Latin

Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 02

Total number of words is 3827
Total number of unique words is 2017
29.3 of words are in the 2000 most common words
41.0 of words are in the 5000 most common words
47.6 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
-Sen gorkýarsyň, sen olaryň howlusyna aýagyňy sekip hem bilmersiň-diýdi.
Jim aýdylanlara garşy çykdy, ol şunça ýyllap her gün Redlileriň deňesinden mekdebe ýöräp geçýär
ahyry.
-Ýöräp geçmeýärsiň, ylgap gaçýarsyň-diýip men ilgeziklik bilen habar berdim.
Üçülenji gün diýlende Dill ahyrsoňy onuň degnasyna degdi. Ol Jime Meridianda adamlar
meýkomblylardan has batyrrak diýdi. Ol asyl dogup-döräli bäri meýkomblylar ýaly züwwetdinleri
görmänmiş.
Bu sözleri eşidip Jim köçäniň künjüne çenli dähedem-dessemläp bardy-da, çyra sütünine ýaplanyp,
elde ýasalan ilgençekde gülkünç sallanyp duran haýatyň gapysyna dikildi.
Jim, biz onuň ýanyna baranymyzda:
-Onuň biziň barymyzy tepbetlejekdigine sen düşünýänsiň diýip tama edýän, Dill Harris!-diýdi:-Ol
seniň gözleriňi dyrnaçaklap goparar, şonda sen munda meni günäkärlemegin, eşidýärmiň?!
Ýadyňdan çykarma, muny seniň özüň başlansyň.
-A sen barybir gorkýarsyň-diýip Dill assaja pyşyrdady.
Jim Dillden birinji hem iň soňky sapar we hemişelik özüniň birjigem gorkmaýandygyny berk
bellemegi haýyş etdi.
-Men ýöne, ol bizi tutmaz ýaly edip, nädip ony aldap öýden çykarmalydygyny hiç oýlap tapyp
bilmeýärin.
Onsoňam Jim ýanlarynda özüniň körpe uýasynyň, ýagny meniň bardymy hem unutmaýan ekeni.
Ol şuny aýdan badyna men göz ýetirdim, ol hakykatdan hem gorkýan ekeni. Men bir gezek onuň
jaýymyzyň üçeginden bökmäge gaýratynyň çatmajakdygyny aýdanymda-da ol özüniň körpe
uýasynyň bardygyny ýadyna salypdy. Ol şonda: “Eger-de men heläk bolsam, seniň bilen näme
bolar?!”diýip menden sorapdy.
Şonda ol üçekden böküpdi, ýöne heläk bolmandy we soňra hiç wagt özüniň diňe özi barada däl-de,
körpe uýasy barada-da alada etmelidigini ýadyna salmandy. Tä Redlileriň derwezesiniň öňüne
gelýänçä.
Dill:
-Näme injigiň sandyraýarmy? Götin gaýdasyň gelýär gerek?-diýdi:-Beýle bols-a-a, onda elbetd-e-e…
Jim:
-Dill, beýle işleri oýlanyşykly etmeli-diýdi:-Birje pursat pikirlenmäge puryja ber ahyry. Bu edil pyşdyly
çanagyndan kellesini çykarmaga mejbur etmek ýaly bir zat ahbetin…
-A sen ony nädip mejbur edersiň?-diýip Dill gyzyklandy.
-Onuň garnynyň astynda otluçöp ýakaýmaly.
Men eger-de Jim Redlileriň jaýyny otlaýsa, onda Attikusa şugullajakdygymy aýtdym.
Dill bolsa: “Pyşdyly otlamak pislik bolýar” diýdi.
-Birjigem pislik däl, ony bir zat edip mejbur etmeli bolar ahyry, onsoňam beýtmek ony oduň içine
oklamak däl ahbetin!-diýip Jim hüňürdedi.
-A sen nireden bilýärsiň, otluçöpiň onuň bir ýerini agyrtmaýandygyny?
Jim:
-Akmak, pyşdyllar hiç zat duýmaýarlar ahyry!-diýdi.
-A sen näme özüň pyşdyl bolup gördüňmi?
-Häý senem-ä, Dill, bir zat diýäýýärsiň-ow! Indi bolsa maňa pikirlenmäge päsgel berme…Belki biz
olara daş zyňyp başlasak…
Jim şeýlebir uzak pikirlendi welin, Dill uludan demine aldy-da, eglişik edip ugrady:
-Ýeri bolýar-da, sen gorkmaýarsyň, ýöne sen diňe olaryň jaýynyň ýanyna bar-da, diwaryna eliňi degir,
onsoň “Çal salgym” seniňki.
Jim janlanyp ugrady:
-Elimi degirsem, bolanymy?
Dill baş atdy.
-Bar bolany şu-da, şeýlemi?!-diýip Jim gaýtalady:-Seret, men elimi degrerin, sen bolsa bu şertimize
laýyk däl diýip gohlap başlarsyň!
Dill:
-Saňa aýdylyp dura-how, bar bolany şu diýlip-diýdi:-Ol seni howluda gören badyna böküp daşaryk
çykar, şol wagtam biz Gözlüje bilen onuň üstüne bökeris-de ony tutarys we onuň bilen hiç hili erbet
zat etmejekdigimizi oňa düşündireris.
Biz köçeden geçdik-de, Redlileriň derwezesiniň öňünde saklandyk.
Dill:
-Hany başla!-diýdi:-Biz bolsa Gözlüje bilen şu ýerde durarys.
Jim:
-Häzir!-diýdi:-Meni alňasatma.
