Latin

Elif Şafak-Yşk - 08

Total number of words is 3656
Total number of unique words is 2262
30.8 of words are in the 2000 most common words
44.3 of words are in the 5000 most common words
52.2 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
On birinji kada: göbegene sanjynyň awusyny duýman,
dogrup bolmaýandygyny bilýändir, şonsuz ene rähminden
bäbege ýol açylmaz. Özüňden täze we düýpgöter başga bir
«seniň» emele gelmegi üçin seniň hem kynçylyklara, her

jüre sanjylara taýýar bolmagyň gerek. Tekgehanadan
gaýtmazymdan öňki gije otagymyň ähli penjirelerini doly
gerimine açdym. Tümlügiň ysy içerik doldy. Şemiň
pelpelläp duran yşygynda aýna bölegine garap, saçlarymy
syrdym.
Burum-burum saçlarym ýere döküldi. Kellämi päki bilen
şyr takyr edip gazadym. Soňra birin-birin, emaýlyk bilen
sakgalymy, murtumy syrdym, gaşlarymdan dyndym. Işim
tamamlanansoň, ýüzümigözümi synladym. Indi keşbim
has ýaş, has ýagty görünýärdi. Ýekeje-de gyl bolmansoň,
ne ýaşym, ne adym, ne-de jynsyýetim bildirýärdi.
Geçmişe-de, gelejege-de däl-de, men häzir diňe şu
pursada örklenendim.
Baba Zamanyň otagyna
bardym.
razylaşyp
hoşlaşmaga
− Görýän welin, syýahatyň seni eýýämden özgerdipdir –
diýip, ol täze keşbimi görüp dillendi. – Ýöne heniz
başlanogam ahyry.
On ikinji kada: yşk bir syýahatdyr. Syýahata çykan her bir
ýolagçy özi islese-de, islemese-de, depesinden dabanyna
çenli özgerer. Bu ýollary geçip özgermedik ýokdur.
Baba Zaman çalaja ýylgyryp, meni ýanyna çagyrdyda,
elime bir mahmal guty tutdurdy. Gutuda üç sany zat bar

eken: kümüş bilen haşamlanan aýna, keşdelenen ýüpek
elýaglyk, onsoňam kiçijik billur çüýşe.
− Bular saňa syýahat mahaly kömek eder. Gerek bolanda
ulan. Birden, özüňe bolan ynamyň yraň atsa, bu aýna saňa
içki gözelligiňi görkezer. Eger biri saňa şyltak atsa, şu
ýüpek elýaglyk saňa aslynda iň möhüm zadyň ýürek
päkligidigini ýatladar. Çüýşedäki melhem bolsa, hem
zahyry – daşky, hem-de batyny – içki ýaralaryňa şypa
bolar.
Bu zatlaryň her birini elime alyp görenimden soň, gutyny
ýapdym-da, Baba Zamana Allaýalkasyn aýtdym. Soňra
diýere söz galmady.
Günüň ilkinji yşyklary görnende, guşlar owaz edýän
mahaly, çyg damjalary şahalardan damyp durka, atyma
atlandym. Ugrum Konýa sarydy. Özümi Kadyr Allanyň
ýazan ýazgydyna tabşyrdym. Öňde nämeleriň
garaşýanyndan habarsyz, hatda o barada bilmek hem
islemän, bar güýjüm bilen öňe tarap ümzük atýardym.
Şägirt Bagdat, 1243-nji ýylyň 30-njy sentýabry
Soňuny saýman, agyldan bir şar gara aty ogurlap, Şems-i
Töwriziniň yzyndan eňdim. Başardygymça, arany
sazlamaga çalyşsam-da, özümi bildirmän, ony yzarlamak
gaty kyn düşdi. Bagdada ýetende, Şems bir bazarda

düşläp, ýol şaýyny tutmaga çykdy. Menem «häzir tüýs
wagty» diýip, özümi atynyň öňüne okladym.
− Gyzyl saçly, gara ýetginjek, näme üçin ýerde ýatyrsyň?
– diýip, Şems atynyň üstünde oturyşyna, eglip sorady. Ol
hem geň galana, hemem begenene çalym edýärdi.
Çöküme düşdüm-de, dilegçi gedaýlar ýaly, ellerimi
gowşuryp ýalbardym:
− Seniň bilen gidesim
gelýär.
Sen
gahrymanym. Gel, menem seniň bilen gideýin.
meniň
− Ol-a ýagşy welin, nirä barýanymy bilýäňmi?
Aljyradym. Dogrusy, bu barada asla pikir hem etmändirin.
− Ýok, ýöne tapawudy näme? Müridiň bolasym gelýär.
Seni özüme görelde edinýän.
− Biderek gürrüň edýäň. Maňa mürşidem gerek däl,
müridem. Men ýeke gezýän. Hiç kime görelde bolarlyk
ýagdaýym hem ýok – diýip, Şems teýeneli gürrüň etdi.
On üçünji kada: bu dünýäde galp hajylaryň, hojalaryň,
şeýhleriň, şyhlaryň sany asmandaky ýyldyzlardanam kän.
Hakyky mürşit seni özüne haýran bolmaga däl-de, içki
dünýäňe garamaga we nebsiňden ökde gelip, özüňdäki
gözellikleriň birin-birin üstüni açmaga ugrukdyrar.
− Rugsat et, ýalbarýan, seniň bilen gideýin – diýip
özelendim. – Onsoňam her bir meşhur syýahatçynyň

