Latin

Elif Şafak-Yşk - 19

Total number of words is 3651
Total number of unique words is 2179
31.9 of words are in the 2000 most common words
44.7 of words are in the 5000 most common words
51.7 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
gezipdim, «neşä oturanymy» boýun almaýardym. Neşe

meni däl, men neşäni ulanýandyryn öýdýärdim. Özözüme erkim ýetýändir hasap edýärdim.
― Eger bir derdiň bar bolsa, göwnüme bolmasa, bar
ýaly görünýär, ony melul etmek bir başga, bejertmek bir
başga ― diýip, Baba Samed aýtdy. ― Neşäniň humary
sowlansoň, agyryny aýryjy dermanyň täsiri giden ýaly
bolar. Agyry gaýta esseläp yzyna gaýdyp geler.
Onuň dogry aýdýanyna düşünýärdim. Söz berdim.
Ýanymdaky ähli himiki maddalary, uky dermanlarymyda oňa tabşyrdym. Emma köp wagt geçmänkä,
bedenimiň işleýşi bozulyp, aňrym bulanyp başlady.
Tekgehanada bolan dört aýymyň içinde ençeme gezekler
lebzimden dändim, ýoldan çykdym. Niýetiň seriňi
dumanlatmak bolsa, gözlejek bolup azara galmagyň
zerurlygy ýok, dünýäniň islendik ýerine baraý, neşäniň
özi seni tapýar. Pir piri tekgede, däli dälini dakgada –
minutda tapar diýmeýärlermi?! Şolar ýaly, nadan hem
nadany tapýar.
Bir gije ýene gaçdym-da, tekgehana gammar bolup,
serimi dumanladyp dolanyp geldim. Emma daşky gapy
baglanan eken. Daşarda ýatmaly boldum. Ertesi irden
meni iki büklüm bolup, düýrlenip ýatyrkam tapypdyrlar.
Baba Samed hiç zat soramady, menem sesimi
çykarmadym. Ýöne şular ýaly ýakymsyz wakalar

bolaýmasa, sopular bilen aram gowudy. Tekgehananyň
ümsümligi janyma ýarapdy. Uzak wagtdan bäri ilkinji
gezek dynç alýardym. Amsterdamda bir topar daşary
ýurtly bilen bir üçegiň astynda bolmaga öwrendeklidim,
rahat ýekeligiň nämedigini ilkinji gezek görýärdim.
Bir göräýmäge, bu ýerde ortak bolup ýaşamagyň bir
görnüşi ýaşalýan ýalydy. Derwüşleriň ählisi bile iýipiçýär, bile doga okaýarlar, zikir çekýärler we umumy
ýatakhanada ýatýardylar. Emma, aslynda, garaşylýan
zat her kimiň ýalňyz galyp, öz ruhy dünýäsine
gönügmegidi. Sopuçylyk bilen gyzyklanýan kişi ilki bilen
köpçüligiň içinde ýalňyz galmagy öwrenmelidi. Soňra
bolsa öz içindäki köplügi bitewüleşdirmelidi.
Başda: «Dünýäde diňe men bar!» diýýärsiň.
Soňra: «Mende bir dünýä bar!» diýýäň.
Ahyrynda bolsa: «Ne dünýä bar, ne-de men bardyryn!»
diýýäň.
Marokkaly sopularyň meni ýaşyrynlykda Mekgä
äkiderine garaşyp ýören döwrüm, ilkiilkiler edere başga
işim bolmansoň, içim gysyp, soňra bolsa kem-kemden
çuňlaşan bilesigelijilikdir höwes bilen tasawwuf
pelsepesini okap başladym. Nähili gaty suwsandygyňa
agzyňa bir owurt suw alanyňda düşünersiň-ä, menem,

şeýdip, üstünden baranymda her bir bilim katrasyny
gana-gana içdim. Şol uzyn tomsuň dowamynda okan
şonça eserimiň içinden maňa iň güýçli täsir edeni
«Mesnewi» boldy.
Bir gün duýdansyz ýerden Baba Samed meniň oňa birini
ýatladýandygymy aýtdy. Meniň çalym edýän adamym
Şems-i Töwrizi atly gezende derwüş eken. Käbir kişi ol
barada her hili gürrüň edýän hem bolsa, Rumynyň gözi
bilen garasaň, Şems hem Aý, hem Gündi. Baba Samedi
diňledigimçe, barha bilesigelijiligim artdy. Ýöne bu
adaty bir gyzyklanma däldi. Baba Samed maňa Şems
barada gürrüň berýärkä, bedenimde täsin jümşüldiniň
peýda bolanyny duýdum. Ol deja vunuň birhili görnüşdi.
Häzir aýtjak bolýan zadymy ozal hiç kime gürrüň
beremok, Ella. Ýöne, Alla şaýatdyr, Baba Samed maňa
ilkinji gezek Töwrizli Şems barada gürrüň beren agşamy
otagda bizden başga-da biri-hä bardy. Ol jismany
bolmadyk bedendi, jadylaýjy yşygyň çogdamydy...
Kimdir biriniň dem alýandygyny duýdum, diwaryň
ýüzünde bir kölegäniň peýda bolýandygyny saýgardym.
Ol agşam şemalynyň mylaýym öwüsginidi ýa-da bir
perişdäniň ganatlarynyň ýüpeksi galgamasydy... Näme
sebäpdendigini bilemok, ýöne howada birhili owsun
bardy. Birdenem bir zada göz ýetirdim: meniň başga bir
şähere gidip ýörmegime zerurlyk ýokdy. Ömürboýy,

