Latin

Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 06

Total number of words is 3852
Total number of unique words is 1981
29.2 of words are in the 2000 most common words
41.0 of words are in the 5000 most common words
46.9 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Jim olary haýdan-haý eline aldy.
-Sen näme, aklyňdan azaşdyňmy?-diýip ol maňa käýindi-de, gurjajyklaryň sary tozanyny süpürmäge
durdy:-Seret, olar nähili eýjejik. Men bular ýalysyny hiç haçan görmändim.
Ol maňa şekiljikleri uzatdy. Olar iki sany çagajyga meňzeşjediler. Oglanjyk-kelte jalbarçaly, bir
çogdum alyn saçlary gaşlaryna çenli dökülip dur. Men gabak astyndan Jimi synladym. Bir çogmak
sarymtyl saç onuň maňlaýynyň üstüne sallanyp durdy. Öň men doganymyň keşbiniň bu
aýratynlygyna düýbünden üns bermeýärdim.
Jim gurjajyk-gyzjagazdan nazaryny aýyrdy-da, maňa garady. Gurjajygyň maňlaý saçy sallanyp durdy.
Meniňkem şeýle.
Jim:
-Bu biz-diýdi.
-Seniň pikiriňçe, olary kim ýasadyka?
-Biziň tanyşlarymyzdan kim şekiljik ýasap bilýär?
-Jenap Eýweri.
-Ol düýbünden başgaça edýär. Men: „kim şekiljikleri şeýle oňat edip ýasap bilýär?“ diýýärin.
Jenap Eýweri her hepdede bir äpet kesindini ýom-ýok edýärdi, ol mähnet kesindiden diş
arassalanýan çöp ýonýardy-da, soňam şony çeýnäp gezip ýörýärdi.
-Ýene-de hanym Stiweni Kroufordyň „ýaş ýigidi“ bar-diýip men salgy berdim.
-Dogry, olar oňarýar, ýöne ol şäheriň daşynda ýaşaýar ahyry. Onuň bizi synlap ýörmäge wagty hem
ýok.
-A belki-de ol eýwanda oturan ýerinden hanym Stiwenä seretmän, biziň ikimize seredýän
bolaýmasyn. Onuň ýerine özüm bolan bolsam-a men hanym Stiwenä düýbünden seretmezdim.
Jim gözüni gyrpman maňa dikildi, onuň bolşy birsalymdan soň meniň ýüregime düşdi we men ondan
näme bolýandygyny soradym, ol diňe „Hiç zat, Gözlüje“ diýdi. Öýmüzde ol gurjajyklary özüniň
sandyjagynda gizledi.
Şondan soň iki hepde geçip-geçmänkä biz köwekden tutuş bir guty sakgyç tapdyk-da, sapy
çykýança ondan lezzet alyp başladyk. Jim bolsa näme üçindir Redlileriň ähli zadynyň zäherlidigini
unudan ýalydy.
Ýene-de bir hepdeden soň köwekden öwüşgini solan nyşan çykdy. Jim ony Attikusa eltip berdi welin,
Attikus bu nyşanyň sowatlylyk üçin berlen hormatly nyşandygyny, biz dünýä inmezimizden öň
Meýkomb okrugynda kimiň hemmelerden gowy ýazýandygyny kesgitlemek üçin bäsleşikleriň
geçirilip, ýeňijilere şeýle nyşan berlendigini aýtdy. Ýene-de Attikus: „megerem ony goňşularymyzyň
biri ýitirendir“ diýip, biziň bu barada goňşularymyza ýüz tutandygymyzy sorady. Men ýaňybir ony
nireden tapandygymyzy düşündirmekçi bolupdym welin, Jim meni depip goýberdi. Soňra bolsa
Attikusdan: „şeýle nyşanlary kimleriň alandygy ýadyňa düşmeýärmi?“ diýip sorady. Attikusyň ýadyna
düşmeýän ekeni.
Ýene-de dört günden soň tapylan tapyndy bolsa hemmesinden gowusy bolup çykdy, zynjyryna
alýumin çakgyjyk berkidilgi zynjyrlyja jübi sagady. Ol abat däl ekeni.
-Jim, seniň pikiriňçe, bu ak altynmyka?
-Bilemok. Attikusa görkezeli.
Attikus: „Eger-de sagat täze bolan bolsady, onda zynjyry hem çakgyjygy bilen, megerem on dollar
dagy bahasy bolardy“ diýdi. Soňam:
-Sen kimdir biri bilen mekdepde alyş-çalyş etdiňmi?-diýip sorady.
-Ýok, ýok, jenap!-diýip Jim kisesinden atamyň sagadyny çykardy. Attikus ol sagady Jime hepdede
bir gezek götermäge, ýöne örän seresaplyja götermäge berýärdi, onsoň Jim şol gün sagat däl-de özi
aýnadan ýasalan ýaly bolup gezýärdi:-Attikus, eger-de sen garşy bolmasaň, gowusy men şu sagady
alaýaýyn-la. Belki men ony bejererin.
Haçan-da Jim atamyň sagadyna öwrenişenden soňra, ol sagadyň üstünde uzakly gün titräp ýörmek
onuň ýüregine düşüpdi, onsoňam indi her pursatda sagadyň näçe bolandygyny görmek üçin olary
salyp-çykaryp durmagyň hajaty ýokdy. Hemme görmeli adamlar onda jübi sagadyň bardygy
görüpdiler we oňa geň galmaklaryny hem-de bahylçylyk etmeklerini bes edipdiler.
Ol örän çakganlyk bilen tapan sagadyny sökdi we düzdi, diňe ýekeje ýaýjyk hem-de iki sanyjak
kinniwanja tekerjik yzyna sygmady, emma barybir sagat işlemedi.
