Latin

Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 19

Total number of words is 3863
Total number of unique words is 1979
31.6 of words are in the 2000 most common words
43.8 of words are in the 5000 most common words
50.1 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
görmändim. Ýöne näme üçin ol bize özüniň iň ýaşyryn syryny ynandyka? Men şeýle diýibem
soradym.
Ol:
-Sebäbi diňe siz çagalar muňa düşünibem bilersiňiz,-diýdi:-ýene-de bir sebäbi men ine şuny diňläp…
Ol Dille tarap baş atdy.
-Häzirlikçe ol eger-de kimdir biriniň başyndan erbetlik inse oňa seredip durmagy çekip-çydap
bilmeýär, kanagaty ýetmeýär. Ine ulalar, şondan soň beýle zatlar üçin aglamagyny hem,
gynanmagyny hem bes eder. Belki-de onuň göwnüne bolmasa nämedir bir zat, aýdaly beýlebir doly
adalatly däl ýaly hem bolup görünmegi ähtimal, ýöne munuň üçin ol ýaňkysy ýaly welin, aglamaz,
ýene-de birnäçe ýyl geçer, soň beýtmez.
-Näme hakda aglamalymyş, jenap Reýmond?-diýip özüniň erkek kişidigini ýadyna salan Dill az-kem
hüžžerildi.
-Adamlaryň birek-birege ezýet berýändikleri, özleriniň bolsa muny hatda aňşyrmaýandyklary hakda.
Akýagyzlaryň garaýagyzlary ezýändikleri hakda, olaryňam adamdygy hakda bolsa hatda pikirem
etmeýändikleri barada.
-Attikus: “garaýagyzy aldamak akýagyzy aldanyňdan on esse çökder günä” diýýär,-diýip men
hümürdedim:-Ol aýdýar: “ Şondan ýaman zat ýeriň ýüzünde ýok” diýýär.
Jenap Reýmond:
-Hymm, ondan beter zatlaram bolup bilýär,-diýdi:-Hanym Jin Luiza, seniň kakaň beýlekiler ýaly däl,
sen häzirlikçe munuň şeýledigine düşünmeýärsiň, sen heniz öz ömürjigiňde juda az gördüň. Sen
hatda biziň şäherimize-de entek doly göz ýetirip bilmänsiň, ýöne bu kemçiligi düzetmek üçin saňa
diňe kazyýetiň mejlisler otagyna dolanyp barmak ýeterlik bolar.
Ine şu ýerde-de meniň güpbe ýadyma düşdi: jenap Jilmer megerem, eýýäm hemmeleri sorag edip
bolan bolsa gerek. Men güne garşy seretdim, ol çaltlyk bilen şäher meýdançasynyň günbatar
tarapyndaky dükanlaryň üçekleriniň aňyrsynda gizlenip barýardy. Men nämäni saýlajakdygymy
bilmän irikgä boldum, haýsy has gyzykly – jenap Reýmondmy ýa-da okrug kazyýetiniň bäşinji
maslahatymy?
Men:
-Ýör, Dill,-diýdim:-Sen nähili, indi gowumy?
-Hawa. Siziň bilen tanşanyma örän şat, jenap Reýmond, şerbetiňiz üçin taňryýalkasyn, ol örän oňat
kömek edýär ekeni.
Biz meýdançadan ylgap geçdik-de kazyýetiň binasynyň eýwanyna uçup mündük, soňam basgançak
bilen ikinji gatdaky eýwança sümüldik. Hormatly ata Saýks biziň ýerlerimizi saklap duran ekeni.
Mejlisler otagynyň içi şeýlebir ümsümlikdi welin, men ýene-de oýlandym: “bu bäbekler nirä gürümjürüm boldularka?”. Kazy Teýloryň agzyndaky çilimiň indi diňe uçjagazy görünýärdi, jenap Jilmer öz
ornunda oturyp, sary kagyzlara nämedir bir zatlary ýazýardy, göwnüme bolmasa, ol kätipden ozjak
bolýana çalym edýärdi, onuň eli bolsa kagyzyň ýüzünde iki ýaňa ylgaýardy.
-Wah, seniň bir!-diýip men hüňürdedim:-Sypdyrypdyrys-a!
Attikus eýýäm öz çykyşynyň ýarysyny aýdyp gutaran ekeni. Onuň ornunda nähilidir bir kagyzlar
ýatyrdy, megerem, ol olary oturgyjyň ýanynda, ýerde duran sebedinden çykaran bolsa gerek.
Ornunda oturan Tom Robinson bolsa şol kagyzlary elleşdirýärdi.
-…we gönüden-göni subutnamalaryň ýoklugyna garamazdan bu adam ölüm jezasy göz öňünde
tutulan jenaýaty etmekde aýyplanýar hem-de kazyýetiň öňünde kelle ýalaňaçlamaga mejbur edildi…
Men Jimiň böwrüne hürsekledim.
-Ol köp wagt bäri gepläp durmy?
-Ýaňybir subutnamalary ilik-düwme etdi,-diýip Jim pyşyrdady:-Ine görersiň, Gözlüje, biz utarys.
Hökman utarys. Ol göz açyp-ýumasy salymyň içinde olaryň ähli dellillerini çym-pytrak edip, ýerinde
ýandak gögertdi. Ol ähli zady şeýlebir sada edip düşündirdi, edil…edil bar-a meniň saňa
düşündirişim ýaly. Diňlän bolsaň hatda sen hem düşünerdiň.
-A jenap Jilmer?
-Hüş-ş…Hiç hili täze zat ýok, hemme zat öňki-öňkülik. Indi bolsa gepleme.
