Latin

Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 01

Total number of words is 3841
Total number of unique words is 2102
30.7 of words are in the 2000 most common words
42.3 of words are in the 5000 most common words
48.8 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Terjime eden: Serdar Ataýew
“Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar”
Çarlz Lem
BIRINJI BÖLÜM
On üç ýaşy dolmazyndan biraz öň, doganym Jimiň eli döwüldi. Haçan-da Jim futbol oýnap bilmerin
öýdüp gorkup ýörmegini bes edenden we eli bitenden soň, ol eliniň şeýlediginden utanmagyny hem
taşlady diýen ýaly. Onuň çep eli sagyndan az-owlak gysgalypdy. Jim duranda ýa-da ýörände aýasy
böwrüne tarap gyralygyna gyşaryp durýardy. Ýöne onuň üçin munuň parhy ýokdy – diňe ylgamaga
we pökgi kowalamaga päsgel bermese bolýardy.
Birnäçe ýyldan soň, bu waka geçmişe öwrülende, biz bir gezek munuň şeýle bolmagyna getiren
hadysalar barada jedelleşdik. Men: “hemme zat Ýuellerden başlady” diýdim, ýöne Jim – ol bolsa
menden dört ýaş uly – hemme zadyň ondan has öň başlanandygyny aýtdy. Ol: “biziňkä Dilliň gelen
tomsunda başlandy” diýdi – Dill ilkinji bolup Betnyşan Redlini aldap öýünden çykarmagy oýlap
tapypdy.
Men bolsa, eger-de köküni gözlejek bolsaň, onda ähli zat Endrýu Jeksondan gözbaşyny alyp
gaýdýar diýdim. Eger-de general Jekson Derýajyk taýpasynyň hindilerini derýajykdan ýokarylygyna
kowmadyk bolsady, Saýmon Finç öz gaýygynda Alabamadan ýokarylygyna ýüzüp gelmezdi – şonda
bize nämeler bolardy?
Uly adamlara jedeli ýumruk bilen çözmek gelişmeýär, şonuň üçinem biz gitdik-de Attikusdan soradyk.
Kakam ikiziňki hem dogry diýdi.
Biziň aslymyz günortaly. Bize belli bolşuna görä, ata-babalarymyzyň hiç biri-de Gastingsde
söweşmändir (1066-njy ýylda, Gastingsde iňlissakson koroly Garoldyň goşunlary ýeňlişe sezewar
bolupdyr, şondan soň norman gersogy Wilgelm I ýurdy çalt basyp alyp, Angliýanyň koroly bolupdyr.
Finçleriň ata-babalary şol söweşe gatnaşmandyrlar, şoňa görä-de olar köne iňlis asylzadalaryna
(aristokratiýasyna) degişli däl). Dogrusyny aýtsaň, biziň maşgalamyzda käbirleri munuň
şeýlediginden utanýardy hem. Biziň şejere daragtymyz bary-ýogy Saýmon Finçden başlanýar, ol
asly Kornuelden bolan tebip hem ölemen awçy, çaksyz takwa, iň esasy zadam ýerinden gelme husyt
bolupdyr. Angliýada özlerini metodistler diýip atlandyrýan adamlara, olaryň has erkin pikirli
doganlarynyň öte azar berýändikleri Saýmona ýaramaýar eken. Ol hem özüni metodist diýip
atlandyrýan ekeni, şonuň üçinem ol Atlantik ummanynyň üsti bilen Filadelfiýa, ondan Ýamaýka,
ondan Mobile we ondan has uzagraga, Sent-Stiwense tarap, alys ýola rowana bolupdyr.
Jon Uesliniň almak-satmakda köp ýaňramagy neneňsi zabun ýazgarýandygyny ýadynda saklaýan
Saýmon assyrynlyk bilen lukmançylygy-da baş goşup, ep-eslije baýlyk gazanypdyr, ýöne şol bir
wagtda-da ol özüniň Hudaýyň halamajak maýyl ediji zatlarynyň öňünde durup bilmezliginden –
mysal üçin, altyna we beýleki suwjuklyklara beslenip başlamagyndan hem howatyr edipdir. Ine-de ol
özüniň mugallymynyň adamlara gurallar ýaly eýelik edýänler hakynda ýazgaryjy garaýyşlaryny
unudyp, üç sany guly satyn alypdyr we Alabamanyň kenarynda, Sent-Stiwensden kyrk mil ýokarda,
olaryň kömegi bilen mülk gurupdyr. Soň Sent-Stiwense ol diňe birje gezek dolanypdyr we şol ýerdede özüne aýal tapynypdyr, şolardan hem Finçleriň nesli gaýdypdyr, özi-de olardan köplenç gyz
dünýä inýär ekeni. Saýmon gaty garraýança ýaşapdyr we tütjar baý bolup aradan çykypdyr.
Biziň maşgalamyzda erkekler, adatça Saýmonyň “Finçiň duralgasy” atly mülkünde galypdyrlar we
pagta ekip ýetişdiripdirler. “Duralga” daş-töweregini gurşaýan, hatda korollyk ýaýlaglaryna-da gaýra
dur diýdirjek mülkleriň arasynda juda horaşaja görünse-de, ol garaşsyz ýaşaýyş üçin zerur zatlaryň
ählisini beripdir, diňe buz, un, geýimlerdir-aýakgaplar bug gämisi bilen Mobilden getirilipdir.
