Latin

Elif Şafak-Yşk - 25

Total number of words is 3603
Total number of unique words is 2124
32.2 of words are in the 2000 most common words
46.4 of words are in the 5000 most common words
54.3 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
iýdiler. Nepis Sungatlar muzeýine baryp gördüler.
Kommon seýilgähine we Ryhtyma aýlandylar, Suw
seýilgähinde delfin balyklaryň oýunlaryna tomaşa etdiler.
Harward meýdanynda adamdan hyryn-dykyn kafelerde
kofe içdiler. Olar şu zatlar bilen birlikde durman
gürleşdiler. Dürli ýurtlaryň aşhanalary, oýhyýalyňy
jemlemegiň — meditasiýanyň tehniki taraplary, aborjin
sungaty, gotik romanlar, bag-bakja ideg etmek, organik
pomidor ýetişdirmegiň usullary, düýş ýorgutlary ýaly
akyla-hyýala
gelmeýän
umumy
mowzuklaryň
birindenbeýlekisine geçip, biri-biriniň sözüniň üstüni
ýetirip gürrüň etdiler. Haçandyr bir wagt şular ýaly köp
gürläni Ellanyň ýadyna düşmedi. Köçede biri-birine
galtaşmazlyk üçin örän dykgatly bolmaga çalyşsalar hem,
bu ýagdaýy saklamak barha kynlaşdy. Sähel galtaşmalar,
duýdansyz elleriň biri-birine degmegi, goltuklaşyp
ýöremeler... «Haçan elimden tutarka?» diýip, Ella
garaşdy. Görse, Aziziň ilkinji ädim ätme hyýaly ýok. Ilki

bolup onuň özi Aziziň elinden tutdy, başda çekinibräk,
ýaýdanmaç, soňra batyrgaýrak we her hili dowla
düşmelere üns bermän. Onuň bolşy tanyş biriniň
göräýmeginden ätiýaç etmäge derek, hamala, biri bizi
görmezmikä diýýän ýalydy. Şonda-da hemişe aralygy
sakladylar. Biri-birine ruhlary ýakyn hem bolsa,
bedenleri uzakda galdy. Birnäçe gezek bile Aziziň bolýan
myhmanhanasyna barsalar hem, aralarynda yşk-söýgi
bolmady. Aziz islemedi.
Aziziň Amsterdama
uçjak güni
ýene ir
bilen myhmanhananyň otagyndadylar. Biri bir kürsüde
otyrdy, beýleki ýene birinde. Aralarynda-da el goşlary.
Ella usullyk bilen:
— Saňa bir aýtmaly zadym bar — diýdi. — Uzak wagtlap
şu meseleden nädip gürrüň açjagymy bilmän ýördüm —
diýdi.
Aziz Ellanyň sesindäki duýdansyz üýtgemäni şobada
aňdy, gyzyklanma bilen gaşlaryny galdyrdy.
— Bilýäňmi, bu gaty gyzykly zat. Meniňem saňa aýtmaly
zatlarym bar — diýdi.
— Bolýar, ilki sen aýt — diýip, Ella oýun oýnaýan ýaly
dillendi.

— Ýok, ilki sen başladyňmy, özüňem ilki aýdarsyň.
Ella ýylgyryşyny bozman, başyny egdi. Nämäni nähili
aýtjagyny ýagşy oýlandy. Soňra söze başlady:
— Sen Bostona gelmeziňden ozal, bir agşam Dewid bilen
gezelenje çykyp, uzak wagtdan bäri ilkinji gezek,
biribirimize hiç hili sapalak atmazdan, gönümel
gürleşdik. Menden sen barada sorady. Ýaşyryn hat
alyşmalarymyzy okapdyr. Elbetde, şeýle bolanyna
gynandym, ýöne hakykaty inkär edip durmadym. Ýagny
ikimiziň aramyzda bolan zatlar barada aýdýan.
Ella sözüni dowam etmezden öň ýeňiljek üsgürdi. Häzir
aýtjak
zadyna
bilmeýärdi.
Aziziň
nähili
gaýtargy
berjegini
— Adamyma başga bir erkek kişini
söýýändigimi aýtdym.
Penjireden aňyrda şäher durmuşy güwwüldäp ses
edýärdi. Köçeden yz-yza üç ýangyn söndüriji ulag geçip
gitdi. Esli wagtlap duýduryjy sesler töweregi gurşap aldy.
Ellanyň ünsi bölünen ýaly görünse-de, sözüni jemlemegi
başardy.
— Bu saňa ýeňilkellelilik etmek ýaly bolup görünmegi
ahmal hem bolsa, men seniň bilen Amsterdama gitmek
isleýärin.

Aziz penjirä tarap ýöredi; aşakdaky gohy üns bilen
synlady. Aňyrrakda bir binadan tüsse göterilýärdi, galyň
hem gap-gara bulut howada toplanýardy. Ol şol ýerde
ýaşaýan adamlar üçin ýagşy dileg etdi. Ol Ella tarap
öwrülmän gürläp başlany üçin, göýä tutuş şähere
ýüzlenýän ýaly bolup göründi.
— Meniň bilen
Amsterdama gitmegiňi men hem isleýän... onda-da
näler... ýöne men saňa ol ýerde üýtgeşik gelejegi wada
berip biljek däl.
— Näme diýmekçi bolýaň? — diýip, Ella dillendi. Ol
göwnügalgyn görrünýärdi. Erkekler näme üçin beýlekä?!
Hemmesem örklenip galmakdan gorkýar. Şunça wagtlap
bile gez-aýlan, syr alyp, syr beriş, söhbet et, aýratyn
pursatlary başyňdan geçir, arzuw-hyýallara çüm! Iň
soňunda-da, edil jadydan açylan ýaly, bar zat puç
bolaýmalymyş! Saňa üýtgeşik gelejegi wada berip bilmen
diýdigi nämekä?! Bu nähili alasarmyk gürrüň.
Diňe erkek kişi şular ýaly ruhsuz jümläni agzyndan
gaçyryp biler.
Aziz Ellanyň aňyndan geçen pikirlere düşünýän ýaly, ajy
ýylgyryş bilen ýanyna geçip oturyp, elini öpdi:
— Çak edişiň ýaly däl.

