Latin

Elif Şafak-Yşk - 06

Total number of words is 3613
Total number of unique words is 2257
31.2 of words are in the 2000 most common words
43.9 of words are in the 5000 most common words
51.3 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
– diýip, Şems dillendi. – Göwnüme bolmasa, onsuzam
onuň golaýdadygyny, gürrüňlerimizi eşidip durandygyny
duýýan.
Agzymdan haýran galanymy bildirýän sesiň çykanynam
duýman galdym. Dowla düşüp aýak üstüne galdym.
Howla tarap ok bolup atyldym. Ýöne ol ýerdede asla çak
etmeýän bir belam − Aşçy ata maňa garaşyp durdy!
− Häý, bihepbe, bärde ekeniň-ä! – diýip gygyryp, aşpez
elindäki tikenli sübsesi bilen meni jyr raldyp kowalady. –
Sen entek görersiň, ýeksurun. Elime bir düş! Gel bärik!
Soňky pursatda sübseden ujyz sypyp, howludan atylyp
çykyp gaçdym.
Tekgehanany esasy ýola baglaýan ýoda bilen güýjümde
baryny edip ylgap barýarkam hem, Şems-i Töwriziniň
keşbi göz öňümden gitmeýärdi. Olary synlap duranymy
nireden bildikä? Ol adam jadygöýmikä? Menher näçe
uzaklaşsamam, durmag-a däl, badymam gowşatmadym.
Ýüregim agzymdan çykyp barýardy, dilim gurap,

dodagym kepäpdi. Şonda-da dyzymyň ysgyny gaçyp,
demim-demime ýetmän daljygýançam, şol ylgadym
bardym, ylgadym bardym, ylgadym bardym.
Ella Boston, 2008-nji ýylyň 21-nji maýy
Başujunda çakyrdan boşan bulgur, gujagynda ―Yşk
şerigaty‖, Ella düşeginde uklap galypdy. Ertesi irden
Dewid öýe gelende ony şeýle ýagdaýda gördi. Bir
pursatlyk düşege golaý gelip, aýalynyň üstüni örtjegem
boldy-da, pikirini üýtgedip, dessine duşa tarap ýöneldi.
On-on bäş minutdan soň, Ella oýandy. Adamsynyň duşda
ýuwunyp duranyny eşitmegi ony geň galdyrmady.
Dewidiň başga aýallaryň öýüne giden, hatda olar bilen
bolan bolmagy hem ahmaldy, ýöne şonsuzam ol her säher
öz duşlarynda ýuwnardy. Şol ýatyşyna Ella şaglap akýan
suwuň sesine diň saldy. Biraz wagtdan Dewidiň duşdan
çykanyny eşitdi. Gaýtadan gözlerini ýumup, uklan bolup
ýatdy. Şeýlelikde, düýn gije näme üçin öýe gelmäni
barada ne-hä ol soramaly, ne-de äri jogap bermeli boldy.
Bir sagat töweregi soňra Dewiddir çagalar öýden çykyp
gidende, Ella ýene aşhanada ýeke galdy.
Durmuş derýasy hemişekiler ýaly akmasyny dowam
edýän ýalydy. Nahar bişirmegiň düzgünini öwredýän
kitaplaryň iň gowusynyň gatyny açdy. Aňsat bişirmek
usuly. Naharlaryň birnäçesiniň bişirilişini ünsli gözden

geçirip, ahyry özüne tutuş öýlän iş boljak bir çylşyrymly
tagamy saýlap aldy:
Zagpyran, hindi hozy, portugal deňiz otunyň çorbasy,
kömelek sousynda ter otly, bäş dürli peýnirli aş, sirke bilen
gyzardylan sarymsakly göle gapyrgasy, ergine ýatyrylan
kelem.
Soňra süýjülik taýýarlamagy-da
şokoladly sufle bişirdi.
ahmal
etmedi:
Onuň nahar bişirmegi gowy görmeginiň bir topar sebäbi
bardy. Tagam taýýarlamak onuň bir özüniň arkaýyn
hötdesinden gelýän ýeke-täk işidi. Onsoňam bu pişe oňa
rahatlyk berýärdi. Örän ýönekeý görünýän zatlardan
lezzetli hem göze ýakymly nahar bişirip, dürli-dümenden
doly saçagy bezemegiň ynsanyň ruhuna üýtgeşik täsiri
bardy. Aşhanada nahar bilen başagaýka, ol bendisi
boldugy
gündelik
durmuşyň
çäklerinden
we
hysyrdylaryndan halas bolýardy. Aşhana onuň daşarky
dünýäden gaçyp atyp biljek, wagty isleýşi ýaly gurap,
duruzyp biljek ýeke-täk ýeridi. Käbir adamlaryň söýgi
gatnaşygyndan alýan lezzetini Ella nahar bişirmekden
alýan bolsa gerek. Üstesine-de, başga bir adam bilen
baglanyşygy ýok.
Nahar bişirmek üçin ýeke-täk gerek zat biraz wagt,
zähmet hem-de nahar bişiriljek zatlardy. Bolany.

