Latin

Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 15

Total number of words is 3779
Total number of unique words is 2031
30.1 of words are in the 2000 most common words
42.0 of words are in the 5000 most common words
48.2 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
-Şeýle bolaýmasa...-diýip hümürdedi.
-Ine şonuň üçinem olaryň akyllaryna aýlanmaklary üçin aramyza sekiz ýaşly çagajygyň düşmegi
gerek boldy, şeýlemi?-diýip Attikus dowam etdi:-Bu bolsa eger-de wagşy ýyrtyjylaryň sürüsini
saklamak mümkin bolýan bolsa, onda näme-de bolsa bir zatlary aňladýar, sebäbi ahyrynda olaram
adam ahyry. Hymm, hawa, belki bize çaga-poliseýler gerekdir...Öten gije, siz, çagalar Uolter
Kaningemi ýeke pursatlygam bolsa meniň hamyma girip görmäge mejbur etdiňiz. Şol hem ýeterlik
boldy.
Bilemok, belki-de Jim haçan-da biraz ulalandan soň adamlara hakykatdanam oňadrak düşünip ugrar,
ýöne men-ä olara düşünjegem bolmaryn. Muny men anyk bilýärin.
-Hany bakaly bir Uolter mekdebe bir gelsin, ol menden diriligine sypmaz-diýip men wada berdim.
-Sen oňa barmagyňam degirmersiň,-diýip Attikus kesgin aýtdy:-Nämeler bolup geçende-de, düýnki
ýagdaýdan soň men Jim ikiňiziň kimdir birine içiňizde kituw saklamagyňyzy islemeýärin.
Aleksandra ejem:
-Ine görýäňmi, bu zatlaryň barynyň nämelere eltýändigini,-diýdi:-Ýadyňda sakla, men saňa
duýdurypdym.
Attikus özüniň ýadynda saklajakdygyny aýtdy-da, oturgyjy gaharly süýşürip, ýerinden turdy.
-Bu gün meniň üçin öte agyr gün bolar, şonuň üçinem meni bagyşlamagyňyzy haýyş edýän. Jim,
men şu gün Gözlüje ikiňiziň şähere gitmezligiňizi örän isleýändirin.
Attikus gidip-gitmänkä biziň naharhanamyza bökjekläp Dill girdi.
-Şu gün bütin şäher bu barada gürrüň edýär!-diýip ol gele-gelmäşe yglan etdi:-Hemmeler biziň elimiz
hiç zatsyz tutuşlygyna ýüz adamy dagy ýepbekländigimiz hakda aýdýarlar...
Aleksandra ejem oňa şeýlebir äňetdi welin, ol dessine dilini dişläýdi. Ejekem:
-Ol ýerde ýüz adam ýok ekeni-diýdi:-Hiç kim hiç kimi hem ýepbeklemedi. Ol ýerde diňe şol lülgammar hem başyna giden Kaningemleriň bir topbajygy bardy.
Jim:
-Ejeke, üns bermäňsene, Dill hemişe ulaldyp aýtmaga ökde-diýdi-de bize yzyna düşmegi ümledi.
-Howludan hiç ýere gidäýmäň-diýip ejekem biz eýwana çykanymyzdan soň yzymyzdan gygyrdy.
Köçä seretseň, göwnüňe bolmasa bu gün şenbe güni ýalydy. Biziň jaýymyzyň deňesinden
howlukmaç bolmasa-da üznüksiz akym bolup, Meýkomb okrugynyň günorta böleginiň ýaşaýjylary
akyp durdylar.
Özüniň tohum alaşasynda halta çalymdaş bolup jenap Dolfus Reýmond deňämizden ötdi.
-Düşünemok, ol nädip eýerden gaçman saklanyp bilýärkä,-diýip Jim hümürdedi:-Özem nädip beýdip
bilýär, ir säher bilen, heniz sagat sekizem bolanok welin, eýýämem serhoş!
Deňämizden ala-şakyrdy bolup yraň-daraň atyp barýan araba geçip gitdi, onuň üstünde ýüzlerini
matapisint uly sypal başgaplary bilen günden goraýan, uzyn ýeňli köýnekli aýallar otyrdylar. Arabany
bolsa keçe telpekli sakgallak erkek kişi dolandyrýardy.
-Seret, mennonitler ,-diýip Dill Jime aýtdy:-Olaryň geýimlerinde ýekejede ilik ýok.
Mennonitler tokaýlarda ýaşaýardylar we özlerine gerek ähli zatlary derýanyň beýleki kenarynda
satyn alýardylar hem-de satýardylar, Meýkomba bolsa olar düýbünden gelmeýärdiler diýen ýalydy.
Dill olary bilesigelijilik bilen synlaýardy.
-Olaryň ählisiniň gözleri gök,-diýip Jim düşündirýärdi:-hemme erkek kişileri-de öýleniş toýlaryndan
soň sakgallaryny syrmazlyga borçly. Olaryň aýallary haçan-da sakgal zerarly gyjyklary tutsa
halaýarmyşlar.
Gatyryň üstünde jenap Iks Billaps geçip barşyna bize elini galgatdy.
