Latin

Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 23

Total number of words is 3886
Total number of unique words is 1981
31.8 of words are in the 2000 most common words
43.9 of words are in the 5000 most common words
50.5 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
edwertaýzer” gazeti gaýtalap çap eder diýen umyt bilen şeýle edýän bolaýmasa” diýen netijä geldi.
“O nähili beýle bolýar-a?” diýip men jenap Anderwudyň gazetiniň ilkinji zolagyny okap oturyşyma
oýlanýardym. Manysyz ganhorluk?...Soňky pursadyna çenli Tomuň işi kanunalaýyklykda alnyp
barylýardy, onuň işini açyk kazyýet mejlisinde seljerdiler, oňa höküm çykaranlar hem on iki sany oňat
hem dogruçyl, päkize adamlar, meniň kakam onuň hukuklaryny goramak üçin elinden gelenini etdi.
Indi bolsa, bu zatlaryň barysy “manysyz ganhorluk” bolýar…Düşnüksiz…Ýöne az-owlak soň men
jenap Anderwudyň aýtmakçy bolýan zadyna akyl ýetirdim: Attikus bar güýji bilen Tom Robinsony
halas etmäge dyrjaşdy, ol adamlaryň hemmesine Tomuň bigünädigini subut etmäge çalyşdy, ýöne
hemmese bihuda boldy, sebäbi olaryň her biri öz kalplarynyň iň pynhan künjünde Toma aýyplaw
hökümini çykaryp goýupdy. Meýella Ýuel gykylyk turzan pursaty eýýäm Tomuň bagty ýatypdy.
Bada-badam tutuş Meýkomba Tomuň aradan çykmagy babatda jenap Ýueliň pikiri aýan boldy. Ol
habar hemme gybatlaryň hiç hili päsgelçiliksiz we bökdençsiz ýaýraýan ýaýlymy bolan hanym
Stiweni Krouforduň üsti bilen biziň gulagymyza-da gelip ýetdi. Jim ýanlaryndaka (bolgusyzlyk, ol
eýýäm ullakan, goý diňläbersin!) hanym Stiweni Aleksandra ejeme jenap Ýueliň: “bir-ä taýyn, ýenede ikisi galdy” diýendigini gürrüň beripdir. Jim: “men biderek ýere gorkýaryn, bu Ýuel bolgusyz ýaňra”
diýdi. Özem Jim maňa berkden-berk tabşyrdy. Eger-de men Attikusyň ýanynda bu sözler babatda
dilimi salajyn goýberäýsem, eger-de nädibem bolsa oňa özümiň ol zatlar barada bilýänimi
bildiräýsem, onda ol Jim meniň bilen galan ömrüne hiç haçan gepleşmejekmiş.
xxxxx
Ýene-de okuwymyz başlandy, şonuň bilen bilelikde-de biziň Redlileriň jaýynyň deňesinden gündelik
ýörişlerimiz hem. Jim indi ýedinji synpdady we başga mekdepde okaýardy, men bolsa üçünji
synpdadym, biziň sapaklarymyzyň tertibi düýpgöter üýtgeşikdi, şonuň üçinem biz diňe irden
mekdebe bile gidýärdik, onsoňam mekdepde nahar iýenimizde gabatlaşýardyk. Ol futbola
gatnaýardy, ýöne entek onuň köp ylgamaga güýji, çydamlylygy hem ýaşy ýetmeýärdi, şol sebäpli-de
ol häzirlikçe pökgüçileriň toparyna setil bilen suw daşaýardy. Ol muny uly höwes bilen edýärdi hemde her gün tä gün ýaşýança şol ýerde ýitirim bolýardy.
Redlileriň jaýy bolsa şol öňküsi ýaly garaňky, tutuksy hem üýşendirýän keşpde äpet dub agaçlarynyň
astynda durdy, ýöne men indi ondan gorkmaýardym. Howanyň maýyl günleri jenap Natan Redli
hemişekisi ýaly şähere gidip gelýärdi. Betnyşan bolsa elbetde, henizem şol ýerde, özüniňki-de
oturan bolmalydy, sebäbi häzirki güne çenl-ä ony jaýlaryndan alyp çykanlaryny hiç kim görmändi.
Käwagt, köne jaýyň deňinden geçip barýarkam meni ynsabym horlap başlaýardy, megerem biz şol
wagtlar Artur Redlä gaty kän ezýet beren bolmalydyk. Sebäbi çagalar penjiresinden yşyklaşyp,
çeňňek bilen hat oklaşyp, gijelerine-de eken kelemini depeleşip, ýüregine düşüp ýörseler haýsy
ýekemene ýarar?
Muňa garamazdanam ol bize şonça zady – ýabany hindi kelleli iki sany şaýyny, sakgyç, sabyndan
gurjak, medal, zynjyrlyja döwük sagat peşgeş berdi. Jim megerem ol zatlaryň baryny nirededir bir
ýerde ýygşyran bolsa gerek. Men bir gezek az-kem aýak çekdim-de, şol bagy synladym, şol köwegiň
ýapylan sement dykysynyň daşynda agajyň sütüni biraz ýognapdyr. Dykynyň özi bolsa sementiň
reňkini ýitirip sap-sary bolupdyr.
Her gezegem men olaryň jaýlarynyň deňesinden ötenimde ony görerin diýip tama edýärdim. Belki,
haçanam bolsa bir wagt biz ony göreris. Maňa örän gyzykly, bu hadysa nähili bolarka? Belki-de
şeýle bolar: Ine men-ä geçip barýaryn, ol bolsa ine hamana şol hiňňildikde oturanmyş:
Men, edil onuň bilen bütin ömrüme günde-günaşa salamlaşyp duran ýaly:
-Salam, jenap Artur,-diýerin.
