Latin

Elif Şafak-Yşk - 03

Total number of words is 3610
Total number of unique words is 2211
32.6 of words are in the 2000 most common words
46.6 of words are in the 5000 most common words
53.6 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Ezraýyldan görüpdirler. Ajal perişdesini näletläpdirler,
ondan elheder edipdirler. Şonuň netijesinde-de Onuň
adyna zeper ýetmändir. Eýse, bu
Ezraýyl babatda adalatlymydyr, eýse, muny dogry hasap
edýäňizmi diýmegiňiz mümkin. Ýöne, bolmanda-da, bu
dünýäni beýle bir adalatly ýer hasap edip boljak däl, şeýle
dälmi?
Her näme bolsa-da, garaňky gatlyşansoň, hatda agzalan
meýhana gitdim. Ýöne içerik giren mahalym penjiräniň
golaýyndaky sypa boş däl eken. Ýüzi gamçy yzly bir
adam sypada uklap galypdyr. Hepbesizi oýaryp, owarra
bol bärden diýjekdim welin, soňky pursatda degmäýin
diýdim. Serhoşlaryň haçan näme goparjagy belli däldi.
Adamlaryň ünsüni özüme çekmegiň geregi ýokdy. Şonuň
üçinem iň ýakyndaky boş sypa geçip oturdymda, penjirä
garap, garaşyp başladym.
Köp wagt geçmänkä, iki adam geldi. Hersi bir tarapyma
geçip oturdy, aralarynda galdym. Ýüzümiz görünmesin
diýip, berk oranypdyrlar. Dogrusy, ikisiniň-de ýaş,
aljyraňňy we tejribesizdigine, baş uran işlerine juda

taýýarlyksyzdygyna göz ýetirmek üçin ýüzlerine seredip
oturmagyň hajaty-da ýokdy!
― Siz hakda köp eşitdik –– diýip, biri sesinden
seresaplylykdan beter açyk duýlup duran alada bilen
dillendi. ― Aýtmaklaryna görä, bu işde sizden ussat adam
ýokmuş.
Ýaş ýigidiň gürrüňini gülkünç hasaplasam hem,
ýylgyrmazlyga çalyşdym. Özümden heder edýändiklerini
aňdym, bu gowulygyň alamatydy. Birneme gorksalar,
buýtar-suýtar etmäge gaýratlary çatmaz. Şonuň üçinem
şeýle diýdim:
― Dogry aýdypdyrlar. Bu babatda özümden zory ýokdur.
Şonuň üçinem maňa Şagalkelle diýýärler. Etmeli işim
näçe kynam bolsa, müşderimi ýüzügara edýän däldirin.
― Bize-de tüýs geregi şo-da ― diýip, ýaş adam hemleli
dillendi. ― Sebäbi saňa buýurjak işimiziň hem ýelek üflän
ýaly ýeňil düşmezligi ahmal.
Ynha, şol pursat beýleki ýaş ýigit gürrüňe goşuldy.
― Bir adam bar. Başymyza bela boldy, haramzada. Özüne
bir topar duşman gazandy. Şu şähere düşeli bu ýere
näletden başga zat getirmedi. Ýeke şaýylyk haýryny
görmedik. Näçe gezekler duýdursagam, bir gulagyndan
girip, beýlekisinden çykýar. Hatda akylyna aýlanmakdan

geçen, beterini çykarýa, azýar, azdyrýar. Bize başga alaç
galmady.
Sesimi çykarmadym. Aslynda hemişe-de şeýle bolýar.
Müşderiler meniň bilen el gysyşmazdan öň, näme üçindir
alýarlar-da tükezzibana başlaýarlar. Öldürtmek isleýän
adamlarynyň neneňsi bolgusyz, neneňsi bozgak
adamdygyny
ýanjaýarlar.
Hamala,
aýdanlaryny
makullasam, etjek bolýan etmişimiz ýeňläýjek ýaly.
― Düşnükli. Eýse, ol adam kim bolmaly?
Bu sowalyma olar aljyradylar. Bimany takala
tutdurdylar.
― Din bilen, iman bilen baglanyşygy bolmadyk kapyr!
Ýagdaýy hormat-sarpasyzlyga, küpüre çenli ýetiren
pitneçi. Tüpbozan derwüş. boldy. Serimden her jüre
pikirler, alada-gaýgylar geçdi, keýpim gaçdy. Şol güne
çenli her hili adam öldürip görüpdim; ýaşyny, garrysyny,
erkegini, aýalyny, sagdynyny, şikeslisini... Emma
olaryň arasynda derwüş, ýagny özüni dine-imana
bagyşlan adam ýokdy. Meniň hem, dogrusy, özümçe
ynanýan zatlarym bardy, Allanyň gazabyny üstüme
çekesim gelenokdy. Sebäbi her hili etmiş etsem-de,
Alladan gorkýardym.
― Gynansagam, ýigitler, teklibiňizi kabul edip biljek däl.
Bir derwüşiň ganyna galmak niýetim ýok.