Jim:
-Ol şoh adam,-diýdi:-Iks, bu onuň adynyň baş harpy däl, onuň tutuş ady şeýle. Bir gezek ony kazyýet
mejlisine şaýat hökmünde çagyrypmyşlar we ondan sorapdyrlar: „Siziň adyňyz näme?“ Olam
aýdypmyş: „Iks Billaps“ diýip, kazyýet kätibi bolsa haýyş edýärmiş: „Adyňyzy doly aýdaýyň“ diýip, ol
bolsa ýene-de: „Iks“ diýýärmiş, ondan gaýtadan soraýarmyşlar, ol bolsa ýene-de öz diýenini
gaýtalaýarmyş. Ahbetin bu sorag-jogap ýüregine düşüp ol kagyzyň ýüzünde ullakan edip
„Iks“ harpyny ýazypdyr-da, hemmeler görer ýaly ýazgyny depesine göteripdir. Onsoň ondan ýene-de
sorapdyrlar: „bu siziň adyňyz nähili at ahyry?“ olam jogap berýärmiş: „haçan-da dünýä inenimde
ejem-kakam şeýle diýip at goýupdyrlar-da, men nädeýin“.
Okrugyň ýaşaýjylary biziň deňämizden geçip durdylar, şol geçip durdylar, Jim bolsa Dille iň göze
gelimli adamlar barada gürrüň berýärdi, ine jenap Tenson Jons, arak-şerabyň söwdasyny gadagan
edýän „gury kanunyň“ kabul edilmegini goldap ses beripdir, hanym Emili Deýwis assyrynlyk bilen
özgeleriň gözüne güýdüşip temmäki ysgaýar, jenap Baýron Uolter skripkada saz çalýar, jenap Jeýk
Sleýdiň bolsa eýýäm üçünji gezek dişleri çykýar.
Köçäniň künjünden ýene-de bir araba göründi, onuň üstündäki ýolagçylaryň ählisi näme üçindir
birhili çakdan aşa zabun seredýärdiler. Olar hanym Modi Etkinsonyň jaýynyň deňesine ýetdiler.
Onuň bagynda tomus gülleri ýiti reňkleri bilen öwşün atýardylar, şol pille-de eýwana hanym Modiniň
özi çykdy. Bu örän geň ýagdaýdy, haçan-da hanym Modi öz eýwanynda duran wagty onuň bilen
biziň aramyz ep-esli bardy, hatda onuň ýüzüni-de düzüwli saýgaryp bolmaýardy, emma barybir onuň
keýpiniň nähilidigi dessine bildirýärdi. Ine ol ümzügini biraz öňe atyp dur, elleri bykynynda, kellesi azowlak gyşardylgy, äýnegi güne ýylpyldaýar. Biz eýýäm bilýäris, onuň ýylgyryşjygy barypýatan
içýakgyç ýeser.
Arabaçy gatyrlary biraz sägindirdi welin, arabada oturan bir aýal şaňňy sesi bilen çirkin gygyrdy:
-Şöhratparaz üçin ebedi tümlük taýýar dur!
Hanym Modi bolsa jogap berdi:
-Kimiň ýüreginde şatlyk joş ursa, şonuň ýüz-keşbi-de nurana bolýar!
Megerem, bu aýakýuwujylar: „Şeýtan mukaddes ýazgylara-da özüçe düşündiriş berýär“ diýip
oýlanan bolmaklary ähtimal, sebäbi arabaçy bada-bat gatyrlaryny gyssap başlady. Ýeri hanym
Modiniň bagy olaryň nä azaryna diýsene? Düşünip, akyl ýetirip aňyrsyna çykyp bolmaýar, sebäbi
hanym Modi uzakly gününi ýer dörüp geçýär, mukaddes ýazgylary hem ol ýatdan bilýär ahyry.
Biz onuň haýatynyň ýanyna bardyk.
-Siz kazyýet mejlisine gidermisiňiz?-diýip Jim sorady.
Hanym Modi:
-Ýok,-diýdi:-Şu wagt kazyýet mejlisinde meniň işim ýok.
-Näme göresiňiz hem gelmeýärmi?-diýip Dill sorady.
-Ýok. Bu örän erbet zalymlyk ahyry, ine seredip otursaň şol görgüsi ýamany ölüme buýrarlar.
Jemagat bolsa edil baýramçylyk tomaşasyna gelýän ýaly üýşýär.
Men:
-Şeýle bolmaly hem ahyry, hanym Modi, onuň işi adamlaryň arasynda seljerilmeli ahbetin,-diýdim:Ýogsa nädogry bolar.
Hanym Modi:
-Men muny bilýärin,-diýdi:-Hut kazyýet mejlisiniň aç-açanlykda, adamlaryň gözüniň öňünde
geçirilýändigi üçinem maňa ol ýere gitmek gerek däl, şeýle dälmi näme?
Gapdalymyzdan hanym Stiweni Krouford geçip gitdi. Ol sypal başgaply hem-de elliklidi. Ol:
-Hym, hym,-diýdi:-Gör-ä bu märekäni, edil Uilýam Jennings Braýanyň hut özi nutuk sözlejege
dönäýpdirler.
-A sen nirä şaýlanýarsyň, Stiweni?-diýip hanym Modi oňa habar gatdy.
-Äý, oduk-buduk gerek-ýaragymy satyn alyşdyrmaga.
Hanym Modi heniz dogup-döräli bäri Stiweniniň oduk-buduk satyn almaga sypal başgaply gidenini
görmändigini aýtdy.
Hanym Stiweni:
-Ýeri bolýar-da, belki-de men ýekeje pursatlyk kazyýete-de gözümi aýlaryn, ol ýerde biziň
Attikusymyz nämejik işleýärkä,-diýdi.
Hanym Modi:
-Seresap bol, birden ol saňa-da kazyýete çakylyk hatyny gowşuraýmasyn-diýdi.
Biz düşünmedik we hanym Modiden ýaňky sözlerini düşündirmegini soradyk welin, ol: „hanym
Stiweni, görýän welin, bu iş barada şeýlebir köp zatlary bilýär welin, ol şaýat hökmünde görkezme
berse-de bolman durmajak ýaly“ diýdi.