Biz ýene-de aşak seredip ugradyk. Attikus edil özüniň adatça hat ýazylanda jümleleri aýdyp berşi
ýaly parahat hem göwnübir gepleýärdi. Ol äwmezeklik bilen oturdaşlaryň öňlerinde gezmeleýärdi,
olar bolsa göräýmäge üns bilen diňleýän ýalydylar, olaryň hemmesi-de, meniň pikirimçe oňa
makullaýjy garaýardylar. Megerem, onuň gygyrmaýandygy üçin bolsa gerek.
Attikus ýeke pursatlyk dymdy-da, birdenem özüni juda geň alyp baryp başlady. Ol zynjyrlyja
sagadyny kagyzlarynyň gapdalynda goýup:
-Eger-de rugsat berseňiz, siziň merhemetliňiz…-diýdi.
Kazy Teýlor baş atdy welinem, Attikus şondan öňem, soňam, hiç haçan adamlaryň arasynda-da,
öýde-de etmeýän işini etdi: penjeginiň keltekçesiniň iliklerini ýazdyrdy, ýakasyny açyp,
boýunbagynyň halkasyny aşak dartdy-da, penjegini çykardy. Öýde ol düşege geçmegiň wagty gelip
ýetýänçä hemişe ähli ilikleri ildirilgi gezerdi, häzir bolsa Jim ikimiz üçin onuň bolşy edil köpçülikde
çüw-ýalaňaç bolan ýalydy. Biz elheder alyp biri-birimize seredişdik.
Attikus ellerini kisesine saldy-da, oturdaşlara tarap ýöneldi. Ýagta onuň altyndan bezeg iligi hem-de
syýagalamynyň we galamynyň başlygy ýalpyldap gitdi. Ol:
-Asylzada jenaplar,-diýdi. Jim ikimiz ýene-de biri-birimize seredişdik, ol öýmüzde diňe: “Gözlüje”
diýende onuň äheňi şunuň ýaly bolýardy.
Indi onuň sesi ýaňkysy ýaly guraksy hem biparh däldi, ol oturdaşlar bilen edil köçämiziň künjünde
tötänden sataşan köne tanyşlary bilen gepleşişi ýaly gürleýärdi. Ol:
-Asylzada jenaplar,-diýýärdi:-men gysga sözlemekçi, ýöne men özüme berlen wagtyň galanja
bölegini size bu işiň beýlebir çylşyrymly däldigini, size buýr-bulaşyk ýagdaýlara çuňlaşmagyň derkar
däldigini, size başga zadyň gerekdigini, işi kazyýetde seljerilýäniň günälidigini bilmegiň gerekdigini
ýatlatmak isleýärin. Muny size şeýlebir bilmek gerek welin, edil ýöne hiç zat bilen deňär ýaly däl, siz
muny şeýlebir bilmeli welin, bu ýerde şübhelenmäge jinnek ýaly-da esas galmaz ýaly bilmeli
bolarsyňyz. Özi-de siz ilkinji nobatda aslyýetinde şu işi kazyýetde seljermek düýbünden geregem däl
bolaýmasyn diýen pikirden başlasaňyz dogry bolardy. Bu işiň mazmuny bolsa edil iki-ikiň dört
bolýandygy ýaly aý-aýdyň.
Aýyplawjy Tom Robinsonyň aýyplanýan jenaýatynyň hakykatdan-da bolup geçendigi hakynda hiç hili
lukmançylyk subutnamalaryny bildirmedi. Aýyplawjy diňe jebir çeken bilen onuň kanuny wekiline
salgylanýar, olaryň görkezmeleri bolsa garşylyklaýyn soragyň dowamynda mälim bolşy ýaly,
çynlakaý şübhe döredýärler, galyberse-de işi kazyýetde seljerilýän olaryň görkezmelerini degerli
deliller bilen doly inkär etmegiň hötdesinden geldi. Işi kazyýetde seljerilýän günäkär däl, ýöne bu
mejlisler otagynda hakykatdan-da günäkär adam hem bar.
Men jebir çekene tüýs durky-düýrmegim bilen duýgudaşlyk bildirýärin, ýöne meniň duýgudaşlygym
herniçe çuňňur bolsa-da, onuňam öz çägi bar – haçan-da ol bigünä bendäniň janyndan jyda
düşmeginiň ahmaldygyna gözi ýetip durka-da günäni onuň üstüne atjak bolup durmagyny welin men
hiç bir ýagdaýda aklap bilmeýärin.
Men, asylzada jenaplar: “günä” diýýärin, sebäbi jebir çeken bu ýerde günäli. Ol jenaýat etmedi, ýöne
ol jemgyýetiň zabunam bolsa wagt bilen zerurlygy subut edilen kanunyny bozdy, ol kanun şeýlebir
eglişiksiz welin, ony bozmaga het eden her bir ynsany nämynasyp nämährem hökmünde biziň
aramyzdan kowýarlar. Ol çykgynsyz zerurlygyň hem-de nadanlygyň pidasy, ýöne men oňa
dözmezçilik edip bilmeýärin: sebäbi ol akýagyz. Ol özüniň amala aşyrýan zadyna rugsat
berilmeýändigini açyk bilýärdi, ýöne islegi-höwesi onuň üçin ýaňky aýdan kanunymdan has wajyp
bolup çykypdyr, şol yhlasyny wysal etmegiň höwesinde özdiýenlilik edibem ol şol kanuny bozupdyr.
