Latin

Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 13

Total number of words is 3882
Total number of unique words is 2070
30.4 of words are in the 2000 most common words
42.2 of words are in the 5000 most common words
49.7 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
işler sebäpli bolsa, biziň özümde bary-ýogy ýekeje gün birahatlyk ýüze çykýar, soňam ol yzsyztozsuz geçip gidýär.
Jim:
-Diňe sen ähli zady örän tiz unudýarsyň,-diýdi:-Ulularda bolsa başgaça, biz…
Öňem aýdyşym ýaly, ol soňky döwür çekip-çydap bolmajak derejede temegini şeýlebir dik göge
tutup ugrady welin, edil ýöne içiň-bagryň tütäberýärdi. Hiç kimi hasaba alman, hemişe kitaplaryna
gümra bolup ýeke özi nirelerdedir bir ýerlerde aýlanjyrap ýörýär. Dogry, elbetde öňküsi ýaly onuň
kitaplary okap bolanyndan soň maňa geçýärdi, ýöne öň ol maňa kitaplaryny berende olary okamak
maňa-da gyzyklydyr öýdüp pikir edýärdi, indi bolsa ol meni terbiýelemäge we maňa akyl bermäge
çalyşýardy ahyry!
-Goý meni şu duranja ýerimde ýer hopsun, Jim! Sen bu özüňi nämedirin öýdýärsiň-ä?
-Ýeri, ýeri! Ine meniň ahyrky sözüm, Gözlüje, men saňa çynym bilen aýdýan, eger-de sen ejekemiziň
gaharyny getirseň men…men seni ýenjerin.
Ine şu ýerde-de men ýaryldym:
-Wah sen al kakmyş mofroditjik! Men häzir seniň kelläňi gopararyn!
Jim ýatyş sekisiniň üstünde otyrdy, şonuň üçinem men aňsatlyk bilen onuň alyn saçyndan
penjeledim-de ýumrugym bilen dişiniň üstüne hütüledip goýberdim. Ol hem dek durmady, ýaňagyma
şarpyldadyp goýberdi, oňa çenli men çep elimi-de salgadym, şol pille-de ol ýumrugy bilen garnyma
hürsekledi welin, men zyňlyp gitdim-de şarpyldap ýerde süýndüm. Jimiň urgusyndan ýaňa meniň tas
demim içimde gapyşypdy, ýöne bu hiçdi, esasy zat ol meniň bilen uruşýardy, maňa gaýtargy
berýärdi! Diýmek, onda Jim hem uly adam däl-de, biz häzirem deň bolýarys-da!
-Ä-hä! Özüň-ä özüňe “uly adam” diýen bolýarsyň, özüňem meniň bilen uruşýarsyňmy?-diýip men
çirkin sesim bilen gygyrdym-da, ýene-de onuň üstüne topuldym.
Ol henizem ýatyş sekisiniň üstünde otyrdy, meniň aýagymy diräre ýerim ýokdy şol zerarly-da men
güýjümde baryny edip onuň üstüne bökdüm-de onuň çem gelen ýerine urup, çekip, çümmükläp,
elime ilen zat bilen ony ýençmäge başladym. Arassa ýumruk göreşi adaty üteleşmä ýazdy. Attikus
girip, bizi aralaşdyrmaga başlanynda-da biz tüýtmeleşip ýatyrdyk.
Ol:
-Besdir,-diýdi:-Ikiňem düşegiňize geçiň bejit boluň.
-Wä-ä!-edip men Jime dilimi çykardym, ony hem meniň bilen bir wagtda ýatmaga ugradýardylar.
-Kim başlady?-diýip Attikus argyn boýunalyklyk bilen sorady.
-Ählisi Jimden. Ol maňa akyl satyp ugrady. Näme indi men oňa-da gulak asmalymy?
Attikus ýylgyrdy.
-Gel, şeýle gepleşeli, Jim seni her gezek özüne gulak asmaga mejbur etmegiň hötdesinden gelende
sen oňa gulak asarsyň. Bu adalatlymy?
Aleksandra ejem bize sessiz-üýnsüz seredip durdy, ýöne haçan-da Attikus ikisi dälize çykanlaryndan
onuň sözleri üzlem-saplam eşidildi:
-…men saňa aýtdym ahyry, ine saňa ýene-de bir mysal…
Şundan soň Jim ikimiz ýene-de öňkümiz ýaly ylalaşdyk.
Bizi otaglarymyz ýanaşyk durdy. Men otagymyň gapysyny açanymda Jim:
-Gijäň rahat bolsun, Gözlüje!-diýdi.
-Gijäň rahat bolsun!-diýip hümürdedim-de men çyra ýakylýany sermeläp gözläp ugradym.
Öz ýatýan sekimiň gyrasynda men nähilidir bir ýyly, maýyşgak hem ýylmanak zadyň üstünden
basdym. Ol az-owlak gaty rezine hem meňzemän durmaýardy, özi-de meniň göwnüme bolmasa
janly ýalydy. Men onuň gymyldaýandygyny duýdum.
Men çyrany ýakdym-da sekiniň gapdalyna, ýere seretdim. Ol ýerde eýýäm hiç zat ýokdy. Men
çykdym-da Jimiň gapysyny kakdym.
-Saňa näme gerek?-diýip ol sorady.
-Elläp görseň ýylanlar nähili bolýar?
-Gaty bolýarlar. Üstesine-de sowuk hem tozanly. A saňa näme?
-Göwnüme bolmasa biri meniň sekimiň aşagyna giren ýaly. Belki sen seredip görersiň?
