Latin

Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 17

Total number of words is 3898
Total number of unique words is 1817
32.0 of words are in the 2000 most common words
43.3 of words are in the 5000 most common words
49.6 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Jim ümsümlik bilen çakdan aşa şatlanýardy. Ol ýumrugy bilen germewe ýeňiljek kakyp oturyşyna, bir
gezek pyşyrdabam goýberdi:
-Ine indi biz ony bir çüňke gabadyk.
Men welin, düýbünden beýle pikir etmeýärdim. Meniň pikirimçe Attikus Meýellany jenap Ýueliň
özüniň ýenjip biljekdigini subut etmäge dyrjaşypdy. Men muňa düşünipdim. Eger-de onuň sag
gözüne hem-de ýüzüniň sag tarapyna urlan bolsa, diýmek onda ony çepbekeý ýenjen bolmaly.
Şerlok Holms we Jim Finç şeýle-de pikir ederdiler. Ýöne belki-de Tom Robinson hem çepbekeýdir.
Men hem edil jenap Gek Teýt ýaly, öňümde kimdir biriniň durandygyny we göz açyp-ýumasy
salymyň içinde bolup geçýän garpyşygy göz öňüme getirdim-de, öz ýanymdan netijä geldim, belkide Tom Robinson Meýellany sag eli bilen saklap, çep eli bilenem ýenjendir. Men oňa ýokardan aşak
seretdim. Ol bize arkasyny öwrüp otyrdy, ýöne onuň nähili giň eginleriniň we mäkäm, ýogyn
boýnunyň bardygy görünýärdi. Elbetde ol hiç hili kynçylyksyz Meýellanyň hötdesinden gelip biler.
Şonuň üçinem Jim bihuda ýere güýz gelmezinden öňünçä jüýjeleri sanaýar.
xxxxx
Şol pille kimdir biri güňleç gygyrdy:
-Meýella Waýolet Ýuel!
Şaýatlaryň münberine bir ýaş gyz ýöneldi. Ol eli galdyrylgylygyna hakykaty, diňe hakykaty,
hakykatdan başga hiç zady geplemezlige kasam edip, “we goý maňa bu işimde Hudaý ýardam etsin”
diýýärkä, ol örän inçejik hem näzijek bolup görünýärdi, ýöne soňra ol kürsüde ýüzüni bize tarap
öwrüp oturandan soň welin, onuň berk bedenlidigi göründi, megerem ol agyr işe werziş bolan
bolmaly. Biziň okrugymyzda kimiň yzygiderli, kimiň bolsa ýylda bir gezek ýuwunýandygyny bada-bat
bilip bolýar. Jenap Ýuel edil depesinden gaýnag suw dökülen ýaly çym-gyzyldy, edil onuň hamy
ondan gat-gat edip hapasyny aýranlaryndan soňra adatdan daşary duýgur hem ejiz bolan ýalydy.
Meýella bolsa, megerem arymsy bolmaga çyr-çytyr çytraşýan bolara çemeli, men şol pursat
Ýuelleriň howlusyndaky geran güllerini ýadyma saldym.
Jenap Jilmer Meýelladan öz sözi bilen oturdaşlara geçen ýylyň ýigrimi birinji noýabrynyň agşamsy
bolup geçen wakany gürrüň bermegi haýyş etdi: “öz sözüňiz bilen, haýyş edýän” diýibem üstüni
ýetirdi.
Meýella bolsa dymdy oturdy.
-Siz şol agşam, iňrik garalanda niredediňiz?-diýip jenap Jilmer sabyrlylyk bilen başlady.
-Eýwanda.
-Haýsy eýwanda?
-Biziň diňe bir eýwanymyz bar. Esasy eýwan.
-Siz eýwanda näme işleýärdiňiz?
-Hiç zat.
Kazy Teýlor goşulmaga mejbur boldy:
-Siz çekinmäň-de bize diňe nämeleriň bolup geçendigini gürrüň beriň. Siz näme ýa gürrüň berip
bilmeýärsiňizmi?
Meýella oňa tarap gözlerini petretdi-de, birdenem aglap başlady. Ol agzyny eli bilen jebis ýapdy-da,
birhili çakdan aşa gaty hynçgyryp ugrady. Kazy Teýlor oňa birsellem aglamaga mümkinçilik berdi-de,
soňam aýtdy:
-Ýeri besdir. Diňe hakykaty aýt, hiç kimden gorkmak gerek däl. Men düşünýärin, saňa bu zatlaryň
ählisi ýatdyr, ýöne bu ýerde utanar ýaly ýa-da üýşener ýaly hiç zat ýok. Ýeri sen nämeden beýle
gorkýarsyň?
Meýella aýasyna siňdirip nämedir bir zatlary diýdi.
-Näme diýdiň?-diýip kazy gaýtadan sorady.
-Ine şondan gorkdum-diýip Meýella sojady-da, Attikusy görkezdi.
-Jenap Finçdenmi?
Ol bar güýji bilen baş atmaga başlady.
-Men islemeýärin. Edil dädemiň degnasyna degşi ýaly, ol meni-de alyp ýatar, ýöne çepbekeý-de,
çepbekeý…
Kazy Teýlor çal başyny gaşady. Megerem, oňa öň beýle hutbatly mesele bilen iş salyşmak miýesser
etmedik bolara çemeli.
-Sen näçe ýaşyňda?-diýip ol sorady.
-On dokuz ýarym,-diýip Meýella jogap berdi.
Kazy Teýlor üsgürinjiredi-de, öz sesini şowsuz ýumşatmaga çytraşdy.
