Latin

Elif Şafak-Yşk - 11

Total number of words is 3591
Total number of unique words is 2225
31.4 of words are in the 2000 most common words
45.1 of words are in the 5000 most common words
52.4 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
ýerde işimi gutardym hasap edendir-dä, öz ugruna gidip
barýardy.
Süleýman serhoş
Konýa, 1244-nji ýylyň 18-nji oktýabry Kelläm hum ýaly
çişip, gollarym bir hili ýakymly gurşupdyr, gözümi
ýumdum. Irkiläýmeli bolup durkam, daşardan eşidilen
güpür-tapyra syçrap turupdyryn. Ýüregim ýarylara geldi.
–– Näme bolýar-aý? –– diýip gygyrdym. –– Ýa mongollar
çozdumy?
Kikir-kikir edip, gülki sesleri eşidildi. Töweregime
seredenimde beýleki müşderileriň öz üstümden
gülýändigine gözüm düşdi. Bu kelesaňlara sered-ä!

–– Alada galma, Süleýman serhoş! –– diýip, meýhananyň
hojaýyny Hristos gygyrdy. –– Bu goh köçeden eşidilýär.
Möwlana Rumy wagyzdan gaýdyp gelýär. Yzynda-da
birgiden muşdagy bar.
Baryp penjireden seretdim. Hakykatdanam, aýdyşy
ýalydy. Möwlananyň şägirtleri, muşdaklary hem-de
müritleri uzyn guýruk emele getirip, köçeden geçip
barýan ekenler. Rumy köpçüligiň içinde atynyň üstünde
dim-dik bolup otyrdy.
Penjiräni açyp, ýarpy göwrämi daşaryk çykaryp, şowhuny
synlamaga durdum. Mähelle ördek ýörişi bilen süýşüp
barýardy. Olar juda ýakyndylar, elimi uzatsam, biriniň
kellesine degrip biljekdim. Birden kelläme hokga
görkezmek pikiri geldi. Hiç kime bildirmän, birnäçe
adamyň sellesini çalşaýyn!
Şobada ylgap baryp Hristosyň arkasyny gaşanýan uzyn
saply agaç gaşawyny garbap aldym. Bir elim bilen
penjireden tutup, beýleki elim bilenem gaşawy aşak
uzatdym. Esli öňe eglip, bir adamyň külahyny alaýmaly
bolup durkam, birden mähelläniň içinden biri tötänden
ýokaryk seretdi-de göräýdi.
–– Salawmaleýkim –– diýip, oýunlyga saldym.
–– Içgihanada oturyp, salam berýäňmi? Tüf ýüzüňe,
ahlaksyz! Ýene-de musulmandyrynam diýjekdir! Utan

ahyry, utan! –– diýip, ol adam hemle urdy. –– Şerap
şeýtanyň işidir, habaryň ýokmy nä?
Agzymy açyp, bir zat diýjek bolanym hem şoldy welin,
kellämi gypyrdyp, gaty bir zat şuwlap geçip gitdi. Näme
bolup geçýänine göz ýetirip howsala düşdüm. Biri daş
zyňypdy.
Soňky
pursatda
egilmedik
bolsam,
maňlaýymdan gapy açjakdy. Açyk penjireden içerik giren
daş, kellämi gyratlap geçip, göni ýeňsämde oturan eýranly
haly täjiriniň sapasyna gümp edip düşdi. Näme bolup
geçýänine düşünerden geçip, meýden ýaňa seri dumanlap
duran täjir «bu näm-aý» diýip geňirgenýän äheňde daşy
eline alyp synlap otyrdy. Hristos aladaly seslendi:
–– Süleýman, tizräk penjiräni ýap-da, ýeriňe geç!
–– Näme bolanyny gördüňmi? –– diýip, tolgunmadan
sandyr-sandyr edip durşuma soradym. Öz ornuma
geçdim. –– Bir-ä maňa daş zyňdy. Öläýsem nätjek
diýsene! Hristos bir gaşyny galdyrdy.
–– Bagyşla welin, bulardan başga nämä garaşýaň?
Meýhanada musulman görse, käbir kişiň jyny
atlanýanyny bileňokmy? Senem agzyň aňkap, burnuň
erkek käşir ýaly gyzaryp durka, alaga-da, özüňi
güjeňleýäň. Onsoň nämä garaşýaň?

–– Halamasa halaman geçsin, günä edýän men, kime näme!
–– diýip hüňürdedim. –– Men nä, adam dälmi?
Hristos arkama kakdy:
–– Beýle ýüregiňe ýakyn tutmasana, be, Süleýman!
–– Tutjak, onsuzam takal baryny okaýanlary üçin şol
yňdarmalardan bizar boldum! Taňry özleri bilen biledir
öýdüp, güp ynanýarlar. Şonuň üçinem özlerinden öňňä
ýokardan seredýärler.
Hristos jogap bermedi. Ol dindar adam hem bolsa, serhoş
müşderilerini köşeşdirip biljek derejede ugurtapyjy
meýhanaçydy. Biraz soňra ol öňümde bir küýze gyrmyzy
şerap goýdy. Men dünýäni unudyp şeraby başyma
çekdim, olam bir çetde durşuna meni synlaýardy. Daşarda
şuwlap bir hili şemal öwüsdi. Biz diňşirgenip, şemalyň
diline düşünjek bolduk.
–– Şeraba näme üçin günä diýýänlerine düşünemok ––
diýip, hüňürdedim. –– Eger erbet zat bolsa, onda näme
üçin jennetde içmek bolýarka? Eger jennetde rugsat
edilýän bolsa, näme üçin bärde gadagan?
Hristos gözlerini elek-çelek edip:
–– Gaýrat et, indi bir goýsana. –– diýip özelendi. –– Beýle
köp sorag bermäňde bolanokmy, hä?

