Latin

Elif Şafak-Yşk - 24

Total number of words is 3674
Total number of unique words is 2117
32.1 of words are in the 2000 most common words
45.5 of words are in the 5000 most common words
51.8 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
— Meni halaňokmy? — diýip soranda Ellanyň sesi juda
göwni galanyňky ýaly çykdy.

— Seni betbagtlyga eltjek işi etmek islämok. Aňyň gaty
bulaşyk. Bäş minutyň içinde kyrk sany aýry-aýry oýpikiri
seriňden geçirýäň. Meni hem ýoldaş, hem söýgüliň
hökmünde göresiň gelýär. Häzir ätjek bir ädimiň ertir
irden ökünç bilen oýanmagyňa sebäp bolmagy ahmal.
Muňa ýol bermek islämok.
Ella, bir tarapdan, bu düşündirişe gahar etdi, bozuldy.
Zenanlyk mertebesine agyr ýara düşdi, ynjady. Ýöne
beýleki bir tarapdan, ynjaldy, ýeňledi, göwni giňedi.
Aziziň yşky gurşap alýan, birleşdirýän, basyp alýan,
hasap soraýan, gabanýan söýgi däldi. Bu gatnaşyk demir
gapy ýaly üstüňe ýapylmaýardy. Tersine, öňden bäri
gulply duran gapylary açýardy. «Uç — diýýärdi. — Islän
tarapyňa, isledigiňçe uç...»
Aziziň yşky hem özi ýalydy. Bendilik barada däl-de,
erkanalyk barada söz açýardy! ***
Gijäniň ýarynda Ella Rubinşteýn Bostondaky öýleriniň
gapysyny açdy. Gaýyş kürsä geçip süýndi; diwanda
ýatasy gelmedi. Adamsynyň ol ýerde başga aýallar bilen
ýatyp-turany üçin däl-de, öz öýünde özüni keseki ýaly
duýýandygy üçin, kürsüde ýatanyny kem görmedi. Bu
ýerde ol özüni hamala myhman ýaly duýdy. Dogrusy,

onuň asyl «menligi» oňa başga bir ýerde sabyrlylyk bilen
garaşýardy.
Şems Konýa, 1247-nji ýylyň maý aýy
Şu gije meniň toý gijäm. Howluda oturyp, öýden
göterilýän sesleri diňledim. Gülki, saz, gep-gürrüňler.
Öýüň aýallara degişli haremlik bölegindäki zenan
sazandalar. Näme üçindigini bilemok, nika gijesi aýallar
hasratly, maňzyňa batýan aýdymlary aýdýarlar. Biz
sopular ölümi toýa meňzedýäris. Aýallar bolsa toýy
ölüme meňzedýärler. Söýüp, isläp durmuşa çyksalar-da,
durmuş ýoluna öten-geçene aglaýan ýaly aglap
girýärler...
Ahyry myhmanlar dagaşansoň öýe bardym, bir künjekde
ümsüm oturyp, oý-hyýallara çümdüm. Soňra Kimýanyň
maňa garaşýan hylwat otagyna geçdim. Ol düşekde
otyrdy; egninde ap-ak lybasy bardy, bilinde bolsa gyzyl
guşak, täze gelinlere daňylýan başdaňy sarym-sarym
daňlypdyr, saçynyň her örümine hünji, monjuk
dakylypdyr. Zerli galyň nikabyň aňyrsyndan ýüzüni
görmek mümkin däldi. Perwazda duran şemden başga
ýagty saçýan zat ýokdy. Diwardaky aýnalaryň ýüzi goýy
mahmal matalar bilen örtülipdir. Toý gijesinde täze
gelniň
aýnada
keşbini
görmegi
bişowluk
hasaplanýandygy sebäpli, onuň alajyny edipdirler.

Düşegiň gyrasynda bir pyçak bilen nar durdy. Är-aýal bu
nary bile iýmelidi, çünki nar däneleri ýaly çagalary köp
bolsun diýlip yrym edilýär.
Kerra şu töweregiň adatlaryny maňa öňünden öwredipdi,
gelniň ýüzüni görmek üçin oňa altyn pul bermelidigimide düşündiripdi. Ömür boýy altynym bolmady! Şonuň
üçinem Kimýanyň nikabyny göterip, maňlaýyndan bir
posa aldym. Ýylgyrdy.
— Nähili owadan bolupsyň! — diýdim.
Gyzardy. Ýöne dessine eginlerini dikleşdirip, ýaşyndan
uly görünmäge çalyşdy.
— Indi men seniň aýalyň — diýdi.
Ony ýene bir gezek öpdüm, ýöne bu gezek dodak laryndan
öpdüm. Deminiň ýylysy bedenimde, birhili, isleg
tolkunyny döretdi. Saçlary ýasemin ysyndan burk
urýardy. Gapdalynda ýatdym, hoşboý ysyndan sordum;
ellerimden tutdy. Ýeke-täk islegim onuň içine girip ýitip
gitmekdi. Ol şine açan gül ýaly, özüni maňa bagyşlady.
Yza çekildim.
— Bagyşla, Kimýa, muny beýdip bilmen. Ol arzuwlary
puja çykanyň bakyşy bilen maňa seretdi.