Ol öz isleginiň öňünde ýan beripdir we soňam durmuşynda iň bolmanda ýekeje gezek her bir
adamyň edişi edipdir. Ol edil çagalaryň özlerini alyp baryşlary ýaly özüni alyp barypdyr, özüniň eden,
etmekçi bolan işini paş edýän subutnamadan dynmaga, ony gizlemäge çytraşyp ugrapdyr. Ýöne
biziň öňümizde öýlerinden, soragsyz ogrynça alan kempudyny ýygşyrýan çaga oturanok. Ol öz
pidasyna ýer bilen ýegsan ediji zarbany urdy, oňa ähli zady bilýän adamdan dynmak zerurdy. Ol
mundan beýläk onuň gözüne görünmeli däl, ol asla ýeriň ýüzünden ýok bolup gitmeli. Ol öz aýbyny
açýan subutnamany ýok etmeli.
Ol nähili subutnama? Tom Robinson diri adam. Emma ol barybir Tom Robinsondanam dynmaly.
Sebäbi Tom Robinson diňe özüniň nirededir bir ýerde ýaşaýandygy bilen hem oňa nämeler
goparandygyny hemişe ýatladar ýörer. Ýöne ol näme etdi? Ol garaýagyzy maýyl etmek isledi. Ol –
akýagyz – garaýagyzy maýyl etmek isledi. Ol biziň jemgyýetimiziň bagyşlamajak etmişini etdi –
garaýagyzy öpdi. Haýsydyr bir garry garaýagyzam däl-de, ýaş, güýç-kuwwaty dyňzap duran erkek
kişini hemmelere mälim bolan maksat bilen ogşady. Şol pursada çenli-de onuň üçin meniň ýaňky
aýdan kanunym ýok ýalydy, emma ol şonuň üstünden ätlän dessine, zabun kanunyň birehim labyry
zalymlyk bilen onuň üstünden paglap gaýtdy.
Onuň kakasy onuň edýän zadyny gördi. Onuň bu babatda nämeler diýendigini biz kazyýetde işi
seljerilýäniň görkezmelerinden bilýäris. Ýöne şu ýagdaýda onuň kakasy näme etdi ahyry? Biz muny
anyk bilmeýäris, ýöne Meýella Ýueliň kimem bolsa esasan çep eli bilen hereket etmäge endik eden
kimdir biri tarapyndan wagşylarça ýenjilendigi babatda dahylly, gytaklaýyn subutnamalar bar. Belli bir
derejede biz jenap Ýueliň näme edendigini bilýäris. Ol edil onuň ýerine Hudaýdan gorkýan her bir
hristianyň, her abraýly akýagyz adamyň etjek işini etdi. Ol degişli görkezmeleri bermek bilen Tom
Robinsonyň tussag edilmegini gazandy, öz görkezmelerine bolsa, elbetde hiç bir şübhesiz aýdyp
boljak, çep eli bilen gol çekendir, ine-de şonuň üçinem Tom Robinson kazyýetiň öňünde kelle
ýalaňaçlamaly boldy, siziň hemmäňiz hem onuň nädip Injilde elini goýup kasam edişini gördüňiz,
onuň diňe bir eliniň – sag eliniň hereket edýändigine-de şaýat bolduňyz.
Şeýlelikde, özüne akýagyz aýala dözmezçilik etmäge mümkinçilik beren ýuwaş, edepli, salyhatly
garaýagyz erkek kişi, iki sany akýagyzyň sözlerini ret edip özüni goramaga mejbur boldy. Men size
ol akýagyzlaryň haçan-da görkezme berenlerinde özlerini nähili alyp barandyklaryny we olaryň daş
keşpleriniň nähili bolandygyny ýatladyp durmaýyn, siziň özüňizem ol zatlaryň ählisini gördüňiz.
Aýyplawjynyň şaýatlarynyň Meýkomb okrugynyň şerifinden başgalary, siziň öňüňizde, asylzada
jenaplar, kazyýetiň öňünde, öz görkezmelerine hiç kimiň müňkürlik etmejekdigine utanç-haýasyz
ynanyp dikeldiler, olar, adamlaryň şeýle hiline degişli bolan ähli ynsanlara dogabitdi mahsus ynanç
bilen sizem, asylzada jenaplar, olaryň özleri ýaly “ähli garaýagyzlar ýalan sözleýärler, ähli
garaýagyzlar tebigatlary boýunça ahlaksyz näkesler, biziň zenanlarymyz hem ähli garaýagyzlardan
wehim etmeli” diýen ynançlardan ugur alarsyňyz diýen pikire mäkäm uýup kazyýet mejlisine geldiler.
Bu bolsa öz özeni boýunça, asylzada jenaplar, ýalandyr, edil Tom Robinsonyň teniniň reňki ýaly şargara ýalandyr, siziň özüňizem munuň barypýatan ýalandygyny menden gowy bilýärsiňiz. Şonuň
bilen birlikde-de size hakykatam mälim, ine ol: käbir garaýagyzlar ýalan sözleýärler, käbir
garaýagyzlar ahlaksyz, biziň zenanlarymyz hem käbir garaýagyzlardan howp etmeli, ýöne bu
hakykat diňe garaýagyzlara, saryýagyzlara ýa-da gyzyltenli hindilere degişli däl-de akýagyzlara-da,
hemme adamlara-da degişli, ýöne bu zatlaryň baryny haýsydyr bir jyns ýa-da millet barada däl-de
tutuş adamzat hakynda-da aýtmak bolar. Hatda ine şu mejlisler otagynda-da öz ömründe ýekeje
gezek ýalan sözlemedik, ýekeje sapar ahlaksyz iş etmedik adamy tapyp bolmaz, şonuň ýaly-da
jahanyň ýüzünde zenan maşgala hyjuw-höwes bilen seredip görmedik birje-de erkek kişi ýokdur.
