Latin

Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 09

Total number of words is 3886
Total number of unique words is 1975
30.0 of words are in the 2000 most common words
41.7 of words are in the 5000 most common words
47.4 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Biz ony Redlileriň jaýynyň gapdaly bilen yzymyza düşürip alyp gaýtdyk, ol Jimiň görkezen tarapyna
seretdi. Tim Jonson bu wagt örän daşdady, ýöne ol bize tarap ýöräp gelýärdi. Ol birhili gyşarylyp
ýöreýärdi, edil sag aýaklary çepinden gysga ýaly. Men pikir etdim: „Ol edil çägede batan ulag ýaly“.
-Ol birhili gyşyk bolaýpdyr-diýip Jim aýtdy.
Kelpurniýa gözlerini petretdi, soňam bizi garsa gujaklady-da, gyssanmaçlyk bilen öýe garşy dartyp
ugrady. Gapyny jarkyldadyp ýapdy-da, okdurylyp baryp, telefony aldy-da, oňa gygyrdy:
-Jenap Finçiň edarasyny birikdiriň! Jenap Finç, bu Kel! Edil Hudaýyň öňündäki ýaly, çynymy
sözleýän, biziň köçämizde guduzlan it bar...Hawa, jenap, bize tarap ylgap gelýär...Hawa...Jenap
Finç, ine meniň size çyn sözüm...Tim Jonson...Hawa, jenap...Bolýar, jenap...bolýar...
Ol telefony ýerinde goýdy welin, biz ondan Attikusyň näme diýýändigini sorap başladyk, ol bolsa diňe
siňekler ýüregine düşýän sygyr ýaly başyny talawlatdy-da oňaýdy. Soňra telefonyň gaňyrçagyna
kakyşdyrdy-da, oňa:
-Hanym Ýula Meý...ýok, hanym, jenap Finç bilen men eýýäm gepleşdim, haýyş edýän indi
birikdirmäňem...Meni diňläň, hanym Ýula Meý, belki siz hanym Reýçele we hanym Stiweni Krouforda,
şeýle hem biziň köçämizde başga-da kimde telefon bolsa jaň edersiňiz? Olara aýdyň, guduzlan it
gelýär! Haýyş edýän, hanym!
Ol biraz diňläp durdy.
-Fewraldygyny bilýärin, hanym Ýula Meý, ýöne men haçan itiň sagdygyny, haçan bolsa
guduzlandygyny bilýärin, hatyrjem bolaýyň, men ýalňyşmaryn. Haýyş edýän, hanym, howlugyň!
Soňra Kelpurniýa Jimden sorady:
-Redlilerde telefon barmy?
Jim telefon kitapçasyna seretdi-de, ýok diýip aýtdy.
-Olar öýlerinden çykmaýarlar ahyry, Kel.
-Barybir, olara aýtmak gerek.
Ol ylgap eýwana çykdy, bizem onuň yzyna düşmäge çemelendik.
-Öýde oturyň!-diýip ol bize gygyrdy.
Hanym Ýula eýýäm Kelpurniýanyň duýduryşyny biziň hemme goňşularymyza ýetiren bolmaly.
Gözüň ýetýän ýerinde biziň köçämizdäki ähli gapylar gaýym ýapylgydy. Tim Jonson hiç ýerde
görünmeýärdi. Kelpurniýa gat-gat geýlen aşaky köýnekleriniň hem-de öňlüginiň etekleriniň çetini
eline aldy-da, Redlileriň jaýyna garşy ökjäni göterdi. Ylgap barşyna eýwana girip, olaryň işiginde
deprek kakyp ugrady. Hiç kim ses bermedi welin, ol ulili bilen gygyryp başlady:
-Jenap Natan! Jenap Artur! Seresap boluň, guduzlan it! Guduzlan it!
Men:
-Ol arka tarapdaky eýwandan baryp kakmalydy-diýdim.
Jim başyny ýaýkady-da:
-Häzir bu wajyp däl-diýdi.
Kelpurniýa bihuda ýere gapyny döwäýjek bolýardy. Oňa hiç kim ses bermedi, hamana ony hiç kim
eşitmeýän ýaly.
Ol Redlileriň jaýynyň ýeňse ýüzündäki eýwana ylgady, şol pille-de biziň öýümiziň öňündäki ýodajyga
gara „ford“ uçup çykdy. Ondan Attikus bilen jenap Gek Teýt çykdy. Gek Teýt Meýkomb okrugynyň
şerifidi. Biziň Attikusymyz ýaly uzyn bolsa-da ol biraz inçeräkdi hem-de burunlakdy. Onuň aýagynda
beýik gonçly, bagjykly, ýalpyldawuk demir deşikli ädik, dar jalbar bardy, egnine awçylaryň penjegi
geýilgidi. Biline bolsa okly kemer guşalgydy. Eli äpet tüpeňlidi. Olar iki bolup eýwanyň öňüne geldiler,
Jim gapyny açdy.
Attikus:
-Çykma, ogul,-diýdi:-Ol nirede Kelpurniýa?
-Häzir megerem, nirededir bir şu töwereklerdedir-diýip Kelpurniýa elini köçäniň ugruna salgady.
-Ylgap barýarmy ýa-da ýok?-diýip jenap Teýt sorady.
-Ýok, jenap, jenap Gek, ol bu mahal towlanjyraýar.
Attikus:
-Belki-de onuň öňünden çykarys, Gek?-diýdi.
-Gowusy garaşalyň, jenap Finç. Adatça olar gönüligine ylgap gaýdýarlar, ýöne kim bilýär, belki ol
köçäniň öwrüminden öwrüler. Eger şeýtse, Hudaýyň berdigi, belki-de ol gös-göni Redlileriň
howlularynyň ýeňse ýüzüne geçip gider. Biraz tagapyl edeliň.
