Latin

Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 10

Total number of words is 3900
Total number of unique words is 2012
29.5 of words are in the 2000 most common words
40.7 of words are in the 5000 most common words
47.6 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
gaharymy getirýär welin, ony duranja ýerinde özümiňem tary-mar edäýesim hem gelýär, ýöne egerde gowuja pikir edip otursaň ondan başga meniň hiç kimim ýok ahyry. Attikus bolsa megerem muňa
düybünden düşünmeýän bolmaly ýa-da oňa barybir bolmaly.
Bu kakamyň tarapyndan juda peslikdi. Ýöne haçan-da seniň başyňdan betbagtlyk inse sen örän tiz
ýadaýarsyň, şonuň üçinem men örän çalt onuň dyzyna mündüm-de gujagynda güýlündim welin, ol
meni gujaklady. Kakam:
-Sen indi ep-esli bolupsyň, şol sebäpli-de men seni gujagymda huwwalap bilmeýärin-diýdi.
Men:
-Oňa näme boljagy seniň azaryňa-da däl,-diýdim:-Ony dogry ölüme ugratdyň, ol bolsa seniň arkaňy
alyp şeýle hereket etdi.
Attikus meni has berkräk bagryna basdy welin, men onuň ýüzüni görüp bilmedim. Ol:
-Tolgunmaga howlukma,-diýdi:-Gör-ä muny, men asyl şujagaz zat üçin Jim gahar-gazaba erkini
elinden aldyrar diýip asla-da pikir etmeýärdim...Men gaýta sen maňa has köp biynjalyklyk döredersiň
öýdýärdim.
Men ondan: „Näme üçin-ä bu beýleki oglanlara gahar-gazaba erkini ellerinden aldyrmak bolýar, diňe
Jim ikimize bolsa bolmaýar?“diýip soradym. Attikus:
-Diňle, Gözlüje,-diýdi:-bahym tomus gelýär, şonda-da sen bu eşidýänleriňden has çökderräk zatlara
döz gelip, gahar-gazaba erkiňi eliňden aldyrmazlyk gerek bolar...Men bilýän, siziň ikiňiziň
başyňyzdan munuň ýaly erbetlikleri geçirmeli bolýandygyňyzyň adalatsyzdygyny, ýöne käteler öz
bolanja güýç-gaýratyňy bir ýere jemelemeli bolýan ýagdaýlary hem bolýar, biziň kyn pursatlarda
özümizi nähili alyp barýandygymyza-da bagly...umuman men saňa bir zady aýdaýyn: Jim ikiňiz uly
adam bolanyňyzdan soň, belki-de siz bu zatlaryň ählisini gowulykda ýatlarsyňyz-da meniň size
dönüklik etmändigime düşünersiňiz. Bu iş, Tom Robinsonyň işi biziň wyždanymyza çagyrýar...Egerde men ol adama kömek etmäge dyrjaşmasam, Gözlüjäm, men onda mundan buýana ybadathana
baryp, Hudaýa mynajat edip bilmerin.
-Attikus, megerem, seniňki ýalňyş öýdýän.
-O nähili?
-Neme-dä, ine hemmeler özleriniňkini dogry hasaplaýarlar, sen bolsa olaryňkyny ýalňyş hasaplap
diňe özüňkini dogrudyr öýdýärsiň...
Attikus:
-Olaryň şeýle pikirlenmäge haklary bar, olaryň pikiri-de hökmany ýagdaýda hormatlanmaga degişli,diýdi:-Ýöne meniň adamlar bilen mundan beýlägem bir jemgyýetde agzybir ýaşap bilmegim üçin,
meniň ilkinji nobatda öz-özüm bilen agzybir ýaşap bilmegim gerek. Ynsanda bolsa köpçülige tabyn
bolmaýan şeýlebir bir zat bar – oňa ynsap diýýärler.
Jim dolanyp gelende men entegem Attikusyň dyzynda otyrdym.
-Ýeri, nähili ogul?-diýip Attikus sorady.
Ol meni dyzyndan düşürende men Jimi gabak astyndan ogrynça synladym. Ol diridi hem-de amanesendi, ýöne ýüzi birhili geňdi. Belki, hanym Dýuboz ony içiňi sürýän ajy derman içmäge mejbur
edendir?!
-Men onuň howlusynda ähli zady aýryşdyrdym hem-de ötünç soradym, ýöne men barybir günäkär
däl. Men her şenbede onuň bagynda işlärin we özümiň zaýalan güllerimiň ýene-de ösmegi üçin
elimden gelenini ederin.
Attikus:
-Eger-de özüňi günäli duýmaýan bolsaň ötünç soramagam gerek däl ekeni,-diýdi:-Jim, ol syrkaw,
özi-de garry. Ol hemişe öz sözlerine hem-de eden işlerine jogap berip bilmeýär. Elbetde men onuň
gündizki aýdan sözlerini Gözlüje ikiňize däl-de maňa aýtmagyny isleýärin, ýöne durmuşda ähli zat
biziň isleýşimiz ýaly bolmaýar-da.
Jim halynyň ýüzündäki bägülden hiç gözüni aýryp bilmeýärdi. Ol:
-Attikus,-diýdi:-ol meniň özüne her gün kitap okap bermegimi isleýär.
-Kitap okap bermegiňi?
-Hawa, jenap. Meniň her gün mekdepden soň öýüne gelip, iki sagatlap daşymdan kitap okap
bermegimi isleýär. Attikus, bu hökman gerekmikä?
-Elbetde.
-Ýöne ol meniň öýlerine tutuş bir aýlap gatnamagymy isleýär ahyry.
-Diýmek bir aýlabam gatnarsyň.