Attikus dymdy-da, elýaglygyny çykardy. Soňra äýnegini çykaryp, aýnalaryny süpürdi, ine şol pursat
Jim ikimiz ýene-de bir açyş etdik, şol müddetden öň biz bir gezegem onuň derländigini görmändik –
ol ýüz-keşbinde hiç haçan der damjalaryny görüp bolmaýanlaryň hilindendi, häzirki pursatda welin
onuň ýüzi edil gaýym güne ýanan dek lowurdap durdy.
-Ýene-de bir zat, asylzada jenaplar, onsoň men tamamlaýan. Tomas Jefferson bir gezek: “ähli
adamlar azat hem deňhukukly edilip ýaradylypdyrlar” diýipdir, waşington müdirliklerindäki ýankiler
we ahlaksöýerler bize elmydama bu hakykaty hetjikläp-hetjikläp gaýtalap berýärler. Ine şu günlerde,
bir müň dokuz ýüz otuz bäşinji ýylda bolsa, bu sözleri ýerlikli bolsun-bolmasyn, islendik sebäp
tapsalar gaýtalamaga ýykgyn edýän adamlar bar. Ine size meniň bu aýdanlarymy subut edýän iň
akmak mysallaryň biri: mugallymlar ukyply okuwçylar bilen deň hatarda synpdan synpa nadanlary
hem ýaltalary geçirýärler we örän çynlakaý keşp bilen, eger-de şeýle etmeseň başgaça
bolmaýandygyny düşündirýärler, sebäbi hamana, hemme adamlar deňhukukly edilip
ýaradylypmyşlar, ikinji ýyla galdyrylýan çagalar bolsa özleriniň doly hukukly däldikleri,
kembahadyklary zerarly çekip-çydar ýaly bolmadyk derejede ejir çekýärmişler. Ýöne biz welin,
adamlaryň käbirleriniň bizi ynandyrmak isleýşi ýaly gutarnykly derejede deň edilip
ýaradylmandyklaryny bilýäris ahyry: käbirleri akyl-paýhaslary bilen öňe saýlanýarlar, käbirleriniň belli
ýagdaýlar sebäpli mümkinçilikleri köpräk bolýar, üçünjileri beýlekilere garanyňda has artygrak
gazanç edip bilýärler, aýallaryň käbirleri bolsa süýji kökeleri, gatlaklyny has süýji edip bişirip bilýärler
– umuman gysgaça aýdanyňda, käbir adamlar beýlekilere garanyňda doglanlarynda has ukyply hem
zehinli bolup dogulýarlar.
Ýöne bir zatda welin biziň ýurdumyzda hemme adamlar deň, biziň jemgyýetimizde bir kada, bir
institut bar, şonuň öňünde-de hemmeler deň – gedaý bilen Rokfellerem , kütek körzehin bilen
Eýnşteýn hem, sowatsyz bilen uniwersitetiň alym rektory hem. Şol Institutam, asylzada jenaplar,
başga hiç zadam däl-de kazyýet bolup durýar. Özi-de tapawudy ýok, isle ol Birleşen Ştatlaryň
Ýokary kazyýeti bolsun ýa-da haýsy hem bolsa bir, Hudaýyň undan tümündäki, iň bir gözegörünmejek ýerli kazyýet bolsun, ýa-da ine biziň mejlis geçirip oturan şu köp merhemetli kazyýetimiz
bolsun, tapawudy ýok, onuň öňünde hemmeler deň. Elbetde biziň kazyýetlerimiziňem edil
adamzadyň döreden islendik närsesi ýaly ýetmezçilikleri bar, ýöne bir hakykat welin aýdyň, biziň
ýurdumyzda kazyýet jemgyýetdäki iň beýik deňleşdiriji, onuň öňünde-de hakykatdanam hemmeler
deň.
Men jemgyýetimizde hereket edýän ähli edaralara hem kadalara aşyk bolup ýören, arzuwçyl
hukukçy däl, oturdaşlar kazyýetini-de kazyýet ulgamlarynyň görnüşleriniň içinde iň kämili diýibem
hasap etmeýärin, meniň üçin bu iň ahyrky nusga-da däl, ýöne bu bar bolan, hereket edýän hakykat.
Kazyýet tutuşlygyna, asylzada jenaplar, siz oturdaşlaryň her birinden oňat däl. Kazyýet diňe ony
emele getirýän oturdaşlaryň her biriniň we olaryň ählisiniň bütewiligine alanyňdaky paýhasy hem
adalaty ýaly parasatly we adyl bolup bilýär. Şoňa görä-de men ynanýan, asylzada jenaplar, siziň bu
ýerde eşiden, diňlän görkezmeleriňizi hiç hili tarapgöýlük etmän seljerjekdigiňize we dogry, adyl
çözgüt çykaryp, işi kazyýetde seljerilýäniň bigünäligi sebäpli ony öz maşgalasyna gaýtaryp
berjekdigiňize janym-tenim bilen ynanýaryn.
Hakyň hatyrasyna öz mukaddes borjuňyzy akýürekden berjaý ediň!
Soňky sözlerini Attikus eýýäm oturdaşlara arkasyny öwreninden soň çala eşidiler-eşidilmez
hümürdäp aýtdy, şondan soňam ol ýene-de bir zatlar gepledi, ýöne men eşitmedim. Edil ol birhili
kazyýete däl-de öz-özüne aýdýan ýaly. Men Jimiň böwrüne hürsekledim:
-Ol näme diýdi-ä?
-Maňa birhili: “Hakyň hatyrasyna oňa ynanaýyň ahyry” diýen ýaly bolup eşidildi.
