Latin

Elif Şafak-Yşk - 10

Total number of words is 3666
Total number of unique words is 2164
32.8 of words are in the 2000 most common words
46.4 of words are in the 5000 most common words
54.5 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Et iýmegi bes et. Her hepdede sagdynlyk menýusyny düz,
bedeniňe gerekli idegi ýola goýup başla. (Berjaý edildi
diýse boljak!)
Rumynyň kitaplaryny satyn al, her gün azyndan iki
şygryny oka. (Berjaý edildi!)
Çagalary Brodweý sazyny diňletmäge äkit. (Berjaý
edildi!)
Dürli naharlary bişirmegi öwredýän kitap ýazmagyň
ugruna çyk. (Berjaý edildi!)
Ýüregiňi yşka aç!!! Ella esli wagtlap gymyldaman durdy,
nazary sanawyň ahyrky maddasynda eglenipdi.
Muny ýazan mahaly näme hakda pikir etdikä? Aňyndan
nämeler geçdikä? «Yşk şerigatynyň» täsiri bolmaly»
diýip, öz ýanyndan pyşyrdady. Aziz Zaharanyň romany
sebäpli soňky wagtlarda yşk hakda köp pikir edýärdi. ***
«Gadyrly Aziz,
Şu gün meniň doglan günüm! Özümi bir öwrülişik
nokadyna gelen ýaly duýýaryn. Kyrk ýaşa ýeteniňde doly
manysynda ýaşyň bir çene barandygyna düşünýän ekeniň.
Ylaýta-da, biz aýallar üçin bu şeýle. Dogrusy,
Amerikadaky aýallar žurnallary zol-zol ynsan ömrüniň

esli uzandygyny, ozallar otuz ýaş nähili bolsa, häzir kyrk
ýaşyň hem şolar ýalydygyny ýazýarlar (ozallar kyrk ýaş
nähili bolsa, häzir altmyş ýaş hem şolar ýalymyş). Ýöne
kimi aldaýarys? Kyrk ýaş kyrk ýaş bolar-da. Indi men ähli
babatda has köp zada eýe: has tejribeli, has goýalyşan,
has sagdyn pikirli. Onsoňam ýüzümdäki ýygyrtlaram,
başymda ak sepen saçlaram öňkülerden has köp. Indi men
has ynjyk, has argyn...
Doglan günlerimde men elmydama begenerdim, ýöne,
näme üçindir, şu gün irden oýananymda özümi agyr
duýdum. Ömrümiň hemişe, şeýdip, şular ýaly geçip
gitjekdigi barada oýlananymda howpurgadym.
Eýse, men durmuşymyň özgermegini, hakykatdanam,
isleýärmikäm? Birden bir zada düşündim, bu sowala
«hawa» diýseň bir hili, «ýok» diýseň ýene birhili.
Jogaplaryň ikisi-de meni eýmendirýär.
Menden has şähdaçyk bolmagyňy arzuw edýän dostuň
Ella.
Hatsoňy: biraz gussalyrak boldy öýdýän, bagyşlaweri.
Soňky döwürde özüm bilen
gidişýän, seniň romanyň täsiri bolmagam ahmal. Belki,
orta ýaşyň ruhy sarsgynlaryndan başga zat däldir...» ***
«Gadyrly Ella,

Doglan günüň gutly bolsun! Erkek adam üçinem,
zenanlara-da kyrk ýaş iň gowy ýaşdyr. Meniň pikirimçe,
kyrk − jadyly san.
Ýöne ýere däl, Nuhuň tupany kyrk güne çekipdir. Ähli ýeri
suw basdy, ýöne şol bir wagtda bu ählumumy heläkçilik
üýşen hapalaryň baryny süpürip aýryp, ýaşaýşa täzeden
başlamaga mümkinçilik berdi. Yslam tasawwufynda kyrk
san bir mertebäni geçmek üçin sarp edilen wagty, ruhy
taýdan oýanyşy aňladýar. Aň-paýhasyň dört sany esasy
basgançagy bolýar. Her birinde-de on dereje bar.
Şunlukda, bular jemi kyrk bolýar. Hezreti Isa kyrk gijegündizläp, çölde ejir çekip gezdi. Hezreti Muhammet kyrk
ýaşynda pygamber boldy. Budda yhlamur (lipa) agajynyň
aşagynda kyrk günläp pikir derýasyny boýlady. Onsoňam,
elbetde, Şemsiň kyrk altyn kadasynyň bardygyny-da
ýatdan çykarmaly däl.
Kyrk ýaşynda adam täze bir wezipäni boýnuna alýar.
Meniň pikirimçe, sen ajaýyp ýaşa ýetdiň! Garrap barýan
diýip gama batma, kyrk şeýle bir gudratly sandyr welin,
ýüzüň ýygyrtlary hem, ak saçlaryň-da onuň ýanynda
ähmiýetsiz bolup galar.
Özüňe ýagşy esewan bolmagyňy arzuw etmek bilen, Aziz».