Jim usullyk bilen köwşüniň burnuny halynyň ýüzündäki bägüliň şekiliniň edil ortarasyna diredi-de,
aýagyny basdy. Birsellem dymandan soňam:
-Bilýäňmi, Attikus, eger-de onuň öýüne köçeden seretseň, beýlebir erbedem däl, ýöne içinden
welin...hemme ýerde tümlük...hatda birhili ýüregiňi-de howladyberýär. Ähli ýerde-de kölegeler, hatda
otaglaryň ýokarysynda-da...
Attikus tutuksy ýylgyrdy.
-Saňa bu hökman ýaraýmaly, seniň hyýalbentligiň öte güýçli ösen ahyry. Sen olara baranyňda özüňi
Redlileriň jaýynda diý-de göz öňüňe getir-äý.
Duşenbe güni biz Jim bilen hanym Dýubozyň öýüniň ikinji gatyna belent basgançakdan galdyk, Jim
„Aýwengonyň“ bir jildi bilen ýaraglanyp, özüniň eýýäm bärde ähli zada beletligine buýsanyp barşyna,
çepden ikinji gapyny kakdy.
-Hanym Dýuboz!-diýip ol gygyrdy.
Jessi daşky gapyny açdy-da, ikinji gözenekli işigiň kildini ýazdyryp:
-Bu sizmi, Jim Finç?-diýdi:-Uýaňyzy hem getirdiňizmi? Men-ä dogrusy bilmedim welin...
Hanym Dýuboz:
-Ikisinem goýber-diýdi.
Jessi bizi içerik goýberdi-de, aşhana gitdi.
Biz bosagadan ätlän badymyza adatça nebit çyra ýakylýan, suwy susak bilen setilden susup alynýan
hem-de aklanmadyk kendirden düşekdaşylarda ýatylýan, köne, çyglylykdan ýaňa çüýrük jaýlarda
bolýan agyr, dymyljak ys ýüzümize haplap urdy. Bu ys hemişe-de meniň ýüregime wehim salýardy
we meni howsala düşürýärdi.
Otagyň çüňkünde misden ýatyş sekisi durdy, sekiniň üstünde hanym Dýuboz ýatyrdy. Belki, Jim
zerarly onuň haly teň bolandyr? Hatda bir pursatlyk men oňa gynanybam ugradym. Onuň üsti
ýumşak ýorganlaryň uly depesi bilen basyrylgydy, özem göwnüme bolmasa azak-tenek mähirli
garaýan ýalydy.
Sekiniň gapdalynda mermerden çaklaňja tekjejik durdy, onuň üstünde bolsa çaý çemçeli bulgur,
gyzyl rezinden gulaga derman damdyrylýan, içi pamykly guty hem-de polatdan, üç aýakly tow
berilýän sagat bardy.
-Görýän welin, sen öz çyr-çyrşak uýaňy hem yzyňa düşürip alyp geläýen ýaly-la, hä?
Hanym Dýuboz Jim bilen şeýle diýip salamlaşdy.
-Meniň uýam çyr-çyrşak däl, özümem sizden birjigem gorkamok,-diýip Jim asuda jogap berdi, özüniň
welin dyzlary sazanaklap durdy, men görýärdim.
Men pikir etdim kempir gaharlanyp sögünip başlar öýtdüm, emma ol diňe:
-Başlap bilersiň, Jeremi-diýdi.
Jim çybykdan örülen kürsüde oturdy-da, „Aýwengony“ açdy. Men ikinji kürsüni oňa ýakynrak
süýşürip, gapdalynda oturdym.
-Golaýrak otur,-diýip hanym Dýuboz Jime aýtdy:-Ine şu ýerde, sekiniň ýanjagazynda.
Biz golaýraga süýşdük. Men mundan öň hiç haçan ony şeýle golaý görmändim, şonuň üçinem
meniň dünýäde hemme zatdan beter ondan daşraga süýşesim geldi.
Ol öte eýmençdi. Ýüzi edil hapa ýassyk daşy ýaly çap-çaldy, dodaklarynyň çetlerinde sülekeýi
ýylpyldap, edil dagdan eňaşak gaýdýan buzluk ýaly, onuň eňeginiň iki tarapyndan aşaklygyna
assajadan syrygýardy. Ýaňaklarynda garrylykdan ýaňa goňur tegmiller bardy, reňksiz gözlerinde
kinniwanja ýiti garaçyklary edil iňňe ýaly sereden tarapyna çümüp barýardy. Elleri damar-damardy,
dyrnaklary bolsa ösüp gidipdir. Ol ýasama dişini ýerine oturtmandygy üçin ýokarky dodagy öňe
çykyp durdy, ol wagtal-wagtal aşaky dodagyny yza çekýärdi-de, onuň bilen ýokarky oturtma dişine
galtaşýardy. Şeýle edende onuň eňegi süýrelip öňe çykýardy we hyllygy has çalt syrygýardy.
Men oňa seretmezlige çalyşýardym. Jim Aýwengony açandan soň ony okap başlady. Men onuň
yzyndan gözüm bilen yzarlamaga synanyşdym, ýöne ol öte çalt okaýardy. Eger-de okap barýarka
düşnüksiz söz gabat gelse Jim onuň üstünden böküp geçýärdi, ýöne hanym Dýuboz ony säwliginiň
üstünde tutýardy-da, ony şol sözi harplap okamaga mejbur edýärdi. Jim megerem, eýýäm ýigrimi
minut çemesi dagy okap otyrdy, men bolsa birden-ä gurumdan ýaňa kakap giden diwar pejine,
birdenem penjirä, umuman hanym Dýubozy görmezlik üçin başga islendik ýere seredýärdim. Ol
soňabaka Jime barha we barha az düzediş berip ugrady, bir gezek bolsa ol jümläni ahyryna çenli
okamasa-da muňa aň salmady. Ol indi Jimi diňlemeýärdi. Men sekä garadym.
