Latin

Elif Şafak-Yşk - 20

Total number of words is 3632
Total number of unique words is 2034
32.3 of words are in the 2000 most common words
45.8 of words are in the 5000 most common words
52.5 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Ella, dogrusy, Dewidiň Rumyny bilýändiginemi ýa-da
onuň öz aýalynyň näme okaýandygy bilen
gyzyklanýandygynamy, nämä has köp haýran
galandygyny bilenokdy.
― Neşirýatyň beren romany bar-a... «Yşk şerigaty» bilen
bagly hasabatnamany ýazamda peýdasy deger diýip,
Rumynyň birnäçe kitabyny satyn alypdym. Okadygymça
göwnümden turdy bardy. Indi her gije sypdyrman şolary

okaýan ― diýip, Ella gürrüň berdi. Dewidiň gözleri
stoluň üstündäki çörek owuntygynda eglendi.
― Hawa,.. şu roman... ― diýip, kinaýa bilen aýtdy. ―
Nähili onsoň, haladyňmy?
― Hawa ― diýip, Ella dartgynlylygyny saklamaga
çalşyp dillendi. ― Gaty gowy gördüm.
Ynha, şol wagt Dewid ýazgaryjy nazaryny aýalyna
öwürdi.
― Oýun oýnamanyň geregi ýok, Ella. Ikimiz hem uly
adam ― diýdi. ― Nämeleriň bolup geçýänini bilýärin.
Hemmesinden habarym bar.
― Sen näme diýjek bolýaň? ― diýip, Ella sorady, ýöne
jogabyny eşidesiniň gelip-gelmeýänine özüniňem ynamy
ýokdy. Howsalalydy.
― Bukudaky gaçybatalgaňdan gürrüň edýärin ― diýip,
Dewid pessaý äheňde aýtdy. ― Yşky
başdangeçirmeleriňden! Ol adam hakynda bilýärin. Hat
alyşýanyňyzam bilýän. Meni aldaýanyňdanam habarym
bar.
Haýran galmakdan ýaňa Ella kiçi dilini ýuwdarly
göründi. Dewidiň şemiň yşygyna görünýän ýüzi keseki we
ýazgaryjy keşbe giripdi.

― Seni aldaýanmy?! ― diýip, Ella gaýtalady. Özi-de
bilmezden sesini şeýlebir gataldypdy welin, ýakyndaky
stolda oturan saryýagyz jübütler başlaryny galdyryp,
bilesigelijilik bilen oňa tarap seredişdiler. Töwerekdäki
müşderileriň nazarynyň özüne gönügenini duýan Ella
çym gyzyl boldy. Sesini peseldip, gaýtalap sorady:
― Sen näme diýjek bolýaň?
― Men samsyk däl, Ella, onsuzam güman edip, ýördüm
― diýip, Dewid dillendi. ― Ahyry düýn gije ýatyrkaň,
seniň hat alyşýan gapyrjagyňy barladym. Şol adam bilen
ýazyşan hatlaryň ählisini okadym.
― Näme etdim?! Näme etdim?! ― diýip, Ellanyň girre
gahary geldi. Töwerekdäkileriň özi hakynda näme pikir
edýäni indi onuň piňine-de däldi.
Dewid sowaly eşitmedik boldy. Jogap bermäge deregem
aýtjak zatlarynyň agramyny ölçeýän ýaly, sözüni dowam
etdi.
― Seni günäkärlämok. Aslynda gabahat iş eden özüm.
Seni gözden saldym. Senem adalatly ýagdaýda özüňe
bolan gyzyklanmany, söýgini başga ýerden gözlediň. Ella
başyny öňe egdi. Gözlerini bulgurynyň hut düýbüne dikdi.
Şerabyň reňki goýy ýakut mysaly özüne çekijidi.

Bir pursat ol şerabyň ýüzünde oýnap duran ýalpyldylary
seljerjek bolýan ýaly göründi, ol ýylpyldylar yşkyň
özboluşly ýodajygyny ýadyňa salýardy. Belki-de,
hakykatdanam, şu ýerden alyslara uzap gidýän bir ýol
bardyr. Onuň ýeke-täk islegi şol ýoly tapyp gaçmakdy.
Häzir Dewid hem dymýardy. Olaryň arasynda göze
görünmeýän diwar çekilipdi. Esli wagtlap dymşyp,
şonlugyna oturdylar. Ahyrynda Dewid:
― Seni bagyşlamaga taýýar, Ella ― diýdi. ― Elbetde,
senden hem özümi bagyşlamagyňy soraýaryn. Ähli zady
yzda galdyryp, bütinleý täzeden başlaly. Geçmişi
geçmişde galdyraly.
Şo pursat Ellanyň diliniň ujuna şeýlebir köp zat geldi.
Adamsyny ýerden alyp ýere urmak, oňa ýyllar boýy özüni
aldadanyny ýatlatmak, Aziz bilen aralaryndaky ýazyksyz
hat alyşmalary bilen Dewidiň iýen dürüşdelerini bir
orunda goýup bolmajakdygyny bildirmek; gygyrmak,
bagyrmak, diýip-diýip içini sowatmak isledi. Ýöne bu
zatlaryň hiç birini etmedi. Aňynda aýlan pikirleriniň iň
ýönekeýini saýlady:
― Onda seniň başdangeçirmeleriň nähili bolar? Olaryda
geçmişe gömjekmi?

