Latin

Elif Şafak-Yşk - 09

Total number of words is 3579
Total number of unique words is 2310
28.7 of words are in the 2000 most common words
42.4 of words are in the 5000 most common words
49.0 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.


−Aýtsana, Rumynyň wagyzlary seni näme üçin beýle
özüne çekýär?
Obaly ýigit esli wagtlap dymdy. Nazary gözýetime dikildi.
Onuň seri hem hemme ýerde, hemem hiç bir ýerde däl
ýalydy. Soňra şeýle diýdi:
− Biziň obamyz dürli apatlary başdan geçirdi. Başda
gytçylyk geldi, soňra mongollar. Ýakdylar, ýykdylar,
taladylar. Şäherleri hasam berbat etdiler. Arzyrumy,
Siwasy, Kaýserini basyp aldylar, erkek göbeklini
gylyçdan geçirip, aýallary äkitdiler. Men bolsam gowy
görýän hossarymam ýitirmedim, öý-ojagymy hem. Ýöne
şonda-da, göwnüme, bir ýerde möhüm bir zadymy ýitiren
ýaly. Içim hemişe hasratdan doly. Düşündirip biljek däl,
ýöne näme üçindir, men elmydama gaýgyly.
− Eýse, munuň Ruma näme dahyly bar? – diýip soradym.
Obaly ýigit alňasaman, oýlanyşykly mydyrdady:
− Hezreti Möwlananyň wagyzlaryny diňleseň, gaýgyhasratyň dep bolýar diýip hemmeler gürrüň edýär.
Hasrat çekmekde meniň özüm-ä aýyp göremok. Tersine,
göz üçin iş etmek – yrýakärlik hem-de oýun-degişme
adamlary şadyýan edýär, hakykaty bilmek bolsa, adamy
sustlaşdyrýar, hasrat çekdirýär. Bu durmuşda has köp
bilýän adamlar birneme sust, hereketsiz bolýar. Ýöne bu
zatlary obaly ýigide düşündirmegi zerurlyk görmedim:

− Gel, Konýa çenli bile gideli − diýdim. – Senem maňa
ýolda Rumy barada gürrüň berersiň, bolýarmy?
Atymyň uýanyny araba daňyp, obaly ýigidiň ýanynda
oturdym. Görsem, garry öküz ýüküniň agralanyny
bilenogam. Şol bir bolşuna, äwmän basyp, öňki bezginligi
bilen mytdyldap barýar; obaly ýigit maňa çörek bilen geçi
süýdünden edilen peýnir hödür etdi. Ony gürleşip
barýarkak iýdik. Ynha, şeýle ýagdaýda nilreň asman
depämizde mejime ýaly parlap durka, welileriň
howandarlygynda Konýa gadam basdym.
Arabadan düşen mahalym:
− Özüňe esewan et, dost – diýdim.
− Wagza hökman gelgin – diýip, obaly ýigit höwes
bilen dillendi. El buladym.
− Häzir bolmaz, soň bir gün...
Hutbasyny diňläsim gelip, ölüp-öçüp barsam-da,
Möwlanany görmegi ýürekden küýsesem-de, ozaly bilen
berjaý edesim gelýän başga bir zat bardy: şähere belet
bolmalydym, bu uly wagyzçy barada şäher halkynyň
pikirini öwrenmelidim. Ruhdaşymy öz gözlerim bilen
görmezden ozal, Rumyny görmedik ynsanlaryň oňa
neneňsi baha berýändigine göz ýetirmelidim.

Bu zatlar maňa ýagdaýlara doly göz ýetirmegim
üçin zerurdy. Hasan gedaý
Konýa, 1244-nji ýylyň 18-nji oktýabry
Görmedigim görde galandyr. Haçan görseň dirilik bilen
ölümiň arasynda elewräp ýörün, men hemişe jennet bilen
jähennemiň arasynda rafda. Heýwere keseli adamy şeýle
bir derejä ýetirýär welin, ölmänkä öldürip, adamyny
diriligine mazara dykýar. Köçelerde ejeleri çagalaryny
gorkuzmak üçin barmagyny çommaldyp, meni görkezýär;
çaga garagol bolsa, kesekläp, üstümden gülýär, masgara
edýär.
Senetkärleriň,
satyjylaryň
dükanyna
ýakynlaşdygym, «Küş-küş, gideweri, şumluk getiräýme»
diýip, kowýarlar, kowalaýarlar. Hamyla aýallar ýüzüni
sowýar, hamala gözleri maňa düşäýse, göwresindäki çaga
şikesli dogaýjak ýaly. Ýöne bu adamlaryň hiç biriniň
düşünmeýän bir zady bar: olar biz heýwere kesellileri
görmejek bolup, ellerinden geleni edäýsinler, esasy zat
biziň özümiz − heýwere keselliler olaryň özlerinden hem,
olaryň nebsagyryjylykly, dözmezek nazaryndan hem
uzagrak duranymyzy kem göremzok!
Heýwere − barypýatan azap. Ol her gün bedeniň, ruhuň bir
bölejigini gemirýär. Başda teniň üýtgeýär, deriň reňki
garalyp goňraslaşýar, eýlenen deri ýaly galňaýar.
Eginlerde, dyzlarda, gollarda, ýüzde julk ýumurtganyň
reňki ýaly reňk besse-besse bolýar durýar. Keseliň şu