Özüňize başga birini tapyň.
Ýerimden turup gidermen boldum. Ýöne ýaş ýigitleriň
biri golumdan asylyp, ýalbar-ýakar edip başlady:
― Haýyş edýän, birden çürt-kesik bir zat diýmäň.
Elbetde, zähmetiňiziň sylagy ýetiriler. Agzyňyz
gymyldasa bolýar, iki essesini tölemäge taýýar.
― Üç essesini diýsem?... –– diýip, dilime gelen sözi
duýdansyz aýdyp goýberdim. Beýle ýokary nyrhy töläp
bilmejeklerine gaty ynanýardym.
Ýöne asla garaşmaýan zadym boldy. Sähel säginen ýaly
etdiler-de, ikisi-de teklibimi kabul edýändiklerini
aýtdylar. Gaýtadan ýerime geçdim. Keýpim göterildi.
Dogrusy, agzalýan pul eslije bardy. Şu jenaýaty bir ýüzli
edip bilsem, uzak ýyllap arkaýyn ýaşap boljakdy. Galyň
ýygnajak bolup, hars urup ýörmäge zerurlyk galjak däldi.
Şobada öýlenip biljekdim. Şundan soň, güzeran üçin
gabagyňy galdyrmanyňdada, arkaýyn najrap ýörmeli
boljakdy. Derwüşmi ýa başga biri, kim bolsa bolaýsyn,
şeýle şertde islendik adamy janyndan jyda düşürmäge
taýýardym.
Nireden bileýin şol pursat ömrümiň iň uly ýalňyşlygyna
ýol berip, soň ökünip aňyrsyna çykyp bilmejegimi? Şol
derwüşi öldürmegiň nähili kyn düşjegini, öldürenimden

soň hem hanjar ýaly ýiti nazaryny synamda göterip
gezmeli boljagymy men şonda nireden bileýin?
Şemsi howluda öldürip, guýa atalyma bäş ýyl boldy.
Jesediniň suwa düşen mahaly çykan sesi häli-häzirem
eşidemok. Guýudan «çyt» edibem ses eşidilmedi.
Hamala, derwüşiň jesedi guýynyň düýbüne düşmän, arşa
göterilen ýaly. Şol öleli bäri, gara basdyrmadyk ýeke
gijämem ýokdur. Häli-häzirem suw ýygnanan ýer
gördügim tutuş endamymy sowuk gorky gaplap alýar,
ellerim sandyrap, ýüregim bulanyp başlaýar.
Haçan şol gijäni ýatlasam, içimdäki zatlaryň baryny
daşyma çykarasym gelýän ýaly, şeýdibem, özümi halas
edesim gelýän ýaly, iki büklüm bolup gaýtarýan...
Ellerim-aýaklarym ýöne süňk bilen ham bolup gurap
galdy.
Nähili geň ýagdaý! Ol ölse-de, häzirem diri! Men welin,
her gün täzeden ölýärin.
Birinji bölüm
TOPRAK
Ýaşaýyşdaky çuň, durnukly hem gaty zatlar...
Şems

Samarkandyň ýakynlaryndaky kerwensaraýlaryň
biri, 1242-nji ýylyň marty Agşam naharynda ýene
gaýyp älemine syýahat etdim. Bu gezek gören zatlarym
şeýle bir janly, şeýle bir hakyky, şeýle bir aýdyňdy
welin...
Bagy tohuma duran sap-sary güller bilen bezelen ulurak
öý. Howlynyň ortarasynda-da dünýäniň iň sowuk suwly
guýusy... Güýzüň ahyry, asmanda bolsa dolan Aý, syrly
gije...
töwerekde
garaňkylygy
höwür
tutunan
haýwanlaryň ençemesi aýlanyşyp ýördi; baýguş,
ýarganat, möjek.., kimisi saýraýar, kimisi uwlaýar... Biraz
wagtdan soň, eginlek, sypaýy garaýyşly, ala gözleri
uzaklary nazarlaýan, orta ýaşlaryndaky bir adam öýden
çykdy. Ýüzi agyr aladalydy, gözleri uçgyraksyz hasratdan
doludy...
― Şems, Şems, sen nirede? –– diýip, ol saga-sola
seslendi.
Telbe şemal öwüsdi, Aý bulutlary ýüzüne perde edindi,
hamala boljak işlere şaýat bolmakdan tebigatam çekinýän
ýalydy. Baýguşlar gygyrmaz, ýarganatlar ganat kakmaz,
ojakdaky ot şatyrdamaz boldy. Tutuş dünýäni lal-jim
sessizlik, ümsümlik gurşady.

Ol adam agyr-agyr ädimler bilen guýa ýakyn gelip, egildide onuň hut düýbüne seretdi.
― Şems janym, janjagazym ― diýip, pyşyrdady, ― Ýa
sen bärdemi?
Jogap bermek üçin agzymy açsam-da, dodaklarymdan
ýeke sesem çykmady.
Ol adam öňküdenem beter egildi-de, guýynyň düýbüni
üns bilen gözden geçirdi. Birbada gara suwdan başga hiç
zat gözüne ilmedi. Soňra birden aşakda tupandan soň
umman bilen bile çaýkanýan, çaýkandykça-da ummany
tolkundyrýan sal ýaly bolup, suwuň ýüzünde manysyz
gaýmalaýan elimi saýgardy. Soňra bolsa, ýokaryk garaýan
jübüt göze nazary düşdi. Şonda şol gözler, meniň gözlerim
hut guýynyň düýbünden asmanda galyň gara bulutlaryň
aňyrsyndan peýda bolan dolan Aýa garaýardy.
Ganhorymyň hasabyny asmandan soraýan ýaly, oklanan
ýerimde ýatyşyma Aýa bakýardym.
Ol adam çöküne düşdi-de, göwsüne urup, perýat etmäge
başlady:
― Öldürdiler! Şemsiň janyna kast etdiler!
Ynha, şol pursat agaçlaryň düýbünden bir kölege süýrenip
çykdy-da, wagşyýana pişik ýaly bolup assyrynlyk bilen,
çalasyn hereket edip bagyň haýatyndan aşdy. Howludaky

