Latin

Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 07

Total number of words is 3894
Total number of unique words is 2053
29.5 of words are in the 2000 most common words
41.5 of words are in the 5000 most common words
48.4 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
butnamadyk...Ine şu ýerde Jim birden düwündi.
-Jenap Natan ýangyn söndürişmäge kömek edýärdi!-diýip ol gyssanmaç gepläp başlady:-Men
gördüm, gördüm, ol şol uly düşegi süýräp ýangyndan çykaryp gelýärdi...Attikus, çynymy aýdýan...
-Zyýany ýok, ogul,-diýip Attikus haýaljakdan gülümsiredi:-Megerem, ol ýa-da beýleki bir derejede,
tutuş Meýkomb öten gije köçä çykan bolmaly. Meniň pikirimçe, biziň ammarymyzda galyň kagyz
bolmaly, Jim. Şony alyp gel, biz...
-Ýok, ýok, jenap!
Şol pursat göwnüme bolmasa Jim däliredi. Ol edil ýaňralyk keseline duçar bolan ýaly biziň ähli
syrlarymyzy saýrap başlady, özi üçinem, meniň üçinem çekinmän, ähli zady bolşy ýaly ýaňrady,
agaçdaky köwek barada-da, jalbar barada-da...
-...jenap Natan agajyň köwegini sement bilen petikledi. Attikus, ol muny bilgeşleýin etdi, biziň şol
ýerden hiç zat tapmazlygymyz üçin...Attikus, belki ol däli-mežnundyr, ýöne çypbakaý-çynym, ol
ýeke-je gezegem, birje gezegem bize hiç hili erbet zat etmedi, şol gije bolsa ol meniň kellämi
düýpgöter, başbitin kesip bilýärdi, emma ol welin, beýtmegiň deregine meniň ýyrtyk jalbaryma ýama
salyp oturypdyr...ol bize hiç haçan ýamanlyk etmedi!
-Ýuwaş, ýuwaş, ogul!
Attikus muny öte mähirli aýtdy welin, men her näme-de bolsa biraz ynjaldym. Onuň Jimiň
ýaňranlaryndan ýekeje söze-de düşünmändigi mese-mälimdi, sebäbi ol diňe:
-Seniňki hak. Bu ýorgany-da özümizde goýaýarys. Belki haçanam bolsa bir Gözlüje oňa özüne
doňup galmaga ýol bermändigi üçin sagbolsun aýdyp biler.
-Kime „sagbolsun“?-diýip men soradym.
-Betnyşan Redlä. Sen şeýlebir ägirt uly yhlas bilen ýangyny synlap durupsyň welin, hatda onuň seni
öz ýorganyna çolandygyny hem duýmansyň.
Meniň aňrym-bärime geldi, men tas gaýtarýardym. Jim bolsa pursatdan peýdalanyp ýorgany ýerden
galdyrdy-da, pişik basyşyny edip maňa ýakynlap ugrady:
-Ol assyrynlyk bilen öýden çykandyr...jaýyň künjünden yşyklandyr...amadyny peýläp, ine şunuň ýaly
assajadan-assajadan seniň ýanyňa golaýlandyr...
-Bu oýna kelläňi gyzdyrma, Jeremi!-diýip Attikus guraksy aýtdy.
Jim bada-bat göneldi.
-Bärde beýtjek bolýanam ýok.
Emma men onuň gözlerindäki bezzat uçgunjygyň bir ýylp edip, dessine-de sönendigini saýgarmaga
ýetişdim. Jim täze oýny oýnap başlamak pikirinden dänmäge mejbur bolupdy.
-Wah!-diýip ol maňa ýüzlendi:-eger-de sen çalaja yzyňa gaňrylan bolsaň, ony görüp galardyň!
Günortan bizi Kelpurniýa oýardy. Attikus bu gün bize mekdebe gitmek gerek däl diýen ekeni, sebäbi
biz uzak gije çirim etmändigimiz üçin barybir hiç zat öwrenip biljek däl ekenik. Kelpurniýanyň özi
bolsa iň bolmanda az-owlagam bolsa howlyny ýygnaşdyrmak gerek diýdi.
Hanym Modiniň sypal başgaby buz örtüginiň aşagyndan edil bala gonan siňek ýaly çala görünýärdi,
bagbançylyk gaýçysyny bolsa doňup galan toýun üýşmeginden gazyp almaly boldy. Biz hanym
Modiniň onuň arka tarapdaky howlusynda tapdyk, ol dik durdy, özem doňup galan, ýalyn çabran
güllerine seredýärdi.
Jim:
-Biz siziň zatlaryňyzy getirdik, hanym Modi-diýdi:-Biz seýlebir gynanýarys...
Hanym Modi bize tarap öwrüldi, onuň ýüzünden öňküsi ýaly şadyýan ýylgyryşyň kölegesi sähel
salymlyk salgym atyp geçip gitdi.
-Men hemişe öz öýümiň biraz kiçiräk bolmagyny isleýärdim, Jim Finç. Oňa derek bagym uly bolar.
Özüň pikirlenip gör, indi güllerim üçin mende has köp ýer bolar!
-Siz düýbünden gynanmaýarsyňyzmy näme, hanym Modi?-diýip men geň galdym. Attikus hanym
Modiniň şu öýünden başga hiç zady ýok diýip aýdýardy ahyry.
-Gynanmakmy? Goýsana gyzjagaz, bu köne kümä men öňem zordan çydap ýördüm. Özüm ony gör,
näçe gezek eljagazym bilen otlamak isledim, emma beýtsem meni dälihana ýerleşdirerdiler.
-Ýöne...
