda

jedelleşýän mahaly, olary çyny bilen diňlänboldy. Ýöne
küýi-köçesi başyny ýassyga goýup, hezil edip ýatmakdy.
Birden Orly bir sowaly orta oklady:
− Eje, Ewi, Janet gaýdyp öýümize geljek dälmiş diýýär,
şeýlemi?
Onuň aýdyşynda şübhe hem igenç duýulýardy.
− Elbetde, beýle däl. Janet bilen biraz ýaňkalaşdyk, bar
bolany şol. Beýle zat hemme maşgalada bolýandyr, geçer
gider. – diýip, Ella jogap berdi.
Bu gezek Ewi ýaňsydan hem kinaýadan doly gözler bilen
gürrüňe goşuldy:
− Dogrudanam Skota jaň edip, Janeti taşla diýdiňmi, eje?
Ella gözlerini tegeledi, soňra bolsa gözüniň gytagy bilen
adamsyna garady. Dewid gaşlaryny galdyryp, ellerini
gapdala açyp, çagalara muny özüniň aýtmandygyny
yşarat etdi.
− Oň ýaly zat ýok – diýip, Ella hemleli äheňde dillendi. –
Hawa, Skot bilen gürleşdim, ýöne oňa doganyňyzy taşla,
beýleki diýmedim. Bir aýdanym, durmuş gurmaga
gyssanmaly däl ekeniňiz – diýdim.
− Sen gaýgy etme, men asla durmuşa çykjak däl – diýip,
Orly gürrüňe ynamly goşuldy.

Ewi dişlerini erbet syrtartdy.
− Aý, goý-a, hamala, seni alaýyn diýip duran adam bar
ýaly!
Ekizleriniň özara degişmelerini diňleýän mahaly, Ella
dodaklaryna ýasama ýylgyryşyň gonandygyny duýdy.
Onuň öňüni alaýyn diýse-de başarmady. Ertirlikden soň,
çagalaryny okuwa ugradýarka, Dewid bilen gapyda aýak
üstünden bäş-üç agyz söz alşanynda-da, şol bolgusyz
ýylgyryş dodaklaryna möhürlenen ýaly, aýrylman geçdi.
Ýüz-gözi diňe hemmeler gidenden soň, ýeke özi aşhana
dolanyp baranda kadalaşdy. Ýylgyryş öz ornuny rahatlyga
berdi. Ol töweregini argynlyk bilen içgin synlady.
Aşhananyň ähli ýeri buýur-bulaşykdy. Ýary iýlen süýtli
heýgenege, içi zatly käselere, hapa basan tekjä seretdi.
Kölege bir gyrada sabyrsyzlyk bilen gezelenje
çykylmagyna garaşýardy. Emma iki bulgur kofedir
ullakan bada multiwitamin içeninden soň hem, Ella şeýle
bir mejalsyzdy welin, itini zordan howla çykarmaga
mejaly ýetdi.
Yzyna dolanyp gelende telekätibiň gyzyl çyrajygynyň
ýanyp-öçüp durandygyny gördi. Düwmäni basan badyna,
Janetiň ýumşak sesi otagy doldurdy:
− Eje, sen şo ýerdemi? Bä, ýok öýdýän, bolmasa,
telefonyň tutawyny alardyň (hykyrdy sesi). Bilýäňmi saňa

aşa gaharlanypdyryn? Ýöne indi köşeşdim. Seniň
beýtmäň hem, elbetde, nädogry, Skota jaň etmeli däl
ekeniň. Dogrusy, näme üçin şeýdeniňe düşünýän. Eje jan,
üstümde mydama kökenek gerip ýörmegiň hökman däl.
Enjamyň astynda saklanan ýeter-ýetmez bäbejik birçak
ulaldy, indi meniň üçin beýle janyňy ýakyp ýörme! Goý,
öz garyma daýanmagy öwreneýin, bolýarmy?
Ellanyň gözleri ýaşdan doldy. Janetiň dünýä inen
pursadyndaky keşbi ýadyna düşdi. Çym gyzylja,
kindiwanja ýüzi gasyn-gasyn, barmaklarynyň ujy näzijek
bäbejikdi. Öýkenleri heniz doly ösmändigi üçin ençeme
hepdeläp dem alyş enjamynyň astynda ýatmaly bolupdy.
Bu dünýä juda taýýarlyksyz gelipdi. Ella näçe gijeleri
ukusyz geçirdi. Wagtyndan öň dünýä inen bäbeginiň diri
galanyna göz ýetirmek üçin her gezek kislorody
çalşyrylanynda tutuş göwresi bilen galpyldap, günüňgününe, hepdeden-hepdä irikgä bolup geçipdi. Ynha,
Taňrydan iň soňky gezek şol döwür dileg edip görüpdi.
Ýazgy tamamlanyp barýarka, Janetiň sesi tolgunçly
çykdy:
− Eje jan, seni gowy görýän, ýadyňdan çykarma.
Ella ýylgyrdy. Ünsi dessine Aziz Zaharanyň ýazan hatyna
gönükdi. Diýmek, Gwatemaladaky Synan göwünleriň
agajy derde ýarap, Aziziň dileginiň bolmanda ýarysy

