Latin

Elif Şafak-Yşk - 12

Total number of words is 3623
Total number of unique words is 2233
30.7 of words are in the 2000 most common words
43.6 of words are in the 5000 most common words
50.9 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
ses-üýn ýokdy. Birden ol adamlaryň biri maňa tarap bir
ädim süýşüp, howany ysgady.
–– Pö-üf, ýaman erbet ys bar-aý –– diýip, abşarylyp durdyda, ýaňsyly seretdi.
Beýleki-de şobada gürrüňe goşuldy:
–– Hawa-laý, porsan maslyk ýaly şerabyň ysy gelýär.
Gürrüňi degişmä salmagy ýüregime düwdüm:
–– Alada galmaň, bu ys hakyky ys däl. Dogrusy, hakyky
meý haram edilip, diňe göçme manydaky meý mübah
kylnypdyr, şu alan ysyňyzam göçme manydaky meýiň
ysy bolsa gerek.
Bu jogap ýaş ýasawulyň göwnüne ýaramady.
–– Merez bolsa gerek, zäher bolsa gerek, näme
samahyllaýaň? –– diýip gaharly hüňürdedi.

Hut şol mahalam bulutlaryň arasyndan Aý peýda boldy-da,
ählimizi şuglasyna gark etdi. Indi öňümde duran ýasawuly
arkaýyn görüp bilýärdim. Tegelek dolmuş ýüzli,
eňekmen ýasawulyň gök gözleri

sop-sowukdy, burny bürgüdiň çokjasy ýaly somalyp
durdy. Bir gözi çaşy bolmadyk bolsa we elbetde, keşbinde
ýakymsyz
ulumsylygyň
sudury
duýulmaýan
bolanlygynda, görmegeý ýigit diýip boljakdy.
Ýasawul gaýtalap sorady:
–– Gijäň bimahal çagty nämä entäp ýörsüň? Nireden gelip,
nirä barýaň?
–– Nireden gelip, nirä barýaň diýýäňizmi –– diýip, totuguş
bolup gaýtaladym. –– Ogul, bu aýdýanyň gaty inçe mesele.
Eger bilýän bolsadym, onda ulama-molla bolardym.
Ýasawul gaşyny çytdy.
–– Men bilen henek atyşjak bolýaňmy, nejis haramzada!
Heniz näme bolup geçýänini aňyp ýetişmänkäm, ol
gamçysyny eline alyp bulaýlady.
Biygtyýar güldüm. Ýaş ýigit urara jaýdar ýer aňtaýardy.
Hamala oýun edýän ýaly, hereketleri diýseň haýbatlydy.
Şol pursat gursagyma duýdansyz urlan gamçynyň
zarbasyna aljyradym. Urgy diýseň duýdansyz boldy
welin, bu zarbada göwrämi saklap bilmän ýere ýykyldym.
–– Me saňa, aýdylandan netije çykarmaýanyň paýy şü... ––
diýip, ýaş ýasawul gamçyny bir elinden beýlekisine aldy. –
– Içgi içmegiň günädigini bileňokmy?

Agzymda gyzgyn, şorumtyk tagam duýdum. Onuň öz
ganymyň tagamydygyna düşündim. Iş ula ýazmaz ýaly,
dilime berk bolmalydygymy bilýärdim, ýöne oglumyň
ýaşyndaky ýigidiň taýagyny iýip durmaga çydam edip
bilmedim. Dil açdym.
–– Eger jennete sen tetelliler girjek bolsa, men girmesemde bolar, gardaş –– diýdim. – – Içerinem, günämem özüm
götererin, şeýdenim müň paý gowy.
–– Seniň bir, deýýus! – diýip, ýaş ýasawul jabjyndy.
Soňra-da gamçysyny depämden indirip başlady. Elim
bilen ýüzümi tutsam-da, peýdasy degmedi. Gamçy her
gezek inende agzymdan hykgyldydan başga zat çykmady.
Şol wagt köne, hereketli bir aýdym ýadyma düşdi.
Hiňlenip aýdyma başladym: –– Aman, ýarym, jan ýarym,
bu janym saňa gurban, Sen bir meý, menem bada, doldur
meni ýaňadan.
Men aýdyma gygyrdygymça, ýasawulyň myrryhy
atlandy. Gamçy barha gazaply inmäge başlady.
Janhowluma menem barha belent sesde gygyrýardym.
Ikimizem biribirimiziň kejimize gaýdyp, ýan bererli
däldik. Men gygyrdygymça, ol şonça-da paýyş
sögünýärdi, ol sögündigiçe-de, men barha gaty
gygyrýardym. Eli ýadar goýar öýtdüm, ýöne goýmady.
Haýran galaýmaly, adamda beýle-de ýigrenç boljak
oguşýa!