-Sen näme oýun edýärsiňmi?-diýip gapysyny açdy. Ol ýatanda geýýän jalbaryndady. Agzy hem güp
ýaly çişdi. Diýseň-diýmeseň men ony ykjamja ýelmäpdirin-ow, edil ýöne hoşuňa geläýsin! Ol meniň
çynymy aýdýanyma dessine düşündi:-Eger-de sen meni ýylanyň ýanyna burnumy sokaryn diýip pikir
edýän bolsaň, onda örän ýalňyşýarsyň. Hany biraz garaş.
Ol aşhana ylgap gitdi-de, düşektaýagy alyp gelip:
-Hany sekiniň üstüne mün bakaly,-diýdi.
-Sen hakykatdanam ol ýerde ýylan bardyr öýdýärsiňmi?-diýip men soradym.
Gör nähili geň waka! Biziň jaýlarymyzda ýerzemin ýokdy, olaryň ähli ýerden birnäçe fut belentlikde
daşdan sütünleriň üstünde durdylar, şoňa görä-de ýylanlar käwagt öýe girýänem bolsalar, beýle zat
setanda-seýranda bir gezek bolýardy. Her gün irden bir bulgurjyk arassa şerap içýän hanym Reýçel
Heýwerford hem özüni aklamak üçin öň başyndan geçiren gorkusyndan hiç aýňalyp bilmeýändigini
aýdýardy, bir wagt bir gezek ol öz ýatylýan otagynda içki geýimlerini goýýan tekjesini açyp, haladyny
asmakçy bolanda, ýuwmaklyk üçin aýrylyp goýlan geýim-gejimleriň üstünde tegelenip ýatan ýylany
görenmiş!
Jim barlap görmek üçin düşektaýagyny ýatyş sekisiniň astyna galgadyp goýberdi. Men aşak eglip,
ýylanyň süýrenip çykyşyny görmekçi boldum. Emma ýylan çykmady. Jim düşektaýagyny has
aňyrraga uzatdy.
Ýatyş sekisiniň aşagyndan hyňranma eşidildi.
-Näme ýylanlar hyňranýarammy?-diýip men soradym.
Jim:
-Bu ýylan däl,-diýdi:-Bu adam.
Birdenem ýatyş sekisiniň aşagyndan nähilidir bir garagäz bolan düwünçek zyňlyp gitdi.
Oslagsyzlykdan ýaňa Jim düşektaýagyny galdyryp, tasdanam Dilliň kellesine ýelmeýärdi.
-Eý Hudaý jan-eý!-diýip Jim hormat bilen pyşyrdady.
Dill zordan ýatyş sekisiniň aşagyndan çykdy. Onuň ol ýere sygşy düşnüksiz. Ol aýaküstüne galdy,
eginlerini ýazdy-da, ýerinden çykan bolaýmasyn diýýän ýaly injiklerini oýnaşdyrdy, boýnuny
owkalady. Ahbetin onuň gurşan aýaklaryna we ellerine gan aýlanyp başlan bolara çemeli, ol ýeňillik
bilen dem aldy-da:
-Salam!-diýdi.
Jim ýene-de Perwerdigäri çagyrdy. Meniň bolsa haýran galmakdan ýaňa dilim lal açana döndi.
Dill:
-Häzir ölýän,-diýdi:-Bokurdakdan ötürere bir zadyňyz ýokmy?
Men edil alasarmyk düýş görýän ýaly aşhana gidip, agşamlyk nahardan galan mekgejöwen
kökesiniň ýarsyny hem-de süýt getirdim. Dill olary göz açyp-ýumasy salymda lak-luk atdy, ol nahar
iýende edil öňküleri ýaly alyn dişleri bilen çeýneýärdi.
Birhaýukdan soň maňa geplemek ukyby gaýdyp geldi.
-Sen bu ýere nädip düşdüň?
Dill biraz ýürekselik edindi-de gürrüň berip başlady. Onuň täze kakasy ony ilkibaşdan halamanmyş
we ony ýerzeminde temmeläp, (Meridianda ähli jaýlaryň ýerzemini barmyş) açlykdan ölüme sezewar
etmegi ýüregine düwenmiş, ýöne ony şol wagt öýleriniň deňinden geçip barýarka onuň kömege
çagyrýan sesini eşiden daýhan gizlinlikde halas edenmiş, şol rehimdar adam oňa howa girýän
ötükden ýerzemine ýekeje-ýekeje kösükden tutuş bir halta nohudy geçirenmiş, Dill bolsa çig nohut
bilen iýmitlenip, soňabaka assa-ýuwaşdan diwardan zynjyryň berkidilen halkasyny çekip-çekip
çykaryp, erkinlige gaçanmyş. Soňra ol elleri gandally şäherden daşyna gaçanmyş we iki mil dagy
pyýada ýöränmiş, şol barmaşa-da ýolda kiçijik sergezdan haýwanat bagyna sataşanmyş, badabadam ony şol ýere düýe ýuwmak üçin hakyna tutanmyşlar. Şol haýwanat bagy bilenem ol tutuş
Missisipi ştatynda entänmiş, ahbetinem hatasyz duýgusy oňa özleriniň Alabama ştatynyň Ebbot
okrugyna gelendiklerini, Meýkomb şäherine barmak üçinem oňa bary-ýogy derýadan ýüzüp
geçmegiň gerekdigini duýduranmyş. Ýoluň galan bölegini bolsa ol pyýada geçenmiş.
-Sen bu ýere nädip düşdüň?-diýip Jim sorady.