Attikus:
-Ol Redlileriň howlusyna girendir öýdüp pikir etmeýärin-diýdi:-Haýat päsgel berer. Has takygy ol
köçäniň ugry bilen ýörär...
Öň men guduz itleriň agzyndan ak köpürjik saçylyp, olar örän çalt ylgap, seniň üstüňe topulyp, seniň
bogazyňy çeýnemäge dyrjaşýandyrlar, özem bu zatlar awgustda bolýandyr öýdüpdim. Eger-de Tim
Jonson şeýle bolan bolsady men häzirkime görä has azrak gorkardym. Emma haçan-da köçede
janly-jemende görünmese, hemmeler gizlenip, nämedir bir zada garaşyp durka bolsa, juda eýmenç
görünýär. Baglar doňňara-daş bolup doňup galdylar, saýrak guşlar näme, hatda şolaram dymdyrslyga beslendiler, hanym Modiniň howlysyndaky agaç usssalaram nirädir bir ýere sumat boldular.
Jenap Teýt asgyrdy, soňra sümgürindi-de tüpeňini iki eli bilen gysymlady. Soňra özüniň baş
gapysynyň aýnasynyň aňyrsyndan, edil diwardaky suratyň çarçuwasyndaky ýaly hanym Stiweni
Krouford peýda boldy. Hanym Modi hem bir ýerden gelip, onuň ýanynda durdy. Attikus aýagyny
kürsiniň agajyna goýup, haýaljakdan aýasy bilen dyzyny sypady we pessaý pyşyrdady:
-Ine ol.
Öwrümden Tim Jonson göründi, ol Redlileriň jaýynyň gyrasyndan geçýän pyýada ýodasynyň ugry
bilen aýagyny süýräp gelýärdi.
-Oňa seretsene,-diýip Jim pyşyrdady:-Jenap Gek olar diňe göni ýol boýunça hereket edýärler diýip
aýtdy, ol bolsa hatda köçäniň ugry bilenem ýöräp bilmeýär.
Men:
-Meniň pikirimç-ä onun ýöne ýüregi bulanýar-diýdim.
-Kimdir biri onuň ýoluny kessin, bada-bat üstüne topular.
Jenap Teýt aýasy bilen gözüniň üstüni kölegeletdi-de, ümzügini öňe atdy.
-Hakykatdan guduzlapdyr.
Tim Jonson pyşdyl ýöreýşini edip gelýärdi, ol gury ýapraklar bilen oýun etmeýärdi we ýeri
ysgamaýardy. Göwnüňe bolmasa ol nirä barýandygyny bilýän ýalydy, edil göze görünmeýän güýç
ony bize tarap itekleýän ýalydy. Ol edil gögeýinler ýüregine düşen ýaby ýaly aram-aram silkinipsilkinip gidýärdi, birden-ä agzyny açýardy, birdenem ýapýardy, özem ol bir gyralygyna gyşarylyp,
haýallyk bilen bize tarap ýakynlaşýardy.
Jim:
-Ol jan berer ýaly ýer gözlenýär-diýdi.
Jenap Teýt gaňryldy.
-Jan bererine heniz uzak, Jim, entek onuň jany çykyp başlamandyr.
Tim Jonson Redlileriň jaýynyň öňüne zordan süýrenip bardy. Onuň bolup durşy, indi nirä gitmelidigini
kesgitlemek üçin paýhasynyň soňkuja übtüklerini bir ýere çugdamlamaga çytraşýana çalym edýärdi.
Ol ysgynsyzlyk bilen birnäçe ädim süýşdi-de, Redlileriň derwezesine diredi, yzyna öwrülmek isledi,
emma paşmady.
Attikus:
-Şu wagt ony nyşana alyp boljak, Gek. Ol gapdalky köçejige sowulmanka, howlugyň, köçäniň ol
burçunda oňa kimiň sataşjakdygyny Hudaý bilsin. Öýe git, Kel.
Kel gözenek tutulan gapyny açdy, soňra içeri girip gapyny kiltledi, soňra kildi yzyna süýşürdi-de,
işigiň diňe ildirgijini ildirdi. Ol Jim ikimizi öz arkasynda gizlemäge çalyşýärdy, emma biz onuň
goltugynyň aşagyndan jyklaýardyk.
-Atyň, jenap Finç.
Jenap Teýt Attikusa tüpeňini uzatdy. Jim ikimiz muny görüp tas huşumyzdan gidýärdik.
Attikus:
-Wagt ýitirmäň, Gek,-diýdi:-Pikirlenmän atyň.
-Jenap Finç, bärde pys geçirmän atmaly.
Attikus gatyrganma bilen başyny ýaýkady.
-Süýndürip durmaňsana, Gek! Ol uzakly günläp size garaşyp durmaz...
-Jenap Finç, siz onuň nirede durandygyna serediň ahyry! Çala sowa geçdigi gülle göni baryp
Redlileriň penjiresinden girer. Men beýlebir mergen atyjy däl, muny siziň özüňizem bilýärsiňiz
ahbetin.
-Men bolsa eýýäm otuz ýyl bäri elime ýarag alyp göremok...
Jenap Teýt bat bilen Attikusyň eline öz tüpeňini gysdyrdy-da:
-Ine, şu wagtam alyň, şeýtseňiz menem biraz rahadrak bolaryn!-diýdi.
Biz Jim bilen edil dumanda azaşan ýaly bolup, bu bolýan zatlary synlaýardyk. Kakam tüpeňi aldy-da,
köçäniň ortarasyna çykdy. Ol çalt ýörese-de meniň göwnüme bolmasa juda haýal gadam urýan
ýalydy, edil suwuň aşagyndaky dek. Wagt bolsa ýürekbulanjy haýallyk bilen süýrenýärdi.