Demirgazyk bilen Günortanyň arasyndaky dawa, belki Saýmonyň güýçsüz gazabynyň tutaşmagyna
getirse-de getirerdi, sebäbi ol onuň nebereleriniň ýerden galan ähli zadyny gaňryp aldy. Ýöne olar
ýer eýeleri bolup galdylar we diňe ýigriminji asyrda maşgala dessury bozuldy, meniň kakam Attikus
Finç hukugy öwrenmek üçin Montgomerä, onuň jigisi bolsa Bostona lukmançylygy öwrenmäge
gidipdir. “Finçiň duralgasynda” diňe olaryň uýasy Aleksandranyň ýeke özi galypdyr, ol hem uzak
günläp, derýanyň ýakasyndaky sallançakda, öz çeňňegine balyk eýýäm düşdümikä ýa düşmedimikä
diýip, pal atyp ýatan bir ýuwaşja bendä durmuşa çykypdyr.
Okuwyny tamamlap meniň kakam Meýkomba dolanyp gelipdir we aklawjylyk işi bilen meşgullanyp
başlapdyr. Meýkomb – bu “Finçiň duralgasyndan” gündogarlygyna ýigrimi millikdäki okrug merkezi.
Kazyýetiň ymaratynda Attikusyň, eger-de başgaplar üçin asgyjy, tüfdany, küşt tagtasynydyr Alabama
ştatynyň täp-täzeje Kanunlar ýygyndysyny hasaba almasaň, düýbünden boş edarasy bardy.
Attikusyň ilkinji iki müşderisi meýkombyň okrug türmesinde asylan iň soňky adamlar bolupdyr.
Attikus olary seresapsyzlyk boýunça adam öldürendiklerini boýun almaga yrjak bolup çytraşypdyr,
şonda rehimdar kanun olary ölüm jezasyna höküm etjek däl ekeni. Ýöne olar Heýwerfordlardy,
Meýkomb okrugynda bolsa Heýwerfordlaryň eşek ýaly hötjetdiklerini kim bilmeýär. Şol ikisi bilen
meýkombyň iň gowy demirçisiniň arasynda kesekiniň otluk meýdançasyna giren baýtal babatda
jedel ýüze çykypdyr, onsoň olar demirçini o dünýä ugradypdyrlar, üstesine-de bu işi üç sany şaýadyň
gözüniň alnynda etmäge akyllary çatypdyr. Soňam: “ol köpeý ogluna geregi-de şol” diýip hemmeleri
ynandyrmaga çalşyp, bu delil özlerini doly aklaýar diýip hasaplapdyrlar. Olar özleriniň bilkastlaýyn
niýetli ganhorlukda günäkär däldiklerini tekrarlapdyrlar, şonuň üçinem Attikus olara jeza berlişine
gatnaşmakdan başga hiç hili kömek edip bilmändir. Ähtimal şondan soňam jenaýat işleri onuň
aňyrsyny bärsine getirip başlandyr.
Meýkombdaky durmuşynyň ilkinji bäş ýylynda Attikus esasan aklawjylyk tejribesi bilen däl-de, her bir
gara şaýyny tapylgysyz hazyna ýaly edip ulanmakda ýüze çykýan juda berk tygşytlylyk babatda
tejribe gazanmak bilen meşgullanypdyr, özüniň ähli gazanjyny ol inisiniň bilim almagyna siňdiripdir.
Jon Heýl Finç meniň kakamdan on ýaş kiçi bolup, ylaýyk, pagtanyň bahasy ony ekmek zerurlygyny
aradan aýyrýan derejede aşak gaçanda lukman bolmak üçin okamagy niýet edinipdir. Soň Attikus,
Jek kakamy aýaga galdyryp, biraz erkinräk dem alyp başlapdyr.
Ol Meýkomby söýýärdi, Meýkomb okrugy bilen bir jan bir tendi, ýerli ýaşaýjylaryň ählisini tanaýardy,
olaram ony tanaýardylar. Saýmon Finçiň tagallalary bilen bolsa Attikus, şäheriň hemme maşgalalary
bilen gandüşer bolmasa-da daşgynrak garyndaşlykdady.
Meýkomb – garry şäher, men ony tanap başlanymda-da ol eýýäm özüniň uzak ömründen öte
ýadapdy. Ýagyş ýagsa onuň köçeleri läbik bolýardy we aýagyň astynda sary toýun palçyk bolup
şalpyldaýardy, pyýada ýodalary ot basandy, baş meýdançasyndaky kazyýetiň ymaraty aşak çöküp,
gyşarypdy. Näme üçindir şol döwürler häzirkisinden yssydy, gara itlere kyn bolýardy, meýdançada
wirgin dubynyň kölegesi jöwzadan halas etmeýärdi, arabalara goşulan arryk gatyrlar hem guýruklary
bilen siňeklerden gazaply goranýardylar. Erkek kişileriň krahmal ýakajyklary eýýäm irden sagat
dokuza çenli öl-myžžyk bolýardy. Zenanlar ilki günortana ýakyn, soňra gündizki ukydan soň, sagat
üçde suwa düşünýärdiler, emma barybir agşama çenli pudra hem der bilen örtülen, ýumşajyk,
pökgüje, süýji kökejiklere çalym edýärdiler.
Şol ýyllarda adamlar salyhatly hem haýal hereket edýärdiler. Meýdançada gezmeleýärdiler, bir
dükandan çykyp beýleki dükana aýlanýardylar, ähli zady arasyna dyngy berip, howlukman edýärdiler.