Teleýaýlymdaky nahar bişirmegi öwredýän gepleşikleri
yzygiderli görse-de, olaryň hiç birine ynanmazdy. Şeýle
gepleşiklerde
nahar
bişirmekligi
dyngysyz
―özboluşlylyk‖, ―döredijilik‖, hatda ―fantastika‖
hasaplamaklaryny geň görýärdi. Aşhana – – tejribehana
däl ahyry! Goý, alymlar synag geçirsin, goý, sungat
işgärleri üýtgeşik bolsun! Ýöne aşpezlik başga zatdy.
Gowy aşpez bolmak üçin synag geçirmegem gerek däl,
hyýalbent bolmak hem! Datly tagam bişirmek isleýän
adam ilki bilen işiň elipbiýini öwrenmeli. Nahar bişirmek
sungaty ýyllaryň, hatda asyrlaryň dowamynda gazanylan
tejribe. Ynsan täze bir zatlary oýlap tapmagyň deregine,
öňden bar zatlara hormat goýmagy başarmaly. Döwrabap
eýýamda hiç kim köne adatlary ýa-da nusgawylaşan
usullary nusgalyk hasap etmese-de, Ella Rubinşteýn
aşhana gezek gelende, bütinleý köneçil aýaldy.
Aslynda Ella, umuman alanyňda, öz endiklerine eýermegi
gowy görýän zenandy. Maşgala bolup her gün şol bir
sagatda ertirlik edinýärdiler, her hepdäniň ahyrynda şol
bir söwda dükanyna gidip, her aýyň ilkinji dynç güni
goňşular bilen üýşüp nahar edinerdiler. Dewidiň işden
sypynyp bilmeýäni üçin öýüň ähli işi Ellanyň boýnunady;
öý çykdajylarynyň hasaplaryny onuň özi ýöredip, öý
goşlaryny hem wagtal-wagtal şol täzeläp durýardy, näme
gerek bolsa, ylgaýan şoldy; öýi bejertmeli bolsa, ussalara

ýüz tutmaly hem onuň özüdi, çagalary tansa, basketbola,
tennise, doglan olaryň öý işlerine-de ýene özi kömek
edýärdi, bu zatlaryň hiç biriniň ýatdan çykyp galmazlygy
üçin her hili meýilnamadyr maksatnamalary düzmeli
bolýardy. Her penşenbe agşamy Ella özi ýaly hojalykçy
aýallaryň nahar taýýarlamagy öwredýän jemgyýetine-de
gatnaýardy (jemgyýetiň agzalary dürli ýurtlaryň
aşhanalaryny öwrenip, köne tagamnamalary täze tagamlar
bilen baýlaşdyryp, nahar bişirmegiň syrlaryny
öwrenýärdiler). Her annada organik önümler bazarynda
sagatlap aýlanýardy; daýhanlar bilen alýan hasyllary
barada gürleşip, düzüminde şekeri az mürepbeleri
öwrenýärdi ýa-da özi ýaly nahar bişirmäge höwesek başga
adamlara, mysal üçin, ownuk proteballa kömeleginiň
nähili bişirilýändigini änigine-şänigine çenli düşündirerdi.
Almaly zatlarynyň sanawynda ýetmeýän zat bar bolsa,
bazardan soň öýe gaýdyşyn uly söwda merkezinden alyp
geçerdi.
Şenbe günleri bolsa, Dewid Ellany restoranlara
garbanmaga äkiderdi, köplenjem taýwan ýa-da ýapon
restoranyna giderdiler. Gaýdyp gelýärkäler, ýadaw,
serhoş ýa-da keýpsiz bolmasalar, öpüşerdiler,
gujaklaşardylar.
Çalaja
öpüşler,
howsalaly
sypaňsermeňler, ýüzleý ogşaşmalar... Olar är-aýal
hökmünde
däl-de,
hakykatdanam,
biri-birini
söýýändikleri üçin bile bolýardylar. Ýöne bir döwürler iň

hylwatly baglanyşyklary bolan är-aýal gatnaşygy
bireýýäm özüneçekijiligini ýitiripdi. Indi seýrek halatda
ýakynlyk edäýmeseler, başga wagt biribirlerine
golaýlaşmazdylar. Käte bolsa hepdeläp, aýlap ýakynlyk
etmeýän wagtlaram bolýardy. Ella muňa üns berip
ýörenokdy. Dogrusy, birmahallar şeýle ähmiýetli
hasaplan är-aýallyk gatnaşygyny küýsemeýänine häzir
düşünip bilmeýärdi. Şonda-da uzaga çeken maşgala
durmuşlarynda hyjuwyň azalmagyny ol tebigy zat
hökmünde kabul edýärdi.
Ýöne ärine gezek gelende ýagdaý başgaça bolsa gerek.
Görnüşine görä, Dewid aýaly bilen bolmakdan sowaşan
bolsa-da, başga aýallar babatda äginmeýän bolmaga
çemelidi. Şu güne çenli Ella ondan özüni aldadypaldatmaýandygy barada gönüläp sorap, şübhesini äşgär
etmändi. Iň ýakyn joralarynyň hem ýagdaýdan bihabar
bolmagy bu işi bilmän galmagyny ýeňilleşdiripdi. Şonuň
üçin hiç kime gep düşündirmeli, masgaraçylykly jenjeller
ýa-da myşmyşlar bilen meşgullanmaly bolmandy.
Dewidiň nädip bu zatlaryň hötdesinden gelýänini
bilmeýärdi; başga aýallar bilen, ylaýta-da, ýaşajyk kätip
gyz bilen yzygider gatnaşýandygy barada oýlansaň,
bukdyn işlerini assyrynlyk bilen ýöredýändigi görnüp
durdy. Ýöne näçe ýaşyrsa-da, biwepalygyň özüne mahsus
ysy bolýardy. Bu ysy Ella gaty gowy saýgarýardy.