-Jenap Finç, düýbünden seni gorkuzmak islemedi,-diýip ol gümmürdedi:-eger-de isläýen halatyndada, men oňa mümkinçilik bermerin. Ine şonuň üçinem men şu ýerde otyryn. Sen eýýäm ullakan gyz,
şonuň üçinem hany gönüräk, dikräk otur-da, aýdyp ber…bize özüň bilen nämeler bolup geçendigini
aýdyp ber. Sen ýöne, al-dajyk, bize aýdyp beräý, bolýarmy?
-Ol samsyjakmyka?-diýip men pyşyrdap Jimden soradym.
Jim gözüniň gyýtagy bilen aşak, şaýat gyza tarap seretdi-de:
-Kim bilýär-äý,-diýdi:-kazynyň rehimini indermäge-hä onuň akly çatýan ekeni, ýöne belki-de, ol
ýöne…äý bolýar-la, men-ä bilemok…
Meýella rahatlandy, ol ýene-de bir gezek Attikusa garşy howatyrly nazar oklady-da, jenap Jilmere
tarap öwrüldi.
-Onda şeýle, jenap, men eýwandadym, şo…şo mahalam ol deňämizden ötüp barýardy, biziň
howlymyzda köne geýim asylýan tekje durdy, dädem ony odunlyk diýip satyn alypdy…dädem maňa
ony böleklere bölmegi buýrupdy, özi bolsa tokaýa gidipdi, şo mahal men birhili ýaramajak bolýardym,
ine şo mahalam ol gelýärdi…
-Kim ol?
Meýella barmagyny Tom Robinsona garşy çommaltdy.
Jenap Jilmer:
-Men sizden öz pikirleriňizi has anyk beýan etmegi haýyş edýärin,-diýdi:-Kätibe yşaratlary
teswirnama girizmek kyn bolarmyka diýýärin.
Meýella:
-Ine şu,-diýdi:-Robinson.
-Ýeri soň näme boldy?
-Onsoň men oňa diýýärin, bärik gel, şar-garakirli, bu geýim asylýany böleklere bölüp ber, onsoň men
saňa bäş şaýylyk bereýin. Bu bolsa onuň çep elinden gelýär. Ol howla girdi, men öýe pul almaga
gitdim, yzyma öwrülenimde-de ol meniň üstüme topuldy. Ol meniň yzyma düşüp gaýdan ekeni, ine
näme. Ol meniň bogazymdan penjeledi-de, özem bir erbet hapa-paýyş sögünip, bir erbet sözleri
diýip ugrady welin, hiý goýaýyň, iki gulakly eşider ýaly däl…Menem onsoň oňa garşylyk görkezmäge,
gygyrmaga başladym, ol bolsa meni bogýar, ol bolsa meni ýençýär…
Jenap Jilmer Meýella biraz özüni dürsemäge maý berdi, ol ýetişibildiginden elýaglygyny elinde
işýärdi, soňra bolsa ony ýazdy-da, ýüzüni süpürmäge başlady, elýaglyk onuň derlän elleri sebäpli
edil soka salnyp owlan ýaly mynçgalanyp-mynçgalanyp mynçgalanmazy çykandy. Ol jenap Jilmeriň
ýene-de özüne sowal bererine garaşdy, emma ol hiç hili sorag bermedi welin, onuň özi gepläp
başlady:
-Neme, onsoň, ol meni ýere ýykdy-da, biraz bogup, ýeňdi.
-Siz gygyrdyňyzmy?-diýip jenap Jilmer sorady:-Gygyrdyňyzmy we oňa garşylyk görkezdiňizmi?
-Onda-da nähili gygyrmak gygyrdym, bogazyma sygdygymdan gygyrdym, aýaklarym bilen
däbşenekledim, güýjümiň ýetdiginden gygyrdym.
-Soňra näme boldy?
-Soň näme bolandygy meniň ýadyma gowy düşmeýär, bir seretsem dädem üstüme abanyp dur we
maňa gygyrýar: “Kim seni beýtdi? Kim seni beýtdi?” diýip. Soň men doňňara-daşa öwrülip galdym,
birsalymdan soň özüme gelenimde bolsa jenap Teýt meni ýerden göterip, suwly setiliň ýanyna alyp
bardy.
Meýella gürrüň berýärkä özüni has ynamlyrak duýýan ýalydy, ýöne öz kakasy ýaly däl-de
başgaçarak. Kakasy özüni bihaýa alyp barýardy, ol welin, edil çommalyp, gözlerini süzgekledip
oturan, guýrugy bolsa bir ýerde durman iki ýaňa talawlaýan pişik deýin içi hümmüldilidi.
-Diýmek onda siz başardygyňyzdan oňa garşylyk görkezdim diýip aýdýarsyňyz-da? Güýjüňiziň
ýetdigindenmi?-diýip jenap Jilmer soraýardy.
-Elbetde, bu öz-özünden düşnükli ahyry,-diýip ol kakasynyň sözlerini gaýtalady.
-Siz onuň ahbetin siziň hötdäňizden gelip, öz maksadyna ýetendigini anyk bilýärsiňizmi?
Meýellanyň ýüzi gyşaryp gitdi welin, ol ýene-de möňňürip başlar öýdüp gorkdum, emma ol
şumjarmady:
-Ol näme islän bolsa şony-da amala aşyrdy.
Jenap Jilmer aýasy bilen ýylçyryny süpürdi, şol hereketi bilen şu gün günüň öte yssydygyny
hemmeleriň ýadyna saldy.
-Häzirlikçe ýeterlik,-diýip ol mylaýymlyk bilen aýtdy:-ýöne siz ýeriňizde oturyberiň. Men pikir edýän,
gorkunç we dişlek jenap Finçiň hem sizden käbir zatlary sorasy geler.