ýanynda hökman kömekçisi-beýlekisi bolýandyr. Menem
seniň şägirdiň bolaýyn.
Şems oýlanýan ýaly eňegini gaşady. Şol pursat maňa
rugsat eder öýtdüm.
− Gyzyl şägirt, maňa şägirt bolmaga gaýratyň çatarmyka
onsoň? – diýip, duýdansyz sowal berdi.
Ýerimden çalasyn böküp turdum-da dikeldim.
− Elbetde, çatar! Men gaýratlyadamdyryn.
− Ýagşy, onda, eger meniň şägirdim bolmak isleýän
bolsaň, ilkinji etmeli işiň şeýle: golaýdaky meýhana barda, bir küýze şerap alyp gel, onam şu meýdanda başyňa
çek-de, iç!
Agzymy açyp galdym. Tasawwuf ýolunda bişmek üçin
şunça wagtlap, çekmedik zähmetim, görmedik mähnetim
galmandy. Günde ýüz ýola ýerleri jüpbäm bilen
päkizeledim, tüsseden ýaňa gözlerim ýaşarynça, oduň
başynda tabalarydyr tabaklary galaýyladym, syçan
gapanlardan öli syçanlary ýygnadym, gepiň gys

gasy,
görmedigim görde
galdy.
Ruhanyýetim
kuwwatlansyn diýip, bir oturyşyma ýüz sogan dogramaga,
äpet gazanlarda ýagly palaw, balsuwuny (kompot)
taýýarlamaga, ertirden agşama eşek ýal işlemäge endik
etdim. Emma bazar ýaly köpçülik ýerinde hemmeleriň
gözüniň alnynda şerap içmek barada aýtmaly bolsa,
dogrusy, muňa ynanjym ygtyýar edenokdy. Erbet
gorkdum.
− Toba estagfurullah – diýdim. – Kakam biläýse, gözümi
ýeňsämden çeker.
Hossarlarym meni Baba Zamanyň tekgehanasyna kapyr
bolup, ýoldan çyk –– diýip ugratmady. –– Ýagşy
musulman bol –– diýip ýollady. Şerap içsem il-gün maňa
näme diýer?! Goňşy-golam näme diýer?
Şems meni ýakyp barýan nazaryndan geçirdi. Ol, hamala,
şol ilkinji gije gapynyň ýeňsesinden ony synlan
mahalymdaky ýaly, nazary bilen ýüregimi ezip suw etdi.
Ahyry kesgitli netijä gelip, atynyň jylawyny çekdi.
− Gyzyl şägirt, sen maňa mürit bolup bilmersiň – diýdi. –
Özgeleriň näme pikir edýändigine kelläňi köp agyrdýaň.
Ýöne, bilip goý, özgeleriň makullamagyny, hormat
goýmagyny näçe köp isleseň, olaryň tankydydyr myşmyşlaryna-da şonça köp gulak gabardarsyň.

Şemse ýoldaş bolmak mümkinçiligini elimden giderenime
düşündim. Elimde barymy edip, özümi aklamaga
çalyşdym.
− Bolýa welin, «git-de şerap getir» diýeniňizde,
ynanjymyň näderejede sagdyndygyny synamakçy
bolýansyňyz öýtdüm. Özümi synagdan geçirmeýäniňizi
men nireden bileýin? Imanymy synap görýänsiňiz
öýtdüm.
Şems gaşlaryny çytdy. − Başga biriniň ygtykadynyň
mäkämligini synaga salmak biz ynsanlaryň borjy däldir.
Bu Allanyň ornuna dalaş etmek bolar. Bendesiniň
imanyny ölçerip görmek guluň işi däldigini
bileňokmydyň?
Diýere söz tapman, ýüzümi sapajak-supajak etdim.
Derwüşiň edýän gürrüňlerini ölçerip gördüm. Ýöne
tereziniň haýsy jamyna goýjagymy bilmedim. Başym
şeýle bir çaşdy welin, çekgäm agyryp başlady. Ýüregim
howlaýan ýaly bolup, ýeňimi-ýakamy açyşdyrdym.
Şems şol bir wajyplygy bilen gürrüňini dowam etdi.
− Gyzyl şägirt, tasawwuf ummanyna özüňi bagyşlamak
isleýäň, ýöne öwezine hiç zat beresiň gelenok. Bu iş beýle
bolýan däldir! Kim üçin pul-baýlyk, kim üçin şan-şöhrat,
kimlere köp ýylyň abraýy, kim üçin bolsa, ten şöhweti
esasy duzakdyr! Adam şu dünýäde nämä artyk baha

kesýän bolsa, onuň ilki bilen şondan halas bolmagy bu
ýolda hökmany şertdir.
Şeýle diýenden soň, Töwrizli Şems eglip atynyň boýnuny
sypady. Sözüni jemlemek isläp:
− Meniň pikirimçe, Bagdatda galyp, eneň-ataň ýanyna
dolanyp barsaň, özüň üçin has bähbitli bolardy. Sapýürekli
senetkär tap-da, şoňa şägirt dur. Ýüregim gelejekde seniň
örän başarjaň täjir çykjakdygyňy buşlaýar. Ýöne hergiz
doýmaz-dolmazlardan bolaýmaweri! Indi rugsat etseň,
ýola düşeýin − diýdi.
Ol maňa ahyrky ýola salamatlyk diledi. Aýagy bilen atyny
debsiledi-de, däli şemal, joşgunly derýa kimin bat alyp,
atyny aldygyna sürüp gözden ýitdi. Dünýä onuň atynyň
toýnaklarynyň astynda gaýyp gidýärdi. Menem atyma
atlandym. Tä Bagdadyň eteklerine çykýança, ony kowalap
gitdim. Emma aramyz barha açyldy. Ahyrynda ol
gözýetimde kiçijik nokada döndi.
Garaşdym. Onsoň Alla bilýändir, şol gap-gara nokat
gözýetimiň aňrujynda damja kimin eräp, ýitirim bolanyna
köp wagt geçeninden soň hem, Şemsiň ýakyp barýan
nazaryny bedenimde, hut ýüregimiň çuňluklarynda
duýýardym.