-Owf!-diýip ol uludan demini aldy:-Hiç paşmaýar. Diňle, Gözlüje...
-Hä?
-Belki, bu zatlary goýýan adama hat ýazmak gerekdir?
-Ine, munyň bolýar, Jim, biz oňa taňryýalkasyn aýdarys... aý oglan, saňa näme bolýar-a?
Jim elleri bilen gulaklaryny ýapdy-da, başyny ýaýkaşdyrdy.
-Düşünemok, hiç zada düşünemok... Özümem düşünemok, Gözlüje...-diýip Jim myhman otagymyza
tarap gözüniň gyýtagy bilen ümledi:-Belki, Attikusa aýtmalydyr...Ýok, ýok, gerek däl.
-Gel, men aýdaýyn.
-Ýok, gerek däl. Diňle, Gözlüje...
-Ýeri näme?
Tutuş gije onuň maňa nämedir bir zatlary aýdasy gelip dili gijäp durdy, ol birden-ä gözlerini
ýaldyradyp maňa tarap öwrülýärdi, birdenem pikirini üýtgedýärdi. Bu gezegem pikirini üýtgetdi:
-Äý ýok-la, hiç zat-la.
-Gel, gowusy hat ýazaly-diýip men kagyz bilen galamy onuň burnunyň astyna dykdym.
-Ýeri bolýar, „Gadyrly jenap...“
-A sen onuň erkek kişidigini nireden bilýärsiň? Jedel edeli, bu hanym Modidir... Men munuň
şoldugyny öňdenem bilýärdim.
-Äý goýsan-aý! Hanym Modi sakgyç çeýnemeýär!-diýip Jim ýyrşaryldy:-Wah, ýöne dogry, ol
kähalatlar şeýlebir gepleýär welin, edil ýöne hoşuňa gelýär. Bir sapar men oňa sakgyç hödür etdim,
ol bolsa maňa: „Ýok, sag bol, sakgyç bogazyňa ýelmeşýär, onsoň dil-siz-a-gyz-syz bolup
galaýýarsyň! Muňa sered-ä, bu söz nähili owadan eşidilýär-ä, dil-siz-a-gyz-syz!
-Hawa-la, ol kämahallar şeýlebir owadan gürleýär. Ýöne senem dogry aýdýarsyň, sagady we
zynjyrjygy ol nireden alsyn.
„Gadyrly, jenap“ diýip Jim hekaýa ýazan ýaly düzüp başlady: „Biz size biziň üçin köwege goýan ähli
zatlaryňyz üçin örän minnetdardyrys. Sizi çäksiz hormatlamak bilen Jeremi Attikus Finç“.
-Eger-de sen şeýle diýip gol çekseň, ol muny seniň ýazandygyňy bilmez.
Jim özüniň doly adyny bozdy-da, diňe „Jim Finç“ diýip gol çekdi. Onuň adynyň aşagyndan bolsa men
öz golumy çekdim: Jin Luiza Finç (Gözlüje). Jim haty bukja saldy.
Ertesi gün irden biz mekdebe barýarkak, ol menden ylgap öňe geçdi-de, biziň bagymyzyň aşagynda
saklandy. Ol maňa tarap ýüzüni öwrüp durşuna köwege seredýärdi. Men onuň duw-ak bolup
agarandygyny gördüm.
-Gözlüje!!
Men ylgap bardym.
Kimdir biri biziň köwegimizi sement bilen ýapypdyr.
-Aglamasana, Gözlüje, ýeri bolýar-la, beýtmesene...ýeri aglamasana, gerek däl-le, eşidýäňmi...-diýip
ol tä mekdebe barýançak gaýtalady bardy.
Haçan-da biz öýmüze ertirlik edinmäge gelenimizde Jim yzyndan ýagy kowalaýan dek çaltlyk bilen
öňündäki ähli zady şapyr-şupur etdi-de, eýwana ylgap çykyp, basgançagyň ýokarkysynda sägindi.
Men onuň yzyndan çykdym.
Ol:
-Heniz gelmedi-diýdi.
Ertesi gün Jim ýene-de garawullap başlady. Bu gezek onuň zähmeti köýmedi.
Ol:
-Salawmaleýkim, jenap Natan!-diýdi.
-Salam, Jim hem-de Jin Luiza-diýip jenap Redli ädimini haýallatman jogap gaýtardy.
-Jenap Redli...-diýip Jim oňa ýüzlendi.
Jenap Redli yzyna gaňryldy.
-Jenap Redli,...siz...hol agaçdaky köwegi siz sement bilen ýapdyňyzmy?
-Hawa. Men oňa dyky dykdym.
-A näme üçin, jenap?
-Agaç gurap barýar. Haçan-da agaçlar kesellese olary sement bilen bejerýärler. Muny saňa bilmek
gerek, Jim.
Şondan soň Jim uzakly gün bu barada geplemedi. Haçan-da biz öz bagymyzyň deňesinden ötüp
barýarkak ol çuň oýa batyp semente aýasy bilen kakyşdyrdy, soňam nämedir bir zat barada
tükeniksiz oýlanmagyny dowam etdi. Onuň keýpiniň pursatsaýyn erbetleşýändigi göz-görteledi,
şonuň üçinem men ondan daşrakda gezýärdim.
Agşamara biz hemişekimiz ýaly işden gelýän Attikusy garşy almaga çykdyk. Eýwanymyza
golaýlanymyzda Jim:
-Attikus, şol agaja seretsene-diýdi.
-Haýsyna?
-Redlileriň mellegindäki, hol, mekdebe golaý duranyna.
-Görýärin, ýeri näme?
-Ol gurap barýarmy?