Ol haýatyň ugry bilen öwrüme çenli, soňam yzyna ädimläp başlady. Megerem ýönekeýje şertleri
öwrenip, howla nädip has gowy edip girmelidigini çözýän bolara çemeli. Özem dähedem-dessemläp
ýörşüne ýüzüni bürüşdirip, ýeňsesini gaşan bolýardy.
Men oňa seretdim, seretdim-de, birdenem pyňkyryp goýberdim.
Jim zarp bilen haýatyň işigini açdy-da, jaýa tarap tutdurdy, barşyna-da aýasy bilen diwara
şarpyldadyp, yzyna ökjäni göterdi, biziň gapdalymyzdan ötüp barşyna-da öz çozuşynyň nähili netije
berendigini bilmek üçin hatda yzyna-da garamady. Dill ikimiz hem onuň ökjesini sydyrdyp diýen ýaly
ýazzyny berdik. Sag-aman öýümiziň eýwanyna ylgap ýetdik-de, demimiz-demimize ýetmän, sojap,
zordan demimizi dürsedik. Diňe şondan soň yzymyza garanjakladyk.
Köne jaý şol öňküsi ýaly tutuk hem tukat ýagdaýda durdy, ýöne birdenkä biziň göwnümize bolmasa
penjireleriň biriniň tutusy gymyldap giden ýaly boldy. Şybyrt. Ýeňiljek, çala saýgaryp ýetişip bolýan
gymyldy – bada-badam jaý ýene-de doňup galdy.
xxxxx
Sentýabryň başynda Dill biziň bilen hoşlaşdy we Meridiana, öýlerine dolandy. Biz ony sagat bäşdäki
awtobusa ugratdyk welin, meniň erbet içim gysyp başlady. Soňra bolsa birdenkä ýadyma düşdi –
ýene-de bir hepdeden men mekdebe gitmeli ahyry! Şu güne çenli men öz durmuşymda hiç bir zada
şeýle sabyrsyzlyk bilen garaşmandym. Gyşda men sagatlap çynardaky öýjagazymyzda mekdebiň
howlusyna seredip oturýardym. Men Jimiň dürbüsinde okuwçylary synlaýardym, olaryň ähli
oýunlaryny öwrenýärdim, Jimiň gyzyl keltekçesinden gözümi aýyrman, oglanlar bukuldym ýa-da
gözdaňdy oýnanlarynda olaryň ähli şatlyklaryny hem şowsuzlyklaryny öz ýanymdan pynhan
paýlaşýardym. Hemişe-de men olar bilen bilelikde oýnamagy çensiz-çaksyz küýseýärdim.
Ilkinji gün Jim meni özi mekdebe äkitmeklige çenli pese düşdi. Adatça bu işi ene-atalar edýärler,
ýöne Attikus Jimiň maňa höwes bilen öz klasymy görkezjekdigini aýtdy. Megerem bu işde örän
amatly geleşik baglaşylan bolmaly, sebäbi biz ylgaşlap Redlileriň jaýynyň künjünden aýlanyp
barýarkak men örän täsin owaz eşitdim – Jimiň kisesinde şaýjyklar şyňňyrdaýardy. Mekdebiň
howlusynyň öňünde biz ädimimizi haýallatdyk welin, Jim maňa mekdepde öz ýanyna sokjarylyp
barmaly däldigini düşündirip ugrady. Men ondan “Tarzan we adam-garynjalar” diýen baby oýnamagy
haýyş etmeli däldim, onuň şahsy durmuşyna degişli ýaňzytmalar bilen ýüregine düşmeli däldim,
arakesmede-de kelte tirkelen ýaly, sozanguýruk bolup yzyna düşüp ýörmeli däldim. Meniň ýerim
birinji klasdady, Jimiňki bolsa bäşinjidedi. Umuman, gepiň kelte ýeri, men onuň aýagyna çolaşyp
ýörmeli däldim.
-Indi näme, biziň ikimize mundan beýläk bilelikde oýnamak hem bolmaýarmy?-diýip men soradym.
-Öýmüzde biz öňki ýaşaýşymyz ýaly ýaşarys-diýip Jim aýtdy:-Ýöne, düşünýäňmi, mekdepde öýdäki
ýaly däl-dä!
Görüp otursam şeýle hem bolup çykdy. Ilkinji gün irden biziň mugallymamyz hanym Kerolaýn Fişer
meni öňe çagyrdy we bütin klasyň öňünde aýama çyzgyç bilen urup, mazaly eýimi ýetirdi, soňam uly
arakesmä çenli çüňkde duruzdy.
Hanym Kerolaýn ýaşdy – takmynan ýigrimi bir ýaşyndady, uly däldi. Saçlary garamtyl-altynsöwdi,
ýaňaklary gülgünedi, dyrnaklaryna gara-gyzyl reňk çalnandy. Aýagynda beýik ökjeli, syrçaly reňkli
köwüşjikler bardy, köýnegi ak zolakly gyzyl reňklidi. Ol narpyzly kemputjyga juda çalymdaşdy we
ondan hemişe pampazajygyň ysy gelip durdy. Ol biziň gabat-garşymyzdaky hanym Modi Etkinsonyň
ýokarky otagyny kireýine alyp ýaşaýardy. Hanym Modi bizi onuň bilen tanyşdyrandan soň Jim
birnäçe günläp ümürde azaşan ýaly bolup gezipdi.
Ol öz adyny tagtada basmaça harplar bilen ýazdy we:
-Şu ýerde meniň adymyň hanym Kerolaýn Fişerdigi ýazylgy. Men Demirgazyk Alabamanyň Uinston
okrugyndan-diýip aýtdy.