Ella Boston, 2008-nji ýylyň 24-nji maýy
Bahar möwsüminde Rubinşteýnleriň haşamly mülkünde
her gün irden ilki bolup oýanýan, aşhana ilki bolup gelip,
ertirlik taýýarlaýan Ellady. Ol ertirligiň gündeki üç
wagtyna iýilýän naharlaryň arasynda iň peýdalysydygyna
ynanýardy. Aýallar žurnallarynyň birinden bir zat okapdy.
Barlaglara görä, ertirligi adat edinen maşgalalaryň
agzalary ertirlik edinmeýän ýa-da irden çalak-çulak
garbanyp, täze güne başlaýan maşgalalara garanyňda, has
agzybir hem bagtyýar bolýarlar. Bu deňeşdirmä her näçe
ýürekden ynanýan hem bolsa, žurnalda gürrüňi edilýän şol
şowhunly ertirlikleriň lezzetini heniz ol dadyp görmändi.
Ertirlik başyndaky gürrüňdeşlik näme üçindir, beýle
gülala-güllük bolmaýardy. Oňa derek her kim bir
perdeden gopýardy, hiç kimiň üýşüp bir nahardan iýesi
gelmeýärdi. Biriniň mürepbeli tort iýesi gelýän bolsa
(Janet), beýleki biri mekgejöweniň patragyny çemçeläp
oturandyr (Ewi), ýene biri, tabadaky ýumurtgalary
tutuşlygyna bir özi iýsem diýýän bolsa (Dewid), dördünji
biri hiç zat iýmejek bolup hötjetligine tutýandyr (Orly).
Şonda-da Ellanyň garaýşyça, ertirlik edinmek möhümdi.
Her gün irden ýaltanman, hemmeleriň iýjek naharyny
taýýarlardy, şeýdip, çagalarynyň mekdepde çem gelen
gurak-gumursa zady garbanmaga mejbur bolmajaklary
hakynda oýlanyp, ene hökmünde muňa guwanardy.

Ýöne, ynha, şu gün irden Ella aşhana giren mahaly hemişe
bolşy ýaly, kofe taýýarlamaga, pyrtykal sykmaga we
çörek gyzartmaga derek, ilki bilen aşhananyň stoluna
geçip ýan kompýuterini açdy. Hatlar gutujygyna giren
badyna ýüzüne ýagty ýylgyryş çaýyldy. Garaşýan elektron
haty gelen eken. Aziz Zahara jogap ýazypdyr. «Gadyrly
Ella,
Gyzyň bilen araň düzelenine örän begendim. Menem şu
gün irden Momostenangodan gaýtdym. Haýran
galaýmaly, ol ýerde bary-ýogy birnäçe gün bolsam-da,
hoşlaşjak wagtym meni birhili gussa gaplap aldy.
Gwatemaladaky bu kiçijik obany gaýdyp görjegimgörmejegim gümana. Nesip eder öýdemok.
Heran-haçan bir ýer bilen hoşlaşmaly bolanda, özümiň
bir bölegimi ol ýerde goýup gaýdýan ýaly bolýan. Ýöne
Marko Polo ýaly dünýäni aýlanyp çyksagam,
sallançakdan mazara çenli şol bir öýde gazyk ýaly dikilip
geçirsegem, ählimiz üçin ýaşaýyş dogluş bilen ölümden
düzülen zynjyrdyr. Onuň başlangyjy hem ahyry bar. Bir
pursadyň dünýä inmegi üçin ondan öňki pursadyň ölmegi
zerur. Bu edil täze bir «meniň» peýda bolmagy üçin öňki
meniň gurap solmagynyň gerek bolşy ýaly...
Momostenangodan gaýtmazdan ozal meditasiýa etdim,
oý-pikiri boýladym. Özüň barada oýa çümdüm, eý,
Bostondaky täze tanşym! Her bir adamyň töwereginde