Attikus äýnegine ýapyşdy.
-Rehim-şepagatly Perwerdigär, oňa ýardam ber,-diýip Kelpurniýa hümürdedi-de, aýalaryny
ýaňaklaryna gysdy.
Attikus äýnegini maňlaýyna süýşürdi, ol yzyna gaçdy, kakam ony ýere gaçyrdy. Ümsümlikde men
äýnegiň aýnalarynyň şytyrdanyny eşitdim. Attikus gözlerini we eňegini eli bilen owkalady-da, çalt-
çaltdan gyrpdy. Redlileriň derwezesiniň öňünde Tim Jonson, başardygyndan nämedir bir zatlara
düşündi öýdýän. Ol ahbetin yzyna öwrüldi-de, köçäniň ugry bilen mytdyldap ugrady. Emma iki ädim
ädip-ätmän saklandy-da, kellesini göterdi. Doňňara-daş bolup galdy.
Göwnüme bolmasa Attikus entek tüpeňini galdyrmaga-da ýetişmändi, birdenem şol müddetde
mäşäni gysyp goýberdi.
Tüpeň atyldy. Tim Jonson birhili gowuşgynsyz galkyjaklady-da, ýere ýazylyp, ak-çypar üýşmejik
bolup doňup galdy. Ol hatda näme bolandygyna-da düşünip ýetişmedi.
Jenap Teýt basgançakdan böküp düşdi-de, Redlileriň jaýyna garşy ylgady. Ol itiň gapdalynda
togtady, çommalyp oturdy, yzyna gaňrylyp, barmagy bilen çep gözüniň ýokarysyndan maňlaýyna
dürtdi.
-Siz, birazajyk saga gyşarypsyňyz, jenap Finç!
-Hemişe şundanam ezýet çekýärdim-diýip Attikus jogap berdi:-Eger-de meniň saýlamaga
mümkinçiligim bolan bolsady men jysmykdan atardym.
Ol eglip, äýnegini göterdi, onuň aýnasynyň döwüklerini köwşüniň ökjesi bilen basyp, kül-uşak edip,
guma gardy, soňra jenap Teýtiň ýanyna bardy-da, säginip, Tim Jonsona seretdi. Biri-biriniň yzyndan
gapylar açylyşyp, köçamize assajadan jan girýärdi. Hanym Modi bilen hanym Stiweni öýden çykdylar.
Jim doňup galdy. Men ony ýerinden gozgamak çümmükledim, emma barybir Attikus bizi gördi we
bize gygyrdy:
-Bärik gelmäň!
Soňra jenap Teýt Attikus bilen bilelikde biziň howlumyza dolandylar. Jenap Teýt ýylgyrýardy. Ol:
-Men Zibo ony aýyrmagy tabşyraryn,-diýdi:-Siziň ýadyňyzdan çykaran zadyňyz beýlebir köpem däl
ýaly-la, jenap Finç. Aýdyşlaryna görä, muny undup bolmaýan bolmaly.
Attikus dymýardy.
-Attikus...-diýip Jim söze başlady.
-Näme?
-Hiç zat.
-Saňa seretmegem bir eşret ahyry, Finç Sowa Geçmeýän!
Attikus zarp bilen yzyna öwrüldi. Onuň öňünde hanym Modi durdy. Olar seslerini çykarman biri-birine
seredişdiler, onsoň Attikus şerifiň ulagyna mündi.
-Bärik gel,-diýip ol Jimi çagyrdy:-Bu itiň ýanyna barmaga het edäýmäň, düşündiňmi? Onuň ýanyna
barmaga milt edäýmäň, ölikä-de ol diriliginden beter howply.
Jim:
-Hawa, jenap,-diýdi:-Attikus...
-Näme, ogul?
-Hiç zat.
-Saňa näme bolýar, dostum, näme seniň diliň doňup galaýdymy?-diýip jenap Teýt gülümsiredi:Heýem bir sen bilmeýärdiňmi, öz kakaň...
-Bes ediňsene, Gek,-diýip Attikus onuň sözüni böldi:-Biz şähere gitmeli.
Olar gitdiler, Jim ikimiz bolsa hanym Stiweniniň jaýyna tarap ýöneldik. Onuň eýwanynyň
basgançagynda oturdyk-da, Zibonyň öz ulagy bilen gelerine garaşyp başladyk.
Jim haýrany-serasyma halda otyrdy. Hanym Stiweni bolsa ýetişibildiginden gepleýärdi:
-Hüm-hüm, fewralda guduzlan it boldy diýseň kim ynanar...kim muny ýadyna-oýuna düşürip biler?
Belki-de ol hiç hili guduzlan hem däldir-de, diňe aklyndan azaşandyr? Ýöne men Garri Jonson
Mobilden yzyna dolanyp gelip, Attikus Finçiň öz itini atandygyny eşidenden soň onuň ýüz-keşbini
göresim-ä gelýär. Jedel edeýin, it diňe niredendir bir ýerden büre baryny üstüne üýşürendir-de,
şondanam aňkasy aşandyr. Hanym Modi; „Eger-de Tim Jonson entegem biziň köçämizde ygyp
ýören bolsady, onda hanym Stiweni başgaça aýdym aýdardy, itiň nähilidigi bolsa bahym anyklanar,
sebäbi onuň kellesini Montgomerä barlaga ugradarlar“ diýdi.