— Onda nähili?
— Bir gün asla tanamaýan bir zenanymdan garaşmaýan
hatymy aldym — diýip, Aziz dillendi. — Romanymy okap
görendigini ýazypdyr. Ol: «Kitabyň ömrümiň täsin
döwrüne gabat geldi. Ýoluň çatrygynda durun» diýipdir.
— Aziz uludan ýylgyrdy. — Aslynda,seniň hatyňy alan
döwrüm meniň ömrümiň hem täsin döwri bolandygyny
bilýärmiň?
— Ýagny... başga birem barmy? — diýip, Ella sorady.
— Ýok, ezizim, beýle zat ýok — Aziz birden ümsümleşdi.
— Saňa şu güne çenli ömrümiň üç sahypasyny beýan edip
ýazdym. Sopy sözüniň üç harpy bilen tanyşlygymy beýan
etdim. Sen menden dördünji harp barada soramadyň.
Belki-de arada ýitip gidendir. Meniňem düşündirmäge
gaýratym çatmady. Ýöne «y» harpy bilen hem
tanyşlygymyň öz hekaýaty bar, diňläsiň gelýärmi?
Ella nämedir bir zadyň şu pursadyň jadysyny bozaryndan
elheder edýän-de bolsa, diýenedijilik bilen başyny atdy.
— Hawa — diýdi. — Hawa, gürrüň bersene. ***
Şol iýul güni, myhmanhananyň otagynda, Amsterdama
uçmagyna birnäçe sagat galanda Aziz Zahara Ella
Rubinşteýne 1976-njy ýylda sopy bolup adyny

üýtgedeninden soňra başyndan geçiren durmuşyny
gürrüň berdi. Şol seneden başlap, ol, göräýmäge, daş
görnüşi fotosuratçy, içi derwüş bolup dünýä syýahat
edipdir. Alty yklymda dosty-ýar edinipdir. Maşgala diýen
düşünjäni gan bilen baglanyşykda däl-de, ruhy taýdan
baglanyşykda diýip hasap edipdir. Rumyniýada iki sany
çagany perzentlige alyp hossarsyz ösdürip-ulaldypdyr,
okadypdyr. Gaýdyp öýlenmändir, birnäçe gezek söýginiň
gyrasyndan gaýdypdyr. Onsoň ol şunça wagtyň
dowamynda Marokkodaky derwüşhanada gulagyna
dakan kümüş halkany gulagyndan, Gün şekilindäki
tokany-da boýnundan aýyrmandyr. Geçmişinde onuň
durmuşyndaky baş ugur tasawwuf bolupdyr; ömrüni yşk
ynanjyna we beýleki adamlara peýdaly bolmaga
bagyşlapdyr, baran ýerleriniň ählisinde sereden
aýnalarynyň her birinde Taňrynyň alamatlaryny
agtarypdyr.
Onsoň mundan iki ýyl ozal onuň saglygy ýan berip
ugrapdyr. Duýdansyz ýerden bedeni ysgynsyzlyk tapynyp
başlapdyr. Goltuklarynda peýda bolan çiş ähli zady şol
demde üýtgedipdir. Haýp ýeri, ony giç bilipdir. Şol kiçijik
düwün deri düwnüginiň bir görnüşi eken. Lukmanlar uzak
wagtlap bellibir anyklama bildirmändirler, keseliniň
derejesini anyklamak üçin barlag üstüne barlag

geçiripdirler. Ahyry, gelen netijeleri barada maglumat
berenlerinde bolsa, habarlar gaty gowy däldi. Kesel
bedeniň içki agzalaryna aralaşypdyr, bagry gurşap
alypdyr.
Şol wagt Aziz elli iki ýaşyndady.
— Elli bäşiňe ýetmezligiň ahmal — diýipdirler. — Şoňa
göräräk taýýarlykly boluber.
Şeýlelikde, onuň ömründe täze we käbir babatda has
önjeýli tapgyr başlanypdyr. Onuň häzirem görmek
isleýän ýerleri bardy; jahankeşdeçilik etmesini goýbolsun
etmegä beýlede dursun, öňkülerden has köp ýerlere
syýahat
edýärdi.
Dünýäniň
çar
künjündäki
gatnaşyklaryny peýdalanyp, Amsterdamda sopuçylyk
gaznasyny döredipdir. Indoneziýada, Pakistanda,
Müsürde sopy sazandalar bilen ýörite konsertler
beripdir; hatda Ispaniýada Kardowada bir topar ýahudy
we musulman mistikler bilen bilelikde bir albom
çykarypdyrlar. Marokka gaýdyp baryp, ömründe ilkinji
gezek sopular bilen tanşan derwüşhanasyna zyýarat
edipdir. Baba Samediň mazarynyň başynda doga
okapdyr, oý-hyýallary boýlapdyr, durmuşyň özi üçin
çeken ýodalaryny şükranalyk bilen ýatlapdyr.

