Latin

Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 11

Total number of words is 3804
Total number of unique words is 2027
30.3 of words are in the 2000 most common words
42.3 of words are in the 5000 most common words
48.8 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
-Görüň-ä muny, indi bu öýde arkaýyn ýuwunmaga-da goýmaýarlar, hökmany ýagdaýda hemmeleriň
hammama burnuny sokmagy gerekdir-ow!
Ertesi gün Kelpurniýa adatdakysyndan has ir „biziň dabaraly lybaslarymyz bilen
meşgullanyp“ başlady. Öň ol biziň öýmüzde ýatanda hemişe aşhanada, ýygnama ýatyş sekisinde
ýatýardy, şol gün bolsa onuň ýatyş sekisiniň üsti biziň ýekşenbede geýjek geýim-gejimlerimizden
münderlenipdi. Meniň köýnegimi Kelpurniýa şeýlebir oňat edip petläp, ütükledi welin, ol ýerde
dikeltseň gazyk ýaly dim-dik bolup durdy. Ol meni içki köýnekçäni geýmäge mejbur etdi we guşagyň
deregine bägül zolak matany mäkäm edip bilime daňdy. Meniň ýaldyrawuk köwşümi ol gaty çörek
bilen şeýlebir uzak sürtedi welin, onuň burnunda hatda aýnadaky ýaly ýüzüňi göübermeli boldy.
Jim:
-Biz edil baýramçylyk dabarasyna şaýlanýan ýaly-la,-diýdi:-Bu nämä gerek, Kel?
-Goý, kimdir biri men öz çagalaryma erbet seredýär diýip aýtmaga synanyşyp göräýsin,-diýip
Kelpurniýa hümürdedi:-Jenap Jim, siza bu boýunbagy şu penjek bilen dakynmak hiç bir kadakowahata sygjak zat däl. Ol ýaşyl ahyry.
-Ýeri bolanda näme?
-Penjek bolsa gök. Siz näme muny görmeýärsiňizmi?
-Wä-ä muny!-diýip men gyjalatly gygyryp goýberdim:-Jim reňkleri-de saýgaryp bilmeýän ekeni!
Jim gaharly gyzardy, ýöne Kelpurniýa ony bada-bat köşeşdirdi:
-Hany besdir! Eger-de siz „Ilkinji söwda“ gidip barýan bolsaňyz, diýmek onda öýkeläp çişmeli däl-de,
şadyýan ýylgyryp gezmeli.
„Ilkinji söwda“ – garaýagyz metodistleriň ybadathanajygy, şäheriň günorta künjünde, garaýagyzlaryň
ýaşaýyş toplumynda, köne agaç kesilýän kärhana tarap gidýän ýoluň aňyrsynda ýerleşýärdi. Bu
köne agaç ymaratyň daşynyň ähli reňki gopup gidipdi we ol tutuş Meýkombda ýeke-täk jaňhana diňli
ybadathanady, onuň beýle atlandyrylmagynyň sebäbi bolsa ol erkinlige goýberilen gullaryň ilkinji
aýlyklarynyň hasabyna gurlanlygy üçindi. Ýekşenbe günleri ol ýerde garaýagyzlar çokunýardylar,
adaty günler ol ýere akýagyzlar jemlenýärdiler-de humar oýnaýardylar.
Ybadathananyň howlusynda we gonamçylygyň ýanynda toprak edil daş ýaly gatydy. Eger-de kimdir
biri yssy wagtlary aradan çyksa onuň jesedini tä ýagyşlyk möwsüm gelip, ýer ýumşaýança buzda
saklaýardylar. Gonamçylykda, her bir mazaryň başynda mazardaşy hem ýokdy, bolanlary-da özözünden pytrap barýardy, ýakynda peýda bolan mazarlaryň daş-töweregine bolsa ýiti reňkli aýna
bölejikleri hem-de koka-kola çüýşeleriniň döwükleri aýlanandy. Mazarlaryň käbiriniň başynda bolsa
ýyldyrymsowguç garawulçylyk edýärdi, megerem şeýle mazarda ýatan bende dirikä öte bimaza
häsiýetli bolan bolara çemeli. Çagalaryň mazarlarynda ýanyp gutaran şem galyndylary somalyp
durdy. Göwnüme bolmasa bu gonamçylyk örän bezemen hem jalaýdy.
Biz howla girdik welin, geýnip bilenlerini geýnen garaýagyzlaryň, saça çalynýan hynanyň, salgyjyň,
ysgalýan temmäkiniň, arzanjak atyryň, sabynyň, benewşe reňkli bezeg talhanynyň hem-de narpyzly
pampyzanyň garym-gatym ýyly, turşumtyk-süýji ysy hapylap burnumyza urdy.
Kelpurniýanyň ýanynda Jim ikimizi görüp erkek kişiler-ä öňümizden çekildiler-de sypal başgaplaryny
çykardylar, zenanlaram hemişe adaty günlerde hormat bilen üns berýändiklerini görkezmek üçin
edişleri ýaly garynlarynyň üstünde ellerini çilşirdiler. Hemmeler iki ýana serpilip bize ýol berdiler.
Kelpurniýa Jim ikimiziň aramyzdan ýöräp barşyna baýramçylyk lybaslaryna beslenen goňşularynyň
hem tanyşlarynyň salamlaryna jogap hökmünde saga hem çepe baş atýardy.
-Sen nähili hokga goparýarsyň-a, hanym Kel?-diýip biziň ýeňsämizden ses geldi.