hemişe başga ýerlere, ýaşaýan ýerimden uzaklara
gitmek islegini duýup, öz howsalamdan, açgözlügimden,
özüm bilen tutluşyp ýörmekden bizar bolupdym.
Häzir bolsa, onsuzam göwnümiň küýsän ýerindedim.
Ýeke-täk etmeli işim, şu ýerde galyp, öz kalbyma
dikanlap garamagy başarmakdy. Menem şeýtdim,
tekgehanada galdym. Ýyllar geçdi. Şol ýerde taplandym.
Ähli wagtymy ybadat hem meditasiýa ― çuňňur oýpikirler bilen geçirdim. Şol ýerde musulman bolup, Aziz
Zekeriýa Zahara adyny aldym.
Bir gün Baba Samed ýantorbamy yzyna gowşuryp, şeýle
diýdi:
― Indi ugramaly wagtyň geldi. Bu höwürtgeden algyr
guş bolup uçarsyň. Sen eger öz içiňdäki äleme aýlanyp
çykyp, nebsiňi ýeňip geçen bolsaň, indi git-de dünýä
aýlan. Sen ýaly adamlar tutuş ömrüni bir dergähde
busup geçirip bilmez. Seniň gürrüň bermeli
hekaýatlaryň bar...
Şeýlelikde, Kreig bolup giren ýerimden Zahara bolup
çykdym. Ömrümiň şu täze we sergezdan döwrüne sopy
sözüniň «p» harpy bilen tanşan möwsümim diýýärin.

Şems Konýa, 1246-njy ýylyň fewraly
Penjiräniň golaýynda yzyny üzmän tesbi sanap, agyr oýhyýala çümüp oturan mähriban Möwlananyňýeke özüdi.
Gün batypdy. Kerahat wagty bolupdy. Bu wagt
perişdeleriň ynsanlar bilen garyşyp, hyýal bilen
hakykatyň arasyndaky çäkleriň ählisiniň garymgatym
bolýan mahalydy.
Ony aýak üstünde sesimi-üýnümi çykarman synlap
durşuma, birden gaýyp älemine rowana bolup, syýahata
başladym. Möwlananyň mundan kän ýyldan soňky
halyny gördüm. Ýene kän ýyldan soň ol birneme gojalan,
gurbatdan gaçan we gam-gussa basan halda bolsa hem,
has haýbatly we mynasyp derejede şu oturan ýerinde,
şular ýaly sary bala çalymdaş yşygyň astynda oturar.
Egninde bolsa, goýy ýaşyl jüpbesi bolar; töweregine
alyjenap nazary bilen garasa-da, kalbynda hiç aram
tapmaýan agyry bolar. Ol meniň ýoklugymy bitmez ýara
ýaly synasynda göterer. Şol pursat iki zada göz ýetirdim:
birinjisi, Möwlana şu öýde gojalar we ömrüniň ahyrky
günlerine çenli şu şäherde ýaşar. Ikinjisi bolsa, men
gidenimden soň, meniň ýoklugym zerarly dömen ýara
gaýdyp bitmez.
Gözlerim ýaşa doldy.

Onuň sesine gaýyp äleminden yzyma dolandym.
― Şems, näme bolýar? Aýak üstünde durma. Keýpsiz
görünýäň-le? ― diýip, Möwlana seslendi.
Zoraýakdan ýylgyrdym, ýöne aýtjak zatlarymyň agramy
degirmen daşy kibi zybanymdan asylyp galdy. Sesim
gyryljyk, gussaly çykdy.
― Dogrusy, aslynda-ha ýagdaýym gowy däl. Gaty
suwsadym, ýöne bu öýde meniň teşneligimi gandyryp
biljek zat göremok.
― Onda Kerra duýduraýyn, näme küýseýän bolsaň
derrew taýýarlasyn.
― Ýok, gerek däl. Maňa gerek zat aşhanada däl ahyry.
Meýhanada! Şu agşam serhoş bolsam diýen isleg döredi
mende.
Rumynyň ýüzüne alada buludy kölege salyp gitdi. Onuň
pikiri bulaşyk görünýärdi.
― Küýzäňi aşhanada däl-de, meýhanada doldursana ―
diýdim.
― O nähili? Saňa şerap getirmelimi? ― diýip, uly alym
alada bilen gaýtalady.

― Hut şeýle. Diňe maňa däl, gidip ikimize-de şerap
alsaň, tüýs ýerine düşer. Iki küýzesi laýyk bolar; biri
maňa, birem özüňe. Ýöne birje haýyşym bar. Meýhana
baranyňda meýi gyssanmaç alyp, göni bärik gaýtma-da,
ol ýerde biraz eglen. Adamlar bilen söhbet et. Men saňa
şu ýerde garaşaryn. Hany, onda wagt ýitirme.
Möwlana ýüzüme ýarym ikirjiňlenme, ýarym gaýgy bilen
seretdi. Şol pursat baryp-ha Bagdatda maňa ýoldaş
bolmak islän gyzyl şägirt ýadyma düşdi. Ol özgeleriň özi
hakynda näme diýjegi barada hyýalyna getirip,
tasawwuf derýasyna girip bilmändi. Eýse, şolar ýaly,
abraýyma şek ýeter gaýgysy Rumyny-da bu ýolda
belentlere galmakdan alyp galaýarmyka?
Emma Möwlana bir dem ýaýdanan ýaly etse-de, dessine
aýak üstüne galyp, «ýagşy, bolýar» diýen manyda
başyny atdy. Soňra hem:
― Şu ýaşyma çenli meýhana barybam, agzyma bir
damja şerap alybam göremok. Meniň pikirimçe, içgi
içmek dürs iş däl. Ýöne saňa ynanyşym aňyrdandyr.
Sebäbi menden ýöne ýere beýle zady towakga etmejegiňe
ynanýaryn. Hökman meniň görmegimi isleýän bir
hakykatyň bardyr. Seniň hatyraň üçin, dost, diýýän
ýeriňe gitjek. Bu iş janyma batsa-da, aýaklarymyň ädim
ädesi gelmese-de, abraýyma tegmil düşürsede, şol