-Ýok, näme üçin? Seret, ýapraklary ýaşyl, gür, hiç ýerde saralyp-solmandyr...
-Bu agaç keselli hem dälmi?
-Ol edil seniň ýaly sagat, Jim. Ýöne sen muny näme üçin soraýarsyň?
-Jenap Redli, şol agaç gurap barýar diýip aýtdy.
-Belki, şeýle bolmagy-da ahmal. Megerem jenap Redli öz agaçlarynyň ýagdaýyny biziň ikimizden
gowy bilýän bolsa gerek.
Attikus öýe girip gitdi, biz bolsa eýwanda galdyk. Jim sütüne söýendi-de, oňa egni bilen süýkenip
başlady.
-Jim, seniň arkaň gijeýärmi?-diýip men başardygymdan sypaýyçylyk bilen soradym. Ol jogap
bermedi welin, men ýene-de üstüne goşdum:-Ýör, öýe gireli?
-Soň bararyn.
Ol tä mazaly garaňky gatlyşýança eýwanda durdy, menem oňa garaşdym. Haçan-da biz öýmüze
girenimizde men onuň ýaňy-ýakynda aglandygyny gördüm, onuň ýüzünde, bolmaly ýerinde joýa-joýa
gözýaş yzlary bardy, ýöne men daşarda durkak näme üçindir onuň aglaýandygyny eşitmändirin.
xxxxx
Meýkomb okrugynyň iň öňden görüji welilerine-de düşnüksiz bolan sebäplere görä, şol ýyl güýzden
soň duýdansyz gyş geldi. Iki hepdeläp şeýlebir sowuk boldy welin, Attikusyň aýtmagyna görä beýle
aýaz 1885-nji ýyldan bäri bolmanmyş. Jenap Eýweri: „Rozett daşynda ýazylgy: haçan-da çagalar
ene-atalaryna gulak asmasalar, çilim çekseler we uruşsalar, howa zaýalanýarmyş“ diýdi. Hamana
Jim ikimiziň boýnumyzdan agyr ýazyk asylgymyş, biz tebigatyň aklyny çaşyranmyşyk we seýle
etmek bilenem ähli goňşularymyzyň başyna musallat inderip, öz-özümize-de zelel ýetirenmişik.
Şol gyş garry hanym Redli amanadyny tabşyrdy, ýöne onuň ölümi birhili hiç kime bildirmän geçip
gitdi, sebäbi meniň göwnüme bolmasa goňşularymyz hanym Redlini diňe ol öz güllerini suwlaýan
mahaly görýän bolmaklary ähtimal. Biz Jim bilen öz ýanymyzdan Betnyşanyň ahyrsoňy onuň
ahmalyna garap alandyr diýip çakladyk, ýöne Redlilere baryp gelen Attikus biziň çensiz-çaksyz
lapykeçligimize: „ýok, ol tebigy ölüm bilen amanadyny tabşyrypdyr“ diýdi.
-Ondan sora!-diýip Jim maňa pyşyrdady.
-Seniň ýaşyň uly, özüň soraber.
-Şonuň üçinem sen sora-da.
Men:
-Attikus-diýdim:-sen jenap Artury gördüňmi?
Attikus gazetiň ýokarysyndan maňa agras äňetdi:
-Ýok, görmedim.
Jim maňa mundan beýläk soraşdyrmaga mümkinçilik bermedi. Ol: „Attikus entegem Betnyşanlara
eden ýörişimizi ýadyndan çykarmady, şonuň üçinem, gel gowusy bu barada birsellem dymaly“ diýdi.
Ýene-de Jimiň göwnüne bolmasa Attikus şol tomusky gijede ähli zadyň diňe eşik çykaryşmak şertli
humar oýny bilen bagly bolmandygyny güman edýän ýaly bolup görünýärdi. Jim özünde beýle pikir
etmäge hiç hili esasyň ýokdugyny, ýöne özüniň muny durky-düýrmegi bilen duýýandygyny-da aýtdy.
Irden men oýandym-da penjireden garadym welin, tasdanam gorkudan ýaňa janym çykýardy. Men
şeýlebir çirkin çygyrdym welin, hammamdan Attikus ýaňaklaryna sabyn çalyngylygyna ylgap geldi.
-Ahyrzaman! Attikus, biz indi näme ederis?
Men ony penjirä garşy süýredim.
Attikus:
-Bu ahyrzaman däl-diýdi:-Bu wagt gar ýagýar.
Jim bu uzak şeýle bolarmy diýip sorady. Ol hem hiç wagt gar görmändir ekeni, ýöne onuň nähili
bolýandygyny welin bilýän ekeni. Attikus özüniň gar barada Jimden köp bilmeýändigini aýtdy.
-Ýöne, eger-de ol şu wagtkysy ýaly çygly, öljümek bolsa ýagşa öwrülermikä diýip pikir edýärin.
Biz ertirlik edinip otyrkak jaň geldi welin, Attikus saçak başyndan turdy. Soňra yzyna dolanyp gelip:
-Ýula Meý jaň etdi. Sözme-söz aýdýaryn: „Meýkomb okrugynda bir müň sekiz ýüz segsen bäşinji
ýyldan bäri gar ýagmandygy zerarly, mekdepde bu gün sapak ýok“.
Ýula Meý biziň şäherimiziň baş aragatnaşykçysydy. Ol hemişe dürli wajyp habarlary, toýa
çakylyklary, ýangynlary yglan edýärdi we lukman Reýnoldsyň ýok wagty ilkinji lukmançylyk kömegini
nädip bermelidigini maslahat berýärdi.
