Latin

Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 18

Total number of words is 3989
Total number of unique words is 1828
31.6 of words are in the 2000 most common words
43.8 of words are in the 5000 most common words
49.5 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
ujuny dişledi.
-Biz käte ýöriteläp, bilgeşleýinden ony synlamaga gelýäris,-diýip men Dille düşündirdim:-Indi bu çilimi
oňa agşama çenli ýeter. Sen diňe ýagşyja seret.
Ikinji gatdaky eýwançadan özüniň her bir hereketiniň sypdyrman synlanylýandygyny aňşyrmaýan
kazy Teýlor dodaklary bilen çilimiň dişlenen galyndysyny çakgan öňe süýşürdi…birdenem, pü-ü-üw!
– çilimiň uçjagazy göni baryp tüfdana düşdi, biz hatda “okuň” nädip tüfdanyň gös-göni orrukortarasyna şapylap düşenini hem eşitdik.
-Jedel edýän, eger-de mergenlikde bäsleşmeli bolsa hiç kes ondan ökde tüýkürmez,-diýip Dill
hümürdedi.
Adatça arakesme wagtynda mähelle mejlisler otagyndan çykýardy, emma bu gün welin, hiç kim
ýerindenem gozganmady. Hatda Bikärler hem galdylar, ýogsa olara özlerine garanyňda ýaşrak
adamlary utandyryp, ýer bermeklige mejbur etmek başartmandygy zerarly olar iş ýörediş başlanaly
bäri diwaryň ýanynda aýak üstünde durmaly hem bolupdylar welin. Jemgyýetçilik hajathanasyna
bolsa jenap Gek Teýt kazyýetiň işgärlerinden özge ýeke adamy hem goýbermezligi tabşyran ekeni.
Attikus jenap Jilmer bilen dolanyp geldiler welin, kazy Teýlor sagadyna seretdi-de:
-Bahym dört bolýar,-diýdi.
Bu örän düşnüksizdi hem şübhelidi, kazyýetiň binasyndaky sagat bu wagta çenli eýýäm azyndan iki
gezeg-ä zaň urmalydylar, emma men olary ýeke saparam eşitmändim.
-Şu günüň özünde tamamlamaga synanyşyp görerismi?-diýip kazy Teýlor sorady:-Siziň pikiriňiz
nähili, Attikus?
Attikus:
-Görýän welin, tamamlap bileris öýdýän,-diýdi.
-Siziň näçe şaýadyňyz bar?
-Bir.
-Onda näme, geliň şony diňläliň-dä.
xxxxx
Tomas Robinson şaýatlaryň münberine geçdi-de, sag eli bilen çep elini galdyrdy. Ol bu jansyz elini
Injiliň daşyna goýdy. Ýöne ol sag elini aýran dessine maýyp eli Injilden tyrpyp gaçdy-da kätibiň
öňüne patylap düşdi. Tom ýene-de ony galdyryp ugrady, emma kazy Teýloryň hüňürdisi ony saklady:
-Şeýle aýtsaňam bolar, Tom.
Tom kasam okady-da, şaýatlaryň münberinde ykjamlandy. Attikus çalt-çaltdan oňa sowal yzyna
sowal berip ugrady welin, biz ine şu zatlary bildik: Tom ýigrimi bäş ýaşynda, maşgalaly, üç çagasy
bar, öň kazyýet tarapyndan jogapkärçiligi çekilen, bir gezek jemgyýetçilik tertibini bozandygy üçin bir
aýlyk türmä höküm edilipdir.
Attikus:
-Diýmek, tertibi bozmak bolupdyr-da,-diýdi:-Seniň ol etmişiň näme-de aňladylypdy?
-Bir adam bilen uruşdym, ol meni pyçaklamak isläpdi.
-Ol öz islegini amala aşyryp bildimi?
-Hawa, jenap, ýöne birazajyk. Siz görýäňizmi men…-diýip Tom oňaýsyzlyk bilen çep egnini
gymyldatdy.
Attikus:
-Görýärin,-diýdi:-Siziň ikiňize-de iş kesdilermi?
-Hawa, jenap, men azatlykdan mahrum edildim, sebäbi jerimäni men töläp biljek däldim ahbetin.
Ol…beýleki bolsa öz jerimesini töledi.
Dill meniň üstaşyrym egildi-de, Jimden bu Attikus näme edýär-ä diýip sorady. Jim bolsa: “Attikus
oturdaşlara Tomuň gizlemäge zadynyň ýokdugyny görkezýär” diýdi.
-Siz Meýella Waýolet Ýuel bilen tanyşmy?-diýip Attikus sorady.
-Hawa, jenap. Men olaryň deňesinden her gün mülk meýdanyna we yzyma geçýärin.
-Kimiň mülk meýdanyna?
-Men jenap Link Diziňkide pagta ýygýaryn.
-Siz noýabrda-da pagta ýygýardyňyzmy?
-Ýok, jenap, güýzde hem gyşda men jenap Link Diziň bagynda işleýärin. Men onuňkyda tutuş
ýylboýy işleýärin. Onuň bagynda pecan agaçlary we başga-da köp işleri bar.
-Siz özüňiziň her gün Ýuelleriň jaýynyň deňesinden işe we yzyňyza geçmeli bolýandygyňyzy
aýtdyňyz. Näme şondan başga ýol ýokmy?
-Ýok, jenap, men başga ýoly bilmeýärin.
-Hanym Ýuel haçanam bolsa bir wagt size lak atypdymy, Tom?
-Dagy näme, jenap. Ine men olaryň deňesinden geçip barýandyryn, hemişe baş egýärin, bir gezek ol
maňa howla girmegi we geýim asylýan tekjäni çapyp bermegi buýurdy.