Çöl Güli
Konýa, 1244-nji ýylyň 18-nji oktýabry.
Şunça ýyllap şu bozuk ýoluň ýolagçysy, bolsamam,
düşünmeýän bir zadym bar. Näme üçin adamlar hemişe
zenanlaryň ters ýola düşmegini ýazgarýandygyny, olara
nebsi agyrýandygyny aýdýanam bolsa, şeýle ýola düşen
zenanyň toba gelip, durmuşa bütinleý başdan
başlamagyna mümkinçilik bermeýärkäler? Hamala:
«Batga batdyňmy, hemişelik şo ýerde galyber» diýýän
ýaly. Näme üçin beýle bolýanyna düşünemok. Bir bilýän
zadym: bu dünýäde örän köp adam özgeleriň
betbagtlygynyň arkasyndan gün görýär. Ýykylanyň aýak
üstüne galyp, özüni tutmagyny islemeýär, ýer ýüzünde bir
betbagt kemelse, birahat bolýar. Ýöne kim näme diýse
diýibersin, ýüregime berk düwendirin. Bahym şu
bozukhanany taşlap giderin. Hökman giderin bu ýerden...
Şu gün irden oýananymda, janyma jaý tapmadym.
Möwlananyň wagyzlaryny diňläsim gelip ölüp-öçüp
barýardym, gözüme başga hiç zat görnenokdy. Hojaýyna
baryp aýtsam, «Ýoldan çykan heleýler haçandan bäri
metjide wagyz diňlemäge gidýän bolupdyr?» diýip,
üstümden güljegini bilýän. Ol şeýdip, sözüňi ýaňsa alyp
gülüp ugradygy mürşeren badamjan ýaly, ýüzüniň reňki
üýtgäp gidýär.

Şonuň üçinem ýalan sözlemegi ýüregime düwdüm. Gülli
bagyň bagbanynyň kimdigini soran uzyn boýly, saçy
syrylan derwüş gideninden soň, bir görsem, hünsamyz oýa
batyp oturan eken. Şular ýaly oý-hyýala çümen mahaly, ol
pähimlenen ýaly bolýar. Tüýs amatly pursat diýip, ýanyna
bardym. «Bazarlyk işim bardy, rugsat berseňiz, baryp
gaýdaýyn-la» diýdim.
Sözüme ynandy. Herhal, dokuz ýyl bäri ýanynda it wepasy
bilen işläp gelýänim üçin, özümi azda-kände ynam gazanan
adam hasaplap biljekdim.
— Ýöne bir şert bilen — diýip, hojaýyn aýtdy. — Susam hem
seniň bilen gider.
Onuň işi haýyr-la. Susamy gowy görýärdim. Ol ýüregi
arassa, akyly alty ýaşly çaganyňky ýaly hem bolsa, deşli
adamdy, haýynlygyň nämedigini bilmeýänligi üçin, örän
namysjaň hem ygtybarlydy. Onuň hakyky adynyň
nämedigini hiç kim, megerem, özi-de bilmeýärdi.
Halwany ölemen gowy görýäni üçin, oňa hemmeler
Susam diýýärdiler. Heran-haçan bozukhanadan bir zenan
bir ýana gidermen bolsa, Susam hem kölege ýaly bolup,
onuň yzyndan galmazdy. Özüň saýla diýlende-de, men
özüme şondan laýyk gözegçi tapyp biljek däldim.
Biz ekinçiligiň içinden geçýän tozanly ýoldan gitdik.
Birinji
çatryga
ýetenimizde
Susama
garaşmagytabşyrdym-da, gyrymsy agajyň ýeňsesine

aýlanyp, öňden gizläp goýan, içine erkek lybasy salnan
torbamy çykardym.
Ýöne erkek kişiniň lybasyna girmek pikir edişimden kyn
düşdi. Ilki uzyn ýaglyk bilen göwüslerimi bildirmez ýaly
saramaly boldum. Soňra goňur reňkli balak, ýüň keltekçe,
kaştan reňkli jüpbe geýdim. Kelläme-de selle oradym.
Ahyrynda-da, syýahatçy arap hasap etsinler diýip, çarwabedewi araplar ýaly, ýüzümiň ýaryny saradym. Soňra
Susamyň ýanyna bardym. Gözlerini pal daşy ýaly tegeläp,
ýüzüme çiňerilip bakdy.
— Ýör, hany, gideli — diýip, golundan tutup çekip
ugradym welin, gymyldaýyn hem diýenok. Ýüzümden
sargyny aýryp:
— Bu men-how, tanamadyň-maý? — diýdim.
Susam bir elini agzyna ýetirip, aňk bolup durşuna:
— Çöl Güli, bu senmi? Näme üçin beýle geýindiň? ―
diýdi.
— Çüşş! Saňa bir syr aýtsam, saklap bilermiň?
Susam «elbetde» diýýän manyda baş atdy.
— Gulak as— diýip pyşyrdadym. — Hiç kime
aýdaýmagyn, ylaýta-da, hünsa ýeke agyz dil ýaraýmaly
däldir! Häzir biz bazara däl-de, metjide gidýäs.

Susamyň aşaky dodagy titredi:
— Ýöne bazara gidýäs diýdiň-ä? — diýip, çaga ýaly
mydyrdady.
— Bolýar, o ýere-de gideris, ýöne häzir däl, soň. Ilki
Möwlana Rumyny diňlemäge metjide gidýäris.
Susam ýüzüme gorky bilen seretdi.
— Haýyş edýän, bu meniň üçin örän möhüm — diýip
ýalbardym. — Eger «bolýa» diýip, hiç kime aýtmasaň, saňa
ullakan halwa alyp bereýin.
— Halwa — diýip, Susam gaýtalady-da, agzyna ýakymly
tagam gelen ýaly, dilini şapbyldatdy. Ynha, biz şeýdip,
şolar ýaly süýji umyt bilen Möwlananyň wagyz edýän
metjidine tarap ýola düşdük. ***
Nikeanyň golaýynda kiçijik obada dünýä inipdim. Ejem
maňa hemişe: «Dogry ýerde dünýä inenem bolsaň, ýalňyş
zamanada doglupsyň» diýerdi.
Döwür erbetdi, ertir näme boljagy belli däldi. Bu ýyldan
indiki ýyla çenli ähli zatlar üýtgeýärdi. Ilki Haç
göterijileriň yzyna gaýdyp geljekdigi baradaky habarlar
dünýämizi daraltdy. Olaryň Konstantinopolda eden
zalymlyklary barada eşidipdik. Mülk ýerlerini talap,
kiliselerdäki ikonalary uly diýmän, kiçi diýmän, kül-uşak
edipdirler. Soňra Seljuklylaryň çozuşlary barada gürrüň

