Latin

Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 04

Total number of words is 3885
Total number of unique words is 2047
29.6 of words are in the 2000 most common words
41.7 of words are in the 5000 most common words
47.7 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
emma jennete düşüp bilmese, onda ol hiç kimiň ýok çola ýollarynda entäp başlaýar, eger-de oňa
gabat gelseň, onda öleniňden soň özüň hem şeýle bolarsyň, gijelerine entäp ugrarsyň we diri
adamlaryň ruhuny sorup başlarsyň…
-A onuň daşyndan nädip aýlanyp geçmeli?
Jim:
-Hiç hili-de geçip bilmersiň-diýdi:-Käwagt ol alar-da tutuş ýoly beklär. Ýöne, eger-de saňa hökman
şol ýerden geçmek zerur bolsa, onda sen diý: “Diri, öli däl, janyň enweri, bogma, goýber meni”.
Şonda ol seniň daşyňa çolanmaz we…
Men:
-Oňa ynanma, Dill,-diýdim:-Kelpurniýa bu zatlaryň barysy garaýagyzlaryň oýlap tapan ertekileri
diýýär.
Jim maňa kül-peýekun ediji nazaryny aýlady, daşyndan welin, sesli:
-Ýeri näme, biz bu gün oýnarysmy ýa-da ýokmy?
-Geliň tekerde aýlanalyň-diýip men teklip etdim.
Jim uludan demine aldy.
-Sen bilýärsiň ahyry, men indi oňa sygmaryn.
-Onda itersiň.
Men öýümiziň arka ýüzüne ylgadym-da, yzky eýwanyň astyndan ulagyň köne teker daşkysyny
süýräp çykardym we ony baga tigirläp getirdim. Men:
-Men birinji-diýdim.
Dill: “Iň gowusy men birinji bolaýaýyn, sebäbi men ýaňy geldim ahyry” diýdi.
Jim bizi ylalaşdyrdy. Men birinji bolaryn, Dill bolsa birazajyk uzagrak tigirlener. Men ýumak ýaly
düwüldim-de, teker daşkysynyň içine sümüldim. Soňky pursada çenli men Jimiň özi bilen howurpowur barada dawa edenim üçin gazaba münendigini we meniň petigulymy bermek üçin amatly
pursady peýläp durandygyny syzmadym. Ol tekeri bar güýji bilen tigirläp goýberdi welin, ol pyýada
ýodasy bilen güwläp gitdi.
Ýer, asman, jaýlar, däli-mežnun girdabyň demine düşen dek, meniň gözümiň öňünde bir bütewi
tegmilde birleşdiler, gulagym şaňlap başlady, demigip ugradym. Men hatda ellerimi çykaryp, tekeri
togtadyp hem bilmeýärdim, ellerimi dyzlarym döşüme gysyp durdy. Diňe ýekeje umyt bardy – belkide Jim meni ozup geçip tekeri saklar ýa-da teker pyýada ýodasynyň büdür-südürine süsňäp, özözünden togtar. Jimiň ala-gykylyk edip, yzymdan ylgap gelýändigini men eşidýärdim.
Şol barşyna teker çagyl üýşmeginiň üstünden bardy-da, gyra sowuldy, ýoldan tigirlenip geçip,
badyna nämedir bir zady süsdi welin, men edil çüýşeden zyňlan dyky ýaly asfaltyň ýüzüne zyňlyp
düşdüm. Meniň ýüregim bulanýardy, başym aýlanýardy. Asfaltda ýatan ýerimden men beýnimdäki
goh-galmagalyň kesilmegi hem-de ýagty jahanyň gözümiň öňünde bökjekleýän ähli zatlarynyň
öňküsi ýaly ýerli-ýerine baryp durmaklary üçin kellämi bulamaga, aýalarym bilen gulaklaryma assaja
kakmaga başladym. Şol pille-de Jimiň çirkin sesini eşitdim:
-Gözlüje, gaç! Bahymrak!
Men başymy göterdim. Meniň öňümde Redlileriň eýwany durdy. Men şol durşuma agzymy öweldip,
doňup galdym.
-Tur, tizräk!-diýip Jim ulili bilen gygyrýardy:-Sen näme ol ýerde dikilgazyk bolup galdyň?!
Şol pursat men nädip ýerimden turanymy-da bilmeýärin, sebäbi aýaklarym diýen etmeýärdi.
-Tekeri hem al!-diýip Jim bagyrýardy:-Bärik süýre ony. Näme aňkaň aşdymy?
Men ahbetin özümi dürsedim-de, dyzjagazlarym diýen etmän, aýaklarym sandyrap dursa-da olara
garşy ylgadym.
-Teker näme?-diýip Jim ýene-de gygyrdy.
-Özüň alyber!-diýip menem gygyryp jogap gaýtardym.
Jim bada-bat dymdy.
-Beýle edermen bolsaň, bar git-de özüň alyber, ol derwezeden giren ýeriňde ýatan bolmaly. Sen hol
bir gezek olaryň diwaryny hem elläp gaýtdyň ahyry, ýadyňa düşýärmi?
Jim ýakyp-ýandyryjy nazar bilen maňa garady, ýöne bu sözlerden soň oňa sypjyklyk etmäge welin
hiç hili mümkinçilik ýokdy. Ol pyýada ýodasy bilen ylgap gitdi, derwezäniň öňünde kürtdürip durdy,
birdenem howlynyň içine okduryldy-da, az salymdan teker bilen yzyna dolanyp geldi.