adam ganhory görmedi.Ol çekýän ejiriniň astynda
bükülýärdi, büküldigiçe-de ses edýärdi, ses etdigiçe-de
syr saklap bilmedik aýna mysaly çatlaýardy, jaýrylyp
döwülýärdi. Perýady ýiti aýna gyýçaklary ýaly çar tarapa
syçrap, gijäni eleme deşik edýärdi.
― Ýuwaş-how! Dälirediň-mäý, how, adam? Näme
dälirän göle ýaly bögürýäň?
― .......
― Kime diýilýär-how?! Bes et şu gohuňy! Bolmasa, seni
daşaryk taşlaryn!
― ........
― A-how, sen aýdylany eşideňokmy? Bes et diýdigim,
bes et!
Ýene biraz gaýyp äleminde galmak üçin gulagymyň
düýbünde ýaňlanýan ýiti sesi eşitmedik boldum. Nähili
ölendigimi bilsem diýýärdim. Ylaýta-da, gözleri
hasratdan doly şol adamy ýene bir gaýta göresim gelýärdi.
Allajanlarym, kimdikä? Meniň bilen näme baglanyşygy
barka, güýz gijeleriniň birinde näme diýmekçi bolup,
islegime bakman, meni gözledikä?
Emma gaýyp äleminiň gapysyndan girmäge mümkinçilik
galmady, biri golumdan tutup, şeýle bir güýç bilen çekdi

welin, dişlerim dökülermikä öýtdüm. Şeýdip, kynlyk
bilen bu dünýä golumdan çekip getirildigim boldy.
Zordan, özümem islemän gözlerimi açdym. Dawudyňky
ýaly ýiti sesli bir kişi başujumda dik durdy. Uzyn boýly,
semizräk adamdy; ak düşen sakgaly, ujy mumlangy
çowlanyp duran murtlary bardy. Ony tanadym: ol
kerwensaraýyň eýesidi. Şol pursat iki zada göz ýetirdim:
ol gygyryp goh etmäge, zorluga, gözüniň oduny almaga
endik eden adam bolmaly. Galyberse-de, häzir ol
gahardan ýaňa özüni ýitiren haldady.
― Näme boldy? Näme habar? ― diýip soradym. ― Näme
üçin golumdan çekýäň?
― Näme boldy diýýäňmi? ― diýip, kerwensaraýyň eýesi
― saraýman degişmä salyp seslendi. ― Näme boldy
diýip, özüňden soramaly! Şu arlamaňy bes edäýseň
diýýän. Sen-how, müşderilerimi gorkuzyp gaçyrýaň.
Saraýmanyň
dyzaşyma:
gysaç
ýaly
ellerinden
sypjak
bolup
― Dogryňmy? Gygyrdymmy? ― diýip, gyryljyk ses
bilen soradym.
― Onda-da nähili! Penjesine tiken çümen boz aýy ýaly,
ýaňyja-da arlap durduň, tamyň depesi başymyzdan iner
öýdüp gara janym galmady. Saňa beýle näme boldy

birden? Nahar iýip otyrkaň uklap galdyň. Ýa ukuda gara
dagy basdymy?
Saraýmanyň kellesine gelip biljek ýeke-täk düşündirişiň
şudugyny bilýärdim. Günüme goýsa bolýar diýip, ugruna
sürüp, aýdanlaryny tassyklap biljekdim, ýöne ýalan
sözlemäge dilim barmady.
― Ýok, beýle zat bolanok. Uklabam galmadym, garada
basmady ― diýdim. ― Galyberse-de, men hiç haçan düýş
göremok.
―Ýeri, onda näme üçin arladyň beýle? –– diýip,
saraýman sözüniň üstüne goşdy.
― Sebäbi gaýyp älemine gidip geldim. Men şeýdip käte
gaýyp älemine aýlanyp, syýahat edip gelýärin. Düýş bir
başga, gaýyp älemine gitmek bir başga.
Saraýman agzyny öweldip durşuna maňa aňkaryp galdy.
Gahar bilen murtlarynyň ujuny dişledi. Soňam şeýle
diýdi:
― Siz derwüşler, ähliňiziňem aňkaňyz aşypdyr öýdýän,
ýa ýalanmy? Ylaýta-da özüň ýaly gezende abdallar şeýle!
Uzakly gün agyz bekläp, doga-dileg edip aýlanyp
ýörşüňize gün depäňizden geçip gidýär. Seriňiz üýtgäp,
salgym görýän bolaýmaň.

Güldüm. Ol mamlady. Onsuzam Allada özüňi ýitirmek
bilen akylyňy ýitirmegiň arasynda gyl ýaljak tapawut bar
diýmeýärlermi?
Şol pursat münderlenip doldurylan äpet uly mejimäni
aralarynda göterip iki sany ýetginjek göründi. Üstünde
ýaňy gyzardylan geçi etleri, duzlanan balyklar, hoşboý
ysly zatlara ýatyrylan döwlen goýun etleri, guýruk ýagyna
dürli-dümen zatlar goşulyp bişirilen myssyjak külçeler,
merjimek hem içgaryndan bişirilen çorbalar...
Ýetginjekler müşderilere nahar paýlaşdyryp ýörkäler
soganyň, sarymsagyň we beýleki dürlidümen hoşboý
zatlaryň ysy içerini tutdy. Meniň oturan saçagymyň
ýanyna gelen mahallary bir okara çorba bilen bir kesemen
gara çörek aldym.
Saraýman öňümde duran zatlara göz aýlady.
― Eşidýäňmi, bulara töläre puluň barmy? ― diýip,
üstüme abanyp sorady.
― Ýok – diýdim. ― Ýöne eger isleseň, naharyň hem
ýatymlyk ýeriň tölegine derek bir düýşüňi ýorup biljek.
―Ýaňyjada hiç haçan düýş göremok diýip durduň-la.
― Dogry. Men asla düýş görmeýän düýş ýorgutçysy.
― Aýtdym-a, baryňyzyň aňkaňyz aşgyn diýip ―
saraýman ýüzüni turşutdy. –– Gowusy seni gapydan

