Latin

Elif Şafak-Yşk - 26

Total number of words is 3670
Total number of unique words is 2220
32.1 of words are in the 2000 most common words
44.4 of words are in the 5000 most common words
51.0 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
ugratdy. Aşhana dolanyp baryp, tagamlar kitabyny açdy;
şol gün taýýarlamaly tagamlaryny saýlady.
Kremli kömelek çorbasy
Ajyhuruşly deňiz otlaryndan edilen işdäçar
Rezeneli kakadylan pomidorly okun
Badyýanly bürünç graten Tort.
Nahar bişirmek onuň ep-esli wagtyny aldy. Işini
tamamlap gadyrly myhmanlar üçin ýygşyryp goýan nepis
düzümli farfor gap-gaçlary çykardy. Saçagy oňat bezedi,
kagyz elsüpürgiçleri enaýyja epleşdirdi, gülleri ýerbeýer

goýuşdyrdy. Howurpejiň sagadyny kyrk bäş minuta
sazlap goýdy, bişiren naharyny sagat ýediden öň zerur
derejede ýylap durar ýaly etdi. Kakan çörekleri gyzartdy,
işdäçaryň goýurtmagyny taýýarlady, etiniň talap edişi
ýaly, kremini bolrak çaldy. Şemleri ýakaýyn diýdi-de,
soňam goýbolsun etdi. Iň gowusy, saçagy şeýleligine
galdyrsa oňat boljakdy. Ol kem-köstsüz surata
meňzeýärdi. El degmedikdi, doňup durdy.
Ol taýyn eden saçagyna ahyrky gezek göz aýlady. Onsoň
gije taýýarlap goýan iki çemedanyny eline aldy. Şeýtdide,
Ella Rubinşteýn öýüni taşlap gitdi.
Otuz sekizinji kada: «Ýaşap ýören durmuşymy
özgertmäge, özümi üýtgetmäge taýýarmykam beri?» diýip
soramak hiç haçan giç däldir. Näçe ýaşymyzda bolsagam,
başymyzdan her niçik wakany geçiren-de bolsak,
büsbütintäzelenmek mümkindir.
Ýaşan günleriň islendik biri özünden öňki güne meňzeş
bolsa, şol günüň haýp geçdigidir. Her demde, her
pursatda täzelenmek gerek. Täze durmuşda dünýä inmek
üçin ölmezden ozal ölmeli.
Alaetdin Konýa, 1247-nji ýylyň dekabry
Uzak wagtlap kakam bilen gürleşmäge ýürek edip
bilmedim. Bir otaga baglandym-da, syçan ýaly, ogrular

kimin hepdeläp gizlenip ýaşadym. Ahyry bir gün ýüregimi
bire baglap, kakamyň ýanyna bardym. Kitaphanada ýeke
özi, şemiň ýagtysynda oturan eken.
— Gürleşmäge rugsat edermisiňiz? — diýdim.
Başyny agraslyk bilen galdyryp, hyýallar deňzinden
kenara ýüzüp gelýän ýaly bolup, maňa seretdi, ýöne sesini
çykarmady.
— Şemsiň ýitirim bolmagynda meniňem elim bardyr
öýdýäniňi bilýän, ýöne arkaýyn bolaý...
Kakam barmagyny galdyryp sözümi böldi.
— Bes et, ogul! Seniň bir zat diýeriňe hantama däl. Saňa
diýere sözüm hem ýok. Mundan beýlä aramyzdaky söz
bagy gurady.
— Ýöne, kaka jan, meniň hakymy iýýäň. Rugsat etseňiz,
düşündireýin — diýip, sesimi sandyradyp dillendim. —
Gurhany getiriň, elimi goýaýyn. Çynymy aýdýan, men
edemok. Şol etmişi edenleri tanaýan, ýöne ynanaýyň, men
bigünä...
— Oglum — diýip, dillenende, göýä bu söz dilini ýakan
ýaly ýüzüni bürüşdirdi. — Özüň-ä men edemok diýýäň,
donuň gyralarynda bolsa onuň gany bar.

Tisginip gitdim, derrew donumy barlaşdyrdym.
Dogrudanam, şeýlemikä? Eýse, üstümde şol gijeden
galan tegmil dagy barmyka? Matany üns bilen
barlaşdyrdym.
Arassady.
Gaýtadan
ýüzümi
galdyranymda kakam bilen nazarymyz çaknyşdy we diňe
şonda onuň maňa guran kiçijik duzagyna düşendigimi
bilip galdym. Özümden biygtyýar üstümde gan tegmili
galaýdymyka diýip iňkise giden wagtym, bar syrym paş
bolupdy. ***
Dogry.
Şol
agşam
jenaýatyň
nädip
amala
aşyrylmalydygyny maslahatlaşanlarynda menem bardym.
Ähli zatdan habarlydym. Hatda Şagalkellä Şemsiň
gijelerine howla çykýanyny ýaňzydan hem özümdim. Şol
jenaýatyň amala aşyrylan gijesi bagyň haýatynyň
aňyrsyndan ganhor bilen onuň pidasynyň gürrüňlerini
diňlän bäş-alty adamyň biri-de mendim. Şagalkelläniň işi
haýal-ýagallyga salýanyny görüp, hüjüme geçmegi
ýüregimize düwenimizde howla barýan ýodajygy
beýlekilere görkezenem özümdim. Ýöne bar edenim şular.
Goha goşulmadym. Şemsiň üstüne topulanlaryň arasynda
men ýokdum. Ony Baýbars amala aşyrypdy. Yrşat bilen
beýlekiler bolsa kömek etdiler. Kim bilýär, belki-de,
başarmazlyklary-da ahmaldy, iş puja çykjakdy. Ýöne
olaryň ýarpy-ýalta taşlan işini Şagalkelle bitirdi.