Dogrusy, häzir geçmişine nazar aýlanda ol sebäpnetije
baglanyşygyny kesgitlemekde kynçylyk çekýärdi. Ilki
haýsysy bolup geçdikä? Eýse, äri ony aldadany üçin Ella
üst-başyny hem bedenini gözden salyp, jynsy höwesden
sowap ugradymyka? Belki, başda ol üstbaşyna hem
syratyna serenjam bermegi ahmal edendirde, soňra Dewid
başga aýallara meýil bildirendir? Seljerip bilenokdy.
Haýsy bolanda-da, netije meňzeşdi; ýigrimi ýyl ýaşaşyp,
üç çagaly bolanlaryndan soň, maşgala ojagynyň şuglasy
öçüpdi.
Oýlanyp geçiren üç sagadynyň içinde aňynda müň dürli
pikirdir şübhe at salan Ella howlukmanalňasaman
naharyny bişirdi. Pomidor dilimledi, sarymsak
maýdalady, sogan gowurdy, narpyz dogrady, çorba
gaýnatdy, pyrtykal gabygyny artdy, hamyr ýugurdy. Ol
nikalaşan pursatlary Dewidiň ejesiniň beren altyn öwüdini
ýadyndan çykarmandy.
− Erkek adamyýaňja bişen çörek ýaly ojagyna baglaýan
zat ýokdur – diýip gaýynenesi aýdypdy. Hergiz dükandan
çörek satyn almagyn. Öz çöregiňi özüň bişir.
Nähili gudrat görkezýänini görersiň!
Öýleden soň, gijara çenli işlän Ella ähli zady ýetik, gül
ýaly saçak taýýarlady. Stola gelşip duran kagyz
elsüpürgiçleri üçburç edip epleşdirip goýdy, hoşboý ysly
şemler ýakyşdyrdy; ortarada akly-saryly güllerden

owadan edip çemen ýerleşdirdi. Soňra mata elsüpürgiçleri
togarlap, owadan edip goýuşdyrdy. Ahyry işi
tamamlananda saçak edil bezemen suratdaky ýaly bolup
durdy. Ýadan hem bolsa, bu şoňa degýärdi.
Edere işi galmansoň, aşhanadaky telewizory açyp, ýerli
habarlary diňläp başlady. Soňky ýigrimi dört sagadyň
dowamynda Bostonda bir ýaş lukman öýünde
pyçaklanypdyr, bir hassahanada elektrik galtaşmasy
zerarly ýangyn ýüze çykypdyr; diwarlardyr heýkellere
bolgusyz sözler ýazan dört sany liseý okuwçysy
tutulypdyr. Her täze habary eşidende Ellanyň howsalasy
barha artýardy. Amerikanyň iň howpsuz ýerleri
hasaplanýan şäher eteklerinde hem ýaşaýşa ygtybar
ýokka, Aziz A. Zahara ýaly adamlar nädip özlerinde
dünýäniň yzagalak sebitlerine gider ýaly güýç-gaýrat
tapýarkalar?
dünýäniň bolsa juda düşnüksiz hem ygtybarsyz bolmagy
özi ýalylaryň alada bilen öýe gabalyp galmagyna sebäp
bolýarka, şeýle ýagdaý Aziz ýaly adamlara bütinleý
tersine täsir edýärdi, bu olary bir syýahatdan başga bir
syýahata, bir başdangeçirmeden beýleki birine
itekleýärdi. Ellany iň geň galdyran zat hem şudy. Nädip,
şol bir sebäp şunuň ýaly, iki dürli netijäni ýüze çykaryp
bilýärkä? * * *

Rubinşteýnleriň maşgalasy agşam sagat 19:30-da ajaýyp
fotosuraty ýadyňa salýan bezemen saçagyň başyna geçdi.
Ýanyp duran şemler otaga kaşaňlyk çaýýardy. Häzir biri
penjireden garaýsa, içerdäkilere hem şemiň yşygy ýaly
nepis kämil bir maşgaladyr öýder. Janetiň ýoklugy hem bu
çirksiz fotosurata zeper ýetirip durmaýardy. Orly bilen
Ewi eňeklerine jaň dakylan ýaly mekdepde bolan zatlar
barada gürrüň etdiler. Ella birje gezekligem bolsa,
ekizleriniň alagowur bolup oturyşlaryndan hoşal boldy.
Ol
adamsy
bilen
aralaryndaky
sowuklygy
unutdyrýandyklary üçin çagalaryna minnetdardy.
Ella gözüniň gytagy bilen tabagyndaky keleme çarşagyny
çümdürip, naharyny haýallyk bilen çeýnäp oturan Dewidi
synlady. Özüne diýseň tanyş, ençeme ýola öpen, solgun,
inçe dodaklarda, düzüm-düzüm proselin dişlerde nazary
eglendi. Adamsynyň başga bir aýaly öpüp durşuny
hyýalynda janlandyrdy. Ýöne hyýalynda janlanan aýalyň
keşbi Dewidiň ýaş kätibi däldi-de, Holliwodyň
ýyldyzlarynyň biri, galgyn göwüsli Juliýa Robertsiň
keşbidi. Şol çypar zenan diýseň syratlydy, özüne göwni
ýetýärdi, darajyk köýnegiň astyndan göwüslerini
güjeňleýärdi; aýagynda gonjy dyzyna ýetip duran beýik
ökjeli gyzyl gaýyşdan tikilen ädik bardy. Şeýle bir reňk
çalnypdyr welin, ýüzi ýalkym saçyp ýanyp durdy. Ella
Dewidiň bu zenany tolgunyp, hyjuw bilen, göýä emejen
guzy ýaly öpüşini hyýalynda janlandyrdy. Şol mahal onuň

