Latin

Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 20

Total number of words is 3899
Total number of unique words is 1979
31.2 of words are in the 2000 most common words
43.0 of words are in the 5000 most common words
48.8 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Kazy Teýlor ukudan oýandy, göneldi-de oturdaşlaryň boş orunlaryna eserdeňlik bilen tiňkesini dikdi.
Galan zat bolsa edil birhili alasarmyk düýşdäki ýaly bolup geçdi: oturdaşlar dolanyp geldiler, olar edil
suwuň astyndaky guwwaslar ýaly haýaljak hereket edýärdiler, kazy Teýloryň sesi bolsa hol
allaowarradan gelýän ýaly öte pessaý eşidilýärdi. Ine şu ýerde-de men diňe eger-de seniň kakaň
aklwajy bolsa aň salynýan bir zady gördüm, ol zat, ol ýagdaý bolsa edil, ilkibaşdan tüpeňiň
oksuzdygyny bilip durkaň, Attikusyň köçäniň ortarasyna çykyp, tüpeňini egnine galdyryp mäşäni
gysyşyny görmek ýaly bir zatdy.
Eger-de aýyplaw hökümini çykaran bolsalar oturdaşlar hiç haçan işi kazyýetde seljerilýäne hatda
gözleriniň gyýtagynam aýlamaýarlar. Bu oturdaşlar hem mejlisler otagyna gaýdyp gelenlerinde
olaryň ýekeje biri-de Tom Robinsona tarap sähel salymlygam äňetmedi. Olaryň kethudasy jenap
Teýte bir sahypa kagyzy tutdurdy, ol ony kazyýet kätibine berdi, ol bolsa kaza.
Men gözlerimi ýumdum. Kazy Teýlor bolsa okaýardy: “Günäkär…günäkär…günäkär…günäkär”.
Men assyrynlyk bilen gabak astyndan Jimi synladym. Ol eýwançanyň germewine şeýlebir berk
ýapyşypdy welin, onuň hatda barmaklary-da agaryp gidipdir, her “günäkär” diýen söze-de onuň
eginleri edil ýüzüne ýumruk bilen urulýan ýaly sandyrap-sandyrap gidýärdiler.
Kazy Teýlor soňam nämedir bir zatlar gürledi. Şonda-da ol näme üçindir elinde çekijini gysymlap
durdy, ýöne onuň bilen tarkyldatmaýardy. Men edil bulaşyk ümürde gören ýaly Attikusyň kagyzesbaplaryny ýygnaşdyryp sebedine salýandygyny gördüm. Ol sebedini gulpuny şyrkyldatdy-da,
kazyýet kätibiniň ýanyna bardy, oňa nämedir bir zatlar diýdi, jenap Jilmere baş atdy, soňra Tom
Robinsonyň ýanyna baryp, oňa-da nämedir bir zatlar pyşyrdap ugrady. Elini onuň egnine goýdy.
Soňra oturgyjyň arkasyndan penjegini alyp, egnine geýdi. Soňam mejlisler otagyndan çykyp ugrady,
ýöne hemişeki çykýan gapysyndan däl-de başga gapydan. Ol tutuş mejlisler otagynyň içini kesip
geçip, günorta tarapdaky çykalga barýardy, megerem bahymrak öýmüze ýetesi gelýän bolara çemeli.
Men onuň her bir hereketini sypdyrman synlaýardym, ýöne ol ýeke saparam ýokaryk seretmedi.
Kimdir biri meniň egnime ýeňiljek kakdy, ýöne meniň düýbünden yzyma gaňrylasym gelmeýärdi,
men gözümi aýyrman aşakdaky adamlara, ýekeje özi ýalňyzlyk basmarlaýan ýaly ýegşerilip çykalga
garşy haýdap barýan Attikusa seredýärdim.
-Hanym Jin Luiza.
Men yzyma gaňryldym. Hemmeler dik durdy. Biziň daş-töweregimizde, ikinji gatdaky eýwançanyň
tutuş hemme ýerinde garaýagyzlar öz orunlaryndan turup, dik durýardylar.
Hormatly ata Saýksyň sesi-de edil ýaňyja kazy Teýloryňky ýaly hol allaowarradan eşidilýärdi:
-Ýeriňizden turuň, hanym Jin Luiza. Siziň kakaňyz barýar!
xxxxx
Soň Jimiň aglamak gezegi geldi. Biz ala-goh bolup, şadyýan mähelläniň içinden itinişip geçip
barýardyk, onuň ýüzünden bolsa nalajedeýin gazapdan doly ajy gözýaşlar ýol-ýol bolup
syrygýardylar. “Adalatly däl bu!, Adalatly däl!” diýip ol tä Attikusyň bize garaşyp duran ýeri, şäher
meýdanynyň künjüne çenli ýolboýy hümürdäp gaýtalap geldi.
Attikus köçe çyrasynyň astynda durdy, onuň ýüzi bolsa edil hiç zat bolmadyk ýalydy, penjeginiň
keltekçesi ähli iliklerine ildirilgi, ýakasy hem boýunbagy ýerinde, sagadynyň zynjyry lowurdap dur,
onuň özi bolsa edil hemişekisi ýaly parahat hem sowukganly.
Jim:
-Adalatly däl, bu, Attikus,-diýdi.
-Hawa, ogul, adalatly däl.
Biz öýümize gaýtdyk.
Aleksandra ejem heniz ýatmandyr ekeni. Ol halatlydy, ýöne eger walla, çypbakaý çynym, köýneginiň
içinden geýýän daş ýaly gaty hem ýap-ýasy bilbagyny welin çykarmandyr.
-Men örän gynanýan, dogan,-diýip ol pessaý pyşyrdady.
