Latin

Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 05

Total number of words is 3841
Total number of unique words is 2023
29.5 of words are in the 2000 most common words
40.3 of words are in the 5000 most common words
47.1 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Men öz gözegçilik nokadyna dolanyp bardym we köçäniň künjünden ýola seredip ugradym. Men
wagtal-wagtal Jime garanjaklaýardym, ol sabyrlylyk bilen haty penjiräniň erňegine oklamaga
dyrjaşýardym. Ol hat ýere gaçýardy welin, Jim ýene-de çeňňeksapyny penjirä tarap uzadýardy, iň
soňunda men eger-de Betnyşan Redli ol haty alaýsa-da ony okap bilmez diýip oýlandym. Men ýenede köçäniň ugruna seretdim welin, birdenkä jaňjagaz jyňňyrdady.
Men çaltlyk bilen öwrüldim. Ine häzir meniň üstüme Betnyşan Redli gyýaklaryny syrtardyp topular.
Ýöne bu Betnyşan däl-de Dill ekeni. Ol jaňjagazy Attikusyň edil burnunyň öňünde jyňňyrdadyp durdy.
Jimiň ýüze şeýlebir süýreldi welin, oňa nebsim agyryp gitdi. Şonuň üçinem oňa hatda: “Men saňa
aýtdym ahyry” diýmedim. Ol aýaklaryny zordan ýerden galdyryp, çeňňeksapyny-da yzyndan süýräp
pyýada ýodasyndan mytdyldap gaýtdy.
Attikus:
-Jyňňyrdatmagy bes et-diýdi.
Dill jaňjagazyň diljagazyny gysdy welin, şeýlebir ümsüm boldy, şeýlebir ümsüm boldy, men hatda
gowusy ol ýene-de jyňňyrdadyberse kem bolmaýjak ýaly diýibem pikir etdim. Attikus sypal
başgabyny ýeňsesine süýşürdi-de, gaýşaryldy. Ol:
-Jim,-diýdi:-sen bu ýerde näme işleýärsiň?
-Hiç zat, jenap.
-Buýtar-suýtar etme. Geple.
-Men…biz diňe jenap Redlä käbir zatlary bermek isläpdik.
-Näme bermek?
-Hat.
-Görkez.
Jim oňa hapalanan kagyz bölejigini uzatdy. Attikus kynlyk bilen ýazylan zatlary okap ugrady.
-Jenap Redliniň öýünden çykmagy siziň nämäňize derkar?
-Biz pikir etdik…biziň bilen oýnasa onuň biraz göwni açylar…-diýip Dill başlady, emma Attikus oňa
çala äňedip goýberdi welin, ol dilini dişledi.
-Ogul,-diýip Attikus Jime ýüzlendi:-meniň saňa näme diýýändigimi diňle, men saňa gaýtalamak
islemeýärin, bu adama ezýet bermegiňi tüket. Siziň ikiňiz hem şeýle.
-Jenap Redli nähili ýaşaýar – bu onuň öz işi-diýip Attikus aýtdy:-Köçä çykmak islese çykar. Öýünde
oturmak islese muňa-da onuň hukugy bar, şonuň üçinem her bir ýüregedüşgüçlere (bu hem biziň
ýalylaryň entek has ýumşak atlandyrylyşy) onuň işine burunlaryny sokup ýörmek gerek däl. Biziň
haýsymyza ýarar, eger-de agşam, uka gitmezimiziň öň ýanynda Attikus gapyny kakman biziň
otagymyza süsdürilip girse? Biz bolsa aslyýetinde jenap Redli bilen hut şeýle hereket hem
edýärmişik. Biziň göwnümize bolmasa jenap Redli özüni geň alyp barýar, onuň özi üçin bolsa bu
düýbünden geň däl. Galyberse-de, haçan-da adama nämedir bir zat aýtjak bolsaň, onuň
penjiresinden aşjak bolman, gapysyny kaksaň sypaýyrak boljakdygy biziň kellämize bir gelmändirmi?
Iň soňkusy hem: bizi Redlileriň öýüne çagyrýançalar biz ol jaýdan daşrakda gezmelidiris we bir
gezek Attikusyň bizi tutan şol samsyk oýnuny dagy-duwara oýnamaly däldiris, şonuň ýaly-da biziň
köçämizde, aslynda bolsa bütin şäherimizde-de hiç kimiň üstünden gülmeli däldiris…
Jim:
-Biz asla onuň üstünden gülmedik-diýdi:-Biz diňe…
-Hä, asyl siz bu pişe bilen meşgul bolupsyňyz ekeniňiz-dä?
-Näme bilen? Üstünden gülmek bilenmi?
Attikus:
-Ýok-diýdi:-Diňe onuň durmuşyny ähli goňşularymyzyň gözüniň alnynda oýnadyňyz.
Göwnüme bolmasa Jim hatda gaharlanaýan ýaly hem boldy.
-Men onuň durmuşyny oýnaýarys diýip aýtmadym! Aýtmadym!
Attikus syrlyja ýyrşardy:
-Ine häzirem aýtdyň. Indem mundan beýläk siziň üçüňiz hem şeýle bolgusyzlyk bilen meşgullanyjy
bolaýmaň.
Jim kakama agzyny öweldip seretdi.
-Göwnüme bolmasa sen hukukçy bolmak isleýän ýalydyň-la?-diýdi-de Attikus dodaklaryny birhili
ýylgyrmajak bolýan ýaly edip, şübheli büzdi.