Hanym Dýuboza nämedir bir zat bolýardy. Ol arkanlygyna, eňegine çenli ýorgan bilen basyrylgy
ýatyrdy. Diňe kellesi bilen eginleri görünýärdi. Kellesi bolsa çalajadan kä saga, käte-de çepe
gyşarýardy. Arasynda-da hanym Dýuboz agzyny giňden açýardy welin, onuň diliniň nähili
gymyldaýandygy bildirýärdi. Onuň dodaklarynda sülekeýi ýygnanýardy welin, hanym Dýuboz ony
agzyna çekýärdi-de ýene-de agzyny açýardy. Göwnüňe bolmasa onuň agzy bedeninden aýry
durmuşda ýaşap, edil gaýtgyn wagtynda iki gatly balykgulak ýaly açylýardy we ýapylýardy. Birdenbirdenem ol agyz içinde şüle gaýnaýan ýaly „Pt...“ diýýärdi.
Men Jimiň ýeňinden çekdim.
Ol ilki maňa, soňra ýatyş sekisine äňetdi. Kelle ýene-de bize tarap öwrüldi welin Jim:
-Hanym Dýuboz siziň ýagdaýyňyz ýaramazlaşdymy?-diýdi.
Ol eşitmeýärdi.
Birdenem sagat jyňňyrdady welin, biz gorkudan ýaňa doňup galdyk. Birhaýukdan soň bolsa biz
henizem özümizi dürsäp bilmän, sermisal halda öýümize garşy mytdyldap barýardyk. Biz gaçyp
gaýtmandyk, bizi öýden Jessi çykarypdy, entek sagat jyňňyrdamagyny bes etmänkä, ol eýýäm
otagda desbi-dähil bolup bizi daşaryk itekläpdi. Ol:
-Gidiberiň, gidiberiň,-diýipdi:-Siziň öýňüze gaýdar wagtyňyz boldy.
Jim işikde biraz säginjek boldy.
Jessi:
-Onuň dermanyny işmeli wagty boldy-diýdi.
Gapy biziň yzymyzdan ýapyldy, ýöne men işigiň yşyndan Jessiniň haýdan-haý ýatyş sekisine tarap
ýönelendigini görüp galdym.
Biz öýümize dolanyp geldik, ýaňybir dörde ýigrimi bäş minut bar ekeni, şonuň üçinem biz tä Attikusy
garşy almaga çykmagyň wagty gelýänçä howlymyzyň ýeňse tarapynda top oýnadyk. Ol maňa iki
sany sary galam, Jime bolsa futbol žurnalyny getirdi, ol bize sowgatlary barada hiç zat aýtmady,
ýöne meniň pikirimçe bu biziň hanym Dýubozyň ýanynda oturandygymyz üçin bermit bolmalydy. Jim
Attikusa ähli zadyň nähili bolandygyny gürrüň berdi.
-Ol sizi gorkuzdymy?-diýip Attikus sorady.
Jim:
-Ýok, jenap,-diýdi:-ýöne ol şeýlebir ýürekbulanjy. Birhili onuň nähilidir bir tutgaýy bar ýaly. Özem
hemişe hyllygyny akdyryp dur.
-Ol günäkär däl. Haçan-da adam kesellikä oňa seretmek hemişe ýakymly bolup durmaýar.
Men:
-Ol örän eýmenç-diýdim.
Attikus maňa äýneginiň üstaşyr seretdi.
-Saňa Jim bilen gatnamak hökmanam däl.
Ertesi günem, soňkusy günem hanym Dýubozyňkyda şol bir zatlar gaýtalandy, şoňa görä-de biz
dura-bara öwrenişdik, hemme zat öz akymyna akýar, ilki hanym Dýuboz öz gülleri, biziň kakamyzyň
garakirlilere aşyk bolandygy baradaky gürrüň bilen Jimiň ýüregine-bagryna düşýär, soňabaka onuň
dili barha we barha haýal aýlanyp başlaýar, ol dymýar, soňra bolsa bizi düýbünden unudýar. Sagat
jyňňyrdaýar, Jessi gyssanmaçlyk bilen bizi işikden çykarýar, şondan soňam biz islän zadymyz bilen
meşgullanyp bilýäris.
-Attikus,-diýip men bir gezek agşam soradym:-garakirlileri söýýänçi diýmek näme?
Attikus örän çynlakaý keşbe girdi:
-Seni kimdir biri şeýle diýip atlandyrýarmy?
-Ýok jenap, ýöne hanym Dýuboz seni şeýle atlandyrýar. Ol her gün saňa „garakirlileri söýýänçi“ diýip
sögünýär hem-de gaharlanýar. Maňa bolsa täze ýylyň öňisyrasynda Frensis şeýle sögündi, men öň
bu sözi ýeke sapar eşidibem görmändim.
-Şonuň üçinem sen şonda Frensisiň eýini ýetirdiňmi?-diýip Attikus sorady.
-Hawa, jenap...
-Onda näme üçin sen ol sözüň manysyny soraýarsyň?
Men düşündirip ugradym, şonda meni bu söz däl-de Frensisiň ony aýdyş äheňi guduzlana
dönderipdi.
-Ol edil maňa „sümgüriji“ ýa-da şoňa meňzeş bir zat diýip sögen ýaly boldy.