Haçan-da Attikus ahbetin bize rahatlanmagy we penjirä däl-de öňümizdäki tabaklarymyza seretmegi
buýranda, Jim oňa sowal berdi:
-Gar adamsyny nädip ýasamaly?
Attikus:
-Jinnek ýaly-da düşünjäm ýok-diýdi:-Men dogrusy sizi gynandyrmaga dözemogam welin, ýöne men
gar belli-külli gar tokgasyna-da ýeterlik bolmaz öýdüp gorkýaryn.
Şol wagt Kelpurniýa gelip girdi we göräýmäge eremeýän ýaly diýip habar berdi. Biz ylgaşyp howla
çykdyk. Ol öljümek garyň ýeňiljek gatlagy bilen örtülendi.
Jim:
-Onuň üstünden ýoremek gerek däl-diýdi:-beýtseň ol bihuda ýitip gidýär.
Men ýeňsäme gaňryldym. Biziň geçen ýerimizde gar eräp aýak yzlary galýardy. Jim garaşmagyň
gerekdigini, gar has köpräk gaçandan soň bolsa biziň onuň hemmesini bir ýere toplap, gar
adamsyny ýasajakdygymyzy aýtdy. Men dilimi mymyjak tozgalara garşy uzatdym. Olar agzyňy
ýakyp gelýärdiler.
-Jim, gar gyzgyn!
-Ýok, ol ýöne şeýlebir sowuk welin, hatda ýakyp barýar. Ony iýme, Gözlüje, biderek ýere sarp etme.
Goý, ýere gaçybersin.
-Meniň bolsa onuň üstünden gezmeläsim gelýär.
-Hä, tapdym! Ýör, hanym Modiniň howlusynda gezmeläp geleli.
Şeýle diýdi-de Jim howlymyzyň içinden bökjekläp gitdi. Menem onuň galdyran aýak yzlaryna
basmaga dyrjaşyp, yzyndan eňdim. Hanym Modiniň jaýynyň gabat-garşysynda, pyýada ýodasynda
biziň ýanymyza jenap Eýweri geldi. Onuň ýüzi bägül reňkdi, guşagynyň astyndan bolsa alaň ýaly
güberilen garny öňe çykyp durdy.
Ol:
-Ine, görýärsiňizmi, siz näme etdiňiz?-diýdi:-Meýkombda atam döwründen bäri gar ýagmandy. Howa
bulaşýar, bu zatlaryň ählisi-de garagol çagalar sebäpli bolýar.
Men pikir etdim: „Belki, jenap Eýweri, biziň öten tomus, özüniň tomaşasyny gaýtalamagyna nähili
garaşandygymyzy aňandyr?“ Onda näme, eger-de gar bize temmi bermek üçin ýagýan bolsa, onda
gowusy garagolluklary köpräk etmek gerek öýdýän. Jenap Eýweriniň özüniň meteorologiýa
maglumatlaryny nireden alýandygy barada bolsa men asla kellämi agyrtmaýardym, elbetde
gönüden-göni Rozett daşyndan alýan bolsa gerek.
-Jim Finç, a-ýuw Jim Finç!
-Jim, seni hanym Modi çagyrýar.
-Ikiňiz hem howlynyň ortasyndan ýöräweriň-uw! Meniň eýwanyň öňündäki gülleri gar basypdyr,
hüşgär boluň, olary basgylaýmaň!
-Depelemeris!-diýip Jim jogap berdi:-Bu owadan ahyry, hanym Modi, şeýlemi?
-Gümüne gitsin-le, bu owadanlyk! Eger-de agşam aýaz gelse, meniň güllerimiň işi gaýdar!
Hanym Modiniň gyralary giň, köne sypal başgabynyň erňeginde gar tozgajyklary ýyldyraşýardylar. Ol
haýsydyr bir gülüniň düýbüniň üstüne eglip, onuň daşyna boş halta çolaýardy. Jim muny näme üçin
edýändigini sorady.
-Olaryň üşemezligi üçin!-diýip hanym Modi jogap berdi.
-Güller nädip üşesin? Olaryň gan aýlanyşy ýok ahyry?
-Men muny saňa düşündirib-ä bilemok, Jim Finç. Ýöne men bir zady bilýärin, eger-de agşam aýaz
bolsa, güller doňar, şonuň üçinem men olaryň daşyny dolaýaryn. Düşnüklimi?
-Hawa, hanym. Hanym Modi...
-Hawa, jenap?
-Mümkinmi, biz Gözlüje bilen sizden gar karzyna alsak bolmazmyka?
-Eý Hudaý-eý, baryny alyňsana! Hanha, eýwanyň aşagynda erikden boşan köne sebet bar, şony
dolduryň-da, daşaberiň-diýip hanym Modi gözüni süzdi:-Jim Finç, ýogsa-da sen meniň garymy näme
etmekçi bolýarsyň?
-Ine görersiňiz!-diýip Jim jogap berdi. Onsoň biz iki bolup hanym Modiniň howlusyndan öz
howlumyza daşap bilen garymyzy daşadyk. Bu örän öl hem palçykly iş boldy.
-Indi näme, Jim?-diýip men soradym.
-Ine görersiň!-diýip ol jogap berdi:-Sebedi al-da, öýümiziň arkasyndaky howludan bärik ýygnap bilen
garyňy çek. Özüňem seret, biderek ýere gary basgylamagyn-da, diňe öňki basan ýeriňe basyp
gezgin.
-Biziň kiçijik gar adamjygymyz bolarmy?
-Ýok, hakyky, uly gar adamsy. Hany, bol başla, işimiz kän entek.
Jim arka ýüzdäki howla ylgap gitdi-de, dyrmygy alyp gelip, örülgi odunlaryň aňyrsyndaky ýeri çaltçaltdan gazyp, bir ýere üýşürip ugrady, arasyndan ýagyş gurçuklaryny çöpleşdirip bir gapdala zyňdy.