Jim sapalak atmagyň peýdasynyň ýokdugyna düşünen ýaly, dymdy. Attikus ir ertir almagy undan
haýsydyr bir kagyzlaryny almak üçin öýe girdi welin, diňe şondan soň Jim hukukçylaryň gadymy
döwürlerden bäri ulanyp gelýän hilegärliginiň çoçgaryna çolaşandygyna akyl ýetirdi. Ol eýwandan
ep-esli daşlykda Attikusyň öýden çykyp, ýene-de şähere ugramagyna garaşyp durdy. Haçan-da
Attikus öz sesini eşitmez ýaly derejede uzaga gidenden soňra Jim onuň yzyndan bogazyna
sygdygyndan gygyrdy:
-Hukukçy bolmak isleýärdim, indi bolsa pikirlenip görerin!
xxxxx
-Bolýar-diýip Attikus haçan-da Jim ondan Dill bilen ikimiziň hanym Reýçeliň köljagazynyň ýanynda
oturmaga rugsat soranda aýtdy. Sebäbi Dill ertir gaýdýardy:-Onuň bilen maňa deregem hoşlaş, indiki
ýyl tomusda-da biz oňa garaşýarys. Biz özümiziň hem-de hanym Reýçeliň howlusynyň arasyndaky
pessejik haýatdan aşdyk. Jim bedene bolup gygyrdy welin, garaňkylykdan Dill ses berdi.
Jim:
-Ümsümdigini, pessaýja şemaljygam ýok-diýdi:-Serediň.
Ol gündogary görkezdi. Hanym Modiniň bagynyň aňyrsyndan äpet aý dogup gelýärdi.
Jim:
-Göwnüme bolmasa ol birhili yssyladaýýanam ýaly-diýdi.
-Bu gün onuň ýüzünde näme bar, haçmy?-diýip Dill başyny galdyrman sorady. Ol ýüp hem-de
gazetiň böleginden çilim ýasaýardy.
-Ýok, ol zenanyň şekili öýdýän. Bu zadyňy otlama, Dill, onuň porsusy bütin şäheri tutar.
Haçan-da Meýkombda aýa seretseň, onuň ýüzünde aýalyň şekiliniň bardygy görünýär. Ol aýal
aýnanyň öňünde oturyp, saçyny daraýar.
-Sensiz biziň içimiz gysar-diýip men Dille aýtdym:-Belki, jenap Eýwerini garawullamaga gideris?
Jenap Eýweri hanym Genri Lafaýet Dýubozyň öýüniň gabat-garşyndaky jaýda otagy kireýine alyp
ýaşaýardy. Ýekşenbe günleri ol eli ýalpak tabakly ybadathana üçin sadaka ýygnaýardy, ondan
başga-da ol her agşam sagat dokuza çenli eýwanda asgyryp oturýardy. Bir gezek gije bize bir
tomaşany görmek bagty miýesser etdi, megerem ol tomaşa ýekeje gezek bolan bolsa gerek, sebäbi
biz ony soň näçe garawullasagam, tomaşa gaýtalanmandy. Biz hanym Reýçeliň eýwanyndan aşak
düşüp gelýärdik welin, Dill bizi saklady:
-Eý-ho, oňa bir serediň!-diýdi-de ol bize köçäniň aňry tarapyny görkezdi. Ilki biz güller bilen örtülen
eýwany gördük, soňra ýapraklaryň arasyndan iňçejik akymjyk egrelip, takmynan on futa çenli
daşlyga çüwdürilýärdi-de, ol ýerdenem ýere, köçe çyrasyndan düşýän ýagtynyň tegelejigine
dökülýärdi. Jim: “jenap Eýweri göni onlukdan-a urup bilmeýär” diýdi, Dill: “ol megerem günde bir
çelek içýän bolsa gerek” diýdi. Onsoň olar kim has uzaga we dogry nyşana düşüp biljekdigi hakynda
jedel edip ugradylar, men olaryň bu jedeline gatnaşmadym, sebäbi bu çygyrda meniň beýlebir
çakdan aşa zehinim ýokdy, men onsoň ýene-de özümi ýekirilen halda duýup başladym.
Dill gerindi, pallady-da, birhili çakdan aşa äwmezlik bilen:
-Tapdym. Ýörüň seýil etmäge gideliň-diýdi.
Asyl men oňa ynanaýdym-ow! Meýkombda hiç kim ýöne şeýle, bikär gezmelemäge çykmaýar.
-Nirä, Dill?
Dill kellesini günorta tarap ýaýkady.
Jim:
-Bolýar-da-diýdi.
Men birbada garşylyk görkezmäge başlajagam boldum welin, ol mylaýymja, içýakgyç sesjagaz bilen:
-Sen bolsa, perişdejik, biziň bilen gitme-de, seni hiç kim çagyrmaýar-diýdi.
-Senem hiç kim çagyrmaýar. Ýadyňdan çykardyňmy, nädip…
Ýöne Jim öňki şowsuzlyklaryny ýatlamagy halamaýardy, şol gezek Attikusyň aýdan ähli zatlaryndan
ol megerem diňe hukukçylaryň nädip şeýle çeýelik bilen ähli zadyň özenine çenli agtaryp tapmaga
ökdediklerini öwrenen bolara çemeli.
-A biz hiç hili erbetligi hem etmeýäris, Gözlüje, biz diňe çyra sütünine çenli bararys-da, yzymyza
gaýdarys.
Biz sessiz-üýnsüz pyýada ýodasyndan mytdyldap barýardyk we goňşularyň eýwanlaryndan eşidilýän
hiňňildikleriň jygyldysyna, ulularyň köçedäki agşama mahsus pessaý seslerine diň salyp gelýärdik.
Wagtal-wagtal hanym Stiweni Kroufordyň jakgyldysy biziň gulagymyza gelýärdi.
Dill:
-Ýeri?-diýdi.
