Latin

Elif Şafak-Yşk - 02

Total number of words is 3616
Total number of unique words is 2228
30.7 of words are in the 2000 most common words
45.2 of words are in the 5000 most common words
52.4 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Ellanyň içine ullakan daş gütläp düşen ýaly boldy.
Diýmek, ony öz gyzy şeýle hasap edýän eken-dä?
«Göwnüçökgün, nalajedeýin, dünýeden doýgun öý
bikesi», şeýlemi? Ömrüniň ýaryny ýaşan, dargap ugran
maşgala durmuşynda tussaga dönen, adaty aýal? Diýmek,
göz öňüne getirişleri şeýle eken-dä? Ärem ony şeýle hasap
edýärmikä? Eýse joralary, goňşular? Ellanyň serini badabat alada gurşap aldy, daştöweregindäkileriň ählisi
assyrynlykda özüne nebsagyryjylyk bilen seredýändirler
diýip şübhelendi. Bu içýakgyç şübhe ony şeýle bir
awundyrdy welin, demi tutulyp, ümsüm oturdy. Dewid
gyzyna tarap öwrüldi-de:

― Dessine ejeňden ötünç sora ― diýdi. Onuň gaşlary
çytyk, ýüzi salygam bolsa, bu tutuklygy onçakly
ynandyryjy-da däldi, tebigy hem görünmeýärdi.
― Hökman däl. Ötünje tamakinçiligim ýok ― diýip, Ella
adamsyna sowuk bakyş bilen seretdi.
Janetöz gözlerine ynanmaýan ýaly ejesine garady. Soňam
hasyrdap, gahar bilen eteginde duran elsüpürgijini stoluň
üstüne taşlady, oturgyjy itip, ýerinden turdy-da,
aşhanadan atylyp çykyp gitdi. Bir minut geçip-geçmänkä,
Orly bilen Ewi hem yzlyyzyna gozganyşyp, daraklygyna
basyşyp çykdylar. Olar ýa-ha öz ýanlaryndan doganlaryna
goldaw bermek isläpdiler, ýa-da ulularyň ýakymsyz
gürrüňlerinden iripdiler. Olaryň yzysüre Ester daýzada
turmak bilen boldy, iýmit siňdiriji dermanynyň
ahyrkysyny kirt-kirt çeýnäp, suw içmek bahanasy bilen
ýumlukdy.
Şeýdip, stoluň başynda diňe Dewid bilen Ella galdy.
Howada geňsi bir dartgynlylyk bardy... Är-aýalyň arasyna
sowuklygyň aralaşandygy mese-mälim görnüp durdy.
Olaryň ikisi-de aslynda bu çykgynsyz ýagdaýyň
sebäpkäriniň Janet hem, beýleki çagalaram däldigini gaty
gowy bilýärdiler. Mesele olaryň özündedi, ody öňden bäri
körükläp gelýän maşgala durmuşlaryndady!
Dewid ýaňyja goýan çarşagyny eline aldy, üýtgeşik bir zat
tapan ýaly, ony eýlesine-beýlesine agdaryşdyryp synlady.

― Seniň ýaňky aýdanlaryňdan çen tutup, söýýän adamyň
bilen durmuş gurmansyň diýen netijä gelmelidä, şeýlemi?
― Ýok, ezizim, elbetde,
bolmadym.
men
beý
diýmekçi
― Onda näme diýmekçi bolduň? -diýip, Dewid henizem
çarşaga seredip oturyşyna dillendi. – Durmuş guran
wagtymyz meni söýýänsiň öýdýärdim.
― Söýýärdim ― diýen Ella, ýene dowam etmän durup
bilmedi ― Şol wagtlar söýýärdim.
― Onda meni söýmegi haçan bes etdiň?
Ella ärine haýran galyp seretdi. Ömründe bir gezegem öz
keşbini görmedige aýna tutan mahalyňyz nähili aňk bolar
öýdýän bolsaňyz, ol hem garaşmadyk hakykaty bilen
ýüzbe-ýüz bolanyna şolar ýaly doňup galdy.
Dogrudanam, ärini haçandan bäri halamaýarka? Haýsy
bosagadan, haýsy dönüş nokadyndan, haýsy gaýtadan
dogluşdan bäri? Bir zatlar diýjek ýaly etdi. Söz tapmady.
Sägindi.
Aslynda är-aýalyň ikisi-de şu çaka çenli hemişe iň gowy
başarýan
zatlaryny
edýärdiler:
düşünmediksirän
bolýardylar. Günler owarramçyllykda geçip gidýärdi.
Olar üçin wagt özleriniň belet bolan şol tanyş, gutulgysyz
akymynda, birsydyrgynlyga maýyl bolup, bir endigi,

üýtgewsizligi, haýal-ýagal depgini
üznüksizlige tarap akyp ýatan ýalydy.
bilen
gopup,
Ellanyň birdenkä agysy tutdy. Özüne erk edip bilmän
aglady. Dewid bolsa bezigip ýüzüni öwürdi. Ol aýallary
öte aglak hasap edýäni üçin, ylaýta-da, öz aýalyny gözi
ýaşly halda görmegi ýigrenýärdi. Şonuň üçinem Ella
äriniň ýanynda aňsat-aňsat şumjaryp aglamazdy. Ýöne,
ynha, bu günki bolup geçen zatlaryň ählisinde birhili adaty
dällik bardy.
Hernä jaý wagtynda jyňňyrdan telefon olaryň ikisini hem
bu dartgynly pursadyň penjesinden halas etdi. Telefony
Dewid aldy:
― Alo... Hawa, özi bärde. Häzir, birje minut.
Ella
uzadylan telefon tutawyny alan mahaly özüni rastlady,
başardygyndan şähdaçyk gürlemäge çalyşdy. ― Alýo,
diňleýän.
― Salam, Ella. Men Mişel. Neşirýatdan jaň edýän. Işler
nähili? ― diýip, bir ýaş zenan jedirdedi: ― Beren
romanymyzyň üstünde işläp başladyňmy diýip soraýaýyn
diýdim. Redaktorymyz habar tutaý diýensoň, jaň edip
durşum. Biziň Stiwimiz bu zatlarda gaty jürdür işine, bilip
goýaýgyn.