Klas pyşyrdaşyp başlady. Ol jelegaýlaryň ýaşaýjylarynyň häsiýeti hemmelere mälim, megerem
hanym Kerolaýn hem şeýle bolsa gerek. (Haçan-da 1861-nji ýylyň 11-nji ýanwarynda Alabama ştaty
Birleşen Ştatlardan bölünip aýrylanda, Uinston okrugy hem Alabamadan bölünip aýrylypdyr,
Meýkomb okrugynda bu barada her bir bäbek hem bilýär). Demirgazyk Alabamada arak
kärhanalaryndan, dokma fabriklerinden, polat eredýän şereketlerden, respublikaçylardan,
professorlardan we asly, gelip çykyşy näbelli bolan beýleki bikär adamlardan ýaňa aýak basara ýer
ýok.
Ilkibaşda hanym Kerolaýn bize pişikler hakynda okap berip başlady. Pişikler biri-biri bilen uzyn-uzyn
söhbet edýärdiler, bezemen eşiklerde gezýärdiler we ýyljajyk öýjagazyň aşhanasynda, pejiň
aşagynda ýaşaýardylar. Hanym Pişikbibi dermanhana jaň edip şokoladdaky guradylan syçanlardan
gerdejikleri sargaýança bütin klas içini gyrara getirip gülüp ýatan boldy. Megerem hemme
okuwçylaryň – ýyrtyk köýnekli oglanjyklaryň we haltadan köýnekli gyzjagazlaryň – aýak biten
dessine pagta ýygmaga we doňuzlara iým bermäge başlap, nepis sözleýişi kabul edip
bilmeýändikleri hanym Kerolaýn üçin düşnüksiz bolsa gerek. Soňuna çenli okap, ol:
-Nähili eýjejik erteki eken, şeýlemi, çagalar?!-diýdi.
Soňra tagtanyň ýanyna bardy-da äpet basmaça harplar bilen onda tutuş elipbiýi ýazdy we klasa
tarap öwrülip sorady:
-Munuň nämedigini kim bilýär?
Hemmeler bilýän ekeni. Okuwçylaryň köpüsi birinji klasda ikinji ýyl okaýardylar.
Megerem hanym Kerolaýn meniň adymy bilýändigi üçin meni saýlan bolara çemeli. Haçan-da men
ähli harplary yzygiderli okap başlanymda onuň gaşlarynyň arasynda çala bildirýän gasynjyk emele
geldi. Onsoň ol meni harplygyň tutuş ýarsyny we “Mobil rejister” birža maglumatnamasyny okamaga
mejbur edip, meniň sowatlydygyma göz ýetirdi we maňa ýeňiljek gatyrganmak bilen garap başlady.
Ol kakama meni mundan buýana okatmazlygy aýtmagy tabşyrdy, sebäbi eger-de şeýle edilmese
meniň bolmalysy ýaly okamagyma päsgel berjekmiş.
-Ýöne kakam maňa hiç zat öwretmedi ahyry, hanym Kerolaýn!-diýip men geň galdym.
Ol ýylgyryp, başyny ýaýkady.
-Attikusyň meni okatmaga eli degmeýär-diýip men üstüni ýetirdim:-Bilýäňizmi, agşamlaryna ol
şeýlebir ýadaw bolýar welin, diňe myhmanhanada oturyp okamaga ýaraýar.
-Eger-de ol bolmasa, onda kim seni okatdy?-diýip hanym Kerolaýn eýýäm çyny bilen gaharlanyp
sorady:-Kimem bolsa biri okadandyr ahyry? Sen arlykdakaň gazet okap başlan dälsiň-ä!
-Jim bolsa “arlykdakam” diýip aýdýar. Ol bir kitapçany okaýardy, şol ýerde-de men Finç däldim-de
Pinçdim. Jim hakykatda meniň adymyň Jin Luiza Pinçdigini aýdýar, haçan-da men doglanymda meni
başga biri bilen çalşypdyrlar, hakykatda bolsa men…
Mugallyma:
-Hyýalymyzy gaty başyna goýberibermäli, gyzjagaz!-diýdi:-Umuman, kakaňa onuň indi seni okatmaly
däldigini aýt. Iň gowusy, okamagy düzgünlere laýyklykda öwrenmekdir. Oňa aýdarsyň, meniň özüm
seni okatmaga girişerin we ýetirilen zeleli düzetmäge çytraşaryn…
-Siz nähili aýt diýdiňiz, hanym?!
-Seniň kakaň okatmagy başarmaýar. Indi bolsa otur.
Men ötünç soraýaryn diýip hümürdedim-de, öz ýerimde oturyp, eden jenaýatymyň nämeden
ybaratdygy barada oýlanyp başladym. Men hiç wagt hem okamagy bilgeşleýin öwrenmändim, ýöne,
öz-özünden nähilidir birhili bolup, şeýle bolupdy, men her gün hiç kimden soraman gazetleri
dörýärdim. A belki-de men ybadathanada uzak sagatlaryň dowamynda okamagy öwrenendirin?
Anyk ýadyma düşmeýär welin, meniň dogalary okap bilmedik wagtym bir boldumyka, asyl? Eger-de
seljerilip görülse okamak başarnygy öz-özünden gelipdi, edil öz-özünden seretmän eşigimiň yzky
iligini ildirmegi, köwşümiň bagjyklaryny çolaşdyrman daňmagy öwrenişim ýaly. Dogrusy, Attikusyň
endigan tyrpyp barýan barmaklarynyň astyndaky setirjikleriň haçan sözlere bölünip başlandygyny
hem bilemok welin, ýöne özümi bilelim bär-ä her gün agşam uklamazymdan öň Attikusyň dyzynda
oturyp, men ol setirleri synlaýardym we soňky habarlary, täze kanunlaryň taslamalaryny, Lorenso
Daunyň gündeliklerini, umuman Attikusyň okaýan ähli zatlaryny diňleýärdim. Tä maňa muny
gadagan etmeklerinden heder edip başlaýançam men okamagy düýbünden gowy görmeýärdim.