Gije-gündizde şol bir ýigrimi dört sagat bardy, emma göwnüňe bolmasa, olar has köp ýalydy. Hiç kim
hiç ýere gyssanmaýardy, sebäbi gidere ýer ýokdy, satyn alara zat ýokdy, gara şaýy pul hem ýokdy
we hiç kimi hiç zat Meýkomb okrugynyň çäginden daşaryk dartmaýardy. Ýöne käbirleri üçin şol
döwür düşnüksiz umytlaryň döwrüdi, sebäbi şondan biraz öň Meýkomb okrugyna gorkudan başga
hiç zatdan gorkmaly däldigini düşündiripdiler (ABŞ-nyň prezidenti Franklin Delano Ruzweltiň (18821945) sözlän sözünden).
Biziň jaýymyz şäheriň ýaşalýan böleginiň baş köçesinde ýerleşýärdi, biz dört sanydyk – Attikus, Jim,
men we biziň aşpezimiz Kelpurniýa. Biz Jim bilen kakamyzy erbet däl diýip hasaplaýardyk, ol biziň
bilen oýnaýardy, kitap okap berýärdi we hemişe sypaýy hem adalatlydy.
Kelpurniýa bolsa düýbünden başgady. Diňe süňk-saňk bolup duran, şowakör we gympaýgöz bolan
onuň eli ýap-ýasy pil ýaly uludy hem-de örän agyrdy. Kelpurniýa hemişe meni aşhanadan kowýardy
we meniň näme üçin özümi Jim ýaly oňat alyp barmaýandygymy gaýta-gaýta hetjikläp sorap
durýardy. Ýogsa onuň özi Jimiň menden uludygyny-da bilýärdi ahyry. Hemişe-de ol men ýene-de
gezmeläsim gelýärkä öýe çagyrýardy. Biziň söweşlerimiz juda uludan tutulýardy we elmydama
birmeňzeş tamamlanýardy. Kelpurniýa üýtgewsiz ýeňýärdi, bu esasan hem Attikusyň mydama onuň
tarapyny çalýanlygy üçin şeýle bolýardy. Ol bizde Jim dünýä ineli bäri ýaşaýardy we men hemişe
onuň diýdimzorlugynyň labyryny öz gerdenimde duýup gelýärdim.
Ejem men iki ýaşymdakam aradan çykypdy, şonuň üçinem men ýitginiň ajysyny duýmaýardym.
Ejem Montgomeri şäherinden, Gremleriň maşgalasyndan ekeni. Attikus onuň bilen özüni birinji
gezek ştatyň kanunçykaryjy ýygnagyna saýlanlarynda tanşypdyr. Eýýäm şol wagt ol gartaşan ekeni
we ejemden on bäş ýaş uly ekeni. Olaryň toýundan soň ilkinji ýylda Jim dünýä inipdir, ondan dört ýyl
soň bolsa – men, ýene-de iki ýyldan soň bolsa ejem birdenkä ýüregi çat açyp aradan çykypdyr. Bu
barada munuň Gremleriň neberesine mahsusdygyny aýdýardylar. Men ejem barada gussa
çekmeýärdim, ýöne Jimiň welin ýüregi gysýardy. Ol ejemi örän oňat bilýärdi we käwagt, oýnuň
ortarasynda birdenkä uzyn-uzyn dem alýardy-da, ulaghananyň arka ýüzüne gidip, şol ýerde ýeke özi
oýnaýardy. Ol şeýle ýagdaýdaka iň gowusy oňa azar bermeli däldigini men eýýäm bilýärdim.
Haçan-da meniň alty ýaşym, Jimiň bolsa on ýaşy doluberende, tomus bize öýmüzden Kelpurniýa
çagyranda eşidiler ýaly uzaklyga gitmäge, eger-de şowlasa demirgazyga – hanym Genri Lafaýet
Dýubozyň derwezesine çenli (bizden iki jaý aňyrlygyna), günorta bolsa – üç jaý aňyrlygyna, Redlilere
çenli gitmäge rugsat berilýärdi. Biz hiç wagt şol çäklerden geçmäge döwtalap däldik. Redlileriň
öýünde nämälim bir gorkunç betnyşan ýaşaýardy, ol barada diňe ýatlamak ýeterlikdi – biz uzakly
gün suwdan sus, otdan pes gezýärdik. Hanym Dýuboz bolsa hut aýjyn kempiriň özüdi.
Şol tomus biziňkä Dill geldi.
Günlerde bir gün, ir ertir, biz Jim bilen howlymyzyň ýeňse ýüzüne çykdyk, birdenem goňşymyz
hanym Reýçel Heýwerfordyň melleginde, kelemli joýalaryň arasynda, nämedir bir zat gymyldady. Biz
bu güjük bolaýmasyn diýen pikir bilen sim haýadyň ýanyna bardyk – sebäbi hanym Reýçeliň
foksterýeri güjüklemelidi. Görsek, ol ýerde kimdir kelteje biri otyrdy we özem bize seredýärdi.
Kelemleriň arasyndan onuň diňe süýr depesi görünýärdi. Biz oňa seretdik durdyk. Onsoň ol:
-Salam!-diýdi.
-Özüňe salam!-diýip Jim sypaýyçylyk bilen jogap berdi.
Kelteje:
- Men Çarlz Beýker Harris-diýdi:-Men okap bilýän.
Men:
-Bileňde näme?-diýdim.
- Men özümiň okap bilýändigim size gyzykly bolar öýdüp pikir etdim. Belki, size bir zat okap
bermelidir, men okap berip bil…
-Sen näçe ýaşyňda?-diýip Jim sorady:-Dört ýarymmy?
-Bahym ýedi.