dürli reňklerden ybarat halka bolýandygyna ynanýaryn.
Gözlerimi ýumup, seniň reňkleriňi tapmaga synanyşdym.
Köp wagt geçmänkä, tolkun şekilli serpilme saýgardyp
ugrady. Ýakymly sary, näbelli narynjy we tutuksy metallik
goňur reňkler göründi. Meniň pikirimçe, bular – seniň
reňkleriň. Örän owadan. Hem aýyl-saýyl, hemem bir
bitewi. Gwatemalada ahyrky aýak çeken ýerim Çažul atly
kijiräk şäherçe. Bu ýerde jaýlar kerpiçden salnan,
çagalaryň gözleri ullakan hem şar gara. Bakyşlary ýaşyna
görä däl. Her öýde dürli ýaşdaky aýallar kilim dokaýar.
Menem bir eneden seniň üçin kilim satyn aldym. Ol enä
bostonly bir hanym üçin sowgat alýanymy, saýlaşmaga
kömek etmegini haýyş etdim. Biraz oýlanyp durandan soň,
öýündäki üýşmek kilimden birini sogrup aldy. Ynanaý, ol
ýerde her dürli reňkli, her hili bezegli ellidenem köp kilimi
üýşürip goýupdyr. Ýöne garry aýalyň seniň üçin saýlap
beren kiliminde diňe üç hili − sary, narynjy, goňur reňkler
bar. Nähili aňk edýän tötänlik, şeýle dälmi?! Elbetde,
älemde «tötänlik» diýen zat bar bolsa...
Biziň elektron tor arkaly duşuşmagymyzyň hem tötänlik
däl bolmagynyň ahmaldygy barada oýlanyp gördüňmi?
Size söýgi bilen Aziz.
Hatsoňy: isleseň, kilimiňi poçta üsti bilenem ugradyp
bilerin ýa-da Bostonda kofe içjek günümiz ýanym bilen
alyp bararyn...»

Haty okanyndan soň, Ellanyň ýaňaklaryna ýakymly bägül
reňki çaýylyp gitdi. Aziz nähili gowy ýazypdyr. Mähirli,
sap ýürekden, öz bolşy ýaly, ýasama däl... Gözlerini
ýumdy, göwresini gurşap alan reňk guşaklaryny hyýalyna
getirdi. Haýran galaýmaly tarapy, hyýalynda janlanan Ella
kämillik ýaşynda däldi-de, ýedi ýaşlaryndaky keşbidi.
Birmahal ýadyndan çykarandyryn öýdüp ýören ýakymsyz
ýatlamalar
hyýalynda
janlandy.
Çagalygyny,
öýkelekligini, özüni ýalňyz duýan pursatlaryny ýadyna
saldy... Ejesini ýatlady, ol egni açyk ýaşyl reňkli, büzmeli
öňlükli, eli togalak, ortasy deşik tor gaply, ýüzi kül reňk
nikaply, öçügsi hem tükeniksiz hasrat bilen aşhananyň
gapysynda aňalyp durdy... Başda kakasynyň jansyz
bedeniniň üstünden Ella barypdy. Jaýyň petiginden
ýalpyldawuk, oýnawaç ýürek şekilleri, toplar, gutular
sallanyşyp durdy, içeri ýagtydy. Täze ýyl baýramçylygy
günleridi. Baýramçylyk bezegleriniň arasyndan bolsa bir
göwre sallanyp durdy. Kakasy özüni asypdy.
Tutuş ýaşlyk ýyllary Ella kakasynyň ölümi üçin ejesini
günäkärläp gezipdi. Şondan ötri heniz ýaşajyk gyz mahaly
öz-özüne bir zady söz beripdi. Ol ejesiniň goýberen
ýalňyşlygyny gaýtalamaz, maşgala guransoň, ärini
elmydama bagtyýar eder. Onuň nikasy ölinçä bozulmaz,
ene-atasynyňky ýaly, az wagtlyk bolmaz. Belki-de, şol
sebäpli, ýagny öz maşgala durmuşynyň üýtgeşik bolmagy

üçin, ejesiniň edişi ýaly, hristian adam bilen däl-de, öz
ynanjyndan bolan jöhit adam bilen maşgala gurmak isläp,
Dewide durmuşa çykypdy.
Ella bilen ejesiniň arasyndaky tow uzaga çekdi. Ol soňsoňlaram ejesini ýigrener ýörerdi. Diňe birnäçe ýyl
mundan ozal köne saman sowurmagy goýbolsun etmegi
başardy. Gahar edip ýörmekden ol halys bolupdy.
Geçmişe gahar etmek agyr ýükdi. − Eje! O-ho-ho-o!
− Zeminden ejeme! Zeminden ejeme! Eje, jogap ber!
−...
Ella aşhanada oýa çümüp otyrka, birden gülki sesine
tisginip gitdi. Yzyna garanda özüne ýaňsyly seredip duran
dört jübüt göze nazary düşdi: Orly, Ewi, Janet hem Dewid.
Dördüsi-de bir wagtda ertirlik edinmäge düşen bolmaly.
Häzir üýşüp duruşlaryna oňa geň-taň bir jandary synlaýan
ýaly seredişýärdiler. Boluşlaryna, ýüzgözlerine seretseň,
olar şol ýerde esli wagtlap durup, ünsi çekmäge çalşan
bolmalydylar.
− Eje, näme bolýar-a? Iki sagat bäri saňa seslenýäris
welin, eşideňogam – diýip, Orly dillendi.
Dewid nazaryny gizläp:
− Ekrana beýle gaty ünsüňi beripsiň-le? – diýip
mydyrdady.