Hut şol pursat eli sargyt edilen tagamlardan doly, ýüzi
ýasama ýylgyryşly hyzmatçy gyz peýda boldy. Ella hem,
Dewid hem yza çekilip, şol bir manysyz nazar bilen
hyzmatçy gyzyň tabaklary stola goýşuny synladylar. Ýene
ikiçäk galanlarynda Dewid bugaryp duran naharlaryň
üstaşyry otlukly nazaryny aýalyna dikdi.
― Diýmek, ähli belaň körügi şu eken-dä? Menden ar
alasyň geldi, şeýlemi, ezizim?
― Ýok ― diýip, Ella ýumşaklyk bilen aýtdy. ― Ar almak
niýetim ýok, hiç haçan hem bolmandy.
― Onda näme?
Ella gaty dartgynly ýagdaýda ellerini gowşuryp, uludan
dem aldy. Hamala restorandaky janl-u-jansyz ähli zat
hereket etmesini togtadyp, hyzmatçydan aşpeze,
ýakyndaky stolda oturan müşderiden akwariumdaky
balyklara çenli hemmeler onuň aýtjak sözlerine garaşyp
duran ýalydy.
― Söýgi... ― diýip ahyry dillendi. ― Men Azize aşyk
boldum.
― Ony tanaňogam ahyry... ― Dewid garşylyk bildirdi.
― Ol hakda hiç zat bileňok diýen ýaly... Şol hepbesiz ruhy
näsag bolsa bildiňmi?

― Ony tanamak üçin köp zat bilmek hökman hem däl.
Onuň zandynyň gowudygyny görýärin.
Ella adamsy özüne güler öýtdi. Neşter ýaly, ýüregiňe
batýan ýiti sözlere ýa-da ýaňsyly gülkä garaşdy. Ýöne
beýle zat bolmady. Dewidden garşylyg-a beýlede dursun,
ses-üýn çykmady. Ahyry başyny galdyryp sereden
mahaly, adamsynyň gaýgyly ýüzüne gözi düşdi. Onsoň şol
pursat Ella Rubinşteýn bir zada göz ýetirdi, adamsy üçin
«ar almak», «gahar», hatda «şöhwet» ― bularyň bary
özara ylalaşyp boljak zatlardy. Emma «söýgi, yşk»... yşk
başga zatdy. Yşk Dewidiň aýalyndan, ýagny şunça
wagtlap yşkyň garşysyna gürlän, yşky kemsidip, ondan
ýüz öwren bir aýaldan eşidesi gelýän ahyrky sözdi.
― Ýöne üç çagamyz bar-a... ― diýip, Dewid sandyraýan
sesi bilen aýtdy.
― Dogry, bar, men olaryň üçüsini-de örän eý görýärin
― diýip, Ella dillendi. Onuň eginleri sallandy,
maňlaýynda süýt ýaly ak damar peýda boldy. ― Ýöne
men Azize aşyk boldum...
― Besdir indi, şol sözi agzama! ― diýip, Dewid berk
garşy çykdy. Bulguryndaky şeraby içip, barmaklary bilen
stoluň ýüzünde dartgynly çyzyklar çyzdy. Soňra ýene
köşeşmäge synanyşdy. — Men öz ýalňyşyma düşünýän,

Ella. Bilmezden seniň göwnüňe degipdirin. Ýöne bir
zadyda bilmegiňi isleýän: hiç haçan saňa söýgimden ýüz
öwren däldirin. Mundan buýana hemişe saňa wepaly
bolaryn. Söz berýärin. Gidip söýgini başga birinden
gözleseň ýalňyşarsyň. Seni hiç kim men ýaly söýüp bilmez.
Düşünýäňmi?!
— Başgalardan hiç zat gözlämok! ― diýen Ella bu sözleri
adamsyndan-da beter özüne aýdýan ýaly boldy. Näme
diýýänine düşünmän, nirä baryp degjegini hem oýlanyp
durman mydyrdady:
― Rumy aýdýar ahyry, yşk daşardaky bir zat däldir. Ol
içden gaýdýandyr. Ýeke-täk etmeli işimiz bizi yşkdan
mahrum edýän päsgelçilikleri tapmak hem olardan
saplanmakdyr. ― Gaharymy getirjek bolma... ― diýip,
Dewid herreldi. ― Özüňe gel. Bu seniň özüň däl. Özözüňi
aldaýaň. Öz ýanyňdan oýun oýnaýaň. Eliňde goşguly
kitaplar, seriňde-de hyýal... Ýöne indi besdir! Sen beýle...
hyýalbent, romantik däl ahyry!
Ella bir pursatlyk gaşlaryny çytyp oturdy. Bu söz bir
ýerlerde-hä onuň ýadynda galypdy. Öz wagtynda öýüň
aşhanasynda uly gyzyny «hyýalbentligi» üçin
günertläpdi, häzir bolsa onuň özi şol aýyplama sezewar
boldy. Halka daralyp, aýdan sözleri indi bumerang ýaly,