Dem almagy hem gowy görmeýärsiň ahyry, emma hany dem almazlyga bir synanyşyp gör bakaly…
Hanym Kerolaýnyň menden närazydygyna düşünip, men mundan beýläk ykbal bilen oýun etmeli däl
diýen netijä geldim we sapak tamamlanýança penjirä garap oturdym. Soňra arakesme geldi, bütin
birinji klas howla çykdy.
Şol ýerde-de Jim meni gözläp tapdy we bir gyra çekip, işler niçik diýip sorady. Men aýdyp berdim.
-Eger-de mümkin bolsa men öýmüze gaýdardym. Jim, bu ýeňňe Attikus maňa okamagy öwredipdir,
goý indi öwretmesin diýýär-ä!
-Gam çekme!-diýip Jim meni höre-köşe edip başlady:-Biziň mugallymamyz hanym Kerolaýn täze
usul boýunça okadýar diýip aýdýar. Oňa muny kollejde öwredipdirler. Bahym ähli klaslarda hem
şeýle bolar. Bu usulda kitapjyklar boýunça öwrenilmeýär, bu edil sygyrlar bilen bolşy ýaly. Eger-de
sygyr barada biljek bolsaň ony sagyp görmeli, düşnüklimi?
-Howwa, ýöne men sygry öwrenesim gelmeýär, men…
-O nähili öwrenesiň gelmeýär? Sygyrlar barada hökman bilmek gerek, biziň okrugymyzda hojalygyň
ýarsy şolara bagly bolup durýar ahyry.
Men ondan diňe: “aklyňdan azaşdyňmy?” diýip soradym.
-Gör-ä muny, samsyjakdygyny, men saňa ýöne birinji klaslyjalary indi täze usul boýunça
okadýandyklaryny düşündirýärin. Ol “Dýuiniň onluk ulgamy” diýlip atlandyrylýar.
Men hiç haçanam Jimiň agzyndan çykýan dana hakykatlara müňkürlik etmeýärdim, bu gezek hem
ynanmazlyk etmedim. “Dýuiniň onluk ulgamynyň” gylla ýarysy hanym Kerolaýnyň biziň burnumyzyň
öňünde, ýüzüne basmaça harplar bilen KIT, PIŞIK, INE, JAÝ, TÜSSE diýip ýazylgy ýazmaçjyklary
galgatmagyndan ybaratdy. Megerem bizden hiç hili düşündiriş talap edilmeýän bolara çemeli, şonuň
üçinem bütin klas bu täzeçillik açyşlaryny dym-dyrslyk bilen kabul edýärdi. Meniň içim gysyp ugrady
we men Dille hat ýazmaga başladym. Şu güýmenjede-de meni hanym Kerolaýn tutdy we ýene-de bir
gezek maňa kakamyň meni okatmagy bes etmelidigini aýtmagy tabşyrdy.
-Ondan başga-da,-diýip ol üstüne goşdy:-birinji klasda biz diňe basmaça harplar bilen ýazýarys.
Ýazmaça harplar bilen ýazmagy bolsa üçünji klasda öwrenersiň.
Munda welin, eýýäm Kelpurniýa günäkärdi. Elbetde, howanyň bulaşyk günleri başgaça maňa çydar
ýaly bolýan däldir-dä. Tagtanyň ýüzüne, ýokary başynda ähli harplary ýazmaça çyrşaşdyrýardy-da,
gapdalynda-da Injili açyp goýup, bir babyny göçürmegi buýurýardy. Eger-de men harplary meňzeş
edip çyzsam ol maňa baýrak hökmünde ýüzüne mesge çalnyp galyň şeker sepilen çörek berýärdi.
Ol örän talapkär mugallymady, menden juda seýrek razy bolýardy we men juda seýrek baýraga
mynasyp bolýardym.
Hanym Kerolaýn:
-Kim öýüne ertirlik edinmäge gidýän bolsa, ähliňiz eliňizi galdyryň!-diýdi welin, men özümi
Kelpurniýanyň ýene-de nädip kemsidendigini oýlanyp gutarmaga ýetişmedim.
Şäherli çagalaryň ählisi ellerini galdyrdylar welin, hanym Kerolaýn bizi üns bilen birlaý synlap çykdy.
-Kimiň ýanynda ertirligi bar bolsa, çykaryň.
Niredendir bir ýerden toşapdan boşan gutujyklar çykyp ugrady welin, üçekde kümüşsöw
towşanjyklar bökjekleşmäge başladylar. Hanym Kerolaýn hatarlaryň arasynda aýlanyp ýörşüne
gutujyklara we kagyz bukjalara garap, käte makullaýjy terzde baş atýardy, käte çalaja gaşyny
çytýardy. Uolter Kaningemiň partasynyň deňesinde ol aýak çekdi.
-A seniň ertirligiň nirede?-diýip ol sorady.