-Bilýäňmi, Gözlüje,-diýip Attikus aýtdy:-„garakirlileri söýýänçi“ edil „sümgüriji“ diýen söz ýaly manysyz
söz. Saňa nädip düşündirsemkäm...Biderek, nadan adamlar özlerine garanyňda garaýagyz
adamlara artykmaç gowy garaýan adamlara garakirlileri söýýänçi diýýärler. Haçan-da has gödegräk,
ynjylyrak lakamy oýlap tapmakçy bolanlarynda şol söz bilen biziň ýaly adamlary atlandyrýarlar.
-Ýöne hakykatda sen garakirlileri söýýänçi däl ahyry?
-Elbetde men garaýagyzlary söýýärin. Men hatda ähli adamlary söýmäge çalyşýaryn... Käwagtlar
men barada örän erbet zatlary-da aýdýarlar... Düşünýäňmi körpejäm, eger-de kimdir biri seni onuň
özüne paýyş sögünç bolup görünýän söz bilen atlandyrýan bolsa-da, bu düýbünden mertebäňe
degildigi däl. Bu göwnedegiji hem däl, diňe şol adamyň näderejede ejizdigini görkezýär. Şonuň
üçinem sen haçan-da hanym Dýuboz sögünýärkä gynanma. Onuň özüniňem betbagtlyklary ýetikdir.
Bir gezek, takmynan bir aý geçenden soňra, Jim jenap Walter Skauty (ol ony şeýle atlandyrýardy)
tamamlap barýarka, hanym Dýuboz bolsa onuň her bir sözüne aslyşyp, düzediş berip ýatyrka,
birdenkä gapy kakyldy.
-Giriberiň!-diýip ol çirkin sesi bilen gygyrdy.
Bu Attikusdy. Ol ýatyş sekisine ýakynlady-da, seresaplyk bilen hanym Dýubozyň elini gysyp:
-Men işden gelýärdim-de, görsem, çagalarym meni garşylamaýarlar,-diýdi:-men şeýle-de pikir etdim,
olar megerem bärde bolsalar gerek diýip.
Hanym Dýuboz oňa ýylgyrdy. Men ugur-utgamy ýitirdim, nädip hanym Dýuboz kakam bilen beýle
parahat gepleşip bilýärkä, onuň ony jyny almaýar ahyry?!
Hanym Dýuboz:
-Sagadyň näçe bolandygyny bilýärsiňizmi, Attikus?-diýdi:-Ylaýyk altydan on dört minut işleýär, sagat
bolsa altyň ýaryna gurulgy. Şuny göz öňünde tutaýyň.
Men birdenkä düşündim, ýogsa-da her gün biz hanym Dýubozyň ýanynda geçen günden köpräk
eglenýäris ahyry, her günem sagat öň ýanyndaky günden bäş minut giç jyňňyrdaýar, şoňa çenli
bolsa hemişe onuň tutgaýy tutup başlaýar. Bu gün bolsa ol tutuş iki sagatlap diýen ýaly Jimiň
aňkasyny aşyrdy, tutgaýy bolsa henizem tutmaýar, gör biz nähili elhenç duzaga düşüpdiris ahbetin!
Birdenkä, şeýlebir gün gelägetdin, sagat düýbünden jyňňyrdamasa näme, şonda biz näme etmeli
bolarys-a?!
Attikus:
-Meniň göwnüme bolmasa Jim takyk bir aýlap size kitap okap bermelidi öýdýän?-diýdi.
Hanym Dýuboz:
-Ýene-de bir hepde bolaýsa kem bolmaýjak ýaly,-diýdi:-has mäkäm bolmagy üçin...
Jim ýerinden böküp turdy.
-Ýöne...
Attikus elini galdyrdy welin, Jim lam-jim boldy. Öýmüze gaýdyp barýarkak ol ylaýjak bir aý kitap okap
bermek barada şertleşilendigini, bir aýyňam geçendigini, munuň jyzmak bolýandygyny aýtdy.
Attikus:
-Ýene-de bary-ýogy birje hepde, ogul!-diýdi.
Jim:
-Ýok!-diýdi.
Attikus:
-Hawa!-diýdi.
Indiki hepde biz ýene-de hanym Dýubozyň öýüne gatnadyk. Sagat mundan beýläk jyrlamaýardy,
hanym Dýubozyň özi: „Besdir!“ diýýärdi-de, bizi goýberýärdi, biz öýmüze gaýdyp baranymyzda-da
Attikus eýýäm öz kürsüsinde oturyp gazet okaýardy. Hanym Dýubozyň tutgaýynyň tutmagy kesilen
bolsa-da ol öňküsi ýaly çydar dagy eder ýaly däldi. Haçan-da jenap Walter Skott galalary hem-de
garymlary tükeniksiz şekillendirmeklige başlanda ony tukatlyk basmarlap ugraýardy we ol bizi
igelemäge oturýardy:
-Men saňa aýtdymmy, Jeremi Finç, sen meniň güllerimi mynjyradanyňa müň gezek puşeýman
eýlärsiň diýip? Indi bir ökünýärsiňmi, hä?
Jim: „onda-da nähili ökünýärin“ diýip jogap gaýtarýardy.
-Sen pikir etdiň, meniň „dag garjagazymy“ müdimilik ýok edensiň öýdüp, hä? Ine onda saňa, Jessi ol
gülümiň ýene-de gunçalara beslenendigini aýtdy. Sen indiki sapar bu işe nädip has ykjam
çemeleşmelidigini bilersiň gerek, hä? Gülümi köki-söki bilen gopararsyň gerek, hä?
Jim jogap berýärdi: „Hawa hökman“.
-Burnuňa salyp myňňyldama! Meniň göni gözüme seret-de: „Hawa, hanym!“ diýip jogap ber. Äý
ýogsa-da, şeýle kakaň barka sen nireden adamlaryň göni garaçygyna dikilip bilersiň diýsene!