özüne gaýdyp gelýärdi. Ol oturgyjyny yza süýşürip,
elsüpürgiji bir gyrada goýdy.
― Indi öýe gaýtsak bolmazmyka? ― diýip, sypaýylyk
bilen aýtdy. ― Işdäm kesildi.
Gaýdyşyn ulagda ýeke söz hem alyşmadylar. Şol gije
olaryň hersi aýry düşekde ýatdy. Biri-birlerine
galtaşmadylar. Irden bolsa Ellanyň başyna baran ilkinji
işi uzyn hem ýürekden çykýan sözler bilen Azize hat
ýazmak boldy...
Iş işden geçip, garaşylmadyk ýagdaýa ýetipdi. Muny
Aziziň hem bilmäge haky bardy.
Yňdarma (Fanatik) Konýa, 1246-njy ýylyň
fewraly
― Beýle masgaraçylygy görmändik! Senem eşitdiňmi
ony, şeýh Ýasin? ― Talyplarymyň biriniň kakasy, sebetçi
Abdylla tolgunmak bilen sorady. ― Rumyny düýn
jöhitleriň mähellesindäki meýhanada görüpdirler.
― Heý-de, eşitmerinmi, hawa, eşitdim ― diýdim. ― Ýöne
bu habara siz ýaly geň galyp durmadym. Aýaly öňki
hristian, iň ýakyn dosty ýarlykly dinsiz bolan adamdan
başga nämä garaşýardyň? Oňňullyk çykar öýdýärmidiň?!
Abdylla baş atdy:

― Dogry aýdýaňyz, tagsyr. Şeýle boljagy öňdenem belli
eken. Biz aňmandyrysam. Käşgä, bilen bolsadyk.
Töwerekden geçip barýanlar durup, gürrüňlerimize gulak
gabartdylar. Hemmeler howsalalydy, tolgunýardy.
Kimdir biri:
― Rumyny Uly metjide goýbermeli däl, gaýdyp ol ýerde
wagyz bermesin ― diýip teklip etdi.
Başga biri bolsa:
― Hemmeleriň öňüne geçip toba etsin; indikile harama
el urmajagyna lebiz etsin. Bolmasa-da ony kes-kelläm
bagyşlamalyň!
― Bu aýdýanlaryňyz boş gepler. Şemsi hem, Rumyny-da
şu şäherden derhal kowmak gerek ― diýdim. ― Meniň
pikirimçe, siz oturyp, şonuň maslahatyny etmeli.
Gahar bilen baş atdylar. Görsem, gürrüň uzaga çekjek,
medresedäki derslerime gijä galýanymy bahana edip,
ýolum bilen boldum.
Öňden bärem Rumynyň gümürtik taraplarynyň
bardygyna şübhelenýärdim. Günlerde bir gün onuň,
elbetde, peçan bolaryna garaşýardym. Ýöne beýle bolar
diýip, özümem oslamandym. Aýdymly-sazly meýhanada
şeraply jürdegi gujaklap ýörmesi meni-de geň galdyrdy.

Ah, serhoş! Rumynyň şeýle güne düşmegine Şems
günäkär, şol bolmasa, Rumy dessine öňki ýagdaýyna
gaýdyp barar diýýärler. Ýöne men başga pikirde. Şems
howply pikirleri bolan içýakgynç adam, onuň şeýledigine
şek ýok. Ol Ruma gaty ýaramaz täsir edýär, ol belli. Ýöne
esasy mesele şunda: näme üçin Şemsiň beýleki alymlary
ýoldan çykarmaga güýji ýetenok?! Aýdaly, näme üçin
Şemsiň maňa dişi ötenok?! Pygamber Serwerimiz ýöne
ýerden aýtmandyr: «Her bir adam öz dostunyň
dinindedir, şonuň üçin hem kim bilen dostlaşýanyna üns
bersin» diýip. Onda Möwlana näme üçin üns bermeýär?
Diýmek, onuň özi öňden küpür ýola düşmäge taýýar
bolmaly. Gazan taýýar eken-de, gapagyna duşupdyr-da,
diýmek. Aslynda Möwlana bilen Şems çak edilişindenem
beter biri-birine çalymdaş.
Şems näme diýýärmiş-ä: «Ulamalar syýa tegmillerinde
ýaşaýandyr. Sopular bolsa yşkyň aýak yzynda!» Bu nä
gep boldugy? Bir zat belli, Şemsiň pikiriçe, ulamalar diňe
gürlemäni bilýär, biziň bar işimiz-pişämiz kadakanun
öwretmek we olary kagyza ýazmakmyş. Sopular bolsa,
gaýnap-joşup ýaşaýarmyş. Goý, şeýlemiş diýeli, ýöne
Rumynyň özi hem alym ahyry! Ýa, indi ol özüni bizden
hasap etmeýärmikä?

Ah, şol Şems diýilýän hepbesiz meniň okadýan dersime
girmäge hyýallanaýsa dagy, elimiň tersi bilen siňek
kowan ýaly kowardym. Öz huzurymda agzyny açyp,
bolgusyz samahyllamasyna kes-kelläm rugsat bermezdim.
Möwlana näme üçin şeýtmeýär? Näme üçin Şemsiň her
sözüni ýere gaçyrman berjaý edýärkä?
Sebäbi olaryň ikisi-de şol bir ýoldan. Ikisiniň-de şol bir
matadan biçilendigi açyk-aýdyň mälim. Onuň aýaly hem
hristian ahyry. Nämemiş, soňra musulman bolanmyş.
Bolsa bolupdyr-da?! Ganynda hristianlyk barmy,
çagasyna-da geçer. Gynansagam, şäher halky hristianlyk
howpuna geregiçe üns bermeýär. «Egin-egne berip ýaşap
ýörüs, onuň nämesi erbetmiş?» diýýärler. Beýle türkana
kişilere men, ynha, şeýle diýýärin:
― Suw, heý-de, zeýtun ýagy bilen garyşarmy? Bir damja
suwuň bir damja ýaga garyşanyny gördüňizmi?
Musulmanlar bilen hristianlar hem diňe şolar ýaly
garyşyp bilerler! Egin-egne berip ýaşamaklary ahmal,
ýöne hiç haçan bir çukura tüýkürip bilmezler.
Möwlana ozaldan bäri gaýrymüslimlere ― musulman
dällere köp howandarlyk edýär, azlyk halklara ýumşak
çemeleşýär. Häli-şindi keramatly Khariton monastyryna
gidip, doga okaýanyny bilmeýän ýok. Ýeri, musulmanyň

