Latin

Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 22

Total number of words is 3843
Total number of unique words is 2030
31.7 of words are in the 2000 most common words
42.9 of words are in the 5000 most common words
49.4 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
metodistleriň ýepiskop ybadathanasynyň takwa dindarlary, biragyzdan sizi goldaýarys. Ine men oňa
nähili aýtdym. Özüňem bilýäňmi, men şeýle diýdim-de, şol bada-da öz ýüregimde äht etdim. Men özözüme diýdim: “ine öýe dolanyp baran dessime men hemmelere mrunlar barada aýdaryn,
hemmelere Graýms Ewerettiň belent edermenligi hakynda habar bererin” diýdim. Ine-de görýäňmi,
men öz sözümde durup otyryn.
-Hawa, hanym.
Hanym Merriuzer başyny ýaýkady welin, onuň burum-burum garaja zülpleri bökjekleşip gitdiler.
Ol:
-Jin Luiza,-diýdi:-seniň bagtyň getiripdir. Sen hristian maşgalasynda, hristian şäherinde, hristianlaryň
arasynda ýaşaýarsyň. Graýms Ewerettiň zähmet çekýän ülkelerinde bolsa günä hem-de gözgynylyk
höküm sürýär.
-Hawa, hanym.
-Günä hem-de gözgynylyk…Siz näme diýýärsiňiz-ä, Gertruda?-diýip hanym Merriuzer düýpgöter
başga ses bilen sorady-da, özüniň çepindäki goňşusyna tarap öwrüldi:-Hä, hawa, hawa! Ýeri näme,
men hemişe-de aýdýan ahyry, bagyşlalyň we unudalyň, bagyşlalyň we unudalyň. Ybadathananyň
borjy oňa mundan beýlägem hristian zenanyna mahsus ýaşamaklyga we çagalaryny hut hakyky
hristian ruhunda terbiýelemeklige medet bermekden ybarat ahbetin. Biziň erkek kişilerimizden
haýsy-da bolsa biri şol ýere barmaly we ruhana oňa ruhy goldaw bermelidigini aýtmaly.
-Bagyşlamagyňyzy haýyş edýän, hanym Merriuzer,-diýip men onuň sözüni böldüm:-siz bu sözleri
Meýella Ýuel barada aýdýarsyňyzmy?
-Meý…Ýok, balajyk! Men şol garaýagyzyň aýaly barada. Tom…Tom…
-Robinsonyň, hanym.
Hanym Merriuzer ýene-de öz goňşusyna tarap öwrüldi.
-Men bir zada çuňňur ynanýaryn, Gertruda,-diýip ol dowam edýärdi:-ýöne, gynansam-da hemmeler
meniň bilen ylalaşmaýarlar. Eger-de biz olara özlerini bagyşlaýandygymyza, hemme zadyň
unudylandygyna düşünmäge mümkinçilik bersek, ähli zat öz-özündenem geçip gider.
-Neme…hanym Merriuzer,-diýip men ýene-de onuň sözüniň arasyny kesdim:-näme öz-özünden
geçip gider?
Ol ýene-de maňa tarap öwrüldi. Özleri çagasyz köp adamlar ýaly ol çagalar bilen birhili öz sesini
aýnadyp, kilçerip gepleýärdi.
-Hiç-le, Jin Luiza,-diýip ol haýallyk bilen tekepbir gepledi:-Ýöne garaýagyz aşpez zenanlar hem-de
mülklerdäki işçiler bolup geçen zatlardan örän närazy, emma welin, olar eýýäm dura-bara
köşeşýärler, kazyýet mejlisinden soň bolsa olar uzakly günlerini hüňürdäp geçirýärdiler.
Ol ýene-de hanym Farrou tarap aýlandy.
-Ine men size näme aýdaýyn, Gertruda, ýagty ýalançyda çişip duran şar-gara tumşukdan
ýürekbulanjy zat ýok. Dodaklaryny pökgerdýärler welin, edil ýöne seretseň gaýtarasyň gelip
başlaberýär. Aşhana girýärsiň welin, bolanja keýpiňe sogan dogralýar. Bilýäňizmi, men öz Sofime
näme diýdim, Gertruda? “Sofi” diýdim men, “sen şu gün örän erbet hristian bolduň. Isa pygamber hiç
haçan hüňürdemändir we zeýrenmändir” diýdim…Bilýäňizmi, Gertruda, haýran galmaly bu oňa
peýda-da etdi. Ol ilkibada şol ýere seredip durdy welin, birdenkä başyny galdyrdy-da, diýýär: “Hawa,
hanym, hanym Merriuzer, Isa hiç haçan hüňürdemändir” diýýär. Hiç haçan günägaby bolup barýan
bendäni ýene-de Hak ýoluna gaýtaryp getirmek mümkinçiligini sypdyrmaly däldir – ine men size
näme aýdaýyn, Gertruda.
Şol wagt “Finçiň duralgasyndaky” mynajathanada duran kiçijik, gadymy organ meniň ýadyma düşdi.
Men şol wagtlar düýbünden kiçijikdim we eger-de uzakly günläp özümi gowy alyp barsam, Attikus
maňa şol saz guralynyň meşiklerine howa sordurmaga rugsat berýärdi, özi bolsa oňa çenli haýsy-da
bir aýdymjygy saýlap alýardy. Onsoň aýdymjygyň iň soňky owazy tä meşiklerdäki howa gutarýança
ýaňlanyp durýardy. Hanym Merriuzeriňem megerem, meşiklerindäki ähli howa tükenen bolara çemeli,
sebäbi ol içine howa sorup, gaýtadan meşiklerini doldurýança hanym Farrou bir-iki agzam bolsa
gepläp galmaga gyssanyp, taýynlanyp ugrady.