–– Hawa, bolanok. Eger pikirlenmesek, sorag-jogap
alyşmasak, hyýardan, kelemden näme parhymyz bolsun?
Hudaý bize bu akyly oýlanyň diýip beripdir-ä.
–– Süleýman, dostum, käte bolşuňy görüp, seni gaýgy
edýän.
–– Sen meni gaýgy etme –– diýip, gürrüňi başga tarapa
sowdum. Ýöne Hristos gürrüňi dowam etdi.
–– Şunça wagt bäri biri-birimizi tanaýarys. Men seni
müşderi hasap edemok, dostum saýýan. Sen akýürekli
adam. Hiç kime ýamanlyk edeniňi görmedim, ýöne diliň
gaty awuly. Şony gaýgy edýän. Konýada her jüre adam
bar. Käbir kişi musulman adamyň içgi içenini halanok.
Köpçüligiň arasyna baranyňda ägä bol. Diliňi ýyg, özüňi
sakla.
Özümden biygtyýar dişlerimi syrtartdym.
–– Gel, Haýýamdan bir rubagy okap, şu gürrüňleri
täçlendireliň-le.
Gürrüňimizi diňläp oturan eýranly täjir Hristosyň bir zat
diýerine-de garaşyp durman, gapdaldaky sapadan seslendi:
–– Haý, janym bol-a! Gaýyrsana Haýýamdan bir rubagy!

Beýleki müşderilerem joşup, el çarpyşdylar. Saklanyp
bilmän, sapanyň üstüne çykdymda, rubagy okamaga
durdum:
–– Biziň
meýhorlugmyz meý
üçinem däl, Edebe,
dine ters meýil
üçinem däl,
Eýranly täjir keýp
bilen gygyrdy:
–– Hak aýdýaň, şuny hiç düşündirip bilmedik-dä!
Az-kem undar ýaly öz-özümizi
Içýäs, içmegimiz keýp üçinem däl.
Şunça ýyl bäri içgi içip ýörün. Meniň bar bolup bilşim
şeýle, nädeýin? Ýöne bir zadyda bilýän, her kimiň bir içişi
bar. Kim-ä her agşam hum ýaly çişýänçä içýär, beýleki
biri bolsa, näçe içse-de, hiç kime zeper ýetirmeýär. Diňe
içgiň keýpine aýdyma hiňlenip, soňam uklap galýar. Ýene
bir hili adam bolýar, bir ýuwdum şerap içdigi, wagşyýana
jandara öwrülýär. Oňa-muňa yrsaraýar, topulýar. Diýmek,
mesele badada däl-de, özümizde.

Köp içsem başym aýlanar, içmesem
başym gaýgyda, Ne-hä serhoş, ne-de
sersag, gelip bilmedim aýgyda.
Üstümi elçarpyşmalar bilen gömdüler. Hatda Hristosam
durup bilmän elini çarpdy.
Konýanyň jöhitler
mähellesinde bir hristianyň meýhanasynda her dürli
ynançda, her hili häsiýetde bolan biz ― serhoşlar ählimiz
jemlenip, keýp bilen badalarymyzy göterdik. Onsoň,
näme üçindir, belki, sähel pursatlygam bolsa, aramyzda
saýry hem galmady, gaýry-da, barymyz deňleşdik.
Ählimiz-de tutuş kemçiliklerimizdir ýetmezlerimize
garamazdan, Allanyň özümizi bagyşlaýandygyny, hatda
bizi özümizdenem eý görýändigini, ýöne bir sözde däl-de,
tüýs ýürekden duýduk.
Ella Boston, 2008-nji ýylyň 30-njy maýy
«Şu zatlara üns beriň: Adamyňyz öýe gelen mahaly
penjegini, köýnegini barlaşdyryň. Del atyr ysyna ýa-da
pudranyň tegmiljigine duşsaňyz, şübhäňiziň dogry
çykdygydyr
― diýip, «Maşgalaly aýallaryň bilmegi zerur zatlar» atly
internet saýtynda ýazylypdyr. –– Ylaýta-da, ruž tegmiline
üns beriň!»
Maý aýynyň ahyrky güni, Ella Rubinşteýn öýünde «Yşk
şerigatyny» okamasyna arakesme beren mahaly tötänden

göz aýlan bir internet saýtynda gabat gelen barlagnama
jogap berýärdi. «Adamyňyzyň aldanyny-aldamanyny on
sowal arkaly nädip bilmeli?» Sowallar juda ýönekeý hem
ýöntemdi, ýöne ol şonda-da jogap bermän saklanyp
bilmändi.
Aýal-erkek
gatnaşyklaryna
degişli
barlagnamalar iňňän umumy we öte ähmiýetsiz zatlar
bolsa-da, Ella indi durmuşyň özüniňem käte, bolmanda,
şonuň ýaly bolgusyz bolýanyny bilýärdi. Ony durmuş
görkezipdi.
Barlagnamany tamamlanda utuklaryny jemläp, netijesini
gözden geçirmelidi. Ýöne beýtmedi, taşlady. Sowallara
höwes bilen jogap berse-de, äriniň özüni aldandygy
barada başga biriniň dilinden, onda-da web-saýtdan
bilmek islänokdy. Edil şu mesele barada Dewid bilen
gürleşesiniň gelmeýşi ýalydy. Öýe gelmedik şol gijesi
nirede bolandygyny hem heniz soramandy. Bu günler
wagtynyň köpüsini «Yşk şerigaty» hakyndaky
hasabatnamasyny ýazmak bilen geçirýärdi. Öz durmuşy
bilen ujypsyzjada baglanyşygy bolmadyk bu hyýaly göz
öňüne getirmeler ony bir hili geňsi ýagdaýda gurşap
alypdy. Zaharanyň ýazan romanyny okasy gelen mahaly
ýeke özi bir künjege çekilýärdi, beýnisini dörjeleýän
meseleler barada oýlanman, ümsüm, rahat hem kanagatly
ýagdaýda eseriň gidişinden lezzet alýardy.
Ondan daşgary gündelik durmuşy şobir gaýtalanyp duran
zatlardy. Çagalaryň ýanynda är-aýal hiç hili syr