Ol henize çenli hiç wagt Attikusa “dogan” diýip ýüzlenmändi, şoňa görä-de men Jime tarap gözümiň
gyýtagyny aýladym, emma onuň hiç zat bilen seri ýokdy. Ol kä Attikusa, käte-de öýüň astyna
seredýärdi, belki-de ol Tom Robinsona aýyplaw höküminiň çykarylmagynda Attikus hem günäkär
diýip pikir edýändir.
-Oňa näme bolýar?-diýip ejekem Jim barada sorady.
-Hiç-le, ol bahym özüne geler,-diýip Attikus jogap berdi:-Oňa bu bolup geçen ähli zatlary kellesine-de,
ýüregine-de sygdyrmak ýeňil düşmedi.
Ol uludan demini aldy:
-Men-ä gidip ýatjak. Eger-de ertir irden ertirlik edinmäge çykmasam, meni oýarmaň.
-Ilkinji nobatda, çagalara rugsat bermek paýhassyzlykdy…
Attikus:
-Bu ýer olaryň dogup-dörän öýi, uýam,-diýdi:-Biz olar üçin şu öýi şeýle edip gurduk, goý, şonuň
üçinem onuň içinde ýaşamagy-da öwrensinler ahyry.
-Ýöne olara hiç bir zat üçin gerek däl, ine şeýdip kazyýete gitmek we şu bolgusyzlykdan doly batga
batmak…
-Bu zatlaryň ählisi edil Meýkomb okrugyna mahsus häsiýet bolşy ýaly, wagyz-nesihatçylaryň
jemgyýetine hem mahsus.
-Attikus,-diýen Aleksandra ejemiň gözleri wehimden doldular:-men seni bu zatlar sebäpli doňýürege
öwrülmäge ukyplysyň öýdüp pikirem etmeýärdim.
-Men doňýürekleşemok, diňe juda ýadadym. Men gidip ýatmakçy.
-Attikus…-diýip Jim tutuksy seslendi.
Attikus gapynyň agzynda sägindi.
-Näme, ogul?
-Olar näme etdiler ahyry, olaryň nädip bogny ysdy ahyry?
-Nähilidigini ýa-da nädipdigini-ä bilemok, ýöne şeýtmegi-ä başardylar. Olar öňem edýän zatlaryny,
ýene-de ençeme gezek etjek zatlaryny etdiler. Görýän welin, olaryň şeýlediklerine-de diňe çagalar
aglaýan ýaly. Gijäňiz rahat bolsun.
Ýöne ir bilen hemme zat agşamka garanyňda beýlebir aýylganç bolubam görünmeýär. Attikus
edähetine eýerip, daň atyp-atmanka oýanypdyr we biz ýüzümizi sallap myhman otagyna
düşenimizde ol eýýäm öz “Mobil rejisteriniň” içine giräýjek bolup oňa tiňkesini dikip oturan ekeni.
Jimiň oýaly-ukuly ýüzünde bolsa onuň heniz doly beýan edip-de bilmeýän sowaly ýazylgy durdy.
-Ýuwaş, tolgunmaga alňasama,-diýip biziň hemmämiz aşhana girenimizden soň Attikus ony
köşeşdirdi:-biz entejikler birneme söweşeris. Nägilelik haýyşnamasyny bereris, heniz hemme zady
ýitiremzok ahbetin. Eý Hudaý jan-eý, Kel, bu näme ahyry?-diýip Attikus gözlerini petredip öňündäki
ýalpak tabaga dikildi.
-Tom Robinsonyň kakasy bu gün size jüýje ugradypdyr, men bolsa ony gowurdym.
-Oňa aýt, meniň üçin bu juda uly sylag-hormat, sebäbi, megerem, hatda, döwlet ýolbaşçysynyň-da
ertirlik naharyna gowrulan jüýje berilmeýän bolsa gerek. A ýöne bu näme?
Kelpurniýa:
-Ýumşajyk, çişme kökejikler,-diýdi:-olary size myhmanhanada aşpez bolup işleýän Estella
ugradypdyr.
Attikus oňa düşünmezlik bilen garady welin, ol:
-A siz bir baryň-da görüň, aşhanada nämeleriň gopýandygyny, jenap Finç.-diýdi.
Bizem görmäge gitdik. Aşhananyň töri dürli-dümen iýmitlerden ýaňa depe turup durdy: kakadylan
etiň äpet bölekleri, pomidorlar, nohut we noýba, hatda üzümem bardy. Attikus çüýşä salnyp
duzlanan doňuz aýaklaryny gördi-de ýylgyrdy:
-Nähili pikir edýärsiňiz, ejekeňiz maňa şu zatlary aşhanada iýmäge rugsat berermikä?
-Ine irden geldim welin, bir seretsem biziň arka ýüzdäki eýwançamyz şu zatlardan ýaňa münder
bolup ýatyr. Olar…olar siziň eden ähli zadyňyz üçin size şeýlebir minnetdar, jenap Finç. Bu…bu
bolsa olaryň tarapyndan beýlebir öte geçýän bihaýalyk däldir ahyry?!
Attikusyň gözüne ýaş aýlandy. Ol bada-bat jogabam berip bilmedi.
-Olara aýt, men olara örän minnetdar,-diýip ol ahbetin özüne zor salyp gyryljak geplemegiň
hötdesinden geldi:-Olara aýt…aýt, goý indi hiç haçan olar munuň ýaly zat etmesinler. Bu wagt şeýlede örän kynçylyk, gytçylyk döwri ahyry…
Ol yzyna çykdy-da, Aleksandra ejemden ötünç sorap, sypal başgabyny geýip, şähere çykyp gitdi.
