Latin

Elif Şafak-Yşk - 15

Total number of words is 3637
Total number of unique words is 2160
31.1 of words are in the 2000 most common words
45.2 of words are in the 5000 most common words
52.5 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
bermedikeri üçinem şükür etjek. Çünki maňa nämäniň
haýyrlydygyny diňe Özi bilýär.
Ýigrimi dördünji kada: rast, ynsan ýaradylan
mahluklaryň iň şereflisi, mertebelisi bolsa, onda ol her
äden ädiminde Allanyň ýer ýüzündäki oruntutarydygyny,
halifesidigini ýadyna salyp, şoňa gelişjek edep bilen
hereket etmelidir. Adam garyp galan, töhmete duçar
bolan, zyndana atylan, hatda ýesir düşen halatynda hem,
ýenede özüni başy dik, ruhy belent, kalby rahat oruntutar
ýaly alyp barmasyny bes etmeli däldir.
Şerigat: «Seniňki eniňki, meniňki bolsa meniňki» diýýär.
Tarykat: «Seniňki özüňki, meniňki hem seniňki» diýýär.
Magryfet diýýär ki: «Ne seniňki bar, ne-de meniňki».
Hakykat bolsa: «Senem ýok, menem» diýýär.
Özlerini Allahyň yşkynda ýok etmäge, nebislerine garşy
jihat yglan etmäge derek, ol bolgusyzlar köplenç başgalar
bilen tutluşyp, nesilden-nesle gorky ýaýradyp ýörler.
Eger adamyň dakynan gözgüsine-äýnegine garamsallyk
çaýylan bolsa, ol, elbetde, haýsy tarapa seretse,
bolgusyzlygy görer. Haçan bir ýerde ýertitreme,

gurakçylyk ýada başga bir apat bolsa, ony Allanyň
gazabynyň alamaty hasap edýärler. Ýöne anykäşgär
aýtmanmydyr: «Rahmetim gazabymdan üstündir» diýip?
Şeýledigine garamazdan, hemişe Hakyň olardan öç
almagyny isläp garaşar ýörerler. Tutuş dünýeleri
garpyşykdyr duşmançylykdan doludyr; mährewsizlikleri
olaryň üstüni örten gara bulutdyr.
Agaçlara güýmenip, tokaýy gözden salma. Ol ýa beýleki
aýatlaryň diňe birine gümra bolup galma. Eseriň
böleklerini tutuş eseri göz öňünde tutup okamak gerek.
Bitewülik bolsa eseriň özeninde ýaşyryndy.
Mukaddes Gurhanyň özenine we tutuş durkuna akyl
ýetirjek bolmaga derek, yňdarmalar aýratyn birki aýaty
saýlap tutup, bir depen ýerlerini depip durlar. Garpyşyga
höwesek aňlaryna ýakyn hasaplaýan emirleri ileri
tutýarlar. Gabat gelen öňýeten kişä: «Magşar güni
gelende gyldan inçe, gylyçdan ýiti Syrat köprüsinden
geçmäge mejbur bolarys. Köprüden geçip bilmedik
günäkärler aşakdaky jähennem çukurlaryna düşüp,
zebanylaryň elinde müdimilik azap çeker. Ömrüni haýyr
işler bilen geçirenler bolsa, köpriniň beýleki tarapyna
geçip, hurmalar, hüýri gyzlar bilen sylagy ýetiriler»
diýýärler.
Garamsallaryň
ahyret
baradaky
düşünjeleriniň bary şulardan ybaratdyr. Ýa jähennemden
gorkar, ýa-da jennetde sylaga hantamadyr. Ýöne esasy
zat Allahy söýmekdir. Şony welin ýatdan çykarýarlar.

Ýigrimi bäşinji kada: sen jenneti hem jähennemi hökman
gelejekden gözleme. Ikiside şu pursat şu ýerdedir. Haçan
bir adamy bähbit araman, hantamaçylyksyz söýmegi
başarsak, jennetdeligimizdir. Haçan biri bilen gohlaşsak,
oňuşmasak; ýigrenje, görübilmezçilige we gahara
bulaşsak, jähenneme dikbaşaşak düşdügimizdir.
Geçmişde gaty erbet günä iş eden, häzir bolsa wyždany
aç syçan ýaly beýnisini gemirýän adam üçin çekýän
azabyndan beter jähennem bolarmy? Sorasaň, ol adam
saňa jähennemiň nämedigini aýdyp berer. Ýa-da
adamzada maddy-ruhy taýdan nepi degen, ýürekleri
ynjytmaga derek, ýürekleri ynjaldyran, tükeniksiz
muhabbet zynjyrynyň bir halkasy bolmagy başaran we
älemiň syrlaryna aralaşan kişiniň kanagatyndan aňyrda
jennet barmy? Ondan sorasaň, jennetiň nämedigini
düşündirer.
Ölümden soňrasyny näme üçin beýle köp alada edýärsiň?
Yşkyň durmuşymyzdaky barlygyny-da, ýoklugyny-da gösgöni başdan geçirip biljek ýeke-täk wagtymyz şu
pursatdyr. Aşyklara jähennemde azap çekmek gorkusam,
jennetde sylag-serpaýynyň ýetirilmek arzuwy-da
öňbaşçylyk edip bilmez. Olar uç-gyraksyz Ledun
deňzinde ýüzerler. Sopular kysmy Allahy söýer. Ol hiç hili
sebäbe daýanmaýan, gös-göni söýgüdir. Öwrümsiz hem
hantamaçylyksyzdyr...