Jim:
-Ýeri bolýar-da-diýdi:-Sen öýe gidiberseňem bolaýjak ýaly-la, Gözlüje.
-A siz näme işlejek bolýarsyňyz?
Olar diňe gabsasy gopan penjireden içerini synlamakçy bolýan ekenler, birdenkä Betnyşan Redlini
görmekleri mümkinmiş. Men bolsa eger-de, olar bilen gitmek islemeýän bolsam onda häziriň özünde
öýmüze ugrap bilýärmişim we ol taýda-da dilimi dişimiň aňyrsynda saklamalymyşym, ine-de bar
bolany.
-Hut şu günki gijä çenli garaşmak pikiri näme üçin siziň kelläňize geldi?
Sebäbi, gije olary hiç kim görmez, onsoňam Attikus bu wagt gulagyna çenli kitaba çümer we hatda
ahyrzaman gopsa-da, ol şony-da aňşyrmaz we eger-de Betnyşan Redli olary öldüräýse-de, onda
olaryň tomusky rugsatlary bihuda bolmaz-da, okuw günlerine zyýan ýeter, şonuň ýaly-da garaňky
jaýdaky zatlary gündiziň günortanynda däl-de garaňky gijede görmek aňsat bolýar, ine şu sebäpleriň
ählisi hem maňa düşnüklimi?
-Jim, ýalbarýan…
-Gözlüje, men saňa iň soňky sapar aýdýaryn, iňňildemegiňi bes et ýa-da öýmüze ýeňsäňi el ýaly et.
Hudaý bar, sen gün-günden hakyky sümükli gyzjagaza öwrülip barýarsyň!
Şundan soň maňa başga çykalga galmady we men olar bilen gitdim. Biz Redlileriň howlusynyň arka
tarapyndaky tikenekli simden haýatyň aşagynda girmegi ýüregimize düwdük, ol ýerde biziň görülmek
howpumyz azrakdy. Şol tarapdaky haýatdan aňyrda uly bagçylyk bilen kiçeňräk agaç küme bardy.
Jim aşaky simi biraz galdyrdy-da, Dille “sümlüber” diýen terzde elini salgady. Men onuň yzy bilen
geçdim-de, Jim geçýänçä simi sakladym. Ol simiň astyndan zordan sygdy.
-Goh-galmagal turzaýmaň-diýip ol pyşyrdady:-Onsoňam serediň, kelemi süsäýmäň, ýogsa ol
şeýlebir parkyldar welin, hatda ölülerem direler.
Şu öwüt-nesihatlardan soň men bagrym bilen edil pyşdyl ýaly süýşýärdim. Şol pille-de men aýyň
ýagtysyna Jimiň eýýäm bizden ep-esli arany açandygyny we bize elini galgadýandygyny gördüm-de
biraz haýdap süýşüp ugradym. Biz bagdan ekinli mellege geçilýän haýatdaky gapa çenli süýşüp
bardyk. Jim oňa galtaşan badyna ol jygyldap gitdi.
-Petlesine tüýküriň-diýip Dill pyşyrdady.
-Sen bizi nirä getirdiň, Jim-diýip men hymyr-symyr etdim:-Soň biz bu ýerlerden nädip yzymyza
çykarys?
-Hüş-ş...Petlelerine tüýkür, Gözlüje.
Biz agzymyz kepeýänçä tüýkürdik, soňra Jim seresaplyk bilen işigi açdy. Biz howlynyň içine girdik.
Ýeňsesinden Redlileriň jaýy öňünden seredeniňde hasam hyrsyz görünýärdi, tutuş diwarynyň
boýuna çalamydar, ýarymýykyk eýwan uzalyp gidýärdi, ondan öýüň içine girilýän iki gapy, gapylaryň
arasynda bolsa iki sany tüm-garaňky penjire bardy. Eýwanyň üçegini bir tarapyndan sütün däl-de,
ýonulmadyk, tagaşyksyz pürs direýärdi. Bir künjekde maýryk peçjagaz bardy, onuň ýokarysyndan
bolsa sypal başgaplar üçin asgyç asylgydy, bildirer-bildirmez ýyldyraýan aýna bolsa aý şöhlesini
assaja yzyna serpikdirýärdi.
Jim tisginip gitdi-de beýleki aýagyny basmaga het edip bilmän bir aýagynda doňup galdy
-Saňa näme boldy?
-Towuklar...-diýip ol zordan pyşyrdady.
Hakykatdanam bizi hemme tarapymyzdan göze görünmeýän päsgelçilikler gurşaýardy. Dillem
nämedir bir zadyň üstünden bardy-da: „Eý Hudaý-eý!“ diýip uludan demini aldy. Biz süýşenekläp
jaýyň burçundan aýlandyk-da, gabsalary sallanyp duran penjiräniň öňüne bardyk. Jim penjireden
seredip bilmedi, penjirä bir garyş dagy boýy ýetmeýärdi.
-Men häzir kömekleşeýin-diýip ol Dille pyşyrdady:-Häzir, garaş.
Ol meniň elimden tutdy-da Dill üçin basgançak ýasady. Biz Dilli göterdik. Ol penjiräniň erňeginden
ýapyşdy.
-Tizräk-diýip Jim pyşyrdady:-biz uzak wagtlap seni saklap bilmeris.
Dill meniň egnime kakdy. Biz ony ýere düşürdik.
-Ýeri, näme gördüň?
-Hiç zat. Tuty bar. Ýöne içinde bir ýerinde çala ýylpyld-a görünýärdi.
-Bärden gideliň-diýip Jim pyşyrdady:-Yzymyza öwrüleliň. Hüş-ş...-diýip ol men oňa garşylyk
görkezmekçi bolup agzymy açanymdan maňa hüşşüldedi.
