Latin

Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 21

Total number of words is 3880
Total number of unique words is 1973
30.5 of words are in the 2000 most common words
43.1 of words are in the 5000 most common words
49.9 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
-Attikus,-diýdi:-näme üçin biz we hanym Modi ýaly adamlar hiç haçan oturdaş bolmaýarlar? Biziň
şäherlilerimiz hiç wagt bolmaýarlar, olary diňe haýsy-da bolsa bir itiň ölen gyrak-bujagyndan
getirýärler.
Attikus özüniň hiňňildik-kürsüsine ornaşykly ýaplandy. Ol näme üçin Jimden örän razydy. Ol:
-Men hälden bäri seniň bu zada pikir edip ýeteriňe garaşyp otyrdym,-diýdi:-Munuň örän köp sebäbi
bar. Ilkinji nobatda hanym Modi zenan bolandygy üçin ol oturdaş bolup bilmeýär…
Men örç alyp galdym.
-Näme Alabamada aýallar bolmaly dälmişikmi?...
-Hut şeýle. Men güman edýän, bu kada biziň näzijek hanymlarymyzy ine şu Tom Robinsonyň işi dek
hapa zatlardan goramak üçin bolaýmasa. Onsoňam,-diýdi-de Attikus gülümsiredi:-zenanlar oturdaş
bolan halatynda biz ýekeje kazyýet seljerişini hem ýüzlerçe ýyllabam ahyrlap bilmerismikäk diýip
men gorkýan, hanymlarymyz bize maý bermän sowal yzyna sowal ýagdyrarlar oturarmyka diýýärin.
Jim ikimiz hahahaýlap başladyk. Hanym Modi – oturdaş, muny birje gezek göräýsedik! Pahyr
bolmadyk bolsa, hanym Dýuboz bolsa özüniň tigirçekli kürsüsinde oturan ýerinden: “Bu tükeniksiz
tarkyldyňy bes et, Jon Teýlor, men bu adamdan käbir zatlary soramakçy bolýaryn” diýip hüňürdär
oturardy. Görýän welin, şu iş-dä biziň ata-babalarymyz örän parasatly hereket edipdirler-ow.
-Biziň ýaly adamlar barada aýdanyňda bolsa, bize-de şol hasap boýunça töleg geçmek zerur
bolarmyka diýýärin,-diýip Attikus dowam edýärdi:-Biz özümiziň mynasyp bolýan oturdaşlarymyzy
hem alýarys. Birinjiden, biziň edermen, gaýduwsyz meýkomblylaryň biçak biperwaý. Ikinjiden, olar
gorkýarlar. Onsoňam olar…
-Näme üçin gorkýarlar?-diýip Jim sorady.
-Hymm…mysal üçin, aýdaly jenap Link Diz, hanym Reýçeliň hanym Modä, aýdaly eger-de ol ony
ulag bilen kakdyran bolsa näçe öweztölegini tölemelidigini kesgitlemeli bolýar. Linkiň öz
alyjylaryndan hiç haýsy bilen arasyny bozasy gelmez ahyry, dogrumy? Ine onsoň ol şonuň üçinem
kazy Teýlora özüniň kazyýet mejlislerine gatnaşyp bilmejekdigini, sebäbi özüniň dükanyny goýmaga
adamsynyň ýokdugyny aýdýar welin, kazy Teýloram ony bu borjundan boşadýar. Dogry, ol elbetde
kähalatlarda muňa gaharlanýar hem, ýöne barybir köpleri şol borçdan azat edýär.
-Ýöne näme üçin jenap Diz hanym Modi ýa-da hanym Reýçel ondan haryt satyn almaklaryny bes
ederler diýip pikir edýär?-diýip men soradym.
Jim:
-Men anyk bilýärin, hanym Reýçelä bes eder welin, hanym Modi bes etmez,-diýdi:-Attikus, ýöne
oturdaşlaryň haýsynyň näme üçin ses berýändigi gizlin syr ahbetin.
Kakam ýylgyrdy.
-Saňa entek köp zada akyl ýetirmek gerek, ogul. Hawa, elbetde, bu syr diýlip hasap edilýär, ýöne
oturdaş bolanyndan soň adam belli bir netijelere gelmeli we olary yglan etmeli. Adamlar bolsa beýle
etmegi halamaýarlar, sebäbi bu zat elmydama ýakymly bolup durmaýar.
-Tom babatda welin, oturdaşlar elbetde, howul-hara netije çykaran bolsalar gerek,-diýip Jim
hümürdedi.
Attikus sagat salynýan kisejigine elini ýetirdi.
-Ýok, olar gyssanmaç däldiler,-diýip ol içinden diýen ýaly pyşyrdady:-Düşünýäňmi, hut şonuň üçinem
men pikir etdim: belki-de bu her niçik-de bolsa başlangyçdyr diýip. Oturdaşlar bir ýa-da iki sagat dälde ep-esli wagtlap maslahatlaşdylar. Hökümiň başgaça däl-de, hut şeýle çykaryljakdygy megerem,
öňünden belli bolsa-da bolandyr, ýöne adatça şeýle işler boýunça oturdaşlaryň maslahaty bary-ýogy
birnäçe minut dowam edýär. Bu gezek welin…-Attikus ýarym sözde dymdy-da, bize seretdi:-Belki-de
size muny bilmek gyzykly bolar, şol ýerde bir oturdaş bar ekeni, beýlekiler ony özleri bilen
ylalaşmaga zordanjyk yraýpdyrlar…başda ol Tomuň gepsiz-gürrüňsiz aklanylmagyny talap edipdir.
-Be, kimkä ol?-diýip Jim geň galdy.
