Latin

Elif Şafak-Yşk - 14

Total number of words is 3670
Total number of unique words is 2111
33.2 of words are in the 2000 most common words
47.0 of words are in the 5000 most common words
54.4 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Janyma batmasa-da, şeýle ýagdaýlar bilen
öwrenişmeli boldum. Tä Şems-i Töwrizi öýümize
gelýänçä, hatda ony ýadymdanam çykarypdyryn. Şems
bilen Möwlana ikisi kyrk günläp kitaphanadan çykman
oturansoňlar, birmahalky ýatlamalar dessine ýadyma
düşdi. Diýmek, maňa gadagan edilen otagyň gapylary
Şems üçin giňden açykdy. Bu meni ynjytdy. Ýüregimiň

jümmüşinde bir ýerlerde bardygyny-da
ýaralarym yza berip başlady.
bilmeýän
Kimýa Konýa, 1244-nji ýylyň dekabry
Meni perzentlige alanlarynda on iki ýaşymdadym. Öz
ejem-kakam ýönekeý, oba adamlarydy; Gün dogandan
Gün batýança, ekin üstünde işläp, wagtyndan öň garran
adamlardy. Kiçijik, bir otagly öýde ýaşardyk. Gyz
doganym ikimiz otagyň bir böwründe, bir düşekde
ýatardyk. Gapdalymyzda aradan çykan doganjyklarymyň
ruhlary uklardy. Olaryň ählisi-de yzly-yzyna ýönekeý
näsaglyklardan amanadyny tabşyran bäbeklerdi.
Öýümizde olaryň ruhuny diňe men görýärdim. Haçan şol
kiçijik
ruhlaryň
nämeler
edip-goýýanlaryny
hossarlaryma düşündirjek bolsam, gyz doganym erbet
gorkardy, ejem aglap başlardy. Her näçe düşündirjek
bolsam-da, peýdasy ýokdy. Ýöne gaýgy edere-de,
gynanara-da zat ýokdy. Sebäbi kiçgine ruhlaryň hiç biri
bagtsyz görnenokdylar. Gorkunjam däldiler. Ýöne, ynha,
şuny özümiziňkilere hiç düşündirip bilemokdym.
Günlerde bir gün obamyza bir garry bilge-dana geldi. Ol
argyndy, halys bitapdy hem açdy. Saçy-sakgaly buýurbulaşykdy, ýiti ýagta gözüni süze-süze, ýüzüni ýygyrt
tutup gidipdir. Kakam dynç alyp, özüni dürsesin diýip, ol
bilgäni öýümize çagyrdy. Şol gije ählimiz ojagyň başynda
oturdyk. Bilge hem bize uzakdaky diýarlar barada täsin

gürrüňleri aýdyp berdi. Ol birsydyrgyn äheňde gürrüň
berip otyrka, menem gözlerimi ýumup, onuň bilen
birlikde Arap çöllerine, Afrikanyň demirgazygyndaky
çarwa çadyrlaryna, suwlary göm-gök Ortaýer deňzine
syýahat etdim. Bilge nire barada gürrüň berse,
hyýalymda janlandyryp, şol ýerlere syýahata gitdim. Bir
çägelik ýerde äpet ullakan owadan balykgulagyň
üstünden baryp, jübime saldym. Çägelik kenaryň bir
başyndan beýleki ujuna tarap ýöräp başladym welin,
duýdansyz ýerden ýiti, porsy ys burnuma urdy. Mejbury
ýagdaýda aýak çekdim. Gözlerimi açdym.
Süýnüp ýatan ekenim. Özümden gidipdirin. Düýş gören
bolaýmasam. Öýdäkileriň ählisi üstüme abanyşyp, maňa
aladaly seredişip durdular. Ejem bir eli bilen kellämi
saklap dur, beýleki eli bilenem burnuma ýarty sogan
tutdurýardy, ony maňa ysgatjak bolup başagaýdy.
Gyz doganym begenjinden ellerini çarpdy:
–– Özüne geldi! Ýaşa! Kimýa yzyna
gaýdyp geldi! Ejem uludan dem
aldy.
–– Alla jan, saňa şükür! –– diýdi. Soňra bilgä garap
ýagdaýy düşündirdi. –– Kimýa jan kiçijikliginden bäri
birahadrak. Birdenkä, durýar-durýar-da çaşýar
ýatyberýär.

Bilge hiç zat diýmedi, diňe aňymdaky pikirleri okajak
bolýan ýaly, meni üns berip synlady. Ertesi gün säher
bilen hemmämize birin-birin taňryýalkasyn aýdyp
hoşlaşdyda, ýola düşmek üçin aýak üstüne galdy. Ýöne
ýola düşmezden ozal, kakamy ýanyna çagyryp şeýle diýdi:
–– Seniň gyzyň gaty üýtgeşik çaga. Alla oňa ullakan ukyp
beripdir. Şeýle sowgadyň gadyry bilinmese haýp bolar.
Kimýany hökman mekdebe iberiň...
Gürrüňi üns berip diňlän ejem:
–– Gyz çaga mekdep nämä gerek? –– diýip, dessine
dillendi.
Bilge bu garşylyga ýan bermedi:
–– Çagaňyza gyz diýip, Alla ony gözden salmandyr.
Haktagala oňa ukyp bagyş edipdir. Siz Alladan has gowy
bilýändirin öýdýäňizmi? –– diýip sorady. –– Eger
mekdebe ibermejek bolsaňyz, gyzyňyzy bir alymyň
garamagyna beriň.
Ejem «hiç haçan» diýýän manyda başyny ýaýkady. Ýöne
kakam näme diýjegini bilenokdy. Bilgäniň sözüniň oňa
täsir edeni görnüp durdy. Ol okuwly kişileriň, dini hem
tebigy ylymlaryň muşdagydy. Kakam meni hem örän
gowy görýärdi.