Ahbetin Jim hem dil ýardy:
-Attikusy gördüňmi, Gözlüje? Ýok, sen gördüňmi, ol nähili durdy?...Birdenkä edil onuň kirşi üzülen
ýaly boldy we birdenkä edil tüpeň ondan aýry hem däl-de, edil onuň öz eli ýaly boldy...özem ähli zat
şeýlebir çalt, bir-bir... a men bolsa haýsydyr bir nyşana degräýýänçäm on minutlap dagy nyşanamy
maýajyma alýaryn...
Hanym Modi ýeserje ýylgyrdy-da:
-Ýeri, hanym Jin Luiza,-diýdi:-sen henizem öz kakaň hiç zady başarmaýar diýip pikir edýärsiňmi?
Sen entegem onuň üçin utanýarsyňmy?
-Ýo-o-o...-diýip men süýkdürip pyşyrdadym.
-Öňki sapar men saňa aýtmagy undupdyryn, Attikus Finç diňe bir jürlewükde saz çalyp oňmaýardy,
ol öz wagtynda tutuş Meýkomb okrugynda iň mergen atyjy bolupdy.
-Iň mergen atyjy...-diýip Jim ýaň ýaly bolup gaýtalady.
-Aňryýany bilen dogry, Jim Finç. Men güman edýän, indi senem kakaň barada başgaça
aýdymjagaza hiňlenip başlarmykaň diýýän. Görüň-ä bulary, siz hatda öz kakaňyza heniz oglanjykka
Finç Sowa Geçmeýän diýip lakam dakanlaryny hem bilmeýärsiňizmi? Baý-bu-u-uw, ol döwürler dagy,
ol kämahal „Duralgada“, eger-de atan on bäş oky bilen on dört gögerçini awlasa: „wah, men
güllelerimi bihuda sarp edäýýärin-dä!“ diýip gaýga batardy ahyry.
-Ol bu barada bize bir gezejigem ýeke sözem aýtmady-diýip Jim hümürdedi.
-O nähili? Ýeke gezegem, ýeke sözemmi?
-Hawa, hanym.
-Onda näme üçin ol hiç haçan aw etmeýär?-diýip men geň galdym.
Hanym Modi:
-Görýän welin, men muny saňa düşündirip biläýjek ýaly-diýdi:-Nämäniň nähilidigini-hä bilemok welin,
seniň kakaň ähli zatdan öňünçäsi akgöwünli adam. Mergenlik hem elbetde Hudaýyň beren
zehini...Ýöne, elbetde, ony hemişe kämilleşdirmeli, türgenleşmeli, ýogsa nyşana atmak mysal üçin
fortepýana çalmak hem däl ahbetin. Men şeýle pikir edýän, günlerde bir gün ol Hudaýyň özüne
beýleki janly jandarlar babatda adalatsyz artykmaçlyk berendigine düşünen bolmaly, şondan soňam
ol tüpeňini taşlandyr. Megerem öz ýanyndan diňe öte zerurlyk ýüze çykanda ol elime alaryn diýip
kesgitlän bolmaly, bu gün bolsa şeýle zerurlyk döredi, onsoň ol hem atdy.
Men:
-Meniň pikirimçe ol öz eden işine buýsanmaly-diýdim.
Hanym Modi:
-Diňe akmaklar özlerine berlen zehine buýsanýarlar-diýdi.
Birsellemden zibilçi Zibo geldi. Ol ulagyndan çarşagyny aldy-da, seresaplyk bilen Tim Jonsona
göterdi. Ony ulagyň yzyna zyňdy, soňra taňňyrdaky nämedir bir zat bilen Timiň ýatan ýeriniň we daştöwereginiň topragyna sepeledi.
-Häzire çenli, hiç haýsyňyz bu ýere gelmejek boluň!-diýip ol gygyrdy.
Bize öýmüze gaýtdyk. Men Jime: „Ine indi duşenbe güni bize mekdebe aýdara-öwünere zat
bar“ diýdim welin, Jim birdenkä meniň üstüme heňkirip goýberdi:
-Dil ýaryjy bolaýma, eşidýäňmi?!
-Ýene näme! Hökman aýdyp bererin! Hemmeleriň kakasy tutuş jelegaýda iň mergen atyjy däl ahyry!
Jim:
-Meniň pikirimçe,-diýdi:-eger-de ol biziň bu zatlar barada bilmegimizi islän bolsady, onuň özi bize
gürrüň bererdi. Eger-de ol muňa buýsanýan bolsady, şeýle diýibem aýdardy.
Men:
-Belki-de ol aýtmagy huşundan çykarandyr-diýdim.
-Ýo-o-ok, Gözlüje, sen muňa düşünmersiň. Dogry, Attikus garry, ýöne maňa welin onuň nämedir bir
zatlary başarmaýandygynyň tapawudy ýok, goý hatda ol ýeriň ýüzünde hiç zady hem başarmasyn.
Jim ýerde ýatan daşy göterdi-de, ony dabara bilen ulaghana tarap zyňyp goýberdi. Soňra onuň
yzyndan ylgady, ylgap barşyna-da ýeňsesine-de gaňrylman gygyrdy:
-Attikus – hakyky erkek kişi! Edil men ýaly!
xxxxx
Jim ikimiz kiçijikkäk biz öýmüzden uzaga daşlaşmaýardyk, ýöne haçan-da men ikinji klasda
okaýarkam, biz eýýäm birmahal Betnyşan Redlä azar bermegimizi bes edipdik we bizi şäheriň
merkezine tarap dartyp başlapdy. Şol tarapa barýan ýol bolsa hanym Genri Lafaýet Dýubozlaryň
deňesinden geçýärdi. Eger-de tutuş bir mil uzaga ýöräýmeseň, onuň öýüniň daşyndan aýlanybam
geçer ýaly däldi. Hanym Dýuboz ikimiziň aramyzda öňem ownuk-uşak çaknyşmalar bolupdy, şonuň
üçinem men onuň bilen has ýakynrak tanyşmagy düýbünden islemeýärdim, ýöne Jim: „Haçanam
bolsa ahyry ulalmak gerek ahyry“ diýdi-dä.