Ahyry sesim gyryldy. Gözümiň öňünde şöhlejikler
gaýmalaşdy-da, birdenem bar zady tüm garaňkylyk
gaplady. Beýleki bir ýasawulyň: «Baýbars, besdir!
Beýtme ahyry!» diýýänini çala eşidýärdim.
Gamçy urgulary birden kesildi. Bir zatlar diýesim geldi.
Soňky sözi özüm aýdaryn öýtdüm, ýöne agzym gandan
dolup gürläp bilmedim. Ýüregim bulandy, öz üstüme
gaýtardym.
Baýbars:
–– Bolup ýatyşyňa seret, sen ýaly adama tüýs geregi, seni
göreňde, nebsiň agyrýar –– diýdi. –– Ýöne päliňe görä
tapdyň.
Olaryň menlik işleri gutarypdy. Ýeňselerine öwrüldiler;
uzaklaşýan aýak seslerini eşidip galdym.
Şol ýerde näçe wagt ýatanymy bilemok. On minut
bolmagam ahmal, ençeme sagada ýeten bolmagy-da
mümkin. Wagt duman perdesi deýin ýukaldy. Asmandaky
Aý bu halymy görmek islemeýän ýaly, bulutlaryň
aňyrsynda gizlendi. Akyl-huşum, göwräm ömür bilen
ölmüň arasynda –– berzahda hallan atýardy. Birden bir
tarapymyň doňup durmasy aýryldy; bedenimiň
öýjükleriniň her biri yza öwrülip agyryp başlady. Ýaraly
haýwana dönüp, şol ýerde iňledim ýatdym. Birhaýukdan
soň biriniň golaýyma gelenini duýdum. Ilki gorkudan daşa
döndüm. Birden ogry-jümri bolaýsa bildiňmi? Soňra

gülkim tutdy. Ýasawullaryň taýagyny iýeniňden soň, gelgel, jübükeserlerden gorkmaň näme diýsene!
Garaňkylykdan uzyn boýly, inçesagt derwüş peýda boldy.
Ýanyma gelip salam berdi, ýerimden turmaga
kömekleşdi. Töwrizli Şems diýip, özüni tanatdy, soňra
meniň adymy sorady.
–– Konýaly Süleýman serhoş emriňize taýyn. Hormatyňyza
minnetdardyryn – diýdim.
Şems ýüzümdäki ganlary süpürýärdi.
–– Ýaraly ekeniň –– diýip, mydyrdady. –– Içiňem şeýle,
daşyňam.
Jüpbesiniň jübüsinden bir çüýşe çykardy.
–– Şu melhemi ýaralaryňa çalarsyň –– diýdi. –– Bagdatly
mübärek bir adam sowgat berdi. Seniň nesibäň eken.
Içiňdäki ýaraň daşyňdakydan has erbet.
–– Taňry ýalkasyn –– diýip sakawladym. Onuň
rehimdarlygyndan gözüme ýaş aýlandy. –– Meni
gamçylaýan adam: «Siz tetelliler dünýäde öte köplük
edýär» diýdi – – diýdim. Bu zatlary gürrüň berýärkäm,
sesim endiräp çykdy, tas aglapdym. Ejizlänime utandym.
–– Biderek aýdypdyr –– diýip, Şems dillendi. –– Biler
bolsaň, bu dünýäde her bir adam hökmany zerurlykdyr

hem-de ýüz öwrüp bolmajak derejededir. Tötänden düşen
ýa-da artykmaç ýekeje-de zat ýokdur. Bu kadalaryň
biridir.
Näme kadanyň gürrüňini edýändigini sorap ýetişmänkäm,
şeýle diýdi:
–– Ýigrimi birinji kada: Her kime bir hili häsiýet
berlendir. Eger Alla hemmeleriň birmeňzeş bolmagyny
islän bolsady, şübhesiz, şeýle ederdi. Tapawutlylyklara
hormat goýmazlyk, öz hakykatlaryňy özgeleriň boýnuna
dakmaga çalyşmak Hakyň mukaddes nyzamyna hormat
goýmazlykdyr. –– Aýdýan zatlaryň gowy, ýöne... ––
diýip, kynlyk bilen dillendim. − Men ähli zada şübheli
garaýaryn, hatda Taňra-da.
Şems-i Töwrizi argyn ýylgyrdy.
–– Şübhe erbet zat däl ahyry. Şübhelenýän bolsaň ––
diridigiňdir. Bir zatlar gözleýänsiň.
Ol sözüni kitapdan okaýan ýaly, joşgunly labyzda dowam
etdi:
–– Adam bir gijede iman eýesi bolmaýar, Süleýman.
Ynsan özüne ynanýandyryn öýder, ýöne soňra başyna
garaşmaýan bir işi düşse, ikirjiňlener, yraň atar. Soňra
ýene özüni dürsär, imanyny kuwwatlandyrar, soňra ýene
şübhe çukuryna togarlanyp gaýdar... Bu şeýder dowam

eder barar. Belli bir basgançaga ýetýänçäk, bir o ýana, bir
bu ýana gyşarjak bolar durarys. Kä mömin, kä müňkür, kä
şübheçil. Kä jennete mynasyp, kä jähenneme laýyk. Diňe
şeýdip öňe gidip bileris. Her ädimimizde-de Haka az-kem
ýakynlaşarys. Şübhe duýmazdan, iman mümkin däldir.
–– Hristos bu sözleriňi eşitse, alada galar, walla.
Agzyňdan çykýan sözlere üns ber diýip, garalla baryny
ýagdyrýar –– diýdim. –– Her sözüň öz gulagy bardyr
diýip, mydama gulagyma guýup ýör.
Şems-i Töwrizi güldi:
–– He, olam dogry aýdýar –– diýdi. Soňam birden ýerinden
turdy. –– Ýör, hany, seni öýüňe äkideýin. Ýaralaryňy
daňarys, soňam biraz ýatsaň kem bolmaz.
Goltugyma girip, aýak üstüne galmaga kömek etdi. Ýöne
ýöräre mejalym ýokdy. Şol wagt derwüş ýaýdanyp
durmady-da, meni arkasyna hopba etdi. Öz ysym öz
burnuma urdy. Utanyp gitdim.
–– Meni ýere taşla. Gaty erbet porsapdyryn –– diýdim.
–– Işiň bolmasyn, sen gowusy, öýüňe nähili gitmelidigini
salgy ber.
Ynha, şeýdip, Töwrizli Şems üst-başymdaky gan-koka,
siýdige, gusuga garaman, meni