Ella äriniň nazary eglenýän ýere seretdi. Ekranda Aziz
Z.Zaharanyň elektron haty açyk durdy. Dessine ýan
kompýuterini öçürdi.
− Neşirýat üçin bir topar okamaly zadym bar – diýip, Ella
dillendi. − Hasabatnamamy wagtynda tabşyrmaly. Özüň
bilýäň, şu romanyň üstünde işleýän.
Ewi özüni örän çynlakaý tutup, gürrüňe goşuldy.
− Ýöne hasabatnama ýazaňokdyň-a! Gözüm bilen
gördüm, elektron hat okap otyrdyň.
Ella çym gyzyl boldy. Ýetişen çagalary näme üçin
ulularyň kemçiliklerini, ýetmezini tapjak bolup ölüp-öçüp
barýarkalar? Ýöne, her hal, maşgalanyň beýleki
agzalarybu gürrüňlere üns bermedik borly. Häzir
hemmeler üsti boş stola tarap seredişip durdular. Orly
bilesigelijilik bilen ejesine garady-da, hemmeleriň
serinden geçirip duran pikirini orta atdy:
− Eje, bu gün bize ertirlik taýýarlamansyň-la. Haýran
galaýmaly!
Bu söz Ellany-da saňsar eden ýalydy. Daş-töweregine
seretmek gezegi indi onuňkydy. Ne kofäniň tüssesi
çykýardy, ne-de ojagyň üstündäki tabada ýumurtga bardy.
Çörek gyzardýan enjam hem boşdy. Dogrusy, nä döw
çalyp, robot ýaly, üýtgewsiz endigine görä her säher

saçagy dürli-dümen naz-nygmat bilen bezeýän aýal bu
gün irden ertirlik taýýarlamagy ýadyndan çykaraýdyka?
Şol pursat Ella öz aňynyň Azize gidendigine düşündi...
Häzir ol ullakan hem aňrybaş oňaýly öýde däl-de,
Gwatemalada, şonuň ýanynda bolmak üçin, gör, nämeler
etmezdi...
I
k
i
n
j
i
b
ö
l
ü
m
S
U
W

Ýaşaýyşdaky suwuk, typançak we durnuksyz
zatlar Rumy Konýa, 1244-nji ýylyň 15-nji
oktýabry
Bu gije asmandaky Aý diýseň ajaýyp. Ol şeýle parlak,
şeýle bir owadan welin, äpet hünji dänesi ýaly bolup,
depämizden asylyp dur. Düşegimden turdum. Penjireden
daşaryk, aý aýdyňlyga çümen howla seretdim. Şeýle
gözellik datly hörek ýaly, gözüňem, göwnüňem
dokundyrýar. Ýöne Aý her näçe ajaýyp bolsa-da,
ýüregimiňem, ellerimiň-de titremegine kär edip bilenok.
Bu gije-de ukymdan tisginip oýanypdyryn.
− Tagsyr, ýüzüňde gan-pet ýok welin, ýene şol düýşi
gördüňmi? – diýip, Kerra pyşyrdady. – Bir käse suw
getirip beräýeýin?
− Alada etme, sen ýatyber – diýdim.
Onuň elinden näme gelsin? Ikimiziňem elimizden geljek
zat ýok. Düýşlerimizem takdyrymyzyň bir bölegi
dälmidir? Takdyrymyz bolsa, onsuzam, biziň elimizde
däl. Has beterem, yzly-yzyna şobir düýşi görmegimiň
hökman bir sebäbi bardyr diýip pikir edýärin. Kyrk gije
bäri şol bir düýşi görüp gelýänim üçin, elbetde, äşgär
boljak
hikmeti,
gören
zatlarymyň
nämäniň
alamatydygyny bilerin. Ýa-ha häzir, häzir bolmasa-da
bahym. Düýşümiň başy her gijeüýtgeýän hem bolsa, soňy

hemişe şonlugyna galýar. Göýä düýş ullakan bina bolup,
men oňa her gije bir gapydan girýän ýalydym.
Bu gezekki düýşümde teýine ajam halylary düşelen, juda
tanyş bir otagda, haçjanyň başynda kitap okap otyryn.
Göni garşymda bolsa, bir derwüş otyrdy. Ol uzyndan
inçemik syratlydy, ýüzi galyň nikap bilen örtülgidi.
Elinde-de bäş şemli bir şemdan bardy. Ol kitaby arkaýyn
okarym ýaly, şem tutup durdy.
Biraz soňra başymy galdyryp, derwüşe seretdim. Okap
oturan sahypamdan Hazine-i Gaýba düşünjek bolup
dümtünip otyrdym. Şu sözden özümçe many almaga
çalyşýardym, şonda haýran galmak hem gorky bilen bir
zady bilip galdym: meniň şemdan diýýänim derwüşiň sag
eli bolsa nätjek?! Bäş şemiň deregine bolsa, bäş barmagy
ýylp-ýylp edip ýanyp dur. Derwüş öz bedenini ýakyp,
maňa yşyk tutýar. Howsala düşüp, suw tapjak boldum,
ýöne golaý-goltumda ýeke owurdam suw ýokdy. Ne
küýze bar, ne-de golça. Hyrkamy çykaryp, oduň üstüne
okladym. Ýöne ony gaýtadan galdyryp görsem, aşagynda
tüssesi burugsap duran şemdandan başga zat ýok. Derwüş
ýitirim bolupdyr.
Düýşüň mundan soňraky böleginde bolsa, her gije şobir
zatlar, gaýtalanyp dur. Öýümde. Otaglara ýekän-ýekän
aýlanyp, şol derwüşi gözleýärin. Barlamadyk ýerim
galmady. Soňra howla çykýaryn. Daşary durşuna