— Soňra hemişe ýazasym gelip, soňa goýup ýören
romanymy ýazmaga girişdim — diýip, Aziz gözüni
gyrpdy. — Ol uzak wagt bäri amala aşyrasym gelip ýören
arzuwymdy. Romana «Yşk şerigaty» diýen at goýdum.
Golýazmamy
bukja
salyp,
Amerikadaky
belli
neşirýatlaryň birine ýolladym. Artykmaç hantama zadym
ýokdy, ýöne her hili jogaba taýýardym. Bir hepdeden soň,
Bostonda görmegeý zenandan imrindiriji elektron hat
aldym.
Ella ýylgyrman durup bilmedi.
— Şol pursatdan başlap, ähli zat büs-bütin özgerdi —
diýip, Aziz dilendi.
Ol ölümine garaşyp ýören adam bolanlygyndan,
garaşylmadyk pursatda yşk diýip ölüp-öçüp ýatan adama
öwrüldi. Ähli bölejiklerini ýerbe-ýer goýandyryn hasap
edýän düzmeçöpüň düzülişini gaýtadan gözden geçirmek
zerurlygy döräpdir. Ynanç, yşk, arzuw, ölümiň ysy, baky
ýaşamak islegi, maşgala, öý-ojak, hasrat, bagtyýarlyk...
şu düşünjeleriň ählisi barada täzeden oýlanmaly
bolupdyr. Ol häzir özüni ölüme taýýar hasap edýän-de
bolsa, heniz ölesi gelenokdy.
Ol ömrüniň şu soňky tapgyryna sopy sözüniň «y» harpy
bilen tanyşlyk möwsümi diýýärdi. Belki, bu iň kyn

bölegidir, sebäbi içki hasaplaşmalaryň aglabasyny
tamamlap, ruhy taýdan kämilleşen hasap edýän döwri
bolan ömrüniň häzirki tapgyrynda ilkinji gezek yraň
atýardy.
— Sopuçylykdan ölmezden ozal ölmegi öwrendim.
Makamlardan ädimme-ädim geçdim. Bu ýoly öz düşünip
biliş derejäme görä ýaşamaga çalyşdym. Hut ähli zady
çözdüm diýen mahalym, asmandan inen ýaly bolup, sen
peýda bolduň. Şol ilkinji elektron ýazgyňdan soň, hemme
zat gaty çalt özgerdi. Her gün demimi alman, eýsem, Ella
hat ýolladymyka diýip garaşdym. Şol wagt tutuş ömrüm
saňa gürrüň berlerine garaşýan hekaýata öwrüldi. Onsoň
seni has giňräk tanasymyň gelýänini duýdum. Seniň bilen
birneme köpräk wagt geçiresim gelýärdi. Birdenem,
maňa aýdylan möhlet gözüme gaty ujypsyz bolup göründi,
ýetjek däldi. Düýrmegim bilen berlen Allahyma baş
göterer derejä golaýladym.
— Keseliňi... bile ýeňip geçip bilerdik... — diýip, Ella
gorky bilen pyşyrdady.
— Ýene on alty aý galdy — diýip Aziz belledi. —
Lukmanlar şeý diýýär. Nädogry aýdan bolmaklary-da
ahmal. Bilmedim. Görşüň ýaly, saňa berip biljek ýeketäk
zadym — häzirki başdan geçirip duran pursadymyz.

Elbetde, aslynda, hiç kim hiç kime şondan artygyny wada
berip hem bilmez. Ýöne onuň şeýledigini hemişe
unudýarys. Gelejekde ädiljek ädimler barada bilesimiz
gelýär.
Ella ýüzüni ýere saldy, nazary aýaklaryna dikildi.
Agramyny bir ýanyna berdi, hamala, bir tarapy
ýykylarlyda, beýleki tarapy hem ony saklajak bolýan
ýalydy. Aglap başlady.
— Beýtme, haýyş edýärin. Meniň iň esasy islegim — seni
özüm bilen Amsterdama äkitmek. Saňa şäherimizi
görkezerin. Bileje dünýä syýahat ederis. Başaryp bilen
ýerlerimize aýlanarys. Seniň bilen bilelikde täze adamlar
bilen tanşasym hem-de Taňrynyň ýaradan ajaýyp eserini
— dünýäni bilelikde synlasym gelýär.
Ella öňünde ýalpyldawuk oýnawaç goýlan igli çaga ýaly,
aglamasyny bes edip, burnuny çekdi: «Menem... menem
şony isleýän...».
— Saňa şu zatlary düşündirmäge çekindim — diýip, Aziz
janygdy. — Ol-a öpüşmek eken, saňa çala galtaşmak hem
maňa agyr düşdi. Sen durmuşyňy elmydama gelejek
hakdaky pikiriň üstünde gurupsyň. Meýilnamalar,
maksatnamalar... Seniň ýaly adama «hany, bar zadyňy
taşla-da, meniň bilen ýör, ýöne ertir men seniň ýanyňda