Attikusyň gözleri şadyýanlyk bilen ýylpyldaşyp gitdiler.
-Dogrusy size muny aýtmak gereg-ä däldi welin, men onda-da aýdaýaýyn. Bu Köne Saremden siziň
bir dostuňyz.
-Kaningemlerdenmi?-diýip Jim sesinde baryny edip gygyrdy:-Şolardanmy…men olardan hiç kimi
kazyýet mejlisinde görmedim ahyry…Ýok, sen oýun edýänsiň-le!-diýip ol gabak astyndan Attikusa
seretdi.
-Ol şolaryň ýakyn garyndaşy. Men bar-a edil birhili duýan ýaly şoňa ynam bildirmezlik bildirmedim.
Edil bar-a gönüden-göni syzan ýaly. Men oňa ynanmazlyk bidirip bilýärdim, ýöne bildirmedim.
-Aklym haýran-a!-diýip Jim geň galdy:-Birden-ä, edil ýap-ýaňyja olar ony tasdanam kazyýetsizbeýlekisiz eden-etdilik bilen öldürýärdiler, ýeke pursat yz ýanynda bolsa ony erkinlige goýberjek
bolup dyzap ýatyrlar…Äý ýok-la, men bu halkyň nähili jemendedigine ömürbaky hem düşünmerin-le!
Attikus: “olary diňe mazalyja bilmek gerek” diýdi. Ol ýene-de: “Kaningemler Täze Dünýä göçüp gelen
döwürlerinden bäri olar hiç kimden hiç zat diläp almandyrlar, hiç kime öýkünmändirler. Ýene-de bir
zat: eger-de kimde-kim olaryň hormatyna mynasyp bolaýsa onda olar şol adam üçin özlerini oda-da,
suwa-da urmaga taýýar bolýarlar” diýdi. Attikus onuň göwnüne bolmasa, has dogry aýdanyň-da
onuň ujypsyzja çaklamasyna görä, şol gije, olar türmäniň öňünden yzlaryna gaýdanlarynda olaryň
Finçlere bolan hormaty megerem bir gez dagy beýgelen bolaýmasa diýdi. Onsoňam diýdi, diňe
gudrat Kaningemi niýetinden dänderip bilýär, ol hem beýleki bir Kaningem bilen agyz birikdirip,
jübütleşip onuň ýolundan çyksa diýdi.
-Eger-de şol düzümde iki sany Kaningem bolan bolsady, onda oturdaşlar hiç haçanam şeýle hökümi
çykaryp bilmezdiler.
-Onsoň senem oturdaşlaryň arasynda bir-iki gün öň ýanyndan seni öldürmek islän adamyň
bolmagyna ýol berip, oňa ynanmazlyk bildirmediňemmi?-diýip haýaljakdan gepledi:-Sen nädip beýle
töwekgelçilik edip bildiň ahyry, Attikus sen nädip beýle edip bildiň?
-Eger-de ýagşyja pikirlenip görseň, bärde beýlebir ullakan töwekgelçiligem ýok ahyry. Eger-de olaryň
ikisi-de işi kazyýetde seljerilýäne aýyplaw hökümini çykarmaga taýýar bolsa olaryň ikisiniň arasynda
näme tapawut bar? Ýöne welin, ine aýyplaw hökümini çykarmaga taýýar adam bilen ugur-utgasyny
ýitiren adamyň arasynda welin, her niçik-de bolsa tapawut bar ahyry, ylalaşýaňmy? Oturdaşlaryň
bütin sanawynda men diňe şol babatda onuň “günäkär” diýip ses berjekdigini ýa-da bermejekdigini
anyk bilmeýärdim.
-Ol jenap Uolter Kaningemiň nämesi?-diýip men soradym.
Attikus ýerinden turdy-da, gerindi, pallady. Heniz hatda biziň ýatar wagtymyz bolmandy, ýöne
onuňam ukusy tutsa-da entek birneme gazet okasy gelýärdi. Ol gazeti ýerden göterdi-de, meniň
ýeňseçukuryma mähir bilen kakyp goýberdi.
-Häzir hasaplap göräýeris,-diýip ol war-war etdi:-Hä, ine. Iki-ikiden iki gezek doganoglan dogany.
-O nähili?
-Iki uýa iki dogana durmuşa çykypdyr. Men saňa mundan artyk hiç zat aýtmakçy däl, galanyna
düşünmek üçin özüň kellejigiňe agram sal.
Men oýlandym, oýlandym, şeýlebir köp oýlandym welin, hatda kelläm agyryp gitdi, ahyrynda-da,
eger-de men Jime durmuşa çykan bolsam, Dilliň bolsa uýasy bolan bolsa, olam öz uýasyna öýlenen
bolsa, onda biziň çagalarymyz iki-ikiden iki gezek doganoglan doganlar bolardylar diýen netijä
geldim.
-Gör-ä muny, Jim,-diýip men Attikus gideninden soň aýtdym:-Bu Kaningemleriň täsindigini diýsene,
sen aýtma! Ejeke, siz eşitdiňizmi?
Aleksandra ejem gaňyrçak bilen halyjyk dokaýardy we bize seretmese-de biziň gürrüňimize gulak
gabardýardy. Ol özüniň kürsüsinde otyrdy, onuň tikin-çatynly sebetjigi bolsa ýanynda, ýerde durdy,
çitýän halyjygy dyzynyň üstünde ýazylgydy. Men hiç wagt näme üçin hakyky asylly hanymlaryň tüp
yssyda ýüňden halyjyk örmek bilen meşgul bolýandyklaryna hiç düşünip bilmän geçdim.
Ol:
-Hawa eşitdim,-diýdi.
