Latin

Elif Şafak-Yşk - 05

Total number of words is 3686
Total number of unique words is 2230
32.6 of words are in the 2000 most common words
46.2 of words are in the 5000 most common words
53.9 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Otagdaky adamlar yz-yza ha-ha-haýlaşyp gülşüp, içi boş
gülküleri bilen, kaza ýaranmak üçin ýaryşa girdiler.
Dünýäm daraldy. Kazy bilen abdaly bir ýerde oturtmagyň
gowy pikir däldigi görnüp durdy.
― Ýalňyş düşündirdim öýdýän. Adam dünýä inen öýünde
galsa, Haky tapyp bilmez diýmändim. Elbetde, ol
mümkindir ― diýip, Şems dillendi. ― Obasyndan çykyp
görmedigem bolsa, dünýäden habarly adamlar öňem
bolupdyr, ýene-de bolar.
― Menem şony diýýän ― diýip, kazy jenaplary aýdylany
tassyklap, ýeňen adamyň äheňinde gülümsiredi. Emma
onuň ýylgyryşy derwüşiň yzysüre suňşuran sözleri
gulagyna ilen badyna ýitirim boldy.
― Ýöne men başga bir zat diýmekçi boldum ― diýip,
Şems dowam etdi. ― Eger bir adam pul, mertebe hem atdereje ugrunda ýortýan bolsa, nepis ýüpek-parçalar geýip,
hünjüdir merjen, atlas donlar içinde ýaşaýan bolsa, ýagny,
kazy hezretleri, siziň ýaly edýän bolsa, Allany tapmag-a
beýlede dursun, golaýyna-da barmaz!
Otagdakylar aňk bolup galdy. Hemmeleriň ýüzi erbet
üýtgedi. Hiç kimden ýeke söz çykmady. Kazylarbaşynyň
ýalynjaňlarynyň demini almaga gaýraty çatman, biribiriniň ýüzüne seredişdiler. Olaryň käbiri bolsa, gylyjyna
ýapyşdy.

― Görýän welin, diliň bir derwüşe gereginden öte uzyn
ýaly-la ― diýip, kazy jenaplary käýinjiredi.
― Eger aýtmagym hökmany zat bar bolsa, tutuş dünýä
birleşip ýakamdan ýapyşýan bolsa-da aýdaryn ― diýip,
Töwrizli Şems jogap berdi.
Baş kazy gaşlaryny çytsa-da, derwüşiň aýdanlaryna
känbir pisint edip oturmaýanyny görkezmek üçin
eginlerini silkişdirip üns bermedik boldy:
― Bolýa-la, kän eşitdik beýle boş gürrüňleri ― diýdi. ―
Sen tüýs gözleýän adamymyz öýdýän. Bizem şäherimiziň
görkanalygy barada gürrüň edip otyrdyk. Kim bilýär, sen
her dürli ýerleri görensiň. Gezen ýerleriňde Bagdatdan
gözel ýer gördüňmi, hany, bize şondan gürrüň berip otur?
Şems mylaýym garaýyş bilen birin-birin hemmeleri
gözden geçirdi:
― Bagdadyň dillere dessan şäherdigi ikuçsuzdyr. Ýöne
bu dünýäde hiç bir gözellik müdimi däldir. Şäherler ruhy
sütünleriň üstünde durýandyr. Şäherler äpet aýna ýaly bir
zat bolup, onda öz ýaşaýjylarynyň ýürekleri şöhlelenýär.
Eger şol ýürekleriň öňi örtülse ýa-da olar garalsa, şäherler
hem öz gözelligini ýitirer. Şeýdip, gör, nijeme şäherler
solandyr, niçesi bolsa indi solar. Özümden biygtyýar
ýüzümi aşak saldym. Şems-i Töwrizi maňa tarap öwrüldi.
Ol boýlan pikirlerinden az wagtlyk bolsa-da, uzaklaşan

ýaly görünýärdi; gözlerinde dostana bir ýalpyldy bardy.
Telbe garaýyşlary ýüzüme düşende Güne ýüzümi sürten
ýaly boldum, içim ot alyp lowlady. Ana, şonda bu adamyň
ismi bilen jisminiň bir bitewüdigine göz ýetirdim. Ol
adynyň ―Gün‖ diýmegi aňladyşy ýaly, özi-de güýç hem
ýaşaýyş ýaýýardy, edil ot-ýalyndan düýrlenen ýumak
ýaly, öz-özünden alawlap ýanýardy. Şems hakyky Gündi.
Kazy jenaplary baradaky gürrüňe gelsek, ol başgaça pikir
edýärdi.
― Siz sopular onsuzam pelsepeçilerdir şahyrlar ýaly, bar
zady garjaşdyrýaňyz. Barypýatan gep nokatlama! Munça
sözüň nä hajaty bar? Şeýle bir gepler tapýaňyz welin,
adamlaryň kellesi bulam-bujar bolýar. Emma halk diýeniň
ýönekeý zatlara mätäç ýalta jandardyr.
Öňbaşçylaryň wezipesi halkyň ýalňyş zatlara isleg
bildirmeginiň öňüni alyp, ýoldan çykmagyna päsgel
bermekdir. Munuň üçin esasy etmeli zat şerigata harpmaharp uýmakdyr. Ony nähili etmelidigini bolsa, biz
bilýäris.
― Şerigat ýanyp duran şem ýalydyr ― diýip, Şems
dillendi. ― Ol şuglasy bilen töweregi ýagtyldýar. Ýöne
bir zady-da ýatdan çykarmaly däldir, şem garaňkylykda
ýörän mahalyň öňüňi görmäge kömek edýändir.
Şerigatdan soňra tarykat gelýär. Tarykatdan soň magryfat.
Magryfatdan soň bolsa, hakykat! Eger esasy ugur

