Latin

Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 08

Total number of words is 3897
Total number of unique words is 1975
30.1 of words are in the 2000 most common words
41.7 of words are in the 5000 most common words
47.7 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
saçagynyň başyna geçirilenem bolsalar, meni entegem aýratyn oturdýardy. Men köplenç pikir
edýärdim, ol nämeden gorkýarka, ýa birdenkä men jynlana dönüp ýerimden dikeläge-de nämedir bir
zatlary ýere zyňyşdyryp başlaberermikäm öýdýärmikä? Käwagtlar men ondan şeýlebir haýyş edesim
gelýärdi, goý, ol maňa ýekeje gezek ulularyň arasynda oturmaga rugsat bersin, onsoň meniň özümi
nähili salyhatly alyp barmagy başarýandygymy gözjagazlary bilen görüp, haýranlary hekgererdi.
Sebäbi men öýmüzde hemmeler bilen bilelikde her gün nahar iýýärdim-ä! Bu sebäpli hiç hili
aýylgançlyk hem gopmaýardy. Men bir gezek bu barada Attikusdan haýyş etdim, belki Aleksandra
ejem oňa gulak asar diýen umyt bilen. Emma kakam maňa: „ýok“ diýdi, biz hamana myhmanmyşyk,
öý bikesi bizi nirede oturdasy gelse-de, biz jyňkymyzy çykarman şol ýerde-de oturmalymyşyk. Ýenede ol: „Aleksandra ejeň gyzjagazlardan beýlebir gowy baş çykaryp hem durmaýar, sebäbi onuň
özünde gyzjagaz ýok“ diýdi.
Ýöne Aleksandra ejemiň taýýarlan biş-düşi welin bu oňaýsyzlyklaryň ählisiniň öwezini doldy. Üç sany
etli tagam, ammardan getirilenem bolsa edil tomusda, mellekden ýyglan ýaly terje dürli-dümen göksökler, duzly suwa ýatyrylan erikler, iki sany äpet süýji gatlakly, süp-süýji bal, ine şu giden zatlaram
ýönekeýje baýramçylyk naharydy. Bu dürli-dümeniň dürüşdesinden soň ulularyň hemmesi myhman
otagyna geçdiler-de, nähilidir birhili doňňara-daş meýmiremede doňup galdylar. Jim halynyň üstünde
uzyn süýndi, men bolsa howla çykdym.
-Paltoňy geý-diýip Attikus ukuly ses bilen aýtdy welin, men ony eşitmedik boldum.
Frensis meniň ýanyma gelip bosaganyň basgançagynda oturdy.
Men:
-Hiç haçan şeýle süýji naharlanmandym-diýdim.
Frensis:
-Enem örän ajaýyp tagamlary bişirýär-diýdi:-Ol maňa hem öwreder.
-Oglanjyklar nahar bişirmeli däl.
Men Jimi Kelpurniýanyň öňlügini dakynan keşpde göz öňüme getirdim-de, pyňkyryp goýberdim.
-Enem, ähli erkek kişilere nahar bişirmegi öwrenmek we öz aýallaryna idi-yssywat edip, olar doly sag
däl wagtlary olar barada alada etmek gerek diýýär-diýip meniň doganoglanym apaň-apaň gepledi.
-Men bolsa Dilliň men barada alada etmegini islemeýärin, gowusy meniň özüm ol hakda alada etjek.
-Dill hakda?
-Hawa. Sen häzirlikçi hiç kime aýtma, haçan-da biz ulalanymyzdan soň biz bada-bat maşgala
gurarys. Ol geçen tomus maňa özüne durmuşa çykmagy teklip etdi.
Frensis ýerde togalanyp diýen ýaly gülüp başlady.
-Onuň nämesi erbet?-diýip men Frensisden soradym:-Hiç zady hem erbet däl.
-Bu şolmy, şol ýerden ýeke garyş saýlananjamy? Enem onuň geçen tomus hanym Reýçeliňkide
myhmançylykda bolandygyny aýdypdy?
-Hawa, hut özi.
Frensis:
-Men ol barada ähli zady bilýärin!-diýdi.
-Näme bilýärsiň?
-Enem onuň öýi ýok diýýär...
-Ýok, bar. Ol Meridianda ýaşaýar.
-...şonuň üçinem ony hemişe bir garyndaşyndan beýleki garyndaşynyňka ugradyp gün görýärler,
hanym Reýçel hem şonuň üçin ony her ýyl tomsuna öz öýlerine alýar.
-Frensis, sen ýalan sözleýärsiň!
Frensis syrtardy.
-Sen nähili samsyk, Jin Luiza! Äý, onsoňam seniň ýalydan näme aljak diýsene!
-O nähili?
-Enem, eger-de Attikus daýym saňa köçeleriň ugrunda gözegçiliksiz şallaklap ýörmäge rugsat
berýän bolsa, bu onuň öz işi, bu ýerde seniň günäň ýok diýýär. Men bolsa pikir edýärin, eger-de
Attikus daýym şar-garakirlileri söýýänçi bolsa, onda bu ýerde-de seniň günäň ýok, ýöne kakaň welin
biziň bütin maşgalamyzyň wejeralygy, ine şuny men saňa aýdaýaýyn.
-Al kakmyş, Frensis, sen nämeler samrap dursuň?
-Eşiden zadyňy. Enem ýene-de aýdýar, siziň ikiňiziň ýabanylaşyp gideniňiziň özem ýaman welin, indi
ol munuň üstesine şar-garakirlileri söýýänçi hem bolaýpdyr. Asyl indiden beýläk biz Meýkombda
garamyzy hem görkezip bilmeris. Ol biziň tutuş maşgalamyzy wejera edýär, ine näme!