Jim kellesini dikeldip, nazaryny hanym Dýubozyň nazary bilen çaknyşdyrýardy, onuň ýüzündenem
gaharynyň gelýändigi düýbünden bildirmeýärdi. Geçen hepdeleriň dowamynda ol hanym Dýubozyň
iň gorkunç hem göz öňüne getirip bolmajak ajy sözlerini ine şeýle parahat we sypaýy keşpde
diňlemägi öwrenipdi.
Ine-de ahbetin şol köp garaşylan gün gelip ýetdi. Bir gezek hanym Dýuboz aýtdy:
-Besdir,-diýdi-de üstüne goşdy:-Indi boldy. Ýene-de görüşýänçäk hoş sag boluň.
Gerşimizden dag aýrylan ýaly bolaýdy! Biz aýagaldygyna öýümize ylgadyk, ylgap barşymyza-da
şatlykdan ýaňa bökjekläp gygyryşýardyk.
Bu bahar ajaýypdy, günler günsaýyn uzaýardy we biziň oýun üçin wagtymyz günbe-günden
köpelýärdi. Jim çensiz-çaksyz möhümligi bolan hasaplamalar bilen yzygiderli meşgullanýardy, ol
tutuş Amerikanyň talyplar toparlaryndaky ähli pökgüçileri ýatdan bilýärdi. Her gün agşam Attikus bize
gazetleriň sporta bagyşlanan sahypalaryny daşyndan okap berýärdi. Çak edilýän düzüme görä (biz
hatda ol oýunçylaryň atlaryny-da aýdyp bilmeýärdik), Alabama ştatynyň topary, göwnümize bolmasa,
bu tomusda Bägül baýragy gazanaýjak ýaly. Bir gezek agşam, Attikus Uindi Sitonyň maglumatynyň
ýarysyna çenli okanda, bize jaň geldi.
Attikus telefonda gepleşdi-de, daşky otaga çykyp, geýim asylýandan sypal başgabyny aldy-da:
-Men hanym Dýubozyň ýanyna barýaryn,-diýdi:-Tiz dolanaryn.
Ol gitdi. Men eýýäm birmahal düşegime geçmelidim, ol bolsa heniz bolup dolanyp gelemýärdi.
Haçan-da dolanyp gelende bolsa onuň elinde kemput gutusy bardy. Ol myhman otagyna geçdi,
oturdy, gutuny öz kürsüsiniň ýanynda ýerde goýdy.
-Oňa näme gerek boldy?-diýip Jim sorady.
Biz hanym Dýubozy bir aýdan gowrak wagt bäri görmeýärdik. Biz olaryň deňesinden näçe gezek
geçsegem ol indi jaýynyň ikinji gatyndaky açyk meýdançada oturmaýardy.
Attikus:
-Ol aradan çykdy, ogul!-diýdi:-Ýap-ýaňyja.
Jim:
-Hä...-diýdi:-Gowy-da.
Attikus:
-Sen hak aýdýarsyň, bu örän gowy,-diýdi:-Ol mundan beýläk jebir çekmeýär. Ol juda uzak wagtlap
hassa ýatdy. Bilýärsiňmi, onuň tutgaýlarynyň näme sebäpli tutandygyny?
Jim başyny ýaýkady.
Attikus:
-Hanym Dýuboz morfiý neşekeşidi,-diýdi:-Köp ýyllaryň dowamynda ol endamynyň agyrysyny azowlak köşeşdirmek üçin morfiý sanjym edýärdi. Oňa bu melhemi lukman ýazyp beren ekeni. Ol tä
ömrüniň soňky günlerine çenli morfiý ulanyp bilerdi hem-de jan berende-de beýle jebir-jepa çekmän
bilerdi, emma onuň öte erkin hem garaşsyz häsiýeti bardy...
-O nähili?-diýip Jim sowal berdi.
Attikus aýtdy:
-Seniň goparan hokgaňdan biraz önräk ol menden wesýetnama düzüp bermegi haýyş etdi. Lukman
Reýnolds oňa bary-ýogy iki-üç aý ömrüniň galandygyny aýdan ekeni. Onuň ähli maddy işleri
aňrybaşy tertiplidi, ýöne ol diýdi: „Ýekeje kemçilik bar“.
-Nähili kemçilik?-diýip Jim düşünmän sorady.
-Ol dünýäden hiç kime we hiç zada hiç hili borçsuz-bergisiz gitmek isleýändigini aýtdy. Haçan-da
adam, agyr kesellikä, Jim, ol öz çekýän jebir-jepasyny azda-kände ýeňletmek üçin islendik serişdäni
ulanmaga hakly, ýöne hanym Dýuboz welin, başgaça netijä geldi. Ol amanadyny tabşyrmazyndan
öňünçäsi özüniň bu endigini taşlajakdygyny aýtdy, taşlady hem.
Jim aýtdy:
-Diýmek, onuň tutgaýy şol sebäpli tutýan ekeni-dä?
-Hawa, şol sebäpli. Haçan-da sen oňa daşyňdan okaýarkaň, ol köplenç ýeke sözüňi hem
eşitmeýärdi. Ol tutuş durky-düýrmegi bilen sagadyň jyňňyrdaryna garaşýardy. Eger-de sen onuň
girisine düşmedik bolsaňam, men barybir seni hanym Dýuboza kitap okap bermäge mejbur ederdim.
Belki-de bu her niçik-de bolsa azda-kände onuň ünsüni sowandyr. Onsoňam ýene-de bir sebäp
bardy...
-Şeýdibem ol erkin halda aradan çykdymy?-diýip Jim sorady.