Biz günortana çenli çydadyk. Attikus öýe nahar iýmäge geldi we ertirden bäri oturdaşlary
saýlandyklaryny aýtdy. Günorta naharyndan soň biz Dilliň yzyndan bardyk we şähere ugradyk.
Hakykatdanam bu gün üýtgeşikdi. At daňylýan ýere ýene-de birje alaşa hem sygjak däldi, her agajyň
aşagynda gatyrlar we arabalar dykynyşyp durdylar. Kazyýetiň edara binasynyň öňündäki meýdança
edil dynç güni oturlyşyga üýşülişi ýaly, topbak-topbak adamlardan doludy. Köpler göni ýerde
aşaklaryna gazet ýazynyp oturyşlaryna bally köke iýýärdiler, golçalardan güne gyzan süýt içýärdiler.
Käbirleri bolsa bişen towugy ýa-da doňuz etini sowuklygyna iýýärdiler. Puly köpräkler bolsa
dermanhanadan satyn alnan bulgurjyklardaky koka-kolany ýarna edinip naharlanýardylar. Çyrçyrşak çagalar mähelläniň içinde başagaýlyk döredip biri-birlerini kowalaýardylar, bäbeklerini
emdirýän eneler hem görünýärdi. Meýdançanyň alys künjünde bolsa garaýagyzlar güneşläp, ümsüm
otyrdylar, olaryň günortanlyk nahary gowrulan takgaz balygyndan, guraksy kökeden ybaratdy,
özlerem ysly nihi-kola içýärdiler. Jenap Dolfus Reýmond hem olar bilen otyrdy.
Dill:
-Jim,-diýdi:-ol kagyz haltajykdan içýär!
Hakykatdanam jenap Dolfus Reýmond agzynda dermanhanada şerbetli içgileri içmek üçin berilýän
iki sany çeýnelýän sypaljygy saklap durdy, sypaljyklaryň beýleki ujy goňur kagyz haltajygyň içine
girip gidýärdi.
-Ilkinji gezek şeýle zady görýärin,-diýip Dill hümürdedi:-Haltajygynyň içinde näme barka? Özem ol
nädip dökülmeýärkä?
Jim pyňkyrdy.
-Onuň kagyz haltajygynda koka-kolanyň çüýşesi däl-de bir çüýşe şerap bar. Ol muny aýallaryň
tolgunmazlygy üçin şeýle edýär. Ine görersiň, ol uzakly günläp şeýle edip haltajygyndan şerap süzer
otyrar, soňra çete çekiler-de ýene-de çüýşesini doldurar-da, ýene-de içmäge başlar.
-O näme üçin reňkliler bilen otyr?
-Ol hemişe şeýle. Megerem olar oňa bizden has oňat ýaraýan bolmaly. Ol bir çetde, biziň
okrugymyzyň iň gyrak-bujagynda ýaşaýar. Onuň bilen reňkli zenan hem-de mulat -çagajyklaryň tutuş
bir topbagy ýaşaýar. Eger-de olar bärik gelseler men saňa görkezerin.
Dill:
-Daşyndan-a ol näkeslere çalym etmeýär-diýdi.
-Ol näkes däl, onuň öz ýer mülki bar, kenaryň ugrunda uly bölek, ol örän oňat maşgaladan gelip
çykýar.
-Onda näme üçin beýle ýaşaýar?
Jim:
-Sebäbi oňa şeýle ýaşamak has oňat ýaraýar-diýdi:-Aýdyşlaryna görä, ol öz öýleniş toýundan bäri
hiç serini durlap bilmeýärmiş. Ol Spenderleriň maşgalasyndan haýsydyr birine öýlenmeli
ekeni...Toýlaryny hem örän dabaraly, şagalaňly etmek isläpdirler, emma bolmandyr. Olar är-aýal
diýlip yglan edilenlerinden soň gelni öz otagyna galypdyr-da, aw tüpeňinden özüni atypmyş.
Mäşesini ýalaňaç aýagynyň barmagy bilen gysanmyş.
-A näme üçin, bilip bilmändirlermi?
Jim:
-Ýok,-diýdi:-jenap Dolfusdan özge hiç kim anyk bir zat aýtmaýar. Aýdyşlaryna görä, ol jenap
Dolfusyň şol garaýagyz aýaly barada eşidipmiş diýýärler. Ol bir wagtyň özünde garaýagyz zenany
özünde galdyryp, onuň üstesine-de ýene-de öýlenmegem isläpdir. Ine şondan bäri-de ol hemişe
serhoş ýagdaýda gezip ýör. Çagalar bilen bolsa ol juda rehimli...
-Jim,-diýip men soradym:-bi mulat diýýäniň näme?
-Ýarym ak ýarym reňkli adam. Sen olary gördüň ahyry, Gözlüje. Dermanhanadaky haryt paýlaýjyny
tanaýaňmy, şeýle çypar, saçy-da burum-burum bolup duran. Ine şol ýarym akýagyz. Olaryň
hemmesi-de betbagt.
-Näme üçin?
-Äý olar birhili ne balyk ne-de et ýaly, ne eýläk ne beýläk bir zat-da. Reňkliler-ä olary ýarym akýagyz
bolanlary üçin özleriniňki diýip hasaplamaýarlar, akýagyzlar bolsa olar reňkli bolandyklary üçin öz
aralaryna goşmaýarlar, ine şonuň üçinem olar olara-da beýlekilere-de gatyşyp-garyşyp bilmän
sermisal bolup ýörler. Jenap Dolfus bolsa iki çagasyny dagy demirgazyga ugradypmyş diýýärler.