-Men barada ynjalyksyzlanma, Jin Luiza Finç. Bu jahanda heniz seniň düşünmeýän zatlaryň hem
bar. Ine, indi men özüme kiçijik öýjagaz gurnaryn-da, oňa bir-iki jübüt kireýine ýaşaýjylary
goýbererin...Onsoň, Hudaý jan kessin, ynanaýyň, meniň bagym ştatda iň gowy bag bolar! Ine
görersiňiz, men bu tekepbir Billengreýsleri burnuny gaşamaga mejbur ederin!
Biz Jim bilen biri-birimize seredişdik.
-Bu ýangyn nädip döredi, hanym Modi?-diýip ol sorady.
-Bilemok, Jim. Megerem, aşhanada, tüsseçykardaky guruma ot düşen bolmaly. Men otagdaky
güllerimiň doňmazlygy üçin giç agşama çenli peçde odun ýakyp oturypdym. Ýogsa-da, meniň
eşitmişime görä, öten agşam seniň ýanyňa garaşylmadyk myhman gelen ýaly-la, hanym Jin Luiza?
-A siz ony nireden bilýärsiňiz?
-Attikus maňa irden, işe barýarka gürrüň berdi. Dogrusyny aýtsam, men şol ýerde siziň
durmandygyma örän gynandym. Ýöne şol wagt yzyma gaňrylmaga meniň-ä aklym ýeterdi.
Men hanym Modiniň diňläp durşuma haýran galýardym. Onuň ähli zady diýen ýaly ýanypdy, onuň
söýgüli bagy gandöküşikli jeňden soňky meýdana çalym edýärdi, oňa bolsa barybir, Jim ikimiziň
işlerimiz gyzyklydy!
Hanym Modi megerem meniň kelebimiň ujuny ýitirendigime düşündi öýdýän.
-Gije men diňe şeýle uly başagaýlyk dörändigi hem-de hemmeleriň başyna howp abanýandygy üçin
alada galdym. Sebäbi biziň ýaşaýyş toplumymyz bütinligine diýen ýaly ýanmagy ähtimaldy. Jenap
Eýweri bolsa bir hepdä golaý düşekde ýatmaly bolar, ol mazalyja gowrulypdyr. Ol indi oda özüni
urardan çakdan aşa garry, men onuň özüne şeýle diýibem aýtdym. Ine häzir bolsa men bir elimi
ýuwaýyn, onsoň Stiweni Krouford eýlesine dönen dessine, onuň gözün güýdüşip özümiň iň gowy
datly gatlakly kökämi bişirerin. Bu Stiweni bar-a, eýýäm otuz ýyl bäri menden şol kökämiň düzüminiň
hem bişirilişiniň syryny biljek bolup çyr-çytyr çytraşyp ýör, ýöne eger-de ol häzir özümiň onuň öýünde
wagtlaýyn ýaşaýandygym üçin öz syrymy açaryn öýdüp çaklaýan bolsa, öte ýalňyşýar.
Men bolsa pikir etdim, eger-de hanym Modi saklanyp bilmän öz syryny açaýanynda-da, barybir
hanym Stiweni hiç zat başarmaz. Men bir gezek hanym Modiniň özüniň meşhur gatlakly kökesini
bişirişini görüpdim, ähli zatdan daşgary, kökäniň hamyryna bir ullakan käse şeker guýmalydy.
Imi-salalyk gündi. Sowuk hem arassa howada islendik ses alyslara ýaýrap gidýärdi. Biz hatda
kazyýetiň binasyndaky sagadyň şygyrdap ugrandygyny-da eşitdik. Ol zaň urmaga taýynlanýardy.
Hanym Modiniň burny täsin reňklidi, men häzire çenli beýle zady görmändim, şonuň üçinem bu
näme üçin beýle diýip soradym.
-Men bu ýerde daňdan altydan bäri durun-diýip hanym Modi jogap berdi:-Megerem sowuk uran
bolsam gerek.
Ol ellerini galdyrdy. Onuň aýalary gatan gandan hem hapadan ýaňa goňralyp gidipdir, hemme ýeride jaýryk-jaýrykdy.
Jim:
-Siz eliňizi zaýalaýypsyňyz-ow-diýdi:-Näme üçin günlükçi garaýagyzlaryň birini çagyrmadyňyz? Ýada Gözlüje ikimizi çagyran bolsaňyzam bolýar, biz kömek ederdik-dä.
Hanym Modi:
-Men size minnetdar, jenap-diýdi:-Mensizem siziň işiňiz başyňyzdan agdyk ýaly-la.
Ol biziň howlumyza tarap baş atdy.
-Hä, siz bu Mofrodit barada aýdýarsyňyzmy?-diýip men soradym:-Äý biz ony häzir derrew eýläkbeýläk edişdirip, tekizläris.
Hanym Modi gözlerini tegeläp maňa dikildi, onuň dodaklary bolsa sessiz gymyldap durdylar.
Birdenem ol kellesine ýapyşdy-da, çasly jakgyldap başlady! Biz oňa aňalyp durdyk-durdyk-da,
soňam jyňkymyzy çykarman howlumyza gaýtdyk, ol bolsa şondan soňam gülüp durdy.
Barýarkak Jim oňa näme bolýandygyna düşünip bolmaz, bir söz bilen aýdanyňda juda täsin adam,
ine-de bar bolany diýip pyşyrdady.
xxxxx
-Gaýtmyşym diý!