Dill:
-Beýle tarapyndanam synanyşyp göreliň-diýdi.
-Beýtmäň, gerek däl-diýip men özelenip başladym.
Dill az-kem sägindi-de, Jimi öňe goýberdi. Jim yzky eýwana galmakçy bolanda onuň aýaklarynyň
astynda basgançak jygyldady. Ol birbada doňňara-daşa öwrüldi, soňra seresaplyk bilen öňe süýşdi.
Basgançak dymyp ýatyrdy. Ol soňky iki basgançagyň üstünden ätläp eýwana aýagyny goýmakçy
boldy welin, tasdanam deňagramlylygyny ýitirýärdi. Ýöne her näme-de bolsa ýykylman, assyrynlyk
bilen dyzyna çökdi. Penjiräniň alkymyna süýşenekläp baryp, başyny göterdi-de, içerik göz aýlady.
Ine şu ýerde-de men kölegäni gördüm. Sypal başgaply adamyň kölegesi. Men ilkibada bu bagdyr
öýdüp pikir etdim, emma şemal ýokdy, agajyň sütünleri bolsa ýöräp bilmeýärler. Eýwan aýyň nuruna
ýap-ýagtydy, gaýçy bilen kesilen ýaly gös-göni hem dury kölege Jime tarap ýöneldi.
Menden soň ony Dill gördi. Ol ýüzüni elleri bilen ýapdy.
Onsoň kölege Jimiň üstüne düşdi welin, ol hem ony gördi. Ol elleri bilen kellesini ýapdy-da, doňup
galdy. Kölege Jime iki ädim ýetmän saklandy. Elini galdyrdy, soňra goýberdi. Soňra yzyna döndi-de
Jimiň üstünden, eýwandan tyrpyp geçip, edil döreýşi ýaly ses-sedasyz jaýyň aňyrsynda gizlendi. Jim
eýwandan böküp düşdi-de, bize tarap okduryldy. Haýadyň gapysyny serpip açdy-da, Dill ikimizi itip
çykaryp, ýapraklary şytyrdaýan kelemli joýalaryň arasyndan öňüne salyp gaçyp ugrady. Ýarpy ýolda
men büdredim, şol pursadam ýeňsämizden bir aýylganç gümpüldi ýaňlanyp gitdi.
Dill bilen Jim meniň gapdalymda ýere ýazyldylar. Jim edil daljygan at ýaly sojap-sojap dem alýardy.
-Mekdebiň howlusynyň içi bilen... tizräk, Gözlüje!
Ol aşaky simi saklady welin, Dill ikimiz haýadyň beýle ýüzüne togalanyp geçdik-de, eýýäm mekdep
howlusyndaky ýalňyz dub agajynyň goýy kölegesine ýeteňkirläberipdik. Birdenem güpbe ýadymyza
düşdi, aramyzda Jim ýok ahbetin! Yzymyza ylgadyk, barsak Jim tikenekli sime ilişip galyp, jalbaryny
çykarmaga dyrjaşyp ýatan ekeni. Ol dyzap-dyzap ahyrsoňy jalbaryndan çykdy-da, diňe içki
jalbarçada dubuň ýanyna ýetdi.
Dubuň aňyrsynda gizlenen dessimize-de biz doňňara-daşa öwrüldik, diňe Jim öwrüp-çöwürmek
ukybyny ýitirmedi:
-Bahymrak öýmüze barmaly, ýogsa bizi agtaryp başlarlar.
Biz mekdebiň howlusynyň içi bilen ökjäni göterdik, biziň jaýymyzyň arka ýüzündäki Sugun
sonalygynyň germewiniň astyndan emedekläp geçdik, soňra ikinji haýadyň astyndan süýşenekläp
sümüldik-de howlumyza, ondanam eýwanymyza ýetdik. Diňe şundan soň Jim bize demimizi
dürsemäge maý berdi. Demimizi dürsänimizden soň biz iň bir ýazyksyz keşpde öýümiziň öňündäki
bagjagaza bardyk. Köçä tarap jyklasak, Redlileriň derwezesiniň öňüne goňşular üýşen ekeni.
Jim:
-Şol ýere baralyň-diýdi:-Ýogsa olar biziň ýoklugymyza geň galarlar.
Öz derwezeçesiniň öňünde jenap Natan Redli eli seçme tüpeňli durdy. Onuň öňünde pyýada
ýodasynda Attikus, hanym Modi we hanym Stiweni Krouford, olardan iki ädim daşlykda bolsa hanym
Reýçel hem-de jenap Eýweri dagylar durdylar. Bize hiç kim üns bermedi.
Biz assyrynlyk bilen hanym Modiniň ýanyna bardyk, ol gaňryldy.
-A siz nirede bolduňyz? Siz hiç zat eşitmediňizmi, näme?
-Näme boldy?-diýip Jim sorady.
-Jenap Redliniň mellegine garaýagyz giripdir welin, jenap Redli ony atypdyr.
-O-ho-how! Degipdirmi, onsoň?
-Ýok-diýip hanym Stiweni jogap berdi:-Ol ýokaryk atypdyr. Ol garaýagyzy şeýlebir gorkuzypdyr welin,
ol gorkusyndan ýaňa agaraýpdyr. Ol eger-de kim-de-kim ak garaýagyz adamy görse şol hem onuň
mellegine aralaşan ogrudyr diýýär. Ol özüniň ikinji tüpeňiniň hem gurnalandygyny, eger-de onuň
melleginde ýene-de ýekeji bir gymyldy hereket bolaýdygy, onda isle ol it bolsun, isle garaýagyz ýada.... başga bir zat, göni nyşana atjakdygyny aýdýar... Jim Fi-i-inç!