Soňra öýe ylgap gitdi-de, ýuwulmaly eşikler goýulýan uly sebedi getirip, ony toprakdan püre-pür edip,
öýümiziň öňündäki bagjagaza süýräp ugrady.
Haçan-da biz ol ýere bäş sebet toprak bilen iki sebet gar eltenimizden soň Jim indi başlasagam bolar
diýdi.
Men:
-Bu-la hapa-palçyk bolýar-diýdim.
-Bu häzir hapa-palçyk, soň bolsa gowy bolar-diýip Jim jogap berdi.
Ol toprakdan tokgalap uly logala ýasap ugrady, onuň üstünde bolsa ikinjisini ýasady, soňa palçyk
ýelmäp ulaldyberdi-ulaldyberdi welin, gar adamsynyň göwresi taýyn bolaýdy.
-Jim, gara reňkli gar adamlary bolýarmyka bir?-diýip men sowal berdim.
-Soň ol gara reňkli bolmaz-diýip Jim hüňürdedi.
Ol gitdi-de jaýymyzyň arka tarapyndan erik çybyklaryny alyp geldi, olaryň birnäçesini çilşirip ördi-de,
egreltdi welin, gar adamsynyň süňkleri emele geldi, indi diňe olary toýun bilen suwaýmak galdy.
Men:
-Bu hanym Stiweni Krouford-diýdim:-Öz-ä semiz, elleri bolsa inçejik.
-Häzir galyňrak ederin-diýip Jim palçykdan adamyň üstünden suw guýup ýene-de oňa palçyk
ýelmeşdirdi. Eden işini synlap durşuna, biraz oýlandy-da, bilinden aşakda öňe çykyp duran garyn
ýasady. Soňra maňa tarap garanda, onuň gözleri lowurdap durdy:-Jenap Eýweri, gar adamsyna
çalymdaş ahbetin?
Soňra ol bir gysym gar aldy-da, palçyk adamsynyň daşyna ýelmeşdirip başlady. Maňa ol diňe palçyk
adamsynyň arka tarapyna gar ýelmemäge rugsat berdi, öňündäki görünýän tarapyny bolsa
tutuşlygyna onuň özi owadanlady.
Jim gar adamsynyň gözleriniň, burnunyň, agzynyň ýerine çöp dykyşdyrdy, oňa ilik ýelmedi welin,
jenap Eýweriniň ýüz-keşbi örän hyrsyzlandy. Şekiliň has doly bolamgy üçin onuň eline odun bölegini
berdik. Jim bir ädim yza tesdi-de öz döredijiliginiň miwesini birlaý gözden geçirdi.
Men:
-Edil diri ýaly!-diýdim:-Bu nähili ajaýyp boldy, Jim!
-Dogrudanam erbet dälmi?-diýip Jim uýaljaň ýylgyrdy.
Biz Attikusyň günorta naharyna irikgä bolup garaşyp başladyk, hatda kazyýete jaň edip, onuň üçin
sowgat taýynlandygymyzy hem aýtdyk. Ol işden geldi. Megerem, biziň jaýyň arka ýüzündäki ähli
gumy öýümiziň öňüne daşandygymyza geň galan bolara çemeli, ýöne biziň örän gowy işländigimizi
aýtdy.
Ol:
-Men seniň gar adamsyny nämeden ýasajakdygyňy, dogrusy, göz öňüne-de getirip bilmeýärdimdiýdi:-ýöne, indiden beýläk men, ogul, seniň üçin alada galman hem bilerin, sen hemişe näme-de
bolsa bir zatlar oýlap taparsyň.
Bu öwgüden ýaňa Jimiň gulaklaryna çenli gyzaryp gitdi, ýöne welin, Attikus bir ädim yza tesdi-de,
ünsüni bir ýere jemledi. Ol çyny bilen gar adamsyny synlady. Soň şadyýan ýylgyrdy, soň gülüp
başlady.
-Senden, ogul, näme çykjagyny-ha bilemok, inženermi, aklawjymy ýa-da suratçy, ýöne häzir welin,
meniň pikirimçe, seni jemagat masgaralamasy üçin jogapkärçilige çekmek welin, bolarmyka diýýärin.
Göwnüme bolmasa, bu gardaşyň daş keşbiniň käbir täsirli alamatlaryny ýaşyrmak gerek ýaly bolup
dur.
Şeýle diýdi-de Attikus gar adamsynyň pökgüje garnyny biraz kiçeltmegi hem-de onuň eline odun
bölegine derek sübse bermegi we öňüne öňlük dakmagy teklip etdi.
Jim eger-de şeýle edilse onda ýene-de gar adamsy däl-de palçyk adamsy boljakdygyny düşündirdi.
Attikus:
-Onda başgaça et-dä, ýöne muny şu ýagdaýda-ha goýup bolmaz-diýdi:-Sende goňşularymyzyň
gülkünç şekillerini ýasamaga hukuk ýok ahyry.
Jim:
-Bu gülkünç şekil däl-diýdi:-Jenap Eýweri hakykatdanam şeýle ahyry.
-Jenap Eýweriniň seniň bilen ylalaşmazlygy mümkin.
Jim:
-Tapdym!-diýdi.
Ol ylgap köçäni kesip geçdi-de, hanym Modiniň jaýynyň ýeňsesine aýlandy. Göz açyp-ýumasy salym
geçip-geçmänkä-de öz-özünden razy hem buýsançly halda dolanyp gelip, hanym Modiniň giň
meýdanly sypal başgabyny gar adamsyna geýdirdi, eplengi eline bolsa bagbançylyk gaýçysyny
gysdyrdy. Attikus: „Ine munyň ajaýyp“ diýdi.