Men gazaba münüp Sesil Jeýkobsa şeýle diýip herreldim, şol pursatdan başlabam Jim ikimiz üçin
ýaman günler başlandy. Men ýumrugymy düwdüm-de, söweşe taýýarlandym. Attikus eger-de meniň
ýene-de kimdir biri bilen saçýoldy oýnanymy eşidäýse, meni çygar çybyk bilen mazalyja
saýgylamaklygy wada beripdi, sebäbi ol aýtmyşlaýyn, men eýýäm ulalypmyşym, indi çagasyrap
ýörmegi bes etmelimişim, özüme erk edip, saklanmagy näçe çalt öwrensem hem hemmämiz üçin
şonça-da gowy boljakmyşyn. Ýöne men bu barada bada-bat ýadymdan çykardym.
Sesil Jeýkobs zerarly ýadymdan çykardym. Şol wakanyň öň ýanynda ol mekdebiň howlusynda
„Gözlüjäniň kakasy şar-garakirlileri goraglaýar“ diýip gygyrdy. Menem onuň bilen dawalaşyp
ugradym, soňam Jime aýtdym.
-Ol näme barada gykylyk turuzýar?-diýip soradym.
Jim:
-Hiç zat barada-diýdi:-Attikusdan sora, ol saňa düşündirer.
-Attikus, sen çyndanam şar-garakirlileri goraglaýarsyňmy?-diýip men agşam soradym.
-Hawa, elbetde. Ýöne „şar-garakirliler“ diýme, Gözlüje, bu örän gödek bolýar.
-Mekdepde hemmeler şeýle diýýär.
-Ýeri diýenlerinde näme, indiden beýläk bolsa senden başga hemmeler diýerler.
-Onda näme, eger-de sen meniň şeýle geplänimi islemeýän bolsaň, meni mekdebe gitmäge mejbur
edýärsiň?
Kakam dymyp maňa äňetdi-de, diňe gözleri bilen ýylgyrdy.
Kakam ikimiziň aramyzda eglişikli ylalaşyk henizem hereket edip ýören bolsa-da, men mekdep
durmuşyndan gerk-gäbe doýgundym, hemişe-de eýdip-beýdip sapaklara gitmezlige dyrjaşýardym.
Sentýabryň ilkinji günlerinden başlap, ýa meniň başym aýlanýardy, ýa aýaklarym göwrämi göterip
bilmeýärdiler, ýa içim towlaýardy, ýa şoňa meňzeş başga bir keseller meniň üstüme yzyny üzmän
hüjüm yzyna hüjüm edýärdiler. Men hatda hanym Reýçeliň aşpeziniň oguljygyna, onuň kellesine
kellämi süýkemek üçin soňkuja bäşköpükligimi hem beripdim, onuň kellesinde gijilewükli kel bardy.
Emma näçe yhlas etsem-de kel keseli maňa ondan ýokuşmandy.
Häzir welin, meniň başga bir aladam bardy.
-Attikus, hemme aklawjylar şar-garakirl... garaýagyzlary goraglaýarlarmy?
-Elbetde, Gözlüje.
-Onda näme üçin Sesil diňe sen şar-garakirlileri goraglaýaň diýip aýtdy? Ol muny şeýlebir dişinden
syzdyryp, erbet edip aýtdy welin...edil ýöne,...sen ogurlyk edýän ýaly bolup eşidildi.
Attikus uludan demini aldy.
-Men diňe garaýagyz adamyň hukuklaryny goraýaryn, onuň ady Tom Robinson. Ol şäheriň
zibilhanasynyň aňyrsyndaky kiçijek şäherçede ýaşaýar. Ol Kelpurniýa bilen bir ybadathana gatnaýar,
şonuň üçinem Kelpurniýa onuň tutuş maşgalasyny oňat tanaýar. Kel, olar örän oňat adamlar diýýär.
Sen heniz körpeje bolandygyň üçin, Gözlüje, ähli zada düşünmeýärsiň, ýöne şäherde köpler maňa
bu adam üçin yhlas etmeli däldigimi aýdyp, ýeňsämden gürrüň edýärler, ýüzüme gygyryşýarlar.
Ýöne bu düýbünden üýtgeşik iş. Ol diňe tomusky möwsümde seljeriler. Jon Teýlor bolsa eglişik edip
bize puryja berdi...
-Eger-de ony goramak gowy däl bolsa, onda näme üçin sen ony goraýarsyň?
Attikus:
-Onuň sebäbi köp-diýdi:-Iň esasy zadam eger-de men ony goramasam onda adamlaryň gözüne
seredip bilmerin, ştatyň kanunçykaryjy ýygnagynda öz okrugymyza wekilçilik edip bilmerin, hatda
Jim ikiňize-de beýle iş etmäň, ine şunuň ýaly hereket ediň diýibem bilmerin.
-O nähili? Diýmek onda, eger-de, sen ol adamyň hukuklaryny goramasaň, onda Jim ikimiz saňa
gulak gabartman, islän zadymyzy edip bilýäris bolýar-da?!
-Hawa, takmynan şeýle.
-Näme üçin?
-Sebäbi şeýle ýagdaýda men sizden özüme gulak asmagy talap edip bilmerin. Biziň işimiz şeýle-dä,
Gözlüje, her bir aklawjynyň durmuşynda iň bolmanda bir gezek şeýlebir iş bolýar, şol işem onuň öz
durmuşyna-da täsir edýär. Ine şu iş hem, megerem, meniň üçin şeýle iş bolsa gerek. Mümkin, bu iş
zerarly sen mekdepde örän köp ýaramaz gep-gürrüňleri eşitmäge mejbur bolarsyň, ýöne men
senden bir zat barada towakga edýän, başyňy belent tut-da, her bir bolgusyzlyk üçin darkaşa girme.