-Ol size haçan şol…geýim asylýan tekjäni çapyp bermegi buýurdy?
-Geçen ýyl, jenap Finç, ýaz aýlarynda. Men muny näme üçin ýadymda sakladym, şol wagt pagtanyň
düýbüni gumlamagyň tüýs döwrüdi we meniň ýanymda dyrmygym bardy. Men onsoň oňa aýtdym,
meniň ýanymda guralym hem ýok ahyry diýip, diňe dyrmygym bar diýdim, ol bolsa maňa: “men saňa
palta bererin” diýdi. Onsoň maňa palta berdi welin, men geýim asylýan tekjäni çapyp berdim.
Şondan soň ol aýdýar: “Ýeri näme indi saňa bäş teňňelik şaýy bermeli bolarmy, hä?”, men bolsa
aýdýan: “ýok, hanym, maňa hiç zat gerek däl”. Şeýle diýibem öýüme gaýtdym. Geçen baharda
bolupdy bu zatlar, jenap Finç, eýýäm bir ýyldanam köpräk wagt geçdi.
-Şondan başga siz ol ýere haçanam bolsa bir wagt giripdiňizmi?
-Hawa, jenap.
-Haçan?
-Aý, sany-da ýadymdan çykypdyr.
Kazy Teýlor çekijine tarap elini uzatdy, ýöne ony galdyrmady. Oturanlaryň arasynda dörän pessaý
gowur öz-özünden ýatdy.
-Ol ýere girmekleriňiz nähili ýagdaýda bolup geçipdi?
-Düşünmeýärin, jenap.
-Siz näme üçin olaryň howlusyna köp gezek girdiňiz?
Tom Robinsonyň maňlaýyndaky ýygyrtlar ýazyldy.
-Ol meni çagyrdy, jenap. Ine men olaryň deňesinden geçip barýandyryn, onuň bolsa hemişe meniň
üçin haýsydyr bir işjagazy bardyr, ýa odun jaýryp bermelidir, ýa çöp çyra üçin ýonuşga çapyp
bermelidir, ýa suw daşap bermelidir. Şol gyzyl güller, ol olary her gün diýen ýaly suwarýardy…
-Ol size bu hyzmatlaryňyz üçin töleg töleýärdimi?
-Ýok jenap, ol şol ilkinji gezek bäş şaýy bermek isläpdi. Ýöne men ol zatlary pul üçin etmeýärdim
ahyry. Jenap Ýuel-ä dogrusy oňa beýlebir kömek edip barmaýardy, çagalaram şeýle, onsoň artyk
bäş şaýyny ol nireden alsyn.
-Şol gezekler beýleki çagalar niredediler?
-Olar hem hemişe şol ýerde, howludadylar ahyry. Men isleýärin, olar bolsa gözlerini tegeläpjik
seredip durlar, käbirleri ediljek ýanymda, käbirleri bolsa penjireden tumşujaklaryny çykaryşyp
durandyrlar.
-Hanym Meýella siziň bilen gepleşýärdimi?
-Hawa, jenap, gepleşýärdi.
Tom Robinson görkezme berip durdy, men bolsa birdenkä “megerem bu Meýella Ýueliň ýagty
ýalançyda sopbaş ýeke özi eken-ow” diýip içimden pikir öwrenimi duýman galdym. Betnyşan Redli –
hatda şol hem ýigrimi bäş ýyl bäri gulp astynda oturanam bolsa beýle ýalňyz däl. Haçan-da Attikus
Meýelladan: “joralaryň barmy?” diýip soranda ol hatda düşünmedi hem, soňra bolsa ol öz üstünden
gülýändir öýdüp pikir etdi. Ol şeýlebir nalajedeýin welin, edil Jimiň gürrüň beren garnuwly mulatlary
ýaly, akýagyzlar-a onuň bilen ol doňuzlar bilen bilelikde ýaşaýandygy üçin gatnaşmak islemeýärler,
garaýagyzlar bolsa onuň akýagyzdygy üçin ony ret edýärler. Ol jenap Dolfus Reýmon ýaly
garaýagyzlar bilen tirkeşip bilmeýär, sebäbi onuň kenarda öz mülk ýeri ýok ahbetin, üstesine ol
asylly, oňat maşgaladan hem däl. Ýueller babatda hiç kim “bu olaryň tohumyna mahsus” diýmez.
Meýkomb olara hemaýat puluny berýär, täze ýylda sowgat gowşurýar, soň bolsa ýeňsesini öwürýär.
Megerem, diňe Tom Robinson onuň bilen özüni adam ýaly alyp baran bolsa gerek. Ol bolsa
görkezme beren wagty: “ol meniň hötdämden geldi” diýip oňa edil hapanyňam hupasy ýaly bir zat
hökmünde seňrigini ýygryp garapdy. Ine şu ýerde-de men Attikusyň sesini eşitdim:
-Siz öň haçanam bolsa bir gezek Ýuelleriň ýer şahamçasyna soragsyz girip görüpmidiňiz? Siz
haçanam bolsa iň bolmanda birje sapar olaryň howlusyna hojaýynlaryň biriniň çakylygy bolmazdan
giripmidiňiz?
-Ýok, jenap, hiç haçan, jenap Finç. Heýem bir beýle zady edip bolarmy, jenap!