maşgalasynyň ýanynda perde edinýän salykatlylygyndan
nam-nyşan ýokdy...
Ynha, şol pursatda hem-de hut şol ýerde «Aňsat bişirmek
sungaty» kitabyndan nusga alyp taýýarlan naharyny iýip
otyrka, äriniň başga bir aýaly öpüşini göz öňüne getirip
oýa çümen Ellanyň aňynda ýyldyrym çakyp gitdi. Ol
şonda sowukganlylyk bilen bir hakykata göz ýetirdi.
Hawa, – Ellanyň çekinjeň, ýygra hem-de maşgalasyna
artykmajy bilen bagly aýal bolmagy ahmal. Belki, ol
ömründe her bir işde öz güýjüňe daýanmalydygyny
öwrenen hem däldir, ýöne bir gün onuň alaga-da ähli zady
we hemmeleri: aşhanasyny hem, itini-de, zenjefilli
kökeleridir hoşboý ysly şemlerini hem, çagalaryny, kaşaň
mülküni, goňşularydyr şowhunly agşamlary, ärini,
tekjelerde düzüm-düzüm bolup duran tagamnama
kitaplaryny... terk edip gitmegi-de ahmal. Ana, şonda ol
baryny taşlap, şu gapydan ýeke çemedan bilen çykar-da,
aňyrsy
görünmeýän
bulam-bujarlykdan
we
majagaýlykdan doly daşky dünýä özüni dik-başaşak
oklar.
Hawa, Ella Rubinşteýn günlerde bir gün asla
garaşylmadyk
ýagdaýda
gazaba
atlanmagynyň
ahmaldygyna şu agşam düşündi. Onsoň ol özüni ýyllar
boýy ýarym bilesigelijilik, ýarym gaýgy hem-de
düşnüksiz ýazgaryş bilen tomaşa eden habarlar

gepleşiklerinde görkezilýän wakalaryň bolup geçýän ýeri
bolan şol ber-başagaý daşky dünýäde tapmagy mümkindi.
Pir Bagdat, 1243-nji ýylyň 26-njy ýanwary
Bize goşulaly bäri dokuz aý geçdi. Başda Şemse bir gün
kellesine bir hyýal geler-de, goş-golamyny ýygnaşdyryp
gider öýdýärdim. Tekge durmuşynyň berk düzgüniniň
onuň içini gysdyrýandygy Aý dogan ýaly äşgärdi.
Hemmeler ýaly, bellenen wagtda ýatypturmakdan, bellibelli sagatlarda nahar iýmekden, başgalaryň bellän
düzgünine eýerjek bolmakdan öler ýaly bezigýäni gözüme
ilýärdi. Ol ýalňyz guş deý, ýeke-täk hem erkana bolmaga
öwrenişendi. Tekgehananyň durmuşy sabyr käsesini
dolaňkyrladýardy. Dogrusy, haçan gaçyp giderkä diýip
garaşýardym. Emma hiç ýere-de gitmedi. Onda ruhdaşyny
tapmak arzuwy şeýle bir güýçlüdi welin, ähli zada
garamazdan, sabyr bilen garaşdy. Günlerde bir gün onuň
örän isleýän habaryny özüne aýtjakdygyma, nirä we kimiň
ýanyna gitmelidigini salgy berjekdigime berk ynanýardy.
Şol ynanjyň saýasynda-da, biziň ýanymyzda galdy.
Şol geçen dokuz aýyň dowamynda men ony synlap
gezdim. Göýä wagt onuň üçin başgaça − has çalt hemde
manyly akýan ýalydy. Beýleki derwüşlerimiň
özleşdirmesi hepdelere, käte aýlara çekýän bir meselesini
öwrenmek nobaty Şems-i Töwrizlä gelende sagatlar,
günler ýeterlikdi. Ol täze hem adatdan daşary zatlaryň

ählisine üýtgeşik bilesigelijilik bilen çemeleşýärdi. Her
säher daşarda gezelenç edip, uzak wagtlap tebigaty
synlaýardy. Köplenç bagda möý kerebini ýa-da gije
açylan güldäki çyg damjalaryny synlap durka, üstünden
barmak bolýardy. Mör- möjekler, ösümlikler, kristallar,
şepbik, tikenler we tutuş tebigat Şems üçin kitaplardyr
risalalara garanyňda, has gyzykly, has ylham berijidi.
Ýöne men onuň kitap okamany halamaýany hakda hakyt
pikir edip ýören günlerim, bir görsem, elinde üstünden
asyr aşan elýazma, harplaryň manysyny yhlas bilen
birinbirin çözläp dur; okanyny az görüp, gündiz diýmän,
gije diýmän ukudan galyp ýör. Soňra ýene bir görseň,
hepdeläp ýeke kitabyň hem gatyny açanok. Bu ýagdaý
barada özünden soran mahalym şeýle diýdi:
− Ynsan öz akylyny aç-mätäç çaga hasaplap, ony çemçeçemçe bilim bilen doýurmaly. Emma iýmitleriň käbiri
çaga nähili agyr düşýän bolsa, käbir bilim hem adama
şonuň ýaly agyr bolýar, şony ýatdan çykarmaly däl.
Meger, kyrk kadanyň biri şu bolsa gerek.
Bäşinji kada: Akylyň kimýasy bilen yşkyň kimýasy başgabaşga zatlardyr. Akyl seresapdyr, her ätjek ädimini
oýlanyp-ölçerip äder. Ol: «Özüňden ägä bol!» diýip
duýduryp durandyr. Ýöne yşk nähili? Onuň ýeketäk diýýän
zady: «Özüňe üns berme, näme işlese şony