–– Ýöne ulamalardan hiç tanaýanymyz ýok. Nireden
tapaly? –– diýip sorady.
Ynha, şol pursat goja bilge durmuşymyň ugruny bütinleý
özgertjek bir teklip aýtdy. Ol şeýle diýdi: –– Konýa
şäherinde üýtgeşik bir alym ýaşaýar. Ady Möwlana
Jelaletdin Rumy. Kimýa ýaly bir gyzy ösdüripýetişdirmäge göwünjeň çykmagy ahmal. Gyzyňy şonuň
ýanyna äkit. Ökünmersiň.
Bilge gidensoň ejem «Eý, Hudaý!» diýip, gollaryny
giňden açdy. Gürläp başlady:
–– Men agraýak. Kimýa maňa hemaýat etmeli. Onsoňam
gyz diýeniň kitap nämesine gerekmiş. Bu, heý, boljak
işmi? Öýde otursyn. Çaga seretmegi öwrensin.
Käşgä, ejem gitmegime başga sebäpler bilen garşy
çyksady. Aýralyga çydap bilmejegini, wagtlaýyn hem
bolsa, gyzyny başga bir maşgala bermäge
dözmeýändigini aýdan bolsady, menem beýle höwese
ulaşman, obamyzda galanymy gowy görerdim. Ýöne ejem
bu zatlaryň hiç birini diýmedi. Ol diňe öýde-de kömek
gerekdigi üçin gitmegime garşy çykansoň, kejirligime
tutup, menem gidenimi gowy gördüm. Şol wagtam kakam
bilgäniň gürrüňini eden meşhur alymynyň ýanyna bile
gidip görmegi ýüregine düwdi.

Şeýlelikde, köp wagt geçmänkä, kakam ikimiz ýola düşüp,
Konýa geldik. Ders berýän medresesiniň gapysynda
Möwlana garaşdyk. Şol gün hezreti kakalygymy ilkinji
görşümdi. Ol birhaýukdan talyplaryny yzyna tirkäp
daşaryk çykdy. Elimi-aýagymy nirede goýjagymy bilmän
aljyradym, başymy galdyryp, ýüzüne-de bakyp bilmedim.
Ellerine seretdim. Nepis barmaklary uzyndan inçedi.
Alyma garanyňda, ol eller sungat adamsynyňka has köp
çalym edýärdi.
Kakam Möwlananyň öňünden çykyp, meni görkezdi.
–– Tagsyr hezretleri, gyzym Kimýa üýtgeşik çaga. Ýöne
ejesi-de, menem ýönekeý adamlar. Ony mynasyp derejede
terbiýeläp ýetişdirip bilmeýäris. Şu töweregiň iň ylymly
adamy özüňiz diýdiler. Kimýany okuwçyňyz hökmünde
kabul edip bilmezmisiňiz?
Gözümiň gytagy bilen Möwlananyň ýüzüne seretdim.
Onuň geň galmaýandygy bildirýärdi. Şular ýaly arzy-hal
aýdylmagyna öwrenişikli bolmalydy. Ol kakam bilen aýak
üstünden gürrüňe başlansoň, menem ýeňseki baga tarap
ýöredim. Şol ýerde birnäçe çaga oýnap ýördi, ýöne
aralarynda gyz ýokdy. Medrese diňe oglanlar üçindi.
Ýöne yzyma dolananymda bir künjekde ýeke özi duran ýaş
aýaly görüp aljyradym. Ol göze gelüwli, hoşamaý ýüzli
zenandy. Aý ýaly nurana ýüzi ýalkym saçyp durdy. Apak
bedeni mermerden ýonulyp ýasalan ýalydy. Elimi

galdyrdym. Ol aýal maňa haýran galyp seretdi. Sähel
salymlyk ikirjiňlenmeden soň, ol hem maňa elini
galdyrdy. Ýanyna bardym.
–– Salam, eýjejik gyz, sen meni görýärmiň? –– diýip
sorady.
Men baş atanymda ol aýal begenip ýylgyrdy.
–– Bu gaty täsin! Meni senden başga hiç kim görenok.
Ol aýal bilen bile kakamdyr Möwlananyň duran ýerine
bardyk. Ýanymdaky nätanyşy görüp, gürleşmelerini bes
ederler öýtdüm. Ýöne beýtmediler. Aýal dogry aýdýan
eken; menden başga hiç kim ony görmeýän eken.
–– Hany, gel hany, Kimýajyk –– diýip, Möwlana dillendi.
–– Kakaň aýdyşyna görä, sen öz-özüňden okap-ýazmany
öwrenipsiň. Üýtgeşik ukyplaryň barmyş, okamagy örän
gowy görýärmişiň. Hany, aýt bakaly, kitaplaryň nämesini
halaýaň?
Bokurdagyma bir zat düwün boldy, dilim çolaşdy. Jogap
berip bilmeýärdim.
–– Ýeri, Kimýa, hezreti tagsyra gürrüň ber ahyry –– diýip,
kakam dillendi. Möwlana Rumynyň umydyny puja
çykararmykam öýdüp alada galýan ýalydy.
Dogry, jogap beresim gelýärdi. Kakamyň özüme
guwanmagyny isleýärdim, ýöne hiç gürläp bilmedim.