şeraby alyp şu ýere getirerin.
sagbollaşyp çykyp gitdi.
Şeýle diýdi-de, ol
Rumy otagdan çykan badyna çöküme düşüp, sejde etdim.
Onuň goýup giden tesbisine ýapyşdym. Rebbime nijeme
gezekler, gaýta-gaýta şükür etdim. Maňa şeýle ajaýyp
ýoldaş bereni üçin doga etdim. Möwlana bir joşgunly
derýadyr. Bir duran ýerinde doňup durmaýan, tutuş
adamzady we ähli barlygy gurşap alýan, hiç kime garşy
ters niýeti bolmadyk, hemişe has alys gözýetimler bilen
gyzyklanýan we şol ýerlere ruhy syýahata çykan, şaglap
akyp ýatan tereň derýadyr... Meniň ýeke-täk eden işim:
şol derýanyň öňündäki bendi ýykmakdyr. Bolany şol.
Meniň
bir
dilegim
onuň
ömürboýy
Ylahy
yşk
serhoşlugyndan açylmazlygydy. Dördünji bölüm Ot
Ýaşaýyşdaky ýakýan, ýykýan we ýok edýän
zatlar Süleýman serhoş Konýa, 1246-njy
ýylyň fewraly
u zährimary içip, serimden nä hyýallar geçmedi diýsene!
Serhoş bolup, özümi bilmän samrabam, gara
basdyrybam, bokurdagymy ýyrtyp arlabam gördüm.
Ýöne meýhananyň işiginden içerik hezreti Möwlananyň
ätlänini görmek ýatsam-tursam meniň sämäp duran
serime ömürylla gelmejek, haýran galaýmaly hyýaldy!
Agzymy açyp, aňk bolup galypdyryn. Düýş görýärmikäm

diýip, tenimi çümmükläp gördüm, gözlerimi
owkalaşdyrdym. Gapyda duran adam şonda-da ýitirim
bolmady.
― A-how, Hristos, kelläm beýle bulaşar ýaly, sen maňa
näme içirdiň? ― diýip bagyrdym. ― Ahyrky çüýşäni
içmäýinem diýdim-le. Meniň kelläm gowuja
dumanlapdyr. Şu gapyda duran adamy kime
meňzedenimi bilýäňmi?! Ha-ha! Oňa Möwlanamyka
öýdüpdirin! Seret, seret, şu hepbesiz kişi Möwlana
çalym edenok-maý?
― Çüş! Sem bol-how, samsyk ― diýip, ýeňsämden biri
gygyrdy.
«Maňa beýle diýip biljek ýakasy gaýyşly kimkä?» diýip
yzyma öwrülenimde, näme görendir öýdýärsi
öýdýärsiňiz? Meýhanadakylaryň hiç birinden ses-üýn
çykanok, hatda biziň Hristosymyz hem lal-jim bolup,
agzyny açyp, gapa öwelip seredip dur. Meýhananyň
garry köpegi Saky hem adatdan daşary bir zadyň bolup
geçýändigini aňýan ýaly, salpy gulaklaryny ýapyryp,
haýran galyp aňalyp seredýär. Haly täjiri, serhoş pars
hem aýdym diýmäge diliň barmajak zorruk gohuny bes
edip, aýak üstünde dim-dik dur. Sersag görünmäge
çalyşýan beýleki serhoşlar ýaly, ol hem gaşlaryny
çynlakaý çytyp, temegini ýokaryk tutup abşarylyp

durupdyr. Göni durjak bolup, görgüli, yranyp-yranyp
gidýär.
Dymyşlygy Hristos bozdy. Sözlerinden damp-damp
etdirip, sypaýyçylyk damdyryp, ýere çenli baş egdi:
― Tagsyr Möwlana, meýhanamyza hoş geldiňiz, sapa
getirdiňiz ― diýdi. ― Sizi bu ýerde görmek biz üçin
çäksiz mertebedir. Buýruň, size nähili hemaýatym
degerkä? Gözlerimi gyrp-gyrp edip, gapa tiňkämi
dikdim. Ahyry aýyl-saýyl boldy, öňümizde duran,
hakykatdan hem, Rumy eken-ä!
― Alada galma ― diýip, Möwlana agras ýylgyrdy.
Soňra bolsa, çala ardynjyrap, gyzaryp-bozaryp, sözüni
dowam etdi. ― Biraz şerap alaýyn diýip geläýdim.
Muny eşiden Hristos görgüliniň haýran galmakdan ýaňa
agzy bir garyş açyldy. Diňe ol däl, hemmämizem aňk
bolup galypdyrys. Hemmeleriň serinde «Konýanyň iň
tanymal ulamasy meýhana gelip, bizden şerap soraýan
bolsa, kyýamatyň gopjak wagtynyň golaýlanlygydyr!»
diýen pikir at salýan bolsa gerek. ― A-haw, gel-geç
diýiň-ä, adam işikde aýak üstünde dur ahyry ― diýip
seslendim. Diňe şondan soň, Hristos özüne gelip,
Rumyny oturdara mynasyp ýer gözläp başlady. Ol hut
meniň golaýjagymdaky sapany saýlap tutsa nädersiň?!