Attikus bize birnäçe gezek şaýadyň dogrusyny aýdýanyny ýa-da ýalan sözleýändigini bilmegiň
usullaryny düşündiripdi, beýle ýagdaýda iň esasy zat hatda oňa seretmegem däl-de ony diňlemek
zerurdy. Men şeýle hem etdim, bir soraga Tom üç gezek “ýok” diýip jogap berdi, ýöne jogap berende
asuda gep urdy, myňňyldamady, bolşundanam beter ejiz bolup görünmäge çalyşmady, şonuň
üçinem men hatda ol gereginden artyk köp geplänem bolsa-da oňa bada-bat ynandym. Onuň oňat,
arassa garaýagyzdygy göz-görtele görnüp durdy, oňat, arassa garaýagyz bolsa eger-de ony
çagyrmasalar hiç haçan kesekiniň howlusyna aýagyny-da sekmez.
-Tom, geçen ýigrimi birinji noýabrynyň agşamsy siziň bilen nämeler bolup geçdi?
Aşakda oturanlaryň ählisi birden diýen ýaly uludan demlerini aldylar-da ümzüklerini öňe atdylar. Biziň
arkamyzdaky garaýagyzlar hem şeýle etdiler.
Tomuň hamy hünni garady, ýöne garalykdan ýaňa lowurdap durmaýardy-da, birhili solgun mahmala
çalym edýärdi. Şar-gara ýüzünde gözleriniň bäbenegi akjaryp görünýärdi, haçan-da ol geplände
bolsa dişleri-de şonuň ýaly lowurdap akjaryp gidýärdi. Eger-de ol golak bolmadyk bolsady, onda edil
ýöne gözüň ak ýagyny iýip gelýän owadan erkek kişileriň biri boljakdy.
-Men şol agşam öýe barýardym, jenap Finç,-diýip ol söze başlady:-hanym Meýella bolsa öz
eýwanlarynda oturan ekeni, ol size şeýle diýibem aýtdy. Olaryňkyda birhili ümsümlikdi, ýöne näme
üçindigini men bilmeýärdim. Men gidip barýaryn, özümem geň galýaryn, bi ne beýle ümsümlig-ä
diýip, şol pille-de ol meni çagyrdy-da, howla girmegi haýyş etdi. Menem howla girdim-de daştöweregime garanjakladym, men pikir etdim, hemişekim ýaly odun jaýryp bermelidir öýtdüm, emma
howluda çapara odun ýok ekeni, ol bolsa aýdýar: “ýok” diýýär, “seniň üçin öýde iş bar” diýýär. “Işik
petlesinden çykypdyr, hä diýmänem gyş ýetip gelýär” diýýär. Menem onsoň hanym Meýelladan:
“gapyny bejerer ýaly gural barmy?” diýip soradym, ol bolsa aýdýar: “gural tapylar-la” diýýär. Äý
menem onsoň eýwanyň basgançagyna mündüm, ol bolsa aýdýar: “öýe giriber” diýýär. Men içerik
girdim, gapa seretdim-de aýdýan: “hanym Meýella” diýýän, “işig-ä göräýmäge abat ýaly-la” diýýän.
Gapyny açan boldum, ýapan boldum, petleler-ä ýerinde ekeni. Ol bolsa birdenkä sende ýok, mende
ýok, aldy-da gapyny ýapdy duruberdi. Men şol pikir edip gelýärdim, jenap Finç, bi näme beýle
ümsümlikkä diýip, a asyl görüp otursam, öýde-de, howluda-da çagajyklaryň biri-de ýok ekeni ahyry,
onsoň birhili iňkise gidip soraýaryn: “hanym Meýella” diýýän, “bu hany çagajyklar nirä zym-zyýat
boldularka?” diýýän.
Tomuň şar-gara ýüzi ýalpyldap başlady welin, ol maňlaý derini eli bilen syldy.
-Hawa, onsoň men soraýan ondan: “Bu çagajyklar nirä sumat boldularka?” diýýän,-diýip ol
gaýtalady:-ol bolsa birhili erbet edip güldi-de… diýýär: “şähere gitdiler, buzgaýmak iýmäge” diýýär,
“men” diýýär, “olara tutuş bir ýyllap ýedi sany bäş şaýylyk toplap berdim, ahyrynda-da topladym.
Hemmesi şähere gitdiler” diýýär.
Tomuň birhili özüni oňaýsyz duýýandygy köre hasady, özi-de bu oňaýsyzlyk onuň derländigi üçinem
däldi.
-A siz onuň bu sözlerine näme diýip jogap berdiňiz, Tom?-diýip Attikus sorady.
-Men oňa: “siz örän ýeserlik bilen olaryň eminden gelipsiňiz, hanym Meýella” diýen ýaly bir zat diýip
jogap berdim. Ol bolsa diýýär: “Sen şeýle pikir edýärsiňmi?” diýýär. Ýöne onuň bu sözleri diýşinden
onuň maňa ters düşünendigi görnüp dur…Men hakykatda ol pul toplap bilendigi hem-de çagalary
begendirendigi üçin ýeser diýip pikir etdim.
Attikus:
-Men size düşünýän, Tom,-diýdi:-Dowam ediberiň.
-Onsoň bar-a men aýtdym: “Eger-de siziň menlik işiňiz bolmasa, onda men gaýdybereýin-le” diýdim,
ol bolsa: “bar” diýýär. Menem: “nähili iş” diýip, ol bolsa buýurdy: “şol oturgyja mün-de, şol çelegi
geýim asylýan tekjäniň üstünden aşak düşür” diýdi.
-Siziň şol odunlyk hökmünde çapan geýim asylýan tekjäňiziň üstündenmi?-diýip Attikus sorady.
Tom ýylgyrdy.
-Ýok jenap, ol başgady. Üçegiň edil aşagyna ýetip duran beýikdi. Men çelegi aldym-da aşak düşüp
ugradym, ol bolsa…ol birdenkä aldy-da…aldy-da meni gujaklap goýberdi, jenap Finç. Men şeýlebir
gorkdum welin, nädip ýere bökenimi hem duýman galdym, şonda-da oturgyç düňderildi…Diňe şol
oturgyç hem düňderilipdi, galan zatlaryň ählisi bolsa men gidenimde ýerbe-ýer durdy, jenap Finç.