Hanym Dýuboz garaýagyz hyzmatkär zenany bilen bizden iki jaý aňyrda, ikinji gatynda üsti açyk
meýdançasy bolan jaýjagazda ýaşaýardy, onuň ikinji gatyna-da beýikden-beýik, dik basgançaklar
bilen çykmalydy. Hanym Dýuboz garryňam-garrysydy, ol uzakly gününi düşekde ýa-da tigirçekli
kürsüde geçirýärdi. Aýdyşlaryna görä, ol özüniň çolanan tükeniksiz gyňaçlarynyň hem-de
ýapynjalarynyň aşagynda sapança bukýarmyş, şol sapança bilen bolsa onuň ýakynlaryndan kimdir
biri Günorta goşunda söweşenmiş.
Jim ikimiz ony görsek aňrymyz bärimize gelýärdi. Ine deňelerinden ötüp barýansyň, ol bolsa ikinji
gatdaky meýdançada oturan ýerinden rehimsiz nazary bilen içiňi deşip gelýändir, özem hökman
ýapyşak sakyrtga ýaly ýapyşar, hamana biz özümizi nähili alyp barýarys? Soňam garga ýaly
gagyldap ugrar, ulalanymyzdan soň bizden kim çykar, elbetde gowulykdan başga ähli zat çykar!
Onuň öýüniň deňesinden öteniňde köçäniň aňry tarapyna geçmegiň hem manysy ýokdy, ol tutuş
toplumy ýaňlandyryp, bagyryp başlaýardy.
Oňa ýaranmaga-da hiç hili mümkinçilik ýokdy. Şadyýan ses bilen oňa: „Salam, hanym
Dýuboz!“ diýersiň, ol bolsa jogap deregine: „Maňa „salam“ diýmäge het edäýme, bolgusyzja
gyzjagaz! Sen: „Ertiriňiz haýyrly bolsun, hanym Dýuboz!“ diýmäge borçly“ diýip heňkirip goýberer.
Ol zalymyňam barypýatanydy. Bir gezek ol Jimiň kakamyň ýöne adyny tutýandygyny eşitdi, onuň tas
şol ýerde ýuregi çat açypdy. Bir başlady-ow, bir başlady...Hamana biz ýaly bihaýa, gödek töňňeleri
entege bu güne çenli jahan gören dälmiş, hamana kakamyzyň ejemiz aradan çykandan soň ikinji
sapar öýlenmändigine juda gynanýarmyş! Biziň ejemiz örän a-ja-ý-y-p aýal bolanmyş, Attikus Finçiň
biziň ejemiziň çagalaryny şeýle başyna goýberenini görübem onuň ýüregine ganlar öýýärmiş! Men
ejemi bilmeýärdim, ýöne Jim welin bilýärdi, ol kämahal maňa ejem barada gürrüňem berýärdi, şol
sebäpli-de hanym Dýubozyň sözlerinden ýaňa ol üç ýuwlan ak esgä dönüpdi.
Betnyşan Redli, guduz it we beýleki şoňa meňzeş elhençlikleri başyndan geçirenden soň Jim özüçe:
„hanym Reýçeliň jaýynyň deňesinde doňup galmak besdir, näme biz şol derejede züwwetdinmi
näme!“ diýen netijä geldi. Şondan soň biz her gün agşam Attikusy garşy almak üçin poçtanyň
ýerleşýän künjegine çenli ylgamagy ýüregimize düwdük.
Sebäbi eýýäm ençeme gezek hanym Dýuboz biz öýüniň deňesinden geçip barýarkak agzyna
gelenini diýipdi, şol sebäpli Jim her gezek Attikusy gahar-gazapdan ýaňa hum ýaly çişip
garşylaýardy.
-Parahadrak, ogul, parahadrak,-diýip Attikus şonda oňa aýdýardy:-Ol keselbent hem garry aýal. Sen
bolsa özüňe berk bol-da, başyňy belent tutup, hakyky erkek kişi bol. Ol saňa näme diýse-de seniň
işiň erkiňi eliňden bermezlik.
Jim: „ol beýlebir keselli hem däl, sebäbi hassalar beýle çirkin bagyrmaýarlar. Soňra biz üç bolup
hanym Dýubozyň öýüniň öňüne barýardyk, Attikus edep bilen sypal başgabyny çykarýardy-da, oňa
baş egip:
-Gündiziňiz haýyrly bolsun, hanym Dýuboz! Siz bu gün edil surat ýaly görünýärsiňiz-diýýärdi.
Ýöne ol hiç haçan nähili suratdygyny aýtmaýardy. Ol hanym Dýuboza her hili kazyýet täzeliklerini
habar berýärdi we onuň özüni ertir mundanam gowy duýmagyna umyt bildirýärdi. Soňra sypal
başgabyny geýýärdi-de, hanym Dýubozyň gözüniň alnynda meni egnine mündürýärdi, onsoň biz
agşamaranyň alagaraňkylygynda öýümize tarap gadam urýardyk. Ine şeýle agşamlarda-da men:
„kakam ýarag görse aňyrsy bärisine gelýän hem bolsa, ol hiç haçan urşa gatnaşmadyk hem bolsada, ol ýeriň ýüzünde iň batyr adam“ diýip pikir edýärdim.