Daşky otagdan Dilliň aýak sesleri eşidildi welin, Kelpurniýa Attikusyň elinem degirmedik ertirlik
naharyny ýygnaşdyrmady. Dill bolsa hemişekisi ýaly alyn dişleri bilen ertirligi çeýnäp oturyşyna bize
öten gije hanym Reýçeliň: “eger-de Attikus Finç maňlaýy bilen daş diwary süsüp ýykmak isleýän
bolsa, onda gözel göwni, bu ýerde etjek zadyň ýok, maňlaý kimdir özge biriniňki däl-de onuň
özüniňki ahyry” diýendigini bize aýdyp berdi.
-Men oňa bujagaz sözlerine jogap hökmünde şeýlebir bir agyz ýarym agyz aýdyp goýbererdim welin,
arman,-diýip Dill jüýjäniň butjagazyny gemrip oturyşyna hüňürdedi:-ýöne bu gün onuň bilen senemene eder ýaly hem däl-how. Öz-ä diýen bolýar, hamana, ýarty gijeläp meniň üçin alada edip dik
oturanmyş, hamana, meni agtaryp başlamaklary üçin şerife ýüz tutmak islänmiş, ýöne ol kazyýetde
bolany üçin tapyp bilmänmiş.
Jim:
-A sen mundan beýläk hiç kime aýtman hiç ýere gaçma. Sen bar-a onuň hasam beter içini
ýakýarsyň-diýdi.
Dill takdyra ten bermek bilen uludan demini aldy.
-A-haw, men oňa kyrk gezek nirä barýandygymy aýtdym-a…Ýöne hemişe onuň gözüne geýim
asylýanyň içinde ýylan görnüp ýör. Ine, gel jedel edeliň, ol her gün irden ertirligiň başynda tas ýarym
litre golaý – iki sany püre-pür bulgury içýär, men muny anyk bilýärin. Öz gözlerim bilen gördüm.
Aleksandra ejem:
-Beýle diýme, Dill,-diýdi:-Çagalara beýle geplemek bolmaýar. Bu…bu bihaýalyk bolýar-diýdi.
-Men utançsyz däl, hanym Aleksandra. Näme ýa hakykaty aýtmak aýpmy?
-Seniň aýdyşyň ýaly aýtmak – utançsyzlyk.
Jim ejekeme tarap gözlerini alartdy, ýöne diňe Dille:
-Ýör. Üzümem ýanyňa al.-diýdi.
Biz eýwanymyza çykanymyzda hanym Stiweni Krouford demi-demine ýetmän jenap Eýwerä hem-de
hanym Modi Etkinsona kazyýet mejlisi barada gürrüň berýärdi. Olar bize tarap çala göz aýladylar-da
ýene-de gepe başagaý boldular. Jim oslagsyz ýerden söweş çakylygyna gygyryp goýberdi. Men
bolsa edil şu wagt, şu pursat elimde Jek kakamyň getirip beren tüpeňiniň ýokdugyna biçak
gynandym.
Dill:
-Haçan-da maňa ulular dykgat bilen seretseler, ýigrenýän,-diýdi:-Şol bada göwnüňe bolmasa
etmedigem bolsaň nähilidir bir garagollugyň üstünde tutulan ýaly bolaýýarsyň.
-Hany bärik gel, Jim Finç!-diýip hanym Modi gygyrdy.
Kynlyk bilen uludan dem alan Jim hiňňildikden düşdi. Dill:
-Bizem seniň bilen,-diýdi.
Hanym Stiweni özüniň bilesigeliji burny bilen bizi didiwana mündürýän ýalydy. Be-e, be-e, gör-ä
bulary, ýeri bulara kazyýete gitmäge kim ygtyýar berdikä? Ol-a dogrusy kazyýet mejlisinde bizi
görmändir welin, şäherd-ä-hä ertirden bäri hemmeleriň gürrüňi diňe biziň garaýagyzlar üçin
eýwançada, şolaryň arasynda oturandygymyz hakynda bolupdyr. Ýeri, bu näme, Attikus näme size
şol ýerde ýöriteläp oturtdymy?...O taýda megerem, şol kirlileriň arasynda dem alara howa-da ýok
bolsa gerek, şeýlemi, hä?...Be-e, bi näme Gözlüje-de şol ýerde bolup geçen zatlaryň ählisine
düşünäýdimi, onsoň?...Ýöne siziň içjagazyňyz-a tütäpjik gidendir, haçan-da siziň kakajygyňyzy külpeýekun edenlerinde, hä?
-Hany az-owlak dymyp dursana, Stiweni,-diýip hanym Modi hazan ýeli öwsüp duran ýaly sowuk
äheňde aýtdy:-Men tutuş ertirimi şu eýwanda dikilgazyk bolup geçirmekçi däl…Jim Finç, men seni
çagyranymyň sebäbi, sen we seniň kärdeşleriň süýji köke iýesleri gelýärmi diýip soramakçydym.
Men ony bişirmek üçin daňdan sagat bäşde turdum, şonuň üçinem size iň gowusy meniň hödürimi
kabul edäýmek galýar. Bizi bagyşlamagyňyz soraýaryn, Stiweni. Ýene-de görüşýänçäk, jenap
Eýweri.
Hanym Modiniň aşhanadaky saçagynyň üstünde gatlakly uly köke we iki sany kiçi köke lowurdap
durdy. Ýöne kiçi kökelerden üçüsi gerek ahyry. Dogrusy, bu hanym Modä meňzemeýär, ol elbetde
Dill barada unudaýan däldir-le, megerem şu oýlanmalardan ýaňa biziň ýüz-keşbimiz geňgalyjylykdan
dolan bolara çemeli. Ýöne şol pille biz hiç zat gepläp ýetişmänkäk hanym Modi uly kökeden bir
bölegi kesip aldy-da Jime uzatdy.