ol ýerde näme işi barmyş? Monastyryň baş ruhanysy bilen
aralaryndan gyl geçenok. Diýmek, ol ýa gäwürler bilen,
ýa musulmanlygy şübheli derwüşler bilen ýoldaş bolýar.
Şu zatlar hem Rumyny ygtybarsyz hasap etmek üçin maňa
ýeterlik, ýöne şu Şems-i Töwrizi diýilýän ýerden ýeke
çykan hepbesizi öýünde ýaşadyp başlaly bäri, ol Hakyň
ýolundan büs-bütin azaşdy. Talyplaryma her gün: «Ägä
boluň, çagalar, şeýtandan hüşgär boluň! Iblisiň sizi her
pursatda ýoldan çykarmagy ahmaldyr!» diýip pugta
tabşyrýan.
Şems hakyt Şam şeýtany — siriýaly bozgak. Rumyny
meýhana ibermek gös-göni şonuň pikiri. Ony nädip
beýtmegiň hötdesinden gelenini bir Alla bilýär. Dogrusy,
Şeýtanyň asylky maksady-da mertebeli adamlary ýoldan
çykaryp, günä işlere iteklemek dälmidir?!
Şemsiň binamazdygyny ozaldan aňypdym. Pygamber
Serwerimiz bilen şol ýoknasyz sopy Bistamyny
deňeşdirmek nähili adalatsyzlyk? Bistamy dälmi: «Men
özümi öwýärin, meniň şanym beýikdir!» diýen?! Soňam
utanman: «Men nebsimi ýençýän demirçidirin!»
diýmänmidir. Ol: «Käbäni togap etmäge gitdim, bir
görsem, Käbe maňa togap edýär eken» diýmek derejesine
çenli ýetipdir. Bu nähili gep bolýar?! Bu nähili

bolgusyzlyk?! Şu zatlar küpür bolman, eýsem, başga
näme?!
Ynha, Töwrizli Şemsiň hormat bilen salgylanýan kişisi
şeýle pes derejedäki adam. Her näme-de bolsa, ol hem
hakyt Bistamy ýaly mynapygyň biri.
Ýöne şäher halky, gijrägem bolsa, hakykata gözüni açyp
başlady. Şemsi ýazgarýanlar gün-günden köpelýär.
Onda-da ol hakynda nämeler diýmeýärler! Olaryň
aýdýan zatlaryny eşidip, käte özümem ýakamy tutýan.
Hammamlarda, şäher meýdanlarynda, ekin ýerlerinde,
bag-bakjaçylykda adamlar Şemsi ýerden alyp, ýere
urýarlar. ***
Şu zatlary hakydamda aýlap gelşime, medresä
öňkülerimden gijä galyp bardym. Alňasap, okuw
otagynyň bosagasyndan içeri ätlän dessime bir
üýtgeşikligiň bardygyny duýdum. Talyplarym öz
orunlarynda aýbogdaşyny gurşup, ýerli-ýerinde
otyrdylar. Ählisiniň hem ýüzi salyk görünýärdi. Tudana
iýen bilbil ýaly, hiç birinden ses-selem çykanok.
Birden sebäbine düşündim. Açyk penjiräniň öňünde
arkasyny diwara berip bir adam durdy. Ýüzünde ýeke tüý
bolmadyk, saçy-sakgaly syrylan, ýylgyryp duran keşpde
öňümde peýda bolan ol adam Töwrizli Şemsden başga hiç
kim däldi.

Ol otagyň beýleki künjeginden maňa seslenip:
— Salamünaleýkim, şeýh Ýasin — diýdi. — Biz saňa
garaşyp durduk, gijä galdyňyz.
Bir pursatlyk salam bersemmikäm, bermesemmikäm
diýip, näme etjegimi bilmän ýaýdanyp durdum. Ahyrynda
salam bermedim. Oňa derek talyplaryma tarap öwrülip,
olardan hasap soradym:
— Bu bolgusyz bärde näme işläp ýör? Näme üçin içerik
girmäge rugsat berdiňiz?
Talyplarymyň hiç biri jogap bermedi. Hemmesi
aljyraňňydy, howsalalydy. Dymyşlygy hut Şemsiň özi
bozdy. Sesinde, birhili, hormatsyzlyk, ýüz-gözünde
dälişge haýbat bardy, ol göni garaçygyma bakyp:
— Talyplaryňa käýinme, şeýh Ýasin, bu meniň işim. Şu
gün irden şu töwerekden geçip barýarkam, öz-özüme:
«Hany, şu medresä-de baryp göreýin. Baraýyn-da
ullakan şäherde meni iň halamaýan adam bilen görşeýin.
Göreli, ýeňsämden diýýän zatlaryny ýüzüme hem aýdyp
bilermikä?» diýdim.