kümüşsöw sary gülleriň deňzi ýalydy. Saga seslenýärin,
sola gygyrýan, ýöne gözleýän adamym sumat bolupdyr.
− Gitme, ýalbarýan, gadyrdanym, sen nirede? – diýip
özelenýärin.
Ýakymsyz bir ses eşidip, howpurgap guýa ýakyn barýan,
onuň düýbündäki tolkun atýan gara suwa tiňkämi dikýän.
Birbada hiç zat görmesem-de, Aýyň şuglasy ýalpýalp
edip, çabga ýaly bolup, üstüme dökülensoň, howly birden
nura döndi. Ynha, şol pursat bir zady saýgardym.
Guýynyň düýbünde bir jübüt gara göz bar. Şol jansyz
gözler göni gözüme garap, bu älem bilen hoşlaşýar.
− Ýetişiň! Kömek ediň! Janyna kast edipdirler! – diýip,
biri gygyrýar. Kim bilýär, belki, ol ses meniň öz sesimdir?
Hasratdan ýaňa şeýle bir üýtgäpdir welin, öz sesimi
özümem tanamaýardym.
Onsoň şol wagt gygyrýan.
Yzly-yzyna, özümem der basyp, gaýta-gaýta gygyrýaryn.
Bu ýagdaý tä aýalym ukudan oýanyp, başymy döşüne
goýan mahalym, meni berk gujaklap:
− Tagsyr, näme bolýar? Ýene şol düýşi gördüňizmi? –
diýip, mähir bilen pyşyrdaýança dowam edýär. ***
Gijäniň bir wagty Kerra gaýtadan uka gidensoň, howla
çykdym. Gije ümüş-tamyşdy. Guýyny görüp tisginip
gitdim, ýöne şonda-da onuň ýanyna bardym-da,

golaýjagynda oturdym. Agaçlaryň arasyndan öwüsýän
şemala ýapraklar çalaja şygyrdaşýardylar.
Şeýle pursatlarda içimiň gysyşy diýip-aýdar ýaly däldi,
sebäbini bilemokdym. Ýöne meniň durmuşym gülalagüllükdi, işim şowuna, dokuzym düzüwdi. Rebbim maňa
ýokary baha kesýän üç zadymy bagyşlady: ylym, yrfan
hem adamlara dogry ýoly görkezmäge ygtyýar.
Otuz ýedi ýaşaýançam, Allah dilänimdenem köp berdi.
Pygamberlerden, welilerden, alymlardan gözbaş alyp
gaýdýan Ylahy açmak ylmyndan – Ylm-y Keşf-i
Ylahydan nesibäme ýetdiginden paý aldym. Ýatan ýeri
ýagty bolsun, kakam golumdan tutdy, döwrüň iň gowy
halypalarynyň elinde sapak alyp, basgançak-basgançak
beýgeldim. «Okamak, işlemek we beýlekilere nur çaýmak
bendäniň Allaha bolan borjudyr» diýip, düşünjämi
çuňlaşdyrmak üçin, köp okadym, köp yhlas etdim.
Halypam Seýýit Burhanetdin maňa elmydama bir zady
aýdardy, Haky halka wagyz etmek we adamlaryň haky
nähakdan tapawutlandyryp bilmeklerine goldaw bermek
ýaly hormatly wezipäni boýnuma alýandygym üçin, men
Allanyň söýgüli bendesimişim.
− Şükür etgin, Jelaletdin, bu öňýetene nesip edýän däldir
– diýerdi.

Ençeme ýyllap medresede müderrislik etdim, onlarça
şerigat alymy bilen ylahyýet barada çekişmä girdim,
fykyh hem hadys babatda esli ýol geçdim. Her hepde
şäheriň iň uly metjidinde wagyz edýärin. Sapak berip
ýetişdiren talyplarym şeýle bir köp welin, sanyny-da,
atlaryny-da ýadymda saklap bilemok. Adamlaryň gelip,
sözlerimiň ýüreklerine giňlik berip, özlerine ýol
görkezýändigini aýdanlarynda, bilimimi we başarnygymy
öwenlerinde özümi guwançly duýýardym. Allaha köp
şükür, rahat maşgalam, tegmil düşmedik abraýym, köne
dostlarym, sadyk müritlerim hem-de menden hümmet
alýan talyplarym bar. Ömrüm boýy garyplyk diýen zady
görmedim.
Dogry, basdaş aýalym aradan çykanda dünýä başyma
ýumrulypdy. Ýöne Alla Kerradan razy bolsun, şonuň
kömegi bilen ýene-de mähire hem hoşwagtlyga
gowuşdym. Ogullarymyň ikisi-de päk ojakda ýetişdi.
Şonda-da biriniň beýlekisinden büs-bütin üýtgeşikligine
häli-häzirem haýran galman durup bilemok. Hamala, iki
däne tohum şol bir topraga ýanaşyk ekilip, olara
birmeňzeş ýagtylyk düşüp, şol bir suwdan berlenem bolsa,
bütinleý başga-başga ösümlikler boý beren ýaly. Edil
öweý gyzyma guwanyşymça, ikisine-de guwanýan.
Mähirlije Kimýajyk diýseň täsin, akyllyja, rehimdar hem
göwnaçyk. Il içinde bir aýry bagtym bar, öýde, çagalaryň
arasynda başga bir hili. Şeýle welin, şonda-da näme

üçindir,
içimde
nämedigine
düşünmeýän,
aýdyňlaşdyrybam bilmeýän bir boşlugym bar. Ol boşluk
gün-günden ulalyp barýar.
Özem ol syçan ýaly assyrynlyk bilen hereket edýär,
ümsüm, açgöz hem doýmazdolmaz; şeýdip, bir zatlaryň
ýetmezçilik edýändigini duýmagym hem meniň ruhumy
gemirýär. Nirä gitsemem, şol boşluk ýanymdan galanok.
Adam dokuzy düzüw mahaly-da, özünde gowuzlyk
duýup bilýärmikä? Ýa-da bagtyýarka-da, gaýgy-gussa
çekip bilermikä? Gündizlerim şeýle ýagty,
kanagatlandyryjy hem kem-kössüz mahaly, üstünlikdenüstünlige, mertebedenmertebä beýgelýärkäm, her gije
düýşümde gözýaş döküp, birini gözlemäm näme üçinkä?
Göýä içimde başgalardan däl-de, esasan, özümden
gizlenen bir syr göterýän ýalydym. Birden bir gün
düýşümde şol derwüşe duşsam, ol syryň sebäbini ondan
hökman soraryn.
Eýse, şol hakykaty göterip bilmesem näme? Ýa-da
gerdenime götererden çökder geläýse?
Haýran galaýmaly, men özümi gorky ýa-da waswasy
diýlen zady bilemok hasap edip ýördüm.