bildirmezdiler, özlerinden biygtyýar ýasama hereket
etmeli bolýardylar. Ýöne ikiçäk galan pursatlary
aralaryndaky sowuklyk dessine ýüze çykýardy. Ella käte
Dewidi özüne aňk bolup seredip duran mahaly tutýardy.
Şeýle halatda Dewid aýalynyň özünden gije nirede
bolandygyny näme üçin soramaýanyna düşünmäge
çalyşýan ýalydy.
Ýöne Ellanyň ol barada Dewidden soramaýanynyň bir
sebäbi bardy. Soraglaryna onuň berjek jogabyna näme
diýjegini bilenokdy. Näme etjegini bilmeýän maglumaty
barada sorap, onuň nä azary?! Bilmek islemeýän zadyňy
näçe az bilseň, şonça-da kelläňi az agyrdarsyň, ýüregiň
ynjamasy kemeler. Şonça az aldanarsyň. Şu
nukdaýnazardan seredeniňde, nadanlyk beýle erbet zadam
däldi.
Bu emeli bagtyýarlygy bozup biljek ýeke-täk waka geçen
Täze ýylda bolupdy. Ella bir gün irden, tötänden, öýe
gelen hatlaryň arasynda myhmanhanalaryň biriniň
nyşanyny göterýän bukja gözi düşdi. Açan mahaly
garaşmadyk bir maglumatyna gabat geldi.
Golaýdaky myhmanhanalaryň biriniň müşderi hyzmatlary
müdiri Dewid Rubinşteýne özlerinde myhman
düşendikleri üçin minnetdarlyk sowalnamasyny ýollan
eken. Ella hiç zat bolmadyk ýaly, bukjany stoluň üstüne

taşlapdy. Agşam Dewid haty açyp okan mahaly, bir çete
çekilip, adamsyny daşyndan synlapdy.
–– Bir şu ýetenokdy-da! Başga işim ýok ýaly –– diýip,
Dewid sowalnamany bir gyra aýyrdy. Ol hata düşündiriş
bermegiň zerurdygyny duýan bolmalydy, şobada sözüniň
üstüni ýetirdi:
–– Geçen ýyl şu myhmanhanada diş lukmanlary bolup,
ylmy maslahat geçiripdik. Megerem, şoňa gatnaşanlary
müşderileriň sanawyna goşan bolsalar gerek. Ella
ynanypdy. Özem ynanasy gelýäni üçin ynanypdy. Bir
tarapdan, asuda suwy bulandyrmakdan gorkýandygy üçin,
ol düşündirişi dessine kabul edipdi. Ýöne beýleki bir
tarapdan ynjalmandy, şübhelenmegini dowam edipdi.
Ahyrynda-da bilesigelijiliginden asgyn gelip, telefon
kitapçasyndan myhmanhananyň belgisini tapyp jaň edipdi
we şonsuzam çak edýän zadyny eşidipdi. Şu ýylam, geçen
ýyl hem şol myhmanhanada diş lukmanlarynyň hiç hili
ylmy maslahaty geçirilmändir.
Özüniň aldanmagy Ellada hem kemsidilmek, hem-de
günäkärlik duýgusyny döredýärdi. Ol öz ýanyndan özüne
gahar edýärdi. Indi ol ýaşam, owadanam däldi. Şu soňky
alty ýylyň içinde esli semräp, özüni goýberipdi. Onuň görkgörmegi aýba-aý kemelip barýardy, ýüz-gözüniň nury
öňküligini saklap bilenokdy. Hepdede bir gezek gidýän
aşpezlik sapaklary hem semremegine täsirini ýetirýärdi.