-Garalawjy şaýatlary aklawjynyň garşysyna öjükdirmeli däldir,-diýip kazy Teýlor hondanbärsilik bilen
bellik etdi:-Her niçik-de bolsa şu gün-ä şeýle zatlaryň geregi ýok.
Attikus ýerinden turdy, ýylgyrdy, ýöne şaýatlaryň münberine ýakynlaşman, penjeginiň iliklerini
ýazdyrdy, başam barmaklaryny keltekçesiniň gapdal diliklerine sokdy-da, haýaljakdan penjirä garşy
ýöneldi. Daşaryk seretdi, ýöne megerem ol ýerde hiç hili gyzykly zat görmedik bolara çemeli, yzyna
öwrüldi-de jebir çekeniň ýanyna bardy. Uzak ýyllaryň dowamynda toplan tejribäme esaslanyp men
düşündim, ol dymyp durşuna haýsydyr bir netijäni agtarýardy.
-Hanym Meýella,-diýip ol ýylgyryp durşuna gepledi:-men häzirlikçe sizi düýbünden gorkuzmak
islemeýärin. Geliň gowusy, biz tanşalyň. Siz näçe ýaşyňyzda?
-Men eýýäm aýtdym ahyry, on dokuz, hanha, men kaza aýtdym ahyry.-diýip Meýella nägilelik bilen
kazy Teýlora tarap baş atdy.
-Hawa, hawa, hanym, örän dogry. Ýöne siz men babatda biraz eglişikli boluň ahbetin, hanym
Meýella, meniň huşum indi öňküler ýaly däl ahyry, garrylyk ýetip gelýär, şonuň üçinem eger-de men
siziň öň aýdan zatlaryňyzy ýene-de ýanjap soraýsamam siz maňa jogap berersiňiz ahyry, şeýle
dälmi? Örän oňat.
Meýellanyň ýüz-keşbinden men düşünip bilmeýärdim, o nireden Attikus onuň sowallara jogap
bermäge razylygyny gördükä. Meýella oňa arynyň neşderi ýaly awuly gözleri bilen jikgerilip otyrdy.
-Eger-de siz meniň üstümden gülmekçi bolýan bolsaňyz size ýekeje sözjagazam aýtmaryn-diýip ol
yglan etdi.
-Siz nähili aýtdyňyz, hanym?-diýip aňk bolup galan Attikus soranyny duýman galdy.
-Eger-de siz meniň üstümden gülmekçi bolýan bolsaňyz diýdim.
Şu ýerde saklanyp bilmän kazy Teýlor hem goşuldy:
-Jenap Finç düýbünden seniň üstüňden gülmeýär. Sen muny nireden oýlap tapdyň-a, hä?
Meýella göz astyndan Attikusy birlaý gözden geçirdi:
-O näme onda ol maňa “hanym Meýella-da hanym Meýella” diýen bolup hetjikläp, meni ýaňsylaýar-a!
Men bärik ýaňsylamalary diňlemek üçin satyn alnyp getirilmedim, näme maňa gerekmi diýsene, bu
zatlar!
Attikus bu düşünişmezligi ýylmap-ýuwmagy kazy Teýloryň özüniň başyna atyp, ýene-de howlukman
penjirä tarap ýöneldi. Elbetde kazy Teýlor nebsiň agyrar ýaly ejiz adam däldi, ýöne meniň welin oňa
haýpym gelip gitdi, sebäbi onuň Meýella nämäniň nämedigini düşündirjek bolşy juda gözgynydy. Ol:
-Jenap Finçiň ýöne, şeýle endigi bar ahyry,-diýdi:-Biz onuň bilen ine şu ýerde, kazyýetde eýýäm
nijeme ýyllar bäri bile işläp gelýäris, jenap Finç bolsa hemmeler bilen hemişe sypaýy gepleşýär, ol
başgaça gepläp bilmeýär, kimdir biriniň özüne hormat goýulýandygyny gaty görjekdigi bolsa onuň
hatda kellesine-de gelmeýär. Ol seniň üstüňden gülmek islemeýär, onuň diňe hemişekisi ýaly sypaýy
bolasy gelýär. Onuň edäheti şeýle ahyry, düşünäýiň ahbetin, ol başgaça bolup bilmeýär diýip
aýtdym-a, men saňa!
Kazy uludan demini aldy-da kürsüsine ýaplandy.
-Dowam ediberiň, Attikus, goý mejlisiň teswirnamasynda-da, jebir çekeniň başgaça pikir edýändigine
garamazdan onuň üstünden hiç kimiň gülmändigi, gülmeýändigi düşnükli bolsun.
Maňa örän gyzykly, haçanam bolsa bir wagt, heý kimdir biri oňa hanym ýa-da hanym Meýella diýip
ýüzlendimikä? Ýöne ol adaty sypaýy ýüzlenmä öýkeleýän bolsa diýmek megerem, hiç kim ýüzlenen
däl bolmaly. Eger-de şeýle bolsa, onda ol nähili durmuşda ýaşaýarka? Men örän bahym bu
bermedik sowalymyň jogabyny eşitdim.
Attikus:
-Ýeri bolýar, diýmek, onda siz on dokuz ýaşymda diýip aýdýarsyňyz-da,-diýdi:- Siziň näçe sany
erkek we aýal doganyňyz bar?
Ol sowal berdi-de penjireden ýüzüni öwrüp, şaýatlaryň münberine ýakyn bardy.
Meýella:
-Ýedi,-diýdi welin men içimden pikir öwürdim: “Eý Hudaý-eý, olaryň ählisi-de meniň mekdebe baran
ilkinji günümde görenim ýalymyka?”
-Siz ulusymy? Iň ulusymy?
-Hawa.