Şems Konýa, 1244-nji ýylyň 16-njy oktýabry
Bir şähere barmazdan ozal, hiç haçan bozman gelýän,
öňden dowam etdirip ýören bir endigime eýerýärin.
Şäheriň derwezelerinden girmänkäm, biraz durup, şol
ýerdäki welileriň ählisine salam berýän. Ozaly bilen, hala
merhum bolsun, hala diri, isle belli bolsun, isle näbelli, şol
şäherde ýaşap geçen ýa-da ýaşap ýören ähli welilere salam
ýollaýaryn. Olardan ejaza dileýärin. Şunça ýyldyr,
welilerinden rugsat alman, aýak basan ýekeje-de şäherim,
şäherçäm ýa-da obam ýokdur. Baran ýerimde ilatyň
agramly bölegi musulmanlar, hristianlar, jöhitler ýa-da
mejusi-otparazlar bolsun, tapawudy ýok. Her ýerde
hökman bir weli bardyr we olar dini, dünýewi hem-de
jismany-bedeni tapawutlylyklardan aňryk geçendirler.
Weli diýilýän bütin adamzadyň ýolbeledi, öňbaşçysydyr.
Şunlukda, uzakdan Konýany görüp, hemişeki endigime
eýerdim. Ýöne soňra haýran galaýmaly bir zat boldy.
Şäheriň welileri adat bolşy ýaly, salamyma jogap bermäge
derek, ýykyk-ýumruk mazar daşlary ýaly, lal-jimdiler.
Eşitmedik bolaýmasynlar diýip, gaýtadan has belent sesde
salam berdim. Konýa welileri meniň sesimi eşitmesine
eşidipdiler, ýöne bilmeýän bir sebäbim zerarly, şähere
girmäge rugsat etmeýärdiler.
Sözlerimi äkidip çar tarapa sepelesin diýip, olary şemala
tabşyrdym:

− Eý, Konýanyň welileri, näme üçin bu ýolagça rugsat
bermeýärsiňiz?
Esli wagtdan soňra, şemal şeýle jogap bilen gaýdyp geldi:
− Eý, derwüş, rugsat bereris welin, bilip goý, şäherde
seniň üçin biri-birine bütinleý gapma-garşy iki zat
garaşýar. Aralyk ýol ýok. Ýa-ha sap yşk bilen, ýa-da
bütinleý ýigrenç bilen garşylanarsyň. Isleseň, şu baradada oýlanyp gör.
− Ýagdaý şeýle bolsa, kelläni agyrdyp oturasy iş ýok –
diýdim. − Arasynda sap yşk bar dälmi, şol ýeterlik.
Muny eşiden badyna, Konýanyň welileriniň ählisi
biragyzdan rugsat berip, haýyr dogasyny okady. Ýöne
göni şähere girmek islemeýärdim. Bir depäniň üstünde
gojaman meşe – dub agajynyň aşagynda oturdym. Atym
töwerekdäki selçeň otlukda otlap ýörkä, men öňümde ör
galan şäheri synladym. Konýanyň minaralary döwük
aýnanyň bölekleri ýaly bolup, Güne ýalpyldaşýardy. Käte
bir itiň wowfuldysyny, eşek aňňyrmasyny, çagalaryň
gülki sesini, bokurdagyna sygdygyndan gygyrýan
söwdagärleriň gohuny eşidýärdim – bu gaýnap-joşýan
şäheriň adaty sesleridi. Eýse, ýapyk gapylaryň, örtülen
penjireleriň aňyrsynda nämeler bolup geçýärkä, nähili
wakalar gopýarka? Asla tanamaýan bu ýerime aýak

basmagyň öňüsyrasyndadym. Sähel biynjalyk bolsam-da,
şol pursat kyrk kadadan birini ýatladym:
On dördünji kada: Hakyň öz ýoluňda goýan
özgerişliklerine garşy çykmaga derek, olara boýun bol.
Goý, ýaşaýyş garşyňa däl-de, seniň bilen ugurdaş aksyn.
«Tertipdüzgünim bozular, durmuşym agdar-düňder
bolar» diýip gaýgy etme. Durmuşyň aşagynyň
ýokarsyndan has gowy bolmajagyny sen nireden
bilýärsiň?
Meni gümra bolup oturan pikirlerimden dostana bir ses
sogrup aldy.
− Selamünaleýküm, derwüş!
Öwrülip seredenimde arabanyň üstünde oturan salpy
murtly, garaýagyz, irimçik, ýaş obaly ýigide gözüm düşdi.
Araba goşulan öküz gaty garrydy hem örän hordy,
ömrüniň ahyrky günlerini ýaşaýany görnüp durdy.
− Aleýkümsalam − diýip jogap berdim.
− Näme üçin bärde ýeke otyrsyň? At sürüp ýadan bolsaň,
arabama münäý, seni Konýa çenli elteýin.
Ýylgyrdym.
− Teklibiňe sag bol, ýöne pyýada gitsem hem seniň şu
öküziňden-ä tiz bararyn.