Kelpurniýa biziň egnimize elini goýdy welin, biz sägindik-de, yzyma öwrüldik. Adamlaryň iki
hatarynyň arasyndaky darajyk ötükde boýy uzyn garaýagyz zenan durdy. Ol bir aýagyny öňe
çykaryp, çep eliniň tirsegini böwrüne diräp durşuna ýokary göterilen aýasy bilen bizi görkezýärdi.
Onuň kellesi hyýarpisintdi, täsin badamkybap gözleri, gös-göni burny we bir çyzyk agzy bardy. Maňa
ol edil pilmahmyt-hatyn ýaly äpet bolup göründi.
Kelpurniýanyň eli meniň egnimi has berkräk gysdy:
-Saňa näme gerek, Lula?-diýip ol sorady.
Men öň hiç haçan Kelpurniýanyň beýle sesini eşidip görmändim. Ol pessaýdan äsgermezçilikli
gepleýärdi.
-Garaýagyzlaryň ybadathanasyna akja çagalary getirmek seniň nämäňe derkar, hä?
Kelpurniýa;
-Olar meniň myhmanlarym,-diýdi welin men ýene-de onuň sesiniň birhili üýtgeşik ýakymsyz
bolandygy hakynda oýlandym, ol edil beýleki garaýagyzlar ýaly gepleýärdi.
-Hawa-la, tutuş hepdäniň galan günlerinde bolsa megerem sen Finçleriňki-de myhmançylykdasyň-da,
şeýlemi?
Köpçüligiň içinde hüňürdi artyp ugrady.
-Gorkma körpäm,-diýip Kelpurniýa meniň gulagyma pyşyrdady, onuň sypal başgabyna dürtülen
bägüljikler bolsa gahar bilen tolkun atyp gitdiler.
Tomaşaçylaryň iki hatarynyň arasy bilen Lula bize tarap ýönelmäge çemeleşdi welin, Kelpurniýa:
-Garagäz, golaýlamaga het edäýme!-diýdi.
Lula doňup galdy-da:
-Bärik akja jüýjejikleri süýräp getirmegiň geregi ýok,-diýdi:-Olaryň öz ybadathanasy bar, biziňem
özümiziňki. Bu bolsa biziň ybadathanamyz, şu dogrumy, hanym Kel?
Kelpurniýa:
-Hudaýymyz bolsa bir dälmi, şu dogrumy, hä?
Jim:
-Ýör, öýmüze gaýdaly, Kel,-diýdi:-bu ýerde biz olaryň derkaryna däl ýaly.
Menem görüp durdum, bu ýerde biz olara gerek däldik. Men duýýardym, köpçülik biziň üstümize
tarap dyzamaga taýýarlanýan ýalydy. Biziň daşymyzy barha jebis gallaýardylar, ýöne men
Kelpurniýa garanymda onuň gözleriniň gülüp durandygyny gördüm. Men ýene-de adamlaryň iki
hatarynyň arasyndaky ýodajyga seretdim welin, ol ýerde eýýäm Lula ýokdy. Onuň duran ýerinde
başga garaýagyzlar durdylar.
Olaryň biri öňe saýlandy. Bu Zibody, şäherimiziň zibilçisi. Ol:
-Jenap Jim,-diýdi:-biz siziň geleniňize örän şat. Bu bolgusyz Lula bolsa gulak gabartmaň, onuň içi
ýanyp dur, sebäbi hormatly Saýks oňa tutuş halkyň arasynda ybadathananyň münberinden
käýejekdigini aýdyp haýbat atypdy. Ol hemmelere belli jenjelçi hem tekepbir, hemişe-de ýok zatlary
oýlap tapyp ýör, biz bolsa siziň hemmäňiziň geleniňize tüýs ýürekden begenýäris.
Kelpurniýa bizi ybadathananyň mynajathanasyna alyp girdi, gapynyň agzynda bizi hormatly ata
Saýks garşy alyp, öňümize düşüp, ilkinji hatardaky oturgyçlarda oturtdy.
«Ilkinji söwda“ içinden suwalmadykdy hem-de reňklenmedikdi. Onuň diwarlarynda mis
gaňyrçaklardan ýakylmadyk nebit çyralar asylgydy, hakyky ybadathana oturgyçlarynyň deregine
sosnadan gödek oturgyçlar durdy. Ýönekeý dub münberiň aňyrsyndan „Hudaý söýgüdir“ diýen
ýazgyly solan bägül reňk ýüpekden zolak sallanýardy, ondan başga-da mynajathanany Hantyň
„Jahanyň enweri“ atly suratynyň basma nusgasy bezeýärdi. Men daş-töweregime garanjakladym,
ýöne hany fortepýano ýa-da organ, aýdym edip aýdylýan dogalaryň ýygyndylary hem-de Hudaýa
mynajat etmegiň maksatnamajyklary – umuman biziň her ýekşenbede ybadathanada görmäge endik
eden ähli zatlarymyz? – ýöne bu zatlaryň hiç biri-de ýokdy. Ybadathananyň içi alagaraňkydy,
sowukdy hem-de çygdy, ýöne assa-ýuwaşjadan adamlar köpelýärdi, içeri hem ýylaýardy.
Oturgyçlarda her bir gatnaşyjy üçin ýüzüne Gefsiman çarbagynyň şekili çyrşalan arzanjak kagyz
ýelpewaç – Tindeliň ownuk demir haryt önümleri Kompaniýasynyň („Ähli islegler üçin harytlaryň ähli
görnüşleri“) sowgady goýulgydy.
Kelpurniýa Jim ikimizi hataryň çetine itekledi-de biziň aramyzda oturdy. Gapjygyndan elýaglyk
çykaryp, onuň bir burçundaky berk düwüni çözdi. Jim ikimiziň her haýsymyza on sentlik teňňäni
uzatdy.