-Gördüňmi?-diýip ol göwnüýetmezçilik hem dabar bilen maňa seretdi:-Bir-iki, eýýämem taýyn. Hudaý
bar, Gözlüje, käwagtlar sen özüňi edil hakyky gyzjagaz ýaly alyp barýarsyň welin, edil ýöne ýüregiň
bulanyberýär.
Ol käbir zatlary bilmeýärdi, ýöne men öz ýanymdan oňa aýtmazlygy ýüregime düwdüm.
Bosagada Kelpurniýa peýda boldy we bizi çagyryp ugrady:
-Limon şerbetini içmeli! Diriligiňize gowrulmankaňyz çaltrak kölegä geçiň!
Bu tomusky dessurdy. Haçan-da Gün ýokary galanda limon şerbetini içmeli. Kelpurniýa eýwana
golça hem-de üç sany bulgur çykardy-da, öz işleri bilen meşgul bolmaga gitdi. Men Jimiň maňa
gaharlanýandygy üçin beýlebir iňkise gidip durmaýardym. Häzir limon şerbetini içer-de ýumşaşar.
Jim ikinji bulguryny bir demde boşatdy-da, öz garnyna şarpyldadyp goýberdi.
-Tapdym!-diýip ol yglan etdi:-Öň bolmadyk täze oýna başlaýarys!
-Nähili oýna?-diýip Dill sorady.
-Betnyşan Redli oýnuna.
Men Jimiň ýürejigindäkini duýup durdum, ol bu oýny, maňa özüniň ähli Redlileri bir ýere
üýşüreniňde-de olardan jinnek ýaly-da eýmenmeýändigini, özüniň batyr gahrymandygyny, meniň
bolsa züwwetdindigimi subut etmek üçin oýlap tapypdy.
-Betnyşan Redli oýnuna? O nähili?-diýip Dill ýene-de sorady.
Jim:
-Gözlüje, hanym Redli bolar…-diýdi.
-Muny entäk göreris-diýip men başladym:-Birinjiden-ä…
Dill:
-Sen näme?-diýdi:-Häzire çenli-de gorkýarsyňmy?
Men:
-Belki-de gije, biziň hemmämiz ýatyrkak ol daşaryk çykar…-diýdim.
Jim sygyryp goýberdi:
-Biziň nähili oýun oýnaýandygymyzy ol nireden bilsin? Onsoňam ol ýerde megerem ol ýokdur hem.
Ol ýüz ýyl mundan ozal ölendir we ony pejiň tüsseçykaryna dykyp goýandyrlar.
-Gel, ikimiz oýnabereli-le, Gözlüje bolsa, eger-de gorkýan bolsa, goý bir çetde durup seredibersindiýip Dill Jime teklip etdi.
Men Betnyşan Redliniň öz öýünde oturandygyny örän oňat bilýärdim, ýöne hiç zat subut edip
bilmeýärdim, şonuň üçinem dilimi dişimiň aňyrsynda saklamaga mejburdym, ýogsa häzir ýene-de
howur-powura ynanýan diýip aýtmaly bolaryn, men bolsa gündiziň günortany ol barada asla pikirem
etmeýärin.
Jim keşpleri paýlady, men – hanym Redli, meniň işim öýden daşaryk çykyp, eýwany süpüren bolmak.
Dill – goja Redli, ol pyýada ýodasyndan eýläk-beýläk iki-baka ýörän bolmaly, haçan-da Jim oňa lak
atsa ol jogap deregine üsgürinjirän bolmaly. Jim bolsa, elbetde Betnyşanyň özüni oýnamaly. Ol baş
eýwanyň aşagynda gizlenmeli we hemişe çyňsamaly hem-de uwlamaly.
Tomus özbaşyna geçip durdy, biziň oýnumyz hem şeýle. Biz ony günsaýyn sünnäleýärdik, täze-täze
gepleşikleri we waka öwrümlerini oýlap tapýardyk, şeýle edip ýörşümize-de ahbetin, hakyky sahna
oýunjagazyny düzdük-de ony her gün birhili, täze usul bilen oýnamaga başladyk.
Dill erbetleriňem iň erbedi bolup ýetişdi, ol hemişe islendik özboluşly keşbe doly girmegi başarýardy
we aýgytly pursatlarda, eger-de gerek bolsa onuň hatda birazajyk boýy hem ösäýýän ýalydy. Ol
erbetlikde keşbini oýnaýan iň erbet gahrymanlaryndan pes oturmaýardy, onuň oýnaýanlary bolsa
barypýatan garakçylar hem wagşylardy. Men bolsa ullakan bir höwesim bolmasa-da ähli aýal
keşplerini janlandyrýardym. Meniň pikirimçe biziň täze oýnumyz Tarzandan has içgysgynçrakdy,
bütin tomus hem Jimiň meni Betnyşan Redliniň birmahal aradan çykandygyny we meniň bilen hiç zat
bolmajakdygyny, sebäbi uzakly gün özüniň hem Kelpurniýanyň gapdalymdadygyny, gijelerine bolsa
Attikusyň hem öýde bolýandygyny aýdyp ynanrdyrjak bolmagyna garamazdan meniň ýüregimden
wehim çykmady.
Jim gahryman bolup doglan bolmaly.