Ah, minel Yşk! Yşkdan ozal hem Yşkdan soňra... Yşk ýer
ýüzündäki iň gadymy, iň durnukly ýörelgedir. Aşygyň özi
çetleşdirilse-de, ol hiç kimi çetleşdirmez. Özi ynjasada,
garynjany-da ynjytmaz. Muňa Yşka düşeniňde
düşünersiň. Ýüregiň bir mahmal haltajyga döner, içinde
zer çaýylan ýumak bardyr; sen bu ýuka ýürek bilen hiç
kime dözmersiň. Diri gezip ýören we ötüp geçen
aşyklaryň hataryna goşularsyň. Gorkma! Yşkda ýok
bolanyňdan soň, daşky sypatlar, aňlardaky ölçegler bug
deý göteriler gider. Şol pursatdan başlap: «Men» diýen
zat galmaz. Ähli menligiň ullakan hiçlige –– nola deň
bolar. Ol ýerde ne şerigat galar, ne tarykat, ne-de
magryfat. Diňe we diňe hakykat...
Düýn Möwlana Rumy bilen şu meseleler barada pikir
alyşýarkak, ol birden gözlerini ýumdy hem-de dilinden şu
setirler çykdy:
Men ne-hä hristian,
Ne-de musawy,
Ne parsy men, ne-de dindar musulman.
Men ne gündogardan, ne günbatardan.
Geçdim baryn, gypynç etmän, gysynman.
Älem ikiligin gyra taşladym,
Olaryň birligin görüp başladym.

Möwlana: «Menden şahyr bolmaz, onsoňam şygry gaty
halabam baramok» diýýär. Ýöne onuň kalbynda şahyr
otyr. Onda-da nähili ajaýyp şahyr! Pilesini böwsüp,
ýaryp çykmaga taýynlyk görýär. Ikilik düşünjesini
bireýýäm yzda galdyrypdyr. Özgelere aýry-aýry bolup
görünýän zat oňa bir bitewi hem ýeke-täk bolup
görünýär.
Hawa, Möwlana mamla. Ol ne gündogarly, ne-de
günbatardan. Onuň aňyrsy bütinleý aýry, üýtgeşik bir
diýardan. Onsoňam ol bütinleý başga zat bilen, Yşk
şerigatyndan iýmitlenýär. Ella
Boston, 2008-nji ýylyň 12-nji iýuny
Ahyry tamamlady. «Yşk şerigatynyň» ahyryna ýetdi.
Kitabynam okady, neşir boýunça hasabatnamasyny-da
gutardy. Ella Aziz bilen roman hakynda hernäçe pikir
alyşmaga çytraşsa-da, bu kesp-kärime laýyk gelmez diýen
pikir bilen özüni saklapdy. Iş bilen yşk garjaşdyrylmaly
däldi. Ilki özüne tabşyrylan işi berjaý etmelidi. Hatda
Azize kitap dükanyndan Rumy bilen bagly näme tapsa
satyn alandygyny, indi ýatmazdan ozal her gije
«Mesnewiden» bir sahypa okaýandygyny hem aýtmandy.
Ýazyjy bilen «täsirleşmeleridir» roman hakyndaky
işleriniň arasyna çäk goýupdy. Ýöne iýun aýynyň on
ikisine diýseň täsin waka bolup geçdi-de, ol iş bilen yşkyň
arasyndaky çägi bozup taşlady.

Ella Rubinşteýn şol güne çenli Aziziň kime, nämä
meňzeýändigini bilmeýärdi. Nireden bilsin? Hiç hili
suratyny görmese näme?! Aziz internet saýtyna
ýerleşdiren fotosuratlarynyň arasynda öz suratyny
goýmandyr. Dogrusy, Ella hat alyşýan adamynyň kime
meňzeýändigini bilmeýändigi üçin, ilkibadalar özboluşly
lezzet alypdy. Daş keşbi, görnüşi esasy zat däldi. Şonuň
üçinem ol Aziziň suratyny-da görmek islemändi,
özüniňkini hem oňa ibermek zerurlygyny duýmandy.
Beýle ýagdaý has gowy, has jadylaýjy bolup görünýärdi.
Ýöne kem-kemden bilesigelijiligi üstün çykyp ugrady.
Azizden alýan hatlarynyň aňyrsynda duran nähilidir bir
keşbi göresi gelýärdi. Onuň özünden surat iber
diýmeýänligi-de Ellany geň galdyrýardy. Häzirki
döwürde, ähli zadyň şekile baglanylýan dünýäsinde daşky
keşbini görmedik adamyň bilen dostluk açmak, ylaýta-da,
içgin gatnaşykda bolmak mümkinmidir?
Ella ahyr bir gün üçekden ýykylan ýaly bolup, Azize köne
fotosuratlarynyň birini ýollady. Suratda ol eýwanda
otyrdy, ýanynda-da eý görýän Kölegesi. Egninde nepis
matadan tikilen merjen reňkli köýnegi bardy. Ýylgyryp,
ýarym bagtyýar, ýarym bikeýp görnüşde itiniň
boýunlygyndan berk ýapyşyp durdy, ondan güýç alýan
ýalydy. Ýokarsynda ýamaly bukja ýaly bolup açylan
asmana çal, goňur we gyzylymtyl öwüşgin çaýylypdyr. Iň
gowy görýän fotosuratlaryndan dälem bolsa, onda mistiki