Şol pille-de şol birmahalky, özümiň Uolter Kaningem-kiçisine kömege topulan şowsuz wakam
ýadyma düşdi. Meniň şonda şeýle hereket edenim nähili oňat bolupdyr.
-Ine biz mekdebe gideris welin, men Uolteri bize günortanlyk naharyna çagyraryn,-diýip men ilkinji
gezek sataşan dessimize ýagşyja edip onuň suwuna degmek barada öz-özüme eden kasamymy
düýbünden undup yglan etdim:-Has gowusy bolsa ony biziňkä myhmançylyga sapakdan soň hem
çagyryp boljak. Soňra bolsa Attikus ony Köne Sareme alyp gider. Belki-de onuň haçanam bolsa bir
wagt bizde agşamlyk ýatmaga-da galmagy mümkin, bolýarmy, Jim?
Aleksandra ejem:
-Muny soň görübereris,-diýdi.
Bu sözler ejekemiň dilinde wadany däl-de haýbaty aňladýardy. Men haýran galdym:
-Näme üçin beýle etmeli dälmişik, ejeke? Olar gowy adamlar ahyry.
Ol maňa özüniň iş äýneginiň üstaşyr äňetdi.
-Men olaryň gowy adamdyklaryna birjik-de şübhelenmeýärin, Jin Luiza. Ýöne olar biziň deňimiz däl.
-Ejekem, olar gödeňsi diýmekçi bolýar, Gözlüje,-diýip Jim düşündirdi.
-A o näme boldugy, “gödeňsi” diýmek?
-Äý gödek diýen ýaly bir zat-da, aýdym-sazy has çasly aýtdyrmagy halaýan we şuňa meňzeş-dä.
-Wiý munyň dagy nämejik, menem aýdym-saz gaty aýtdyrmagy halaýan…
-Samsyk zatlary gürleme, Jin Luiza,-diýip Aleksandra ejem goşuldy:-Bärde esasy özeni, eger-de
hatda Uolter Kaningemi lowurdap duran derejä çenli ýuwup-ardyp, oňa köwüş hem täp-täzeje penjek
geýdirseňem, ol barybir Jim ýaly bolmaz. Onsoňam Kaningemleriň ählisi serhoş ediji içgilere çakdan
aşa ýykgyn edýärler. Finçleriň kowmunyň zenanlary bolsa beýle adamlar bilen düýbünden
gyzyklanmaýarlar.
-E-j-e-k-e!-diýip Jim süýndürip goýberdi:-onuň entek dokuz ýaşy hem dolmadyk ahyry.
-Bolanda näme, onda-da goý bilsin.
Aleksandra ejem bilen jedelleşmegiň hiç hili peýdasy ýokdy. Men bada-bat onuň soňky sapar meniň
ýoluma böwet bolşuny hakydama getirdim. Şol gezegem men onuň näme üçin beýle edendigine hiç
düşünip bilmedim. Men şonda Kelpurniýanyň öýüne görme-görşe gidip görmegi arzuw edipdim,
sebäbi onuň nähili ýaşaýandygyny, onuň dostlaryny görmegiň, onuň myhmany bolmagyň höwesinde
men bilesigelijilikden ýaňa eddil ýöne duran ýerimde takga janym çykyp barýardy. Ýöne ejekem üçin
welin, bu zady edil asmandan aýy goparyp eliňe alan ýaly mümkin däl zada öwürdi oturyberdi. Bu
gezek Aleksandra ejem başgaça hereket edýärdi, ýöne onuň maksady welin, şol öňküdi. Belki-de ol
bize dost saýlamakda kömek etmek üçin biziňkä göçüp gelendir?
-Eger-de olar oňat adamlar bolsa näme üçin men Uolter bilen özümi gowy alyp barmaly dälmişim?
-Men saňa onuň bilen özüňi erbet alyp barmagy teklip etmedim. Sen onuň bilen edepli, sypaýy bol,
sebäbi hemmeler bilen mylaýym bolmak gerek, gowujam. Ýöne ony öýmüze çagyrmagyň welin
derkary ýok.
-Ejeke, a eger-de ol biziň garyndaşymyz bolan bolsa name?
-Ol biziň garyndaşymyz däl, ýöne bolaýan ýagdaýynda-da men barybir saňa şu aýdanlarymy
aýdardym.
-Ejeke,-diýip Jim goşuldy:-Attikus: “dostlaryň-a saýlaýaň welin, garyndaşlaryňy saýlap bolmaýar-da,
olary ykrar et, etme, barybir tapawudy ýok, olaryň seniň garyndaşlaryň, olar bilen gatnaşyk
saklamazlyk bolsa barypýatan akmaklyk” diýýär.
Aleksandra ejem:
-Bu sözlerde siziň kakaňyzy tanaýan, tüýs şonuň diýäýjek zady-da bi,-diýdi:-ýöne men barybir ýenede bir gezek gaýtalaýaryn, Jin Luizanyň Uolter Kaningemi bu öýe çagyrmagynyň düýbünden derkary
ýok. Goý ol onuň üçin iki gezek ýa-da üç gezek doganoglan bolaýsyn, eger-de ol Attikusyň ýanyna
bir iş bilen geläýmese barybir ony öz öýüňde kabul etmegiň geregi ýok. Şunluk bilenem şu babatda
bes ediň.
Bu gadaganlyk doly hem gutarnyklydy, ýöne indi ejekem her nämede bolsa maňa düşündirmeli bolar.
-Ejeke, eger-de meniň Uolter bilen oýnasym gelýän bolsa, näme üçin bu maňa gadagan?