Hüsam talyp Konýa, 1246-njy ýylyň fewraly
Biri-birimize seredişip, aljyrap durduk. Biz synpymyzda
ýygrylyşyp, halypamyza garaşyp otyrkak, gapydan Şemsi
Töwriziniň girenini görmek hemmämizi «wäh» diýlen
ýaly etdi. Ol hakda gaty gorkunç zatlar eşidipdik, elbetde,
köpüsinem halypamyz aýdyp beripdi, şonuň üçinem onuň
hut özi bilen ýüzbe-ýüz bolmak bizi tisgindirdi. Ýöne
hernä Şems özüni örän rahat hem hoşgylaw alyp bardy.
Bize ýekän-ýekän salam bereninden soň, şeýh Ýasin bilen
gürrüň etmäge gelendigini aýtdy.
Men gelşiksiz bir ýagdaý ýüze çykaýmasa-da biri diýip
alada galdym.
— Neme... şeýh Ýasin synpa kesekiler girse halanok —
diýdim. — Häzir däl-de, birneme soňra gelip gürleşseňiz,
gowy bolardy.
— Ýagşy, ýigit, duýduranyň üçin sag bol — diýip, Şems
aýtdy. — Ýöne käte käbir meseleleriň düşünişilmesi üçin
gelşiksiz ýagdaýlar hem bolmaly bolýar.
Aňymdakyny okadymyka? Şemsiň adamlaryň pikirini
okamagy başarýandygy barada eşidipdim.

— Alada galmaň, halypaňyz bilen aramyzdaky gürrüň
uzaga çekmez — diýip, Şems sözüniň üstüni ýetirdi.
Ýanymda Yrşat otyrdy. Ol gulagyma pyşyrdap:
«Utançsyza seret, synpymyza geläýdi! Haramzada tüýs
Şam şeýtany diýilýän» diýdi.
Başymy atsam hem, dogrusy, Şemsiň şeýtana meňzeýän
ýerini görmedim. Onuň daş keşbi juda dogruçyl, gönümel
we batyrgaý adamdygyny görkezýärdi. Pikirlerimi öz
ýanymda galdyrdym.
Biraz wagtdan soň, şeýh Ýasin gapydan girdi. Ol aladaly
görünýärdi, gaşlary çytykdy. Heniz bir ädim hem
ätmänkä, duran ýerinde doňup galdy, garaşylmadyk
myhmana haýran galyp seretdi. — Bu tersýoňka bärde
näme işläp ýör? Näme üçin içerik girmäge rugsat
berdiňiz?
Biz biri-birimiziň ýüzümize seredişdik, ýöne hijimiz jogap
berip ýetişmänkäk, Şems perwaýsyz gürläp, geçip
barýarka sowlandygyny, Konýa ýaly gojaman şäherde
özüni itden beter ýigrenýän adamy görmek isländigini
aýtdy.
Talyplaryň birnäçesi howsalaly üsgürinjiredi. Yrşada
seretdim, ol hem galagop görünýärdi. Iki sany ullakan

adamyň arasyndaky dartgynlylyk şeýlebir açyk-aýdyňdy
welin, çala eliň degdigi, ýarylaýjak ýalydy.
— Bärik näme üçin geleniň bilen işim ýok. Seniň bilen gep
nokatlaşyp durmakdan has möhüm aladalarymyz bar —
diýip, şeýh Ýasin aýtdy. — Hany, ugra şu ýerden, biz ders
geçmeli. Ýeri, göteril!
— Görýän welin, meniň bilen ýüzbe-ýüz gürleşmek
isläňzok öýdýän. Ýöne ýeňsämden gürlemeli bolsa, näçe
diýseň wagt tapýaň, seni hiç kim saklap bilenok — diýip,
Şems dillendi. — Hemişe meni, Rumyny we beýleki
tasawwuf ýolundaky sopulary ýazgaryp, ýamanlap
ýörsüň. Seniň akylyňy beýle köp meşgul edýän bolsak,
ynha, men öňüňde durun. Sorajak zadyň bolsa soraber.
Şeýh Ýasin ýüzüni turşudyp sägindi:
— Meniň senlik gürrüňim ýok. Onsuzam bilmeli zatlaryň
ählisini bilýärin.
Şems bize tarap öwrülip, sesini beýgeltdi:
— Eger bir adam: «Bilmeli zatlarymyň ählisini bilýärin»
diýse, oňa halypa-ha däl, nadanyň hem barypýatany
diýmek bolar. Diňe nadanlar ähli zady bilýändirin
öýdýärler.

Şeýh Ýasin gahardan ýaňa çym gyzyl boldy,
bokurdagyndaky ýumry daşyna çykarly göründi. —
Onda, gel, talyplardan sorap göreli, jogaplary bilýän aryf
bolanyň gowumy ýa sowaldan başga zady bilmeýän,
beýnisi bulam-bujar başagaý bolanyň — şu ikisiniň haýsy
biri bolmak has ýegdir?
Ýoldaşlarymyň ählisi şeýh Ýasiniň tarapyny çalsalaram,
olaryň köpüsiniň muny ýürekden etmeýänini,
halypamyza gowy görünjek bolup şeýdýänini aňýardym.
Özüm-ä dymanymy kem görmedim.
— Ähli sowalyň jogabyny bilýändirin öýtmek gaflatdan
nyşandyr — diýip, Şems biziň bolşumyza ähmiýet
bermedi. Soňra halypamyza tarap öwrüldi: — Ýöne eger
jogap bermekde özüňden öňe geçýän ýok bolsa, saňa bir
soragym bar.
Ynha, şol pursat çekeleşigiň soňuny gaýgy edip başladym.
Emma otagdaky dartgynlylygyň öňüni almagyň çäresi
ýokdy.
— Onda-munda meni ýamanlap gürleýäniňizi, meniň
şeýtanyň hyzmatkäridigimi aýdýanyňyzy bilýärin. Haýyş
edýärin, hany, aýdyň, şeýtan nämekä? — diýip, Şems
sorady.