howa bardy. Bolmanda, özi şeýledir öýdýärdi. Suratyny
elektron poçta arkaly iberdi. Şeýlelikde, ol Azizdenem öz
fotosuratyny ibermegini isläpdi.
Surat köp garaşdyrman geldi. Onsoň, ynha, Ella Aziz Z.
Zaharanyň nämä meňzeýändigini ilkinji gezek şonda
gördi.
Fotosurat Uzak Gündogarda bir ýerde düşürilene
meňzeýärdi; suratda birtopar çaga bardy, hemmesem
gara saçly, gyýyk gözlüdi, özlerem dürli ýaşdaky, ululykiçili çagalardy. Aziz olaryň arasynda durdy. Egni uzyn
gara köýneklidi, gara jalbarlydy. Inçeden uzyn
burunlydy, ýüzünde çuň ýygyrtlar bardy, ýöne şonuň
bilen birlikde hem keşbi ýumşakdy, rehimdardy. Äň
süňkleri çykyp durandy, giň maňlaýlydy; uzyn gara
saçlary tolkun-tolkun bolup dökülip durdy. Gözleri dury
ýaşyl reňkdedi; onuň çuňluklaryndan özüne ynamlylygy
okap bolýardy. Sag gulagynda ýeke-täk ysyrga asylgydy;
boýnundan asylan zynjyrjygyň gün şekilli tokasy bardy.
Ýeňse taraplarynda kümüşsöw öwüsýän köl aýna ýaly
ýalpyldaýardy hem-de surata sygmadyk, belki-de, bu
ýerde bolmadyk biriniň syrly kölegesi suratyň aşaky
bölegine düşýän ýalydy.
Ella fotosuratdaky adamyň ýüz-keşbindäki owunjak
aýratynlyklaryň her birini kalbyna siňdirip synlaýan
mahaly, ol nirededir bir ýerde gören adamym diýen

duýga berildi. Hernäçe geňem bolsa, ol öňden tanyş
ýalydy. Birdenem ýagdaýy gözden geçirip, ony kime
meňzedýänine düşündi. Elbetde, şol! Aziz Z. Zahara
haýran galaýmaly derejede agyn Töwrizli Şemsi ýatladyp
durdy.
Romanda Şems Rumy bilen duşuşmak üçin Konýa
ugramazdan ozal, nähili sypatlandyrylýan bolsa, Aziz
hem edil şonuň ýalydy; bolmanda, şahs hökmünde
şeýledi. Aziz Zahara, eýse, kitabyndaky baş gahrymany
göz-görtele özüne meňzedip döretdimikä diýip, Ellanyň
gaty bilesi geldi. Taňry adamlary, nädip, öz suratynda
ýaradan bolsa, edebiýatçy hökmünde Aziziň hem
gahrymanlaryny öz keşbinde döredesi gelen bolmagy
ahmaldy.
Ýöne başga bir ähtimallygam ýok däldi: eýse, hakyky
Töwrizli Şems romanda sypatlandyrylyşy ýaly bolsa
näme? Şeýle bolan halatynda sekiz ýüz ýyl aratapawut
bilen ýaşan iki erkek kişiniň arasyndaky meňzeşlik
akylyňy haýran edýän derejede boljakdy. Eýse, bu daşky
sypat taýdan meňzeşlik ýazyjynyň zehininden ýa-da
erkisleginden daşgary peýda boldumyka? Ella bu
çykgynsyz ýagdaý barada kelle döwdügiçe, Töwrizli Şems
bilen Aziz Z. Zaharanyň arasyndaky ýönekeý edebi
tilsimden aňyrda-da nähilidir bir ýakynlygyň bolmagynyň
ahmaldygy barada şübhelenmäge başlady.

Üstünden baran bu meňzeşligi Ellada garaşylmadyk iki
täsir döretdi. Ilki bilen ol «Yşk şerigatyny» sap hekaýat
nukdaýnazaryndan däl-de, başga bir göz bilen; Şems-i
Töwrizide gizlenen Azizi, ýagny baş gahrymanda gizlenen
ýazyjyny tapmak maksady bilen okamagy ýüregine düwdi.
Ikinjiden, Aziziň şahsyýeti onuň bilesigelijiligini hasam
artdyrdy. Aziz kimkä? Geçmişi nähilikä? Öňräkki
ýazgylarynyň birinde milletiniň şweddigini aýdypdy, eger
şeýle bolýan bolsa, onda näme üçin gündogarly
musulman adyny saýlap alyp, «Aziz» adyny ulanýarka?
Onda onuň hakyky ady nämekä? Zahara sözi näme
manyny aňladýarka?
Bu zatlar bir ýana, onda sopy diýildigi nämekä?
Sopuçylyk doly manyda nähili zatka?
Onuň serinden çykmaýan ýene bir zat bardy: küýseg
duýgusy!
Bir erkek kişä höwes bildirmänine, özüni zenan ýaly
duýmanyna juda uzak wagt bolupdy welin, şol duýgynyň
nämedigini hem ýadyndan çykaraňkyrlapdy. Belki-de, şol
sebäpli, ol özi bilen ýüzbe-ýüz bolmakda şunça wagtlap
gijä galandyr. Ýöne, ynha, häzir hakykat kuwwatly,
meçew beriji, kada-kanun diýilýän zady äsgermeýän
dartyş güýji ýaly bolup, hut çat maňlaýynda dur. Ella
fotosuratdaky
adama
seretdigiçe,
oňa
barha
imrinýändigini duýdy.