Kim näme diýse-de özüňi gazap atyna atlandyrmaga mümkinçilik berme. Kämahalam, hemişekiň
dek diňe eliň bilen däl-de, az-da kän-de üýtgeşiklik bolar ýaly kelläň bilenem söweşmäge dyrjaşsaň
gowy bolar... Seniň bujagaz kellejigiň edil beýlebir erbedem däl, ýogsa dogrusy ol okuw okamaga
öte erjel garşylyk görkezse-de görkezýändir welin...
-Attikus, biz bu işde ýeňerismi?
-Ýok, körpejäm.
-A onda näme...
Attikus:
-Sebäbi bizi ýüz ýyl mundan ozal ýeňip, mazaly ýepbeklän bolsalar-da, barybir entek-enteklerem
söweşmeli bolýarys-da...-diýdi.
Men:
-Sen-ä edil Aýk Finç kakamyz ýaly gürleýäň-diýdim.
Biziň Aýk Finç kakamyz Günorta Goşunyň Meýkomb okrugynda ýaşap ýören ýeke-täk esgeridi.
Onuň sakgaly edil general Hudyňka çalymdaşdy, olam muňa gülkünç buýsanýardy. Her ýylda
azyndan bir gezek Attikus bizi-de ýanyna alyp onuňka görme-görşe barýardy. Onsoň men ony
öpmäge mejbur bolýardym. Bu örän aýylganç ezýetdi. Attikus bilen Aýk kakamyz ýene-de we ýenede şol uruş barada jedelleşýärdiler, Jim ikimiz bolsa olary hormat bilen diňläp oturýardyk.
-Men şeýle diýip aýtjak, Attikus,-diýip Aýk kakam basym berip gepleýärdi:-Missuri dildüwşügi – ine
näme biziň başymyza ýetdi. Eger-de maňa täzeden başlamaklyga mümkinçilik berlen bolsady, onda
men ýene-de şol ýoly geçerdim we ýekeje ädim hem yza tesmezdim, özi-de bu gezek biz olaryň
mazalyja eýini ýetirerdik...Ine altmyş dördünji ýylda welin, biziň üstümizden Daşbeden Jekson
eňterilipdi... bagyşlaň, ýaş ýigitler... altmyş dördünji ýylda Garry Ýangyn söndüriji eýýäm Hudaýa
amanadyny tabşyrypdy, goý onuň ýatan ýeri ýagty bolsun...
Attikus:
-Bärik gel, Gözlüje-diýdi.
Men onuň dyzyna mündüm-de, kellämi döşüne goýdum. Ol meni iki eli bilenem gujaklady-da,
huwwalaýan ýaly assajadan iki-baka yralap başlady.
Ol:
-Bu wagt ähli zat başgaça-diýdi:-Häzir biz ýankiler bilen däl-de öz dostlarymyz bilen söweşýäris.
Ýöne ýadyňdan çykarma, nähili rehimsiz garpyşmaly bolsa-da, barybir olar biziň dostlarymyzdyr, bu
bolsa biziň mähriban ülkämizdir.
Men muny ýadymdan çykarmaýardym, emma barybir ertesi gün mekdebiň howlusynda Sesil
Jeýkobsyň öňünde jylawymdan çekilen ýaly kürtdürip durdum.
-Ýeri, gaýtmyşym edýärsiňmi?
-Edäýmerin!-diýip ol ulili bilen gygyrdy:-Biziň öýmüzde seniň kakaň bütin şäheri wejera edýändigini,
ol şar-garakirlini bolsa belendräk ýerden asmalydygyny aýdýarlar.
Men onuň tumşugyna kakyp goýbermäge çemelendim, emma birdenkä Attikusyň aýdanlary
hakydama geldi welin, men ýumrugymy ýazdym-da, ol ýerden ýeňsämi el ýaly etdim.
-Gorkdy! Gorkdy!-diýip meniň gulagym ýaňlanýardy.
Ömrümde ilkinji gezek men garpyşykdan ýüz dönderipdim.
Eger-de çynlakaý ölçerip-dökseň, näme üçindir eger-de men uruşsam Attikusa dönüklik etjekdigim
hakyndaky netije gelip çykýardy. Ol bolsa Jim ikimizden nämedir bir zady örän seýrek haýyş
edýärdi...gowusy, men onuň üçin ähli zada döz geleýin-le, munuň üçinem goý maňa züwwetdin diýip
dodaklaryny çöwürseler çöwrübersinler. Men özümiň geçirimliligime hem-de Attikusyň haýyşyny
ýadyma salyp saklanyp bilendigime haýranlar galyp aňyrsyna çykyp bilmeýärdim. Şeýle ýagdaý-da
men ýene-de tutuş üç hepdeläp özümi örän asylly hem geçirimli alyp bardym, soň bolsa täze ýylyň
öňisyrasy gelip ýetdi we meniň başymdan bela-beter indi.
Täze ýylyň gelip ýetmegine biz Jim bilen birhili garym-gatym, düşnüksiz duýgulara beslenip
garaşýardyk. Täze ýyl arçasy we Jek Finç kakamyz – bu örän ajaýypdy. Her ýyl täze ýyl baýramynyň
öňisyrasynda biz Meýkomb demir ýol menziline Jek kakamyzy garşy almaga gidýärdik, onsoň ol
bizde tutuş bir hepdeläp myhmançylykda bolýardy.
Ýöne bu baýramçylygyň ters ýüzi-de bardy – Aleksandra ejemiziň we Frensisiň ýanyna gutulgysyz
görme-görşe barmak.