-Biziň özümiziňki bar,-diýip Jim pyşyrdady.
Kelpurniýa:
-Alyň,-diýdi:-Siz meniň myhmanlarym.
Jim megerem, Kelpurniýanyň şaýylaryny almagyň gowudygy ýa-da erbetdigi babatda iňkise giden
bolara çemeli, emma göz açyp-ýumasy salymyň içinde onuň dogabitdi salyhatlylygy göwnündäki
müňkürlikden üstün çykdy, ol berlen teňňäni kisesine saldy. Men bolsa sähelçe-de wyždan azabyny
çekmezden onuň hereketini gaýtaladym.
-Kel,-diýip men pyşyrdap ugradym:-Bu aýdym edilip aýdylýan dogalaryň ýygyndylary hany?
-Olar bärde ýok,-diýip ol jogap berdi.
-O nähili?
Kelpurniýa:
-Hüş-ş-ş...-diýdi.
Münberde belent mertebeli Saýks durdy, ol öz talapkär garaýşy bilen diňleýjileri ümsümlige
çagyrýardy. Onuň boýy gysgajykdy, gara penjegi, ak köýnegi hem-de gara boýunbagy dykyzja
göwresine şapylaşýardy, gyzgylt aýnalardan syzylýan ýagtylyga onuň sagadynyň altyn zynjyrjygy
ýylpyldaýardy. Ol:
-Doganlar we uýalar,-diýdi:-biz şu gün irden biziňkä jenap we hanym Finçleriň myhmançylyga
gelendiklerine örän şat. Siz olaryň kakasyny tanaýarsyňyz. Men wagza başlamazymdan öňünçäsi
size birnäçe habarlary okap bermekçi.
Hormatly ata Saýks nähilidir bir kagyzjyklary dörüşdirdi-de, olaryň arasyndan birini saýlady, ony
gözünden ep-esli daşlykda saklap okady:
“Dini haýyr-sahawat jemgyýetiniň ýygnagy sişenbe güni Ennet Riwz uýanyň öýünde geçiriler.
Ýanyňyz bilen tikin-çatynyňyzy hem getiriň”.
Soňra başga bir kagyzjykdan okady:
“Siziň ähliňiz Tom Robinson doganymyzyň başyndan inen bela-beter barada bilýärsiňiz. Ol
çagalykdan “Ilkinji söwdanyň” iň takwa gatnaşyjysydy. Şu günki hem-de gelýän üç ýekşenbede
toplanjak ähli sadakalar onuň aýaly Elene, onuň çagalary ekläp-saklap bilmegi üçin berler”.
Men Jimiň böwrüne hürsekledim:
-Bu şol Tommy, Attikus şony goraja...
-Hüş-ş-ş!
Men Kelpurniýa tarap öwrüldim, ýöne agzymy açmaga-da ýetişmänkäm ol ýene-de maňa
“hüşşüldedi”. Men nalaç dymmaga mejbur boldum-da, belent mertebeli Saýksa seredip ugradym, ol
göwnüme bolmasa meniň parahat oturmagyma garaşýan ýalydy.
-Biziň wekilimizden ilkinji doga aýdymy aýdyp başlamagy haýyş edeliň.
Zibo öz ornundan turdy-da, hatarlaryň arasyndan geçip, biziň öňümize gelip saklandy, ýüzüni
oturanlara tarap öwürdi. Onuň elinde doga aýdymlaryň sary giden ýygyndyjygy bardy. Zibo ony
açdy-da:
-Biz iki ýüz ýetmiş üçünji belgidäki aýdym dogany aýdarys-diýdi.
Muňa welin men çydap biljek däldim.
-Eger-de biz doganyň sözleri bolmasa biz ony nädip aýdym edip aýdyp bileris, hä?
Kelpurniýa ýylgyrdy.
-Ýuwaş, körpeje,-diýip ol pyşyrdady:-häzir görersiň.
Zibo bogazyny arçady-da, edil uzakdan-uzakda toplar gümpüldedýän ýaly ses bilen hiňlenip okap
ugrady:
-Şol ýerde, derýanyň aňyrsynda, bir gözel ülke bar...
Şol bada-da edil nähilidir birhili gudrat bilen sazlaşykly bolan ýüzden gowrak seslerden ybarat topar
Zibonyň yzyndan bu sözleri aýdym edip gaýtalady. Uzyn hüňňüldi bolup doga aýdymyň iň soňky
bogny doňup galan dessine Zibo ýene-de bir jümläni aýdyp goýberdi:
-Asyrlardan-asyrlara arzyly ol bize...
Ýene-de biziň daş-töweregimizde bat bilen aýdym toparynyň owazy ýaňlanyp gitdi. Aýdymyň iň
soňky heňi örän uzak dowam etdi, heniz ol ýitip gitmänkä-de Zibo indiki setiri okady:
-Bizi diňe ynanjymyz şol arzuwly kenara ýetirer...
Bu gezek diňleýjiler az-kem sägindiler. Emma Zibo ýaňky setirini hetjikläp gaýtalady welin toparam
ony alyp göterdi. Topar öz sözlerini gaýtalap ugran dessine Zibo kitapçasyny ýapýardy, bu onuň ähli
ýygnananlara öz kömegi bolmazdan dowam etmek barada yşarat etdigidi.
Toparyň owazy peselip ugran dessine-de Zibo ýene-de çekdirip goýberdi:
-Şol röwşen arzyly derýadan aňyrda rahatlyk garaşýar.
Topar onuň yzyndan setirme-setir gaýtalap, ýönekeý mukamjygy ýaňlandyryp durşuna, ahyry doga
aýdym çala eşidilýän gussaly hem uzyn heň bilen tamamlandy.