Şol pille-de Dill meniň dyzlarymyň üstünden egildi-de, Jimiň ýeňinden dartyp goýberdi:
-Muňa serediň-ä!-diýip ol barmagyny çommaltdy.
Biz şol tarapa garadyk welin, edil ýüregimiz ýerinden gopup dabanymyzyň astyna düşen ýaly
bolaýdy. Tutuş mejlisler otagyny kesip geçip, ortaky girelgeden, göni Attikusa tarap Kelpurniýa
haýdap gelýärdi.
xxxxx
Ol uýaljaňlyk bilen edil germewiň ýanynda saklandy-da özüni kazy Teýlor görýänçä garaşmaga
durdy. Onuň egnindä tämizje öňlük, elinde-de bukja bardy.
Birhaýukdan soň kazy Teýloryň oňa gözi düşüp, ol:
-Bu näme Kelpurniýa ýaly-la?-diýdi.
Ol:
-Men, hut özüm, jenap,-diýdi:-Haýyş edýän, jenap, mümkinmi, men jenap Finçe hatjagaz
gowşuraýyn-la? Ol hat bu…bu işe hiç hili dahylly däl…
Kazy Teýlor baş atdy welin, Attikus Kelpurniýadan haty aldy. Bukjany açyp okady-da:
-Siziň merhemetliňiz men…bu uýamdan. Ol maňa meniň çagalarymyň ýitendigini ýazýar, olar sagat
on ikiden bäri gürüm-jürüm bolupdyrlar…men…rugsat beriň…
-Men olaryň nirededigini bilýärin, Attikus,-diýip jenap Anderwud onuň sözüni böldi:-Hanha olar,
garaýagyzlar üçin ikinji gatdaky eýwançada…Olar şol ýerde takyk ikiden ýigrimi minut işläninden bäri
otyrlar.
Kakam yzyna öwrüldi-de, ýokarylygyna seretdi.
-Jim,-diýip ol çagyrdy:-aşak düş!
Soňra kaza nämedir bir zatlar aýtdy, emma biz eşitmedik. Biz hormatly ata Saýksyň ýanyndan
itinişip geçdik-de, basgançaga garşy ýöneldik. Aşakda bize Attikus bilen Kelpurniýa garaşyp durdy.
Kelpurniýanyň ýüzi gaharlydy, Attikusyňky öte argyndy.
-Biz utduk ahyry, hawamy?-diýip Jim begenjinden ýaňa bir ýerde durup bilmän bökjekleýärdi.
-Bilemok,-diýip Attikus gysgajyk jogap berdi:-Siz mejlis başlandan bäri şu ýerdediňizmi? Baryň,
Kelpurniýa bilen gidiň-de agşamlyk naharyny iýip, öýde oturyň.
-Attikus jan, gaýrat et, bize yzymyza gelmäge rugsat beräý-dä!-diýip Jim ýalbaryp başlady:-Haýyş
edýän, bize hökümi diňlemäge rugsat beräý-dä! Haýyş edýän, jenap!
-Munuň haçan boljagy-da belli däl, oturdaşlaryň islendik pursatda öz netijelerini yglan etmek üçin
dolanyp gelmekleri mümkin.-Ýöne biz eýýäm Attikusyň biraz ýumşandygyny duýduk:-Äý onsoňam,
ýeri bolar-da, siz eýýäm şeýlebir köp zatlary eşitdiňiz welin, ahyryna çenli diňläýseňizem zyýan
etmezmikä diýýärin. Onda şeýle ediň, häzir gidiň-de agşamlyk ediniň, onsoň yzyňyza geläýiň. Ýöne
howlukman iýiň, hiç hili möhüm zady siz sypdyrmarsyňyz, eger-de siz gelýänçäňiz oturdaşlar ýenede maslahatlaşyp oturan bolsalar, siz biziň bilen bilelikde olaryň dynaryna garaşyp bilersiňiz. Ýöne
men pikir edýärin, ähli zat siz dolanyp gelýänçäňiz tamamlanarmyka diýýärin.
-Sen näme ony şeýle çalt aklaýarlar öýdýärsiňmi?-diýip Jim sorady.
Attikus nämedir bir zatlar diýmek üçin agzyny açdy, emma näme üçin hiç zat geplemän, yzyna
öwrüldi-de gitdi.
Men ýaňybir hormatly ata Saýksyň biziň ýerlerimizi saklamagyny diläp Hak Perwerdigäre mynajat
edip ugrapdym welin, birdenkä oturdaşlar maslahatlaşmaga giden batlaryna jemagatyň mejlisler
otagyndan derýa ýaly dolup-daşyp daşaryk akyp başlaýandygy ýadyma düşdi-de, dileg etmegi
goýbolsun etdim, megerem şu wagt agşmalyk naharlaryny ýanlaryna alanlardan galan märeke
dermanhananyň, naharhananyň we myhmanhananyň içinde hem öňünde hümer bolup durandyr.
Kelpurniýa bolsa bizi öýe alyp barýardy.
-…siziň hemmäňizi gaýyş kemer bilen gowja edip saýmaly. Heý, görlüp-eşidilen zatmydyr, şeýle
zatlary diňlän bolup oturmak! Jenap Jim, nädip siziň kelläňize geldi, kiçijik uýajygyňyzy ine şunuň
wejera kazyýet mejlisine ýanyňyz bilen alyp gitmek? Hanym Aleksandra bilen dessine ol ýüreginden
tutup ýykylar. Heýem bir çagalara şeýle-şeýle zatlary diňlemek uslypmydyr?...