-Näme, hanym?
Şu ýerde Attikus dil ýardy:
-Hany, seniň jalbaryň?
-Jalbarym, jenap?
-Hawa, jalbaryň.
Ýeri bu ýerde näme diýjek. Jim hemmeleriň öňünde ýeke içki jalbarçaly durdy. Men agyr-agyr dem
aldym.
-Ne...neme...jenap Finç!
Köçe çyrasynyň ýiti ýagtysyna men gördüm, Dill ýalan sözlemäge taýynlanýardy, onuň gözleri giňedi,
perişdesypat pökgüje keşbi hasam tes-tegelejik boldy.
-Ýeri näme aýtmakçy, Dill?-diýip Attikus sorady.
-Men...men onuň jalbaryny utdum-diýip Dill bulaşyk düşündirdi.
-O nähili utduň?
Dill ýeňsesini gaşady-da, eli bilen maňlaýyny süpürdi.
-Biz, ol ýerde, kölçäniň ýakasynda eşik çykaryşmak şerti bilen oýun oýnadyk.
Jim ikimiz ýeňillik bilen dem aldyk. Goňşular hem megerem düşünen bolsalar gerek, şol duruşlaryna
doňup galdylar. Ýöne ol nähili oýun bolýar?
Biz ol oýnuň nähilidigini bilip ýetişmedik, çünki hanym Reýçel birdenkä ýangyn söndürijileriň jaňy
ýaly jaňňyrdap ugrady:
-Eý Hudaý-eý, Dill Harris! Meniň kölümiň ýanynda humarly oýunlary oýnaýarsyňmy? Ine, häzir, eşik
çykaryşmak şerti bilen oýnalan oýny seniň gözüňe görkezerin!
Attikus Dilli dessine ten şikesleri bilen bezelmek belasyndan halas etdi.
-Ýekeje pursat, hanym Reýçel,-diýdi:-Men öň hiç wagt olaryň şuňa meňzeş bir zatlar bilen
meşgullanandyklaryny eşitmändim. Siz näme, humar oýnadyňyzmy?
Jim başyny etegine salyp, ýagdaýdan baş alyp çykmaga okduryldy:
-Ýok jenap, diňe otluçöp oýnadyk.
Şunuň ýaly jygba-jyg pursatda meniň agam ýaly şeýle çykalga tapmagy her kes başaryp hem
durmaz! Elbetde otluçöp-howply zat, ýöne humar welin – bu dogry gelen ajal ahyry!
-Jim we Gözlüje-diýip Attikus assaja gepledi:-şu günden başlap men hiç hili humar barada eşitmäýin.
Jim, bar, Dill bilen git-de öz jalbaryňy yzyna alyp gaýt. Özaraňyzda özüňiz düşünişiň.
-Dill, sen gorkma,-diýip Jim biz ol ýerden ýeňsämizi el ýaly edip barýarkak aýtdy:-hanym Reýçel
seniň bilen hiç zadam etmez, Attikus onuň başyny-gözüni aýlar. Sen ýöne, örän çalt öwrüp-çöwrüp
ýetişdiň, berekella. Diňle... eşidýäňmi?
Biz az-kem badymyzy gowşatdyk welin, Attikusyň sesi gulagymyza ýetip ugrady:
-...üýtgeşik gorkuly zat ýok...olaryň hemmesi hem şunuň ýaly zadyň içinden geçip gidýärler, hanym
Reýçel...
Dill köşeşdi, ýöne Jim ikimize welin rahatlyk ýokdy. Ertir irdene çenli Jim jalbaryny nireden alsyn?
-Men saňa özümiňkileriň haýsy-da bolsa birini bererin-diýip Dill biz hanym Reýçeliň öýüniň deňesine
ýetenimizde teklip etdi.
Jim: „sag bol, ýöne men seniňkilere sygmaryn“ diýdi. Biz hoşlaşdyk, Dill öýlerine girip gitdi. Soňra
bolsa, megerem ikimiziň adaglanandygymyzy ýadyna salan bolara çemeli, ylgap yzyna çykdy-da,
Jimiň ýanynda meni gyssagara ogşady.
-Maňa hat ýaz, bolýarmy?-diýip yzymyzdan ulili bilen gygyrdy.
xxxxx
Eger-de Jim jalbarsyz galmadyk bolsa-da, biz barybir ol gije gowy uklap bilmezdik. Men öz ýatyş
sekijigimde, arka tarapky eýwanda guýlunyp ýatyrdym, her bir gijeki şygyrdy hem meniň gulaklarymy
deşip gelýärdi...birden kimdir biriniň aýagynyň astynda çagyl şagyrdar – bu Betnyşan Redli ar almak
hyjuwy bilen kaňkap ýörendir, birdenem kimdir biri tümlügiň niresindedir bir ýerinde ötegçi-garaýagyz
güler – bu biziň yzymyzdan Betnyşan Redli kowalap gelýändir, birdenkä gijeki perwanalar gözenege
özlerini urýarlar – bu Betnyşan redli guduzlap tikenekli simden haýady ýyrtýandyr, çynarlar bolsa
direlip, eýmenç salgymlar deýin üstümize sürnüp gelýändirler. Oýalyk bilen ukynyň arasynda men
uzak wagtlap asyl-asyl bolup, kösenip ýatdym, soňra Jimiň pyşyrdysyny eşitdim:
-Üçgözlüje, sen uklap ýatyrsyňmy?
-Sen näme aklyňdan azaşdyňmy?
-Hüş-ş... Attikusyň otagynyň çyrasy eýýäm öçdi.