Konýanyň darajyk köçeleri bilen arkasyna alyp gaýtdy.
Çuň ukuda ýatan öýleriň, dükanlaryň, külbeleriň deňinden
geçdik. Howlularyň haýatlarynyň aňyrsyndan itler
üýrüşdiler.
–– Mydama bilesim gelip ýören bir zat bardy –– diýdim. –
– Sopularyň taryp edýän meýi hakyky meýmidir ýa göçme
manydaky aňlatmamy?
Şems çaga bilen gürleşýän ýaly, mylaýym ýylgyrdy:
–– Ylahy meý, Süleýman! Şony bilesiň gelýärmidi? Onuň
näme parhy bar? –– diýdi. Ahyry öýümiň deňine gelip
ýetdik. Meni seresaplyk bilen arkasyndan düşürdi. Soňam
şeýle diýdi:
–– Ýigrimi ikinji kada: Allanyň çyn aşygy bir meýhana
girdimi, ol ýer onuň üçin namazgähe öwrüler. Ýöne
serhoş şol namazgähe girdimi, ol ýer onuň üçin meýhana
döner. Bu durmuşda näme etsegem, tapawutlary ýüze
çykarýan daş görnüşimiz dälde, niýetimizdir.
Şems meni öýüme getirip gidenden soň, tükeniksiz
görnen hem halys eden gijäniň säher çagynda düşegime
geçip, ýüzin düşüp ýatdym. Ýaralarymyň agyrysyndan
ýaňa uklamak mümkin däldi, ýöne şonda-da içimde bir
ýerlerde özüm üçin nätanyş bolan rahatlyk, kaýyllyk
bardy.

Ähli ýerim agyrydan zerzaw hem bolsa, haýran galaýmaly
ýeri, näme üçindir, janym ýanyp durmaýardy. Ella
Boston, 2008-nji ýylyň 3-nji iýuny
Beýle-beýle zatlara garaşanokdy. Iýun aýynyň ilkinji
günlerinde şeýle bir işler başyna düşdi welin, olaryň hiç
birini küýüne getirmeýärdi, esasanam, Kölege aşhanada
öli halda tapylar diýip güman edenokdy. Itiň garranyna,
mütdetiniň dolup ýörenine aňry ýany bilen düşünse-de,
şunça wagtlap öýde iň ýakyn ýoldaşy bolan jandary
ýitirmek Ellany erbet elendirdi. Soňra Orlynyň mekdep
müdirinden hat aldy. Hatda gyzynyň ýetginjeklikde bolup
geçýän ruhy sarsgyny başdan geçirýändigi we ony
psihologa
görkezilse,
artykmaçlyk
etmejekdigi
bellenýärdi. Onuň synpdaşlarynyň ählisi bu ýagdaýdan
habarly eken. Ella habary çuňňur günäkärlik duýgusy
bilen kabul etdi. Nädip, perzendiniň ýagdaýynyň
şeýledigini aňmadyka? Näme üçin alkymynda bolup
geçýän zatlary görmekde gijä galdyka? Ýazyklylyk
duýgusy Ella üçin täze zat däldi. Ýöne özüniň enedigine
şübhe etmek welin, bütinleý täze duýgudy. Şol
döwürlerde Ella her gün Aziz Z. Zahara bilen hat alşyp
başlapdy. Her gün iki, üç, käte bäş-alty hat ýazyşýan
halatlary-da bolýardy. Ýadyna düşen, içini gysdyran ähli
zat barada Azize habar berýärdi. Aziz hem gijä goýman
jogap ýazýardy. Şunça syýahat edýändigine we dünýäniň

aňrujuna gidip gelýändigine garamazdan, onuň, nädip,
internet aragatnaşygyny ýitirmeýşi Ella üçin syr bolup
durýardy. Özi-de bilmezden, Aziziň sözleriniň
muşdagyna öwrülipdi.
Indi ol her pursatda elektron hatlary barlap durýardy.
Irden gözüni açyp-açman, ertirlik edinenden soň, irki
gezelenjinden gaýdyp gelende, öýlän nahar bişirýärkä,
daşaryk çykmazdan ozal, hatda köçede odur-budur
alýarka-da, internet kafelere baryp, gelen hatlary gözden
geçirýärdi. Iň halaýan serialyna tomaşa edýän mahaly,
nahar bişirme jemgyýetinde pomidor dograp durka,
goňşulary bilen telefonda gürleşýärkä ýa-da ekizleriň
mekdep hem öý tölegleri baradaky mydy-mydylaryny
diňleýärkä-de, ýan kompýuteri hemişe ýanynda, hat
gutujygy bolsa elmydama açykdy. Azizden täze hat
gelmedik bolsa, öňkülerini gaýtadan okaýardy. Täze hat
gelen bolsa, söýgä ulaşan ýetginjek ýaly, tolgunman
durup bilmeýärdi. Çünki indi bir zady bilýärdi, bu hat
alyşmalar ýönekeý tanyşlyk däldi.
Aziz bilen alyşýan hatlarynyň arasy güreldigiçe, Ella öňki
arkaýynlygyndan ara açýandygyny duýýardy. Çal hem
goňur reňk agdyklyk edýän polotno meňzeş durmuşyna
häzir diýseň janly –– ýagty, kümüşsöw, aldawçy reňk
goşulypdy. Ol bu reňkden çekinýärdi. Ýöne onuň dartyş
güýjüniň öňüni alyp bilmejegini-de bilýärdi.