Demirgazykda adamlar reňkliler bilen edil bärdäki ýaly jet däl. Serediň, ine ýene-de şeýleleriň biri.
Bize tarap garaýagyz aýal maşgala ýöräp gelýärdi, onuň elinden bolsa kiçijik oglanjyk aslyşýardy. Ol
maňa hakyky garaýagyzja çagajyk bolup göründi, doly şokolad reňkli, burnunyň deşikleri giňdi,
dişlerem lowurdap durdylar. Ol her ädiminde şadyýana bökjekleýärdi, garaýagyz zenan bolsa ony
bes etdirmek üçin aram-aram silterläp goýberýärdi.
Jim olar deňämizden ötýänçäler garaşdy-da:
-Ine şujagaz oglanjyk hem garnuwly mulatlardan-diýdi.
-A sen nireden bilýärsiň?-diýip Dill sorady:-Meniň pikirimçä ol sap garaýagyz.
-Kähalatlarda daşky keşbinden aýdyp bolmaýar, onuň kimdigini-de bilmek gerek. Ýöne ýaňky welin,
ýarym gany boýunça Reýmond, hak sözi aýdýan.
-Ýeri sen nireden bilýärsiň-ä?-diýip men soradym.
-Men saňa aýdýan ahyry, Gözlüje, ýöne bilýän.
-Sen onda belki bilýän dälsiň, belki-de bizem garaýagyzdyrys?
-Jek Finç kakam şeýle diýibem aýdýar, biz muny gutarnykly bilibem bilmeris. Ol aýdýar, onuň bilşine
görä biziň ata-babalarymyz akýagyz bolupdyrlar, aslyýetinde bolsa gadym döwürlerde biziň atababalarymyzyň ählisi hem Hebeşistandan gelip çykanmyşlar.
-Hymm, eger-de gadym döwürler bolsa onda ol zamanalar şeýlebir uzak bolýar welin, olary asla
hasaba almagam gerek däl.
Jim:
-Meniň pikirimçe hem şeýle,-diýdi:-Meýkombda bolsa eger-de seniň damarlaryňda ýekeje damja
garaýagyz gany bar bolsa, onda diýmek sen barybir garaýagyz diýip hasaplaýarlar. Eý, serediň
hany!...
Edil kimdir biri pynhan yşarat eden ýaly meýdançadaky adamlar güsürre ýerlerinden galdylar-da,
gazetlerini, iýmitden boşan kagyz hem sellofan dolaklaryny taşlaşdyrdylar. Çagajyklar ejeleriniň
ýanlaryna ylgaşyp bardylar, eneler bäbeklerini ellerine aldylar, gara-der bolan sypal başgaplaryny
tegeläp erkek kişiler edil çopanlar ýaly öz maşgalalaryny bir ýere jemläp, olary öňlerine salyp,
kazyýetiň binasynyň gapysynyň agzyna eltdiler. Meýdançanyň alysdaky künjünde garaýagyzlar we
jenap Dolfus Reýmond hem örboýlaryna galyp, jalbarlarynyň çaňynyn kakýardylar. Olaryň arasynda
aýallar we çagalar düýbünden ýok diýen ýalydy, şol sebäpli-de göwnüňe bolmasa olar hem edil
beýlekiler dek haýsydyr bir baýramçylyk şowhunyna tomaşa etmäge üýşen ýalydylar. Olar tä
akýagyzlar öz maşgalalary bilen geçip gutarýançalar gapynyň agzynda sabyrlylyk bilen garaşyp
durdylar.
Dill:
-Ýörüň şol ýere-diýdi.
Jim:
-Ýok, gowusy hemmeler girýänçä garaşalyň-diýdi:-Attikus, megerem bizi görse närazy bolmagy
ähtimal.
Okrug kazyýetiniň binasy az-kem Arlingtonyň radioýaýlymynyň jaýyny ýatladýardy: binanyň günorta
tarapynyň üçegini direýän sütünler öz ýeňiljek ýükleri bilen deňeşdireniňde çakdan aşa äpetdi.
Kazyýetiň 1856-njy ýylda ýanan köne binasynyň diňe sütünleri abat galypdy. Ýangyndan soňra ol
sütünleriň üstüne täze bina gurupdylar. Has takygy täze binany köne sütünleri nazara almazdan
gurupdylar. Binanyň haşamly girelgeli günorta tarapyny hasaba almanyňda meýkombyň okrug
kazyýetiniň binasy demirgazyk tarapyndan irki wiktoriýa döwrüniň nysagyna laýyklykda gurlandy we
beýlebir çygyryp duran gözdençykgynç däldi. Ýöne welin, eger-de onuň günorta tarapyndan barsaň
ýunanlaryň edähetine eýerilip gurlan sütünleri gözüňe dürtuip durdy, olar poslan, hemişe ters wagt
görkezip ýalan sözleýän uly sagatly XIX asyryň minarajygy bilen biri-birine öte gabat gelmeýärdiler.
Ýöne olaryň ählisi Meýkombyň ýaşaýjylarynyň geçmişiň her bir gyýkyndyjygyny mukaddeslik
hökmünde saklamaga biçak döwtalapdyklaryna şaýatlyk edýärdiler.