unudylyp, adam şerigaty serişde däl-de, maksat edinse, ol
şemiň näme peýdasy bolsun?
Ýüregime gorky aralaşdy. Şerigatyň açaryny öz elinde
saklaýandygyna ynanýan, hondanbäri adama şerigatdan
aňryk geçmelidigi barada bir zat diýmek howply
suwlarda ýüzmekden enaýy däldi. Şems muny
bilmeýärmidikä?
Derwüşi otagdan çykartmak üçin degerli bahana gözläp
ugranymda Şems sözüni dowam etdi:
― Diýjek bolýan zadymy has gowy düşündirýän bir
kadany ýatladyp bilerin.
― O nämäniň kadasy? ― diýip, kazy şübheli sorady.
Şems-i Töwrizi dikeldi-de, göze görünmeýän kitapdan
risala okaýan ýaly, labyzly ses bilen düşündirip başlady:
― Pygamber Serwerimiz Gurhany ýedi mertebede okap
boljagyny aýdypdyr. Biz bu ýedini dörtde jemledik.
Üçünji kada: ―Gurhany dört derejede okamak bolar.
Ilkinji dereje onuň ýüzleýin, zahyry manysydyr. Ikinjisi
batyny, içki manysy. Üçünji batynynyň batyny, ýagny içki
manysynyň hem aňyrsyndaky manydyr. Dördünji dereje
şeýle bir çuňdur welin, şol manyny bermäge sözleriň güýji
ýetmez‖.
Şems gözleriniň jadyly ýalpyldysy bilen sözüni dowam
etdi:

― Şindi diňe şerigata garaýanlar we ondan aňyrsyny
görmeýänler ýüzleýin manyny bilýändirler. Sopular
taýpasy bolsa, batyny, içki manyny bilýärler. Öwliýä,
ýagny weliler batynynyň batynysyny biler. Dördünji
derejäni diňe Allanyň söýen dostlary we pygamberler
bilýändirler.
― Ýagny sen häzir adaty bir mutasawwuf Gurhanyň
hökümlerini men ýaly şerigat alymyndan has gowy
bilýändir diýmekçi bolýaň-da, şeýlemi?
Derwüşiň dodaklarynda çalaja ýylgyryş peýda bolsada,
hiç zat diýmedi.
― Diýmekçi bolýanym, näme gürleýäniňe üns ber ―
diýip, baş kazy dillendi. ― Öte geçýäň. Tasdanam günä
gazanypdyň. Duýdurmady diýme!
Baş kazynyň bu sözi örän haýbatly çyksa-da, Şems muny
bilmeýän ýaly, sözüni arkaýynlyk bilen dowam etdi.
― Özgeleri beýle tiz hem çürt-kesik aýyplamak bolmaz.
Alla Gurhanda ýanyma gul haky bilen gelmäň diýýär, ýa
ýadyňyzdan çykardyňyzmy? Onsoňam inkär etmäge ýada günä diýen düşünjä nähili garaýaňyz? Ana, şol
düşünjeleriňizi seljermek gerek ― diýip, Şems aýtdy. ―
Rugsat etseňiz, bir hekaýat aýdyp bermekçi.
Onsoň ol bize şu hekaýaty gürrüň berdi:

― Hezreti Musa bir gün ýeke özi dagda gezip ýörkä,
uzakdan garyp hem ýalňyz bir çopana gözi düşýär. Çopan
çöküne düşüp oturyşyna, ellerini asmana uzadyp dogadileg edýär eken. Bu ýagdaý Musany juda begendiripdir,
ýöne ýakynyna baryp çopanyň dogasyny eşiden mahaly ol
özüni ýitiripdir.
–– Gurbanyň boldugym Allahym, seni nähili gowy
görýänimi bir bilsediň. Agzyň gymyldasa bolýar, Sen
näme diýseň, şonam ederin. Sürimdäki iň semiz goýnumy
kes diýseň, gözümi gyrpman, Seniň üçin keserin. Goýnuň
gowurdagy gowy zatdyr, Allajan, guýruk ýagyny alyp
palawyňa goşsaň, süýjüliginden ýaňa iýip doýup
bilmersiňiz.
Musa dogany diňläp, çopana hasam ýakynlaşypdyr.
–– Buýursaň bes, ýuw diýseň, aýaklaryňy ýuwaryn.
Gulaklaryňy arassalaryn, bitleriňi çöpläp bererin. Men
Seni şeýle ýürekden söýýän, Alla-jan. Men Saňa ýürekden
aşykdyryn!
Eşiden zatlaryndan ýaňa Musanyň myrryhy atlanypdyr.
Uly goh edip, çopanyň dogasyny bölüpdir:
–– Sem bol, seniň bir nadan adam! Näme edýäniňi
bilýäňmi? Heý-de, Alla palaw iýermi? Ýuwar ýaly
Allanyň aýagy barmydyr? Heý-de, beýle doga edilermi?!
Gaty agyr günä iş edýäň. Derhal toba et!
Çopan