Aziz boş ýere hat ýazyp ýören adam däldi. Ýüregini
ýolbelet edinmeýän, yşka özüni bermedik adamlaryň hiç
biriniň, Aziziň pikiriçe, jansyz göwreden tapawudy
ýokdy. Aziz ýazmagyň hatyrasyna ýazmaýardy.
Hatlaryny elmydama yhlas bilen, esasy meseleler barada:
ölüm hem dirilik, ynanç hem pelsepe, onsoňam yşk hakda
ýazýardy. Ella şeýle düýpli mowzuklarda pikirini
aýtmaga asla öwrenişmedigem bolsa, oňa höwes bilen
imrigýärdi.
Bu gatnaşygyň bir ýerlerinde ýaşyryn söýgi ýokundysy,
elbetde, bolsa bardyram, ýöne Ella onuň zyýansyz
söýgüdigine ynanýardy. Eýse, kiperälem diýilýän
tükeniksiz ähtimallyklar labirintiniň hersi bir künjeginde
durup, bir-birine söýgi bilen bakmaga näme päsgel berip
bilsin? Hat alyşmalar arkaly Ellanyň maşgala bolaly bäri
inçelip, üzülere gelen özüne ynamlylyk duýgusyny
gaýtadan dikeldip bilmegi ahmaldy. Başga bir tarapdan,
orta ýaşly, maşgalaly-zatly amerikaly bir aýalyň
gyzyklanmasyna sezewar bolmak, belki, Aziziň hem
özüne bolan buýsanjyny artdyrýandyr. Her näme bolandada, ol seýrek gabat gelýän erkek kişilerdendi.
Garşysyndaky aýalyň özi bilen gyzyklanýanyny duýarduýmaz, temegini göge tutup, gurda dönübermeýän
erkekdi.

Çagaly-çugaly halyna keseki erkek kişi bilen ertir diýmän,
agşam diýmän hat ýazyşyp, içgin söhbet etmek Ella
wyždan azabyny berýärdi. Ýöne herhal, bu gatnaşyk ten
lezzetine
öwrülmez.
Hemişe
platonikligine

galtaşmasyzlygyna galar.
Bu ýazyksyz günä, günäsiz etmişýaly bir zatdy... Ella
Boston, 2008-nji ýylyň 5-nji iýuny
«Öňki hatyňda şeýle ýazypsyň: geldi-geçer netijä
esaslanýan meýilnamalar düzüp, durmuşyň akymyna erk
edip bileris öýdýäris. Ýöne balyk ýüzüp ýören ummanyna
erk edip biler öýdýäňmi? Bu diňe soňy puç umytlara hem
ýitgilere getirer.
Meniň durmuşym bolsa, hemişe her dürli meýilnamalardyr
sanawlar düzmek bilen geçýär, Aziz. Maşgalamyza gerekli
zatlaryň ählisi meniň boýnumda. Iň owunjak zatlara çenli
özüm seretmeli bolýan. Meni tanaýanlaryň haýsy birinden
sorasaň, saňa doly aýdyp berer. Men öňden gelýän
ýörelgelere eýerýän ene. Bellän düzgünimden çykylsa
halamok (meniň düzgünlerim Şemsiň kadalary ýaly özüne
çekiji däl, elbetde). Bir gezek uly gyzym gaharlanyp,
partizançylyk taktikasyny ulanýandygymy aýtdy.
Olar bilen ýüzbe-ýüz gürleşip, özlerine garşy «umumy
uruş» yglan etmegiň ýerine, «durmuşyna sokjarylmak»
usulyny peýdalanýarmyşym.

Bir aýdymda aýdylýardy ahyry: «Que sera, sera» ––
«Boljak işe ýokdur çäre» diýip, ýadyňa düşýärmi? Bu
meniň diýjek aýdymym däl. Özümi hiç erkime
goýberemok. Sen dindar adam, ýöne men beýle däl.
Dogrusy, her hepde maşgala bolup Şebti belleýäris. Ýöne
bu dini çäre bolmakdan beter, biz üçin medeni däp ýaly
bir zat. Uniwersitetde okaýarkam, bir ýola Gündogar
mistisizmi bilen gyzyklanyp, buddizmi we taoizmi esli
wagtlap öwrenipdim. Bile okaýan joralarymyň biri bilen
Hindistana gidip, ybadathanalarda ýaşamak hyýalyna-da
mündük. Ýöne durmuşymyň şol döwri uzaga çekmedi.
Mistiki taglymatlar her näçe ajaýyp bolsa-da, döwrebap
ynsanyň zeruryýetlerini kanagatlandyryp bilmeýär diýip
şol wagtlar pikir ederdim.
Dine beýle sowuk çemeleşmäm seni ynjydyp duran däldirdä hernä. Şu zatlary özüň babatda hemişe dogruçyl
bolmagy isleýänim üçin ýazýaryn. Ony wagty ýeten boýun
alma diý-de hasap edäý.
Sen
i
gör
me
zde
n