daşaryk kowmalymyka diýýän. Seret, şu aýdanlarymy
gulagyňa gulakhalka edip dakyn. Şol dakynan jöwherden
derwüş halkaň bar-a, şonuň ýanyndan asaý. Näçe
ýaşyňdadygyň-a bilemok welin, ýöne iki dünýä üçinem
ýeter ýaly doga okan bolsaň gerek. Indi bu işleri taşla. Gitde owadan aýal tapyn, öýlen. Ogulgyzyň bolsun. Şonda
kök urarsyň, aýaklaryň ýer tutar. Hemme ýerde şol bir
ýetde-gütde durmuş höküm sürýärkä, älemi aýlanyp
ýörmäniň näme manysy bar? Menden saňa
nesihat!
Täze bir zatlar tapa ryn öýdýäňmi? Gulak as,
düşlemek üçin şu kerwensaraýa dünýäniň çar künjeginden
ýolagçy gelýär. Birküç bada göterdigi, bary şobir
hekaýaty gaýtalap oturandyr. Adam hemme ýerde-de şol
bir adam. Aşy şobir aş, suwy şobir suw, nejasatam-a
şeýle!
―Ýöne men üýtgeşik zat gözlämok ahyry. Haky
gözleýärin diňe –– diýdim. –– Men Haktagalany tapmak
üçin syýahat edýän.
― Beýle bolsa, Ony ýalňyş ýerden gözleýäň ― diýip, sesi
birden gödekleşen saraýman alpetimden aldy. ―
Haktagalaň gitdi, haçan gaýdyp geljeginem sen sorama,
sebäbini bilemok.
Bu sözleri eşidip, ýüregimiň syzlap gidenini duýdum.

― Allany ýamanlaýan aslynda özüni ýamanlaýandyr ―
diýdim. ― Ýamanlaýan bilse-de, bilmese-de, bu şeýledir.
Saraýman dodaklaryny çöwrüp diýen ýaly ýylgyrdy.
Onuň ýüzi gaharlydy we öýkelän çaganyňka meňzeýärdi.
― «Biz size esasy gan damaryňyzdan hem ýakyndyrys»
diýmeýärmi? ― diýip soradym. –– Alla gökde alysdanalysdaky tagtda oturanok ahyry. Ol her pursatda hemme
ýerde hem-de hemmämiziň içimizde. Şonuň üçin Ol bizi
asla taşlap gitmeýär. Öz-özüni nädip taşlap gitsin?
― Ýöne bolmaz öýdýän zadyň boldy-da. Bizi taşlap
gitdi –– diýip, saraýman sowuk nazaryny dikip ýanjapýanjap aýtdy. –– Onsoňam ynansaň, şeýdeni gowy. Eger
Alla şu ýerde bolup-da, başymyza her jüre apat inen
mahaly barmagynam gymyldatman otursa, o nähili Alla
bolýar, hany, aýt-da?
― Kyrk kadanyň ilkinjisidir şu onda ― diýdim pessaýja.
― Birinji kada: Ýaradany haýsy sözler bilen beýan
edýänligimiz özümizi nähili görýändigimizi görkezýär.
Eger Taňry diýlende, ilki bilen gorkmaly, utanmaly bir
barlyk ýadyňa düşýän bolsa, onda köplenç gorkup hem
utanyp ýaşaýansyň. Ýok, eger Taňry diýlende ozaly
bilen yşk, merhemet hem mähir ýadyňa düşýän bolsa,
onda bu sende-de şeýle sypatlaryň köplügini aňladýar.

― Goýsan-aý ― diýdi saraýman. – Bu aýdýanyň
―Taňry‖ biziň serimize getirýän hyýalymyzyň
önümidir diýmekden näme tapawudy bar? Meniň
çaklaýşyma görä, sen...
Ýöne hut şol pursat ýeňse tarapda bir goh turansoň,
gürrüň kesildi. Öwrülip şowhunyň eşidilýän tarapyna
seredenimizde serhoş halda gohlaşyp gelýän iki sany
daýaw adama gözümiz düşdi. Ikisi-de başyna giden
haýasyzlyk bilen beýleki müşderilere yrsaraýardylar,
olaryň tabaklaryndaky naharlaryny kakyp alyp,
badalaryndan içýärdiler; arasynda garşylyk görkezen
bolsa, has beter dikleşip, utançsyz çagalar ýaly, gabat
gelen kişi bilen kejeleşýärdiler.
Saraýman bu bolýanlary synlap, gahar bilen dişini
gyjyrdatdy.
― Sered-ä bi ýüzügaralara! Görýän welin, başyna bela
satyn aljak bolýarlar öýdýän! Seret, derwüş, seret-de
sapak al!
Saraýman sözüni tamamlap-tamamlamanka, otagyň
beýleki çetinde gögerdi. Serhoş müşderilerden biriniň
bokurdagyndan tutup, ýumrugyny galdyrdy-da ýüzüne
gondurdy. Ol adam beýle ýagdaýa asla garaşmadyk
bolarly, boş çuwal ýaly ýere ýazylyp gitdi.
Dodaklaryndan haşşyldydan başga ses çykmady.