Musadan beýle sözleri eşidip, gulagyna çenli çym gyzyl
bolupdyr. Utanjyndan ýer ýarylsa girjekmiş. Ötünç
üstüne ötünç sorapdyr, gaýdyp öz kellesine gelşine görä
doga-dileg etmejegine äht edipdir. Şol gün Musa agşama
çenli çopanyň ýanynda bolup, oňa nähili doga
etmelidigini öwredipdir, ýat tutdurypdyr. Soň hem ―Alla
menden razy bolar, ýagşy iş etdim‖ diýip oýlanyp, ýoluny
dowam edipdir. Ýöne şol gije bir ses eşidipdir. Ol ses
Haktagalanyň sesi eken.
―Eý, Musa, seniň şu günki eden işiň näme? Sen
aýyrmaga geldiňmi ýa duşurmaga? Şol töwra çopana
igendiň. Onuň Maňa nähili ýakyndygyna göz ýetirip
bilmediň. Agzyndan çykýan sözüň nämedigini
bilmeýänem bolsa, ol çopanyň ynanjy päkdi, kalby
tämizdi, niýeti ýürekdendi. Biz söze seretmeýäris, niýete
bakýarys. Söze bakjak bolsak, ýer ýüzünde adam ogly
galmazdy! Biz çopandan razydyk. Başgalar üçin öwgi
saýylýan söz seniň üçin käýinçdir. Onuň üçin bal bolan
seniň üçin zäherdir. Sen eşidenleriňi inkär hem küpür
gep saýdyň, ýöne bilseň, ýazygy bar hem bolsa,onuň
hatasy süýji ýazykdy‖.
Musa ýalňyşyna düşünipdir. Ertesi Gün dogupdogmanka,
çopany görmek üçin ýene daglara tarap ýola düşüpdir.
Çopan ýene doga okap duranmyşyn. Emma düýnki
yhlasyndan, päkliginden nyşan ýokmuş indi. Öwredilişi

ýaly doga-dileg etjek bolup, birden bir ýalňyş
goýberäýmäýin diýip, säginipsakawlap, derläp berbaşagaý bolup dur eken. Musa eden işine ökünip, çopanyň
arkasyny sypalap, şeýle diýipdir:
― Eý, dost, men ýalňyşypdyryn, ýalbarýan, bagyşla. Öz
bilşiň ýaly doga-dileg ediber. Allanyň nazaryna has
gymmatly doga şodur.
Çopan Musadan bu sözleri eşidip haýran galypdyr. Ýöne
haýran galyşy ýaly-da, göwni ynjalyk tapypdyr. Emma ol
indi has belent derejä göterileni üçin öňki bigünä
etmişine, süýji ýazygyna gaýdyp dolanyp barmandyr,
Musanyň öwredip ýat tutduranlary bilende oňmandyr,
bularyň barynyň aňyrsyna geçipdir. Haka ýakyn,
bagtyýar, mübärek durmuşda ýaşapdyr.
― Ynha, şonuň üçin biriniň agzyndan bal bolup dökülen
söz başga biriniň gulagyna zäher bolup guýlup biler ―
diýip Şems aýtdy. ― Ýöne Alla söze däl-de, niýete
bakýandyr. Edepli kişiler başgaça bolýar. Janyndan geçen
aşyklaryň şerigaty ähli dinlerden başgadyr. Biz mez hep,
din ýa-da dil aýrytçylygyny bilmeýäris. Tutuş adamzady
bir bilip, ählisini-de deň tutýarys. Başga biriniň agzyndan
çykan söze ―günä‖ diýmeýäris. Sebäbi kalplary Alla
bilýändir, biz bilmeris. Şonuň üçin hem dymýarys, hiç
kimi döşünden itip ynjytmaýarys. Biziň ýeke-täk
mezhebimiz bar. O-da Allahdyr.

Şems dymansoň, gözümiň gytagy bilen kazy hezretlerine
seretdim. Keşbine üýtgewsiz göwnüýetijilik we
ynamlylyk çaýylan-da bolsa, onuň birneme dünýesiniň
daralandygy görnüp durdy. Emma örän içimtap bolany
üçin bir zady-da aňypdy: eger Şemsiň gürrüň beren
hekaýatyna oňlamaýanyny aňladýan gaýtargy beräýse,
ýene bir ädim ädip, öz hetdini bilmeýändigi üçin ony
jezalandyrmaly
boljakdy.
Emma
şeýtse,
işler
çynlakaýlaşyp, adaty bir derwüşiň äpet baş kazy bilen
dikleşip bilendigi baradaky habar Bagdatda dilden-dile
geçip ýaýrajakdy.
Beýle ýagdaýda iň gowusy alada galara zat ýok ýaly
hereket edip, meselä şu ýerde nokat goýmakdy. Ol şeýlede etdi.
Daşarda Gün ýaşyp barýardy, asman gyzyl hem narynç
reňke boýalyp başlapdy. Arasynda gabat gelen goýy
bulutlar her hili şekile girip, reňkleriň täsin bir
sazlaşygyny emele getirýärdi. Birazdan kazy jenaplary
gozganjyrap, ýerinden turdy-da möhüm bir meselä
seretmelidigini aýdyp gitmek bilen boldy. Maňa ýeňiljek
salam berip, Töwrizli Şemse buz ýaly nazaryny
gönükdireninden soň, ol ýola düşdi. Ýanyndakylar biribirini itekleşip, howsala bilen haýdaşlap, onuň yzyna
düşdüler.
Hemmeler gidenden soň, derwüş bilen ikiçäk galdyk.