hasyl bolupdyr. Janet ejesine jaň edip, şu ses ýazgysyny
goýup, borjuny berjaý edipdir. Indi nobat Ellanyňkydy.
Ol gyzyna el telefonyndan jaň etdi. Janet uniwersitetiň
kitaphanasynda okap otyran eken.
− Mähribanym, ses ýazgyňy diňledim. Bolan işlere gaty
ökünýän. Meni bagyşla.
Janet çalaja haşlady.
− Indi gynanma, hemme zat gül ýaly.
− Ýok, beýle däl – diýip, Ella sözüni dowam etdi. – Men
saňa düşünmelidim. Durmuşyňa gödeklik bilen
goşulyşmaga hakym ýok eken.
Janet haýran galaýmaly paýhaslylyk bilen:
− Ýadymyzdan çykaraly, owarrasyna gitsin, bolýamy,
eje? – diýdi. – Munuň ýaly zatlar her bir maşgalada bolýar
ahyry.
Gürrüňi diňlänler bu ýerde Janet ejesi, Ella-da hötjet
gyzydyr öýtjekdi.
− Bolýar – diýip, Ella rahatlanyp dillendi.
Şol wagt Janet eşitjek jogabyndan gorkan ýaly, howsalaly,
keýpsiz, basyk ses bilen:

− Eje, şol gün telekätibe aýdan sözleriň bar-a, şo maňa
gaty täsir etdi. Şol diýenleriň dogrumy? Sen çyndanam
bagtsyzmy? – diýdi.
− Elbetde, beýle däl, şol gün gaty keýpim bolmady-da,
diýäýdim – diýip, Ella gaçgaklady. – Üç sany gül ýaly
çaga ösdürip ýetişdirdim, onsoň nädip bagtsyz
bolýamyşym?
Ýöne jogap Janeti doly kanagatlandyrmady:
− Diýjek bolýan zadym, kakam bilen ýaşaşyp, özüňi
bagtsyz hasap edýäň-dä? – diýdi.
Derekli ýalan söz tapmansoň, Ella gönüsinden gelmegi
ýüregine düwdi.
− Kakaň bilen uzak wagtdan bäri maşgala bolup
ýaşaşýarys. Şunça ýyldan soň, aşyk bolup ýörmek kyn.
Her bir çatynjanyň başynda bar zat bi.
− Düşünýän – diýip, Janet dillendi. Haýran galaýmaly
ýagdaý, Ella heniz uniwersitetde okaýan gyzynyň özüne,
hakykatdanam, düşünendigini duýdy.
Telefonyny öçürende uzak wagtlap etmedik, belki, hemişe
soňa goýýan bir işini etdi: özüniň aşyk bolmagyny isledi.
Yşk onuň gapysyny kakmaýan bolsa, onuň özi yşkyň
üstüne gider. Ýagşy, ýöne nädip? Ýüregi şeýle ýaraly,