tapgyryndakaň, zol-zol gyzyp duran endamyňda, garynja
ýöreýän ýaly alamatlary duýarsyň. Soňra nämedendigi
bildirmez, ezýeti gowşap, agyrylar azalar, öwrenişip
ugrarsyň. Birden mäzler ulalyp çişer, ullakan çykuwa
öwrüler. Eller penjeleşip, ýüz-göz şeýle bir bozulýar
welin, tanar ýaly bolanok.
Men häzir keseliň soňky tapgyrynda, gözümiň
gabaklaryny ýumup bilmejek derejä bardym. Gözüm
özümden bidin aglaýar, agzymdan elmydama sülekeý
akyp dur. Saklap bilemok. Ellerimden alty dyrnagym
düşdi, ýedinjisem şoňa golaý. Ýöne geň galaýmaly, saçym
entegem öz ýerinde. Her hal, özümi bagtyçüwen saýmaly.
Eşidişime görä, pereňliler heýwere kesellileri gala
diwarlarynyň
daşyna
kowýarmyşlar.
Şäheriň
derwezelerini bolsa, ýene giräýmesinler diýip, sürgüsini
sürüp baglaýarmyşlar. Ýöne Konýada welin, beýle däl. Bu
ýerde boýnumyzdan jaň asyp gezýäris. Şeýdip, adamlara
duýduryp gezenimizden soň, şäherde aýlanmaga rugsat
edýärler. Gedaýçylyk etmäge-de hernä ygtyýarymyz bar.
Bolmasa, açlykdan ölerdik. Heýwere keselli bolsaň, diri
galmagyň iki ýoly bar: birinjisi, dilegçilik edip gezmek,
ikinjisi başgalara dogadileg etmek. Ikisi-de garnyňy aç
edenok.
Hernä, ilat biz heýwere kesellileriň dogasynyň kabul
bolýandygyna, Allanyň bize aýratyn göz bilen
bakýandygyna ynanýardy. Nähili bidereklik! Şeýledigi

çyn bolsa, biz şu ýagdaýa düşjekmi? Ýöne şoňa
ynanýarlar. Bizi ýigrenseler hem, özleri üçin doga
etmegimizi isleýärler. Näsaglaryna, ysmazlaryna,
garrylaryna, her jüre derde ýoluganlaryna ýagşy dilegdoga edip ber diýip, biz heýwere kesellileri çagyrýarlar.
Aklyk deregine pul berip, garnymyzy doýurýarlar,
hoşamaýsyraýarlar. Şu adamlara düşünip bolsady!
Köçelerde heýwere kesellileri itçe görmedik adamlar agyr
kesele duçar bolaýsalar ýa-da ölüm howpy abandygy,
biziň ýagşy dogamyzdan medet hantama. Jemgyýetde
ýeke dirhemlik gymmatymyz bolmasa-da, ajalyň elini
gezdirýän öýlerinde hanam özümiz, soltanam!
Heran-haçan doga-dileg edip ber diýseler, başymy egip,
arapça manysyz sözler aýdyp, hüşýärlik bilen dileg
edýänden bolýan. Başga näme edeýin? Şeýtmekden gaýry
çäräm ýok, sebäbi Allanyň biz heýwere kesellileri
eşidýändigine ynanamok. Maňa munuň beýle däldigi
hakynda oýlandyryp biljek wakany hem heniz başymdan
geçirip göremok.
Girdejisi gaty ujypsyzja bolsa-da, pul üçin doga-dileg
edenimden, el serip, dilegçilik edenim gowy görýän.
Bolmanda, gedaýçylyk edýärkäň, hiç kimi aldaňok. Juma
günleri hepdäniň iň girdejili günüdir. Elbetde, aýlardan
Oraza aýy bolmasa. Mübärek Oraza aýy geldimi,
gedaýlaryň güni gelýär, gazanjy goşalanýar. Ylaýta-da,

Orazanyň ahyrky güni, şäherdäki gedaýlaryň bary jübüsini
doldurýar. Şol gün iň ýeksurun syrnyhlar hem, jübüsinde
içýan saklaýan kişilerem, sadaka bermek üçin ýaryşa
goýberilen ýaly bolýarlar. Her näçe günä iş eden hem
bolsalar, bagyşlanar umydy bilen, Oraza tamamlanmanka,
hökman haýyr iş etmek üçin alňasap, elimize ýa-ha iýer
ýaly bir zat, ýa-da sähelçe-de bolsa pul tutdurýarlar. Şol
gün ýylda bir gezegem bolsa, adamlar gedaýlardan
gaçanoklar. Tersine, köçä çykyp, ondan-mundan gedaýdilegçi gözleýärler. Olar tapan gedaýlary näçe eleşan, näçe
ülhit bolsa, şonça-da begenýärler. Wyždanlary şonça-da
rahatlyk tapýar. Näderejede eli açyk, haýyrsöýer
adamdyklaryny subut etmek höwesi bilen, bir günlügem
bolsa, olar bizi ýigrenmegi goýbolsun edýärler.
Dogrusy, bu günem örän düşewüntli gün boljaga
meňzeýär. Sebäbi Möwlana Rumy hem wagyz, hem hutba
üçin münbere çykýar. Metjit bireýýäm doldy, adamlar
gysylyşyp durlar. Içerde ýer tapmadyklar hatar-hatar
bolup howluda düzüldiler. Möwlana Rumy nirede wagyz
etse, şäheriň gedaýlarydyr jübükeserleri bala üýşen
siňekler ýaly bolup, şol ýere ýygnanýarlar.
Hakykatdanam, bary bärde. Men ýaly, olaram desbi-dähil
taýýar.
Arkamy kerkaw agajyna berip, metjidiň girelgesiniň göni
garşysynda oturdym. Ýagşyň ter hem tämiz ysy uzakdaky
baglardan gelýän hoşboý ysa garyşyp gidýärdi.