Biziň ýaşaýan toplumymyzda öňden bäri gaýtalanyp gelýän gybatlarydyr gep-gürrüňleri biz hakyky
pajygaly esere birleşdirdik. Hamana hanym Redli bir wagt juda owadan gözel gyz bolanmyş, ýöne
soň jenap Redlä durmuşa çykypdyr we özüniň ähli pullaryny ýitiripdir. Ol şeýle hem, ähli dişlerini,
saçlaryny diýen ýaly hem-de sag eliniň süýem barmagyny-da ýitiripdir (muny eýýäm Dill oýlap tapyp
üstüne goşdy, bir gezek gije Betnyşan günorta naharyna birje awysiýdigi-de, pişigi-de tutup
bilmänden soň, ejesiniň barmagyny gemrip goparypmyş), uzakly günläbem hanym Redli
myhmanhanada zar-zar aglap oturýarmyş, Betnyşan bolsa pyçak bilen oturgyçlary hem beýleki goşgolamlary ýonýarmyş, ahyry bir gün hem öýde ýekeje-de goş-golam galman diňe ýonuşga galjakmyş.
Onsoň biziň üçümiz hem bozgakçylyk edýän wagtlary tutulan oglanjyklary şekillendirýärdik, men
biraz üýtgeşiklik üçin kazynyň keşbini oýnaýardym, Dill Jimi alyp gidip, ony eýwanyň astyna
dykalaşdyrýardy-da ony süpürgijiň sapy bilen dürtgeleşdirýärdi. Sahnanyň dowamynda Jim eýýäm
şerifiň, şäherlileriň mähellesiniň ýa-da Meýkombda Redlileriň maşgalasy barada hemmelerden köp
zat aýdyp biljek hanym Stiweni Kroufordyň keşbinde peýda bolýardy.
Haçan-da Betnyşanyň keşbiniň iň jygba-jyg oýnunyň wagty gelende Jim bukulyp öýmüze girýärdi-de,
amadyny peýläp, Kelpurniýanyň gözüne güýdüşip, tikin enjamyň çekerinden gaýçyny alyp, eýwana
dolanýardy. Hiňňildikde oturyp gazet kesişdirip başlaýardy. Dill onuň gapdalyndan geçip barşyna
oňa tarap üsgürinjirän bolýardy, onsoň Jimem onuň buduna gaýçyny sokýan kişi bolan bolýardy.
Meniň duran ýerimden bolsa olaryň hereketleri hakyky ýaly bolup görünýärdi.
Her gün jenap Natan Redli edähetine eýerip şähere barýarka biziň deňämizden ötende biz ýarym
sözde dymýardyk we tä ol gözden ýitýänçe gymyldaman durýardyk. Eger-de ol biziň nähili oýun
oýnaýandygymyzy biläýse dagy biziň bilen nämeler ederdi?...Şonuň ýaly-da goňşularymyzyň
islendik biri gözümize ilende-de biz oýnumyzy bes edýärdik, ýöne bir gezek men gabat-garşymyzda
hanym Modi Etkinsonyň eli gaýçylyka ýaşyl ösümlikden haýatyny gyrkmagy-da unudyp, bize aňk
bolup seredip durandygyny gördüm.
Bir gezek biz özümiň “Bir maşgala” atly eserimiziň ikinji jildiniň ýigrimi bäşinji babyny oýnap
oturyşymyza dünýäni undupdyrys-da, hatda Attikusyň ertirlik edinmek üçin dolanyp gelendigini-de
duýmandyrys. Ol pyýada ýodasynda duran ýerinden elindäki togalanan žurnal bilen dyzyna kakan
bolup, bizi synlaýardy. Gün al-asmana galyp, eýýäm günorta bolupdy.
-Bi, siz nähili oýun oýnaýarsyňyz?-diýip Attikus sorady.
-Hiç hili-diýip Jim jogap berdi.
Onuň gümmi-sümmi jogabyndan men öz oýnumyzyň syrdygyna düşündim we goşulup durmadym.
-A gaýçy saňa näme üçin gerek? Onsoňam name üçin sen gazet ýyrtýarsyň? Eger-de bu şu günki
gazet bolsa, onda men seniň mazaly eýmijiňi ýetirerin.
-Hiç zat.
-Näme “hiç zat”?
-Hiç zat, jenap.
Attikus:
-Gaýçyny bärik ber-diýdi:-Bu saňa oýunjak däl. Ýogsa-da bu zatlaryň ählisi tötänden Redlilere-hä
degişli däldir-dä?
-Ýok, jenap-diýdi-de Jim gyzardy.
-Men şeýledir öýdüp umyt hem edýän-diýip Attikus gysgajyk aýtdy-da, öýe girip gitdi.
-Ji-i-im…
-Sem bol! Ol myhman otagyna gitdi, ol ýerde bolsa hemme zat eşidilýär.
Haçan-da biz howpsuz ýere, howlumyzyň ýeňse ýüzüne geçenimizde Dill Jime “Indi näme bize
mundan beýläk Betnyşany oýnamak bolýamarmy?” diýip sowal berdi.
-Bilemok, Attikus bolmaz diýip aýtdy
Men:
-Jim,-diýdim:-meniň pikirimçe Attikus barybir ähli zady bilýär.
-Ýok, bilmeýär. Ýogsa ol şeýle diýibem aýdardy.
Men welin onuň bilýändigini aýtjakdygyna gaty bir ynanyp durmaýardym, ýöne Jim: “ähli kynçylyk
meniň gyzjagaz bolanlygymda, gyzjagazlar bolsa hemişe ýok zatlary oýlap tapýarlar, şonuň üçinem
hemmeler olary halamaýarlar, onsoňam eger-de hakyky gyzjagaz bolasyň gelýän bolsaň, sumat
bolup we başga birleri bilen oýnap bilersiň” diýdi.
Men:
-Bolýar-diýdim:-Betnyşany oýnap bilersiňiz. Ýöne nämeler gopjagyny welin, gözjagazyňyz bilen
görersiňiz.