Uolter Kaningemiň ýüzünden her birinji klasly onuň içinde soguljan bardygyny görýärdi. Onuň
ýalaňaç aýaklaryndan bolsa oňa munuň nireden geçendigi görünýärdi. Hemmeleriň bilşi ýaly, içiňe
soguljan diňe doňuzlar agnaýan mal ýatagynda we hapa ýerlerde aýakýalaň gezseň düşýär. Eger-de
Uolteriň köwşi bolan bolsady, ol elbetde okuwyň başlanýan ilkinji gününde geýerdi, ýöne soň welin,
barybir tä sowuk düşýänçä mekdebe aýakýalaňaç gatnardy. Ýöne oňa derek onuň egninde arassaja
köýnek hem-de ýamalan ýörite iş geýimi bardy.
-Sen bu gün ýanyň bilen ertirlik almagy unudaýdyňmy?-diýip hanym Kerolaýn oňa sowal berdi.
Uolter dik maňlaýyna dikilip, gymyldaman otyrdy. Onuň hor ýaňagy bolsa tisginip gidýärdi.
-Sen bu gün ertirligiňi ýadyňdan çykardyňmy?-diýip hanym Kerolaýn ýene-de sorady.
Onuň dulugy ýene-de tisgindi.
-Howwa-diýip ol ahbetin hümürdedi.
Hanym Kerolaýn öz ýerine bardy we gapjygyny çykardy.Ol:
-Ine saňa ýigrimi bäş sent ,-diýdi:-Git-de özüňe iýer ýaly bir zat alyn. Puly maňa ertir gaýtaryp
beräýersiň.
Uolter kellesini ýaýkady.
-Ýok, hanym, taňryýalkasyn!-diýip ol assaja pyşyrdady.
Hanym Kerolaýnyň sesinde gatyrganma duýlup başlady:
-Uolter, bärik gel-de puly al.
Uolter ýene-de başyny ýaýkady.
Haçan-da ol üçünji gezek kellesini talawladyp başlanda, yzdan kimdir biri pyşyrdady:
-Oňa aýtsana, Gözlüje!
Men yzyma gaňryldym welin, şäherli we şäher eteginde ýaşaýan ähli çagalaryň özüme
seredişýändiklerini gördüm. Biz hanym Kerolaýn bilen eýýäm iki gezek dagy gürrüňdeş bolupdyk,
olaryň ählisi-de şunuň ýaly ýakyn tanyşlykdan düşünişmekligiň döreýändigine sada ynam bilen maňa
dikilip otyrdylar.
Ýeri bolýar-da, Uolteriň arkasyny almak gerek. Men ýerimden turdum.
-Neme… hanym Kerolaýn…
-Saňa näme gerek, Jin Luiza?
-Hanym Kerolaýn ol Kaningem-diýdim-de, men ýerimde oturdym.
-O näme diýdigiň, Jin Luiza?
Meniň göwnüme bolmasa, men örän düşnükli aýdan ýalydym. Biziň hemmämiz üçin mese-mälimdi,
Uolter Kaningem ýalan sözleýärdi, özi-de biderek ýerden. Ol hiç hili ertirligini ýadyndan çykarmandy,
onuň hiç hili ertirligi bolmandy. Bu gün ýok, ertirem, birigünem bolmaz. Megerem ol tutuş ömründe
üç sany çärýeklik teňňelerden köp şaýyny görenem däl bolsa gerek.
Men ýene-de bir gezek synanyşdym:
-Hanym Kerolaýn, Uolter Kaningemlerden ahyry.
-Men düşünmeýärin, Jin Luiza. Sen näme barada aýdýarsyň?
-Bu aýyp däl, hanym, bahym siz okrugda hemmeleri tanap başlarsyňyz. Kaningemler bolsa hiç
haçan hiç bir zady mugt almazlar, ybadathanadanam, häkimlikdenem almazlar. Olar hiç kimden hiç
zat almaýarlar, özlerinde bolanjasy bilen oňýarlar. Olarda juda az zat bar, ýöne olar şonuň bilenem
oňýarlar.
Kaningemleriň tiresiniň gylygyna, has takygy onuň bir golunyň gylygyna men geçen gyşda düşünip
başlapdym. Uolteriň kakasy Attikusyň ýanyna maslahat sorap gelipdi. Bir gezek agşam olar myhman
otagymyzda hukuklaryň gysylmagy barada örän uzak hem tukat gepleşipdiler, hoşlaşanlarynda
bolsa jenap Kaningem:
- Dogrusy, jenap Finç men siziň bilen haçan hasaplaşyp biljekdigimi hem bilmeýärin-diýipdi.
Attikus bolsa:
-Goý bu size iňkis bolmasyn, Uolter!-diýipdi.
Men Jimden gysylmagyň nämedigini sorapdym, ol şonda haçan-da seniň guýrugyň gapjalsa
gysylmak bolýar diýip düşündiripdi, şonda men Attikusdan hem jenap Kaningemiň haçanam bolsa
bir wagt biziň bilen hasaplaşyp biljekdigi barada sorapdym.
-Pul bilen-ä başarmaz-diýip Attikus jogap beripdi:-ýöne ýylyň ahyryna çenli ol meniň bilen doly
hasaplaşar. Ine görersiň.
Hakykatdan hem biz gördük. Günlerde bir gün irden biz Jim bilen howlumyzyň arka ýüzünde odunlyk
jagramanyň dag ýaly üýşmegini tapdyk. Soňra jaýymyzyň arka tarapyndaky eýwanda niredendir bir
ýerden bir halta hoz peýda boldy. Täze ýylyň öňisyrasynda bolsa bir sebet ysmanak tapdyk. Ýazda
biz ýene-de bir halta ýaş turp tapdyk, ine şondan soňam Attikus jenap Kaningemiň artykmajy bilen
hasaplaşandygyny aýtdy.
-Näme üçin ol bize turp bilen töleýär-diýip men soradym.