Käte ol düýşüme girýär. Her gezegem üýtgeşik bir
görnüşde. Bir gezek göze görünme — ruh bolup aýlanyp
ýörenini gördüm, bir gezegem gaýtadan dünýä inenini.
Başga bir gören düýşümde bolsa, ol guýudan çykýardy.
Her gezegem ýüregim agzyma gelip basyrganyp
oýanýardym.
Indi onuň özi ýogam bolsa, yzlary ähli ýerde bar. Semag,
şygyr, saz, ýiti paýhaslylyk, degişme, yşk we özüne
çekijilik... Ol durmuşymyzdan giden badyna ýok bolar
öýdýän bir topar zadym, edil gazyk gögeren ýaly bolup,
biz bilen bile galdy. Kakam sereden tarapynda şony
görýär. Şems hak aýdypdyr. Çüýşe gaplaryň biri
döwlensoň, beýlekisi-de onuň bilen birlikde kül-uşak
boldy.
Kakam öňdenem ýuka ýürekli adamdy. Her dürli dindäki,
ynançdaky adamlary gujak açyp garşylardy. Şems
durmuşyna aralaşanyndan soň, onuň söýgi-mähir
halkasy şeýlebir giňedi welin, jemgyýetiň iň düýbüne
düşenleri-de

öýsüz-öwzarsyzlary,
akyly
gelipgitmelileri, heýwere kesellileri, serhoşlary, bozuk
zenanlary, gedaýlary, jübükeserleri... gurşap aldy.
Kakam indi olaryň ählisini mähir bilen gurşap alyp,
düşünmek bilen garşylap bilýär. Hatda kakam Şemsiň
ganhorlaryny hem bagyşlap biler. Onuň halamaýan ýeke-

täk adamy bar. Ol hem — men. Kakamyň söýgi-mähir
halkasyna diňe hut öz ogly bolan men girip bilmedim...
Soltan Welet,
Konýa, 1248-nji ýylyň fewraly
Şol gorkunç gijeden soň, kakam gaýdyp öňküleri ýaly
bolup bilmedi. Uzak wagtlap şeýlebir haly harap ýagdaýa
düşdi welin, hasrat onuň akylyna zeper ýetirendir öýtdüm.
Häzirem baryny-ýoguny dilegçi gedaýlara, ýetim-ýesire,
ýagdaýy peslere dagadyp ýör. Edýäniň näme diýýänlere
bolsa «Imrü’l Kaýs» diýýär, başga hiç zat diýenok.
Imrü’l Kaýs diýseň baý, güýç-kuwwatly hem haýbatly, bir
eli ýagda, bir eli balda bolan arap emiri eken. Üstesine,
raýatlary hem ony örän gowy görýän ekenler. Emma bir
gün ol garaşylman durka, köşgi-eýwanyny, tagtyny
taşlapdyr. Malyny-mülküni ile-güne paýlap beripdir.
Egninde derwüş hyrkasy, elinde hasa, diýardiýar gezip
ýören bolupdyr.
— Meniň içimdäki hökümdar gitdi, yzynda diňe derwüş
galdy — diýip kakam aýdýar. — Eger Şems bolmajak
bolsa, menem ýokduryn. Mundan beýlä men hatybam,
alym hem, fakyh hem däl.

Ýakynda galplygy ýüzüne çykyp duran gyzyl saçly
bezirgen-söwdagär gapymyzy kakdy. Bagdatdan
gelendigini aýtdy.
— Şems ýitirim bolupdyr diýip eşitdim. Men ony öňden
bäri tanaýaryn. Men onuň sag goludym, iň ýakynlarynyň
biridim — diýdi. Soňam bir syrly zat aýdýan ýaly bolup,
kakamyň gulagyna pyşyrdady. Ol Şemsiň sagsalamatdygyny, häzir Hindistanda gizlenip ýörendigini,
ýene
gaýdyp
gelmek
üçin
amatly
pursada
garaşýandygyny mälim etdi.
Şol ýaş ýigidiň ýalan sözleýändigi mesaňa görnüp durdy.
Ýöne kakam:
— Şular ýaly gowy habaryň üçin menden islän zadyňy
diläp bilersiň — diýse nädersiň! Bezirgen örän
köpügören adam eken, ol birwagtlar derwüş bolmaga
hem synanyşypdyr, ýöne durmuş ony başga ugurlara
gönükdiripdir, ol Rumy ýaly meşhur alymyň donuna eýe
bolsa, örän begenjekdigini aýtdy. Kakam muny eşiden
badyna zer jähekli mahmal donuny çykaryp, şol adama
berdi.
Bezirgen gidensoň, durup bilmän kakamdan soradym:

— Kaka jan, ýaňky ýaş ýigit hiç gözüme gelmedi. Näme
üçin donuňy oňa berdiň? Aýdyp durka, ýalan sözleýäni
görnüp dur ahyry — diýdim.
Kakam argyn ýylgyrdy:
— Ol Şemsiň diridigini buşlady ahyry. Onuň ýalanam
bolsa şeýle hoş habary üçin donumy berdim. Näme, köp
gördüňmi? Özüň oýlanyp gör, onuň aýdýanlary dogry
bolup çykan bolsa, hakykatdanam, Şems diri bolaýsa,
onda donumy-ha däl, janymy bererdim oňa! Rumy
Konýa, 1260-njy ýylyň 30-njy noýabry
Şu gün Şems bilen Şekerçiniň myhmansaraýynyň öňünde
duşuşanymyza on alty ýyl dolýar. Her ýyl jemaziýelewwel
aýynyň şol günleri gelende ýeke özüm bir hüjrä
çekilýärin. Wagt agralyp, boýnumdan asylan
degirmendaşyna dönýär. Kyrk günläp çile tutup — ýalňyz
özüm hüjrämden çykman Şemsiň kadalary hakynda
oýlanýaryn. Olaryň her birini ýekänme-ýekän ýatlaýan
we serimden geçirýärin. Ruhumyň Gün düşmeýän pynhan
köşesinde Şems-i Töwrizi yşyk saçýar, onuň ýylgyryşy
şamçyragy ýatladýar...
Oňat görýän adamlaryň birini ýitiren mahalyň şonuň
bilen birlikde seniň dünýäň bir bölegi-de ýitirim bolýar.

Göçülip, taşlanyp gidilen ýurt ýaly, öýkeli ýalňyzlygyň
bendisine öwrülip, ýarymgöwün bolup galýarsyň.
Açylmasyz syr kimin, özüňi terk edip giden eziz görýän
ynsanyň hijran ajysyny kalbyňda göterýäň ýörýäň. Ol
hijran ýarasy şeýle ýara ki, üstünden hernäçe wagt
geçsede, barybir, ýene janyňa batar durar. Oňat
ýagşylaşandada ganjaryp yza berer. Gaýdyp hiç haçan
ýylgyryp bilerin, agyr oý-pikirlerden ýeňlärin öýtmersiň.
Ýaşaýyşda edil tümlükde ýoluňy saýgaryp bilmän,
sermenekläp ýöreýän ýalysyň. Öňüňi hem görýän dälsiň,
ýörär ugruňy hem bilýän dälsiň, diňe şu pursatdan aman
sypmak üçin... Köňlüň çyragy sönüp, tüm garaňky gijede
galansyň. Ýöne, ynha, diňe şeýle ýagdaýlarda, iki gözüň
hem birden tümlük içre galanynda, ynsanda üçünji bir
göz açylýar. Ýumulmaýan göz... Onsoň diňe şonda bu
dertelemiň soňsuzlyga, tükeniksizlige çenli dowam
etmejekdigine düşünersiň. Hazan möwsüminden soňra
başga möwsümler, bu çölden geçensoň, birgiden
gülzarlyklar, jülgeler peýda bolar; şu aýralykdan soň
bolsa ebedi wysal.
Ruhy göz bilen seretseň, täze elden aldyran kişiňi ähli
ýerde görersiň. Deňze düşen damjada, dolan Aýyň
täsirinden herekete gelen joşgundyr gaýtgynda, her

öwsen öwüsginde oňa duşarsyň. Çägä çyzylan pal
çyzyklarynda, Günüň ýagtysyna görünýän zerrejiklerde.
Täze dünýä inen bäbejigiň ýylgyryşynda, bilegiňde
tyrsyldaýan damaryň gan urşunda ony synlap bilersiň.
Ähli ýerde, hemme zatda ony görüp durkam, nädip, Şems
gitdi diýip bilerin?!
Iň kyn günlerimde maňa iki adam kömek etdi. Uly oglum
hem-de Selahatdin Zerkuby atly bir weli. Selahatdin
demir ýenjip durka, onuň dükanyndan çykan sazlaşykly
urgyny ilkinji gezek eşidenimde, älemiň ýürek ugrusyny
eşidendirin öýtdüm. Onsoň hut şol ýerde semag raksyna
durup, Şemsiň başladan raksyny ahyrky görnüşine
getirdim. Wagty gelende uly oglum Selahatdiniň gyzy
Patma öýlendi. Şol diýseň işeňňir hem akylly gyz maňa
gözelleriň gözeli Kimýany ýatladýar. Wagtyň geçmegi
bilen Patma «sag gözüm» boldy, gyz jigisi Hediýe bolsa
«çep gözüm». Heran-haçan jemagat içinde bir iş etmeli
bolsam, şol gözler maňa ýolbelet bolýar. Gyzlar erkek
oglanlar ýaly, gowy talyp bolup bilmez diýip kim
aýdypdyr?! Mähriban Kimýam gyzlaryň nämä
ukyplydygyny görkezdi ahyry. Men hem şonuň ruhunyň
hormatyna diňe oglanlar üçin däl, zenanlar üçin hem
semag dabaralaryny guraýaryn we sopy aýal doganlaryň
bu adaty dowam etdirmelidiklerini maslahat berýärin.