Kazyýetiň mejlisler otagynyň ikinji gatyna geçmek üçin dürli garaňky künjeklerden we hinlerden
geçip gitmelidi, okrugyň salgyt gözegçisi, salgyt ýygnaýjysy, okrugyň dolandyryş müdirliginiň kätibi,
okrug prokurory, göçme kätip, miras işleri boýunça kazy gün görünmeýän, çyg çeken kagyzyň,
hajathananyň we çyglylygyň ysy aňkap duran sowuk otagçajyklarda dykynyşyp otyrdylar. Bu ýerde
hatda gündizlerine-de çyrany ýakmalydy, otaglaryň astyny bolsa hemişe galyň tozan basyp durdy. Ol
hinlerde bolýanlar hem öz daşlaryny gurşaýan zatlara kybapdaşdylar, ol solgun reňkli çalkeşp
adamjyklara garanyňda göwnüňe bolmasa olary ömürboýy hiç haçan güneş gyzdyryp, şemal
çalmadyk ýaly bolýardy.
Biz kazyýet mejlisinde adamyň köp boljakdygyna düşünýädik, ýöne ymgyr mähelläniň mähnet
mejlisler otagyna sygman hatda dälizlere çenli doldurjakdygyny welin çaklamandyk. Meni Jim bilen
Dilliň ýanyndan itekläp alyp gitdiler, ýöne men eýdip-beýdip basgançaga münmegi başardym, sebäbi
beýgiräk, görünýän ýerde dursam Jimiň meni hökman tapjakdygyny bilýärdim. Ine şonda-da men
Bikärleriň gurnagynyň agzalarynyň arasyna düşdüm, men olaryň özüme üns bermezlikleri üçin
diwara ýelmeşdim. Olar ak köýnekli, haki reňkdäki, egnaşyr kemerli balakly garry adamlardy, olar
bütin ömürlerine hiç zat etmän gezipdiler, indem ýaşlarynyň soňunde meýdançada, wirgin
dublarynyň kölegesindäki agaç oturgyçlarda oturyp, şol öňki pişelerini dowam etdirýärdiler. Kazyýet
mejlisleriniň bolsa olar hemişelik gatnaşyjylarydylar, mejlisler otagynda oturyp her bir çykyşy üns
bilen diňleýärdiler we ilik-düwme tankytlaýardylar. Attikus: „olar şeýlebir köp ýyllar bäri mejlis yzyna
mejlis diňläp gelýärler welin, olaryň kanunlary bilişleri baş kazynyňkydan erbet däl“ diýýärdi. Adatça
kazyýet mejlislerinde şolardan özge işe dahylsyz adamlar gatnaşmaýardy diýen ýalydy, şoňa göräde olara özleriniň endikli rahat diňleýji durmuşlarynyň bozulandygynyň ýaramaýandygy mese-mäli
bildirip durdy. Gepleşenlerinde olar epeýlik hem-de bilimseklere mahsuslykda göwnüýetmezçilik
bilen gepleşýärdiler. Olaryň gürrüňi meniň kakam baradady.
-...pikir edýär, ol näme edýändigine düşünýändir diýip-diýip biri gepledi.
-Ýeri, ýeri, beýle-de diýmäň-diýip oňa beýlekisi garşy çykdy:-Attikus Finç alym ýigit, ol ertirden
agşama çenli kanunlary okaýar ahbetin.
-Hä, okamagy-ha ol oňarýar, megerem bar başarýany hem şol bolsa gerek.
Olar ala-pakyrdy bolup gülüşdiler.
-Ine men saňa näme aýdaýyn, Billi-diýip ýene-de biri gürrüňe goşuldy:-Ony kazy şol şar-garakirlini
goramaga belläpdir ahyry.
-Wah, hawa-la, ol bolsa hakykatdanam şony goramakçy bolýar. Ine şu maňa ýaramaýar.
Bu wajyp täzelikdi, sebäbi ol ähli zady üýtgedýärdi, diýmek Attikusdan onuň garaýagyzy kazyýetde
goramak isleýändigini ýa-da islemeýändigini soramandyrlaram, ony ýöne borçly edip goýaýypdyrlar!
Geň zat, ol näme üçin bize muny aýtmadyka, eger-de aýdan bolsady, onda bize ony we özümizi
goramak üçin aýdara-diýere bir zatlar bolardy ahyry! Ol şu işde aklawjy bolup çykyş etmäge borçly
ekeni, ol borjuny-da berjaý edýär, eger-de bizde şunuň ýaly güýçli delil öň bolan bolsady, onda biz
deň-duşlarymyz bilen häzirkimize garanyňda has azrak jetleşmeli bolardyk. Ýöne onda näme üçin
bütin şäheriň kakamdan ýaňa içi tütäp durka? Kazy Attikusy garaýagyz aklawjysy diýip belläpdir,
Attikus bolsa ony hakykatdanam goramaga taýynlanýar. Bu bolsa olara ýaramaýar. Bäh düşnüksizow!
Akýagyzlaryň ählisi basgançakdan ýokarylygyna çykýançalar garaşyp, olardan soň kazyýetiň
mejlisler otagyna garaýagyzlar girip başlamaga çemelendiler.
-Eý, eý, hany az-owlak aýak çekiň bakaly,-diýip Bikärleriň biri hüňürdedi-de, çaklaňja hasajygyny
göterdi:-Ýetişersiňiz entek.
Garrylar, haýallyk bilen, epilmeýän aýaklaryny zordan süýräp basgançak bilen galyp ugranlarynda
Dill hem-de Jim bilen pete-pet geldiler, olar meni agtaryp ýören ekenler. Oglanlar garrylaryň
arasyndan sümlüp geçdiler-de, Jim gygyrdy:
-Ýör Gözlüje, ol ýerde eýýäm oturara ýer ýok. Biz aýak üstünde durmaly bolarys...Eý seresap
boluňsana!-diýip ol gatyrganma bilen üstüne goşdy.