Ol hem edil meniň bilen bütin ömrüme günde-günaşa salamlaşyp duran ýaly:
-Agşamyň haýyrly bolsun, Jin Luiza,-diýer:-Bu gün howanyň ajaýypdygyny, dogrumy?
Menem:
-Hawa, jenap, örän ajaýyp,-diýerin-de öz ýolum bilen bolaryn.
Ýöne welin, bu zatlaryň barysy adaty arzuw bolmagyna galýardy. Biz ony hiç haçan görmeris. Ol
megerem, hakykatdan hem diňe aý ýaşanda öýünden çykyp, hanym Stiweni Krouforduň
penjiresinden yşyklaýan bolmaly. Onuň ýerine özüm bolsam-a kime-de bolsa başga birine
serederdim, ýöne kimdir birine seredip seretmezlik onuň öz işi. Ine bize welin ol hiç haçanam
seretmez.
-Sen ýene-de öňki edähetiňe başlan bolaýma, birden?-diýip Attikus bir gezek agşam men oslagsyz
ýerden men heniz dirikäm iň bolmanda ýekeje saparam bolsa, iň bolmanda birje gözümiň çetjagazy
bilenem bolsa Betnyşan Redlini synlap görmeli bolaryn ahyry diýenimde menden sorady. Soňam
dowam etdi:-Eger-de şeýle bolsa, onda men saňa bada-bat aýdýaryn: bes etginiň. Men indi seni her
gün onlarça gezek olaryň howlusyndan jyrraldyp kowalap ýörerden öte garradym. Onsoňam olaryň
howlusyna sümülip ýörmegiň özüne ýetik howpy-da bar. Seni atyp goýbermekleri-de ähtimal. Sen
bilýärsiň ahyry, jenap Natan, her bir kölegä gözi düşen badyna tüpeňini towhuldadyp goýberýär
ahyry, ol hatda ýerde otuzynjy ölçegli aýak yzlaryny galdyryp gidýän aýakýalaňaç kölegeleri-de sylap
goýar öýdemok. Biler bolsaň, şol sapar seniň maňlaýyň işläpdir, sen diri galypsyň.
Men şol bada dilimi dişledim-de içimden pikir öwürdim: Attikus nähili gowy. Ol özüniň käbir zatlar
barada biziň çak edişimizden has köpräk hem jikme-jikräk bilýändigini şu geçen döwrüň içinde ilkinji
gezek görkezýärdi. Ýogsa bu zatlar tas ýüz ýyldanam gowrak wagt mundan ozal bolup geçipdi ahyry.
Ýok, ýok, ýogsa-da diňe geçen tomusdady ahyry…ýok, geçen tomusda, haçan-da…Bäh, görýän
welin, meniň kellämde bar zat bulam-bujar bolupdyr öýdýän. Jimden sorap görmeli.
Şondan bäri biziň bilen şeýlebir köp zatlar bolup geçipdir welin, görlüp otursa, Betnyşan Redli iň
gorkunç zadam däl ekeni. Attikus bolsa özüniň ýene-de nämedir bir zatlar bolup geçer
öýtmeýändigini, durmuşyň çaltlyk bilen öňki hanasyna girýändigini aýtdy. Biraz wagt geçer, onsoň
haçanam bolsa bir mahal, ýeriň ýüzünde Tom Robinson atly şunça gep-gürrüňiň ýüze çykmagyna
sebäpkär bolan bendäniň ýaşandygyny-da hemmeler unudarlar.
Belki-de Attikusyň aýdýanlary dogrudyr, ýöne geçen tomusda bolup geçen wakalardan soň biz edil
özümizi dymyk hem çilimiň tüssesinden doly otagda ýaly duýup, hiç erkana dem alyp bilmeýärdik.
Meýkombyň ýaşaýjylary Jim ikimiz bilen Tomuň täleýi barada gepleşmeýärdiler, megerem olar ol
hakynda öz çagalary bilen gepleşýän bolmaklary ahmal, özlerem bolup geçen zatlara megerem:
“Attikus biziň kakamyz bolsa-da biziň bolan wakalarda hiç hili günämiz ýok, şonuň üçinem Attikusa
garamazdan goý çagalar bir biz babatda geçirimli bolsunlar” diýen düşünje bilen garaýan bolara
çemelidi. Çagalaryň diňe özleriniň bu zatlar hiç haçan ýadyna-oýuna-da düşjek däldi. Eger-de ulular
biziň deň-duşlarymyzyň ugur-utgalaryny ýitirer ýaly derejede aňkalaryny aşyrmadyk bolsadylar, onda
Jim ikimiziň her haýsymyzyň olaryň haýsy-da bolsa biri bilen birdir-ýarymdyr gezek urşardyk-da,
şonluk bilenem ähli zat tamamlanardy. Indi bolsa biz hemişe başymyzy belent tutup özümizi hakyky
erkek kişi we hakyky asylly hanym ýaly alyp barmaga mejbur bolýardyk. Bu zatlaryň barysy-da
hanym Genri Lafaýet Dýubozyň eýýamyny ýadymyza salýardy, ýöne ol döwürden tapawutlylykda
biziň üstümize hiç kim bokurdagyny ýyrtmaýardy. Ýöne ýene-de bir täsin hem düşnüksiz ýagdaý:
Meýkombyň pikiriçe Attikus erbet kaka bolsa-da ştatyň kanunçykaryjy ýygnagyna hemmeleriň
biragyzdan ses bermegi bilen ýene-de şony saýladylar. Ýok-la, her näme diýseňem, görýän welin,
bu adamlar birhili öte täsin jandarlar. Şonuň üçinem men olardan gaçarak gezenimi we mümkin
boldugyndan olar hakynda pikirlenmänimi kem görmedim.