― Hä, jaň edeniň gowy boldy ― diýse-de, Ella öz
ýanyndan «owf» diýip içini çekdi.
Şu belli neşirýatda edebiýat boýunça redaktoryň
kömekçisiniň kömekçisi hökmünde oňa berlen ilkinji
tabşyryk ady-sory bilinmeýän bir ýazyjynyň romanyny
okamakdy. Ilki bilen-ä kitaby okamaly, okanyňdan soňam
ol hakda ýörite hasabatnama taýýarlamalydy. ― Stiwe
alada etmesin diý-de aýdaý, eýýäm işe-de girişendirin ―
diýip, Ella duran ýerinde ýalan sözläp goýberdi. Heniz
ilkinji işinde Mişel ýaly edenli hem wezipä kowalaşýan
gyz bilen kejeleşmek niýeti ýokdy. ― Nätdiň-ä, ol-a
hasam gowy! Onda romany nähili gördüň?
Ella sägindi, birbada näme diýjegini bilmedi. Berlen eser
barada hiç zat bilenokdy ahyry. Bir bilýän zady onuň
taryhy mistiki romandygydy; galyberse-de, gürrüňiň
meşhur şahyr Rumy bilen sopy dosty Şems barada
gidýänligi. Bar bilýäni şu.
― Neme... e-e-e.., dogrusy, gaty mistiki kitap eken ––
diýip, sypjyklyk etdi.
Ýöne Mişel gaty çyny bilen:
― Hüm-m-m ― diýdi. ― Eşidýäňmi, meniň pikirimçe,
bu eseri oňatja iş edinmeli bolsaň gerek. Beýle uly
romanyň hasabatnamasyny taýýarlamak çak edişiňden
uzaga çekmegi ahmaldyr. Telefondan ses ýitirim boldy.

Mişeliň sesi bir pursatlyk üzlem-saplam eşidilip,
gitdigeldi durdy. Şol arada Ella telefonyň beýleki
ujundaky ýaş zenanyň nämeler işleýändigini göz öňüne
getirmäge çalyşdy. Bir ýandan birine tabşyryklar berip,
beýleki bir tarapdan neşirýatyň ýazyjylarynyň biri
hakynda «New Ýorkerde» çykan bir tankydy seljermä göz
gezdirýän bolmagam, satuw maglumatlaryny derňäp
otyrka, täze elektron hat geldimikä diýip, ekrana garaýan
bolmagy-da, doň balykly sandwijini gyssanmaç iýýän
mahaly çöregini buzly kofe bilen ýumşadýan bolmagam
ahmaldy. Şu pursat ol birbada bäş-alty işiň hötdesinden
gelýän bolmalydy.
― Ella... dursuň dälmi? ― diýip, Mişel birhaýukdan soň
dolanyp gelşine sorady.
― Hawa, durandyryn.
― Hä, bagyşlaweri, bärde şeýle bir iş köp welin, başym
çaşara geldi. Telefony goýmaly boljak. Ýadyňdan
çykaraýmagyn, işi tabşyrmagyňa üç hepde galandyr.
Hany, göreli... Şun maýyň on ýedisi. Hää,..., gaty gijä
galanyňda iýunyň onuna çenli hasabatnama elimde
bolmalydyr. Gepleşdik gerek?
― Alada etme ― diýip, Ella sesine mümkin boldugyça
ynamly äheň bermäge çalyşdy. ― Wagtynda tabşyryn.

Ýöne, görnüşi ýaly, aýdan sözlerinden hem beter, Ellanyň
esasy duýgularyny beýan eden zat ara düşen
dymyşlyklardyr säginmeler boldy. Aslynda onuň özüne
tabşyrylan romany okamak isleýänine-de ynamy ýokdy.
Başda welin, bu işi höwes bilen boýnuna alypdy. Asla
tanalmaýan bir ýazyjynyň heniz çap edilmedik
romanynyň ilkinji okyjysy bolmak oňa tolgundyryjy bir
oýun ýaly bolup görnüpdi, romanyň hem ýazyjynyň
ykbalynda sähelçe-de bolsa orun eýeläp biljekdi.
Emma häzir welin, başgabir duýgy kalbyny gaplapdy,
şeýle esere wagt sarp etmek isleýänine o diýen ynamy
ýokdy. Roman öz durmuşy bilen baglanyşygygatnaşygy
bolmadyk mowzukdady: Sopuçylykmyşyn! Mistiklikmiş!
Onda-da XIII asyr ýaly uzakdaky döwrüň gürrüňi...
Wakalaryň geçýän ýeri diýseň, hasam alysda: Kiçi
Aziýada... O ýerini kartada görkezip bilmeýän halyna,
nädip, ünsüni jemläp, onça sahypany okap çyksyn? Asla
nätanyş mowzugy nädip akylyndan geçirsin?
Şol arada Ellanyň ikirjiňlenýänini duýan Mişel:
― Näme bolýar? Ýa bir mesele barmy? ― diýip, ony
gyssady. Wagtynda jogap berilmänsoňam, sözüniň üstüni
ýetirdi: ― Ella, maňa bil baglap bilersiň. Göwnüňden
turmaýan zat bar bolsa, häzirden bilsem gowy.