Men Jime tarap gözümi aýladym welin, onuň gabak astyndan Zibony synlaýandygyny gördüm.
Meniň özümem haýran galmakdan ýaňa aňkaryp otyrdym, gör-ä muny, biz asyl şu ajaýyplygy öz
gulagymyz bilen eşitdik ahyry!
Soňra hormatly ata Saýks mätäçlik çekýänler hem-de hassalar babatda doga-dileg edip ugrady,
biziň ybadathanamyzda-da edil şonuň ýaly mynajat edýärdiler, ýöne jenap Saýks Hak Biribardan
kesellileriň käbiri barada aýratyn gowy alada etmegi haýyş edýärdi.
Ol özüniň wagzynda günä işleri etmegiň näderejede erbetdigini aýan edip, özüniň ýeňsesindäki
diwara ýazylan zatlary örän mäkäm gaýtalady, diňleýjileri serhoş ediji içgileri içmekden, humar
oýunlaryny oýnamakdan hem-de kesekileriň zenanlary bilen zyna etmekden saklanmaklyga çagyrdy.
Arak-şerabyň gizlin söwdasy garaýagyzlaryň başyna inen musallatdy, ýöne azgyn aýallar olar üçin
ähli zatdan beterdi! Men ýene-de edil öz ybadathanamyzdaky ýaly aýallaryň günägaby hem
hapadygy barada eşitdim, megerem ähli ruhanylar bu mesele babatda birmeňzeş pikir edýän bolara
çemeli.
Şoňa meňzeş zatlary men Jim bilen her ýekşenbede diňleýärdim, diňe ýekeje üýtgeşiklik bardy,
hormatly ata Saýks ybadathananyň münberinden her bir ýazykly bende hakda aýratynlykdaky pikirini
has erkinräk aýdýardy: mysal üçin, Jim Hardi eýýäm yzly-yzyna bäş ýekşenbe bäri ybadathanada
görünmeýärdi, özi bolsa syrkawam däl hiç zadam. Kontens Jeksona biraz seresabrak bolmak gerek,
sebäbi onuň birden öz ýakynlarynyň ählisi bilen tersleşip çykmagy mümkin, bu zenandan öň
goňşusynyň içini ýakmak üçin haýat gurmak garaýagyzlaryň ýaşaýyş toplumynda hiç kimiň kellesine
gelmändi.
Wagyz tamamlandy. Hormatly ata Saýks münberiň öňünde durdy-da, hemmeleri sadaka bermeklige
çagyrdy, beýle edilýänini Jim ikimiz ilkinji gezek görýärdik. Gatnaşyjylar ýeke-ýekeden öňe
çykýardylar-da kofeden boşan gara, syrçalanan galaýy gutujyga bäş ýa-da on sent atýardy. Jim
ikimiz hem ol ýere bardyk, biziň şaýylarymyz galaýy gutujygyň düýbünde şyňňyrdady, hemmelere
diýlişi dek, bize-de:
-Sag boluň, sag boluň-diýildi.
Bizi ýene-de bir haýran galdyran zat, hormatly ata Saýks toplanan pullary tekjäniň üstüne dökdi-de
sanady. Soňra dikelip, aýtdy:
-Bu ýeterlik däl. Bize on dollar ýygnamak zerur.
Gatnaşyjylar tolgunyşyp ugradylar.
-Munuň näme üçin gerekdigini siz bilýärsiňiz, Tom türmedekä Elen çagalarynyň ýeke özlerini öýde
goýup işlemäge çykyp bilmeýär. Eger-de her kim ýene-de on sentden berse ýeterlik bolar…- diýdi-de
hormatly ata Saýks kimdir birine elini salgap, bütin mynajathanany dolduryp oturan adamlaryň
üstaşyr gygyrdy:-Gapyny ýap, Alek. Biz on dollar toplaýançak hiç kim şu ýerden çykmaz.
Kelpurniýa öz sebetjigini dörjeledi-de, sary giden gaýyş gapjygyny çykaryp, Jime ýalpyldawuk
çärýeklik şaýyny uzatdy.
-Ýok, Kel,-diýip Jim pyşyrdady:-biziň özümiz. Seniň on sentiň nirede, Gözlüje?
Ybadathananyň içi dymykdy, men onsoň içimden pikir öwürdim, megerem jenap Saýks öz yzyna
eýerijileri surnukdyryp almakçy bolýar öýdýän. Ýelpewaçlar şatyrdaýardy, aýaklar tapyrdaýardy,
temmäki çeýnemäge endik edenler üçin bolsa çydar dagy eder ýaly däldi.
Hormatly ata Saýks birdenkä talapedijilik bilen gygyryp goýberdi welin, men duýdansyzlykdan ýaňa
tisginip gitdim:
-Karlou Riçardson, men seni heniz şu tekjäniň ýanynda görmändim.
Çal-sary reňkli jalbarly arryk adam öňe çykdy-da, galaýy gutujyga teňňe taşlady. Gatnaşyjylar
makullaýjy hüňürdeşdiler. Soňra hormatly ata Saýks:
-Goý kimiň çagasy ýok bolsa ýene-de on sent sadaka bersin. Şonda biziňki ýeterlik bolar.
Haýallyk bilenem bolsa garaz on dollar jemlendi. Gapy açylan dessine içerik ýyljajyk şemal çaldy, biz
ýeňilräk dem alyp ugradyk. Zibo ýene-de setirme-setir “Iordanyň gaýly kenarlaryndany” okady we
şonluk bilen ýekşenbe mynajaty tamamlandy.