Haçan-da Jimiň on iki ýaşy dolanda oňa pul sowgat berdiler, bada-badam puly onuň kisesini ýakyp
başlady. Şonuň üçinem biz ertesi gün şähere gaýtdyk. Jim puly özi üçin bug hereketlendirijisiniň
kinniwanja nusgasyny we meniň üçin harby baş sazandalaryň owadan hasasyny satyn almaga ýeter
öýdüp çaklaýardy.
Men şol hasany her gezek görenimde aňk bolup galýardym, ol Elmoryň dükanynyň görnüş
aýnasynda goýulgydy, ol owadan şaý-sepler hem zerli sapaklar bilen bezelendi, özüniňem on ýedi
sent bahasy bardy. Wah, men ony her görenimde bahymrak ulalyp, Meýkomb okrugynyň orta
mekdepleriniň okuwçylarynyň Sazandalar toparyna dirižýorlyk etmegi şeýlebir küýseýärdim, şeýlebir
küýseýärdim! Men öňden bäri sazandalar toparyna ýolbaşçylyk etmek sungatynda öňden bäri
türgenleşýärdim we hatda taýagy ýokaryk oklap gapmagy tas öwreniberipdim diýen ýalydy. Hatda
soňabaka Kelpurniýa meni elim taýakly gördügi öýe hem goýbermän başlapdy. Ýöne men bilýärdim,
eger-de meniň hakyky sazandalyk hasajygym bolsady, onda men ony hiç haçanam ýere gaçyrmaryn.
Maňa şeýle arzyly sowgady etmegem Jimiň tarapyndan örän uly sahawatlylykdy.
Haçan-da biz hanym Dýubozyň jaýynyň deňesinden geçip barýarkak, ol ýene-de öýüniň ikinji
gatyndaky meýdançada otyrdy.
-Bu bimahal çak siz nirä şaýlanyp barýarsyňyz?-diýip ol gygyrdy:-Bikär entäp ýörsüňiz gerek,
şeýlemi? Ine, häzir men mekdebiň direktoryna jaň ederin!
Özüniňem ýüzi şeýlebir birhili boldy, edil ýöne biz nähilidir bir aýylganç hokga goparan ýaly, özi-de
eýýäm kürsüsini telefona tarap sürmäge hyýallandy.
Jim:
-Bu gün şenbe ahyry, hanym Dýuboz-diýdi.
-Ýeri şenbe bolsa bolupdyr-da,-diýip ol düşnüksiz jogap berdi:-Ýogsa-da siziň kakaňyz siziň
nirelerde ygyp ýörendigiňizi bir bilýärmikä?
-Hanym Dýuboz, biz şähere ine şunuň ýalykak hem özbaşdak gidýärdik-diýip Jim aýasy bilen ýerden
iki fut beýikligi görkezdi.
-Maňa ýalan sözleme!-diýip ol wawwaly ýarasyna basylan ýaly çirkin gygyrdy:-Jeremi Finç. Modi
Etkinson maňa seniň şu gün onuň üzüminiň şahasyny döwendigiňi aýtdy. Ol seniň kakaňa arz eder
welin, onsoň sen dünýä ineniňe puşman edersiň! Onsoňam meniň men bolmadygym, eger-de seni
ýene-de bir hepdeden düzediş öýüne ugratmasalar.
Jim tomusdan bäri hanym Modiniň üzümlerine ýakynam barmaýardy, onsoňam eger-de ol üzümiň
şahasyny döwäýen bolanlygynda-da ol bilýärdi, hanym Modi hiç wagtam Attikusa arz etmez, muny
şeýle diýibem aýtdy:
-Bu aýdýanlaryňyzyň bary galat!
-Meniň tersimden tutmaga het etme!-diýip hanym Dýuboz şaňňy sesi bilen hasam çirkin gygyrdy:-A
sen bolsa,-diýip ol meniň tarapyma egrerlip çeňňegiň ujuna dönen barmagy bilen dürtdi:-sen näme
beýden bolup oglanjyk ýaly jalbarly sümsünip ýörsüň? Ýaş hanymlar uzyn köýnekli, ýasy guşakly
gezmeli. Eger-de kimdir biri saňa terbiýe bermeklige çynlakaý girişmese senden bary-ýogy hyzmatçy
çory çykar. Gör-ä muny, Finçleriň gyzy köçe meýhanasynda çorylyk edip ýörse, ha-ha!
Men gorkudan ýaňa buz ýaly boldum. Köçe meýhanasy – bu şäheriň demirgazyk çetindäki syrly
ymaratdy. Men Jimiň eline ýapyşdym, ýöne ol bir dyzanda elimden sypdy.
-Ýeri, ýeri, Gözlüje!-diýip ol pyşyrdady:-Oňa üns berme, başyňy belent tut-da, hakyky erkek kişi bol!
Ýöne hanym Dýuboz bize ýöne şeýle geçip gidibermäge maý bermedi.
-Gör Finçler nähili pese düşdüler! Olaryň biri köçe meýhanasynda çorylyk edýäni hem az ýaly, ýenede beýlekisi hem kazyýetde garakirlileri goraglaýar!
Jim gös-göni boldy-da, doňup galdy. Hanym Dýuboz biziň iň agyryly ýerimizden urupdy, onuň özem
muny bilýärdi.
-Hawa, hawa, ine näme çenli barlyp ýetildi, Finç maşgalanyň däp-dessurlarynyň ählisiniň garşysyna
sürünýär!-diýip ol elini agzyna eltdi-de, soňam yzyna çekdi welin, eliniň yzyndan uzyn sülekeýden
sapajyk süýnüp gaýtdy:-Ine men saňa näme aýdaýyn: seniň kakaň özi-de özüniň hyzmatyny edip
berýän garakirlilerinden we beýleki dürli-dümen näkes akýagyzlaryndan jinnek ýaly-da
tapawutlanmaýar!