― Bir zady boýun alaýyn, soňky döwürde kelläm gaty
garjaşyk. Taryhy romana ünsümi berip bilmezmikäm
öýdýän. Ters düşünme, elbetde, Rumynyň durmuşy
gyzyklandyrýar, ýöne bu mowzuklar maňa gaty nätanyş.
Okamak üçin maňa başga bir roman berseň nähili borka
diýýän. Ýagny, bahym girişip gider ýaly bir zat bolaýsa...
― Aý, sen bir beý diýme ahyry, o diýýäniň gaty ýalňyş
gürrüň ― diýip, Mişel ör-gökden geldi. ― Ýöne, haýp,
biziň kärimizde täze gelenleriň hemmesem şeýle
ýalňyşlyk goýberýär. Sen adam özüne ýakyn
mowzukdaky romany has aňsat okar öýdýärmiň? Beýle
zat ýok! Beýdip redaktorlyk edip bolmaz ahyry! Biz häzir
2008-nji ýylda Amerikada, Massaçusetsde ýaşaýarys
diýip, diňe şu töwerekde, şu döwürde bolup geçýän
wakaly romanlary neşire taýýarlalymy onda?
― Men beý diýjek bolmadym –– diýip, Ella özüni
aklamaga çalyşdy. Şobada-da şu gün özüne yzygiderli
ýalňyş düşünilýändigini duýdy-da, her gezegem özüni
aklamaga mejbur bolandygyny aňynda aýlady, egni
üstaşyry-da ärine gözüni aýlap goýberdi. Eýse, ol hem
şeýle pikir edýärmikä? Ýöne Dewidiň ýüzi möhürlenen
gapy ýaly, zat saýgardanokdy, şeýle bir syrlydy welin,
many alyp bilmedi.

― Dogrusy, köplenç öz durmuşymyz bilen sähelçe-de
baglanyşygy bolmadyk kitaplary okamaly bolýarys. Biziň
kärimiz şeýle. Gulak as, meselem, şu hepde Tähranda bir
bolgusyzhana işledýän mahaly ýurtdan gaçyp çykmaga
mejbur bolan eýranly bir aýalyň kitabyny çapa
taýýarladym. Başga nä alaç edeýin? Aýal eýranly diýip,
gitsin-de şo ýerli bir redaktora bersin kitabyny diýeýinmi?
― Ýok-la, elbetde, beýle däl ― diýip, akmagyň
durumyna düşüp, özüni etmişiniň üstünde tutulan ýaly
boýnuburuk duýan Ella sakawlady.
― Onsoňam edebiýat öz güýjüni biri-birinden uzakdaky
ülkeleriň, üýtgeşik medeniýetleriň arasynda köpri
gurmakdan almaýarmy? Edebiýat adamlary biribirine
baglamaýarmy näme?
― Elbetde, şeýle, aýdanlarymy ýadyňdan çykaraweri,
haýyş edýän. Hasabatnama gowşurmaly senämdenem öň
stoluň üstünde bolar ― diýip, Ella çürt-kesik gürledi.
Özüne aňsyz mahluk ýaly çemeleşeni üçin şol pursat ol
Mişeli ýigrendi, ýöne aslynda welin, ol özüni ýigrenipdi;
sebäbi bu ýaş zenana hamala alym däldirin öýdüp
gürlemegi üçin gaýraty-da, mümkinçiligi-de onuň özi
beripdi!
― Şeýlemi asyl?! Bäý-bä! Şu depginiňi dowam et onda
― diýip, Mişel dillendi. ― Ýalňyş düşünme welin, sen

ýene bir zady-da ýadyňdan çykarmagyn. Häzir goşmaça
sanawymda seniň ornuňy eýeläp, işiňi eliňden alsam diýip
ýören adam azyndan ýigrimi dagy bardyr. Köpüsem seniň
ýarpy ýaşyňda. Beýniň bir ýerinde belle-de goýaý şuny,
şonda görersiň işlemek höwesiniň nähili gelşini.
Ahyrynda telefony goýan mahaly Ellanyň äri bilen nazary
çaknyşdy. Dewid wajyp keşbe giripdir. Onuň gürrüňi
galan ýerden dowam etdirmäge garaşýandygy görnüp
durdy. Ýöne indi Ellanyň oturyp uly gyzlarynyň
gelejegine janyny ýakmak niýeti ýokdy ― elbetde, eger
turuwbaşdan är-aýaly gaýga goýýan esasy mesele şo
bolsa... ***
Birnäçe minutdan soň ýeke özi dälizde galan Ella arkanöňin gaýyşýan oturgyjyna ornaşdy. Norzemtonyň
asmanyna gyzylymtyl-narynjy şapak çaýylypdy. Asman
şeýle bir ýakyndy welin, elini uzatsa ýetäýjek ýalydy.
Munça goh, munça majagaýlykdan halys bolansoň,
beýnisi doňup durdy. Hasap kartlarynyň tölegi, Orlynyň
işdäsiniň
bozulmalardyr
iýmitleniş
kadalarynyň
bitertipligi,
Ewiniň sapaklaryna ýetişiginiň barha pese gaçmasy,
Ester daýza we şol gurbany gitdigim bezegli torty,
Kölegäniň elden-aýakdan çykmasy, Janetiň durmuş
gurmak baradaky garaşylmadyk meýilleri, äriniň ýyllar
boýy aldadyp gelmesi... Adaty günlerde serini gaplap