Gyz göýä näziklikden ýasalan heýkel ýalydy, üfleseň
dagarly görünýärdi. Ýüzüne ikinji gaýta seredip
bilmedim. Aýak üstüne galdym. — Men gitmeli.
— Bolmaz! Gidip bilmersiň! — Gürleýän hamala Kimýa
däl ýalydy, başga biridi. Ondan has batyrgaý hem
dogumly, berdaşly hem hökümli biridi. — Alaga-da
otagdan çyksaň, goňşy-golam näme diýer? Nika gijesi
hylwatda bolmandygymyzy bilerler. Sebäbini hem
menden görerler.
— Näme diýmekçi bolýaň? — diýdim. Ýöne nämäniň
gürrüňini edýänine düşünýärdim.
— El degmedik gyz däl ekenim diýerler — diýip, gorky
bilen pyşyrdady. — Il içinde ryswa bolaryn.
Bu näme boldugy?! Jemgyýetiň bolgusyz urp-adatlary
ganymy gaýnadýar. Şular ýaly, wagty geçen ýörelgeleriň,
adamy adama basgyladýan däpleriň Allanyň ýaradan
kämil eseri bilen baglanyşygy ýokdy. — Beýlede bir zat
bolarmy? Öz işleri bilen bolsunlar-da — diýip garşy
çykdym. Ýöne Kimýanyň mamladygyny bilýärdim. Naryň
ýanynda duran pyçagy garbap aldym. Kimýanyň
gözlerinde ünjüli garaýyş ýalpyldap gitse-de, dessine
ýagdaýa düşünip, oňa kaýyl boldy.

Pyçak bilen çep aýamy kesdim. Aýamda, hasapda
bolmadyk takdyr çyzygy ýaly, gyzyl çyzyk peýda boldy.
Örtgä ganymy damdyrdym. Onsoň oňa uzatdym.
— Al şuny. Gep-gürrüňe meýillileriň agzyny ýumdurmaga
ýeter. Özüňem ynjalarsyň, abraýyňa tegmil düşmez.
Kimýa özelendi.
— Haýyş edýän, aýak çek, gitme — diýdi. Dessine aýak
üstüne galan hem bolsa, näme etjegini bilmän, ýene şol
bir jümläni gaýtalady:
— Indi men seniň aýalyň ahyry!
Şol pursat onuň bilen durmuş gurup, uly ýalňyş iş
edendigime göz ýetirdim. Men ýaly adam näme üçin
öýlensin? Ýaradan meni maşgalabaşy bolmagym üçin
ýaratmandy. Ony häzir açyk-aýdyň görýärdim. Emma
muny bilýänligim meni oda salýardy..
Hemme zatdan, onda-da ähli zatdan başymy alyp gaçyp
gidesim geldi. Şu öýden, öýlenmekden, şu şäherden, hatda
göterip ýören şu pany bedenimdenem gaçyp gidesim
geldi. Ýöne Rumy meni hut ertesi görmese, göni heläk
boljagy ýadyma düşüp ýerimden butnap bilmedim. Ol
meniň ýoldaşymdy, ruhdaşymdy, ol meniň iň ýokary

bahalymdy. Ony indi ýene bir gezek taşlap gidip biljek
däldim.
Maşgala durmuşynyň men pisint adam üçin duzakdan
parhynyň ýokdugyna düşündim. Indi duzaga düşüpdim.
Alaetdin
Konýa, 1247-nji ýylyň 4-nji iýuny
Ömrümde şeýle güzaply hem ýiti hasrat çekip gören
däldirin. Kimýa bilen Şemsiň durmuş gurjak güni öýde
durup bilmedim. Döş kapasamda lokga bir zat duran ýaly,
beýnimde uwwuldy bar ýaly duýdum; özümem, birhili,
bogulýan ýalydym. Her näme etsem-de, özüme nebsim
agyrýardy. Aglamazlyk, çaga ýaly izlemezlik üçin
özözümi ýumrukladym. Onsoňam: «Indi sen ataň ogly
dälsiň. Indi sen ataň ogly dälsiň» diýip, yzly-yzyna
ýanjadym.
Ejem ýok, kakam hem ýok. Indi-hä Kimýa-da ýok. Bir
öýde şunça adamyň içinde ýapa-ýalňyz, ýeke başyma.
Kakama bolan ahyrky hormatym hem eräp gutardy.
Kimýany onuň gyzy hasap edýärdiler. Ony gowy
görýändir öýdýärdim. Ýöne bar küýi-köçesi Şemsiň
bähbidi eken. Bolmasa, Kimýa ýaly gyzy nädip şol tetelli
adama
berip
bilýär?!
Şemsden
maşgalabaşy
bolmajagyna düşünmek üçin akyldar bolmak hökman däl.

Hawa, diňe Şemsiň üstüne kökenek bolmak üçin kakam
Kimýanyň bagtyny hiç saýyp, oňa boran ýagdyrdy.
Elbetde, Kimýa bilen birlikde menide betbagt etdi.
Uzakly gün bir çete çekilip, öýdäki gaýda-gaýmalaşygy
synladym. Bile durmuş gurmaga göwün ýüwürden
gyzymyň toý taýýarlyklaryna tomaşa etdim. Täze
çatynjalaryň ýatjak otagyny boýdan-başa bezediler.
Arwah-jyny kowmak üçin her dürli otlary tüsseletdiler.
Olaryň şasy bärde! Şemsden uly jyn barmy?!
Agşama ýakyn seredip çydap durup bilmedim. Beýle
zuluma mundan artyk kanagat edip biljegem däldim.
Gapa ýöneldim.
Ýeňsämden agamyň sesi eşidildi:
— Alaetdin, aýak çek! Nirä barýaň?
— Şu gije Yrşatlarda boljak — diýip, onuň ýüzüne
seretmän seslendim.
— Dälirediňmi? Toý gijesi näme üçin öýde ýok diýip
goňşy-golam taň etmezmi?! Onsoňam kakam eşitse gaty
görer.
— Onda kakamyň göwnüne degenleri näme etmeli?
— Sen näme diýmekçi bolýaň?