Dogrusy, sapakda ondan has gowy naharlary bişirip bilýän
we köp iýýän, ýöne asla semremeýän bir topar aýal bardy,
ýöne gep onda däl.
Ol heran-haçan çagalygyny we ýaşlygyny ýatlasa, öz
diýenini gögertjek bolup çytraşan ýeriniň bolmandygy
ýadyna düşýärdi. Tebigaty şeýledi: ýumşakdy,
diýenedijidi, mylaýymdy. Ýaş gyz bolmagyň iň dälişge
günlerinde joralary bilen bukdaklap, garagolluk etjek
bolmandy, çilim çekmändi, lül-gammar serhoş bolup,
içgihanalardan kowulmandy. Bolgusyz adamlara asla
göwün bermändi, soň ökünje eltjek gatnaşyklara baş
goşmandy, özüňden geçip kylynýan aýşy-eşretden soň,
howsala düşüp oýanyp, «göwrelilige garşy derman»
içmäge mejbur ýagdaýa düşmändi. Tas ähli
deňduşlarynyň diýen ýaly başyndan geçiren heläkçilikdir
ruhy sarsgynlaryna hem ulaşmandy. Hiç wagt dowla
düşüp görmändi, erbet gaharlanan gezegi-de ýokdy, ruhy
sarsgyn üçin derman içmeli hem bolmandy. Ol özüni
bileli bäri aýdylany bilen bolýan gyzdy. Ejesine ýa-da
mugallymlaryna ýalan sözläp görmändi, birje gezegem
sapaklaryndan galmandy. Liseýiň ahyrky ýyllary bile
okaýan gyzlarynyň ençemesi abort hassahanalaryna
gatnan ýa-da bäbeklerini perzentlige beren bolsa, ol bu
hasratlaryň ählisini dokumental filme tomaşa eden ýaly,
uzakdan synlapdy. Deňduşlarynyň başdan geçirýän
sarsgynlaryna şaýat bolmak onuň üçin teleýaýlymdan alys

Efiopiýadaky açlyga tomaşa etmek ýaly bir zatdy. Olaryň
başyna düşen işlere gynanýardy, hatda wagtal-wagtal
onuň özi-de başdangeçirmeleriň tagamyny dadasy
gelýärdi, ýöne oýlanyp-ölçerip, özüniň deňduşlaryndan
üýtgeşik älemde ýaşaýandygyna ynanýardy.
Bolmajyny bolunýan oturylyşyklara-da gidip görmändi.
Ýaş gyz wagtyndan bäri iller ýaly, anna agşamlarynda
daşaryk çykmagyň deregine, kürsä geçip, gowy görýän
kitabyny okanyny kem görmeýärdi.
Goňşy-golam öýlerde aýallar öz gyzlaryna hemişe:
–– Näme üçin Ella ýaly bolup bolanok? –– diýerdiler. ––
Seret, ol nähili asylly hem pespäl. Heý, başyny bela sokan
ýerini gördüňizmi şoň?
Ejeleri öwüp arşa çykarsalar-da, deň-duşlarynyň ýek
ýigrenýäni Ellady. Durmuşyň keýpi-sapasyndan mahrum,
wagt tapsa kitap okaýan terkidünýä! Ol şeýle bolsa-da hiç
haçan hemmeleriň gowy görýän okuwçysy bolup
bilmändi. Hatda bir gezek synpdaşlarynyň biri ýüzüne
gelip:
–– Seniň näme kemçiligiň bardygyny aýdaýynmy? ––
diýdi. –– Durmuşy öte çynlakaý tutýanyň üçin, seniň ruhuň
garrapdyr.

Saçynyň bejergisini üýtgetmänine näçe ýyllar bolandyr.
Onuň uzyndan göni sary saçlary bardy. Saçyny üýtgetdim
diýende, ýa ykjam edip toplap daňardy, ýa-da ýeňsesinden
örerdi. Ýüz-gözüni hynalap bejerişinde-de belli bir
düzgüni ýokdy. Ynjyklygy halamazdy. Ýekeje çalynýany
sähelçe gyzylymtyl goňur pudra bilen açyk ýaşyl göz
çalgysydy (o-da uly gyzynyň aýdyşyndan çen tutsaň,
gözlerini owadan görkezmän, gaýta oňa päsgel
berýärmiş). Şonsuzam Ella şu wagta çenli göz galamy
bilen iki çyzygy birmeňzeş çyzmagy öwrenmändi.
Hemişe oňarman, bir gözüniň çyzygyny beýlekisinden
ýogyn edýärdi.
Ol mydama bir zatlary ýalňyş edýän bolaýmaýyn diýip,
özüni müýnli duýýardy. Ýa töweregindäki adamlaryň
durmuşyna aşa kän goşulyşýardy (Janetiň durmuşa
çykmak meýillerini eşiden mahaly goh edişi ýaly), ýa-da
gereginden artyk passiw we diýenediji bolýardy
(adamsynyň sag-sol diýmän, gülden-güle gonanda bolşy
ýaly). Bir tarapda başgalaryň içine-bagryna girip barýan
Ella bardy, beýleki tarapda bolsa, ses-üýnsüz, ümsüm hem
ýygrylyp ýören Ella. Haçan bularyň haýsy biriniň peýda
boljagyny onuň özi-de bilmeýäne meňzeýärdi.
Ýöne üçünji bir Ella-da bardy. Ol ähli zady bir çetden
ümsüm synlap oturan, wagtynyň dolmagyna garaşýan
Ellady. Ynha, häzir gizlenen ýerinde gymyldap ugran,

suw ýüzüne çykmaga taýýarlanýan Ella şol Ellady. Onsoň
ol: «Şeýle dowam etseň, bir gün guran düzgüniň dargar»
diýip duýdurýardy. Bu göz açyp-ýumasy salymlyk işdi.
Şeýledigine onuň gözi ýetip durdy.
Aýyň aýaklarynda bu zatlar barada oýlanan mahaly Ella
uzak mahal bäri etmedik işine baş goşdy: Hudaýdan dileg
etdi.
«Taňrym, uzak wagt bäri gapyňy kakmanymy bilýärin.
Çynymy aýtsam, häzir maňa dergähiňi açyp-açmajagyňy
bilemok. Ýöne ýagdaýymy Özüň görýäň. Elden-aýakdan
çykyp barýan. Maňa ýa-ha hakyky yşk ber, şu
hupbatlardan, alaçsyzlykdan dynaýyn, ýa-da meni
tenbilmez biperwaý et, durmuşymda yşkyň barlygyýoklugy deň bolsun».
Ol sägindi. Çala ýuwdunyp basyk ses bilen dowam etdi:
«Ýöne haýsyny saýlasaň hem, ýalbarýan, tizleşeweri.
Özüň bilýäň, indi kyrk ýaşadym, maňa ýaş adam diýip
boljak däl. Bu meniň ahyrky mümkinçiligim».
«Maňa ýa-ha yşky öwret, ýa-da yşkyň ýoklugyna
gyýylmazlygy kalbyma guý».
Çöl Güli Konýa, 1244-nji ýylyň 8-nji oktýabry
Haýwan ýaly edip, ýeňsämden tutup, meni metjitden
kowdular. Olardan halas bolan badyma darajyk köçeler
bilen yzyma garamaga-da gorkup gaçdym. Ahyry