— Elbetde, aýdaryn — diýip, şeýh Ýasin häzirki dörän
amatly pursatda söz bilen çüýlemek mümkinçiligini elden
bermedi. — Ybraýymy dinleriň iň ahyrkysy we iň kämili
bolan dinimiz Adam bilen Howa enäniň jennetden şeýtan
zerarly kowlandygyny aýdýar. Atalary sürgün edilen
ynsanlar bolan biz hem hemişe ägä bolmaly, çünki şeýtan
her dürli keşpde gezip bilýär. Ol käte bizi humar
oýnamaga çagyrýan humarbazyň sypatyna girýär, käte
bolsa, owadan zenana öwrülip, bizi ýoldan çykarmaga
çalyşýar... Şeýtanyň asla garaşmaýan sypatlaryňa-da
girýän wagtlary bolýar. Meselem, gezende derwüşiň
sypatynda-da öňüňden çykyp biler.
Şems şeýle ýazgarylma garaşýan ýaly ýylgyrdy. — Kime
kakdyrýanyň belli. Ýöne nähili aňsat eken! Şeýtany
hemişe
daşymyzdan,
başgalardan
gözlemek
göwnümizden turman hem duranok, şeýlemi?
— Näme diýmekçi bolýaň? — diýip, şeýh Ýasin şübhe
bilen sorady.
— Eger şeýtan, aýdyşyň ýaly, hilegär hem güýçli bolsa,
bizi ýoldan çykarmak üçin hemişe pursat arap ýören
bolsa, edýän ýalňyşlyklarymyz zerarly özümizi
günäkärläp ýörmämiziň biz ynsanlara näme geregi bar?
Haýyr işleriň hemmesi Alladan, şer işleriň ählisi bolsa

şeýtandan diýip oturmaly, hezillik. Haýsy bolanda-da
özözümizi soraga çekmek üçin hiç hili sebäp galanok.
Nähili aňsat!
Şems hem gürleýärdi, hem-de otagyň içinde oýanabuýana
gezmelýärdi, ol her täze söz aýdanda sesini barha
gataldýardy.
— Ýöne bir pursatlygam bolsa, geliň, daşymyzda
köwejekläp ýören, bize garaşly bolmadyk hilegär şeýtan
hem, gaýnap duran gazanlarda bizi lakyr-lakyr gaýnatjak
zebani perişdeleri-de ýok diýip, hasap edip göreliň. Onda
ynsany eýmendirip, onuň ganyny doňdurýan gürrüňler —
şol aýdylýan hekaýatlar bize sapak bolsun diýip aýdylýan
bolaýmasyn?! Şeýtandyr jähennem barada bize haýsydyr
bir hakykaty görkezmek üçin aýdylan bolsa, ýöne biz
soňra şol hakykaty ýatdan çykaryp, galyp bolan aýtgylar
bilen mydar edip ýören bolsak näme?!
Şeýh Ýasin gollaryny gowşurdy.
— Eýse, şol hakykat nämemiş?
— Näme diýýäňizmi? Ol, ynha, şeýle: adam diýseň
çylşyrymly barlyk bolup, jennet hem onuň özündedir,
jähennem hem. Ynsan iň şerefli mahlukdyr,
ýaradylmyşdyr. Ol belentden-ä belent, pesdenem pesdir.

Munuň manysyna doly düşünip bilsedik, şeýtany
daşymyzdan däl-de, içimizden gözlärdik. Bize gerek zat
hatany özgelerden gözlemek däl-de, özümizi jikme-jik
öwrenmek.
— Sen git-de, özüňi öwren bakaly, inşalla, bir gün geler,
günäleriň öwezini dolmaly bolarsyň — diýip, şeýh Ýasin
öte ýaňsyly dillendi. — Ulamalar welin, jemagata
gözgulak bolmaga borçludyr. Biz diňe öz günümiz bilen
bolup ýörüp bilmeris.
— Onda rugsat etseňiz, bir hekaýat gürrüň bereýin —
diýip, Şems dillendi. Ol bu sözleri juda ähmiýet berip
aýtdy welin, oýun edýärmi ýa çyny bilen rugsat
soraýarmy, saýgaryp bilmedik. Ol şeýle gürrüň berdi.
Dört täjir metjitde namaz kylyp durmuş. Birden içerik
azançy-muezzin giripdir. Birinji täjir namazyny bölüp,
dessine sowal beripdir: «Muezzin tagsyr, azan
okaldymyka? Ýa heniz wagtymyz barmydy?»
Ikinji täjir hem namazyny taşlap, ýoldaşyna tarap
öwrülip: «A-how, namazyňy bölüp, näme üçin gürleýäň?
Indi ýaňky okan namazyň biderek boldy. Hany, namazyňy
täzeden başla!» diýipdir.
Muny eşiden üçünji täjir hem durup bilmän dillenipdir:
«Haý, samsyk, ony näme üçin günäkärleýäň? Öz namazyň

bilen bolmaly ekeniň-dä. Seret, indi seniň okanyň hem
biderek boldy».
Dördünji täjir hem saklanyp bilmän, öz ýanyndan
hüňürdäpdir: «Bu akmaklara sered-ä, üçüsi-de
namazlaryny biderek etdi. Alla jan, maňa ýalňyş ädim
ätdirmäniň, beýlekiler ýaly aljyratmanyň üçin Saňa şükür
edýärin».
Şems bu hekaýaty gürrüň berenden soň, talyplara tarap
öwrülip:
— Siz nähili pikir edýärsiňiz? Siziň pikiriňizçe, şu dört
täjiriň haýsy biriniň namazy bozuldy? — diýip sorady.
Synp otagynda esli wagtlap wagyrdy dowam etdi.
Talyplaryň käbiri pikire çümse, käbirleri üýşüp, näme
jogap berjekleri hakynda özara jedele girdiler. Ahyry
yzdan biri gygyrdy:
— Ikinji, üçünji we dördünji täjiriň namazy kabul bolmaz.
Hemmesi täzeden başlamaly bolýar. Diňe ilkinji täjir
bigünä. Ol diňe muezzin bilen maslahatlaşmakçy
bolupdyr.
Yrşat saklanyp bilmän aýaga galdy:

— Hawa, ýöne ol hem beýdip namazynyň arasyny bölmeli
däl eken. Meniň pikirimçe, dördünjiden beýleki täjirler
säwlik goýberdiler. Dördünji diňe öz-özi bilen gürleşdi.
Nazarymy
gizledim.
Jogaplaryň
ikisini-de
makullamokdym, ýöne sesimi çykarmazlygy ýüregime
düwdüm. Häzir pikirimi aýtsam, beýlekileriň halamazlygy
ahmaldy. Ýöne şeýle pikir aňyma gelen bada, Şems-i
Töwrizi birden maňa yşarat etdi-de:
— Sen näme diýersiň, ýetginjek? Sen nähili pikir edýäň?
— diýip sorady.
Ýuwdundym.
— Eger ol täjirler nähilidir bir ýalňyşlyk goýberen
bolsalar, ol diňe olaryň namazlaryny bölüp
gürlemelerinden ybarat däldir — diýdim. — Olaryň esasy
ýalňyşlygy öz işlerine ünsli bolup, okaýan dogalarynyň
hakykatyna berilmäge derek, serleriniň başga ýerde
bolmagy we töwerekde bolup geçýän zatlara üns
bermeleridir. Ýöne biz alaga-da olary ýazgarsak, şol bir
ýalňyşy özümiziň hem goýberdigimiz bolar.
Şeýh Ýasin sabyrsyzlyk bilen sözümi kesdi.
— Şeý diýmek bilen näme aýtmakçy bolýaň?

— Diýmekçi bolýan zadym, täjirleriň dördüsi-de şol bir
sebäp bilen säwlik goýberdi. Beýleki bir tarapdan, men
olaryň hiç birine säwlik goýberdi diýip bilmerin. Sebäbi
olar hakynda bellibir karara gelmek meniň işim däl.
Olaryň haýsynyň namazynyň kabul bolanyny, haýsy
biriniňkiniň kabul bolmanyny men nireden bileýin?! Men
diňe öz etmeli işimi — öz nebsimi mugyra getirip, öz
ýüregime tälim bermelidigimi bilýärin.
Töwrizli Şems maňa tarap bir ädim ätdi. Ýüzüme şeýlebir
mähir-muhabbet bilen seretdi welin, özümi eneatasynyň
öwgüsine begenýän çaga ýaly duýdum. Adymy sorady.
— Hüsam, tagsyr — diýdim. Ynha, şonda Şems talyplara
ýüzlenip şeýle seslendi:
— Ýoldaşyňyz Hüsamda sopy ýüregi bar. Belki, muny
heniz onuň özi hem bilýän däldir, ýöne onuň maýasy
daşyndan ýönekeý görünse-de, içi kämil maýadyr.
Muny eşidip ýüzüm lap-lap gyzdy. Häzir şeýh Ýasinden
bir topar gep eşiderin, ýoldaşlarym bolsa ýaňsa alarlar
öýtdüm. Ýöne bu gaýgym gelşi ýaly-da, sumat boldy.
Ýüzümi galdyrdym. Şemse bakyp ýylgyrdym. Ol hem
ýylgyryp maňa göz gypdy hem-de täzeden otlukly ses bilen
gürlemäge durdy:

—Şeýle sopy bardyr ki, ol özgelere at dakyp, olary
ýazgarmaga derek, men öz içime garaýyn diýer. Şeýle
sopular bardyr, olar özgeleriň ähli aýybyny açaýyn diýer.
Ýöne ýadyňyzdan çykarmaň, köplenç özgelerde ýalňyşlyk
tapýanlaryň özünde şol kemçilik bardyr. Şeýle adamlar
bir zadyň owunjak bölejiklerine öte üns berip, şol zadyň
bitewi durkundan mahrum galýar. Agaçlara aňalar-da,
tokaýy görüp bilmez. Şeýh Ýasin gürrüňe goşuldy:
— Bölejikler diýdiňmi? Hiç haçan ulama kişi özgeleriň
edýän işleri bilen gyzyklanman durup bilmez. Bu onuň
üçin hökmanydyr. Halk her bir babatda bizden
ejazapitiwa garaşýar, biziň näme diýerimize seredýär.
Burnum ganasa, täretim bozulýarmy, ýolagçylykda tutup
bilmedik orazamy soňra tutsaň bolýarmy... Bular
jogapsyz galmaly meselelermidir? Ol sowallara
şapygylar bir başga, hanefiler bir hili, hanbeliler
özleriçe, mälikiler hem özlerine görä jogap berýärler.
Din alymlarynyň başdaklygy bolmasa, halk ýalňyş ugra
gider.
Şems kän bir ähmiýet bermedi. — Yrfan ýoluna düşenler
Gurhanyň aýatlaryndan üýtgeşik bir lezzet alýarlar.
Olara ulamalaryň öňbaşçylygy hökman däl.