Ol küýseg asla garaşylmaýan, ynjalygyňy alýan küýsegdi,
şonuň üçinem Ella dessine ýan kompýuterini öçürdi-de,
aşhanadan çykdy. Ýogsam bolmasa, suratdaky adam
durmuşyna ornaşaýjak ýaly ýa-da has mojugyny tapyp,
elinden tutup çekäge-de, Ellanyň özünem surata salaýjak
ýalydy.
Wagşyýana Baýbars Konýa, 1245-nji ýylyň 10njy iýuly
Başlar aýak bolupdyr, aýaklar baş! Dädem şeýh Ýasin:
«Bu dünýä gün geçdigiçe bozulyp, çüýräp barýar. Asr-y
Sagadatdan – Pygamberimiziň ýaşap geçen za
manasyndan bäri medeniýetiň taryhy diňe ýapaşaklygyna
gaýdýar!» diýýär. Dädemi sylap, her babatda şoňa gulak
asýan. Ýöne şu meselede welin, ol ýalňyşýarmyka diýýän.
Sebäbi menden sorasaňyz, adam bar ýerinde urşam
bolupdyr, ýowuzlygam. Ýene-de şeýle bolar. Pygamber
Serwerimiz zamanasynda hem şeýle bolmanmydyr?! Şol
döwürde duşmançylyk bolmanmydyr näme? Göreşdir
garpyşyk ýaşaýşyň düýp özeninde bar. Tebigata seret!
Ýolbars keýigi iýýär; maslygyny bolsa gajar guşlar
çokalaýar, maslykdan diňe ap-ak, çakyr süňkler galýar.
Aslynda tebigatyň özi zalym. Gözüň ýaşyna seredip
durmaýar. Asmanda, deňizde hem gury ýerde her
pursatda hemme ýerde uly kiçini, güýçli ejizi iýýär. Şonuň
üçinem diri galmagyň ýeke-täk kadasy bar: duşmanyňdan

has mekir hem güýçli bolmaly! Kelläň egniň üstünde
bolmagyny, ýüregiň gursagyňda urup durmagyny isleýän
bolsaň, garpyşmaly bolarsyň! Bu şeýle ýönekeý.
Onsoň bizem garpyşýarys. Şu gün, şu döwürde iň türkana
adam hem bu işiň başgaça ýolunyň ýokdugyny gaty gowy
bilýär. Bäş ýyl öň Çingiz hanyň parahatçylyk ylalaşygy
üçin iberen ýüz ilçisiniň ählisi birden ýok edilenden soň,
işler gaty bulaşdy. Çingiz han gahardan ýaňa çişip,
yslama garşy uruş yglan etdi. Ilçileriň näme üçin
öldürilendigi häli-häzirem syrlygyna galýar; sebäbini hiç
kimem bilenok. Käbir kişi bolsa: «Ilçileri Çingiz hanyň
özi öldürtdi» diýýär, şeýtmek bilen, çozmak üçin bahana
arapdyr.
Onçasyndan habarym ýok. Ýöne bir bilýän zadym,
mongollaryň Horasany at toýnagyna depeleden bäş
ýylynyň içinde daş üstünde daş, egin üstündede baş
galmady. Bu-da az ýaly, Kösedagynda seljuklylardan
üstün çykyp, Goja Soltany salgyt tölemäge, özlerine
wepadarlyk kasamyny içmäge mejbur etdiler. Eger
mongollar biziň barymyzy gylyçdan geçirip, soňumyza
sogan ekmedik bolsa, bu olaryň bizi eý görýäni üçin dälde, boýuntyryk astynda bolmagymyzy ýeg görenleri
üçindir.
Tä ezelden bäri, ýagny Kabyl Habylyň ganyna galaly bäri
uruş dowam edýär. Ýöne gana suwsan mongol ordasy
ýaly ýagy göremzok. Olar uruş sungatynyň aňyrsyna

çykypdyrlar: dürli maksatlar üçin peýdalanylýan her jüre
ýaraglary ulanýarlar; her nökeri sowut geýnen; şeşmer,
teber, şimşir hem-de naýza bilen ýaraglanan. Galybersede sowutlary böwsüp geçýän, päsgelçilikleri ýumurmagy
başarýan, ujy zäherli, bedeniň iň berk süňkünem kül-uşak
edýän peýkamlary bar. Bir bölümden beýleki bölüme
gyzgyny bilen habar ýetirip duran peýkamlary hem oýlap
tapypdyrlar.
Uruş başarnyklary şeýlebir ösüpdir welin, öňlerinden
çykan zady mynjyradyp geçýärler. Buhara ýaly gadymy
şäherler-de weýrana döndi. Onsoňam biziň bar derdimiz
diňe mongollar däl ahyry. Haç göterijiler bir tarapdan,
bizanslylar bir ýandan; elbetde, bir tarapdan, şaýy-sünni
basdaşlygy-da bar. Çar tarapdan duşmanlar gabap alan
mahaly, parahatçylyk hem asuda ýaşaýyş barada nädip
gürrüň etjek?!
Ynha, şular ýaly sebäpler zerarly, Möwlana Rumy kysmy
adamlar gaharymy getirýär. Ony hemmeleriň gowy
görüp, apalaýandygy meniň azaryma hem däl. Ol meniň
üçin barypýatan züwwetdin. Ozallar onuň oňat alym
bolan bolmagy ahmal, ýöne häzir welin, ol nogtasyny
kapyr Şemsiň eline tutdurypdyr. Yslam duşmanlary
wagşyýana nägehan ýaly bolup, başymyzdan inen mahaly
Rumynyň ýaşlara berýän nesihatyna seret! Müzzerilip
ýörmegi, gorkaklygy ündeýär! Dert nirede bolsa dowa
şol ýere