Frensis tarsa ýerinden turdy-da, däliziň ugry bilen aşhana tarap ökjäni göterdi. Esli daşa gaçdy-da,
yzyna öwrülip gygyrdy:
-Garakirlilere höwür,
Özi-de kömür,
Garakirlileri söýdi,
Kömürden doýdy!
-Galat aýdýaň!-diýip men gygyrdym:-Men seniň ol ýerde näme samahyllaýanyň-a bilemok, ýöne
häzir ojagaz şalpar diliňi bogazyňa tegek ederin!
Men basgançakdan böküp düşdüm-de, iki bökenimde onuň yzyndan ýetip, ezeneginden ebşitläp
tutdum. „Ähli diýenlerime gaýtmyşym diý“ diýip gyssap ugradym.
Frensis duýdansyz elimden dyzap sypdy-da, aşhana tarap ýazzyny berdi.
-Şar-garakirlileri söýýänçi!-diýip ol gaçyp barşyna bögürdi.
Eger-de awuňy giriňe saljak bolsaň, iň oňady howlukmazlyk. Diliňi dişle-de, garaş, oljaňa ahbetin
seniň näme işleýändigiň bilen gyzyklanyp başlap, temegini gizlenen hininden çykarar. Frensisem
ahyry aşhananyň işiginden jyklady.
-Sen henizem gaharlymy, Jin Luiza?-diýip ol seresaplyk bilen sorady.
-Äý ýok, beýlebir gaharly hem däl ýaly.
Frensis dälizjige çykdy.
-Ähli diýenleriňe gaýtmyşym edersiňmi?
Men alňasaýdym öýdýän. Frensis sapandan atylan ýaly bolup, kürsäp yzyna, aşhana girdi, men
bolsa bosagadaky basgançaga dolandym. Ýeri bolýar, howlugýan ýerimiz ýok, garaşybersegem
bolman durmaz. Şeýle ýagdaýda takmynan çaý içim salym oturandyryn welin, birdenkä Aleksandra
ejemiň sesi eşidildi:
-Frensis nirede?
-Ol hanha, aşhanada.
-Ol meniň aşhanada oýnamaga rugsat bermeýändigimi bilýär ahyry.
Frensis işigiň agzyna golaýlady-da ulili bilen bagyrdy:
-Ene, ol meni kowalap bärik dykdy-da, indem goýbermeýär!
-Ýeri, näme bolýar, Jin Luiza?
Men kellämi galdyrdym-da Aleksandra ejeme seretdim.
-Men ony ol ýere kowalap dykmadym, Aleksandra eje, ony ol ýerde saklamogam.
-Ýok saklaýar!-diýip Frensis ýene-de bagyrdy:-Ol meni goýbermeýär!
-Siz näme sögüşdiňizmi?
-Ene, Jin Luiza maňa ýersiz-ýerden yrsaraýar!-diýip Frensis ýene-de gygyrdy.
-Hany bärik gel, Frensis! Jin Luiza eger-de men senden ýene-de ýekeje söz eşitsem, men seni
kakaňa aýdaryn. Göwnüme bolmasa, sen ýaňyrak, al-arwahlary diliňe alaýan ýaly-la?
-Ýok-la.
-Meniň bolsa gulagyma eşidiläýen ýaly boldy. Onda şeýle, mundan beýläk men şeýle sözleri
eşitmäýin.
Aleksandra ejem hemişe diňşirgenip ýördi. Ol giden dessine Frensis aşhanadan çykdy-da, temegini
dik ýokary tutup, ernini gulaklaryna ýetiräýjek bolup syrtardy.
-Sen meniň bilen oýun etmegin!-diýip ol yglan etdi.
Ylgap howla çykdy-da, ol ýerde bökjekläp, edil pökgi ýaly guran oty depip başlady. Şol bir wagtda
meni göz aýtymyndan sypdyrman, menden daşrakda gezýärdi, arasynda-da yzyna gaňrylyp,
ýyrşarýardy. Jim eýwana çykdy-da, sähel salym bize seredip, ýene-de yzyna girdi. Frensis gurap
barýan agaja mündi, soň düşdi, ellerini kisesine saldy-da, howluda gezmeläp ugrady.
-Hä!-diýip ol demini daşyna üfledi.
Men ondan onuň kimiň keşbini şekillendirýändigini soradym, Jek kakamyňkynymy ýa? Frensis bolsa:
„Göwnüme bolmasa, Jin Luiza demini alman oturmak we ony öz gününe goýmak tabşyrylan ýalydyla“ diýdi.
Men:
-Men saňa degemok!-diýdim.
Ol üns bilen maňa seretdi-de, meni ymykly ýuwaşatdylar diýip hasap edip, assajadan aýdym aýdýan
ýaly:
-Şar-ga-ra-kir-li-le-ri söý-ýän-çi!-diýip hiňlendi.
Bu gezek meniň ýumrugym onuň dişlerine degip etine çenli hamy soýulyp gitdi. Çep elimi agyrdyp,
men sagym bilen işläp başladym. Ýöne uzak däl. Jek kakam meniň ellerimi böwrüme gysdy-da:
-Doňup gal!-diýip buýruk berdi.
Aleksandra ejem Frensisiň daşynda kebelekleýärdi, elýaglygy bilen onuň gözýaşlaryny
süpürişdirýärdi, onuň saçlaryny sypalaşdyrýardy. Iň soňunda bolsa ýaňagyny sypap goýberdi.
Attikus, Jim we Jimmi kakam eýwanda durdylar, olaryň ählisi bärik Frensis bagyryp ugran badyna
çykypdylar.