Ýöne bir gezek welin, men islesem-islemesem olar hakda oýlanmaly boldum. Mekdepde, hepdede
bir gezek bizde gündelik bolup geçýän wakalaryň sapagy geçirilýärdi. Her kim gazetden bir
makalany gyrkyp alyp, sapakda ünsli okap bermelidi we özüçe onuň mazmunyny aýdyp bermelidi.
Bu sapak çagalary köp bela-beterden gorap saklar diýlip çak edilýärdi, sebäbi öz okan zadyny
gürrüň berýärkä, okuwçy hemmeleriň gözüniň alnynda durmaly boljakdy, ol owadan durmaga çalşar,
şonuň netijesinde-de göwresine oňat erk etmegi öwrener, ol okan zadyny gysgajyk aýdyp bermeli
bolar, şonuň netijesinde-de gepläninde söz saýlamagy öwrener, ol gündelik bolup geçýän wakalary
ýat tutmagy öwrenmäge-de mejbur bolar, bu bolsa onuň ýatkeşligini artdyrar, onuň tenha özi
köpçüligiň öňünde durmaly bolar, bu bolsa onuň ýene-de hemmeleriň arasynda bolmaga islegini
güýçlendirer diýip bu tükeniksiz ezýeti oýlap tapan mugallymlar çaklaýardylar.
Elbetde, örän uly açyş hem biçak çuňňur pikir, ýöne adatça bolşy ýaly Meýkombda ondan derekli zat
çykmady. Birinjiden-ä, mülkdar daýhanlaryň çagalary hiç haçan diýen ýaly gazet diýilýän zadyň
gyrasynam görmeýärdiler, şonuň üçinem gündelik bolup geçýän wakalar diňe şäherli çagalaryň
gerşindäki aýrylmaz ýüke öwrüldi, bu ýagdaý bolsa şäheriň daşynda ýaşaýanlary mugallymlaryň
diňe şäherli çagalara üns berýändiklerine ynandyrdy. Şäheriň daşynda ýaşaýanlardan ellerine
kämahal gazet ilýänleri bolsa adatça “Radikal sahypa” atly gazetden makalalary saýlap alýardylar, ol
gazeti bolsa biziň mugallymamyz hanym Geýts gazet diýibem haspa etmeýärdi. Men, dogrusy onuň
kimdir biri “Radikal sahypadan” makalany aýdyp berýän wagty näme üçin gaşlaryny bürüşdirip
oturýandygyny-ha bilmeýärin, ýöne göwnüme bolmasa, onuň gözüne bu gazeti okamak, edil hiç zat
işlemän bikär çapak çalyp oturan ýaly, ertirlikde tagamlyja, myssyjak kökeleri iýen ýaly, aýnanyň
öňünde pyrlanyp duran ýaly ýa-da “Eşegiň aýdymy şeýlebir hoşowaz” diýen aýdyma gygyryp ýören
ýaly – umuman mugallymlaryň bize etmezligi öwredýän we şonuň üçinem zähmet hakyny alýan, ähli
biderekliklerini eden ýaly bir zat bolaýmasa.
Onsoňam biziň içimizde iki-ýekesi bolaýmasa kän bir gündelik bolup geçýän wakalar diýilýän zada
düşünýänimiz hem ýokdy diýen ýalydy. Kelteje – sygyrlaryň hem-de olaryň endikleriniň iň beýik
bilermeni eýýäm Netçel daýyjyk baradaky hekaýatjygyň ortasyna dagy ýetipdi welin, birdenkä hanym
Geýts ony saklady:
-Bu gündelik bolup geçýän wakalar däl, Çarlz. Bu mahabat.
Ine Sesil Jeýkobs welin, gündelik bolup geçýän wakalaryň nämedigini bilýän ekeni. Haçan-da onuň
jogap bermek nobaty ýetende ol tagtanyň öňüne çykdy-da, başlady:
-Goja Gitler…
-Adolf Gitler, Sesil,-diýip hanym Geýts düzediş berdi:-Haçan-da kimdir biri barada gepläniňde ony
“goja” diýip atlandyrmak gelşiksiz bolýar.
Sesil:
-Hawa, hanym,-diýdi:-Hawa, onsoň, goja Adolf Gitler ýehudylary derňeýär…
-Yzarlaýar, Sesil…
-Ýok, hanym, hanym Geýts, ine şu hut şeýle diýibem ýazylgy…Hawa, onsoň, goja Adolf Gitler
ýehudylary kowalaýar, olary türmä basýar, olaryň elinden olara degişli bolan ähli goş-golamlaryny,
mata-marlaklaryny alýar, olaryň ýekeje ýartysyny hem serhetden daşyna goýbermeýär we ol akly
kemleriň ählisini ýuwýar.
-Akly kemleri ýuwýar? Ýeriň ýüzünden ýok edýär diýen manyda aýdýarsyňmy?
-Ýok-la-how, hanym, hanym Geýts, olaryň akly kem bolandygy sebäpli olaryň özleriniň ýuwunmagada eşiklerini ýuwmaga-da akly çatýan däl bolmaly, sebäbi ýarym däli näme özüni tämiz saklap
bilermi dagy? Hawa, onsoň, ine Gitlerem hemme ýarym ýehudylary bir ýere jemläkgetdin, olaryň
haýsydyr bir hokga goparmaklaryndan çekinip, olardan gözüni aýyrmazlygy ýüregine düwüpdir,
meniň pikirimçe-de bu işleriň hemmesi erbet, ine meniň gündelik bolup geçýän wakam-a şu hili.