-Onda näme öwünýärsiň?-diýdi-de Jim başam barmagy bilen meni görkezdi:-Ine, Gözlüje dogabitdi
okap bilýär, ýogsa heniz mekdebe-de gitmeýär. Sen ýöne, ýedi ýaş üçin öte kiçijik ýaly-la.
-Men kiçijik, ýöne eýýäm uly.
Jim ony oňatja synlamak üçin maňlaýyndan saçyny gaňtardy.
-Hany bärik gel, Çarlz Beýker Harris. Eý Hudaý, at bolaýşyny!
-Seniňkiden gülkünç däl-le. Reýçel daýza seniň adyň Jeremi Attikus Finç diýip aýdýar.
Jim ýüzüni bürüşdirdi.
-Men ullakan, maňa meniň adym laýyk gelýär. Seniň adyň bolsa özüňden uzyn. Tutuşlygyna bir fut.
-Meniň adym, ýöne Dill!-diýdi-de Dill simiň aşagyna sümlüp ugrady.
Men:
-Ýokarysyndan geçseň gowy bolardy-diýdim:- Sen nireden emele geldiň?
Dill Meridiandan, Missisipi ştatyndan emele gelipdir ekeni, ol tomsy geçirmek üçin öz daýzasy
hanym Reýçeliňkä gelipdir we indem hemişe tomusda Meýkombda ýaşamalydy. Onuň ähli
garyndaşlary meýkomblydy, ejesi Meridianda fotografiýada işleýärdi, ol Dilliň suratyny owadan
çagalaryň bäsleşigine ugradypdyr we bäş dollar baýrak alypdyr. Ejesi ol pullary Dille beripdir, ol
bolsa şol pullara tutuşlygyna ýigrimi gezek dagy kino gidipdir.
Jim:
-Bizde, bärde kino görkezmeýärler, diňe kämahal kazyýetde Isa barada görkezäýmeseler-diýdi:-A
sen nähilidir bir gowy zat gördüňmi?
Dill “Drakula” atly kinony gören ekeni. Bu açyş Jimi oňa tas hormat bilen diýen ýaly garamaga
mejbur etdi.
-Gürrüň bersene-diýip ol haýyş etdi.
Dill bir töwrady. Gök, nah jalbary ilikler bilen köýnegine ildirilgi, saçlary ap-ak we ördek çagasynyň
peri ýaly ýumşajyk, ol menden bir ýaş uludy, ýöne boýy meniňkiden ep-esli kiçidi. Ol bize Drakula
barada gürrüň berip başlady, onuň mawy gözleri birden-ä lowurdap, birdenem garalyp gidýärdiler,
birdenem ol bogazyna sygdygyndan hahahaýlap başlaýardy, bir çogdum saçy onuň maňlaýyna
düşýärdi, ol ony hemişe gaňtaryp ýörýärdi.
Haçan-da Dill Drakula bilen bellisini edenden soň Jim: “görýän welin, kino kitapjyklardan has gyzykly
ýaly-la” diýdi, men bolsa Dilliň kakasynyň nirededigini soradym.
-Sen ol barada hiç zat aýtmadyň.
-Meniň kakam ýok.
-Ol ýogaldymy?
-Ýok…
-O nähili beýle bolýar? Eger-de ol ýogalmadyk bolsa, onda ol bar bolmaly.
Dill gyzardy, Jim maňa sem bolmagy buýurdy – bu onuň Dilli öwrenendiginiň hem-de ony biziň
aramyza goşmagy ýüregine düwendiginiň anyk alamatydy. Şondan soň bütin tomus biziň öz gün
tertibimiz emele geldi. Tertip bolsa şeýledi: biz özümiziň agajyň üstündäki öýjagazymyzy –
howlymyzyň arka ýüzündäki äpet çynaryň şahalarynda guran höwürtgämizi täzeden düzedýärdik,
jedelleşýärdik, Oliwer Optigiň, Wiktor Epltonyň we Edgar Rais Berrouzyň ähli eserlerini bir ujundan
keşplerde oýnaýardyk. Bu işde Dill biziň üçin tapylgysyz hazyna boldy. Ol öň meniň oýnamaga
mejbur bolýan ähli häsiýetli keşplerimi oýnaýardy, “Tarzanda” maýmyny, jenap Krebtrini “Doganlar
Rouwerlerde”, jenap Deýmony “Tom Swiftde”. Dura-bara biz Dilliň edil jadygöý Merlin ýaly
garaşylmadyk hokgalaryň, oslagsyz oýunlaryň we täsinden-täsin hyýalbentlikleriň beýik
ussadydygyna göz ýetirdik.
Awgustyň soňuna çenli şol bir oýunlary täzeden we täzeden oýnamak biziň ýüregimize düşdi, şondada Dill Betnyşan Redlini aldap öýünden çykarmagy oýlap tapdy.
Redlileriň öýi Dilli jadylapdy. Biz oňa her näçe duýdursagam, her näçe düşündirsegem ony bu jaý,
edil aýyň deňzi dartyşy ýaly özüne çekýärdi, ýöne diňe Redlileriň derwezesinden howpsuz
daşlykdaky burçda duran çyra sütünine çenli çekýärdi. Şol ýerde-de Dill doňup galýardy – ýogyn
sütüni eli bilen gujaklar-da, gözlerini tegeläp sereder durar hem pikirlener.