-Kim birinji başlady?-diýip Jek kakam sorady.
Frensis bilen men biri-birimizi görkezdik.
-Ene-diýip Frensis uwlady:-ol maňa jelep diýdi we meni it ýenjen ýaly ýençdi.
-Bu dogrumy, Gözlüje?-diýip Jek kakam sorady.
-Elbetde, dogry.
Jek kakam maňa garady welin, onuň ýüzi edil bir almany iki bölen ýaly Aleksandra ejemiň ýüzüne
meňzedi.
-Men göwnüme bolmasa, saňa duýdurypdym ahyry, eger-de diliňi salajyn goýberip, şeýle sözleri
aýdyşdyryp ýörseň, başyňa oňaýsyzlyklaryň inmegine garaşyber diýip. Men saňa aýtdym dälmi?
-Hawa, jenap, ýöne...
-Ine onda, sen şol oňaýsyzlyklara garaşyp-garaşyp ahyry ýetdiň. Dur, şu ýerde!
Men ikirjiňlenip durdum, gaçyp gidäýsemmikäm diýip, şeýdibem gijä galdym, ökjäme tüýkürmekçi
boldumam welin, ýöne Jek kakam has çalasyn bolup çykdy. Birdenkä edil meniň burnumyň öňünde
otuň üstünden zordanjyk çörek owuntygyny süýräp barýan garynja peýda boldy...
-Seniň bilen ölýänçäm gepleşmerin! Seni ýigrenýän, sen ölmezmikäň!
Göwnüme bolmasa menin bu sözlerim Jek kakamyň gaýta aýgydyny artdyraýan ýaly. Men arzymy
aýtmak üçin Attikusyň ýanyna topuldym, ol bolsa: „özüň günäkär, onsoňam biziň öýe gaýdar
wagtymyzam bolupdyr“ diýdi.
Men hiç kim bilen hoşlaşmadym, paýtunyň yzky oturgyjyna geçdim, haçan-da öýe gelenimizden soň
bolsa öz otagyma ylgap gitdim-de, gapyny jarkyldadyp ýapdym. Jim maňa nähilidir bir gowy zatlar
aýtmak isledi, emma men ony diňlemedim.
Men ýekelikde başyma düşen tebigy betbagtçylykly hadysanyň yzlaryny synlaşdyrdym. Görüp
otursam bary-ýogy ýedi-sekiz sany gyzyl tegmilden başga zadam ýok ekeni-le. Onsoň men biraz
köşeşdim-de ýene-de ýagty ýalançyda ähli zadyň belli bir derejedeligi barada oýlanmaga oturdym.
Şol pursadam meniň işigim kakyldy. Men kimdigini soradym welin, Jek kakam jogap berdi.
-Git!
Jek kakam eger-de men ýene-de şeýle gepleşsem onda özüniň ýene-de meniň eýimi ýetirjekdigini
aýtdy welin, men dymdym. Ol girdi, men otagyň künjüne gitdim-de, oňa ýeňsämi tüňňertdim. Ol:
-Gözlüje,-diýdi:-sen henizem meni ýigrenip otyrsyňmy?
-Meni ýene-de ýenjip bilersiňiz, jenap!
Ol:
-Beh, men-ä dogrusy seni beýle içi kitüwlidir öýtmändim-diýdi:-Men dogrusy sen barada has gowy
pikirdedim, sen eliň bilen edeniňi egniň bilen çekendigiňi bilýärsiň ahyry.
-Hiç zadam bilemok, men.
-Gyzym, seniň adamlara paýyş sögmäge hukugyň ýok...
Men:
-Sen adalatsyz,-diýdim:-adalatsyz!
Jek kakam gaşlaryny giň gerdi.
-Adalatsyz? O nähili beýle?
-Jek kaka, sen elbetde gowy, men, megerem häzirem barybir seni gowy görýän, ýöne sen çagalar
barada hiç zat bilmeýärsiň, hiç zat düşünmeýärsiň.
Jek kakam biraz döşüni gaýşartdy-da, maňa ýokardan aşak dikanlady:
-O nähili men çagalarda hiç zat düşünmeýärmişim, hanym Jin Luiza? Haçan-da çagalar seniň özüňi
alyp barşyň ýaly özlerini alyp baranlarynda, bu ýerde üýtgeşik bir düşünip oturasy işem ýok. Sen
gödek jogap berýärsiň, paýyş sögünýärsiň, uruşýarsyň...
-Sen näme üçin meni diňlemeýärsiň, ahyry? Men gödek jogap berjek bolmaýaryn. Men diňe saňa
düşündirmek isleýärin.
Jek kakam ýatyş sekisine çökdi. Gaşlaryny bürüşdirdi-de, maňa garady.
-Hany, aýt bakaly.
Men kükregime köpräk howa sordum.
-Ine. Birinjiden sen meni diňlemediň, ýeke söz aýtmaga-da mümkinçilik bermediň-de bada-bat
üstüme topuldyň. Haçan-da biz Jim bilen dawalaşsak Attikus diňe Jimiň ýeke özüni diňlemeýär-de
maňa-da gulak asýar. Ikinjiden, sen şeýle sözleri hiç haçan aýtmaly däl diýmediň, diňe doly, gu-tarnyk-ly gerek bolmasa aýtmaly däl diýdiň. Frensisiň bolsa kellesini kak towlan ýaly etmek doly we
gutarnykly zerurdy.
Jek kakam ýeňsesini gaşady.
-Ýeri bolýar, hany gürrüň ber bakaly.
-Frensis Attikusa sögdi, şonuň üçinem almytyny aldy.
-Näme diýip sögdi?