Hergiz, hergiz bir zenana erkek kişiden pesdir ýa-da kem
gaýdýandyr öýtmesinler! Alagöz bilen seredip, ynsany
ynsandan ýokary tutmak Allaha däl-de, biz gullara,
bendelere mahsusdyr.
Dört ýyl öň «Mesnewini» ýazyp başladym. Has dogrusy,
«Mesnewi» öz-özüni ýazyp başlady. Ilkinji beýdiň gelşini
unutmak mümkin däl. Bir säher çagydy. Gün şuglasy
tümlügi böwsen çagty biygtyýar, meniň erkime bakmaýan
ýaly bolup, sözler dilimden döküliberdi. Näme diýýänimi,
näme üçin diýýänimi bilmez
den, şol säher şygyr bilen dem aldym. Onsoň şol
pursatdan başlap, goşgy setirleri dürli arakesmeler bilen
gelmegini dowam etdi. Şygyrlar düşlemek üçin çeşmeçaý
agtarýan guş sürüleri kimin, duýdansyz gelýär-de,
depämde aýlanyp, bary birden saýrap, soňra gelşi ýaly,
uçup gidýärdi. Şol setirleriň arasynda şeýlebir setirler
bar welin, «ýene bir ýola gaýtala» diýseler başarmazdym.
Selahatdin bolmadyk bolsa, olaryň köpüsiniň ýatdan
çykyp, ýitip gitmegi-de ahmaldy. Ýöne ol uly sabyr hem
pidagärlik bilen şygyrlaryň her birini ýekän-ýekän
kagyza geçirdi. Selahatdin ýazdy, Soltan Welet göçürtdi.
Şeýlelikde, «Mesnewi» sahypamasahypa ulaldy bardy. Ol
indi öz okyjysyna garaşýar.

Bir şygry ýazmaga başlan mahalym onuň yzynyň niçiksi
gutarjagyny bilemok. Onuň neneňsi uzyn ýa-da çuňňur
boljagyny-da kesgitläp bilemok. Şygyr gutaransoň, ýene
oýa çümýärin. Ümsüm ýaşaýaryn. Iki tahallus ulanýaryn,
biri Hamuş — Dymma, beýlekisi Şems-i Töwrizi. Ýitiren
ruhdaşymyň adyndan ýazýaryn.
Şol bir wagtda dünýä, etden, süňkden, maddadan,
düýşlerden we puç bolan arzuwlardan ybarat dünýä öz
bady bilen aýlanyp dur. Hemmeleriň synmaz gala hasap
eden Bagdady 1258-nji ýylda mongollaryň eline geçdi.
Abadanlygy, kaşaňlygy dillerden düşmeýän, dünýäniň
merkezi diýip nygtalan şäher bir günde syndy. Şol ýyl
Selahatdin Zerkuby hem aradan çykdy. Derwüşlerim
bilen bilelikde ýas üýşmeleňinde ajaýyp baýram etdik;
küdum, tabur, naý seslerinden ýaňa köçeler iňledi. Çünki
bir weli kişi ahyrky ýoluna aglap däl-de, gülüp
ugradylmalydyr.
Sene 1260-njy ýyl boldy, bu gezek ýeňilmek nobaty
mongollara geldi. Garşydaşynyň ady memluklardy.
Düýnki aman bermedik birehimler bu gün aman
dileýänlere öwrüldi. Takdyr diýilýän kart dessesi
gaýtadan
garyldy
hem-de
kesildi.
Häkimiýet
basgançaklary bilen tiz ýokary galanlar dikbaşaşak
gaýtdylar. Üstünlige öwrenişen adam ýeňijiligime

ebedilik galaryn, döwletim deprenmezdir öýder. Asgyn
gelen kişi bolsa, bilini dikeldip bilmän, müdimilik büküler
ýörerin öýder. Ýöne olaryň ikisi-de ýalňyşýandyr. Bu
pany dünýäde şemal öz ugruny tiz üýtgedýändir. Begenjide, gynanjy-da, ýeňşi hem, ýeňlişi hem, hiç bir zady
mydamalyk saýma. Bir görseň, üstün çykan ysgyndan
düşüp, ejiz ekezlenendir. Allanyň göze görünmeýän
keşbinden daşgary, ähli zat her pursatda özgermäge
tabyn edilendir.
Soňky döwürde meni iň begendiren adamlaryň biri-de
medresäni taşlap, tekgämize gelen talyp Hüsam boldy. Ol
diýseň çalt kämilleşip, ruhy taýdan iňňän tiz bişişdi, häzir
hemmeler oňa hormat bilen garaýar we Hüsam Çelebi
diýip ýüzlenýär. Selahatdin aradan çykanyndan soň,
şygyr ýazmagyma şol kömek edýär. «Mesnewini» kagyza
geçiren kätip şoldur. Pälipeslik, gözel ahlak we nurly
kalbyň eýesi bolan Hüsam Çelebä biri çykyp: «Kim
bolarsyň, nähili adamsyň?» diýip sorasa, o elmydama şol
bir jogaby berýär:
— Men Şems-i Töwriziniň yzy bilen barýan pakyr
bendedirin. Bar bolşum-boljagym şeýledir. Men ne
müridiň, ne mürşidiň soragynda. Niýetim ajaýyp bir
ynsanyň mirasynyň ýatdan çykmazlygy üçin hyzmat
etmekdir.