Hanym Farrouň örän ajaýyp kaddy-kamaty, reňksiz gözleri hem-de kinniwanja aýajyklary bardy.
Onuň çal başy bolsa saçlaryndan öte gaty edip ýasalan mäkäm halkajyklardan dos-doludy. Ol
hanym Merriuzerden soň Meýkombda iň takwa aýal diýlip hasaplanýardy. Onuň birhili gülkünç endigi
bardy, ol gepläp başlamazyndan öňünçäsi birhili assaja sygyrýan ýaly ses çykarýardy.
-Fi-ýu-u…Edil şonuň ýaly sözleri men ýakyn günlerde Hatson doganymyza hem aýtdym. Fi-ýuu…Men: “Hatson dogan,” diýýän oňa: “biz göwnüme bolmasa, umytsyz göreş alyp barýarys,
umytsyz göreş” diýýän. Fi-ýu-u…olaryň bolsa bu dynnym ýalyjak azaryna-da däl. Biz olary halys
bolup ýykylýançak dogry ýola gönükdirýäris, biz olary hak ýoluna dolap getirmek üçin hunaba baryny
ýuwdup, güýçden gaçyp ýykylýarys, emma barybir biziň günlerimizde ýekeje-de asylly zenan öz
düşeginde arkaýyn ýatyp bilmeýär, diýýän. Ol hem maňa aýtdy: “Men-ä dogrusy, hanym Farrou,
biziň nirä barýanymyzy bilmeýärin” diýdi. Fi-ýu-u…Menem oňa: “Biçak hak aýdýarsyňyz, siziň
aýdýanlaryňyz örän dogry” diýýän.
Hanym Merriuzer oňa duýgudaşlyk bilen baş atdy. Onuň sesi çäýnek-käseleriň şyňňyrdysy bilen
süýji tagamlar bilen başagaý myhmanlaryň pessaýdan salyhatly “şapbyldylarynyň” üstüni ýaşyrdy. Ol
ýene-de joşup başlady:
-Size aýdýan, Gertruda, biziň şäherimizde ýoluny ýitirip ters düşünjeleriň ugrunda selpeselerem
zanny boýunça beýlebir erbet bolmadyk adamlar hem bar. Olar oňat adamlar, ýöne olar juda
ýalňyşýarlar. Özlerem olaryň dogry hereket edýändiris öýdüp pikirem edýärler. Men elbetde atlaryny
agzap durmaýyn, ýöne biziň şäherimizde kimdir biri ýaňy-ýakynda öz ýanyndan dogry hereket
edýändirin öýdüp çaklap ýördi, emma hakykat ýüzünde bolsa ol diňe olary gorjalap olara meçewe
berdi. Diňe şony etmegiň hötdesinden geldi. Belki-de şol wagt bu dogry bolup görünse görnendirem,
men elbetde bilemok, sebäbi bu zatlardan meniň beýlebir oňat başymam çykyp durmaýar, ýöne
haçan-da bular hum ýaly çişip…närazy bolup gezip ýörseler…Eger-de meniň Sofim ertesi gün şeýle
halda gelen bolsa men ony işden çykarmaly bolardym, ine men size näme aýdaýyn. Bu garaýagyz
akmajyk düşünmeýär ahyry, häzirki wagtda çökgünçiligiň möwç urýandygyna, meniň oňa her
hepdede berýän bir bitin we çärýek dollarym bolmasa özüniň oňňut edip bilmejekdigine, meniň ony
diňe şonuň üçin saklap ýörendigime akly hem ýetmeýär ahyry, onuň.
-Onuň bir döwüm çöregi siziň bogazyňyza tegek bolmaýarmy, ýokmy?
Bu sözleri hanym Modi aýdypdy. Onuň agzynyň çetlerinde iki sany gaharly gasynjyklar emele gelipdi.
Ol hälden bäri sesini çykarman meniň ýanymda, dyzynda bir bulgurça kofesini saklap otyrdy. Men
eýýäm birmahaldan bäri, olar Tom Robinsonyň aýaly hakynda gybaty bes edenlerinden soň gürrüňe
gulak gabartmaýardym, maňa “Finçiň duralgasyny” hem-de derýany ýatlamak has gyzyklydy.
Aleksandra ejem maňa: “hanymlaryň arasyndaky söhbetdeşlik saňa gyzyksyz bolar” diýende
bulaşdyran ekeni, olar öz işleri barada gepleşýärkäler men elheder alyp hem-de ägirt uly höwes
bilen olary diňläpdim, olar kofäniň başyna geçenlerinden soň bolsa men içgysmadan ýaňa tas takga
janym çykypdy.
Hanym Merriuzer:
-Men-ä dogrusy… men-ä siziň nämäni göz öňünde tutýandygyňyza-da düşünmeýärin, Modi,-diýdi.
-Örän ajap düşünýärsiňiz. Aňyrsyna-da geçýärsiňiz,-diýip hanym Modi edil palta bilen çapan ýaly
edip goýberdi.
Şondan soň aýdanynyň üstüne kelam agyz hem goşmady. Haçan-da hanym Modi gaharlanýarka ol
juda az gepleýärdi, ýöne şojagaz az gepi hem ol sözler kime gönükdirilen bolsa ony dabanyndan
depesine çenli sandyrap gitmäge mejbur edýärdi. Häzirem nämedir bir zat onuň juda jynyny
atlandyran bolmaly, onuň ala gözleri buz ýaly bolup doňup galdylar, sesinden bolsa hazanyň ýeli
öwüsýäne döndi. Hanym Merriuzer gyzardy-da, maňa tarap gözüni aýlady, dessine-de nazaryny
başga ýana sowdy. Onuň goňşusy hanym Farrou bolsa maňa görünmeýärdi.