Ýaglygymy öňüme ýazdym. Men beýleki gedaýlar ýaly,
gygyryp-çagyryp, ýalbarypýakaryp dilegçilik edemok.
Gürlemäge-de zerurlyk duýamok. Öňümde gedaý
okaramy goýýanda, sabyr edip garaşyp başlaýan.
Heýwere keselli bolmagyň gowy tarapy bar bolsa, meger,
şu bolsa gerek. Iňläp, ýalbaryp-ýakarmagyň, gözýaş
dökmegiň, nähili betbagtdygyňy ýa-da halyň harapdygyny
düşündirmegiň geregi ýok.
Ýüzümi açyp, birje gezek görkezsem, onlarça sözüň ýerini
tutýar.
Şu günem şeýtdim.
Köp wagt geçmänkä, okarama birnäçe şaýylyk düşdi.
Ählisi-de gädik misden. Käşgä, arasynda birje altyn teňňe
bolaýsady. Ýüzündäki tugrasynda Günüň, ýolbarsyň ýada täze dogan Aýyň şekili bolan nyşanlaryň haýsy biri
bolsa-da tapawudy ýok. Alaetdin Keýkubat kanunlaryny
ýumşadaly bäri, Halap begleriniň zikgeleri, Fatymy
dinarlary, Bagdat halyfynyň şaýylyklary, hatda italýan ory
hem ulanylýan puluň hasabyna goşuldy. Olary Konýa
häkimiýeti ykrar edýärkä, heý-de, gedaýlar kabul
etmezmi? Pullar bilen birlikde gujagyma birnäçe gury
ýaprak gaçdy. Aşagynda oturan kerkaw agajym gyzylsary ýapraklaryny dökýärdi. Şemal her gezek öwsende
olar okarama düşüp duransoň, bu agaç bilen umumy
taraplarymyzyň köpdügi barada oýlandym. Güýzde

ýapraklaryny dökýän agaç her gün bedeninden bir zatlar
kemelýän heýwere keselli näsaga meňzemeýärmi, eýse?
Menem çyp ýalaňaç agaç. Derim, beden agzalarym,
ýüzüm dargap dökülýär. Bedenimiň her gün bir parçasy
meni terk edýär. Ýöne agajyň tersine, men ýitiren zadymy
yzyna alyp bilemok. Meniň üçin şine atara bahar
möwsümi ýok. Şu gün elden gideren islendik zadymy
müdimilik ýitirýärin.
Kimdir biri okarama pul oklaýsa-da, ony howul-hara,
howsalaly, çekeräk durup, özide nazaryny nazaryma
düşürmejek bolup taşlaýar. Adamlar pul beren mahaly,
gedaýlaryň ýüzüne näme üçin seretmeýändir öýdýäň?
Gözlerimize seredäýseler, nazarymyz arkaly özlerine
kesel ýa-da bişowluk ýokuşar öýdüp gorkýarlar.
Jemagatyň gözüne biz ogrulardan, jenaýatkärlerden, hatda
ganhorlardan hem beter. Şeýle gorkuly etmişli adamlary
oňlamasalar-da, bolmanda, olara görünmeýän adama
çemeleşilişi ýaly garamaýarlar. Ýöne nobat biz ýaly
adamlara geläýse, biz olaryň gözlerine-de ilemzok. Bize
bakanlarynda olar diňe ölümi görýärler. Onsoňam ölümiň
şeýle ýakyn hem betnyşan bolup biljekdigine ynanaslary
gelmeýär. Şonuň üçinem gözlerini nazarymyzdan
bukýarlar. Şondan ötri-de ýanymyza gelip, pul oklajak
mahallary, hamala, biz ýok ýaly hereket eden bolýarlar.

Men şular ýaly pikirlere çümüp otyrkam, ýeňsede bir
ýerde uly galmagal gopdy. Biriniň: «Gelýär! Gelýär!»
diýip, gygyrýan sesini eşitdim.
Elbetde, Rumy gelipdi. Onda-da nähili geliş! Aýagynyň
aşagynda süýt ýaly ap-ak at bar. Dury sary reňkden tikilen
donuna zer nagyşlar salnyp, hünjüdir merjenler
tutulypdyr. Yzynda mürşitleri, muşdaklary, bilesigelijiler
basgy, özi bolsa öňden buýsanç, paýhas hem asyllylyk
ýaýyp gelýärdi. Töweregine mähir-mylakat, ynam hemde
paýhas saçyp gelşine gowuja syn etseň, ol alyma
garanyňda hökümdara has köp çalym edýärdi. Ol −
şemalyň, oduň, suwuň hem topragyň soltany! Aty hem
dimdikdi, oňa tüýs mynasyp atdy, üstündäki adamyň
hormatlanýan adamdygyny bilýän ýalydy.
Okaramdaky zikgeleri dessine jübüme atdym. Ýüzümiň
ýary açyk durar ýaly, bürenjegimi berk daňdym-da,
köpçülige goşuldym. Metjidiň içi adamdan ýaňa hyň
berýärdi welin, hatarlar juda gysbydy. Ýer tapmag-a
beýlede dursun, dem almak hem mümkin däldi. Ýöne,
heýwere keselli bolmagyň artykmaç taraplarynyň biri, oda iň mähelleli ýerlerde-de orun tapmagyň aňsatlygydy!
Sebäbi hiç kim golaýyňda oturmak islänok, meni görenler
dessine yza çekilip, uzaklaşma bilen bolýardylar. Şeýle
bolany üçin, özüme bir ýerjagaz tapyndym-da, çöke düşüp
oturdym.