Onsoň eger ýanymdaky ýaş aýal kömege ýetişmedik
bolsa, belki, hiç haçanam gürläp bilmezdim. Oba iş
bitirmän dolanmaly boljakdyk.
Ýöne ýaş aýal emaýlyk bilen elimden tutdy.
–– Ýeri, akyllyja gyz, Möwlana gürrüň ber, hany. Söz
berýän, hemmesi oňat bolar.
Şol pursat ekezlendim. Möwlana tarap ynamly öwrüldim:
–– Tagsyr, siziň ýanyňyzda terbiýe almak maňa şeref
berer. Kynçylykdan gaçmaryn, okamagy gowy görýärin.
Öwrenmegi halaýan. Oňat okuwçyňyz boljakdygyma sizi
ynandyrýaryn.
Möwlananyň gözleri ýalpyldap gitdi.
–– Ynha, bu bolubilýär –– diýdi, ýöne soňra uludan dem
aldy. Hamala ýakymsyz bir zat ýadyna düşen ýalydy. ––
Ýöne sen gyz ahyry. Biz dynjymyzy alman okap, kän
zatlary öwrenäýenimizde-de, köp wagt geçmänkä, sen
durmuşa çykmaly bolarsyň, çaga-maşgala basdyrarsyň.
Şonça ýyllyk zähmetiň biderek bolar.
Näme diýjegimi bilmedim. Höwesim gaçdy. Kakamyň
hem keýpi gaçyp ugrapdy, nazaryny çaryklaryna dikip,
sesini-üýnüni çykarman durdy. Ynha, şol wagt ýaş aýal
ýene dadyma ýetişdi:

–– Möwlana «Aýalyňyz hemişe kiçijik gyzyňyzyň
bolmagyny islärdi. Alla häzir meni iberdi. Eger bir gyz
çagany okatsaňyz, aýalyňyz muňa begener» diý.
Şu jümleleri bolşy ýaly edip aýdanymda, Möwlana güldi.
–– Görýän welin, öýüme baryp, aýalym bilen
gürleşipsiňiz öýdýän. Ýöne Kerra meniň derslerime
goşulýan däldir, gyzym.
Şol wagt ýaş zenan başyny atdy-da, gulagyma şu zatlary
aýtdy:
― Kerrany göz öňüne tutmaýandygyňy aýt. Ol ikinji
aýaly. Sen Göwher barada aýdýaň. Ogullarynyň ejesi.
–– Kerra hatyn barada däl, Göwher hatyn barada aýdýan
–– diýip, atlary ýalňyşmajak bolup ýanjap aýtdym. ––
Ogullaryň ejesi barada.
Möwlananyň ýüzi agraslandy, ýylgyrmasy galdy.
–– Göwher aradan çykdy, balam –– diýdi. –– Merhum
aýalymy nireden tanaýaň? Sen oýun edýärmiň?
Kakam alada bilen gürrüňe goşuldy.
–– Erbet niýeti ýokdur, tagsyr. Kimýa ulyny-kiçini
sylaýan gyzdyr. Ulug kişilere hormat-sarpasynyň kemini
goýýan däldir.

Dogrymy aýtmaga
düşündim.
mejbur
ýagdaýa
düşendigime
–– Aradan çykan aýalyňyz şu ýerde, ýanymda. Elimden
tutup dur. Ol meni gürlemäge höweslendirýär. Özi-de
goýy goňur gözli, ýüzi menekli, egni hem uzyn sary
köýnekli...
Ýaş aýal aýagyndaky aýakgaby yşarat edensoň, ol
barada-da aýtdym.
–– Aýakgaby barada aýt diýýär. Ýalpyldap duran narynjy
ýüpekden edilen, üstüne owunjak gyzyl gül çekilen, şeýle
owadan aýakgaby bar.
Möwlananyň gözleri ýaşdan doldy.
–– Ol aýakgaby Göwhere Şamdan getirip beripdim. Gaty
gowy görerdi, pahyr... Şeýle diýenden soň, ulug alym esli
wagtlap dymdy. Onuň ýüzi aladaly hem syrly görünýärdi.
Ýöne gaýtadan gürleşip başlanda hereketleri sypaýy hem
mähirli çykdy, sesinde hasratdan nam-nyşan ýokdy.
–– Gyzyňyzy hemmeleriň näme üçin üýtgeşik ukyply çaga
hasap edýändiklerine indi düşündim –– diýip, Möwlana
Rumy kakama ýüzlendi. –– Ýeri, bärde aýak üstünde
durmalyň. Öýe baralyň. Bile nahar edinip, Kimýanyň
gelejegi barada maslahat edeliň.

Onuň örän ökde talyp boljagyna ynanýaryn. Onda-da
gaty köp oglanlardan öňe geçer.
Ýola düşmänkäk, Möwlana mylaýym dillendi:
–– Bulary Göwhere ýetirip bilermiň, gyzym?
–– Zerurlygy ýok, tagsyr. Ol aýdanlaryňyzy eşitdi ahyry –
– diýdim. –– Maňa özüniň indi gitmelidigini aýtdy. Ýöne
gidýän ýerinden hemişe muhabbet bilen sizi synlaýarmyş.
Möwlana Rumy çyny bilen ýylgyrdy. Kakam hem şeýle.
Şeýlelikde, ara düşen dartgynlylykdan nam-nyşan
galmady. Şol pursat Möwlana bilen tanyşmagymyň
täsiriniň örän alyslara uzajakdygyna düşündim. Ejem
bilen aramyz hiç haçan ýakyn bolmandy, ýöne indi Alla
hamala ejem babatda kalbymda dörän boşlugy
doldurmak üçin maňa iki kakany: öz kakamy hem tagsyr
kakamy birden berýän ýalydy.
Sekiz ýyl ozal Möwlana Rumynyň öýüne gelşimiň
hekaýaty, ynha, şeýle. Bu ýere gelenimde men ylma teşne,
öz dünýäsine gümra, çekinjeň gyzjagazdym. Ýöne täze
hossarlarym bilen çalt öwrenişdim. Kem-kemden
Kerrany öz ejemden ileri görüp ugradym; ol hemişe
mähirlidi hem rehimdardy. Möwlananyň ogullary hem
meni gowy garşylady, aýratynam uly ogly hakyky agam
ornunda durdy. Alaetdiniň meni gowy görşi başgaça, hiç