Ol ejesiniň gapjygyndan rugsatsyz on üç dollar alypdyr, Meridianda sagat dokuzdaky otla münübem
Meýkomb demirýol menzilinde düşüpdir. Demirýol menzilinden Meýkomba çenli bolan on dört miliň
on-on bir milini pyýada geçipdir, özem uly ýoluň ugry bilen däl-de ot-çöplere bukulyp,
çarkandaklykdan ýöräpdir, sebäbi birdenkä özüni polisiýa gözleýän bolaýmasyn diýip howatyr
edipdir. Ýoluň galan bölegini bolsa üsti pagta ýükli ýük ulagynyň yzyndan aslyşyp geçipdir. Meniň
ýatyş sekimiň aşagynda bolsa ol tas iki sagada golaý wagtlap ýatypdyr, şol ýatyşyna-da biziň
agşamlyk nahar iýşimizi eşidip, gap-gaçlaryň şakyrdysyndan ýaňa açlygyndan tas aňkasy aşan
ekeni. Ol Jim ikimiz hiç haçan ýatmak üçin ýerimize geçmeris öýdüp pikir edipdir. Ol hatda
bukusyndan çykyp maňa Jimi ýençmäge kömek etmegi hem niýet edinipdir, sebäbi Jim menden
göz-görtele uly hem-de boýy uzyn ahyry, ýöne onuň üçin jenap Finçiň olary, ýagny bizi
aralaşdyrmaga geljekdigi süýde sereden ýaly düşnükli ekeni, şonuň üçinem ol gizlenen ýerinden
çykmandyr. Ol aýylganç derejede ýadaw, göz öňüne getirip bolmajak dereje kirli ekeni, özi-de indi
ahbetin özüni öýünde duýýan ekeni.
Jim:
-Ýakynlaryň bolsa elbetde seniň bärdedigiňi bilýän däldirler,-diýdi:-Eger-de seni gözleýän bolsalar
biz muny eýýäm bilerdik…
-Olar megerem, meni Meridianda ähli kino görkezilýän ýerlerden hazier çenli-de agtaryp ýörendirlerdiýip Dill ýyrşardy.
Jim:
-Ejeňe özüň nirededigiňi hökman habar ber,-diýdi:-Oňa seniň bärdedigiňi bilmek gerek…
Dill çaltlyk bilen oňa tarap dikanlady welin, Jim gabaklaryny aşak sallady. Soňra ýerinden turdy-da,
biziň çagalykda mukaddeslik derejesinde berjaý edýän ar-namyslylygyň iň soňky kanunyny bozdy.
Ol otagdan çykdy.
-Attikus!-diýip dälizden onuň sesi eşidildi:-sen ýekeje pursatlyk bärik gelip bilmersiňmi?
Dilliň çaň-kirşenden hem-de derden ýaňa çyr-çyrşak ýüzi üç ýuwlan ak esgä döndi. Meniň bolsa
aňrym-bärime geldi. Bosagada Attikus peýda boldy.
Ol otagyň ortarasyna geçdi, ellerem kisesinde, togtady, Dille ýokarda aşaklyga seretdi.
Oňa çenli men özümi dürsedim, maňa geplemek ukyby gaýdyp geldi.
-Bu hiç, Dill. Eger-de ol sen babatda haýsy-da bolsa bir netijä gelse ol muny saňa gypynçsyz aýdar.
Dill jyňkyny çykarman maňa garady. Men:
-Hawa, hawa, bu hiç,-diýdim:-Sen bilýärsiň ahyry, Attikus saňa erjeşip durmaz, ondan gorkmagyň
geregi ýok.
-Men gorkmaýarynam-diýip Dill myňňyldady.
-Jedel edýän, sen aç bolmaly,-diýip Attikus hemişekisi ýaly guraksy ýöne mylaýym gepledi:-Näme
bizde sowuk mekgejöwen kökesinden başga has gowurak zat tapylmadymy, Gözlüje? Hany bu batyr
ýigdi doýa garna doýur, soň men gelerin, onsoň biz görübereris.
-Jenap Finç, Reýçel daýzama hiç zat aýtmaň haýyş edýän, meni yzyma ugratmaň, gaýrat ediň jenap!
Men ýene-de gaçaryn!...
Attikus:
-Ýuwaş, ýuwaş, oglum,-diýdi:-Seni tizräk düşege bolaýmasa hiç kim başga hiç ýere ugratmaz. Men
diňe giderin-de hanym Reýçele seniň bärdedigiňi aýdaryn we seniň gije bizde galmagyňa rugsat
soraryn, sen muňa garşy dälsiň-ä, şeýlemi? Onsoňam haýyş edýän, bize rehimiň insin, okrugyň
çägine degişli topragyň iň bolmanda az-owlak bölegini bir degişliligi boýunça yzyna gaýtarsana,
ýogsa topragyň şorlap zaýalanmagy sensizem hakyky betbagtçylyga öwrülip barýar.
Dill agzyny öweldip onuň yzyndan garap galdy.
-Bu diýdigi onuň degişdigi,-diýip men oňa düşündirdim:-Ol şeýle diýmek bilen saňa: “suwa
düşünäýseň erbet bolmaýjak ýaly” diýmekçi bolýar. Görýäňmi, men saňa aýtdym ahyry ol saňa azar
berip durmaz diýip.
Jim bir künçde müýnli hem ümsüm ýagdaýda durdy. Oňa geregem şol, dönük!
-Men oňa aýtman bilmedim, Dill,-diýip ol eşidiler-eşidilmez hümürdedi:-Üç ýüz mil daşlyga gaçyp,
ejeňem bu barada hiç zat bilmese gowy däl ahyry.
Biz oňa kelam agyz jogap bermän otagdan çykdyk.