küý
seý
än
Ell
a.
***
«Gadyrdan partizan Ella,
Hatyňy Amsterdamdan Malawä gitjek bolup durkam
aldym. AIDS-iň ýaýran ýerine, çagalaryň üçden ikisi
hossarsyz galan obany surata düşürmäge gidýärin. Işler
ugruna bolsa, dört günden soň, öýüme dolanyp gelerin.
Onuň şeýle bolmagyny umyt edip bilerinmi? Hawa. Onda
ony şeýle etmäge erkim ýetermi? Ýok!
Bar edip biljek zadym: ýan kompýuterimi ýanyma almak,
gowy işleýän internet aragatnaşygyna girmek we şu
durmuşda ýene bir gün ýaşap biljekdigime umyt edip,
hereket etmek. Galan zat meniň hem elimde däl, seniň
hem. Ynha, şu erkimiziň ýetmeýän bölegine sopular
«bäşinji unsur - element» diýýärler. Ot, toprak, howa we
suw bilen birlikde dünýäni emele getirýän bäşinji unsur:
Boşluk. Düşündiribem, erk edibem bolmaýan, netijede-de
partizançylyk taktikasyny ýola goýmak mümkin bolmadyk
ölçeg. Biz ynsanlar bu unsura doly akyl ýetirip bilmesekde, onuň bardygyny bilýäris. Kaýyllygyň nämedigini

bilmeýändigiňi aýdýaň. Eger kaýyllyk diýip, asla isleg ýada garşylyk bildirmezlige, pikir beýan etmezlige düşünýän
bolsaň, onda oňa menem ynanmaýaryn. Meniň kaýyllyk
diýip düşünýän zadym bäşinji unsura uýmagyň
gerekligidir.
Tasawwuf bilen tanşan mahalym, Taňrynyň huzurynda
öz-özüme söz berdim. Dogry ýoldan aýrylmazlyk üçin
elimden geleni etjekdigime, egoma –– menligime boýun
egmejegime we galan zatlaryň ählisini Oňa we diňe Oňa
tabşyrjakdygyma lebiz etdim. Meniň göz ýetirýän
çäklerimden aňyrda-da bir zatlaryň bardygyny ykrar
etdim. Gepiň keltesi, Oňa ynandym. Ynanç hem yşk
ýalydyr. Ol subut edilmegini talap edip durmaýar.
Mantyga laýyk düşündirişe-de mätäç däl. Ol ýa bardyr,
ýa-da ýok!
Meni dindar adam hasap edipsiň. Ýöne men beýle däl.
Dindar bolmak bilen ynançly adam bolmak şol bir zatlar
däldir. Bu iki düşünjäniň arasyndaky tapawut, belki, hiç
haçan şu günlerdäki ýaly aýyl-saýyl bolan däldir.
Döwrebap dünýäde barha ýitileşýän bir çykgynsyz ýagdaý
bar. Biz adamlar dinden, döwletden, jemgyýetden
garaşsyz «rasionalist, paýhasly şahsyň» erkanalygyna
esaslanýan bir ulgam döretdik. Ýöne adamzat ruhy
gözleglerinden hem ýüz öwürmedi. Biz indi akylyň ýetýän
çäklerinden aňyrlarda nämäniň bardygyny bilmek
isleýäris. Şunça wagtlap akyla daýananymyzdan soň,

aňymyzyň çäkli bolaýmagynyň ahmaldygyny boýun
almaga başladyk.
Bu gün, edil döwrebaplaşma döwründen ozal bolşy ýaly,
ruhanyýete bolan gyzyklanma babatda uly öňegidişlik
bolup geçýär. Bütin dünýäde barha köp adam özleriniň
başagaý durmuşlarynda ruhanyýete has uly orun
bermäge çalyşýarlar. Emma ruhanyýet täze bir «pişe»
däldir. Ol durmuşymyzda we şahsyýetimizde düýpli
özgerişlikleri amala aşyrmazdan, özleşdirip boljak zat
däl.
Nahar bişirmegi halaýanyňy ýazypdyň. Töwrizli Şems
dünýäni ullakan gazana meňzederdi. Onuň içinde iňňän
datly tagam bişip dur. Edýän işlerimiz, duýýan, diýýän,
hatda pikir edýän her bir närsämiz nahar bişirmek üçin
bu gazana atýan zadymyzdyr. Şeýle bolýan bolsa, bu
ählumumy tagama näme goşant goýandygymyz barada
özözümizden soramagymyz gerek. Biz oňa öýke-kine,
gahar-gazap, ganly çaknyşyklar we ýowuzlyk atdykmy ýada yşk, ynanç hem agzybirlik?
Eýse, sen näme goşduň, gadyrdan Ella? Adamzat diýilýän
çorba nähili tagam goşant goşduň? Heran-haçan sen
hakynda oýlansam, meniň bu gazana atýan zadym ullakan
ýylgyryş bolýar. Seni heniz tanamasam hem küýseýärin...
Çuňňur söýgi bilen Aziz».