zat diýmese-de, şeýledigini duýýaryn. Ýöne men ony diňe
doganym hökmünde görýärin.
Ahyrsoňy obamyza baran şol bilgäniň aýdany dogry
bolup çykdy. Kakamydyr doganjygymy her näçe göresim
gelse-de, Konýa gelip, Möwlana Rumynyň maşgalasyna
goşulanyma sähelçe-de puşman edemok. Bu üçegiň
astynda ýekeje gezegem bolsa, birahatlygy başymdan
geçirip göremok.
Şems-i Töwrizi gelýänçä, durmuşymyz şeýle dowam etdi.
Şol gelenden soň welin, hiç bir zat gaýdyp öňküsi ýaly
bolmady, bolubam biljek däldi. Ella
Boston, 2008-nji ýylyň 9-njy iýuny
Ol hiç haçan ýeke özi galmagy halamazdy. Şeýle-de
bolsa, soňky döwürlerde ömründe, belki-de, ilkinji gezek
öýde ýeke galmak üçin amatly pursat peýleýärdi. Maý
tapynsa, «Yşk şerigatyny» iş edinýärdi; roman hakynda
ýazan hasabatnamasyna ahyrky düzedişlerini girizýärdi.
Ol Mişele jaň edip, ýene bir hepdelik möhlet bermegini
haýyş etdi. Aslynda, biraz gaýrat eden bolsa, hasabatyny
öz wagtynda tamamlap hem biljekdi, ýöne muny onuň özi
islemedi. Zaharanyň romany oňa öz dünýäsine çekilmäge
bahanady, şonuň kömegi bilenem ol hem-ä maşgala
jogapkärçiliklerinden, hem-de uzak wagt bäri bolaryna
garaşýan är-aýal dawasyndan gaçýardy. Şu hepde ilkinji

gezek ol nahar jemgyýetine gitmedi. Durmuşy häzirki
bulam-bujar ýagdaýa düşen halyna, özüniňkä çalymdaş
günde ýaşaýan on bäş aýal bilen hatarlanyşyp, nahar
bişirmek oňa agyr düşüp başlapdy.
Şol bir wagtda-da Ella Aziz bilen hat alyşýanyny syr
hökmünde gizläp saklaýardy. Hernäçe geňem bolsa,
soňky döwürde onda birtopar syr peýda bolupdy.
Meselem, Aziz öz romany hakynda Ellanyň hasabatnama
taýýarlaýandygyny bilmeýärdi. Neşirýat Ellanyň hasabat
taýýarlaýan romanynyň ýazary bilen hat alyşýanyndan
bihabardy. Başga bir tarapdan bolsa, çagalarydyr
adamsy onuň ýeke galmak bahanasy bilen bu romana
telbe kimin serini berip ýörenindenem, eseriň ýazary
bilen hat alyşýanyndanam habarsyzdy. Ol birnäçe
hepdäniň içinde durnukly, birsydyrgyn durmuşda ýaşap
gelýän aýal bolmagy bes edip, biperwaý gylykly,
sapalakçy we syrdan doly başga bir aýala öwrülipdi.
Onuň bu özgerişlige birahat bolup durmaýanyna bolsa
hasam haýran galaýmalydy. Onda täsin arkaýynlyk
peýda bolupdy. Sabyr-kanagat bilen garaşyp bilse,
möhüm bir zatlaryň bolup geçjegine ynanýardy. Täze
ruhy ýagdaýyndan zeýrenmeýärdi-de, gaýta, uzak
wagtdan bäri kalbynyň ilkinji gezek ýagtylanýandygyny
duýýardy. Esli wagtdan soň, elektron hatlar azlyk edip
ugrady.

Olar jaňlaşyp başladylar. Şunlukda, indi ýedi sagatlyk
wagt tapawudynyň bardygyna garamazdan, olar her gün
diýen ýaly telefonyň başyndadylar. Aziz bilen gürleşýän
mahaly Ellanyň sesi mylaýym hem näzik çykýardy.
Gülmäge başladygy, şadyýan sesi töwerege ýaýrardy,
gülküsiniň soňy kesilmezdi. Bu gülki durmuşda hiç wagt
özüni öz ugruna goýbermegi başarmadyk, özgeleriň
aýdanyna gulak gabartmany öwrenmedik, özüni,
isleglerini hemişe çäklendirip gelen zenanyň gülküsidi.
Şol arada Ellanyň öýünde birbada birnäçe waka bolup
geçýärdi. Matematika synagyndan zordan geçen Ewi
ýörite sapak alyp başlapdy. Orly bolsa, iýmit siňdirişiniň
siňdirişiniň näsazlygy sebäpli, psihologa gatnaýardy. Ol
ençeme aýdan soň, şu gün irden ilkinji gezek süýtli
heýgenegiň ýaryny iýmegiň hötdesinden gelip bilipdi.
Şobada-da yzyndan näçe kilokaloriýa alanyny hasaplan
hem bolsa, haýran galaýmaly, oňa ökünip durmandy.
Özüni açlyk arkaly terbiýelejek bolmandy. Beýleki bir
tarapdan, Janet Skot bilen arasynyň bozulandygyny
aýdyp, hemmeleriň kellesini bulam-bujar edipdi. Näme
bolanyny soranlarynda ol biraz ýeke galasynyň gelýänini
aýtmak bilen oňsa-da, Ellanyň şaýat bolşuna görä, gyzy
gatybir ýeke hem däldi. Öňler şeýle ýagdaý bolanynda
Ella dessine käýinjiräp ara goşulyşardy, gahar ederdi.
Adamlaryň gatnaşyk saklamak we ony kesmek babatdaky
howlukmaçlygy Ellany öň asla bolmadyk möçberde