— Düşünmediňmi? Kakam Şemsiň göwnünden turmak
üçin, ol gaýdyp öýden gitmesin diýip, şu toýy guraýar.
Kimýany kümüş mejimede şol gadyrbilmez hepbesize
hödürledi.
Agam dodaklaryny dişledi.
—Ýalňyşýaň. Sen Kimýa zor bilen durmuşa çyka
rylýandyr öýdýäň. Ýöne Şems bilen durmuş gurmaga,
aslynda, Kimýanyň özi isleg bildiripdir.
— Hamala, elinde başga çykalgasy bar ýaly — diýip,
kinaýa bilen aýtdym.
Agam ellerini ýokary göterdi.
— Hawa, bardy, Allanyň haky üçin, düşüneňokmy?
Kimýa Şemse göwün berdi. Şoňa aşyk.
— Ýalan sözleýäň! Gaýdyp meniň ýanymda şeýle gürrüň
edäýmegin, düşnüklimi? — diýdim. Üstündäki ýüki
göterip bilmeýän buz bölegi ýaly, sesim şat-şat edýärdi.
— Duýgularyň seniň gözleriňi gapypdyr. Sen gabanýaň.
Ýöne gabanjaňlyk ýaly hebes duýgyny-da bähbit iş üçin
peýdalanylyp bolar — diýip, Soltan Welet aýtdy. Otuz
bäşinji kada: bu dünýäde diňe gapma-garşylyklary ýeňip
geçmek arkaly öňe gitmek mümkindir. Mömin kişi

içindäki müňkür bilen, Taňra ynanmaýan adam bolsa
içindäki ynanýan bilen tanyşmalydyr. Kämil ynsan
bolmak mertebesine ýetýänçä, adam kemkemden ilerleýändir. Ol diňe gapma-garşylygy kabul edip
bilşiniň derejesinde kämilleşip biler.
Süýtdeş agam öňüme geçip, duşmanym hasap edýän
adamym barada dür saçýardy. Ol sabyr käsämi
dolduran ahyrky damja boldy.
— Bäriňi gara, şu sopy sypaýyçylygy kekirdegimden.
Onsoňam näme üçin seni diňläýin?! Bu zatlaryň bary
seniň ýalňyşlygyň. Şemsi Şamda taşlap gaýtjakdyň. Näme
üçin yzyna getirdiň? Işler bulaşaýsa, gürrüňsiz,
bulaşjagam görnüp dur, webaly seniň boýnuňadyr!
Agamyň reňki agardy. Şol pursat ömrümde ilkinji gezek
onuň menden hem-de edip biljek etmişlerimden
gorkandygyny gördüm. Bir adamyň öz agasyny
gorkuzmagy geň ýagdaý hem bolsa, bu meniň
buýsanjymy goşalandyrdy.
Yrşatlara barýarkam, hiç kim meni beýle ýagdaýda
görmesin diýip, porsusy aňkap duran egrem-bugram
köçelerden ýöredim. Hernäçe kowjak bolsam-da, göz
öňümden bir şekil hiç aýrylmaýardy: Şems bilen Kimýa
bir düşekde ýatyr. Şemsiň Kimýanyň gelinlik lybasyny

şol äpet elleri bilen aýryp, süýt ýaly ak tenini elleýşi we
oňa eýe çykyşy barada näçe oýlandygymça,
gözýaşlaryma erk edip bilmedim.
Onuň meni düşüräýen ýagdaýyny gör! Bu adam öňräkden
bäri öte geçýär. Men hökman gyssagly alajyny
görmelidim.
Kimýa Konýa, 1247-nji ýylyň noýabr aýy
Durmuş guranymyza alty aýdyr, heniz ol bir gezegem
golaýyma geleýin diýenok. Töweregimdäki adamlardan
ýagdaýy gizläp saklamak üçin elimden gelenini edýän
hem welin, aňsat düşenok. Şübhelenýärler. Belki,
utanjymy ýüzümden okaýandyrlar. Maňlaýymda tegmil
ýaly bolup durandyr. Maňa sereden mahallary ilki bilen
gözlerine ilýän zat şol. Köçede tanyş-biliş bilen gürleşýän
çagym, ekin üstünde, bakjamyzda işleýän mahalym,
dükandan odur-budur alýarkam, öýde myhman
garşylanymda, ýüzbe-ýüz bolýan adamlaryň ählisiniň
mende ilki bilen görýän zady, meger, şol bolsa gerek.
Durmuşa çykan hem bolsam, henizem boý gyzdygymy
hemmeler bilýär.
Şems asla otagyma girenok diýip bolmaz. Gelýär. Ol
heran-haçan ýanyma gelermen bolsa, ilki hökman habar