Biz iýip oturyşymyza düşünýärdik, bu hereketi bilen hanym Modi özüniň bize bolan gatnaşygynyň
jinnek ýalyjak-da üýtgemändigini görkezýärdi. Ol ses-sedasyz oturan ýerinden bizi synlaýardy.
Birdenem ol dil ýardy:
-Gaýga batma, Jim. Durmuşda hemme zat edil ilkibada görnüşi ýaly erbedem däl.
Öýünde, köçede dälkä öňküsine garanyňda has köpräk geplemekçi bolanda hanym Modi aýalaryny
dyzlaryna direýärdi-de, dili bilen agzyndaky oturtma dişlerini düzedýärdi. Ol häzirem şeýle etdi, biz
bolsa oturyp, onuň aýtjak-goýjak zadyna garaşýardyk.
-Ine men size näme aýtmakçy bolýaryn: ýagty jahanda hut biziň deregimize iň bir agyr, iň bir kyn,
edilendigi üçin hiç hili minnetdarlyga mynasyp bolunmaýan, gaýta, tersine köplenç ýazgarylma
sezewar edilýän işleri ýerine ýetirmek üçin doglan adamlar bar. Siziň kakaňyz hem edil şonuň ýaly
ynsan.
-Ýeri bolýar-la,-diýip Jim umytsyz lapykeçlikden doly äheňde myňňyldady.
-Hiç hili “ýeri bolýar-la” gerek däl bu ýerde, jenap,-diýip hanym Modi sesini biraz gataltdy:-Sen heniz
meniň sözlerime doly düşüner ýaly derejede ýeterlik uly dälsiň.
Jim doly iýilmedik kökesine mölerildi-de:
-Özüňi edil piläniň içinde galan gurçuk ýaly duýýarsyň, ine näme bolýar,-diýdi:-Edil gowy edilip
gundalan ýagdaýda ýyljajyk künçde ýatan ýaly, saňa tarap hatda ýeke sapar şemalam öwüsmedik
ýaly. Men hemişe meýkomblylar ýeriň ýüzünde iň oňat adamlar diýip oýlanýardym, iň bolmanda olar
daş keşplerinden-ä şeýle ýaly görünýärdiler.
Hanym Modi:
-Biz ýeriň ýüzünde iň bolelin hem parahat durmuşda ýaşaýan adamlar,-diýdi:-Ýagdaýlar bizi
hakykatdanam özümiziň takwa hristiandygymyzy subut etmäge beýlebir ýygy-ýygydan mejbur edip
durmaýarlar, ýöne haçan-da şeýle zerurlyk ýüze çykaýan halatynda welin, biziň bu işi amala
aşyrmak üçin Attikusa çalymdaş adamlarymyz bar.
Jim ajy ýylgyrdy.
-Eger-de biziň okrugymyzda hemmeler şeýle pikir edýan bolsadylar, onda nähili oňatçylyk bolardy.
-Sen biziň nähili köpdügimizi hatda gümanam etmeýärsiň.
-Bäh, şeýlemi asyl?-diýip Jimem sesini az-kem gataltdy:-Kim nämedir bir zat edip, Tom Robinsona
kömek etdi, hany kim?
-Ilki bilen onuň garaýagyz dostlary we biz ýaly beýleki adamlar. Kazy Teýlor ýaly, jenap Gek Teýt
ýaly adamlar. Gäwüşemegiňi bes et-de, Jim Finç, kelläňdäki beýniňe biraz agram saljak bolup gör.
Näme kazy Teýloryň Attikusy ýöne ýerden, tötänden Tomuň aklawjysy edip bellemändigi seniň
kelläňe gelmedimi? Näme kazy Teýloryň şeýle hereket etmek üçin öz sebäpleriniň bolandygy seniň
ýadyňa düşmedimi?
Ine saňa üýtgeşik, täze pikir! Eger-de aýyplanýanyň aklawjy tutunmaga gurby ýetmese, onda adatça
aklawjy hökmünde meýkombly aklawjylaryň iň ýaşy Makswell Grini belleýärdiler, sebäbi ol tejribe
toplamalydy. Diýmek, bu saparam Tom Robinsony Makswell Grin goramalydy.
-Şu zatlar hakynda oýlan bakaly,-diýip hanym Modi dowam edýärdi:-Bu tötänden däl ahyry. Men
düýn gije eýwanymda oturan ýerimden kän garaşdym. Men şol siziň kazyýetden geleriňize
garaşdym oturdym, garaşdym oturdym-da pikir etdim: “Attikus Finç işi utmaz, ol hiç bir ýagdaýda
utup bilmez, ýöne ol oturdaşlary ine şeýle işiň üstünde şunça wagtlap kelle döwmäge mejbur edip
biljek biziň jelegaýlarymyzdaky ýeke-täk aklawjy”. Men şonda-da öz-özüme: “ýeri bolýar, bu hem
erbet däl, biz her näme-de bolsa birazajyg-a öňe süýşýäris” diýdim. Bu bary-ýogy birje ädim,
çagajygyň ýörjen-ýörjeni ýaly kinniwanja, ýöne her niçik-de bolsa ol öňe tarap ädilen ädim ahyry.
-Bu zatlaryň barysy diňe gürrüň…Ýöne heý, biziň bilimli-ylymly kazylarymyz, aklawjylarymyz, ýabany
oturdaşlaryň hötdesinden gelip bilmeýärlermi?-diýip Jim hümürdedi:-Ine men ulalaryn…
Hanym Modi:
-Bu barada gowusy kakaň bilen ümmüldeşip görsene,-diýdi.