Aleksandra ejem äýnegini aýyrdy-da, meniň göni garaçygyma dikilip:
-Ine näme üçin,-diýdi:-Sebäbi ol nä-ä-kes. Ine näme üçin men saňa onuň bilen oýnamaga rugsat
bermeýärin. Men onuň bilen tirkeşmegiňe, ondan ýaman endikleri öwrenmegiňe, ýene-de ondan
Hudaý bilsin nähili zatlary özüňe gylyk edinip almagyňa ýol bermerin. Seniň kakaň şonsuzam seniň
bilen hysyrdysy ýetik.
Men bilemok, eger-de Jim bolmadyk bolsa men şol pursat nämeler ederdim. Ol meni egnimden
çekip saklady-da bir eli bilen gujaklap, öz otagyna alyp gitdi. Soňra Attikus meniň güýçsüz gahardan
ýaňa möňňürip aglaýandygymy eşidip, işikden boýnuny uzatdy. Jim gaharly:
-Bu hiç-le, jenap,-diýdi:-ol muny ýöne şeýle edýär.
Attikus sesini çykarman ötägitdi.
-Me, al, Gözlüje,-diýip jübüsini dörüşdirdi-de sakgyç çykardy. Men ony dessine agzyma dykyp
çeýnedim-de, onuň tagamyny duýdum.
Jim öz otagyny tertipleşdirip başlady. Onuň maňlaýyndaky we ýeňsesindäki saçy dim-dik bolup
durdy. Megerem, ol saç eger-de Jim olary syranyndan soň bolaýmasa hiç haçanam hakyky erkek
kişiniňki ýaly gelşiklije bolup ýelmeşip ýatmasa gerek, diňe syrylyp täzeden çykandan soňra onuň
saçy edil bolmalysy ýaly gelşikli ösmegi mümkin. Onuň gaşlary-da birhili soňky döwür has gürelen
ýalydy, onuň özi hem birhili inçejik bolup, şol ýokarylygyna dartylyp, dartylyp barýardy.
Ol yzyna gaňryldy, megerem men ýene-de möňňürip başlaryn öýden bolmagy ähtimal:
-Men saňa häzir bir zatjyk görkezeýin. Ýöne sen hiç kime aýdaýmagyn,-diýdi.
Men: “näme görkezjek?” diýip soradym welin, ol uýaljaň ýylgyrdy-da, köýneginiň iliklerini ýazdyrdy.
-Ýeri näme?
-Näme görmeýärsiňmi?
-Ýok, men-ä hiç zat göremok.
-Gyllara seret ahyry.
-Nirede?
-Ine ahyry!
Ol ýap-ýaňyja-da meni köşeşdirip otyrdy, şonuň üçinem men onuň göwni üçin hiç zat görmesem-de:
“waý gowudygyny” diýen boldum.
-Hakykatdanam gowuja, Jim.
Ol:
-Goltugymyň aşagyndanam çykýar,-diýdi:-Geljek ýyl, nesip bolsa eýýäm futbol oýnabermeli bolar.
Gözlüje, sen ejekemden öýkeleme, bolýarmy.
Göwnüme bolmasa ol dek-düýnüň özünde maňa meniň özümiň ejekemiň gaňryşyna gaýtmaly
däldigimi aýdyp duran ýalydy-la.
-Düşünýäňmi, ol heniz gyzjagazlara öwrenişmändir. Has takygy seniň ýalylara nähili
çemeleşmelidigini bilmeýär. Ol senden hakyky asylly hanym ýasasy gelýär. Belki-de sen oňa eglişik
edip, tikin-çatyna ýa-da şoňa meňzeş bir bolgusyzlyga güýmenen kişi bolsaň nädýär-ä, hä?!
-Belany ederin! Ol meni görse içi tütäberýär. Goý tütese tütäpler geçäýsin. Ýaňy welin men onuň
hamana Attikusyň şeýle-de meniň bilen hysyrdysynyň ýetikdigi hakynda aýdan sözleri üçin däl-de,
Uolter Kaningem üçin guduzladym, näme üçin ol oňa “näkes” diýip sögdi. Attikus ikimiz bir gezek ol
hysyrdy-pysyrdy barada oňatja düşünişdik. Men ondan: “hakykatdanam seniň men zerarly hysyrdyň
köpmi?” diýip soradym, ol aýtdy, “beýlebir köpem däl, gaty” diýdi, onsoňam goý men öz ýanymdan
oňa meniň bilen meşgullanmak kyndyr öýdüp ýörmäýin diýdi. Ýok, ýaňky bolsa Uolter üçin-le…Jim,
ol hiç hilem, birjigem näkes däl. Ol Ýuel ýaly däl ahyry.
Jim köwşüni çykardy-da, aýagyny ýatyş sekisiniň üstüne galdyrdy. Arkasynyň aşagyna ýassyk
goýdy-da, başujundaky çyrany ýakdy.
-Bilýäňmi näme, Gözlüje? Men indi gowy akyl ýetirdim. Men kän-kän pikir etdim, pikir etdim-de, ine
ahbetinem göz ýetirdim. Ýeriň ýüzünde adamlaryň dört sany görnüşi bar. Adaty ynsanlar – ine biz
we goňşularymyz ýalylar, soňra Kaningemler ýaly tokaý ýaşaýjylary, onsoň zibilhanadaky Ýueller
ýalylar, onsoňam ýene-de garaýagyzlar.
-A onsoň hytaýlardyr, Bolduin okrugynda ýaşaýan kanadalylar näme?
-Men Meýkomb okrugy barada aýdýan. Bu ýerde-de iň erbet ýeri: biziň-ä Kaningemleri,
Kaningemleriň bolsa Ýuelleri halamaýandygymyzda, Ýuelleriň bolsa garaýagyzlardan ýaňa aňyrsy
bärsine gelýändiginde.