Megerem bu ýerde „Jimmi kakamyzyň hem“ diýip üstüne goşmak gerekdir, sebäbi ol Aleksandra
ejemiň adamsydy, ýöne ol hiç haçan meniň bilen hatda gepleşmeýärdi hem, diňe bir gezek:
„Haýadyň üstünden düş“ diýipdi. Şonuň üçinem men onuň bardygyny ap-arkaýyn undubam bilerin.
Aleksandra ejemiň özi-de onuň bardygyny kän bir ýadynda saklap durmaýardy. Bir wagtlar, olar
birek-birege mähirli hyjuwlary joşan pursatlary Genri atly ogullaryny dünýä inderipdirler. Ol bolsa
ilkinji mümkinçilikden peýdalanyp öýünden gaçyp gidipdir-de, öýlenip, Frensisiň dogulmagyna sebäp
bolupdyr. Her ýyl, täze ýyl baýramçylygynyň öňisyrasynda Genri bilen aýaly Frensisi atasy bilen
enesine tabşyrýardylar-da, özlerem şady-horramlyga ýüz urmaga gidýärdiler.
Biz näçe ah çekip, arasyny kesmän uludan demimizi alyp ýörsek-de, Attikus baýramçylygyň ilkinji
günleri bize öýmüzde galmaga rugsat bermeýärdi. Men özümi bilelim bäri biz täze ýylyň
öňisyrasyndaky Isa pygamberiň dünýä inmeginiň baýramyny „Finçiň duralgasynda“ geçirýärdik.
Aleksandra ejemiň örän eli süýjüdi, iň bolmanda şu ýagdaý belli bir derejede Frensis Henkok bilen
bir tünekde baýramçylyk bellemegiň ezýetiniň öwezini dolýardy. Frensis menden bir ýaş uludy. Men
hemişe-de ondan daşrakda duranymy kem görmeýärdim. Sebäbi ol maňa ýaramaýan ähli zatlardan
lezzet alýardy, meniň iň bir günäsizje güýmenjelerim bolsa oňa ýaramaýardy.
Aleksandra ejem Attikusyň süýtdeş uýasydy, ýöne haçan-da Jim maňa çalşyrylan hem taşlanan
çagalar barada gürrüň berenden soň, men megerem Aleksandra ejemi sallançakdaka başga bäbek
bilen çalşyrandyrlar, onsoň atam bilen enemem bilmän kesekileriň çagasyny terbiýeläp
ýetişdirendirler, hakykatda bolsa, ol Finçlerden däl-de Kroufordlardan bolaýmasa diýen netijä geldim.
Eger-de men kazylary we aklawjylary jadylanan daglaryň hemişe yzarlap gelýändigine çynym bilen
ynanýan bolsamdym, onda Aleksandra ejemi Ewerest diýip hasaplardym. Meniň çagalygymyň ähli
ýyllarynda ol hemişe meniň ýanymda öz tekepbirligi hem dabaraly özüni alyp barşy bilen meni
elheder aldyryp desbi-dähil bolup gezipdi.
Ahbetin täze ýylyň öňisyrasy-da gelip ýetdi, otlynyň wagonyndan Jek kakam böküp çykdy, ýöne biz
onuň iki sany uzyn kagyz düwünçegini göterip gelýän ýük göterijä garaşmaly bolduk. Jek kakamyň
Attikusyň ýaňagyndan şapbyldadýandygy hemişe Jim ikimiziň gülkimizi tutdurýardy, sebäbi beýleki
erkek kişiler hiç wagt biri-birini öpmeýärdiler. Jek kakam Jim bilen elleşip salamlaşdy, meni bolsa
bagryna basdy-da, al-asmana, ýöne gaty beýge däl oklap gapdy. Onuň boýy Attikusyňkydan bir kelle
dagy pesdi. Jek kakamyz maşgalanyň kiçisidi, Aleksandra ejemden hem ýaşdy. Olaryň ýüz-keşbi
meňzeşdi, ýöne megerem Jek kakam öz ýüzüne has gowurak eýelik eden bolara çemeli, onuň çüri
burny hem eňegi bizi jinnek ýaly-da üýşendirmeýärdi.
Ol meniň dynnym ýalyjak-da çekinmeýän ylymly adamlarymyň biridi, megerem onuň özüni lukman
ýaly alyp barmaýandygy üçin bu şeýledir. Eger-de ol maňa ýa-da Jime owunjak em etmeli bolan
ýagdaýynda – aýdaly, dabandan tiken çykarmaly bolsa – hemişe öňünçäsi nädip we näme etjek
bolýandygyny, etjek bolýan hereketiniň agyrylydygyny ýa-da däldigini we şol iş üçin haýsy
müçenekleriň gerekdigini aýdýardy. Bir gezek, şol saparam täze ýylyň öňisyrasynda meniň aýagyma
ýogyn, egri, äpet tiken çümdi, onsoň menem hiç kimi hatda ýanyma-da golaýlatman şol tikenim bilen
burçdan burça gaçdym ýördüm. Jek kakam bolsa meni tutdy-da, ybadathana gitmegi düýbünden
halamaýan bir ruhany barada gülkünç gürrüň berip başlady. Ol ruhany hamana her gün
derwezesiniň öňüne çykýarmyş-da, suw çilimini tütedip, her bir öwüt-ündewe mätäç bolan ötegçä
bäş minutlyk wagyz aýdyp berýärmiş. Jykyr-jykyr jykyrdap durşuma men Jek kakamdan haçan tikeni
aýagymdan çykaryp başlajakdygyny aýtmagy haýyş etdim, şonda ol maňa müçenek bilen tutup
duran gana boýalan tikenini görkezip, ony men gülüp durkam çykarandygyny aýdypdy. Şonda-da
men bu dünýäde ähli zadyň, şol sanda agyry bilen gorkynyň hem belli derejedäki zatlardygyna
düşünipdim.