− Öküzime göwniýetmezçilik etme. – Obaly ýigidiň
gahary geleni görnüp durdy. – Garrydyr, hordur welin, ol
meniň iň wepaly dostumdyr.
Muny eşidip, özümiň öte geçenimi duýdum. Derrew
ýerimden turup, obalynyň öňünde baş egdim. Allanyň uçgyraksyz barlyk äleminde kiçijik dänejik halyma, meniň
oýun edibem, adam bolsun, hahaýwan bolsun parhy ýok,
başga bir jany kiçeldip, kemsitmäge nä hakym barmyş?
Hata iş edip, göwün ýykanym üçin ötünç soramalydym.
− Özüňden hem öküziňden ötünç soraýaryn – diýdim. –
Ýalňyşypdyryn, bagyşla!
Obaly ýigit agzyny açyp aňalyp galdy. Bolşundan
aljyrandygy bildirýärdi. Esli wagtlap ýöne seretdi durdy.
Oýun edip-etmeýänimi biljek bolup:
− Öň hiç kim beýle etmändi − diýip pyşyrdap, çekinjeňlik
bilen çala ýylgyrdy.
− Diýmek, hiç kim öküziňden ötünç soramandyr-da,
şeýlemi?
− Eh, o diýýäniňem üstesine. Ýöne diýjek bolýanym başga
zat. Aslynda hiç kim menden ötünç soramandy. Umuman
alanyňda, tersine. Hemişe ötünji özüm soramaly
bolýardym. Başgalar bolmaz iş etse-de, hemişe bagyşla
diýýän özüm.

Muny eşidip gynandym.
− Ýagşy ýigit, Gurhan-y Kerim: Biz ynsany iň gözel
görnüşde ýaratdyk diýýär. Ynsan uludyr, gymmatlydyr,
biçäre-de däldir, ejizem. Onsoňam Allanyň togsan dokuz
adynyň arasynda ejizi ýokdur. Üstesine, bu kadalaryň
biridir − diýdim.
−Nämäniň kadasy? − diýip, kellesini gaşady.
− On bäşinji kada: Alla hemmämiziň içimizi hem daşymyzy
her pursatda kämilleşdirmek bilen meşguldyr. Biziň
herimiz bir tamamlanmadyk sungat eseridiris.
Başymyzdan geçen her waka, ýeňip geçen her bir
kynçylygymyz ýetmezçiligimizi aradan aýyrmak üçin
taslanandyr. Haktagala biziň kemçiliklerimiziň hersini
aýratynlykda iş edinýär, çünki adamzat diýen eser
çirksizligi maksat edinýändir. Obaly ýigit gözlerini gyrpgyrp etdi.
− Ýa, senem wagyz diňlemäge geldiňmi? – diýip sorady.
– Şeýle bolsa, ýola düşseň gowy bolar. Bu gün adam
öňkülerdenem köp boljakmyş. Ýöne ol nähili ajaýyp
hatyp, şeýlemi?
Kim barada gürrüň edýänini bilenimde ýüregim tasdanam
durupdy.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Elif Şafak-Yşk - 09
  • Parts
  • Elif Şafak-Yşk - 01
    Total number of words is 3608
    Total number of unique words is 2185
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 02
    Total number of words is 3616
    Total number of unique words is 2228
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 03
    Total number of words is 3610
    Total number of unique words is 2211
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 04
    Total number of words is 3621
    Total number of unique words is 2271
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 05
    Total number of words is 3686
    Total number of unique words is 2230
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 06
    Total number of words is 3613
    Total number of unique words is 2257
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 07
    Total number of words is 3722
    Total number of unique words is 2226
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 08
    Total number of words is 3656
    Total number of unique words is 2262
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 09
    Total number of words is 3579
    Total number of unique words is 2310
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 10
    Total number of words is 3666
    Total number of unique words is 2164
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 11
    Total number of words is 3591
    Total number of unique words is 2225
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 12
    Total number of words is 3623
    Total number of unique words is 2233
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 13
    Total number of words is 3652
    Total number of unique words is 2154
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 14
    Total number of words is 3670
    Total number of unique words is 2111
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 15
    Total number of words is 3637
    Total number of unique words is 2160
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 16
    Total number of words is 3591
    Total number of unique words is 2182
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    54.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 17
    Total number of words is 3590
    Total number of unique words is 2167
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 18
    Total number of words is 3586
    Total number of unique words is 2219
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 19
    Total number of words is 3651
    Total number of unique words is 2179
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 20
    Total number of words is 3632
    Total number of unique words is 2034
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 21
    Total number of words is 3642
    Total number of unique words is 2121
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 22
    Total number of words is 3656
    Total number of unique words is 2209
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 23
    Total number of words is 3664
    Total number of unique words is 2120
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 24
    Total number of words is 3674
    Total number of unique words is 2117
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 25
    Total number of words is 3603
    Total number of unique words is 2124
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 26
    Total number of words is 3670
    Total number of unique words is 2220
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 27
    Total number of words is 483
    Total number of unique words is 391
    49.5 of words are in the 2000 most common words
    60.1 of words are in the 5000 most common words
    65.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.