Men şonda: “onda näme hemme oturdaşlar Kaningemler ýaly bolsalar-da diňe Ýuelleriň içini ýakmak
üçin Tomy aklamadylar?” diýdim.
Jim maňa göwnüýetmezçilik edip, edil kiçijik çaga eden ýaly, elini salgap goýberdi-de:
-Bilýäňmi, men Attikusyň radioda saz goýberenlerinde Attikusyň aýaklaryny çalajadan ýere urup
assyrynlyk bilen raks oýnandygyny gözüm bilen gördüm,-diýdi:-onsoňam ol sajyň düýbünde
nahardan galan ýanyk galyndylary syryp alyp iýmegi çenden artyk gowy görýär…
Men:
-Onda diýmek, bizem Kaningemler ýaly-da,-diýdim:-Onda näme ejekem…
-Ýok, garaş, garaş, şonuň ýaly, şoňa çalymdaş bolsa-da, edil beýle-de däl. Attikus bir gezek
ejekemiň biziň maşgalamyzyň asyllylygy hem arassalygy bilen öwünmeginiň düýp sebäbi biziň
bolanja mirasymyzyň diňe arassa gelip çykyş bilen aňrymyzda gara şaýynyňam ýoklugy üçin diýip
aýdypdy.
-Men barybir düşünmeýärin, Jim…Attikus bir sapar maňa: “kowmuň gadymylygy barada bu ähli gepgürrüňleriň hemmesi diňe bir bolgusyz samsyklyk, hemme kowumlar hem birmeňzeş gadymy ahyry,
olaryň hiç biri-de düýn ýa-da şu gün emele gelmän, öz gözbaşlaryny adamzadyň dörän döwründen
alyp gaýdýarlar ahbetin” diýipdi, menem şonda: “iňlislerde-de, tenleri başga reňklilerde-de şeýlemi?”
diýip soradym. Olam aýtdy: “elbetde” diýdi.
Jim:
-Gelip çykyş – bu kowmuň gadymylygy bilen bir zat däl,-diýdi:-men pikir edýärin, bu ýerde ähli zat
seniň maşgalaň köp wagt bäri okap-ýazyp bilýänliginde ýa-da bilmeýänliginde bolmaly. Gözlüje,
meniň bu zatlaryň üstünde näçe kelle döwenimi sen bir bilsediň, ahyrynda gelen netijäm hem ine şu
boldy. Gadym zamanlarda, entek Finçler Müsürde ýaşan döwürlerinde, olaryň arasyndan haýsydyr
biri, megerem iki-üç sany iýeroglifi öwrenendir, soň bolsa şolary öz ogluna öwredendir,-diýdi-de Jim
güldi:-Göz öňüňe getirip gör, ejekem, öz atasynyň atasynyň atasynyň okap hem ýazyp bilendigine
buýsanýar…Şü aýallar bilen bar-a ýöne içiňi gyrara getirip gülüp ýörmeli-dä, gör-ä olar nämä
buýsanýarlar!
-Onuň şony başarandygy-da gowy-da, ýogsa Attikusy we biziň ata-babalarymyzyň hemmesine kim
öwrederdi, eger-de Attikus okamagy-ýazmagy bilmedik bolsa, biziň ikimiziň başymyza gör nähili
günler düşerdi. Ýok, Jim, meniň pikirimç-ä, oňat gelip çykyş bu seniň ýaňky diýýänleriň-ä däl bolmaly.
-Onda seniň pikiriňçe, biz Kaningemlerden nämämiz bilen tapawutlanýarys ahyry? Jenap Uolter
kynlyk bilen goluny çekýär, meniň özüm gözüm bilen gördüm. Biziň maşgalamyz diňe olaryňka
garanyňda has öňräkden bäri okap hem ýazyp gelýäris.
-Ýöne hiç kim doglanynda sowatly bolup dogulmaýar ahyry, hemme kişä ilkibaşdan okap öwrenmek
zerur ahbetin. Uolter bolsa, sen bilýäňmi onuň nähili ukyplydygyny, ýöne onuň kähalatlarda
beýlekilerden yza galýandygynyň sebäbi ol kakasyna kömek etmek üçin sapaklardan galmaly bolýar.
Ýöne şeýle seredeniňde bolsa olam edil beýlekiler dek, adam ýaly adam. Ýok, Jim, meniň pikirimç-ä
hemme adamlar birmeňzeş. Hemmesem adam. Ynsan.
Jim tersine döndi-de, ýumrugyny ýassyga urdy. Haçan-da ýene-de yzyna öwrülende bolsa onuň ýüzi
gara bulut çöken ýaly garalyp durdy. “Ol ýene-de başlady-ow” diýip men oýlandym, men bilýärdim, ol
şeýle ýagdaýdaka onuň bilen seresabrak bolandan gowusy ýokdy. Gaşlary bürüşip durdy, dodaklary
büzülip, inçejik sapaga dönüpdi. Ol uzak wagtlap dymyp ýatdy.
Ahbetinem ol:
-Seniň ýaşlaryňdakam menem şeýle pikir edýärdim,-diýdi:-Eger-de hemme adamlar birmeňzeş bolsa,
onda näme üçin olar biri-biri bilen oňşup ýaşaşyp bilmeýärler? Eger-de hemmeler kybapdaş bolsa,
onda näme üçin birek-biregiň öňünde hondanbärsireşip, biri-birlerini şeýle äsgermeýärler? Bilýäňmi,
Gözlüje, meniň göwnüme bolmasa, men indi käbir zatlara düşünip başlaýdym öýdýän. Meniň
göwnüme bolmasa, men Betnyşan Redliniň näme üçin ömürboýy gulpuň astynda oturandygyna
düşünip başlan bolaýmasam…Onuň bar-a, adamlaryň arasyna düýbünden çykasy gelmeýän
bolmaly. Onuň olary göresi gelmeýär…
xxxxx
Kelpurniýa öz öňlügini şeýlebir oňat edip petläpdi welin, ol onuň egninde dim-dik bolup durdy. Onuň
elinde bolsa dürli-dümen süýji zatlardan doly mejime bardy. Ol arkasy diräp emaý bilen gapyny açdy.