-Sebäbi onuň başgaça töläre zady ýok. Onda pul ýok.
-A biz garypmy, Attikus?
Attikus baş atdy.
-Hawa, elbetde.
Jim seňrigini ýygyrdy.
-Edil Kaningemler ýaly garypmy?
-Edil beýl-ä däl. Kaningemler şäherli däl, olar daýhan, çökgünçilik bolsa olara has agyryly zarba
urdy.
Şonda Attikus şäherde köp adamlar daýhanlar garyp bolandygy seäbpli garyp diýdi. Meýkomb
okrugy tutuşlygyna diýen ýaly daýhançylyk bilen meşgullanýar, lukmanlar, aklawjylar, diş lukmanlary
her bir şaýyny kynlyk bilen gazanýarlar. Hukuklarynyň kemsidilmegi jenap Kaningemiň ýeke-täk
belasy däl. Onuň ýeriniň ygtyýar etmäge hukugy bolan bölegi bilelikdäki eýesiniň razylygy alynman
birnäçe girewine goýlup-goýlup goýulmazy çykan. Onuň nagt görnüşde gazanýan ujypsyzja
jinneklerini hem bergisiniň göterimlerini tölemäge gidýär. Eger-de jenap Kaningem gereginden artyk
geplemeýän bolsady, ony jemgyýetçilik işlerine alardylar, ýöne eger-de ol özüniň ýerini taşlaýsa,
onda ony ýitirer, ol bolsa ýerini özünde saklap galmak üçin aç gezenini hem-de island adamsy üçin
ses berenini gowy görýär. Jenap Kaningem boýun egmezek, kakabaş adamlaryň hilinden diýip
Attikus aýdypdy. Kaningemleriň hukukça tölemek üçin puly ýok, ine şonuň üçinem olar özlerinde bar
zatlar bilen hasaplaşýarlar.
-A siz bilýärsiňizmi, lukman Reýnolds hem şeýle işleýär-diýip Attikus aýtdy:-Haçan-da çaga
doglanda ol onuň ene-atasyndan bir ölçeg ýer almasyny alýar. Hanym Gözlüje, eger-de siz maňa
ünsüňizi bagyşlamaga merhemet etseňiz, men size hukuklaryň gysylmagynyň nämäni
aňladýandygyny düşündirerdim. Jim kämahallar nämäniň nämedigini örän takyk kesgitleýär.
Eger-de men Attikus ýaly her bir zady ýönekeýje hem düşnükli edip aýdyp bilýän bolsadym, onda
men käbir oňaýsyz ýagdaýlaryň başyma düşmeginden halas bolardym we mugallymamyzy ajy
lapykeçlikden gorardym. Ýöne men muny oňarmaýardym, şonuň üçinem men:
-Hanym Kerolaýn, siz Uolteri biderek ýere masgara edýärsiňiz. Olaryň öýlerinde size gaýtaryp
bermek üçin çärýeklik teňňe ýok, odunlyk çöplemäniň bolsa size derkary ýok!-diýdim.
Hanym Kerolaýn dikilgazyk bolup doňup galdy, soňra bolsa meniň ýeňsämden ebşitläp tutdy-da, öz
ornuna garşy süýräp ugrady. Ol:
-Jin Luiza, sen meniň ýüregime düşdüň-diýdi:-sen ähli zatlar babatda erbet başlaýarsyň, meniň
mähribanym. Eliňi uzat.
Men ol häzir meniň aýama tüýkürer diýip pikir etdim, Meýkombda diňe şunuň üçin ellerini uzadýarlar,
sebäbi bu asyrlaryň dowamynda mukaddesleşen dessur, şeýle edip bizde her bir şertleşigi
berkidýärler. Mugallyma bilen näme barada şertleşendigimize doly düşünmän, men özüme garşy
düşünmezlik bilen garaýan bütin klasa seretdim. Hanym Kerolaýn öz çyzgyjyny aldy-da, onuň bilen
meniň aýama bäş ýa-da alty sapar ýeňiljek şarpyldatdy, soňam burça geçmegi buýurdy. Diňe
şondan soň mugallymanyň maňa temmi berendigi klasyň aňyna ýetdi, hemmeler ala-pakyrda
berdiler.
Hanym Kerolaýn olaryň mazaly eýini ýetirjekdigini aýdyp haýbat atdy welin birinji klas hasam beter
gülüp başlady. Diňe hanym Blauntyň gelip girmegi olary akylyna aýlanmaga mejbur etdi. Asly
Meýkombly bolan we entek “Dýuiniň onluk ulgamynyň” syrlaryna belet bolmadyk hanym Blaunt
bosagada durdy-da, ellerini bykynyna goýup:
-Eger-de şu klasda ýene-de ýekeje biri agzyny açaýsa, hemmäňiziň işiňizi görerin, şuny bilip
goýaýyň! Hanym Kerolaýn, bu goh-galmagal zerarly altynjy klas piramidalarda ünsüni jemläp
bilmeýär-diýip yglan etdi.
Burçda men kän durmadym. Hanym Kerolaýnyň bagtyna jaň kakyldy we hemmeler ertirlik iýmäge
gitdiler. Men iň soňundan çykdym we hanym Kerolaýnyň zordan oturgyja özüni oklap, kellesine
elleriniň üstünde goýandygyny gördüm. Dogrusy, eger-de ol maňa bilen biraz gowurak daran
bolsady, men oňa gynanardym. Ol şeýle gowujady.
xxxxx
Soňra men birazajyk içimi sowatdym, howluda Uolter Kaningemiň üstüne topuldym-da, ony burny
bilen ýere oýkap başladym, ýöne şol wagt Jim geldi-de maňa ony goýbermegi buýurdy.