-Şar-garakirlileri söýýänçi diýdi. Men munuň nämedigini dol-a bilemok welin, ol muny şeýlebir erbet
diýdi... Şuny bilip goý, Jek kaka, sen meni näçe ýençseňem, men oňa Attikusa sögmäge ýol
bermerin...
-Frensis şeýle diýibem sögdümi?
-Hawa jenap, mundan başga-da ýene-de köp zatlary diýdi. Hamana Attikus tutuş maşgalamyzyň
wejeralygymyş, Jim ikimiz bolsa onuň elinde ýabanylaşyp gidenmişik...
Jek kakamyň ýüzi şeýlebir üýtgedi welin, men birdenkä ol ýene-de meniň suwuma deger diýip
oýlandym. Soňra ol pyşyrdady:
-Hany görübereris bakaly!
Şu ýerde men özümiň däl-de Frensisiň suwuna degiljekdigine düşündim.
-Men gowusy, şu gün agşamara ýene-de şol ýere gidip geleýin-le.
-Haýyş edýän, jenap, hemme zady bolşy ýaly goýuňsana, haýyş edýän!
Jek kakam:
-Ýog-a, indi men hiç zady bolşy ýaly goýaýmaryn-diýdi:-Goý Aleksandra bilsin. Aklym haýran. Gör-ä
onuň aýdýan zadyny... Ýeri bolýar, hany garaş bakaly, ol oglanjyk elime düşer meniň...
-Jek kaka, maňa bir zady wada ber, haýyş edýän! Bu barada Attikusa aýtma! Ol...ol menden bir
gezek özi barada näme aýtsalaram çydamagy, gaharlanmazlygy haýyş edipdi...goý indem, ol pikir
edibersin, biz başga bir zat üçin urşandyrys öýdüp! Söz ber, Jek kaka, aýtmajagyňa söz ber, haýyş
edýän!...
-Ýöne men Frensis üçin bu hereketiniň temmisiz geçmegini islämok...
-Onuň üçin geçmedem. Jek kaka, belki sen meniň elimi daňyp berersiň? Entegem biraz ganaýar.
-Elbetde daňyp bererin, körpeje. Ägirt uly lezzet bilen. Meniň üçin ýeriň ýüzünde şeýle höwes daňyp
bermek isleýän başga ýekeje-de elim ýok. Siz bärik geçip bilmersiňizmi?
Jek kakam maňa salyhatlylyk bilen baş egdi-de, hammama çagyrdy. Ol meniň barmaklarymy ýuwup
sarady, munuň bilen meşgullanyp durka-da hemişe şähere ugranda pyýada ýodasyndaky jaýryklary
sanaýan Bulýon atly pişigi bolan şowakör garryjyk barada gülkünç gürrüň berdi durdy.
Ahyryn Jek kakam:
-Ine-de bolany-diýdi:-Hakyky asylly hanymyň ogulhajat barmagyna nika ýüzgüni dakynmak gelişýär,
seniňki-de bolsa ýara yzy galar.
-Taňryýalkasyn, jenap. Jek kaka...
-Hawa, hanym?
-Jelep diýmek nämäni aňladýar?
Jek kakam bir garry premýer-ministr barada nähilidir bir içege ýaly uzyn hekaýaty gürrüň bermäge
başlady. Hamana ol jemgyýetçilik mejlislerine gatnaşanda iň galmagally maslahatlarda, daştöwereginde hemmeler aklyndan azaşýarka, agzy bilen ýokary per üfläp, olary gaçyrmazlyk bilen
meşgul bolýarmyş. Megerem Jek kakam meniň sowalyma jogap bermäge çalşan bolmagy-da
ähtimal, ýöne näme üçindir onuň jogaby birhili düşnüksiz bolup çykdy.
Soňra, haçan-da men eýýäm ýatyp galmaly wagtym, men suw içmek üçin aşaky gata düşdüm welin,
dälizde duran ýerimden myhman otagyndaky hümürdi gulagyma ildi. Ol ýerde Jek kakam Attikus
bilen gepleşýärdi.
-Men hiç haçan öýlenmerin, Attikus.
-Ine saňa gerek bolsa, näme üçin?
-Birden çagalar bolmagy ahmal...
Attikus:
-Saňa köp zatlary öwrenmek gerek boljak öýdýän, Jek...-diýdi.
-Bilýän. Seniň gyzyň şu gün maňa ilkinji sapaklary berdi. Ol maňa çagalarda hiç zat
düşünmeýändigimi aýtdy we näme üçin beýle diýendigini düşündirdi. Özem onuň aýdany örän dogry
bolup çykdy. Attikus, ol maňa özüne nähili çemeleşmeli ekendigimi düşündirdi...Eger çynym,
üstümizde Hudaý bar, men onuň söbügine şapbat çalanyma erbet ökünýän.
Attikus pyňkyrdy.
-Ol mazalyja eýiniň ýetirilmegine doly mynasyp boldy, şonuň üçinem goý seni ynsabyň horlamasyn.
Men doňup galdym, birdenkä Jek kakam alaga-da Attikusa ähli zady aýdyp goýberäýse... Ýöne ol
hiç zat gürrüň bermedi. Diňe hümürdedi:
-Onuň örän uly söz baýlygy bar. Ýöne diline alýan paýyş sözleriniň ýarysyndan gowragynyň
aňladýan manysyna-da düşünmän diýip goýberýär. Ol menden „jelep“ diýmegiň nämäni
aňladýandygyny sorady.
-Onsoň senem düşündirdiňmi?
-Ýok, men oňa lord Melburn barada gürrüň berdim.