mähelleli bazar ýerine baranymdan soň, bir diwaryň
ýeňsesine geçip, aşak oturdym we demimdemime ýetmän,
şo ýerde gizlendim. Diňe şondan soň, yzyma garanmaga
gaýratym çatdy. Hernä, geň galsamam, janym ýerine
geldi, özümi hiç kimiň yzarlamaýanyna göz ýetirdim.
Yzymdan eşidilen tapyrdy hem görgüli Susamyň aýak sesi
eken. Ahyry yzymdan ýeten mahaly ol tutuş göwresi bilen
haşlap dem alýardy, soň çöküne düşüp oturdy. Onuň
ýüzünde aljyraňňylygyň alamaty bardy. Nämeleriň bolup
geçenine, näme üçin dälirän ýaly, köçeden-köçä ylgap
gelşime düşünmändigi görnüp durdy.
Ähli zat juda çalt bolup geçensoň, bolan işlere diňe häzir
umumylykda göz ýetirip bilýärin. Metjitde bar ünsümi
wagza berip, ümsüm otyrdym. Möwlananyň her bir sözi
ýakut daşy deý gymmatlydy. Şeýle bir özümi
unudypdyryn welin, ýanymdaky ýaş ýigidiň ýüzümi
ýapyp duran ýaglygyň ujuna basanyny-da duýmandyryn.
Heniz näme bolanyny aňşyryp ýetişmänkäm, ýaglyk
syrylyp, selläm ýere gaçdy, ýüzümgözüm göründi
duruberdi. Hiç kim aňan däldir öýdüp, derrew
ýygnaşdyrdym. Ýöne başymy galdyran mahalym öň
hatarda biriniň özüme tiňkesini dikenine gözüm düşdi.
Onuň buz ýaly gök gözlerini, hyrsyz sypatyny, ýowuz
ýüzüni şobada tanadym. Tanamajak gümanym barmy?!
Ol Baýbarsdy.

Baýbars bozukhanadaky gyzlaryň hiç biriniň golaýyna
barasy gelmeýän yzgytsyz müşderileriň biridi. Näme
üçindigini bilemok, erkekleriň käbiri hem-ä bozuk aýallar
bilen bolmakdan gaýdanoklar, hemem biz ýalylary
ýigrenýärler. Baýbars hem şeýledi. Häli-şindi bolarbolgusyz degşen bolar, küpür gürlär, kemsidiji sözler
aýdar, yrsarara ýer gözlär-de, dessine-de gyzar. Bir gezek
biziň birimizi erbet edip ýençdi welin, pula buta çokunan
ýaly çokunýan hünsa hojaýyn hem durup bilmän,
«Owarra bol, gaýdybam garaňy göräýmäýin şu ýerde»
diýip, ony kowupdy. Ýöne Baýbars ýene geldi.
Bolmanda, birnäçe aýyň dowamynda gelmesini bes
etmedi. Soňra näme üçindigini bilemok welin, ol
gelmesini birden kesdi. Gaýdybam oňa duşmadym. Ýöne,
häzir görýän welin, metjitde otyr. Sopular ýaly, tegeläp
sakgal goýberenem bolsa, gözi şol öňki göz. Görejinde
henizem şol wagşyýana ýalpyldy bardy. Nazarymy
bukdum. Ýöne gijä galypdym. Ol meni tanapdy.
Baýbars ýanyndaky adama bir zatlar pyşyrdady. Soňra
ikisi birden yzyna bakyp, sowuk nazaryny maňa
gönükdirdiler. Soňra üçünji bir adama-da yşarat etdiler,
onsoň ýene birine... Şeýdip, şol hatardaky adamlaryň
ählisi birin-birin maňa seredişdiler. Ýüzüm çym gyzyl
boldy. Ýüregim ýerinden gozganarmyka diýdim, ýöne
şonda-da gymyldamadym. Çaga umydy bilen duran