Hanym Geýts:
-Berekella, Sesil,-diýdi.
Öz-özünden göwnühoş halda Sesil ornuna tarap ýöneldi.
Şol wagt has yzrakdan bir ýerden kimdir biri elini galdyrdy.
-Ol nähili beýle edip bilýär-ä?
-Kim nähili we näme edip bilýär?-diýip hanym Geýts sabyrlylyk bilen sorady.
-Ýaňky Gitler-le, ol nädip şonça adamy alakgetdin gözenegiň aňyrsyna dykyp bilýärkä, hany
hökümet, olar näme üçin ony togtatmaýarlarka?
Hanym Geýts:
-Gitleriň özi hökümet,-diýdi-de bada-badam sapagy işjeň sorag-jogap alyşmaga öwürmek
mümkinçiliginden peýdalandy. Ol tagtanyň ýanyna bardy-da, uly basma harplar bilen
“DEMOKRATIÝA” diýip ýazdy.
-Demokratiýa,-diýip ol okady:-Munuň nämedigini kim bilýär?
Men Attikusyň saýlawlar döwründe düşündirýän şygaryny ýadyma saldym-da, elimi galdyrdym.
-Hawa, hawa, seniň pikiriňçe bu näme, Jin Luiza?
-Hemmeler üçin deň hukuklaryň bolmagy we hiç kim üçin hiç hili artykmaçlyklaryň bolmazlygy,-diýip
men ýat tutan sözlerini tatyrdadyp goýberdim.
-Berekella, Jin Luiza, berekella,-diýip hanym Geýts ýylgyrdy. Soňra “demokratiýa” diýen sözüň
öňünde şonuň ýaly uly basma harplar bilen “BIZDE” diýip ýazdy.
-Indi bolsa geliň hemmämiz bile aýdalyň: bizde demokratiýa.
Biz gaýtaladyk.
Hanym Geýts:
-Ine şu hem Amerika bilen Germaniýanyň arasyndaky tapawut,-diýdi:-Bizde demokratiýa,
Germaniýada bolsa diktatura. Diktatura. Biz öz ýurdumyzda hiç kimi ýazgarmaýarys, yzarlamaýarys.
Özgeleri bolsa diňe ters ynançlar bilen keselläp, olara köre-kör ynanýan adamlar yzarlaýarlar. Te-eers y-na-a-anç,-diýip ol süýkdürip aýtdy:-Ýehudylar hem edil beýleki halklar ýaly halk, ýöne men
Gitleriň näme üçin başgaça pikir edýändigine hiç düşünip bilmeýärin.
Öňdäki hatarda oturan haýsydyr bir bilesigeliji sorady:
-Siziň pikiriňizçe, hanym Geýts, näme üçin ýehudylary halamaýarlar?
-Men-ä dogrusy, bilmeýärin, Genri. Olar islendik ýurtda-da jemgyýetiň peýdaly agzalary, galybersede olar örän dindar, takwa halk. Gitler bolsa dini köki-damary bilen ýok etmekçi bolýar, belki-de hut
şonuň üçinem olary halaýan däldir.
-Men, elbetde, bilemok,-diýip Sesil çasly aýtdy:-ýöne olar eşidişime görä pul çalyşmakmy ýa-da şoňa
meňzeş bir zat bilenmi meşgul bolýarlar ýaly, ýöne barybir munuň üçin olary yzarlap bolmaz ahyry!
Olar akýagyzlar ahbetin, dogrumy?
Hanym Geýts:
-Ine sen ýedinji synpa geçersiň, Sesil,-diýdi:-şonda sen ýehudylary gadym döwürlerden bäri yzarlap
gelýändiklerini, olary hatda öz ýurtlaryndanam kowandyklaryny bilersiň. Bu waka adamzadyň
taryhyndaky iň gynançly sahypalaryň biridir…Indi bolsa geliň arifmetika bilen meşgullanalyň çagalar.
Men hiç haçanam arifmetikany halamaýardym, şonuň üçinem sapakdan ünsümi sowup penjirä
seretmäge başladym. Men diňe ýekeje sapar Attikusy hakykatdan hem gaharly ýagdaýda görüpdim,
haçan-da Elmer Deýwis radioda Gitler barada gürrüň berýärkä. Şonda Attikus tarsa turdy-da radiony
öçürip: “Owf-f!” diýdi. Soň bir gezek onuň näme üçin Gitlere gaharlanýandygyny soranymda Attikus:
-Sebäbi ol guduzlapdyr,-diýdi.
“Ýok, beýle bolsa-ha gowy boljak däl” diýip men tutuş synp bolup deňleme işläp otyrkalar
oýlanýardym. Guduzlan-a ýekeje, nemesler bolsa millionlarça. Meniň pikirimç-ä olaryň özleri ony
gözenegiň aňyrsyna dykyp, oňa özlerini gözenegiň aňyrsyndan garatmaga mümkinçilik bermän
biläýjekler ýaly. Bä-ä, bu ýerde näme-de bolsa bir zad-a bolmalysy ýaly däl…Attikusdan sorap
görmeli.
Agşam men ondan soradym, ol bolsa, özüniň hiç hili jogap berip bilmejekdigini, sebäbi özüniň hem
nämäniň nämedigine göz ýetirip bilmeýändigini aýdyp jogap berdi.
-Ýöne Gitleri ýigrenmek – bu gowy zatmy?