Hanym Modi öz öýünden çykdy-da, eýwanynda durdy. Köçäniň üstaşyr siňe-siňe seretdi. Birdenem
ýylgyrdy.
-Wah, sen, Jim Finç, wah sen garagolja melgunjyk!-diýip ol gygyrdy:-Meniň başgabymy bärik getirip
beriň, jenap!
Jim Attikusa tarap garady. Attikus başyny ýaýkady-da:
-Ol muny çyndan aýtmaýar-diýdi:-Ol ýöne seniň zehiniňe...ýeri, nähili aýtsamkam...aňk bolup galdy.
Attikus köçeden geçdi welin, hanym Modi ikisi nämedir bir zat barada ellerini galgadyşyp şüweleňli
gürrüňe başladylar. Men diňe olaryň:
-...howluda tüýs hakyky mofroditi goýmak! Sen olara ýagşy-da bir terbiýe berýän ekeniň, Attikus!
Gündiz gar ýagmasyny bes etdi, agşamara sowuk düşdi, gije bolsa jenap Eýweriniň iň erbet
welilikleri durmuşa geçip başlady. Kelpurniýa arasyna maý salman öýdäki ähli peçlere odun salýardy,
emma biz barybir üşeýärdik. Giç agşam Attikus biziň işlerimiz-ä erbet öýdýän diýdi we
Kelpurniýadan onuň bu gije belki bizde galmagy gowy bolar diýip sorady. Kelpurniýa bolsa äpet
penjireleri, belent üçegi gözden geçirdi-de, megerem öz öýünde muňa garanyňda has ýylyrakdygyny
aýtdy. Attikus ony öz ulagynda öýüne äkitdi.
Uklamazymdan öň Attikus meniň otagymdaky peje kömür salyşdyrdy. Ol megerem bu mahal on bäş
gradus sowuk dagy bar öýdýän, tutuş ömrüme beýle sowugy görmändim, gar adamsy bolsa tutuş
doňup galypdyr diýdi.
Meniň göwnüme bolmasa sähelçe wagt geçen ýalydy welin, birdenkä kimdir biriniň meniň egnimden
silkeleýändigini gördüm. Men oýandym-da, ýorganymyň gyrajygyndan jyklanymda Attikusyň
paltosyny gördüm.
-Eýýäm gün dogdumy näme?
-Hany körpejäm, tursana.
Attikus maňa özümiň hammam haladymy hem-de paltosyny uzatdy.
Ol:
-Ilki halady geý-diýdi.
Attikusyň ýanynda Jim durdy, onuň üsti-başy sallam-sajakdy we özi-de ukudan açylyp bilmän ikiýana çaýkanýardy. Ol bir eli bilen ýakasyny saklaýardy, beýleki eli bolsa jübüsine salyngydy. Ol
näme üçindir, nähilidir birhili çişikdi.
Attikus:
-Bahymrak, bol körpeje,-diýdi:-Ine seniň jorabyň we köwşüň.
Men hiç zada düşünmedim, ýöne köwşümi aýagyma sokdum.
-Eýýäm irdenmi?
-Ýok, ýaňy bir sagat iki boldy. Hany, çaltrak bolsana.
Ahyry meniň aňyma ýetdi, nämedir bir zatlar gopupdyr.
-A näme boldy?
Ýöne eýýäm maňa düşündirmek gerek däldi. Edil guşlaryň ýagyşdan gizlenmek pursadynyň gelip
ýetendigini duýuşlary ýaly menem öz köçämize haýsydyr bir betbagtlygyň gelendigini syzdym. Men
nähilidir birhili ýüpeksöw şygyrdyny, şatyrdyny, tutuksy başagaýlygy eşitdim. Meniň göwnüme wehim
aralaşdy.
-Bu kimlerden gelýär-ä?
Attikus:
-Hanym Modilerden, körpeje!-diýdi.
Eýwandan biz hanym Modiniň aşhanasynyň penjirelerinden çabrap ýalyn çykýandygyny gördük. Edil
şol wagtam biziň öz gözlerimiziň görýänine bahymrak ynanmagymyzy isleýän ýaly şäheriň
depesinde ýangyn söndürijileriň ýaňy barha inçelip, çirkinleşip ýaňlanyp gitdi, özi-de wagty bilen bes
etmedi.
-Hemme zat ýanarmy?-diýip Jim naýynjar sorady.
Attikus:
-Megerem-diýdi:-Indi bolsa şeýle. Ikiňiz hem Redlileriň jaýynyň ýanyna baryň-da şol ýerden
butnamaň. Özüňizem aýak astyna çolaşyp ýörmäň, eşidýäňizmi? Görýäňizmi, ýel haýsy tarapdan
öwüsýär?
Jim:
-O-ho-how!-diýdi:-Attikus, belki eýýäm goş-golamlary çykarmagyň wagty gelendir?
-Entek ir. Meniň tabşyranymy ediň. Hany, boluň, ylgaň! Jim, uýaňa göz-gulak bol, eşidýärmiň? Ony
özüňden ýeke ädimem goýberäýmegin!
Şeýle diýdi-de Attikus bizi Redlileriň derwezesine tarap itdi. Biz bolsa duran ýerimizden aňalyp
durduk, biziň köçämiz barha köpelýän adamlardan hem ulaglardan ýaňa daralýardy, ot bolsa sessizüýnsüz hötjetlik bilen hanym Modiniň öýüni ýalmap-ýuwudýardy.
-Ýeri olar näme üçin beýdip uzak güýmeň-süýmeň edip ýörkäler, näme üçin güýmeň-süýmeň
edýärkäler...-diýip Jim hümürdeýärdi.