Attikusyň biz tutmagy meniň üçin bu oýny oýnamagy islemezligimiň ikinji sebäbi bolupdy. Birinjisi
bolsa men tekerde Redlileriň howlusyna tigirlenip girenimde döräpdi. Şonda men kellämi bulap
durkam, ýüregim bulanýarka we Jimiň gykylygyndan ýaňa gulagym şaňlaýarka, bir pessaýja ses
eşitdim, pyýada ýodasyndan bolsa ol owaz düýbünden eşidilmeýärdi. Öýüň içinde kimdir biri
gülýärdi.
xxxxx
Men ahbetin Jimiň ýüregine-bagryna düşüp, oňa öz diýenimi etdirjekdigimi bilýärdim, ahyrsoňy bu
onuň bizar-peteňini çykardy we ol meniň örän uly şatlygyma Betnyşany oýnamagyny taşlady. Ýöne
dogry, Jim Attikusyň bu oýny özüne gadagan etmändigin, şoňa görä-de ony dowam edip bilýändigini
aýdyp meni ynandyrmaga-da çalyşýardy. Hatda eger-de Attikus gadagan edäýen ýagdaýynda-da
alarys-da hemmeleri başgaça atlandyrarys welin, hiç kim bize hiç zat aýdyp bilmezem diýýärdi.
Dill bu meýilnama örän begendi. Aslyýetinde Jimiň ýeke özi meniň üçin az ýaly, üstesine Dill hem
çakdan aşa hyýalbentdi. Tomsuň başynda ol maňa: “maňa durmuşa çyk” diýdi, ýöne juda çalt muny
ýadyndan çykardy. Edil özi üçin mellege gazyk kakan ýaly ýa-da men onuň emlägi ýaly, “ütin
ömrüne diňe meni söýjekdigini” aýtdy, soň bolsa maňa ünsem bermeýär. Men ony bir-iki gezek dagy
özüme üns berdirmek üçin mazalyja ýepbekledim hem, ýöne bu oňa derman bolmady, ol gaýta Jim
bilen öňküsindenem beter dostlaşdy. Olar iki bolup ertirden agşama çenli çynardaky öýjagazdan
çykmaýardylar, birhilijek hokgalary oýlap tapýardylar, meni bolsa diňe özlerine üçünji biri gerek
wagty çagyrýardylar. Emma men olaryň has çakdan aşa kelesaň hokgalaryna goşulmakdan boýun
towlaýardym. Hatda olaryň maňa gyzjagaz diýip gyjalat bermekleri mümkin hem bolsa, men galan
tomus agşamlaryny hanym Modi Etkinsonyň eýwanynda oturyp geçirýärdim. Jim ikimize hemişe-de
hanym Modiniň howlusynda, bir şert bilen, ýagny onuň güllerinden daşrakda oýnamaga rugsat
berýärdiler, ýöne hanym Modi bilen biziň aramyzdaky gatnaşyklary birhili düşnüksizdi. Jim bilen Dill
meni gyrakladyp başlaýançalar ol meniň üçin beýlekilere garanyňda az-owlak rehimdarrak bolsa-da,
barybir adaty goňşy zenandy.
Hanym Modi bilen sessiz ylalaşygymyzyň esasynda biz onuň otluk meýdançasynda oýnap,
şahalaryny hem direglerini döwman üzümini iýip hem-de jaýynyň arka tarapyndaky bütin melleginde
barlag-agtaryş işlerini geçirip bilýärdik. Bu şertler juda keremli hem sahawatlydy. Şoňa görä-de biz
atanlykda bu yrga deňagramlylygy bozmajak bolup, hanym Modä lak atmaga-da çekinýärdik. Ýöne
Jim bilen Dill tumşuklaryny dik göge galdyryp başladylar welin, men islesem-islemesem hanym Modi
bilen ysnyşmaga mejbur boldum.
Hanym Modiniň öz jaýyna içi ýanýardy, oňa zordan çydaýardy. Dört diwaryň arasynda geçirilen
wagty ol bihuda sarp edilen diýip hasaplaýardy. Ol dul aýaldy, şol bir wagtda-da hameleon -zenandy.
Haçan-da bagynda işlände ol köne sypal başgabyny we erkek kişileriň bütewi iş eşigini geýýärdi,
agşam sagat bäşlerde, hammam howuzçasyna girip-çykandan soň bolsa eýwanda edil biziň
köçämiziň melikesi ýaly, bezemen, owadan hem haýbatly keşpde oturýardy. Ol toprakdan ösýän ähli
zady, hatda haşal otlary hem söýýärdi. Ýöne bu söýgüniň bir kadadan çykmasy bardy.
Öz howlusynda ýekeje haşal ot dagy tapdygy, Marnadaky täze söweş başlanýardy. Hanym Modi
duşmanyna garşy galaýy pürkgüç bilen topulýardy-da, onuň köküne nähilidir birhili awuly suwuklyk
eňterip ugraýardy. “Eger-de uzagrakda durmasaňyz siz hökmany ýagdaýda zäherlenip ölersiňiz”
diýip ol bizi gorkuzýardy.
-Ony ýöne goparyp bolmaýarmy, eýsem?-diýip men bir gezek boýy ýerden ýeke garyş saýlanan
bolgusyzja haşal ot bilen gandöküşiklik garpyşyk tutaşanda soradym.
-Goparmakmy, balajyk? Sen goparmak diýýärmiň?-diýip hanym Modi sülleren baldagy ýerden
göterdi-de, başam barmagyny ondan ýokardan aşaklygyna ýöredip goýberdi. Baldakdan kinniwanja
dänejikler döküldi:-Ine şunuň ýaly ýekeje baldajyk tutuş mellegi haraplap bilýär. Seret. Güýzde
tohumlary gurar welin, şemal olary bütin jelegaýa ýaýradar.