Aleksandra ejem ornundan turdy-da, olaryň ýanyna çaltlyk bilen baryp, haýsydyr bir tagamyny dadyp
görmäge hödürledi, hanym Merriuzer we hanym Geýts bilen gereginden artyk şowhunly gepleşip
ugrady. Olaryň gürrüňine hanym Perkins goşulandan soň bolsa Aleksandra ejem ýene-de ornuna
geçdi. Ol minnetdarlyk bilen hanym Modä seretdi welin, men öz ýanymdan pikir öwürdim: “bu aýallar
öte geň halk-ow”. Aleksandra ejem hanym Modi bilen beýlebir gowy jora däldi, emma bärde welin
birdenkä oňa nämedir bir zat üçin sessiz minnetdarlyk bildirýär. Näme üçindigem düşnüksiz. Ýöne
Aleksandra ejemiň iň bolmanda edilen kömek üçin minnetdar bolmagy başarýany hem gowy zat,
diýmek onda onuňam buz ýaly sop-sowuk sowduny nämedir bir zat bilen deşip bolýan ekeni. Bahym
menem şu dünýä, müşk-anbar ysy bilen bark urýan asylly hanymlaryň bar edýän pişeleri ýaltalyk
bilen hiňňiildikde uçan bolup, haýaljakdan ýelpewaç bilen ýelpenip, miwe şerbetlerini içen bolup
ýörmekden ybarat bolan dünýäsine girerin, mundan gaçyp gitjek ýeriň ýok.
Ýöne kakam bilen, aslyýetind-ä erkekleriň arasynda men özümi has oňat duýýaryn. Sebäbi jenap
Gek Teýt hiç bir ýagdaýda seni bigünäje sowallar bilen aldap duzaga getirmez, soňam üstüňden
gülmez. Jim, hatda şol hem eger-de bir barypýatan akmaklygy gepläp goýberäýmeseň üstüňden
gereginden artyk gülmez. Hanymlar bolsa, meniň pikirimçe, erkeklerden biraz eýmenmänem
durmaýarlar we olaryň boluşlaryny beýlebir goldabam barmaýarlar. Meniň bolsa erkek kişileriň
boluşlary göwnümden turýar. Goý olar näçe isleseler hapa-paýyş geplesinler, içsinlerem, humarly
oýunlaram oýnasynlar, temmäkem çeýnesinler, barybir olarda nähilidir birhili özüneçekijilik bar,
hatda olar erbedem bolaýsynlar, meniň welin barybir olaryň bolşy göwnümden turýar…Olar…
-Ikiýüzli, hanym Perkins, dogabitdi ikiýüzli,-diýip hanym Merriuzer joşýardy:-Biz bärde, Günortada, iň
bolmanda şeýle hereketde-hä günäkär däl. Ol ýerde bolsa özler-ä olara erkinlik berdiler, özlerem
olar bilen bir saçagyň başynda-da oturmaýarlar. Biz iň bolmanda olary aldamaýarys, olara: “siz
bizden dyrnak ýalyjagam erbet däl, ýöne onda-da siz bizden daşrakda geziň” diýmeýäris. Biz diňe
diýýäris: “Siz özüňizçe ýaşaň, bizem özümizçe ýaşarys” diýýäris. Bu, neme bar-a, hanym Ruzwelt
megerem, aklyndan azaşan bolsa gerek, sebäbi Birmingeme gidip, ol ýerde olar bilen bilelikde
maslahat geçirmek üçin aklyňdan azaşmasaň boljak däl ahyry…Eger-de men Birmingemiň meri
bolan bolsamdym, onda men…
Biziň hiç haýsymyz hem Birmingemiň meri däldik, ýöne ine eger-de men welin ýekeje günlük
Alabama ştatynyň gubernatory bolup bilsemdim, onda men dessine Tom Robinsony azatlyga
goýbererdim – haýyr-sahawat jemgyýeti hatda ah çekmäge-de ýetişmezdi. Golaýda Kelpurniýa
hanym Reýçeliň aşpezine Tomuň indi düýpgöter lapynyň keçdigi barada gürrüň beripdi, haçan-da
men aşhana girenimde bolsa ol dymypdy. Ýöne men barybir Kelpurniýanyň jorasyna türmede
Tomuň ýagdaýynyň agyrdygy, ol ýerde eýýäm Attikusyň oňa hiç zat bilen kömek edip bilmeýändigi,
Tomy alyp gitmezlerinden öň onuň Attikusa: “Hoş galyň, jenap Finç, siz indi maňa hiç hili kömek edip
bilmersiňiz, şonuň üçinem bihuda ýere jepa-da çekmäň” diýendigi barada aýdyp berýänini eşidip
galdym. Kelpurniýa ýene-de aýtdy, hamana oňa Attikus aýdanmyşyn, Tomy türmä alyp giden günleri
ol bada-bat umydyny ýitirenmişin. Ol ýene-de aýtdy, hamana Attikus Toma “çyda, bolanja güýçgaýratyňy bir ýere çugdamlap çydajak bol, ruhdan düşme” diýip höre-köşe edenmişin, Attikusyň özi
bolsa ony ýagny, Tomy azat etdirjek bolup elinden gelenini edýärmişin. Şonda hanym Reýçeliň
aşpezi – Kelpurniýanyň jorasy: “a näme üçin Attikus Toma: “seni hökmany ýagdaýda goýbererler”
diýip aýdaýmandyr, bu sözler Tom üçin ullakan goltgy bolardy ahyry” diýip ondan sorady. Kelpurniýa
bolsa jogap berdi: “sen şeýle diýýärsiň, sebäbi kanuny bilmeýärsiň. Ine senem meniňkiçeräk
kanunçynyň öýünde ýaşap gör, onsoň ilkinji nobatda bilersiň, hiç bir sowala gönüden-göni “hawa”
ýa-da “ýok” diýip jogap bermeli däldigine endik edersiň. Jenap Finç bolsa onuň boşadyljakdygyny özi
anyk bilmän ony ynandyryp bilmez ahyry.