-Haçan-da çaga bir zat soranda, Jek, ähli mukaddeslikleriň hatyrasyna onuň öňünde sapalak atmada jogap bergin. Boş gürrüňler bilen başyny-gözüni aýlamaga-da çytraşma. Elbetde çaga çaga
bolýar, ýöne haçan-da sapalak atyp başlasalar olar pirimleri ýormakda ululardan kem däl, her bir
sypjyklyk bolsa olary bulaşdyrýar. Ýok,-diýip kakam oýa batyp oturşyna dowam etdi:-oňa bu gün
temmi bermek gerekdi, ýöne onuň üçin däl. Hemme çagalar belli bir ýaşa ýetenlerinden soň sögünip
başlaýarlar, ýöne haçan-da sögünç bilen hiç kimi geň galdyryp bolmaýandygyna düşünen batlaryna
olaryň bu endikleri öz-özünden ýitip gidýär. Ýöne ganygyzmalyk welin, öz-özünden gidäýmez.
Gyzjagaz özüne erk etmegi öwrenmeli, özi-de näçe çalt öwrense şonça-da gowy, sebäbi bahym
onuň başyna birnäçe sany geçmesi örän kyn boljak aýlar geler. Äý onsoňam, ol assa-ýuwaşdan
akyllanýar. Jim ulalýar, ol bolsa ondan barha köp görelde alýar. Oňa ýöne käte bir kömek berip
goýbermek gerek.
-Attikus, sen oňa hiç wagt barmagyňy hem batyrmadyň gerek?
-Dogrusy, ýok. Şu wagta çenl-ä diňe haýbat atmak ýeterlikdi. Ol maňa gulak asjak bolup güýjünde
baryny edip çytraşýar, Jek. Elbetde bu oňa hemişe başardyp durmaýar, ýöne ol muny başarjak
bolup elinden gelenini edýär.
Jek kakam:
-Ýöne bar syr munda däl ahyry!-diýdi.
-Ýok, syr başga zatda, ol özüniň güýjünde baryny edýändigini meniň bilýändigimi bilýär. Bu bolsa
juda möhüm. Ýöne bahym Jim ikisiniň örän köp nejislikleri ýuwutmaly boljakdyklary welin öte erbet.
Men tama edýän, Jimiň-ä sabyr-kanagaty ýeter welin, ýöne Gözlüje, sähel göwnüne degseler
oýlanybam durman dessine söweşe eňiberýär...
Men şu ýerde Jek kakam dymyp oňmaz öýdüp pikir etdim. Ýöne ol bu gezegem maňa beren
sözünde tapyldy.
-Bu örän erbet bolarmy, Attikus? Sen birhili maňa bu barada ugurly-utgaly gürrüňem bermediň.
-Juda erbet bolar, Jek. Bizde diňe Ýuelleriň görkezmeleriniň garşysyna garaýagyzyň görkezmeleri
bar. Ähli zat diňe olaryň biri; „sen etdiň“ diýýär, beýlekisem „ýok men etmedim“ diýýär. Elbetde
oturdaşlaram Tom Robinsona ynanmazlar-da, Ýuellere ynanarlar... Sen bu Ýuelleri göz öňüňe
getirip bilýärmiň?
Jek kakam: „hawa, çalarak ýadyma düşjek bolýar“ diýdi-de Attikusa olaryň nähilidigini aýdyp berip
başlady. Ýöne Attikus:
-Sen tutuş bir nesil yza galypsyň. Ýöne dogrusy, häzirki Ýueller hem öňkülerden jinnek ýaly-da gowy
däl.
-Ýeri, onda sen näme etmek isleýärsiň?
-Men özümi kül-peýekun etmezlerinden öňürti, oturdaşlary birneme silkeläp ukudan oýarmak we
olaryň arasynda agzalalyk döretmek isleýärin...onsoňam bizde ýene-de nägilelik haýyşnamasyny
bermäge mümkinçilik galýar. Dogrusy, häzir bu barada belli bir zat aýtmak kyn, Jek. Bilýäňmi, men
tama edýärdim, şeýle işi alyp barmak hiç wagt meniň paýyma düşmez diýip, ýöne Jon Teýlor
gönüden-göni meni görkezip, bu ýerde diňe meniň gerekdigimi başga hiç kimiň gerek däldigini aýtdy.
-A sen näme bu ýazgydyň seniň gapdalyňdan sowlup geçmegine umyt edýärdiňmi?
-Hawa, hut şeýle. Ýöne, seniň pikiriňçe, eger-de men onuň hukuklaryny goramakdan boýun gaçyran
bolsam, soň çagalarymyň gözüne göni seredip bilerinmi? Jek, Alla jan goý olara şu zatlaryň içinden
geçibem rehimsizlikden dolmaklyga, iň esasysy-da meýkombyň hemişelik keseli bilen
kesellemeklige mümkinçilik berme. Düşünemok, näme üçin akylly-başly adamlar haçan-da iş
garaýagyz adamlara dahylly bolanda zynjyrlaýmaly dälä öwrülýärkäler...hiç düşünip bilemok, şuňa.
Ýekeje umydym bar, Jim bilen Gözlüje ähli sowallary bilen şäherdäki myş-myşlara gulak gabartman
meniň ýanyma gelerler. Olar maňa ýeterlik derejede ynanýandyrlar diýip umyt edýän...Jin Luiza!
Men duran ýerimde ziňkildäp bökdüm. Gapydan garadym.
-Hawa, jenap?
-Bar, git-de ýat.