Attikus:
-Edil şemal ýaly,-diýdi:-Özem tä demi sogrulýança huşundan gitmedi.
Ol ýylgyrdy:
-Özem arasyny üzmän käýindi ýatdy. Meni her hili edip ýazgardy we meniň elimde seniň jenaýatçy
bolup ýetişjekdigiň, özümiňem ömrümiň ahyryna çenli seni zamuna alyp ýaşamaly boljakdygym
barada welilik satdy ýatdy. Ol Jessä seniň üçin şu gutyny taýýarlamagy tabşyrdy...
Attikus eglip, kemput gutusyny galdyrdy-da, ony Jime uzatdy.
Jim gutyny açdy. Onuň içinde, çyg pamygyň üstünde, gar ýaly ap-ak, aňyrsy görnüp duran dup-dury
güljagaz „dag gary“ ýatyrdy.
Jimiň tas gözleri hanasyndan çykýardy. Ol güli zyňanyny duýman galdy.
-Garry melgun!-diýip ol gygyryp goýberdi:-Ýeri, ol näme üçin meni günüme goýmaýar ahyry?
Attikus çaltlyk bilen ýerinden turdy-da, onuň üstüne egildi, Jim onuň kükregine ýüzüni berdi.
-Hüş-ş, ýuwaş,-diýip Attikus onuň başyny sypady:-Meniň pikirimçe ol munuň bilen saňa: „Hemme zat
gowy, Jim, indi hemme zat gowy“ diýmek islän ýaly. Bilýäňmi, ol hakykatdanam hakyky hanymdy.
-Hanymdy?-diýip Jim başyny galdyrdy. Ol edil gaýnadylan leňňeç ýaly çym-gyzyldy:-Ol sen barada
şeýlebir erbet zatlary diýýärdi, şondan soňam ol seniň pikiriňçe hakyky hanymmydy?
-Hawa. Ol, belki-de edil meniňki ýaly dälem bolsa, köp zatlara özüçe garaýardy...Ogul, men saňa
ýaňam aýtdym, eger-de şonda sen gahar-gazaba erkiňi eliňden aldyrmadyk bolsaň-da men barybir
seni hanym Dýuboza kitap okap bermek üçin onuň ýanyna ugradardym. Men seniň onda bar bolan
käbir häsiýetlere akyl ýetirmegiňi, seniň hakyky mertligi görmegiňi we mertligiň diňe haçan-da
adamyň elinde ýarag barlygy bilen ölçelmeýändigine göz ýetirmegiňi isläpdim. Mertlik – bu haçan-da
utulandygyňy öňünden bilýänem bolsaň, onda-da barybir, jahanyň ähli bela-beterleriniň garşysyna
gidip, soňy ýeňliş bilen tamamlanýan işe ýapyşyp, ahyryna çenli gidişmekdir. Şeýle ýagdaýda örän
seýrek, juda seýrek halatlarda ýeňäýýän ýagdaýlaryň hem bolýar. Hanym Dýuboz bolsa ýeňdi. Onuň
öz ynanjyna görä, ol hiç kime we hiç zada hiç hili bergisiz ýogaldy. Men şeýle mert adama şundan
öň hiç haçan duşup görmändim.
Jim ýerden gutyny göterdi-de, ojaga oklady. Güljagazy-da galdyrdy, haçan-da men ýatmak üçin öz
otagyma gidenimde ol şol bir oturan ýerinden gülüň açylan ýaprajyklaryny seresaplyk bilen sypalap
otyrdy. Attikus bolsa gazet okaýardy.
IKINJI BÖLÜM
Jim indi on iki ýaşapdy. Indi onuň bilen oňuşmak juda kyndy, ol birden-ä gaharlanýardy, birdenem
hum ýaly çişip öýkeleýärdi, onuň keýpi günde on bäş gezek üýtgeýärdi. Özi-de açgözlük bilen
şeýlebir köp iýýärdi welin, oňa seretmegem gorkunçdy, hemişe-de maňa: „Meniň ýüregime
düşme!“ diýip jabjynýardy. Şol zerarly-da men ahyry bir gün çydaman Attikusdan soradym:
-Belki, onuň içine gaharjaň gürji güjük girendir?
Attikus jogap berdi:
-Ýok, Jim ýöne ulalýar, şonuň üçinem biraz sabyr-kanagatly bolmaly we oňa azrak azar bermeli.
Özi-de, Jim bary-ýogy bir aýyň dowamynda şeýle özgerdi. Hanym Dýubozy golaýda jaýlapdylar, Jim
oňa daşyndan kitap okap bermäge gatnaýarka bolsa ol meniňem özi bilen hanym Dýubozlara
gatnaýandygymdan örän hoşal ýalydy. Birdenem, tas bir gijede diýen ýaly onuň nähilidir birhili täze,
düşnüksiz ynançlary peýda bolup, Jim olary meniň boýnuma-da dakyp ugrady, käbir ýagdaýlarda
bolsa ol hatda maňa öwüt-nesihat hem berip başlady: „Şuny eýt, muny beýtme!“. Bir gezek biz
jedelleşip ugradyk welin, Jim ulyili bilen gygyryp ugrady:
-Özüňi gyzjagazlara mahsus alyp barmagy öwren ahyry, senem! Indi bir çen boldy, saňa-da!
Men möňňürip goýberdim-de, Kelpurniýanyň ýanyna ylgadym.
-Sen jenap Jim zerarly beýlebir gaty bozulma-da!-diýip ol başlady.
-J-e-n-a-p-p?!
-Hawa, ol eýýäm jenap bolup barýar ahbetin.