Ynha, şeýdip, ýyllar geçdi, geçibem dur. Kem-kemden
garraýandygyňy özüňden öň synaň syzýar.
Basgançaklardan ätleý-ätleý kyrkyňa gadam basdyň;
soňra elli, elli bäş, haý diýmänem altmyşa ýetýärsiň...
Her on ýyldan bir säginip, yzyma garaýan. Ýöremäge,
ýolumy dowam etdirmäge mejburdygyma gözüm ýetýär.
Özüm üçin harplardan köşk galdyrdym. Dälizleri yşkdan,
diwarlary yşkdan, tagt otagy yşkdan... Dünýä sopy däl
adama gaty garjaşyk görner. Köp ýüzli, çekişmeli,
dartyşmaly... Ýöne şonça baş-başdaklyk ýekeje sözde
gizlenendir, söz bolsa harpda gizlenen. Harp hem
nokatda gizlin. «Bi»-niň aşagyndaky nokatda... Şu
düşünje bilen biz gije-gündiz semag edýäris. Biz
uruşlaryň, doganlaryň arasyndaky oňşuksyzlyklaryň,
ýalňyş düşünmeleriň, göwne degmeleriň, açlygyň we
sergezdançylygyň,
adalatsyzlygyň
we
nähak
çemeleşmekligiň içinde ähli zady öz içine alyp, gujaklap,
ýöne hiç bir zada degmezden ebedilik aýlanyp durus.
Tutuş dünýä şatyr-şatyr ýansa, ýer-u-asman gyzyl oda
bürense, köşgi-eýwanlary siller alsa, bir patyşa gidip,
başga biri gelse, biziň üçin bildirýän däldir.
Gaýgyhasratda we şatlykda, umytda hem lapykeçlikde,
hem ýeke özümizdiris, hem-de ählimiz bile, hem
assaýuwaşdyrys, hem tükeniksiz tizlikde, suw akýan ýaly

bolup, semag raksynda pyrlanar durarys. Dyzymyza çenli
öz ganymyza çümsegem, Yşka tarap bakmakdan ýüz
öwürmeris.
Älemde kämil sazlaşyk, diýseň näzik, inçe nyzam bar.
Parçalar we nokatlar häli-şindi üýtgär durar. Atlar hem
derejeler täzelener. Her aýdan gepi, her ýetiren zyýany
ynsanyň özüne gaýdyp geler. Ýöne adam muny bilmez; ol
özüni kynçylyga salmaga ökdedir. Başyna bir iş düşse,
hemişe özgelerden görer. Sebäpler, aýratynlyklar
bozulyp, üýtgäp, bütinleý täzeden çyzylyp dursa-da,
aýlanmak kanuny — halka şonlugyna galar.
Otuz dokuzynjy kada: Bitewiligi emele getirýän nokatlar
yzygiderli üýtgäp dursa-da, bitewiligiň özi üýtgewsizdir.
Bu dünýäden öten her bir ogrynyň ornuna ýene biri dünýä
geler. Aradan çykan her bir dürs ynsanyň ýerini ýene bir
dogruçyl ynsan eýelär. Onsoň bütewilik hiç haçan
bozulmaz, ähli zat öňküligine galar... Onsoňam üstünden
gün aşan hiç bir zat öňküligine galyp bilmez. Aradan
çykan her bir sopy üçin başga bir sopy dünýä iner.
Biziň dinimiz — yşk dini. Ýolumyz yşk şerigaty. Biz
uçgyraksyz kalp zynjyrynda diňe ýekeje halkadyrys. Eger
zynjyr ýerinden gopjak bolsa, şol pursat baş ga bir halka
goşular. Giden her bir Şems-i Töwrizi üçin başga bir

asyrda, başga bir mekanda, bilinmeýän bir at bilen ýene
bir Şems dünýä geler.
Kim Şems bolup dünýä geler.
Kim Şems bolup dünýäden öter. Ella
Konýa, 2009-njy ýylyň 1-nji sentýabry Bişnew!
Diňle!
Azanyň sesini ilkinji gezek eşidýän adamdan onuň nämä
meňzeýänini sorap görüň. Meger ol: «Bu ses diýseň
owazly, adatdan daşary üýtgeşik hem-de, birhili,
jadylaýjy» diýse gerek. Ýöne ol şol bir wagtda iňňän
täsin, akyl ýetmejek derejededir, hatda ol iniňi hem
tikenekledýär. Edil yşk ýaly!
Gijäniň tümlüginde Ella Rubinşteýni oýadan ses şoldy. Ol
derrew aýak üstüne galdy. Açyk penjireden içerik dolan
erkek adamyň ýakymly sesiniň nämedigini anyklaýança,
töweregine aljyraňňy garandy. Häzir oňa özüniň
Amerikada, Massaçutestde däldigini aňynda aýlamak
üçin birnäçe sekundyň geçmegi gerekdi. Duran ýeri
adamsy hem üç perzendi bilen bile ýaşaýan giň hem
aňrybaş oňaýly öýi däldi. Olaryň ählisi başga bir wagta
degişlidi. Ol wagt şeýlebir uzakda galdy ki, hamala, ol

günler öz geçmişi däl-de, periler bilen bagly haýsydyr bir
ertekä çalym edýärdi.
Ýok, häzir ol Massaçutestde däldi. Dünýäniň bütinleý
başga künjegindedi. Konýada, dermanyň hem
arassaçylyk serişdeleriniň ysy aňkap duran çaklaňja
hassahanadady. Onsoň şu pursat dem alyp-berşini
eşidýän adamy ýigrimi ýyl ýaşaşan adamsy däl, geçen
tomus güneşli bir öýleden soň, şonuň hatyrasy üçin ärini
taşlap gaýdan adamydy.
Ol stol çyrasyny ýakdy, uklap geçiren iki sagadynyň
dowamynda otagyň içinde üýtgän zat boldumyka diýip
gyzyklanýan ýaly, töweregine ýumşaksy ýagtylyk saçýan
ýantar reňkli çyranyň ýagtysyna saga-sola garandy. Ol
häzir ömründe duş gelen iň kiçijik hassahana
otagyndady.
Dogrusy, hassahana diýilýän ýer Ellanyň känbir bolup
gören ýeri däldi. Otagyň ortarasynda näsagyň ýatýan
orny bardy. Ondan başga ähli zat — könelişen
tekjejikler, agaç şkaf, oturgyç, çopantelpek güli goýlan
güldan, üsti derman gerdejiklerinden doly ýörite derman
tekjesi hassanyň ýatýan ýerine görä ýerleşdirilipdir. Bir
gyrada Aziziň okan «Men hem Rumy» atly kitaby durdy.
Konýa gelenine dört gün bolupdy. Şäherde bolan ilkinji
pursatlaryny jahankeşdelere mahsus gyzyklanmalar bilen