bolmazlygym ahmaldyr» diýmek mümkin däl bolup
göründi.
Ella bu sözleri eşidip, bir hakykatyň üstünden ýaňy baran
ýaly dowla düşdi.
— Şeýlemişem diýeli, ýöne näme üçin seniň özüňe üns
bermeýşiňe düşünemok. Düwnük keseline garşy göreşip
bilersiň-ä. Muny meniň üçin edersiň. Biziň üçin...
— Has sagdyn hem uzak ýaşamak üçin elimden gelenini
ederin. Ýöne keselimiň garşysyna göreşjek däl — diýip,
Aziz dillendi.
— Düşünemok. Ýaşasyň gelýärmi? — diýip, Ella
hüňürdedi.
— Hawa, gelýär. Ýöne başgaça — diýip, Aziz aýtdy. —
Biz ähli zat bilen uruş ýagdaýynda ýalydyrys.
Terrorçylyga garşy göreş, garyplyga garşy göreş, puluň
hümmetsizlenmegine garşy göreş, AIDS-e garşy göreş,
düwnüge garşy göreş, parahorçylyga garşy hem şeýle,
hatda, semizlige garşy hem göreş... Göreşmekden
başgarak çemeleşip bolmaýarmyka? Ella sabyrsyzlyk
bilen bellik etdi:
— Men sen ýaly sopy däl!

Şol pursat onuň aňyndan onlarça oý-hyýal geçdi:
kakasynyň özüni heläklemegini kalbyna sygdyryp
bilmeýşi, weýran bolan çagalygy, wyždan azaby,
günäkärlik duýgusy, müýnlülik, bagtyýar maşgala
gurmak pikiri we ençeme ýyllap içinde saklap ýören
göwnügalmalar bir pursadyň içinde öňünde ör-boýuna
galdy.
Aziz ýylgyryp:
— Sopy däldigiňi bilýän — diýdi. — Bolmak hem gerek
däldir, belki. Sen diňe Rumy bol, şol ýeterlik.
— Näme diýmekçi bolýaň? — diýip, Ella gözlerini
gyrpgyrp etdi.
— Bir ýola menden sen Şems bolaýma diýip sorapdyň. Ol
soragyň gulaga hoş ýaksa-da, men Şems bolup bilmerin,
oňa hetdim ýok. Ýöne sen Rumy bolup bilersiň. Yşk sözi
gaýtalana-gaýtalana içi boş, paňkyldawuk söze döndi.
Ýöne sen öz barlygyň bilen yşky belende göterip bilersiň.
— Men şahyr däl — diýip, Ella gyryljyk seslendi.
— Rumy hem şahyr däldi, ýöne boldy ahyry.
— Düşüneňokmy, Aziz? Men maşgalaly-zatly aýal, üç
çaganyň enesi! Meni öz ýanyňdan gaty ulaltma. — Özüň

babatda adalatsyzlyk edýärsiň — diýip, Aziz sesini
gataltdy. — Biziň her birimiz näme bolsak şoldurys. Esasy
zat biziň özümizi özgertmäge, dönüpdaşmaga gaýratymyz
çatjakmy, ana, şonda. Eger öz yşkymyza ýeterlik ynanýan
bolsak, syýahatymyzyň galan bölegini bile geçeris.
Soňrada bile Konýa gideris. Men özümiň şol ýerde
topraga dulanmagymy isleýän.
— Beý diýmesene — diýip, Ella dillendi.
Aziz başyny sallady. Häzir onuň keşbinde üýtgeşik bir
alamat bardy. Ol sözlerine agram berip gürrüňini
tamamlady:
— Häzir bärden çykyp gidip, eden teklibimi unudyp
goýberibem ýa-da öý-ojagyňa, çagalaryň arasyna
barybam bilersiň. Ýöne şonda-da men seni söýmegimi
dowam ederin.
Süleýman serhoş Konýa, 1247-nji ýylyň
dekabry
Kellämi oturan sapama diräp uklap galypdyryn.
Garabasma gaýra dur diýýän eýmenç düýş görüpdirin.
Düýşümde äpet hyrsyz öküz meni köçede kowalaýarmyş.
Şol melgun haýwanyň gaharyny getirer ýaly özümiň näme
edenimi bilmesemem, aýagaldygyna gaçýarmyşym.
Satygçylaryň tekjelerini agdar-düňder edip, her dürli

miweleri, gök otlary basgylaşdyryp, mynjyradyp, ahyry
bir darajyk köçä düşýän. Ol köçäniň aýagujy petik
bolarly. Şol ýerde äpet bir ýumurtganyň üstünden
barýarmyşym. Şol wagt onuň gabyklary çatlap
jaýryldyda, içinden betnyşan guş jüýjesi çykdy. Ol ýerden
daşlaşarman bolup durkam, birden asmanda ene guş
peýda boldy; ol şu etenäniň betnyşanlygyna sen günäkär
diýýän ýaly, içiňden geçip barýan nazaryny maňa dikdi.
Hanjar ýaly penjelerini açyp topuljak bolup durka-da,
gara der bolup oýanypdyryn.
Görsem, meýhanada, penjiräniň golaýyndaky sapada
uklap galypdyryn. Agzymyň içi öt ýaly ajapdyr,
suwsuzlykdan ýaňa bokurdagym gurap durdy. Ýerimden
turmakçy bolsam hem, elimi gymyldadyp bilmedim.
Kelläm gum dykylan ýalydy. Onsoň gymyldaman
ýatyşyma, meýhananyň tanyş gohuna diň saldym. Ynha,
şol wagt gapdaldaky sapadan eşidilýän pyşyrdylar
gulagyma ildi. Ol ýerde otlukly gürrüň edilýäni görnüp
durdy. Ine, birdenem «Jenaýat!» diýen eýmenç sözi
eşitdim.
Başda serhoşlaryň samramasydyr-da diýip ähmiýet
bermedim. Bu ýerde her kim degşip-gülüşjek,
göwnündäki dilinde. Ýöne ol adamlaryň gep urşy
başgaçady. Olaryň çynlakaý bir zadyň gürrüňini