Rumy görkezilen ýere geçip oturmazdan öň, töweregine
sypaýyçylyk bilen salam berdi. Serhoşlaryň ählisi
hormat bilen eglip, salama jogap berdiler. Möwlana
ýaly özüni parahat hem ynamly tutýan, alyjenap hem
haýbatly, egni gymmatbaha zerewşan donly zahyd bular
ýaly ýere gelşenokdy.
Saklanyp bilmedim, ýanyna geçip oturdym. Pyşyrdap
sorag berdim:
― Ygtyýar etseňiz hem-de gomparmak hasap etmeseňiz,
bir zat soraýjakdym.
― Baş üstüne ― diýip, Möwlana dillendi.
― Bagyşlaň welin, özüňiz ýaly ulug kişiniň bärde näme
işi bardyka?
Rumy myssa ýylgyryp, gözüni gyrpdy.
― Sen sorama, aşyklaryň synagyndan geçýän öýdýän ―
diýdi. ― Töwrizli Şems atabraýymy ýere çalmak üçin şu
ýere iberdi.
― O nähili? At-abraýyňy ýere çalmak gowy zatmyka?
― diýip sakawlap soradym.
Möwlana güldi.

― He, nireden seredýäniňe bagly. Alla bolan
söýgimizden daşgary ähli zady bir demde bozup taşlap,
özümizi aýratyn möhüm barlyk hasap etme keselinden
gutulmagymyz zerur. Eger bizi «menlik» şübhesine
salýan bolsa, elbetde, şeýle boljagy-da belli,
maşgalamyza, malymyza-mülkümize, wezipämize, hatda
ýaşaýan
ýerimizdäki
metjidumedresä
bolan
baglylygymyzy hem ýok etmegimiz gerek.
Näme diýenine doly düşünmesem hem, eşiden sözlerimiň
ählisi bulaşyp duran kelläme örän makul göründi.
Onsoňam sopularyň her dürli täsin pelsepelere meýilli,
herdemhyýal, az-kem hem telberäk kişiler bolýandygyny
öňem çak edýärdim. Häzir şol çakymy dogry bildim.
Sorag bermek gezegi Ruma gelipdi; ol hem men dek
pyşyrdap diýen ýaly dillendi:
― Ygtyýar etseňiz hem-de gomparmak hasap etmeseňiz,
menem sizden bir zat soraýjakdym. Ýüzüňizdäki ýara
gözüme ildi welin, ol nähili bolup düşdi?
― Onuň üýtgeşik bir taryhy ýok ― diýdim. ― Bir gün
gijäniň ýarynda öýe gaýdyp barýardym. Iki sany
ýasawula gabat geldim. Biriniň elinde gamçysy bar
eken. Göwün solpusyndan çykýança, erbet edip
saýgylady. Onuň adyny ömürem ýadymdan çykarman.
Baýbars bolmaly!

― Ýöne näme üçin beýtdikä? ― diýip, Möwlana sorady.
Şol wagtam Hristos Möwlananyň öňünde iki jürdek
şerap goýdy. Menem şolary ümläp:
― Şu öňüňizde duranlardan içenim üçin ― diýdim.
Rumy oýlanyşykly manyda ýüzüni sowsa-da, derrew
duýgudaş halda ýylgyryp:
― Geçdigi bolsun! ― diýdi.
Şeýdip, gürrüňe gyzyşyp gitdik. Geçi peýniridir
çörekhanada bişen kömelekleri çöregimize garyp iýip
oturyşymyza, çagalygymyz, yşk, ynanç, dostluk we
ýadymyzdan çykarandyr ödýän, ýöne şol pursat
ýatlamakdan tükeniksiz lezzet alan gowulyklarymyz
barada söz açdyk.
Gün ýaşan dessine, Rumy turmak bilen boldy.
Meýhanadakylaryň ählisi onuň bilen bile ör turdular.
Ählimiz gözegçilikden geçýän esgerler ýaly, nobatmanobat düzülip, oňa salama durduk. Bu, diýseň täsin
görnüşdi! Myhmanymyz gapydan çykjak bolup durka:
― Tagsyr Möwlana ― diýip dillendim. ― Gitmänkäňiz,
gaýrat ediň-de aýdyp berseňizläň. Şerap näme üçin
haramka? Şuny bir düşündirip gideweriň.

Hristos gaşlaryny çytyp, maňa tarap haýdady. Beýle
çylşyrymly sowal bilen hormatly müşderisini kyn günde
goýarymdan çekindi.
― Sem bolsan-aý, Süleýman. Nämä gerek beýle zatlary
sorap ― diýdi.
― Soramda näme? Näme diýýänini bilesim gelýär ―
diýdim-de ýene Ruma tarap öwrüldim. ― Tagsyr, özüňiz
gördüňiz, bizi gorkunç adamlar hasaplap boljak däl
ahyry, şeýle dälmi? Dogry, bizem süýtden çykan ak
çemçe däl, ýöne beýle pislenmägede mynasyp däldirisä?! Eger çenimizi bilip içsek, hiç kimi ynjytmasak, şerap
içmämiziň nämesi günä bolýarka?
Aýdanlarymy eşidesi gelýän beýleki müşderiler ýanyma
gysmyljyrap gelensoň, töweregim bilesigelijilerden ýaňa
hümer boldy. Eýse, Rumy näme diýerkä? Içerini goýy
dumana meňzeş agyr ümsümlik gaplap aldy. Ahyry
meşhur wagyzçy şeýle diýdi:

Şerap içen duýgudaşlyk beslese,
serhoşlygy ýumşaklyga öwrüler,

Şerap içen duşmançylyk beslese, serhoşlugy kinedarlyga
öwrüler,
Şerap içen adamyň köplenç kinedar, käte hem ýukaýürek
bolýany üçin,
Şerap köpçülige haramdyr.
Bu sözleriň manysyna hiç birimiz doly düşünmedik bolsak
gerek, sesini çykaran bolmady.
― Dostlarym, şerap ýönekeý içgi däldir, sebäbi ol
içimizdäki iň bir haýwany häsiýetleri oýarýar ― diýip,
Möwlana sözüni dowam etdi. ― Meniň bilşimçe, içgiden
uzak durmaly. Şonuň bilen birlikde-de, bir zady
ýadymyzdan çykarmaly däldiris, öz eden etmişimiz
zerarly meýi hem, meýhanaçyny-da ýazgaryp bilmeris.
Şerapdan günä gözlemezden ozal, öz kalbymyzdaky
gaýzylykdan, yrýakärlikden, ýigrençden, ýowuzlykdan,
diýdimzorlukdan saplanmalydyrys. Ahyrynda bolsa, içen
içer, içmeýän içmez. Hiç kimiň hiç kesi mejbur etmäge
haky ýokdur. Çünki dinde zorluk ýokdur.
Müşderileriň käbiri ýürekden baş atdy, men bolsam,
ussadyň hatyrasyna bada göterdim.
― Tagsyr Möwlana, sen kalby giň, adamyň gadyryny
bilýän, gaty seýrek duş gelýän alym ― diýdim. ― Şu gün
şu ýere geleniň üçin häzir sen hakda her hili gürrüň

etjekleriň tapylmagy ahmal. Ýöne meniň pikirimçe, özüň
ýaly mertebeli ulamanyň bizi keseki saýman bärik
gelmegi, biz hakynda görmän-etmän ters pikirde bolup
ýörmän, biz bilen söhbet etmegi örän batyrgaý hereket.
Size minnetdardyrys.
Rumy maňa mähir bilen seretdi. Soňra oturan sapasyna
getirileli bäri el degirmedik şeraply jürdeklerini aldy-da,
daşarda öwüsýän sowuk şemala ýüzüni tutup,
garaňkylyga siňip gitdi. Alaetdin
Konýa, 1246-njy ýylyň fewraly
Kakama Kimýa bilen durmuş gurmak isleýändigimi
aýtmak üçin amatly pursada garaşyp ýörenime tutuş üç
hepde bolandyr. Öz ýanymdan onuň bilen näçe gezekler
gürleşip, pikirimi iň täsirli sözler bilen beýan etmek üçin
ençeme ýola synag geçirip görüpdim. Meniň teklibime
garşy çykyp, tapjak bahanalarynyň her birine öz
jogabymy taýýarlap goýupdym. Eger «Kimýa bilen ikiňiz
dogan ahyry» diýäýse, onuň bilen hiç hili gan
gatnaşygymyzyň ýokdugyny ýatladaryn. «Şonda-da
gelşiksiz bolar» diýäýse, şeýle edilse hemmeler üçin oňat
boljagyny düşündirerin. Kakamyň Kimýany nähili gowy
görýänini bilýänim üçin, durmuş gurmagymyza razy
bolaýsa, onuň hemişe biziň bilen bile boljakdygyny,
şeýlelikde, asla uzak ýere gitmeli bolmajagyny aýtmagyda

göz öňüne tutýaryn. Hemme zady kellämde bişirip goýan
hem bolsam, gör-ä, kakam bilen ýeke pursatlyk hem
ikiçäk galyp bilemok.
Ýöne şu agşam onuň bilen, dogrusy, hyýalyňa-da getirip
bolmajak gaty gelşiksiz ýagdaýda ýüzbe-ýüz boldum.
Ýoldaşlarymyň ýanyna gitmek üçin ýaňy öýden çykarman
bolup durkam, gapy açyldy-da, içerik kakam girdi.
Gözüm elindäki şeraply jürdeklere düşende, aljyrap
doňup galypdyryn.
― Kaka, eliňdäkiler näme boldugy? ― diýip soradym.
― Hä, bularmy? ― diýip, kakam örän parahat gürledi.
Onuň ýüzünde darykýandygyny ýa-da çekinýändigini
bildirýän hiç hili alamat ýokdy: ― Bular şerap, oglum ―
diýdi.
― Näme?! Şerap diýdiňmi? ― diýip gygyrdym. ― Ulug
alym Möwlana indi şeýle güne-de düşüp ýörmükä?
Diýmek, serhoş goja öwrüldim diýsene!
Aýgytly ses sözümi pyçak bilen kesen ýaly, orta bilinden
şarpa böldi:
― Diýjek sözüňi bilip gürle, Alaetdin. Ilki köşeş-de, näme
diýjek bolsaň soňra diý!