alýan bu sowallaryň ählisiniň ýekänme-ýekän
ýeňsesinden tutdy-da, idenekledip kiçijik gutulara dykyp,
üstündenem gulp urdy.
Ynha, şeýle ruhy ahwalda Ella RBT neşirýaty tarapyndan
özüne berlen eseri eline alyp ony , gözden geçirdi.
Kagyzlar yhlas bilen çatylan eken, aňyrsy görnüp duran
işbukja salnypdyr. Romanyň ady ilkinji sahypa nilreň
syýa bilen ýazylypdyr:
YŞK ŞERIGATY
Ýazyjy hakynda hiç kimiň hiç zat bilmeýändigi barada
Ella aýdylypdy. Gollandiýada ýaşaýan geň-taň adammyş.
Ady A. Z. Zahara. Ýazarmanlyk hukuklary gulluklarynyň
hiç biri tarapyndan wekilçilik edilmeýär eken. El bilen
ýazan üç ýüz sahypalyk romany Amsterdamdan poçta
arkaly ugradylypdyr. Ýanyna-da poçta otkrytkasy
goşulypdyr.
Poçta otkrytkasynyň ýüz tarapynda sary, goňur reňkdäki
çigildem çemenzarlygynyň suraty, arka ýüzünde bolsa, el
bilen nepis ýazylan hat bar eken.
«Hormatly redaktor,
Bu setirleri size Amsterdamdan ýazyp ýollaýaryn.
Dykgatyňyza hödürleýän bu hekaýatymda wakalar
Anadoluda, Konýa şäherinde XIII asyrda bolup geçýär.

Ýöne ýürekden ynanyşym boýunça, bu hekaýat wagtdan,
giňişlikden we medeniýet taýdan tapawutlylyklardan
halas eserdir. Ählumumydyr.
Yslam äleminiň beýik şahyry, iň meşhur mutasawwufy
Rumy bilen dürli geň-taňlyklaryň sebäpkäri, gezende
Galandar derwüşi Şems-i Töwriziniň arasyndaky deňsiztaýsyz dostlugy özüne mowzuk edinen bu taryhy, mistiki
romany okamaga wagt taparsyňyz diýip umyt edýärin.
Şeýle arzuw bilen «Yşk şerigaty»-ny neşirýatyňyza
ýollaýaryn.
Maksadyňyz yşk, yşkyňyz baky bolsun,
Hormat bilen
A.Z. Zahara».
Ella öz ýanyndan bu üýtgeşik, owadanja açyk hat
redaktoryň ünsüni özüne çekendir diýip oýlandy. Emma
Stiw işli adam. Höwesjeň ýazyjylaryň romanyny okap
oturara wagty ýok. Şonuň üçinem gelen bukjany
kömekçisi Mişele berendir. Ýöne elmydama başagaý
Mişeliň hem wagty bäş beter gymmatly hem çäkli. Şonuň
üçin ol hem assyrynlyk bilen romany täze gelen kömekçä
tabşyran bolmaly. Şeýlelikde, «Yşk şerigaty» elden-ele
geçip, iň ahyrynda Ellanyň boýnuna galypdyr. Kitaby
okap, ol hakda giňişleýin hasabatnama ýazmak indi onuň
borjudy.

Ella nireden bilsin onuň beýle-beýle romandygyny?
Nireden bilsin bu kitabyň tutuş durmuşyny özgerdip
taşlajagyny? «Yşk şerigatyny» okaýan mahaly öz
durmuşynyň hem setirme-setir öçürilip, täzeden
ýazyljagyny nä bilsin?
Ilkinji sahypany açdy. Bu ýerde ýazyjy baradaky käbir
maglumatlara duşdy.
A. Z. Zahara dünýä syýahat etmedik wagtlary kitaplary,
dostlary, pişikleri, pyşbagalary bilen bile Amsterdamda
ýaşaýar. «Yşk şerigaty» onuň ilkinji hem megerem, iň
soňky romanydyr. Romançy ýazyjy bolmak höwesini
gursagynda götermeýän ýazar bu kitaby diňe Ruma we
onuň söýgi Güni Şems-i Töwrizä bolan hormaty hemde
söýgüsi sebäpli ýazdy.
Ellanyň nazary indiki setire gönükdi. Ana, şonda-da
sahypada tanyş jümlesine gabat geldi.
Çünki käbir kişiler munuň tersine bolýandygyny her näçe
ýanjasalar-da, yşk diýilýän geldi-geçer ýaldyrýuldur
duýgy däldir.
Ella haýran galmakdan ýaňa agzyny açdy. Bu onuň ýaňyja
aýdan jümlesine jogapdy ahyryn. Ýaňyja, birnäçe minut
ozal aşhanada gyzyna aýdan sözleriniň edil özi onda-da!