Daşky gapy açylyp-ýapyldy welin, men daşky otagda Attikusyň aýak seslerini eşitdim. Be, bu wagt
sagat näçekä? Ol öň-ä hiç haçan beýle ir dolanyp gelmeýärdi. Ejekemiňkä tutuş haýyr-sahawat
jemgyýeti gelende bolsa ol şäherde gijäniň birwagtyna çenli eglenýärdi.
Ol bosagada saklandy. Ol sypal başgabyny elinde saklap durdy, ýüzi bolsa üç ýuwlan ak esgi ýaly
ap-akdy. Ol:
-Bagyşlamagyňyzy haýyş edýän, hanymlar,-diýdi:-Haýyş edýän, dowam ediberiň, men size päsgel
bermek islemeýärin. Aleksandra, sen sähel salymlyk aşhana çykyp bilmersiňmi? Maňa biraz wagtlyk
Kelpurniýa gerekdi.
Ol otagy kesip geçdi-de, däliziň ugry bilen yzky gapydan aşhana bardy. Biz ejekem bilen eýýäm oňa
garaşyp durdyk. Bada-badam aşhananyň işigi açyldy-da hanym Modi hem girdi. Kelpurniýa oturan
ýerinden birneme dikeldi. Attikus:
-Kel,-diýdi:-sen maňa häzir gerek boljak, biz häzir Elen Robinsonyň ýanyna gideris…
-Näme boldy?-diýip Aleksandra ejem ondan gözlerini aýyrman gorkuly sorady.
-Tom aradan çykypdyr.
Aleksandra ejem iki eli bilen agzyny ýapdy.
-Ony atypdyrlar,-diýip Attikus aýtdy:-Ol gaçmak isläpdir. Seýil edip ýörkäler. Aýdyşlaryna görä, ol edil
dälirän ýaly bolup, diwara tarap okdurylypdyr-da, oňa dyrmaşyp başlapdyr. Hemmeleriň gözüniň
alnynda.
-Heý ony saklajak bolup synanyşmandyrlarmy? Heý ony duýduryşsyz atyp goýberipdirlermi?diýende Aleksandra ejemiň sesi sandyrap çykdy.
-Ýok, elbetde, sakçylar onuň yzyna dolanmagyny talap edip gygyrypdyrlar. Birnäçe gezek
ýokarygam atypdyrlar, diňe şondan soň onuň özüni. Ony ol eýýäm haýadyň çürbaşyna çykanda
öldüripdirler. Aýtmaklaryna görä, eger-de onuň eli maýyp bolmadyk bolsady, ol gaçybam biljek ekeni,
ähli zat şeýlebir çalt bolup geçipdir. Oňa on ýedi sany degipdir. Ony şonça gezek atmagyň
düýbünden geregi ýok ahyry. Ýör, Kel, sen maňa bu habary Elene ýetirmäge ýardam berersiň.
-Hawa, jenap,-diýip Kel hümürdedi, onuň elleri titräp durandygy sebäpli, ol öňlügini wagty bilen aýryp
bilmedi.
Hanym Modi ýakyn bardy-da oňa kömek etdi.
Aleksandra ejem:
-Bu soňky damja, Attikus,-diýdi.
Ol:
-Bu muňa haýsy nukdaýnazardan garaýşyňa bagly,-diýdi:-Şol ýerde olar ýene-de iki ýüz sany
garaýagyzy saklaýarlar, onsoň olar üçin biri artyk boldy ýa-da kem boldy barybir dälmi. Olar üçin ol
Tom däl-de, gaçmakçy bolýan tussag.
Attikus ýahdana ýaplandy-da, äýnegini maňlaýyna süýşürip, gözlerini süpürişdirdi. Ol:
-Biziň işi utmaga ähli mümkinçiligimiz bardy,-diýdi:-Men oňa muny aýdypdym, ýöne men päk ynsap
bilen aýtsam munuň şeýle boljakdygyny oňa anyk wada berip bilmedim. Tom indi akýagyzlardan hiç
hili gowulyga garaşmaýardy, ine şonuň üçinem şeýle gaýduwsyz hereket eden bolmaly. Taýynmy,
Kel?
-Hawa, jenap, jenap Finç.
-Onda gideli.
Aleksandra ejem ýaňyja Kelpurniýanyň oturan oturgyjyna özüni goýberdi-de, elleri bilen ýüzüni
ýapdy. Ol gymyldamaýardy, ýuwaşja otyrdy, men hatda pikirem etdim, häzir huşundan gidäýmese
diýip. Hanym Modi bolsa edil şuş-şu wagtjyk uzyn basgançak bilen ýokaryk galan ýaly sojap dem
alýardy, gapdalky otagda myhman zenanlar şadyýana gepleşýärdiler.
Men Aleksandra ejem aglaýandyr öýdüp oýlandym, emma ol elini ýüzünden aýranda onuň gözleri
gury ekeni. Diňe ýüzi argynlykdan dolup durdy. Ol hiç hili duýgusyz kadaly ses bilen gepläp ugrady:
-Men onuň edýän ähli zatlaryny goldaýardym diýib-ä biljek däl, Modi, ýöne ol meniň doganym, şonuň
üçinem meniň diňe bir zady bilesim gelýär: haçan bu zatlaryň barysy gutararka?