Soňra Dill iýdi oturdy, iýdi oturdy…Düýn agşamdan bäri onuň agzyna çöregiň owuntygy-da
degmändir. Ol özüniň ähli puluna petek satyn alyp otla münüpdir (ýeri gelende, aýtsa ol otla öňem
nijeme gezek münüp görüpdir), soňam ýolda ýolbelet bile nap-arkaýynja lakgyldaşyp oturypdyr
(sebäbi ýolbelet ony öňden bäri tanaýan ekeni), ýöne onuň çagalar üçin hereket edýän düzgünden
peýdalanmaga bogny ysmandyr. Ol düzgüne laýyklykda bolsa haçan-da çagalar alysa ýeke özleri
barýan bolsa ýa-da eger-de sen ýeke özüň otla müneniňden soň puluňy ýitirseň ýolbelet saňa
naharyň puluny bermelimiş, otludan düşeniňde bolsa kakaň şol ýolbelede gaýtaryp bermelimiş.
Dill biziň agşamlyk naharymyzdan galan ähli zady ýalmady, soňra gaýnadylan noýbanyň gutusyny
almak üçin tekjä kellesini sokdy, şol pille-de daşky otagdan hanym Reýçeliň sesi eşidildi:
-Eý Hudaý jan-eý!
Dill duzaga düşen towşan ýaly galdyrap ugrady. Ol: “Hany garaş bakaly, ine seni bir öýňüze alyp
giderin welin! Ene-ataň tolgunyp, alada edip aklyndan azaşaýjak bolýar!” diýip gök gümmürdeýärkä
mertlik bilen çekip-çydady, soňra: “Bu hereketiň bar-a, sendäki Harrisleriň gany zerarly bolmaly!”
diýlenini boýunalykly bilen diňledi, soňra: “Ýeri bolýar-da, hany şu gün bir şu ýerde ýatsaň ýataý, Dill!”
diýlenine göwnühoş ýylgyrdy, ahbetin ony gujaklap öpmäge mynasyp görleninde bolsa ol hem edil
şonuň ýaly hereket bilen jogap berdi.
Attikus äýnegini maňlaýyna süýsürdi-de, aýasy bilen ýüzüni ykjam owkalady.
-Siziň kakaňyz ýadady-diýip Aleksandra ejem dil ýardy (göwnüme bolmasa ol tutuş bir asyrlap
ýekeje agzam geplemedik ýalydy. Ol hälden bäri-de şu ýerdedi, ýöne megerem geň galmakdan
ýaňa lam-jim bolan bolara çemeli):-Siziň ýatar wagtyňyz boldy, çagalar!
Biz otagymyza gaýtdyk, olar bolsa aşhanada galdylar. Biz gidip barýarkagam Attikus elýaglygy bilen
ýaňaklaryny hem-de maňlaýyny süpürip otyrdy.
-Zorluk, uruşlar, gaçgaklar,-diýip biz ýöräp barşymyza kakamyň gülýän sesini eşitdik:-Şu gidişine
gitse ýene-de bir sagatdan gör bize nämeler garaşýar…
Görýän welin ähli zat garaşyşymyzdan hem gowy boldy öýdýän, şonuň üçinem Dill ikimiz öz
ýanymyzdan Jim bilen sypaýyçylygy saklamaly diýen netijä geldik. Onsoňam Dill onuň otagynda
ýatmaly boljakdy ahyry, şol sebäpli-de onuň bilen ymykly jetleşigi yglan etmek gerek dälmikä diýdik.
Men ýatanymda geýýän eşigimi geýdim, soňra biraz kitap okadym, birden meniň gözlerim özözünden ýumlup barýana dönäýdi. Dill bilen Jimiň sesi eşidilmeýärdi, men tekjede duran çyramy
öçürdim welin, Jimiň gapysynyň aşagyndaky yşdanam yşyk zolagynyň görünmeýändigini gördüm.
Men megerem örän uzak wagtlap uklap ýatan bolmaly, sebäbi haçan-da meniň böwrüme
hürseklänlerinde otagymdaky ähli zady ýaşyp barýan aýyň şöhleleri çala ýagtyldýardylar.
-Süýşsene, Gözlüje.
-Ol özi sen barada aýtman bilmez öýdüp pikir eden ekeni-diýip men hümürdedim:-Şonuň üçinem sen
oňa gaharlanmaweri.
Dill meniň ýorganyma girdi:
-Men gaharlanmaýaryn-diýdi:-Men ýöne, şu ýerde seniň ýanyňda ýatmak isleýärin. Sen oýandyňmy?
Oňa çenli men azyndan ýarpy-ýalta-ha oýanmaga ýetişipdim.
-Sen muny näme üçin beýtdiň?-diýip men ýaltalyk bilen soradym.
Hiç-hili jogap bolmady.
-Men aýdýan, sen näme üçin öýňüzden gaçyp gaýtdyň? Näme ol hakykatdanam şeýle zalymmy?
-Ýo-o-k!
-A seniň ýadyňa düşýärmi, sen özüňiziň gaýyk ýasamakçy bolýandygyňyz barada ýazypdyň?
Ýasadyňyzmy?
-Hiç zadam ýasamadyk. Ol diňe wada berdi-de goýaýdy.
Men tirsegime galdym-da, alagaraňkylykda Dille seretdim.
-Şujagaz zat öýüňden gaçanyňa degmeýär. Ulular hemişe-de köp zatlary söz berselerem, köplenç
beren sözlerinde tapylmaýarlar…
-Ýok-la, men onuň üçinem däl-le…ýöne…ýöne olaryň maňa ellerem degmeýän ýaly.
Men öýüňden şunuň ýaly üýtgeşik bahana zerarly gaçylýandygyny hiç haçanam eşitmändim.
-O nähili?
-Äý, olar elmydama nirädir bir ýerlere gidýärler, haçan-da öýe dolanyp gelenlerinde bolsa öz
otaglaryna diňe ýeke özleri oturýarlar.