Az salymdan wagyz başlandy.
− Eziz jemagat – diýip, söze başlan Rumynyň sesi kä
belent, kä haýaltaň çykýardy. – Mahal-mahal
hemmämizem şübhä düşüp, özümizi agyr derdiň aşagynda
galan ýaly duýýarys. Biz uç-gyraksyz älem bilen
deňeşdireniňde kindiwanja nokatjykdyrys. Bedenimiziň
mümkinçilikleri
çäkli,
aň-düşünjämiziň,
islegarzuwlarymyzyň, akylymyzyň serhetleri äşgär. Ynha, diňe
şu zatlara garap, käbirleriňiz: «Amanat janymyň Alla üçin
näme manysy bolsun? Aýbygadym dünýäde meniň näme
ähmiýetim, agramym bolup biler?» diýip sowal berýär. Şu
günki hutbamyzda, ine, şeýle sowallara jogap bermäge
synanyşarys.
Iň öňdäki hatarda Rumynyň iki ogly otyrdy. Agyn
merhum ejesine meňzäp dur diýilýän uly ogly Sultan
Welet bilen dury ýüz-keşpli, kirpikmen, badam gözli, giň
maňlaýly, ýöne töweregindäkileri gaharly nazaryndan
geçirip oturan inisi Alaatdin. Olaryň ikisiniňem
kakalaryna guwanýandygy görnüp durdy.
Möwlana Rumy sähel säginenden soň dowam etdi:
− Adam atanyň ogullary, How enäniň gyzlary şeýle bir
ylym bilen mertebelendirilendir, ýagny ony daglar hem,
gökler hem göterip bilmez. Şonuň üçinem Gurhanda şeýle
diýilýär: «Biz şol amanady göklere, ýere we daglara teklip
etdik, olar ony götermäge het edip bilmediler, ondan

gorkdular, ony ynsan boýnuna aldy». Ynha, şeýle
gymmatly bir dereje – makam hem wezipe berlip, şeýle
möhüm gadyr goýlan ynsan ne sebäpden Allahyň özi üçin
isleýäninden has pes zady maksat edinsin? Näme üçin
özüni aşak çeksin? Näme sebäpden şa halyny geda etsin?
Rumy däne-däne seçelendirip gürleýärdi. Sözleri birneme
kitap agtaran adamlara mahsus ynamlylyk bilen
saýlapseçip aýdýardy. Säginmän, sakawlaman gepleýärdi,
bir gezek ulanan meňzetmesini ikinji gezek aňsat-aňsat
gaýtalanokdy.
Ol şeýle diýdi:
− Alla ýedi gat asmanyň çürbaşynda, tagtyň üstünde
oturanok. Ol biziň her birimize birin-birin ýakyndyr hem
dostdur.
Soňra ýene:
− Şu çekýän hasratlarymyz, ýüzbe-ýüz bolýan şunça ejirazaplarymyzdyr hupbatlarymyz, aslynda bilseňiz, bizi
Ýaradana has ýakyn edýändir.
Ellerimize üns beriň, barmaklarymyz hemişe açylypýumlup durandyr. Tutupgoýberip, goýberip-tutup
durýandyrys. Biri iç tarapa, biri daş tarapa. Ýumrugymyzy
düwdükmi, hökman yzyna-da açylýandyr. Şeýle
bolmadyk bolsa, ysmaz ýaly bolardyk. Biziň barlygymyz
hem şeýledir. Şeýle bir pursat bolýar − ýumrugymyz

açylýar, ýene bir pursat bolýar − ýumulýar. Ýüregimiz kä
gysar, kä rahatlanar. Bu gapma-garşylyk ýaly görünýän
ýagdaýlar barlygyň özenidir. Ganat kakýan guşlary
synlaň. Ganatlarynyň hereketine üns beriň. Bir aşak,
birem ýokarykdyr. Bir hasrat, birem bagtyýarlyk.
Durmuşam şeýledir. Iňňän jaýba-jaý, sazlaşykly hem
deňagram ýagdaýdadyr.
Başda eşiden zatlarym gulagyma ýarady. Şatlyk bilen
hasrat bir guşuň goşa ganaty ýaly, biri-birine bagly hem
garaşly zatlar. Bu barada oýlananymda ýüregim ýylap
gitdi. Ýöne şol bada başga bir sorag beýnimi dyrmalady.
Möwlana Rumy mahrumyýetiň, gaýgygamyň, hasratyň
hem şübhäniň nämedigini bilýändir öýdýäňmi? Ol täsirli
adamyň ogly bolup dünýä indi. Arkasynda hemişe kakasy,
ýedi arkasy, abraýly nesilleri durdy. Kynçylygyň
nämedigini bilmän, bolelin hem gurply durmuşda ýaşady.
Dogry, başdaş aýalynyň aradan çykmagy ony hasrata
bogandyr. Ýöne, meniň pikirimçe, şondan başga hiç hili
kynçylyk gören däldir. Gözüni açyp göreni bol-telki
durmuş; abraýly jemgyýetde ösüp-ulaldy, iň gowy alymlar
tarapyndan bilim berlipdir. Hemişe halanypsöýlüp
gelipdir, elmydama läliksiredilipdir, hemişe hormat
görüpdir. Gel-gel, indi men ýaly heýwere keselliniň öňüne
geçip, hasrat çekmegiň nämedigi hakda takal okamaga nä
gaýraty çatýarka?! Ýüregimde ýigrenç ody alawlady,
agzymda ajy tagam peýda boldy, ýuwdup bilmedim.