oýlandyrýardy. Eýse, Aziz bilen ysnyşmasy hem şeýle
bolarmyka? «Şu gün bar, ertir ýok» diýilýänimikä? Kitap
bilen bagly işi tamamlanansoň, bu ýakynlyk hem özözünden ýatdan çykar gidermikä? Ol şuny alada edýärdi.
Çagalary bilen gatnaşygynda diýdimzor bolmajak bolup,
ol köp güýç sarp edýärdi. Aziz bilen alşan hatlaryndan
öwrenen zatlarynyň biri, –– ol hem özdiýenli we kejir
bolmakdan ýüz öwrüp, rahat hem ümsüm ýaşamakdy,
şeýtdigiçe-de çagalary oňa höwrügýän ýalydy.
Ol öňler özüni şu maşgalanyň diregi hasap edýärdi.
Hemmeleri ýekän-ýekän gözegçiliginde saklamasa,
maşgala dagar öýdýärdi. Ol pugta, tutnukly aýaldy. Tutuş
maşgalany we öýüň ähli zadyny deňagramlylykda
saklaýan güýçdi! Ýöne häzir welin, tutnuklylykdan,
pugtalykdan ýüz dönderip, sabyr-kanagatly we ümsüm
synça öwrülipdi. Gündizler, gijeler geçip durdy; ol
wakalaryň özgermegini göýä dahylsyz ýaly synlaýardy.
Gözegçiliginde saklap bilmeýän zatlary üçin ahmyr
etmesini bes edeli bäri, başga aýala öwrülipdi. Indi ol
öňkülerden has rahatdy, ýalňyzdy we näzikdi.
Dewid aýalynda birhili geň-taňlygyň bolup geçýänini
aňýardy. Eýse, onuň bilen has köp wagt geçirmek
isleginiň döräni şonuň üçinmikä? Bu günler ol öýe ir
gelýärdi. Şonuň üçin «Esli wagt bäri ol başga aýal(lar)
bilen duşuşan däl bolsa gerek» diýip, Ella çaklaýardy.

–– Ezizim, ýagdaýyň niçik? Umuman, gowulyk dälmi? ––
diýip, Dewid günde birnäçe gezek soraýardy.
Ella her gezek şol bir äheňinde:
–– Hemme zat gül ýaly –– diýip ýylgyrýardy.
Ella ýeke özi çete çekilip, içki dünýäsi bilen gümra
bolansoň, maşgala durmuşlaryny has ýalkymly we
üstünlikli görkezýän syrçasy gopan ýaly boldy. Ýasama
görünmegi goýbolsun edeli bäri, ol özleriniň
kemçiliklerini-de, ýalňyşlyklaryny-da tutuş durky bilen
syzmagy, görmegi başarýardy. Pylanmyş-pismidanmyş
diýdirip, hondanbäri görünmegi indi ol ymykly goýbolsun
edipdi. Munuň Dewide-de oňyn täsir edendigini onuň
ýüregi syzýardy. Olaryň arasynda gürrüň edip oturarada kän zat galmandy. Äraýal biri-biri bilen diňe ir ertir,
giç agşam çagalar bilen birlikde aşhanadaky stoluň
başynda mahaly, bäş-üç agyz söz alyşýardy, bar bolany
şoldy. Soňra olar ýowuz hakykaty boýun alyp
dymýardylar. Ella adamsyny käte özüne çiňerilip,
tiňkesini dikip oturan halda görýärdi. Dewid özünden bir
zatlaryň soralaryna garaşýan ýalydy. Ella gürrüň açsa,
adamsynyň ähli zady boýun almaga taýýar bolmagy-da
mümkindi. Şu güne çenli eden ähli hileli hokgalaryny,
biwepalyklaryny düşündirmäge razy bolmagy ahmaldy.
Ol doly içini dökmek üçin şol ýönekeý sowala garaşýan
ýalydy. Ýöne Ella hiç zat soramaýardy.