Ol az salymlygam bolsa, düşnüksiz bir ünjä berildi.
Hamala, älemiň bir künjeginden pynhan bir göz ony
sypdyrman synlap duran ýalydy. Içine wehim aralaşdy.
Aslynda ýigrimi birinji asyr on üçünji ýüzýyllykdan artyk
bir tapawutly hem däl. Bu iki asyryň
seneýazgysy taryh kitaplaryna şeýle ýazylar: deňi-taýy
bolmadyk dini gapma-garşylyklar, medeni çaknyşyklar,
ters garaýyşlar we ýalňyş düşünjeler; ähli ýere ýaýran
ygtybarsyzlyk, näbellilik, gaýgy-alada we ýowuzlyk,
galyberse-de,
başgalardan
eşidilip
döreýän
basgadüşmeler. Howsalaly döwürler. Şeýle wagtlarda yşk
ýöne bir nepis söz däl-de, özbaşyna bir ugur görkezijidir.
Hiç kimiň yşkyň nepisliklerine üns bermäge wagt
tapmaýan dünýäsinde «Yşk şerigatynyň» ähmiýeti has
artýar.
Ella tarap sowuk ýel öwsüp gitdi, dälizdäki gury ýapraklar
howa uçup, töwerekde gaýmalaşdy. Gün günbatar tarapda
sumat boldy. Asmanyň keýpi, gyzgalaňy egsildi.
Çünki yşk ýaşaýşyň asyl özeni, düýp manysydyr.
Möwlananyň bize ýatladyşy ýaly, bir gün geler-de yşk
hemmeleri, ondan ýeriň aýak ujuna çenli gaçanlary hem,
hatda «romantik» sözüni ýazgaryjy söz ýaly ulananlaryda öz goýnuna dolap alar.

Ella gözleri sahypa çüýlenen, aşaky dodagy çala sallanan
görnüşde, biraz eglip duran halda doňup galdy. Bu ýerde
gürrüň onuň hut özi barada barýardy! Eger okan
sahypasynda «Yşk hemmeleri öz goýnuna dolap alar, şol
sanda Bostonyň ýakynlarynda ýaşaýan, Ella Rubinşteýn
atly üç çaganyň enesi, öý hojalykçy aýalyda» diýlip
ýazylan bolaýanlygynda-da, gaty gitse, şunça haýran
galdyrardy. Içinden bir ses eseri bir gyra süýşürip, derhal
içerik giräge-de, Mişele telefon edip, bu täsin kitaby
okamajakdygyny aýtmalydygy barada pyşyrdady.
Şeýle-de bolsa, ol biraz ýaýdanyp duranyndan soň, uludan
dem aldy-da, sahypany agdardy. Şeýdibem, mylaýym
maý agşamynda heniz adyny-da eşitmedik ýazyjysynyň
büs-bütin nätanyş bir dünýä barada gürrüň berýän
romanyny okamaga başlady.
A.Z. ZAHARA
YŞK ŞERIGATY
... Biz dile, söze bakmarys. Köňle, hala bakarys,
... Edep bilýänler başgadyr,
Jany, ruhy ýanan aşyklar başga.
Yşk şerigaty bütin dinlerden aýrydyr.
Aşyklaryň şerigaty-da Allahdyr, mezhebi-de.

Möwlana Jelaletdin Rumy.
«Mesnewi», II jilt, 133-nji sahypa.
Mundan kän wagt ozalkalbyma roman ýazmak höwesi
aralaşdy. Yşk şerigaty hakda. Ýazmaga gaýratym
çatmady. Dilim lal boldy, galamymyň ujy kör. Entekler
ençeme sanaç uny boşatmalydygyma düşündim. Ýola
düşdüm. Dünýäni aýlandym. Adamlar bilen tanyş
boldum, hekaýatlar ýygnadym. Soňra köp baharlar geçdi.
Sanaçlarda un galmady; men welin, henizem çig, ham,
häzirem yşk meselesinde çaga ýaly gögele...
― Möwlana özüne «Hamuş» diýer eken. Ýagny, Dymma.
Heý, bir şahyryň, onda-da ady dünýä dolan şahyryň,
ýagny bar işi-pişesi, barlygy, şahsyýeti, hatda dem alýan
howasy-da sözlerden ybarat bolan, elli müňden-de agdyk
ajaýyp setiri döreden adamyň nädip özüne dymma diýen
ady alandygy barada oýlanyp gördüňmi?..
Älemiň hem edil biziňki ýaly näzik kalby we tertipli ýürek
urgusy bar. Näçe ýyldyr nirä gitsem hem şol sesi
eşidýärin. Her bir adamy Ýaradanyň amanaty gizlenen
jöwher hasap edip, olaryň aýdýanlaryna gulak gerdim.
Sözlemleri, sözleri, harplary... hezil edip diňledim. Şoňa
garamazdan, maňa şu kitaby ýazdyran zat sessedasyz
ümsümlik boldy.
«Mesnewiniň» manysyny ýorýanlaryň köpüsi bu ölmezýitmez eseriň «b» harpy bilen başlanýandygyna ünsi

çekýärler. Eseriň ilkinji sözi «Bişrewdir!», ýagny
«Diňle!» Ady Dymma bolan şahyryň iň gymmatly eserini
«Diňle!» diýip başlamagyna tötänlik diýip bolarmy?
Dogrusy, ümsümligi diňläp bolýarmyka? Bu romanda her
bölüm şol bir çekimsiz harp bilen başlanýar. «Näme
üçin?» diýip sorama, ýalbarýan.
Jogabyny özüň tap. Onsoňam, ony öz ýanyňda aýap sakla.
Çünki şeýle bir hakykatlar bar welin, bu ýollarda
düşündiren mahalyň hem syr bolup galmaly.
Z. Zahara, Amsterdam, 2007
Giriş
Häkimiýet ugrundaky soňy gelmeýän göreşler, dini
çaknyşyklar, mezhep dawalary, syýasy durnuksyzlyk...
XIII asyrda Anadoly bu zatlaryň ählisine ýakyndan şaýat
boldy. Günbatardan Küdus (Iýerusalim) diýip ýola düşen
haç göterijiler Konstantinopoly basyp alyp talapdylar;
şeýdibem, Wizantiýa imperiýasynyň bölünmegine sebäp
bolupdylar. Gündogarda Çingiz hanyň harby paýhasy
ýokary düzgün-nyzamly mongol goşunynyň täsiriniň tiz
ýaýramagyna getiripdi. Wizantiýa elden gidiren
topraklaryny, rowaçlygyny we agalygyny gaýdyp almaga
dyrjaşýan mahaly, arada galan dürli türki beglikler hem öz
aralarynda söweşýärdiler. Bu asyra ozal görlüpeşidilmedik başbaşdaklyk we dawajenjeller öz hökümini
ýöredýärdi. Hristianlar hristianlar bilen, hristianlar