Redlileriň jaýy köçäniň bizden günortalygyna birden egrelýän ýerinde ýerleşýärdi. Eger-de şol tarapa
gitseň, göwnüňe bolmasa, olaryň eýwanyna baryp diräýjek ýaly bolup dursuň. Ýöne şu ýerde pyýada
ýodasy öwrülýär we olaryň melleginiň daşyndan aýlanyp geçýär. Olaryň jaýy pessejikdi, uly eýwanly
we penjire gabsalary ýaşyl, ýöne birwagtlar reňki dökülen we bütin howly dek hapa-çal bolan hem-de
haçanam bolsa bir mahallar hek bilen aklanan jaýdy. Üçegiň çüýrük erňegi eýwanyň ýokarysyndan
sallanyp durdy, dublaryň gür ýapraklary günüň şöhlelerini geçirmeýärdi. Haýatyň galak-gaçak
gazyklary serhoş ýaly yrgyldap, jaýyň öňündäki howlynyň – hiç haçan sübse çalynmadyk we
tutuşlygyna haşal ot tutan “arassa” howlynyň daşyna aýlanandy.
Ine, şu jaýda-da yzgytsyz ruh ýaşaýardy. Hemmeler şeýle diýýärdiler, ýöne biz Jim bilen ony hiç
wagt görmändik. Aýtmaklaryna görä, ol gijelerine, asmanda aý ýok wagty, daşary çykýarmyş we
kesekileriň penjirelerinden jyklaýarmyş. Eger-de birdenkä sowuk düşüp, kimdir biriniň bagynda
azaliýalar doňsa, diýmek olara şol ruh üflän bolmaly. Meýkombda amala aşyrylýan ähli ownuk gizlin
jenaýatjyklar onuň elleriniň işidi. Bir gezek şäheriň üstüne bir-biriniň yzyndan düşnüksiz we gorkunç
hadysalaryň bir topary döküldi, towuklary, pişikleri we itleri her gün irden erbet ýenjilen ýagdaýda
tapyp başladylar. Ol etmişleriň günäkäri, soňra özüni derýanyň buljum ýerine oklap gark bolan,
ýarym däli Eddi bolup çyksa-da, hemmeler, edil ilkibaşky müňkürliklerinden ýüz döndermek
islemeýän dek, öňküleri ýaly Redlileriň jaýyna alarylyp seredýärdiler. Ýekeje garaýagyz (negr) hem
gije ol jaýyň gabadyndan ötmäge het etmeýärdi – hökman garşydaky pyýada ýodasyna geçer we özözüne gaýrat bermek üçin sykylyk atan bolup başlar. Meýkomb mekdebiniň oýun meýdançasy
Redlileriň howlularynyň arka ýüzüne direýärdi. Redlileriň towuk keteginiň ýanynda belent hoz
agaçlary ösüp otyrdy, mazaly bişen hozlar şahalardan mekdebiň howlusyna dökülýärdi, ýöne hiç kim
olara barmagyny hem batyrmaýardy. Redlileriň hozy awulydy! Redlileriňkä tötänden uçup baran
beýsbol pökgüjigi müdimilik ýitýärdi, hiç kim ol barada dil ýarmaýardy.
Jim bilen meniň dünýä inmezimizden kän öň bu jaýyň daşyny syr gabsap alypdyr. Redlileriň
maşgalasynyň öňünde şäheriň ähli gapylary açykdy, ýöne olar ile goşulmaýardylar – bu bolsa
Meýkombda bagyşlap bolmajak ýazykdy. Redliler ybadathana barman Hudaýa öýlerinde mynajat
edýärdiler, ýogsa Meýkombda bu iň esasy güýmenjedi. Hanym Redliniň goňşy aýallar bilen bir
pyýalajyk kofe içmek üçin gündiz öýünden çykan gezeklerini barmak basyp sanap boljakdy, dini
wagyz-nesihat (missioner) jemgyýetiniň ýygnaklarynda bolsa ony ýeke sapar hem görmändiler.
Jenap Redli her gün irden, on ikiniň ýarynda şähere ugraýardy we eýýäm ýarym sagatdan soň,
käwagt eli kagyz düwünçekli yzyna dolanýardy. Ol düwünçek iýmit harytlary dükanyndan satyn alnan
zatlar bilen diýip goňşular çaklaýardylar. Men goja Redliniň gündelik çöregini nädip gazanýandygyna
häzir hem düşünip bilmeýärin. Jim: “ol “pagta satyn alýar”(bikärligi aňladýan sypaýy söz düzümi)”
diýip aýdýardy, ýöne jenap Redli aýaly hem iki ogly bilen biziň şäherimizde atam döwründen bäri
ýaşaýardylar.
Ýekşenbe günleri Redlileriň gapylary hem penjire gabsalary ýapyk bolýardy – bu hem meýkombyň
dessurlaryna garşy gelýärdi, biziň şäherimizde gapylar diňe sowuk düşende ýa-da öýde kimdir bir
ýaramasa ýapylýardy. Ýekşenbe günleri bolsa myhmançylyga gitmek hökmany hasaplanýardy:
aýallar gaty bilguşakly (korsetli), erkek kişiler penjekli, çagalar bolsa köwüşli gezmelidiler. Ýöne
goňşularyň hiç biri-de ýekşenbe güni Redlileriň eýwanyna barmaz. Olaryň gapylary bolsa bütewidi.
Men bir gezek Attikusdan haçanam bolsa bir mahal olaryň çybynlara garşy torly gapylary boldumy
diýip soradym welin, Attikus – hawa diýdi, meniň dogulmazymdan öň bolupdyr ekeni.