özüne bolan ynamy şeýle ysgynsyzka, eýse, ärine ýene bir
ýola aşyk bolup bilermikä?
Onda başga biri näme? Näsazlara sazlaşyk, bimaksatlara
maksat, içi gysýanlara sähel tolgunmadyr lezzet
sunmakdan başga, bu ýabany dünýäde yşk nämä ýarasyn?
Ýagşy, onda yşkdan bireýýäm el üzenler ...
olar näme etmeli?
Gün ahyrlamanka, Azize hat ýazdy.
«Gadyrly Aziz,
Synan göwünleriň agajyna asan dilegiň üçin
taňryýalkasyn. Belki, seniň kömegiň bilendir, maşgala
meselämiz çözüldi. Uly gyzym bilen aram düzeldi.
Aýdýanyň dogry öýdýän. Men hemişe iki polýusyň
arasynda gatnap ýörün. Ýa-ha gaty sokjaragan bolýaryn,
ýa-da öte passiw. Ýa-ha eý görýän adamlarymyň
durmuşyna köp goşulyşýaryn, ýa-da bolup geçýän
wakalaryň tomaşaçysyna öwrülýärin.
Haka bil baglamak –– töwekgellik barada aýdypsyň. Bu
sözi ömrümde bir gezegem ulanyp görmändim. Bir zady
boýun alaýyn, seniň aýdyşyň ýaly kaýyllygyň rahatlygyny
hiç haçan başymdan geçirip görmedim. Onsuzam meniň
sopuçylykdan başym çykanok. Ýöne bir zady bilýän: Janet
ikimiziň aramyz meniň tagallam bilen däl-de, diňe
hötjetligimi hem sokjaryp ýörmämi taşlanymdan soň

düzeldi. Eger Haka bil baglamak diýýäniň şu bolsa, onda
derdimize ýarajak eken.
Menem seniň üçin ýagşy dileg edýärin, ýöne Taňrynyň
gapysyny kakmanyma şeýle bir köp wagt boldy welin,
maňa «baş üstüne» diýer öýdemok (wiý, seniň
romanyňdaky gödeňsi saraýman ýaly gürläýdim öýdýän).
Gaýgy etme, heniz ýüregim onuňky ýaly
«sirkeleşenok». Häzirlikçe elhal...
Bostondaky täze tanşyň Ella.
Hat Bagdatdan Kaýserä, 1243-nji ýylyň 29njy
sentýabry
«Bismillahirrahmanirrahim,
Hormatly Seýýit Burhanetdin gardaşym,
Hatyňyzy almak we hemişekiler ýaly, ömrüňizi Hakykat
ýoluna bagyşlandygyňyzy görmek maňa örän uly täsir
etdi. Emma şol bir wagtda iňkise gidendigimi-de boýun
alaýyn. Sebäbi Ruma jan ýoldaşy gözleýändigiňizi okan
badyma kim barada gürrüň edýäniňizi bildim.
Bilmeýän zadym, mundan beýläk näme etmelidigimdi.
Başdan düşündireýin, tekgämde galandar derwüşleriniň
biri bar. Ady Töwrizli Şems. Hatyňyzda bildirýän
talaplaryňyza harpma-harp laýyk gelýän adam.
Riýazatdan ylahyýete, fykyhdan kimýa çenli dürli

ugurlarda tanaýan iň sowatly hem-de iň zehinli adamym.
Emma Ylahy yşkdan başga islendik bir zada ähmiýet
berip, bulaşdyraýsak, ony ýykyp-ýumurmak isleýändigi
bilen, käte okap-ýazmakdan hem başy çykýan däl bolsa
gerek diýdirip, kelläňi bulam-bujar edýär. Şems bu
dünýädäki ahyrky wezipesiniň öz içindäki Gün bilen bir
münewweri
tanyşdyrmakdygyna,
şeýdibem
ony
röwşenlendirmekdigine ynanýar. Onuň gözleýäni
mürşidem däl, müridem. Alladan bir dilegi jan ýoldaşy,
bir ruhdaş.
Bir ýola ondan näme üçin has köp adama öz sesini
eşitdirmegi maksat edinmeýändigini soradym. Sowalyma
jogap edip, bu äleme adaty ynsanlar üçin däl-de, ýeke-täk
bir adam üçin gelendigini aýtdy. «Bu dünýä «kün» diýen
sözden bina boldy, ýagny bar bolmagymyzyň özeninde bir
söz durýar, men hem harplardan sözleri, sözlerden
hakykaty çykarjak söz ussady bolan bir adama kömege
geldim» diýdi.
Hatyňyzy alan badyma takdyrynda Rumy bilen duşuşmak
ýazylan adamyň Şemsdigine düşündim. Şonda-da
tekgehanadaky derwüşlerimiň ählisine deň mümkinçilik
döretmek üçin, hemmeleri bir ýere jemledim. Änigineşänigine çenli aýdyp oturman, ýagdaýy düşündirdim. Bu
syýahata çykmaga birnäçe kişi döwtalap bolsa-da, işiň
hupbatdan doludygyny eşidip goýbolsun etdiler. Diňe bir