-Bu näme?-diýip men Jek kakama hammalyň beren uzyn, inçe kagyz dolaklary barada soradym.
-Bu seniň işiň däl-diýip Jek kakam jogap gaýtardy.
-Roza Eýlmeriň ýagdaýlary nähili?-diýip Jim sorady.
Roza Eýlmer Jek kakamyň pişigidi. Ol çypar hem örän owadandy, Jek kakam: „Ol meniň öz
ýanymda bolmaklaryna islendik wagtlap çydap bilýän seýrek zenan maşgalalarymyň biri“ diýýärdi.
Jek kakam kisesine elini sokdy-da, bize pişiginiň birnäçe fotosuratlaryny görkezdi. Suratlar juda oňat
düşürilipdir ekeni.
Men:
-Ol çakdan aşa çalt semreýär-diýdim.
-Bu ýerde geň galyp oturasy hiç zat ýok. Ol meniň hassahanada kesýän gulaklarymyň we
barmaklarymyň ählijesini ýeke özi lak-luk atýar ahyry.
Men:
-Goý meni jyn ursun, bu beýle däldir!-diýdim.
-Bagyşlaň, siz nähili söz diýdiňiz?
Attikus:
-Oňa üns berme, Jek,-diýdi:-Ol şeýdip seni synap görýär. Kel onuň eýýäm bir hepde bäri arasyny
üzmän sögünýändigini aýdýar.
Jek kakam gaşlaryny gerdi, ýöne maňa kelam agyz zat diýmedi. Sögünç sözler maňa dogrusy,
öňem, ýöne özbaşlaryna-da ýaraýardy, ýöne meniň beýle hereket etmegimiň esasy sebäbi welin,
başgady. Eger-de Attikus meniň mekdepde hapa-paýyş sögünmegi öwrenendigimi görse, meni
şondan beýläk mekdebe gatnamaga mejbur etmez öýdýärdim.
Ýöne agşam naharyny iýip otyrkak men: „Haýyş edýän, maňa şol kakadylan al kakmyş göle etini
geçirseňizläň“ diýenimde Jek kakam haýbat bilen süýem barmagyny maňa garşy çommaltdy-da:
-Men siziň bilen nahardan soň gepleşerin, mertebeli hanym!-diýdi.
Agşam naharyndan soň Jek kakam myhman otagyna geçip, kürside oturdy-da, dyzyna çalaja kakdy.
Bu onuň: „bärik mün“ diýdigidi. Men ony ysgamagy gowy görýärdim, ondan edil şeraply çüýşeden
gelýän ýaly nähilidir birhili süýji ys gelýärdi. Ol meniň maňlaýyma dökülip duran alyn saçymy
süýşürdi-de, ýüzüme çiňerildi. Ol:
-Sen ejeňden Attikusa has beter meňzeýärsiň-diýdi:-Özem indi sen göwnümemi nämemi, ýa çakdan
aşa ulalýaň, ýa çenden artyk akyllanýaň, maňa hatda sen eýýäm öz jalbaryňdan ulalanam ýaly bolup
görünýärsiň.
-Meniň pikirimçe bolsa olar maňa laýyk şapylaşyp durlar.
-Görýän welin, saňa „al kakmyş“, „jyn“, „arwah“ ýaly her hilije sözjagazlar ýaraýan ýaly-la?
Bu örän dogrudy.
Jek kakam:
-Maňa welin beýle sözler ýaramaýar-diýdi:-Eger halys zerur bolmasa, men seniň ýeriňe bolan
bolsam şeýle sözleri gören ýerimde gaýtalap ýörmezdim. Men bärde bir hepdeläp dagy bolmakçy,
şol wagtyň içinde-de ýaňka meňzeş zatlaryň hiç birisini eşidesim gelmeýär. Eger-de sen şeýle
sözleri çem gelen ýerde aýdyşdyryp ýörseň, Gözlüje, sen öz başyňa käbir islenilmeýän başdan
geçirmeleriň inmegini gazanarsyň. Onsoňam, seniň hakyky mertebeli hanym bolup ýetişesiň
gelýändir ahbetin?
Men: „Beýlebir bir isläbem baramok, şony“ diýdim.
-Elbetde isleýänsiň, indi bolsa ýör, arçanyň ýanyna gideli.
Biz arçany giç agşama çenli bezedik, soňra gije meniň düýşüme Jim ikimiz üçin niýetlenen iki sany
süýnmek kagyz dolaklar girdi. Ertesi irden biz Jim bilen olary arçanyň aşagyndan tapdyk, olar
Attikusyň täze ýyl sowgadydy, Jek kakam olary kakamyzyň haýyşy bilen getiren ekeni, özem olar
tüýs biziň isleýän zadymyz ekeni.
-Öýde bir beýtmäň-diýip Attikus haçan-da Jim diwardan asylgy suraty didiwana mündürende haýyş
etdi.
Jek kakam:
-Görýän welin, saňa olara az-owlak tüpeň atmagy öwretmek gerekmikä diýýärin-diýdi.
Attikus bolsa:
-Ine bu welin, seniň işiň-diýdi:-Men diňe gutulgysyz täleýime ten berdim.