-Ýeri onsoň, olar ol ýerde näme işleýärler?
-Äý hiç-le, ýöne boş oturýarlar ýa-da kitap okaýarlar…Men bolsa olara düybünden geregem däl.
Men ýassygymy ýatyş sekisiniň arkasyna diredim-de dik oturdym.
-Bilýäňmi näme, Dill? Şu gün meniň özümem öýmüzden gaçmak isledim, sebäbi biziňkileriň
hemmesi şu ýere jemlenipdi. Ýogsa olar bize elmydama geregem däl welin…
Dill ýadawlyk bilen uludan demini aldy.
-Gijäň rahat bolsun…a bilýäňmi, Attikus uzakly günläp öýde bolmaýar, agşamlaryna-da ol köplenç ol
ýa kanunçykaryjy ýygnakda ýa-da men bilemok başga nirededir bir ýerde…olar hem bize hemişe
gerek däl, Dill, eger-de olar elmydama şu ýerde bolan bolsadylar, onda bize ähli zat gadagan
bolardy.
-Men onuň üçinem däl-le.
Dill düşündirip başlady, men bolsa eger-de Jim häzirkisi ýaly bolman başga hili bolan bolsa ýa-da
birdenkä Attikusa meniň hemişe şu ýerde bolup, oňa kömek etmegim, oňa elmydama maslahat berip
durmagym derkar bolmadyk bolsa öz durmuşymyň nähili bolmagynyň ahmaldygy barada oýlanmaga
başladym. Dogrudanam eger-de hakykatdanam şeýle bolan bolsady, onda nähili bolardy? Äý ýok-la,
ol mensiz ýekeje günem ýaşap bilmeýär ahyry. Hatda Kelpurniýa bar-a, şolam mensiz oňup bilmeýär.
Men olara gerek.
-Dill, sen näme-de bolsa derekli zad-a aýtmaýarsyň…seniňkiler sensiz oňup bilmezler. Olar,
megerem, diňe saňa gaharlanýandyrlar. Ine men saňa näme etmelidigini aýdaýyn…
Garaňkylyga beslenip oturşyna Dill hötjetlik bilen maňa jogap gaýtardy:
-Ýok, sen düşün ahyry, ine men saňa näme aýtmakçy bolýaryn: olar üçin hakykatdanam mensiz
gowy, onsoňam men olara hiç zat edip kömek etmeýärin. Ol rehimsiz däl. Hatda maňa näme
islesem şony-da satyn alybam berýärler. Soňra bolsa: “me, ine şuny al-da, bar, git, oýna” diýýärler.
Meniň otagym eýýäm birtopar jäjek-jüýjekden dos-doly. Olardan bolsa bar eşidýäniň: “Ine saňa
kitapça, bar git-de oka” Dill kimdir biriniň agzyna öýkünip, ýogyn ses bilen geplemäge çalyşýardy:Sen nähili oglanjyg-a? Beýleki oglanjyklar seniň ýaly öýden çykman oturyp, ulularyň ýüreginebagryna düşüp ýörmän, ylgaşýarlar, beýsbol oýnaýarlar.-diýdi-de Dill ýene-de özüniň adaty sesi
bilen gepläp ugrady:-Ýok, olar zalym däl. Olar meni ogşaşdyran bolýarlar, gujaklan bolýarlar, “gijäň
rahat bolsun, ertiriň haýyrly bolsun, ýene-de duşuşýançak” diýýärler, maňa hemişe meni gowy
görýändiklerini aýdýarlar…Bilýäňmi Gözlüje, goý ikimiziň öz bäbegimiz bolsun.
-A ony nireden almaly?
Dill özüniň eşitmişine görä, nirededir bir bir adamyň bardygyny, onuňam gaýygynyň bardygyny,
onsoň onuň şol gaýygy bilen kürekläp ýüzüp haýsydyr bir ada gidýändigini, ol adanyň hem mydama
ümür-dumana beslenip durandygyny we ol ýerde näçe isledigiňçe kiçijik bäbejikleriň bardygyny,
onsoň şoňa özlerine-de bir bäbejigi getirip bermegi sargyt etseň boljakdygyny aýtdy.
-Ine-de sen ýalan sözlediň. Ejekem bäbekleri Hudaý janyň gös-göni pejiň tüsseçykaryndan içerik
oklap goýberýändigini aýtdy. Hawa, hawa, hut şeýle diýibem aýtdy.
(Dogrusy şol gezek ejekem edähetiniň tersine birhili bulam-bujarrak jogap gaýtarypdy).
-Ýok, bu zatlaryň barysy nädogry. Çagany adamlar biri-birlerinden dogurýarlar. Ýöne bäbegi gaýykly
adamdan hem alsaň bolman durmaýar…sebäbi onuň adasynda olar isledigiňçe köp ahyry, ýöne
olary oýarmak gerekmiş, ol gaýykçy bolsa üfläp goýberýärmiş welin, bäbekleriň barysyna jan
girýärmiş…
Dill ýene-de ham-hyýallarynyň gujagyna özüni oklady. Ol hemişe nähilidir bir adatdan daşary täsin
zatlary oýlap tapýardy. Men bir kitaby okaýançam ol ikisini okamaga ýetişýärdi, ýöne barybir ähli
zatdan beter özi nähilidir birhili geň-enaýy wakalary toslamagy halaýardy. Ol hasaplanda edil
ýyldyrym çaltlygynda hasaplaýardy, mysallary, meseleleri, deňlemeleri aňsatlyk bilen çözýärdi, ýöne
ähli zatdan beter özüniň ümürli hyýalbentlige gaplanan dünýäsini söýýärdi, onuň dünýäsinde bolsa
bäbejikler uklap ýatyşlaryna özlerini edil säher bilen gül ýygylyşy ýaly ýygylmaklaryna garaşyp
ýatýardylar. Şol ýatyşymyza ol şol gepledi ýatdy, gepledi ýatdy, ahbetin meni-de, öz-özüni-de gepigürrüňi bilen şeýlebir hüwdüledi welin, soňabaka meniň gözüme ümür-duman gabsan ümsüm ada
görnüp ugrady, birdenem gözümiň öňünde reňki gopan gyňyr gapyly tukat öýüň bulaşyk salgymy
görnüp giden ýaly boldy.