işlesin!»
Akyl aňsat-aňsat ýykylýan däldir. Yşk bolsa dessine özüni
zaýalap harap eder. Emma baýlykdyr hazyna harabalykda
bolýandyr. Näme bolsa harap kalpda bardyr!
Şemsi tanadygymça, onuň aň-düşünjeliligine, edebine,
ýiti zehinine haýran galýardym. Ýöne şol bir wagtdada bir
zady bilýärdim, Şemsiň adatdan daşary ahwallarynyň
çöwre taraplary-da bardy. Mysal üçin, ýüreginde näme
bolsa göni aýdýardy. Derwüşlere hemişe başgalaryň
hatalaryny hoş görmegi, geçirimli bolmagy, ser berse-de,
syr bermezligi öwredipdim.
Şems barada aýdylanda, ol hiç bir ýalňyşlyga geçirimlilik
etmezdi. Säwlik gördügi şobada aýdýardy. Sözüni
gysganyp duranokdy, ýöne ony ýaýradybam ýörmezdi.
Başgalaryň gaty görjegini bilse-de, sypaýyçylyk edip
durmaýardy. Hatda garşysyndakynyň gahary gelende-de,
aňyrsynda neneňsi närsäniň ýatanyny gözi bilen görüp
oýlansyn diýip, ony bilgeşleýin öjükdirýän halatlarynyň
hem bolýanyna şübhelenmeýärdim.
Ony adaty işlere ylgatmak gaty kyndy. Gündelik
meselelere takaty ýetmeýärdi. Bir zat bilen öwrenişip
ugradygy şoňa bolan höwesi gaçýardy. Haýsydyr bir
mejbury işe gatnaşmalydygy aýdylsa, kapasa salnan
gaplaň mysaly tüýsi bozulýardy. Eger bir söhbet çak
edileninden uzap, içi gysyberse ýa-da biri samsyklaç gep

oklasa, şobada turup giderdi. Hemmelere deň göz bilen
garasa-da, hiç kime artyk baglanmaýardy. Köp adamyň
ýokary tutýan rahatlyk, abadançylyk we atdereje ýaly
zatlaryň onuň ýanynda sähelçe-de gymmaty ýokdy.
Sözlere ähmiýet bermezdi. Bu hem kadalarynyň biridi:
Altynjy kada: Bu dünýädäki çaknyşyklaryň, ýazgaryşlaryň
we gapma-garşylyklaryň köpüsi öz gözbaşyny dilden alyp
gaýdýar. Sen özüň bol, sözleri köp iş edinme. Yşk
diýarynda dil onsuzam öz güýjüni ýitirýär. Aşyk dilsiz
bolýandyr.
Wagt geçdigiçe, onuň başynyň dikligini alada edip
ugradym. Elbetde, takdyrymyzyň Allanyň elindedigi
düşnükli. Sanaglymyzyň haçan we nähili doljagyny diňe
Onuň bilýändigine-de akylym çatýar. Şonda-da elimden
geldigiçe, Şemsiň badyny gowşatmaga, ony has rahat hem
tertip-düzgünli durmuşa öwrenişdirmäge çalyşdym. Esli
wagtlap munuň hötdesinden gelip biljekdigime ynandym.
Ýöne soňra gara gyş başlandy. Onsoň doňduryp barýan
sowuklar bilen birlikde ýany hatly bir çapar hem geldi.
Ana, şol hat hem bar zady bulam-bujar etdi. Hat
Kaýseriden Bagdada,1243-nji ýylyň fewraly
«Bismillahirrahmanirrahim, Gadyrly
Baba Zaman,

Dünýä gözi bilen görüşmänimize näçe wagt bolandyr. Bu
hatyň eliňize özüňiziň we kalbyňyzyň gaýgy-ünjüsiz
halatynda gowuşmagyny Alladan dileýärin. Bagdadyň
eteklerinde guran tekgäňiz bilen bagly öňden bäri gowy
habarlar eşidýärin. Şu haty ýazmagyma bolsa, ençeme
wagtlap serimden çykmadyk, öz aramyzda galmagyny
isleýän bir meseläm sebäp boldy. Rugsat etseňiz, başdan
başlaýyn.
Bilşiňiz ýaly, jenap Soltan Alaetdin Keýkubat hezretleri
kyn döwürde kämil hökümdarlyk eden, öwgä mynasyp
adamdy. Onuň iň uly arzuwy şahyrlaryň, sungat
adamlarynyň we aýratyn zehinli
pelsepeçileriň
rahatlykda ýaşap, işläp biljek şäherini gurmakdy.
Dünýäde bolup geçýän şunça gapmagarşylyk,
duşmançylyk barada oýlananyňda, ylaýtada, bir tarapdan
haç göterijiler, beýleki bir ýandan mongollar hüjüm edýän
mahaly, gaty köp adama bu arzuw başa barmajak hyýal
bolup görnüpdi. Şu güne çenli nämeler görmedik: hristian
musulmany, hristian hristiany, musulman hristiany,
musulman musulmany çapmadymy? Dinler, mezhepler,
tiretaýpalar, hatda doganlar özara garpyşmadymy?
Şeýlede bolsa, Keýkubat düşünjeli hökümdardy, arzuwyny
hasyl etmek üçin Konýany – Nuhuň tupanyndan soňra suw
ýüzüne çykan ilkinji şäheri saýlap tutdy.