Basgançak bilen ýokarylygyna garaýagyzlar hereket edip başladylar. Olardan öňürden gojalar aýak
üstünde-de bolsa durmaga mümkinçilik bolan galan ähli boş ýerleri diýen ýaly eýelejekdiler. Biziňki
paşmady: „bu seniň günäň“ diýip Jim maňa hüňürdedi. Biz lapykeç halda diwara gysylyp durduk.
-Siz geçip bilmeýärsiňizmi?
Biziň öňümizde hormatly ata Saýks elinde gara sypal başgabyny saklap durdy.
Jim:
-Salam, siziň merhemetliňiz,-diýdi:-Biz ine şu sebäpli bärde galdyk.
-Ýeri näme, hany bir bu çykgynsyz işden baş alyp çykmaga size bir kömek etjek bolup synanyşalyň
bakaly.
Şeýle diýdi-de hormatly ata Saýks ýokaryk gitdi. Birhaýukdan soň ol dolanyp geldi.
-Mejlisler otagynda ýekeje-de boş ýer ýok. Ýöne belki-de siz meniň bilen ýokarky gatyň
eýwançasyna gidersiňiz?
Jim:
-Elbetde gideris!-diýdi.
Biz begenişip, giň basgançak bilen ýokarylygyna ylgaşyp gitdik, soňra has darrak basgançak bilen
ondanam ýokaryk çykdy. Şol ýerde, eýwançanyň girelgesiniň öňünde biz sägindik. Hormatly ata
Saýks demi-demine ýetmän haş-haşlap biziň yzymyzdan ýetdi-de, seresaplyk bilen bizi hümer
bolşup duran garaýagyzlaryň arasyndan geçirdi. Garaýagyzlaryň dört sanysy ýerlerinden turdylar-da
bize birinji hatardan orun berdiler.
Reňklileriň eýwançasy kazyýetiň mejlisler otagynyň üç diwarynyň ugry boýunça aýlanyp gidýärdi,
bärden bize hemme zat eliň aýasynda ýaly oňat görünýärdi.
Oturdaşlar çepde, beýik penjireleriň aşagynda otyrdylar. Megerem olaryň ählisi-de mülkdar
daýhanlar bolara çemeli, sebäbi ählisi-de hortap, mazaly güne ýanan adamlardy. Munuň şeýle
bolmagy-da öz-özünden düşnüklidi, sebäbi şäherliler hiç wagt diýen ýaly oturdaşlyga
saýlanmaýardylar, olara ýa ynam bildirmezlik bildirýärler ýa-da olaryň özleri özlerini bu wezipeden
boşatmaklaryny haýyş edýärdiler. Oturdaşlaryň iki sanysy bolsa sähelçe bezenip-beslenen
Kaningemlere çalym edýärdiler. Olaryň ählisi-de syryk ýuwdan ýaly gös-göni bolup oturyp üns bilen
diňleýärdiler.
Göçme prokuror, ýene-de bir adam, Attikus we Tom Robinson dagylar bize arkalaryny öwrüp
otyrdylar. Prokuroryň öňünde goňur daşly kitap we nähilidir bir sary kagyzlar ýatyrdy, Attikusyň öňi
boşdy.
Kazyýetiň düzümini otagdaky mähelleden bölýän germewiň aňyrsynda, gaýyş daşlykly oturgyçlarda
şaýatlar bize arkalaryny öwrüp otyrdylar.
Belentlikdäki orunda kazy Teýlor, edil ukuly akula çalym edip otyrdy, ondan biraz pesräkdäki orunda
bolsa onuň ýolbelet-balyjagy nämedir bir zatlary haýdap ýazýardy. Kazy Teýlor umuman, edil maňa
görmek miýesser eden beýleki kazylara çalymdaş, päkgöwünli, çap-çal saçly, çym-gyzyl ýüzli, ol
özüni hemişe örän seýrek duş gelýän zoňtarlyk bilen alyp barýardy, aýaklaryny gabat gelen ýere
taşlaýardy, dyrnaklaryny çakgy bilen alýardy. Taraplaryň tükeniksiz çekişmeleriniň dowamynda bolsa,
esasanam günorta naharyndan soňra göwnüňe bolmasa ol ymyzganyp, burny bilen däne çokýan
guşa çalym edýän ýaly bolýardy, ýöne öňde bir aklawjy ony oýarmak üçin bir topbak kitabyny
bilgeşleýinden ýere gaçyran bolaly bäri, onuň bu çeňňegine indi hiç kim düşmeýärdi. Şonda şol bir
bolşuny üýtgetmän, hatda gözüni-de açman, kazy Teýlor burnuna salyp hüňürdäpmiş:
-Jenap Uitli, indiki gezek şeýle oýnuňyz size ýüz dollara düşer!