ugradyp, päsgel berýän däldirin-dä diýýär. Her gezegem
eşidýäni şol bir jogap:
— Ýok-la — diýýän. — Men seniň nikaly aýalyň ahyry.
Onuň geljek agşamy bikarar garaşmakdan ýaňa ýüregim
ezilip gidýär, meni küýsäwersin-dä diýip doga-dileg
edýärin. Ýöne agşam düşüp, gapyny kakyp gelende, bar
bileni-biteni meniň bilen oturyp söhbet etmek. Bile kitap
okaly diýýär. Leýli bilen Mejnun, Perhat bilen Şirin,
Ýusup bilen Züleýha, Gül bilen Bilbil... her hili kynçylyga
döz gelip, biri-birini söýmekden ýüz öwürmedik aşyklaryň
hekaýatlary... Bulary okadygyça içim gysýar. Belki-de,
tüýs ýüregimden şolaryňky ýaly yşgyň tagamyny dadyp
görmejekdigim üçin şeýledir...
Käte bolsa arkan düşüp ýatyp, maňa sopuçylyk ýoluna
düşen köňli giň we ruhy sergezdan kişileriň kyrk kadasy
barada gürrüň berýär. Bir gije kadalaryň biri barada
aýdyp berip otyrka, sesi kesildi-de, gözleri ýumuldy.
Görsem, uklap galypdyr. Başyny dyzlarymyň üstünde
goýdum. Soňky wagtlarda ösüp, ep-esli uzan saçlaryny
sypaladym. Tä daň atýança, gözümi gyrpman, ony synlap
oturdym. Bir ýola ukudaka samrady. Soňra garaşman
durkam, meni özüne tarap çekdi, ýeňiljek öpdi. Uzak wagt
bäri asla şular ýaly tolgunyp, özümi bagtly duýan ýerim
bolmandy. Gün agarýança, ýanaşyp ýatdyk. Ýöne bar

bolany şol. Meniň bedenim şu wagta çenli açylmadyk
yklym.
Geçen alty aýyň içinde men hem wagtal-wagtal onuň
otagyna bardym. Ýöne onuň özi menden nähili rugsat
soraýan bolsa, menem hökman öňünden habar
ýollaýardym. Bolmasa, näme diýjegi belli däldi. Şemsiň
bir güni beýlekisine, hatda bir pursady beýleki birine
meňzeş däldi. Onuň ruhy ahwalyny bilmek tapmaça
çözenden aňsat däldi. Käte şeýle ýakymly, käte
içiňebagryňa girip gelýän, käte bolsa ýüzüni turşardyp,
ýakynlaşar ýaly däldi. Bir gezek dagy gapyny göni
ýüzümiň öňünde ýapyp, «meni günüme goý» diýip
gygyrdy. Indi göwün edip duramok. Indi ynjamazlygada,
elbetde,
ony
birahat edip durmazlyga-da
öwrenişdim.
Ençeme aýlap, ähli zady gül ýaly edip görkezmäge
çalyşdym. Başgalary däl-de, öz göwnümi aldamak üçin
şeýtdim. Şemsiň ärim hökmünde hiç zat etmeýäni

üçin, oňa dürli-dürli keşpleri taýýarladym. Ol meniň
ýoldaşymdy, ruhdaşymdy, hemramdy, käte bolsa agam,
käteler oglumdy. Gününe görä, keýpine görä, ol ýa biri,
ýa beýlekisi bolýardy. Aňymda bir keşpden beýleki birine
geçýärdi. Ol meniň ähli zadym bolup gördi, ýöne diňe
adamym bolup bilmedi.
Esli wagt şeýdip oňňut etdim. Artykmaç zada garaşman,
derdinişýän pursatlarymyz onuň gürrüňleriniň «häsini»
ýetirýärdim. Şems meniň pikirlerimi ýokary tutýardy,
menem begenýärdim. Meni hasam döredijilikli
pikirlenmäge höweslendirýärdi. Ondan köp zat
öwrendim; oňa özümiň hem ençeme zat öwredendigime
ynanýaryn. Bolmanda, ol maşgala bagty ýa-da ýyly
öýojak diýen zady bilmeýärdi. Meniň kömegim bilen
azkem hem bolsa, ol bu zatlaryň gyrasyny gördi.
Onsoňam ony hiç kim meniň ýaly güldürip bilen däldir.
Ýöne, her näme-de bolsa, Şemsiň meni söýmeýändigi
baradaky pikiri aňymdan öçürip bilmeýärdim. Meni gowy
görýänine, söýýänine şübhe edemok, ýöne munuň yşk
bilen baglanyşygy ýok. Ýüregim paralanýar. Şeýdip,
töweregimdäki
adamlaryň
hemmesinden,
ähli
joralarymdan we goňşy-golamlarymdan uzaklaşdym. Indi
otagymda oturyp merhumlar bilen gürleşenimi gowy

görýärin. Dirilerden
ýaman niýeti ýok.
tapawutlylykda,
merhumlaryň
Merhumlardan başga ýeke-täk joram Çöl Güli.
Ikimiz hem köpçülikden özümize mahsus sebäpler zerarly
çetde durmak isleýändigimiz üçin wagtyň geçmegi bilen
ýakyn jora öwrüldik. Indi ol sopudy. Bozukhanany
bütinleý taşlap gaýdypdy. Bir gezek oňa batyrgaýlygyna,
tutanýerliligine we hut ýaşaýşa bütinleý täzeden
başlamaga bolan ýürekliligine haýran galýandygymy
aýtdym. Başyny iki ýana yralap:
— Ýöne men durmuşa başdan başlamok ahyry. Bir eden
işim ölmezden öň ölmek! — diýdi. ***
Şu gün öýlän Çöl Gülüni görmäge gitdim. Içimdäki
aladagaýgymy oňa äşgär etmek niýetim ýokdy, ýöne
ýüzüme sereden badyna bir zadyň ugruna däldigini aňdy.
— Kimýa jan, ýagdaýlar niçik? Ýüzüň salyk görünýärle?
— diýdi.
Başdansowma jogap berjek bolsam-da, ýanjap sorady
durdy. Onsoň dilimiň doňy çalt cözüldi.
Gaýrat et-de maňa kömek et.
— Gowy däl.