Men ol ýerde galyp galan ähli zady mazalyja synlamak isledim, ýöne Kelpurniýa meni çykalga tarap
dartyp ugrady. Işikde ol Zibo hem-de onuň maşgalasy bilen gepleşmek üçin biraz eglendi, Jim ikimiz
bolsa jenap Saýks bilen warsaky urmaga başladyk. Azyndan ýüz sowal dagy meniň dilimiň ujunda
aýlanyp durdy, ýöne men öz ýanymdan soň Kelpurniýadan soraryn-da diýdim-de, goýaýdym.
Hormatly ata Saýks:
-Biz siziň bu gün biziňkä geleniňize örän şat,-diýdi:-Siziň kakaňyz biziň ybadathanamyzyň iň oňat
dosty.
Şunça saklanjak bolup jan etsem-de bilesigelijilik ahbetin meni alyp ýatdy.
-A siz näme üçin Tom Robinsonyň aýaly üçin pul ýygnadyňyz-a?
-Siz näme eşitmediňizmi?-diýip hormatly ata Saýks sorady:-Eleniň üç sany çülpejesi bar, özi-de işläp
bilmeýär.
-Ol näme üçin işe gidende çülpelerini ýany bilen alyp gitmeýärkä, hormatly ata?-diýip men onuň
özüne sowal berdim.
Pagta mülklerinde işleýän garaýagyz zenanlar hemişe-de öz körpelerini ýanlaryna alýardylar-da,
olary haýsydyr bir kölege ýerlerde, adatça, baglaryň iki hatarynyň arasynda oturdýardylar. Heniz
oturmagy başarmaýanlaryny bolsa ejeleri ýabany hindileriňki ýaly arkalaryna daňýardylar ýa-da
pagtadan boş halta dolap ýerde goýýardylar.
Hormatly ata Saýks biraz özüni ýitirdi.
-Dogrusyny aýtsam, hanym Jin Luiza, häzirki wagtda Elene iş tapmak beýlebir aňsadam
däl…Haçan-da pagta ýygym möwsümi gelse meniň pikirimçe ony jenap Link Diz işe alarmyka diýip
çak edýärin.
-A näme üçin ol häzir iş tapyp bilmeýär?
Hormatly ata Saýks jogap bermäge ýetişmedi, Kelpurniýa elini meniň egnime goýdy welin, men
gulakasyjylyk bilen:
-Bize bärik gelmäge rugsat bereniňiz üçin, sag boluň-diýdim.
Jimem meniň diýenimi gaýtalady we biz öýümize gaýtdyk.
-Kel, men bilýän, Rom Robinsony türmä basdylar, ol nähilidir bir juda erbet iş edipmişin, ýöne näme
üçin Eleni işe almaýarlar ahyryn?-diýip men soradym.
Gara-gök ýüpek köýnekli hem-de beýik sypal başgaply Kelpurniýa Jim ikimiziň aramyzdan ýöräp
barýardy. Ol:
-Sebäbi adamlar Tom örän erbet iş etdi diýýärler,-diýdi:-Şonuň üçinem hiç kim islemeýär…hiç kimiň
onuň maşgalasy bilen iş salşasy gelmeýär.
-Kel, ol beýle mojuk näme etd-ä?
Kelpurniýa uludan demini aldy.
-Garry jenap Bob Ýuel Tomuň öz gyzyny zorlajak bolandygy barada arza beripdir, şonuň üçinem
Tomy tussag etdiler we türmä basdylar.
-Jenap Ýuel?-Nämedir bir zatlar meniň ýadyma düşmäge başlady:-Şeýle Ýueller bar, olar her okuw
ýylynyň ilkinji gününde mekdebe gelýärler, soňam gatnamaýarlar. Ol şolardanmy, hä, hawamy?
Attikusam olar barada: “olar eneden dogma näkesler” diýdi…Öň Attikus hiç kim barada hiç haçan
beýle zatlary diýmeýärdi. Ol aýtdy…
-Ine şolar hem hut şolaryň özi.
-Onda näme, eger-de bütin Meýkombda hemmeler ol Ýuelleriň nähili jemendediklerini bilýänem
bolsalar, näme üçin Eleni ilgeziklik bilen işe almaýarlarka…Kel, ýogsa-da bu zorlajak bolupdyr
diýýäniň näm-ä?
-Jenap Finçden sora, ol saňa has gowy düşündirer. Sen megerem aç bolsaň gerek? Hormatly ata,
bu gün näme üçindir birhili öte uzyn wagyz okan ýaly, hemiş-ä ol beýle içgysgynç geplemeýärdi.
Jim:
-Ol edil biziň wagyzçymyz ýaly,-diýdi:-A siz näme üçin aýdym dogalary beýdip geň aýdýarsyňyz-a?
-Sen gaýtalaýanymyza diýýärmiň?-diýip Kelpurniýa sorady.
-Bu edişiňize “gaýtalamak” diýilýärmi?
-Hawa, biz şeýle diýip atlandyrýarys. Bu men özümi bilelim bäri hemişe şeýle-de edilýärdi.
Jim: “ybadathana ýygymlaryny bir ýyllap süýşürip hemmelere ýeterlik aýdym doga ýygyndyjyklaryny
satyn alaýmaly eken-dä” diýdi.
Kelpurniýa gülüp goýberdi.
-Olardan näme peýda? Barybir hiç kim okap bilmeýär ahyry.
-O nähili beýle?-diýip men soradym:-Şunça adam bolup hiç kim okap bilmeýärmi?
Kelpurniýa baş atdy.
-Hawa-la. “Ilkinji söwdada” bolaýsa, megerem dört adam okap bilýändir…menem şol dördüň
içinde…
-Sen haýsy mekdepde okadyň, Kel?-diýip Jim sorady.