Yzyma öwrüldim. Bu sözleri aýdan Şems eken. Ol gözüni
gyrpman, göni garaçygyma seredip durdy.
― Kakaň bilen beýle äheňde gürleşme. Ony meýhana
men ugratdym.
― Tüýs bolaýdy, geň görerlik zat ýok!
Şems gahar edýäne meňzänokdy.
― Alaetdin, gel, parahat gürleşeli ― diýip, ol äheňini
üýtgetmän gürledi. ― Ýöne aýdylana düşüneriň ýaly, ilki
gaharyň
sowluşsyn.
Eger
kalbyň
sowudyny
ýumşatmasaň, her aýdan sözüm ýüregiňe batar.
Kalbyň sowudyny ýumşatmak diýdigi nämekä? Ýüzüne
geň galyp sereden bolsam gerek.
― Bu kadalaryň biridir ― diýip, Şems dillendi. ― Otuz
bäşinji kada: Haka ýakynlaşmak üçin kalbyň mahmal
ýaly ýumşak bolmagy gerek. Kalp ýumşamaklygyny
adamlaryň hersi birhili ýol bilen öwrenýär. Kim
heläkçilige uçraýar, kim agyr kesele duçar bolýar; kim
aýralyk derdini çekýär, kim maddy ýitgä sezewar bolýar...
Ählimiz-de kalbymyzdaky gatylygyň ýumşamagyna
mümkinçilik berýän agyr pursatlary başymyzdan
geçirýäris. Ýöne kimsämiz ondaky hikmete düşünýäris,
şonuň üçin-de onuň kalby ýumşaýar; kimsämiziň bolsa,

haýp ýeri, kalby ýumşamaga derek ýüregi hasam
ýowuzlaşýar.
― Sen bu işe garşymy? ― diýdim. ― Sen ýaly serhoşyň
diýeni bilen bolmalymy? Kakam seni gorap biler, ýöne
men beýle derejede tüntaw däl!
Şol pursat kakam ara goşuldy:
― Alaetdin, bes et indi! Edebiňi sakla!
Şol dem ýüregimi erbet ökünç gaplap aldy. Ýöne indi bary
giçdi. Şunça wagtlap damyp-damyp, ýüregimde toplanan
ähli gyjalatdyr igençler äşgär boldy.
― Bir zady anyk bilýärin, meni, bolmanda, öz aýdyşyň
ýaly ýigrenýäň ― diýip, Şems sesini peseldip aýtdy. ―
Ýöne kakaňy gowy görýäniňe sähelçe-de şübhäm ýok.
Ony nähili ynjydanyňy göreňokmy?
Şobada jogabyny suňşurdym:
― Asly özüň biziň durmuşymyzy weýran edendigiňi
göreňokmy? Ölüp gidäýsediň hernä!
Ynha, şol pursat kakam maňa tarap topuldy. Onuň
dodaklary gahardan ýaňa inçejik çyzyga dönüpdi. Sag eli
ýokaryk göterildi. Urar öýtdüm. Garaşdym. Emma
urmady. Ýüzüme-de seretmän: ― Meni utandyrýaň! ―

diýdi. Gözlerim ýaşa doldy. Görmesinler diýip, ýüzümi
sowdum. Ynha, şol wagt haremlige ― aýallaryň bolýan
otagyna tarap açylýan gapynyň öňünde duran Kimýa
bilen nazarymyz çaknyşdy. Ol ýeňsämizde duran bolsa
nätjek! Ol bu ýere haçan geldikä? Bizi haçandan bäri
synlap durka? Bu sanaşmany boýdan-başa diňledimikä?
Bile durmuş gurmak isleýän gyzymyň öňünde kakamyň
özümi beýle peseltmegi maňa gaty ýokuş degdi. Bedenime
ýiti tyg sokulan ýaly boldy. Ol ýerde sähel hem
eglenmedim. Donumy, ädigimi gapyp aldym-da, Şemsi
itiberip, gapydan atylyp çykdym. Uzaga, Kimýadan, içimi
gysdyrýan basmardan, maşgala ojagymyzdan, şu düşünip
bilmeýän çekişmämden, baryndan menzil-menzil uzaga...
Şems Konýa, 1246-njy ýylyň fewraly
Rumy keýpsizdi. Alaetdin gidenden soň, sesini çykarman
oturdy. Onuň bilen bile gar basan howla çykdyk. Gije
sowukdy we birhili, gamaşyk görünýärdi. Howada geňsi
agraslyk, täsin asudalyk höküm sürýärdi. Şol ýerde
durşumyza kümüşsöw topragy ýadyňa salýan bulutlary
synladyk; töwerek iniňi tikenekledýän ümsümlikdi...
Şemal uzaklardan müşk-i anbaryň hem baglarda gurap
galan almalaryň ysyny getirýärdi. Bir pursatlygam bolsa,
ikimiz hem bu şäheri hemişelik terk etmek barada oýlanan
hem bolsak, başarmadyk.