Hernä, beýleki müşderi birneme dogumlyrak çykdy. Bar
güýji bilen garşylyk görkezse-de, saraýmanyň
ýumruklaryna uzak daýanyp bilmedi, ol hem ýere
ýazyldy. Saraýman ýerde ýatan adamyň gapyrgalaryna
janyýangynlyk bilen erbet depdi. Soňra bolsa, agyr
ädiginiň astyna alyp, onuň elini myjalap basdy. Döwlen
barmaklaryň sesi eşidildi.
― Besdir! ― diýip gygyrdym. ― Ony öldürýäň. Bar
islegiň şomy?
Men bir sopy, islendik bir jany öz janyma durýanam bolsa
goramaga borçly; ähtim şeýle, garynja-da dözüp bilemok.
Guş görsem, ýadyma Süleýman düşýär; balyk görsem
Ýunus. Meniň wezipäm olary goldamak, ýaşatmak. Bir
adamyň beýleki birine zeper ýetirjek bolýanyny görsem,
ejizi goramak üçin elimden gelenini ederin. Onsoňam
biziň edebimizde ýowuzlyk ýokdur. Elimden bar gelýäni,
otagçy bilen ötegçiniň ― saraýman bilen ýolagçynyň
arasynda şu pany bedenimi jansyz perde kimin çekmekdir.
Saraýman maňa gahar bilen garady-da:
― Derwüş, sen goşulma bu işe, ýogsa senem edil it ýenjen
ýaly ýenjerin ― diýip haýbat atdy. Ýöne munuň gury
haýbatdan başga zat däldigini ikimizem bilýärdik.
Köp wagt geçmänkä, ýetginjekler gelip, müşderileri
äkitdiler. Görsem, biriniň barmagy döwlüpdir,

beýlekisiniň burny. Ähli ýer gara gana boýalypdy.
Öýüň içine gorkunç ümsümlik aralaşdy. Turuzan
gohundan razy saraýman haýbatyndan gabarylyp,
gözüniň gytagy bilen bärik seretdi. Onuň ýüzi maňa
bakyp
duranam
bolsa,
sözleri
hemmelere
gönükdirilendi. Uç-gyraksyz gözýetime höküm edýän
awçy guş mysaly, sesi belentden ýaňlandy:
― Gördüňmi, derwüş beg,
ýumruk
ulanasym
gelenokdy, ýöne şeýtmeli boldum. Eýse başga nä alaç
edeýin?
Ýa meýdany şu azgyn adamlara
goýmalymydym? Alla aşakdaky gullaryny ýadyndan
çykaranda, dişimizi gyjyrdadyp, adalaty ýola goýmak
bize galýar. Indikile Onuň bilen gürleşseň aýt. Bilip
goýsun, guzyny ýeke goýdugy, gurda dönýändir!
Başymy ýaýkadym.
― Ýalňyşýaň ― diýip, pyşyrdadym-da, gapa tarap
ýöneldim.
― Bir wagtlar guzudym, indi gurt çykdym diýseň ýalňyş
bolýarmy, eýse?
― Ýok, ol aýdýanlaryň dogry. Hakykatdanam, gurda
dönüpsiň. Ýöne şu etmişiňi adalatly hasaplaýaň-a, ana,
şonda ýalňyş goýberýäň. Saraýman yzymdan gygyrdy:

― Hany, aýak çek, dur, heniz senlik işim gutaranok. Maňa
bergiň bar. Nahar bilen düşek hakyna derek düýşümi
ýorup berersiň.
― Halasaň, ondanam gowusyny edeýin ― diýip,
maslahat berdim. ― Gel, aýaňa garap, pal atyp bereýin.
Saraýmana tarap ýöneldim, alaw ýaly ýanyp duran
gözlerinden gözümi aýyrmadym. Ýaýdanyp, ynam etmän,
tolgunanam bolsa, sag elini elime alyp, owujyny
açanymda garşylyk bildirip durmady. Palçylar,
gözbagçylar adamlaryň ellerinden gelejegi okaýandygyny
aýdýandyrlar. Men bolsam, diňe geçmişi okaýan.
Adamyň geçen, ýöne geçmişde goýup gaýdyp bilmedik
ýollaryny...
Saraýmanyň aýasyndaky çyzyklary gözden geçirdim; olar
çuňdy, jaýryk-jaýrykdy, bulam-bujardy. Gözlerimiň
öňünde bölek-bölek lowurdap duran keşpler peýda boldy.
Her adamyň daşynda dürli reňkli halka bolýar. Bu
adamyňky goňra ýakyn öçügsi mawumtykdy. Ruhunyň
jöwheri oýulyp, gyralary gädilipdir. Özüni daşky
dünýäden gorara içki güýji galmadyk ýalydy. Aslynda
saraýman içinden barha gurap barýan ösümlige çalym
edýärdi. Elden gidiren ruhy güýjüni dikeltmek üçin beden
güýjüni iki esse ösdüripdir. Onuň içindäki ejizlik daşyna
ýowuzlyk bolup şöhlelenýärdi. Şonuň üçinem hemişe
özgeleri tutluşyga çagyrýardy.