-Hiç haýsynda. Allajanlarym, hany bir ýatlajak bolup göreýin, maňa hat-sowat öwreden kimkä? Hä,
hawa, ol garry hanym Býuford bolmaly, biziň hanym Modi Etkinsonymyzyň daýzasy.
-Näme sen şeýle garrymy?
-Men hatda jenap Finçdenem uly,-diýip Kelpurniýa gülümsiredi:-Ýöne bilemok, köp ýaşmy ýa-da
azmy. Bir gezek biz onuň bilen meniň ýaşymyň näçedigini ýatlap, hasaplap başladyk…men ondan
biraz öňräkde bolan zatlary bilýärin, diýmek men ondan sähel-mähel uly bolmaly, äý onsoňam
aýalyň ýady erkegiňkiden az-owlak gowurakmyka diýýärin.
-A seniň doglan günüň haçan, Kel?
-Men ony her ýyl täze ýylyň öňisyrasynda belleýärin, şeýtseň ýadyňda saklamak aňsat
bolýar…dogrusy mende hakyky doglan gün hem ýok ýaly.
-Ýöne daş keşbiňden-ä sen Attikus ýaly beýlebir garry hem görünmeýärsiň-diýip Jim oňa garşy
çykmaga alňasady.
-Garareňkliler edil akýagyzlar ýaly çalt garramaýarlar, olara aralaşan gojalyk hem gatybir bildirip
durmaýar-diýip Kelpurniýa aýtdy.
-Bu belki-de olaryň okap bilmeýändikleri üçin şeýledir. Kel, Zibo sen hat-sowat öwretdiňmi?
-Hawa, jenap Jim. Haçan-da ol oglanjykka bärde mekdebem ýokdy, asyl. Men bolsa ony ahbetin
okamaga mejbur etdim.
-Zibo Kelpurniýanyň uly ogludy. Eger-de men oň bu zatlar barada pikirlenip gören bolsamdym, onda
men biziň Kelimiziň eýýäm esli ýaşandygyny aňardym, sebäbi Zibonyň özüniň çagalary eýýäm
ulalyp gidipdiler, ýöne men näme üçin bu zatlar barada öň pikirlenmändirin ekenim.
-Sen oňa sowady harplykdan öwretdiňmi?-diýip men soradym.
-Ýok, men oňa her gün mukaddes kitabyň bir sahypasyny ýat tutmagy buýurýardym, onsoňam
mende hanym Býufordyň maňa sowat öwreden kitapçasy bardy. Siz bar-a ol kitaby meniň nireden
alandygymy hiç haçanam bilip bilmersiňiz.
Biz hakykatdanam bilip bilmedik welin, Kelpurniýanyň özi aýtmaly boldy:
-Ony maňa siziň ataňyz Finç berdi.
-Sen näme “Finçleriň duralgasyndanmy”?-diýip Jim geň galdy:-Sen bu barada bize hiç wagt
aýtmandyň.
-Elbetde men “Duralgadan”, jenap Jim. Men şol ýerde, “Duralga” hem-de Býufordlaryň mülki
ikaralykda önüp hem ösdüm. Ýylboýy kä Býufordlaryň käte bolsa Finçleriň mülkünde işlärdim, soň
siziň ejeňiz bilen kakaňyz durmuş gurdular welin, men Meýkomba göçüp gaýtdym.
-Ol diýýäniň haýsy kitapçady, Kel?-diýip men ýene-de sowal bermän saklanyp bilmedim.
-Blekstounyň “Düşündirişleri”.
Jim aňk bolup galdy.
-Şol kitap boýunça-da sen Zibo hat-sowat öwretdiňmi?
-Hawa-da, jenap, jenap Jim-diýip Kelpurniýa uýaljaňlyk bilen agzyny eli bilen ýapdy:-Mende başga
kitap ýokdy ahyry. Siziň ataňyz jenap Blekstoun örän ajaýyp dilde ýazýardy diýip aýdardy…
Jim:
-Diýmek, sen şonuň üçin beýlekiler ýaly geplemeýärsiň-dä,-diýdi.
-Kim ol beýlekiler?
-Beýleki garaýagyzlar. Kel, ýöne sen ybadathanada edil şolar ýaly geplediň ahyry…
Biziň Kelpurniýamyzyň başga-da durmuşynyň bardygy hiç wagt meniň kelläme gelmeýärdi. Görüp
otursak, ol asyl biziň öýümizden başga ýerde-de özbaşyna, aýratyn ýaşaýan eken-ä, üstesine-de ol
ýene-de iki sany dilem bilýän ekeni!
Men:
-Kel!-diýdim:-sen näme üçin özüňkiler bilen edil garaýagyzlaryň gepleýişleri ýaly gürleşýärsiň, sen
beýle geplemegiň ýalňyşdygyny bilýärsiň ahyry?
-Hymm, ilki bilen-ä meniň özümem garaýagyz…
-Munuň ähmiýeti ýok, sen dürs gepläp bilýärkäň, diliňi döwüp ters geplemek näme gerek?-diýip Jim
sorady.
Kelpurniýa sypal başgapjygyny biraz gyşartdy-da, ýeňsesini gaşady, soňra yhlas bilen başgapjygyny
düzetdi.
-Beh, size muny nädip düşündirsemkäm,-diýip ol hümürdedi:-Ine siz Gözlüje ikiňiz öýňüzde
garaýagyzlar ýaly gepleşip başlasaňyz nähili bolardy, birhili ýerliksiz bolardy gerek?! Men bolsa
eger-de ybadathanada ýa-da öz goňşularym bilen akýagyzlaryň gepleýişleri ýaly gepleşip ugrasam
nähili bolar, edil şonuň ýaly bolmazmy? Adamlar men hondanbärsi bolup başlandyryn öýdüp pikir
ederler.