Şeraply jürdekleriň birini aldym. Garyň aşagynda galyp,
güllerini bireýýäm döken, diňe tiken bolup duran ýalaňaç
gül agajynyň ýanynda oturdym. Jürdekdäki şeraby ýere
döküp başladym. Rumynyň gözleri aljyraňňy ýalpyldady;
soňra bolsa ýüzünde mähirli ýylgyryş peýda boldy.
Gül agajy kem-kemden jana gelip başlady, gabygy adam
teni ýaly ýumşady. Gözümiziň alnynda ýekeje bir gül
pyntyk ýardy-da, narynjy reňkdäki buşluk ýaly bolup
açyldy.
Şol pursat ikinji jürdegi-de aldym, öňki ýaly, ony-da ýere
dökdüm. Gülüň narynjy reňki has hem janlandy.
Gypgyrmyzy öwüsdi. Jürdegiň düýbünde diňe birnäçe
ýuwdum şerap galypdy. Ony bada guýdum-da, ýaryny
içdim, galan ýarysyny hem Ruma uzatdym. Ol
sandyrsandyr edýän elleri bilen badany aldy; ony ünslülik
bilen, seresap kabul etdi. Ömründe agzyna içgi alyp
görmedik alym häzir badany meniň hatyrama, maňa we
dostlugymyza ynanýandygy üçin elinde tutup durdy. Ol:
― Diniň şertlerine uýmak möhümdir ― diýdi. ― Ýöne
adam
öz
ýol-ýörelgesine,
kadalaryna
asylky
başlangyçdan, bir zadyň böleklerine onuň bitewüliginden
has artyk ähmiýet bermeli däldir. Içgi içýän adam
içmeýänleri, içgi içmeýänler bolsa içýänleri kemsitmeli

däldir. Şu gün maňa hödür eden badaňy, ynha, şu düşünje
bilen içýärin we tutuş kalbym bilen yşk serhoşlygynda
sersaglyk bardygyna ynanýaryn. Rumy şeraby ýaňy bir
agzyna ýetirermen bolanda badany garbap aldym-da,
ýere pylçap urdum. Gyzyl şerap ap-ak garyň üstünde gan
tegmilleri ýaly seçelendi.
― Sen içme ― diýdim. ― Şu besdir. Göresim gelýän zady
gördüm.
Indi bu synagy dowam etdirmegiň hajaty ýokdy.
Rumy gyzyklanmadan beter muhabbet bilen sorady:
― Eger bu meýi içirmejek bolsaň, meni ilkibaşdan näme
üçin meýhana ýolladyň?
― Sebäbini bilersiň ― diýip ýylgyrdym. ― Biz sopular
boş, netijesiz ybadat ýa-da riýazat ýoly bilenem,
ýasamalyk, mejburylyk arkaly ýa-da göz üçinem däl, diňe
yşkdyr höwes bilen Alla baglanýandyrys.
Otuz ikinji kada: Taňra diňe sap yşk bilen baglanaryň
ýaly, aradaky perdeleri birin-birin galdyr. Öz
ýolýörelgäň, kadalaryň bolsun, ýöne kadalaryňy özgeleri
çetleşdirmek ýa-da ýazgarmak üçin ulanma. Esasan hem,
butlardan uzak dur, dost. Ýöne hergiz öz hakykatlaryňy
butlaşdyrma! Ynanjyň beýik bolsun, ýöne ynanjyň
beýikligi üçin özüňi ulumsy tutma!
Rumynyň

adamçylygynyň gadyryny öňdenem bilýärdim. Ýöne şu
gün oňa bolan ynamym hasam artdy.
Bu biwepa dünýä ― müň bir näz-kereşmeli,
ýaldyrýuldurly we takyr-tukurly sahna ― pula-püçege,
malamakama,
derejä-kaşaňlyga
aldanyp,
özüni
oýnatdyran her jüre oýunçydan doly. Olar näçe baý
bolduklaryça, şonça-da pula mätäç. Özleri-de
bidüzgünçilikdir görübilmezçilik bilen, kemsitmedir
tekepbirlik bilen dünýä malyny özlerine kybla edinýärler,
zadyň guluna dönýärler. Olar muny kä göre-bile, kä
bilmezden, käte düýp-teýkaryna akyl ýetirip, käte bolsa
akyllary çatman amala aşyrýarlar.
Her kim dünýewi açgözlügiň merduwanynda biri-biriniň
egnine basyp, aldygyna ýokary dyrmaşmagyň aladasynda
mahaly, bireýýäm onuň çür başyna çykan, hum-hum
altyny, dünýe doly şöhraty, müňlerçe muşdagy we belent
derejelerdäki bilimi bolan bir kişiniň günleriň birinde
birdenkä öz ýeten de rejesinden ýüz öwürmegi, ynanç
ugrunda yzy-ardy görünmeýän ruhy syýahata çykmagy,
hatda abraýyny ýere çalmagy... Ynha, bu kän bir eşidilip
ýörülmeýän, durmuşda-da gabat gelip durmaýan zatdy.
Möwlananyň edenini edip biljek, beýikkä peselmegi,
üstünligiň çür başyndaka, ony elden gidermegi, halypa

wagty şägirde öwrülmegi başaran adam barmak basyp
sanaýmalydyr.
― Alla tekepbirligi halaýan däldir. Haktagala biziň
pespäl bolmagymyzy isleýär ― diýip, sözümiň üstüne
goşdum. ― Şonuň üçinem özümiziňkiniň dogrudygyny
bilip durkak hem, hondan bäri bolmaly däldiris.
Rumy sazlaşykly ses bilen gürrüňe goşuldy:
― Ol şol birwagtyň özünde-de, Özüniň bilinmegini
isleýär. Şu sebäpli-de paýhaslylygy elden bermän,
deňagramly we ölçegli bolmak hem-de hemişe
hüşýärligiňi ýitirmezlik, serhoş bolanyňdan ýegdir.
Sopynyň köňli hemişe oýa bolýandyr. Ol mamlady.
Gije salkyndy hem süýjümtik ys bilen doludy. Kalbymy
üýtgeşik bir ahwal gurşap aldy. Howa barha sowaýardy.
Biz şol ýerde, howluda egin-egne berip, tä aýaza
basdyrýançak, aramyzdaky parça-parça bolup açylan gül
pudajygy bilen birlikde ikiçäk oturdyk we uzak wagtlap
sesimizi-üýnümizi çykarmadyk. Ella
Boston, 2008-nji ýylyň 26-njy iýuny
― Agşam bir ýere garbanmaga gidelimi? ― diýip, Dewid
sorady. ― Northamptonda täze taýland restorany
açylypdyr. Gaty gowumyş diýýärler. Çagalary öýde
goýup, biraz ikiçäk bolsak diýýän, nähili görýäň?