-Siziň ejeňiz has irräk aradan çykdymy?
-Bilemok…has irräk.
-Siz haçanam bolsa bir mahal mekdebe gatnapmydyňyz?
-Okap-ýazyşym dädemden erbet däl.
Meýella edil meniň bir mahallar okan kitabymdaky jenap Jingl ýaly gepleýärdi.
-Siz mekdebe uzak wagt gatnapdyňyzmy?
-Iki gyş…a belki-de üçdür…özümem bilmeýärin.
Haýaljakdanam bolsa men Attikusyň nämä ýykgyn edýändigine düşünip başladym: ol jenap Jilmeriň
garşylyk bildirmez ýaly derejede ähmiýetsiz we işe dahyly ýok diýip hasap eden sowallaryny bermek
bilen oturdaşlara Ýuelleriň öýünde nähili durmuşyň bardygyny assa-ýuwaşdan aý-aýdyň görkezmek
isleýärdi. Kakamyň sowallaryna berilýän jogaplaryň kömegi bilenem oturdaşlar ine şu zatlary bildiler:
kömek puluna maşgala barybir eklenip bilmeýär, has takygy dädesi kömek puluny hem arak-şeraba
sowurýar…käwagtlar ol birnäçe günläp nirededir bir ýerde, batgalykda sumat bolýar, yzyna-da lülgammar bolup dolanyp gelýär, onsoňam dogrusy beýlebir ýygy-ýygydan sowugam bolup durmaýar,
şonuň üçinem köplenç aýakýalaňaç gezseňem bolýar, eger-de sowuk düşäýende-de ulagyň köne
tekeriniň daşgysynyň böleklerinden ýalpyldap duran aýakgap ýasanyp bolýar, içimlik we gerek-ýarak
suwy zibilhananyň gapdalyndan akýan çeşmeden setil bilen öýlerine daşaýarlar…hapa-hupany
bolsa edil öýleriniň gapdaljygyna dökmeýärler…a arassaçylyk barada aýdylanda bolsa, äý, bu
babatda öýde her kimiň özi öz aladasyny edýär, ýuwnasyň gelýärmi, suw daşan, körpejeleri haçan
görseň dümewli, hemmesi-de gijilewük keselli, hawa, hawa, bir hanym olara birnäçe sapar gelipdi,
her gelende-de: “näme üçin mekdebe gatnamaýarsyň” diýip sorapdy, beren jogaplaryny ýazypdy,
ýöne näme, öýde iki adam okap hem ýazyp bilýärkä, başgalaryna okamak nämä derkar
diýsene…olar dädesine öýde-de gerek ahyry.
-Hanym Meýella,-diýip Attikus edil öz erkine garşy gidýän ýaly äheňde aýtdy:-siziň ýaly ýaş gyzyň
megerem dostlary, joralary bardyr. Siz kim bilen jora?
Jebir çeken düşünmän gaşlaryny çytdy:
-Jora?
-Hawa. Näme ýa siz öz deň-duşlaryňyz ýa-da özüňizden biraz uly ýa-da kiçi ýaşlylar bilen
gatnaşmaýarsyňyzmy? Siziň tanyş oglanlaryňyz we gyzlaryňyz ýokmy? Adaty joralaryňyz ýa-da
dostlaryňyz?
Şu pursata çenli-de Meýella gödegräk jogap berýärdi, emma bu sowaldan soň welin, edil ýöne
jyzzyk bolana dönäýdi.
-Siz ýene-de meniň üstümden gülýärsiňizmi, jenap Finç?
Attikus bu jümläni öz sowalynyň anyk hem ýeterlik jogaby diýip hasaplady.
-Siz öz kakaňyzy söýýärsiňizmi, hanym Meýella?-diýip ol şondan soňra sorady.
-O nähili, söýýärin?
-Men ol rehimdarmy, siz onuň bilen oňat oňuşýarsyňyzmy diýmekçi boldum?
-Äý hawa-la, ol beýlebir erbedem däl-le, ýumşaksy, diňe ine haçan-da…
-Haçan-da näme?
Meýella gözüniň gyýtagyny kakasyna tarap aýlady, ol hälden bäri oturgyjyny yzyna gaýyşdyryp,
gaýşarylyp otyrdy, şonuň üçinem onuň oturgyjynyň arkasy germewe ýaplanýardy. Indi bolsa ol dimdik bolup gönelip gyzynyň nähili jogap berjekdigine garaşýardy.
Meýella ýuwdundy-da:
-Haçan-da hiç zat,-diýdi:-Men aýtdym ahyry, ol ýumşak häsiýetli diýip.
Jenap Ýuel ýene-de oturgyjynda gaýşaryldy.
-Diňe haçan-da ol içende beýle ýumşak häsiýetli dälmi?-diýip Attikus şeýlebir mylaýymlyk bilen
sorady welin, Meýella nädip baş atanyny hem duýman galdy.
-Ol haçanam bolsa bir wagt size birsyhly güzap berdimi?
-O nähili?
-Haçan-da ol…gaharlyka, ol sizi hiç haçan urmadymy?
Meýella çar-töweregine garanjaklady, soňra aşak kazyýet kätibine seretdi, soňra bolsa gözlerini kaza
tarap göterdi.
Kazy Teýlor:
-Sowala jogap beriň, hanym Meýella,-diýdi.
-Ol bar-a, ol dogup-dörälim bäri maňa barmajygyny-da degirmedi,-diýip Meýella aýgyt bilen yglan
etdi:-Hatda ýekeje sapar galtaşmady hem.
Attikusyň äýnegi burnunyň ujuna süýşdi welin, ol düzetdi.