Ýüregim mynçgalanyp, Rumy bilen aramyzdaky
tapawudyň nähili gorkulydygyna düşündim. Dogrusy,
Alla näme üçin gapma-garşylygy ugurdaşlykdan,
näsazlygy sazlaşyklylykdan, adalatsyzlygy adalatdan has
gowy görýärkä? Ýa aşa köp, ýa-da çenden kem. Ýa
çürbaşy, ýa-da düýp teýkary. Ynha, meniň paýyma
pakyrpukaralygy, açlyk-horlugy, güzaby beripdir.
Möwlana Ruma gezek gelende abadançylyk, yrfan,
bagtyýarlyk-sagadat, jany sagatlyk hem üstünlik. Men
adamlaryň ýüregini bulamazlyk üçin ýüzümi gizleýän, ol
ortarada durup, bahasyz jöwher ýaly, ýalkym saçyp dur.
Bir zady bilesim gelýär, Möwlana Rumy meniň ýerimde
bolanda, näme gaýryp, nähili ýaşardyka, kim bilýär? Eýse,
özi ýaly aýratyn abraýdan peýdalanýan biriniň − ynanç
öňbaşçysynyň hem günleriň birinde ýalňyşyp, büdräp
ýykylmagynyň ahmaldygy, heý, kellesine geldimikä?
Çetleşdirilmegiň, hor-zar düşürilmegiň, ýanalmagyň,
döşüňden itilmegiň, ýersiz-ýere äsgermezlik edilip,
biderek gepleri eşitmegiň nämedigini bilýärmikä? Birje
günem bolsa, kesekileriň zäherli diliniň awusyny dadyp
gördümikä? Maňa berlen şu durmuş oňa berlen bolsa,
şonda-da ol tagsyr Möwlana bolup bilermidikä?
Aňyma gelýän her sorag bilen birlikde oňa bolan
görübilmezçiligim hem artdy. Ahyrynda Möwlana Ruma
bolan ýigrenjim oňa muşdaklygymdan üstün çykdy.

Ornumda oturyp bilmedim, aýak üstüne galdym.
Jemagaty iteleşdirip-basalaşdyryp daşaryk çykdym. Maňa
töwerekdäkileriň kimisi igenç bilen, kimisi-de düşünmän
seredişdiler. Şunça adam wagyz diňlemek üçin metjide
girjek bolup çyr-çytyrka, diňleýjileriň arasyndan biriniň
näme üçin daşaryk çykyp gidenine hiç kim düşünip
bilmedi.
Şems Konýa, 1244-nji ýylyň 18-nji oktýabry
Bu şäherden özüme bolar ýaly ýer tapmalydym.
Obaly ýigit meni şäher merkezine düşürip gidensoň,
ilkinji işim ýaşara ýer gözlemek boldy. Aýlanyp gören
düşelgelerimiň arasyndan Şekerçiniň myhmansaraýyny
tüýs özüme laýyk ýer hasap etdim. Saraýman dört otag
görkezdi. Goş-golamy iň azyny saýlap aldym. Onda bir
boýra düşek, zeňläp ugran ýorgan, peltesi ýanyp gutaran
çyra, ýassyk deregine güne guradylan kerpiç bardy,
onsoňam onuň manzary ajaýypdy. Balahanadan sereden
mahalyň onuň tutuş şäheri töweregindäki depeleriň
eteklerine barýança uzap gidýän düzlük bilen birlikde
synlap bolýardy.
Şeýdip, bir günde ýyllar boýy ýaşap gelen
sergezdançylykly durmuşymy taşlap, oturymly ýaşaýşa
geçdim. Saraýa ýerleşenimden soň, ilkinji işim Konýanyň
köçelerine aýlanmaga çykmak boldy. Her ädimde
üýtgeşik bir dil, başga din, her dürli adat bilen ýüzbe-ýüz

boldum. Sigan sazandalaryna, arap syýahatçylaryna,
hristian zyýaratçylara, jöhit söwdagärlere, buddaçy
monahlara, pereň ozanlaryna, çynmaçynly hokgabazlara,
ýylan
oýnadýan
hindi
fakirlere,
efsunparaz
mejusilereotparazlara we rum pelsepeçilerine gabat
geldim. Gul bazarynda teni süýt ýaly ap-ak gyrnaklary
hem-de başyndan geçiren zulumdan ýaňa dilden galan,
daýaw-daýaw, gap-gara harem agalaryny gördüm. Elleri
gan alýan neşterli irikgä bolup duran gezende sertaraşlara,
billur şarly gözbagçylara we ot ýuwudýan jadygöýlere
duşdum. Ýolda Kudüse (Ierusalim) barýan hristian
zyýaratçylar, soňky Haçly ýörişlerden galan gaçgak
esgerler gabat gelýärdi. Ilat wenesiýança, pereňçe, grekçe,
parsyça, türki dilde, kürt, arap, ermeni, sürýany, ybrany
we haýsy dile degişlidigi bildirmeýän her dürli şiwelerde
gürleşýärdi. Tükeniksiz tapawutlaryň bardygyna
garamazdan, bu adamlaryň ählisine umumy bir zat − kämil
dällik mahsusdy. Olaryň her biri kämilleşdirilmegi dowam
edýän eser ýalydy.
Konýa şäheri Babyl diňini ýadyňa salýardy. Munda ähli
zat her pursatda aýagaldygyna özgerýär, bölünýär,
dargaýar, bozulýar, täzelenýär, gaýtalanýar, aýdyňlaşýar,
üstün çykýar, jan alyp, jan berýärdi. Durşuna berbaşagaýlykdy. Gaýgygam, kim öň barmaşak... Her kimiň
bir derdi bar. Hiç kim hiç kime derman-dowa uzadanok!
Adamy adamdan aýra tutman, hemmeleri we hemme ýeri