musulmanlar bilen, musulmanlar hem öz aralarynda
çaknyşýardy, garpyşýardy. Haýsy tarapa gitseň, gapmagarşylyk hem gaýduwsyzlyk, haýsy tarapa baksaň, ejir
hem açgözlük, kime gabat gelseň, ertirki günüň ýene
nähili weýrançylyklar getirjekdigine howsalaly, dartgynly
garaşma...
Bu ahy-pyganyň içinde şu töwerekdäki şäherleriň biri
bolan Konýada bir yslam alymy ýaşaýardy. Köp kişiler
oňa Möwlana, ýagny «tagsyrymyz» diýip ýüzlenýärdi. Bu
meşhur adamyň çar tarapdan gelen müňlerçe müridi,
muşdagy bardy. Ol ähli musulmanlaryň ýoluny
ýagtyldýan çyrag hasap edilýärdi. Onuň hakyky ady
Jelaletdin Rumudy. 1244-nji ýylda Rumy Töwrizli
Şems bilen tanyşdy. Şems gezende Galandariýe
derwüşidi;
ýüzgörmezek
adamdy.
Ýollarynyň
gabatlaşmagy bilen başlanan wakalar bularyň ikisiniňem
ýaşaýşyny düýp-teýkary bilen özgertdi. Ol şeýle bir
mäkäm, üýtgeşik köňül bitewüliginiň başlangyjydy.
Olaryň özara gatnaşygyny soňky asyrlarda ýaşap geçen
tasawwuf alymlary ― mutasawwuflar iki ummanyň biribirine gowuşmagyna meňzetdiler. Şu deňsiz-taýsyz
dostlugyň, ýaranlygyň kömegi bilen Rumy öňden höküm
sürüp gelýän çäklere ýakyn durýan din alymy
bolanlygyndan, werdiş bolnan ähli kadalardan çykmaga
ýürek edip, özüni bagyşlan köňül ähline, yşkyň otlukly

penakärine, sema tanslaryny döreden we şoňa berlen
şahyra öwrüldi. Ol «Yslam äleminiň Şekspiri» diýip
ýatlanylmagyna sebäp bolan ägirt uly eserleri miras goýup
gitdi. Adamlaryň aňyna kök uran köre-kör ynançlaryň,
ýazgaryşlygyň döwründe ol ählumumy, giň gerimli we
parahatlyksöýer ahlaky ruhy goldady; hiç kimi ala tutman,
gapysyny her bir adam üçin giňden açyp goýdy. Hamala,
şol döwürlerde bolşy ýaly, häzir hem ençeme adamlaryň
«kapyrlara garşy göreş» atlandyrýan zahyry ― daşky
jyhada derek, adamyň öz içki dünýäsine gönügip,
kämilleşmegini maksat edinýän batyny, ýagny ruhy dünýä
bilen bagly jyhadyň üstünde durdy. Adamyň öz egosyna,
menligine garşy ahyryna çenli göreşip, nebsini ädimmeädim ýeňmegiň ýollaryny görkezdi.
Şeýle-de bolsa, ýüregindäki yşk tupanyna her
bir adamyň meýilli bolmaýşy ýaly, bu pikirleri hem
hemmeler kabul edip bilmedi. Töwrizli Şems bilen
Rumynyň arasyndaky şol kuwwatly ruhy baglylyk myşmyşlara, töhmetlere, sürünmelere sezewar boldy. Olaryň
küpür sözler sözleýändigini aýdýanlar tapyldy.
Düşünmediler. Jedele girdiler. Olary gabandylar.
Ahyrynda-da, ähtimal, iň ýakyn adamlarynyň
hyýanatçylygyna duçar boldular. Tanşanlaryna üç ýyl
bolanda, olar pajygaly ýagdaýda biri-birinden aýra
düşürildiler.