-Kiçijikler bilen deň bolýarsyň.
Men:
-Birjigem kiçijik däl-diýdim:-Ol sebäpli men erbet başladym.
-Goýsana Gözlüje. Sen näme üçin ony beýdýärsiň?
-Onuň ertirligi ýokdy-diýip men Uolteriň iýmiti zerarly nädip ýepbeklenendigimi gürrüň berdim.
Uolter aýaga galyp, dymyp diňläp durdy. Onuň ýumruklary çalaja düwülgidi, göwnüňe bolmasa ol
biziň ikimiziň hem üstüne topulmagymyza garaşýan ýalydy. Men onuň ýanymyzdan sumat bolmagy
üçin oňa aýaklarymy däbşenekledip ugradym, emma Jim egnimden gysyp meni saklady. Uolteri üns
bilen birlaý synlady-da, sorag berdi:
-Seniň kakaň Köne Saremli jenap Uolter Kaningemmi?
Uolter baş atdy.
Ol şeýlebir igli hem hordy welin, dogup-döräli bäri doýa garny doýmadyk ýalydy, gözleri Dill
Harrisiňki dek mawydy, hemişe ýaşaryp durdylar, gabaklary gyzyldy, ýüzünde gan-pet ýokdy, diňe
burnunyň uçjagazy gyzaryp hem öljerip durdy. Ol birahatlyk bilen eşiginiň eginbaglaryny çekişdirip,
ildirgiçlerini dartyşdyryp durdy.
Jim birdenkä oňa şadyýan ýylgyrdy-da:
-Ýör bize ertirlik edinmäge gideli, Uolter!-diýdi:-Biz örän şat bolarys.
Uolteriň ýüzi ýagtylyp gitdi, ýöne dessine-de onuň ýüzüne kölege indi.
Jim:
-Biziň kakamyz seniň kakaň bilen dost. Gözlüje bolsa edil gezip ýören dälibaşyň bar-da. Ol dolanyp
saňa barmagyny-da batyrmaz-diýdi.
-Muny entek göreris-diýip men gyzaryldym. Näme sebäpli Jim menden bidin beýle wadalary berýär-ä?
Ýöne arakesmäniň gymmatly wagty-da gidip barýardy:-Ýeri bolýar-da, Uolter, men seni
ýepbeklemerin. Sen nohudy halaýarmyň? Biziň Kelimiz örän oňat biş-düş edýär.
Uolter dikilgazyk bolup dodaklaryny dişleýärdi. Biz Jim bilen oňa elimizi salgadyk-da, gitdik, eýýäm
Redlilere çenli ýetipdik welin, ol yzymyzdan ulili bilen gygyrdy:
-Eý-ý, menem siziň bilen!
Uolter biziň yzymyzdan ýetenden soň Jim onuň bilen mesawy söhbete başlady.
-Şu ýerde zalym ruh ýaşaýar-diýip ol Redlileriň jaýyny görkezdi:-Sen ol barada eşitdiňmi?
-Eşitmän nätjek,-diýip Uolter jogap berdi:-mekdepde birinji ýyl men olaryň hozlaryndan iýip tas
ölüpdim. Aýdyşlaryna görä ol bilgeşleýinden olary awulap, haýatdan daşyna oklaýarmyş.
Bu wagt biz üç bolup barýandygymyz sebäpli Jim Betnyşan Redliden düýbünden üýşenmeýärdi.
Hatda öwnübem başlady.
-Bir gezek men eddiljek jaýyň gapdalyna-da bardym-diýip ol Uoltere habar berdi.
-Käbirleri bir gezek eddiljek jaýyň gapdalyna-da barýarlar, soň bolsa onuň deňesinden geçjek
bolsalar-da ylgap gaçyp ýörler-diýip men asmandaky bulutlara habar berdim.
-Kim ol gaçýan, Iňirdi hanym?
-Ýeke özüňkäň, sen gaçýarsyň.
Biz eýwanymyza ýetýänçäk Uolter özüniň Kaningemdigi hakynda pikir etmegi hem unutdy. Jim
aşhana ylgady we Kelpurniýa artykmaç tabak goýmalydygyny habar berdi, bize myhman gelipdi.
Attikus Uolter bilen salamlaşdy we hasyl barada gürrüňdeşlige başlady, Jim bilen biz bolsa olaryň
gürrüňinde hiç zada düşünmeýärdik.
-Men birinji klasda näme üçin otyryn, jenap Finç, düşünýärsiňizmi, men her ýyl ýazda kakama pagta
ýygmaga kömek etmeli bolýaryn, ýöne bu wagt bizde ýene-de biri hem ýetişdi, ol hem meýdanda
işläp bilýär.
-Siz onuň üçin ýer almasynyň bir ölçegini tölediňizmi?-diýip men soradym.
Attikus maňa garady-da, başyny ýaýkady.
Uolter öz tabagyna nahar alnyp ugrady, özem Jim ikimizi biçak geň galdyran zat, Attikus bilen deňduşlar ýaly gepleşmegini dowam etdirýärdi. Attikus daýhan hojalygy barada nämedir bir zatlary
aýdyp otyrdy, birdenem Uolter onuň sözüni böldi-de, biziň öýmüzde toşap ýokmuka diýip sorady.
Attikus Kelpurniýany çagyrdy welin, ol bir golça toşaby alyp geldi. Ol ýanynda durup tä Uolter özüne
guýunýança garaşdy. Uolter toşaby gök önümden buglamanyň hem etiň üstüne guýup ugrady.