edip ugradylar. Heniz Seljukly goşunlarynyň döreden
howpy sowlup ýetişmänkä, birehim mongol çozuşlary
başlandy. Duşmanyň ismidir jismi yzygider üýtgäp duranda bolsa, kesekiler tarapyndan ýok edilme gorkymyz Ida
dagynyň başyndaky gar üýşmekleri deý üýtgewsizdi.
Ejem bilen kakam çörekhananyň eýesidi. Olar ynançly
adamlardy, oňat hristiandy. Çagalygymdan ýadymda
galan ilkinji zat, ýaňy tamdyrdan çykan çöregiň ysydy.
Biz baý däldik. Muny kiçijikkämem bilýärdim. Ýöne juda
garyp däldigimizem bilýärin. Çörekhana dilegçilige gelen
pakyr-pukaranyň gözügidijilikden doly bakyşlaryndan
ýagdaýymyzyň niçikdigini aňýardym. Her gije ýatmazdan
öň, çöküme düşüp doga okap, bizi aç ýatyrmaýany üçin
Taňra şükür edýärdim. Onuň bilen dostuma ýüzlenýän
ýaly gürleşerdim. Sebäbi şo döwürde Haktagala meniň
dostumdy.
Ýedi ýaşymdakam, ejem hamyla boldy. Häzir oýlanyp
görýän welin, kim bilýär, öň näçe gezek göwresinden çaga
aýrylandyr, ýöne ol döwürler bu zatlara akylym
ýetenokdy. Men şeýle bir günäsizjedim, hatda «bäbekler
nädip dünýä gelýärler?» diýip sorasalar, Taňrynyň olary
ýumşajyk, täzeje palçykdan eýläp ýasaýandygyny gürrüň
berýänim çala ýadyma düşýär.
Ýöne ejemiň garnyndaky eýlenen palçyk weli, äpet bir
zada meňzeýärdi. Köp wagt geçmänkä, onuň garny

burnuna ýetip duran boldy. Şeýle bir ulaldy welin, ýöräp
bilmez hala düşdi. Obamyzyň göbegenesi ejemiň bedenini
suw alandygyny aýtsa-da, näme diýmekçi bolandygyna
düşünmändim, «Suw almagyň nämesi erbetkä?» Emma
ejemiň hem, göbegenäniň hem bilýän zady ýokdy: ejemiň
göwresinde bir dälde, üç bäbejik bar eken. Üçüsi-de oglan.
Doganjyklarym ejemiň garnynda oňuşmandyrlar. Dünýä
inmeklerine az galanda üçemleriň biri beýlekisini göbek
bagy bilen bogupdyr, boglan bäbegem ar almak üçin
çykyş ýoluny baglapdyr. Şeýlelikde, bäbekleriň ählisi
çykyp bilmän, gysylyp galypdyr. Ejem dört günläp
doganjyklarymy dogurmak üçin kösendi. Tä sesi-demi
tükenýänçä, gije diýmän, gündiz diýmän ejemiň ahynalasy kesilmedi.
Göbegene ejemi ölümden alyp galyp bilmänsoň,
doganjyklarymy halas etmegiň ugruna çykdy. Ol eline
gaýçy alyp, ejemiň garnyny ýaranam bolsa, diňe bir
bäbejigi halas etmegi başardy. Oglan doganjygym, ynha,
şeýle ýagdaýda dünýä geldi. Kakam «belaň körügi şonda»
diýip, doganjygymy dünýä inen gününden halamady.
Hatda onuň çokundyryş dabarasyna-da gatnaşmady.
Ejem aradan çykandan soň, kakam haçan görseň haly teň,
gödeňsi adama öwrüldi. Onsoň durmuşyň hezili gaçdy,
çörekhanamyzyň işleri hem gaty bahym ýaramazlaşdy.
Günleriň birinde çörekhana gelýän dilegçiler ýaly

bolarmykak öýdüp gorkýardym. Düşegimiň aşagynda
çörek gizläp başladym; çörekler şol ýerde gurap, gatap
galardy. Ýöne esasy kynçylygy menden beter doganjygym
çekdi. Men bolmanda, birmahal mähir, hamraklyk
görüpdim. Doganym bu zatlaryň tagamyny hem
datmandy. Oňa beýle erbet çemeleşilmegi meni
gynandyrýardy. Ýöne, dogrusy, kakamyň gazabyna
özümiň sezewar bolmanym üçin, özümi bagtly hasap
edýärdim. Ýöne şonda doganyma goldaw berip bilen
bolsadym, belki, häzir bar zat başgaça bolardy. Menem,
belki, bu gün Konýadaky bir bozukhanada bolmazdym.
Durmuş nähili geň!
Bir ýyl soňra kakam täzeden öýlendi. Doganymyň
durmuşynda üýtgän zat ýeke şu boldy: ol öň diňe
kakamdan ejir görýän bolsa, indi onuň üstüne öweý
ejemiň hem görkezýän hunabasyny ýuwutmaly bolýardy.
Wagt geçdi. Indi jigim mümkinçilik tapsa, öýden
gaçýardy. Yzyna gaýdyp gelende öňküdenem erbet
ýoldaşlar tapynyp, häsiýeti hasam ýaramazlaşýardy. Bir
gezek kakam ony şeýle erbet ýençdi welin, diri galanyna
haýran galaýmalydy. Şol günden soň, doganym gaty tiz
özgerdi, seredişinde ýowuzlyk peýda boldy. Serinden
nähili oý-pikirleri geçirýändigini syzýan hem bolsam,
neneňsi erbet işleri ýüregine düwüp ýöreninden habarym
ýokdy. Wah, men ony bilen bolsadym. Käşgä, bu
pajyganyň öňüni almagy başaran bolsadym.