geçiripdi: ýadygärliklere, muzeýlere aýlanypdy, köçeleri,
binalary surata düşüripdi; ýerli naharlardan dadyp
görüpdi, sähelçe üýtgeşik zat görse-de, aýratyn üns bilen
synlapdy. Düýne çenli ähli zat ugrunady. Ýöne düýn Aziz
günortanlyk nahary mahaly özüni erbet duýup başlansoň,
gyssagly suratda iň ýakyndaky hassahana ýerleşdirildi.
Şol pursatdan başlap, Ella näme umyt etjegini doly
bilmedi. Onsoň, bir tarapdan, Taňry bilen jedele girdi.
«Şeýle giç beren yşkyňy elimden, şeýdip, gaty ir
alaýjakmy? Bu edýäniň adalatly-ha däl. Ýa-ha asla
bermeli däl ekeniň, berdiňmi, birneme ýaşar ýaly
günümize goýmalydyň...»
Näsagyň düşeginde ýatan
adama söýgi bilen garady. «Ezizim, uklap ýatyrmyň?»
diýip sorady. Aslynda, ony oýadasy gelmeýärdi. Ýöne şu
pursat onuň sesini eşidesi gelip, ýüregi ezilip barýardy.
Saklanyp bilmedi. Ýene bir gezek gaýtalady: — Aziz!
Näsagyň dem alşynyň birsydyrgynlygy çala üýtgäp gitdi,
sazda bir notanyň üstünden böküp geçen ýaly boldy, ýöne
ondan başga gaýtargy bolmady.
— Uklap ýatyrmyň? — diýip, Ella sesini biraz gataldyp
ýene gaýtalady.
— Uklapdyryn — diýip, Aziz mejalsyz pyşyrdady — Näme
boldy, mähribanym, ukyň tutanokmy?

— Ertir azanynyň sesine tisginip oýanypdyryn — diýip,
Ella jogap berdi-de dymdy. Göýä bu oýnam söz ähli zady
düşündirýän
ýalydy:
Aziziň
saglygynyň
ýabygorlydygynam, ony elden aldyrmak gorkusynam, yşk
diýilýän telbeligi-de, mahlasy, başlaryndan geçen ähli
zady gysgaça beýan edýän ýalydy.
Bitap Aziz özüne zor salyp düşeginden dikeldi, goýy ýaşyl
gözlerinde ysgynsyzja agyry bardy. Çyranyň ýagtysyna,
ap-ak örtgüleriň arasynda görmegeý keşbi solgun
görünýärdi. Ýöne şonda-da ol özüni parahat alyp
barýardy.
— Ertir azanyny hemişe üýtgeşik gowy görýärdim —
diýip, Aziz pyşyrdady. — Bu sese öwrenişikli adamlar ony
sen ýaly duýup bilmez. Olar öte öwrenişendikleri üçin,
onuň jadysyny saýgaryp bilmeýärler. Ýöne gaýry ýurtly
biri bu sesi eşiden mahaly birbada tisginip gider. Ertir
namazy bäş wagt namazyň arasynda iň gymmatlysy
diýýändirler, ýöne şol bir wagtda ol iň kynydyr.
— Näme üçin?
— Bizi süýji ukudan oýadýany üçin bolaýmasa. Ol
düýşlerimiziň arasyny kesip, bizi başga bir hakykata
çagyrýar ahyry, bu aňsat iş däl. Şonuň üçinem ertir

namazynyň azanynda beýleki azanlarda bolmadyk bir
setir bardyr. Onda «namaz ukudan haýyrlydyr» diýilýär.
«Ýöne, belki, biziň ikimiz üçin uky has haýyrlydyr —
diýip, Ella içini gepletdi. — Käşgä, bile uklasadyk». Şeýle
çuňňur hem rahat, top atylsa duýmajak görnüşde çuň uka
çümsediler... «Ukudaky gözeliňki» ýaly, jadyly uka gidip,
ýüz ýyllabam oýanmasalar...
Biraz wagtdan soň azan hem tamamlandy. Beýleki
metjitlerden eşidilýän sesler hem ahyrlady. Daşarda
azanyň sesi kesileninden soňra, töweregi syrly ümsümlik
gurşap aldy. Ol ümsümlikde Ella Aziziň gaýtadan uka
gidişini synlady. Bir ýyllap bile ýaşaşdylar. Tutuş bir
ýyl. Soňky iki hepdä çenli Aziz lukmanlaryny haýrana
goýup, sagdynlygyny saklap gezipdi. Her gezek syýahata
gidenlerinde şähdi açykdy we durşuna gujur bolup
durdy. Olar bir güni beýleki güne meňzemeýän,
ýaşaýşyň öz-özüni gaýtalamaýan durmuşda ýaşapdylar.
Ella öňki birsydyrgyn durmuşynyň özgerendiginden
hoşaldy. Bir adamy yşk bilen, aň-düşünjelilik bilen
söýmek nähili ajaýyp eken!
Ella öňler adamlaryň biri-birini doly tanamagy üçin köp
wagt gerek diýen düşünjä eýererdi. Ýöne häzir ol wagt
diýilýän düşünjäniň dürli-dürli görnüşiniň bardygy