adam öňki pikirinde galdy. Ol hem Şemsdi. Bu zatlaryň
ählisi geçen gyşda boldy. Baharda hem güýzde hemmeleri
ýekän-ýekän synadym. Ýene şol bir ýagdaý gaýtalandy.
«Näme üçin beýle kän garaşdyň?» diýmegiň mümkin.
Muňa diňe şeýle jogap berip bilerin: «Şemsi örän sulhum
aldy. Ony howply syýahata ugratmaga gorkdum».
Howpludygynyň sebäbi Şems oňşuksyz adamdy. Ilki bilen,
onuň öte buýsanjaň hem gönümeldigini belläýin. Belli bir
mekansyz durmuşda ýaşaýarka, oňşuk edipdir, emma
şäherde, oturymly adamlaryň arasynda beýle häsiýeti
bilen ody öz üstüne çekerinden heder edýärin. Nadanlar
oňa düşünmezler, okumyş adamlar bolsa, görüp
bilmezler, göriplik ederler. Ine, şonuň üçinem onuň
syýahatyny gijikdirmäge çalyşdym. Ýöne bar başaranym
onuň gitmeli pursadyny sähel yza süýşürmek boldy.
Şems ýola çykmazyndan bir gije öň, onuň bilen tut
agaçlarynyň arasynda gezelenç etdik. Ýüpek hem edil yşk
ýaly zat. Ol şeýle näzik hem nepis, galyberse-de, çak
edilişinden has güýçli hem çydamly, hatda otluklyda.
Şemse: «Seret, ýüpek gurçugy pileden çykan mahaly azap
edip ören ýüpegini ýyrtyp parçalaýar. Şol sebäplide,
ýüpekçiler ýüpekdir ýüpek gurçugynyň ikisinden birini
saýlap almaly bolýarlar. Olaryň ikisini-de birden gorap
saklap bilmeýärler. Şonuň üçinem köplenç ýüpegi halas
etjek bolup, ýüpek gurçugyny öldürmeli bolýarlar. Ýekeje
ýüpek elýaglygy üçin, ýüz sany ýüpek gurçugynyň jan

berýäninden habaryň barmy?» diýdim. Şemal assadan
biz tarapa öwüsdi. Şol pursat ýygryldym. Ýaşyň bir çene
baransoň, üşemäň aňsat bolýar, ýöne bu gezekki üşütmäm
howadan däldi. Onuň sebäbi şol pursat bir zada göz
ýetiripdim, bu Şemsi howlymda iň soňky gezek görşüm
boljakdy. Biz şu pany dünýäde gaýdyp, hiç haçan görşüp
biljek däldik. Olam şony duýan bolsa gerek, gözlerine
hasrat çaýyldy.
Daňyň düýbi çyzylanda, ol sagbollaşmaga geldi. Görsem,
uzyn gara saçlaryny syrdyrypdyr. Haýran galdym, ýöne
sebäbini soramadym, özi-de aýtmady. Diňe bir zat barada
dil ýardy:
− Bu wakada maňa düşýän paý ýüpek gurçugynyňka
meňzeşdir. Rumy ýüpekdir, bogun-bogun bolup saralar.
Ýüpegiň dowamatynyň hatyrasyna wagty gutaransoň,
ýüpek gurçugy ölmeli bolýar.
Ynha, şeýdip, ol Konýa tarap ýola düşdi. Alla ýary bolsun.
Duşuşmagynda tükeniksiz haýyrlar bolan bu iki janyň
başyny jemlemek bilen dogry iş edendigimize ynanýaryn.
Ýöne kalbymda bir ünji bar.
Tekgehanamyza aýak basan bu iňňän hyjuwly, herbap,
belki-de, iň däli derwüşi eýýämden küýseýärin.