— Baş üstüne — diýip, Çöl Güli aýtdy. — Näme etmeli
bolsa, aýdyber.
— Mesele Şemsde... asla ýanyma gelenok, ýagny gelýärde
neme gelmeýär. Meni söýerini isleýän. Doganym ýaly,
dostum ýaly däl... adamym ýaly söýmegini isleýän.
Gaýrat et, maňa öwret.
— Näme öwredeýin?
— Düşünýäň ahyry... Adamymy öz duzagyma salmaly.
— Ah, Kimýa jan, men lebiz etdim — diýip, Çöl Güli
mydyrdady. — Ten meselesinden uzak durmagy äht etdim.
Bir zenan erkek kişä ýa-da erkek kişi bir zenana nädip
atygsaýany hakynda pikir etmegem islämok.
— Sen ähtiňden dänmeli däl ahyry. Diňe maňa kömek
etseň bolýar — diýip ýalbardym. — Başga alajym ýok.
Hiç kime derdimi aýdyp bilemok. Utanýan. Şemsi nädip
bagtyýar edip biljegimi bilemok.
— Ýöne Şems derwüş adam— diýip, Çöl Güli aýtdy.
— Oňa beýle çemeleşmek dogry däl.
— Derwüş hem adamdyr ahyry?! Galyberse-de, ol hem
erkek kişi! Adam atanyň perzentleriniň ählisi etdir

süňkden bina bolupdyr. Her kime bir beden bagyş
edilipdir. Şemsiň hem bedeni bar ahyry, şeýle dälmi?
— Ol-a şeýle-le welin... — Çöl Güli sözüni tamamlap
bilmedi. Yzyna öwrüldi.
Ýalbardym.
— Derdimi diňe saňa diýip biljek. Alty aý boldy. Her gün
säher hasratdan ýaňa ýüregim üzülere gelýär. Her gije
aglaý-aglaý uklap galýaryn. Beýdip uzaga gidip bilmerin.
Adamymy özüme ýakynlaşdyrmaly bolaryn.
Çöl Güli maňa nebsagyryjylyk bilen seretse-de, hiç zat
diýmedi. Örtgimi açyp, saçlarymy çöşledim.
— Aýt — diýdim. — Çekinme-de aýt, haýyş edýän, men
beýle betnyşanmy?
— Asla beýle däl, Kimýa jan. Sen Aýyň bölegi ýaly
owadan ahyry.
— Onda maňa kömek et. Erkegiň kalbyna barýan ýoly
salgy ber!
— O diýýäniň seniň göz öňüne getirişiň ýaly bigünä ýol
däl — diýip, Çöl Güli birden gaharlanyp aýtdy. — Ägä
bol, erkek kişiniň kalbyna barýan ýol aýaly özünden
uzaklaşdyrýan ýola öwrüläýmesin. Ony özüme

ýakynlaşdyraýyn diýip, özüň-özüňe kesekileşäýme. Näme
diýenine düşünmedim, düşünjegem bolmadym.
— Meniň üçin parhy ýok — diýdim. — Indi näme bolsa
bolup geçsin. Men ähli zada kaýyl.
Çöl Güli Konýa,
1247-nji ýylyň noýabry
Nädip bu samsyk işe baş goşdumkam? Göre-bile
nädäýdim?! Ony asla diňlemeli däl ekenim. Ahyrky
netijäniň beýle boljagyny näme üçin akylyma
getirmändirin?! Beýtmäge Kimýa ýol bermeli däldim.
Ony şol niýetinden alyp galyp bilmänim üçin özümi hiç
haçan bagyşlamaryn.
Ýöne kömek sorap aglap oturansoň ýüregim awady.
«Näme zyýany bar?» diýip oýlandym. Özüne bendi edesi
gelýän adamy hem keseki biri däl-de, nikaly äridi.
Üstesine, ýeke-täk sebäbi-de yşkdy. Küýünde zer re
ýalyjak-da ýamanlyk ýok. Ne hilesi bar, ne-de aly. Bir
aýalyň öz adamsynyň söýmegini islemegini haram iş
saýyp bolarmy? Ençeme günläp oýlanyp gezdim.
Içimdäki sopuçyl pikirler: «Zorluk bilen söýgi bolmaz, bu
işe goşulma» diýip ýanjady. Içimdäki zenan bolsa: «Aşyk
gyza kömek et» diýip dileg etdi. Ahyrynda ikinji ses
rüstem geldi.

Onsoň men, şeýdip, özüni gözel görkezmek babatda bar
bilýäni aýasyna hyna sürmek bolan bu sada obaly
gyzjagaza erkek kişini nädip özüňe bendi etmelidiginiň
ýoluny salgy berdim. Ol öwrenmäge höweslidi, bilmäge
teşnedi. Oňa müşki-anbar goşulan suwa ýuwunmagy,
ýumşadyjy ýaglary tenine gaýmak ýalyjak edip çalmagy,
ýüzüni bally çalgylar bilen juwanlaşdyrmagy we erkek
kişi bilen gürleşýän mahaly haýsy sözleri nähili
ulanmalydygyny öwretdim. Hemişe hoşboý ys ýaýradyp
dursun diýip, saçlaryny ýasemin pudajyklary bilen ördük.
Atyr, çopantelpek, biberiýe, maýdagül, merjenköşk,
zeýtunýagy...
Bularyň
her
biriniň
nirede
ulanylýandygyny, haýsy maksat bilen nähili tütüniň
ýakylýandygyny ýekän-ýekän düşündirdim. Soňra dişleri
agartmagy, dyrnaklara boýag çalmagy, gözdür gaşa
sürme çekmegi, dodaklara ýalpyldap duran öwüşgin
çaýmagy, ýaňaklaryňa nädip al reňk çalmalydygyny we
göwüsleriňi gaba görkezmelidigini birin-birin beýan
etdim. Ikimiz bile bazara gitdik. Ol ýerden oňa ýüpek
lybaslar, içki geýimleri aldyk. Gyz utanjyndan çym-gyzyl
boldy. Şonda-da hemmesini aldy.
Soňra Kimýa tans etmegi öwretdim. Towlanjyramagy,
çaýkanmagy, şelaýyn bakmagy hem-de bedeniňi howada
pyrlanyp duran duman ýaly ulanmagy görkezdim. Biline