Batyp barýan aýyň öçügsi ýagtysyna men Jimiň sekisinden aýagyny sallandygyny gördüm. Ol:
-Men jalbarymyň yzyndan gitdim-diýdi.
Men nädip dik oturanymy duýman galdym:
-Het edäýme! Goýbermerin!
Jim gyssanmaçlyk bilen köýnegini geýýärdi.
-Gerek.
-Synanyşyp göräý, men bada-bat Attikusy oýararyn.
-Synanyşyp bir, duran ýeriňden ýere gazyk edip kakaryn.
Men oňa ýapyşdym-da, gapdalymda oturmaga mejbur etdim. Ony eýdip-beýdip raýyndan
dändermelidi.
-Jenap Natan irden olary tapar. Ol jalbary seniň ýitirendigiňi bilýär. Elbetde, haçan-da ol seniň
jalbaryňy Attikusa getirse, bu erbet bolar... bar bolany hem şu...başga edip biljek zadymyz ýok...
Ýataýsana.
Jim:
-Muny meniň özümem bilýärin-diýdi:-Şonuň üçinem gidip barýaryn-da.
Meniň ýüregim bulanyp ugrady. Tas gaýtarýardym. Ol ýere ýeke özüň dolanmak... Hanym Stiweni
näme diýdi ahyry, jenap Natanyň ikinji tüpeňine hem ok sürülgi, eger-de mellekde garaýagyz, it ýada... başga zat gymyldaýsa... Jim muňa menden pes düşünmeýärdi. Elheder almakdan ýaňa men
tas aklymdan azaşýardym.
-Gerek däl, Jim, gitmesene! Ýeri, Attikus seni mazalyja saýgylaram, ýeri bolanda näme, bu elbetde
agyrylydyr, ýöne agyry geçip gidýär ahyry. Ol ýerde bolsa seni atarlar. Jim, ýalbarýan, gitmesene!
Jim sabyrlylyk bilen uludan demini aldy.
-Düşünýäňmi, Gözlüje,-diýip ol ýuwaşja aýtdy:-men özümi bilelim bäri Attikus ýekeje gezek hem
maňa ýeke şarpygam çalmady. Meniň barlap göresimem gelmeýär.
Dogrusy hakykatdanam şeýledi. Attikus diňe her gün diýen ýaly bize eýmijimizi ýetirmek barada
haýbat atýardy.
-Diýmek, ol seni birje sapar hem ýenjer ýaly çökder etmişde tutan däldir-dä.
-Ahmal, ýöne...meniň barlap göresim gelmeýär, Gözlüje. Ol ýere bolsa... biz gitmeli däldik. Bihuda
gitdik.
Megerem şu pursatdan başlabam biz Jim bilen biri-birimizden daşlaşyp başladyk. Onuň meni petige
dykýan ýagdaýlary öňem bolýardy, ýöne beýle zatlar kämahal, özi-de sähelçe wagtlyk bolýardy.
Onuň häzirki bolşuna welin, men düşünip bilmeýärdim.
-Haýyş edýän, gitmesene!-diýip men oňa ýalbarýardym:-Bilýäňmi, ol ýerde ýeke özüňe nähili
gorkunç bolar...
-Hany, sen bir sem bolsana!
-Ýeri, saýgylar...Ýöne bu onuň seniň bilen galan ömrüne gepleşmejekdigini aňlatmaýar ahyry... Men
ony oýararyn, Jim, dogrumy aýdýan, men...
Jim meniň ýakamdan şeýlebir mäkäm ebşitläp tutdy welin, tasdanam bogup demikdirýärdi.
-Onda men hem seniň bilen gitjek...-diýip men zordan gepledim.
-Ýok, gitmersiň, sen diňe biderek goh turzarsyň.
Ýeri onuň bilen näme etjek diýsene! Men ildirgiji çekdim-de, ol assyrynlyk bilen arka tarapdaky
eýwanyň basgançagyndan düşýänçä gapyny tutup sakladym. Megerem sagat takmynan iki
töwerekleri bolsa gerek. Aý eýýäm ýaşyp barýardy we ýeriň ýüzündäki buýr-bulaşyk kölegeler
hasam bulaşyp, eräp-akyp barýardylar. Jimiň köýneginiň akja guýrugy edil atyp gelýän daň
şapagyndan gaçýan kiçijik jynjagaz ýaly kä ýokary böküp, kä garaňkylykda ýitip barýardy. Men
garader bolup otyrdym, ýöne pessaýja şemal öwsüp başlady welin, biraz salkynlady.
Megerem, ol Sugunlaryň sonarlygyndan mekdebiň howlusynyň üsti bilen aýlanyp, ýöne iň bolmanda
şol tarapa giden bolmaly. Ol menden daşlaşyp barýardy, ýöne tolgunmaga heniz irdi. Men
garaşýardym, häzir tolgunmagyň wagty ýeter, häzir jenap Redliniň jysmygy gümpüldär...Soňra birhili
haýat jygyldan ýaly boldy. Ýöne bu meniň göwnümedi.
Soňra Attikusyň üsgülewügi eşidildi. Meniň demim tutuldy. Kähalatlar, biz gijäniň içinde
oýananymyzda onuň henizem okap oturandygyny görýärdik. Ol köplenç gijelerine oýanýandygyny,
bizi synlap gideninden soň, tä uklap galýança ýene-de kitap okap başlaýandygyny aýdýardy. Men,
ine häzir ol çyrany ýakar, şindi ýakar diýen pikirde garaşyp ýatyrdym. Dälize yşyk akymjygy syzylyp
çykar diýip siňe-siňe seredýärdim. Ýöne daş-töwerek öňküsi ýaly tüm-garaňkylygyna galandygy
sebäpli men az-kem rahatlandym.