Jim gaýnadylan leňňeje dönüp gyzardy. Emma men onuň ýeňinden çekdim welin, ol sesini
çykarman öňe ýöräberdi, biziň ýeňsämizden bolsa hanym Dýuboz ýyldyrym çakdyryp gök
gümmürdetmegini dowam etdirdi. Hamana biziň maşgalamyz sandan çykyp, şeýle bir pese düşüpdir
welin, indi mundan aşak gaçmaga-da ýer ýokmuş, hamana Finçleriň ýarysyndanam köpüsi
dälihanadamyş, ýöne eger-de biziň ejemiz diri bolan bolsady, onda biz beýle edip başymyza
gitmezdik.
Men bilmeýärin, hanym Dýubozyň sözlerinden haýsysynyň Jimiň has çetine degendigini, ýöne meniň
özüm-ä hanym Dýubozdan öler ýaly gaty gördüm. Ol ňäme üçin biziň hemmämizi däli diýip
hasaplaýarka? Attikusa hemmeler tükeniksiz käýinýärdiler, muňa men eýýäm öwrenişibem
başlapdym. Ýöne meniň ýanymda ilkinji gezek kakamy uly ýaşly adam masgaralapdy. Eger-de ol
Attikusa sögünip başlamadyk bolsady, biz onuň bolşuna beýlebir geň galybam durmazdyk, onuň
beýle bolşy ilkinji gezek däldi.
Howadan tomsuň ysy gelip ugrapdy, kölegede heniz sowugrakdy, ýöne Gün mazaly gyzdyrýardy,
diýmek gowy döwür ýakynlap gelýärdi, okuw tamamlanar, Dill geler.
Jim bug hereketlendirijisiniň oýnawaç nusgasyny satyn aldy, onsoň biziň Elmoryň dükanyna, meniň
sazandalyk hasajygymyň yzyndan gitdik. Täze satyn alan hereketlendirijisi Jime hiç hili şatlyk
getirmedi, ol ony jübüsine dykdy-da, jyňkyny çykarman meniň gapdalym bilen öýümize tarap
mytdyldap ugrady. Ýolda barýarkak men tasdanam hasajygymy jenap Link Diziň depesinden
gaçyrýardym, zordanjyk ony gapyp ýetişäýdim, jenap Link Diz bolsa maňa:
-Seresabrak bolaweri, Gözlüje!-diýdi.
Biz hanym Dýubozyň öýüniň deňesine golaýlanymyzda meniň hasajygym çyr-çyrşak boldy, men
eýýäm ony ençeme gezek hapanyň içinden alypdym.
Jaýyň ikinji gatyndaky açyk meýdançada hanym Dýuboz ýokdy.
Men soň özümden: „şol gezek Jimi kakamyň „hakyky erkek kişi bol, ogul“ diýen öwüdiniň undup,
özüniň ýakyn wagtlardan bäri yhlas bilen gyşarnyksyz berjaý edýän uýaljaň asyllylygynyň
düzgünlerini bozmaga näme mejbur etdikä?“ diýip ençeme sapar sorapdym. Megerem Jim hem
Attikusy, onuň garakirlileriň arkasyny alýandygy üçin masgaralaýan şalpar dillerden mendenem
artygrak ezýet çeken bolara çemeli, ýöne men doganymyň hemişe sowukganlylygyny
saklaýandygyna öwrenişipdim, ol hemişe asuda häsiýetlidi we birjigem gyzma däldi. Ýöne men pikir
edýän, şol gezek bolup geçen zadyň welin, diňe ýeke-täk düşündirişi bolmaly – Jim şol pursat hut
dälirän bolmaly.
Şonda Jimiň eden işini men, eger-de Attikusyň tabşyrygy bolmadyk bolsady, ýöne, hiç hili gypynçsyz
beýlekisiz, ýüzugruna edip goýbererdim. Bize, elbetde, ýürekbulanjy kempirler bilen söweşmek
bolmaýardy. Ine, onsoň, biz hanym Dýubozyň derwezesiniň deňesine ýeten badymyza Jim meniň
elimden hasajygymy garbap aldy-da, ony dälirän ýaly depesiniň üstünde bulaýlap, howlynyň içine
topuldy, ol Attikusyň ähli öwüt-nesihatlaryny-da, hanym Dýubozyň gyňajynyň astynda sapança
saklaýandygyny-da, eger-de onuň özi atan okuny pys geçiräýse-de çorusy Jessiniň megerem okuny
sowa geçirmejekdigini-de undupdy.
Ol diňe hanym Dýubozyň ähli gülleriniň depesini ýenjip-ýenjip ýere gaçyryp, bütin howlyny mynjyran
gunçlardan hem ýaşyl gül ýapraklaryndan doldurandan soňra az-maz köşeşdi. Şondan soň ol meniň
sazandalyk hasajygymy dyzyna urup döwdi-de, böleklerini ýere zyňyp goýberdi.
Oňa çenli menem sesimde baryny edip çygyryp ugradym. Jim meniň saçymdan çekdi-de, özüne indi
barynyň birdigini, çemesini tapyp ýene-de edil şeýle etjekdigini, eger-de men sesimi kesmesem
bolsa meniň saçlarymy ütüm-ütüm etjekdigini aýtdy. Emma men sesimi kesmedim welin, ol aýaklary
bilenem meniň mazalyja eýimi ýetirdi. Men onuň urgusyna aýak üstünde durup bilmän, burnum bilen
pyýada ýodasyny süsdüm. Jim zarp meni aýaga galdyrdy, ýöne göwnüme bolmasa onuň maňa
rehimi indi. Degmedi. Ikimizde-de gepläre söz ýokdy.