Köp wagt geçmänkä, kakam bilen öweý ejemiň jansyz
jesediniň üstünden bardyk. Biri iýýän çörekleriniň ununa
syçan zäherini goşupdyr. Habar ýaýran badyna hemmeler
muny doganymdan gördüler. Ýasawullar sorag-idege
başlansoň, olam gorkup gaçyp gitdi. Doganymy gaýdyp
görmedim. Şeýdip, bu dünýäde birden ýalňyz galdym
oturyberdim. Ejemiň ysy siňen öýde durup bilmedim.
Çörekhanamyza aýagymy sekesim gelmedi. Ahyry bu
dünýädäki ýeke-täk garyndaşym bolan kakamyň aýal
doganynyň ýanyna gitmegi ýüregime düwdüm. Ol
durmuşa çykman garran gyzdy, Konstantinopolda
ýaşaýardy. Öýümizidir dükanymyzy taşladym-da,
niredesiň şonuň ýany diýip ýola düşdüm. Şol wagt on üç
ýaşymdadym.
Konstantinopola gidýän bir ýolagçynyň arabasyna
mündüm. At arabasynda iň ýaş ýolagçy özümdim. Ýola
düşenimize birnäçe sagat bolanda, öňümizi galtamanlar
kesdi. Ähli zadymyzy aldylar: ýantorbalarymyzam,
çuwallarymyzam,
başgaplarymyzam,
ädikdir
aýakgaplarymyzam, jöwherlerimizem, hatda arabakeşiň
şöhladyna çenli sypyryp aldylar. Berere zadym
bolmansoň, ses-üýnümi çykarman, bir çetde durdum;
özüme azar bererler öýtmedim.
Ýöne ugrajak bolup durkalar, garakçylaryň baştutany maňa
tarap öwrülip:

— Owadanja gyz, bäriňe gara, heniz boý gyzmyň? — diýdi.
Utanjymdan gyzardym. Beýle gelşiksiz sowala jogap
berjegem bolmadym. Meniň ýüzümiň gyzarmagy ol
adamyň garaşýan jogaby bolsa nätjek.
Garakçylaryň baştutany:
— Hany, ugralyň — diýdi. — Atlaryň ählisini alyň, şu
gyzam alyň!
Men dady-perýat edip aglasam-da,
ýoldaşlarymyň hiç biri kömek edeýin diýmedi. Garakçylar
meni gür tokaýlyga alyp bardylar. Tokaýyň ortarasynda
olaryň obasy bar eken. Ol ýerde bir topar aýaldyr çaga
bardy. Töwerekde ördekler, gazlar, geçiler, doňuzlar
moýmuldaşyp, ýaltalyk bilen iýmit çöpläp, otlap ýördüler.
Içinde garakçylar bolmasa, bu ýeri dünýäniň iň gözel
künjegi hasaplap boljakdy.
Köp wagt geçmänkä, garakçylaryň baştutanynyň näme
üçin boý gyzdygymy soranynyň manysyna düşündim.
Olaryň bir serdary bar eken. Ol garahassa keseline uçrap,
ýagdaýy agyr eken. Uzak wagtdan bäri düşekde ýatan
eken. Her dürli em edip görseler hem peýdasy degmändir.
Ýöne biri oňa jadyly bir dermany salgy beripdir: «El
degmedik gyz bilen bolsaň, keseliň şoňa geçer, derdiň el
bilen aýrylan ýaly, şypa taparsyň».
Ömrümde ýatlasym gelmeýän nijeme zatlar bar. Tokaýda
geçiren günlerim hem şolaryň arasynda. Häzir hem haçan

tokaýy ýadyma salsam, diňe arça agaçlary barada
oýlanýan. Obadaky aýallaryň ýanynda bolman, gidip
agaçlaryň arasynda ýeke özüm oturyp aglaýardym. Bu
ýerdäki zenanlar garakçylaryň aýallarydyr gyzlarydy.
Onsoňam bu ýere öz islegi bilen gelen bozuk aýallar hem
bardy. Olaryň bu ýere näme üçin gelendiklerine asla
düşünip bilmeýärdim.
Men bir zady ýüregime berk düwüpdim, maýyny tapsam
gaçmakçydym.
Mahal-mahal tokaýyň içinden geçip gidýän atarabalaryny
görýärdim, köpüsi-de asylzadalara degişlidi. Şol
arabalaryň näme üçin talanmaýanyna hiç düşünip
bilmeýärdim. Soňra bilip galdym, arabakeşler tokaýa
girmänkä, garakçylara parapeşgeş berip, bu ýerden amansag geçip gidýän ekenler. Ýagdaýyň nähilidigine göz
ýetirip, ähli zady ölçerip-dökdüm. Şeýdibem, uly şähere
barýan bir arabakeşi saklap, özi bilen alyp gitmegini
ýalbardym. Ol pulumyň ýokdugyny bilse-de, ummasyz
köp ýolkireý talap etdi. Men ony başga görnüşde töledim.
Konstantinopola baryp, ol ýerde birnäçe gün bolanymdan
soň, tokaýdaky bozuk aýallaryň şol ýere näme üçin
meýletin barýandyklaryna düşündim. Şäher tokaýdan
hem beterdi. Kakamyň aýal doganyny gözlemäge
zerurlyk hem duýmadym. Ol özüm ýaly ters ýola düşüp,
entäp ýöreni öýünde göresi gelmez ahyry. Ýalňyz galdym.