-Dill?
-Hm-m?
-Seniň pikiriňçe näme üçin Betnyşan Redli şu güne çenli öz öýlerinden gaçyp gitmedikä?
Dill uzyn dem aldy-da, böwrüne dönüp, ukuly jogap gaýtardy:
-Belki-de onuň gaçyp gitmäge ýeri hem ýokdur…
xxxxx
Örän köp jaň edildi, jenaýatçynyň arkasyny alyp gaty köp çykyşlar edildi, soňra bolsa onuň ejesinden
onuň bagyşlanylýandygy aýdylan uzyn hat geldi we ahbetinem Dill bärde galjakdygy belli boldy.
Şondan soň bir hepdeläp dagy biz asuda ýaşadyk. Emma ondan soň welin, biz rahatlygyň
nämedigini unutdyk. Ähli zat edil gara basmaly düýşdäkä döndi.
Ol aýylgançlyklaryň hemmesi bir gezek, agşam naharyndan soň başlandy. Şol gün Dill heniz bizdedi,
Aleksandra ejem bir burçda kürsüniň üstünde otyrdy, Attikusam öz künjündedi, Jim ikimiz ýerde
süýnüp kitap okap ýatyrdyk. Öň aýdyşym ýaly, hepde örän parahat geçipdi, men ilgeziklik bilen
ejekeme gulak asypdym, Jim bolsa biziň çynardaky öýjagazymyz üçin biçak läheň bolup ýetişenem
bolsa, Dill ikimize täze ýüp merdiwany ýasamaga kömekleşipdi, Dill Betnyşan Redlini hile bilen
öýünden çykarmagyň we şol bir wagtda-da özümiziň abat hem başbitin galmagymyzyň täze ýüz
göterim üstünlikli usulyny oýlap tapypdy. Onuň usuly şundan ybaratdy: Redlileriň jaýynyň ýeňse
ýüzündäki işikden tä olaryň derwezelerine çenli meýmuruş tagamly pampyza sepip çykmalydy,
onsoň Betnyşanyň özi edil garynja ýaly şol pampyza zynjyrjygynyň yzyna düşüp gaýtjakmyş. Şol
pille-de gapy kakyldy. Jim gapyny açmaga gitdi we dolanyp gelende jenap Gek Teýtiň gelendigini
aýtdy.
Attikus:
-Onda ony içerik girmäge çagyr-da!-diýdi.
-Men eýýäm çagyrdym. Ýöne howlumyzda ýene-de birnäçe adam bar, olar seniň özüň daş
çykmagyňy isleýärler.
Meýkombda ulular diňe iki ýagdaýda biriniň öýüne barsalar içerik girmän işigiň agzynda durýarlar:
eger-de öýde merhum bolsa ýa-da eger-de olaryň gelmegi syýasat bilen bagly bolsa.
Men pikir etdim: „Beh, bizde kim öldükä?“ Jim ikimiz tas ondan öňürdip gapa tarap ýönelipdik, emma
Attikus:
-Öýde oturyň!-diýip gygyrdy.
Jim myhman otagynyň çyrasyny öçürdi-de, burnuny penjiräniň aýnasyna ýelmedi. Aleksandra ejem
garşylyk görkezmäge dyrjaşdy. Ol bolsa:
-Ýekeje pursat, ejeke-diýdi:-men diňe kimiň gelendigini göreýin.
Dill ikimiz bolsa beýleki penjireden seredip başladyk. Birtopar adamlar Attikusyň daşyna hümer
bolupdyrlar. Özleri-de göwnüme bolmasa hemmesi birden, biri-birinden öňürdip gepleýän ýalydylar.
-...ertir ony okrugyň türmesine geçireris-diýip jenap Teýt aýdýardy:-Men hiç hili bolgusyzlygyň ýüze
çykmagyny islemeýärin, ýöne olaryň bolmajakdygyna welin güwä geçip bilmeýärin...
Attikus:
-Samsyklamaň, Gek,-diýdi:-Biz nirededir bir itiň ölen ýerinde däl-de Meýkombda ýaşaýarys.
-...men aýdýan: „meni birhili ynjalyksyzlyk basýar“ diýýän.
Attikus:
-Gek, biz haýsydyr bir bolgusyzlyklar barada ynjalykdan gaçmak üçin kazynyň işiň seljerilişini gaýra
goýmaklygyny gazanmandyk,-diýdi:-Şu gün şenbe. Kazyýet mejlisi megerem duşenbede geçiriler.
Heý, siz ony birje gije şu ýerde saklap bilmersiňizmi? Megerem Meýkombda hiç kim meniň
müşderiden ýüz döndermeýändigim üçin ýazgarmaz, şu döwürde gün-güzeran aýlamak üçin gazanç
etmegiň kyndygyny her kim bilýär ahyry.
Hemmeler birdenkä ýitigini tapan ýaly düşnüksiz bir zada şatlanyşdylar, ýöne jenap Link Diz gepläp
başlanda bada-bat ýuwaşadylar:
-Bu ýerdäkileriň-ä hiç haýsy haýsydyr bir bolgusyzlygy goparmaga taýynlanmaýar-la welin, meni şol
Köne Saremli däli sergezdan alada goýýar...A siz talap edip bilmersiňizmi...ol hereket nähili
atlandyrylýandyr-a, Gek?