Köçelerde eýýäm çyralar lowurdap durdy, her çyra hem çyradan çyra çenli Kelpurniýanyň gahargazaba münen keşbini ýagtyldýardy.
-Men-ä dogrusy pikir edýärdim, siziň egniňizde kelläňiz bardyr öýdüp, jenap Jim! Heý eşidilen
zatmydyr, şol ýere uýajygyňyzy süýräp äkitmek! Heý görlüp-eşidilen zatmydyr, jenap! Heý sizi bu
eden işiňiz üçin ynsabyňyz horlamaýarmy, heý sizde jinnek ýalyjak-da üşük-düşünje ýokmudyr, hä?!
Men guş bolup uçup barýardym. Birje günüň dowamynda şeýlebir köp zatlar bolup geçdi welin,
birbada olaryň hemmesine akyl ýetiribem ýetişip boljak däldi, indi bolsa ine Kelpurniýa özüniň
tapylgysyz Jiminiň mazaly eýini ýetirip kössekleýärdi – bäý-bä, bu gün bize ýene-de nähili täsinlikler
garaşýarka?
Jim bolsa diňe kikirdäp gelýärdi.
-Kel, a seniň özüňe ol ýerde nämeler bolup geçendigi gyzykly dälmi?
-Diliňizi saklaň, jenap! Siz bar-a bu mahal utançdan ýaňa gözüňizi ýerden galdyrmaly däl, a siziň
aňyňyzda bolsa diňe kikirdi bilen wakyrdy…-ýaňybir badyny gowşadyp ugran Kelpurniýa ýene-de
Jimiň üstünden eňterilip gaýtdy. Ol haýdaşlap barşyna oňa iň agyr jezalar bilen haýbat atýardy, onuň
welin piňine-de däldi:-Bahymrak öýe ýöremäge merhemet ediň, jenap! Eger-de jenap Finç siziň
eýiňizi ýetirmese meniň hut özüm öz ellerim bilen sizi saýgylaryn,-diýip ol endigine eýerip käýinjini
tamamlady-da, eýwanymyza galdy.
Jim ernini gyşardyp ýyrşardy-da, içerik girdi. Kelpurniýa Dilliň hem biz bilen agşamlyk edinip
biljekdigini aýdýan manyda sessiz baş atdy.
-Ýöne häziriň özünde hanym Reýçele jaň et-de bizdedigiňi aýt,-diýip ol Dille buýurdy:-Ol ertirden bäri
hemme ýere ylgap seni gözläp halys bolandyr…Ine görersiň, ol irden alar-da seni yzyňa Meridiana
ugradar goýberer!
Bizi Aleksandra ejem garşy aldy we haçan-da Kelpurniýa biziň nirede bolandygymyzy aýdanymyzda
tasdanam huşundan gidýärdi. Biz Attikusyň yzymyza dolanmagymyza rugsat berendigini habar
berenimizden soň bolsa ol tutuş agşamlyk naharynyň dowamynda kelam agyz geplemedi, megerem
ondan juda gaty gören bolsa gerek. Ol keýpsiz halda öz tabagyna tiňkesini dikip oturyşyna içindäki
nahary çarşajygy bilen dörjeledi oturdy. Kelpurniýa bolsa Jime, Dille we maňa jomartlyk bilen
aýagaldygyna etli, ýeralmaly işdäaçary guýup berdi, süýt guýdy, özem ýetişibildiginden burnuna
siňdirip: “utanmadyňyz nätdiňiz...” diýip hüňürdedi ýördi.
-Haýalrakdan iýiň, howlukmaň,-diýip ol ahyry gatyrganyp goýberdi.
Hormatly ata Saýks biz üçin ýer saklap oturan ekeni. Geň zat, biz tutuş bir sagatlap diýen ýaly nahar
iýipdik, ondanam beter geň zat, kazyýetiň mejlisler otagynda hiç zat üýtgemändir ekeni, diňe
oturdaşlaryň orunlary boşdy we işi kazyýetde seljerilýän ýokdy. Kazy Teýloram giden ekeni, ýöne biz
ýerimizde oturmakçy bolanymyzda ol hem gaýdyp geldi.
Jim:
-Hiç kim ýerinden gymyldamandyr diýen ýaly,-diýdi.
Hormatly ata Saýks:
-Haçan-da oturdaşlar gidenlerinden soň jemagat hem az wagtlyk aýagyny ýazmaga çykdy,-diýdi:erkek kişiler aýallaryna iýere zat getirdiler, eneler bolsa çagalaryny naharladylar.
-Olaryň gidenine kän wagt boldumy?-diýip Jim sorady.
-Takmynan ýarym sagat töweregi. Jenap Finç we jenap Jilmer ýene-de biraz geplediler, onsoň kazy
Teýlor oturdaşlary maslahatlaşmaga ugratdy.
-Ýeri onsoň ol nähili?-diýip Jim sorady.
-Ol nämeler aýtdy diýýäňizmi? O-how, ol örän ajaýyp gürledi! Men ondan birjigem gaty görmedim, ol
hemme zady örän adalatly aýtdy. Ine edil, eger-de siz bir zada ynanýan bolsaňyz onda şeýle höküm
çykarmalysyňyz, eger-de beýleki zada ynanýan bolsaňyz onda beýle höküm çykarmalysyňyz diýen
ýaly bir zatlar diýdi. Ýöne birhili meniň göwnüme bolmasa, ol birazajyk, edil iňňäň ujy ýalyjak biziň
tarapymyza ýykgyn edýän ýaly boldy durdy…
Hormatly ata Saýks ýeňsesini gaşady.
Jim ýylgyrdy.