Şäheriň ruhumy ezmesi uzaga çekmedi. Indi men bütinleý
başga dünýäde; ýowuzlygyň, şeriň, zorlugyň, zulmuň,
keselçiligiň dünýäsindedim. Yzly-yzyna näçe gezekler
hamyla boldum. Çişläp-çişläp, näçe çaga aýyrtdym.
Bedenim şeýle bir lagar düşdi, görüm görmeden galdym,
ýaş başyma göwreli bolmakdan mahrum düşdüm.
Şol köçelerde şeýle bir zatlara şaýat boldum welin, beýan
edere söz tapamok. Şäheri taşlap gaýdanymdan soň,
esgerler, hokgabazlar, oýunçylar, gözbagçylar, siganlar
bilen gezdim, hemmesiniňem keýpine köle boldum. Soňra
Şagalkelle atly bir ämert duşdyda, meni Konýadaky şu
bozukhana getirdi.
Işine ýarap ýörenim üçin, hünsa hojaýyn meniň nireden
gelendigime ähmiýet berip durmady. Çaga dogrup
bilmeýändigimi eşidip örän begendi, göwrelilik meselesi
boljak däldi. Önelgesizligimi aýratyn nygtamak üçinem,
ol maňa «Çöl» lakamyny dakdy. Ýöne bu adyň bir özüniň
guraksy eşidiljekligi sebäpli, ýanyna owadanlyk üçin
«Gül» sözünem tirkedi: şeýdip, Çöl Güli boldum
galyberdim. Men muňa üns hem bermedim, gatam
görmedim. Gülleri gowy görýärdim. Eýse, ýitirere başga
nämäm bar?
Oýlanyp görýän welin, iman hem ýaşyryn gül bakjasy
ýaly bir zat eken. Öz döwründe şol bakjanyň içinde gezim
edip, beýhuş ediji ysyny içime sorardym. Ýöne, ynha, bir

gün özümi jennetden kowlan ýagdaýda ― daşarda
gördüm. Taňrynyň maňa ýene gujak açmagyny näler
isleýän; käşgä çagalygymdaky ýaly, oňa ýönelsemdim.
Şu arzuw bilen iman bagynyň töwereginde gezip, açyk
gapy gözleýärdim.
Ýöne tapdyranokdy.
***
Ahyry Susam bilen metjide bardyk. Gözüme ynanyp
bilmedim. Her jüre kesp-kärdäki adamlar köçeleri,
geçelgeleri tutup durdy. Metjidiň aýallara degişli haremlik
böleginem erkekler eýeläpdir. Iňňe oklasaň ýere düşmejek
mähelläniň içinde nädip ýer tapaýyn? Umydym üzülip,
yzyma dolanaýyn diýip durkam, öň ýanymdaky hatardan
bir gedaýyň çalasynlyk bilen ýerinden turup, köpçüligi
böwsüp, metjidiň çykalgasyna tarap ugranyny gördüm.
Dessine şonuň ýerine geçdim. Susam bolsa daşarda galdy.
Ynha, şeýdip, men, Çöl Güli diňe erkek adamlaryň
dolduryp duran metjidinde otyrdym. Howsalalydym. Şu
adamlar öz aralarynda erkek lybasyna giren aýalyň
oturandygyny bilseler näderdikäler? Muňa çydamsyz
garaýan hallaryna, ol aýalyň bozuk zenandygyny dagy
biläýseler, ýagdaýyň neneňsi boljagy barada oýlanasym
hem gelenokdy. Ýöne men Möwlanany diňlemäge
gelipdim. Özüme ýol görkezjek sese mätäçdim. Ähli

gorky-ürkimi, howsalamy bir ýana goýup, bar ünsümi
wagyz diňlemäge berdim. Rumy labyzly gürleýärdi:
— Ulug Alla jübütlikde, gapma-garşylykda sagadat,
bagtyýarlyk döresin diýip takdyry ýaradypdyr — diýdi. —
Ýöne ýere bu dünýä Älem-i Kewn-ü Fesad, ýagny Barlyk
hem Gapma-garşylyk älemi diýilmändir. Bu ýerde ähli zat
jübütlikde, gapmagarşylykda ýüze çykýar. Diňe
Allatagalanyň taýy ýokdur. Şonuň üçinem ol hemişe syr
bolup galýar.
Wagyz aýdýarka, Rumynyň sesi dag çeşmeleri ýaly, joşup
çykýardy.
— Aşakda toprak, ýokarda asman,.. dünýäniň ähli zady
şeýledir. Bolçulyk hem gahatçylyk, uruş hem
parahatçylyk... Her bir zadyň hökman öz jübüdi-taýy
bardyr. Ýadyňyzdan çykarmaň, Alla hiç bir zady ýöne
ýere ýaradan däldir. Kindiwanja dänäniň hem şu ylahy
nyzamda öz orny bar.
Bu dünýäde tötänden düşen ýa-da ýerliksiz, artykmaç
ýekeje zadyň hem ýokdugyna göz ýetirdim. Her bir zat
haýsydyr bir maksada hyzmat edýär. Ejemiň hamylalygy,
üç doganymyň ene garnyndaky amansyz tutluşygy,
doganymyň ýalňyzlygy, hatda kakamyň ýa-da öweý
ejemiň öldürilmegi, tokaýda başymdan geçiren şol
gorkunç günlerim, Konstantinopolyň köçelerindäki