gider,
Nirde mätäçlik bolsa, nygmat barar şol ýere,
Nirde mesele bolsa, jogaby şol ýerdedir,
G
ä
m
i
b
a
r
m
y
,
S
u
w
a
m
b
a

r
.
Ýer ýok başga gidere...
Şeýle bolýan bolsa, nädip garşylyk görkezeris, özümizi
nädip gorap saklarys? Muňa Möwlana Rumynyň jogaby
taýýar: sabyr bilen! Ýeňsämize depsinler, agzymyzdan
aşymyzy alsynlar, şeýlemi?! Möwlana tüýs boýun
sunmagy öwredýär. Musulmanlary ejiz hem eldeki goýun
sürüsine öwürmek isleýär. Onuň diýýänine bak-a, her
milletiň öz nesibesi, döwran sürmeli möwriti barmyş.
Onda näme wagtymyzyň gelerine garaşmalymy?
«Yşk» sözünden soňra iň gowy görýän sözleri: «sabyr»,
«sazlaşyk», «rahatlyk», «hoşniýetlilik», «Haka bil
baglamak öwekgel»... ol-bu, şeker-şerbet, hiç derde
ýaramaýan bir topar boş gürrüň! Oňa galsa, hemmämiz
öýümizden çykman oturyp, duşmanlaryň gelip, barymyzy
gylyçdan geçirerine garaşmaly. Bir zady-ha anyk bilýän,
şeýle ýagdaý bolaýsa, ol süreninden çykar-da,
weýrançylyga garap, «nädelidä, ýazgytdyr-da, muňa-da
şükür» diýer.
Şeýlebir myş-myşam eşitdim; aýtmaklaryna görä, ol
ýakynda bir töwra gep tapypdyr: «Metjitler-medreseler
ýykylsyn» diýipdir. Bu nähili gürrüň boldugy?

Rumy heniz çaga mahaly, hossarlary bilen bile
Owganystandan Anadola gaçyp gelipdir. Şol döwrüň
demi daş ýarýan baýlary Seljukly soltanyndan açyk
çakylyk alypdyrlar; Rumynyň kakasy hem şolaryň biri
eken. Garynlary dok, üst-başlary bitin, bir elleri ýagda,
bir elleri balda, Owganystanyň bulaşyklygyndan çykyp,
Konýanyň gümmezekläp oturan baglaryna gaçyp
gelipdirler. Geçmişi şeýle adama: «Hemme zada
hoşniýetlilik bilen gara» diýmekden başga aňsat zat
barmy?
Düýn-öňňinlikde Şems-i Töwriziniň bazar ýerinde üýşüp
duran adamlara bir hekaýat gürrüň berenini eşitdim. Ol
şeýle gürrüň beripdir: «Pygamberiň oruntutary hem
giýewsi bolan sahaba hezreti Aly bir gün bir kapyr bilen
döwşüp durmuş. Hezreti Aly hut zülpükärini duşmanyň
gursagyna boýlaýmaly pursady, birden, kapyr başyny
göterip, ýigrenç bilen onuň ýüzüne tüýküripdir. Hezreti
Aly dessine gylyjyny taşlap, uludan dem alypdyr-da,
gidiberipdir. Kapyr muňa aňk bolup galypdyr. Hezreti
Alynyň yzyndan ýüwrüp baryp:
— Hany, bir dem aýak çek! Meni näme üçin öldürmediň?
–– diýip sorapdyr.
— Saňa gaty gaharym geldi –– diýip, hezreti Aly jogap
beripdir.

Kapyr haýran galyp:
— Onda näme üçin meni öldürmediň? –– diýipdir.
— Ýüzüme tüýküren mahalyň sen meniň mertebämi
kemsitdiň, şoňa-da gaty gaharym geldi. Nebsim küşgeleň
berip, ar almak islegi döredi. Eger seni öldüren bolsam,
onda senden üstün çyksam hem, nebsimden asgyn
geldigim bolardy. Bu-da hata iş etdigim boljakdy.
Şeýle diýip, Aly ol adamy azat edipdir. Kapyr gaty
tolgunyp, şol günden beýläk özüni Alynyň hyzmatyna
bagyş edipdir; wagtyň geçmegi bilenem musulman
bolupdyr. Ynha,
Töwrizli Şems şeýle hekaýatlar gürrüň bermegi halaýar.
Eýse, ol şonda gep nokatlap, näme diýmekçi bolýandyr
öýdýäň? Goý, kapyrlar, müňkürler, mynapyklar depäňize
çyksyn, ýüzüňize tüýkürsin! Ýöne siz hergiz sypaýyçylygy
elden bermäň, pälipes boluň. Goý, ýurduňyzda ýandak
gögertsinler!
Ýok, beýle zat bolmaz! Hala kapyr bolsun, hala başga
biri, men hiç kime ýüzüme tüýkürtmen! Ella
Boston, 2008-nji ýylyň 13-nji iýuny
«Bu soragy seniň geň görmegiň hem ahmal, ýöne
soraman durup biljek däl. Aziz, ýa sen Şemsiň özümi?
Romanda gürrüňini edýän gahrymanyňda özüň hem bar,
şeýle gerek?