-Ol hiç tarapa ýykgyn etmeli däl, siziň merhemetliňiz, ýöne ynjalykdan gaçmaň, biz barybir utduk,diýip ol hemme zada belet kişiniň keşbi bilen aýtdy:-Oturdaşlaryň hiç bir düzümi hem şunuň ýaly
görkezmeleriň esasynda aýyplaw hökümini çykarmaga esas berip bilmez…
-Beýle berk ynanmaň, jenap Jim, men öz ömrümde ýeke saparam oturdaşlaryň akýagyz adamyň
garşysyna garaýagyz adamyň bolsa peýdasyna çözgüt çykaranlaryny görmedim…
Ýöne Jim oňa ýeň bermedi we özüniň zorlamaklyk baradaky kanuna bolan garaýyşlarynyň çäginde
ähli görkezmeleri ilik-düwme seljerip ugrady: eger-de Meýellanyň özi garşy bolmadyk bolsa onda bu
jynsy taýdan zorlamak däl, ýöne munuň üçin onuň on sekiz ýaşy dolan bolmaly (bu biziň
Alabamomyzda şeýle). Meýella bolsa eýýäm hatda on dokuz ýaşabam ýetişipdir. Onsoňam, eger-de,
sen garşy bolýan bolsaň onda, merhemet et-de aýaklaryň bilen däbşenekle, bogazyňa sygdygyndan
gygyr, ýöne şondan soňam zorlamak diýip maddalaşdyrmak üçin seniň hötdäňden gelmekleri, seni
ýeňmekleri hökman, iň gowusy bolsa seni huşuňdan giderer ýaly derejede ýeňseçukuryňa doňduryp
goýberseler, has oňat bolýar…A eger-de seniň on sekiziň dolmadyk bolsa, onda ýaňky aýdylanlar
bolmasa-da saňa iş keserler.
-Jenap Jim,-diýip hormatly ata Saýks birhili az-owlak ýöwselräk onuň sözüni bölmäge het etdi:-kiçijik
hanyma beýle-beýle zatlar barada eşitmek gelşikli däl bolaýmasa…meniň pikirimçe…
-Äý, goýuňsana, ol barybir näme hakda gürrüň barýandygyna dyrnagyň ujy ýalyjagam düşünmeýär
ahyry,-diýip Jim garşy çykmaga howlukdy:-Şeýle dälmi, Gözlüje, bu zatlaryň barysy ulularyň
başagaýlygy ahyry?
-Hiç hilem beýle däl, men hemme zada sendenem gowy düşünýän.
Megerem men bu jümläni gereginden artyk ynamly aýtdym öýdýän, Jim lam-jim boldy-da,
dolanybam ýaňky zatlar barada dil ýarmady.
-Sagat näçe bolduka, jenap Saýks?-diýip ol sorady.
-Bahym sekiz.
Men aşak garanjakladym welin, Attikusa gözüm ildi, ol penjireleriň ugry bilen gezmeläp ýördi, soňra
bolsa germewiň ugry bilen oturdaşlaryň ornuna çenli gezmeläp başlady. Ol oturdaşlaryň orunlaryna
seretdi, soňra kazy Teýlora tarap garady, onsoň ýene-de yzyna, penjirelere tarap gaýtdy.
Men onuň nazaryny tutdum-da, oňa elimi galgatdym, ol jogap hökmünde baş atdy-da, ýene-de öz
pikirleri bilen gümra boldy.
Jenap Jilmer penjiräniň ýanynda jenap Anderwud bilen gepleşip durdy. Kazyýet kätibi Bert çilim
yzyna çilim çekýärdi, ol oturan ýerinden arkan gaýşyp aýaklaryny-da çilşirip gabadyndaky tekjäniň
üstüne atypdyr. Diňe kazyýete dahyllylar – Attikus, jenap Jilmer, berk ukyda ýatan kazy Teýlor we
Bert özlerini adatdakylary ýaly alyp barýardylar. Men mundan öň hiç haçanam depilip dykylan ýaly
doly mejlisler otagynda şunuň ýaly iňlär siňeksiz ümsümligiň höküm sürýändiginiň şaýady bolup
görmändim. Kämahal bir bäbek aglamjyran bolar-da dymar, çagajyklaryň haýsy hem bolsa biri göz
açyp-ýumasy salymda ylgaşlap geçip gider, ulular bolsa mizäýinem diýmän edil ybadathanadaky
ýaly doňup otyrlar. Ikinji gatdaky eýwançada, biziň daş-töweregimizdäki garaýagyzlar hem injili
sabyrlylyk bilen doňňara-daşa öwrülip otyrdylar.
Çamalagy çaşan sagat, soňkuja güýç-kuwwatyny jemläp sekiz gezek güňleç zaň kakdy, ol zaň biziň
bütin süňňümizi sandyratdy.