Men:
-Ýöne sen nähili dürs geplemelidigini bilýärsiň ahyry!-diýdim.
-Her bir bilýän zadyňy sereşläp, görene göz edip ýörmegiň kän bir geregi-de ýok. Aýal maşgala
bolsa beýle hereket has hem gelişmeýär. Ikinjidenem, adamlar sen olardan akyllyrak bolsaň halap
hem barmaýarlar. Ol gaharlanyp ugraýarlar. Özüň näçe dürs gepleseň gepläber, barybir olary
üýtgedip bilmersiň, sebäbi munuň üçin olaryň özleri okamaly, zähmet çekmeli, olar bolsa özlerine
agram salmagy düýbünden islemeýärler, şeýle ýagdaý bilenem edip biljek zadyň ýok. Şoňa görä-da
ýa diliňi dişiň aňyrsynda sakla, ýa-da hemmeler ýaly boljak bol.
-Kel, a maňa seniň bilen aram-aram görüşmek bolarmy?
Kelpurniýa maňa geňirgenmek bilen garady.
-Görüşmek diýýäňmi, körpejäm? Biz seniň bilen her gün ertirden agşama çenli bir öýde ahyry.
-Ýok, maňa seniň öýüňe myhmançylyga barmak bolarmy? Haçanam bolsa bir gün, işden soň?
Attikusam meni ugradar.
Kelpurniýa:
-Baş üstüne, haçan isleseň,-diýdi:-Biz hemişe saňa şat bolarys.
Biz pyýada ýodasynyň ugry bilen Redlileriň jaýynyň deňesinden ötüp barýardyk. Jim:
-Eýwana bir serediň hany,-diýdi.
Men Redlileriň jaýyna tarap garanjakladym, birdenkä hakykatdan onuň syrly ýaşaýjysy daşaryk,
arassa howadan dem almaga çykan bolaýsa?! Ýöne eýwanda yns-jyns ýokdy.
Jim:
-Ýok-la, öz eýwanymyza seretsene,-diýdi.
Men seretdim. Eýwandaky kürsüde, gös-göni, tutuksy hem tekepbir keşpde, edil bütin ömrüne şu
ýerde ýaşan ýaly bolup, Aleksandra ejemiz otyrdy.
xxxxx
-Meniň ýolsebedimi penjireleri köçä bakýan otaga äkit, Kelpurniýa,-diýen jümle Aleksandra ejemiň
ilkinji sözleri boldy:-Jin Luiza, ýeňsäňi gazamagyňy bes et,-diýen sözler bolsa onuň ikinji jümlesi
boldy.
Kelpurniýa Aleksandra ejemiň agyr ýolsebedini göterdi-de, işigi açdy.
-Meniň özüm äkiderin-diýip Jim onuň elinden ýolsebedi aldy.
Azsalymdan ýolsebediň ýatylýan otagyň astyna gülçüldäp gaçany eşidildi. Soňra ýene-de ep-esli
wagtlap şol gülçüldiniň boguk sarsgyny öýmüzde ýaňlandy durdy.
-Siz myhmançylyga geldiňizmi, ejeke?-diýip men soradym.
Aleksandra ejem “Duralgadan” beýlebir kän çykyp durmaýardy, ýöne ýola çykanda welin, mazaly
deňli-derejeli, uly dabara bilen syýahat edýärdi. Onuň özüniň ýiti-ýaşyl, epeý “býuik” ulagy hem-de
garaýagyz sürüjisi bardy, olaryň ikisi-de hemişe şeýlebir tämiz arassalyk bilen lowurdap durýardylar
welin, seretseň ýüregiň bulanyberýärdi, ýöne häzir welin, olaryň ikisi-de göz ýeter gözýetimde
gözüňe ilmeýärdiler.
-Näme, kakaňyz size hiç zat aýtmadymy?-diýip ejekem soragyma sowal bilen jogap berdi.
Jim ikimiz biri-birimizden öňürti kellelerimizi talawlatmaga alňasadyk.
-Megerem huşundan çykaran bolsa gerek. Ol häzir öýde dälmi?
Jim:
-Ýok, ol adatça diňe agşamara dolanyp gelýär-diýdi.
-Onda şeýle, siziň kakaňyz ikimiz özara geňeşdik we meniň sizde az-owlak ýaşamagyma wagt ýetdi
diýen netijä geldik.
Meýkombda “az-owlak” diýen düşünje üç güni-de, otuz üç ýyly-da aňladyp bilýärdi. Jim ikimiz gabak
astyndan birek-birege garanjaklaşdyk.
Aleksandra ejem:
-Jim indi ulalýar, senem ösýärsiň,-diýdi:-Biz saňa zenanyň täsiri peýdaly bolar diýen pikire geldik. Ine,
ýene-de birküç ýyl geçer, Jin Luiza, onsoň sen bezemen lybaslar hem-de ýaş ýigitler bilen
gyzyklanyp ugrarsyň…
Men bu aýdylanlara örän köp, juda kän zatlar bilen gaty gowy jogap gaýtaryp biljekdim, mysal üçin:
Kelpurniýa-da zenan ahyry, men ýaş ýigitler bilen gyzyklanyp başlaýançam ýene-de biçak köp ýyl
geçer, bezemen lybaslar bilen bolsa men hijem haçanam gyzyklanmaryn…we ş.m….we
ş.m…emma men näme üçindir dymyp oňaýdym.
-A Jimmi kakam näme?-diýip Jim sorady:-Olam bize gelermi?