Biziň arçanyň ýanyndan hiç aýrylasymyz gelmedi, tä Attikus bize özüniň söýgüli hukuk jümleleri bilen
ýüzlenenden soň biz ol ýerden çekildik. Ol bize howa basyşy bilen güllejik atýan tüpeňimizi „Finçiň
duralgasyna“ gidenimizde ýanymyza almaga rugsat bermedi (Ýogsa dogrusy, men şol pursat
Frensisi atyp tükgertmek barada meýillenmäge-de başlapdym). Attikus bize eger-de biz tüpeňler
bilen haýsydyr bir bezzatlygy etsek, onda olary yzyna alyp, soňam bermejekdigini duýdurdy.
„Finçiň duralgasy“ kenaryň kert erňeginde ýerleşýärdi, aşak, gaýyk duralgasyna bolsa üç ýüz altmyş
alty sany basgançak eltýärdi. Akymyň ugruna has daşrakda, kert erňegiň aňyrsynda, köne gaýyk
duralgasynyň galyndylary görünýärdi, ol ýerde gadym döwürlerde Finçiň garaýagyz gullary gämilere
pagta gülebentlerini ýükläp, olardan buz, bal, un, şeker we oba hojalyk gurallaryny hem-de
zenanlaryň lybaslaryny düşürer ekenler. Kenardan giň ýol uzalyp, tüm-garaňky tokaýda ýitip gidýärdi.
Ýol iki gatly ak jaýyň alkymyna eltýärdi, jaýyň daş-töweregi eýwanlydy, ýokary gatynda bolsa giň
däliz bardy. Biziň aňrymyz Saýmon Finç garran uçurlary bu jaýy iňirdewük aýalyna ýaranmak üçin
gurupmyş, ýöne eýwanlary hem-de dälizi bilen bu jaýyň öz zamanasynyň beýleki adaty jaýlary bilen
meňzeşligi doly tamamlanýardy. Sebäbi onuň içki gurluşy Saýmon Finçiň päkgöwünligine hem-de öz
zürýatlaryna bolan beýik ynamyna şaýatlyk edýärdi.
Ýokarky gatda alty sany ýatylýan otag bardy, dördüsi onuň sekiz sany gyzy üçin, biri ýalňyz ogly
Uilkom Finç üçin, galan birisi bolsa garyndaşlyk gatnaşygy bolan myhmanlar üçin. Bu gurluş
göräýmäge örän sada ýaly, emma gyzlaryň otagyna diňe bir basgançak bilen, ogly hem-de
myhmanlaryň otagyna bolsa diňe başga bir basgançak bilen baryp bolýardy. Gyzlaryň basgançagy
aşaky gatdaky ene-atalaryň ýatylýan otagynda başlanýardy, şol sebäpli-de Saýmon Finç gijelerine
özüniň her bir gyzynyň her bir ädimine belet bolup ýatyp bilýän ekeni.
Aşhana uly jaýdan aýratyn ýerleşýärdi we ony jaý bilen ýapyk däliz birleşdirýärdi. Jaýyň arka
tarapynda sütünden posly jaň asylgydy, onuň bilen meýdan işleýän günlükçi garaýagyzlary nahara
çagyrýardylar, ýangyn ýa-da başga bir betbagtçylyk barada habar berýärdiler. Jaýyň üçegi tekizdi,
aýdyşlaryna görä, öňler dul galan aýallaryň ýekelikde gezmelemekleri üçin üçekleri şeýle edip
gurýan ekenler. Ýöne bu üçekde hiç hili dul aýallar gezim etmändir, onuň üstüne çykyp Saýmon Finç
özüniň gullarynyň gözegçisini yzarlapdyr, derýadan geçýän gämileri synlapdyr, golaýyndaky öz mülk
ýerleriniň kärendeçileriniň nähili ýaşaýandyklaryna ogrynça gözegçilik edipdir.
Beýleki köp jaýlar ýaly bu jaý barada-da ýankiler bilen uruş döwrüniň rowaýaty bardy. Hamana
Finçleriň kowmundan bolan hem-de şol waka bolmazynyň öň ýanynda bir ýigit bilen adaglanan bir
gyz, çar-töwerekde ysyrganyşyp, pelesaň kakyp ýören garakçylara şam bolmazlygy üçin özüniň
elbukjasyndaky ähli lybaslaryny geýipdir-de, gyzlaryň dar basgançagyndan aşak düşmekçi bolanda
oňa dykylyp, ne eýläk ne beýläk, gymyldap bilmän galypdyr, ýöne onuň üstünden buz ýaly suwy
eňteripdirler-de, ony ahyrsoňy itekläp-çekelekläp ýere düşüripmişler.
Biz „Duralga“ geldik, Aleksandra ejem Jek kakamy ogşady, Frensis hem Jek kakamy ogşady, Jim
kakam bolsa sesini çykarman Jek kakamyň elini gysdy, biz Jim bilen Frensise täze ýyl sowgadyny
gowşurdyk, ol bolsa bize. Jim bada-bat özüniň eýýäm ulalandygyny syzdy we ulularyň ýanyna çekildi,
doganoglanymy güýmemek bolsa meniň başyma düşdi. Frensis eýýäm sekiz ýaşap geçipdi we ol
saçyny yzyna gaňtaryp daraýardy.
-Saňa täze ýylda näme sowgat berdiler?-diýip men örän sypaýyçylyk bilen soradym.
Ol:
-Men näme haýyş eden bolsam, şony-diýdi.
-Örän gowy-diýip men kiçi dilden bäri aýtdym:-Jim ikimize howa basyşy bilen atylýan tüpeň sowgat
berdiler, Jime bolsa ýene-de himiýa toplumyny hem...
-Megerm oýnawaç bolsa gerek.
-Ýok, hakykysyny. Ol maňa göze görünmeýän syýa ýasap berer, onsoň men şol syýa bilen Dille hat
ýazaryn.