Hudaý şaýat.
-Siz oturgyjy agdaranyňyzdan soň näme boldy?
Tomuň dili lal açana döndi. Ol ilki Attikusa göz aýlady, soňra oturdaşlara, soňra gabat-garşysynda
oturan jenap Anderwuda seretdi.
-Tom, siz hakykaty geplemeklige kasam etdiňiz. Biz garaşýarys.
Tom aljyraňňylyk bilen dodaklarynyň üstünden elini ýöretdi.
-Soň näme boldy ahyry?
Kazy Teýlor:
-Sowala jogap ber,-diýdi. Ol eýýäm öz çiliminiň üçden birini çeýnäpdi.
-Men oturgyçdan böküp düşdüm-de jenap Finç, yzyma öwrüldim welin, ol birdenkä meniň üstüme
topuldy…
-Üstüňize topuldy? Ýumruklary bilenmi?
-Ýok, jenap, ol…ol meni gujaklady. Iki eli bilenem daşymdan dolap aldy.
Bu gezek kazy Teýlor çekijini bat bilen urup goýberdi welin, bada-bat mejlisler otagynda çyra ýandy.
Heniz gowy garaňky gatlyşmandy, ýöne eýýäm penjirelerden günüň ýagtysy düşmeýärdi. Kazy
Teýlor gaty bahym tertip-düzgüni ýola goýdy.
-Soň ol näme etdi?
Tom özüne zor salyp ýuwdundy.
-Ol daraklygyna galdy-da meniň ýaňagymdan öpdi. Özi-de diýýär hamana dogup-döräli bäri hiç kim
bilen öpüşmänmiş, iň bolmanda şar-garakirlini bir ogşap görmekçimiş. Soňra kakasynyň özi bilen
näme etjekdigi bolsa hiçmiş, näme bolsa şol bolsunmyş. Özem aýdýar: “Senem meni ogşa ahyry,
şar-garakirli” diýýär. Menem diýýän: “meni goýberäýiň-dä, hanym Meýella” diýýän, özümem
gaçmakçy bolýan, ol bolsa işigiň agzynda dur, onsoň men ony nädip iteýin ahyry. Men ony itmek
islemedim, jenap Finç, men diňe aýdýan: “meni geçiräýiň-dä!” diýýän. Edil şol müddet bolsa jenap
Ýuel penjireden garady-da, gygyryberdi birdenkä.
-Ol näme diýip gygyrdy?
Tom Robinson ýene-de ýuwdundy-da gözlerini petretdi.
-Men muny aýdyp bilmerin…asyl-asyl aýdyp bilmerin…bu ýerde köpçülik, çagalar hem bar…
-Ol näme diýdi, Tom? Siz onuň aýdanlaryny oturdaşlara gaýtalap bermeli.
Tom Robinson gözlerini mäkäm ýumdy.
-Ol: “Haram jelep, men seni öldürerin” diýdi.
-Soň näme boldy?
-Men bada-bat gaçyp gitdim, jenap Finç, men soň näme bolandygyny bilmeýärin.
-Tom, siz Meýella Ýueli zorladyňyzmy?
-Ýok, jenap.
-Siz onuň endamyna haýsy-da bolsa bir şikes ýetirdiňizmi?
-Ýok, jenap.
-Siz onuň özüňize degsinmesine garşy bolduňyzmy?
-Men elimden gelenini etdim, jenap Finç. Men elimden gelenini etdim, ýöne men oňa gödeklik bilen
daramak islemedim. Men gödeklik etmek islemedim, ony itmek hem islemedim.
Ine şu ýerde ýene-de meniň kelläme geldi, Tom biçak edepli adam, edil Attikus ýaly. Diňe soň-soňlar
kakam maňa düşündireninden soň men Tomuň nähili kyn, jygba-jyg ýagdaýa düşendigine akyl
ýetirdim, her niçik-de bolsa, başyna nähili külpetler düşse-de eger-de ol akýagyz zenany urmaga het
edäýen bolsa, onuňkynyň gutardygydy, ine şonuň üçinem ol gaçyp giden ekeni. Hemmeleriň pikiriçe
bolsa, eger-de gaçýan bolsa onda diýmek günäkärdir.
Attikus:
-Geliň, jenap Ýuele dolanyp geleliň, Tom,-diýdi:-Ol size nämedir bir zatlar diýdimi?
-Ýok, jenap. Belki-de ol bir zatlar diýse diýendirem, ýöne men eýýäm ol ýerde ýokdum…
-Ýeterlik,-diýip Attikus onuň sözüni böldi:-A siziň eşiden zatlaryňyzy ol kime diýdi?
-Ol hanym Meýella ýüzlenip diýdi, jenap Finç, ol şol pille diňe şoňa seredýärdi.
-Soňam siz gaçdyňyz?
-Hawa, jenap.
-Näme üçin gaçdyňyz?
-Gorkdum, jenap.
-Siz näme üçin gorkduňyz?
-Eger-de siz garaýagyz bolan bolsaňyz, jenap Finç, sizem elheder alardyňyz.
Attikus ornuna geçip oturdy. Şaýatlaryň münberine tarap jenap Jilmer ýöneldi, ýöne şol wagt
oturanlaryň arasyndan jenap Link Diz örboýuna galdy-da morta yglan edip goýberdi:
-Ine men siziň ähliňize näme aýtmakçy. Bi ýigit eýýäm sekiz ýyl bäri meniň elimde işleýär, şol
döwrüň içinde-de men ýeke saparam ony jinnek ýaly erbetlikde görmedim. Ýekeje gezegem.