ýerimden butnaman, waka öz-özünden ýatyşar hasap
etdim.
Ýöne gaýtadan gözümi açanymda Baýbarsyň mähelläni
böwsüp, özüme tarap gelýänini gördüm! Gapa tarap
ýönelmek islesem-de, adam deňzinden gutulmak mümkin
däldi. Baýbars bir bökende yzymdan ýetdi. Ol ed-dil
alkymymda gögerensoň, deminiň ysynam alýardym. Ol
golumdan tutdy:
–– A-haw, sen ýaly ýoluny urduran aýalyň bärde näme işi
bar?! –– diýdi. –– Heý, utançbeýleki ýokmy sende?
–– Goýber, gideýin –– diýip, sakawlap aýtsam-da, Baýbars
gulak asmady.
Şol wagtam ýoldaşlary ýetişdi. Olar biri-birinden beter
gaharly, üstüňe sürnüşip duran gödeňsi adamlardy.
Gahardan ýaňa agyzlaryndan ot çykýardy. Metjitde
duranymyzy ýatlaryndan çykaran ýaly, olar töweregimi
gurşap alyp, meni kemsidip başladylar. Hemmeler öwrülip
bize tarap seredişdi, hatda birnäçe adam juk-juk edip,
nebsagyryjylykly seslense-de, beýtmäň diýen tapylmady.
Göwrämde ysgyn-mejal galmady, dyzlarym sandyr-sandyr
etdi. Idenekledip daşaryk çykardylar. Köçä çykanymyzda
Susam dadyma ýetişer diýip umyt edýärdim. Ugruny tapyp
gaçaryn öýdýärdim. Ýöne beýle bolmady. Köçä çykan
dessimize adamlar has hem ýowuzlaşyp, haýbaty artyp,
dyzaşyp duran boldular. Howsalanyň içinde metjitde

ymama hem jemagata hormat goýandyklary üçin seslerini
beýle gataltmandyklaryna düşündim. Emma köçede welin,
olara päsgel berýän zat ýokdy.
Şu ömrümde gaty köp hasratly pursatlary başdan geçirsemde, görýän welin, olaryň hiç biri meni şu gezekki ýaly
sarsdyrmandy. Ençeme ýyldan soň, ahyry toba etmäge
niýetlenip, Haka ýakynlaşmak üçin bilşimçe ädim ätdim.
Ýöne, ynha, Ol maňa nähili gaýtargy berdi? Öýünden
idenekledip kowdy! –– Käşgä, metjide gitmedik bolsadym
–– diýip, öz-özüme belent ses bilen aýtdym. –– Adamlar
dogry edýär. Mukaddes ýerde men tetelliniň näme işi bar?
Maňa metjitde-de orun ýok, kilisede-de!
–– Beýle diýme –– diýip, bir ses geldi.
Gaňrylyp seredenimde, gözlerime ynanyp bilmedim.
Şoldy. Şol saçsyz-sakgalsyz derwüş! Dessine aýagyna
ýykylyp, ellerinden öpjek boldum. Ýöne ol ýol bermedi.
–– Ýok, estagfurullah, elimi öpdürýän däldirin –– diýip,
çürt-kesik, ýöne parahat aýtdy.
–– Size diri galanym üçin bergidar –– diýip pyşyrdadym.
–– Maňa hiç hili bergiň ýok –– diýip egnini gysdy. ––
Ýeke-täk bergidarymyz Alladyr. Ýöne Onuň Kuranda
näme diýýänini bilýäňmi? «Maňa gözel bir bergi beriň!»

Ulug Allanyň öz bendelerinden näme üçin bergi isländigi
barada, heý, oýlanyp görüpmidiň?
Näme diýjegimi bilmedim.
–– Iman getirmek, ynanmak Oňa gözel bergi bermek
diýmekdir. Eger ýüregiňden bermegi başarsaň, Ol hem ony
esseläp yzyna gaýtarar.
Şu zatlary aýdandan soň, derwüş özüni tanatdy. Ady
Töwrizli Şems eken. Ol gara gözlerini ýüzüme dikip,
ömrümde eşiden iň täsin sözlerimi aýtdy:
–– Adamlaryň käbiri durmuşa ajaýyp başlangyçlar bilen
başlaýar, töwereginde nur halkasy ýalkym saçýar. Ýöne
wagtyň geçmegi bilen şol nurly halkanyň reňkleri solup
garalýar. Senem şolaryň biri. Daşyňdaky nur halkasy
birmahallar üýtgeşik, ap-akja reňkde eken. Kä ýerinde
sary hem goňur reňk menek-menek bolup dur eken. Ýöne
häzir bedeniň daşyna solgun goňur zolak aýlanypdyr.
Muňa gynanaňokmy? Hakyky öz reňkiňi küýsäňokmy?
Aslyň bilen birleşesiň gelenokmy? Agzymy açyp, aňk
bolup galdym. Onuň sözleri meni aljyradypdy.
–– Häzir daşyňdaky halka ýalkymyny ýitiripdir, sebäbi özözüňe erbet hem hapysadygyňy ynandyrypsyň.
Dodagymy dişledim.

–– Ýöne men şeýle... hapa bulaşdym – diýip, ýuwaşja
aýtdym. –– Ýa kimdigimi aýtmadylarmy? Güzeranymy
nädip aýlaýanymy bileňokmy?
Şems jogap bermegiň deregine, nazaryny uzaklara dikdi.
–– Rugsat etseň, saňa bir hekaýat gürrüň bereýin ― diýdi.
Onsoň ol, ynha, şu hekaýaty aýdyp berdi:
Birmahal bir bozuk zenan ýoldan gidip barýarka, köçede
galan bir ite duşupdyr. Janawar Günüň aşagynda gaty
suwsan eken, dili damagyna ýelmeşip durmuş. Ýaňky
zenan dessine aýakgabyny çykaryp, ýaglygyna daňypdyrda, golaýdaky guýudan ite suw çykaryp beripdir, onuň
teşneligini gandyrypdyr. Soňra hem öz ýoly bilen
gidiberipdir.
Ertesi gün ol zenan ylymdan ýüki ýetik bir sopa duş
gelipdir. Ol sopy ýaňky zenany gören badyna barypdyrda, hormat bilen onuň elinden öpüpdir. Bozuk zenan
haýran galmakdan hem utanmakdan ýaňa näderini
bilmändir. Ol ömründe beýle hormaty görmese näme!
Näme üçin beýle edenini soranda, sopy:
–– Düýn sen bir suwsuz ite rehim etdiň ahyry, Haktagala
merhemet edip, ähli günäleriňi şol ýerde bagyşlady. Indi
sen gardanam päk... –– diýipdir.