Ç
u
ň
ň
u
r
s
ö
ý
g
i
b
i
l
e
n
E
l

l
a
»
.
***
«Söýgüli Ella,
Öz wagtynda Baba Samed maňa şeýle diýipdi: «Bu
dünýäden bir Töwrizli Şems ýaşap geçdi, onda-da bir
gezegem däl, ýüzlerçe ýola. Olar her asyrda gaýtadan
gelýär. Ýöne Şemsi görjek, görübem gadyryny biljek
Rumular bolmanyndan soň, ol geldi-gelmedi parhy
näme? Şonuň üçinem sen Rumulary gözle!»
Ýazgyňy okan mahalym şu ýokarky nesihat
ýadyma düşdi. Muhabbet bilen
Aziz». ***
«Söýgüli Aziz,
Baba Samed kim bolmaly?
Söýgi bilen Ella». ***
«Söýgüli Ella,

Bu uzak gürrüň. Dogrudanam
bilesiň gelýärmi? Baky söýgi
bilen
Aziz». ***
«Saňa gerek bolsa, näçe diýseň wagtym bar.
Gürrüň bersene... Hasrat bilen
Ella».
Rumy Konýa, 1245-nji ýylyň 2-nji awgusty
Ýaşaýan durmuşyň ýetmezçilikdir kemçilikli bolmaga
beýlede dursun, ol saňa hatda kemsiz-köstsüz bolup
görner. Bolmanda, ony özüň şeýle hasap edýänsiň.
Öwrenişen endikleriňe eýerip, werziş bolan zatlaryň
çygrynda galarsyň. Şu wagta çenli nähili ýaşan bolsaň,
hemişe şeýle ýaşar ýörerin öýdersiň. Ýöne soňra
garaşylmadyk pursatda bir adam peýda bolar. Ol
töwerek-daşyňdakylaryň hiç birine meňzeş däldir. Özüňi
şol täze adamyň aýnasynda görüp başlarsyň. Ol sendäki
bar zadydäl-de, ýetmezçilikleri görkezýän jadyly
aýnadyr. Onsoň sen şunça wagtlap, aslynda, özüňde
hemişe bir zadyň ýetmeýändigini duýup ýaşandygyňy,
bilmeýän bir zadyň hasratyny çekip ýörendigiňi aňarsyň.
Hakykat bilen ýüzbe-ýüz bolarsyň. Saňa içiňdäki boşlugy
görkezen şol kişi pir, ussat, ýoldaş, ýaran, ýanýoldaş ýa-

da käte çaga bolmagy-da mümkin. Esasy zat öz gowzuňy
dolduryp biljek ruhy tapmagyňdyr. Pygamberleriň
ählisiniň beren öwüdi birmeňzeşdir: özüňe aýna bolup
biljek adamy tap! Ynha, meniň üçin şol aýna Şemsdi.
Adam ýyllar boýy iş edinip, öz sözlügini düzýär.
«Hakykat», «bagtyýarlyk», «gözellik», «hormat»,
«abraý», «wepadarlyk»... ýaly aýratyn ähmiýet berýän
düşünjeleriniň her birine kesgitleme berýär. Ömrüň her
möhüm öwrüminde öz şahsy sözlügiňi açyp, ony gözden
geçirersiň. Öz wagtynda beren kesgitlemeleriňi
aňsataňsat üýtgedesiň gelmez. Ýöne, ynha, duýdansyz bir
ýerden şol keseki adam peýda bolar-da, gymmatly
hasaplaýan sözlügiňi dazyrdadyp zyňyp goýberer.
— Şu wagta çenli kelläňe gelşine görä ýazan
kesgitlemeleriň ählisini täzeden ýazmaly bolar — diýer.
— Öňki bilýän zatlaryň baryny ýatdan çykarmaly
pursadyň gelip ýetdi.
Ynha, Şemsiň maňa eden peýdasy şeýle. Buýsanyp ýören
bilimlerimiň baryny bozup taşlady. Halypakam, meni
gaýtadan şägirde öwürdi. Birini şeýle gowy gören
mahalyň göwnüň tutuş maşgalaň, ýaranlaryň, iň ýakyn
hossarlaryň hem ony gowy görmegini, söýmegini isleýär.
Nähili duýgyny başdan geçirýäniňe düşünmeklerine
garaşýaň. Ýöne bu tamaň çykmasa, aljyraýaň, ynjaýaň,
gaharyň gelýär. Nädenimde maşgalamy Şemsi meniň

gözüm bilen görer ýaly edip bilerkäm? Daş sypaty
bolmadyk birini nädip suratlandyraýyn? Şems meniň
Rahmet ummanym, keremli Günüm. Aramyzdaky
dostlugyň çuňlugy Gurhanyň dördünji okalyşy ýaly; ýaha onuň içine çümer gidersiň, ýa-da daşynda galyp, onuň
nähili zatdygyny bilmän geçersiň. Muňa daşyndan
seredip düşünmek mümkin däl, diňe başyňdan
geçireniňde akyl ýetirip bolýar.
Gynansagam, adamlaryň köpüsi daş gulakdan eşiden
maglumatlaryndan ugur alyp, özgeleri ýazgarýarlar.
Olaryň pikiriçe, Şems asy, jenaýatkär derwüş. Gedem,
bibaş, boýunegmezek, näme gaýyrjagy näbelli, asla
ygtybarsyz adam. Gep-gybaty we bolgusyz gürrüňleri
gowy görýän adamlar Şemsiň ötgür hem gönümel diline
näme diýjegini bilenoklar. Özgeleriň ýasama sypaýyçylyk
edýän ýerinde Şems kejine gaýdyp, açyk gürleşýär. Näme
diýjek bolsa, her kimiň ýüzüne diýýär. Onuň kimdir
biriniň yzyndan gepini edenini görmedim. Meniň üçin
Şems äpet älemi dolandyrýan tilsimiň özüni görkezýän
ýagdaýy. Şemsiň ýüregi kerwensaraý ýalydyr, onuň
aňyrsybärsi görünmeýär. Otaglarynda her jüre täsin
ýolagçylar düşlese-de, ol hiç kimiň döşünden itmeýär.
Men Şemsde ruhdaşymy tapdym. Şeýle gabatlaşma
ömrüňde diňe bir gezek bolýar. Otuz ýedi ýylda bir gezek!
Her kim menden Şemsi näme üçin beýle gowy görýänimi
soraýar. Nädip jogap bereýin? Kim şeýle sowal berýän