Öňler maşgala durmuşlaryna zeper ýetmesin diýip, ol
bilmedik bolardy, dünýäden habarsyzsyrap gezerdi.
Häzir bolsa, her bir hereketinde bolan-geçen işlerden
habarynyň bardygyny, ýöne perwaýyna-da däldigini
görkezýärdi. Adamsyny gorkuzan zat Ellanyň şu täze
tapynan häsiýetleri bolsa gerek. Şu sowuk, ara saklap
çeke durmak; ýüz bermezlik ýagdaýy... Ella özüni hiç
haçan beýle güýçli duýup görmändi. Ýöne köpem däl,
mundan, bolsa, bir aý öň hem duýgulary düýpgöter
başgaçady. Şol wagtlar Dewid maşgala binýadynyň
berkemegi üçin birje ädim äden bolsady, begenjinden
asmana uçardy. Ýöne häzir welin, beýle däl. Ol şu
ýagdaýa nähili geldikä? Üç çaganyň ejesi bolan aýal,
nädip, garamsallygyny taşlap, öz-özi bilen ýüzleşip
bildikä?
Onsoňam ol telefonda Janete boýun alşy ýaly bagtsyzdy,
şeýle bolsa, näme üçin betbagt aýallaryň edişi ýaly
etmeýärkä? Näme üçin öýdäki hammamçanyň içinden
baglap, ýer ýumruklap aglamaýarka, aşhanada nahar
bişirýän wagty gözýaş dökmeýärkä; näme üçin öýe
girmek islemeýän ýaly, wagtyny daşarda gezmeläp
geçirmeýärkä ýa-da gahar oduna berlip, penjiräniň
aýnalaryny kül-uşak etmeýärkä?!
Ellany täsin bir ümsümlik gurşap alan ýalydy. Her gün
irden «Ýüz-gözümde üýtgän zat barmyka?» diýip aýna

seredýärdi. Bir görseň, durmuşynda hiç zat özgermedik
ýalydy, maşgalasy şol öňki maşgala, özi şol öňki zenandy.
Bir görseň bolsa, hiç bir zat indi öňküsi ýaly däldi. Ol
özüniň uly bir özgerişligiň hut jümmüşindedigini anyk
bilýärdi. Kerra
Konýa, 1245-nji ýylyň 5-nji maýy
Şems-i Töwrizi geleli bäri, dolan Aý alty gezek görnüp,
alty gezegem ýitirim boldy. Şunça wagtyň dowamynda
adamym edil täze dogan Aý ýaly, her gün biraz özgerip,
mendenem, ogullaryndanam uzaklaşdy. Ol başga adama
öwrüldi.
Ilkibadalar
geldigeçer
ýagdaýdyr,
wagtlaýyndyr, bahym biri-birinden ýadarlar öýtdüm,
ýöne beýle bolmady. Gaýta tersine, barha jebisleşdiler.
Bile mahallary olary ýa täsin dymyşlyk gurşap alýar, ýada özara mydyr-mydyr gürleşýärler. Nädip, şeýle
uzakdanuzak dymyp bilýändiklerine-de, şonça sözi
nireden tapýandyklaryna-da düşünemok. Şems bilen eden
her söhbetinden soň, Möwlana Rumy başga bir adama
öwrülýär. Ol şeýlebir alysda, agyr pikirleriň astyndady
welin, göýä göwresi bärde bolsa-da, özi başga ýerde
ýalydy.
Olaryň dünýäsi iki kişilik dünýä. Aralarynda üçünji
adama orun ýok. Her söze şol bir demde, şol bir görnüşde
gaýtargy berýärler. Şol bir wagtda ümsümleşip, hasrata
bogulýarlar, çuňňur oýa batýarlar. Ruhy ýagdaýlary biri-

birine bagly. Şeýlebir günler bolýar, olar şemala yranýan
sallançak deý rahat; ne iýýärler, ne içýärler. Kä günler
bolsa, joşgunly derýa ýaly, säginip dynjyňy almak diýen
zady bilmän gürleşýärler, okaýarlar, ýöreýärler. Sekiz
ýyldyr ýassykdaşym, ogullaryny öz çagam ýaly edip
ýetişdiren adamym, är-aýal bolup, bile çaga edinen
ynsanym meniň üçin kesekä döndi. Diňe çuň uka giden
mahaly özümiň oňa ýakynlygymy duýýaryn. Köplenç
gijeler ýanynda uklaman ýatýaryn, dem alşyny
diňleýärin. Diňe şol mähremlikde özümi onuň aýaly
hökmünde duýup, aramyzdaky öňki ysnyşygyň gaýtadan
janlanjagy barada oýlanyp aram tapýaryn.
Hemişe öz-özümi umytlandyryp, hemme zadyň
düzeljegine ynanmaga çalyşýaryn. Elbetde, Şems bir gün
gider. Her hal, ol bir gezende derwüş. Möwlana Rumy şu
ýerde meniň bilen bile galar. Ol şu şähere, diňleýjilerine
hem talyplaryna degişli adam. Esasy gerek zat
garaşmagy
başarmaly.
Heran-haçan
umydym
inçeliberse, öňki günleri, Rumynyň her näme bolsa
bolubersin, ýanymda bolan günlerini ýadyma salýaryn.
Durmuş gurjakdygymyz baradaky habar ýaýranda men
hakynda her hili gep-gürrüň edenler tapylypdy: «Kerra
ozal hristiandy. Bu aýalyň asly rumly. Hak dinini ––
musulmançylygy kabul edeni bilen oňa nädip bil baglap