Aýdyşlaryna görä, Redliniň kiçi ogly ýetginjek mahalynda, Köne Saremli Kaningemler – biziň
okrugymyzyň demirgazygynda ýaşaýan, köp adamly, syrly taýpa bilen dost bolupdyr we olar
Meýkombyň taryhynda ilkinji gezek talaňçylaryň toparyna çalymdaş bir zady döredipdirler. Olar beýle
bir kän bulagaýlyk hem etmändirler, ýöne şol hem olar barada bütin şäheriň gep-gürrüň etmegi we
üç sany ruhanynyň üç ybadathananyň münberinden olara öwüt-nesihat bermekleri üçin ýeterlik
bolupdyr. Olar köplenç dellekhananyň töwereginde ygýan ekenler, dynç günleri awtobus bilen
Ebbotswile kino görmäge gidipdirler, Alabamanyň kenarynda ýerleşen, bütin okruga belli
humarbazlyk mesgeni – “Säher çygynyň damjasy we balykçynyň düşelgesi” atly myhmanhana tans
etmäge gatnapdyrlar, hatda şerap (wiski) hem dadyp görüpdirler. Meýkombda ýekeje adam hem
jenap Redlä onuň oglunyň ýaramaz ýigitler bilen tirkeşýändigini aýtmaga het etmändir.
Bir günem agşamara hemişekilerinden has artygrak kelleleri gyzan oglanjyklar, kimdir birinden
karzyna alnan çagşan ulagjykda şäheriň baş meýdançasyna yzlygyna götinläp gelipdirler, özlerini
saklamaga çalşan hormatly ybadathana kethudasy jenap Konnere garşylyk görkezipdirler, ony
kazyýetiň howlusyndaky oturdaşlar üçin niýetlenen jaýjagaza gabap, daşyndan temmeläpdirler.
Bütin şäher şonda olaryň dişinde et galdyrmaly däl diýen netijä gelipdir. Jenap Konner olaryň
hemmesini ýüzünden tanandygyny we muny beýle goýmajagyny aýdypdyr – ine şeýle edibem
oglanjyklar bozgakçylykda, jemgyýetçilik asudalygyny we tertibini bozmakda, aýallaryň ýanynda
hereket bilen masgaralamakda we paýyş sögünmekde aýyplanyp, kazyýetiň öňünde kelle
ýalaňaçmaly bolupdyrlar. Kazy jenap Konnerden soňky aýyplamanyň nireden çykandygyny sorapdyr
welin, jenap Konner oglanlar şeýlebir çasly sögündiler welin, olary Meýkombdaky ähli aýallar
hökmany ýagdaýda eşiden bolmaly diýip aýdypdyr. Kazy oglanjyklaryň ählisini käbir ýagdaýlarda
ýetginjekleriň depesinde penalanar ýaly üçeginiň hem bir döwüm çöreginiň bolmagy üçin ugradylýan
ýeri bolan, ştatyň ýörite senetçilik mekdebine ibermek barada netijä gelipdir. Bu türme däl, ýöne ol
ýere ýerleşdirilmek masgaraçylyk diýlip hasaplanýar. Jenap Redli bolsa başgaça pikir edýär ekeni.
Eger-de kazy Artury goýberse, onda ol Arturyň mundan beýläk hiç kimi biynjalyk etmezligini üpjün
ederin diýip aýdypdyr. Jenap Redliniň sözüniň iki çykmaýandygyny bilýän kazy höwes bilen ogluny
oňa beripdir.
Beýleki oglanjyklar senetçilik mekdebine giripdirler we biziň ştatymyzyň çäklerinde alyp boljak iň
gowy orta bilimi alypdyrlar, olaryň biri bolsa, soň hatda Oberndäki ýokary tehniki mekdebi hem
tamamlapdyr. Redlileriň jaýynyň gapylary dynç günleri-de, adaty günlerem mäkäm ýapykdy we şol
wakadan soň tutuşlygyna on bäş ýyllap hiç kim jenap Redliniň kiçi ogluny ýeke sapar hem
görmändir.
Soňra bolsa Jimiň çalak-çulak ýadyna düşýän güni gelip ýetipdir, şonda käbir adamlar Betnyşan
Redlini görüpdirler we ol barada gybat gaýtadan örç alypdyr. Jimiň aýtmagyna görä, Attikus Redliler
barada söz açmagy halamaýar we haçan-da Jim olar barada soranda, Attikus diňe bir zat diýip jogap
beripdir: “Öz işiň bilen bol, Redlileriň işine bolsa burnuňy sokma, olar saňa degişli däl”. “Ýöne şol
wakadan soň…” diýip Jim hekaýatyny dowam edýärdi, Attikus başyny ýaýkapdyr we “Hüm-hüm”
diýipdir.
Galan maglumatlaryň ählisini diýen ýaly Jim biziň goňşumyz hanym Stiweni Krouforddan alypdyr,
barypýatan gybatçy bolan ol bolsa hemme zady jikme-jik bilýärdi. Hanymyň sözlerine görä, günlerde
bir gün Betnyşan myhman otagynda oturyp, “Meýkomb tribýundan” haýsydyr bir habarlary gyrkyp
alyp, olary alboma ýelmeýär ekeni. Otaga jenap Redli-ulusy giripdir. Haçan-da kakasy gapdalyndan
geçip barýarka Betnyşan gaýçysyny onuň aýagyna sünjüpdir, soňra gaýçyny çykaryp, ondaky gany
jalbaryna süpüripdir we hiç zat bolmadyk ýaly ýene-de nämedir bir zatlary gyrkmagyny dowam
etdiripdir. Hanym Redli köçä ylgap çykypdyr we Artur olaryň barysyny häzir öldürýär diýip gygyrypdyr,
ýöne haçan-da şerif gelende Betnyşan şol bir ýagdaýda myhman otagynda oturyp, gazetden
nämedir bir zatlary gyrkyp oturan ekeni. Şol wagt ol otuz üç ýaşynda eken.