sergezdançylyklarym... bularyň ählisi hemde her biri
meniň ykbalyma öz täsirini ýetiripdi. Her bir kynçylygyň
arkasynda we aňyrsynda başga bir syr, başga bir sebäp
ýatyrdy. Düşündirip bilmesem-de, ony ýüregimden
syzýaryn.
Günortandan soňra agzy-burny bilen doly mähelleli
metjitde Rumyny diňleýän wagtym kalbyma bir hili
rahatlyk, giňlik, takdyra ten bermeklik –– kaýyl lyk
aralaşdy. Ol duýgy ejemiň bişiren çörekleri ýaly mähirlidi
hem ýumşajykdy...
Hasan gedaý Konýa, 1244-nji ýylyň 18-nji
oktýabry
Möwlana Rumynyň jany sag, garny dok bolansoň, oňa
kynçylyga döz gelmegiň ýagşy işdigi barada akyl satmak
aňsat. Adam bilýän zady barada gürlemeli, bilmeýän zady
hakynda takal okajak bolmaly däl. Ony diňläp çydap
durup bilmedim, öz-özüme hüňürdäp, metjitden çykdym.
Baryp ýene kerkaw agajyň düýbünde oturdym. Metjitdäki
jemagat dagaýança, hiç kimiň öňüme pul oklamajagyny
bilýänim üçin, töweregimi biperwaýlyk bilen synlap
başladym. Tas irkiläýmeli bolup durkam, öň hiç wagt
görmedik bir adamym gözüme ildi. Ol boýdan-başa gara
geýnendi, ýüzünde ýeke tüýem ýokdy, elinde uzyn hasa,
bir gulagynda bolsa, kümüş gulakhalka bardy. Bolşy bir
hili üýtgeşik bolany üçin, ondan gözümi aýryp bilmedim.

Derwüş saga-sola garandy. Birdenem maňa gözi düşdi.
Adamlaryň görmediksirän bolmagyna öwrenişenimden
bolsa gerek, ol hem dessine beýlesine bakar öýtdüm. Ýöne
derwüş sag elini ýüreginiň üstüne eltip, hamala köne tanşy
ýaly salam berdi. Aňk boldum. Başga birine salam
beräýdimikä diýip, biygtyýar töweregime garanjakladym.
Ýöne töweregimde kerkaw agajy bilen özümden başga
janly-jemende ýokdy. Ahyry, salamyň özüme berlenine
göz ýetirip, menem elimi ýüregimiň üstüne goýup,
salamyna jogap berdim.
Ol howlukman ädimläp, ýanyma geldi. Başymy egdim,
öňümdäki gabyma mis şaýylyk oklar ýa-da gury çörek
uzadar öýtdüm. Ýöne derwüş golaýjagyma geldi-de,
dyzyny epdi. Meniň bilen deň ýagdaýda oturyp, nazaryny
gözüme dikdi.
–– Salamünaleýküm, gardaş –– diýdi.
–– Aleýkümsalam, derwüş –– diýdim. Öz sesim özüme
bir hili ýat bolup eşidildi. Birdenem hiç kim bilen
gürleşmänime gaty köp wagt geçendigine düşündim. Tas
öz sesimi unudaňkyrlan ekenim.
Ol öz adynyň Töwrizli Şemsdigini aýtdy. Soňra adymy
sorady.
Men gülüp:

–– Adym näme bolanda parhy nä? ― diýdim.
Derwüş garşy çykdy:
–– Her adamyň bir ady bolýandyr. Allanyň ady bolsa
sanýetmez kändir. Biz olaryň diňe togsan dokuzysyny
bilýäris. Özüň oýlanyp gör, Allanyň şonça ady barka,
Onuň öz ruhundan ruh beren ynsany nädip atsyz ýaşap
bilsin?
Sowala näme jogap berjegimi bilmedim. Dogrusy,
synanyşjagam bolmadym. Oňa derek:
–– Birmahallar ejem hem bardy, aýalym hem. Olar maňa
Hasan diýerdiler –– diýip, onuň aýdanyny unadym.
Şems başyny atyp:
–– Beýle bolsa adyňy Hasan diýip tutaryn –– diýdi.
Soňra asla garaşmaýan hereketimi etdi. Goltugyndan
kümüş aýna çykardy-da, maňa uzadyp:
–– Al şuny – diýdi. –– Muny Bagdatda bir mübärek adam
beripdi. Ýöne seniň nesibäň eken. Birden özüňi ýadyňdan
çykaraýsaň, saňa içiňdäki Ylahy Gözelligi görkezer.
–– Pis açan adama aýna berýäňmi? –– diýip, haýran galyp
soradym. –– Şeýle betnyşanlygyma garamazdan...
Gürrüňimizi dowam etmäge mümkinçilik bolmady, ýeňse
tarapdan bir goh turdy. Başda metjitde bir jübükeseri