-Biz siziň bilen örän ýakymly söhbetdeşlik etdik, hanym Meýella, indi bolsa men pikir edýärin, biziň
işe başlamaly wagtymyz gelip ýetäýdi öýdýärin. Siz aýtdyňyz, siz Tom Robinsondan döwüp bermegi
haýyş edipsiňiz…nämäni döwüp bermegi?
-Geýim asylýan tekjäni, şeýle birhili köne tekje-dä, onuň böwründe bolsa çekerleri bar.
-Tom Robinson size gowy tanyşmy?
-O nähili?
-Men diýýän, siz onuň kimdigini we nirede ýaşaýandygyny bilýärdiňizmi?
Meýella baş atdy.
-Onuň kimdigini bilýärdim, ol biziň öýümiziň deňesinden her gün gatnaýardy.
-Şol gezek siz ondan howlyňyza girmegi ilkinji gezek haýyş edipdiňizmi?
Bu sorag berlen dessine Meýella birhili ýerinden galkyjaklap gitdi. Attikus bolsa ýene-de penjirä tarap
syýahatyna ugrady, ol hälden bäri-de şeýle edýärdi, sowal berýärdi-de, penjirä tarap çekilýärdi,
daşaryk garaýardy, şol ýerde durubam jogaba garaşýardy. Ol Meýellanyň nädip galkyjaklap
gidendigini görmedi, ýöne, göwnüme bolmasa aňan ýaly boldy. Ol oňa tarap öwrüldi-de, gaşlaryny
gerdi. Soňra ýene-de başlady:
-Onsoň şonda…
-Hawa, ilkinji gezek.
-A ondan öň siz hiç haçan ondan howla girmegi haýyş etmeýärdiňizmi?
Ýöne indi ol Meýellanyň üstüni oslagsyz basyp bilmedi.
-Elbetde haýyş etmändim, hiç haçan haýyş etmändim.
-Diňe bir gezek jogap berseňiz hem ýeterlik bolar,-diýip Attikus parahatlyk bilen bellik etdi:-Siz oňa
hiç haçan tötänden ýüze çykan işi hem tabşyrmaýardyňyzmy?
-Belki tabşyrsam tabşyrandyryn hem,-diýip Meýella göwnüýetmezçilik bilen jogap gaýtardy:-Daştöwerekde entäp ýören şar-garakirliler gytmy diýsene!
-Ýene-de haýsam bolsa şonuň ýaly bir ýagdaýy ýadyňyza salyp bilmersiňizmi?
-Ýok.
-Ýeri bolýar, şol agşam bolup geçen waka geçeliň. Siz: “haçan-da otaga girip yzyma öwrülenimde,
Tom Robinson arkamda duran ekeni” diýip aýtdyňyz, şeýlemi?
-Hawa.
-Siz: “ol meniň bogazymdan penjeledi-de, hapa-paýyş sögünip, wejera sözleri diýip başlady” diýdiňiz,
şeýlemi?
-Şeýle.
Birdenkä seredip otursak Attikusyň huşy beýlebir erbedem däl eken-ä asyl.
-Siz: “ol meni garbady-da, bogdy we meniň hötdämden gelip, öz maksadyna ýetdi” diýdiňiz, şeýlemi?
-Şeýle diýibem aýtdym.
-Özem siziň anyk ýadyňyza düşýär, onuň siziň ýüzüňize urandygy?
Jebir çeken ýaýdandy.
-Siz göräýmäge onuň özüňizi bogandygyny örän oňat ýatlap bilýärsiňiz. Özem siz tutuş garpyşygyň
dowamynda oňa garşylyk görkezipsiňiz, şeýlemi? Siz “aýaklaryňyzy däbşenekledipsiňiz, bogazyňyza
sygdygyndan gygyrypsyňyz”. Ýöne onuň siziň ýüzüňize nähili urandygy ýadyňyza düşýärmi?
Meýella dymýardy. Göwnüňe bolmasa ol nämedir bir zatlara düşünmäge çytraşýan ýalydy. Men
hatda özümçe pikirem öwürdim: “Belki ol, edil jenap Teýt bilen bolşy ýaly, öz öňünde, gabatgarşysynda adamyň durandygyny göz öňüne getirmekçi bolýan bolmagy-da ähtimal”. Soňra ol jenap
Jilmere tarap seretdi.
-Bu örän ýönekeý sorag ahyry, hanym Meýella, ýene-de bir gezek ýagşyja gulak asyň. Işi kazyýetde
seljerilýäniň siziň ýüzüňize nähili urandygy ýadyňyza düşýärmi?
Indi Attikus ýaňky ýaly mylakatly we ýumşak geplemeýärdi, onuň äheňi hukuk äheňine öwrülipdi –
guraksy we sowuklaç.
-Onuň siziň ýüzüňize nähili urandygy siziň ýadyňyza düşýärmi?
-Ýok, urandygy ýadyma düşmeýär…hä, ýagny, hawa, urupdy.
-Soňky sözleriňizi siziň gutarnykly jogabyňyz diýip hasaplamak bolarmy?
-Hä? Hä, hawa, urupdy-da…ýadyma düşmeýär, meniň, hiç zat ýadyma düşmeýär…hemme zat
şeýlebir çalt bolup geçdi…
Kazy Teýlor Meýella tarap gaşyny çytyp garady.
-Aglamak gerek däl, ýaş hanym…-diýip ol başlady.
Ýöne Attikus kazynyň sözüni bölmäge howlukdy:
-Eger-de göwni küýseýän bolsa, oňa aglamaga mümkinçilik beräýiň, siziň merhemetliňiz. Biziň näçe
diýseň wagtymyz bar ahyry.
Meýella gahar bilen burnuny çekdi-de, Attikusa seretdi.