Frensis munuň näme üçin gerekdigini sorady.
-Sen näme düşünmeýärsiňmi? Ol menden hat alar, bukjanyň içinden bolsa boş kagyz çykar – onuň
haýran galmakdan ýaňa gözi çaşarar ahyry!
Frensis bilen gepleşmek edil juda haýallyk bilen ummana çümen ýaly bir zat, iň düýbüne çenli. Men
bütin ömrüme başga bir şeýle ýürekgysgynç oglanjygy görmedim. Ol Mobilde ýaşaýardy, şonuň
üçinem men barada mugallymlara şugullap bilmeýärdi, ýöne özüniň bilýän zatlarynyň ählisini
Aleksandra ejeme aýtmaga welin, mümkinçilik tapýardy, ol bolsa öz gezeginde Attikusa içini
dökýärdi. Attikus bolsa käwagtlar-a aýdylanlary bir gulagyndan girizip beýlekisindenem çykaryp
goýberýärdi, kämahallaram maňa mazaly käýýäp göwün solpusyndan çykýardy. Umuman keýpi
kellesindedi. Bir gezek bolsa ol Aleksandra ejeme sesini gataldyp:
-Uýam, men olara başarymça edep-terbiýe berýärin!-diýipdi.
Men hiç wagt onuň kimdir birine şeýle gaty-gaýrym jogap berendigini eşitmändim. Anyk ýadyma
düşmeýär welin, meniň çaklaýşyma görä, şol gürrüň meniň erkek kişileriň iş geýiminde oglanjyk ýaly
jalaýlyk satýandygymdan başlanypdy öýdýän.
Meniň geýim-gejimim baradaky alada Aleksandra ejemiň hut janyny alyp gelýärdi. Bir gezek ol maňa
eger-de men jalbarda şallaklap ýörsem menden hiç haçanam hakyky asylly hanym çykmaz diýdi,
menem oňa uzyn köýnekde hiç zadam işläp bolmaýar, aýagyňa çolaşýar diýdim welin, Aleksandra
ejem maňa ýerine ýetirmek üçin jalbar geýmeli bolýan işler bilen meşgullanmagyň meniň derkaryma
däldigini aýdyp jogap berdi. Aleksandra ejemiň düşünjesine görä, men oýnawaç okarajyklar, çäýnekkäsejikler bilen gümra bolmalydym, özüniň maňa dünýä inenimde peşgeş beren emeli merjenden
monjugyny dakynmalydym, onsoňam kakamyň ýalňyzlykdan dos-doly durmuşyny röwşen nurym
bilen şöhlelendirmelidim. Men şonda: „jalbarly gezseňem barybir islän zadyňy şöhlelendirip
bolýandyr-la“ diýdim, emma Aleksandra ejem: „ýok“ diýdi, hamana men edil röwşen şöhlejik ýaly
bolmalymyşym, hamana men oňatja gyz bolup doglanmyşym, indi bolsa ýyl-ýyldan erbetleşip,
kakabaşlaşyp barýarmyşym. Ol meni tükeniksiz kötekläp, üznüksiz masgaralap tüketmedi, tüketmedi,
ahbetin men çydaman, Attikusdan soradym. Ýöne ol:
-Biziň maşgalamyzda röwşen şöhleler öňem ýetik-diýdi:-Öz işiň bilen boluber, umuman alanyňda
sen şu bolşuň bilen hem belli bir derejede meniň göwnüme ýaraýýan ýaly öz-ä.
Baýramçylyk nahary wagty, aşhanada meni özbaşyma, aýratyn oturtdylar, Jim bilen Frensis bolsa
ulular bilen bir saçagyň başyndadylar. Aleksandra ejem Jim bilen Frensis birmahala ulularyň
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 08
  • Parts
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 01
    Total number of words is 3841
    Total number of unique words is 2102
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 02
    Total number of words is 3827
    Total number of unique words is 2017
    29.3 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 03
    Total number of words is 3859
    Total number of unique words is 2027
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 04
    Total number of words is 3885
    Total number of unique words is 2047
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    47.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 05
    Total number of words is 3841
    Total number of unique words is 2023
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    40.3 of words are in the 5000 most common words
    47.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 06
    Total number of words is 3852
    Total number of unique words is 1981
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    46.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 07
    Total number of words is 3894
    Total number of unique words is 2053
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 08
    Total number of words is 3897
    Total number of unique words is 1975
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    47.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 09
    Total number of words is 3886
    Total number of unique words is 1975
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 10
    Total number of words is 3900
    Total number of unique words is 2012
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    40.7 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 11
    Total number of words is 3804
    Total number of unique words is 2027
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 12
    Total number of words is 3753
    Total number of unique words is 2094
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 13
    Total number of words is 3882
    Total number of unique words is 2070
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 14
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 2044
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    41.1 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 15
    Total number of words is 3779
    Total number of unique words is 2031
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    48.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 16
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 1993
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 17
    Total number of words is 3898
    Total number of unique words is 1817
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 18
    Total number of words is 3989
    Total number of unique words is 1828
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    49.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 19
    Total number of words is 3863
    Total number of unique words is 1979
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 20
    Total number of words is 3899
    Total number of unique words is 1979
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 21
    Total number of words is 3880
    Total number of unique words is 1973
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 22
    Total number of words is 3843
    Total number of unique words is 2030
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 23
    Total number of words is 3886
    Total number of unique words is 1981
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 24
    Total number of words is 3825
    Total number of unique words is 2038
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 25
    Total number of words is 3946
    Total number of unique words is 1886
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 26
    Total number of words is 3697
    Total number of unique words is 1784
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.