Hanym Modiniň ýüz-keşbi bolsa, bu ýerde azyndan müsür mergisi barada gürrüň barýan ýaly boldy.
Meýkombyň beýleki ýaşaýjylaryndan tapawutlylykda, hanym Modi hemişe çalt-çaltdan we aýgytly
gürleýärdi. Biziň her birimiziň-de doly adymyzy tutýardy. Haçan-da ol ýylgyranda bolsa onuň
agzyndaky ýokarky alyn dişleriniň gapdalynda iki sany altyn diş lowurdaýardy. Men bir gezek şol
altyn dişlere haýran galanymda, ulalsam özümiň hem şeýle dişleri edinjekdigimi aýtdym.
-Seret!-diýip hanym Modi dilini jukguldatdy-da, maňa öz oturtma dişleriniň nädip aýrylýandygyny
görkezdi, şeýle etmek bilenem ol ikimiziň aramyzdaky dostlugyny gutarnykly berkitdi.
Jim bilen Dill özleriniň pynhan işleri bilen meşgul bolmaýan wagtlary hanym Modiniň rehimdarlygy
olara-da degişli bolýardy. Biz hanym Modiniň öň özümize mälim bolmadyk ajaýyp zehininiň
miwelerini iýýärdik. Biziň ýaşaýan toplumymyzda hiç kim şeýle süýji gatlakly kökeleri bişirip bilmeýär.
Ikimiziň aramyzda doly aç-açanlyk gatnaşyklary emele gelen wagtyndan bäri ol her gezek uly
kökeden daşgary, ýene-de üç sany kiçisini hem bişirýärdi-de, soňam tutuş köçäni ýaňlandyryp
gygyrýardy:
-Jim Finç, Gözlüje Finç, Çarlz Beýker Harris, hany bäri geliň!
Bizem bada-bat onuň çakylygyna barýardyk we munuň üçin hemişe-de baýraga mynasyp bolýardyk.
Tomsuna iňrigiň garalmagy uzak we ümsüm bolýar. Köplenç biz hanym Modi bilen onuň eýwanynda
sesimizi çykarman oturýardyk-da, Günüň ýaşyşyny we asmanyň ilki sary, soňra bägül reňke
beslenişini, garlawaçlaryň pessaýlap uçup baryşlaryna mekdebiň üçeginiň aňyrsynda gözden
ýitişlerini synlaýardyk.
Men şeýle gijeleriň birinde:
-Hanym Modi,-diýdim:-siz nähili pikir edýärsiňiz, Betnyşan Redli heniz dirimikä?
-Onuň ady Artur, özem ol diri-diýip hanym Modi dubdan ýasalan uly hiňňildik-kürside iki-ýana
haýaljakdan ýaýkyjaklap otyrşyna aýtdy:-Duýýarsyňmy, şu gün meniň güllerim nähili bark urýar? Edil
behiştdäki ýaly.
-Hawa. Ýöne siz nireden bilýärsiňiz?
-Nämäni balajyk?
-Bet…jenap Arturyň diridigini?
-Nähili eýmenç sowal! Äý hawa-da, bu megerem gürrüňiň özeniniň eýmençligi üçin şeýle bolsa
gerek. Onuň diridigini bilýändigimiň sebäbi, Jin Luiza, men ony öýlerinden tabytda çykarandyklaryny
häzirki güne çenl-ä görmedim.
-A belki-de ol ýogalandyr welin, ony pejiň tüsseçykaryna dykandyrlar.
-Sen bu gürrüňi nireden tapdyň?
-Jim aýtdy.
-Hm-hm… Ol gün-günden Jek Finçe has köp çalym edip barýar.
Biziň Jek kakamyzy, Attikusyň inisini, hanym Modi çagalykdan bäri tanaýardy. Olar deň-duş diýen
ýalydylar we “Finçiň duralgasynda” bile önüp-ösüpdiler. Hanym Modiniň kakasy, lukman Frenk
Býuford Finçleriň köne goňşusydy. Hünäri boýunça lukman, zany-ýasawy boýunça bagban hem
daýhan bolan ol toprak dörjelemegi jany-teni bilen söýýän ekeni we şonuň üçinem garyplygyna-da
galypdyr. Jek kakam bolsa özüniň bu hyjuwyny erkine goýbermeýärdi, güller diňe onuň Neşwildäki
öýüniň penjiresiniň erňeginde ösýärdiler, şonuň üçinem ol baý bolup galypdyr. Her ýyl täze ýylyň
öňüsyrasynda ol bize myhmançylyga gelýärdi we bogazyna sygdygyndan bütin köçäni ýaňlandyryp,
hanym Modä özüne durmuşa çykmagy teklip edip gygyrýardy. Hanym Modi bolsa ondan bäş esse
beter gygyryp jogap gaýtarýardy:
-Gatyrak bagyr, Jek Finç, sesiň poçtada-da eşidiler ýaly, ýogsa men seni eşitmeýärin!
Jim ikimize öýlenmegi teklip etmegiň bu usuly juda täsin bolup görnerdi, ýöne Jek kakamyz
aslyýetinde-de täsinlikleriň öýjügidi. Onuň öz aýtmagyna görä, hamana ol muny hanym Modiniň içini
ýakmak üçin edýärmiş, hanym Modi hiç haçanam oňa durmuşa çykmajakmyş, ol hemişe diňe ony
gižželemäge çytraşýarmyş, onuň ýaňsysyndan bolsa diňe bir zat, onuň öz üstüne hüjüm etmek bilen
goranyp bolýarmyş. Jek kakamyň şol sözleri hem biz üçin ähli zady aý dogan ýaly edýärdi.