Onuň dürli-dümen süýji tagamlardan doly agyr mejimelere nähili ýeňillik hem çalasynlyk erk edişi
duranja bir gudratdy. Aleksandra ejemiň-de megerem bu gudrat göwnünden örän turýan bolara
çemeli, sebäbi ol bu gün Kelpurniýa myhmanlara hyzmat etmäge rugsat beripdi.
Sentýabram eýýäm ýetip gelýärdi. Ertir Dill Meridiana gidýärdi, bu gün bolsa Jim ikisi derýajygyň saý
ýerine gidipdiler. Sebäbi Jim uly gahar-gazap bilen häzirki güne çenli oňa hiç kimiň ýüzmegi
öwretmek üçin jepa çekmändigini ýüze çykarypdy, bu bolsa onuň pikiriçe, edil ýöremegi başarmazlyk
bilen deň hatardaky maýyplyga ýakyn kemçilikdi. Olar eýýäm ikinji gün günorta naharyndan soň
derýajygyň kenaryna gidýärdiler, meni bolsa ýanlaryna almaýardylar, “çüw-ýalaňaç bolup suwa
düşsek bize gowy” diýen bolupdylar, men bolsa kä hanym Modiniň käte-de Kelpurniýanyň ýanynda
wagtymy geçirýärdim.
Bu gün bolsa biziň öýümiz tutuşlygyna Aleksandra ejemiň we haýyr-sahawat jemgyýetiniň
ygtyýarlygyna geçipdi. Biziň aşhanamyza hanym Greýs Merriuzeriň sesi gelýärdi, ol mrunlaryň
elhenç durmuşy barada gürrüň berýärdi – iň bolmanda meniň gulagyma “mrunlar” diýip eşidilýärdi.
Olar hamana aýallarynyň aýy-güni dolanda, bilmedim o nähili aýy-güni, olary aýratyn külbelere
kowýarmyşlar, olarda maşgala duýgusy ýokmuşyn – bu bolsa elbetde, meniň ejekem üçin öte
gynançly hadysa, onsoňam haçan-da olaryň çagalarynyň on üç ýaşy dolanyndan soň olar
çagalaryny aýylganç synaglara sezewar edýärmişler, olaryň ählisi-de goturlanmyş, özleri-de üstibaşlaryny bite basdyranmyşlar, olar hina agajynyň gabygyny çeýneşdirip, ol çeýnewaçlaryny-da
umumy gazana tüýkürip, soňam ony gaýnadyp, ol suwuklykdanam içip gerk-gäbe bolýarmyşlar.
Ine şu ýerde hanymlar biraz wagtlyk arakesmä çykyp, ýürekselik edinmegi müwessa bildiler.
Men aşhana gitjegimem bilmedim, gitmejegimem. Aleksandra ejem maňa çaý içişlige gelmegi
buýrupdy, olar edilmeli işleri özara maslahatlaşýarkalar bolsa men olar bilen oturmanam biljekmişim
diýip ejekem maňa aýtdy, maňa hamana olaryň gürrüňi gyzyksyz bolup görünjekmişin. Men
ýekşenbe günleri geýýän bägül reňkli köýnegimdedim, aşagynda içki gysga köýnegim bardy,
aýagym köwüşlidi. Maňa eger-de üstüme bir zat dökäýsem ertire çenli Kelpurniýanyň meniň
eşiklerimi azap bilen güzaba ýugrulyp ýuwmaly boljakdygy berkden-berk ýatladylypdy. Onuň bolsa
bu gün şeýle-de hysyrdysy ýetik ýaly. Şonuň üçinem iň gowusy men şol ýere barmasam oňat
bolaýarmyka diýýärin.
-Saňa kömek etmelimi, Kel?
Meniň örän bu başagaýlyga az-da kän-de ýardam beresim gelýärdi.
Kelpurniýa işikde az-owlak sägindi-de:
-Bir burçda edil syçanjyk ýaly ümsümje otur,-diýdi:-Ine men häzir dolanyp gelerin, onsoň sen maňa
ähli zady mejimelere goýmaga kömek edersiň.
Ol gapyny açdy welin, işeňňir wyzzyldy has gataldy, içerden dürli sesler gelýärdi: wah, görsene
muny, nähili köke, hiý goýaýyň, Aleksandra, men henize bu güne çenli beýle kökäni
görmändim…Wah, neneňsi, ajaýyp…Men edenimd-ä hiç haçanam beýle gyzaryp bişmeýär, siz
soramaň, men aýtmaýyn, hiç haçan…Siziň böwürslenli kökejikleriňiz hem, hut pikir edibem boljak
däl…Kelpurniýa?...Siz hut pikir edip bir göräýiň…Size eýýäm aýtdylarmy, ruhanynyň aýaly ýenede…Hawa, hawa, heniz onuň körpejesine aýak bitmedik welin, ol eýýäm…
Gybat kiparlady, diýmek olar tagamlaryň daşyna geçen bolmalydylar. Kelpurniýa dolanyp geldi-de
mejimäniň ejemizden galan äpet kümüş kofedany goýdy.
Kelpurniýa:
-Munuň ýaly kofedan häzirki zamanda juda gyt zat,-diýdi:-beýle owadanlaryny indi ýasap bilmeýärler.