synladym. Dertlerinden uzak, ýöne ýüreklerine ýakyn
durdum.
On altynjy kada: Allah kemçiliksizdir, ony söýmek
aňsatdyr. Iň kyny günäsi, sogaby bilen birlikde ötegçi
ynsany söýmekdir. Ýatdan çykarma, adam islendik bir
zady näderejede söýýän bolsa, ony diňe şo derejede tanap
biler. Diýmek, özgeleri ýürekden gurşap almazdan,
Ýaradan üçin ýara dylany söýmezden, ony mynasyp
derejede tanap hem bolmaz, bolmalysy ýaly söýüp hem.
Her dürli ýaşdaky, dürli ugurlardan günuzyn zähmet
çekýän senetkärleriň ownuklyirili horaşaja dükanlarynyň
ýerleşýän darajyk köçelerine aýlandym. Her künjekde
kimdir biri hökman Möwlana barada gürrüň edip durdy.
Eýse, beýle halanmak, söýülmek nähili zatka? Şeýle
meşhur bolmak, elmydama adamlaryň aýasynda
saklanmak adamyň nebsine nähili täsir edýärkä? Şu
sowallar aňymdan geçýärkä, Rumynyň wagyz edip duran
metjidine tarap däl-de, bütinleý ters ugra barýandygymy
bilip galdym. Töweregimdäki manzar üýtgäp başlady.
Şäheriň gaýra çetine tarap gitdigiňçe, öýler haraba, bagbakjalar weýrana öwrüldi. Köçelerde goh-galmagalyň,
takyr-tukuryň içinde oýnap ýören garyp, garawsyz
çagalara gabat geldim. Diňe bir öýlerdir adamlar däl,
yslaram üýtgedi, barha ýitileşdi, her dürli işdäaçarlaryň,
ýagyň, sarymsagyň ysy köpeldi. Ahyrynda bolsa, darajyk

köçä düşdüm. Bu ýerde üç ys –– müşküň, deriň hem
şöhwetiň ysy agdyklyk edýärdi. Diýmek, Konýanyň ady
erbetlikde tanalýan mähellesine gelen bolmalydym.
Daş düşelen ýanýodaly, dik ýapyly köçäniň başynda
emelsiz salnandygy bildirip duran bir jaý bardy. Çökgün
üçegi gamyş bilen berkidilipdir. Öýüň öňünde dört-bäş
sany aýal gürleşip durdy. Golaýlaryna baranymy görüp,
gürrüňlerini bes edip, üşerilişip seredişdiler. Olaryň
ýüzünde ýarym howsala, ýarym ýigrenç alamaty peýda
boldy. Aýallaryň golaýynda bir howly bardy. Onuň içi
akylyňy haýran edýän owadanlykda gat-gat açylan
güllerden doludy. Bagyň bagbanynyň kimdigini bilesim
geldi.
Howla ýakynlaşanymda onuň gapysy gürpüldäp açyldyda, ondan syryk ýaly uzyn boýly, irimçik, ýüzi salyk aýal
daşaryk atylyp çykdy. Onuň alkymynyň aşagy gasyngasyn
bolup sallanyp durdy, garny ýap-ýasydy. Gözlerini
ýumanda onuň ala gözleri et gatlaklarynyň arasynda ýitip
gidýärdi-de, yzynda iki sany inçejik çyzyk emele gelýärdi.
Galyň dodaklary salparyp durdy, tegelek ýüzi dolmuşdy,
duluklary halpykdy.
Ýokarky dodagynyň üstünde tüýjerip duran gara murty
bardy. Aňlaýşymça, garşymda duran ynsan bu dünýä hem
erkek, hem aýal bolup gelen bolmalydy − hünsady.

− Sen kim borsuň? Näme gerek? – diýip, hünsa şübhe
bilen sorady. Onuň ýüzi üýtgäp durdy, kä joşup, kä çekilip
duran deňiz ýaly, bir görseň erkege, bir görseň hem aýala
öwrülýärdi.
Özümi tanatdym. Hiç zat diýmedi. Adyny soradym welin,
eşitmedik boldy.
Bir eli bilen siňek kowan ýaly, küş-küş eden hünsa:
− Bu ýerler seniň geljek ýeriň däldir – diýdi.
− O näme üçin? – diýip soradym.
− Heý, bärisiniň bozukhanadygyny göreňokmy? Siz
derwüşler hemişe «Huw-Hak» diýip zikir çekip, aýal-gyz
görseňiz, jyn gören ýaly gaçýaňyz ahyry. Bärde näme işiň
bar? Bilip goý, duýdurdygym bolsun. Ýene-de maňa
bozukhananyň hojaýyny bolanym üçin zowky-sapadan
başga zady bilmeýän ahlaksyzdyr öýdýärler. Ýöne menem
her ýyl hökman zekatymy berýän, Oraza aýynda gapymy
bent edýärin. Häzirem seni günäden halas etmegiň
aladasynda. Bizden daşrak dur. Bu ýer şäheriň iň erbet, iň
pis ýeri. Bu ýere golaýlaşma!
− Ýöne, meniň pikirimçe, erbetlik, pislik adamyň daşynda
däl, içinde bolýandyr – diýip, garşylyk görkezdim. – Buda kadalaryň biridir.