-Diliňizi saklaň, jenap!-diýip kazy Teýlor mejlisler otagyny sarsdyrdy. Häzir ol dynnym ýalyjagam
ukuly görünmeýärdi, özem çym-gyzyldy. Özem geň zat, agzyndaky çilime garamazdan ol örän
düşnükli hem dogry gepleýärdi:-Link Diz,-diýip ol sesinde baryny edip gygyrdy:-eger-de sizde aýdara
bir zatlar bar bolsa, bellenilen wagtda, kasam kabul edeniňizden soň aýtmaga merhemet ediň,
häzirlikçe bolsa şu ýerden garaňyzy saýlaň, bejit boluň! Düşnüklimi? Goý meni oturanja ýerimde
albassylar kakaýsyn, eger-de men bu wagtyndan öň bişmäge dalaş edýän miwäni diňläp otursam!
Kazy Teýlor: “Hany ýekeje söz aýtmaga het edip bir gör hany” diýýän ýaly, gazap bilen Attikusa
äňetdi, ýöne başyny aşak salan Attikus diňe burnuna siňdirip bildirer-bildirmez gülümsiräp otyrdy.
Attikus birmahallar: “kazy Teýlor kazyýet mejlislerine başlyklyk edende ýyldyrymlar çakdyryp gök
gümmürdetmegi gowy görýär, kähalatlarda bolsa hatda öte-de geçäýýär, ýöne aklawjylar onuň
haýbatly jümlelerine üns bermän gulaklarynyň duşundan geçirip goýberýärler” diýip aýdyp beripdi.
Men Jime tarap garanjakladym, ol bolsa diňe başyny ýaýkaýdy. Ol:
-Bu oturdaş ýerinden turaga-da geplän ýaly bir zat däl ahyry,-diýdi:-Eger-de şeýle bolan bolsady ol
beýle gazaba münmese-de münmezdi. Jenap Link bolsa tertip-düzgüni bozýar.
Kazy Teýlor kätibe “Eger-de siz garaýagyz bolan bolsaňyz, jenap Finç, sizem elheder alardyňyz”
diýen sözlerden soňky aýdylanlaryň ählisini teswirnamada çyzmagy buýurdy, oturdaşlara bolsa her
bir ýerliksiz gykylyklara üns bermeli däldigini aýtdy. Ol gahar bilen girelgä tarap tiňkesini dikdi oturdy,
megerem jenap Link Diziň çykyp, yzyndan gapyny ýaparyna garaşan bolara çemeli. Soňra ol:
-Boluň, jenap Jilmer,-diýdi.
-Sen jemgyýetçilik tertibini bozandygyň üçin bir aýlyk türmä höküm edilipmidiň, Robinson?-diýip
jenap Jilmer sorady.
-Hawa, jenap.
-Ýeri onsoň sen şol garaýagyzyň nähili, mazaly eýini ýetirdiňmi?
-Ol meni ýençdi, jenap Jilmer.
-Hawa, ýöne şonda saňa iş kesdiler ahyry, dogrumy?
Attikus başyny galdyrdy.
-Bu ownuk etmişdi, özem bu eýýäm tesirnamada ýazyldy, siziň merhemetliňiz,-diýdi.
Meniň göwnüme bolmasa onuň sesi ähli zatdan juda argyn adamyň sesine çalym edip gitdi.
-Barybir goý şaýat jogap bersin,-diýip kazy Teýlor hem ýadaw ses bilen jogap gaýtardy.
-Hawa jenap, meni şonda bir aýlyk türmä basdylar.
Indi jenap Jilmer oturdaşlary eger-de adamy jemgyýetçilik tertibini bozmak üçin türmä basan bolsalar,
diýmek ol Meýella Ýueli zorlamaklygyny hem niýet edinip biler diýip ynandyrmaga başlar, diňe şol
maksat bilenem jenap Jilmer sorag etmekligi şu sowal bilen başlapdy. Şeýle deliller hemişe-de
ýaramly we peýdaly bolýar.
-Robinson, sen bir eliň bilen geýim asylýan tekjeleri çapybam, odun jaýrybam bilýärsiň gerek,
dogrumy?
-Hawa, jenap, meniň pikirimçe şeýle bolsa gerek.
-Zenan maşgalany bogup ony ýere ýykmaga bolsa seniň güýjüň ýetermi?
-Men beýle işi hiç haçan etmändim, jenap.
-Ýöne seniň şeýle hereketi etmäge güýjüň ýeter ahyry?
-Meniň pikirimçe şeýle-de bolsa gerek, jenap.
-Seniň öňden bäri oňa göwnüň gidýärdimi, ýigit?
-Ýok, jenap, meniň hiç haçanam oňa göwnüm gitmeýärdi.
-Onda näme sen diňe sypaýyçylyk üçin oňa odun jaýryp berýärmidiň, goşlaryny daşaýarmydyň, hä,
ýigit?
-Men oňa ýardam bermäge çalyşýardym, jenap.
-Gör-ä sen nähili asylzada ekeniň! Sen mülkde-de işleýärdiň ahyry, üstesine öýüňde-de hemişe
saňa iş tapylman duran däldir-ä, hä?
-Hawa, jenap.
-Onda näme sen öz işleriňi etmän, hanym Ýueliň işlerini edip berýärdiň?
-Men öz işlerimi-de edýärdim, jenap.
-Diýmek gündelik hysyrdylaryň seniň kekirdegiňe çenli ýetýän ekeni. Ýöne näme üçin, nämäniň
hatyrasyna?
-Näme “nämäniň hatyrasyna”, jenap?