Üçünji bölüm Howa
Ýaşaýyşdaky geçýän, göçýän we aýlanýan
zatlar...
Yňdarma (Fanatik) Konýa, 1244-nji ýylyň 19-njy
oktýabry
Birden köçede itleriň üýrýän sesini eşidip, düşegimden
dikeldim. Itler golaýdaky öýleriň birine girmäge
synanyşýan ogrynyň ýa-da ýoldan geçip barýan serhoşuň
ysyny alan bolsalar gerek. Indi sapýürekli adamlara
öýünde arkaýyn ýatmak haram boldy. Ähli ýerde azgynlyk
hem ahlaksyzlyk höküm sürýär. Konýa ozalam şeýlemidi?
Ýaňyýaňylar, birnäçe ýyl mundan öň hem, bu şäher iň
parahat, gorkusyz-ürküsiz ýerdi. Emma şu «ahlak
bozuklygy» diýilýän apatyň palçykdan, batgalykdan parhy
ýok. Birje gezek gyrasynda göründigiň, ýa üstüňe
çyrşalar, ýa-da ol seni özüne sorar. Bu şeýle howply
musybet welin, ýaş-garry, baý-garyp diýmän, kim
bolsaňam öz penjesine alýar. Ynha görseň, şemala çabrap
ýaýraýan ýalyn ýaly, çar tarapyňy gurşap alandyr.
Şäherimiziň häzirki hal-ýagdaýy-ha, ine, şeýle...
Medresede sapak bermek aladam bolmadyk bolsa,
dogrusy, her säher öýden daşaryk ädimimem ätmezdim.
Döwür ýamanam bolsa, herhal jemgyýetiň nyzamy
başsyz-gözegçisiz däl. Jemgyýetiň bähbidini onuň

agzalarynyň bähbidinden ileri tutup bilsek, ertir-agşam
diýmän, jemgyýetçilik tertibini gorap-goldap ýörenler
hem bar. Meselem, agamyň ogly Baýbars! Aýalymam,
menem oňa buýsanýarys. Baýbarsdyr beýleki ýasawullar
gijäniň biwagt çagynda jenaýatkärler töwerekde
sümsünişip ýörmesin diýip, biz öýümizde rahat ýatar ýaly,
aýak üstünde.
Ençeme ýyl mundan ozal sanaglysy dolup, agam bu
dünýäden göç edensoň, Baýbarsa özüm hossar çykdym.
Ony öz oglum ýaly ösdürip ýetişdirdim. Ganygyzgyndyr,
gatyja hozdur özi. Mundan alty aý öň ol ýasawul boldy.
Myş-myşlara gulak gabartsaň, men medresede ders
bermeýän bolanlygymda, Baýbarsyň iş tapjak gümany
ýokmuş. Barypýatan jyp dyrma! Baýbars bu işiň aňryýany
bilen hötdesinden gelip biljek derejede başarnykly hem
gaýratly ýigit. Islese, ajaýyp esger bolup hem bilerdi.
Emma Küdusa barýan ýoldaky Haç göterijiler başlyklaýyn
dinimiziň duşmanlarynyň ählisine garşy söweşe goşulmak
üçin urunsa-da, bärden gitmegini menem, aýalym hem
göwnemedik. Şu ýerde galyp, öýlenip maşgalaly-mülkli
bolmagyny isledik. Oňa öýli-işikli bolmaga bireýýäm çen
boldy.
–– Ogul, sen mert, güýçli, tutan ýerini goparýan ýigit, sen
bärde-de gerek –– diýip, garşy çykdym. –– Maksadyň jihat
etmek bolsa, şu şäherde-de jihat edere zat köp.

Hakykatdanam, şeýle. Şu gün ir bilen aýalyma aýtdym:
–– Kyn döwri başdan geçirýäris, keýwany. Ahlaksyzlyk
barha möwjeýär –– diýdim.
Her gün bir ýerlerde
nähilidir heläkçiligiň bolany hakda habarlar eşidilip dur.
Tötänden däl. Eger mongollar şular ýaly üstünlik
gazanýan bolsalar, hristianlar öz maksatlaryna ýetmek
üçin ilerleýän bolsa, yslam duşmanlary obama-oba,
şähermeşäher talaňçylyk edýän bolsa, bu zatlaryň
ählisiniň sebäpkäri Allanyň ýolundan gyşaranlardyr!
Gürletseň musulmandyryn diýip, yslamyň kadalaryna
eýermeýänlerdir! Eger bir ýurduň ilaty ýoldan çyksa,
şular ýaly, gaýdyp dikeldip bolmajak ýagdaýa düşer.
Mongollar –– günälerimiziň öwezine berýän tölegimizdir.
Olaryň iberilmeginiň sebäbi şol. Mongollar bolmadyk
bolaýanda-da, şu gezek ýa ýer hopardy, ýa-da suw belasy
–– sil gelerdi. Günäkärler şu zatlardan sapak alyp, toba
gelsinler diýip, ýene näçe apatlary başymyzdan
geçirmeli? Başymyza gelmedik bir bela –– gökden daş
ýagmasy; şu gidişine gitse, ol hem uzak däl. Sodom hem
Gomorranyň wejera ýaşaýjylarynyň ýoly bilen gitsek,
ählimiz köki-damarymyz bilen ýok edileris. Şu geň-taň
hem birtöwra sopular bar-a, şolaram hemmelere ters
görelde
bolýarlar.
Musulmanlara
gelişmejek
samahyllamalar dillerinden düşmeýäni-hä düşmeýäni,
dinden, imandan gep uran bolup ýörmeleri meniň
myrryhymy atlandyrýar. Lenç edilen pikirlerini ýer