bolsa, barybir, düşünmez; düşünýän adam bolsa, beýle
sowal bermez.
Ýadyma halyf Harun Reşit hakyndaky hekaýat düşdi.
Mejnunyň Leýlini däli-diwana bolup söýüp ýörenini
eşiden halyf gyzy ýakyndan görmegiň küýüne düşüpdir.
«Mejnuny akylyny ýitirer derejä ýetiren bolsa, Leýli
üýtgeşik owadan maşgala bolmaly –– diýip, ol öz
ýanyndan pikir ýöredipdir. –– Onuň gözelligi beýleki
zenanlaryňkydan ençeme esse zyýat bolsa gerek».
Halyfyň bilesigelijiligi barha artypdyr. Şonuň üçinem ol
Leýlini öz gözleri bilen görmek isläpdir.
Ahyry Leýlini tapyp, halyfyň köşgüne getiripdirler. Ony
bezäp-besläp, halyfyň huzuryna eltipdirler. Ýöne Leýli
ýüzünden nikabyny göterende halyf Harun Reşit özüni
ýitiripdir. Leýlä betnyşandyr, ýa maýyp-müjrüpdir, ýa-da
bolmasa, garry kempirdir öýtmäň. Ýöne onuň üýtgeşik bir
gözelligi-de ýok eken. Beýleki adaty aýalgyzlar ýaly, oňada kemçiliklerem mahsus eken ýetmezçiliklerem.
Halyf özüniň geň galmasyny gizläp bilmändir.
–– Leýli, Leýli diýip, dilden düşürilmän ýören gyz şumy?
–– diýipdir. — Mejnun munuň nämesine aşyk bolduka?
Bü-ýä, adaty bir zenan. Beýlekilerden nämesi
üýtgeşikmiş?
Muny eşiden Leýli gülüp:

–– Hawa, men Leýli. Ýöne sen Mejnun däl. –– diýip jogap
beripdir. –– Sen maňa Mejnunyň gözi bilenem seredip
gör. Yşk diýilýän syra başga ýol bilen aralaşaryn öýtme.
Eýse, halyf Harun Reşidiň düşünmedik zadyna
hossarlarym, dostlarym, talyplarym düşünermikä?
Şemsiň nähili üýtgeşik adamdygyny görüp bilmeýänlere
ony nädip taryp edeýin? Näme etsem, Şems-i Töwrizini
görmek üçin öz betpygyl gözlerini bir gyra aýryp taşlap,
Mejnunyň
gözi
bilen
seretmegiň
gerekdigine
düşünerkäler?
Aşyk bolmadyk adama yşk diýilýän duýgy gury sözden
başga zat däldir. Ýary boş gep, ýary-da samahyllydyr.
Aşyk bolmadyk oňa düşünmez, aşyk bolan hem düşündirip
bilmez. Şeýle bolsa, nädip sözleriň öz güýjüni ýitirýän
ýerinde yşk söze bürenip bilsin?!
Öňler maňa «Diliň darbazy», «Söz serraby»,
«Dilewarlygyň ussady», «Harplaryň hojaýyny» we
«Manylar deňziniň derýabegi» diýýärdiler. Haýran
galaýmaly, men diýjek zadymy örän arkaýynlyk bilen
düşündirip hem ýazyp beýan edip bilerdim, men
wagyzlara, kitaplara, nutuklara öwrendeklidim, soňky
döwürler bolsa, sözlere ygtybarym galmady...
Kimýa Konýa, 1245-nji ýylyň 17-nji awgusty
Bile sapak geçmänimize, Gurhan okamanymyza gaty köp
wagt boldy, hezreti Möwlanany göresim gelýär. Özümi

gözden salnan hasap edýärin, ýöne şonda-da oňa
gaharym gelenok. Belki, Rumyny oňa gaharlanyp
bilmejek derejede hormatlaýanlygymdandyr, belki-de,
Şems-i Töwriziniň nähili maýyl ediji, nurana
adamdygyna düşünýänligimdendir. Meniňem Şemsiň
ýeline ygyp gidenlerden bolmagym ahmal.
Günebakaryň Günüň hereketini yzarlaýşy ýaly, Rumynyň
nazary-da hemişe Şemsiň yzynda. Olaryň özara hormaty
şeýle çuň, şeýle ap-aýdyň welin, olaryň ýanyndaka, adam
özüni artykmaç hasap edýär. Bu ýagdaýy öýdäkileriň
hemmesi unaýar diýip biljek däl. Esasan hem Alaetdin!
Onuň Şemse gaharly garap duranynyň ençeme gezek
üstünden bardym. Kerra hem biynjalyk, ýöne özi dil
ýarmansoň, menem «Näme bolýar?» diýip soramok.
Hemmeler därili çelegiň üstünde oturan ýaly. Haýran
galaýmaly! Şeýle dartgynlylygyň asyl günäkäri bolan
Şems hiç bir zat täsir etmeýän ýaly, aramyzda ýaşap ýör.
Ol ýa-ha özüniň birahatlyk döredýändigini bilenok, ýa-da
perwaýyna däl.
Bir tarapdan, Şemse gaharym gelýär. Möwlana Rumyny
elimizden alany üçin ony bagyşlap bilemok. Ýöne beýleki
bir tarapdan, onuň dartyş güýjüne özümi beripdirin. Ony
has ýakyndan tanamaga çytraşýan. Esli wagt bäri,
şeýdip, şu garjaşyk duýgularyň arasynda elewräp ýörün.
Gynansamam, şu gün «etmişimde» tutuldym.