seçekli guşak baglap, içine-de şyňňyr-şyňňyr seslenýän
çemçeli bulgurlary ýerleşdirip, bir hepdeläp durman
göbek tansyny etdik. Okuw geçdik.
Ahyry şol gün öýleden soňra gurbanlyk guzusyny oba
getiren çopan ýaly, Kimýany Şems-i Töwrizi üçin taýyn
etdim. Ilki hammamda mylaýym suwa ýuwundy. Süpürgi
bilen ýagşy süpürindi, saçlaryny ýaglady. Hammamdan
çykanyndan soňra oňa bir zenan maşgalanyň ömründe
diňe sanlyja gezek geýip biljek derejesinde ýukajyk
ýüpekden her hili lybaslar geýdirdim. Lybaslaryň
arasyndan sümbüller bilen bezelen bägül reňklisini
saýlap aldym. Muny şol lybaslaryň içinde bedeniniň
belendiniň belent, pesiniň pes bolup, bykynlarynyň
hereketiniň aýyl-saýyl görnüp durmagy üçin şeýtdim.
Ahyrynda ýüzüne gysganman boýag çaldym. Görki hasam
artsyn diýip, maňlaýyna hünji tokajygyny hem
ýerleşdirdim. Işim tamamlananda Kimýa şeýlebir
owadan boldy welin, ondan gözümi aýryp bilmedim.
Indi ol gögele boý gyz däldi-de, söýgüdir hyjuwdan ýaňa
ýanyp duran maşgalaly aýaldy. Söýýän erkek kişisi üçin
janyny orta atmaga, zerur halatynda nämä durýanam
bolsa, öwezini tölemäge taýýar aýaldy. Ony synlap
durkam, Gurhan-y Kerimiň Ýusup bilen Züleýha
hakyndaky aýatlary ýadyma düşdi.

Züleýha özüne ýüz bermeýän bir erkek kişiniň ugrunda
yşk odunda alawlap ýanýardy. Şäher aýallary ol barada
erbet gürrüň edensoň, ählisini öýüne — saçagyna
çagyryp, Ýusuba hem gel diýen wagty otaga girmegi
tabşyrypdyr. «Her birine bir pyçak berdi we «Öňlerine
geç!» diýdi. Aýallar ony — Ýusuby görenlerinde öz
ellerini kesdiler we «Alladan ant içýän, bu ynsan däl-de,
hakyt perişde bolsa gerek!» diýişdiler».
Bir perişdä aşyk bolupdyr diýip, kim Züleýhany
günäkärläp biler?! ***
Ilkagşam çagy ýüzüne nikap çekip köçä çykmazdan ozal,
Kimýa umyt gatyşykly alada bilen maňa garap:
— Nähili görünýän, jora? — diýip sorady.
— Periler patyşasynyň gyzy ýaly — diýdim. — Adamyň
diňe şu gije daňa çenli seniň ýanyňda bolmak bilen
oňmaz. Ertir hem gapyňy kakjagyny bilýän.
Gulaklaryna çenli dym gyzyl boldy, ýaňaklary gyzardy.
Güldüm-de, ony gujakladym. Esli wagtlap dymdy, soňam
ha-ha-haýlap gülüp goýberdi. Onuň gülküsi Günüň
şuglasy ýaly bolup, kalbymy ýylydyp gitdi.
Öz aýdan zadyma özüm ynanýardym. Arylaryň gülleriň
şiresine üýşüşi ýaly, Şems hem oňa barar öýdýärdim.
Şeýle-de bolsa, gyzjagazy ugradan mahalym ýüregim bir

erbetligi duýan ýaly, bir bolmasyz işiň boljagyny syzýan
ýaly boldy. Göýä bir jyn gulagyma ýakymsyz sözi
pyşyrdan ýalydy. Ýöne şonda-da Kimýany saklap
bilmedim. Başarmadym.
Bu etmişim üçin özümi ömürboýy bagyşlamaryn...
Kimýa Konýa, 1247-nji ýylyň dekabry
Töwrizli Şems hiç kimiň bilmeýän zatlaryny-da bilýär.
Garyp-gasarlaryň çekýän hupbatlaryny-da, bilgiçleriň
öňünden görýän zatlaryny-da, welileriň keramatlaryny
hem, şu älemiň her dürli syrlylyklaryny-da, ählisini
bilýär. Ýöne ol bir zat hakynda welin hiç zat bilenok. Ol
— jogapsyz söýgi! Ynha, Şems şuny welin bilenok. Söýgiň
jogapsyz galmagynyň ynsanyň janyny neneňsi
ynjydýandygyny bilenok!
Çöl Gülüniň meni geýindirip-guşandyryp goýberen
agşamy şeýlebir tolgunýardym welin, bir ýerde durup
bilmeýärdim. Ozal hiç haçan duýup görmedik ahwalymy
başdan
geçirýärdim.
Dogum-gaýratlylykmy
ýa
gorkyürküsizlikmikä? Tenime galtaşýan ýüpek lybasyň
şybyrdysy sepinen atyrlarymyň ysy, dilimdäki gül
ýapraklarynyň tagamy... Hiç haçan şular ýaly
bezenipbeslenen, özümi şular ýaly, zenan hasap eden
ýerim bolmandy. Dogrusy, bedenim isleýşim ýaly