Gijeki mör-möjekler hem perwanalar eýýäm köşeşipdiler, emma sähel şemal öwsüp başladygy
çynaryň gozalary üçekde dep çalyp ugrarlar, nirededir bir alys ýerde bolsa itler üýrüşýärler, bu bolsa
çar-töweregi holtumyna dolap alan tümlügi hasam ýürekgysgynç ýalňyzlykdan doldurýar.
Ine-de Jim yzyna dolanyp gelýär. Ak köýnek haýatdan aşyp geçýär we barha ulalýar. Ine-de ol
basgançakdan ýokaryk galýar, ildirgiji ýerine süýşürýär, sekisinde oturýar. Ýeke agyz geplemän,
tapylan jalbaryny görkezdi. Soňra gyşardy welin, men ýene-de birsalym onuň sekisiniň jygyldysyny
eşidip ýatdym. Birhaýukdan soň ol ýuwaşady. Şondan soň men ony eşitmedim.
xxxxx
Tutuş bir hepdeläp Jim tutuksy hem dymma ýagdaýda gezdi. Men Attikusyň şol bir gezek maslahat
berşi ýaly, onuň hamyna girip, şonda birsellem gezmelemäge synanyşdym. Eger-de men gije sagat
iki-de ýeke özüm Redlileriň howlusyna gitmäge mejbur bolan bolsamdym, onda ertesi gün meni
jaýlamaly bolardylar. Şonuň üçinem men Jimi gününe goýdum we onuň bizar-peteňini çykarmagy
bes etdim.
Mekdepde bolsa sapaklar başlanypdy. Ikinji klas birinjiden oňat bolmady, hatda ondan erbedem
bolup çykaýdy öýdýän. Ýene-de biziň burnumyzyň öňünde nähilidir birhili ýazmaçjyklary
galgadýardylar-da, okamaga-ýazmaga rugsat bermeýärdiler. Diwaryň aňyrsyndan eşidilýän gülki
partlamalarynyň esasynda hanym Kerolaýnyň klasynda nähili öňegidişlikleriň gazanylýandygyny
çaklamak bolýardy. Onsoňam ol ýerde ikinjiýyllaryň tutuş bir topary galypdy, olar bolsa hanym
Kerolaýnyň klasynda tertip-düzgüni üpjün etmäge ýardam berýärdiler.Ýöne bir gowy zady, indi
meniňem sapaklarymyň sany edil Jimiňki ýaly boldy welin, biz sagat üçde öýmüze bilelikde
gaýdýardyk.
Bir gezek biz mekdebiň howlusynyň içi bilen öýmüze gaýdyp barýardyk welin, birdenkä Jim morta
yglan etdi:
-Men saňa heniz käbir zatlary gürrüň bermedim.
Soňky birnäçe günüň dowamynda ol maňa yzly-yzyna iki sany sözi hem aýtmandy, ýöne ony
birazajyk ruhlandyrmak gerekdi.
-O näme hakda?-diýip men soradym.
-Şol gije barada.
-Şol gije barada sen maňa hiç zadam aýtmandyň.
Jim edil çybyny kowan dek, maňa elini salgady. Azsalym dymdy-da, ýene-de gepläp başlady:
-Men şonda jalbarymy almaga dolanypdym...haçan-da jalbarymy çykaranymda bolsa ol tikenekli
sime şeýlebir çolaşypdy welin, men ony hiç sypdyryp bilmändim. Haçan-da yzyma dolananymda
bolsa...-diýip Jim öýkenini dolduryp demini aldy:-Haçan-da dolananymda, jalbarym haýatdan asylgy
duran ekeni, eplengije...edil maňa garaşyp duran ýaly...
-Asylgydylar we garaşyp durdylar?...
-Ýene-de...-diýip Jim hiç hili tolgunmasyz örän parahat ses bilen dowam etdi:-Ine, häzir öýmüze
bararys welin, men saňa görkezeýin. Jalbarymyň ýyrtygy tikilipdir. Özi-de aýallaryň tikişi ýaly däl-de,
birhili meniň özüm tiken bolsam şeýle bolardy. Gyşyk-çaýşyk. Edil...
-...edil kimdir biri seniň, Jim, öz jalbaryňy almaga dolanjakdygyňy bilen ýaly.
Jim tisginip gitdi.
-Edil meniň pikirimi okan ýaly...we meniň näme etjekdigimi bilen ýaly. Ýogsa hiç kim meniň näme
işlejekdigimi öňünden bilip bilmez ahyry, şeýle dälmi, Gözlüje? Munuň üçin meni doly bilmek gerek
ahyry...
Ol örän naýynjar gepleýärdi. Men ony köşeşdirmek isledim:
-Muny hiç kim öňünden aýdyp bilmez, diňe özümiziňkiler, öýdäkilerden başga. Hatda men hem
käwagtlar seniň näme işlejekdigiňi bilmeýärin ahyry.
Biz öz agajymyzyň deňesinden geçip barýardyk. Gopan şahanyň köweginde bir ýumak kiriş ýatyrdy.
Men:
-Jim, elleme-diýdim:-Bu kimdir biriniň bukuja ýeridir.
-Bukuja ýere meňzemeýär, Gözlüje.
-Ýok, meňzeýär. Uolter Kaningem ýaly kimdir biri uly arakesmede şu ýere gelip öz zatlaryny gizleýän
bolsa näbilýärsiň, biz bolsa olary alýarys. Bilýäňmi, gel, hiç zat ellemän, iki gün garaşyp göreli. Egerde hiç kim almasa, onda biz alarys, bolýarmy?