Ahyrky netijede ählimiz Allaha amanatdyrys we Oňa
dönjegimize hiç hili şek-şübhe ýokdur. Köp dogaýy salam
bilen Baba Zaman».
Şägirt Bagdat, 1243-nji ýylyň 29-njy sentýabry
Menden sorasaňyz, tekgehanada derwüş bolmak aňsat.
Näme kyn zady bar? Ertir-agşam otur-da, pyşyr-pyşyr
edip doga oka, tesbih çek, zikir çek. Ol-a barypýatan çaga
oýunjagy ýaly zat! Esasy kynçylyk şägirt bolmakda!
Hemmeler derwüş bolmak agyr işdir diýýär, emma hiç
kim täze başlan biz görgülileriň nä günler görýändigi
barada dil ýaranok. Şu ýere gelelim bäri eşek ýaly
işleýärin. Kä günler şeýle bir ýadaýan welin, düşegime
geçenimde el-aýagym syrkyrap, wagty bilen uklap
bilemok. Ýöne bu zatlar hiç kimiň piňine-de däl! Teselli
berýänem, nebsi agyryp bakýanam ýok. Her näçe
işlesemem, hiç ýaranyp bilemok. Adymy bilýän bardyr
hem öýdemok.
Hamala, adym ýok ýaly, maňa «Gömük talyp» diýip
ýüzlenýärler.
Ýeňsämdenem:
«Käşirkelle,
ederinibilmez!» diýip pyşyrdaşýarlar.
Ýöne iň erbedi Aşçy atanyň golastynda bolup, aşhanada
işlemek! Şol adamyň gursagynda ýürek diýip göterip
ýöreni daş bolsa gerek. Dergähde aşpez bolmaga derek, ot
gorsap, gan döküp ýören mongol leşgerine serkerde bolsa

has gowy gelşerdi. Agzyndan süýji söz çykanyny ýekeje
gezek eşiden bolsam, ed-dil golumy goparar taşlaýaryn!
Men-ä şol ýylgyryp bilýändir hem öýdemok.
Bir gezek durup bilmän, gelen-giden myhmanlary
garşylap-ugradýan işikdardan:
− Şu tekgehana gelen şägirtleriň ählisi dabara hyrkasy
geýdirilmezden öň, men ýaly Aşçy atanyň ýowuz
synagyndan geçmeli bolýarmy? – diýip soradym.
Işikdar içýakgyç sypaýyçylyk bilen ýylgyryp:
− Hemmesi däl, ogul, gatap, şakyrdap duran ham ýalylar
şeýdilýär – diýdi.
Gatan ham ýaly şakyrdap duranlar-da, şeýlemi? Näme
üçin men beýleki şägirtlerden has köp kösenç
görmelimişim? Diýmek, nebsim olaryňkydan has uly, has
erbet-dä onda?
Her gün hemmelerden öň turýan; çeşmeden gowa bilen
suw daşaýan. Soňra ojakda ot ýakýaryn, ýüzgözüm
gurumdan ýaňa görer ýaly bolmaýan
ça çörek bişirýän, ertirlikde içilýän çorbany
taýýarlamagam ýene meniň boýnuma. Aňsat iş däl,
hemme zat elli adamlyk gazanlarda bişirilýär. Içine
girip, bäş adam dagy arkaýyn ýuwunyp biljek, şeýle äpet
olar. Soňundan gazanlary kim ýuwup, kim artmalydyr

öýdýärsiňiz? Elbetde, ýene özüm! Bu ýerde hapa
atýançam özüm, tämizleýjem, egin-eşik ýuwýançy hem.
Gün dogandan ýaşýança, Aşçy ata üstüme buýruk
baryny ýagdyrýar:
− Käşirkelle, daşaryny süpür! Tekjeler ýalpyldap dursun!
Basgançaklary arassala! Howluny tertiple! Git-de odun
aýyr! Agaç gaplary ýagla! Pitileri galaýyla! Mürepbe
gaýnat, ajyhuruş taýýarla! Hyýar, badamjan dogra,
üweme et, gök-sökleri tagama ýatyr, ýöne ägä bol,
duzuny kemter ýa zorly edäýmegin, laýyk bolsun, suwy
ýumurtga göterip biljek derejede bolsa bolýa.
Diýen zatlaryny aýdyşy ýaly etmesem, Aşçy ata jynlan
ýaly bolup, gap-çanak bolsun, aý, garaz, eline näme ilse,
alyp meniň depämden indirýär. Ýeri, onsoň, işiň
bolmasa, baryny başdan başla-da, arassalada otur.
Bu zatlary az görýän ýaly, her bir işedenimde kemini
goýman doga baryny okamagymy buýurýar. Aşçy atanyň
maňa arkaýyn gözegçilik etmegi üçin dogany belent
sesde okaýaryn. Birje sözi taşlap geçjek bolaýsam dagy,
işimiň gaýtdygy, janymy alyp gelýär. Ynha, ýagdaýym-a
şeýle, Taňry gün berse, bir ýandan dogalary ýat tutýaryn,
bir tarapdanam eşek ýaly işleýän.
Aşhananyň işine döz gelip, ondan üstün çykyp bilsem, bu
ýolda tiz kämilleşjekmişim! Aşçy ata şeý diýýär.
«Aşagynda ot ýanmasa, heý, gazan gaýnar öýdýäňmi?