barada oýlanýardy. Aslynda, ýeke bir söz bilen birden köp
zat düşündirmäge çalyşýardy. «Wagt—1» kütelen
endikleriň, şylhasy çykan aladalaryň, biderek
hysyrdylaryň içinde ähli zat oňat hasap edilip,
başagaýlygyň birsydyrgyn we mehanik prosesidi.
«Wagt— 2» garaşylmadyk ýagdaýlardan, we jadyly
ahwallardan doly, iniş-çykyşy ýeterlik, okgunly, başyňy
aýlaýjy akymdy. «Wagt—3» Taňryny mutlak wagtydy.
«Wagt—1» bilen «Wagt—2» meňzeş tizlikde geçýärdi.
«Wagt—3» ähli zady öz içine almak bilen, beýleki
wagtlary özüne ýuwudýardy we olary döredýärdi.
Ella egildi-de, Azizi emaýlyk bilen öpdi; ilki
maňlaýyndan, soňra bolsa kepän dodaklaryndan. Soňky
bir ýylyň içinde telbe bolup söýen, öpüşen, özüne dartan
we gujagyna gysan bu bedeni onuň üçin adaty bir erkek
kişiniň göwresinden has başga zatdy, ybadathana ýaly bir
zatdy. Şonuň üçin bolsa gerek, Aziziň gün-günden
gözüniň alnynda eräp barşy Ellada ne-hä ondan
çetleşmek duýgusyny, ne-de gynanç döredipdi. Aziz
içdigiçe teşneligi artýan, durulygyndan ganyp bilmedik
gözbaşydy, çeşmesidi. Diýmek, bir zenan bir erkek kişiniň
ruhuna aşyk bolandan soň, onuň näsag bedenini hem
şeýle ezizläp, söýüp biljek ekeni. Muny birine

düşündireýin diýende oňa jan gulagy bilen düşünjek
tapylarmydyka?!
Tekjäniň arka tarapynda uýan gan çüýşesi dymp-dymp
edip damyp durdy; näsagyň ysgynsyz bedenine
damjadamja ýaşaýyş goýberýärdi. Ýöne Ella Aziziň
Konýa ölmäge gelenini bilýärdi. Hiç bir uýan gan çüýşesi,
hiç bir kislorodly enjam ony üýtgedip biljek däldi. Ellanyň
owasyna ýaş aýlandy. Ýöne ol öz-özüne aglamajakdygy
hakynda söz beripdi.
Ella ol ýerde artyk eglenmän, daşaryk çykdy. Ak reňk
çalnan hem bolsa, ynsan ruhuny garaldýan dälizlerden
geçdi; deňinden geçen açyk gapylaryndan beýleki
näsaglar gözüne ildi. Ýaş-u-garry, aýal-u-erkek, kimsi
semiz, kimsi duluklary çöken; kimsi ýylgyrýan, kimsi
gaşyny çytyp oturan şunça adam... Käbiri öwrülip,
gapydan bilesigelijilik bilen garan bu amerikaly zenana
gyzyklanma bilen seretdi. Käbiri bolsa, ähmiýetem berip
durmady, derdi agyr bolarly.
Bäş minutdan soň Ella hassahananyň kiçijigem bolsa,
gelşiklije bagyndaky howzuň başyna bardy. Howzuň
ortarasynda mermerden ýonulyp ýasalan, perişdäni
alamatlandyrýan şekil bardy. Onuň eteginde kim bilýär,
gör, näçe adamyň iň ýaşyryn arzuwlaryndan habarly
şaýypullar ýalpyldaşyp ýatyrdy. Ella ownuk şaýygözläp,

jübülerini sermeleşdirse-de, netije çykmady. Çyzymçyzym
eden ýazgylarydyr köke owuntyklaryndan başga hiç zat
tapmady.
Hol beýleräkde ýatan çagyl daşlary onuň ünsüni çekdi.
Ýylmanak, ýalpyldaýan sarymtyk çagyl daşlary. Olaryň
birini aldy, gözlerini ýumdy, amala aşmajagyny bilýän bir
dilegini içinden gaýtalap ony suwa oklady. Ýöne daş suwa
düşmäge derek, howzuň gyrasyna degip zyňyldyda, göni
heýkeliň gujagyna düşdi.
«Aziz bärde bolan bolsa, muny hökman bir alamat hasap
ederdi» diýip, öz ýanyndan oýlandy.
Ýarym sagatdan soň, otaga gaýdyp gelende murtlak
lukman hem başatgyçly şepagatçy gyz bilen ýüzbe-ýüz
boldy. Olar düşekdäki örtgi bilen näsagyň ýüzüni ýapyp
duran ekenler.
Aziz Zekeriýa Zahara bu dünýäden ses-sedasyz ara
açypdy. ***
Ol edil eý görýän ynsany bolan Rumy ýaly, Konýada
depin edilmegini wesýet edipdi. Ähli taýýarlyk işlerini
Ella berjaý etdi. Hemişeki meýilleşdirmek başarnygy bu
gezek onuň derdine ýarady. Ol ýeke özi syýahata çykan
jahankeşde zenan bolansoň, emeldarçylyk işlerinden hiç
hili başynyň çykmazlygy käte päsgelçilik döretse, käte