edýändigini aňdym. Saçlarym syh-syh boldy. Ýöne,
esasanam, kimi öldürmek isleýändiklerini eşidenimde,
zähräm ýaryldy. Kast edilmekçi bolunýan adam Töwrizli
Şemsdi!
Tä ýaňky adamlar turup gidýänçäler, sapamda uklan
bolup ýatdym. Olaryň gidendiklerine doly göz
ýetirenimden soň, dessine dikeldim.
— Hristos, bärik gel. Tizräk! — diýip gygyrdym. —
Ýene näme boldy, Süleýman? — diýip, Hristos ýüwrüp
geldi. — Bir zat boldumy?
Ýöne sözler bokurdagyma tegek boldy, ýeke sözem gürläp
bilmedim. Birdenem hemmelerden şübhelenmäge
başladym. Eýse, Şemse gurlan duzaga başga birleri-de
degişli bolaýsa?! Bu güpbasdynyň içinde başga-da
kimdir biriniň bolmagy ahmal ahyry. Dilimi dişimiň
aňyrsynda pugta saklap, ägä bolmak gerekdi.
— Hiç-laý, gaty ajykdym — diýdim. — Ýeri, maňa bir
ýyljajyk çorba getirip bersene. Sarymsagy kem
bolmasyn. Çaltrak özüme bir geleýin.
Hristos geň galyp, siňe-siňe seretse-de, gaçgalaklama
häsiýetine belet bolansoň, hiç zat sorap durmady.
Birnäçe minutdan soň, öňümde bir käse bugaryp duran

çorba goýdy. Menem agzymy-dilimi bişirip, gyssanmaç
içdim. Özümi dürsänimden soň, eşiden zatlarymy Şemse
duýdurmak üçin dessine şonuň gözlegine çykdym.
Ilki Rumynyň öýüne gitdim. Ol ýerde Şems ýok eken.
Soňra metjide, medresä, çaýhana, çörekhanalara,
hammama aýlandym. Senetçileriň mähellesindäki
dükanlaryň, ammarlaryň we saraýlaryň ählisini
birinbirin barlap çykdym. Hatda harabalykda ýaşaýan
ýüz elli ýaşyndaky sygan är-aýalyň ýanyna hem gitdim.
Belki, Şems dem saldyrasy ýa-da täleýine garadasy
gelendir diýdim. Ähli ýeri aýlanyp çykdym. Adam görsem
soradym. Ýüregime gorky aralaşdy. Ýa gijä galan
bolaýsam?.. Birden ony öldüren bolaýsalar?
Ençeme sagatdan soň, haly harap ýagdaýda ýene
meýhananyň ýoluna düşdüm. Onsoň, ýaňy birinji
köçeden aýlananym hem şoldy welin, birden Şems bilen
pete-pet geläýsek nädersiň?!
— O-h-oo, men kimi görýän? Ýagdaýlar niçik, Süleýman?
Aladaly görünýäň-le? Nirä alňasap barýaň?
— diýip, Şems argyn ýylgyrdy.
— Hudaýa şükür! Seni ahyry tapdym! Allaha şükür, diri
ekeniň! — diýip, özümi saklap bilmän, ony gujakladym.

Şems gollarymdan sypyp, uludan güldi. Ol keýpiçag
görünýärdi.
— Hawa, diri! Näme, daşyndan seretseň, ruha meňzeş
ýerimem barmy?
Zordan ýylgyrdym.
Şemsiň gözlerine ynamsyzlyk çaýyldy.
— Dostum, näme boldy? Ýa bolmasyz bir iş boldumy?
Ýuwdundym. Birden aýdanyma ynanmasa?! Ýa meýiň
humary serine urandyr-da, bir zatlar gözüne görünýändir
diýip pikir etse?! Belki, şeýledirem. Eşiden zatlarymyň
dogrudygyna özümem ynanyp bilemokdym. Şeýle-de
bolsa, aýtmagy ýüregime düwdüm.
— Seni öldürjek bolýarlar! — diýdim. — Kimdiklerini
bilemok. Ýüzlerini görmedim. Uklap ýatyrdym. Düýş
görüpdirin. Ýöne düýşüň onuň bilen baglanyşygy ýok.
Serhoş hem däldim. Neme, birküç bulgur götersem-de...
Şems elini egnime goýdy.
— Köşeş, Süleýman, men saňa düşündim. Gaýgy etme.
— Dogrudanam, düşündiňmi? — diýip, geň galyp
soradym. Men öz-özüme düşünmeýärkäm, ol nädip maňa
düşünip bilýärkä?!

— Hawa, häzir sen meýhanaňa git, meni alada etme.
— Ýok, ýok, hiç ýere gitjek däl, senem gitmersiň. — diýip,
aýak diredim. — Gulak as, ol adamlaryň gaty çyny.
Özüňden ägä bol. Rumynyň öýüne barma. Ilki bilen
barlajak ýerleri şol ýeri bolar.
Şems dymdy.
— Meniň öýüme gideli. Horaşajadyr, akan-dökänräkdir
welin, özüň üçin kiçilik bilmeseň, ýör, näçe isleseň bizde
boluber.
— Gaty görme, meni utandyrýaň — diýip, Şems dillendi.
— Ýöne ähli zat Allanyň merhemeti bilendir. Bu hem
kadalaryň biridir.
Otuz altynjy kada: Hileden, mekirlikden ätiýaç etme. Eger
bir kişi saňa duzak gurup, zyýan ýetirmekçi bolýan bolsa,
Taňry hem oňa duzak gurýandyr. Çukura ony gazanlaryň
özi düşýär. Bu ulgam gaýtargylar ýörelgesine görä
işleýändir. Birje damja haýyr hem, zerre ýalyjak şer hem
gaýtargysyz galmaz.
Ondan biidin çöp başy gymyldap bilmez. Sen diňe şuňa
ynan!