tutdurmak üçin, Pygamber Serwerimiziň eziz ismini
agzanlarynda ganym gaýnaýar. Nämemiş, bir uruş
tamamlanandan soň, hezreti Muhammet halka ýüzlenip:
«Indi kiçi jihady tamamladyk, mundan soňra uly jihada
başlaýarys» diýipdir. Mutasawwuflar şundan ugur alyp,
biziň ýeke-täk duşmanymyz nebsimizdir, hiç kim bilen
duşmançylyk etmäliň diýýärler! Bir topar kişiniň
gulagyna şular ýaly myssyjak sözleriň hoş ýakmagy
ahmal, ýöne pyçak süňke diräp, kapyrlar hem dinsiz
mülhitler bilen söweşmäge gezek gelende, onuň bize näme
peýdasy degsin? Tasawwufçylar meseläni ýagşy çişirip:
«Öňümizde hatara dört gapy bardyr; şerigat, magryfat,
tarykat we hakykat. Olar menzil-menzil ýol sökülip
ýetilýändir» diýýärler.
Käbirleri bolsa: «Şerigat diňe bir menzildir» diýýär. Şo
diýýänleriniň nämedigini özleri bir bilýämikä?!
Onsoňam çekinmän: «Dördünji gapa ýeten kişini birinji
gapynyň kadalary baglap bilmez. Hakykata ýetenler
şerigatyň kadalaryna uýmaga mejbury däldir» diýýärler.
Al saňa gerek bolsa! Beýik mertebä ýetendirin öýdýärler,
şeýlemi? Azjaga her zat bahana! Içgi içmek, raks etmek,
saz gurallaryny çalmak, şygyr ýazmak, surat çekmek...
olaryň pikiriçe, dini wajyplardan has möhümmiş. Haçan
görseň, agzyndan düşürmän: «Eger yslamda hemme
adam Hakyň huzurynda deň hasap edilýän bolsa, onda
her bir adamyň Allany özbaşyna gözlemäge haky bardyr»

diýip wagyz edýärler. Şeýle gepler gulaga zyýansyz, hatda
kir-kimirsiz, çirksiz ýaly bolup görünýänem bolsa, olaryň
halka wagyz edýän söz dürüşdeleriniň astynda ýaşyryn
hem erbet niýetiň gizlenip ýatandygyny bilip durun. «Dini
guramalara gulak asmaň, olaryň nämä geregi bar!»
diýýärler. Olar şeýle diýmek bilen, aslynda bizi göz
öňünde tutýarlar.
Sopulardan sorasaň mübärek Gurhan-y Kerim syrly
alamatlardan, göçme manyly nyşanlardan doly bolmaly.
Harp-harp edip ebjet hasabyna geçirip, aýatlardan gizlin
manylar gözleýärler. Her bir sözüň hem daşky, ýüzleýin
manysy, hem-de içki, gizlin manysy barmyş. Şonuň üçin
hem, her bir aýata ençeme mertebe manysy bolan ýazgy
hökmünde seredýärler. Gapyllar! Gözlär ýaly näme bar?
Alla hiç bir hökümini gizlemändir ahyry! Açyk-aýdyň
beýan edýär. Sopular kysmy üsti örtükli salgylanmalar,
gizlin manylar gözläp, akyllaryndan şeýle bir
azaşypdyrlar welin, ulug Allanyň açykaýdyň aýdanlaryna
düşünmekde-de kynçylyk çekýärler. Sopularyň käbirleri:
«Ynsan ogly Gürleýän Gurhandyr» diýip tutduryp gidip
otyr. Toba estagfirullah! O nähili gep boldugy? Bu tüýs
küpür gep! Ylaýta-da gezende abdallar bar, şolar hem
gedem, hemde bibaş. Galandary, haýdary, jamii,
jawlaki... Olaryň müň bir atlary bar, özlerem hilhil...
Meniň pikirimçe, iň ýamanam şolar. Bir ýere kök urup
bilmeýän, ejiz adamdan jemagata näme haýyr bolsun?

Gatnaşyk diýlen zady bilmeýän, şemala ygyp ýören gury
ýaprak ýaly, çem gelen tarapa sowrulyp, tutuş dünýä
«meniň öýüm» diýip ýören adam şeýtanyň gözläp tapman
ýören jenaýata şärikdeşidir.
Pelsepeçilere näme diýjek, olaram sopulardan kem
oturanoklar. Hamala, özleriniň çäklije akyly älemiň uçgyraksyzlygyny göz öňüne getirip bilýändir öýdüp pikir
ýöreden bolýarlar. Baýguşdyryn öýdýäňmi, gadyrdan?
Pelsepeçiler bilen sopular biribirini görse äbe-de jüýje.
Olar barada bir hekaýatam bar ahyry.
Bir gün bir pelsepeçi ýol bilen gidip barýarka, derwüşe
duşupdyr. Biri-birini göreninden dessine olaryň sulhy
alşypdyr. Ençeme günläp söhbet edipdirler. Biri bir zat
diýip başlasa, yzyny beýleki alyp göterýärmiş.
Ahyrynda aýrylyşanlarynda töwerekdäkiler olaryň
ikisindenem janygyp näme hakda söhbet edendiklerini
sorapdyrlar. Pelsepeçi: «Söhbet edenimizde bir zady
bildim. Ol meniň bilýän zatlarymyň ählisini görýän eken»
diýip jogap beripdir.
Sopy bolsa şeýle diýipdir: «Söhbet mahaly bir zada göz
ýetirdim, meniň görýän zatlarynyň ählisini ol bilýär
eken».
Diýmek, gapyl sopy görýändirin, gapyl pelsepeçi bolsa,
bilýändirin öýdýär. Ýöne ne onuň bilýän zady bar, ne-de
beýlekiniň görýän zady. Näme üçin sada, çäkli,