― Gynansagam, baş kazy seni halamady öýdýän ―
diýdim.
Şems-i Töwrizi gözüne düşüp duran alyn saçlaryny
gapdala darady-da, ýylgyrdy:
― Gaharlansa gaharlanybersin, meň-ä oňa gaharym
gelenok. Onsoňam kazylar öňem meni halap baranoklar.
Tolgunmadym diýsem ýalan sözledigim bolar. Sebäbi bu
tekgehana şeýle boýunegmezek, özdiýenli, edýän işine
ynamly, Haka boýun we köňli rahat myhmanyň kyrk
ýylda bir ýola düşleýänini biler derejede uzak wagtlap
ýolbaşçylyk edýärdim.
― Hany, gürrüň ber ― diýdim. ― Nähili bolup ýoluň
Bagdada düşdi? Bu ýerden näme agtarýaň?
Bir göwnüm gürrüň bersin diýip, tolgunma bilen garaşýan
bolsa, beýleki bir göwnüm onuň gürrüň bermezligini
isleýärdi. Näme üçindir ondan eşidesim gelip ölüp barýan
jogabym şol bir wagtda ýüregime howsala salýardy. Ella
Boston, 2008-nji ýylyň 20-nji maýy
Ella kellesini aşhananyň stoluna goýup, sahypalary açyk
galan kitabyň ýanynda agzy açyk ýagdaýda uklap
galypdy. Düýş gördi. Düýşünde ýoluň ýakasynda
ýerleşýän bir kerwensaraýda durmuş. Içeri daýawdaýaw
esgerlerden, näz-kereşmeli tansçy gyzlardan, syrly

derwüşlerden hyň berýärdi. Öňlerindäki tabaklarda öýde
bişirilen dürli-dümen köke bardy.
Birden ol kerwensaraýdan çykdy, ýerler gaýyp gitdi,
uzakdan özüni synlady. Ol ýat ýurtda, bir galanyň içinde
arynyň öýjügi ýaly joş urýan bazar ýerinde alada bilen
ýöräp barýardy, birini gözleýäni görnüp durdy.
Töweregindäki adamlar haýal hereket edýärdiler. Olar
hamala onuň eşitmeýän bir owazyna tans edýän ýalydylar.
Salpy murtly äpet hokgabazdan bir zatlar sorajak boldy.
Ýöne bir zat diýjek bolup agzyny açan mahaly gürläp
bilmeýändigini bilip galdy. Ol adam oňa bimany seretdide, soň öz ýoly bilen boldy. Ella bu gezek satyjylardyr
müşderiler bilen gürleşjek bolup çytraşdy, ýöne ýene şobir
sahna gaýtalandy. Hiç kime derdini düşündirip bilmedi.
Ilkibada bu adamlaryň dilinde gürläp bilmeýändigi üçin
şeýle bolýandyr öýtdi. Ýöne elini agzyna ýetiren mahaly
birden howpurgady: dili ýokdy. Dili guran dyrnak ýaly
bolup, gaçan bolsa nätjek?! Dowla düşüp özüni görere
aýna gözläp başlady. Ol henizem özüniň ozalkylar ýaly
sagdyn adamdygyny bilesi gelýärdi. Emma ullakan
bazarda ýekeje-de aýna ýokdy. Aglamaga durdy.
Ol çasly bir sesiň gulaklaryny gorjalamasy bilen ukudan
oýandy. Gözüni açan badyna, ilkinji işi dilini barlamak
boldy. Hernä, ýerinde eken. Ses eşidilýän tarapa
seredeninde Kölegäniň dälirän ýaly, aşhananyň howla

tarap
açylýan
gapysyny
dyrnaçaklap,
çyňsap
durandygyny gördi. Balahana del haýwan giren
bolmalydy. It ony şo ýerden çykarjak bolup bolmajysy
bolýardy. Kölege aýratynam alajagözen görse, jyny
atlanýardy. Geçen gyş howluda biri gabat gelende bolan
ýagdaý hiç kimiň ýadyndan çykanok. Şonda it
alajagözene topulypdyr, alajagözenem erbet porsy ys
goýberip, ondan ar alypdyr. Görgüli Kölegäni wannany
dolduryp ýuwmaly bolupdylar. Şonda-da ýanan
tekerdaşynyň ysyny ýadyňa salýan şol porsy ys hepdeläp
onuň üstünden aýrylmandy.
Ella diwardaky sagada göz aýlady. Gije üç töweregidi.
Dewid henizem gelmändir, asla gelmezligem ahmal.
Janet-de onuň telefonyna jogap berip, jaň etmedi, belki,
gaýdyp asyl jaň hem etmez. Dogrusy, şu pursat Ellanyň
hiç bir zady haýra ýorarlygy ýokdy. Hem äriniň, hem
gyzynyň özünden ýüz öwrendigi baradaky pikir onuň içini
gysdyrdy. Şeýle halda ol ýerinden turdy-da, sowadyjyny
açdy. Manysyz nazar bilen onuň içini gözden geçirdi.
Buzdandaky klubnikaly buzgaýmagy alyp hezil edip iýesi
gelse-de, öňem dolmuşlanyp barýanyny ýadyna salyp,
sowadyjynyň gapysyny berk ýapdy.
Soňam ýekelikde içmek endigi bolmasa-da, bir çüýşe
gyrmyzy çakyry açdy. Bulgury doldurdy. Şerap gaty
gowudy, goýudy, rahatlyk berijidi. Üstesine-de, onda tüýs