bolar? Saýry saýry bolýandyr. Özüň ýaly yslam alymyna
zandy musulman maşgalasyny alsaň makul bolar».
Emma Möwlana olaryň diýenine şol wagtam, soňam hä
bermedi. Şonuň üçinem men oňa hemişe minnetdar.
Anadoly — dinleriň, ynançlaryň, urp-adatlaryň, her jüre
rowaýatdyr ertekileriň erişargaç ýurdy. Şol bir
iýmitlerden iýip, şol bir aýdymlara hiňlenýän, birmeňzeş
batyl ynançlara uýup, gijelerine birmeňzeş düýşleri
görýän mahalymyz, näme üçin biz bile ýaşamagy
başarmaly däl?! Isa pygamberiň adyny göterýän
musulman çagalarynyň bardygyny bilýän, musulman süýt
eneleriniň emdiren hristian bäbeklerini-de tanaýan.
Anadoly diýeniň suw ýaly dup-durudyr hem çasly
akagandyr, bu ýerwakalaryň biribirine ýugrulan
mekanydyr. Eger hristianlyk bilen musulmanlygyň
arasynda nähilidir bir çäk bar bolsa, ol şol çägiň iki
tarapynda-da bar bolan yňdarmalaryň nygtaýşy ýaly,
aşyp bolmajak serhetdir öýdemok.
Möwlana ýaly meşhur bilgäniň aýaly bolanym üçin her
kim maňa alymlara artykmaç baha berýändirin öýdýär,
ýöne bu beýle däl. Dindarlar, belki, köp zat bilýändirler,
ýöne ynanç diýilýän zat akyl tarapyndan hem-de
öwrenmek arkaly düşünilýän zatmy ýa-da gös-göni
kalbyňda ýaşaýanlygy üçin göz ýetirilýän zatmy?
Mollalar käte düşünmesi şeýlebir kyn gürrüňler edýärler

welin, näme diýýänlerine akyl ýetirip bilemok. Musulman
alymlary üç mukaddesligi — teslisi ykrar edýändikleri
üçin
hristianlary,
hristianlar
bolsa
«Gurhan
kemçiliksizdir»
diýýänleri
üçin
musulmanlary
ýazgarýarlar. Hamala, bu iki din biri-birinden parsahparsah uzak ýaly gürleýärler.
Ýöne din bilgeleri özara çekeleşseler-de, Anadolyda
ýaşaýan garamaýak hristianlar bilen garamaýak
musulmanlaryň umumy taraplary örän köp. Biz şol bir
topragyň perzentleri. Şol bir asmanyň astynda...
Hristianlyga geçen musulman üçin iň kyny teslisi ykrar
etmekmiş diýýärler. Şonuň ýaly-da, hristianlykdan ýüz
öwrüp, musulmançylygy kabul eden adam üçin iň kyny üç
mukaddeslik düşünjesinden saplanyp bilmekmiş. Özüm
barada aýtsam, Isanyň Allanyň ogly däl-de, guludygyna
ynanmakda kynçylyk çekmedim. Gurhanda hezreti Isa
näme diýýär? «Men, şübhesiz, Allanyň guludyryn. Maňa
kitap berdi we meni pygamber etdi». Musulmanlyga
geçen mahalym, şuny ilkibaşdan ykrar etdim. Meniň
esasy kynçylyk çeken ýerim Merýem eneden daşlaşmak
boldy. Muny hiç kime aýtmadym, Möwlana Ruma hem.
Emma käte Merýem enäniň şol ajaýyp, goýun gözlerini
küýseýärdim. Onuň ýüz-keşbi maňa hemişe rahatlyk
bererdi. Kämil, rehimdar, mähirli, mylaýym Merýem
ene...

Aslynda Töwrizli Şems öýümize geleli bäri, pikirlerim
şeýlebir garjaşdy welin, bibi Merýemi hemme
wagtdakydanam beter küýseýärin. Merýem enä doga
etmek islegimiň öňüne geçmek meselesinde kynçylyk
çekýärin. Şeýle wagtlarda ýazyklylyk duýgusy meni
içimden gemirýär. Bibi Merýem hakynda pikir edip, täze
dinim yslamyýetiň kadalaryndan çykýan bolaýmaýyn?
Möwlanadan sorasam gowy bolardy welin, ýüzüni zordan
görýärkäm, beýle ynjyk soragy nädip soraýyn?!
Bu syry hiç kim bilmeýär. Aramyzdan gyl geçmeýän, syr
alyp-berişýän goňşym Safiýede bilenok. Ol muňa
düşünmez ahyry. Käşgä, derdimi adamyma düşündirip
bilsem, ýöne nädip?! Ony özümden hasam
uzaklaşdyrmakdan çekinýän. Möwlana öňler ähli
zadymdy. Häzir bolsa, onuň kölegeden parhy ýok.
Ozal bilemokdym. Indi bilýän. Diýmek, şu durmuşda bir
erkek adam bilen bir üçegiň astynda ýaşap, şol bir
düşekde ýatyp, üstesine, onuň hasratyny çekmek hem
mümkin zat eken. Diýmek, ynsan diňe bir uzakdakylaryň
zaryny çekmän, iň ýakynyndakylary hem gaty küýsäp
bilýän eken.
Bir ýassyga baş goýýan ýanýoldaşym-da duýdansyz
ýerden kesekä öwrülip biljek eken.