Biz aýaklaryňa sowujak degýän täze basgançakdan aşak düşdük-de güneşlige çykdyk welin, jenap
Eýweri bilen hanym Stiweni Krouforduň henizem gepleşip durandyklaryny gördük. Olar pyýada
ýodasy bilen ýöräp hanym Stiweniniň öýüniň deňesinde saklanypdyrlar ekeni. Olaryň ýanyna hanym
Reýçel haýdap barýardy.
Dill:
-Men-ä ulalanymdan soň, megerem masgarabaz bolaryn,-diýdi.
Jim ikimiz haýran galmakdan ýaňa söm-saýak bolduk duruberdik. Ol bolsa göwnübir ýaly:
-Hawa, hawa, masgarabaz boljak,-diýdi:-Adamlar bilen men hiç zady ýola goýup bilmeýärin, meniň
bar başarýan zadym olaryň üstünden gülmek, ine şonuň üçinem men sirke girjek-de, tä ýykylýançam
güljek.
Jim:
-Sen bulaşdyrýarsyň, Dill,-diýdi:-Masgarabazlaryň özleri gussaly bolýarlar, ine olaryň üstünden welin,
hemmeler gülýärler.
-Goý bolsa bolup geçsin, men welin başga hili masgarabaz bolaryn. Sahnanyň orruk-ortarasynda
duraryn-da hemmeleriň ýüzüne gülerin. Hanha hol ýere seret,-diýip ol başyny silkip goýberdi:- Näme
bular adammy ahyry? Olara ýetmeýän diňe ýekeje zat bar, ol hem ertekilerdäki arwah aýallar ýaly
sübsede uçmak. Reýçel daýzama dogrusy, eýýäm sübsesizem uçup ýören ýaly.
Hanym Stiweni bilen hanym Reýcel sabyrsyzlyk bilen gollaryny galgadýardylar. Dill dogry aýdýardy,
olar hakyky aýjynlara meňzeýärdiler.
-Wah, siziň bir!-diýip Jim demini daşyna üfledi:-Ýanlaryna barmasaňam boljak däl, beýtseň gödeklik
boljak.
Olaryň bolşy nähilidir bir garaşylmadyk waka ýüze çykana çalym edýärdi. Jenap Eýweri boýdanbaşa diýen ýaly çym-gyzyldy, özi-de şeýlebir asgyrýardy welin, biz ýanlaryna baranymyzda tas bizi
ýere ýazýardy. Hanym Stiweni bolsa süňňi bilen gamyş kibi galdyrap simap kibi sandyraýardy.
Hanym Reýçel Dilliň egninden garbap gujaklady.
-Häziriň özünde howla gir-de, köçä burunjygyňy-da somaldaýma. Köçe-de öte howply,-diýip ol
janykdy.
-A näme üçin?-diýip men soradym.
-Siz näme eşitmediňizmi? Bütin şäher diňe şol waka barada gürrüň edýär ahbetin…
Şol wagtam bosagamyzda Aleksandra ejem peýda boldy-da, bizi çagyrdy. Ýöne eýýäm giçdi.
Hanym Stiweni edähetine eýerip,demi-demine ýetmän bize şu gün irden jenap Bob Ýueliň Attikusy
poçtanyň ýanyndaky burçda saklap, onuň ýüzüne tüýkürendigini hem-de biraz puryja berilse özüniň
bu bolgusyz aklawjyjyk bilen mazaly aýyl-saýyl edişjekdigini aýdandygyny habar berdi.
xxxxx
Attikus bolsa bu waka barada diňe:
-Men-ä dogrusy, eger-de Bob Ýuel temmäki çeýnemeýän bolsa has oňat görerdim-diýmek bilen
çäklendi.
Hanym Stiweni Krouforduň sözlerinden ugur alsaň-a ol waka şeýleräk bolanmyş: Attikus poçtadan
çykyp barýan ekeni, onuň ýoluny jenap Ýuel kesipdir, ol oňa hapa-paýyş sözler bilen sögünipdir,
ýüzüne tüýküripdir we ony öldürjekdigi barada haýbat atypdyr. Hanym Stiweni (haçan-da bu wakany
hetjikläp, süýjüdip-süýkdürip ikinji sapar aýdyp berýärkä ol eýýäm bakgal dükanyndan dolanyp
gelýärkä ýolda ähli zady öz gözi bilen gören adam bolýardy) Attikusyň özüniň kemsidilmegine hatda
gaşyny-da gymyldatmandygyny aýdýardy. Ol diňe elýaglygyny çykaryp süpürünenmiş we duran
ýerinden jenap Ýueliň özüne sögünişini ümsüm diňlänmiş. Jenap Ýuel bolsa şeýlebir erbet, şeýlebir
erbet sözleri diýenmiş welin, hanym Stiweni hiç haçanam ol sözleri gaýtalamaga het etjek dälmiş,
eger-de şeýle sözleri diýmeli bolaýsa-da ondan gowusy ol öz dilini dişläp ýolup goýberjekmiş.