Muny eşidende şeýh Ýasiniň gahary ýetjek derejesine
ýetip, gözleri alaryp başlady.
— Biziň başdaklygymyz keýp üçin däldir, gadyrdan,
mejbury ýagdaýdyr! — diýdi. — Şerigat her bir
musulmanyň sallançakdan mazara çenli ýüzlenip
durmaly bolýan kadalaryň jemidir.
— Şerigat hakykat deňzinde ýüzýän gämidir. Aşyklar
irugiç gämini taşlap, ummany boýlarlar — diýen sözler
Şemsiň şeýh Ýasine jogaby boldy.
Şeýh Ýasin gözlerini süzüp seretdi:
— ...Ýyrtyjy balyklar olary işdä bilen iýewersin — diýip,
içýakgyç gürledi. — Şeýhi bolmadygyň şeýhi şeýtandyr.
Öňbaşçylygy ret edeniň soňy erbet gutarýandyr.
Talyplaryň birnäçesi şeýh Ýasiniň gülküsine goşulsa-da,
galanlarymyz sesimizi çykarmadyk. Ders wagty ahyrlap
ýördi. Men bu çekişme oňly gutarar öýtmeýärdim. Şems
hem şeýle duýgyny başyndan geçiren bolsa gerek,
mesemälim bildirip duran gussa bilen gürledi.
— Şu wagta çenli ýüzlerçe şeýh gördüm — diýdi. —
Olaryň ençemesi diýseň çynlakaý adamlardy. Ýöne käbiri
welin, galpdy, üstesine-de, yslamyýeti jinnek ýalyda
bilmeýärdiler. Allanyň hakyky aşyklarynyň çarygyna

ýokuşan tozany-da şu häzirki döwrüň şeýhlerine
çalyşmaryn. Il görsün diýip iş edýän yrýakärler hem
şolardan gowudyr, olar, bolmanda, öz edýän işleriniň
aldawçylykdygyny ilkibaşdan boýun alýarlar. Bu sözler
şeýh Ýasiniň erbet gaharyny getirdi.
— Besdir indi! Awuly diliň zäherini pürküp bildiň. Hany,
ugra indi bu ýerden — diýdi. — Alada galma, gitjek —
diýip, Şems ýaňsy bilen aýtdy. Soňra bize tarap öwrüldi.
— Şu gün şaýat bolan çekişmäňiz, aslynda, baryp-ha,
Hezreti Muhammet sallallahü aleýhi we sellem
zamanasyndan gaýdýan gadymy pikir we usul
aýrybaşgalygydyr. Ýöne şeýle tapawut diňe yslam
taryhyna mahsus däldir; ybraýymy dinleriň ählisinde
bardyr. Ulamalar bilen sopularyň, akyl bilen ýüregiň —
kada esasly din bilen yşk esasly diniň çekişmesidir bu.
Haýsyny saýlap tutjagyňyz özüňize bagly!
Şems aýdan sözleriniň manysyny aňymyza siňdirerimize
garaşýan ýaly, bir mütdet kürtdürdip durdy. Özümde
onuň nazarynyň täsirini duýdum. Hamala, onuň bilen bir
syry paýlaşýan ýalydyk. Şol wagt ol sözüni dowam etdi:
— Netijede bolsa, halypaňyz hem, men hem öz
ukybymyzdan artygyny bilip bilmeris. Ikimiz-de öz
borjumyzy berjaý edýäris. Belki, ol hem kördür, menem.
Esasy zat — seredýäniň körlügi Günüň şuglasyna zeper

ýetirýän däldir! Şeýle hem, adamlaryň arasyndaky
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Elif Şafak-Yşk - 21
  • Parts
  • Elif Şafak-Yşk - 01
    Total number of words is 3608
    Total number of unique words is 2185
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 02
    Total number of words is 3616
    Total number of unique words is 2228
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 03
    Total number of words is 3610
    Total number of unique words is 2211
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 04
    Total number of words is 3621
    Total number of unique words is 2271
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 05
    Total number of words is 3686
    Total number of unique words is 2230
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 06
    Total number of words is 3613
    Total number of unique words is 2257
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 07
    Total number of words is 3722
    Total number of unique words is 2226
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 08
    Total number of words is 3656
    Total number of unique words is 2262
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 09
    Total number of words is 3579
    Total number of unique words is 2310
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 10
    Total number of words is 3666
    Total number of unique words is 2164
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 11
    Total number of words is 3591
    Total number of unique words is 2225
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 12
    Total number of words is 3623
    Total number of unique words is 2233
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 13
    Total number of words is 3652
    Total number of unique words is 2154
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 14
    Total number of words is 3670
    Total number of unique words is 2111
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 15
    Total number of words is 3637
    Total number of unique words is 2160
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 16
    Total number of words is 3591
    Total number of unique words is 2182
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    54.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 17
    Total number of words is 3590
    Total number of unique words is 2167
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 18
    Total number of words is 3586
    Total number of unique words is 2219
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 19
    Total number of words is 3651
    Total number of unique words is 2179
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 20
    Total number of words is 3632
    Total number of unique words is 2034
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 21
    Total number of words is 3642
    Total number of unique words is 2121
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 22
    Total number of words is 3656
    Total number of unique words is 2209
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 23
    Total number of words is 3664
    Total number of unique words is 2120
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 24
    Total number of words is 3674
    Total number of unique words is 2117
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 25
    Total number of words is 3603
    Total number of unique words is 2124
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 26
    Total number of words is 3670
    Total number of unique words is 2220
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Elif Şafak-Yşk - 27
    Total number of words is 483
    Total number of unique words is 391
    49.5 of words are in the 2000 most common words
    60.1 of words are in the 5000 most common words
    65.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.