Şems şeýle diýeninden soň, gözüni gyrpdy-da, meni
gujaklady. Ol göýä hoşlaşýan ýalydy; gidip barýan hem
bolsa, ony saklap bilmedim.
Ol yzyna öwrüldi-de, Rumynyň öýüne barýan batgalyk
köçä düşdi. Esli wagtlap yzyndan seredip durdum.
Süňňüme, birhili, gorky aralaşdy. Onsoň men — konýaly
serhoş Süleýman, ençeme günläp agzyma ýeke damja
şerap damdyrmasam hem, özümi ýitiren ýaly, süňňümi
saklap bilmän, sandyr-sandyr edip, gagşadyp
başladym... Ganhor
Konýa, 1247-nji ýylyň 8-nji dekabry Olara meniň bilen
gitmeli däldiklerini duýdurdym. «Müşderiler işime
goşulsa, gaharym gelýär» diýdim. Ýöne olar öz
diýenlerini tutdular durdular.
— Bu derwüş seniň çak edişiň ýaly däldir. Ol adatdan
daşary ukybyň eýesi. Ölenini gözümiz bilen görmesek
bolmaz. Bolmasa, bu iş puja çykar — diýdiler.
Ylalaşmaly boldum.
— Ýagşy — diýdim. — Ýöne men işimi bitirýänçäm,
garaňyz görnäýmesin.
Baş atdylar. Olar üç
duşuşygymyzdan ýadymda
adamdy. Ikisi
galdy. Üçünjisi
ilkinji
bolsa,

sesinden çak edişim ýaly, bolmanda, beýlekiler ýaly ýaşdy
hem gaharlydy. Ählisi-de ýüzlerine gara nikap çekipdir.
Hamala, olaryň kimdiklerini bilesim gelip ölüp barýan
ýaly!
Gije ýarymdan agansoň, Rumynyň öýüne bardym. Kerpiç
haýatdan aşyp, howla girdim, gyrymsy agaçlaryň
arasynda gizlendim. Müşderilerim öňünden berk
sargapdylar; Şemsiň bir endigi bar eken, her gije täret
almazdan ozal, hökman howla çykyp, şu ýerde oý-hyýala
çümüp durýar eken. Meniň ýeke-täk etmeli işim
garaşmakdy.
Bir telbe şemal öwüsdi. Haýran galmaly! Ýylyň şu çagty
beýle sowuk bolmaýardy. Elimde tutup duran gylyjym
barha agralýan ýalydy. Onuň sapyndaky merjen bezegleri
sop-sowukdy. Her hili ýagdaý bolmagy mümikin diýip,
gynynda irkilip ýatan alaw ýaly hanjaryda bilime
gysdyrypdym.
Asmandaky Aý agyllap, daşyny solgun halka gurşap
alypdyr. Uzakdan gijegezer haýwanlaryň uwlaýan sesi
eşidildi. Ol iniňi düýrükdirýän syrly sesdi, keýpimi
gaçyrdy. Dem salymlyk täsin duýga berildim. Belki,
häziriň özünde bar zady taşlaga-da, şu bolgusyz ýerden
uzaklaşanym ýagşydyr?!

Ýöne başarmadym. Esli wagt geçdi. Gabaklarym agralyp
ugrady. Yzly-yzyna biygtyýar gerindim. Şemal
güýçlendigiçe, biri-birinden erbet pikirler aňymda topar
tutup ugrady. Janyna kast eden adamlarymyň keşpleri
maslygyň üstünde çekeleşýän dazzarkeller ýaly bolup,
depämde aýlanyp başlady. Özüme nämeleriň bolýanyna
düşünip bilmedim. Men sowukganlylygy bilen tanalýan
adamdym; aňsat-aňsat dowla düşmäm bolmazdy.
Üstesine, geçmişini ýatlap düýrügip ýörenlerdenem
däldim. Keýpim birneme göterilsin diýip, çalaja hiňlenen
boldum, ýöne onuň hem nepi degmänsoň, gözlerimi öýüň
ýeňseki gapysyna dikip pyşyrdadym:
— Ýeri, bakaly, Şems, meni köp garaşdyrdyň-la. Çyk
ahyryn indi howla! Haýyşymy eşiden ýaly, şol wagt ýagyş
ýagyp başlady. Onda-da nähili ýagyş! Edil asmanyň
bujagy çözülen ýaly! Şeýlebir ýagdy welin, göz
açypýumasy salymyň içinde köçeler derýa deý dolupdaşdy.
Dyzyma çenli palçygyň içinde galdym. Süllümbaý
ezildim.
— Nälet siňmiş! — diýdim. — Nälet siňmiş!
Halys wagt geçenokdy. Çabga diňerli däldi. Onsoň
goýbolsun edeýin diýip durkam, birden çybşyldy eşidildi.
Howluda biri bardy. Haýatyň düýbünde gizlenip,