Men öz otagyma ylgap gitdim-de, ýerime geçdim. Jek kakam nähili berekella, meniň syrymy paş
etmedi! Ýöne Attikus nädip meniň gapy diňleýänimi syzdyka? Diňe ençeme ýyldan soň men akyl
ýetirdim, şol pursat kakam meniň üçin geplän ekeni, ol asyl özüniň her bir sözüni meniň eşitmegimi
islän ekeni.
xxxxx
Attikus ejizdi, sebäbi onuň eýýäm elli ýaşy dolup gelýärdi. Haçan-da biz Jim bilen ondan onuň näme
üçin beýle garrydygyny soranymyzda, ol: „giç başladym“ diýip jogap berdi welin, biz düşündik, şonuň
üçinem ol beýleki erkek kişilerden pesde. Ol biziň ýaşytdaşlarymyzyň ene-atalaryndan kän uludy, şol
sebäpli-de haçan-da beýleki çagalar: „ine meniň kakam eýtdi-beýtdi...“ diýip öwnüp başlanlarynda
biz islesek-islemesek dymmaga mejbur bolýardyk.
Jim durky-düýrmegi bilen futbola berlendi. Attikus bolsa futbol barada pikirlenmegem islemeýärdi,
eger-de Jim ony aldap-ogşap top oýnamaga çekmek islese, ol üýtgewsiz:
-Men bu zatlar üçin juda garry.-diýip jogap berýärdi.
Biziň kakamyz gepläniňe degýän hiç zat bilen meşgullanmaýardy. Ol dermanhanada däl-de iş
otagynda işleýärdi. Iň bolmanda ol biziň töweregimizden zibilleri daşaýan ýük ulagyny bir sürýän
bolaýmalydy ýa-da şerif, ýa-da mülk ýerde işleýän bolaýanda ýa-da ulaghanada...umuman
beýlekileriň kakalary ýaly buýsanmaga jinnek ýaly mümkinçilik berýän haýsydyr bir kär bilen
meşgullanýan bolaýmalydy ahyry.
Hemmesiniň üstesine-de ol äýnek dakynýardy. Çep gözi bilen bolsa düýbünden hiç zat göremeýärdi
we çep gözüň Finçleriň kowmunyň nesilden nesle geçýän gargyşydygy barada hemişe aýdyp
gezýärdi. Eger-de nämedir bir zady has oňatja synlamak islese ol kellesini gyşardýardy-da, diňe sag
gözi bilen seredýärdi. Ol hiç haçan awa gitmeýärdi, humar oýnamaýardy, balyk tutmaýardy, şerap
içmeýärdi, çilim çekmeýärdi, umuman beýleki çagalaryň kakalarynyň edýän hiç bir zadyny edip
bilmeýärdi, diňe hemişe myhman otagynda oturyp, kitap okamagy başarýardy.
Şunuň ýaly ýagdaýda biz kakamyza hiç kimiň üns bermezligini isleýärdik, emma şol ýyl tutuş
mekdep Attikusyň Tom Robinsonyň hukuklaryny goraýandygy barada hyşy-wyşy edýärdi, ol hyşywyşylar hem iň bir gulaga ýakymsyz gybatlardy. Haçan-da men ilk-ä Sesil Jeýkobs bilen sögüşip,
soňam iň soňky züwwetdin ýaly ol ýerden gaýdanymda deň-duşlarym: „Gözlüje Finç, mundan beýläk
hiç kim bilen urşup biljek dälmiş, kakajygy oňa käýýeýärmiş“ diýip gepläp ugradylar. Olar birazrak
ýalňyşypdylar, men indi mundan beýläk adamlaryň arasynda urşup bilmeýärdim, ýöne maşgalanyň
arasynda welin başga gepdi. Ähli doganoglan-dolanan doganlarymy hem uýalarymy men Attikus
üçin heziller edip ýençmäge taýýardym. Mysal üçin, Frensis Henkok munuň şeýledigini özünde
barlap görüpdi.
Attikus bize basyş bilen atylýan tüpeň sowgat berse-de bize olardan atmagy öwretmek welin
islemedi. Şonuň üçinem Jek kakam bize bu ugurdan ilkinji sapaklary berdi, ol: „Attikus tüpeňler bilen
gyzyklanmaýar“ diýdi. Attikus Jime:
-Men seniň mellekde boş gutulary atmagyňy isleýärin, ýöne bilýän, sen guşlary atyp ugrarsyň. Egerde serçelere degrip bilseň, isledigiňçe atyber, ýöne ýadyňdan çykarma, bilbili öldürmek gaty çökder
günädir.
Men ilkinji gezek Attikusyň nämedir bir zat barada günä diýendigini eşitdim, şonuň üçinem hanym
Modiden bilbili öldürmegiň näme üçin günädigini soradym.
Hanym Modi:
-Seniň kakaň dogry aýdýar,-diýdi:-Bilbiljik iň bir ejizje hem günäsiz guşjagaz, ol diňe bize şatlyk
paýlamak üçin saýraýar. Bilbiller bagdaky ir-iýmişleri çokmaýarlar, kümelerde höwürtge
ýasanmaýarlar, olar hemişe diňe biziň üçin öz aýdymlaryny saýrap berip ýörler. Ine şonuň üçinem
bilbili öldürmek juda agyr günä hasaplanýar.
-Hanym Modi, biziň ýaşaýan toplumymyz öte garry gerek?
-Ol entek hatda şäher ýokka-da bar ekeni.
-Ýok, meni ony aýtjak bolamok, biziň köçämizde hemme adamlar garrylar. Bar çagalar hem diňe Jim
ikimiz. Hanym Dýuboz ýene-de bir-iki gün geçse azyndan ýüz ýyla ýaşaýan bolmaly, hanym Reýçel
hem garry, sizem, Attikusam şeýle.