Ol sesini gataltdy:
-Onuň ýüregi çat açyp gelýär ahyry. Ol hiç kime syr bildirmejek bolýar, ýöne onuň ýüregi darka
ýarylyp barýar ahbetin. Onuň ýüzi şeýlebir erbetdi, haçan-da ol…Olara ondan ýene-de näme gerek
ahyry, Modi, olara ýene-de näme gerek?
-Kime, Aleksandra?-diýip hanym Modi sorady.
-Ine şu şähere. Olar örän uly lezzet bilen ony özleriniň edesleri gelmeýän zatlaryny etmäge mejbur
edýärler, sebäbi olar ony goldaýsalar özleriniň bäş şaýylaryny ýitireris öýdüp elheder alýarlar. Olar
özleriniň etmekden çekinýän zatlaryny etmeklige ägirt uly keýpihonluk bilen ony itekleýärler, goý,
onsoň ol bu işi etjek bolubam öz saglygyny ýitirsin, ömrüni köýdürsin, olar üçin welin bary gara
şaýy…olar…
Hanym Modi:
-Ýuwaş, Aleksandra, eşiderler,-diýdi:- A sen hiç wagt bu zatlar barada başgaça oýlanyp görmediňmi?
Bilemok, biziň Meýkombymyzda muňa düşünýärlermi ýa-da düşünmeýärlermi, biz oňa ynsanyň
mynasyp bolup biljek iň ýokary pajyny töleýäris ahyry. Biz oňa adalaty goramagy, adalaty dikeltmegi
ynanýarys.
-Kim “biz”?
Aleksandra ejem hanym Modä öz on iki ýaşly jigisi ýaly sorag berýändigini asla gümanam etmeýärdi.
-Hakykatyň diňe akýagyzlar üçin däldigine ynanýan adamlaryň sähelçe toparjygy, kazyýetiň diňe bir
biziň üçin däl-de hemmeler üçinem adyl bolmalydygyna ynanýan adamlaryň sähelçe toparjygy,
garaýagyz adama seredenlerinde: “eger-de Haktagalanyň rehimi bolmadyk bolsa onuň ornuna men
bolup bilerdim” diýmäge pespälligi ýetýän adamlaryň sähelçe toparjygy,-diýende hanym Modiniň sesi
ýene-de aýgytly ýaňlanyp ugrady:-Oňat maşgalalardan bolan meýkomblylaryň sähelçe toparjygy, ine
kimler!
Eger-de men has ünsliräk diňlän bolsam, onda men häzirki wagtda Jimiň oňat gelip çykyş barada
aýdanlaryna biraz gowurak düşünerdim, ýöne men birdenkä gagşap başladym, özümem hiç özümi
ele alyp bilmän başagaý boldum. Men bir gezek şol türme hojalygyny görüpdim, Attikus maňa
tussaglaryň seýil edýän howlusyny hem görkezipdi. Ol edil futbol meýdany deýin äpetdi.
-Saňňyldamagyňy bes et,-diýip hanym Modi buýurdy welin, men birhili el bilen aýrylan ýaly bes
edäýdim:-Ýeriňden tut, Aleksandra, biz şeýle-de olaryň ýeke özlerini örän kän wagtlyk goýup
gaýtdyk.
Aleksandra ejem örboýuna galdy-da, köýnegini düzetdi. Gaty hem ýasy bilbagynyň aňyrsyndan
elýaglygyny sogrup, burnuny süpürdi. Soňra eli bilen saçlaryna timar berişdirdi-de sorady:
-Meniň ýüzümden, daş keşbimden nämedir bir zat gopandygy bildirýärmi?
Hanym Modi:
-Hiç zat,-diýdi:-Sen özüňi ele aldyňmy, Jin Luiza?
-Hawa, hanym.
-Onda biziň hanymlarymyzyň ýanyna ýörüň,-diýip ol gaşyny çytdy.
Ol işigi açdy welin sesler has gataldy. Aleksandra ejem meniň öňümden ýöräp barýardy, ol
bosagadan ätlende ol başyny belent tutdy-da:
-Siziň bulgurçaňyz boşapdyr, hanym Perkins,-diýdi:-Rugsat beriň, men size ýene-de kofe guýup
bereýin.
Hanym Modi:
-Kelpurniýany, biraz wagtlyk iş bilen Greýsiň ýanyna ugratdylar,-diýdi:-Size böwürslenli kökejik
hödürlemäge rugsat ediň. Siz meniň doganoglanymyň, şol balykçylyk bilen gyzyklanýanynyň eden
işini eşitdiňizmi?...
Olar şeýle halda, gülüp oturan bir myhmandan beýleki myhmana geçip, olara kofe guýup berip, süýji
tagamlar bilen hödür-kerem edip, edil bar gaýgylary Kelpurniýasyz özleriniň hyzmat etmeli
bolýandyklary ýaly, ap-arkaýyn bütin otaga aýlanyp çykdylar.
Bütin otag bolsa birhaýukdan soň ýene-de öňküsi ýaly wyzzyldydan dolup durdy.