Şol gün biz iň gowusy diýip, Attikusy garşy almaga çykmadyk. Biz tä Kelpurniýa kowýança
aşhanadan çykmadyk. Ol edil haýsydyr bir ertekilerdäki jadygöý aýal ýaly eýýäm ähli zady bilipdi.
Elbetde ol göwünlik bermegiň beýlebir ussady däldi, ýöne şonda-da mazaly gyzardylan çöregiň esli
böleginiň üstüne mesge çalyp Jime tutdurdy, Jim bolsa ony ikä böldi-de ýarysyny maňa berdi. Men
iň gowy görýän höregimiň hiç hili tagamyny duýmadym.
Biz myhman otagyna geçdik.
Men futbol žurnalyny aldym-da, Diksi Houelliň suratyny tapyp, Jime görkezdim:
-Saňa juda meňzeýär!
Meniň pikirimçe onuň üçin şundan ýakymly zady oýlap tapybam boljak däldi. Ýöne bu hem kömek
etmedi. Ol penjiräniň öňündäki kürsüde küýkerilip oturyşyna, gaşlaryny çytýardy we garaşýardy. Iňrik
garalyp barýardy.
Göwnüme bolmasa, geologiýa eýýamlarynyň bir-iki sanysy geçenden soňra daşarda Attikusyň aýak
sesi eşidildi. Gapy açylyp-ýapyldy, birsalym ähli zat ümsümlige beslendi, Attikus daşky otagdaky
geýim asylýanyň ýanyna bardy, soňra ol çagyrdy:
-Jim!
Onuň sesi edil gyşyň çapgyn ýeli ýalydy.
Attikus myhman otagynyň çyrasyny ýakdy-da, bizi boýdan-başa birlaý synlady, biz bolsa doňup
galyşymyza mizäýinem diýmeýärdik. Onuň bir elinde meniň hasajygym bardy, onuň hapalanan sary
sapy halynyň ýüzünden süýrenýärdi. Attikus beýleki elini uzatdy welin, onuň aýasynda gülleriň
pökgüje gunçalarynyň ýatandygyny gördük.
Attikus:
-Jim,-diýdi:-bu seniň işiňmi?
-Hawa, jenap.
-Sen näme üçin beýle etdiň?
Jim zordan eşidiler ýaly pessaý jogap berdi:
-Ol sen garakirlileri hem-de näkesleri goraglaýaň diýdi.
-Şonuň üçinem sen şeýle hereket etdiňmi?
Jimiň dodaklary sessiz gymyldady, bu „hawa jenap“ diýildigidi.
Attikus:
-Men düşünýän, ogul, seniň deň-duşlaryň seniň aýdyşyň ýaly meniň „garakirlileri goraglaýanym
üçin“ seniň ýüregiňe öte düşýändirler, ýöne garry hem keselbent garry zenana beýle çemeleşmek
bagyşlap bolmajak hata. Men saňa gidip hanym Dýuboz bilen gepleşip gaýtmagy örän maslahat
berýärin. Şondan soňam dessine öýe dolan-diýdi.
Jim ýerindenem butnamady.
-Men saňa: „Bar git“ diýýän.
Men myhman otagyndan çykyp Jimiň yzyna düşüp ugradym.
Ýöne Attikus maňa:
-Bärde gal-diýdi.
Menem galdym.
Attikus gazeti aldy-da, ýaňy Jimiň oturan kürsüsine geçdi. Meni şu duranja ýerimde öldüräýiň, men
oňa düşünmeýärdim, öz-ä ap-arkaýyn otyr-da, okan bolup otyr, onuň ýalňyz ogluny bolsa häzir
elbetde posly sapança bilen atyp goýbererler. Dogry, elbetde, kämahal Jim meni şeýlebir gižželäp
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 10
  • Parts
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 01
    Total number of words is 3841
    Total number of unique words is 2102
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 02
    Total number of words is 3827
    Total number of unique words is 2017
    29.3 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 03
    Total number of words is 3859
    Total number of unique words is 2027
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 04
    Total number of words is 3885
    Total number of unique words is 2047
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    47.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 05
    Total number of words is 3841
    Total number of unique words is 2023
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    40.3 of words are in the 5000 most common words
    47.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 06
    Total number of words is 3852
    Total number of unique words is 1981
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    46.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 07
    Total number of words is 3894
    Total number of unique words is 2053
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 08
    Total number of words is 3897
    Total number of unique words is 1975
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    47.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 09
    Total number of words is 3886
    Total number of unique words is 1975
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 10
    Total number of words is 3900
    Total number of unique words is 2012
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    40.7 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 11
    Total number of words is 3804
    Total number of unique words is 2027
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 12
    Total number of words is 3753
    Total number of unique words is 2094
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 13
    Total number of words is 3882
    Total number of unique words is 2070
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 14
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 2044
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    41.1 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 15
    Total number of words is 3779
    Total number of unique words is 2031
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    48.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 16
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 1993
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 17
    Total number of words is 3898
    Total number of unique words is 1817
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 18
    Total number of words is 3989
    Total number of unique words is 1828
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    49.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 19
    Total number of words is 3863
    Total number of unique words is 1979
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 20
    Total number of words is 3899
    Total number of unique words is 1979
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 21
    Total number of words is 3880
    Total number of unique words is 1973
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 22
    Total number of words is 3843
    Total number of unique words is 2030
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 23
    Total number of words is 3886
    Total number of unique words is 1981
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 24
    Total number of words is 3825
    Total number of unique words is 2038
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 25
    Total number of words is 3946
    Total number of unique words is 1886
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 26
    Total number of words is 3697
    Total number of unique words is 1784
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.