“Onsoň soňabaka jenap Ýuel hasam guduzlanmyş, Attikus bolsa onuň sögünjine kelam agyz jogap
bermänmiş, onsoň ol diýenmiş: “Sen şar-garakirlileriň dabanyny ýalamagy-ha özüňe peslik
bilmeýärdiň, a näme erkek kişi ýaly uruşmagy özüňe peslik bilýärmiň?” diýenmiş. Attikus bolsa: “ýok”
diýenmiş, “men ýöne öte garry-da” diýenmiş-de ellerini kisesine salaga-da ol ýerden gidiberenmiş”
diýip hanym Stiweni gürrüň berýärdi. Hawa, hawa, ine şunuň ýaly zat-da welin Attikus Finçiň öňüne
geçjek adam ýok, käbir ýagdaýlarda şeýlebir bir agyz ýarym agyz aýdyp goýberer welin, edil ýöne
lam-jim edäýer…
Ýöne Jim ikimiz bu zatlary hiç hili lezzetsiz diňleýärdik. Men:
-Her niçik-de bolsa ol tutuş okrugda iň mergen atyjy bolupdyr ahyry,-diýdim:-Ol başarardy ahbetin…
Jim:
-Ol ýany tüpeňli gezmez, Gözlüje,-diýdi:-Onsoňam gezeýin diýende-de onuň tüpeňi hem ýok
ahyry…Sen bilýärsiňmi, ol şo-o-ol gezek türmäniň öňünde-de tüpeňsiz sakçylyk edipdi. Ol maňa bir
gezek: “tüpeňli gezmek diňe özüňi atmaklary üçin pitjiň atmak” diýipdi.
Men:
-Häzir başga ýagdaý,-diýdim:-Gel, ondan haýyş edeli, goý, ol kimdir birinden wagtlaýynça tüpeňini
alsyn.
Biz haýyş etsek etdigem welin, Attikus: “biderek zat” diýdi.
Dilli Attikusyň rehimini indermäge dyrjaşmaly diýip maslahat berdi, sebäbi eger-de jenap Ýuel ony
öldüräýse onda biz açlygymyzdan öleris ýa-da iň ýamany Aleksandra ejeme miras galarys, onsoňam
aý dogan ýaly düşnükli ahyry, Attikusy jaýlan batlaryna ol Kelpurniýany kowar. Jim bolsa: “Belki-de
sen güýjüňde baryny edip bagyryp, çyrlap, ýerde ýatyp togalansaň Attikusa täsir eder, sebäbi sen
heniz kiçijek, özüňem gyzjagaz ahyry” diýdi. Emma bu hem kömek etmedi.
Ýöne soň Attikus biziň ýüzümizi sallap öwlüýäň daşyndan aýlanýan zyýaratçylar dek öýüň daşyndan
pyrlanyp ýörenimizi, iýmän-içmän, ähli oýunlarymyzy taşlanymyzy gördi-de biziň öte
gorkandygymyza düşündi. Bir gezek agşamara ol Jime täze futbol žurnalyny getirip berdi, Jim ony
göwünli-göwünsiz sahaplan boldy-da, gapdala taşlady. Şonda Attikus ondan sorady:
-Seni näme alada goýýar-a, ogul?
-Jenap Ýuel,-diýip Jim gönüsinden geldi.
-A oňa näme bolanmyş?
-Hiç zat. Biz seniň üçin gorkýarys, seniň ony nämedir bir zat etmegiň gerek.
Attikus gamgyn gülümsiredi.
-Ýeri onuň bilen näme etjek? Birek-biregiň üstüne çozmazlyk barada Ylalaşyk baglaşmaga mejbur
etjekmi?
-Haçan-da kimdir biri saňa seniň bilen birýüzli etjekdigini aýtsa, bu oýun däl ahyry.
Attikus:
-Ol şol pursat oýunam etmeýärdi. Sen ýekeje pursatlyk Bob Ýueliň derisine girmäge synanyşyp gör
hany, Jim. Eger-de mundan öň onuň sözüne kimdir birine ynanan hem bolsa, kazyýet mejlisinde
men onuň ýekeje sözüne-de ynanyp bolmajakdygyny gutarnykly subut etdim. Oňa bolsa bu
masgaraçylygyny kimdir birinden çykarmak zerurdy, çünki şeýle adamlar başgaça bolmagy
başarmaýarlar. Ýeri bolýar-da, onuň gözel göwni, onuň meniň ýüzüme tüýkürendigi hem-de
öldürjekdigi hakynda haýbat atandygy üçin Meýellanyň paýyna öňküsinden biraz azrak urgy hem
sögünç düşer, goý şeýle-de bolsun. Olam kimdir birinde gaharyny çykarmalydy ahbetin, şonuň
üçinem gowusy öz çagalaryna ezýet bereninden goý ol gazabyny menden çykarsyn. Düşünýärsiňmi?
Jim baş atdy.
Attikus:
-Bize Bob Ýuelden heder etmäge hiç hili esas ýok, ol eýýäm gaharyny çykaryp, deşilen meşige
dönüp pyssardy,-diýdi.
Şol pursadam Aleksandra ejem gelip girdi-de:
-Men-ä dogrusy munuň şeýledigine beýlebir öte bil baglap, arkaýynlaşmazdym, Attikus,-diýdi:-Şol
kysmy adam öç almak almak üçin herki zady edip biler. Sen şeýle adamlara belet ahyry.
-Ýöne maňa Ýuel näme edip biler, uýam?
Aleksandra ejem:
-Assyrynlyk bilen haýsy-da bolsa birhili nejisligi,-diýdi:-Şübhe-de etmeginiň.
-Meýkombda juda az zady hemmelerden ogrynça edip bolýar,-diýip Attikus garşy çykdy.