Haçan-da on biriň jaňy kakylanda men eýýäm hiç zady duýmaýardym, men eýýäm birmahal uka
garşy çyr-çytyr göreşmegimi bes edip hormatly ata Saýksyň ýakymly böwrüne ýassanypdym-da
ymyzganypdym. Ýöne şol pursatda birdenkä oýandym-da, ýene-de gaýtadan uklamazlyk üçin
aşakdaky kelleleri yhlas bilen sanap başladym: aşakda laýyk on alty sany ýylçyr kelle bar ekeni,
kellelerden on dördüsini çyparlaryň hasabyna goşsaň boljakdy, kyrkysy gara we melemtil-goňras
kellelerdi, galany…ine şu ýerde-de birdenkä güpbe ýadyma düşdi, bir gezek, haçan-da Jim az
wagtlyk ruhyýeti öwreniş tejribesi bilen gyzyklanýan döwründe ol: “eger-de adam köp bolsa, mysal
üçin, giden olimpiýa sport merkezi doly bolsa, olaryň ählisi-de bar güýji bilen şol bir zat barada
oýlanyp başlasalar, mysal üçin tokaýdaky agajyň ot almagyny isleseler, onda şol agaç alar-da, özözünden ot alar” diýip aýdypdy. Men birdenkä begenip gitdim: bäh, häzirjek, ine şu mahal, aşakda
hem ýokarda oturanlaryň hemmesinden Tom Robinsony azat etmeklerini bar güýçleri bilen isläp
başlamagy haýyş edip bolsady. Ýöne soňra meniň aňyma ýetdi, eger-de hemmelerem meniň ýaly
ýadan bolsalar, onda nähili islänimizde-de biz “tokaýdaky agajy öz-özünden ot alar” ýaly edip
bilmeris.
Dill başyny Jimiň egnine goýup, gaýym ýatyrdy, Jim bolsa ses-selemsiz otyrdy. Men:
-Nähili uzak, dogrumy?-diýdim.
-Elbetde uzak, Gözlüje,-diýip Jim şadyýan jogap berdi.
-A seni diňleseň-ä, olar ähli zady bir çäýnek çaý içim salymda çözäýjek ýalydylar.
Jim gaşlaryny gerdi-de
-Sen entek käbir zatlara düşünmeýärsiň,-diýdi, men bolsa şeýlebir ýadawdym welin, hatda onuň
bilen dikleşmäge-de halym ýokdy.
Ýöne megerem, men şol wagt beýlebir oýlay-ukuly däl bolan bolsam gerek, sebäbi men näme
üçindir özümi birhili täsin duýup ugradym. Edil geçen gyşdaky ýaly meniň süňňüm gagşap ugrady,
ýogsa şol pille gaty gyzgyndy hem.
Soňabaka bu üşemek duýgusy hasam güýçlendi, ahbetinem kazyýetiň mejlisler otagy hanym Modä
täze jaý gurýan agaç ussalarynyň çekiçleriniň tarkyldysy, bilbiljikleriň saýramasy bes eden, hemme
goňşularymyzyň gapylary edil Redlileriň jaýynyňky dek jebis ýapylan şol guduz Tim Jonsuň atylan
sowuk fewral ertirine döndi. Yns-jynssyz, haňlap ýatan, sop-sowuk, garaşmakdan ýaňa zarňyldap
dartylan ümsümlikden doly köçe we adamlardan hyryn-dykyn doly mejlisler otagy. Bu dymyk hem
yssy tomus gijesi bolsa şol gyş ertiri bilen des-deň. Ine jenap Gek Teýt gelip girdi-de Attikus bilen
gepleşýär, meniň göwnüme bolmasa-da onuň aýagynda şol günki belent gonçly aw ädigi hem-de
egninde gaýyş aw keltekçesi bar ýaly. Attikus bolsa indi otagyň içinde dähedem-dessemläp
ýörmeýär, ol aýagyny oturgyjynyň ýanynda goýup, jenap Teýti diňleýär, arasynda-da dyzyny sypaýar.
Göwnüme bolmasa, ine häzir, ine ýene-de ýeke pursatdan jenap Teýt:
-Atyň, jenap Finç…-diýäýjek ýaly bolup dur.
Ýöne oňa derek ol haýbat bilen:
-Tertip!-diýip gygyrdy.
Hemmelerem çaltlyk bilen başlaryny göterdiler. Jenap Teýt mejlisler otagyndan çykdy-da Tom
Robinson bilen dolanyp geldi. Ol ony Attikusyň gapdalyndaky ornuna eltdi-de, gapdalynda togtady.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 20
  • Parts
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 01
    Total number of words is 3841
    Total number of unique words is 2102
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 02
    Total number of words is 3827
    Total number of unique words is 2017
    29.3 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 03
    Total number of words is 3859
    Total number of unique words is 2027
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 04
    Total number of words is 3885
    Total number of unique words is 2047
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    47.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 05
    Total number of words is 3841
    Total number of unique words is 2023
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    40.3 of words are in the 5000 most common words
    47.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 06
    Total number of words is 3852
    Total number of unique words is 1981
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    46.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 07
    Total number of words is 3894
    Total number of unique words is 2053
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 08
    Total number of words is 3897
    Total number of unique words is 1975
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    47.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 09
    Total number of words is 3886
    Total number of unique words is 1975
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 10
    Total number of words is 3900
    Total number of unique words is 2012
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    40.7 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 11
    Total number of words is 3804
    Total number of unique words is 2027
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 12
    Total number of words is 3753
    Total number of unique words is 2094
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 13
    Total number of words is 3882
    Total number of unique words is 2070
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 14
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 2044
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    41.1 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 15
    Total number of words is 3779
    Total number of unique words is 2031
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    48.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 16
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 1993
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 17
    Total number of words is 3898
    Total number of unique words is 1817
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 18
    Total number of words is 3989
    Total number of unique words is 1828
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    49.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 19
    Total number of words is 3863
    Total number of unique words is 1979
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 20
    Total number of words is 3899
    Total number of unique words is 1979
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 21
    Total number of words is 3880
    Total number of unique words is 1973
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 22
    Total number of words is 3843
    Total number of unique words is 2030
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 23
    Total number of words is 3886
    Total number of unique words is 1981
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 24
    Total number of words is 3825
    Total number of unique words is 2038
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 25
    Total number of words is 3946
    Total number of unique words is 1886
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 26
    Total number of words is 3697
    Total number of unique words is 1784
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.