tutandyrlar öýtdüm. Ýöne kömek sorap gygyrýanyň sesi
barha çirkin çykdy. Gohuň çaklaýşymdan has mojuk zat
üçindigi görnüp durdy. Bir jübükeser üçin munça gohgalmagalyň bolmajagy bellidi.
Nämäň nämedigine bahym göz ýetirdik. Görüp otursam,
bir aýal erkek lybasyna çolanyp, metjide girmäge
synanyşan bolsa nätjek. Üstesine-de, ol päk zenan hem
bolman, barypýatan bozuk aýalmyş. Bir topar adam ol
aýaly tutup, urup-ýenjip metjitden çykarýardy.
Yzlaryndanam ýene birgiden adam gazap bilen
gygyryşýar.
–– Şu tüpbozany gamçylaň! Ýenjiň şol bozuk heleýi!
Gazaba münen adamlaryň bir topary köçä çykdy. Olaryň
arasynda erkek lybasyny geýen ýaş zenanyň bardygyny
gördüm. Gorkudan ýaňa zähresi ýarylan zenanyň ýüzüniň
gany gaçyp, reňki agarypdyr. Onuň badam gözleri
töwerege wehim bilen garaýardy. Şu wagta çenli gaty köp
ýenjilme wakasyna şaýat bolupdym. Her gezegem meni
bir zat haýran galdyrýardy. Nädip, ýeke özükä pespälli,
kiçigöwünli, hoşgylaw, alçak adamlar köpçüligiň içine
aralaşan badyna üýtgäp, gedemleşip, birehim bolup
bilýärkäler?! Kimisi daýhan, kimisi täjir-jerçi, kimisi agaç
ussasy bolan, belki, garynjany-da ynjytmajak adamlar
topar bolup hereket eden mahaly, näme üçindir,
ýowuzlaşýardylar. Gyzyl ýumruga girmek bolsa, adaty

waka öwrülýär. Köplenjem şeýle tutluşyklaryň soňy gan
bilen tamamlanardy. Soňra pida bolanlaryň jesedi görene
göz bolsun diýip, meýdanda asylyp goýlardy.
–– Görgüli zenan –– diýip derwüşe ýüzlendim. Ýöne
öwrülip sereden mahalym, Şemsiň duran ýerinde
ýokdugyny gördüm.
Bir görsem, derwüş olara baka ýaýdan atylan ok ýaly,
süýnüp barýardy. Onuň adamlaryň üýşmegine tarap
aýgytlylyk bilen barşy ynanar ýaly däldi. Menem derhal
şo tarapa eňdim. Derwüşiň yzyna eýermek mümkin däldi.
Şems adamlaryň üýşüp duran ýerine baryp, hasasyny
baýdak ýaly howada galgatdyda, sesiniň ýetdiginden:
–– Saklanyň! –– diýip gygyrdy.
Köpçülik tolkun atyp gitdi. Zenany urup-ýençmesini
goýup, adamlar ýollaryny kesen bu gara geýimli telbä
seredişdiler.
–– Utanyň, bu nä boluş? –– diýip, Şems gygyrdy-da,
hasasynyň demir ökjesini ýere urdy. –– Otuz erkek bolup,
bir zenany ýençýäňiz, şeýlemi? Bu edýän işiňiz dürsmüdir?
Tegelek ýüzli, bir gözi gypyk daýaw adam dessine öňe
çykdy:
–– Bu aýal dürs çemeleşeniňe degenok –– diýdi. ––
Mynasyp adama dürs çemeleşilýändir.

Bolşundan çen tutsaň, ol özüni şu adamlaryň öňbaşçysy
hökmünde görýän bolmalydy. Golaýyna baranymda ony
tanadym. Ol Baýbars atly ýasawuldy. Konýa şäheriniň
dilegçi gedaýlarynyň ählisi ondan bizardy.
–– Bu aýal jemagatyň gözüni baglamak üçin erkek
lybasyna çolanyp metjide geldi, utanman musulmanlaryň
arasyna goşuldy –– diýip, Baýbars sözüni dowam etdi.
–– Diýmek, seniň aýdyşyňa görä, bu ynsan metjide wagyz
diňlemäge gelipdir, indem muňa näme jeza bersekkäk
diýýäňiz, şeýlemi? –– diýip, Şems sorady. –– Haçandan
bäri jumga namazyna gelmek jenaýat hasaplanýar, sizden
soraýan?
Mähelleden bir pursat ses-seda çykmady.
Gahardan ýaňa ýüzi çym gyzyl bolan başga bir adam:
–– Aýallara onsuzam jumga namazy parz däl,
gelmesinler! –– diýip yzdan gygyrdy. – – Onsoňam bu
aýal beýle arassa heleýem däl. Kemçin! Mukaddes
metjitde näme işi barmyşyn?
Şol wagt yzrakda duranlaryň birnäçesi çydam edip durup
bilmän, sesiniň ýetdiginden gygyryşdylar:
–– Bihaýa! Utançsyz!
Joşgunyna bäs gelip bilmedik bir ýetginjek öňe
okduryldy, ol zenanyň sellesine ýapyşdy-da, güýjünde