Emma Jim beýle diýse-de biz olaryň näme üçin haýal-ýagallyga ýol berýändiklerine düşünýärdik.
Ýangyn söndürijileriň köne ulagy sowukda otlanmaýardy, şonuň üçinem adamlar hümer bolup ony
ellerini diräp, köçäniň ugry bilen itekläp gelýärdiler. Haçan-da şlangany suw nokadyna
birikdirenlerinde ol suwuň basyşyna çydaman ýyrtyldy-da, batly suw çüwdürimi ýokaryk atylyp gidip,
köçäni öl-myžžyk etdi.
-Waý, Jim!
Jim meniň egnimden gujaklady.
-Ýuwaş, Gözlüje. Tolgunmaga howlukma. Haçan tolgunyp başlamalydygyny saňa özüm aýdaryn.
Meýkombyň ýaşaýjylary, belli bir derejede geýimli hem ýarym-ýalaňaç ýagdaýda hanym Modiniň
goş-golamlaryny köçä daşaýardylar. Attikus dubdan ýasalan agyr sallançak-kürsüni süýräp gelýärdi,
men şol bada kakam nähili akylly diýip pikir etdim, sebäbi ol hanym Modiniň ähli zatdan beter gowy
görýän zadyny ýalnyň ýalmawuz deminden halas etmek bilen meşguldy.
Käte-käte niredendir bir ýerde gykylyk gelýärdi. Soňra üçegiň aşagyndaky otagjygyň penjiresinde
jenpa Eýweri peýda boldy. Ol penjireden ýassygy zyňyp goýberdi-de, soňam, tä hemmeler aşakdan
gygyryşýançalar ýassygyň üstüne dürli goş-golamlary oklaşdyryp ugrady.
-Aşak düşüň, Dik! Basgançak ýanýar! Ol ýerden gidiň, jenap Eýweri!
Jenap Eýweri penjireden çykyp başlady.
-Sygmaýar...-diýip Jim demini daşyna üfledi:-Wah, Gözlüje...
Jenap Eýweri öňe-de, yza-da süýşüp bilmeýärdi. Men Jimiň goltugynyň aşagyna kellämi sokdum-da
gözleri mäkäm ýumdum. Soň Jim gygyrdy:
-Ol çykdy, Gözlüje! Ol diri!
Men kellämi galdyrdym. Jenap Eýweri eýýäm ikinji gatyň eýwançasyna geçen ekeni. Ol eýwançanyň
germewinden aýagyny aşyrdy-da, direlgi duran pürsüň üsti bilen aşaklygyna syrylyp gaýtdy, ýöne
pürsüň üstünde saklanyp bilmän ala-gykylyk edip, hanym Modiniň gülleriniň arasyna gaçdy.
Şol pille-de men adamlaryň hanym Modiniň jaýyndan biziň jaýymyza tarap götin-götin
süýşýändiklerini aňşyrdym. Eýýäm hiç kim ýalnyň içinden goş-golamlary çekip çykarmaýardy. Ýalyn
ýokarky gaty hem gabsap alyp, üçegiň astyna ýetipdi, penjireler hüýt-gara bolupdy, olardan
görünýän jaýyň içi bolsa şeýlebir ýiti mämişi reňk bilen öwşün atýardy.
-Jim, hakykatdanam, hemme zat edil kädi ýaly çyparmy?
-Seret, Gözlüje!
Biziň jaýymyz bilen hanym Reýçeliň jaýyndan, edil derýadan göterilýän ümür ýaly goýy tüsse
burugsap çykyp ugrady, adamlar eýýäm ol jaýlara tarap şlanga çekýärdiler. Biziň ýeňsämizden
ýangyn söndürijiniň ýaňy gygyryp geldi, köçäniň öwrüminden Ebbotswilden gelen ýangyn
söndürijileriň ulagy göründi, ol gelşine biziň jaýymyzyň deňesinde togtady.
Men:
-Kitabym...-diýdim.
-Haýsy kitap?-diýip Jim sorady.
-Tom Swift baradaky, ol meniňki däl-de Dilliňkidi...
-Tolgunmaga howlukma, Gözlüje!-diýip Jim maňa barmagy bilen görkezdi:-Seret bakaly!
Goňşularyň arasynda ellerini paltosynyň kisesine sokup Attikus durdy. Onuň bolup durşy, göýä ol
futbol oýnuna tomaşa edýän ýalydy. Onuň gapdalynda hanym Modi durdy.
Jim:
-Görýäňmi, häzirlikçe ol tolgunmaýar!-diýdi.
-Ol näme üçin üçege münmändir?
-Ol juda garry, ol üçege münse ýykylyp boýnuny döwer.
-Belki oňa goş-golamlarymyzy daşap başlamaly diýip aýdarys?
Jim:
-Oňa bu mahal süýkenme, haçan daşap başlamalydygyny onuň özem bilýändir-diýdi.
Ebbotswiliň ýangyn söndürijileri biziň jaýymyza suw sepip ugradylar. Üçegimizde duran kimdir biri
olara nirä ilkinji nobatda suw sepmelidigini görkezýärdi. Biziň Iň Hakyky Mofroditimiz bolsa
gurumdan ýaňa şar-gara bolup, bir gapdala ýykylypdy, hanym Modiniň sypal başgaby bolsa şol
durşuna hapa üýşmeginiň üstünde ýatyrdy. Bagbançylyk gaýçysy bolsa görünmeýärdi. Hanym Modi
bilen hanym Reýçeliň öýleriniň we biziň öýümiziň arasynda şeýlebir gyzgyndy welin, hemmeler
birmahal hammam halatlaryny, paltolaryny çykaryp taşlap, ýatyş geýimlerinde hem-de jalbaryň içine
dykylan gije geýilýän uzyn köýneklerinde işleýärdiler. Men bolsa şol bir duran ýerimde gymyldyhereketsiz durandygym sebäpli doňup galypdym. Jim meniň egnimden gujaklap endamymy
gyzdyrmaga çalyşýardy, ýöne bu maňa kömek etmeýärdi. Men onuň gujagyndan dyzap sypdym-da,
iki elim bilen özümi gujakladym. Duran ýerimde bökjekläp başlanymdan soň, aýaklarym biraz ýylady.