Häzir Konýada bir alym ýaşaýar, adyny, belki,
eşidensiňiz, belki, eşiden hem dälsiňiz, ismi Möwlana
Jelaletdin bolsa-da, köpler oňa Rumy diýip ýüzlenýär.
Bagtyma, maňa ony tanamak miýesser etdi, diňe tanap
oňman, oňa halypalyk hem etdim, hasam kakasy aradan
çykandan soň, onuň mürşidi boldum hem-de ençeme
ýyldan soň, özüm onuň şägirdine öwrüldim. Bagtym
çüwen ýeri, dyz-dyza oturyp, onuň bilen bile ylym
öwrendik. Hawa, şeýle, gadyrdan, men öz şägirdimiň
şägirdi boldum. Ol şeýle bir ylymdar, seýrek duş gelýän
hem deňsiz-taýsyz adamdy, belli bir wagtdan soň, oňa
öwredere zadym galmady. Şondan soň özüm ondan
öwrenip başladym. Elbetde, onuň kakasy-da örän zehinli
aryfdy. Rumy hakda aýtmaly bolsa, ol örän az sanly
alymda gabat gelýän hünäriň eýesidir: onda diniň daş
perdesini sypyryp, özenindäki ählumumy we ebedi jöwheri
ýüze çykarmak ukyby bar.
Munuň diňe meniň pikirim däldigini bilmegiňiz gerek.
Rumy ýetginjekkä, şol goja alym, deňsiz-taýsyz
dermanhanaçy, meşhur melhemçi-attar bilen tanşypdyr.
Şonda Feridütdin-i Attar hezretleri: «Ynha, haý diýmän,
bu oglan älemiň ýüregi ýaralylarynyň kalbyna ot salar»
diýipdir. Ygtybarly filosof, ençeme kitaplaryň ýazary we
mutasawwuf Ibn-i Araby hezretleri bolsa, bir gün ýaş
Rumynyň kakasynyň yzyna düşüp barýanyny görüp:

«Fesubhanallah! Umman kölüň yzyna düşüp barýar»
diýipdir.
Heniz ýigrimi dört ýaşyndaka, Rumy şeýhlik makamyna
ýetdi. Şondan tegelek on üç ýyl soň, häzir Konýa halky ony
özüne görelde edinýär. Her anna güni çar tarapdan gelen
adamlar diňe Möwlananyň juma hutbalaryny diňlemegiň
hatyrasyna şähere üýşýärler. Ulug hezretleri fykyhda,
pelsepede, müneçjimçilik ylmynda, kimýada we hatda
hasap ylmynda deňsiztaýsyzdyr. Eýýämden onuň on müň
müridiniň bardygyny aýdýarlar. Müritleri onuň agzyndan
çykan her sözi örän ýokary tutýarlar hem-de ony diňe bir
yslam taryhynda däl, dünýä taryhynda-da düýpli
özgerişliklere öňbaşçylyk etjek beýik nurana şahs hasap
edýärler.
Mundan esli wagt öň, Kaýserä göçdüm. Aramyz uzakda
bolsa, Rumyny hemişe oglum hasap edýärin. Ondan
ýekeje pursat hem dogalarymy gysganmajakdygym
barada kakasyna söz berdim. Emma meniň sanaglym
dolup ýör, bir aýagym görde.
Rumy her näçe kämil hem ylmyna mynasyp adam bolsada, onuň kalbynda hiç kim düşünip bilmeýän bir boşluk
bar. Ol boşluk maşgalasynyňam, müritleriniňem dolduryp
bilmedik boşlugydyr. Maňa içini dökende özide birnäçe
gezek şuňa meňzeş bir zatlary ýaňzytdy. «Hamlykdançiglikden daş, sap adamdygyňa şübhäm ýok, ýöne sen

heniz yşk odunda bişeňok. Badaň pürepür bolsa-da, onuň
dolupdaşmagy üçin ruhuňa ýol açmak gerek» diýdim.
Näme etmeli diýip soranda: «Saňa bir ýoldaş gerek»
diýip, «Mömin möminiň aýnasydyr» diýen hadysy
ýatlatdym. Bu gürrüň gaýdyp gozgalmadyk bolsa, belkide, bütinleý unudardym.
Ýöne Konýadan gaýtmazymdan ozal, Rumy maňa bir düýş
barada gürrüň berdi. Ol düýşünde uzakdaky bir diýarda
aryň öýjügini ýadyňa salýan şäherde bir adamy
gözleýärmiş. Töwerekde arapça sözler ýazylgymyş.
Agşamara, şapak diýseň owadanmyş. Tut agaçlaryndaky
bukanjak pilelerde wagtynyň gelerine garaşýan ýüpek
gurçuklary barmyş. Soňra ol özüni öýüniň howlusynda,
guýynyň başynda eli çyraly garaşyp duran görnüşde
görüpdir. Biriniň yzyndan aglap durmuş.
Ilkibaşda bu düýşüň nämä delalat edýändigini kesgitläp
bilmedim. Gürrüň beren düýşünde hiç hili üýtgeşik zat
ýokdy. Şol döwürler bir gün «tötänden» ýüpek elýaglyk
sowgat alanymda, düýşüň ýorgudyny tapdym. Ýüpek
gurçugyny nähili eý görýäniňiz ýadyma düşdi. Tekgäňiz
barada eşiden zatlarymy ýatladym. Rumynyň düýşünde
gören ýeriniň siziň dergähiňiz bolmagynyň ahmaldygy
hakynda oýlanyp başladym. Gepiň keltesi, gardaşym,
Rumynyň gözleýän ýoldaşy siziň üçegiňiziň astynda
bolmaly diýen netijä geldim. Ynha, şu hatymy
ýazmagymyň sebäbi-de şol.