ýylmanak hem dolmuş däldi, ýöne şonda-da özümi
owadan hasap etdim. Öýdäkileriň ählisi uklaýança
garaşdym. Soňra uzyn ýapynja çolanyp, daraklygyma
basyp, Şemsiň otagyna geçdim.
Gapyny açan badyma:
— Kimýa, saňa garaşamokdym — diýip, Şems dillendi. —
Bagyşla, ýöne seni görmegim gerek — diýip, giriber
diýlerine garaşyp durman, otaga sümüldim. — Gapyny
örtsene, haýyş edýän.
Şems aljyran ýaly görünse-de, diýleni etdi.
Otagda ikiçäk galanymyzdan özüneçekiji görnüşde
ýylgyryp, golaýjygyna bardym. Arkama öwrüldim, uludan
demimi aldym. Soňra bir demde ýapynjamy, jüpbämi
sypyryp aýryp, çuw-ýalaňaç galdym. Adamymyň
aljyraňňy nazarynyň bilimden aşagyna gezýändigini
duýdum, ýygryldym. Onuň nazary degen ýerini ýakyp
barýardy. Şeýlebir tolgundym welin, gursagym körük ýaly
inip-çykyp durdy. Ahyry bar gaýratymy jemläp, oňa tarap
öwrüldim. Onsoň, şeýdip, Şemsiň öňünde jennetdäki
hüýrler ýaly, owsun atyp durdum.
— Sen näme edýändirin öýdýäň? — diýip, Şems sowuklaç
äheňde sorady.

Zordan dilim aýlandy.
— Şu gije bärik seniňki bolmaga geldim...
Şems-i Töwrizi töweregimde tegelek çyzyk çekýän ýaly,
bir gaýta daşymdan aýlandy-da, öňüme geçip durdy
hemde meni göni gözlerine garamaga mejbur etdi.
Dyzlarymyň ysgyny giden ýaly bolsa-da, özümi sakladym.
Ýeňiljek-ýeňiljek hereket edip, tenimi oňa sürtmäge
başladym. Çöl Gülüniň öwreden ähli zatlaryny şol ýerde
birin-birin berjaý edip görkezjekdim. Ýöne Şems ýanyp
duran ojaga galtaşan ýaly, dessine yza çekildi.
— Sen özüňe meni küýseýändirin öýdýäň. Emma seniň
ýeke-täk islegiň ynjan nebsiň raýyna gitmek — diýip,
Şems aýtdy.
Men üns berip durmadym. Gollarymy boýnuna doladym.
Dodaklarynda gara tudananyň tagamy bardy, hem
süýjüdi, hem turşujady. Onuň dem-nepesiniň girdabynda
gark bolmak islegindekäm, Şems meni saklady-da itip
goýberdi.
— Meni gynandyrýaň, Kimýa jan — diýip, Şems dillendi.
— Beýle ýagdaý saňa gelşenok. Häzir, haýyş edýän,
otagymdan çyk hemem özüm seni çagyrýançam, şu ýere
gelme, bolýarmy?

Ömrümde beýle peseldilip görmändim. Eglip ýapynjamy
almakçy bolanymda, ellerim sandyr-sandyr edip durany
üçin, wagtynda ýylmanak hem näzijek matany tutup
bilmedim. Şems içki geýimlerimidir ýapynjamy aldy-da,
çalak-çulak eginlerimi örtdi. Onsoň men gijäniň bir
wagty ýarym-ýalaňaç halda hynçgyryp-hynçgyryp aglap,
adamymyň otagyndan çykdym. Özümem şeýle uly
günädigini bilmeýän bolsamdym, janyma dözerdim diýip
oýlanýardym. ***
Gaýdyp Şemsi görmedim, şol günden soň, bir gezegem
otagymdan daşaryk çykmadym. Bar wagtymy düşegimde
ýatyp, depäme garap geçirdim. Ähli güýç-kuwwatym,
ýaşaýşa bolan höwesim gaçdy. Bir hepde şeýdip geçdi,
soňra ýene bir hepde, onsoň günleriň geçişini sanamagy
bes etdim.
Ençeme wagtdan soň otagyma meniň üçin nätanyş bolan
bir ys ýaýrady. Ýiti ýakymly ysdy; ol ys zenjefil çaýy ýada
owlan arça tikenleri ýaly ýakyp barýan ajy bolsa-da,
hiçneneň däldi. Diýmek, ölümiň ysy şeýle eken. Gyzgynym
galýardy. Tutgaýym tutup, samramaga başladym. Meni
görmek üçin hekimler getirildi. Goňşygolamlar,
joralarym meni soramaga geldiler. Kerra başujumda
başymy alyp oturdy. Gözleri aglamakdan ýaňa çişdi,
ýüzüniň reňki kül sepilen ýalydy. Göwher hatyn hem