-Artur Redli öýünden çykman otyr, bar bolany hem şu-diýip hanym Modi maňa düşündirdi:-Eger-de
sen köçä çykmak islemeseň senem öýňüzde oturarsyň ahyry, dogrumy?
-Hawa, ýöne meniň barybir köçä çykasym geler ahyry. Onuň näme üçin çykasy gelmeýärkä?
Hanym Modi gözüni süzdi:
-Bu hekaýaty seniň özüňem menden erbet bilmeýärsiň.
-Ýöne men barybir munuň näme üçin şeýledigini bilmeýärin. Maňa hiç kim aýdyp bermedi.
Hanym Modi dili bilen oturtma dişlerini düzetdi.
-Sen garry Redliniň baptistlerdendigini bilýärsiň ahyry, olar bolsa aýaklaryny ýuwýarl…
-Siziň özüňizem şolardan ahbetin?
-Men olar ýaly daşbeýni däl, Gözlüje. Men ýönekeý baptist aýal.
-Ýönekeý baptistler aýaklaryny ýuwmaýarlarmy?
-Ýuwýarlar. Öz öýlerinde, hammamda.
-A siz biziňki ýaly mynajat etmeýärsiňizmi…
Megerem hanym Modi dini ynanjyň nyşanlaryndan baptistligiň alamatlaryny düşündireniň aňsat bolar
diýip çaklan bolara çemeli.
-Aýaklaryny ýuwýan baptistler islendik lezzeti günä diýip hasap edýärler-diýip ol düşündirdi:Bilýärsiňmi, bir gezek, şenbede olar tokaýdan şähere geldiler we haýatyň aňyrsyndan maňa meniň
öz güllerim bilen göni sakar dowzaha düşjekdigimi aýdyp gygyryp ugradylar.
-Güllerem dowzaha düşerlermi?
-Hawa, hanym. Güller meniň bilen bilelikde ýanjakmyşlar. Bu aýakýuwujylar men Hudaýyň döreden
asmanynyň astynda juda köp wagt geçirýärin hem-de dört diwaryň arasynda hakyň sözüniň üstünde
juda az oturýaryn diýip hasap edýärler.
Men birdenkä hanym Modiniň dowzahda gowrulyp durşuny (her protestantyň bolsa öz dowzahy bar)
göz öňüme getirdim, dessine-de dini wagyzlarda hakykaty aýdýandyklaryna müňkürlik edip ugradym.
Hanym Modiniň örän ýiti hem awuly dili bar, özi-de ýagşy işleri etmeklik bilen hanym Stiweni
Krouford ýaly yhlasly meşgullanmaýar. Ýöne diňe gutaran akmak hanym Stiwenä ynanyp biler,
hanym Modi bolsa ynamdar adam, muny Jim ikimiz hakykatdan bilýärdik. Ol hiç wagt
şugulçylamaýar, ikiýüzlülik etmeýär we biziň işlerimize burnuny sokmaýar. Ol biziň dostumyz. Onsoň
şeýle paýhasly adamyň nädip ebedi jebir-jepalara höküm edilip biljekdigine düşünmegem mümkin
däl!
-Bu adalatsyzlyk ahyry, hanym Modi! Siz ýeriň ýüzünde iň gowy aýal ahbetin.
Hanym Modi tüýs ýürekden ýylgyrdy.
-Men size minnetdar, hanym-diýdi:-Ýöne aýakýuwujylar her bir aýal maşgalany günägaby diýip
hasap edýärler. Olar, bilýäňmi, injiler gereginden artyk takyk düşünýärler.
-Jenap Artur hem aýallary görmezlik üçin öýlerinden çykman otyrmy?
-Men nireden bileýin, gyzym.
-Meniň pikirimç-ä bu samsyklyk bolýar. Eger-de jenap Arturyň şeýle uçmaha düşesi gelýän bolsa-da,
onda ol iň bolmanda eýwana bir çykyp göräýmeli ahyry. Attikus Hudaý adamlary edil özüň ýaly
söýmegi tabşyrýar diýip aýdýar…
Hanym Modi kürsisinde ýaýkanjyramasyny bes etdi.
-Sen entek örän kiçi we düşünmersiň-diýip ol gatyrgandy:-ýöne şeýlebir adamlar bolýar, şolar
ýalylaryň elinde-de injil juda howply bolýar, edil seniň kakaň elindäki bir çüýşe şerap ýaly…
-Attikus şerap içmeýär!-diýip men örç alyp galdym:-Ol heniz dogup-döräli bäri ýekeje damjany hem
agzyna alyp görmändir…Wiý, ýogsa-da ýok! Ol bir gezejik şerap dadyp görendigini, ýöne onuň
özüne ýaramandygyny aýdypdy.
Hanym Modi heziller edip güldi.
-Men beýle diýmek islemedim. Men: “eger-de Attikus Finç içip-içip serhoş bolan bolsady, şonda-da
ol barybir käbir adamlaryň iň gowy ýagdaýlaryndakydan zalym hem gödek bolmazdy” diýmek isledim.
Ýöne şeýlebir adamlar bar, olar…olar o dünýä barada çakdan aşa köp pikir edýärler welin, şu
dünýäde ýaşamagy hiç öwrenip bilmeýärler. Ine, biziň köçämize seret, şeýle hereketlerden
nämeleriň emele gelýändigini görersiň.
-Siziň pikiriňizçe Betn…jenap Artur barada ähli aýdylýan zatlar çynmyka?
-Anyk näme?
Men gürrüň berdim.