kömek etdi. Üstünden ýüz ýyl geçen bir musulman
gonamçylygynda nepis bir magnoliýa agajynyň aşagynda
Azizi depin etmek üçin ýer tapdy. Gönüburçly dörtburçluk
şekilindäki ýer bölegi... şol günüň agşamy Aziziň
dünýäniň çar künjegindäki tanyş-bilişlerine elektron hat
iberip, olaryň ählisini ýas üýşmeleňine çagyrdy. Şol
arada ýakymly gabat gelme sebäpli, möwlewi naý
sazandalary, küdumzenler we semagzenler bilen tanyşdy;
olary jaýlanyş üýşmeleňine çagyrdy. Oslamaýan
adamlaryndan garaşmaýan hemaýatyny gördi. Aziz diri
bolan bolsa, muňa diňe ýylgyryp oňardy. «Tötänlik diýen
zat barmy, Ella?» diýerdi.
Merhumyň ýerlenen güni Ellanyň çak edenindenem has
köp adam ýygnandy. Baryp Keýptaundan, SanktPeterburgdan, Mürşidabatdan, San-Paulodan gelen
mistikler hem boldy. Olar bilen birlikde fotosuratçylar,
alymlar,
galamgärler,
ýazyjylar,
tansçylar,
heýkeltaraşlar, bank işgärleri, işewürler, daýhanlar,
şahyrlar, suratkeşler, ýoga boýunça mugallymlar hem
geldiler. Onsoňam Aziziň perzentlige alan iki ýaş ýigidi,
olar hem şol ýerdedi.
Şeýlelikde, biri-birinden bütinleý üýtgeşik dillerde
gürleşýän, dürli-dürli ynançdaky adamlardan ybarat ýas
üýşmeleňi Azizi ahyrky ýoluna ugratdy. Myhmanlaryň

käbiriniň ýanynda dürli ýaşdaky çagalary hem bardy.
Olar töwerekdäki köçe çagalary bilen birlikde hiç zat
diýmedi. Meksikaly bir şahyr pande muertos —
«merhumlar çöregini» paýlady. Aziziň köne dostlarynyň
biri bolan şwesiýaly adam köpçüligiň üstünden süýjiköke
seçen ýaly, gül ýapraklaryny seçeledi. Naýçylar naý
çaldylar, semagzenler semag raksyny ýerine ýetirdiler.
Olar Aziziň aradan çykmagyny mübäreklediler, sebäbi
onuň özi şeýle edilmegini islärdi. Ýas deregine şatlyk...
Toý dabarasyna dönen ýas... Ömrüni ownuk jerçilik edip
geçiren, diş-dyrnakdan galan konýaly bir garry bu
görnüşi agzyny açyp synlap durşuna:
— Konýa Konýa bolaly bäri, beýle täsin ýas üýşmeleňini
gören däldir — diýdi we soňra-da sözüniň üstüni ýetirdi.
— Elbetde, ençeme asyr mundan ozal tagsyr
Möwlananyň toý gijesini hasaba almasaň. ***
Ýas üýşmeleňinden üç gün soň, myhmanlaryň ählisi
öýliöýüne gaýdyşansoň, ýeke özi galan Ella ahyrky gezek
şähere
aýlanmaga
çykdy.
Ýanyndan
bäbek
arabajyklaryny itekläp geçip gidýän ortaça gurply
maşgalalary, ýüpekdir mahmal dükanlaryny, oňa janygyp
bir zatlar satyn aldyrjak bolýan köçe jerçilerini hamala
filmiň lentalaryna tomaşa edýän ýaly synlady. Olar hem

You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Elif Şafak-Yşk - 27
  • Parts
  • Elif Şafak-Yşk - 01
    Total number of words is 3608
    Total number of unique words is 2185
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 02
    Total number of words is 3616
    Total number of unique words is 2228
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 03
    Total number of words is 3610
    Total number of unique words is 2211
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 04
    Total number of words is 3621
    Total number of unique words is 2271
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 05
    Total number of words is 3686
    Total number of unique words is 2230
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 06
    Total number of words is 3613
    Total number of unique words is 2257
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 07
    Total number of words is 3722
    Total number of unique words is 2226
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 08
    Total number of words is 3656
    Total number of unique words is 2262
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 09
    Total number of words is 3579
    Total number of unique words is 2310
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 10
    Total number of words is 3666
    Total number of unique words is 2164
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 11
    Total number of words is 3591
    Total number of unique words is 2225
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 12
    Total number of words is 3623
    Total number of unique words is 2233
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 13
    Total number of words is 3652
    Total number of unique words is 2154
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 14
    Total number of words is 3670
    Total number of unique words is 2111
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 15
    Total number of words is 3637
    Total number of unique words is 2160
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 16
    Total number of words is 3591
    Total number of unique words is 2182
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    54.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 17
    Total number of words is 3590
    Total number of unique words is 2167
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 18
    Total number of words is 3586
    Total number of unique words is 2219
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 19
    Total number of words is 3651
    Total number of unique words is 2179
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 20
    Total number of words is 3632
    Total number of unique words is 2034
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 21
    Total number of words is 3642
    Total number of unique words is 2121
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 22
    Total number of words is 3656
    Total number of unique words is 2209
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 23
    Total number of words is 3664
    Total number of unique words is 2120
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 24
    Total number of words is 3674
    Total number of unique words is 2117
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 25
    Total number of words is 3603
    Total number of unique words is 2124
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 26
    Total number of words is 3670
    Total number of unique words is 2220
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 27
    Total number of words is 483
    Total number of unique words is 391
    49.5 of words are in the 2000 most common words
    60.1 of words are in the 5000 most common words
    65.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.