Ýüregim çalt urup başlady; sebäbi täze bir zatlar gözüme
görnüp ugrapdy. Ilkibada peýda bolan keşpler kynlyk
bilen saýgartdy, hamala hemme zady perdäniň
aňyrsyndan synlaýan ýalydym. Soňra ondaky zatlaryň
ählisi, tutuş aýdyňlygy bilen öňümde ör boýuna galdy.
Saçlary goňras, ýalaňaç aýaklaryna gargaň reňki ýaly
syýa reňkde besse-besse surat çyzylan, eginlerine nepis
nagyşlar çekilen gyzyl ýapynjaly ýaş aýal.
― Eý görýän adamlaryň birini ýitiripsiň -diýdim. Soňra
saraýmanyň çep aýasyny elime aldym.
Aýalyň göwüsleri damar-damar bolup çişipdir; garny
burnuna ýetip dur, göýä ýarylaýyn-ýarylaýyn diýýär.
Ýanyp duran öýden çykyp bilmändir. Kümüş eýerli atlylar
öýi gurşap alypdyrlar. Howada ýanýan samanyň we gaýry
zatlaryň ysy porsap dur. Seňrikmen paşşyk burunly,
gysgajykdan ýogyn boýunly, ýüregi daşa dönen mongol
atlylary. Çingiz hanyň nökerleri... ― Bir däl, iki adamy
ýitiripsiň –– diýip düzeltdim. ― Aýalyň ilkinji
perzendiňize hamyla eken.
Saraýman gözlerini süzgekledip, nazaryny aýasyndaky
çyzyklara dikdi. Ýüzi ýerdedi, dodaklaryny berk gysyp
durşuna bürşen ýüzi düşnüksiz hata döndi. Birdenem, ol
gözüme bolşundanam garry göründi.

― Teselli bermejegini bilsemem, hökman aýtmaly bir
zadym bar ― diýip ýuwaşja dillendim. ― Aýalyňy
öldüren ýangynam däl, tüsse-de. Tamyň depesindäki
pürsleriň biri üstüne gaýdypdyr. Hut şol pursadam, asla
ejir çekmezden jan beripdir. Sen bolsaň, hemişe elhenç
ejir çekendir öýdüp, biderek gaýga galyp ýörüpsiň.
Ýöne beýle däl.
Saraýman gaşlaryny çytdy, ol çekip-çydardan agyr ýüküň
aşagynda bükülýän ýalydy. Hasratdan ýaňa gyryljyran
sesi bilen sowal berdi:
― Munça zady nireden bilýäň? Ýa sen jadygöými?
Sowaly eşitmedik boldum.
― Aýalyňy mynasyp derejede topraga duwlap bilmedim
diýip, özüňi günäkär duýýan ekeniň. Hälihäzirem elhenç
gara basyp, düýşüňde onuň çukurdan süýrenip çykyşyny
görýäň. Ýöne hyýallaryň seniň başyňa oýun salýar.
Aslynda aýalyňam, ogluňam üýtgeşik bir halda ekenler.
Ebediýetde göýä yşyk zerrejigi ýaly gaýyşyp, erkana
gezip ýörler.
Sözlerime agram berip aýdýanlarymy jemledim:
― Isleseň, ýene guza öwrülip bilersiň. Sebäbi häzirem ol
seniň içiňde bar. Aslyňy ýitirmänsiň.

Bu sözi eşiden badyna gyzgyn tabany tutan ýaly, elini
çekip aldy-da, yza süýşdi.
― Gulak as, derwüş, seni asla iýnim söýmedi ― diýdi. ―
Şu gije şu ýerde galsaň gal. Ýöne ertir irden garaňy
saýlarsyň bärden. Gaýdybam, şu jelegaýda görmäýin seni!
Baş atdym. Düşnüklidi.
Hemişe-de şeýle bolýar. Dogryňy aýtdygyň, gahargazaba
münýärler. Ylaýta-da, yşkdan söz açjak bolup synanyşyp
bir gör, gödek hereket edip, saňa ýigrenç bilen gararlar.
Ella Boston, 2008-nji ýylyyň 18-nji maýy
Uly gyzydyr ýanýoldaşy bilen gohlaşanyndan soň, öýde
şeýle bir dartgynly ýagdaý döredi welin, Ella esli wagtlap
«Yşk şerigatyny» okamaga mümkinçilik tapmady.
Hamala, aralarynda ençeme wagtdan bäri lasyr-lasyr
gaýnap duran gazan bolup, onuň hem birdenkä gapagy
galyp, bar bugy zogdurylyp daşyna çykan ýalydy. Öňki
agzalalyklaryň üstüne täze öýkekineler goşulypdy.
Gynansagam, şol şumluk getiren gapagy galdyran adam
Elladan başga hiç kim däldi.
Üstesine, muny Skota jaň edip, gyzy bi len durmuş
gurmak hakyndaky hyýaly barada gaýtadan oýlanyp
görmegi aýtmak bilen berjaý edipdi.