töweregimi gözden geçirdim. Şoldy. Elinde şem göterip
gelýärdi. Ol maňa tarap göni gelşine birnäçe ädim
galanda saklandy.
— Nähili gowy gije — diýip, Şems dillendi.
Bu adam öz-özi bilen gürleşdimi ýa ýanynda başga-da
adam barmyka? Aljyradym. Ýa meniň bilen
gürleşýärmikä? Bärde meniň durandygymy bilýärmikä?
Şol wagt özümi aňk eden bir zady bilip galdym. Şeýle
güýçli şemally, çabga ýagyşly howada elindäki şem,
nädip sönmän saklanyp bilýärkä? Tutuş göwräm gurşup
giden ýaly boldy.
Şems bilen bagly aýdylýan gürrüňleri ýatladym. Onuň
jadygöýlikde hem gözbagçylykda belli adamdygy
baradaky gürrüňler agyzdan-agza geçýärdi. Dogrusy,
beýle boş gürrüňlere ynanyp ýörenlerden däldim.
Häzirem hä diýip biljek däl, ýöne Şemsiň şeýle ýagyşly
howada eli ýagty saçýan şemli durşuny görüp,
dyzlarymyň ysgyny giden ýaly boldy.
— Ençeme ýyl mundan ozal, Töwrizde Ebabekir atly bir
ussadym bardy — diýip, Şems dillendi. — Diýseň
mertebeli adamdy. Ol maňa her zadyň öz wagtynyň
bardygyny öwretdi. Bu hem soňky kadalaryň biri.

Nämäniň kadasy barada gürrüň edýärkä? Ýa düşnüksiz
gep-gürrüň bilen meni gorkuzjak bolýarmyka? Bellibir
netijä gelmegim gerekdi. Ýa-ha häziriň özünde atylyp
çykyp, üstüne topulmalydym, ýa-da amatly pursada
garaşmalydym. Ýöne Şems hiç aňyrsyna öwrülmeýärdi.
Beýleki bir tarapdanam, eger ol meniň bärdedigimi
bilýän bolsa, näme üçin gizlenmelimişim?
Men heniz bellibir netijä gelmänkäm, bagyň haýatynyň
düýbünde gara sudurlar görnüp gitdi. Sanadym, alty
kişidi. Ýaş ýigitler näme üçin häzirem derwüşi
öldürmeýändigimi alada eden bolsalar gerek. Olar gidip
goşmaça adam getiren bolmalydylar. Şol pursat Şems bar
zatdan bihabar ýaly, gürrüňini dowam etdi.
— Otuz ýedinji kada: gyly kyrk bölýän Taňry usully sagat
ussasy ýalydyr. Ol şeýlebir takykdyr welin, Onuň
saýasynda ähli zat tüýs aýny wagtynda bolup geçýändir.
Hiç bir zat sähelçe salymlyk ir hem bolmaz, sähelçe
pursatlyk giç hem. Her bir ynsan üçin bir-ä aşyk bolmak
pursady bardyr, bir hem ölüm pursady.
Ynha, şol pursat derwüşiň ilkibaşdan bäri özüm bilen
gürleşip durandygyna göz ýetirdim. Ol meniň şu
ýerdedigimi bilýärdi. Onda-da howla çykmazdan öň
bilýärdi. Ýüregim gürs-gürs edip urup ugrady. Mundan

artyk gizlenmegiň hajaty ýokdy. Göwrämi dikläp, öňe
çykdym. Ýüzbe-ýüz bolduk. Ganhor hem pida. Ýagdaýyň
elhençliginiň tersine, howada düşnüksiz asudalyk peýda
boldy. Ýagyş başlaýşy ýaly, birden diňip, ähli zat
ümsümlige gark bolupdy.
Gylyjymy syrdym, bar güýjüm bilen aýlap saldym.
Derwüş bu urgymdan iňňän çalasynlyk bilen sowlup
ýetişende birbada aljyradym. Ýene birnäçe gezek gylyç
saldym, ýöne her gezek şol bir sahna gaýtalandy.
Duýdansyz ýerden garaňkylykda ýüwür-hä-ýüwürlik
boldy; men heniz nämäniň-nämedigini aňlap
ýetişmänkäm, haýatyň düýbünden alty sany adam elleri
taýakly, naýzaly çykdyda tutluşyga goşuldy. Tüýs bir
garma-garjaşyklyk boldy, kim-kime ýapyşýar, kim-kimi
urýar, düşüner ýaly bolmady. Taýaklar howada
galgaýardy.
Bir gyrada aňalyp galdym. Henize çenli amala aşyrmaly
jenaýatymda tomaşaçynyň ornuna düşüp görmändim. Ýaş
ýigitlere gaty gaharym geldi, tasdanam Şemsi taşlap,
olara topulypdym.
Ýöne birazdan ýigitleriň biri seslendi:
— Dat! Şagalkelle kömege ýetişeweri! Barymyzy öldürjek
bi!