-Wah ýok-la, goýaweriň, ol “Duralgada” galar. Oňa mülkümize göz-gulak bolmak gerek ahyry.
-A siziň onsuz ýüregiňiz gysmazmy?-diýdimem-de men dessine-de dilimi dişledim, bu beýlebir
sypaýyçylykly sowal däldi. Onsoňam Jimmi kakam bärde bolsun, aňyrda bolsun, kän bir tapawudy
ýokdy, barybir ondan ýeke söz eşitjek gümanyň ýok ahyry.
Aleksandra ejem meniň sowalymy gulagynyň duşundan geçirip goýberdi.
Men kelläme şunça agram salsam-da onuň bilen indi näme hakda gepleşjekdigimi hiç oýlap tapyp
bilmeýärdim. Dogrusyny aýtsam, men hiç wagtam onuň bilen näme hakda gepleşmelidigini
bilmändim, häzir bolsa oturan ýerimden ikimiziň öten-geçen agyrdan-agyr söhbetdeşliklerimizi
hakydama getirýärdim: “Ýeri, ýagdaýlaryň nähili, Jin Luiza?”, “Örän gowy, soranyňyz üçin minnetdar,
hanym. A siziň öz ýagdaýlaryňyz nähili?”, “Oňat, sag bol. A sen soňky görüşelimiz bäri nämeler bilen
meşgullandyň?”, “Hiç zat bilen”, “O nähili, sen näme hakykatdan hem şunça wagtlap bikär gezip
ýörsüňmi?” “Hawa, hiç zat”, “Ýöne seniň elbetde dostlaryň bardyr ahyry?”, “Hawa, hanym”, “Ýeri,
onda sen olar bilen näme edýärsiňiz?”, “Hiç zat”.
Ejekem, elbetde meni barypýatan akmajyk hasaplaýan bolmaly, men hatda bir gezek onuň Attikus
men barada: “Ol akyl taýdan yzagalak” diýenini hem eşidipdim.
Biziň öýmüzde nähilidir bir düşnüksiz bulaşyklyk bardy, ýöne ol barada soraşdyryp anygyna ýetesiň
welin gelmeýärdi, onsoňam adatça ýekşenbe günleri Aleksandra ejemiň ýüzünden-gözünden gara
gyşyň hazanly ýeli öwsüp durýardy. Bu megerem, onuň gaty bilguşagy zerarly bolsa gerek. Ol çişik
däldi, emma özüne ýetik derejede etli-ganly daýaw zenandy, ol gaty bilguşagyny şeýlebir berk
çekýärdi welin, döşi edil çapyljak atyňky ýaly belentdenem beýikde dim-dik bolup durdy, edil ýöne
oňa tarap çala gözüňi aýlasaňam elheder alyberýärdiň. Bili dagysam bir gysym, yzyndan-a asyl örän
kaşaň bolup güpbe-güberçekläp dur. Bu ajap kaddy-kamaty demiň tutulyp synlap durşuňa biygtyýar
oýlanýarsyň, megerem mundan öňki ýaşaýşynda Aleksandra ejemiz gumsagat bolan bolara çemeli.
Umuman ony haýsy tarapyndan synlasaň synlaý, barybir öte epeý görünýärdi.
Günüň galan-gaçan bölegi pessaý tukatlykda geçdi, ýakyn garyndaşlaryň myhmançylyga gelse
hemişe-de şeýle bolýardy, soňra ulagyň sesi gulagymyza ildi welin, bize jan girip ugrady. Bu
Montgomeriden Attikusyň dolanyp gelýändigini aňladýardy. Jim özüniň indiden beýläk uly adamlar
ýaly salyhatly hem epeý bolmalydygyny undup, meniň bilen bilelikde kakamy garşy almaga ylgady.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 12
  • Parts
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 01
    Total number of words is 3841
    Total number of unique words is 2102
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 02
    Total number of words is 3827
    Total number of unique words is 2017
    29.3 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 03
    Total number of words is 3859
    Total number of unique words is 2027
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 04
    Total number of words is 3885
    Total number of unique words is 2047
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    47.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 05
    Total number of words is 3841
    Total number of unique words is 2023
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    40.3 of words are in the 5000 most common words
    47.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 06
    Total number of words is 3852
    Total number of unique words is 1981
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    46.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 07
    Total number of words is 3894
    Total number of unique words is 2053
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 08
    Total number of words is 3897
    Total number of unique words is 1975
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    47.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 09
    Total number of words is 3886
    Total number of unique words is 1975
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 10
    Total number of words is 3900
    Total number of unique words is 2012
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    40.7 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 11
    Total number of words is 3804
    Total number of unique words is 2027
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 12
    Total number of words is 3753
    Total number of unique words is 2094
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 13
    Total number of words is 3882
    Total number of unique words is 2070
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 14
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 2044
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    41.1 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 15
    Total number of words is 3779
    Total number of unique words is 2031
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    48.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 16
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 1993
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 17
    Total number of words is 3898
    Total number of unique words is 1817
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 18
    Total number of words is 3989
    Total number of unique words is 1828
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    49.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 19
    Total number of words is 3863
    Total number of unique words is 1979
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 20
    Total number of words is 3899
    Total number of unique words is 1979
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 21
    Total number of words is 3880
    Total number of unique words is 1973
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 22
    Total number of words is 3843
    Total number of unique words is 2030
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 23
    Total number of words is 3886
    Total number of unique words is 1981
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 24
    Total number of words is 3825
    Total number of unique words is 2038
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 25
    Total number of words is 3946
    Total number of unique words is 1886
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 26
    Total number of words is 3697
    Total number of unique words is 1784
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.