Ýöne olaryň hekaýaty şu ýerde tamamlanmady.
Aslynda hijem soňlanmady bu hekaýat, dowam etdi. Şems
bilen Möwlana Jelaletdin Rumynyň ruhlary, takmynan,
sekiz asyr soň ― häli-häzirem diri we mahal-mahal biz
bilen bile sema edýärler... Ganhor
Iskenderiýe, 1252-nji ýylyň noýabry
Häzir diri däl. Birmahal ölüp giden. Ýöne nirä gitsem
hem, gözi mende; asmandan asylgy iki sany şumluk
saçýan gap-gara ýyldyz daşy ýaly bolup ýiti şöhle saçyp,
meni yzarlap ýör. Konýadan uzaklaşsam, daş ýerlere
gaçyp gitsem, beýnimi burguç ýaly deşip barýan bu
ýatlamadan halas bolaryn öýdüpdim. Henizhenizlerem
beýnimde onuň perýady ýaňlanyp dur. Ýüzünden gany
gidip, gözleri hanasyndan atylyp çykmanka, çala dem
alyp, agzy ýumulmazdan öň çykaran şol sesi duzaga düşen
gurduň uwlamasy ýaly, hanjar urlan adamyň ahyrky
hoşlaşygydy.
Biriniň ganyna galan mahalyň ondan saňa hökman bir
zatlar ýokuşýar: keşbimi, ysymy, demimi... Ahymy,
näletimi, sesimi... Men muňa «öldürileniň gargyşy»
diýýärin. Ol bedeniňe ýapyşyp galýar. Teniňi deşip geçjek
bolýan ýaly, tä ýüregiň çuňluklaryna aralaşýança, ony
oýýar oturýar... Ol hut şol ýerde ornaşýar, sende täzeden
ýaşaýyş tapýar. Düýşleriňe girýär, ukyňy para-para edip
bölüp taşlaýar. Gündizlerine eýdip-beýdip mydar edýäň,

ýöne garaňky düşüp ýeke galanyňda, düşegiňde seni
sowuk der basyp başlaýar. Her bir öldürilen özüni öldüren
ganhorda ýaşamagyny dowam edýär. Kabyl Habylyň
ganyna galaly bäri, hiç bir ganhor öz gurbanynyň
amanatyny gerdeninde götermekden halas bolup bilen
däldir.
Köçede gabat gelýän adamlar muny asla aňşyrmaýan hem
bolsa, şu güne çenli ganyna galan adamlarymyň her
birinden üstümde nähilidir bir nyşan göterýärin. Göze
görünmeýän monjuk ýaly bolup, olar berk gysylyşyp,
agram berip, boýnumdan asylgy durlar. Bu ýük bilen
ýaşamak aňsat düşmeýär. Käte demiňi almagam
kynlaşýar. Şeýle bolýar eken ol.
Adam öldürmegiň ahmyry başga hiç bir zada
meňzemeýär. Çekip-çydar ýaly zat dälem bolsa, indi
öwrenişilip ýör öýdýän. Bu ýagdaýy ýaşaýşymyň bir
parçasy hasaplaýaryn. Keýpimi bozup duranok. Ýa-da bir
wagtlar şeýle pikir edýärdim. Ýöne, şu soňky eden
jenaýatym nähili boldy-da, meni beýle elendirip siltedikä?
Bu gezek başdan öňkülerden üýtgeşik boldy. Mysal üçin,
işi nähili tapyşym... ýa-da, işiň meni nähili tapyşy
diýeýinmi? 1247-nji ýyldy, güýz paslynyň ahyrlarydy.
Konýada bozukhana ýöredýän, ýowuzlygy bilen at alan
hünsanyň ― germafroditiň janpenasydym. Wezipäm
bozuk aýallara gözegçilik etmek, hetdini tanamaýan

müşderileri akylyna aýlandyrmak, gödek güýç ulanyp
onuň-munuň gözüniň oduny almakdy.
Şol gün dek düýn ýaly ýadyma düşýär. Bir gaçgagy,
bozgakhanadan gaçan bir ýoldançykany yzarlap ýördüm.
Saçykesilmiş, birden alaga-da, bu ýollara toba edip, özüni
dine bagyşlamagy ýüregine düwenmiş. Ony bir döw-ä
çalan bolmalydy! Haýp, owadan gyzdy.
Sähelçe-de bolsa, ýüregim awaýardy. Sebäbi tapaýsam,
gaýdyp erkek göbekli oňa gabagyny galdyrmaz ýaly,
ýüzüni erbet edip bozup taşlajakdym. Çöl Güli lakamly
şol sölite gyzjagazy ele salmagyma az galanda birden bir
syrly hat aldym. Ol hat ünsümi başga tarapa sowdyda, bar
küýüm-köçäm şoňa gitdi...
Hatyň aşagynda: «Imanyň sakçylary...» diýip gol
goýlupdyr.
«Biz seniň kimdigiňi gaty gowy bilýäris –– diý-lip, hatda
ýazylypdyr, –– Ozallar Haşhaşynyň janpenasydyň. Hasan
Sabbah öldürilip, tarykatyň öňbaşçylary tutulyp,
zyndanlara taşlanandan soň, gaýdyp özüňizi dürsemegi
başarmadyňyz, öňküler ýaly bolup bilmediňiz. Sen ele
düşmejek bolup, Konýa gaçdyň. Şu ýerde gizlendiň,
ýaşyryn gezdiň. Özüňe başga kär, bütinleý başga at
tapyndyň. Häzir bir iş bar, özem tüýs seniň oňaraýjak
işiň».