Ol kanunlary ilik-düwme bilýärdi, daşyndan göräýmäge ünssiz hem harsal ýaly bolup görünse-de
islendik kazyýet seljerişiniň jylawyny mäkäm we ynamly ellerinde pugta saklaýardy. Diňe bir gezek
kazy Teýlor seljeren işinden baş alyp çykyp bilmän, petige diräp görüpdi, şol gezek onuň pirini kädä
gabanlar bolsa Kaningemlerdi. Köne Sareme, olaryň hemişelik eýelik edýän çäklerine nähilidir bir
dürli ýerlerden gelen maşgalalar göçüp barypdyrlar, ýöne iň ýeser ýeri olaryň familiýalary hem juda
çalymdaş ekeni. Kaningemler we Koningemler birek-biregiň gyzlaryna öýlenipdirler hem-de durmuşa
çykarypdyrlar, haýsy familiýanyň nähili ýazylýandygy-da hiç kimi düýbünden gyzyklanmandyr. Ine
günlerde bir günem haýsydyr bir Kaningem Koningemleriň biriniň ýer şahamçasy babatda jedel
gozgap, kazyýete ýüz tutupdyr. Kazyýet mejlisinde Jims Kaningem öz ejesiniň hakykatda Koningem
bolsa-da, dürs ýazuwda beýlebir ökde bolmandygy, az okandygy, diňe käteler bir eýwanda bir
nokada tiňkesini dikip oturmagy halandygy sebäpli ähli resminamalarda Kaningem diýip gol
çekendigi hakynda görkezme beripdir. Kazy Teýlor arasyny bölmän tutuşlygyna dokuz sagatlap
Köne Saremiň ýaşaýjylarynyň geň-taňlyklary barada görkezmeleri diňläpdir, soňam yglan edipdir: iş
bes edilýär diýip. Ondan sorapmyşlar: nämäniň esasynda, ol jogap beripmiş: taraplaryň özara
ylalaşandygy zerarly, soňam üstüne goşupmyş: „hamana jedelleşýänler diňe köpçüligiň içinde
göwnüne gelenlerini aýdyp, içlerini boşadandyklary üçinem öz talaplary kanagatlandyrylan diýip
hasap etmelidirler“ diýip. Şeýle hem bolupdyr. Asyl Kaningemler bilen Koningemleriň esasy maksady
hem şol ekeni.
Kazy Teýloryň bir gülkünç endigi bardy. Ol kazyýet mejlisiniň otagynda çilim çekmäge ygtyýar
berýärdi, ýöne özi hiç wagt çilim çekmeýärdi, emma käte şowlasa, onuň otlanmadyk çilimi dişleriniň
arasyna gysyp haýallyk bilen çeýneýşini görüp bolýardy. Şonda çilim ýuwaş-ýuwaşdan onuň agzyna
girip ýitip gidýärdi, birnäçe sagatdan soň bolsa kazy Teýlor ony sakgyç ýaly çeýnelen görnüşde ýere
tüýkürýärdi. Men bir gezek Attikusdan: „nädip hanym Teýlor onuň bilen öpüşip bilýärkä“ diýip
soradym, şonda Attikus: „olar beýlebir ýygy-ýygydan ogşaşyp hem durmaýarlarmyka diýýän“ diýip
jogap berdi.
Şaýatlaryň görkezme bermeli münberi kazy Teýloryň sag tarapyndan ýerleşýärdi, haçan-da biz öz
ýerimize baryp, oturanymyzdan soň jenap Gek Teýt örboýuna galdy.
xxxxx
Men:
-Jim,-diýdim:-hanha, hol ýerde oturanlar Ýueller dälmi?
Jim:
-Hüş-ş,-diýdi:-Jenap Teýt görkezme berýär.
Jenap Teýt bu günki wakanyň şanyna ykjam bezenip-beslenen ekeni. Onuň egnindäki iň adaty
penjek bolandygy sebäpli ol ähli beýleki adamlara çalym edýärdi, biziň gözümiz öwrenişen belent
gonçly ädikden, gaýyş penjekden, okly guşakdan nam-nyşan ýokdy. Şu pursatdan başlap men
ondan üýşenmegimi bes etdim. Ol şaýat kürsüde, biraz öňe ümzügini atyp, ellerini dyzlarynyň
arasynda gysyp oturyşyna, göçme prokurory üns bilen diňleýärdi.
Bu prokurory, jenap Jilmeri biz düýbünden tanamaýardyk diýen ýalydy. Ol Ebbotswildendi, biz ony
diňe kazyýet mejlislerinde, olam örän seýrek görýärdik, sebäbi Jim ikimizi kazyýet mejlisleri beýlebir
gyzyklandyryp barmaýardy. Jenap Jilmeriň saçy düşen kellesi lowurdap durdy, sakgal-murty tämiz
syrylandy, daş keşbinden bolsa oňa kyrk ýaşam, edil şonuň ýaly altmyş ýaşam bermek boljakdy. Ol
bu wagt bize arkasyny öwrüp durdy, ýöne biz bilýärdik, onuň bir gözi çaşydy, ol mundan örän
ugurtapyjylyk bilen peýdalanýardy hem, hakykatda ol saňa seretmeýär, emma göwnüňe bolmasa ol
seni gözi bilen burawlap, içiňi deşip gelýän ýaly bolup görünýär, şonuň üçinem oturdaşlar we
şaýatlar ondan gorkýardylar. Oturdaşlardyr-şaýatlar ol özlerine juda berk gözegçilik edýändir öýdüp
oýlanýarlar we üns berip diňlemäge çytraşýarlar.
-...öz sözleriňiz bilen jenap Teýt-diýip ol gepleýärdi.
-Ine onsoň,-diýip jenap Teýt öz dyzlaryna aýdyp berýän ýaly gepledi-de, äýnegini elledi:-Meni
çagyrdylar...
-Belki-de siz, oturdaşlara ýüzlenip görkezme berersiňiz, jenap Teýt? Sag boluň, minnetdar. Takyk
kim sizi çagyrdy?
-Meni Bob çagyrdy...ýagny, däninim, ine ol, jenap Bob Ýuel, bu agşamara bolupdy...
-Takyk haçan, jenap?
Jenap Teýt:
-Ýigrimi birinji noýabryň agşamsy,-diýdi:-Men edil şol wagt öýe gaýtmakçy bolup durdym, ine şol
pille-de meniň ýanyma Bo...jenap Ýuel gelip girdi, ýüzünde gan-pet ýok, „ýör bahymrak gideli, bir
şar-garakirli meniň gyzymy zorlaşdyrdy“ diýdi.
-Onsoň sizem gitdiňiz?