Şems Konýa, 1245-nji ýylyň 12-nji iýuny
Şunça gorky, wehim hem gadagançylyk... Käbir ynsanlar
her Oraza aýynda sypdyrman agyz bekläp, her baýramda,
günämiz ýuwulsyn diýip, gurban kesýärler, haja, umra
gidýär, günde bäş wagt alnyny seždä goýýarlar, ýöne
ýüreginde ne söýgä orun bar, ne-de rehim-şepagata. Be,
adam, onda näme üçin biderek arrygyňy gynap ýörsüň?
Heý, yşksyz hem bir ynanç bolarmy?! Söýmän, söýülmän,
biderek ýere bir zatlar samrap, hümürdäp imanly bolup
bolýanmydyr? Yşk bolmasa, «ybadat» bir gury sözden,
tirkeşip gelýän alty harpdan ybaratdyr-da. Daşy gabyk,
içi oýuk, boş. Adam Allaha we ynsana bolan söýgüsiniň
damarlarynda gürs-gürs edişini duýup, yşk bilen we
yşkda iman etmeli!
Ýaradany asmanda, ýokarda bir ýerlerdedir öýdýärler.
Kimler bolsa Ony Mekgeden, Medineden gözleýärler! Ýa
bolmasa metjitlerden! Alla mekana sygýanmydyr? Nähili
nadanlyk! Ol diňe ýeke-täk ýerde –– aşyklaryň
köňlündedir.
Şonuň üçinem şeýle diýmänmidir: «Meni ýer hem, gögem
gaplap bilmez. Diňe we diňe ynanan gullarymyň ýüregine
ýerleşerin».
Haýp, nähili haýp, Alla bilen çekeleşmäge synanyşýan
bihepbä haýp. Ýagny, sen şindi her dürli bet päli seriňden
geçir, onuň-munuň gybatyny et, ýykylsyn diýip ýolunda

çukur gaz; gyz-gelniniň namysyna dil ýetir; eliň işde,
gözüň oýnaşda bolsun, metjitden çykar-çykmaz okan
namazyňy ýadyňdan çykar, soňam birki goýun gurbanlyk
kesip, bäş-üç dogany ýat tutup, hemme zat gül ýaly hasap
et! Eger ilki kalbyňy arassalamagy bilmeýän bolsaň,
biderek ýere täret almak bilen meşgul bolma. Sen
tetelliler bilen söwdalaşar ýaly meniň Rebbim täjir däl
ahyry. Meniň Rebbim depderiniň bir burçunda günä
hasabyny, bir ýanynda sogaplaryň hasabyny ýöredip,
jemläp hasabyny çykarar ýaly, bakgalam däl ahyry! Bir
elinde terezi saklamak aladasy-da ýok, beýleki eli bilen
galam tutmak işi-de... Meniň Rebbim adaty hasaplardan
sapdyr, arassadyr. Ol ajaýyp bir gözellik, çeşmesi
kesilmeýän nur, tükeniksiz merhemet hem rahmet
eýesidir.
Näme üçin buta ýa başga bir ylaha çokunaýyn?! Meniň
Rebbim müdimi diridir. Ol — Haýdyr. Näme üçin
çäklendirmelere, gadagançylyklara, müňkürlige, her jüre
hasaphesiplere bulaşaýyn?! Söýýän hem söýülýän Hak
meniňki ahyry! Ol — Weduddyr. Onsoň, eger Allanyň her
pursatda her bir zady eşidýändigini bilýärkäm, nädip,
beýleki adamlar barada gep-gürrüňlere, myş-myşlara
bulaşaýyn?! Ol — Rakibdir. Dyzlarym gopup, dermansyz
galýançam, demim tükenip, ýüregim durýança, aýdym
aýdyp, tans edip, Oňa hamd etjek. Döwre gurap aýlanjak.
Rast, maňa Ruhundan ruh üfledimi, menem her demde

Ony ýat ederin. Uç-gyraksyzlykda bir zerrejik, yşkda
dänejik hem-de Onuň bina eden ajaýyp binýadynyň
tozanynyň tozuna öwrülýänçäm, demimi Şonuň bilen
alaryn. Hyruç bilen, egsilmez güýç bilen Oňa tarap
ýönelerin. Diňe özüme beren zatlary üçin däl, maňa
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Elif Şafak-Yşk - 15
  • Parts
  • Elif Şafak-Yşk - 01
    Total number of words is 3608
    Total number of unique words is 2185
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 02
    Total number of words is 3616
    Total number of unique words is 2228
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 03
    Total number of words is 3610
    Total number of unique words is 2211
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 04
    Total number of words is 3621
    Total number of unique words is 2271
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 05
    Total number of words is 3686
    Total number of unique words is 2230
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 06
    Total number of words is 3613
    Total number of unique words is 2257
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 07
    Total number of words is 3722
    Total number of unique words is 2226
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 08
    Total number of words is 3656
    Total number of unique words is 2262
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 09
    Total number of words is 3579
    Total number of unique words is 2310
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 10
    Total number of words is 3666
    Total number of unique words is 2164
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 11
    Total number of words is 3591
    Total number of unique words is 2225
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 12
    Total number of words is 3623
    Total number of unique words is 2233
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 13
    Total number of words is 3652
    Total number of unique words is 2154
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 14
    Total number of words is 3670
    Total number of unique words is 2111
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 15
    Total number of words is 3637
    Total number of unique words is 2160
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 16
    Total number of words is 3591
    Total number of unique words is 2182
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    54.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 17
    Total number of words is 3590
    Total number of unique words is 2167
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 18
    Total number of words is 3586
    Total number of unique words is 2219
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 19
    Total number of words is 3651
    Total number of unique words is 2179
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 20
    Total number of words is 3632
    Total number of unique words is 2034
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 21
    Total number of words is 3642
    Total number of unique words is 2121
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 22
    Total number of words is 3656
    Total number of unique words is 2209
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 23
    Total number of words is 3664
    Total number of unique words is 2120
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 24
    Total number of words is 3674
    Total number of unique words is 2117
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 25
    Total number of words is 3603
    Total number of unique words is 2124
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 26
    Total number of words is 3670
    Total number of unique words is 2220
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 27
    Total number of words is 483
    Total number of unique words is 391
    49.5 of words are in the 2000 most common words
    60.1 of words are in the 5000 most common words
    65.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.