galybersede, ötegçi bolan biz adamlaryň öz çenimizden
artygyna güýjümiziň ýetmejegini boýun alasymyz
gelmeýärkä? Ynsan diýilýän mahluk her näçe urnanda
elinden näme geljek?
Bir arpanyň boýuça-da ýol geçip bilmez. Kadyr Alla
maňlaýymyza näme ýazan bolsa, şol bolar. Bolany şol.
Biziň borjumyz Ýaradanyň buýruklaryna düşündiriş
bermek däl, düşünjek bolmag-a asyl hem däl, diňe we
diňe aýdylyşy ýaly, gylyny gymyldatman berjaý etmek.
Hany, Baýbars bir öýe gelsin, bu zatlar barada ýekänýekän pikir alşarys. Indi ikimiziň aramyzdaky bu
içdöküşmeler däp bolup barýar. Her gije nobatçylygyny
sowup, arypýorlup öýe gelende bile ojagyň golaýjagynda
oturýarys. Baýbars aýalymyň bişiren çorbasyny iýip
otyrka, özara hal-ýagdaýlarymyz hem-de şerigat baradada gürrüň edýäris. Ol «men» diýen ýaşynda. Elbetde, ol
gujur-gaýratly bolmaly. Şonuň ýaly ýaş, gaýratly hem
namysjaň ýigidiň Allany bilmeýän şu şäherde bitirip
biljek işi örän köp.
Kapyrmy, fasykmy, heniz ýola salmaly adam hem köp,
juda kän!

Şems Konýa, 1244-nji ýylyň 29-njy oktýabry
Buz ýaly sop-sowuk gijeleriň birinde Şekerçiniň
myhmansaraýynyň eýwançasynda otyrdym. Möwlana
Rumy bilen görüşjek wagtym indi daşda däldi.
Men Allanyň haýsy tarapa baksagam, Özüni
gözlemegimiz hem tapmagymyz üçin, öz keşbinde
ýaradan äleminiň ajaýyplygynyň huzurynda kalbymyz
guwanç hem söýgi bilen dolmalydygy hakynda oýhyýallary boýlap otyrdym. Ýöne bu hoşallyk duýgusyny
ynsan ogullary gaty seýrek başdan geçirýär.
Konýa gelelim bäri tanşan adamlarymy hakydamdan
geçirdim. Hasan gedaý, Süleýman serhoş, onsoňam
bozukhanadaky Çöl Güli. Beýlekiler tarapyndan pes
görülýän we äsgerilmeýän bu adamlar ýoň bolan bir
dertden –– «özüniň ilden üýtgeşikdigi hakyndaky
garaýyşdan» ejir çekýärdi. Bu adamlar jemgyýet
tarapyndan alga alynman, çetleşdirilip taşlanypdyr. Olar
jemgyýetden üzňeleşen alymlaryň gözýetiminiň daşynda
galan adamlardy. Bir zady bilesim gelýär, eýse, Möwlana
Rumynyň olar bilen arasy nähilikä? Eger Möwlana Rumy
jemgyýetiň aşaky gatlaklaryna öz täsirini ýetirmeýän
bolsa, bu babatda oňa kömek etmek, onuň bilen aşaky
gatlakdakylaryň arasynda köpri bolmak isleýärin.
Şäher ahyry uka gitdi. Häzir gijegezer haýwanlaryň hem
ümsümligi bozmaga het edip bilmeýän sagatlarydy. Bir

şäheriň ukusyna diň salmak diýip-aýdyp bolmajak hasrat
hem-de söz bilen beýan edip bolmajak bagtyýarlyk
eçilýär. Ýapyk gapylaryň aňyrsynda neneňsi wakalar
bolup geçýärkä? Durmuşda başgaça ýaşan bolsam,
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Elif Şafak-Yşk - 13
  • Parts
  • Elif Şafak-Yşk - 01
    Total number of words is 3608
    Total number of unique words is 2185
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 02
    Total number of words is 3616
    Total number of unique words is 2228
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 03
    Total number of words is 3610
    Total number of unique words is 2211
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 04
    Total number of words is 3621
    Total number of unique words is 2271
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 05
    Total number of words is 3686
    Total number of unique words is 2230
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 06
    Total number of words is 3613
    Total number of unique words is 2257
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 07
    Total number of words is 3722
    Total number of unique words is 2226
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 08
    Total number of words is 3656
    Total number of unique words is 2262
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 09
    Total number of words is 3579
    Total number of unique words is 2310
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 10
    Total number of words is 3666
    Total number of unique words is 2164
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 11
    Total number of words is 3591
    Total number of unique words is 2225
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 12
    Total number of words is 3623
    Total number of unique words is 2233
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 13
    Total number of words is 3652
    Total number of unique words is 2154
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 14
    Total number of words is 3670
    Total number of unique words is 2111
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 15
    Total number of words is 3637
    Total number of unique words is 2160
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 16
    Total number of words is 3591
    Total number of unique words is 2182
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    54.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 17
    Total number of words is 3590
    Total number of unique words is 2167
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 18
    Total number of words is 3586
    Total number of unique words is 2219
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 19
    Total number of words is 3651
    Total number of unique words is 2179
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 20
    Total number of words is 3632
    Total number of unique words is 2034
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 21
    Total number of words is 3642
    Total number of unique words is 2121
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 22
    Total number of words is 3656
    Total number of unique words is 2209
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 23
    Total number of words is 3664
    Total number of unique words is 2120
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 24
    Total number of words is 3674
    Total number of unique words is 2117
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 25
    Total number of words is 3603
    Total number of unique words is 2124
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 26
    Total number of words is 3670
    Total number of unique words is 2220
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 27
    Total number of words is 483
    Total number of unique words is 391
    49.5 of words are in the 2000 most common words
    60.1 of words are in the 5000 most common words
    65.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.