Ýene-de bir ýangyn söndüriji ulag gykylyk turzup gelip, hanym Stiweni Kroufordyň öýüniň deňesinde
saklandy. Suw nokady ýekeje bolandygy zerarly olaryň şlangasyny birikdirip suw alara ýer ýokdy,
şonuň üçinem olar elde göterilýän ýangyn söndürijiler bilen hanym Stiweniň öýüne suw sepip
ugradylar.
Hanym Modiniň demir örtülen üçegi ýangynyň ýoluna böwet boldy. Onuň jaýy ala-goh turzup ýere
çökende, çar tarapa uçgun syçrap gitdi. Goňşy üçeklerdäki adamlar ýanýan közleriň üstüne ýorganbeýleki bilen topuldylar.
Diňe daňyň düýbi çyzylandan soň hemmeler ýuwaş-ýuwaşdan öýli-öýüne dagap başladylar.
Meýkombyň ýangyn söndüriji ulagyny itip yzyna äkitdiler. Ebbotswiliňki özi gitdi, üçünji ulag bolsa
galdy. Gündiz biz bildik, ol mundan 60 mil daşlykdaky Klerk Ferriden gelen ekeni.
Biz Jim bilen assajadan mytdyldap köçeden geçdik. Hanym Modi özüniň howlusynyň ortarasynda
tüsseläp duran gap-gara çukura seredip durdy, Attikus bize gözüniň gyýtagyny aýlady-da, başyny
ýaýkady, diýmek biz oňa lak atmaly däldik. Ol bizi öýe alyp ugrady, özi bolsa ýöräp barşyna biziň
egnimizden ýapyşýardy, sebäbi köçe tyrpançakdy. Ol hanym Modiniň birsellem hanym Stiweniňkide
ýaşajakdygyny aýtdy. Soňra sorady:
-Kim gyzgynjak kakao içýär?
Ol aşhanada ot ýakýança men sowukdan ýaňa gagşadym oturdym.
Biz kakao içip başladyk, şol wagtam Attikus maňa geň galyp seretdi, soňra onuň gözleri nägilelikden
doldy. Ol:
-Göwnüme bolmasa men Jim ikiňize görkezen ýerimden butnamazlygy hem-de hiç ýere burnuňyzy
sokmazlygy tabşyran ýalydym-la!-diýdi.
-Biz hiç ýere burnumyzy sokmadyk hem. Biz diňe bir ýerde durduk...
-Onda bu kimiň ýorgany?
-Ýorgan?!...
-Hawa, hanym, ýorgan. Bu biziňkä däl.
Men özüme gezdirdim. Görüp otursam meniň egnimde goňur, ýüň ýorgan bar ekeni, men oňa edil
hindi aýallary ýaly çolanan ekenim.
-Attikus, men hiç zady bilemok...men...
Şeýle diýdim-de men Jime tarap öwrüldim. Ýöne Jim bu ýorgana menden beter geň galdy. Ol: „Bu
ýorganyň nireden gelendigini kim bilýär, biz ähli zady Attikusyň tabşyryşy ýaly etdik, Redlileriň
derwezesiniň öňünde durdyk, hiç kimiň aýagyna çolaşmadyk, hatda ýerimizden hem
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 07
  • Parts
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 01
    Total number of words is 3841
    Total number of unique words is 2102
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 02
    Total number of words is 3827
    Total number of unique words is 2017
    29.3 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 03
    Total number of words is 3859
    Total number of unique words is 2027
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 04
    Total number of words is 3885
    Total number of unique words is 2047
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    47.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 05
    Total number of words is 3841
    Total number of unique words is 2023
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    40.3 of words are in the 5000 most common words
    47.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 06
    Total number of words is 3852
    Total number of unique words is 1981
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    46.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 07
    Total number of words is 3894
    Total number of unique words is 2053
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 08
    Total number of words is 3897
    Total number of unique words is 1975
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    47.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 09
    Total number of words is 3886
    Total number of unique words is 1975
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 10
    Total number of words is 3900
    Total number of unique words is 2012
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    40.7 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 11
    Total number of words is 3804
    Total number of unique words is 2027
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 12
    Total number of words is 3753
    Total number of unique words is 2094
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 13
    Total number of words is 3882
    Total number of unique words is 2070
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 14
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 2044
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    41.1 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 15
    Total number of words is 3779
    Total number of unique words is 2031
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    48.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 16
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 1993
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 17
    Total number of words is 3898
    Total number of unique words is 1817
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 18
    Total number of words is 3989
    Total number of unique words is 1828
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    49.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 19
    Total number of words is 3863
    Total number of unique words is 1979
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 20
    Total number of words is 3899
    Total number of unique words is 1979
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 21
    Total number of words is 3880
    Total number of unique words is 1973
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 22
    Total number of words is 3843
    Total number of unique words is 2030
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 23
    Total number of words is 3886
    Total number of unique words is 1981
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 24
    Total number of words is 3825
    Total number of unique words is 2038
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 25
    Total number of words is 3946
    Total number of unique words is 1886
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 26
    Total number of words is 3697
    Total number of unique words is 1784
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.