-Işiň başga okruga geçirilmegi,-diýip jenap Teýt oňa ýardam berdi:-Ýöne häzirki ýagdaýda beýle
hereketdenem netije bolmazmyka diýýän.
Attikus nämedir bir zat gepledi, emma men eşidip ýetişmedim-de Jime tarap öwrüldim. Ýöne ol
maňa dil ýarmaga maý bermän: „azar berme şu mahal“ diýýän ýaly elini slagap goýberdi.
-...onsoňam,-diýip Attikus biraz sesini gataldyp dowam etdi:-siz ol ýygyndydan ýygnananlardan
gorkýan dälsiňiz ahyry, dogrumy?
-...lül-gammar bolanlaryndan soň olaryň nähilidigini bilýärsiňiz ahbetin.
Attikus:
-Ýekşenbe günleri olar adatça içmeýärler-de ýarym günlerini ybadathanada geçirýärler-diýdi.
Kimdir biri:
-Ýöne bu ýagdaý olar üçin adatdan daşary ahyry-diýdi.
Olaryň ählisi hümmüldeşip, özara gepleşip ugradylar, ahbetin ejekem: „eger-de Jim myhman
otagynda çyrany ýakmasa onda bu ýagdaý bütin kowum-hyşymyz üçin barypýatan wejeralyk
bolar“ diýdi. Ýöne Jim ejekemi eşitmeýän ýalydy.
-...düşünemok, ilki bilen siz näme üçin bu işe baş goşduňyz, Attikus?-diýip jenap Link Diz
soraýardy:-Siz bu işde ähli zadyňyzy ýitirmegiňiz ahmal. Bolanja ähli zadyňyzy.
-Siz hakykatdanam şeýle pikir edýärsiňizmi?
Haçan-da Attikus şu soragy beräýdigi – işiň gaýtdygy! Gaty hatyrjem duraýmasaň bolmaýar. „Sen şu
göçümi etmegi çynyň bilen pikir edýärsiňmi, Gözlüjäm?“ Soňam, şaňk, şaňk, şaňk bolar-da tagtanyň
ýüzünde ýekeje-de şaşka çöpüň galmaz. Ýa-da: „Sen çynyň bilenem şeýle oýlanýarsyňmy, ogul?
Hany onda, ine şuny hem bir okap gör“ diýip goýberer. Onsoň Jim suhangöý Genri W Greýdiniň
uzyndan uzak çykyşlarynyň tükeniksiz ýumagyny çözlemäge dyrjaşyp uzakly gije kösenip oturandyr.
-Diňläňsene, Link, belki-de ol ýigit elektrik oturgyjynda oturar, ýöne öňünçäsi hemmeler hakykaty
bilerler-diýip Attikus parahat äheňde aýtdy:-Siz bolsa hakykaty häzirem bilýärsiňiz.
Ýaňybir kiparlan gowur täzeden örç alyp galdy. Attikus yzyna, basgançaga tarap bir ädim ätdi, emma
hemmeler öňe omzap ýene-de onuň alkymyna dykyldylar, goh-galmagala bolsa birhili eýmenç
öwüşgin çaýyldy.
-Attikus!-diýip birdenkä Jim gygyrdy:-Jaň gelýär!
Hemmeler oslagsyzlykdan ýaňa tisginip gitdiler-de, az-kem yza tesdiler. Biz bu adamlary her gün
görýärdik, olaryň arasynda dükançylar bardy, mülkdar daýhanlaryň hem käbiri olaryň arasyndady,
lukman Reýnolds we jenap Eýweri hem olar bilen durdylar.
-Jaň gelýän bolsa özüňem ony alyp bilýänsiň ahyry-diýip Attikus jogap gaýtardy.
Hemmeler gülüşdiler-de dagadylar. Attikus myhman otagyna dolandy-da çyrany ýakdy, şonda-da
Jimiň penjiräniň öňünde üç ýuwlan ak esgä dönüp duw-ak bolup oturandygyny, diňe onuň burnunyň
ujunyň aýna direlendigi zerarly gyzyldygyny gördi.
-Siz näme bärde beýdip garaňkyda otyrsyňyz?-diýip Attikus geň galdy.
Jim onuň nädip kürsüsine geçip oturyp, eline gazetiň agşamky sanyny alşyny synlaýardy. Kähalatlar
meniň göwnüme bolmasa Attikus „Mobil rejisteriň“, „Birmingem nýusyň“ we „Montgomeri
edwertaýzeriň“ sahypalarynyň aňyrsyna gizlenip öz durmuşynyň iň wajyp hadysalaryny öwrüpçöwürýän ýalydy.
Jim Attikusyň ýanyna bardy.
-Olar seniň yzyňdan geldilermi, hawamy? Olar seniň bilen haklaşmak isledilermi?
Attikus gazetini aşak düşürdi-de, Jimi birlaý gözden geçirdi.
-Sen bu bolgusyzlyklary nireden oýlap tapdyň, haýsy kitaplardan okaşdyrdyň?-diýip sorady. Soňra
bolsa juda mylaýym ses bilen üstüni ýetirdi:-Ýok, ogul, olar biziň dostlarymyz.
-Ol..olar garakçylar topary dä..dälmi?
Attikus ýylgyrman saklanjak boldy, emma başarmady.
-Ýok, biziň Meýkombymyzda gahar-gazapdan ýaňa däli-mežnun bolan mähelle we beýleki
bolgusyzlyklar ýok. Onsoňam men hiç haçan biziň jelegaýlarymyzda garakçylaryň toparlarynyň çartöwerege gan çaýkap gezenlerini eşitmändim.