-Elbetde. Ulaga mündüm-de, eňdim.
-Onsoň siz wakanyň bolan ýerinde nämeleriň üstünden bardyňyz?
-Ol gapydan gireniňde sag gapdalyňdaky birinji otagda, ýerde ýatyrdy. Ol mazaly ýenjilen
ýagdaýdady, men oňa aýak üstüne galmaga kömek etdim welin, ol ýüzüni ýuwdy, şol ýerde, burçda
suwly setil durdy, onsoň ol biraz nepesiniň durlanandygyny aýtdy. Men ondan kimiň göwnüne
degendigini soradym, ol „Tom Robinson“ diýdi.
Kazy Teýlor şu pursada çenli üns bilen öz dyrnaklaryny synlap otyrdy, emma şondan soň edil
garşylyk bildirilmegine garaşýan ýaly başyny galdyrdy, emma Attikus dymýardy.
-...men soradym: „şol ony şeýle ýençdimi?“ diýip. Ol aýtdy: „hawa“ diýdi. Men soradym: „Ol
maksadyna ýetdimi?“ diýip. Ol aýtdy: „hawa“ diýip. Onsoň men Robinsonyň yzyndan gitdim we ony
Ýuelleriň öýüne getirdim. Ol bu şol diýip tanady we men ony alyp gaýtdym. Ine-de bar bolany.
Jenap Jilmer:
-Sag boluň, size minnetdarlyk bildirýärin,-diýdi.
Kazy Teýlor:
-Sorag barmy, Attikus?-diýdi.
Meniň kakam:
-Hawa,-diýdi.
Ol öz ornunda, aýagyny aýagynyň üstüne atyp otyrdy, onuň bir eli oturgyjynyň arkasyna goýulgydy.
-Siz lukmany çagyrdyňyzmy, şerif?-diýip Attikus sorady:-Ýa-da, belki, kimdir başga biri çagyrandyr?
Jenap Teýt:
-Ýok jenap,-diýdi.
-Hiç kim lukmany çagyrmadymy?
-Ýok, jenap,-diýip jenap Teýt gaýtalady.
-Näme üçin?-diýip Attikus has berkräk äheňde sorady.
-Munuň sebäbi örän ýönekeý. Munuň hiç hili derkary ýokdy, jenap Finç. Ol mazaly ýenjilen ekeni.
Ony gören dessiňe işiň işden geçendigi bildirip durdy.
-Ýöne siz lukmany çagyrmansyňyz? Siz şol ýerde wagtyňyz başga hiç kim hem lukmany
çagyrmandyr, lukmany alyp gelmändir we ony lukmanyň ýanyna alyp gitmändir, şeýlemi?
-Ýok, jenap...
Şu ýerde kazy Teýlor goşuldy:
-Ol siziň soragyňyza üç gezek jogap berdi, Attikus. Ol lukmany çagyrmandyr.
Attikus:
-Men diňe has takyk anyklamak isledim,-diýdi welin, kazy ýylgyrdy.
Jimiň eli rahatlyk bilen eýwançanyň germewiniň üstünde ýatyrdy, birdenem ol bar güýji bilen
germewe ýapyşdy-da, haşlap uludan demini aldy. Men aşak, mejlisler otagyna seretdim, ol ýerde hiç
kim üýtgeşik bir tolgunyp barmaýardy, onsoň men pikir etdim: „ol näme bärde beýden bolup pajygaly
sahna oýnan bolýarka?“. Dill arkaýynlyk bilen diňläp otyrdy, onuň ýanyndaky hormatly ata Saýks
hem şeýle.
-Saňa näme bolýar-a?-diýip men pyşyrdap soradym, ýöne Jim maňa jogap bermän gaýta gaharly
hüşşüldedi.
Attikus:
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 16
  • Parts
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 01
    Total number of words is 3841
    Total number of unique words is 2102
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 02
    Total number of words is 3827
    Total number of unique words is 2017
    29.3 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 03
    Total number of words is 3859
    Total number of unique words is 2027
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 04
    Total number of words is 3885
    Total number of unique words is 2047
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    47.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 05
    Total number of words is 3841
    Total number of unique words is 2023
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    40.3 of words are in the 5000 most common words
    47.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 06
    Total number of words is 3852
    Total number of unique words is 1981
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    46.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 07
    Total number of words is 3894
    Total number of unique words is 2053
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 08
    Total number of words is 3897
    Total number of unique words is 1975
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    47.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 09
    Total number of words is 3886
    Total number of unique words is 1975
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 10
    Total number of words is 3900
    Total number of unique words is 2012
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    40.7 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 11
    Total number of words is 3804
    Total number of unique words is 2027
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 12
    Total number of words is 3753
    Total number of unique words is 2094
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 13
    Total number of words is 3882
    Total number of unique words is 2070
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 14
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 2044
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    41.1 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 15
    Total number of words is 3779
    Total number of unique words is 2031
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    48.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 16
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 1993
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 17
    Total number of words is 3898
    Total number of unique words is 1817
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 18
    Total number of words is 3989
    Total number of unique words is 1828
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    49.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 19
    Total number of words is 3863
    Total number of unique words is 1979
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 20
    Total number of words is 3899
    Total number of unique words is 1979
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 21
    Total number of words is 3880
    Total number of unique words is 1973
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 22
    Total number of words is 3843
    Total number of unique words is 2030
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 23
    Total number of words is 3886
    Total number of unique words is 1981
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 24
    Total number of words is 3825
    Total number of unique words is 2038
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 25
    Total number of words is 3946
    Total number of unique words is 1886
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 26
    Total number of words is 3697
    Total number of unique words is 1784
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.