-Hawa-a, hanym Perkins, bu Graýms Ewerett, hakyky güzaphon ýagşyzada…Durmuş gurmaly
ekenler welin, olar bolsa gaçyp gidipdirler…Her şenbede ýüz-keşbe bezeg berilýän otagda…Edil
gün ýaşyp barýarka…Ol ýatmak üçin ýerine geçýär…towuklar bilen aýrylmaz dost olar, towuklar
bilen, Fred aýdýar: “hemme zat şondanam başlady” diýýär. Fred aýdýar…
Aleksandra ejem maňa ortadaky saçagyň üstaşyry seretdi-de ýylgyryp, kökeli tabaga tarap baş atyp
görkezdi. Men seresaplylyk bilen tabagy galdyrdym-da ýuwaşjadan hanym Merriuzere tarap ýöredim.
Başardygymça salyhatly ondan köke iýmek isleýändigini soradym. Dogry-da walla, eger-de şeýle
pursatda, şeýle ýagdaýda ejekem hakyky hanym bolup saklanyp galmagy başarýan bolsa, onda
menem başararyn.
xxxxx
-Gerek däl, Gözlüje. Ony bosagadan aňryk äkidip geläýsene.
-Jim, sen näme aklyňdan azaşdyňmy?
-Saňa aýdyldy ahyry, ony bosagadan aňryk äkit diýlip.
Men uludan demimi aldym-da ýerden tutan gurçugymy jaýymyzyň ýeňse tarapyndaky basgançaga
eltip, yzyma öz ýatan ýygnama sekime dolandym. Eýýäm sentýabrdy, ýöne heniz gijelerine ýylydy,
şonuň üçinem biz öňkümiz ýaly jaýymyzyň ýeňse tarapyndaky eýwanda ýatýardyk. Heniz
ýaldyrawuk tomzajyklar hem-de beýleki gijeki mör-möjekler gaýyp bolmandylar, entek gijelerine
özlerini penjirelere tutulgy hasa gözenege urýan kebelekler hem hemişe güýzde edişleri ýaly nirädir
bir ýerlere göçüp gitmändiler. Ýaňky gurçuk bolsa, megerem ilk-ä eýwanyň basgançalaryna
süýşenekläp münendir, soňam işiginiň bosagasynyň aşagyndan geçendir. Men özümiň ýatan
ýygnama ýatyş sekimiň ýanynda kitabymy goýmakçy bolanymda ony gördüm. Ol gurçugyň uzynlygy
tas ýarym garyşrak bardy, oňa barmagyňy degirseňem ol mäkäm, çal ýumaga öwrülip düwülýärdi.
Men garnymyň üstünde ýatdym-da gurçuga barmagymy dürtdüm. Ol düwüldi. Soň megerem,
üstünden abanýan howp sowuldy diýip hasap eden bolara çemeli, haýaljakdan ýazyldy. Onuň ýüz
aýagynyň ählisi-de birden herekete girdi, ol birazajyk süýşdi welin, men ýene-de oňa degdim. Ol
ýene-de düwüldi. Meniň ukym tutýardy, şonuň üçinem men ony basypm mynjyratmak isledim. Men
eýýäm oňa tarap elimi-de uzadypdym welin, şol pille meni Jim saklady.
Ol gaharly seredýärdi. Megerem, onuň bu bolşy, bu mahal onuň durmuşynda şunuň ýaly zolagyň
başlanýanlygy sebäpli bolsa gerek. Hudaý jan-eý, ol tizräk bir şu zolakdan geçip gitsedi, ýogsa maňa
gün ýamanyny görkezýärdi. Elbetde, Jim hiç wagt haýwanlary gynamaýardy, ýöne onuň mörmöjeklere-de rehiminiň inýändiginden meniň jinnek ýalyjak-da habarym ýokdy.
-Näme üçin ony mynjyratmak bolmaýar?-diýip men soradym.
-Onuň saňa päsgel bermeýändigi üçin,-diýip garaňkyda Jim jogap berdi. Ol eýýäm öz çyrasyny
öçüripdi.
Men:
-Diýmek sen indi siňekleri, çybynlary hem öldürmeýärsiň-dä, onda, diýmek häzir seniň zolagyň şol
hili-dä, şeýlemi?!-diýdim:-Haçan-da pikiriňi üýtgeden wagtyň maňa gaýrat edip aýdaweri. Ýöne sen
bilip goýaýgyn, men özümi garynjalar-a dişledip ap-arkaýyn gezip ýörmerin, şuny bil-de goýaý.
-Äý, sem bolsana…-diýip ukuly ses bilen Jim jogap gaýtardy.
Jim her näme diýse-de men däl-de onuň özi gün-günden gyzjagaza meňzäp barýardy. Men
arkanlygyna jaýlaşykly ýatdym-da uklamaga taýýarlandym, ymyzganýançam bolsa men Dill barada
oýlanyp ugradym. Ol birinji sentýabrda gaýdypdy we dynç alyş rugsady başlan pusadyndan dolanyp
gelmegi wada beripdi, göwnüme bolmasa onuň tomsuny Meýkombda geçirmegi halaýandygy
ahbetin onuň ýakynlarynyň aňyna ýetdi öýdýän. Hanym Reýçel kireý edýän ulagda bizi demir ýol
menziline alyp gitdi, Dill bolsa tä gözümizden ýitip gidýänçä bize wagonyň penjiresinden elini
galgatdy bardy. Soňam ol gözümden ýitip gitdi, ýöne ýüregimden welin zym-zyýat bolmady, meniň
onsuz içim gysýardy. Soňky iki günde Jim oňa-da ýüzmegi öwredipdi…
Oňa ýüzmegi öwredipdi. Men şonda Dilliň özüme aýdyp beren gürrüňini ýadyma saldym welin, ukym
ýanaýdy.