halaýan zady, gaňşyrawugyňy gamaşdyrýan tagam bardy.
Tokaýyň, kömelekleriň hem topragyň ysy kükäp durdy ol
şerapdan. Ýöne ikinji bulgury dolduryp durka, serine
Dewidiň gymmatbaha ―Bordo‖ çakyryny açan
bolaýmaýyn diýen pikir geldi. Howsala düşüp, çüýşäň
ýüzündäki ýazgyly kagyza seretdi. ―Chateau Margaux,
1996‖. Eý, Hudaý! Dewid bu şeraby ýörite agşam üçin
aýap ýördi ahyry. Ol näme etjegini bilmän, gaşyny çytyp
çüýşä seretdi. Ýöne soňra biparh keşpde eginlerini gysdy.
Häzir hem üýtgeşik agşam dälmi näme?! Özüniň
ýalňyzlygyny belleýär. Ella bir göterende bulgury başyna
çekdi. Ol bu ajaýyp çakyry bir gyra süýşürse-de, çakyr
onuň ýakasyny goýbererli däldi.
Ella gaýtadan stoluň başyna geçip, «Yşk şerigatyny» eline
alyp agdaryşdyrdy, ýöne dessine okabermedi.
Ýadawlykdyr ukusyzlyk zerarly ýeke setir okamagada
mejaly ýokdy. Oňa derek internete baglandy-da, hat
gutujygyna seretdi. Ol ýerde köp sanly hatyň arasynda,
Mişeliň kitabyň habarnamasyny taýýarlamak işiniň nähili
barýandygyny sorap ýazan gysgajyk hem sowuk
ýazgysynyň aşakja ýüzünde garaşýan elektron hatyny
tapdy.
Aziz Z. Zahara oňa bada-bat jogap ýazypdyr. «Hormatly
Ella,

Garaşylmadyk
hatyň
maňa
Gwatemalada,
Momostenango atly çet-gyrakda ýerleşýän obajykda
gowuşdy. Bu oba henizem maýýalaryň senenamasyny
ulanýan az sanly oturymly ýerleriň biri. Bolýan
pansionymyň garşysynda dileg agajy bar. Şahalaryna her
dürli reňkdäki, her dürli bezegli esgi bölejikleri daňlan bu
agaja ýerli halk «Synan göwünleriň agajy» diýip at
beripdir. Göwni ynjan kişiler atlaryny bir kagyza ýazyp,
bu agajyň şahalaryndan asýarlar, dertlerine derman
tapmak üçin doga edýärler.
Hernä, öz çenimi bilmän bir iş edäýen däldirin-dä, hatyňy
okanymdan soň, dileg agajynyň ýanyna gitdim. Gyzyň
bilen araňyzdaky düşünişmezligiň çözülmegini diledim.
Adam eý görýänlerine gowulyk isleýändigi üçin olaryň
durmuşyna goşulman durup bilmeýär, ýöne aslynda
munuň üýtgeşik bir peýdasyny-da görüp baranok.
Bilýäňmi, meniň özüm-ä başgalaryň durmuşyna
goşulmamy goýbolsun edip, Haka bil baglap
başlanymdan soň janym rahatlandy.
Adam5laryň köpüsi töwekgellik etmegi, ýagny Haka bil
baglamagy passiw galmak diýip düşünýärler; ýöne bu
bütinleý tersinedir. Töwekgelçilik kaýyllygyň hem takdyra
ten bermegiň getirýän sap rahatlyk halydyr. Hereketsizlik
däl-de, janlylykdyr, işjeňlikdir. Älemde biziň üýtgedip
hem-de doly manysynda akyl ýetirip bilmejek

ýagdaýlarymyz ýüze çykyp durýar. Şeýle ýagdaýlary-da
hasaba almak bilen tutuş barlyga yşk bilen çemeleşmek
mümkindir. Iň bolmanda, muňa synanyşyp görüp bileris.
Rumy yşkyň ýaşaýşyň dirilik suwudygyna ynanýardy. Eger
şeýle bolýan bolsa, onuň ýekeje damjasy hem yrýa
bolmaly däldir.
Maýýa senanamasyna görä, bu gün üýtgeşik bir gün. Bu
gün uly özgerişlikleriň, ter-tämiz, bütinleý täzelenen akylpaýhasyň buşlukçysydyr. Gün batyp, gündiz ahyrlamanka,
güýji ýitmezi ýaly, men bu haty saňa hökman ugratmaly.
Seniň agajyň şahalaryndan sallanyp duran adyň reňbereň
gül açmagyny dileýärin. Yşk asla ýadyňaoýuňa düşmän
durkaň, oslagsyz ýerden öňüňden çykar duruberer.
Dostluk bilen, Aziz».
Ella haty iki gaýta okady. Birhili töwra adamdy Aziz. Gör,
nähili ýüreginden syzdyryp ýazypdyr! Bu aýal maňa hat
ýazyp, näme, başga işi ýokmudyka diýäýmändir, çyny
bilen sap ýürekden jogap beripdir. Eýse, ol nähili adamka?
Ellanyň tanaýan adamlarynyň hiç biri oňa beýle hat
ýazmazdy.
Dogrusy, dünýäniň beýleki ujunda bir ýerde asla
tanamaýan daşary ýurtly biriniň özi üçin ýagşy dileg
etmegi ony tolgundyrypdy. Gözlerini ýumdy, öz ady
ýazylan kagyz bölegini göz öňüne getirdi, ol batbörek ýaly