− Sen haýsy kadanyň gürrüňini edýäň, hä? –– diýip
teýeneli dillendi.
On ýedinji kada: Esasy hapalyk daşyňda däl-de, içiňde,
köýnegiňde däl, kalbyňda bolýandyr. Şulardan başga
islendik tegmil näçe erbet görünse-de, ýuwlan badyna
arassalanar, suw bilen päklener. Ýuwanyň bilen
aýrylmaýan ýeke-täk hapa ýürekde gert baglan
görübilmezçilik hem betpällikdir.
Ýöne hünsa aýdanlarymy eşitmedik boldy.
− Siz derwüşleriň aňy üýtgäpdir. Bize her jüre müşderi
gelýär. Ýöne derwüş kysmy hiç haçan aýagyny sekenok!
Bärde entäp ýörseň, Alla bu ýeri weýranhana dönderer.
Dinliimanly adamy ýoldan çykardylar diýip, bize lagnat
eder. Ojagymyzy başymyza ýumrar.
Şonuň üçinem tizräk garaňy saýla!
Güldüm.
− Bu bolgusyz pikirleri nireden tapýaň? Sen Allagökden
seredip duran gaharly, birehim atadyr öýdýäňmi? Her
gezek etmiş edenimizde başymyzdan daşdyr gurbaga
indirer öýdýäňmi? Beýle-de bir Haktagala ýalňyş
düşünmek bolarmy?
Bozukhananyň eýesi hünsa ýüp ýaly murtunyň ujuny
burdy. Hamala, ýenjäýjek ýaly bolup, gaharly seretdi.

− Alada galma, bärik bozukhanaňy görmäge gelemok. –
diýdim. – Men şu gül bagyny sulhum aldy. Şony synlaýyn
diýip golaýlaşdym. − Hä, omy? – diýip, hünsa biperwaý
gürledi. – Gyzlaryň biriniň işidir, gül ekeliň diýip günüme
goýmady. Sesimi çykarmadym. Bu güller Çöl Gülüniň
eliniň hünäri.
Ol beýleräkde aýallaryň arasyndan duran bir ýaş zenana
yşarat etdi. Ol inçemik duran ýüzli, sadap ýaly düz
bedenli, gussaly garaýan gözleri mähirden doly zenandy.
Göreniň akylyny-huşuny alar derejede owadandy.
Sereden mahalym ol zenanyň uly öwrülişigi başdan
geçirýändigini syzdym.
Eglip, diňe hünsa eşider ýaly, onuň gulagyna pyşyrdadym:
− Bu gyz arassa kalply zenana meňzeýär. Bir gün geler, ol
ruhana syýahata çykyp, şu batgalygy büs-bütin taşlap
gider. Şol diýýän günüm gelende, hergiz oňa päsgel beriji
bolaýmagyn.
Hünsa yza çekilip, meni gaharly nazaryndan geçirdi.
−Jähennem bol şu ýerden! Diliňe bismil çyksyn! Sen
özüňe kimdirin öýdýäň? Bu gyzlar meniň bar baýlygym.
Haýsyny näme etmelidigini özüm gowy bilýän,
düşündiňmi? Bu ýeriň hojaýyny – men. Ýeri, owarra bol!
Gaýdybam garaňy göräýmäýin! Ýogsa Şagalkelläni
çagyrýan, eşitmedim diýme!

− Ol kim bolýar? – diýip soradym.
Hünsa barmagyny bulaýlap:
− Omy? Bela-beter, onda-da hele-müçügem däl! Ynanaý
maňa, tananyňa ökünersiň – diýdi.
− Kim bolsa, şo bolsun – diýip, ähmiýet bermedim. –
Gidýän, ýöne ýene-de gelmegim ahmaldyr. Şu töwerekde
meni ýene göräýseň, geň görüp durmagyn. Men ömrüni
namazlygyň üstünde sežde edip geçirýän derwüşlerden
däldirin. Şeýle adamlar Gurhany ýüzleý okaýandyr. Men
bolsam Gurhany ähli ýerden − her bir sümmülden,
garynjadan, bulutdan okaýaryn. Meniň okaýanym janly
Gurhandyr.
− O nähili? Adamlary kitap ýaly okap bilýäň-dä, şeýlemi?
– diýip, bozukhananyň eýesi haşşyldady-da, hahahaýlap
güldi. – Biderek gürrüň edýärsiň!
− Aslynda her bir ynsan açyk duran kitapdyr. Özi-de
okalmagyna garaşýandyr. Biziň her birimiz ýöräp ýören,
dem alýan kitapdyrys, esasy zat özümiziň kimdigimizi
bilsek bolýar. – diýdim. – Hala bozuk aýal bol, hala
başyboş, gözden düşen bol ýa atlyabraýly, Allany tapmak
islegi ählimiziň ýüregimiziň düýp töründe gizlenip,
bukulyp ýatandyr. Dünýä inen pursadymyzdan
kalbymyzda yşk jöwheri bardyr. Ol şol ýerde ýatyşyna,