-Sen nämäniň hatyrasyna onuň üçin beýle arrygyňy gynaýardyň?
Tom Robinson dessine jogap bermedi.
-Hawa, ine, men ýaňy aýtdym ahyry, göräýmäge oňa kömek edere adama ýokdy,-diýip ol öz-özüne
ynamsyz jogap gaýtardy.
-A jenap Ýuel bilen ýedi sany çaga näme?
-Oňa dogrusy hiç haýsy kömek etmeýärdi ahyry…
-Onsoň senem ýöne şeýle, çakdan aşa rehimliligiň zerarly oňa odun çapyp berýärdiň we beýleki dürli
işlerini edip berýärdiňmi, hä, ýigit?
-Hawa, ine, men oňa kömek etmek isledim ahyry…
Jenap Jilmer ernini gyşardyp ýyrşardy-da, oturdaşlara garady.
-Gör sen nähili rehimdar-a, hä!...Şunça işläpsiň, hemmejesi-de mugtunamy?
-Hawa, jenap. Meniň oňa nebsim agyrýardy, onuň ýekeje özi hemmeleriň deregine jepa çekýärdi…
-Ah, görüň-ä muny, haýpy gelýän eken-ä munuň? Indi senmi oňa dözmezçilik edýän?-diýip jenap
Jilmer tasdanam üçege çenli böküpdi.
Işi kazyýetde seljerilýän ters gepländigine düşünip, aýagyny aýagyna basdy. Ýöne eýýäm
düzederden giçdi. Aşakda oturanlaryň ählisine Tom Robinsonyň jogaby juda ýaramady. Onuň
jogabyny hemmeleriň oňatja ýatlarynda saklamaklary üçin bolsa jenap Jilmer ep-esli wagtlap indiki
soragyny bermedi.
-Şeýlelik-de,-diýip ol ahbetin dil ýardy:-ýigrimi birinji noýabrda sen hemişekiň ýaly Ýuelleriň jaýynyň
deňesinden geçip barýardyň welin, ol seni ýanyna çagyrdy-da, geýim asylýan tekjäni çapyşdyryp
bermegi haýyş etdi?
-Ýok, jenap.
-Sen olaryň jaýynyň deňesinden ötüp barýanyňy inkär edýärsiňmi?
-Ýok, jenap…Ol maňa: “öýde seniň üçin iş bar” diýip aýtdy…
-Ol senden geýim asylýan tekjäni çapyşdyryp bermegi haýyş edendigini aýdýar, şeýlemi?
-Ýok, jenap, beýle däl.
-Diýmek onda, sen ol galat aýdýar diýýärsiň-dä?
Attikus ýerinden galkyjaklap gitdi, ýöne Tom onuň kömegi bolmazdanam bu “duzakdan” özüni alyp
çykdy.
-Men: “ol ýalan sözleýär” diýmeýärin, jenap Jilmer, ol ýöne ýalňyşýar.
Jenap Jilmer ýene-de ondan gowrak sowal berdi, ol Tomuň Meýellanyň aýdyp berenlerini
tassyklamagyny isleýärdi. Ýöne Tom öz diýenini tutdy durdy: “ hanym Meýella ýalňyşýar”.
-Ýöne jenap Ýuel seni öýden kowmadymy, ýigit?
-Ýok, jenap, men beýle pikir etmeýärin.
-Seniň bu “beýle pikir etmeýäriniň” nämäni aňladýar?
-Ol meni kowmaga ýetişmedi, meniň özüm bada-bat çykyp gaçdym.
-Ine şuňa degişlilikd-ä sen örän açyk göwünli aýdyp berýärsiň. Ýöne, dogrusy, sen aslyýetinde näme
üçin beýdip bada-bat gaçyp gitdiň-ä?
-Ine şeýle, jenap, men gorkdum.
-Sen beýle nämeden gorkduň ahyry, eger-de seniň ynsabyň arassa bolsa?
-Men aýtdym ahyry, jenap, garaýagyza jygba-jyg…beýle jygba-jyg ýagdaýa düşmek öte howply diýip.
-Ýöne sen jygba-jyg ýagdaýa düşmediň ahyry, seniň özüň hälden bäri hanym Ýueliň öňünde durup
bilendigiňi ýanjap-ýanjap aýdyp otyrsyň ahbetin. Ýa-da, belki, sen ol, gowuşgynsyzja gyz, seni –
şunuň ýaly göherdi mazalyja ýenjer öýdüp, gorkyňa gaçyp gidensiň, hä?
-Ýok, jenap, men jogapkärçilige çekilmekden gorkdum, ine barybirem çekildim.
-Seni tussag ederler öýdüp gorkduňmy, eden etmişiň üçin jogap bermeli bolar öýdüp gorkduňmy?
-Ýok, jenap, etmedik zadym üçin jogap bermeli bolaryn öýdüp gorkdum.
-Sen, näme, ýigit, maňa gep gaýtaran bolýarsyňmy?
-Ýok, jenap, siziň aýdýanyňyz näme!
Şondan soň men jenap Jilmeriň sowallaryny diňlemedim, Jim maňa Dilli alyp gitmegi tabşyrdy. Dill
näme üçindir aglap başlady-da, hiç bes edip bilmedi, ilkibada ol assajadan sojaýardy, soň bolsa
barha bat alyp aglap ugrady welin, daş-töwerekde hemmeler eşitdiler. Jim bolsa eger-de men Dilli
alyp gitmek islemesem-de özüniň meni barybir mejbur etjekdigini aýtdy, hormatly ata Saýks hem
men gidäýsem kem bolmajakdygyny aýtdy welin, men yrlyp, gitdim. Şol gün Dill göräýmäge sagatdy,
onuň hiç ýeri hem agyrmaýardy, megerem ol özüniň öýlerinden gaçyp başyndan geçiren ýol
hunabalaryndan soň heniz doly özüne gelip ýetişmedik bolara çemeli.