Derýanyň saý ýerine kän gatnawsyz ýol eltýärdi, ol Meridian şaýolyndan takmynan şäherden bir mil
daşlykda sowlup gidýärdi. Şaýolda hemişe-de barjak ýeriňe çenli alyp gidýärmişler, ýa pagtaly üsti
ýapyk araba gabat gelýärmiş ýa-da başga bir ulag, soňky gatnawsyz ýolda-da derýanyň saý ýerine
çenli beýlebir kän ýöremeli dälmiş. Ýöne eger-de suwa düşmeklige kelläňi gyzdyryp iňrik
garalyberende öýe dolansaň welin kynmyş, şaýolda-da ulag galmaýar diýen ýalymyş, onsoň tutuş
ýoly paýu-pyýada geçmeli bolýarmyş, bu bolsa beýlebir ýakymly dälmiş, şonuň üçinem suwa
düşýänler kän gijä galmazlyga çalyşýarmyşlar.
Dill aýdyp berýärdi: olar şaýola ýaňybir çykypmyşlar welin, birdenkä görüpdirler olaryň öňünden
Attikus gelýärmiş. Ol ilki göräýmäge olary saýgarmadyk ýaly bolupdyr, şonda olar oňa ellerini
galgadyp başlapdyrlar. Onsoň ol ulagyny saklapdyr. Olar ylgaşyp onuň ýanyna barypdyrlar welin, ol
diýipmiş:
-Siz, iň gowusy, şähere barýan haýsy-da bolsa başga bir ulaga garaşyň. Men entek çalt dolanmaryn.
Ulagyň yzynda bolsa Kelpurniýa otyrmyş.
Jim ilk-ä jedelleşip ugrapdyr, soňra ýalbaryp başlapdyr welin, Attikus:
-Ýeri bolýar, biz bilen gidiberiň, ýöne geliň öňünden şertleşeliň: ulagdan çykmaly däl.
Tom Robinsonyň öýüne barýançalar, ýolda Attikus nämeleriň bolup geçendigini gürrüň beripdir.
Soňra olar şaýoldan sowlupdyrlar we ilki zibilhananyň, soňra Ýuelleriň deňesinden ýuwaşjadan
garaýagyzlaryň şäherçesine geçip gidipdirler. Tomuň howlusynda garaýagyz çagajyklaryň uly topary
daşjagaz oýnap oturan ekenler. Attikus ulagyny saklap, düşüpdir. Kelpurniýa-da onuň yzyndan
howla giripdir.
Dill Attikus oýnap oturan oglanjyklaryň birinden:
-Seniň ejeň nirede, Sem?-diýip sorandygyny eşidipdir.
Sem jogap beripdir:
-Ol Stiwensleriňki-de, jenap Finç. Onuň yzyndan ylgaýynmy?
Attikus birbada nähili hereket etjekdigini bilmändir, soňra bolsa: “bolýar-da” diýipdir welin, Sem
aýagaldygyna ylgap gidipdir.
Attikus bolsa çagalara:
-Oýnaberiň, oýnaberiň, oglanjyklar,-diýipdir.
Şol pursat öýden bir halys kiçijek gyzjagaz çykypdyr-da, Attikusa gözlerini petredip tiňkesini dikipdir.
Onuň kellesinde çar tarapa inçejik zülpleri somalyşyp duran ekeni, her zülpünem ýiti reňkli mata
saçbag bezeýärmiş. Ol ernini gulagyna ýetiräýjek bolup ýylgyrypdyr-da, Attikusa tarap moýmudyklap
ugrapdyr, emma ol öte körpeje bolandygy zerarly basgançakdan düşüp bilmändir. Onsoň Dilliň
aýtmagyna görä, Attikus onuň ýanyna barypdyr-da, sypal başgabyny çykaryp, oňa barmagyny
uzadypdyr. Gyzjagazam onuň barmagyndan ýapyşypdyr welin, Attikus oňa basgançakdan aşak
düşmäge kömek edipdir. Soňra ony Kelpurniýanyň ýanyna eltipdir.
Şol wagtam Elen gelipdir, onuň yzyndan bolsa bökjekläp Sem gelýän ekeni. Elen:
-Agşamyňyz haýyrly bolsun, jenap Finç. Belki dyzyňyzy epersiňiz?-diýipdir-de birdenem lam-jim
bolup dymypdyr. Attikusam dik duran ýerinden agzyna suw alan ýaly kelam agyz geplemändir.
Dill:
-Birdenem Elen diň arkan gaýtdy, Gözlüje,-diýdi:-Edil duran duran ýerinden arkanlygyna gaýdyberdi,
edil onuň üstünden nähilidir bir gara döw ýaly pilmahmyt basagetdin, ony mynjyradan ýaly bolaýdy.
Ine şunuň ýaly – tarp!
Dill aýagyny ýere tarpyldadyp urdy:
-Ediljek bir möjejik ýaly.
Kelpurniýa Attikus bilen bilelikde Eleni ýerden galdyrypdyrlar we ony öýe tarap alyp gidip ugrapdyrlar,
onuň bolsa aýaklary diýen etmeýän ýaly hiç ýöräp bilmänmiş. Soňra olar ep-esli wagtlap daşary
çykmandyrlar, birhaýukdan soň Attikusyň ýeke özi çykypdyr. Haçan-da yzlaryna zibilhananyň
deňesinden geçip barýarkalar Ýuelleriň haýsydyr biri nämedir bir zat diýip yzlaryndan gygyrypdyr,
ýöne Dill onuň näme diýendigini aňşyryp bilmändir.
Tomuň ölümi barada Meýkombda iki günläp gürlediler, iki günüň içinde bolup geçen waka barada
tutuş okrug bilmäge ýetişdi. “Eşitdiňizmi?...Ýokmy?...Aýdýarlar, ol birdenkä duran-duran ýerinden
ümdüzine tutduryberenmiş…”.