Nohut bişermi? Senem edil şolar ýalysyň, oduň içinde ah,
wah diýersiň, gaýnaý-gaýnaý, elbetde, bişersiň!» Seredä tapýan gürrüňine! Men nä nohutmydyryn?! Bir ýola
durup bilmedim: «Onyň-a ýagşy-la welin, onsoň bu ot
içindäki synawyňyz haçana çenli dowam eder?» diýdim.
«Ýene müň gije bilen müň gündiz− diýen bolýar-a,
birehim. Soňam akyllysyrap: − Ertekilerdäki Şährizada
her gije täze bir erteki toslap tapan bolsa, senem şonuň
ýaly döz gelip bilersiň-ä».
Bu adamyň kellesi üýtgäpdir! Meniň şu perişan ýagdaýym
bilen şol lakgy Şährizadanyň arasynda nähili meňzeşlik
bolup bilsin?! Hanym jenaplaryň bar eden işi mahmal
ýassyklara, atlas ýorganlara ýassanyp, aýagyny aýagynyň
üstüne atmak we bir eli bilen zalym hökümdara hurma,
injir, üzüm iýdirip, bir ýandan täsin wakalary toslap
tapmak! Munuň nämesi kynmyş, hä? Gelsin-de, meniň
çekýän mähnetlerimiň ýaryna çydajak bolup görsün, müň
bir gije-hä beýlede dursun, birje hepde mydar edip bilsede zor boldugy!
Synawyň
tamamlanmagyna
heniz
wagt
köp.
Hasaplaýanyň bardygyny-ýokdugyn-a bilemok welin,
özüm-ä diwara her gün bir kertijek edýän: alty ýüz ýigrimi
dördünji säher!

Bu tekgehanada ilkinji kyrk günümi kiçijik, pessejik hem
garaňky hüjrede − çilehanada geçirdim. Ne aýagyňy
uzyn salyp bolýar, ne-de dik durup. Ne sagyňa öwrülip
bolýar, ne-de soluňa. Hemişe çöküňe düşüp, ykjam
oturmaly. Berkden-berk tabşyryp: birdenkä,
garaňkylykdan gorksaň, açlykdan aşgazanyň agyrsa ýada Alla gorasyn, pynhan düýşler görüp, şeýtan gyzylçyzyl küýsedýän damaryňa küşgeleň beräýse, dessine
petikdäki jaňy kak-da, ruhy goldaw talap et! − diýdiler.
Şol hüjrede kyrk gün boldum. Bir gezegem jaň
kakmadym. Serime erbet pikirleriň gelmäni üçin däl. Alla
bilýändir, onda-da süri-süri bolup geldi, ýöne şol darajyk
ýerde gysylan, külembikäňi hem gymyldadyp bilmeýän
halyňa, biraz erbet pikir geleni bilen kime zelel ýeter
öýdýäň?
Çilehanadan dynanymdan soň, Sertarik geldi-de: «Eti
seniňki, süňňi biziňki» diýip, meni Aşçy ata tabşyrdy.
Aşhanada çekilen ejir, görlen görgüler iň beteri bolsa
gerek. Şonda-da her näçe gahar etsem hem, tä Şems-i
Töwrizi gelýänçä, aşpeziň bellän düzgünini
bozmadym. Onuň gelen gijesi aşhanadan assyrynlyk
bilen gaçdyň diýip, Aşçy ata taýak bilen erbet edip
gomuma dartdy. Arkamda çylgym-çylgym taýak
yzlary galdy. Soňra aýakgaplarymy aldy-da, uçlaryny
daşaryk tarap edip, gapynyň öňünde goýdy.