Men:
-Jenap bolmak üçin heniz onuň boýy ýetmeýär,-diýdim:-Oňa diňe oňatja edip şekerlije şapbat
dadyrmaly, meniň bolsa beýtmäge güýjüm ýetmeýär, sebäbi men entek beýlebir uly däl.
Kelpurniýa:
-Jenap Jim günsaýyn ulalýar, bu ýerde-de körpejäm, edip biljek zadyň ýok,-diýdi:-Indi onuň
özbaşyna gezesi geler, onuň öz ýaşyrynja işleri ýüze çykyp başlar, ähli oglanjyklaryň bolşy şeýle.
Sen bolsa, haçan-da ýüregiň gysyp ugrasa, bärik gel-äý. Biziň ikimize şu ýerde-de näçe isleseň iş
tapylar.
Tomus juda erbedem bolmaýjak ýalydy, Jim bolsa, goý islänini edibersin, Dill gelýänçä men
Kelpurniýa bilenem eýdip-beýdip günümi görerin. Ol hatda men aşhana baranymda begenäýýänem
ýalydy, men bolsa onuň aşhanada gydyrdanyp ýörşüne seredip oýlanýardym: „Görýän welin,
gyzjagaz bolmak beýlebir aňsadam däl ýaly“.
Ine-de tomus geldi, Dill bolsa henizem gelmeýär, gelmeýär. Diňe hat bilen suratjyk ugratdy. Ol täze
kaka edinipdir, surat şonuňky ekeni. Dill tomus Meridianda galmaly boljakmyş, sebäbi kakasy ikisi
balyk tutmak üçin gaýyk ýasanmagy ýüreklerine düwenmişler. Dilliň täze kakasy Attikus ýaly
aklawjymyş, ýöne garry dälmiş. Suratda Dilliň kakasy örän ajaýyp bolup görünýärdi, Dilliň ony
edineni örän gowy bolaýypdyr, ýöne meni welin bu habarlar zerarly lapykeçlik basmarlaýardy.
Hatynyň ahyrynda Dill meni ebedi söýjekdigini, meniň gynanmaly däldigimi, özüniň birneme pul
toplanyndan soň gelip maňa öýlenjekdigini, şonuň üçinem özüne hat ýazmagymy haýyş edýändigini
ýazýardy.
Elbetde, men barybir onuň gelinligi bolmagyma galýaryn, ýöne eger-de Dill bu ýerde bolmasa munuň
şatlygy az. Öň men näme üçindir üns bermändirin, tomus asyl, haçan-da Dill köljagazyň kenarynda,
ýüp owradylyp ýasalan çilimi çekip oturanda başlaýan eken-ä! Şeýle otyrka onuň gözleri ýyldyrap
ugradygy hem onuň Betnyşan Redlini öýünden aldap çykarmak babatda ýene-de bir hokgany oýlap
tapandygy mese-mälim düşnükli bolýardy. Ondan başga-da tomus – bu Jim ýaňybir başga ugra
ünsüni sowan dessine Dilliň meniň ýaňagymdan howlukmaç şapbyldatmagydy. Käte-käteler biz
onuň bilen biri-birimizden aýrylykda ýeke pursadam ýaşap bilmeýärdik. Dill bilen bilelikdäki durmuş
ýönekeý hem düşnüklidi, onsuz bolsa hatda ýaşasyň hem gelmeýärdi, gussany çekip-çydar ýaly
däldi. Şol sebäpli-de men tutuş iki günläp dagy betbagt boldum.
„Durnanyň üstüne urna“, ştatyň kanunçykaryjy ýygnagy hem haýsydyr bir nobatdan daşary
maslahatyna ýygnandy welin, Attikusam iki hepdelik gitmeli boldy. Gubernatoryň kellesine
arassaçylyk işlerini geçirmek hakynda duýdansyz pikir gelip, ol döwlet gämisiniň astyna ýelmeşen
käbir balykgulaklardan saplanmak isläpmiş, Birmingemde bolsa işçileriň oturyp iş taşlaýyşlary
başlanypdyr, şäherlerde bolsa mugt çorba bilen bir bölek çörege nobata durýan işsizleriň hatarlary
barha uzalýardy, mülkdar daýhanlar bolsa barha beter gedaý düşýärdiler . Ýöne bu hadysalaryň
ählisi-de Jim ikimizden juda daşdaky dünýäde bolup geçýärdi.
Günlerde bir günem biziň aklymyzy haýran edip, „Montgomeri edwertaýzer“ gazetinde ýaňsyly,
kemsidiji surat peýda boldy, onuň aşagynda-da „Meýkombyň Finçi“ diýen ýazgy bardy. Suratda
Attikus aýakýalaň, gysga jalbarçada, zynjyr bilen parta çatylan halda, grifel tagtanyň ýüzüne nämedir
bir zatlar ýazýan görnüşde şekillendirilipdir, haýsydyr bir ýeňilkelle gyzgajazlar bolsa gygyryşyp ony
kemsidýärdiler hem-de wejera edýärdiler.
-Bu waspnama,-diýip Jim düşündirdi:-Ol hemişe başga hiç kimiň boýun almaýan işlerinde aklawjy
bolup çykyş edýär.
-O nähili?
Özüniň ähli täze tapynan häsiýetleriniň üstesine Jim edil ýeriň ýüzünde tenha özi akylly dek, şeýlebir
çakdan aşa epeýsiräp başlapdy welin, edil ýöne içiň tütäberýärdi.
-Bu bar-a, Gözlüje, edil okrugda salgyt ulgamyny üýtgedip guramak we şuňa meňzeşler ýaly bir zatda. Adamlaryň aglaba köpüsi munuň bilen düýbünden gyzyklanmaýarlar.
-A sen nireden bilýärsiň?