-Ýeri bolýar-da, belki seniň aýdýanyň dogrudyr-diýip Jim aýtdy:-Belki oglanjyklaryň haýsydyr biri bu
ýerde ululardan öz zatlaryny ýygşyrýan bolmagy mümkin. Sen üns berdiňmi, rugsat möwsüminde bu
ýerde hiç zat bolmaýardy.
Men:
-Hawa-diýdim:-ýöne tomus biz bu ýerden geçmeýäris-ä.
Biz öýümize gaýtdyk. Ertesi gün irden kiriş şol öňki ýerindedi. Üçülenji gün Jim ony aldy-da, kisesine
dykdy. Şondan bäri-de, biz agajyň köweginde näme tapsak özümiziňki diýip hasaplap başladyk.
xxxxx
Ikinji klasda içgysmadan ýaňa ölmegiň mümkindi, ýöne Jim ýyl geçdigiçe gowulaşar diýip meni
ynandyrmaga çalyşýardy, hamana ilki onuň bilen şeýle bolanmyş, ýöne men altynjy klasda käbir
degerli zatlary öwrenjekmişim. Altynjy klas, megerem, oňa başdan başlap ýaran bolara çemeli, ol ilki
bilen-ä az salym dowam eden müsür möwsümini başyndan geçirdi, ýagny birnäçe günläp tagta ýaly
tekiz bolmak isläp, bir elini öňüne uzadyp, beýleki elinem arkasyna tutýardy-da, dähedem-dessem
edilendäki dek, bir aýagynyň ökjesini beýleki aýagynyň burnuna degrip, gös-göni durýardy. Men
bolsa onuň bolşuna agzymy öweldip, aňkaryp galýardym. Jim ähli gadymy müsürlileriň şeýle
ýörändiklerine meni ynandyrmaga çytraşýardy. Men şonda oňa: „Olar şeýdip ýöremekden başga iş
bir edip bildilermikä?“ diýdim. Jim bolsa maňa müsürlileriň amerikalylardan, ýagny bizden, has kän
işleri edendiklerini, mysal üçin olaryň hajathana kagyzyny we ebedi balzamirlemegi oýlap
tapandyklaryny, eger-de olar bolmadyk bolsa biziň nähili ýagdaýda boljakdygymyzy hatda göz
öňüne-de getirip bilmeýändigini aýtdy. Attikus bu barada maňa: „Aýdylanlardan sypatlandyryjy
sözleri aýyrsaň, umuman aýdylýanlar dogry bolup çykaýmagy-da ähtimal“ diýdi.
Günorta Alabamada ýylyň pasyllary beýle bir anyk däl, tomus dura-bara, assajadan güýze geçýär,
kähalatlarda güýzden soň gyş düýbünden gelmeýär-de, bada-bat ýaz günleri gelip ýetýär, ondan
soňam ýene-de tomus başlaýar. Şol ýylky güýz uzak hem maýyl bolupdy, hatda galyňrak geýimleri
geýmegem gerek bolmady diýen ýaly. Bir gezek, oktýabryň maýylganlyk gününde biz Jim bilen
bilelikde tanyş ýol bilen gadam urup barýardyk welin, ýene-de agaçdaky köwegimiziň öňünde
togtamaly bolduk. Bu gezek onuň içinde nähilidir birhili ak zat görünýärdi.
Jim bu gezek maňa hojaýynçylyk etmäge rugsat berdi welin, men tapyndymyzy çykardym. Bu iki
sany, sabyndan ýasalan gurjajykdy. Biri oglanjygy şekillendirýärdi, beýlekisinde bolsa gyzjagazlaryň
köýnegine çalymdaş bir zat bardy.
Men hatda jadygöylügiň diňe ertekilerde bolýandygyny-da ýadyma salyp ýetişmänkäm, çygyrdym-da,
şekiljikleri zyňyp goýberdim.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 06
  • Parts
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 01
    Total number of words is 3841
    Total number of unique words is 2102
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 02
    Total number of words is 3827
    Total number of unique words is 2017
    29.3 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 03
    Total number of words is 3859
    Total number of unique words is 2027
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 04
    Total number of words is 3885
    Total number of unique words is 2047
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    47.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 05
    Total number of words is 3841
    Total number of unique words is 2023
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    40.3 of words are in the 5000 most common words
    47.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 06
    Total number of words is 3852
    Total number of unique words is 1981
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    46.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 07
    Total number of words is 3894
    Total number of unique words is 2053
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 08
    Total number of words is 3897
    Total number of unique words is 1975
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    47.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 09
    Total number of words is 3886
    Total number of unique words is 1975
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 10
    Total number of words is 3900
    Total number of unique words is 2012
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    40.7 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 11
    Total number of words is 3804
    Total number of unique words is 2027
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 12
    Total number of words is 3753
    Total number of unique words is 2094
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 13
    Total number of words is 3882
    Total number of unique words is 2070
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 14
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 2044
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    41.1 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 15
    Total number of words is 3779
    Total number of unique words is 2031
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    48.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 16
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 1993
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 17
    Total number of words is 3898
    Total number of unique words is 1817
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 18
    Total number of words is 3989
    Total number of unique words is 1828
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    49.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 19
    Total number of words is 3863
    Total number of unique words is 1979
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 20
    Total number of words is 3899
    Total number of unique words is 1979
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 21
    Total number of words is 3880
    Total number of unique words is 1973
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 22
    Total number of words is 3843
    Total number of unique words is 2030
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 23
    Total number of words is 3886
    Total number of unique words is 1981
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 24
    Total number of words is 3825
    Total number of unique words is 2038
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 25
    Total number of words is 3946
    Total number of unique words is 1886
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çarlz Lem–Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar - 26
    Total number of words is 3697
    Total number of unique words is 1784
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.