-Dogrusy, men-ä elli ýaşy beýlebir garrylyk diýib-ä hasaplabam barmaýaryn-diýip hanym Modi
şerebeli bellik etdi:-Heniz-ä meni göwnüme bolmasa tigirçekli kürsüde aýlap ýören ýok ýaly. Seniň
kakaňy hem şeýle. Ýöne, dogrusyny aýtsaň, meniň köne kümmetimiň ýanandygyna Hudaýa şükür
edýärin, ony arassa saklamaga eýýäm meniň güýjümem ýetmeýärdi...hawa, görýän welin, seniňki
dogry ýaly-la, Jin Luiza, biziň ýaşaýyş toplumymyzyň ilaty örän...hymm...nähili aýtsamkam...epeý
ýaly. Sen bu ýerde ýaşlary düýbünden görmeýärsiň öýdýän, şeýlemi?
-Görýärin, hanym! Mekdepde.
-Men beýle diýenimde eýýäm uly ýaşly ýaşlary göz öňünde tutýaryn. Men aýtsam, Jim ikiňiziň juda
bagtly. Kakaňyzyň birneme gartaşandygy siziňkiniň çüwdügi. Eger-de ol otuz ýaşynda bolan bolsady,
siz başgaça ýaşardyňyz.
-Elbetde, başgaça bolardy, sebäbi Attikusyň elinden hiç zat gelmeýär ahyry...
Hanym Modi:
-Sen ol barada hiç zat bilmeýärsiň,-diýdi:-Onuň güýç-kuwwaty heniz dyňzap dur.
-A ol näme başarýar?
-Hymm...ine mysal üçin, ol kimdir biri üçin şeýlebir oňat hem akylly edip wesýetnama düzüp berip
bilýär welin, ol ýerde siňege süýkenmäge-de büdür-südürlik galmaýar...
-Hymh...o dagy näm-me-jik...
-Ýeri bolýar, a sen bilýärsiňmi, ol biziň tutuş şäherimizde şaşkanyň iň oňat oýunçysy ahyry? Eşider
bolsaň, „Finçiň duralgasynda“, biziň çaga döwürlerimiz ol bu kenarda-da beýleki kenarda-da islendik
adamy utup bilýärdi.
-Siziň aýdýanyňyz näme, hanym Modi, hatda biziň Jim ikimiz hemişe ony utýarys ahyry!
-Sebäbi ol sizden utulan bolýar ahbetin, muňa düşünerçe bolansyňyz-la. Sen bilýärsiňmi, onuň
jürlewükde saz çalyp bilýändigini?
Öwnere zat bolaýşyny! Men mundan soň-a Attikus üçin hasam beter utandym.
-Ýeri bolýar-da...
-Näme bolýar, hanym Modi?
-Hiç zat. Görýän welin, sen kakaňa buýsanyp bilmeýän ýaly. Her öňýeten jürlewükde saz çalyp
bilmeýär ahyry. Hany indi bolsa agaç ussalarynyň aýagyna çolaşyp ýörme. Ylga öýňüze tarap, men
häzir güllerim bilen meşgullanjak welin, saňa esewan bolup ýörmäge elim degmez. Birdenkä
üstüňden agaç-beýleki gaçaýmagy-da ähtimal.
Men howlymyzyň arka tarapyna gaýtdym, ol ýerde Jim boş gutudan tüpeň atýardy, daş-töwerek
serçelerden doludygy zerarly, bu iň bikär pişedi. Men bagymyza dolandym-da, iki sagatlap ol ýerde
özüme galajyk salyndym. Onuň gurluşygynda-da ulagyň taşlanan teker daşgysyny, apelsinden
boşan çelegi, kirli geýimler salynýan örme sebedi, eýwandaky oturgyçlary we patrakdan boşan
gutudan kesilip alnan kinniwanja milli baýdagy ulandym. Baýdagy maňa Jim beripdi.
Attikus günorta naharyna gelende men galajygymda nyşana alyp otyrdym.
-Sen niräni didiwana mündürýärsiň?
-Hanym Modiniň ýumşak ýerini.
Attikus ýeňsesine gaňrylanda meniň gip-giň nyşanamy gördi, hanym Modi öz bagynda gülleriniň
üstüne eglip durdy. Attikus sypal başgabyny ýeňsesine süýşürdi-de, köçäni kesip geçdi.
-Modi,-diýip ol gygyrdy:-saňa duýdurmak isleýän. Seniň başyňdan örän çynlakaý howp abanýan ýaly.
Hanym Modi dikeldi-de, maňa tarap garady. Soňam:
-Attikus, sen bar-a, melgunyň hut özi.
Soňra Attikus yzyna dolanyp geldi we maňa nyşanamy üýtgetmegi buýurdy.
-Özi-de indiden buýana men seniň bu ýaragyňdan kimdir birini nyşana alýanyňy göräýmäýin!-diýip ol
biraz sesine basym berdi.
Eger-de meniň kakam hakykatdanam „melgunyň hut özi“ bolan bolsa nähili gowy bolardy! Men
kakam barada Kelpurniýadan hem soraşdyryp başladym.
-Jenap Finçmi? Baý-bo-ow, ol ýeriň ýüzünde hemme zady başarýar.
-Hany nämäni, nämäni?
Kelpurniýa ýeňsesini gaşady-da:
-Ýüregime düşme, menem doly bilemok-diýdi.
Üstesine şol wagt Jim hem Attikusdan: „metodistleriň tarapyndan top oýnarsyňmy?“ diýip sorady.
Attikusam jogap berdi: „Ýok, munuň üçin men öte garry we ýykylyp, boýnumy oňurmagym ahmal“.