Ikindi namazyndan soň, diwardan Gurhany aldym,
okuwymy özbaşdak dowam etmegi berk ýüregime
düwüpdim. Ozallar, heniz Şems bu ýere gelmänkä,
Möwlana bilen hepdede üç-dört gün sapak geçerdik;
aýatlary iniş tertibine görä öwrenerdik. Ýöne indi hiç hili
halypam hem ýok, durmuşymyz hem agdar-düňder boldy.
Şonuň üçin menem kitabyň tertibine seredip oturmaga
zerurlyk duýmadym. Gabat gelen sahypany açyp,
barmagymy basan ýerimdäki ilkinji aýaty okadym.
Bagtyma ol Nisa süresi bolup çykdy. Haýran galaýmaly,
ullakan kitapdan kalbymyň küýseýän aýatyny açan
ekenim. Nisa süresi aýallar babatda rehimsiz eken; şonuň
üçinem ony hiç halap bilmedim. Aýaty gaýtadan okap
oturan mahalym, baryp, tagsyr kakamdan hemaýat
soramak ýadyma düşdi. Möwlana meniň bilen ders
geçmeýänem bolsa, bu oňa sorag berip bilmejegimi
aňlatmaýardy. Şonuň üçinem Gurhany aldym-da onuň
bolýan otagyna gitdim.
Ol otagynda ýok eken. Onuň ýerinde Şems otyr. Ol
penjiräniň gyrasynda tesbisini sanap oturyşyna
günbatara bakýardy. Ýaşyp barýan Günüň şöhlesi onuň
ýüzüni ýalaýardy. Ol şöhläniň ýagtysyna diýseň
görmegeý hem nurana görünýärdi, nazarymy zordan
sowmagy başardym.

— Neme... bagyşlaweriň... — diýip, tolgunmadan ýaňa
sakawladym. –– Tagsyr gerekdi welin, soňra geläýerin.
— Hany, aýak çek. Nirä gyssanýaň? Az-kem otur ahyry.
–– diýip, Şems dillendi. –– Bir zat sorajak ýaly göründiň.
Belki, meniň kömegim deger?
Sorajak zadymy oňa aýtmakda hiç hili zelel görmedim.
— Gurhan-y kerimiň süreleriniň birine gowy
düşünmedim –– diýip, pikirimi zordan beýan etdim.
Şems öz-özi bilen gürleşýän ýaly, hüňürdäp jogap berdi:
— Gurhan täze gelin ýalydyr, Kimýa, okamakçy bolýan
kişi oňa seresap çemeleşmese, ol örtüner-de, nikabyny hiç
haçanam götermez.
Näme diýmekçi bolanyna düşünjek bolup başagaýkam,
Şems duýdansyz sowal berdi:
— Haýsy sürä gowy düşünmediň?
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Elif Şafak-Yşk - 16
  • Parts
  • Elif Şafak-Yşk - 01
    Total number of words is 3608
    Total number of unique words is 2185
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 02
    Total number of words is 3616
    Total number of unique words is 2228
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 03
    Total number of words is 3610
    Total number of unique words is 2211
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 04
    Total number of words is 3621
    Total number of unique words is 2271
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 05
    Total number of words is 3686
    Total number of unique words is 2230
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 06
    Total number of words is 3613
    Total number of unique words is 2257
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 07
    Total number of words is 3722
    Total number of unique words is 2226
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 08
    Total number of words is 3656
    Total number of unique words is 2262
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 09
    Total number of words is 3579
    Total number of unique words is 2310
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 10
    Total number of words is 3666
    Total number of unique words is 2164
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 11
    Total number of words is 3591
    Total number of unique words is 2225
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 12
    Total number of words is 3623
    Total number of unique words is 2233
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 13
    Total number of words is 3652
    Total number of unique words is 2154
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 14
    Total number of words is 3670
    Total number of unique words is 2111
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 15
    Total number of words is 3637
    Total number of unique words is 2160
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 16
    Total number of words is 3591
    Total number of unique words is 2182
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    54.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 17
    Total number of words is 3590
    Total number of unique words is 2167
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 18
    Total number of words is 3586
    Total number of unique words is 2219
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 19
    Total number of words is 3651
    Total number of unique words is 2179
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 20
    Total number of words is 3632
    Total number of unique words is 2034
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 21
    Total number of words is 3642
    Total number of unique words is 2121
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 22
    Total number of words is 3656
    Total number of unique words is 2209
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 23
    Total number of words is 3664
    Total number of unique words is 2120
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 24
    Total number of words is 3674
    Total number of unique words is 2117
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 25
    Total number of words is 3603
    Total number of unique words is 2124
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 26
    Total number of words is 3670
    Total number of unique words is 2220
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 27
    Total number of words is 483
    Total number of unique words is 391
    49.5 of words are in the 2000 most common words
    60.1 of words are in the 5000 most common words
    65.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.