-Ýeri, bes etsene, ýüregime düşme, görmeýärsiňmi, men gazet okaýaryn ahyry.
Ýeri bolýar, goý, seniň diýeniň bolsun. Men onuň ýanyndan aşhana gitdim. Kelpurniýa nohudyň
daşyny arassalap otyrdy, birdenem ol diýdi:
-Ýeri, indi dynç güni men sizi näme ederin, siz ybadathana nädip giderkäňiz?
-Örän ýönekeý gideris. Attikus bize ybadathanada sadaka bermek üçin pul goýup gitdi ahyry.
Kelpurniýa gözlerini süzdi welin, men bada-bat onuň pikirlerini ýordum.
Men:
-Kel,-diýdim:-sen bilýärsiň ahyry, biz özümizi örän oňat alyp bararys. Biz eýýäm nijeme ýyllar bäri
ybadathanada garagolluk etmeýäris ahbetin.
Megerem, Kelpurniýa şol ýagyşly ýekşenbe gününi ýadyna salan bolara çemeli, biz şol gün ýeke
özümiz galypdyk, ýanymyzda ne kakamyz, ne-de mugallymamyz bardy. Biz bütin klas bolup
klasdaşymyz Ýunis Enn Simpsony äpet bug gazany ýerleşýän jaýa eltipdik we ony oturgyja daňyp
goýupdyk. Soňra bolsa ony şeýle halda goýup gaýdandygymyzy undup, ýokarky gata galypdyk-da
melul bolup wagyz diňläpdik. Birdenem aşakdan gulagyňy kamata getirip gelýän goh-galmagal,
gümmürdi ýaňlanyp başlapdy, ybadathananyň ýerzemininiň niresindedir bir ýerinde nämedir bir zat
bilen ýyladyş ulgamynyň demir tokurtgalary ýenjilýärdi. Şol pille kimdir biri bu gohuň sebäbini
bilmäge gidipdi we Haktagalanyň döreden ýagty ýalançysyna Ýunis Enni çykarypdy. Şonda ol
özüniň mundan beýläk güzap çekýän ýagşyzada bolup oýnamak islemeýändigini yglan edip, Jim
Finçiň eger-de ynanjyň päk hem köp bolsa, hatda oda-da ýanmajakdygyňy aýdandygyny, özüniň
ynanjynyň gereginden artygam kändigini, ýöne ýerzeminde juda yssydygyny aýdypdy.
-Onsoňam, Kel, Attikus bizi ilkinji gezek ýeke galdyrmaýar ahyry!-diýip men garşylyk görkezmegimi
dowam etdirdim.
-Hawa, ýöne ol her gezek siziň mugallymaňyzyň ybadathanada boljakdygyny anyk bilýärdi ahyry. Bu
gezek bolsa ol hiç zat aýtmady, megerem ýadyndan çykaran bolsa gerek.
Kelpurniýa alada bilen ýeňsesini gaşady. Birdenem ýylgyrdy.
-Belki-de, siz ertir jenap Jim ikiňiz meniň bilen ybadathana gidersiňiz?
-Çyndanammy?
-Görýän welin, sen garşy däl ýaly-la?-diýip Kelpurniýa güldi.
Her şenbe güni, agşam Kel meni yhlas bilen gazalap-gazalap ýuwýardy, emma bu gün welin, ol özözündenem ozdurdy. Tutuşlygyna iki sapar meni gaýym sabynlady, her gezegem meniň sabynymy
ýuwmak üçin suwuny çalşyrdy, meniň kellämi legene sokup, müşki-anbar ysly saçýuwluk bilen
ýuwdy. Ol eýýäm birnäçe ýyl bäri Jimiň suwa düşende öz-özüni oňarýandygyna bil baglaýardy, ýöne
bu agşam welin ony-da barlamaga gitdi. Jim muňa edil ot alana dönäýdi:
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 11
  • Parts
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 01
    Total number of words is 3841
    Total number of unique words is 2102
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 02
    Total number of words is 3827
    Total number of unique words is 2017
    29.3 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 03
    Total number of words is 3859
    Total number of unique words is 2027
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 04
    Total number of words is 3885
    Total number of unique words is 2047
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    47.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 05
    Total number of words is 3841
    Total number of unique words is 2023
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    40.3 of words are in the 5000 most common words
    47.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 06
    Total number of words is 3852
    Total number of unique words is 1981
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    46.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 07
    Total number of words is 3894
    Total number of unique words is 2053
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 08
    Total number of words is 3897
    Total number of unique words is 1975
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    47.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 09
    Total number of words is 3886
    Total number of unique words is 1975
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 10
    Total number of words is 3900
    Total number of unique words is 2012
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    40.7 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 11
    Total number of words is 3804
    Total number of unique words is 2027
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 12
    Total number of words is 3753
    Total number of unique words is 2094
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 13
    Total number of words is 3882
    Total number of unique words is 2070
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 14
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 2044
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    41.1 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 15
    Total number of words is 3779
    Total number of unique words is 2031
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    48.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 16
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 1993
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 17
    Total number of words is 3898
    Total number of unique words is 1817
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 18
    Total number of words is 3989
    Total number of unique words is 1828
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    49.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 19
    Total number of words is 3863
    Total number of unique words is 1979
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 20
    Total number of words is 3899
    Total number of unique words is 1979
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 21
    Total number of words is 3880
    Total number of unique words is 1973
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 22
    Total number of words is 3843
    Total number of unique words is 2030
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 23
    Total number of words is 3886
    Total number of unique words is 1981
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 24
    Total number of words is 3825
    Total number of unique words is 2038
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 25
    Total number of words is 3946
    Total number of unique words is 1886
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 26
    Total number of words is 3697
    Total number of unique words is 1784
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.