Soň-soňlar ol şol gezek jaň edip aýdan zatlarynyň ökünip
aňyrsyna çykyp bilmez. Ýöne häzir däl. Maý aýynyň on
sekizinden bäri onuň özüne şeýle bir göwni ýetýärdi
welin, arkasyny daglara dirän ýaly, ýokardan seredip
gürleşip, başga biriniň durmuşyna goşulmakda sähelçe-de
ýazyk görmeýärdi.
― Salam, Skot. Bu men ― Ella, Janetiň ejesi! ― diýip,
gyzynyň halaşýan ýigidi bilen gürleşmek onuň üçin adaty
bir zat ýaly, telefonda alçaklyk bilen, mümkin boldugyça
parahat sözledi. ―Wagtyň bar bolsa, biraz gürleşip
bilermikäk?
― Hanym Rubinşteýn, bu nähili garaşylmadyk zat?!
Elbetde, baş üstüne ― diýip, Skot gaty aljyranlygyna
garamazdan, sypaýyçylygy elden bermezlik üçin çynyny
edip, dili tutulan ýaly peltekledi.
Ynha, şonda Ella hem sypaýyçylygy elden bermän, Skota
ol barada erbet pikirde däldigini, şondan ötri-de häzirki
eşitjek zatlaryna ýalňyş düşünmeli däldigini, ýöne gyzy
bilen durmuş gurardan entek Skotuň ýaşdygyny, üstesine,
heniz belli käriň başyny-da tutmandygyny, tejribesiniň-de
ýokdugyny aýtdy.
Belki, şu telefon gürrüňçiliginiň Skotuň göwnüne
degmegi ahmal, onuň gynanmagy hem mümkin. Emma
gaty bahym Ellanyň näme diýmekçi bolýandygyna
düşünip, onuň mamladygyna göz ýetirer; hatda şeýdip,

wagtynda duýdurandygy üçin geljekde sagbolsun hem
aýdar. Şu meseläni ümsüm goýbolsun etse, ylaýta-da, şu
telefonly gürrüňi Janete ýetirmese, juda peýdaly bolardy.
Ella şu zatlary birinbirin aýtdy.
Telefonda ýakymsyz, düşnüksiz ümsümlik höküm sürdi...
Skot ahyry ýüregini bire baglap:
― Hanym Rubinşteýn, göwnüme bolmasa, siz bize
düşünmediňiz öýdýän ― diýdi. ― Janetikimiz
biribirimize aşyk.
Al gerek bolsa! Baş üstüne, ynha, ýene şo birmeňzeş
sözler! Adamlar nädip beýle türkana hem mön bolup
bilýärlerkä diýip, Ella haýran galdy. Hamala iki köňül
birleşse, samanlyk seýrana dönäýjek ýaly! Yşk, söýgi
diýýäniň mukaddes, jadyly bir taýajykmyş-da, galtaşan
zady üp-üýtgeşik bolaýmalymyş.
Ýöne Ella aňyndan geçenleri aýtmady-da, başga hörpden
gopdy:
― Ogul, nähili duýgulary başdan geçirýäniňize düşünýän.
Emma siz heniz juda gögele. Kim bilýär, ertir görseň,
başga birine aşyk bolarsyň.
― Hanym Rubinşteýn, haýyş edýän, gelşiksiz hasap
etmäň welin, ýöne şeýle zat ähtimal bolsa, ol hemmelere,
hatda size-de degişli dälmi? Kim bilýär, ertir görseň,
özüňizem başga birine aşyk bolaýsaňyz.

Ella gaharly güldi.
― Men maşgalaly-zatly aýal ahyry. Maşgalamy
ömürboýy ýaşamak üçin saýlap aldym. Ýanýoldaşym
hem şeýle. Saňa nekirtläp düşündirjek bolan zadym hem
şu-da, Skot. Maşgala bolmak oýunlyga salar ýaly zat
däldir, çynlakaý oýlanmaly, ölçerip-dökmeli.
― Ýagny, häzir siz maňa günlerde bir gün başga birine
aşyk bolmagym ahmal diýip, şu gün telbe bolup söýýän
gyzymy taşlamagymy maslahat berýäňiz-dä, şeýlemi? ―
diýip, Skot sorady.
Gürrüňiň şundan soňraky böleginiň ýapy aşak togarlanyp
gaýdanyndan parhy ýokdy. Häli-şindi dymmalar,
ýaňsylamalar, arzuwlaryň puja çykmagy, gep
nokatlamalar, ... bary garym-gatym boldy. Ahyry telefony
goýanynda, Ellanyň elleri gahardan ýaňa titirtitir edýärdi.
Ol dessine aşhana geçdi-de, hemişe içi gysanda edýän
işine başlady: nahar bişirdi! * * *
Ýarym sagatdan soň, äri telefon etdi.
― Gulagyma ynanyp bilmedim, Ella. Gyzymyz bilen
maşgala gurmasyn diýip, Skota jaň edipsiň. Heý, boljak
işmidir şü? Haýyş edýän, men beýle samsyklyk eden
däldirin diý.
Ellanyň bir pursat demi tutuldy.

― Bäý-bä, habarlar gaty tiz ýaýraýar eken-ow. Ýagşy...
Jaň edip dogry etdim. Ýöne rugsat etseň, ýagdaýy
düşündireýin...
Emma Dewidiň bir zatlara ejaza edere ýagdaýy ýokdy.
Çydap durup bilmedi, ýene söze başlady.
― Aýdyp-düşündirer ýaly näme bar? Beýle işi nädip edip
bilýäň? Skot Janete baryny aýdypdyr. Gyzyň ýagdaýy
gowy däl. Birküç gün Laurada boljak diýýär. Seni göresi
gelenok...
Biraz säginse-de, Dewid sözüni jemledi:
― Menden sorasaň, gyzyň dogry edýär. Näme üçin
beýdip, göreniň durmuşyna burnuňy sokup ýörsüň?
Şol gije öýe gelmedik diňe Janetdäldi. Dewid hem el
telefonyndan Ella habar iberip, gyssagly ýagdaýyň
çykandygyny, öýe baryp bilmejekdigini duýdurdy. Bu
gyssagly ýagdaýyň nämedigi barada welin, hiç hili
düşündiriş ýokdy.
Ýöne mundan öň ol beýle etmändi. Onuň bu hereketi
maşgala ýörelgesiniň ruhuna tersdi. Gülden güle
gonýardy, şol-a mälim. Başga aýallar bilen ýatyp turýan
bolsa gerek, hatda olara petde-petde pul hem dökýändir.
Ella indi haýsy bolanda-da bu zatlaryň baryndan
doýgundy. Ýöne şu güne çenli welin, äri her agşam öýüne
gelip, nahar başynda öz ornunda tapylýardy. Aralaryna