Aslynda Ellanyň şu şenbe agşamy adamsy bilen bile
ikiçäk nahar edinmek hyýaly ýokdy. Ýöne Dewid özelenip
duransoň, ýok diýip bilmedi.
«Kümüş Aý» diýilýän garbanyşhana kiçijikden pessejik
bolsa-da, özboluşly kaşaňdy. Stollaryň üstünde enaýyja
aýna çyrajyklar, garamtyl atlas elsüpürgiçler, her
diwarda haşamlanan çarçuwaly onlarça ýüz görülýän
aýnalar... Aýnalar şeýlebir köpdi welin, hamala
müşderiler öz şekilleri bilen nahar edinip oturan ýaly
görünýärdi. Bu ýerde Ellanyň çekinjeňligi uzaga
çekmedi. Onuň sebäbi töwerekdäki şowhunam, her dürli
kaşaňlygam däldi. Adamsydy. Dewidiň gözlerinde
adatdan daşary ýagty ýalpyldy bardy. Ol gözler ünjüli,
dartgynly hem az-kem howsalaly görünýärdi. Ýöne Ellany
esasy alada goýan zat adamsynyň sakawlanyny eşitmek
boldy. Dewidiň çagalykdan galan sözleýiş näsazlygynyň
täzeden örjemegi üçin düýpli sebäbiň bolmagy zerurdy.
Birazdan däp bolan taýland lybasly ýaş hyzmatçy gyz
sargytlary bellemäge geldi. Dewid ajylyklar goýlan
midiýa sargyt etdi, Ella bolsa kyrk ýaşy dolan güni et
iýmejekdigi barada öz-özüne beren sözüne eýerip, hindi
hozly tagamy sargyt etdi. Esasan hem, şerap
getirilmegini-de nygtadylar.

Birküç minutlap ondan-mundan, tanaýan adamlary
barada adaty gürrüňlere gümra boldular... Soňra
garbanyşhananyň bezegleri barada, nahar stolunda gara
elsüpürgiç ulansaň gowumy ýa ak elsüpürgiç, däp bolan
milli bezegler has täsirlimi ýa-da döwrebap zatlar diýen
ýaly gürrüň etdiler. Soňam dymdylar. Ýigrimi ýyllyk
maşgala durmuşy, bile örülen şonça säher, dynç alyşlar,
wysal bolan arzuwlar, gohlaşmalar, diýişmeler,
söýüşmeler; dünýä inderilen üç çaga... Ynha, bu zatlaryň
ahyrynda gelnen ýer bolsa, ullakan dymyşlykdy. Şu zatlar
hakynda oýlanyp oturyşyna, Ellanyň gözlerine ýaş
aýlandy. Gaýtadan gürrüňe başlanlarynda, ilkinji sözi
Dewid aldy. Ol:
― Görýän welin, «Mesnewini» okaýaň öýdýän ― diýdi.
Göze ilip duran geň galyjylyk bilen başyny atan-da bolsa,
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Elif Şafak-Yşk - 20
  • Parts
  • Elif Şafak-Yşk - 01
    Total number of words is 3608
    Total number of unique words is 2185
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 02
    Total number of words is 3616
    Total number of unique words is 2228
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 03
    Total number of words is 3610
    Total number of unique words is 2211
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 04
    Total number of words is 3621
    Total number of unique words is 2271
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 05
    Total number of words is 3686
    Total number of unique words is 2230
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 06
    Total number of words is 3613
    Total number of unique words is 2257
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 07
    Total number of words is 3722
    Total number of unique words is 2226
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 08
    Total number of words is 3656
    Total number of unique words is 2262
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 09
    Total number of words is 3579
    Total number of unique words is 2310
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 10
    Total number of words is 3666
    Total number of unique words is 2164
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 11
    Total number of words is 3591
    Total number of unique words is 2225
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 12
    Total number of words is 3623
    Total number of unique words is 2233
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 13
    Total number of words is 3652
    Total number of unique words is 2154
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 14
    Total number of words is 3670
    Total number of unique words is 2111
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 15
    Total number of words is 3637
    Total number of unique words is 2160
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 16
    Total number of words is 3591
    Total number of unique words is 2182
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    54.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 17
    Total number of words is 3590
    Total number of unique words is 2167
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 18
    Total number of words is 3586
    Total number of unique words is 2219
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 19
    Total number of words is 3651
    Total number of unique words is 2179
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 20
    Total number of words is 3632
    Total number of unique words is 2034
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 21
    Total number of words is 3642
    Total number of unique words is 2121
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 22
    Total number of words is 3656
    Total number of unique words is 2209
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 23
    Total number of words is 3664
    Total number of unique words is 2120
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 24
    Total number of words is 3674
    Total number of unique words is 2117
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 25
    Total number of words is 3603
    Total number of unique words is 2124
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 26
    Total number of words is 3670
    Total number of unique words is 2220
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 27
    Total number of words is 483
    Total number of unique words is 391
    49.5 of words are in the 2000 most common words
    60.1 of words are in the 5000 most common words
    65.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.