Şeýle adamyň tekgäňizde bardygyny-ýokdugyny bilemok,
ýöne eger bar bolsa, oňa garaşýan ýazgyt baradaky
maglumaty özüne aýdyp-aýtmazlyk size bagly. Bu möwçli
derýalary biri-birine gowuşdyryp, olara Ylahy Yşk
ummanyna tarap bir akabada akmaga, iki Hak dostuny
tanyşdyrmaga sähelçe-de bolsa peýdamyz degse, ikimiz
üçin-de, gör, nähili bagtyýarlyk!
Ýöne göz öňünde tutmaly ýene bir aýratynlygyňyz bar,
Rumy her näçe täsirli, mertebeli, örän gowy görülýän şahs
hem bolsa, onuň garşydaşy ýokdur öýtmek bolmaz. Has
beterem öňbaşçy ruhany wezipesini göterýän adamyň gözgörtele üýtgemegi asla garaşylmaýan hoşnutsyzlygyň,
çaknyşyklaryň döremegine sebäp bolmagy ahmaldyr.
Rumynyň ýoldaşyny aşa gowy görmegi-de hossarlarydyr
ýakynlarynyň arasynda ynjalyksyzlyga sebäp bolup biler.
Hemmeleriň eý görýän adamynyň halaýan kişisiniň
hemmeleriň ýigrenjini öz üstüne çekmegi mümkin.
Bu zatlaryň Rumynyň jan ýoldaşyny hatda çak edip
bolmajak howpuň içine atmagy ahmal. Başgaça
aýdanymyzda, gardaşym, Konýa iberjek adamyňyzyň
yzyna gaýdyp barmazlygy mümkindir. Şeýlelikde,
Rumynyň ruhdaşynyň kimdigini anyklap, uşbu haty oňa
mälim etmezden ozal, islegim, bu meseläni ýagşy ölçeripdöküp görmegiňizdir.

Sizi kyn günde goýan bolsam, bagyşla. Ýöne Allanyň öz
bendelerine göterip bilmejek ýüki ýüklemeýändigini
ikimizem bilýäris. Bu pakyryň günleri sanalgydyr.
Jogabyňyz gelip gowuşýança, şu älemden göçmegim
ahmaldyr. Ýöne nähili bolanda-da, dogry ugry saýlap
aljagyňyza ynamym uludyr.
Alla tekgäňizden öz şepagatyny we merhemetini kem
etmesin,
Şeýh Seýýit Burhanetdin».
Şems Bagdat, 1243-nji ýylyň 18-nji sentýabry
Bir zatlar-a bolup geçýär. Geçen gyş Şamdan gelen çapary
görüp, hemmämiz eýgilikdir-dä hernä diýip, ünjä galdyk.
Ýylyň şu paslynda ýollary galyň gar basýany üçin, bu
ýerlere aňsat-aňsat kesekiniň aýagy düşmeýärdi. Eger
çapar gar-gaý diýmän, hat getirýän bolsa, onda diňe iki
zady çak edip boljakdy: ýa-ha möhüm bir zat bolandyr,
ýa-da bahym boljakdyr.
Çapar gideninden soň, tekgehanadakylaryň hemmesi
hatda näme ýazylandygy hakynda çaklama ýöredip
başlady. Ýaş derwüşleriň ählisi Baba Zamana gelen hat
bilen gaty gyzyklanýardy. Ýöne mürşit hiç kime sähelçede syr bermeýärdi. Onuň ýüzi ýapyk gapy ýalydy. Öte
syrlydy. Haçan görseň aljyraňňydy, pikire çümüp ýördi.
Onda wyždany bilen ýaka tutuşyp, möhüm bir karara

gelmäge aýgyt edip bilmeýän adama mahsus ümsümlik
peýda boldy.
Şol wagtyň dowamynda Baba Zamany ýakyndan
öwrendim. Muny diňe bilesigelijiligim sebäpli etmedim.
Çaparyň
getiren
hatynyň
özümi
bilniksiz
gyzyklandyrýandygyny
syzýardym,
ýöne
nähili
baglanyşygynyň bardygyny anyklap bilmeýärdim. Maňa
ýol görkezsin diýip, uzynly gijeler tesbih çekip,
Allanyň gözel atlaryny – Esmaýyhüsnanyň togsan
dokuzysyny zikir etdim. Her gezeginde Allanyň atlarynyň
biri öňe çykdy: El-Kaýýum – ukusy bolmadyk, hiç haçan
uklamaýan, barlyklara höküm edip, olary ugrukdyrýan,
ezeli we ebedi gaýym bolan...
Şol günlerde dergähdäkileriň ählisi hat barada gürrüň
edýärkä, men öz başyma howla çykyp, egnine gardan
ýapynja çolanan Tebigat enäni synlap geçirdim. Ahyry
säherleriň birinde aşhanadaky mis jaňyň kakylýan sesini
eşitdik. Hemmeler mejlise çagyrylýardy. Otaga
baranymda iň kiçi şägirtden iň ýaşuly sopa çenli,
derwüşleriň ählisiniň şol ýerde döwre gurap oturandygyny
gördüm. Halkanyň ortarasynda bolsa mürşit. Ol
dodaklaryny pugta ýumup, agyr pikirlere berlip, ellerine
garap otyrdy. Hemmeler ornaşansoň, Baba Zaman başyny
galdyryp:

− Bärik näme üçin çagyrylandygyňyzy bilesiňiz gelýändir
− diýdi. − Çak edişiňiz ýaly, ýygnanyşygymyz gelen çapar
bilen bagly. Hatyň kimden gelendigini soramaň. Ýöne şol
hatyň möhüm bir meselä ünsümi çekendigini aýdaýyn.
Baba Zaman biraz sägindi, penjireden daşaryk seretdi. Ol
ýadaw görünýärdi, reňki öçügsidi. Soňky birnäçe günüň
içinde mese-mälim horlanypdy, hatda garran ýalydy.
Emma sözüni dowam edende sesine garaşylmadyk
aýgytlylyk çaýyldy:
− Uzak bolmadyk şäherde dünýäniň beýik alymlarynyň
biri ýaşaýar. Ol kelamda ussat; takwadyr ybadatda kämil,
ylymda we magrifetde başarnykly alym. Müňlerçe kişi
oňa hormat-sarpa goýýar. Onuň sözlerine teşne köp,
muşdagy ondanam kän. Emma
Ylahy yşkda eräp, ýok bolmany üçin ol «menlik»

şübhesinden doly saplanyp bilmändir. Onuň näme
üçindigini soramaň, ýöne tekgehanamyzdan biri gidip,
oňa jan ýoldaşy bolsa peýdaly bolardy.
Gulaga öwrülip diňledim. Demimi almadym. Şeýle bir
tolgundym welin, ýüregim gursagyma sygmajak boldy.
Şonda kyrk kadadan biri serimden geçdi.
Ýedinji kada: bu durmuşda ýeke özüň bir gyra çekilip,
diňe öz sesiň ýaňyny eşidip, Hakykatyň üstüni açyp
bilmersiň. Sen özüňi doly suratda diňe başga bir adamyň
aýnasynda görüp bilersiň.
Baba Zaman sözlerini dowam etdi:
− Bu örän kyn ruhy syýahatdyr. Aramyzdan göwünjeň
tapylar diýen umyt bilen sizi şu ýere ýygnadym. Bu işe
biriňizi belläp hem bilerdim, ýöne wezipe hökmünde
berjaý edeniň bilen boljak iş däl bi. Ol diňe yşk üçin hemde yşk bilen berjaý edilip bilner. Ýaş talyplaryň biri rugsat
alyp:
− Bu gürrüň edýän alymyňyz kimkä, halypa? – diýdi.
− Adyny diňe gitmäge göwünjeň adama aýdyp biljek.
Muny eşidip, birnäçe derwüş tolgunyp, sabyrsyzlyk bilen
elini galdyrdy. Jemi dokuz höwesek çykdy. Menem
goşulamsoň, on bolduk. Baba Zaman ellerimizi

ýatyrmagymyzy yşarat etdi-de, ýumşaklyk bilen sözüniň
üstüni ýetirdi:
− Belli karara gelmezden öň, bir zady bilmegiňiz gerek.
Ynha, şonda ol bu syýahatyň iniş-çykyşlardan hem her
jüre güzaplardan, mähnetden hem howp-hatardan
doludygyny, hatda yza gaýdyp gelmäge kepilligiň hem
ýokdugyny mälim etdi. Elleriň meniňkiden başgasy
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Elif Şafak-Yşk - 07
  • Parts
  • Elif Şafak-Yşk - 01
    Total number of words is 3608
    Total number of unique words is 2185
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 02
    Total number of words is 3616
    Total number of unique words is 2228
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 03
    Total number of words is 3610
    Total number of unique words is 2211
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 04
    Total number of words is 3621
    Total number of unique words is 2271
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 05
    Total number of words is 3686
    Total number of unique words is 2230
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 06
    Total number of words is 3613
    Total number of unique words is 2257
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 07
    Total number of words is 3722
    Total number of unique words is 2226
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 08
    Total number of words is 3656
    Total number of unique words is 2262
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 09
    Total number of words is 3579
    Total number of unique words is 2310
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 10
    Total number of words is 3666
    Total number of unique words is 2164
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 11
    Total number of words is 3591
    Total number of unique words is 2225
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 12
    Total number of words is 3623
    Total number of unique words is 2233
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 13
    Total number of words is 3652
    Total number of unique words is 2154
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 14
    Total number of words is 3670
    Total number of unique words is 2111
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 15
    Total number of words is 3637
    Total number of unique words is 2160
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 16
    Total number of words is 3591
    Total number of unique words is 2182
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    54.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 17
    Total number of words is 3590
    Total number of unique words is 2167
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 18
    Total number of words is 3586
    Total number of unique words is 2219
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 19
    Total number of words is 3651
    Total number of unique words is 2179
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 20
    Total number of words is 3632
    Total number of unique words is 2034
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 21
    Total number of words is 3642
    Total number of unique words is 2121
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 22
    Total number of words is 3656
    Total number of unique words is 2209
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 23
    Total number of words is 3664
    Total number of unique words is 2120
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 24
    Total number of words is 3674
    Total number of unique words is 2117
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 25
    Total number of words is 3603
    Total number of unique words is 2124
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 26
    Total number of words is 3670
    Total number of unique words is 2220
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 27
    Total number of words is 483
    Total number of unique words is 391
    49.5 of words are in the 2000 most common words
    60.1 of words are in the 5000 most common words
    65.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.