-Sen näme syrkawladyňmy?-diýip men aşak düşenimizden soň soradym.
Biz basgançakdan aşak ylgap düşdük. Dill bolanja erkini bir ýere jemläp özüni dürsemäge
dyrjaşýardy. Basgançagyň öňünde jenap Link Diziň ýeke özi ýalňyz halda otyrdy.
-Nämedir bir zat boldumy, Gözlüje?-diýip ol deňesinden geçip barýarkak sorady.
-Ýok, jenap,-diýip men ötüp barşyma jogap berdim:-Ine diňe Dill näme üçindir helemege dönäýdi.
Men Dille:
-Ýör, baglaryň aşagyna gideli,-diýdim:-Megerem sen yssydan şeýle bolansyň.
Dill:
-Ýok, meniň indi mundan beýläk ony diňlemäge ýagdaýym galmady-diýdi.
-Kimi, Tomumy?
-Ýok-la-how, bu ýürekbulanjy Jilmeri, ol oňa şeýlebir ezýet berýär.
-Bu onuň işi ahyry, Dill. Dagy nätjek. Sebäbi eger-de garalawjylar bolmadyk bolsady, onda megerem
aklawjylar hem bolmazdy ahyry.
Dill sabyrlylyk bilen uludan demini aldy.
-Bilýän, Gözlüje. Ýöne ol şeýlebir yrsaraýar, onuň her bir sözüne şeýlebir aslyşýar welin, meniň
ýüregim bulanyp başlaberdi.
-Ol şeýle-de etmeli, Dill, ol garşylyklaýyn sorag etmegi alyp barýard…
-Ýöne beýlekiler bilen-ä ol özüni beýle alyp barmady…
-Olar aklawjynyň däl-de onuň öz şaýatlarydy ahyry.
-Ýöne barybir jenap Finç Meýellany hem-de garry Ýueli edil beýle sorag etmedi. Ol bolsa Tomy her
gezek diňe “ýigit” diýip ýaňsylap, onuň üstünden gülýär, ol näme diýse-de: “görýärsiňizmi ol nähili
çypdyrýar-a” diýýän ýaly, her gezek oturdaşlara tarap öwrülýär.
-Sen-ä aldyň-ow, Dill, onsoňam ahyrynda-da, Tom bary-ýogy bir garaýagyz ahyry.
-A meniň üçin welin tapawudy ýok. Barybir beýle etmek jyzmak bolýar. Oňa beýle çemeleşmek
dogry däl. Adam bilen asla beýle gepleşmeli däl…Mundan ýaňa meniň aňrym-bärime gelip dur.
-Hawa, jenap Jilmer aslyýetinde şeýle, ol hemmeler bilen şonuň ýaly-da, Dill. Sen entegem onuň
nähili birehim bolýandygyny bilmeýärsiň, bu ýerde bolsa…bilýäňmi, jenap Jilmer, meniň pikirimçe bu
işde beýlebir janyny hem ýakyp barmaýar. Ýok, olaryň hemmesi şeýle, hemme hukukçylar.
-Jenap Finç beýle däl ahyry.
-Ol hasap däl, Dill, ol…-diýip şol bir sapar hanym Modi Etkinsonyň örän jaýdar hem gowy aýdan
sözlerini ýadyma salmaga çytraşdym. Hä, ynha:-Ol hemişe birmeňzeş, köçede bolsun, kazyýetde
bolsun, tapawudy ýok.
Dill:
-Men bu barada däl-le,-diýdi.
Men düşünýän, seniň näme barada aýtmakçy bolýanyňa, körpeje-diýip biziň arkamyzdan kimdir biri
biziň gürrüňimize goşuldy.
Birbada biziň göwnümize bolmasa ýeňsämizdäki dub agajy geplän ýaly boldy, emma bu jenap
Dolfus Reýmond ekeni. Ol agajyň aňyrsyndan kellesini çykardy.
-Sen jögi däl ahyry, seniň diňe bu bolgusyzlyklar sebäpli ýüregiň bulanyp başlapdyr, men dogry
aýdýanmy?
xxxxx
-Hany bärik gel, oglum, mende bir melhem, ondan datsaň seniň derdiň birneme ýeňlese gerek.
Jenap Dolfus Reýmond gowy adam däldi, şonuň üçinem onuň çakylygy juda meniň göwnümden
turmady, ýöne onda-da men Dilliň yzyndan oňa tarap ýöneldim. Näme üçindir meniň göwnüme
bolmasa, eger-de biz jenap Reýmond bilen dostlaşsak Attikus halamajak ýaly bolup göründi,
Aleksandra ejem barada aýtmagam gerek däl.
-Me,-diýdi-de ol Dille depesinden iki sany sypal tokurtgajyk somalyp çykyp duran kagyz dolagy
uzatdy:-Hany bir owurtla bakaly, seniň süňňüň ýeňläp gider.
Dill sypaljykdan sordy-da, ýylgyrdy, soňam ýetişibildiginden sorup başlady.
Jenap Reýmond:
-Hä,-diýdi. Megerem oňa çagany azdyrmak ýaraýan bolara çemeli.
-Sen seresabrak bol, Dill,-diýip men duýdurmaga howlukdym.
Dill sypaljygy sypdyrdy-da, ýyrşardy.
-Bu koka-kola ahyry, Gözlüje.
Jenap Reýmond dik oturdy-da, agaja ýaplandy. Öň ol otuň üstünde ýatyrdy.