beýleki tarapymda oturyp, şol çukurjykly ýylgyryşy bilen
maňa aýdym aýdyp berdi.
Bir arada ukudan oýandym. Goňşy aýal Safiýäniň
hüňürdisini eşitdim.
— Alla şol hepbesiz haramzadanyň jezasyny berewersin.
Görgüli gyzjagazyň söýgüsine söýgi bilen jogap
berilmedi-dä, bi şonuň pidasy boldy. Baryna şol hepbesiz
günäkär.
Dodagymy gymyldadyp, bir zat diýmekçi bolsamam,
sözler gursagymda ilişip galdy. Hernä Kerra kömege
ýetişäýdi.
— Nädip beýle diýip bilýäň, Safiýe, nädip Şemsi
günäkärläp bilýäň? Muny şol etdimi näme? Bu Allanyň
takdyrydyr.
Ýöne Kerrany diňlemediler. Meniň bolsa hiç kimi
ynandyrara ýagdaýym ýokdy. Bahym, barybir, netijäniň
üýtgemejekdigine düşündim. Şemsi halamaýanlar meniň
näsaglygymy bahana edip, ony has hem ýigrenjekdiler.
Ýöne men isläýenimde-de, ony söýmän biljek däldim.
Bahym meniň ysgyn-mydarym galmady. Ähli reňkler duw
ak boldy. Sesler bolsa birsydyrgyn wyzzylda öwrüldi. Indi
adamlaryň ýüzlerini saýgaryp bilemokdym; aýdylýan
sözleriň hiç birini eşitmeýärdim.

Şems meni görmäge geldimikä? Belki, gelendir, belki,
gelenem däldir. Belki, daşymy gallap duran aýallar ony
içerik goýberen däldirler. Ýa-da gaýta-gaýta gelip,
ýanymda oturyp, ellerimi eline alyp, meniň üçin doga
edendir.
Hawa, hut şeýledir. Meniň muňa ynanasym gelýär.
Herhal, eýle bolanda-da, beýle bolanda-da indi ähmiýeti
ýok. Gaharym hem gelenok, göwün hem edip duramok.
Soňsuzlyga tarap akyp gidip barýarkam, kime, nähili
käýineýin? Alla geçirimlidir, merhemetlidir, rahmandyr
we rahymdyr. Her bir zadyň aňyrsynda hökman bir sebäp
bardyr. Kämil yşk nyzamy! Şemsiň otagyny ýüpekparça
çolanyp, tirme guşak guşanyp baranymdan on alty gün
soň, Möwlananyň perzentligi bolan men — Kimýa şaglap
akýan hiçlik derýasyna goşuldym. Ol ýerde göwün
isleýşimçe ýüzdüm. Ýüzdüm ýördüm, ýüzdüm ýördüm.
Ana, şonda bir zada düşündim. Gurhanyň dördünji
okalyşy şeýle bolmaly: soňsuzlyk, çäksizlik, gurşap
alyjylyk we açyklyk... hiç bolmak arkaly hemme zada
öwrülmek... ýeňlemek arkaly çuňlaşmak...
Ine şeýle, dirilikden ölme geçişim, şeýdip, akar suwlar
bilen amala aşdy. Ella

Boston, 2008-nji ýylyň 19-njy iýuly
Aziz Bostonda dört gün boldy. Dört günüň dowamynda
her gün irden Ella ony görmek üçin Nortzamptondan
Bostona çenli ulagyň destiniň başynda geçirdi. Bilelikde
şäheri dabanma-daban gezdiler. Kiçijik italiýan
mähellesinde lezzetli, ýöne diýseň ýönekeý naharlar
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Elif Şafak-Yşk - 25
  • Parts
  • Elif Şafak-Yşk - 01
    Total number of words is 3608
    Total number of unique words is 2185
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 02
    Total number of words is 3616
    Total number of unique words is 2228
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 03
    Total number of words is 3610
    Total number of unique words is 2211
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 04
    Total number of words is 3621
    Total number of unique words is 2271
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 05
    Total number of words is 3686
    Total number of unique words is 2230
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 06
    Total number of words is 3613
    Total number of unique words is 2257
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 07
    Total number of words is 3722
    Total number of unique words is 2226
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 08
    Total number of words is 3656
    Total number of unique words is 2262
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 09
    Total number of words is 3579
    Total number of unique words is 2310
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 10
    Total number of words is 3666
    Total number of unique words is 2164
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 11
    Total number of words is 3591
    Total number of unique words is 2225
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 12
    Total number of words is 3623
    Total number of unique words is 2233
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 13
    Total number of words is 3652
    Total number of unique words is 2154
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 14
    Total number of words is 3670
    Total number of unique words is 2111
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 15
    Total number of words is 3637
    Total number of unique words is 2160
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 16
    Total number of words is 3591
    Total number of unique words is 2182
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    54.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 17
    Total number of words is 3590
    Total number of unique words is 2167
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 18
    Total number of words is 3586
    Total number of unique words is 2219
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 19
    Total number of words is 3651
    Total number of unique words is 2179
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 20
    Total number of words is 3632
    Total number of unique words is 2034
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 21
    Total number of words is 3642
    Total number of unique words is 2121
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 22
    Total number of words is 3656
    Total number of unique words is 2209
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 23
    Total number of words is 3664
    Total number of unique words is 2120
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 24
    Total number of words is 3674
    Total number of unique words is 2117
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 25
    Total number of words is 3603
    Total number of unique words is 2124
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 26
    Total number of words is 3670
    Total number of unique words is 2220
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 27
    Total number of words is 483
    Total number of unique words is 391
    49.5 of words are in the 2000 most common words
    60.1 of words are in the 5000 most common words
    65.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.