Şondan soň biz üýşenmegimizi bes etdik. Oňa çenli tomsuňam ahyry gelip ýetdi, bizem wagtymyzy
bihuda sarp etmedik. Attikus bize Tomas Robinsonyň işine indiki basgançakly kazyýetde garalýança
oňa hiç zadyň howp salmaýandygyny, ahyrsoňunda-da ony azat etjekdiklerini, halys bolmanda täze
kazyýet seljerişini geçirmekligi bellejekdiklerini düşündirdi. Häzirlikçe bolsa ol Meýkombdan ýetmiş
mil daşlykdaky Çester okrugyndaky türme mülkünde saklanýardy. Men Tomuň aýalyna we
çagalaryna onuň bilen görme-görşe barmaga rugsat berýärlermi diýip soradym, Attikus: “bermeýärler”
diýip jogap berdi.
-Eger-de oňa apellýasiýa kömek etmese onuň bilen näme ederler?-diýip men bir gezek agşamara
soradym.
Attikus:
-Onda ony elektrik oturgyçda oturdarlar ,-diýdi:-eger-de gubernator hökümi ýumşatmasa. Dur, dur,
tolgunmaga alňasama, Gözlüje. Biziň entegem bu işde utmaga doly mümkinçiligimiz bar.
Jim sekiniň üstünde uzyn süýnüp ýatan ýerinden “Giňden ýaýran mehanika” atly žurnaly okaýardy.
Şu ýerde ol başyny galdyrdy-da:
-Bu adalatly däl. Hatda ol günäkär bolaýan ýagdaýynda-da ol hiç kimi öldürmedi. Ol hiç kimi
janyndan jyda düşürmedi ahyry.
Attikus:
-Sen bilýärsiň ahbetin, Alabama ştatynyň kanunçylygyna laýyklykda jynsy taýdan zorlamak üçin
ölüm jezasy berilýär-diýdi.
-Hawa, jenap, ýöne barybir oturdaşlar ony ölüm jezasyna höküm etmeli däldiler…Eger-de ol günäkär
diýip biläýen ýagdaýlarynda-da oňa ýigrimi ýyllap iş kesmelidiler.
-Ýigrimi ýyllyk,-diýip Attikus düzediş berdi:-Tom Robinson, başga reňkli adam, Jim. Biziň
jelegaýlarymyzda oturdaşlaryň hiç biri düzümi şeýle işi seljerende: “Biz sen günäkär diýip hasap
edýäris, ýöne sen beýlebir gaty günäkärem däl ýaly” diýip aýtmaz. Munuň ýaly işde adam ýa
aklanmaly ýa-da oňa iň zabun höküm çykarylmaly.
Jim kellesini ýaýkady.
-Ýok, bu zatlaryň ählisi hem nädogry, ýöne men şol ýalňyşlygyň nämededigine düşünip
bilmeýärin…belki-de jynsy taýdan zorlamaklygy beýle agyr jenaýat diýip hasaplamaly hem däldir…
Attikus gazetini ýere gaçyrdy. Ol jynsy taýdan zorlamak hakynda kanun bilen ylalaşýar, doly
ylalaşýar, ýöne diňe bir dahylly, gytaklaýyn subutnamalaryň esasynda prokuror-a ölüm jezasyny
talap etse, oturdaşlaram şeýle hökümi çykarsa, bu örän howply bolýar.
Şol pille ol meniňem diňläp durandygymy gördi-de, düşündirip başlady:
-Başga sözler bilen aýdanyňda, adamy aýdaly, bilkastdan adam öldürmek üçin ölüm jezasyna
höküm etmäge bir ýa-da iki sany wakany gözi bilen gören şaýadyň bolmagy zerur. Kimdir biriniň:
“Hawa, men şol ýerde boldum we onuň mäşäni gysandygyny hut öz gözlerim bilen gördüm” diýmegi
hökmany.
-Ýöne köpleri diňe dahylly, gytaklaýyn subutnamalaryň esasynda jezalandyrdylar ahbetin,-diýip Jim
garşy çykdy.
-Bilýärin, şolaryň aglaba köpüsi hem özlerine hut şeýle çemeleşilmegine mynasypdylar hem…Ýöne,
eger-de wakany gözi bilen gören şaýat bolmasa, hemişe şübhelenmäge ýer galýar, iň bolmanda
şübhäniň kölegesi ýaly bir zat galýar welin, galýar. Kanun bu ýagdaýy: “ýol berilýän şübhe” diýip
atlandyrýar, ýöne meniň pikirimçe, biz şeýle halatlarda şübhäniň kölegesiniň-ä däl, hatda
salgymynyň galmagyna-da ýol bermeli däldiris. Sebäbi eger-de şeýle edilmedik ýagdaýynda hemişe
iň bolmanda ujypsyzja bolsa-da iş kesileniň bigünä bolup çykmak mümkinçiligi galýar.
-Diýmek, ýene-de ähli zatda oturdaşlar günäkär bolup çykýar-da. Onda olaryň tepbedini okamak
gerek,-diýip Jim ynam bilen aýtdy.
Attikus ýylgyrmajak bolup ozone zor saldy, ýöne başarmady.
-Sen, ogul, biziň bilen biçak zabun. Men pikir edýän, muňa garanyňda has oňadrak çykalga tapmak
mümkin: mysal üçin, kanuny üýtgetmek. Ýagny iň agyr jenaýatlar üçin jeza çäresini diňe kazy
kesgitläp biler ýaly üýtgetmek.
-Onda Montgomerä git-dä, goý kanuny üýtgetsinler-dä.
-Sen munuň nähili kyndygyny hatda gümanam etmeýärsiň. Şol kanuny biziň aýdyşymyz ýaly
üýtgedýänçäler men-ä ýaşamaryn welin, hatda senem garrap gidersiň.
Jime bu ýaramady.
-Ýok, jenap, her niçik-de bolsa oturdaşlaryň tepbedini okamaly. Ine Tom günäkär däl ahyry, olar
bolsa: “günäkär” diýdiler.