-Men siziň hemme sowallaryňyza gaty gowy jogap bererin…öz-ä meni bärik süýräp diýen ýaly
çykardy-da, indem üstümden gülýär-ä, bi! Men häzir gaty mäkäm edip hemme soraglaryňyza jogap
bererin…
Attikus:
-Örän ajaýyp,-diýdi:-Indi dogrusy, kän sowal hem galmady. Onda şeýle, hanym Meýella, siz
görkezme berýärsiňiz, işi kazyýetde seljerilýän sizi urdy, bogazyňyzdan penjeledi, bogdy we
hötdäňizden gelip, maksadyna ýetdi diýip. Ýöne meniň bilesim gelýär, siz hakyky günäkäri
görkezýändigiňize doly ynanýarsyňyzmy? Siz häzir biziň öňümizde özüňizi zorlan adamy tanap
bilersiňizmi?
-Hawa elbetde, ine şol.
Attikus özüniň hukuklaryny goraýan adamsyna tarap öwrüldi.
-Ýeriňizden turuň, Tom. Goý, hanym Meýella size ýagşyja seretsin. Bu şol adammy, hanym Meýella?
Tom Robinson ýönekeý nah matadan köýnek bilen örtülen ýaýbaň eginlerini ýazdy. Örboýuna galdyda, sag eli bilen oturgyjynyň arkasyna direndi. Onuň bolup durşy birhili geňdi, edil ol bir böwrüne
gyşyk ýalydy, ýöne onuň bu gyşyklygy onuň özüniň egrerlip durmagy zerarly däldi. Onuň çep eli sag
elinden bir futa golaý gysgady we edil jansyz ýaly sallanyp durdy. Eliniň penjesi kiçijekdi, gatap
galandy we hatda meniň oturan ýerimdenem onuň şol eli bilen hiç hili hereket edip bilmeýändigi
görünýärdi.
-Seret, Gözlüje!-diýip Jim demini daşyna üfläp goýberdi:-Seret! Hormatly ata, ol golak ahyry!
Hormatly ata Saýks meniň üstümden egildi-de, Jime pyşyrdady:
-Ol heniz oglanjykka, jenap Dolfus Reýmondyň mülkünde pagta ýygyp ýörkä, eli pagtaýygyjy ulagyň
çarhyna düşüpdi…şonda ol ganyny köp gidirip, tas heläk bolupdy…eliniň eti süňküne çenli
tutuşlygyna diýen ýaly sypyrylypdy.
-Şu adam hem sizi zorlan adammy, hanym Meýella?
-Elbetde, şol.
Attikus ýene-de bir sowal berdi, diňe ýekeje sözden ybarat sorag:
-Nädip?
Meýella gahar-gazapdan ýaňa ot alyp galdy:
-Nädipdigin-ä bilemok welin, ýöne zorlandygy-ha dos-dogry…men aýdýan ahyry, ähli zat öte çalt
bolup geçdi diýip…
-Geliň parahat pikirlenip göreliň,-diýip Attikus başlady, ýöne jenap Jilmer onuň sözüni böldi. Ol
garşylyk bildirýärdi, ýöne bu gezek aklawjynyň sowalynyň gerekmejekdigi hem-de işe dahylsyzlygy
babatda däl-de Attikusyň jebir çekeni gorkuzýandygy üçin.
Kazy Teýlor saklanyp bilmän hahahaýlap başlady.
-Goýuňsana, Horeýs, ýeriňizde oturyň-da, bolgusyz zatlary oýlap tapmagyňyzy bes ediň. Eger-de bu
ýerde kimdir biri kimdir birini üýşendirmäge dyrjaşaýýanam bolsa, onda jebir çeken Attikusy
alarladyp barýan bolaýmasa.
Mejlisler otagynda kazy Teýlordan özge ýekeje adamam hatda ýylgyrmady hem. Hatda bäbekler
hem ses-selemsiz dymyp galdylar welin, men belki-de olar ejeleriň emmesine boglup galan
bolaýmasynlar diýibem oýlandym.
Attikus:
-Şeýlelikde, hanym Meýella,-diýdi:-siz işi kazyýetde seljerilýän özüňizi urdy we bogdy diýip
görkezme berýärsiňiz…ýöne siz onuň yzyňyzdan assyrynlyk bilen gelip, özüňizi urup huşuňyzdan
giderdi diýip aýtmaýarsyňyz, siz aýtdyňyz: “men öwrüldim welin, ol yzymda duran ekeni” diýip…Attikus öz ornuna tarap süýşdi, indem agajy barmaklary bilen her bir sözüne hörpdeş tyrkyldadyp
ugrady:-Belki siz öz görkezmeleriňiz haýsy-da bolsa bir bölegine gaýtadan seredip üýtgetmek
isleýänsiňiz?
-Siz näme meniň bolmadyk zatlary aýtmagymy isleýärsiňizmi?
-Ýok, hanym, men siziň hakykatda nämeleriň bolandygyny aýtmagyňyzy isleýärin. Haýyş edýän,
bize ýene-de bir gezek wakanyň nähili bolandygyny aýdyp berseňizläň!
-Men eýýäm aýdyp berdim.
-Hawa, siz öwrüleniňizi we yzyňyzda ony göreniňizi aýtdyňyz. Şol pille-de ol sizi bogup başladymy?
-Hawa.
-Soňra bolsa bogmagyny bes edip ýüzüňize urdumy?
-Elbetde, men eýýäm aýtdym ahyry.
-Urubam siziň sag gözüňizi sag eliniň ýumrugy bilen gögertdimi?
-Men egildim welin…welin, onuň ýumrugy birhili tyrpyp gidip sag gözüme degdi, ine waka nähili
boldy. Men egildim welin, ýumruk tyrpyp gitdi.