Hanym Stiweni şonda jenap Redlä Betnyşany wagtlaýynça Taskaluza ugratmagy teklip edendiklerini,
oňa munuň peýdaly boljakdygyny aýdandyklaryny gürrüň berdi. Ýöne goja: “Ýok, Redlileriň ýekejeside dälihanada oturmandy, indem oturmaz” diýipdir. Betnyşan däli däl, ýöne ol käwagt juda gaharjaň
bolýar. Ony gulp astynda biraz saklamak bolar, ýöne oňa iş kesmek üçin welin, hiç hili esas ýok, ol
birjigem jenaýatçy däl. Şerif Betnyşany garaýagyzlar bilen bilelikde türmä salmaga het etmändir we
ony kazyýetiň ymaratynyň ýerzeminine salyp, daşyndan gulplapdyrlar.
Betnyşany nädip gaýtadan öýüne getirendikleri Jimiň ýadyna örän bulaşyk düşýärdi. Hanym Stiweni
Krouford şäher häkimliginiň käbir agzalarynyň jenap Redlä, eger-de ol Betnyşany ýerzeminden alyp
gitmese, ol çyglylykdan ýaňa heňlär we amanadyny tabşyrar diýendiklerini aýdyp berýärdi. Onsoňam
Betnyşan ummasyz wagtlap okrugyň serişdeleriniň hasabyna ýaşap bilmez ahbetin.
Jenap Redliniň nädip Betnyşany adamlaryň gözüne görünmez ýaly derejede gorkuzmagy
başarandygyny hiç kim bilmeýärdi. Jim Betnyşan hemişe zynjyr bilen ýatyş sekisine bagly ýagdaýda
oturandyr diýip pikir edýärdi. Ýöne Attikus: “Ýok” diýdi, hemme zat mundan ybarat däl, başga usullar
bilenem adamy salgyma öwrüp bolýar.
Ýadyma düşýär, kämahal men hanym Redliniň öýleriniň baş gapysyny açyp, eýwanyň germewiniň
ýanyna baryp, güllerini suwaryp ugraýandygyny görýärdim. Jenap Redlini bolsa ol şähere barýarka
we ondan gelýärkä biz Jim bilen her gün görýärdik. Ol arrykdy, agajetdi, gözleri nähilidir birhili
öçügsidi welin, olaryň haýsy reňkdedigini hem bilip bolmaýardy. Çüri eňegi öňe çykyp duran, agzy
uly, ýokarky dodagy inçe, aşakysy bolsa ýogyndy. Hanym Stiweni Krouford ol şeýlebir dogry we göni
adam bolandygy üçin diňe Hudaýy diňleýär diýip aýdýardy. Biz hem oňa ynanýardyk, sebäbi jenap
Redli edil ýyldyrym sowujy ýaly gönüdi.
Ol biziň bilen gepleşmeýärdi. Haçan-da ol deňämizden geçip barýarka biz ýere bakýardyk-da,
“Ertiriňiz haýyrly bolsun, jenap” diýýärdik, ol bolsa jogap hökmünde çalaja üsgürinjireýärdi. Onuň uly
ogly Pensakolda ýaşaýardy we diňe täze ýylda öýlerine gelýärdi, ol biziň gözümiziň alnynda şol jaýa
girip-çykýan seýrek adamlaryň biridi. Adamlar jenap Redli Artury ýerzeminden öýüne alandan soňra
olaryň öýleriniň jany çykyp gidene döndi diýişýärdiler.
Soňra bolsa günlerde bir gün Attikus bize eger-de biz howluda goh-galmagal turuzsak biziň eýimizi
ýetirjekdigini aýtdy we Kelpurniýa özi öýe dolanýança biziň jyňkymyzy hem çykarmaga het
etmezligimizi tabşyrdy. Jenap Redli amanadyny tabşyrýardy.
Jenap Redli howlukmaýardy. Onuň jaýynyň iki tarapyna-da köçani haçjalar bilen germediler, pyýada
ýoda saman sepelediler, ähli ulaglar hem arabalar başga ýoldan aýlanyp geçmek üçin öwrülmäge
başladylar. Lukman Reýnolds her gezek hassanyň ýanyna gelende öz ulagyny biziň gädigimizde
goýýardy we Redlileriň jaýyna pyýadalap gidýärdi. Biz Jim bilen uzakly günläp howluda
daraklygymyza basyp ýöreýärdik. Ahyry bir gün haçjalary aýyrdylar we biz öz bassyrmamyzyň
astyndan jenap Redliniň biziň jaýymyzyň deňesinden ötüp soňky ýoluna ugraýşyny synladyk.
- Ine, dünýäde iň nejis adamy jaýlaýarlar-diýip Kelpurniýa burnuna siňdirip hüňürdedi-de, çuň oýa
batyp tüýkürdi.
Biz gözümizi tegeläp oňa seredişdik. Kelpurniýa akýagyzlar barada daşyndan pikir etmäge hiç wagt
diýen ýaly het etmeýärdi.
Hemme goňşular, haçan-da jenap Redli ol dünýä gidenden soň Betnyşan ýagty jahana çykar diýip
pikir öwürýärdiler, emma olar ýalňyşýardylar. Pensakoladan Betnyşan agasy dolanyp geldi we
kakasynyň ornuny eýeledi. Olaryň arasynda diňe ýaş tapawudy bardy. Jim jenap Natan Redli hem
“pagta satyn alýar” diýip aýtdy. Ýöne jenap Natan biz oňa salam beren wagtymyz bize jogap
berýärdi we käwagtlar şäherde eli žurnally hem dolanýardy.