Attikus:
-Eger-de şol oturdaşlaryň ýerine sen we ýene-de seniň ýaly on bir adam bolan bolsady, onda Tom
eýýäm erkinlige çykardy,-diýdi:-Durmuş heniz seni aýdyň we sagdyn oýlanmak ukybyndan mahrum
etmändir. Toma iş kesen on iki sany oturdaşlar hem gündelik durmuşda hakykatdanam akylly-başly
adamlar, ýöne sen olara ähli zady akylly-başly ölçerip dökmäge päsgel beren zatlary öz gözüň bilen
gördüň ahyry. Edil şonuň ýaly zatlary sen şol gije, türmäniň öňünde-de görüpdiň. Olar şonda
özleriniň haýwany duýgularyny pähim-paýhasyň ýeňendigi üçin däl-de bize sataşandyklary üçin
gitdiler. Biziň durmuşymyzda käbir zatlar bar, şolar sebäpli-de adamlar ynsançylyk sypatyny
ýitirýärler, olaryň ählisi-de adalatly bolmak isleýärler, ýöne bolup bilmeýärler. Haçan-da biziň
kazyýetimizde akýagyz garaýagyza garşy çykyş edýän bolsa hemişe akýagyz ýeňýär. Durmuşyň hiç
hili owadanlamasyz, ýylmap-ýuwmarlamasyz hakykaty ine şunuň ýaly.
-Barybir adalatly däl,-diýip Jim hötjetlik bilen gaýtalady. Ol ýumrugy bilen dyzyna assaja kakýardy:Şunuň ýaly subutnamalara daýanyp adama iş kesmek bolmaýar, bolmaýar – ine-de bar bolany.
-Seniň pikiriňçe bolmaýar, sen iş kesmezdiň, ine olar welin iş kesdiler. Özüňem indi mundan buýana
sen ulaldygyňça has köp zatlary görersiň. Başga ýerlere garanyňda hasam kazyýetde adam babatda,
onuň teniniň reňkiniň nähilidigine garamazdan adalatly hereket etmeli, ýöne adamlar oturdaşlaryň
münberine-de ýanlary bilen öz köre-kör ynançlaryny, ters düşünjelerini getirmegiň hötdesinden
gelýärler. Sen ulaldygyňsaýy akýagyzlaryň her gün we her ädimde garaýagyzlary aldaýyşlaryny
barha köp aňşyryp başlarsyň. Ine men saňa näme aýdaýyn, ogul, sen meniň aýtjak şu zadymy gaty
berk bellegin: eger-de akýagyz garaýagyz babatda şeýle hereket edýän bolsa, şol akýagyz kimem
bolsa, ol nähili baý bolsa-da, ol aňrybaşy oňat maşgaladan gelip çykanam bolsa, ol barybir –
näkesdir!
Attikus ýuwaşja gepleýärdi, ýöne onuň bu soňky sözi biziň depämize tkmak bilen urlan ýaly etdi.
Men başymy galdyrdym welin, onuň gözleri otlukly ýanyp durdylar.
-Garaýagyzyň nadanlygyndan peýdalanýan akýagyz haramzada – heýem şundan ýürekbulanjy zat
ýeriň ýüzünde bolup bilermi? Özem bu ýagdaýda dyrnagyň uçjagazy ýaly-da özüňi aldamak gerek
däl, hasap barybir günsaýyn olaryň tarapyna artyp gidip otyr, onsoň iri bar, giji bar, ahyry bir gün
jemgyýetiň depesinden gutulgysyz injek hasaplaşykdan hiç kes gaçyp sypyp ýa-da gizlenip bilmez.
Ýöne men umyt edýän, ol zatlar siziň bir başyňyzdan düşmäwersin.
Jim ýeňsesini gaşady. Birdenem gözlerini şakäse ýaly tegeledi-de:
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 21
  • Parts
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 01
    Total number of words is 3841
    Total number of unique words is 2102
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 02
    Total number of words is 3827
    Total number of unique words is 2017
    29.3 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 03
    Total number of words is 3859
    Total number of unique words is 2027
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 04
    Total number of words is 3885
    Total number of unique words is 2047
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    47.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 05
    Total number of words is 3841
    Total number of unique words is 2023
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    40.3 of words are in the 5000 most common words
    47.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 06
    Total number of words is 3852
    Total number of unique words is 1981
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    46.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 07
    Total number of words is 3894
    Total number of unique words is 2053
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 08
    Total number of words is 3897
    Total number of unique words is 1975
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    47.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 09
    Total number of words is 3886
    Total number of unique words is 1975
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 10
    Total number of words is 3900
    Total number of unique words is 2012
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    40.7 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 11
    Total number of words is 3804
    Total number of unique words is 2027
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 12
    Total number of words is 3753
    Total number of unique words is 2094
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 13
    Total number of words is 3882
    Total number of unique words is 2070
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 14
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 2044
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    41.1 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 15
    Total number of words is 3779
    Total number of unique words is 2031
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    48.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 16
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 1993
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 17
    Total number of words is 3898
    Total number of unique words is 1817
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 18
    Total number of words is 3989
    Total number of unique words is 1828
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    49.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 19
    Total number of words is 3863
    Total number of unique words is 1979
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 20
    Total number of words is 3899
    Total number of unique words is 1979
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 21
    Total number of words is 3880
    Total number of unique words is 1973
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 22
    Total number of words is 3843
    Total number of unique words is 2030
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 23
    Total number of words is 3886
    Total number of unique words is 1981
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 24
    Total number of words is 3825
    Total number of unique words is 2038
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 25
    Total number of words is 3946
    Total number of unique words is 1886
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 26
    Total number of words is 3697
    Total number of unique words is 1784
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.