-Mümkinmi, ony men äkidäýeýin?
-Ýöne seresabrak bol, seret ýere gaçyraýma. Ony gyrajykda, hanym Aleksandranyň ýanynda goý.
Aşaklary ýalpajyk tabaklyja bulgurçalaryň gapdalynda. Ejekeň beýlekiler kofe guýup berer.
Menem yz tarapym bilen işigi açmaga synanyşdym, ýöne gapy hatda mizäýinem diýmedi.
Kelpurniýa ýyrşardy-da, maňa gapyny açyp berdi.
-Seresap bol, ol agyrdyr. Oňa tiňkäňi dikme, şonda dökän-saçan etmersiň.
Men sag-aman barmaly ýerime ýetdim. Aleksandra ejem meni gözüňi gamaşdyryp barýan ýylgyryş
bilen serpaýlady-da:
-Biziň bilen oturaý birsalym, Jin Luiza,-diýdi. Ol öz niýetinden hiç el çekip bilmeýärdi, ol hökmany
ýagdaýda menden hakyky asylly hanymy ýasamaga çyr-çytyr dyrjaşýardy.
Biziň Meýkombymyzda bu öňden gelýän dessurdy – zenanlaryň gurnaklarynyň her biriniň öňbaşçysy
goňşularyny, isle olar preswiterian bolsunlar, isle baptist ýa-da başga bir pyrka uýujylar bolsun,
tapawudy ýok, bir käse çaý içmäge çagyrýardy, hanym Reýçel (edil durnanyň gözi ýaly dup-duruja
sersag ýagdaýda), hanym Modi we hanym Stiweni Krouford dagylar hem hut şonuň üçin bu mahal
biziňkidediler. Men bu azmly-azmly zenanlaryň üýşmegini görenimden birhili özümi oňaýsyz duýup
ugradym-da, hanym Modiniň ýanynda oturyşyma içimden: “bu näme üçin-ä biziň asylly
hanymlarymyz diňe ýoldan geçmek üçinem sypal başgaplaryny geýýärkäler?” diýip oýlandym.
Hakyky asylly hanymlar birbada munuň ýaly öte köp bolsalar birhili meni şeýlebir üýşendirýärdiler
welin, meniň olardan ümdüzime tutduryp jypydyp gidiberesim gelýärdi. Ýöne Aleksandra ejem:
“munuň sebäbi seniň çakdan aşa läliksiredilenligiň zerarly” diýip aýdýardy.
Olaryň ählisi solak çit matadan köýnekdediler, özlerem şeýlebir tämizje hem terje bolup
görünýärdiler welin, göwnüňe bolmasa daşaryk çyksaň hiç haçanam tüp yssy ýok ýaly bolup durdy.
Hanymlaryň ählisi mazaly pudralanandy, ýöne ýaňaklary gyzardylmadykdy, dodaklaryna çalnan reňk
bolsa ählisiniňki birmeňzeş tebigydy. Olaryň elleriniň dyrnaklaryna çalnan syrçaly reňk hem tebigydy,
diňe käbir ýaş-ýeleňiniň dyrnagy ýiti-bägül reňk bilen reňklenendi. Olaryň ählisi-de şeýlebir ajaýyp
müşk-anbar ys bilen bark urýardylar welin, edil ýöne hoşuňa geläýsin. Men ahbetin ellerimi nirä ýok
etmelidigini oýlap tapdym, kürsiniň gyralaryndan mäkäm ýapyşdym-da, özüme lak atýançalar
agzyma suw alan ýaly dymyp, ümsümje oturdym.
-Sen bu gün nähili bezemen, hanym Jin Luiza!-diýip hanym Modi altyn dişlerini ýalpyldadyp
ýylgyrdy:-A bu gün seniň jalbaryň nirede?
-Köýnegimiň aşagynda.
Men düýbünden oýun etmek islemeýärdim, ýöne hemmeler gyzyl-gyran bolup gülüşdiler. Men badabat özümiň säwligime düşündim, muňa-da meniň ýaňaklarym ot ýaly gyzyp gitdiler, ýöne hanym
Modi maňa örän çynlakaý keşpde seredip otyrdy. Ol eger-de meniň özüm henek edäýmesem hiç
haçan meniň üstümden gülmeýärdi.
Soňra birdenkä daş-töweregi ümsümlik gaplap aldy welin, hanym Stiweni Krouford otagyň ol çetinde
oturan ýerinden bütin otagy ýaňlandyryp menden:
-A sen ulalanyňdan soň kim bolarsyň, Jin Luiza? Aklawjymy?-diýip sorady.
-Bilemok, hanym, men heniz bu barada çyndan pikir edip görmändim,-diýip men minnetdarlyk bilen
jogap berdim. Onuň gürrüňi başga ugra syrykdyrandygy nähili oňat boldy. Onsoň men içimden
howlukmaçlyk bilen özümiň ulalanymdan soň kim boljakdygymy saýlap ugradym. Şepagat uýasymy?
Uçarbibimi? – Bilýäňizmi…-diýip men söze başlamakçy boldum welin, hanym Stiweni meniň sözümi
böldi:
-Sen uýalma-da göni aýdyber! Men-ä dogrusy sen aklawjy bolmak isleýänsiň öýdüpdim, sebäbi sen
eýýäm kazyýet mejlislerine-de gatnaşyp ýörsüň ahyry.
Hanymlar ýene-de gülüşdiler.
-Wah, şu Stiweniň bar-a!-diýip kimdir biri kikir-kikir etdi.
Hanym Stiweni bolsa öz üstünliginden göwnühoş halda dowam etdi:
-Näme ýa seniň aklawjy bolasyň gelmeýärmi?