-Kimdir birini ýigrenmäge mejbur bolmak-da jinnek ýalyjak-da gowulyk ýokdur.
Men:
-Attikus,-diýdim:-barybir men düşünmeýärin. Hanym Geýts aýdýar: “Gitleriň edýän işi aýylgançlyk”
diýýär, ol hatda şu zatlary aýdyp berýärkä jym-gyzyl bolubam gitdi…
-Men ondan başga zada garaşmaýardym hem.
-Onda näme…
-Näme “onda näme”?
-Hiç zat, jenap.
Men sesimi çykarman gitdim, sebäbi kellämdäki pikirleri, özümiň bulaşyk duýgularymy Attikusa nädip
düşündirjekdigimi bilmeýärdim. Belki-de Jim maňa düşündirip berer. Mekdepde bolup geçýän
zatlarda Attikusdan Jimiň başy gowy çykýar.
Jim uzakly günläp suw daşapdyr we halys ýadapdyr ekeni. Onuň ýatyş sekisiniň gapdalynda, ýerde
süýtden boşan çüýşe hem-de azyndan on sany bananyň-a gabygy çaşyp ýatan ekeni.
-Sen näme şunça zady symyşlaýdyňmy?-diýip men soradym.
Ol:
-Tälimçim eger-de men ýene-de bir ýyldan ýigrimi bäş funt semresem, meniň pökgi oýnap
biljekdigimi aýdýar,-diýdi:-Şeýle iýip-içseň bolsa bahym semreýärsiň.
Men:
-Eger-de seniň ýüregiň bulanyp gaýtarmasaň,-diýdim:-Jim, men senden käbir zatlary soramaly.
-Bol döküber etegiňdäki daşlaryňy,-diýdi-de ol kitabyny bir gapdala goýup, aýagyny uzyn saldy.
-Hanym Geýts oňat ahyry, dogrumy?
-Oňat. Biz onuň elinde okadyk, ol hiç neneň däl.
-Ol bilýäňmi, Gitleri şeýlebir ýigrenýär…
-Ýeri bolanda näme?
-Düşünýäňmi, şu gün ol onuň ýehudylara şeýle erbet çemeleşýändigi juda erbet diýip aýtdy. Jim, hiç
kimi yzarlamak bolmaýar ahyry, bu adalatsyz gerek, şeýle dälmi? Hatda kimdir biri barada nejis
oýlanmak hem gadagan, dogrumy?
-Hawa, elbetde, Gözlüje, gadagan. Ýöne bu gün seni haýsy siňek dişledi?
-Düşünýäňmi, biz şol gezek kazyýetiň binasyndan çykanymyzda hanym Geýts…ol basgançakda
biziň öňümizden ýöräp gelýärdi…sen, megerem, ony görenem dälsiň…ol hanym Stiweni Krouford
bilen gepleşip gelýärdi. Ine onsoň ol şonda diýdi: “olara mazaly sapak bermegiň wagty gelip ýetdi,
olar halys depämize çykdylar, bahym, görýän welin, bizi aýal edinip almagy isläp başlarlar” diýdi. O
nähili beýle bolýar ahyry, Jim, öz-ä Gitleri ýigrenýär, özi bolsa biziň bärdäki garaýagyzlarymyz
barada şeýle ýürekbulanjy gepleýär…
Jim birdenkä guduzlana dönäýdi. Ol ýatyş sekisinden böküp turdy-da, meniň ýakamdan ebşitläp
tutaga-da meni şeýlebir silkip goýberdi:
-Şol kazyýet mejlisi barada eşidesimem gelmeýär, eşidýäňmi, eşidesim gelmeýär! Düşündiňmi?
Indem mundan beýläk senden şol mejlis hakda ýeke söz eşidäýmäýin, düşündiňmi? Indi bolsa ýok
bol şu taýdan!
Men onuň bolşuna şeýlebir haýran galdym welin, hatda aglamak-da ýadymdan çykaýpdyr. Men
daraklygyma basyp otagdan çykdym-da, birden Jim gapynyň jygyldysyny eşidip öňküsindenem beter
beleň alyp galaýmasyn diýen pikir bilen işigi başardygymça ýuwaşja ýapdym. Men edil bir pursadyň
içinde şeýlebir ýadadym welin, tizräk Attikusyň ýanyna barasym geldi. Ol myhman otagyndady, men
oňa ýakynladym-da dyzyna münmek isledim.
Attikus ýylgyrdy.
-Sen indi şeýlebir ullakan bolupsyň welin, gyzym, indi hatda meniň gujagyma-da sygmajak bolýarsyň.
Ol meni has mäkämräk bagryna basdy-da, pessaýja pyşyrdady:
-Sen Jimiň bolşy üçin gynanmagyn, Gözlüjäm. Bu wagt onuň durmuşynda iň kyn döwürleriň biri.
Men onuň saňa gygyrandygyny eşitdim.
Attikus ýene-de: “Jim nämedir bir zady hakydasyndan çykarjak bolup elinden gelenini edýär, ýöne ol
ýadyndan çykaryp bilmez, ol diňe belli bir wagta çenli şol zat barada oýlanman biler. Biraz wagt
geçenden soň bolsa ol şol zat hakda pikir etmegi-de başarar, ine şonda-da özi üçin hemme zady
aýyl-saýyl eder. Şondan soňam ol öňküsi ýaly bolar” diýdi.
xxxxx
Edil Attikusyň aýdyşy ýaly, hemme zat ýuwaş-ýuwaşdan düzeldi. Oktýabryň ortasyna çenli
Meýkombda hemme zat adatdaky akymyna akyp başlady, diňe şäheriň iki sany ýaşaýjysy bilen kän
bir ähmiýetsiz waka bolup geçdi. Ýok, has takyk aýdanyňda üç sanysy bilen, ol hadysajyklar bize –
Finçlere gönüden-göni dahyll-a däldiler, ýöne welin az-da-kän-de galtaşyb-a geçýärdiler.