Metodistler öz ybadathanalarynyň girewine goýlan ýer şahamçasyny yzyna satyn almak isläp,
baptistleri futbol oýnunda ýaryşmaga çagyrypdylar. Ýaryşa megerem Attikusdan başga meýkombly
çagalaryň hemmesiniň kakalary gatnaşmalydylar. Jim özüniň şol oýna tomaşa etmegem
isleýändigini aýtdy, ýöne oýunçylar öwrenje bolanlarynda-da nirededir bir ýerde pökgi oýnaýarkalar
ol tomaşa etmän nädip çydasyn! Elbetde ol oýny synlamaga gitdi, baryp Attikus ikimiziň ýanymyzda
durşuna, gaşlaryny çytyp Sesil Jeýkobsyň kakasynyň metodistleriň derwezesine top salşyny synlady
durdy.
Bir gezek şenbe güni Jim ikimiz tüpeňlerimizi aldyk-da, aňtawçylyk etmäge ugradyk, belki
awysiýdigiň ýa-da towşanyň üstüne bararys. Redlileriň jaýynyň deňesinden geçdik-de ýene-de
takmynan bäş ýüz ýard çemesi ýöredik welin, birdenkä Jimiň assyrynlyk bilen nirädir bir ýere
gapdala seredýändigini gördüm. Ol kellesini gyşardyp, gözüni hem çaşardýardy.
-Sen ol ýerde näme gördüň?
-Seret it ylgap gelýär.
-Bu Tim Jonson dälmi näme?
-Hawa.
Tim Jonsonyň hojaýyny jenap Garri Jonson mobil awtobusynyň sürüjisi, şäheriň günorta çetinde
ýaşaýardy. Tim, çypar menekli, gytyk tüýli tazy, tutuş Meýkombyň eý görýän itidi.
-Oňa näme bolýar-a?
-Bilemok, Gözlüje. Ýör, gowusy yzymyza dolanaýaly-la.
-Goýsan-a-a, Jim, häzir fewral aýy ahyry.
-Barybir, Kelpurniýa aýtmak gerek.
Biz öýümize ylgadyk-da, barşymyza aşhana kürsäp urduk.
Jim:
-Kel,-diýdi:-haýyş edýän, ýekeje minutlyk daşaryk çyksana.
-Näme üçin? Her gezek siz üçin daşaryk çykyp durmaga meniň elim degmeýär.
-Ol ýerde it bar, özem oňa bir zad-a bolýar.
Kelpurniýa uludan demini aldy.
-Meniň itleriň penjesini daňyp ýörmäge şu mahal wagtym ýok. Hammamda hasa bar, özüň al-da,
daňyber.
Jim başyny ýaýkady.
-Bu köpek keselli, Kel. Oňa bir zad-a bolýar.
-A näme ol öz guýrugyny tutjak bolýarmy?
-Ýok, ol ine şeýle edýär.
Jim tutuşlygyna iki bükülip küýkerdi-de altyn balyjak ýaly agzyny açyp, howany gapyp başlady:-Ol
ine şeýle ýöreýär, Kel, meniň pikirimçe bu ýöreýşi onuň özüne-de düýbünden ýaramaýan ýaly.
-Sen meni oýnajak bolýarsyňmy, Jim Finç?-diýende Kelpurniýanyň sesinde gatyrganma peýda boldy.
-Ýok, Kel, çypbakaý çynym!
-Ol it aýagaldygyna ylgap gelýärmi?
-Ýok, haýaljakdan ýorgalap gelýär. Ol bärik gelýär.
Kelpurniýa elini ýuwuşdyrdy-da, Jimiň yzy bilen howla çykdy. Ol:
-Bu ýerde hiç hili it görünmeýär.-diýdi.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 09
  • Parts
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 01
    Total number of words is 3841
    Total number of unique words is 2102
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 02
    Total number of words is 3827
    Total number of unique words is 2017
    29.3 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 03
    Total number of words is 3859
    Total number of unique words is 2027
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 04
    Total number of words is 3885
    Total number of unique words is 2047
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    47.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 05
    Total number of words is 3841
    Total number of unique words is 2023
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    40.3 of words are in the 5000 most common words
    47.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 06
    Total number of words is 3852
    Total number of unique words is 1981
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    46.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 07
    Total number of words is 3894
    Total number of unique words is 2053
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 08
    Total number of words is 3897
    Total number of unique words is 1975
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    47.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 09
    Total number of words is 3886
    Total number of unique words is 1975
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 10
    Total number of words is 3900
    Total number of unique words is 2012
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    40.7 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 11
    Total number of words is 3804
    Total number of unique words is 2027
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 12
    Total number of words is 3753
    Total number of unique words is 2094
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 13
    Total number of words is 3882
    Total number of unique words is 2070
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 14
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 2044
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    41.1 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 15
    Total number of words is 3779
    Total number of unique words is 2031
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    48.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 16
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 1993
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 17
    Total number of words is 3898
    Total number of unique words is 1817
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 18
    Total number of words is 3989
    Total number of unique words is 1828
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    49.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 19
    Total number of words is 3863
    Total number of unique words is 1979
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 20
    Total number of words is 3899
    Total number of unique words is 1979
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 21
    Total number of words is 3880
    Total number of unique words is 1973
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 22
    Total number of words is 3843
    Total number of unique words is 2030
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 23
    Total number of words is 3886
    Total number of unique words is 1981
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 24
    Total number of words is 3825
    Total number of unique words is 2038
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 25
    Total number of words is 3946
    Total number of unique words is 1886
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 26
    Total number of words is 3697
    Total number of unique words is 1784
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.