Şeýlelikde, tekgehananyň edebine
hoşlaşmaly wagtyň geldi» diýdigidi.
görä: «Ogul,
− Eger ýüregiňi bire baglamadyk bolsaň, özüňi-de
biderek horlap ýörme, meni-de –– diýip, Aşçy ata ters
gürrüňe tutdy. – Çeşme eşege gelýän däldir, suwsan
eşegiň özi çeşmä gidýändir, ýadyňdan çykarma.
Ganagana içmek isleýän üçin tasawwuf hem umman
suwudyr!
Onuň aýdyşyna görä, menem, elbetde, eşekdim.
Dogrusyny aýdanyňda, Şems-i Töwrizi bolmanynda,
bärden bireýýäm giderdim. Bu gezende derwüş meni
şeýle bir haýran galdyrdy welin, diňe şoňa bolan
bilesigelijiligim sebäpli tekgehanada labyr taşladym.
Mundan öň beýle abdal görmändim. Hiç kimden gorkusyürküsi ýok, hiç kime-de boýun egmeýärdi. Oňa Aşçy ata
hem hormat goýýardy. «Meniň mundan beýläk nusga
almaly adamym Şems bolar» diýip, öz ýanymdan
ýüregime düwdüm. Özüneçekijiligi, ötgür dili,
erkanalygy, pitneçi ýasawy bilen meniň halypam ýaşuly,
duýgusyny ýitiren garry pir hezretlerimize derek şol
bolmalydy.
Hawa, Şems-i Töwrizi meniň gahrymanym. Ony
görenimden, öz-özüme şeýle diýdim: «Näme üçin misgin
derwüş bolmalymyşym. Eger onuň ýanynda hümmet

alýançam galsam, menem Şems ýaly, batyrgaý,
boýunegmezek bolaryn». Şeý diýdim-de, güýzde Şemsiň
başbütin gidýändigini eşidip, şonuň bilen Konýa gitmegi
ýüregime düwdüm. ***
Gelen kararymy Baba Zamana aýtmalydym. Onuň ýanyna
otagynda şemiň yşygyna hat ýazyp otyrka bardym. Meni
görenine begenýäne meňzeş däldi. Ýanyna barmagym
ony kejikdirýän ýaly, ýüzüme argyn seretdi:
− Näme islegiň bar, Gyzyl şägirt? – diýip sorady.
Gepi uzaldyp
başladym:
durman,
ýagdaýymy
düşündirmäge
− Şems-i Töwriziniň gidip barýanyndan habarym bar.
Menem şonuň bilen gidäýsem diýýän. Ýolda kömek gerek
bolmagy ahmal.
Baba Zaman meni ünsli synlady.
− Şemse kömek etmek üçin onuň bilen gitmek isleýäňmi
ýa-da özüňe ynanylan işlerden gaçmak niýetiň barmy?
Heniz synaw tamamlananok. Sen entek mürit
hasaplanaňok.
− Şems ýaly adama ýoldaş bolmak hem synawyň bir
görnüşi dälmidir? – diýip soradym. Hetdimden
geçýändigimi bilýärdim. Ýöne piri yrmak üçin, kellämi
etegime salmaly boldum.

Şeýh başyny egdi, oýa batdy. Ol dyman mahaly menem
duran ýerimde dikilgazyk boldum. Häzir maňa iňirdär,
Aşçy atany çagyryp, maňa çäre görmegi tabşyrar öýtdüm.
Erbet gorkdum. Ýöne ol beýtmedi. Baba Zaman manyly
nazary bilen maňa seretdi-de, başyny egdi.
− Ençeme wagt bäri seni synap gelýärdik. Dogrusy,
agajyň miwesi özünden soň emele gelýänem bolsa, aslyna
seretseň, miwe ilkinjidir. Kişiniň nähili derwüş boljagy
heniz şägirtkä belli bolýar. Bu ýollar seniň ýörejek ýoluň
däl, ogul. Her ýyl tekgehanamyza gelýän ýedi ýetginjegiň
diňe biri tarykatymyzda galmagy başarýar. Meniň
pikirimçe, derwüş bolmagyň üçin seniň maýaň laýyk däl.
Kysmatyňy başga ýerden gözleseň, has haýyrly bolar.
Näme diýjegimi bilmedim, ýuwdundym.
Baba Zaman sesini gataldyp, sözüni tamamlady:
− Töwrizli Şemse ýoldaş bolmak barada aýdanymyzda,
ony menden däl-de, özünde sora.
Şeýdip, çürt-kesik edenden soň, pir gapyny yşarat
edip, hatyna güýmenmäge oturdy. Şeýlelikde,
tekgehanadan kowuldygym boldy.
Gynanýardym, buýsanjymy elden aldyrypdym. Ýöne,
dogrusyny aýtsam, janym rahatlyk tapypdy. Indi men guş
ýaly erkanadym.