Meýkombyň ýaşaýjylaryny Tomuň ölümi jinnek ýaly-da geň galdyrmady. Olaryň pikiriçe bu düşnükli
zatdy, akmaklygy zerarly, ökjäni göteripdir. Şar-garakirliler – olaryň ählisi akmak ahyry, olar geljek
hakda nireden oýlanyp bilsinler, ine şonuň üçinem kellesini etegine salyp gaçmaga synanyşypdyr,
şeýle edibem öz başyna özi ýetipdir. Özem iň gülkünç ýeri, Attikus Finç, megerem ony alyp çyksa-da
alyp çykardy, ýöne olar garaşyp bilýärlermi diýsene?...Ömralla etjekmi olar beýle zady. Olar sabyrly
bolup bilýän bolsalar adam bolardylar-da. Olarda hiç hili oňyn zat ýok ahyry. Özi-de şol Robinson
kanuny nikaly hem eken-ä, aýdyşlaryna görä özüni arassa-da saklaýan ekeni, ybadathanada
gatnaýan ekeni, onuň hemme zadam ile meňzeş ekeni, a ýöne başyna jygba-jyg iş düşüpdirem
welin, seredip görseň ol zatlaryň ählisi ýöne bary-ýogy bir howaýy öýkünjeňlik ekeni-le. Äý hawa-da,
şar-garakirli, şar-garakirliligine-de galýar-da.
Söhbetdeşi hem öz gezeginde käbir jikme-jiklikleri habar berýärdi, soňra bolsa eýýäm tä penşenbä
çenli “Meýkomb tribýun” gazeti çykýança gybat edere-de zat galmady. Gazetiň tenleri başga
reňklilere bagyşlanan zolagynda merhum hakynda gysgaça habarjyk bar ekeni, ýöne welin gazetiň
ondan başga-da entek ilkinji zolagy hem bardy.
Ol zolakdaky makalada jenap B. Anderwud kesgitli sözleri gypynç etmän, gaýgyrman ulanypdyr,
özem onuň ýazýan zatlary ol öz gazetine ýazylýanlary we gazetinde bildiriş berýänleri ýitirmekden
we şonuň netijesinde-de girdejisiniň esli kemelmeginden heder edýäne meňzemeýärdi. (Äý,
onsoňam, umuman Meýkombyň ýaşaýjylary beýlebir gepe-söze, ýazuw-pozuwa kän bir üns berip
ýören jemende-de däl ahyry. Jenap Anderwud sesi gyrylýança bokurdagyny ýyrtybersin, kellesine
gelen zadyny ýazybersin, gazete ýazylýanlaryň hem-de bildiriş berýänleriň ýekeje biri-de ondan ýüz
öwürmez. Sen bolsa gazetiň eýesi bolup özüňi we öz zadyňy gülki ýassygyna öwürmek isleýärmiň –
baş üstüne, merhemet ediberiň). Jenap Anderwud kazyýet ýalňyşlyklary barada akyl satmaga
kellesini gyzdyrmaýardy. Ol şeýlebir düşnükli ýazýardy welin, onuň ýazýanlaryna hatda çagajyk hem
akyl ýetirjekdi. Ol diňe sada dilde maýyplar duran ýerlerinde duran bolsunlar, oturan bolsunlar ýa-da
gaçyp barýan bolsunlar, barybir olary öldürmegiň günädigini düşündirýärdi. Ol Tomuň ölümini
awçylaryň we çagalaryň gyrýan saýrak guşlarynyň – bilbilleriň manysyz öldürilmegi bilen deňeýärdi.
Meýkomb: “şahyrçylyga baş goşmakçy bolýan ýaly özi. Megerem onuň ilkinji zolagyny “Montgomeri
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 23
  • Parts
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 01
    Total number of words is 3841
    Total number of unique words is 2102
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 02
    Total number of words is 3827
    Total number of unique words is 2017
    29.3 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 03
    Total number of words is 3859
    Total number of unique words is 2027
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 04
    Total number of words is 3885
    Total number of unique words is 2047
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    47.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 05
    Total number of words is 3841
    Total number of unique words is 2023
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    40.3 of words are in the 5000 most common words
    47.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 06
    Total number of words is 3852
    Total number of unique words is 1981
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    46.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 07
    Total number of words is 3894
    Total number of unique words is 2053
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 08
    Total number of words is 3897
    Total number of unique words is 1975
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    47.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 09
    Total number of words is 3886
    Total number of unique words is 1975
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 10
    Total number of words is 3900
    Total number of unique words is 2012
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    40.7 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 11
    Total number of words is 3804
    Total number of unique words is 2027
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 12
    Total number of words is 3753
    Total number of unique words is 2094
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 13
    Total number of words is 3882
    Total number of unique words is 2070
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 14
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 2044
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    41.1 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 15
    Total number of words is 3779
    Total number of unique words is 2031
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    48.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 16
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 1993
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 17
    Total number of words is 3898
    Total number of unique words is 1817
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 18
    Total number of words is 3989
    Total number of unique words is 1828
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    49.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 19
    Total number of words is 3863
    Total number of unique words is 1979
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 20
    Total number of words is 3899
    Total number of unique words is 1979
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 21
    Total number of words is 3880
    Total number of unique words is 1973
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 22
    Total number of words is 3843
    Total number of unique words is 2030
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 23
    Total number of words is 3886
    Total number of unique words is 1981
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 24
    Total number of words is 3825
    Total number of unique words is 2038
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 25
    Total number of words is 3946
    Total number of unique words is 1886
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 26
    Total number of words is 3697
    Total number of unique words is 1784
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.