Megerem ol tabagyna bulgurdaky süýdüni hem guýardy, ýöne şu ýerde men saklanyp bilmän, onuň
näme edýändigini soradym.
Ol howlukmaçlyk bilen toşaply golçany bir gyrada goýdy welin, hatda kümüş gapjagazlar hem
şaňňyrdap gitdi, ol elini dyzlarynyň arasynda gysdy. Ýüzüni sallady.
Attikus maňa garady-da, ýene-de başyny ýaýkady.
Men:
-Ol özüniň tutuş ertirligini toşapda gark etdi ahyry-diýdim:-Ol tabagyny doldurdy…
Ine şu ýerde-de Kelpurniýa meni aşhana çagyrdy.
Kelpurniýa gazaba münüpdi, gazaba münende bolsa ol hemişe nädogry gepläp başlaýardy. Rahat
ýagdaýynda ol Meýkombyň iň sowatly adamlaryndan pes geplemeýärdi. Attikus Kelpurniýa ähli
garaýagyzlardan bilimli diýen ýaly diýýärdi.
Ol maňa garşy gözüni çala akjardyp dikanlady welin, gaşlarynyň arasyndaky gasynjyklar mesemälim bildirdiler.
-Belki kimdir biri biziň iýşimiz ýaly iýýän hem däldir, emma barybir saçagyň başynda olaryň üstünden
gülmäge het edäýme!-diýip ol gazap bilen pyşyrdap ugrady:-Bu oglanjyk seniň myhmanyň, goý ol
saçagy çeýnäýsin, sen welin, jyňkyňy çykaraýmagyn. Düşündiňmi?
-Ol myhman däl, Kel, ol bary-ýogy Kaningem…
-Diliňi salajyn goýberme! Onuň kimligi bilen seniň nä işiň! Öýüňe geldimi – diýmek myhman, bu
ýerde tumşugyňy göge tutar ýaly hiç zat ýok, gör-ä bujagazy, nähilimiş! Seniň garyndaşlaryň, belki,
Kaningemlerden biraz asyllyrakdyr hem, ýöne sen welin olary wejera edýärsiň! Saçagyň başynda
edep saklap bilmeýärsiňmi, git-de naharyňy aşhanada iý!
Ýumşak ýerime agramlyja şapbat çalmak bilen Kelpurniýa meni aşhananyň gapysyna tarap itekläp
goýberdi. Men öz tabagymy aldym-da, ertirligimiň galanjasyny aşhanada iýdim, hernä gowy zady,
munuň ýaly kemsidilmeden soň hemmeler bilen bir ýerde oturmaly bolmadym. Kelpurniýa bolsa men:
“Ýeri bolýar, şu, çala eýläňe bakdygyň bolýar, giderin-de derýanyň buljum ýerine özümi oklaryn,
onsoň ökünip aňyrsyna çykyp bilmersiň. Onsoňam sen eýýäm şu günüň özünde meniň başyma bela
inderdiň, hemme zada sen günäkär, näme üçin maňa ýazmagy öwretdiň?” diýdim.
Kelpurniýa bolsa:
-Hany, sem bol!-diýdi.
Jim bilen Uolter maňa garaşman mekdebe gidipdirler. Ýöne Kelpurniýanyň zalymlyklaryna Attikusyň
gözlerini açmak, bärde biraz eglenip, soňam Redlileriň jaýynyň deňesinden ýeke özüň güýjüňde
baryny edip ylgap geçeniňe degýärdi.
-Umumanam ol Jimi menden has gowy görýär-diýip men iň soňunda jemledim we Attikusa ony
häziriň özünde kowmagy teklip etdim.
-A sen Jimiň oňa senden iki esse az hunaba ýuwutdyrýandygyny aňşyrmaýarsyňmy?-diýip Attikus
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 03
  • Parts
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 01
    Total number of words is 3841
    Total number of unique words is 2102
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 02
    Total number of words is 3827
    Total number of unique words is 2017
    29.3 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 03
    Total number of words is 3859
    Total number of unique words is 2027
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 04
    Total number of words is 3885
    Total number of unique words is 2047
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    47.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 05
    Total number of words is 3841
    Total number of unique words is 2023
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    40.3 of words are in the 5000 most common words
    47.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 06
    Total number of words is 3852
    Total number of unique words is 1981
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    46.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 07
    Total number of words is 3894
    Total number of unique words is 2053
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 08
    Total number of words is 3897
    Total number of unique words is 1975
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    47.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 09
    Total number of words is 3886
    Total number of unique words is 1975
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 10
    Total number of words is 3900
    Total number of unique words is 2012
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    40.7 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 11
    Total number of words is 3804
    Total number of unique words is 2027
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 12
    Total number of words is 3753
    Total number of unique words is 2094
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 13
    Total number of words is 3882
    Total number of unique words is 2070
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 14
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 2044
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    41.1 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 15
    Total number of words is 3779
    Total number of unique words is 2031
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    48.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 16
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 1993
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 17
    Total number of words is 3898
    Total number of unique words is 1817
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 18
    Total number of words is 3989
    Total number of unique words is 1828
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    49.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 19
    Total number of words is 3863
    Total number of unique words is 1979
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 20
    Total number of words is 3899
    Total number of unique words is 1979
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 21
    Total number of words is 3880
    Total number of unique words is 1973
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 22
    Total number of words is 3843
    Total number of unique words is 2030
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 23
    Total number of words is 3886
    Total number of unique words is 1981
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 24
    Total number of words is 3825
    Total number of unique words is 2038
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 25
    Total number of words is 3946
    Total number of unique words is 1886
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 26
    Total number of words is 3697
    Total number of unique words is 1784
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.