her näçe sowuklyk düşse-de, Ella onuň üçin nahar
bişirmekden, Dewid bolsa tabagyna guýlany ýylgyryp,
minnetdarlyk bilen iýmekden kemdurmazdylar. Onsoňam
her nahardan soň, Dewid hökman çyny bilen: «Eliň dert
görmesin!» diýerdi. Ella şu jümläni eşidende, äriniň
özünden göçme manyda ötünç soradygy diýip düşünerdi.
Onsoň ony bagyşlardy. Hemişe-de bagyşlapdy.
Häzir bolsa, äri ilkinji gezek şeýdip soňuny saýman
hereket edýär. Ella şu ýagdaý sebäpli özüni
günäkärledi. Emma özüni büs-bütin günäkär duýmak,
özgeleriň hatasyny öz boýnuna çekmek onsuzam Ella
Rubinşteýniň tebigatynyň aýrylmaz bölegidi. * * *
Ekizlerini nahar başyna geçiren mahaly Ellanyň
ýazyklylyk duýgusy göwnüçökgünlige öwrüldi. Şonuň
üçinem ol Ewiniň pissa sargyt etmek üçin aýak
diremesine-de,
Orlynyň
hiç
bir
zat
iýmek
islemeýänligine-de üns bermedi. Ikisini-de noýbadan,
gaýnadylan
gök-sökden
gerk-gäbe
doýurdy.
Göräýmäge, ol häzirem çagalarynyň ugrunda janserek,
şolar diýip kökenek gerýän hemişeki enedi. Ýöne ol
synasynda gün-günden ulalyp barýan bir boşlugy
göterýärdi. Keýpsizdi, esli wagtdan bäri hoşy ýokdy. Ol
göýä şol boşluga hamyla ýalydy. Şol boşluk bolsa,
sagatsaýyn, minutsaýyn ulalýardy. Bir gün hökman ony
dogurmaly boljakdy, şonda ol öz duýgulary bilen

ýüzleşmäge mejbur galar. Ynha, şol pursatda näme
etjegini welin, ol bilenokdy.
Nahardan soň çagalar öz otagyna çekilensoňlar, Ella
stoluň başynda ýeke galdy. Töweregini gurşap alan
ümsümlik bir pursat oňa agyr düşdi. Şübheleriň agramyna
ýüregi ezildi. Sagatlap zähmet siňdiren, jan edip bişiren
nahary birden gözüne hem-ä içgysdyryjy, hemem
tagamsyz göründi. Özi-de bilmezden özüne nebsi agyrdy.
Kyrk ýaşyň bosagasynda durdy. Testegelek kyrk ýylyny
geçiripdi bu dünýäde. Ömrümi ýele sowran bolaýmaýyn
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Elif Şafak-Yşk - 04
  • Parts
  • Elif Şafak-Yşk - 01
    Total number of words is 3608
    Total number of unique words is 2185
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 02
    Total number of words is 3616
    Total number of unique words is 2228
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 03
    Total number of words is 3610
    Total number of unique words is 2211
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 04
    Total number of words is 3621
    Total number of unique words is 2271
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 05
    Total number of words is 3686
    Total number of unique words is 2230
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 06
    Total number of words is 3613
    Total number of unique words is 2257
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 07
    Total number of words is 3722
    Total number of unique words is 2226
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 08
    Total number of words is 3656
    Total number of unique words is 2262
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 09
    Total number of words is 3579
    Total number of unique words is 2310
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 10
    Total number of words is 3666
    Total number of unique words is 2164
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 11
    Total number of words is 3591
    Total number of unique words is 2225
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 12
    Total number of words is 3623
    Total number of unique words is 2233
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 13
    Total number of words is 3652
    Total number of unique words is 2154
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 14
    Total number of words is 3670
    Total number of unique words is 2111
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 15
    Total number of words is 3637
    Total number of unique words is 2160
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 16
    Total number of words is 3591
    Total number of unique words is 2182
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    54.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 17
    Total number of words is 3590
    Total number of unique words is 2167
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 18
    Total number of words is 3586
    Total number of unique words is 2219
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 19
    Total number of words is 3651
    Total number of unique words is 2179
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 20
    Total number of words is 3632
    Total number of unique words is 2034
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 21
    Total number of words is 3642
    Total number of unique words is 2121
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 22
    Total number of words is 3656
    Total number of unique words is 2209
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 23
    Total number of words is 3664
    Total number of unique words is 2120
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 24
    Total number of words is 3674
    Total number of unique words is 2117
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 25
    Total number of words is 3603
    Total number of unique words is 2124
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 26
    Total number of words is 3670
    Total number of unique words is 2220
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 27
    Total number of words is 483
    Total number of unique words is 391
    49.5 of words are in the 2000 most common words
    60.1 of words are in the 5000 most common words
    65.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.