Birinjisi: jenap Bob Ýueli işe aldylar we dessine-de diýen ýaly işden çykardylar, otuzynjy ýyllarda bu
ýagdaý ýeke-täk ýagdaý boldy, men-ä hiç haçan şol ýyllarda ondan başga kimdir biriniň
jemgyýetçilik işlerinden ýaltalyk üçin kowlandygyny eşitmedim. Şan-şöhratyň gysga wagtlyk
ýalpyldysy onda edil jyzlanyň ömri ýaly işe höwes gysgajyk möwç urmasyny döretdi, ýöne onuň işe
bolan yhlasy onuň meşhurlygyndan uzaga çekmedi, örän bahym edil Tom Robinsony unudyşlary
ýaly ony-da ýatdan çykardylar. Ol ýene-de her hepde-de takyklyk bilen kömek puluny almaga baryp
başlady, her gezek pul hatyny alanda-da, özlerini şäheri dolandyrýandyrys öýdüp hondanbärsiräp
ýören we ynsaply adama güzeran aýlar ýaly gazanç etmäge mümkinçilik bermeýän birtopar
çöpdüýbiler barada nämedir bir zatlar gaharly hüňürdeşdirip ugrady. Kömek puluny berýän Rut
Jounzyň aýtmagyna görä, jenap Ýuel Attikusyň öz elinden işini gaňryp alandygy hakynda gös-göni
aýdýarmyşyn. Ol muňa juda bozulypdyr, hatda Attikusyň iş ýerine hem baryp, oňa ähli zady bolşybolşy ýaly gürrüňem beripdir. Attikus bolsa hamana, goý hanym Rut tolgunyp ýörmesin, eger-de Bob
Ýuel öz aýdýan zatlaryny onuň bilen çözlüşmek isleýän bolsa, onda onuň edarasyna barýan ýol oňa
bellimişin diýip aýdypdyr.
Ikinji hadysa bolsa kazy Teýlor bilen bolup geçipdi. Kazy Teýlor ýekşenbe günündäki mynajat
okalyşyna barmaýardy, hanym Teýlor bolsa barýardy. Ýekşenbe güni, agşamlaryny kazy Teýlor
özüniň äpet jaýynda ýeke özi uly lezzet bilen geçirýärdi, ol iş otagynda ynjalykly ornaşýardy-da, Bob
Teýloryň ýazgylaryny okaýardy (ol onuň bilen garyndaşlykda däldi, ýöne eger-de bolan bolsa, onda
bu ýagdaýy ägirt uly şatlyk bilen kabul ederdi). Şeýle agşamlaryň birinde kazy aýlawly usulda
ýazylan çylşyrymly jümlelerden hem-de ýaz gülleri dek pajarlap açylýan deňeşdirmelerden lezzet
alyp otyrka, birdenkä nähilidir birhili iniňi dygladýan dyrnaçaklamany eşidipdir.
-Güm bol!-diýip kazy özüniň semräp ýag basyp giden Enn Teýlor atly itine gygyrypdyr.
Ýöne şol wagt otagda hiç hili it ýok ekeni we ýaňky dyrnalýan ýaly ýakymsyz jytyrdy niredendir
aşhana tarapdan gelýän ekeni. Kazy Teýlor agyr-agyr ädimler bilen Enn Teýloryny içerik goýbermek
üçin öýüniň ýeňse ýüzdäki gapysyna tarap ýönelipdir, ýöne baryp görse eýwanyň gapysy edil ýapýaňyja kimdir biri tarapyndan serpilip açylan ýaly iki ýana hallan atyp açylyp-ýapylyp duran ekeni. Şol
pille-de nähilidir birhili kölege salgym atyp, jaýyň burçundan aýlanyp gözden ýitipdir, emma onuň
kimdigini kazy saýgaryp ýetişmändir. Haçan-da hanym Teýlor ybadathanadan dolanyp gelende onuň
adamsy kürsüsinde Bob Teýloryň ýazgylaryna çümüp oturan ekeni, onuň aýagynyň ýanynda bolsa
jysmygy, ok salyngy, atmaga taýýar edilip goýlupdyr.
Üçünji hadysa Elen Robinson, Tomuň dul galan aýaly bilen bolup geçipdi. Eger-de jenap Ýueli edil
Tom Robinsony unudyşlary undan bolsalar, onda Tom Robinsony hem edil birmahal Betnyşan
Redlini ýatdan çykaryşlary ýaly hakydalaryndan çykarypdylar. Ýöne öň Tom elinde işlän jenap Link
Diz welin ony ýatdan çykarmady. Jenap Link Diz Eleni işe aldy. Ol oňa hatda geregem däldi, ol
hamana: “Meniň kalbymda edil daş bar ýaly, hemme zat şeýlebir nejis boldy” diýip aýdanmyşyn.
Ýöne men asla düşünip bilmedim, Elen öýde ýok wagty onuň çagalaryna kim seredýärkä. Kelpurniýa:
“Eleniňki juda kyn, ol her gün Ýuelleriň deňesinden aýlanyp geçmek üçin artykmaç bir millik ýoly
geçmeli bolýar” diýip aýdýardy. Birinji gezek ol olaryň öýleriniň deňesinden geçende olar ony ellerine
ilen zat bilen daşlanmyşlar. Jenap Link Diz onuň her gün irden başga tarapdan gelýändigine ahbetin
üns berenmişin-de ahyrynam onuň näme sebäpden beýle hereket edýändiginiň gyssap-gyssap
anygyna ýetenmişin.