Uludan demimi aldym. Şems-i Töwriziniň näme diýmekçi
bolýanyna aňryýany bilen düşünsemem, oňa bir hili
ynanasym gelenokdy.
–– Aýdyp beren hekaýatyň gowy eken, ýöne Konýadaky
itleriň ählisini teşnelikden gandyrsamam, günämi
ýuwmaga ýeter öýdemok.
–– Ony sen bilmersiň –– diýip, Şems aýtdy. –– Ony diňe
Alla biler. Has beterem, şu gün seni metjitden kowup
çykaran adamlaryň Oňa özüňden has ýakyndygyny sen
nireden bilýäň?
–– Şeýle bolaýanda hem, bar-da, ony şol adamlara
düşündirjek bolup gör –– diýip, lapykeç dillendim.
Ýöne derwüş başyny aşak egdi.
–– Ýok, bu dünýäniň çarhy beýle aýlananok. Olara muny
biri düşündirmeli bolsa, olam özüň bolmaly.
–– O nähili? Ýagşy-da bir diňlärler-ow! Adamlar meni
ýigrenýärler. Olar tasdanam öldüripdiler-ä, görmediňmi?
–– Diňlärler! –– diýip, Şems aýgytly aýtdy. –– Sebäbi
«olar» diýen aýratyn bir barlyk ýok, edil «men» diýen
zadyň bolmaýşy ýaly. Şuny ýadyňdan çykarma: älemde
näme bar bolsa, ählisi biri-birine baglydyr. Ynsan, haýwan,
ösümlikler, jansyz zatlar... Biz ýüzlerçe, müňlerçe aýryaýry ýaradylanlar däldiris. Hemmämiz Birdiris.

Näme diýmekçi bolanyna düşünmedim. Düşündirerine
garaşdym. Ýöne ol joşup gürlemesini dowam etdi.
–– Bu-da kadalaryň biri. On dokuzynjy kada: özgelerden
hormat-sylaga, ýagşylyga ýada söýgä garaşýan bolsaň,
ilkinji nobatda, bular üçin özüňe borçlusyň. Öz-özüni
halamaýan adamynyň söýülmegi mümkin däldir. Sen
özüňi halaýan, gowy görýän mahalyň dünýä saňa tiken
ýollasa, begen. Diýmek, onuň bahym güli-de
iberjekligidir.
Sesimi çykarman durdum. Bir tarapdan, bu aýdylanlara
düşünjek
bolup
dyrjaşsam,
beýleki
tarapdan,
diňledigimçe janym rahatlyk tapýardy, göýä bu maddy
älemden gaýyp bolup gidýän ýalydym.
–– Özüňi gowy görülmäge mynasyp saýmasaň, meni
äsgerenoklar diýip, başgalara gahar edip bilermiň? ––
diýip, Şems sorady.
Şu wagta çenli bile bolan erkek kişilerim barada
oýlandym. Olaryň ysy, demi, gabarçakly elleri...
Ömrümde, gör, nijema geň öwrümlere şaýat bolupdym.
Arassa maşgalada önüp-ösen perzentleriň düşekde wagşy
jandara öwrülip bilýändigini-de, daşyndan wagşyýana
görünýän adamlaryň ýürekleriniň neneňsi ýumşak we
rehimdar bolup bilýändigini-de görüpdim.

Öz döwründe galtaman, jenjelçi bir müşderim bardy.
Düşege geçende ýüzüme tüýkürmegi endik edinipdi. Her
gezegem «Nejislik! Seniň bir haramzada!» diýip
gygyrardy.
Ýöne häzir gap-gara geýnen bir derwüş öňüme geçip,
meniň dag çeşmesi ýaly durudygymy, päkdigimi aýdýar.
Ol hamala oýun edýän ýalydy. Ýöne güljek boldum welin,
bir ýumry bokurdagyma tegek bolaýdy. Gülmeg-ä
beýlede dursun, ýuwdunybam bilmedim.
Şems serimden geçen pikirleri okaýan ýaly, çalaja
ýylgyrdy.
–– Geçmiş bir girdapdyr. Duýman durkaň, ýuwdar
goýberiberer –– diýdi. –– Ýöne saňa geregi diňe häzirki
pursatdyr. Esasy zat, häzirki pursady hakyky ýaşap
bilmekdir.
Şeýle diýdi-de, jüpbesiniň içki jübüsinden ýüpek elýaglyk
çykaryp, maňa uzatdy.
–– Al şuny –– diýdi. –– Bagdatda mübärek bir adam
beripdi, seniň nesibäň eken. Bu elýaglygy tämiz sakla.
Heran-haçan ýüregiňe şübhe aralaşsa, ol saňa içki dünýäň
arassadygyny ýatladar.
Şeýle diýenden soň, ol hasasyny alyp, gitmek bilen boldy.