Hanym Modi meniň elime çalaja galtaşdy welin, men bolşumdanam beter ýumşak jogap berdim:
-Ýok, hanym, men ýöne adaty asylly hanym bolaryn.
Hanym Stiweni maňa müňkürlik bilen tiňkesini dikdi, emma men özüne gödek jogap bermedim diýip
hasap etdi öýdýän, diňe:
-Ine munuň üçin welin, ilkinji nobatda ýygy-ýygyrakdan uzyn köýnek geýmek gerek,-diýmek bilen
çäklendi.
Hanym Modi meniň elimi gysdy welin, men dymyp oňaýdym. Onuň eli mylaýym hem ýyly bolansoň
men birhili öz-özümden rahatlandym.
Meniň çep tarapymda hanym Greýs Merriuzer otyrdy, men bolsa sypaýy bolmaga we ony gürrüňe
güýmemäge mejburdym. Onuň täsiri bilen jenap Merriuzer iň takwa metodiste öwrülipdi we onuň bar
işi doga-aýdymlary aýdyp ýörmek bolupdy. Bütin Meýkomb hanym Merriuzeriň ony adam edendigi
we ondan jemgyýetiň ynsaply hem tertipli agzasyny ýasamagyň hötdesinden gelendigi hakynda pikir
bilen doly ylalaşýardy. Sebäbi hanym Merriuzer bütin şäherimizde iň takwa zenandy ahyry, munuň
şeýledigini-de her kes bilýärdi. Ýeri indi onuň bilen näme hakda söhbetdeşlik gurasaň bolarka?
-Siz bu gün nämäni ara alyp maslahatlaşdyňyz?-diýip men ahbetin soradym.
-Betbagt mrunlary, çagajygym,-diýdi-de ol soňra göterilip gidiberdi, gidiberdi. Asyl, şondan soň
başga sowal berjek bolup kösenmegem zerur bolmady.
Haçan-da hanym Merriuzer haýsydyr bir betbagtlar barada gürrüň berende, hemişe-de onuň ullakan
goňrumtyl gözleriniň owasy ýaşdan ýaňa püre-pür bolýardy.
Ol:
-Olar, şol ýerde, öz jeňňellerinde ýaşaýarlar, hiç kim olary alada-mähir bilen gurşamaýar, Graýms
Ewerettden özge hiç kim,-diýdi:-Özüňem bilýäňmi, olaryň ýakynynda ýekeje-de akýagyz adam ýok,
diňe şol ýagşyzada ynsan, Graýms Ewerettden başga.
Hanym Merriuzer bilbil bolup saýraýardy, ol her bir sözüni adatdan daşary güýçli duýgy bilen
aýdýardy.
-Gedaýçylyk…sowatsyzlyk…ahlaksyzlyk – hiç kimem, jenap Graýms Ewerettden başga hiç kimem,
olaryň nähili ýaşaýandyklaryny bilmeýär. Biziň ybadathanamyz meni haýyr-sahawat guramasynyň
şäheriň daşyndaky jaýyna ugratdy welin, jenap Graýms Ewerett maňa aýtdy…
-Ol näme bärdemi, hanym? Men-ä pikir etdim…
-Ol dynç alyş rugsadyna gelipdi. Graýms Ewerett maňa aýtdy: “Hanym Merriuzer” diýdi, “Siz göz
öňüne-de getirip bilmersiňiz, göz öňüne-de getirip bilmersiňiz, ol ýerde biziň nämeleriň garşysyna
göreşmeli bolýandygymyzy” diýdi. Ine ol maňa näme diýdi.
-Hawa, hanym.
-Menem oňa diýdim: “jenap Ewerett, biziň hemmämiz, Alabama ştatynyň Meýkomb şäherindäki
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 22
  • Parts
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 01
    Total number of words is 3841
    Total number of unique words is 2102
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 02
    Total number of words is 3827
    Total number of unique words is 2017
    29.3 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 03
    Total number of words is 3859
    Total number of unique words is 2027
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 04
    Total number of words is 3885
    Total number of unique words is 2047
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    47.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 05
    Total number of words is 3841
    Total number of unique words is 2023
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    40.3 of words are in the 5000 most common words
    47.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 06
    Total number of words is 3852
    Total number of unique words is 1981
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    46.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 07
    Total number of words is 3894
    Total number of unique words is 2053
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 08
    Total number of words is 3897
    Total number of unique words is 1975
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    47.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 09
    Total number of words is 3886
    Total number of unique words is 1975
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 10
    Total number of words is 3900
    Total number of unique words is 2012
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    40.7 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 11
    Total number of words is 3804
    Total number of unique words is 2027
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 12
    Total number of words is 3753
    Total number of unique words is 2094
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 13
    Total number of words is 3882
    Total number of unique words is 2070
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 14
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 2044
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    41.1 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 15
    Total number of words is 3779
    Total number of unique words is 2031
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    48.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 16
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 1993
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 17
    Total number of words is 3898
    Total number of unique words is 1817
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 18
    Total number of words is 3989
    Total number of unique words is 1828
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    49.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 19
    Total number of words is 3863
    Total number of unique words is 1979
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 20
    Total number of words is 3899
    Total number of unique words is 1979
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 21
    Total number of words is 3880
    Total number of unique words is 1973
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 22
    Total number of words is 3843
    Total number of unique words is 2030
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 23
    Total number of words is 3886
    Total number of unique words is 1981
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 24
    Total number of words is 3825
    Total number of unique words is 2038
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 25
    Total number of words is 3946
    Total number of unique words is 1886
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 26
    Total number of words is 3697
    Total number of unique words is 1784
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.