äşgär edilmegine, üstünden barylmagyna garaşýandyr. Bu
kadalaryň biridir.
Bu gezek haýsy kada barada gürrüň edýändigimi
soramady. Menem dowam etdim: − On sekizinji kada:
Tutuş älem ähli barlygy, ýagşy-ýamany bilen birlikde
ynsanyň içinde gizlenendir. Şeýtan daşymyzda bizi
azaşdyrjak bolup ýören eýmenç mahluk bolman, hut
içimizde ýerleşýän sesdir. Şonuň üçin şeýtany daşyňdan,
başgalardan däl-de, özüňden gözle. Onsoňam bir zady
unutma, özüni bilen Rebbini-de biler. Başgalara däl-de,
özüne garşy göreşen adam ahyrynda zähmetiniň rehneti
hökmünde Ýaradany tanar.
Hünsa bu gezek gollaryny çilşirdi, öňe egildi, gözlerini
süzüp, haýbatly görnüşde meni depämden dabanyma çenli
synlady.
− Bozuk aýallara akyl öwretjek bolýan akmak derwüş! –
diýip, hüňür-hüňür etdi. – Kimdigiňi, nämedigiňi,
Konýadan näme agtarýanyňy bilemok, ýöne düzüwlije
bol! Şu töwerekde hiç kimiň gözüni-başyny aýlamaga ýol
bermen, bilip goý! Bozukhanamyzdan daşrakda şaýra!
Şeýtmeseň, söz berýän, Şagalkelle geler-de awuly diliňi
kesip taşlar, menem ony duzlap hezil edip iýerin. Ella

Boston, 2008-nji ýylyň 28-nji maýy
Ella bu gün öňkülerden tukat oýandy. Ýöne bu beýle bir
agyr gamgynlyk däldi. Hiç zada höwesi ýokdy, bar zatdan
göwnügeçgindi, keýpsizdi. Göýä asla barasy gelmeýän
bosagasyna ýakyn baran ýalydy. Durmuşynda bir zatlar
özgerýärdi. Muny syzansoň, nämedir bir zatlara
garaşýardy. Aşhanada kofe taýýarlaýan mahaly, öňräk
oturyp ýazan, soňam bir çekmä taşlan sanawynyň
üstünden bardy, onda berjaý etmegi ýüregine düwen
zatlary ýazylgydy. Ýazan zatlaryny gyzygyp okady.
Berjaý edenleriniň gapdalyna gyzyl galam bilen bellik
etdi.
Kyrk ýaşym dolmanka, hökman berjaý edilmeli on zat:
Mundan beýlä has düzgün-tertipli bol, wagtyňy has
ýerlikli peýdalan, özüňe täze bir gündelik ýazgy depderini
al. (Berjaý edildi!)
Iýip-içgide agzyňy çek, ýagy, şekeri, hamyry, duzy kes,
mineral goldawy we antioksid al. (Berjaý edildi!)
Ýüzüňdäki ýygyrtlara garşy uruş yglan et. Alfa gidrooksil
önümlerini ulan, «Lorealyň» täze çalgysyny gözden
salma. (Berjaý edildi!)
Kürsüleriň örtügini çalşyr, öýe täze ýasama bezeg
ösümliklerini al, ýassyklary täzele.
(Berjaý edildi!)

Durmuşyňa ser sal, gözden geçir. (Berjaý edildi diýse
boljak!)
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Elif Şafak-Yşk - 10
  • Parts
  • Elif Şafak-Yşk - 01
    Total number of words is 3608
    Total number of unique words is 2185
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 02
    Total number of words is 3616
    Total number of unique words is 2228
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 03
    Total number of words is 3610
    Total number of unique words is 2211
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 04
    Total number of words is 3621
    Total number of unique words is 2271
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 05
    Total number of words is 3686
    Total number of unique words is 2230
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 06
    Total number of words is 3613
    Total number of unique words is 2257
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 07
    Total number of words is 3722
    Total number of unique words is 2226
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 08
    Total number of words is 3656
    Total number of unique words is 2262
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 09
    Total number of words is 3579
    Total number of unique words is 2310
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 10
    Total number of words is 3666
    Total number of unique words is 2164
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 11
    Total number of words is 3591
    Total number of unique words is 2225
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 12
    Total number of words is 3623
    Total number of unique words is 2233
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 13
    Total number of words is 3652
    Total number of unique words is 2154
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 14
    Total number of words is 3670
    Total number of unique words is 2111
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 15
    Total number of words is 3637
    Total number of unique words is 2160
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 16
    Total number of words is 3591
    Total number of unique words is 2182
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    54.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 17
    Total number of words is 3590
    Total number of unique words is 2167
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 18
    Total number of words is 3586
    Total number of unique words is 2219
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 19
    Total number of words is 3651
    Total number of unique words is 2179
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 20
    Total number of words is 3632
    Total number of unique words is 2034
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 21
    Total number of words is 3642
    Total number of unique words is 2121
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 22
    Total number of words is 3656
    Total number of unique words is 2209
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 23
    Total number of words is 3664
    Total number of unique words is 2120
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 24
    Total number of words is 3674
    Total number of unique words is 2117
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 25
    Total number of words is 3603
    Total number of unique words is 2124
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 26
    Total number of words is 3670
    Total number of unique words is 2220
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 27
    Total number of words is 483
    Total number of unique words is 391
    49.5 of words are in the 2000 most common words
    60.1 of words are in the 5000 most common words
    65.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.