şemala ýeňiljek galgap, özi han, özi soltan, erkin halda,
galyberse-de, büs-bütin bigünä…
Ol az salymdan aşhananyň gapysyny açdy, howla çykdy.
Giçki baharyň säher wagty öwsen şemaly burnuna urdy,
ýüzüni ýalady. Şol wagt Kölege-de onuň ýanynda peýda
boldy. Näme üçindir ol temegini göge tutup, howsala
bilen howany ysgady. Hüşerilip durup, gözlerini süzdi,
gulaklaryny dikgertdi.
Baharyň şu ahyrky nepesinde Amerikada aňrybaş oňaýly
öýüň howlusynda ― ýerde Ella bilen iti, asmanda bolsa,
Aý bilen bulut ýan-ýana durdular. Dogrusy, gijäniň ynsjynssyz çolalygyna, durmuşyň näbelliliklerine garry item,
onuň Saraýmany-da öwrenişmändi. Olaryň ikisi-de
demini alman, ýarym gorky, ýarym howsala bilen
garaňkylyga garap durdular.
Şägirt Bagdat, 1242-nji ýylyň apreli
Baş kazydyr ýanhemralaryny gapa çenli ugradanymdan
soň, gap-gaçlary ýygnaşdyrmak üçin otaga dolandym. Bir
görsem, Baba Zaman bilen gezende abdal ikisiniň şol
üýtgewsiz oturyşlary. Agyzlaryndan ýeke söz dagy
çykaýsa nädersiň. Gözümiň gytagy bilen ikisini-de
synladym. Eýse, gürleşmän söhbet etmek mümkinmikä?
Bilesim gelip içim byjyklap duransoň, gyzyklanmam has
hem artdy.

Gürrüň açmazlarmyka diýip, ýassyklary düzedişdirdim,
otagyň içini ýygnaşdyrdym, halyň ýüzündäki çörek
owuntyklaryny ýekänme-ýekän çöpleşdirdim. Ýöne esli
wagtdan soň, ol ýerde eglenere bahana galmady. Olary şol
ýerde galdyryp, otagdan çykmaly boldum.
Yraň-daraň edip aşhana bardym. Meni gören badyna
zalym Aşçy ata goh baryny turuzyp, tabşyryk baryny berip
başlasa nädersiň! ―Nirede bolduň, ýalta nadan! Bol çalt,
tekjeleri tämizle, daşaryny süpür! Çyrçyrşaklary ýuw!
Ojagy arassala! Diwardan düýt ýagyny gyrdap aýyr! Işiňi
bolaňsoň, syçan gapanlara seretmegem ýadyňdan
çykaraýmagynçykaraýmagyn! Ammarda düýe ýaly syçan
gördüm! Git-de tut şol peläketi! Bolmasa, peýnir ýerine şo
gapana özüňi goýaryn!‖
Şu tekgehana gelenime alty aý töweregi bolandyr welin,
ilkinji günden bäri Aşçy atanyň iki eli ýakamda. Ynha,
zol-zol gaşyma geçip: ―Tämizlik ybadatdyr, ybadat
tämizlik!‖ diýip, takal okap durandyr. Birehim adam!
Şonuň zoruna her gün eşek ýaly işleýän. Bu ezýete näme
üçin ―ruhy terbiýe― diýýändiklerine hiç düşünip
bilemok! Ýagly gapgaçlary ýuwmagyň, töweregi
arassalamagyň nämesi magnawyýat bolsun diýsene?! Bir
gün ýüregimi bire baglap, gaýtargy berermen boldum.
− Tämizlik ybadat bolýan bolsa, Bagdatdaky heleýleriň
ählisi birçak pir çykardy– diýdim. Aşçy ata bir agaç

çemçäni kellämden dazyrdadyp zyňyp, bogazyna
sygdygyndan gygyrdy:
− Bäriňi gara, derwüş bolmak niýetiň bar bolsa, şu agaç
çemçe ýaly lal-jim bolmaly bolarsyň, ogul! Aýakgabyň
petegi ýaly uzyn dil müritler kysmynyň häsiýetine
gelişýän däldir. Az gürleseň, çalt bişersiň! Aşçy atany
görsem jynym atlanýardy. Ýöne şonça-da ondan
çekinýärdim. Şu gijä çenli ýeke gezegem aýdanyndan
çykan ýerim ýokdy…
Bu gezek Aşçy ata maňa ýeňsesini görkezen badyna
assyrynlyk bilen aşhanadan ökje göterdim; daraklygyma
basyp myhmanyň bolýan otagyna ýakynlaşdym.
Duýdansyz peýda bolan derwüşi tanajak bolup jan
edýärdim. Kimkä? Niräň nämesikä? Galandarmydyka?
Bärden näme gözleýärkä?
Tekgehanadaky derwüşlere-hä asla meňzeýän ýeri ýok.
Gözlerinde bir hili dälişge, gedem, alawlap duran, bulagaý
hem wehimsiz bakyş bardy.
Kiçigöwünlilik bilen başyny egende-de, gözünden şol
alamatlar aýrylmaýardy. Seredişi bulagaý hem üýtgeşik
bolany üçin, ony gören adam hem-ä onuň jadysyna
berilýärdi, hem-de bolşundan birahat bolup çekinýärdi.
Otaga baranymda, gapy ýapyk eken. Bir deşikden içerini
synlap başladym. Başda hiç zat görüp bilmedim, ýöne