Meýella ahbetin nämäniň nämedigine düşündi.
-Siz birdenkä bu zatlaryň barysyny anyk ýadyňyza düşüräýdiňiz-le. Sähel salym mundan ozal-a siziň
ýatlamalaryňyz beýle jikme-jik hem aýdyň däldi, şeýle dälmi?
-Men aýtdym ahyry, ol meni urdy diýip.
-Ýeri ýagşy. Ol sizi bogdy, urdy, soňra bolsa zorlady, şeýlemi?
-Elbetde!
-Siz gujurly gyz, tutuş şol wagtyň dowamynda siz näme işlediňiz ahyry – ümsümje halda dim-dik
bolup durdyňyzmy?
-Men size aýdyp berdim ahyry, men sesimde baryny edip gygyrdym, däbşenekledim hem, garşylyk
görkezdim hem…
Attikus haýallyk bilen äýnegini aýyrdy, sagat sag gözüni Meýella dikdi-de ýene-de onuň üstüni sorag
bilen gömdi. Ýöne kazy Teýlor onuň saklady.
-Her gezek bir sowal beriň, Attikus. Jebir çekene jogap bermäge mümkinçilik beriň ahyry.
-Ýagşy. Siz näme üçin gaçmadyňyz?
-Men synanyşdym, ýöne…
-Synanyşdyňyz? Ýeri size näme päsgel berdi?
-Men... ol meniň aýagymdan alyp ýykdy. Ine nähili boldy, ol meni ýykdy we meniň üstüme mündi.
-Tutuş şol wagtyň dowamynda-da siz yzyny üzmän gygyrdyňyz ýatdyňyzmy?
-Elbetde gygyrdym.
-Onda nädip sizi doganlaryňyz hem uýalaryňyz eşitmedikä? Ol niredediler? Zibilhanadamy?
Hiç hili jogap bolmady.
-Olar nirdediler? Näme üçin siziň gykylygyňyza olar ylgaşyp gelmediler? Siziň jaýyňyzdan zibilhana
çenli aralyk tokaýa çenli aralykdan daş däl ahyry?
Hiç hili jogap bolmady.
-A belki-de siz diňe haçan-da penjirede öz kakaňyzy göreniňizden soň gygyryp başlansyňyz? Şol
pursatdan öň bolsa gygyrmak siziň ýadyňyza-oýuňyza düşen däldir, belki, şeýlemi?
Hiç hili jogap bolmady.
-Belki-de siz Tom Robinson zerarly gygyryp başlaman, öz kakaňyz sebäpli gygyryp ugransyňyz?
Waka şeýle boldumy?
Hiç hili jogap bolmady.
-Kim sizi ýençdi? Tom Robinsonmy ýa-da öz kakaňyz?
Hiç hili jogap bolmady.
-Penjireden kakaňyz nämeler gördi – siziň jenaýatçylykly zorlanýandygyňyzymy ýa-da ejiz erkek
kişiniň jynsy gatnaşyga girmejek bolup çyr-çytyr çytraşmagyny? Belki siz hakykaty aýdarsyňyz,
gyzjagaz, näme ýa sizi Bob Ýuel ýençmedimi?
Attikus Meýelladan ýüzüni öwürdi, onuň keşbi edil duýdansyz garny sanjyp ugranyň keşbine dönüpdi,
Meýellanyň ýüzi bolsa wehimden hem-de gahar-gazapdan ýaňa eňşäp durdy. Attikus öz ornuna
geçdi-de äýnegini elýaglygy bilen süpürmäge oturdy.
Birdenem Meýella söz ukyby gaýdyp geldi:
-Meniň käbir zatlary aýdasym gelýär.
Attikus başyny galdyrdy.
-Siz bize ähli zadyň hakykat ýüzünde nähili bolandygyny aýtmak isleýärsiňizmi?
Ýöne Meýella onuň äheňinde özüne duýgudaşlygy syzmady.
-Men käbir zatlary aýtmaly, soň bolsa ýekeje agyzam geplejek däl. Ine şu şar-garakirli meniň
hötdämden geldi, eger-de siziň hemmäňiz, asylzada jenaplar, bu işiň onuň öňünden geçmegine ýol
berseňiz, onda siziň ähliňiz porsy, nejis züwwetdinler bolarsyňyz, ine-de meniň size aýtjak ähli
zadym, nejis ýelýürekler siz, siziň tutuş hümeriňiz bilen! Sizem, jenap Finç, bärde biderek ýere
asyllysyran bolduňyz, biderek ýere maňa “hanym” ýa-da “hanym Meýella” diýip, ýene-de birtopar
bolgusyzlyklary aýdan bolup, biderek ýere at dakdyňyz…
Ine şu ýerde-de ol çyny bilen aglap başlady. Gaharly hem nalajedeýin agydan ýaňa onuň eginleri
silkinip-silkinip gidýärdiler. Şondan soň ol ýekeje sowala-da, hatda özünden iň bolmanda birje
jümläni çekip çykarmaga çyr-çytyr dyrjaşan jenap Jilmere-de jogap bermedi. Men pikir edýärin, egerde ol şeýle gutaran mazlum hem nadan bolmadyk bolsady, onda kazy Teýlor ony kazyýeti we
oturanlaryň ählisini masgaralandygy üçin tussag ederdi. Attikus, nähili edibem bolsa, men ýöne
nädipdigine beýlebir bir oňat düşünmedim, onuň göwnüne örän degen bolmaly, bu hereketi kakamyň
özüne-de dynnym ýalyjagam lezzet bermändigi onuň bolup oturyşyndanam mese-mälim bildirýärdi.