-Bu hiç-le, jenap, jenap Link, siz, haýyş edýän, alada etmäňsene,-diýip Elen oňa özelenip
ýalbaranmyşyn.
Jenap Link bolsa:
-Meni hut duran ýerimden şeýtanlar jähenneme süýräýsinler, eger-de men muny şu durşuna
galdyraýsam!-diýenmişin.
Ol Elene işden soň öz dükanyna gelmegi buýrupdyr. Ol gelipdirem welin, jenap Link dükanyny ýapyp,
kellesine sypal başgabyny sokupdyr-da, ony ugratmaga gaýdypdyr. Ol Eleni gysga ýol bilen, göni
Ýuelleriň deňesinden alyp gidipdir. Yzyna gaýdyp barýarka-da olaryň çagşan derwezeleriniň
deňesinde säginipdir-de:
-Ýuel,-diýip gygyrypdyr:-Eý Ýuel!
Olaryň penjirelerinden hemişe sanýetmez kiçi-Ýueller gözlerini tegeleşip seredişip durandyrlar welin,
şol pursad-a olaryň öýünde ynsdan-jynsdan gara bar-a meňzemändir.
-Men size belet, bu mahal ähliňiz bukulyşyp-busurylyşyp ýerde ýatansyňyz. Onda, ine şeýle, şuny
ýadyňdan çykaraýma, Bob Ýuel, eger-de men ýene-de ýekeje sapar meniň Elenime şu ýol bilen işe
gatnamaga mümkinçilik bermeýändigiňi eşidäýsem, sen bar-a göz açyp-ýumasy salymyň içinde
gözenegiň aňyrsynda gögerersiň, şuny bilip goýgun!-diýip jenap Link olaryň derwezesiniň agzyna
maçyladyp tüýküripdir-de, öýüne gaýdypdyr.
Ertesi gün Elen işine öňki gysga ýoly bilen gaýdypdyr. Hiç kim oňa hiç zat zyňmandyr, ýöne haçanda ol Ýuelleriň öýleriniň deňesinden geçeninden soňra yzyna gaňrylypdyr welin, jenap Ýueliň
garaba-gara yzyna düşüp gelýändigini görüpdir. Ol haýdap ugrapdyr, emma jenap Ýuel hem ondan
yza galmandyr, şol ökjesini sydyrdyp gelşine-de tä Elen jenap Link Diziň öýüne girip-gidýänçä
barypdyr. Bütin ýoluň dowamynda-da ol ýolboýy pessaý ses bilen hapa-paýyş sögünip gelipdir.
Elen gaty gorkupdyr we jenap Link Dize, onuň öýünden gatybir uzakda bolmadyk dükana jaň edipdir.
Jenap Link dükanyndan çykanda, jenap Ýueliň öz haýatyna ýaplanyp durandygyny görüpdir.
-Näme maňa gözüňi petredýärsiň, Link Diz, göýä men palçykda agnap ýatan doňuz ýaly? Men seniň
öýüňe sokulmaýaryn…
-Birinjiden-ä, meniň haýatymdan asylyp durma, sen, porsy mahluk! Ony täzeden reňklemek üçin
meniň artykmaç pulum ýok. Ikinjidenem, meniň aşpezimden daşrakda gez, ýogsa-da zenan
maşgalanyň namysyna kast edendigiň üçin kazyýetiň öňünde kel kelläňi ýalaňaçlamaly bolarsyň.
-Men oňa barmagymy hem degirmedim, Link Diz. Men şar-garakirlini başyma ýapaýynmy diýsene!
-Munuň üçin barmagyňy galtaşdyrmagam gerek däl, seniň ony gorkuzandygyň hem ýetik bolar,
eger-de söz bilen masgaralamak üçin gulp astyna dykmaýan bolsalar, onda men seni zenan
maşgalany masgaralamak baradaky kanunyň esasynda jogapkärçilige çekdirerin, şonuň üçinem
meniň gözümiň öňünden güm bol, bahymrak! Iň gowusy-da sen oňa ýanaşma, bilýänsiň, men özüm
bilen oýun edeniň edil iki gözüni akdyryp, ony-da gowrup özüne iýdiräýýändirin!
Jenap Ýuel hem, megerem, bu zatlaryň ählisiniň oýun däldigine düşünen bolara çemeli, sebäbi Elen
şondan soň onuň özüne azar berýändigi barada zeýrenmändir.
-Maňa bu zatlar ýaramaýar, Attikus, biçak ýaramaýar,-diýip bolup geçen hadysalar hakynda
Aleksandra ejem dil ýardy:-Bu Ýuel, görýän welin, şol iş bilen bagly hemmeler babatda içinde kituw
saklap galan ýaly-la. Şonuň ýaly adamlar, çaksyz içi güjükli bolýarlar, ýöne men düşünmeýärin, ol
näme üçin kazyýetiň hökümi çykandan soň köşeşmedikä…ol öz maksadyna ýetdi ahyry?
Attikus:
-Men-ä, göwnüme bolmasa, düşünýän öýdýärin,-diýdi:-Kalbynyň jümmüşinde ol, megerem, Meýella
ikisiniň toslamalaryna Meýkombda örän az adamyň ynanýandygyna akyl ýetirýän bolmaly. Ol şol
ýagdaýda gahryman bolasy geldi, a hakykat ýüzünde nähili boldy?...”Ýeri bolýar, garaýagyz-a, biz
dogrusy, iş kessek keserisem, ýöne sen welin, han ogul, hany bakaly, yzyňa, zibilhana göterilsene,
gowusy” diýlen ýaly boldy. Ýöne ind-ä ol hemmeler bilen hasaplaşan ýaly, şoňa görä-de ol häzirki
wagtda kanagatlanan bolmaly. Ine bahym howa üýtgär, onsoň ol hasam rahatlanar.