-Ýöne serediň, körpejeler, indi meniň syrymy paş edäýmäň, bolýarmy? Ýogsa meniň asylly adym uly
ile wejera bolar.
-Wiý, siz, asyl name bu kagyz dolakdan ýönekeý koka-kolany içip ýörsüňizmi? Iň bir adaty kokakolanymy?
Jenap Reýmond:
-Hut şeýle, hanym,-diýdi. Ondan eýlenen deriniň, atlaryň, pagta çigdiniň örän oňat ysy gelýärdi.
Onuň aýaklarynda gonçlary öte belent ädik bardy, beýle ädigi tutuş Meýkombda başga hiç kim
geýmeýärdi:-Men diňe şuny-da içýärin…adatça.
-Diýmek onda, siz diňe serhoş bolan bolýars…-Men dilimi dişledim:-Ötünç soraýan, jenap. Men
düýbünden gödek bolmak islemänd…
Jenap Reýmond pyňkyrdy, ol jinnek ýaly-da gaty görmändi. Men bolsa has sypaýyrak sözleri
tapmaga synanyşdym:
-Onda näme üçin siz hemme zady bolmalysy ýaly etmeýärsiňiz?
-Näme üçin…a sen näme meniň näme üçin serhoşsyran bolýanymy bilesiň gelýärmi?-diýip ol
sorady:-Käbirlerine meniň ýaşaýşym ýaramaýar. Elbetde, men olaryň ählisine-de: “gümüňize
gidiňsene” diýip bilýärin, ýaramasa ýaraman geçsin, meniň üçin munuň gara şaýy ähmiýeti ýok.
Maňa hakykatdan-da olaryň pikiri bir köpük. Ýöne men olara: “gümüňize gidiň” diýmeýärin,
düşnüklimi?
-Ýok, jenap düşnükli däl,-diýip Dill ikimiz deň diýen ýaly gepledik.
-Düşünýäňizmi, men olara biderek ýere sögünmezlige bahana bermäge çalyşýan. Adamlara eger-de
olaryň bahanasy bolsa gargynmak has ýakymly. Ine şähere gelýärsiň – men bolsa şähere beýlebir
ýygy-ýygydan gelibem durmaýaryn – iki ýaňa çaýkanyp gidip barýansyň, ýok-ýok, käte bir gezegem
arasynda ine şu kagyz dolakdan içen bolarsyň welin, onsoň adamlaryň hyşy-wyşysy-da diýip başlar:
“ýene-de bu Dolfus Reýmond siňege bulaşmak derejesine ýetipdir-ow, ýeri lül-gammar arakhorda öz
bolgusyz edähetlerinden ýüz döndermäge erk nireden bolsun diýsene. Nireden ol özüne erk etsin,
ine şonuň üçinem ol adam ýaly ýaşap bilmän ýör-dä” diýşen bolarlar.
-Bu öte kezzaplyk ahyry, jenap Reýmond, hakykatda öz bolşuňdan beter erbet bolup görünmäge
dyrjaşmak…
-Dogry, kezzaplyk, ýöne men şeýle etsem adamlar üçin amatly. Men saňa bir pynhan syry aýdaýyn,
hanym Finç, men beýlebir gutaran arakhor hem däl, ýöne olar meniň şu ýaşaýşymça ýaşaýanymyň
düýp sebäbiniň maňa şu durmuşymyň ýaraýandygy üçin-de ömürbaky hem düşünmezler.
Megerem, maňa bu günägaby bendäni diňlemek uslyp hem däldir, sebäbi onuň garnuwly, mulat
çagalary bar hem bolsa ol muňa hatda müýnürgemeýär hem, ýöne maňa onuň bolşy şeýlebir
gyzyklydy. Men mundan öň hiç haçan özüne bilgeşleýinden hapa sürtmäge dyzaýan adama sataşyp
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 19
  • Parts
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 01
    Total number of words is 3841
    Total number of unique words is 2102
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 02
    Total number of words is 3827
    Total number of unique words is 2017
    29.3 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 03
    Total number of words is 3859
    Total number of unique words is 2027
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 04
    Total number of words is 3885
    Total number of unique words is 2047
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    47.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 05
    Total number of words is 3841
    Total number of unique words is 2023
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    40.3 of words are in the 5000 most common words
    47.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 06
    Total number of words is 3852
    Total number of unique words is 1981
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    46.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 07
    Total number of words is 3894
    Total number of unique words is 2053
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 08
    Total number of words is 3897
    Total number of unique words is 1975
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    47.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 09
    Total number of words is 3886
    Total number of unique words is 1975
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 10
    Total number of words is 3900
    Total number of unique words is 2012
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    40.7 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 11
    Total number of words is 3804
    Total number of unique words is 2027
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 12
    Total number of words is 3753
    Total number of unique words is 2094
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 13
    Total number of words is 3882
    Total number of unique words is 2070
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 14
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 2044
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    41.1 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 15
    Total number of words is 3779
    Total number of unique words is 2031
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    48.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 16
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 1993
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 17
    Total number of words is 3898
    Total number of unique words is 1817
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 18
    Total number of words is 3989
    Total number of unique words is 1828
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    49.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 19
    Total number of words is 3863
    Total number of unique words is 1979
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 20
    Total number of words is 3899
    Total number of unique words is 1979
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 21
    Total number of words is 3880
    Total number of unique words is 1973
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 22
    Total number of words is 3843
    Total number of unique words is 2030
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 23
    Total number of words is 3886
    Total number of unique words is 1981
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 24
    Total number of words is 3825
    Total number of unique words is 2038
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 25
    Total number of words is 3946
    Total number of unique words is 1886
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 26
    Total number of words is 3697
    Total number of unique words is 1784
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.