Ol öz ornundan başyny aşak salyp otyrdy, Meýella bolsa münberden aşak düşdi-de, onuň
gapdalyndan öz ýerine geçip barýarka oňa şeýlebir tükeniksiz gahar hem ýigrenç bilen seretdi welin,
men bütin ömrüme hiç haçan kimdir biriniň başga birine şeýle seredendigini görmändim, soňam
görmedim.
Jenap Jilmer kaza özüniň häzirlikçe başga sowalynyň ýokdugyny aýtdy, kazy Teýlor bolsa:
-Biziň hemmämize biraz dynç almak gerek. On minutlyk arakesme edeliň-diýdi.
Attikus bilen jenap Jilmer kazynyň kürsüsiniň ýanyna bardylar, nämedir bir zatlar barada
pyşyrdaşdylar-da, şaýatlaryň münberiniň arka ýüzündäki gapydan çykdylar, olaryň bu hereketi hem
biziň hemmämiz üçin biraz aýagymyzy ýazmaga çagyryş bolup hyzmat etdi. Diňe şol pille men ýasy
oturgyjyň gyrajygynda oturyşyma aýaklaryň gurşup, gatap gidendigini duýdum. Jim ýerinden turup
gerindi, pallady, onuň yzysüre Dill hem şol hereketleri gaýtalady, hormatly ata Saýks bolsa ýüzüni
sypal başgaby bilen süpürip ugrady. “Yssa çydar ýaly däl” diýip pessaý hümürdedi.
Hälden bäri metbugat wekilleri üçin niýetlenen kürsüsinde parahat oturyp, şaýatlaryň görkezmelerini
ýumşak sürtejiň suwy siňdirişi ýaly özüne siňdirýän Jenap Brakston Anderwud bolsa ikinji gatdaky
garaýagyzlar üçin eýwanjyga tutuksy nazar aýlanda, nazary meniň nazaryma sataşdy. Ol
göwnüýetmezçilik bilen pyňkyrdy-da tersine döndi.
Men:
-Jim,-diýdim:-jenap Anderwud bizi gördi.
-Bu hiç. Ol Attikusa aýtmaz, ol diňe bu barada özüniň “Tribýunynyň” habarlarynda çap eder.
Şeýle diýdi-de Jim ýene-de Dille nämedir bir zady düşündirip ugrady, megerem häzirki wagta çenli
mejlisiň iň gyzykly ýerleriniň bolandygy barada aýdýan bolsa gerek, men welin bolup geçen zatlarda
hiç hili üýtgeşik gyzykly zat görmedim. Attikus bilen jenap Jilmer biri-biri bilen jedelleşmändiler, jenap
Jilmer garalawjy hökmünde zoraýakdan çykyş edýän ýalydy, şaýatlar jinnek ýaly-da arkanjaklaman
gulakasyjylyk bilen ähli sowallara dogry jogap berýärdiler. Ýöne Attikus birmahal bize şaýatlaryň
görkezmelerini özüçe düşündirmäge ýykgyn edýän her bir hukukçy ahyrsoňy kazy Teýlordan zabun
duýduryş alýar diýip aýdypdy. Attikus meniň kazy Teýloryň daş keşbi boýunça ýalta hem ukuçyl
bolup görünse-de ony aldap bolmaýandygyna düşünmegimi isleýärdi, bu bolsa iň esasy zatdy.
Attikus: “ol gowy kazy” diýýärdi.
Birhaýukdan soň kazy Teýlor dolanyp geldi we ýene-de özüniň aýlanýan kürsüsine mündi.
Penjeginiň keltekçesiniň kisesinden çilim çykardy-da ony oýa batyp synlap ugrady. Men tirsegim
bilen Dilliň böwrüne kakdym. Çilimini hemmetaraplaýyn mazaly synlap kazy birhili hyruç bilen onuň
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 18
  • Parts
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 01
    Total number of words is 3841
    Total number of unique words is 2102
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 02
    Total number of words is 3827
    Total number of unique words is 2017
    29.3 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 03
    Total number of words is 3859
    Total number of unique words is 2027
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 04
    Total number of words is 3885
    Total number of unique words is 2047
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    47.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 05
    Total number of words is 3841
    Total number of unique words is 2023
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    40.3 of words are in the 5000 most common words
    47.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 06
    Total number of words is 3852
    Total number of unique words is 1981
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    46.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 07
    Total number of words is 3894
    Total number of unique words is 2053
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 08
    Total number of words is 3897
    Total number of unique words is 1975
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    47.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 09
    Total number of words is 3886
    Total number of unique words is 1975
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 10
    Total number of words is 3900
    Total number of unique words is 2012
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    40.7 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 11
    Total number of words is 3804
    Total number of unique words is 2027
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 12
    Total number of words is 3753
    Total number of unique words is 2094
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 13
    Total number of words is 3882
    Total number of unique words is 2070
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 14
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 2044
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    41.1 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 15
    Total number of words is 3779
    Total number of unique words is 2031
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    48.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 16
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 1993
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 17
    Total number of words is 3898
    Total number of unique words is 1817
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 18
    Total number of words is 3989
    Total number of unique words is 1828
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    49.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 19
    Total number of words is 3863
    Total number of unique words is 1979
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 20
    Total number of words is 3899
    Total number of unique words is 1979
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 21
    Total number of words is 3880
    Total number of unique words is 1973
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 22
    Total number of words is 3843
    Total number of unique words is 2030
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 23
    Total number of words is 3886
    Total number of unique words is 1981
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 24
    Total number of words is 3825
    Total number of unique words is 2038
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 25
    Total number of words is 3946
    Total number of unique words is 1886
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 26
    Total number of words is 3697
    Total number of unique words is 1784
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.