-Munuň dörtden üç böleg-ä garaýagyzlaryň ertekisi, galany bolsa hanym Kroufordyň tapan zatlarydiýip hanym Modi tutuksy jogap berdi:-Stiweni Krouford bir gezek maňa, hamana özüniň gijäniň bir
cagy oýanandygyny, Arturyň bolsa penjireden özüne garşy garap durandygyny aýtdy. Men şonda
oňa: “A sen näme etdiň, Stiweni, azajyk süýşüp oňa düşegiňden ýer berdiňmi?” diýip sowal berdim.
Şondan soň ol birsalym dilini dişläp gezdi.
Dişlemänem bir görsün! Hanym Modi islendik adamy hem sem bolmaga mejbur edip biler!
-Ýok, gyzym, bu gaýgy-hasrat öýi-diýip ol dowam etdi:-Artur Redliniň oglanjyklygy meniň ýadyma
düşýär. Ol barada näme diýseler diýibersinler, ol hemişe salyhatlydy. Bar başarnygy-ukyby bilen
salyhatlydy.
-Siz ol dälidir öýdüp pikir edýärsiňizmi?
Hanym Modi başyny ýaýkady.
-Bolmazlygy-da mümkin, ýöne şu geçen ýyllaryň dowamynda hökman aklyndan azaşan bolmaly. Biz
adamlar bilen nämeler bolup geçýändigini oňly bilmeýäris ahyry. Keseki öýde, ýapyk işigiň
aňyrsynda nämeler bolup geçýär, nähili syrlar bar…
-Attikus Jim ikimiz babatda öýde-de, daşarda-da tapawudy ýok, hemişe özüni şol bir bolşunda alyp
barýar.
Men duýup durdum, kakamyň arkasyny almak meniň borjumdy.
-Eý Hudaý-eý, gyzjagaz, men bu wagt seniň kakaň barada gepleýärinmi, ahyry! Men diňe saňa
nämäniň nämedigini düşündirmäge çalyşdym. Ýöne seniň özüň ol barada gep açýan bolsaň, onda
men aýdaýyn, Attikus Finç öz öýünde-de, köçede şol bir adamdyr, şuny bilip goý…Men şirinnan (tort)
bişirdim, bir bölejigini ýanyňa almak isleýärsiňmi?
Men örän isleýärdim.
…Ertesi gün men oýanan badyma Jimi we Dilli jaýymyzyň ýeňse ýüzündäki howluda gördüm, olar
nämedir bir zat barada şowhunly gepleşýärdiler. Men olaryň ýanyna bardym welin, olar ýene-de
endiklerine eýerdiler:
-Git, bärden.
-Gitmen. Howly seniňki däl, Jim Finç, howly meniňki hem. Bu ýerde oýnamaga meniňem hukugym
bar.
Dill bilen Jim howul-hara geňeşdiler.
-Eger-de galsaň, biz näme buýursak şony hem etmeli bolarsyň-diýip Dill maňa duýdurdy.
-Näme gomparan bolýarsyň? Bolduň meniň başyma serkerde!
-Biz näme buýursak şony hem etjekdigiňe ant iç, ýogsa biz saňa hiç zat aýtmarys-diýip Dill dowam
edýärdi.
-Sen juda ulalan ýaly-la! Ýeri bolýar-da, aýdyberiň aýdasyňyz gelse.
-Biz Betnyşana hat bermek isleýäris-diýip Jim gözüni-de gyrpman yglan etdi.
-O nähili?
Men süňňümi dolduran biygtyýar wehimi basyp ýatyrmaga dyrjaşdym. Hanym Modi üçin ýöne aýdyp
goýbermegiň hiç hili kynçylygy ýok, ol eýýäm garry we öz ýakymly eýwanjygynda oturan ýerinden
islän zadyny gepläp bilýär. Biz bilen bolsa başgaça.
Jim hatyny çeňňege ildirip, Redlileriň penjiresiniň gabsasynyň yşyndan dykmak isleýärdi. Eger-de
kimdir biri köçeden geçse, onda Dill jaňjagazy jyňňyrdatmalydy.
Dill elini galdyrdy. Onuň aýasynda meniň ejemiň günorta naharyna çagyrmak üçin ulanylýan kümüş
jaňjagazy bardy.
Jim:
-Men beýleki tarapyndan bararyn-diýýärdi:-Biz düýn köçeden seredinimizde şol tarapda gabsalaryň
biriniň ýerinden gopandygyny gördük. Men iň bolmanda penjiräniň erňegine bolsa-da hatymyzy
goýaryn.
-Jim…
-Indi welin ýok, hanym Iňirdi, özüň bu işe baş goşduňmy, indi yza tesen bolmak gerek däl!
-Bolýar, ýöne men garawul bolmak islemeýärin… Jim, bilýäňmi, şol gezek, kimdir biri…
-Ýok, sen garawullarsyň. Sen jaýyň ýeňse ýüzüne aýlanarsyň, Dill bolsa köçä sereder, eger-de
kimdir biri geçse ol jaň kakar. Düşündiňmi?
-Ýeri bolýar-da. Ýöne siz oňa näme diýip ýazdyňyz?
Dill:
-Biz ondan örän sypaýyçylyk bilen onuň käte bir öýlerinden çykmagyny we bize ol ýerde näme
işleýändigini aýtmagyny haýyş etdik, goý ol bizden heder etmesin, biz oňa buzgaýmagam satyn alyp
bereris-diýdi.
-Siz aklyňyzdan azaşypsyňyz, ol biziň barymyzy öldürer!
Dill:
-Muny men oýlap tapdym. Meniň pikirimçe, eger-de ol daş çykyp, biziň bilen sähel wagt otursa, onuň
biraz göwni açylar-diýdi.