baryny edip çekdi. Selle çözülensoň, zenanyň ýalpyldap
duran uzyn, bugdaý reňk saçlary tolkun-tolkun bolup
döküldi. Hemmeleriň demi tutuldy. Bu bozuk zenanyň
ýaşlygy, owadanlygy akylyňy haýran edýärdi.
Şems adamlaryň kalbyndaky bulaşyk duýgulary duýmaga
ukyply bolsa gerek:
–– Bir karara geliň, gardaşlar, bu zenany hor-zar
görýärsiňizmi ýa-da hoş görýäňizmi? ― diýip, hemmelere
ýüzlendi.
Şeýle diýen badyna, Şems bozuk aýalyň elinden tutup,
ony özüne tarap çekdi; şeýdibem, biçäre zenany
mähelläniň içinden sogrup aldy. Ýaş zenan ejesiniň
gujagynda gizlenen kiçijik çagajyk ýaly, derwüşiň
arkasynda bukuldy.
Baýbars Şemsiň üstüne sürnüp, sesini gataltdy:
–– Öte geçýäň, derwüş, sen bu ýerlere näbelet, biziň
adatlarymyzy bileňok. Sen bu işe burnuňy sokma.
Onsoň ýene biri gürrüňe goşuldy:
–– Sendenem bir derwüş bolarmy? Bir bozuk heleýe arka
çykmakdan başga işiň ýokmy?

Şems-i Töwrizi bu aýdylýanlary diňleýän ýaly, esli wagtlap
sesini çykarman durdy. Ýüzünde gahardan nam-nyşan
ýokdy. Rahatdy hem aýgytlydy.
–– Ýagşy ― diýip, Şems söze başlady. ― Siz başda onuň
aýaldygyny nädip bildiňiz? Diýmek, siz metjide gelip,
töweregiňize garanjaklap otyrsyňyz-da? Hakyky
musulman ýanyndaky ýalaňaç hem bolsa, onuň
şeýledigini aňmaz. Her kim Allany çyny bilen ýatlasa,
Ondan başga ähli zady unudar. Siz bu gün şu eden işiňiz
arkaly özüňiziň kimdigiňizi bildirdiňiz. Beýtmek bilen, öz
küý-köçäňiziň başga ýerdedigini görkezdiňiz! Häzir
yzyňyza, metjide baryň, enşalla, belki, bu gezek dogrydürs iman edersiňiz.
Uly köçä bir hili düşnüksiz ümsümlik aralaşdy!
Ýanýodalardan göterilen çaňtozandan başga hiç zatda we
hiç kimde gymyldy-hereket ýokdy.
Ahyry Şems-i Töwrizi hasasyny hereketlendirip:
–– Hany, ähliňiz yzyňyza ― Möwlanany diňlemäge baryň
–– diýip, köpçüligi ugratdy.
Görýän zatlaryma ynanyp bilemokdym. Hemmeler özüni
ýitiripdi. Hiç kim yzyna gitmese-de, mähelläniň köpüsi
birnäçe ädim yza süýşdi. Näme etjeklerini bilmän,
töweregine manysyz garanjaklaýanlar kändi. Hut şol
mahal bozuk zenan derwüşiň aňyrsynda gizlenen

ýerinden çykdy-da, ürkejik dag towşany ýaly atylyp, uzyn
saçlaryny galgadyp ylgap gitdi. Göz açyp-ýumasy
salymyň içinde-de ýakyndaky köçeleriniň birinde gözden
ýitdi.
Iki adam onuň yzyndan kowalamaga synanyşdy. Emma
Şems-i Töwrizi hasasyny adamlaryň aýagynyň aşagyna
şeýle bir duýdansyz oklady welin, olaryň ikisi-de oňa
büdräp, ýere ýazyldy. Töwerekdäkiler gülüşdiler. Menem
güldüm.
Aljyrap özüni ýitiren iki adam aýak üstüne galýança,
bozuk zenan bireýýäm gözden ýitipdi, derwüş bolsa ol
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Elif Şafak-Yşk - 11
  • Parts
  • Elif Şafak-Yşk - 01
    Total number of words is 3608
    Total number of unique words is 2185
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 02
    Total number of words is 3616
    Total number of unique words is 2228
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 03
    Total number of words is 3610
    Total number of unique words is 2211
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 04
    Total number of words is 3621
    Total number of unique words is 2271
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 05
    Total number of words is 3686
    Total number of unique words is 2230
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 06
    Total number of words is 3613
    Total number of unique words is 2257
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 07
    Total number of words is 3722
    Total number of unique words is 2226
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 08
    Total number of words is 3656
    Total number of unique words is 2262
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 09
    Total number of words is 3579
    Total number of unique words is 2310
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 10
    Total number of words is 3666
    Total number of unique words is 2164
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 11
    Total number of words is 3591
    Total number of unique words is 2225
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 12
    Total number of words is 3623
    Total number of unique words is 2233
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 13
    Total number of words is 3652
    Total number of unique words is 2154
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 14
    Total number of words is 3670
    Total number of unique words is 2111
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 15
    Total number of words is 3637
    Total number of unique words is 2160
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 16
    Total number of words is 3591
    Total number of unique words is 2182
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    54.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 17
    Total number of words is 3590
    Total number of unique words is 2167
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 18
    Total number of words is 3586
    Total number of unique words is 2219
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 19
    Total number of words is 3651
    Total number of unique words is 2179
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 20
    Total number of words is 3632
    Total number of unique words is 2034
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 21
    Total number of words is 3642
    Total number of unique words is 2121
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 22
    Total number of words is 3656
    Total number of unique words is 2209
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 23
    Total number of words is 3664
    Total number of unique words is 2120
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 24
    Total number of words is 3674
    Total number of unique words is 2117
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 25
    Total number of words is 3603
    Total number of unique words is 2124
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 26
    Total number of words is 3670
    Total number of unique words is 2220
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 27
    Total number of words is 483
    Total number of unique words is 391
    49.5 of words are in the 2000 most common words
    60.1 of words are in the 5000 most common words
    65.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.