–– Tizräk şol bozukhanadan daşlaş, gaýdybam o ýere
barma! Sen Anka guşusyň, hapaçylykda nä işiň bar?! Bar,
git. Hergiz yzyňa garama.
–– Ýöne nirä gideýin? Barara gapym ýok. Onsoňam meni
dessine taparlar. Bozukhanadan gaçan gyzlaryň soňy
erbetlik bilen gutarýar.
–– Soňumyzyň nähili boljagyny biz bilmeris – diýip,
Şems aýtdy. –– Ýoluň ahyrynyň nirä baryp direjegi
barada oýlanmak bihuda işdir. Sen diňe ilkinji ätlejek
ädimiň barada oýlanmalysyň. Galan zat kem-kemden
düzeler.
Başymy atdym. Soramaga zerurlyk galmady, munuň
Şemsiň kadalarynyň biridigi görnüp durdy.
Süleýman serhoş Konýa, 1244-nji ýylyň 18-nji
oktýabry
Galanja meýi-de bir göterenimde başyma çekip, gijäniň
ýarynda meýhanadan çykdym. Hristos gapa çenli ugratdy.
Ugradyp barýarka-da, nekirtläp-nekirtläp sargady:
–– Süleýman jan, aýdanlarymy ýadyňdan çykaraýmagyn.
Diliňe berk bolgun!
Başymy atdym. Bir tarapdanam, adamyň özi üçin alada
edýän dostunyň bolmagy nähili gowy diýip, öz ýanymdan
begendim. Özümi bagty çüwen hasapladym. Ýöne

garaňky köçä ädim äden dessime, süňňümi öň hiç wagt
duýmadyk argynlygym basmarlady.
Ýanymda bir küýze şerap bolsa, birje ýuwdum içäýsem,
şobada janlanaýjagymy bilýärdim.
Ýanýoda bilen çaryklarymy tykyr-tykyr seslendirip ýöräp
barýarkam, Möwlana Rumynyň ala goh bolup geçip barşy
ýadyma düşdi. Uly wagyzçynyň muşdaklarynyň
göwnüme degmegi maňa erbet täsir edipdi. Meni tanaýan
ýokdy. Diňe meýhanada içýäň diýip, metgi edip
belläpdiler. Bu dünýäde meniň iň içimi gysdyrýan zat
özüni hondan bäri tutýan adamlardy. Her kimiň günäsi
özünekä, her kim özüne jogap berýärkä, olara näme
bolýarka, teý, düşünip bilemok-da? Şu ýaşyma çenli näme
gören bolsam, özüni ýokary tutýan adamlardan gördüm.
Şeýle adamlar maňa öte köp azar beripdiler welin, olary
ýatlasam, saçlarym dik-dik boluberýär.
Ynha, şeýle oý-pikirler bilen tutluşyp, burçdan öwrülip,
kiçijik köçä düşdüm. Iki tarapdaky düzüm-düzüm äpet
agaçlar bu ýeri hasam garaňky görkezýärdi. Şulam az
ýaly, Aý buludyň aňyrsynda gizlenende töwerek dürtme
garaňkylyga öwrüldi. Şeýle bolmadyk bolanlygynda
golaýyma gelen iki ýasawuly bireýýäm görerdim.
–– Essalawmaleýkim –– diýip, olara salam berdim.

Ýöne ýasawullar salamyma «waleýk» diýmediler. Oňa
derek gijäň bimahal çagy köçede näme işläp ýörenimi
soradylar.
–– Hiç-läý, öýe barýan –– diýenimde az-kem sakawladym.
Ýüzbe-ýüz durduk. Arada sowuk ümsümlik höküm sürdi;
uzakdan üýrýän itleriň sesi eşidilýär diýmeseň, töwerekde
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Elif Şafak-Yşk - 12
  • Parts
  • Elif Şafak-Yşk - 01
    Total number of words is 3608
    Total number of unique words is 2185
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 02
    Total number of words is 3616
    Total number of unique words is 2228
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 03
    Total number of words is 3610
    Total number of unique words is 2211
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 04
    Total number of words is 3621
    Total number of unique words is 2271
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 05
    Total number of words is 3686
    Total number of unique words is 2230
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 06
    Total number of words is 3613
    Total number of unique words is 2257
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 07
    Total number of words is 3722
    Total number of unique words is 2226
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 08
    Total number of words is 3656
    Total number of unique words is 2262
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 09
    Total number of words is 3579
    Total number of unique words is 2310
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 10
    Total number of words is 3666
    Total number of unique words is 2164
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 11
    Total number of words is 3591
    Total number of unique words is 2225
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 12
    Total number of words is 3623
    Total number of unique words is 2233
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 13
    Total number of words is 3652
    Total number of unique words is 2154
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 14
    Total number of words is 3670
    Total number of unique words is 2111
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 15
    Total number of words is 3637
    Total number of unique words is 2160
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 16
    Total number of words is 3591
    Total number of unique words is 2182
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    54.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 17
    Total number of words is 3590
    Total number of unique words is 2167
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 18
    Total number of words is 3586
    Total number of unique words is 2219
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 19
    Total number of words is 3651
    Total number of unique words is 2179
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 20
    Total number of words is 3632
    Total number of unique words is 2034
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 21
    Total number of words is 3642
    Total number of unique words is 2121
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 22
    Total number of words is 3656
    Total number of unique words is 2209
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 23
    Total number of words is 3664
    Total number of unique words is 2120
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 24
    Total number of words is 3674
    Total number of unique words is 2117
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 25
    Total number of words is 3603
    Total number of unique words is 2124
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 26
    Total number of words is 3670
    Total number of unique words is 2220
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 27
    Total number of words is 483
    Total number of unique words is 391
    49.5 of words are in the 2000 most common words
    60.1 of words are in the 5000 most common words
    65.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.