-Onuň ýüreginiň gysýandygyny sen nireden bilýärsiň?
-A sen nähilidir öýdýäň? Hany özüň bir ýüz ýyllap daşyňdan gulplangy halda oturyp, diňe pişikleri
iýip oturjak bolup gör! Jedel edeli, onuň hatda sakgaly-da ine şunça ösendir.
-Edil seniň kakaň sakgaly ýalymy?
-Meniň kakamyň sakgaly ýok, ol…-diýdi-de Dill öňki geplerini ýadyna saljak bolup dilini dişledi.
-Ä-hä, tutuldyň gerek!-diýip men onuň üstüne çöwjäp başladym:-Öň sen kakaň gara sakgaly bar
diýip aýdýardyň…
-Ol sakgalyny tomusda syrypdy, eger beýle bilesiň gelýän bolsa! Men saňa onuň hatyny hem
görkezip bilerin. Ýene-de ol maňa iki dollar hem ugradypdyr…
-Hawa-la, çypdyryber bakaly! Belki, ol saňa ýene-de harby atçaparlaryň eşigini we gylyç hem
iberendir? Kezzapjyk sen, başga hiç kimem däl!
Men dogup-dörälim bäri başga kimdir biriniň Dill Harris ýaly ýalan sözleýändigini eşidip görmändim.
Hemme zatdan başga-da ol on ýedi gezek aragatnaşyk uçarynda uçanmyş, Täze Şotlandiýada
bolup görenmiş, diri pili görenmiş, onuň atasy bolsa brigade generally Jo Uilleriň hut özümiş we ol
Dille öz gyljyny miras goýanmyş.
-Bes ediňsene, siz-diýip Jim gaharlandy. Ol eýwanyň astyna girip-çykdy-da, sary bambuk
çeňňeksapyny çykardy:-Görýän welin, şunuň bilen men pyýada ýodasynda duran ýerimden penjirä
ýetip bilermikäm diýýän.
Men:
-Eger-de kimdir biri gidip diwary elläp gaýtmak derejesinde şeýlebir batyr bolsa, onda oňa çeňňek
sapy hem gerek dälmikä diýýärin-diýdim:-Ap-arkaýyn baryp gapylaryny kakaýsa-da bolar, bar bolany
hem şol.
-Bu…başga…ýagdaý…-diýip Jim her sözüne basym berip, arasyny bölüp-bölüp aýtdy:-Saňa ýenede näçe gezek gaýtalamaly?
Dill kisesinden bir sahypa kagyz çykardy-da Jime uzatdy. Biz seresaplylyk bilen Redlileriň jaýyna
tarap ýöneldik. Dill çyra sütüniniň deňesinde saklandy, Jim ikimiz köçäniň künjünden öwrüldik. Men
öňe gitdim-de indiki öwrümden jykladym.
Men:
-Hemme zat parahat-diýdim:-Hiç kim ýok.
Jim Dille tarap öwrüldi welin, ol başyny atdy.
Jim hatyny çeňňeksapyna iltedi-de, ony haýatyň üstünden penjirä garşy uzatdy. Ol bar güýji bilen
süýnüp öňe dyzaýardy, emma çeňňeksapy gysgarak bolýardy, bary-ýogy bir-iki garyş ýetmeýärdi. Ol
çeňňeksapy bilen penjire tarap dürtgeleýärdi, ahyrsoňy oňa uzakdan seredip durmak meniň
ýüregime düşdi-de men onuň ýanyna bardym.
-Haty hiç oklap bilemok-da-diýip Jim hümürdedi:-Dogrusy penjirä düşýärin, ýöne hat ol ýerde
gaçmaýar. Köçä git, Gözlüje.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 05
  • Parts
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 01
    Total number of words is 3841
    Total number of unique words is 2102
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 02
    Total number of words is 3827
    Total number of unique words is 2017
    29.3 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 03
    Total number of words is 3859
    Total number of unique words is 2027
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 04
    Total number of words is 3885
    Total number of unique words is 2047
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    47.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 05
    Total number of words is 3841
    Total number of unique words is 2023
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    40.3 of words are in the 5000 most common words
    47.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 06
    Total number of words is 3852
    Total number of unique words is 1981
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    46.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 07
    Total number of words is 3894
    Total number of unique words is 2053
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 08
    Total number of words is 3897
    Total number of unique words is 1975
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    47.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 09
    Total number of words is 3886
    Total number of unique words is 1975
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 10
    Total number of words is 3900
    Total number of unique words is 2012
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    40.7 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 11
    Total number of words is 3804
    Total number of unique words is 2027
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 12
    Total number of words is 3753
    Total number of unique words is 2094
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 13
    Total number of words is 3882
    Total number of unique words is 2070
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 14
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 2044
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    41.1 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 15
    Total number of words is 3779
    Total number of unique words is 2031
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    48.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 16
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 1993
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 17
    Total number of words is 3898
    Total number of unique words is 1817
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 18
    Total number of words is 3989
    Total number of unique words is 1828
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    49.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 19
    Total number of words is 3863
    Total number of unique words is 1979
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 20
    Total number of words is 3899
    Total number of unique words is 1979
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 21
    Total number of words is 3880
    Total number of unique words is 1973
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 22
    Total number of words is 3843
    Total number of unique words is 2030
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 23
    Total number of words is 3886
    Total number of unique words is 1981
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 24
    Total number of words is 3825
    Total number of unique words is 2038
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 25
    Total number of words is 3946
    Total number of unique words is 1886
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 26
    Total number of words is 3697
    Total number of unique words is 1784
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.