Şems Bagdat, 1234-nji ýylyň 30-njy sentýabry
Şu gün säher daňyň düýbi çyzylandan, Baba Zaman bilen
razylaşyp
ýola
çykdym.
Atyma
atlandym-da,
aýagaldygyna sürdüm. Depä ýetenimde aýak çekip,
uzakdan ahyrky gezek tekgehana seretdim. Tut
agaçlaryna bürenip oturan kerpiçden salnan bina gyrymsy
agaçlaryň arasynda bukanjak ýerde mesgen tutan guş
höwürtgesini ýadyňa salýardy. Baba Zamanyň boldumly
keşbi aňymda ýyldyrym kibi ýalp edip gitdi. Onuň meni
gaýgy edýänini bilsemem, beýder ýaly sebäp
görmeýärdim. Meniň bilşimçe, Yşka tarap aýagaldygyna
ýüwrenlere däl-de, ondan uzaklaşanlara gaýgylanmak
lazymdy.
Onunjy
kada:
Gündogaramy
ýa
günbatara,
demirgazygamy ýa-da günorta – haýsy tarapa gitseňem,
her bir ugran ugruňy öz içki dünýäňe syýahat bil! Öz içine
syýahat eden adam ahyrynda zemine aýlanyp çykar.
Özüme Konýada nämeleriň garaşýanyny bilemokdym.
Ýöne şäherde maňa nähili ýazgyt garaşýan bolsa, ony ähli
gaýgy-hasraty bilen birlikde kabul etmäge taýýardym.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Elif Şafak-Yşk - 08
  • Parts
  • Elif Şafak-Yşk - 01
    Total number of words is 3608
    Total number of unique words is 2185
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 02
    Total number of words is 3616
    Total number of unique words is 2228
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 03
    Total number of words is 3610
    Total number of unique words is 2211
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 04
    Total number of words is 3621
    Total number of unique words is 2271
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 05
    Total number of words is 3686
    Total number of unique words is 2230
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 06
    Total number of words is 3613
    Total number of unique words is 2257
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 07
    Total number of words is 3722
    Total number of unique words is 2226
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 08
    Total number of words is 3656
    Total number of unique words is 2262
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 09
    Total number of words is 3579
    Total number of unique words is 2310
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 10
    Total number of words is 3666
    Total number of unique words is 2164
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 11
    Total number of words is 3591
    Total number of unique words is 2225
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 12
    Total number of words is 3623
    Total number of unique words is 2233
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 13
    Total number of words is 3652
    Total number of unique words is 2154
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 14
    Total number of words is 3670
    Total number of unique words is 2111
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 15
    Total number of words is 3637
    Total number of unique words is 2160
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 16
    Total number of words is 3591
    Total number of unique words is 2182
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    54.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 17
    Total number of words is 3590
    Total number of unique words is 2167
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 18
    Total number of words is 3586
    Total number of unique words is 2219
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 19
    Total number of words is 3651
    Total number of unique words is 2179
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 20
    Total number of words is 3632
    Total number of unique words is 2034
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 21
    Total number of words is 3642
    Total number of unique words is 2121
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 22
    Total number of words is 3656
    Total number of unique words is 2209
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 23
    Total number of words is 3664
    Total number of unique words is 2120
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 24
    Total number of words is 3674
    Total number of unique words is 2117
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 25
    Total number of words is 3603
    Total number of unique words is 2124
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 26
    Total number of words is 3670
    Total number of unique words is 2220
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 27
    Total number of words is 483
    Total number of unique words is 391
    49.5 of words are in the 2000 most common words
    60.1 of words are in the 5000 most common words
    65.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.