-Birmahal-a ku-kluks-klan katolikleri awlamak bilen meşgullanypmyş.
Attikus:
-Men Meýkombdaky katolikler barada-da hiç haçan eşitmändim-diýdi:-Sen bu ýerde nämedir bir
zatlar-a bulaşdyrýarsyň. Birmahallar, takmynan dokuz ýüz ýyigriminji ýylda bärde ku-kluks-klan
bolupdyr, ýöne ol esasan syýasy gurama ekeni. Şol sebäpli-de şol döwürler ol gurama hiç kimi
eýmendirip bilmändir. Bir gezek olar jenap Sem Lewiniň öýüniň öňünde närazylyk ýörişini
gurapdyrlar, ýöne Sem eýwanyna çykypdyr we eger-de olar onuň özünden alan matalaryndan tikilen
uzyn köýneklerinde onuň öýüniň daşyndan pyrlanýan bolsalar, megerem olaryň gün-güzerany juda
pese düşen bolmaly-ow diýipdir. Şol sözleri bilenem olary şeýlebir utandyrypdyr welin, olar onuň
öýüniň ýanyndan bahymrak sumat bolanlaryny kem görmändirler.
Liwileriň maşgalasy Meýkombda asylly adamlara bildirilýän ähli talaplara laýyk gelýärdiler, Liwiler öz
akyllaryny hem ukyplaryny özleri üçin peýdaly ulanýardylar hem-de olaryň eýýäm bäş nesli dagy şol
bir ýerde ýaşap gelýärdiler.
Attikus:
-Ku-kluks-klan öldi we indem gaýdyp hiç haçan direlmez-diýdi.
Men Dilli ugratmaga gitdim we yzyma dolanyp gelýärkäm gapynyň aňyrsyndan Attikusyň ejekeme:
-...men hemmeler bilen deň derejede Günortanyň zenanlaryna hormat goýmaga mydam taýýar,
ýöne munuň üçin olaryň üstüne abanmaýan toslanyp tapylan howp hakyndaky rowaýatyň
hatyrasyna ynsanyň ömrüni pida bermek islemeýärin.
Onuň sesi şeýlebir birhilidi welin, men olar ýene-de sögüşýärler-ow diýip oýlandym.
Men Jimi gözlemäge gitdim, ol öz otagynda ekeni, nämedir bir zat barada ýatyş sekisinde çiň arkan
düşüp ýatyp oýlanýardy.
-Olar sögüşdilermi?-diýip men soradym.
-Şeýle diýseňem boljak. Ejekem Tom Robinson zerarly onuň ýüregine-bagryna düşýär. Ol Attikusa:
„tutuş maşgalamyzy masgaralaýarsyň“ diýene ýakyn bir zatlar diýdi. Men...men gorkýan, Gözlüje.
-Nämeden gorkýarsyň?
-Attikus üçin gorkýan. Birdenkä oňa bir zat bolaýsa näme?
Men ondan näme diýmekçi bolýandygyny soraşdyryp başladym, emma Jim ýene-de köpbilmiş keşbe
girip, diňe: „tüket, ýüregime düşme“ diýip jogap bermek bilen çäklendi.
Ertesi gün bolsa ýekşenbedi. Ýekşenbe günündäki sapaklaryň hem-de mynajatyň arasynda
hemmeler biraz aýaklaryny ýazmaga çykdylar welin, men howluda Attikusy gördüm, onuň daşyna
birtopar adam hümer bolup durdy. Olaryň arasynda jenap Gek Teýt hem bardy. Şol sebäpli men
belki-de onuň kalbynyň gözleri açylyp, ol Hudaýa ynanyp başlandyr diýip oýlandym. Öň ol hiç haçan
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 14
  • Parts
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 01
    Total number of words is 3841
    Total number of unique words is 2102
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 02
    Total number of words is 3827
    Total number of unique words is 2017
    29.3 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 03
    Total number of words is 3859
    Total number of unique words is 2027
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 04
    Total number of words is 3885
    Total number of unique words is 2047
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    47.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 05
    Total number of words is 3841
    Total number of unique words is 2023
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    40.3 of words are in the 5000 most common words
    47.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 06
    Total number of words is 3852
    Total number of unique words is 1981
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    46.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 07
    Total number of words is 3894
    Total number of unique words is 2053
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 08
    Total number of words is 3897
    Total number of unique words is 1975
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    47.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 09
    Total number of words is 3886
    Total number of unique words is 1975
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 10
    Total number of words is 3900
    Total number of unique words is 2012
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    40.7 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 11
    Total number of words is 3804
    Total number of unique words is 2027
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 12
    Total number of words is 3753
    Total number of unique words is 2094
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 13
    Total number of words is 3882
    Total number of unique words is 2070
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 14
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 2044
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    41.1 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 15
    Total number of words is 3779
    Total number of unique words is 2031
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    48.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 16
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 1993
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 17
    Total number of words is 3898
    Total number of unique words is 1817
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 18
    Total number of words is 3989
    Total number of unique words is 1828
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    49.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 19
    Total number of words is 3863
    Total number of unique words is 1979
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 20
    Total number of words is 3899
    Total number of unique words is 1979
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 21
    Total number of words is 3880
    Total number of unique words is 1973
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 22
    Total number of words is 3843
    Total number of unique words is 2030
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 23
    Total number of words is 3886
    Total number of unique words is 1981
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 24
    Total number of words is 3825
    Total number of unique words is 2038
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 25
    Total number of words is 3946
    Total number of unique words is 1886
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 26
    Total number of words is 3697
    Total number of unique words is 1784
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.