gözüm öwrenişensoň, içerdäkileriň ýüzüni saýgarmak
başartdy.
Birazwagtdan soň, Baba Zaman Şemse sorag bilen
ýüzlendi:
− Hany, aýt, ýoluň nädip Bagdada düşdi? Ýa bu
tekgehanany düýşüňde gördüňmi?
Derwüş başyny ýaýkady.
− Ýok, bärik gelmegime düýş sebäp bolmady. Onsoňam
men hiç haçan düýş göremok.
− Hemmeler düýş görýär – diýip, Baba Zaman
salykatlylyk bilen dillendi. – Ýadyňa düşmeýän bolsa
başga gep, ol düýş görmeýäniňi aňlatmaýar.
− Ýöne men düýş göremok – diýip, Şems tekrarlady. –
Alla bilen şertleşigimiz şeýle. Çaga mahalym älemiň
syrlarynyň ençemesi maňa bir-bir aýan edildi. Eneatama
gürrüň berenimde bu olara ýaramady, hyýalyňa gelýändir
diýdiler. Syrymy ýoldaşlaryma aýdaýyn diýdim, olar hem
―sen ýa-ha barypýatan hyýalkeş, ýada ýalançy‖ diýdiler.
Mugallymlaryma gürrüň berdim, olaryň jogaby hem şobir
zat. Ahyrynda bir zada göz ýetirdim, adam täsin bir
ýagdaý hakynda eşitse, oňa ―ýa hyýaldyr, ýa-da düýşdür‖
diýip geçer gidiberer eken.

Şu zatlary aýdan badyna derwüş bir ses eşiden ýaly, badabat dymdy. Soňra örän geň bir zat bolup geçdi. Ol dikeldi,
eginlerini ýazdy, dogumly basyp, gapa ýöneldi-de, maňa
tarap gaýtdy. Bu hereketleri edýän mahaly ol göni meniň
duran nokadyma seredýärdi. Göýä birhili ýol bilen meniň
şol ýerde duranymy, özlerini synlaýanymy bilýän ýalydy.
Ol göýä agaç gapynyň aňyrsyny görýän ýalydy.
Ýüregim dowla düşüp, gürsüldäp urup başlady. «Aşhana
tarap gaçaýsammykam» diýip oýlandym, ýöne gollarym,
aýaklarym, tutuş göwräm gurşan ýalydy. Şems-i
Töwriziniň şol dogumly bakyşy gapyny böwsüp geçip,
alyslara uzaýardy. Meni gorky gurşap aldy, ýöne şol bir
wagtda bedenimiň öýjükleriniň her birine täsin gudrat
gaplanýardy. Şems golaýa geldi, elini gapynyň tutawajyna
goýdy. Gapyny açyp, meni etmişimiň üstünde tutaýmaly
mahaly-da saklandy.
Gaty ýakyna geleni üçin deşikden seredeniň peýdasy
ýokdy; ýüzüni görüp bilemokdym. Şeýle ýagdaýda
garaşmak gabyr azabyna döndi. Demimi alyp bilmän
doňup galdym. Hut şol pursat hem ol ýene hyrra yzyna
öwrüldi; gapydan uzaklaşyp barşyna hekaýatyny dowam
etdi.
− Ahyrsoňy Alladan gaýdyp düýş görmezligimi diledim.
Şunlukda, heran-haçan bir alamat bilen ýüzbeýüz bolsam
ýa-da beýleki äleme syýahata çyksam, onuň düýş

däldigini çürt-kesik bilip biljekdim. Alla razy boldy. Düýş
görmek ukybyny menden sogrup aldy. Ynha, şonuň
üçinem men hiç haçan düýş göremok.
Şems häzir otagyň aňry çetindedi. Açyk penjiräniň
ýanynda aýak üstünde durdy. Daşarda ýagyş çisňeýärdi.
Agyr oýa batyp, ýagşy synlap durşuna, ol şeýle diýdi:

− Alla düýş görmek ukybymy almasyna aldy weli, bu
ýetmezimiň öwezini dolmagym üçin, başgalaryň düýşüni
ýormaga ygtyýar etdi.
Baba Zamanyň bu samahyllamalara ynanmajagy barada
oýlandym. Özüme igenişi ýaly, derwüşe-de igener
öýtdüm. Ýöne mürşit usullyk bilen başyny egdide:
− Täsin adam bolmaga çemeliň. Hany, aýt, saňa näme
kömek edip bileris? − diýdi.
− Bilmedim. Aslynda bu sowalyň jogabyny özüňiziň
aýtmagyňyza garaşýan.
− Näme diýmekçi bolýaň? – diýip, Baba Zaman sorady.
Onuň pikiri garjaşyk göründi.
− Kyrk ýyl töweregi bäri abdallyk edýärin. Gurtguşuň,
mör-möjekleriň ähli görnüşlerini tanaýaryn. Kyn günde
galsam, wagşy haýwanlar ýaly döwüşýänem, ýöne men
hiç kime ýersiz-ýere yrsaramaýaryn. Asmanda näçe
burçuň, tokaýda näçe görnüşli kömelegiň, sährada näçe
dürli otuň, derýada näçe tüýsli balygyň bardygyny
ýekänme-ýekän
sanap bilýän. Allahyň
öz
sypatlaryndan eçilip ýaradan ynsanyny açyk kitap
mysaly okamagy başarýaryn…
Şems esli wagtlap dymdy, mürşidiň şemi otlaryna
garaşdy. Soňra sözüni dowam etdi:

– Çünki kyrk ýörelgäniň biridir bu. Dördünji kada:
Älemdäki her bir zerrejikden Allahyň sypatlaryny tapyp
bilersiň, çünki Ol metjitde, kilisede, sinagogda däl, her
pursatda hemme ýerdedir. Allahy görüp ýaşap ýöreniň
bolmaýşy ýaly, Ony görüp ölüp gidýän hem ýokdur. Kim
Ony tapsa, ebedilik Onda galar.
Şol pelpelläp duran öçügsi yşykda Şems-i Töwriziniň
boýy has hem uzan ýaly bolup görünýärdi. Saçlary buýrabuýra bolup, eginlerine düşüp durdy.
− Ýöne ylm-y ledun bir tarapa akmasa, güldanyň
düýbündäki talh suw ýaly bolýandyr. Içimde jemlenen
ylmy paýlaşara bir jan ýoldaşyna duşur diýip Alladan köp
diledim.
Ahyrynda
Samarkandyň
golaýyndaky
düşelgeleriň birinde gulagyma gaýypdan bir owaz geldi.
Takdyrymyň tejelli etmegi üçin, Bagdada gitmelidigim
habar berildi. Mundan beýläk haýsy tarapa gitmelidigimi
özüňiziň aýtjakdygyňyza ynanýaryn.
Daşarda garaňky düşüpdi, Aý ýarpydy, açyk penjireden
ýagty düşýärdi. Wagtyň bir çene baranyny aňdym. Aşçy
ata meni gözleýändir, ýöne gözlese gözläp geçsin. Birje
gezegem bolsa, düzgüni bozup görmegiň lezzeti nähili
üýtgeşik!
− Menden nähili jogaba garaşýanyňy bilemok – diýip,
Baba Zaman mydyrdady. – Ýöne saňa ýetirmeli nähilidir

maglumat bar bolsa, wagty gelende, elbetde, aýdylar. Oňa
çenli bizde galyp bilersiň. Myhmanymyz bol.
Şems hormat bilen başyny egdi-de, Baba Zamanyň elini
öpdi. Ynha, şonda mürşidim şol täsin sowaly berdi:
− Özüňde bar ylmyň ählisini başga birine bagyş etmäge
taýýardygyňy aýdýarsyň. Dür dänesi deý ýygnanyňy
aýaňa alyp, bir adama gowşurmak isleýärsiň. Eýse, başga
biriniň kalbyny manawyýat nuruna gark etmek muzdsuz
işdir öýdýäňmi? Öwezine näme berip biljek?
Derwüşiň jogabyny ömrylla ýadymdan çykarman. Ol
sägindi-de pessaý äheňde:
− Başymy – diýdi. – Öwezine başymy goýmaga taýýar.
Meni şagga der basdy, tisginip yza çekildim. Gözümi ýene
gapydaky deşige gabatlanymda mürşidimiziň hem
tolgunandygyny gördüm.
Baba Zaman uludan demini aldy:
− Bu günlükçe, şu aýdan zatlaryň ýeterlik. Argynsyň.
Häzir Gyzyl Şägirdimizi çagyraýyn, size düşegiňizi
görkezsin, arassa örtgi hem-de süýt getirsin.
Muny eşidip, Şems ýene gapa seretdi. Onuň nazary ýene
hakyt süňňümden ötdi. Göýä diwarlary böwsüp geçip,
diňe gapynyň aňyrsyny däl, ruhumyň düýpteýkarynda
ýatan iň gizlin hallarymy öwrenip, özümede gizlin

syrlarymy özümden gowy bilýän ýalydy. Ýüregime gorky
aralaşdy. Töwrizli Şemse, megerem, Gurhan-y Kerimiň
şolardan ägä boluň diýip duýdurýan Babylyň iki meşhur
perişdesi Harut bilen Marut sapak berendir. Ýa-da başga
bir hünäri bardyrda, belki, ol diwaryň aňyrsyny görmegi
başarýandyr. Her näme bolanda-da, ol meni
eýmendirýärdi. – Gyzyl Şägirdi çagyrmagyň geregi ýok
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Elif Şafak-Yşk - 06
  • Parts
  • Elif Şafak-Yşk - 01
    Total number of words is 3608
    Total number of unique words is 2185
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 02
    Total number of words is 3616
    Total number of unique words is 2228
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 03
    Total number of words is 3610
    Total number of unique words is 2211
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 04
    Total number of words is 3621
    Total number of unique words is 2271
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 05
    Total number of words is 3686
    Total number of unique words is 2230
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 06
    Total number of words is 3613
    Total number of unique words is 2257
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 07
    Total number of words is 3722
    Total number of unique words is 2226
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 08
    Total number of words is 3656
    Total number of unique words is 2262
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 09
    Total number of words is 3579
    Total number of unique words is 2310
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 10
    Total number of words is 3666
    Total number of unique words is 2164
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 11
    Total number of words is 3591
    Total number of unique words is 2225
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 12
    Total number of words is 3623
    Total number of unique words is 2233
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 13
    Total number of words is 3652
    Total number of unique words is 2154
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 14
    Total number of words is 3670
    Total number of unique words is 2111
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 15
    Total number of words is 3637
    Total number of unique words is 2160
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 16
    Total number of words is 3591
    Total number of unique words is 2182
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    54.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 17
    Total number of words is 3590
    Total number of unique words is 2167
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 18
    Total number of words is 3586
    Total number of unique words is 2219
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 19
    Total number of words is 3651
    Total number of unique words is 2179
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 20
    Total number of words is 3632
    Total number of unique words is 2034
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 21
    Total number of words is 3642
    Total number of unique words is 2121
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 22
    Total number of words is 3656
    Total number of unique words is 2209
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 23
    Total number of words is 3664
    Total number of unique words is 2120
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 24
    Total number of words is 3674
    Total number of unique words is 2117
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 25
    Total number of words is 3603
    Total number of unique words is 2124
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 26
    Total number of words is 3670
    Total number of unique words is 2220
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 27
    Total number of words is 483
    Total number of unique words is 391
    49.5 of words are in the 2000 most common words
    60.1 of words are in the 5000 most common words
    65.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.