Hatda iňňän möhüm meselede hyzmatyma zerurlyk
duýulýandygy beýan edilýärdi. Sylag-serpaýynyň
ýetiriljekdigine kepil geçilýärdi. Eger teklip meni
gyzyklandyrsa, agşam azany okalandan soň, meşhur
meýhanalaryň birine barmalydym. Duşuşmaly ýerimiz şol
ýerdi. Penjiräniň golaýjagyndaky sypada, arkamy gapa
tarap edip oturmalydym. Kellämi aşak egip, gözümi
ýerden galdyrmaly däldim. Köp wagt geçmänkä, meni
hakyna tutjak adam ýa-da adamlar gelmelidi. Gerekli
maglumatlaryň ählisini maňa şolar bermelidi. Gelen
mahallaram, giden wagtlaram ýa gürrüň edilip oturylan
çagtam başymy galdyryp ýüzlerine seretmäge ygtyýar
edilmeýärdi. Garaşylmadyk hat bolany üçin oňa ähmiýet
berip durmadym. Müşderileriň her dürli häsiýetde
bolýanyny göre-göre gelýärdim. Şunça ýylyň işi, näçe
garlar basgylanypdy, her jüre adam meni hakyna tutup
görüpdi. Ählisi diýen ýaly, öz atlarynyň gizlin
saklanaryny isleýärdiler. Tejribäm bir zady görkezýär:
müşderi özüni ýaşyrmak meselesinde näçe tutanýerlilik
görkezýän bolsa, köplenç halatda ol kast edilýäne şonçada ýakyn adam diýmekdi. Bu hatasyz kadadan habarym
bardy. Ýöne o meni gyzyklandyryp durmaýardy. Meniň
etmeli işim bellidi: öldürmeli. Üzümini iýsemem, bagyny
soramaýardym. Alamut galasyndan çykalym bäri özüme
saýlap alan durmuşym şeýle hörpdedi.

Onsuzam men gaty seýrek sowal berýän adamdym. Näme
soraýyn? Meniň bilýän zadym, bu dünýäde hemmeleriň
biraýakdan ýoguna ýanmak isleýän bolmanda bir adam
bardyr. Alaga-da jenaýata ýüz urmaýanlygy şeýle
adamlaryň hiç haçan jana kast etmejekligini
aňlatmaýardy. Amal depderlerine bu zäher-zakgun günäni
ýazdyrmadyk bolmagy-da ahmaldyr, ony makullaýan.
Ýöne beýle diýildigi şeýle haý-höwes olaryň hyýallarynada gelmeýär diýildigi däldir.
Aslyýetinde şeýle pursat ýüze çykyp, her bir adamyň
kimdir birini öldürmegi ahmal. Ýöne muny köpler bilmez.
Tä garaşylmadyk waka zerarly gazaba münüp, edeninigoýanyny bilmän, özüni ýitirýänçä, şeýle bolup biljegini
boýun alasy gelmez. Elini asla gana bulamajagyna, hiç
kimiň janyna kast etmejegine ynamlary uludyr. Ýöne
hemme zat gabat gelmä baglydyr. Käte biriniň gözi-gaşy
sähel oýnady diýip, başga biriniň gany depesine urar.
Peşäni pile dönderer, bolgusyz zada yrsarap, ýok ýere goh
turuzar. Dogrusy, sapýürekli, tämiz, mertebesini bilýän,
asylzada adamlaryň içindäki murdar nägehanyň
duýdansyz ýüze çykmagy üçin bimahal wagtda, ýalňyş
ýerde bolmagyň özi hem ýeterlikdir. Islendik ynsan adam
öldürip biler. Ýöne şu durmuşda asla tanamaýanbilmeýän
birini sowukganlylyk bilen öldürmegi adamlaryň juda az
sanlysy başarsa gerek. Ynha, şo ýerde-de işe men
goşulýan-da, şeýle işiň hötdesinden özüm gelýän.

Men başgalaryň hapa işlerini edýärin. Bu durmuşda özüm
ýalylaryň hem gerek ýeri bolýar. Allatagala hem
mukaddes nyzamyny guran mahaly jan almak
meselesinde Ezraýyly özüne oruntutar bellemänmidir?
Şonuň üçinem adamlar başlaryna her ne apat gelse-de, ony
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Elif Şafak-Yşk - 03
  • Parts
  • Elif Şafak-Yşk - 01
    Total number of words is 3608
    Total number of unique words is 2185
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 02
    Total number of words is 3616
    Total number of unique words is 2228
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 03
    Total number of words is 3610
    Total number of unique words is 2211
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 04
    Total number of words is 3621
    Total number of unique words is 2271
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 05
    Total number of words is 3686
    Total number of unique words is 2230
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 06
    Total number of words is 3613
    Total number of unique words is 2257
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 07
    Total number of words is 3722
    Total number of unique words is 2226
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 08
    Total number of words is 3656
    Total number of unique words is 2262
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 09
    Total number of words is 3579
    Total number of unique words is 2310
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 10
    Total number of words is 3666
    Total number of unique words is 2164
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 11
    Total number of words is 3591
    Total number of unique words is 2225
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 12
    Total number of words is 3623
    Total number of unique words is 2233
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 13
    Total number of words is 3652
    Total number of unique words is 2154
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 14
    Total number of words is 3670
    Total number of unique words is 2111
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 15
    Total number of words is 3637
    Total number of unique words is 2160
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 16
    Total number of words is 3591
    Total number of unique words is 2182
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    54.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 17
    Total number of words is 3590
    Total number of unique words is 2167
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 18
    Total number of words is 3586
    Total number of unique words is 2219
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 19
    Total number of words is 3651
    Total number of unique words is 2179
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 20
    Total number of words is 3632
    Total number of unique words is 2034
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 21
    Total number of words is 3642
    Total number of unique words is 2121
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 22
    Total number of words is 3656
    Total number of unique words is 2209
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 23
    Total number of words is 3664
    Total number of unique words is 2120
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 24
    Total number of words is 3674
    Total number of unique words is 2117
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 25
    Total number of words is 3603
    Total number of unique words is 2124
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 26
    Total number of words is 3670
    Total number of unique words is 2220
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 27
    Total number of words is 483
    Total number of unique words is 391
    49.5 of words are in the 2000 most common words
    60.1 of words are in the 5000 most common words
    65.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.