-Ýöne ol näme üçin Jon Teýloryň öýüne giripdir? Ol, megerem, Jonuň öýdedigini bilen däldir, ýogsa
girmezdi…Ýekşenbe günleri, agşamlaryna Jonuň öýünde diňe iş otagynda we baş girelgesinde çyra
ýanýar…
Attikus:
-Biz hut Bob Ýueliň Teýloryň öýüne girendigini anyk bilmeýäris ahyry,-diýdi:-Ýöne, dogrusy, men bu
ýerde nämäniň bardygyny çaklaýaryn. Men onuň ýalan sözleýändigini ýüze çykardym, Jon bolsa
onuň akmakdygyny äşgär edip, ony uly ile peçan etdi. Ýueliň görkezme beren tutuş wagtynda men
Jona seretmäge gorkdum, sebäbi gülmän saklanyp biljekdigime ynamym ýokdy. Jon oňa şeýlebir
birhili edip gözlerini tegeläp seredýärdi welin, ol göýä üç aýakly jüýjäni ýa-da dörtburç ýumurtgany
görýän ýalydy. Şonuň üçinem hamana kazylar oturdaşlara täsir etmezlige düýbünden dyrjaşmaýarlar
diýip sen meni ynandyrjagam bolup ýatma,-diýip Attikus gülümsiredi.
Oktýabryň aýaklaryna biziň durmuşymyz öňki, adaty akymyna gaýym girdi – mekdep, oýunlar,
sapaklar.
Jime, megerem, unutmagy isleýän zadyny kellesinden zyňmak başardan bolara çemeli, biziň
synypdaşlarymyz bolsa ahbetin ägirt uly rehimdarlyk bilen bize kakamyzyň täsinliklerini ýatdan
çykarmaga mümkinçilik berdiler. Diňe birje sapar Sesil Jeýkobs menden sorady – belki-de Attikus
çakdanaşa aýgytly hereketleriň tarapdary hem eglişiksiz çepçidir? Biziň ikimiz hem munuň
nämedigini bilmeýärdik, Jimem bilmeýän ekeni, onsoň men bu barada Attikusdan: “sen şolmy?” diýip
soradym. Bu sorag onuň şeýlebir gülküsini tutdurdy welin, men ol gülüp bolýança ondan hatda iki-üç
gezek öýkeläp ýazylmaga-da ýetişdim, ýöne kakam: “men seniň üstüňden gülmeýärin” diýip
aýdanyndan soň biraz köşeşmeli boldy.
Attikus:
-Sen Sesile aýt, menem edil Rimus day ýaly çakdanaşa aýgytly hereketleriň tarapdary hem eglişiksiz
çepçi-diýdi.
Aleksandra ejem bolsa şu günler gül-gül bolup açylýardy. Hanym Modi, megerem, ýeke zarbada
tutuş haýyr-sahawat jemgyýetiniň agzyny ýumduran bolara çemeli, sebäbi ejekem ýene-de ol ýerde
hemme zady dolandyrýardy. Onuň tagamlary bolsa şeýlebir süýjäpdiler welin, indi olary iýeniňde
gulagyňy kesselerem duýup bolmajak ýalydy. Hanym Merriuzeriň gürrüňlerinden men betbagt
mrunlaryň durmuşy hakda hasam köp zatlary bildim: asyl olar maşgala diýlen zadyň nämedigini
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 24
  • Parts
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 01
    Total number of words is 3841
    Total number of unique words is 2102
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 02
    Total number of words is 3827
    Total number of unique words is 2017
    29.3 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 03
    Total number of words is 3859
    Total number of unique words is 2027
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 04
    Total number of words is 3885
    Total number of unique words is 2047
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    47.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 05
    Total number of words is 3841
    Total number of unique words is 2023
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    40.3 of words are in the 5000 most common words
    47.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 06
    Total number of words is 3852
    Total number of unique words is 1981
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    46.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 07
    Total number of words is 3894
    Total number of unique words is 2053
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 08
    Total number of words is 3897
    Total number of unique words is 1975
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    47.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 09
    Total number of words is 3886
    Total number of unique words is 1975
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 10
    Total number of words is 3900
    Total number of unique words is 2012
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    40.7 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 11
    Total number of words is 3804
    Total number of unique words is 2027
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 12
    Total number of words is 3753
    Total number of unique words is 2094
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 13
    Total number of words is 3882
    Total number of unique words is 2070
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 14
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 2044
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    41.1 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 15
    Total number of words is 3779
    Total number of unique words is 2031
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    48.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 16
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 1993
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 17
    Total number of words is 3898
    Total number of unique words is 1817
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 18
    Total number of words is 3989
    Total number of unique words is 1828
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    49.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 19
    Total number of words is 3863
    Total number of unique words is 1979
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 20
    Total number of words is 3899
    Total number of unique words is 1979
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 21
    Total number of words is 3880
    Total number of unique words is 1973
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 22
    Total number of words is 3843
    Total number of unique words is 2030
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 23
    Total number of words is 3886
    Total number of unique words is 1981
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 24
    Total number of words is 3825
    Total number of unique words is 2038
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 25
    Total number of words is 3946
    Total number of unique words is 1886
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 26
    Total number of words is 3697
    Total number of unique words is 1784
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.