Biz Dille Redlileriň maşgalasy barada näçe köp gürrüň berdigimizçe, onuň şonça-da köp bilesi
gelýärdi we ol köçäniň künjünde çyra sütüni bilen gujaklaşyp şonça-da köp durýardy, şonça-da köp
oýlanýardy.
-Men gyzyklanýaryn, ol o taýda näme işleýärkä?-diýip ol hümürdeýärdi:-Ine birdenkä ol alagetdin
gapynyň aňyrsyndan jyklaýsa!
-Ol gijelerine, tüm-garaňky wagty çykýar-diýip Jim aýdýardy:-Hanym Stiweni Kroufordyň aýtmagyna
görä bir gezek ol gijäniň arasynda oýanypmyş, ol bolsa onuň penjirejiginden garap
durmuş…seredýärmiş, özi bolsa ölä çalymdaşmyş, kellesi hem edil kelleçanak ýalymyş. Dill, a sen
ony eşitmediňmi? Sen gije oýanmadyňmy? Ol ine şeýle ýöreýär…-Jim aýaklaryny çaglyň üstünde
süýräp alyp ugrady:-A sen nämedir öýdýärsiň, näme üçin hanym Reýçel gijelerine ähli gapylaryny
gulplaýar? Men ertir ir bilen näçe gezek howlumyzyň arka ýüzünde onuň yzlaryny gördüm, bir gezek
bolsa gije eşitdik – ol jaýymyzyň ýeňse tarapyndaky eýwanyň aýnasyny dyrmalaýar, Attikus daşaryk
çykdy, ol bolsa eýýäm ýok.
Dill:
-Onuň nähilidigini bir görüp bolsady-diýdi.
Jim Betnyşanyň belli bir derejede dogry suratyny çekdi. Aýak yzlaryndan çen tutsaň Betnyşanyň
boýy takmynan alty ýarym fut bolmaly, ol eline ilen awysiýdikleri we pişikleri çigligine iýýär, onuň
elleri bolsa hemişe gana boýalan, sebäbi ol haýwanjyklary çigligine iýýär, şonuň üçinem ol hiç haçan
elleriniň ganyny näçe ýuwsa-da aýryp bilmez. Onuň ýüzüni keseligine uzyn ýara yzy kesip geçýär,
dişleri sary, çüýrük, onuň gözleri peträp dur we ol hemişe hyllygyny akdyryp gezýär.
Dill:
-Geliň ony aldap öýünden çykaralyň-diýdi:-Men ony synlamak isleýärin.
Jim:
- Onda näme, eger-de sen janyňdan iren bolsaň, onda bar-da olaryň gapysyny kak, ine-de bar
bolany.
Biziň ilkinji çozuşymyz diňe Dill Jimiň Redlileriň derwezesinden aňryk hatda burnuny-da görkezip
bilmejekdigini aýdyp, onuň bilen eger-de, utulsa “Çal salgym” atly kitaby bermek, utsa “Tom Swiftiň”
iki neşirini almak barada jedel edenden soňra amala aşdy. Jim bolsa şeýledi, eger-de ony gižželeseň,
hiç haçan yza tesmeýärdi.
Jim üç günläp oýlandy. Ýöne namysy oňa janyndan eziz bolara çemeli, sebäbi Dill ony örän aňsatlyk
bilen ýeňdi.
-Sen gorkýarsyň-diýip ol ilkinji günüň özünde aýtdy.
-Gorkamok, ýöne kesekiniň öýüne süsdürilip girmek gödek bolýar.
Ertesi gün Dill:
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 02
  • Parts
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 01
    Total number of words is 3841
    Total number of unique words is 2102
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 02
    Total number of words is 3827
    Total number of unique words is 2017
    29.3 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 03
    Total number of words is 3859
    Total number of unique words is 2027
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 04
    Total number of words is 3885
    Total number of unique words is 2047
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    47.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 05
    Total number of words is 3841
    Total number of unique words is 2023
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    40.3 of words are in the 5000 most common words
    47.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 06
    Total number of words is 3852
    Total number of unique words is 1981
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    46.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 07
    Total number of words is 3894
    Total number of unique words is 2053
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 08
    Total number of words is 3897
    Total number of unique words is 1975
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    47.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 09
    Total number of words is 3886
    Total number of unique words is 1975
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 10
    Total number of words is 3900
    Total number of unique words is 2012
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    40.7 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 11
    Total number of words is 3804
    Total number of unique words is 2027
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 12
    Total number of words is 3753
    Total number of unique words is 2094
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 13
    Total number of words is 3882
    Total number of unique words is 2070
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 14
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 2044
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    41.1 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 15
    Total number of words is 3779
    Total number of unique words is 2031
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    48.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 16
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 1993
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 17
    Total number of words is 3898
    Total number of unique words is 1817
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 18
    Total number of words is 3989
    Total number of unique words is 1828
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    49.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 19
    Total number of words is 3863
    Total number of unique words is 1979
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 20
    Total number of words is 3899
    Total number of unique words is 1979
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 21
    Total number of words is 3880
    Total number of unique words is 1973
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 22
    Total number of words is 3843
    Total number of unique words is 2030
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 23
    Total number of words is 3886
    Total number of unique words is 1981
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 24
    Total number of words is 3825
    Total number of unique words is 2038
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 25
    Total number of words is 3946
    Total number of unique words is 1886
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 26
    Total number of words is 3697
    Total number of unique words is 1784
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.