Şol pursat ilki derwüşiň bellisini edip, soňra ýaş ýigitleriň
hasabyny bitirmegi ýüregime düwdüm. Öňe topuldym.
Menden ruhlanan ýaş ýigitler ekezlenip gaýtadan hüjüme
geçdiler. Alty adam bolup birleşip, Şemsi ýere ýykdyk.
Onsoň gynyndan çykardym-da hanjarymy bir urguda
Şemsiň ýüregine boýladym. Agzyndan diňe ýeke-täk ses
çykdy, ol ses iňňän ýiti hem wagşyýanady. Onuň perýady
şäheriň ähli ýerinde hemmelere eşidilip giden ýaly
boldy. Dodaklary ahyrky gezek müňňüldedi-de,
soňra hereketden galdy.
Onuň jesedini hemmämiz üýşüp göterdik. Haýran
galaýmaly tarapy, ol öte ýeňildi! Ol gury şaha ýaly, suwy
giden miwe ýaly ýeňiljekdi. Soňra ony guýa taşladyk.
Dessine-de yza tesip, onuň suwa düşýän sesine garaşdyk.
Ýöne garaşan sesimiz çykmady.
— Nämeler bolýar-aý? — diýip, ýaş ýigitleriň biri
dillendi. — Ýa ol haramzada suwa düşmedimi?
— Beýle-de zat bolarm-aý — diýip, beýlekisi seslendi. —
Nädip suwa düşmesin?
Biri-birimizden nazarymyzy gizledik. Hemmeleriň keýpi
gaçdy.

— Guýyň diwarynda gaňyrçak bolup, şoňa ilişip galan
bolaýmasyn? — diýip, biri çak urdy.
Iň makul düşündiriş şol boldy. Şeýledir diýen bolduk.
Ýöne bu ümsümligi olar ýaly gaňyrçak-paňyrçak bilen
düşündirip bolmajakdygyna ählimizem örän gowy akyl
ýetirýärdik. Sesimizi-üýnümizi çykarman, şol ýerde
näçeräk duranymyzy bilemok. Asman çyzmyk-çyzmyk
bolup agaryp ugrady. Birazdan soň bolsa, duýdansyz
ýerden, öýüň ýeňseki gapysy açyldy. Bir adam daşaryk
çykdy. Gören badyma tanadym, ol Möwlanady.
— Sen nirede, janym? — diýip, ol gaýgyly seslendi. —
Şems, garaşdym, sen o taýdamy?
Ýaş ýigitler dowla düşüp, ökje göterdiler. Olaryň ählisi
bagyň haýatyndan aşyp, onuň aňyrsyna geçdiler. Ol
ýerde sähelçe-de eglenmeli däldigimi bilýärdim. Ýöne
şonda-da aýak çekip, yzyma garaman oňup bilmedim.
Ynha, şol wagt Möwlananyň göni guýa tarap ýönelenini
gördüm. Ol gelşine eglip guýynyň içine seredip durdy;
gözi alagaraňka öwrenişen bolsa gerek. Şol wagt şol
ýerde onuň näme görenini bilemok, ýöne yza çekilip
çöküne düşüp oturdy-da, perýat etmäge başlady:
— Öldürdiler! Şemsiň janyna kast etdiler!

Haýatdan aşdym. Derwüşiň gany çyrşalan hanjary alyp
bilmän, bar güýjüm bilen ylgap başladym. Şonda ençeme
ýyllardan soň hem hemişe şol gijäniň ýatlamasyndan
gaçyp ýörüşime, togtap bilmejek, hatda saklabam
bolmajak ýagdaýda gaçyp gezmäge mejbur boljagymy
men nireden bileýin?! Ella
Boston, 2008-nji ýylyň 3-nji awgusty
Birsydyrgyn geçip duran adaty günleriň biridi. Ine-de,
awgust aýynyň yssysy sowlaňkyrlan günleriniň bir säheri.
Ella bu gün ir turdy; ertirlik saçagyny taýýarlady.
Ertirlikden soň adamsyny işe, çagalaryny mekdebe
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Elif Şafak-Yşk - 26
  • Parts
  • Elif Şafak-Yşk - 01
    Total number of words is 3608
    Total number of unique words is 2185
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 02
    Total number of words is 3616
    Total number of unique words is 2228
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 03
    Total number of words is 3610
    Total number of unique words is 2211
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 04
    Total number of words is 3621
    Total number of unique words is 2271
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 05
    Total number of words is 3686
    Total number of unique words is 2230
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 06
    Total number of words is 3613
    Total number of unique words is 2257
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 07
    Total number of words is 3722
    Total number of unique words is 2226
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 08
    Total number of words is 3656
    Total number of unique words is 2262
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 09
    Total number of words is 3579
    Total number of unique words is 2310
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 10
    Total number of words is 3666
    Total number of unique words is 2164
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 11
    Total number of words is 3591
    Total number of unique words is 2225
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 12
    Total number of words is 3623
    Total number of unique words is 2233
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 13
    Total number of words is 3652
    Total number of unique words is 2154
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 14
    Total number of words is 3670
    Total number of unique words is 2111
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 15
    Total number of words is 3637
    Total number of unique words is 2160
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 16
    Total number of words is 3591
    Total number of unique words is 2182
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    54.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 17
    Total number of words is 3590
    Total number of unique words is 2167
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 18
    Total number of words is 3586
    Total number of unique words is 2219
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 19
    Total number of words is 3651
    Total number of unique words is 2179
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 20
    Total number of words is 3632
    Total number of unique words is 2034
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 21
    Total number of words is 3642
    Total number of unique words is 2121
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 22
    Total number of words is 3656
    Total number of unique words is 2209
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 23
    Total number of words is 3664
    Total number of unique words is 2120
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 24
    Total number of words is 3674
    Total number of unique words is 2117
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 25
    Total number of words is 3603
    Total number of unique words is 2124
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 26
    Total number of words is 3670
    Total number of unique words is 2220
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 27
    Total number of words is 483
    Total number of unique words is 391
    49.5 of words are in the 2000 most common words
    60.1 of words are in the 5000 most common words
    65.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.